You are on page 1of 3

Fin dilinden terjime edilen

Finlýandiýanyň Patent we Hasaba alyş edarasy 31.07.2018 12:35:13


Söwda hasaba alyş ulgamy Işewürlik ID: 0693536-8

KOMPANIÝANYŇ DÜZGÜNNAMASY

Işewürlik ID: 0693536-8


Ady: Nokia Solutions and Networks Branch Operations Oy
Mazmuny: Kompaniýanyň düzgünnamalary
Möhleti: 2014-nji ýylyň 19-njy Dekabryň sagat 00:00:00 dan başlap

Bu maglumat Söwda hasaba alyş ulgamyndan awtomatiki taýdan çap edildi. Finlýandiýanyň
Patent we Hasaba alyş edarasynyň resmi blankasynda çap edilen bu resminama golsuz hem
bolsa asyl nusga bolup durýar
Fin dilinden terjime edilen
Sahypa : 2 (2)
Nokia Solutions and Networks Branch Operations Oy kompaniýasynyň düzgünnamalary
Işewürlik ID: 0693536-8
1-nji madda. Ady
Kompaniýanyň ady Nokia Solutions and Networks Branch Operations Oy we onuň ýerleşýän
ýeri Helsinki, Finlýandiýa bolup durýar.

2-nji madda. Işi


Kompaniýanyň işi aragatnaşyk ulgamlarynyň we enjamlarynyň önümçiligini we marketingini,
şeýle hem beýleki önümçilik we işewür amallary goşmak bilen aragatnaşyk we beýleki seçimli
senagat bilen meşgullanmakda jemlenýär. Kompaniýa aksiýalara, beýleki gymmat bahaly
kagyzlara we gozgalmaýan emläge eýeçilik edip we gözegçilik edip hem-de şunuň bilen
baglanyşykly işler bilen meşgullanyp bilýär. Kompaniýa gymmat bahaly kagyzlaryň
söwdasyna we beýleki maýa goýum işine gatnaşyp bilýär. Kompaniýa pullar serişdelerini karz
alyp we gymmat bahaly kagyzlary görkezip bilýär.

3-nji madda. Iň köp we iň az kapital


Kompaniýanyň iň az kapitaly 2,500 ýewrodan we iň köp kapitaly 1,000, 000.00 ýewrodan
ybarat bolup durýar, onuň çäklerinde Kompaniýanyň karzyna pul serişdelerini hem-de gymmat
bahaly kagyzlary berip bilýar

4-nji madda. Aksiýalaryň nominal bahasy


Aksiýalaryň nominal bahasy 10,000 ýewro bolup durýar.

5-nji madda. Müdüriýet geňeşi


Kompaniýa ýolbaşçylyk etmek we dolandyrmak işini Müdüriýet geňeşi ýerine ýetirýär, ol
umumy ýygnagyň kararyna laýyklykda azyndan üç (3) we iň köpi bäş (5) agzadan ybarat
bolmaly.
Agzalar toparynyň möhleti olaryň indiki saýlawyna ýagny deslapky geçiriljek umumy ýygnaga
çenli hereket edýär.
Müdüriýet geňeşi, agzalarynyň arasyndan ygtyýarlyklary indiki adaty umumy ýygnak
tamamlanýança dowam edýän ýolbaşçy saýlaýar.
6-njy madda. Dolandyryjy
Kompaniýanyň dolandyryjysy hem bolup bilýär. Dolandyryjynyň saýlawy Müdüriýet geňeşiniň
umumy ýygnagynda karar kabul edilip bilner.

7-nji madda. Kompaniýa üçin gol çekmek hukugy


Dolandyryjy we Müdüriýet geňeşiniň agzasynyň bilelikde ýa-da Müdüriýet geňeşiniň iki
agzasynyň bilelikde kompaniýa üçin gol çekmäge hukugy bardyr.

8-nji madda. Ynanç haty


Ynanç hatlaryny bermek baradaky karar Müdüriýet geňeşi tarapyndan kabul edilýär. Müdüriýet
geňeşi islendik iki agzany bilelikde ýa-da geňeş agzalarynyň birini ýa-da bolmasa
dolandyryjyny kompaniýa üçin gol çekmäge ynanç hat bilen ygtyýarlandyryp biler.
Fin dilinden terjime edilen
Sahypa : 3 (2)
9-njy madda. Auditorlar
Kompaniýada bir sany hemişelik auditor bolmaly, ol kompaniýa gözegçilik etmeli we
Finlandiýanyň Söwda edarasy tarapyndan ygtyýarlandyrylan bolmaly.
Auditor bir maliýe ýyly möhleti bilen işlemeli.

10-njy madda. Umumy ýygnak hakynda habarnama


Umumy ýygnak hakynda habarnamany ýygnaga çenli dört hepdeden köp bolmadyk we sekiz
günden az bolmadyk möhletde hat üsti bilen kompaniýanyň paýdarlar sanawyna girizilen
salgylar boýunça paýdarlara ibermek zerurdyr.

11-nji madda. Umumy ýygnak


Müdüriýet geňeşi umumy ýygnagy bellemeli we onuň geçiriljek ýerini we senesini saýlamaly.
Her ýylky umumy ýygnak maliýe ýyly tamamlanandan soňra alty (6) aýyň dowamynda her ýyl
geçirilmeli. Adatdan daşary umumy ýygnak eger-de Müdüriýet geňeşi zerur diýip hasaplan ýa-
da kanun tarapyndan talap edilen bolsa geçirilip bilner.
Deslapky umumy ýygnaga tabşyrylýar:
1. girdejiler we ýitgiler baradaky hasabatlardan hem-de hasap we belliklerden ybarat
maliýe hasabatlary
2. auditlaryň hasabatlary,

Aşakdakylar barada karar bermek


3. Maliýe hasbatlary tassyklamak,
4. Hasapdaky görkezilen girdejini ulanmak
5. Müdüriýet geňeşiniň agzalaryny we dolandyryjy direktory wezipesinden boşatmak,
Saýlamak
6. Müdüriýet geňeşiniň agzalaryny we
7. Auditory

12-nji madda. Maliýe ýyly


Kompaniýanyň maliýe ýyly senenama ýylydyr.

(gol) (Fin Patent we Hasaba alyş edarasynyň möhürü)


Aki Salmera
Müşderiler Maslahatçysy

Goşundydaky Fin dilindäki resminamanyň dogry terjime edilendigini tassyklaýaryn.

Helsinki, 28-nji maý 2020ý. (gol, möhür) Hannu Kulmala


Terjimeçi
Iňliçse-Finçe-Iňlisçe
Men Hannu Kulmalanyň Finlýandiýada ygtyýarly terjimeçidigini tassyklaýaryn.
Helsinkik, Finlýandiýa: 01.04.2021
Töleg: 20 ýewro

You might also like