You are on page 1of 3

EV SSL sertifikaty üçin

ŞERTNAMA №_____

«_____»________ 20 ý. Aşgabat şäheri

Bir tarapdan « Türkmendomen» hojalyk jemgyýeti, mundan beýläk - Ýerine


ýetiriji diýip atlandyrylýan, onuň adyndan Tertipnamanyň esasynda hereket edýän
direktory B.A.Amansähedow, beýleki tarapdan
____________________________________________________________
mundan beýläk – Buýrujy diýip atlandyrylýan, onuň adyndan _______ esasynda
hereket edýän başlygy______________________ bilelikde Taraplar diýlip
atlandyrylyp, şu SSL sertifikaty almak üçin şertnamany (mundan beýläk - şertnama)
aşakdakylar barada baglaşdylar.

I. Esasy düşünjeler
I.1 Sargyt – Ýerine ýetirijiniň «turkmendomain.com.tm» web saýtynyň SSL
sertifikat bölümindäki arzanyň formasyny interaktiw görnüşinde doldurmak arkaly
SSL sertifikaty üçin Buýrujynyň elektron ýüzlenmesi.
I.2 SSL sertifikat (sanly resminama) - has ygtybarly aragatnaşygy göz öňünde
tutýan kriptografiki protokol. Sertifikatyň görnüşi, halkara RFC-2986 standarty bilen
kesgitlenýär.
II. Şertnamanyň maksady we mazmuny
2.1 Ýerine ýetiriji Sargyt esasynda, Buýruja sanly resminama diýip atlandyrylýan
SSL sertifikatyny ýerlemek hyzmatyny ýerine ýetirýär.
2.2 Buýrujy, şu şertnamada kesgitlenen şertlere laýyklykda, SSL sertifikaty üçin
12982.23 (on iki müň dokuz ýüz segsen iki) manat 23 teňňe möçberde tölegi
geçirmäge borçlanýar.
2.3 EV SSL sertifikatyň Private Server Key buýrujy tarapyndan generirlenip onuň
açyk görnüşini aktiwirlemek üçin öndürijä ýollanylýar
2.4 SSL sertifikat Ýerine ýetirijiniň hususy harydy bolman öndürijiniň eýeçiligine
degişlidir we öndürlen senesinden başlap onuň 1 (bir) ýyl işjeň möhleti bardyr.
2.5 SSL sertifikaty, Buýrujynyň islegine görä arzada görkezilen elektron poçta
salgysy arkaly ýa-da CD/DVD-disk görnüşinde berilýär.

III. Hasaplaşyklar we töleg şertleri


3.1 SSL sertikady üçin töleg, Ýerine ýetiriji tarapyndan berlen hasap-faktura
laýyklykda ýa-da onlaýn töleg arkaly, onuň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.
3.2 Buýrujy SSL sertifikaty üçin tölegini, Taraplar tarapyndan şu şertnama gol
çekilen gününden başlap, 5 (bäş) iş gününiň dowamynda tölemäge borçludyr.
3.3 SSL sertifikaty, Ýerine ýetirijiniň hasaplaşyk hasabyna tölegiň gelip gowşan
gününden soňra kabul-ediş tabşyryş delilnamasy esasynda berilýär.

IV. Taraplaryň jogapkärçiligi


4.1 Taraplaryň arasynda Şu şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmek bilen bagly ýüze
çykan düşünişmezlikler we jedelli meseleler gepleşikler arkaly çözmeklik üçin
Taraplar tarapyndan ähli çäreler görülmelidir.
4.2 SSL sertifikaty Buýrujy tarapyndan öz web-saýtynda gurnalýar.
4.3 Şu şertnama boýunça Taraplaryň arasyndaky düşünişmezlikler we jedelli
meseleler gepleşikler arkaly çözülip bilinmedik halatynda, Türkmenistanyň
kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde çözülmäge degişlidir.

V. Jemleýji düzgünler
5.1 Şu şertnamanyň möhleti, Taraplar tarapyndan gol çekilen gününden hukuk güjine
girýär we ol, 1 (bir) ýyl möhlet bilen hereket edýär.
5.2 Buýrujy şu şertnamanyň möhleti tamamlanmazdan öň, şertnamany ýatyrmaga
hukugy ýokdyr. SSL Sertifikaty üçin geçirilen tölegler yzyna gaýtarylmaýar.

VI. Taraplaryň hukuk salgylary, bank maglumatlary we gollary

«Buýrujy»
«Ýerine ýetiriji» ________________________________
“Türkmendomen” Hojalyk jemgyýeti _
Hukuk salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan ________________________________
köçesi, jaý 217. _
Bank maglumatlary: Hukuk
Türkmenistanyň Döwlet daşary salgysy:____________________
ykdysady iş banky _______________________________
H/h: 23 202 934 120 182 400 126 000 Bank maglumatlary:
BAB: 390 101 201
S/k: 101 511 006 020 ________________________________

________________________________
__________________B.Amansähedow
H/h: ___________________________
BAB: _________________________
S/k:
_____________________________

________________________________

You might also like