You are on page 1of 1

TDHÇMB-nyň başlygynyň

2008-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky


№ 01/05-55 buýrugyna
№ 25 goşundy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda şertnamalary


hasaba almak üçin zerur resminamalaryň sanawy

Tolling şertnamasy

Çig maly Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda


gaýtadan işläp bermek hakynda şertnama

Harytlary Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda gaýtadan


işlemegiň önümleri Türkmenistana getirilmäge degişlidir

1. Şertnamany hasaba almak baradaky haýyş bilen Birža ýüzlenme haty.


2. Üç nusgadan az bolmadyk şertnama (asyl nusgada).
3. Harydy Türkmenistanyň gümrük çäginde gaýtadan işlemegiň tehniki-
ykdysady hasaplamasy.
4. Ýokarda duran guramanyň şertnamany hasaba almaga rugsat berýän haty
(döwlet kärhanalaryna).
5. Getirilýän önüme “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň laýyklyk
güwänamasy.
6. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy esasynda harytlaryň aýry-aýry
görnüşlerini getirmek, çykarmak üçin ygtyýarnama.
7. Telekeçilik işini amala aşyrmak hukugyny tassyklaýan resminamalar:
- edara görnüşindäki taraplara - tertipnama ýa-da düzgünnama, EGTÝDS-dan
göçürme, bellige alnandygy hakyndaky şahadatnama, daşary ykdysady işe
gatnaşyjynyň şahadatnamasy;
- edara görnüşindäki tarapyny döretmeýän telekeçilere - patent we bellige alyş
şahadatnama, daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy.

Bellik:
1.Agrar sektoryň Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk çykarylýan önümleri
üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň rugsady.
2.Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda,
şeýle hem şertnamanyň şertlerine baglylykda, Biržanyň goşmaça resminamalary
talap etmäge hukugy bardyr.
3.Birža berilýän resminamalaryň ygtybarlylygy üçin şertnamanyň taraplary
jogapkärçiligi çekýärler.

You might also like