You are on page 1of 24

VIII synplarynda 2021-2022-nji okuw ýylynda synpdan-synpa geçiriş synagy üçin

informatika dersindensoragnamalaryň jogaplary


1-nji soragnama
1. Informasion prosesler: informasiýalary saklamak, geçirmek. Informatika bilimler
dünýäsiniň informasion prosesleriniň kanunlaryny hem-de usullaryny kompýuterleriň we beýleki
tehniki seriş-deleriň kömegi bilen öwrenýän ylymdyr.Esasy informasion prosesler:
informasiýalary saklamak, geçirmek, işläp taýýarlamak we gözlemekdir. Adamlar
informasiýalary öz hususy ýadynda ýa-da haýsy hem bolsa bir daşky göterijilerde saklaýarlar.
Informasiýalaryň iň köp saklanýan ýeri – kagyz ýüzündedir. Adam öz ýadynda galan
informasiýalary çalt aýdyp bilýär, şonuň üçin adamyň ýadyna çalt ýat diýmek bolar. Şonuň ýaly-
da adamyň ýadyny içki ýat diýip hasaplamak hem bolar. Onda informa-siýany daşky göterijiler
bolan ýazgy depderçämizi,telefon kitabyny, okuw kitaplaryny daşky ýat diýip atlandyrmak bolar.
Daşky göterijilerdäki informasiýalar uzak wagtlaýyn we ygtybarly saklanýar.Şonuň üçin hem
adamlar informasiýany daşky göterijileriň kömegi bilen nesilden-nesle geçirip gelýärler.
Informasiýa geçirilende, hemişe iki tarap gatnaşýar: informasiýa çeşmesi we ony kabul ediji.
Çeşme – informasiýany iberýär, kabul ediji bolsa ony kabul edýär. Kitaby okamak ýa-da
mugallymy diňlemek bilen biz informasiýany kabul edijiler bolýarys, edebiýatdan düzmäniň
üstünde işlemek ýa-da sapaga jogap bermek bilen bolsa biz informasiýa çeşmesi bolýarys.Kabul
edilen informasiýa hökmany suratda işlenip taýýarlanýar. Informasiýany işläp taýýarlamak –
informasion prosesleriň ýene bir görnüşidir. Mysal üçin, teksti bir dilden başga dile terjime etmek
informasiýany işläp taýýarlamakdyr, ýöne tekstiň görnüşi üýtgese-de, mazmuny üýtgemeýär.
Informasiýany kodlamak hem işläp taýýarlamagyň bu görnüşine degişlidir. Kodlamak –
informasiýany aňlatmagyň bir görnü-şinden ony saklamaga, geçirmäge, işläp taýýarlamaga oňaýly
başga bir görnüşine geçirmekdir.Daşky göterijilerden (kitaplardan, shemalardan, tablisalardan we
ş.m) informasiýalary gözlemek diýilýär. Informasiýalary gözlemek işi hem informasion
proseslere degişlidir.Şunlukda, adamyň informasion işi esasy informasion prosesleriň üç görnüşi:
informasiýalary saklamak, geçirmek we işläp taýýarlamak işleri bilen baglanyşyklydyr. Adam
informasiýalary öz hususy ýadynda we daşky göterijilerde: kagyzda we ş.m. saklaýar..
Informasiýalary işläp taýýarlamak prosesi berlen informasiýalaryň görnüşini üýtgetmek,
tertipleşdirmek netijesinde täze informasiýany almak bilen baglanyşyklydyr.
2. Adyna geçirmek (baha bermek) buýrugy. Islendik programmanyň esasy bölegi berlenleri
täzeden işleýän buýruklardan ybarat. Şeýle buýruklaryň biri hem adyna geçirmek buýrugydyr.
Adyna geçirmek buýrugynyň kömegi bilen üýtgeýänlere san baha berip (başlangyç berlenleri
girizip), arifmetiki aňlatmalaryň bahasyny hasaplap, netijesini üýtgeýäne geçirip bolýar. Adyna
geçirmek buýrugynda «:=» belgisinden çepde üýtgeýäniň ady, sagda bolsa san, üýtgeýän ýa-da
aňlatma ýazylýar. Umumy görnüşde adyna geçirmek buýrugyny aşakdaky ýaly ýazyp bolar:
<Üýtgeýäniň ady>:=<aňlatma>;Bu ýerde <aňlatma> berlenler bilen bagly ýerine ýetirilmeli
hereketleriň tertibini, ähli görnüşli üýtgeýänleri we konstantalary (hemişelikleri), amallaryň
belgilerini, standart funksiýalary, ýaýlary öz içine alyp bilýär. A:=23 a:=a+1 d:=23-d
3. Amaly ýumuş: Faýllar bilen amallary ýerine ýetirmek . Faýllaryň we papkalaryň
döredilşine,atlaryň üýtgeldilişine mysallarda seredeliň.Мои документы papkanyň içinde Meniň
dostlarym we Bitaraplyk atly papkalary döretmeli. Проводник faýl guramaçysynyň çep panelinden
Мои документы papkany saýlalyň we syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan
Создать – папку buýrugyny ýerine ýetireliň.Teklip edilýän Новая папкa adyň ýerine täze –Meniň
dostlarym ady girizeliň.Soňra Enter klawiňe ýada adyň ýazgysynyň daşynda syçanyň çep gulagyna
basýarys.Şunlukda täze papkanyň döredilendigini göreris.Edil şeýle usul b/n Bitaraplyk papkasyny
hem dörederis.Faýlyň Kitap1 adyny Maglumat diýen ada öwürmeli..Soňra syçanyň sag gulagyna
basanymyzda çykýan menýudan Переименовать buýrugyny ýerineýetireliň.Köne Kitap1 adynyň
ýerine Maglumat adyny girizeliň we Enter klawişe basalyň.
1
2-nji soragnama
Arifmetiki amallar we aňlatmalar. Bitin ýa-da hakyky bolup bilýän berlenleri üýtgeýänleriň
adyna geçirip bolýandygyny bilýaris. Bitin we hakyky görnüşli üýtgeýänler bilen arifmetiki
amallary ýerine ýetirip bolýar: goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek. Düzüminde san bahalary
saklaýan (meselem, a+b–8) aňlatmalara arifmetiki aňlatmalar diýilýär. Geljekde arifmetiki
aňlatmalardan başga-da aňlatmalaryň bardygyna göz ýetireris. Häzirlikçe Pascal ABC
programmalaşdyrma diliniň matematiki mümkinçiliklerine seredeliň. Bitin görnüşli üýtgeýänler
bilen işlemek Bitin görnüşli üýtgeýänler bilen aşakdaky arifmetiki amallary geçirip bolýar:+
(goşmak); - (aýyrmak); * (köpeltmek); Div (bitinleýin bölmek); mod (bitin bölek taşlanyp,
galyndy alynýar).Bitinleýin bölmek (div)amaly adaty bölmekden sany bitin bölüp, galyndynyň
alynmaýanlygy bilen tapawutlanýar.Eger bölüniji bölüjiden kiçi bolsa, onda bitinleýin bölmegiň
netijesi nola deň. Meselem:
Aňlatma Netije Aňlatma Netije
5 div 7 0 11 mod 5 1
11 div 5 2 14 mod 3 2
Informasiýany uzak möhletleýin saklaýan gurluşlar. Tekst informasiýany adaty saklamakda
infor-masiýany göteriji bolup, esasan, kagyz hyzmat edýär. Kompýuter ulanylanda bolsa,
informasiýa göte-riji bolup, kompýuteriň ýady hyzmat edýär. Teksti uzak möhletleýin faýl
görnüşinde diskde saklap bolýar. Ulanyjynyň islegine görä teksti kagyza çap edip hem bolar. Esasy
we esasy däl informasiýa göterijiler tapawutlandyrylýar. Esasy göterijilere wagt tarapyndan
barlanyp görlen obýektler degiş-lidirler. Meselem: kagyz , daş (gadymy adamlar daşyň ýüzüne
surat çekipdirler, gadymy haýwanlaryň daş ýüzünde galdyran yzlary), DNK molekulasy, metal
gaplar. Esasy däl informasiýa göterijilere informasiýalary toplap, uzak bolmadyk wagt saklaýan
obýektler degişlidirler. Meselem, geçen asyryň saz diskleri, magnit toplaýjylary we diskleri. Bu
informasiýa göterijiler şu günlerde hem ulanylýar..
1. Amaly ýumuş: Papkalar bilen amallary ýerine ýetirmek. Papka döretmek - Проводник
mene-jeriniň çep panelinden Мои документы papkany saýlalyň we syçanyň sag gulagyna
basanymyzda çykýan menýudan Создать →Папку buýrugyny ýerine ýetireliň Papkanyy
nusgalamak. papkany nusgalamak üçin ony tapawutlandyryp, syçanyň sag gulagyna basanymyzda
çykýan menýudan Копировать buýrugyny saýlamaly. Soňra nusgalanan papkany degişli ýere
goýmak üçin syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вставить buýrugyny
saýlamaly .Papkanyň ornuny üýtgetmek –orny üýtgediljek papkany saýlamaly we syçanyň sag
gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вырезать buýrugyny ýerine ýetirmeli. Soňra kabul
ediji papkany saýlap, syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вставить
buýrugyny bermeli. Papkany ýok etmek - ýok edileli papkany tapawutlandyryp, klawiaturadaky
DEL klawişe basmak ýa-da syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Удалить
buýrugy bermek ýeterlikdir. Ýok edilen obýektler adatça Корзина (Sebede) ýerleşdirilýär
3-nji soragnama
1.Kompýuteriň programma üpjünçiligi. Kompýuteriň programma üpjünçiligi programma
düzüjiler tarapyndan taýýarlanylýar. Kompýuterleriň uzak möhletleýin ýadynyň ähli gurluňlarynda
saklanýan programmalaryň toplumy onuň programma üpjünçiligini düzýär. Kompýuteriň
programma üpjünçiliginiň hemişe üsti doldurylyp urulýar,ösdürilýär,kämilleşdirilýär.Kompýuteriň
programma üpjünçiligi 3 topara bölünýär. 1. Sistemalaýyn programmalar. 2. Amaly programmalar.
3.Ýörite programmalar
2.Üýtgeýänler barada düşünje. Kompýuteriň işläp taýýarlaýan aralyk ýa-da gutarnyklynetijeler
hökmünde alnan informasiýalaryna berlenler diýilýär. Programmalaşdyrmakda berlenleri ululyk-
lar diýip atlandyrmak kabul edilendir. Programmanyň ýerine ýetiriliş prosesinde bahasyny
üýtgedýän ululyklara üýtgeýänler, bahasyny üýtgetmeýän ululyklara bolsa konstantalar
(hemişelikler) diýilýär. Kompýuteriň operatiw ýady öýjüklerden (ýaçeýkalardan) ybaratdyr.
2
Programmanyň işleýän ululyklarynyň bahalary kompýuteriň operatiw ýadynda ýerleşdirilýär. Her
öýjügiň öz salgysy (tertip belgisi) bardyr. Şonuň üçin geljekde grammada ulanmak maksady bilen,
ýadyň öýjükleriniň salgylaryna at (identifikator) dakmak kabul edilen. Üýtgeýäniň (indenti-
fikatoryň) ady hökman latyn harpy ýa-da aşagyny çyzmak ( _ ) belgisi bilen başlanmaly, soňra
aralarynda boşluk goýulmadyk ýene-de latyn harplary,sifrler, aşagyny çyzmak belgisi gelip biler.
Üýtgeýäniň ady programmanyň ady bilen gabat gelmeli däldir.Şeýlelikde, berlenler (maglumatlar)
ýazylan ýadyňöýjükleri (ýaçeýkalary) üýtgeýänleri we konstantalary saklap bilerler. Eger-de
öýjükleri gönüburçluk görnüşinde şekillendirsek, onda ol aşakdaky ýaly bolup biler:A:= 10 B:= 6
Bu ýerde A atly üýtgeýäne 10 san, B atla bolsa 6 sanýazylypdyr. Programmanyň ýerine ýetiriliş
prosesinde her bir üýtgeýäniň bahasy üýtgäp biler, şonuň üçin hem oňa üýtgeýän diýilýär.
1. Amaly ýumuş: Animasiýaly slaýdlary döretmek. Slaýdda aýratyn obýektleriň animasiýasyny
sazlamak, Анимация menýudan Анимация-<effektleri saýlamaly> yzygiderlik bilen alynýar.
Slaýdyň obýektlerini yzygider tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa berilýär. Olaryň geçiş
tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy görkezilýär. Tapawutlandyrylan obýektlere
effektler berlende, olaryň ses effektlerini we hereket tizligini sazlap bolýar. Munuň üçin
Анимация menýudan Анимация-Область анимации buýrugy bermelidir Suratlar we figuralar
üçin animasiýa effect-leriniň sazlanyşy birmeňzeşdir. Suraty tapawutlandyrmaly. Анимация
menýudan Анимация -Добавить анимацию-Вход- Вылет buýruklary bermeli. Suratyň
parametrlerini gurnamaly: Начало-После предыдущего, Направление→Снизу,
Продолжительность→1 сек. (быстро).
4-nji soragnama
Programmalaşdyrma dilleri. Bilşimiz ýaly, kompýuteriň çäklendirilmedik mümkünçilikleri
bardyr. Onda dürli oýunlary oýnap, düzme ýazyp, ony saz guralyna, surat çekmek üçin alboma
öwrüp bolýar we ş.m. Ýöne bularyň ählisi bir şert ýerine ýetende mümkin, ýagny kompýutere
kesgitli buýruklaryň yzygiderligi berlende ýumuş ýerine ýeter. Anyk meseleleri çözmek üçin ýörite
programmalaşdyrma dilinde buýruklaryň yzygiderligini taýýarlamak işine programmalary düzmek
ýa-da programmalaş-dyrma diýilýär. Programma düzmegi öwrenmek bilen, kompýuteri
özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik alyp bolýar. Programmalaşdyrma dili kompýutere düşnükli
sözleriň, ýörite belgileriň we buýruklaryň toplumyndan ybaratdyr. Programmalary düzmäge
başlamazdan öň, bu sözleri we olaryň programma sözlemindäki düzülüşiniň sintaktiki düzgünlerini
öwrenmeli. Häzirki wagtda köp sanly programmalaşdyrmagyň dilleri bardyr. Olar iki topara
bölünýär: pes derejeli we ýokary derejeli diller. Ilkinji kompýuterlerde programmalar maşyn
dilinde düzülipdir. Maşyn dili kompýu-teriň aýratynlyklaryna bagly bolýar.Kompýuteriň
aýratynlyklaryna bagly bolan programmalaşdyrma dillerine pes derejeli diller diýilýär. Pes
derejeli dillere maşyn diline Assembler dilini mysal getirmek bolar. Pascal dilinde programma üç
sany belgiler toparynyň kömegi bilen ýazylýar: Latyn harplary:A B C D E F G H I J K L M N O
P Q R S T U V W X Y Z Sifrler: 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 Ýörite belgiler: + - * / {} . , ; : '' ^ = >< ( )
[ ] Düzme belgiler: := <>>= <= .. (. .) (* *) Klawiaturanyň kömegi bilen programma
kompýuteriň ýadyna girizilýär. Şondan soň olary kompýuter nollardan we birlerden ybarat maşyn
diline geçirýär. Bu işi programmalaşdyrma sistemasynyň düzümindäki dil prosessory (kompilýator)
ýerine ýetirýär. Programmanyň gurluşy.Pascal program-malaşdyrma dilinde programma
aşakdaky görnüşde bolýar:Program<programmanyň ady>; <berlen-leriň beýan edilýän bölümi>;
Uses crt; Begin <buýruklar bölümi (programmanyň esasy bölegi)>;End.
2Kompýuteriň gurluşlary. Kompýuteriň görnüşleriniň we ýerine ýetirýänişleriniň dürliligine
garamazdan,olaryň düzümi birmeňzeşdir.Her bir kompýuter sistema blogundan, monitirdan,
klawia-turadan we syçandan durýar.Bu düzüm bölekleriniň her hili kesgitli wezipeleri ýerine
ýetirýäler. Mun-dan başgada kompýutere skaner we printer ýaly gurluşlar hem çatylyp bilner.Giriş
we çykyş gurluşlary sistema bloguna çatylýar.Sistema blogy dürli görnüşlerde bolup
bilýär.Monitor-işlenip taýýarlanan infor-masiýalaryň netijelerine ekrana çykarýan gurluşdyr.
3
Klawiatura kompýutere tekst informasi-ýalaryny we kompýuteri dolandyrýan büýruklary girizmek
ü/n ulanylýangurluşdyr.Syçanyň bir tigirjigi we 2 sany gulagy(çep we sag düwmesi) bolýar.Tigirjik
adatça tekst gözdengeçirilende ulanylýar. Printer- tekst we grafiki informasiýalry kagyza çykarýan
gurluşdyr.Printerleriň matrisaly,akymly we lazer görnüşleri bardyr.
3.Amaly ýumuş: Gönüburçlygyň meýdanyny hasplamagyň programmasyny düzmei
Uses crt; Var a,b,S:real; begin Read(a,b); S:=a*b Write(s); end.
5-nji soragnama
1. Faýllar sistemasynyň obýektleri bilen işlemek. Operasion sistemanyň esasy meseleleriniň biri
– informasiýalary saklamagy gurnamakdyr. Operasion sistema dürli görnüşdäki informasiýalary
(tekst, çyzgy, surat, sesler, filmler, programmalar) faýl görnüşinde saklamagy üpjün edýär. Opera-
sion sistemanyň faýllar bilen işlemäge hyzmat edýän bölegine faýl sistemasy diýilýär. Faýllaryň
esasy häsiýetlerini ýada salalyň. Ähli faýllara ady boýunça ýüzlenýärler. Windowsda faýlyň ady
umumy uzynlygy 255-e çenli bolan belgileriň yzygiderliginden ybarat bolup biler. Faýlyň adynda “
: ”, “ * ”, “ ? ”, “ > ”, “ < ”, “ / ” belgileri ulanmaly däldir. Faýlyň ady adatça üç belgiden ybarat
giňeltmesi bilen gutarýar.Faýlyň ady bilen onuň giňeltmesiniň arasynda nokat belgisi goýulýar.
Faýlyň giňeltmesi faýlyň görnüşini görkezýär.Meselem, ýerine ýetirilýän faýllar (programmalar).
exe ýa-da com giňeltmä eýedirler. Faýlyň giňeltmesi onuň işläp taýýarlanmagy üçin haýsy prog-
rammanyň ulanylmalydygyny kesgitlemäge operasion sistema kömek berýär. Köp programmalar
faýl ýatda saklananda giňeltmäni faýlyň adynyň yzyna goşup ýazýarlar. Блокнот redaktorynda
döredilen tekst faýllary .txt giňeltmä, Wordda döredilen tekst faýllary bolsa .docx(.doc) giňeltmä
eýedirler. Sifrli fotoapparatlarda grafiki faýllara .jpg, Paint redaktorynda döredilen faýllara bolsa
.bmp giňeltmesi goşulýar. Faýla at saýlananda, onuň niýetlenişini we mazmunyny şöhlelendirýän
at saýlanyp alynmalydyr. Faýlyň möçberi. Her bir faýl ony ýatda saklamak üçin zerur bolan
ýadynyň möçberi bilen häsiýetlendirilýär. Faýllary papkalaryň içinde ýerleşdirýärler. Papkalar
ýörite nyşanjyk bilen belgilenýär. Papkalaryň içinde diňe bir faýllar däl-de, eýsem başga papkalar,
şonuň ýaly-da faýl sistemasynyň beýleki obýektleri ýerleşip bilerler. Meselem, Компьютер
papkasynyň içinde diskler, papkalar, faýllar, ýarlyklar ýerleşendir. Käbir papka ulanyjy tarapyndan
döredilse, Компьютер ýa-da Корзина ýaly papkalar operasion sistema goýlan mahalynda
awtomatiki döredilýärler. Papkada ýerleşdirilen faýllara ýa-da papkalara şol papkanyň içine
goýlan diýilýär. Içine goýlan faýlyň ady\ belgisiniň yzyndan ýazylýar. Faýla (papka) barýan ýol–
diskden gerekli faýla ýa-da papka barýan ýoldaky ähli papkalaryň yzygiderliginiň ýazgysydyr. Ýol
diskiň adyny aňladýan latyn harpyndan we :\belgilerden başlanýar, onuň yzyndan papkalaryň
yzygiderligi ýazylyp, faýlyň ady bilen gutarmalydyr. Meselem, C:\ Документы\ Nutuk.docx.
Saýlanan faýl (papka) üçin ýol salgy setirinde görkezilýär.
2. Programmalaşdyrma diliniň grafiki mümkinçilikleri. Grafiki kadada işlenende, ekrandaky
şekil nokatlardan – piksellerden düzülýär. Her bir piksel (nokat) koordinatalary we reňki bilen
häsiýetlendirilýär. Monitoryň ekranynda ýerleşip biljekmümkin bolan ählinokatlaryň sanyna onuň
ýolbererlik ukyby (ygtyýarlygy) diýilýär. Monitoryň ýolbererlik ukyby 𝑥 × 𝑦 aňlatma bilen
berlip bilinýär, bu ýerde 𝑥 –keseligine, 𝑦 – bolsa dikligine monitoryň ekranyndaky pikselleriň
sany. Meselem, aşakdaky ýolbererlik ukyplary bolan monitorlar belli: 320x200; 640x480;
800x600; 1024x768; 1280x1024we ş.m.Grafiki kadada iň kiçi ýolbererlik ukyby bolan monitorda
hem şekil 64000 (320∙200) sany grafiki elementlerden düzülýär. Şeýle sanly “gurluşyk
kerpiçjiklerden” suraty gurup bolýar. Standart grafiki kitaphananyň mümkinçilikleriŞekili
ýönekeý geometriki figuralardan: nokat, kesim, gönüburçluk, töwerek we ş.m. düzüp bolýar.
Geometriki obýektiň ýagdaýy we ölçegleri onuň koordinatalary bilen berilýär. Şekiliň iň kiçi
elementi piksel bolany üçin, koordinata hökmünde pikselleriň keseligine we dikligine tertip
belgileri ulanylýar. Hasap başlangyjy ekranyň çep ýokarky burçy hasaplanýar. 𝑥 koordinatanyň
bahalary çepden saga, 𝑦 koordinatanyň bahalary ýokardan aşak hasaplanýar Meselem, (20, 50)
koordinataly nokat ekranyň çep ýokarky burçundan keseligine saga 20 piksel we dikligine aşak 50
4
piksel koordinataly nokady aňladýar.Dürli geometriki figuralaryň suratyny çekmek
GraphAbckitaphana modulynda saklanýan ýörite standart buýruklaryň kömegi bilen amala
aşyrylýar..GraphAbc modulynda grafiki penjiräniň ölçeglerini SetWindowSize(X,Y) buýrugynyň
kömegi bilen berip bolýar.. Ölçeg berilmedik ýagdaýynda penjire tutuş ekrany eýeleýär.Pascal
ABCprogrammalaşdyrma sistemasynyň grafiki mümkinçiliklerini anyk mysallaryň üsti bilen
öwreneris.Bu mysalda SetPixelbuýrugynyň ulanylyşyna seredildi. Bu buýrugyň umumy görnüşi:
SetPixel (x,y,color),bu ýerde x, y – nokadyň koordinatalary, color– onuň reňki.colorstandart
reňkler belgi konstantalary bilen berilýär:
3. Amaly ýumuş: Slaýdlara sesleri we filmleri goşmak. - Sesi faýldan alyp goýmak üçin,
Вставка menýudan Вставка → Звук → Звук из файла... → < audio faýlysaýlamaly > →
Вставить yzygiderligi ýerine ýetirmeli.Programmanyň saz toplumyndaky sesleriň birini
saýlapalmak üçin, Вставка menýudan Вставка → Звук →Звук из организатора клипов...
yzygiderligi ýerineýetirmeli. Soňra syçanyň kömegi bilen islendik sesislaýda geçirip bolar.
nyşanjygyň peýda bolmagy, prezentasiýa ses goýlandygyny aňladýar. Prezentasiýa görkezilende,
sesiň nähili ýagdaýda eşidiljekdigini islegiňegörä sazlap bolýar
6-njy soragnama
Informasion hukuk we howpsuzlyk. Elektron poçtada işlenilýän wagty howpsuzlygy üpjün
etmek üçin:1. Poçta gutusy hasaba alnanda, çylşyrymly paroly we gizlin soraglary pikirlenip
saýlaň.2. Hiç wagt näbelli ýerden gelen hatlara jogap bermäň.3. Hiç wagt salgy loginiňizi we
parolyňyzy, haýyş ýa-datalap edilen hatlara jogap bermäň.4. Eger Siz paroly saklamagy
(сохранить пароль) rugsat berseňiz, onda ol siziň kompýuteriňiziň diskinde faýl görnüşinde
standart giňeltmede saklanar we diskiňize herhili ýol bilen girip ogurlanmagy mümkin. Paroly elde
giriziň. 5. Başga bir kompýuterde işläp bolanyňyzdan soňra elde kompýuterdäki maglumatlaryňyzy
arassalaň. Sebäbi, brauzerawtomatiki usulda maglumatlary diskde saklaýar. Arassalamagy
brauzeriň taryhynda keşde we awto doldurmasynda ýerine ýetirip, soňra ähli penjireleri ýapmaly.
Internet Explorerde bu şeýle ýerine ýetirilýär: Сервис-Свойства обозревателя-Журна-
Общие-Очистить; Сервис-Свойства обозревателя-Временные файлы Интернета -
Удалить.6. Hatyňyzda öz içgin şahsy maglumatlaryňyzy ýazmaň(meselem: parolyňyzy).7. Hiç
wagt ýerine ýetirilýän faýllary (.exe, .com, .batgiňeltmedäki faýllary) ugratmaň. Şeýle görnüşde
howplywiruslar ýaýradylýar. Eger ibermek zerur bolsa, onda olaryarhiwläp ugradyň.8. Haty
ibermekden öň poçta serwisinde web-interfeýsdäki sanawyň üsti bilen gutyny barlaň we wirusy
saklaýan hatlary ýok ediň.9. Antiwirus programmalaryny ulanyň, olaryň kömegibilen ibermäge
goýlan hatlary öňinçä barlaň. 10. Birnäçe poçta gutularynda hasapda duruň. Birini ynamdar
adamlar üçin, beýlekisini galan adamlar üçin niýetläň.Bellik:Hatdaky Siziň her bir sözüňiz adama
ýüzlenilýändir.Siziň sözüňiz boýunça beýleki adamlar size baha bererler. Şony ýatda saklaň.glar
2.Ýönekeý programmalaryň düzülişi. Bitin ýa-da hakyky bolup bilýän berlenleri üýtgeýänleriň
adyna geçirip bolýandygyny bilýaris. Bitin we hakyky görnüşli üýtgeýänler bilen arifmetiki
amallary ýerine ýetirip bolýar: goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek.Düzüminde san bahalary
saklaýan (meselem, a+b–8) aňlatmalara arifmetiki aňlatmalar diýilýär. Geljekde arifmetiki
aňlatmalardan başga-da aňlatmalaryň bardygyna göz ýetireris. Häzirlikçe Pascal ABC
programmalaşdyrma diliniň matematiki mümkinçiliklerine seredeliň.
Ikibelgili san berlipdir. Onuň sifrleriniň orunlary çalşyrylanda,emele gelen sany çapa çykarmaly.
uses crt; begin x:=a div 10;y:=a mod 10; write ('capa
cykmaly san ', s);
var a, x, y, write ('ikibelgili sany giriz: '); s:=x+y*10; end.
s:integer; read (a);
3Amaly ýumuş: Üçburçlygyň meýdanyny hasaplamagyň programmasyny düzmeli
Uses crt; Var a,h,S:real; begin Read(a,h); S:=a*h/2 Write(h); end.

5
7-nji soragnama
1.Faýl guramaçylary (menejerleri) barada düşünje. Faýl guramaçylary (menejerleri) barada
düşünje. ”Ýolbelet”( Проводник) programmaWindowsyň faýl sistemasy aşakdaky amallary
ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär: faýllary we papkalary gözlemek, döretmek, nusgalamak,
ornuny üýtgetmek, adyny üýtgetmek, ýok etmek. Faýl sistemasynyň obýektlerini dolandyrýan
program-malara faýl guramaçylary diýilýär. Windows operasion sistemasynda Проводник faýl
guramaçysy bardyr. Şeýle-de FAR Manager, Total Commander ýaly faýl guramaçylary hem
ulanylýar. Про-водник faýl guramaçysyny işe goýbermek üçin,ПУСК düwmesiniň üstünde
syçanyň sag gulagyna basylanda çykýan kontekst menýunyň Открыть проводник buýrugyny
saýlamaly. Bu guramaçy-nyişe goýbermegiň ikinji usuly, aşakdaky buýruklaryň yzygiderligini
ýerine ýetirmek netijesinde amala aşyrylýar: ПУСК→Все программы →Стандартные
→Проводник. Проводник penjiresiniň iki paneli bar. Çep panelde papkalar we diskler, sag
panelde bolsa, saýlanyp alnan papkanyň içindäki obýektler görkezilýär Проводник menejeriniň
kömegi bilen obýektleriň faýl düzümine serenjam bermek we obýektleriň gözlegini geçirmek
oňaýlydyr. Şunlukda (С:)diskde Iş papkasy, onuň içinde Admin, Мои документы,
Resminamalar papkalary içinde saklaýan PerfLogs papkasy ýerleşendir Penjirede
informasiýalary görkezmek usuly Вид menýunyň ýa-da gurallar paneliniň kömegi bilen
saýlanylýar. Meselem, Плитка usuly saýlananda degişli nyşanjyklaryň görnüşi faýlyň görnüşini
görkezýär. Windows operasion sistemasy faýlyň ýoly belli bolmasa-da, faýly we papkany ady
boýunça tapmaga mümkinçilik berýän ýörite serişdelere hem eýedir. Meselem. C: diskde Мои
документы papkany tapmaly. Ýolbelediň penjiresiniň Поиск:Библиотеки setirinde Мои
документы tekstini girizeliň we gözleg üçin C: diski görkezeliň. Результаты поиска
penjiresinde Мои документы atlypapkanyň tapylandygy baradaky informasiýa çykar.
2.Multimedia elementleri bilen prezentasiýalary döretmek. Prezentasiýany bezemekde suratlar,
grafikler, tablisalar, wideo parçalaresasyelementler bolup durýar. Bu obýektleriň ulanylmagy
prezentasiýanyňgörnükli bolmagyna getirýär. Slaýdlara ýerleşdirmek üçin gerek maglumatlary ilki
bilen toplamaly bolýar. Meselem, gerekli suraty skanirlemeli(ýa-da internet torundan almaly) we
ony täzeden özgertmeli. Microsoft Office programmalary suratlar toplumyny, sesleri we wideo
parçalary özünde saklaýarlar .Olara klipartlar diýilýär. Klipartlary prezentasiýany bezemekde
ulanmak bolar.Şekil (изображения) panelinden suratlary goýmak. Döredýän prezentasiýamy-
zyň slaýdyna kompýuteriň suratyny goýalyň. Onuň üçin Вставка menýudan Вставка-Картинка
yzygiderligi ýerine ýetirmeli. PowerPoint programmanyň penjiresiniň sag tarapynda peýda bolan
surat toplumyndan kompýuteriň suratyny iki usulda alyp goýmak bolýar. Gözlemek (Искать )
meýdanynda компьютеры sözi ýazyp Начатьbuýrugy bermeli ýa-da özümize gerek bolan suraty
süýşürme zolagynyň kömegi bilen saýlamaly Suraty goýmak üçin, kursory suratyň üstüne eltip,
syçanyň çep gulagyny basmaly ýa-da syçanyň çep gulagyny basyp saklap, suraty slaýdyň islendik
ýerinde goýmak bolýar. Suratyň ölçegini (inini, boýuny) markerleriň kömegi bilen islegimize görä
üýtgedip bolýar. Markerler surat syçanjyk bilen tapawutlandyrylan ýagdaýynda peýda bolýar.
Syçanjygyň görkezijisi markeriňüstüne eltilendeüýtgeýär.↕ we ↔ ugurgörkezgiçleriň kömegi
bilen suratyň ölçegini wertikal we gorizontal özgertmek, atanak –bilen onuň ornuny üýtgetmek,
–duga görnüşli ugurgörkezgiç suraty öwürmek üçin ulanylýar. Multimedia elementlerini
ulanmak prezentasiýany has aýdyň we görnükli edýär. Tehniki we programma serişdeleriniň
kömegi bilen teksti, grafikany, sesi, animasiýany we wideony bile ulanmaklygy üpjün edýän
kompýuter tehnologiýasyna multimedia diýilýär. PowerPoint redaktorynda prezentasiýalara ses
bermegiň birnäçe usullary bardyr.Öň ýazylan ses parçalary faýldan ýa-da sestoplumyndan goýlup
bilner.Eger kompýuter ses kartasy bilen üpjün edilen bolsa, sazlary disklerden nusgalamak ýa-da
mikrofonyň üsti bilen ýazdyrmak hem bolar.Sesi faýldan alyp goýmak üçin ,Вставка menýudan
Вставка→Звук→Звук из файла...-<audio faýly saýlamaly>→Вставить yzygiderligi ýerine
ýetirmeli. Programmanyň saz toplumyndaky sesleriň birini saýlap almak üçin,Вставка menýudan
6
Вставка-Звук-Звук из организатора клипов... yzygiderligi ýerine ýetirmeli. Soňra syçanyň
kömegi bilen islendik sesi slaýda geçirip bolar.- nyşanjygyň peýda bolmagy, prezentasiýanyň saz
bilen dowam edýandigini aňladýar. Prezentasiýagörkezilende, sesiň nähili ýagdaýda
eşidiljekdigini islegiňe görä sazlap bolýar.
1. Amaly ýumuş: Sözlem berlen.Ol sözüň mukdary 1024 baýta deň.Ol sözlem Kbaýtda we
1024 1
Mbaýtda näçe bolar? = 𝑀𝑏𝑎ý𝑡 = 0,00098 𝑀𝑏𝑎ý𝒕
1024∙1024 1024
8-nji soragnama
1.Lokal kompýuter tory barada düşünje. Informasiýalary çalt alyş-çalyş eder ýaly we umumy
resurslary bilelikde peýdalanar ýaly, kompýuterleri tora birleşdirýärler. Toruň resurslary bolup
gurluşlar (printerler, skanerler, wideokameralar, proýektorlar) we informasion obýektler (program-
malar, faýllar, papkalar, maglumatlar gory) hyzmat edýärler. Lokal kompýuter tory bir-birinden
onçakly daş bolmadyk aralykda ýerleşen kompýuterleriň birikdirilmegidir. Lokal toruň
kompýuterleri bir edaranyň, kärhananyň, okuw jaýynyň çäklerinde ýerleşip bilerler. Meselem, bir
kompýuter otagynda ýerleşen kompýuterleri lokal tora birikdirmek maksadalaýykdyr. Umumy
elýeterli resurslary (meselem, umumy papka we printer) habarlaşmakda ulanýan kompýuterleriň
toparyna işçi topar diýilýär. Kompýuteriň torda işlemegi üçin, degişli apparat we programma
üpjünçiligi zerurdyr. Lokal toruň apparat üpjünçiligine kompýuterleriň tor adapterleri we birikdiriji
kabeller girýär. Häzirki zaman kompýuterlerine tor adapteri talap edilmeýär, çünki ol kompýuteriň
düýp platasynda ýerleşdirilendir. Kompýuterler torlara kabeller arkaly birikdirilýär. Şeýle-de bolsa
simsiz lokal torlar has köp ulanylýar. Kompýuterleriň lokal tordaky işine operasion sistema
ýardam berýär. Windows operasion sistemasynda lokal toruň resurslaryna ýüzlenmek, we olary
görmek, ulanmak işleriniň nähili amala aşyrylýandygyna seredeliň. Windows operasion sistemasy
ýüklenende, kompýuter toruna girmek üçin, ýörite gepleşik penjiresinde ulanyjynyň adyny we
parolyny görkezmek hökmanydyr. Toruň elýeterli resurslaryny görmek Сетъ papkasynyň içinde
amala aşyrylýar
2.Programmalaşdyrma diliniň iş penjiresi. Programmalaşdyrma diliniň iş penjiresi- Bilşimiz
ýaly, kompýuteriň çäklendirilmedik mümkünçilikleri bardyr. Onda dürli oýunlary oýnap, düzme
ýazyp, ony saz guralyna, surat çekmek üçin alboma öwrüp bolýar we ş.m. Ýöne bularyň ählisi bir
şert ýerine ýetende mümkin, ýagny kompýutere kesgitli buýruklaryň yzygiderligi berlende ýumuş
ýerine ýeter. Anyk meseleleri çözmek üçin ýörite programmalaşdyrma dilinde buýruklaryň
yzygiderligini taýýarlamak işine programmalary düzmek ýa-da programmalaşdyrma diýilýär.
Programma düzmegi öwrenmek bilen, kompýuteri özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik alyp
bolýar. Programmalaşdyrma dili kompýutere düşnükli sözleriň, ýörite belgileriň we buýruklaryň
toplumyndan ybaratdyr. Programmalary düzmäge başlamazdan öň, bu sözleri we olaryň
programma sözlemindäki düzülüşiniň sintaktiki düzgünlerini öwrenmeli. Häzirki wagtda köp sanly
programmalaşdyrmagyň dilleri bardyr. Olar iki topara bölünýär: pes derejeli we ýokary
derejeli diller. Ilkinji kompýuterlerde programmalar maşyn dilinde düzülipdir. Maşyn dili
kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolýar.Kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolan
programmalaşdyrma dillerine pes derejeli diller diýilýär. Pes derejeli dillere maşyn diline
Assembler dilini mysal getirmek bolar. Pascal programmalaşdyrma dilinde programma aşakdaky
görnüşde bolýar:
Program<programmanyň ady>; Uses crt; <buýruklar bölümi (programanyň esasy
bölegi)>;
var<berlenleriň beýan edilýän Begin End.
bölümi>;
3Amaly ýumuş: Papkalar bilen işlemek (döretmek, nusgalamak, ýok etmek, ornuny
üýtgetmek, gözlemek). Проводник menejeriniň çep panelinden Мои документы papkany
saýlalyň we syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Создать →Папку buýrugyny
ýerine ýetireliň Papka-nyy nusgalamak. papkany nusgalamak üçin ony tapawutlandyryp, syçanyň
7
sag gulagyna basany-myzda çykýan menýudan Копировать buýrugyny saýlamaly. Soňra
nusgalanan papkany degişli ýere goýmak üçin syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan
menýudan Вставить buýrugyny saýlamaly .Papkanyň ornuny üýtgetmek –orny üýtgediljek
papkany saýlamaly we syçanyň sag gulagyna basa-nymyzda çykýan menýudan Вырезать
buýrugyny ýerine ýetirmeli. Soňra kabul ediji papkany saýlap, syçanyň sag gulagyna
basanymyzda çykýan menýudan Вставить buýrugyny bermeli. Papkany ýok etmek - ýok edileli
papkany tapawutlandyryp, klawiaturadaky DEL klawişe basmak ýa-da syçanyň sag gulagyna
basanymyzda çykýan menýudan Удалить buýrugy bermek ýeterlikdir. Ýok edilen obýektler
adatça Корзина (Sebede) ýerleşdirilýär.
9-njy soragnama
1.Programmalaşdyrma diliniň grafiki mümkinçilikleri. Grafiki kadada işlenende, ekrandaky
şekil nokatlardan – piksellerden düzülýär. Her bir piksel (nokat) koordinatalary we reňki bilen
häsiýetlendirilýär. Monitoryň ekranynda ýerleşip biljekmümkin bolan ählinokatlaryň sanyna onuň
ýolbererlik ukyby (ygtyýarlygy) diýilýär. Monitoryň ýolbererlik ukyby 𝑥 × 𝑦 aňlatma bilen
berlip bilinýär, bu ýerde 𝑥 –keseligine, 𝑦 – bolsa dikligine monitoryň ekranyndaky pikselleriň
sany. Meselem, aşakdaky ýolbererlik ukyplary bolan monitorlar belli: 320x200; 640x480;
800x600; 1024x768; 1280x1024we ş.m.Grafiki kadada iň kiçi ýolbererlik ukyby bolan monitorda
hem şekil 64000 (320∙200) sany grafiki elementlerden düzülýär. Şeýle sanly “gurluşyk
kerpiçjiklerden” suraty gurup bolýar. GraphAbckitaphana modulynda saklanýan ýörite standart
buýruklaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu modul Uses (ulanmak) hyzmatçy sözünden soň
getirilýär.Surat çekmek grafiki penjirede ýerine ýetirilýär. Birnäçe penjirelerde şol bir wagtda surat
çekmek mümkinçiligi ýok. Galamyň ýa-da çotganyň kömegi bilen surat çekip bolýar.GraphAbc
modulynda grafiki penjiräniň ölçeglerini SetWindowSize(X,Y) buýrugynyň kömegi bilen berip
bolýar. (Goşmaçanyň 5-nji tablisasy). Ölçeg berilmedik ýagdaýynda penjire tutuş ekrany
eýeleýär.Pascal ABC programma-laşdyrma sistemasynyň grafiki mümkinçiliklerini anyk
mysallaryň üsti bilen öwreneris. SetPixel (x,y,color),bu ýerde x, y – nokadyň koordinatalary,
color– onuň reňki.colorstandart reňkler belgi konstantalary bilen berilýär:
2.Reňk shemasy we ülňüler. Bezeg ülňüleri (шаблоны оформления, темы) ulanmak.Slaýdy
bezemek işine geçeliň. Taýýar ülňülerden peýdalanalyň. Onuň üçin Дизайн menýusynyň Темы
panelindenülňüleri, reňk shemasyny, tekstiň şriftini we reňkini, ülňüleriň effektlerini saýlap bolýar.
Başgaülňüler gerek bolan ýagdaýynda goşmaça parametrler (дополнительные параметры
)düwmäni ulanmaly Saýlanyp alynýan parametrleriň elementler toplumyna: tekstiň şriftini we
reňkini, ýazgylaryň daşky araçäk ölçegini we ýerleşme ýagdaýyny, ýerliginiň suratyny ülňüler
diýip düşünilýär. Ülňüleri diňe bir slaýd üçin däl, eýsem ähli slaýdlarda ulanmak bolar. Ülňüleri
yzygider synlap, islän ülňümizii saýlaýarys. Şeýlelikde, käbir ýazgylaryň ýerleşiş ýagdaýyna
seretmeli bolmagy mümkin Kompýuteriňizde käbir ülňüleriň nusgasynyň ýok bolmagy hem
mümkin . Olary internet torundan almak ýa-da özbaşdak döretmek bolar. Her bir bezeg ülňüsi üçin
birnäçe reňkleriň utgaşmasy bardyr, olreňk shemasy diýip atlandyrylýar. Reňk shemasyny
saýlamak. Reňk shemasyndan ülňüniň reňkini çalyşmagy slaýdda barlap göreliň.Дизайн
menýudan Дизайн→Цвета yzygiderligi ýerine ýetirip, işjeň slaýdyň reňkini üýtgedip bolar
3.Amaly ýumuş: Antiwirus programmalary işletmek. .- Her gün ýüzlerçe täze wiruslar emele
gelýär, şol sebäpli üstünlikli wiruslara garşy goragyñ baş şertleriniñ biri bolup, antiwirus
programma üpjünçiliginiñ bolmagy çykyş edýär. Kasperskiniñ antiwirusy howpuñ 97% zyýansyz
edip, örän gowy netijeleri görkezdi. Erkin ýaýradylýan antiwirus programma üpjünçiligiñ arasynda
Avira GmbH nemes kompaniýasynyñ Avira AntiVir atly önümi öñdebaryjy orunlary eýelemegi
başardy, ol beýleki mugt antiwiruslar bilen deñeşdirilende, gowy netijeleri görkezmegi başardy.
Testden geçirmegiñ netijelerini has doly görkezýän grafik getirilýär Hünärmenler kompýuter
wiruslary bilen göreşmegiñ uly tejribesine eýedir, olar programma üpjünçiligiñ aktual
wersiýaläryna we iñ soñky antiwirus bazalaryna hemişe eýe bolup durýar. Kompýuter ussasy
8
kompýuteriñizi dürli zyýan getiriji programmalaryndan dyndyrmaga, has netijeli antiwirus
programmasyny saýlamaga kömek berer we kompýuteriñiziñ wiruslardan ygtybarly goragyny
üpjün eder.
10-njy soragnama
1. Prezentasiýany görkezmek. Prezentasiýanyň slaýdlary işlenip taýýar bolandan soň, ony ilki
görmeli, soňra gerek bolsa redaktirlemeli bolýar. Prezentasiýany sazlamak işi PowerPoint
programmasynyň iş penjiresindäki Показ слайдов menýusyndaky Настройка panelindäki
buýruklar bilen ýerine ýetirilýär Slaýdlary görkezmegi sazlamak üçin, Настройкa демонстрации
buýrugy berenimizde çykan Настройка презентации atly penjireden peýdalanýarys Penjiräniň
Показ слайдов böleginde slaýdlary görkezmek usullarynyň biri görünýär. Slaýdlary awtomatiki
usulda, ulanyjynyň ýa-danutukçynyň dolandyrmagynda görkezmek bolar. Penjiräniň Параметры
показа (görkezme parametrleri) böleginde Esc klawişi basylýança, üznüksiz, sözsüz,
animasiýasyz görkezmegiň parametrleri berilýär. Penjiräniň Слайды (slaýdlar) böleginde ähli
slaýdlary görkezmeli bolsa,все ýazgynyň öňünde bellik etmeli, beýleki ýagdaýda slaýdlaryň
başlamagynyň we gutarmagynyň tertip nomeri görkezilmelidir. Penjiräniň Смена
слайдов(slaýdlary çalyşmak) böleginde bir slaýddan beýleki slaýda geçişiniň el bilen (вручную),
wagt boýunça (по времени) ýaly görnüşleri berilýär.Prezentasiýa görkezilende, ses bilen
goldanmaly bolsa, Настройкapanelindäki Записьпоказа слайдов buýrugy berenimizde çykan
penjireden ony sazlamaklygy ýerine ýetirmeli. Slaýdyň görkezilişiniň wagtyny sazlamak
Настройкa времени buýrugy berenimizde ekrana çykan penjireden ýerine ýetirilýär.
Prezentasiýanyň slaýdlaryny görkezmek parametrleri Показ слайдов menýusyndaky Начать
показ слайдов paneliň buýruklary bilen ýerine ýetirilýär. Slaýdlar С начала buýrugy bermekýa-
da F5 klawişi basmak bilen başdan, başlap tutuş prezentasiýany görkezip bolýar.C текущего
слайдаbuýrugy berenimizde ýa-daShift+F5 klawişleri utgaşdyryp basanymyzda,ekranda duran
slaýddan görkezilip başlanýar, Произвольный показ buýrugy berenimizde, slaýdlar erkin
tertipde görkezip başlanýar
2.Berlenleri girizmegi we çap etmegi guramak. Berlenleri girizmegi we çap etmegi guramak-
Programmalary düzmekde aşakdaky tapgyrlary bellemek bolar: başlangyç berlenleri girizmek;
berlenleri gaýtadan işlemek; berlenleri çykarmak (netije almak). Berlenleri girizmegi we çykar-
magy guramak üçin, kompýuter bilen adamyň (ulanyjynyň) arasynda gepleşik programmalary
ýazmagy öwreneris. Ekrana maglumatyň Write çykyş buýrugy (operatory) arkaly çykarylýan-
dygyny bilýäris. Bu iň köp ulanylýan buýruklaryň biridir. Bu buýruk ekrana maglumatlary,
netijeleri çykarmakda ulanylýar.Meselem:Programsalam_1; {Programmanyň sözbaşysy}
Begin{Programmanyň başlangyjy} Write('Salam! Men, ähli zady başarýan kompýuter!');
{Ýazgyny ekrana çykarmak} End.{Programmanyň soňy}Bu ýerde Write buýruk ýaýlardaky
apostroflaryň içindäki ýazgyny ekrana çykarýar. Ýokardaky programma ýerine ýetirilenden soň,
ekranda şeýle ýazgy peýda bolar: Salam! Men, ähli zady başarýan kompýuter! Salam_2
programmasynda düzüminde iki sany Write çykyş buýrugynyň ulanylandygyna garamazdan, öňki
netijäni çykarar.Programsalam_2; {Programmanyň sözbaşysy} Begin{Programmanyň
başlangyjy} Write('Salam!'); {Ýazgyny ekrana çykarmak} Write (' Men ähli zady
başarýan kompýuter!'); {Ýazgyny ekrana çykarmak}End.{Programmanyň soňy} Writelnçykyş
buýrugynyň başgaça ýazylyşydyr. Bu buýrukda informasiýa çap edilenden soň,kursor täze setire
geçirilýär.Write we Writeln buýruklary ulanylanda, ekrana tekstiň çykarylyşyna seretdik. Emma
kompýuter ekranda tekstleri çykarmak bilen çäklenmän, eýsem arifmetiki amallary hem ýerine
ýetirip bilýär. Write buýrugyň täze mümkinçiliklerine Jem atly programmanyň mysalynda
seredeliň. Program Jem; Begin Write (2+3); End. netijesi '2+3' tekst görnüşinde çap
ediler.
2. Amaly ýumuş: y=3a+b funksiýany hasaplamagyň programmasyny düzmeli
Uses crt; Var a,b,y:real; begin Read(a,b); y:=3*a+b Write(y); end.
9
11-nji soragnama
1. Faýl sistemasy barada düşünje. Operasion sistemanyň esasy meseleleriniň biri – informasi-
ýalary saklamagy gurnamakdyr. Operasion sistema dürli görnüşdäki informasiýalary (tekst, çyzgy,
surat, sesler, filmler, programmalar) faýl görnüşinde saklamagy üpjün edýär. Operasion sistemanyň
faýllar bilen işlemäge hyzmat edýän bölegine faýl sistemasy diýilýär. Faýllaryň esasy häsiýetlerini
ýada salalyň. Ähli faýllara ady boýunça ýüzlenýärler. Windowsda faýlyň ady umumy uzynlygy
255-e çenli bolan belgileriň yzygiderliginden ybarat bolup biler. Faýlyň adynda “ : ”, “ * ”, “ ? ”, “
> ”, “ < ”, “ / ” belgileri ulanmaly däldir. Faýlyň ady adatça üç belgiden ybarat giňeltmesi bilen
gutarýar.Faýlyň ady bilen onuň giňeltmesiniň arasynda nokat belgisi goýulýar. Faýlyň giňeltmesi
faýlyň görnüşini görkezýär.Meselem, ýerine ýetirilýän faýllar (programmalar). exe ýa-da com
giňeltmä eýedirler. Faýlyň giňeltmesi onuň işläp taýýarlanmagy üçin haýsy programmanyň
ulanylmalydygyny kesgitlemäge operasion sistema kömek berýär. Köp programmalar faýl ýatda
saklananda giňeltmäni faýlyň adynyň yzyna goşup ýazýarlar. Блокнот redaktorynda döredilen
tekst faýllary .txt giňeltmä, Wordda döredilen tekst faýllary bolsa .docx(.doc) giňeltmä eýedirler.
Sifrli fotoapparatlarda grafiki faýllara .jpg, Paint redaktorynda döredilen faýllara bolsa .bmp
giňeltmesi goşulýar. Faýla at saýlananda, onuň niýetlenişini we mazmunyny şöhlelendirýän at
saýlanyp alynmalydyr.. Faýllary papka-laryň içinde ýerleşdirýärler. Papkalar ýörite nyşanjyk
bilen belgilenýär. Papkalaryň içinde diňe bir faýllar däl-de, eýsem başga papkalar, şonuň ýaly-da
faýl sistemasynyň beýleki obýektleri ýerleşip bilerler. Meselem, Компьютер papkasynyň içinde
diskler, papkalar, faýllar, ýarlyklar ýerleşendir. Käbir papka ulanyjy tarapyndan döredilse,
Компьютер ýa-da Корзина ýaly papkalar operasion sistema goýlan mahalynda awtomatiki
döredilýärler. Papkada ýerleşdirilen faýllara ýa-da papkalara şol papkanyň içine goýlan diýilýär.
Içine goýlan faýlyň ady\ belgisiniň yzyndan ýazylýar. Faýla (papka) barýan ýol–diskden gerekli
faýla ýa-da papka barýan ýoldaky ähli papkalaryň yzygiderliginiň ýazgysydyr. Ýol diskiň adyny
aňladýan latyn harpyndan we :\belgilerden başlanýar, onuň yzyndan papkalaryň yzygiderligi
ýazylyp, faýlyň ady bilen gutarmalydyr. Meselem, C:\ Документы\ Nutuk.docx. Saýlanan faýl
(papka) üçin ýol salgy setirinde görkezilýär.
2.Informasiýanyň görnüşleri. Informasiýanyň görnüşleri- Adam informasiýany ýatda saklap,
ýazyp biler, şeýle hem başga bir adama dilden ýa-da ýazuw üsti bilen geçirip biler. Adamlar biri-
biri bilen gepleşýärler, hatlary, ýazgylary, makalalary, kitaplary we ş.m ýazýarlar. Ýazuw teksti
harplardan, sifrlerden, ýaýlardan, nokatlardan, oturlardan we beýleki belgilerden durýar. Dilden
sözleýiş hem belgilerden düzülýär. Ýöne bu belgiler ýazuw belgileri däl-de, ses belgileridir. Olara
fonemalar diýilýär. Fonemalardan sözler, sözlerden bolsa sözlemler emele gelýär. Ýazuw
belgileri bilen ses belgileriniň aralygynda göni baglanyşygyk bar. Aslynda ilki sözleýiş, soň bolsa
ýazuw döräpdir. Biziň we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň ulanýan ýazuwy ses ýazuwy diýlip
atlandyrylýar. Ýazuwyň iň gadymy görnüşi ilki durmuş adamlaryndan gelýän piktografiki
ýazuwdyr. Bir piktogramma bir düşünjäni ýa-da tutuş bir habary aňladýan suratdyr. Piktografiki
belgileme şu günlerde hem ýygy-ýygydan ulanylýar. Siziň hemmäňize mälim bolan ýol belgileri
piktogrammalaryň mysalydyr. Ýazuw – informasiýalary saklamagyň we geçirmegiň ygtybarly
usulydyr. Adamzat taryhynda ýazuwyň şu görnüşleri döräpdir: ses, bogunlaýyn, ideografiki we
piktografiki ýazuw. Şunlukda, adam informasiýany dürli dilleriň kömegi bilen beýan edýär.
Informasiýalaryň beýan edilişiniň ýene-de bir giňden ýaýran görnüşi –grafiki görnüşdir. Suratlar,
shemalar, çyzgylar, kartalar, grafikler, diagrammalar – grafiki görnüşe mysal bolup biler. Algebra,
geometriýa, georgafiýa, taryh we ş.m dersler öwrenilende, şeýle grafiki informasiýalardan
peýdalanylýar. Grafiki informasiýanyň amatly bolmagy onuň mazmunyna düşünmegi
ýeňilleşdirýär.
3.Amaly ýumuş: Jisimiň tizligini hasaplamagyň programmasyny düzmeli.
Uses crt; Var v,t,s:real; begin Read(s,t); v:=s/t Write(v); end.

10
12-nji soragnama
1.Standart funksiýalar: modul, sanyň kwadraty. Pascal ABC programmalaşdyrma dili dört
sany arifmetiki amallardan başga-da birnäçe matematiki funksiýalary ýerine ýetirip bilýär.
Standart funksiýalar: • trunc(x) funksiýa x hakyky sanyň bitin bölegini alýar;
• round(x) funksiýa x hakyky sany bitin sana çenli tegeleýär;• frac(x) funksiýa x hakyky sanyň
drob bölegini alýar;• sqrt(x) funksiýa x hakyky sandan kwadrat kök alýar;• sin(x) funksiýa x sanyň
sinusyny hasaplaýar;• cos(x) funksiýa x sanyň kosinusyny hasaplaýar;• power(x,y) funksiýa x
sanyň y derejesini hasaplaýar;• random(x) funksiýa 0-dan x-1 aralykdaky tötänleýin sany berýär.
1-nji mysal. Standart funksiýalaryň kömegi bilen bitin sanlary täzeden işlemek programmasyny
ýazalyň:
Uses crt; Var a,b,c:real; begin Read(a,b); b:=abs(a) Writeln(b,c); end.
c:=sqr(b)
Hakyky görnüşli üýtgeýänler bilen işlemek Hakyky görnüşli üýtgeýänler bilen goşmak,
aýyrmak, köpeltmek, bölmek (/) amallaryny, şeýle hem olary abs(x), sqr(x), trunc(x), round(x),
frac(x), sqrt(x) standart funksiýalaryň kömegi bilen hem işläp bolýar,bu ýerde x hakyky görnüşli
üýtgeýän ýa-da aňlatmadyr.Bellik: Programmalaşdyrmakda onluk drobuň bitin bölegi drob
böleginden nokat bilen tapawutlandyrylýar.Nola bölmek bolmaýar.
2.Kompýuter prezentasiýasy barada düşünje. Interfeýsiň elementleri.Haýsy hem bolsa bir ýaňy
döredilen täzeligiň,meselem: awtoulagyň, kitabyň, kinonyň we ş. m. görkezilmegine prezentasiýa
diýilýär. Prezentasiýa latyn sözi bolup, praesentatio− görkeziş, görkezme,mälim etme diýen
manyny berýär. Prezentasiýa informasiýany görkezişusuly hökmünde harytlary ündemekde, ylmda,
tehnikada we sportda gazanylan üstünlikleri wagyz etmekde giňden peýdalanylýar.
Prezentasiýanyň görnüşleri köpdür: geýimleriň modelleriniň görkezilişi, teatrlaşdyrylan görkeziliş,
leksiýalar, dokladlar we ş.m.Häzirki wagtda prezentasiýalary taýýarlamak we geçirmek üçin,
kompýuterler işjeň ulanylýar. Kompýuter prezentasiýasy diýip, kompýuterde taýýarlanan tekstleri,
suratlary, tablisalary, diagramm alary özünde saklaýan, görkeziliş üçin niýetlenen elektron
resminamalara düşünilýär. Prezentasiýa teksti we multimedia obýektlerini saklaýan elektron
sahypalardan ybaratdyr.Ol animasiýalary sesleri we wideo parçalary özünde saklap
biler.Kompýuter prezentasiýalaryny aýýarlamak üçin, tekst we grafiki redaktorlary peýdalanmak
bolýar. Ýöne prezentasiýalary döretmek we görkezmek üçin, has kuwwatly gurallary bolan
prezentasiýa programmalary: Microsoft PowerPoint we Open Office Impress peýdalanylýar.
Slaýd − prezentasiýanyň elektron sahypasydyr. Slaýddüşünjesi prezentasiýanyň her bir
sahypasynyaňlatmak üçin ulanylýar.Slaýdlar awtomatiki berlen wagtaralygynda ýa-da
klawiaturadaky klawişi basmak arkaly (syçanyň çep gulagyny basmak arkaly) çalşyrylyp
bilner..PowerPoint programmasyny işe goýbermeklik üçin: Пуск→Все программы→
MicrosoftOffice→Microsoft PowerPoint2010 buýruklary bermeli ýa-da iş stolundakyýarlykda
syçanyň çep gulagyny iki gezek basmaly
3.Amaly ýumuş: Grafiki obýektler bilen işlemek. Informasiýalaryň beýan edilişiniň ýene-de bir
giňden ýaýran görnüşi –grafiki görnüşdir. Suratlar, shemalar, çyzgylar, kartalar, grafikler,
diagrammalar – grafiki görnüşe mysal bolup biler. Algebra, geometriýa, georgafiýa, taryh we ş.m
dersler öwrenilende, şeýle grafiki informasiýalardan peýdalanylýar. Grafiki informasiýanyň amatly
bolmagy onuň mazmunyna düşünmegi ýeňilleşdirýär. Slaýdlarda teksti çeper bezemek üçin,
WordArt-yň grafiki obýektleri ulanylýar. WordArt-da tekstiň formasyny üýtgetmek, egmek,
öwürmek, süýndürmek, şeýle-de oňa kölege goýmak we ony şekilleriň içinde ýazmak bolýar.
Bezeg teksti ulanmak üçin,Вставка menýudan Вставка→WordArt →<islegiňe görä stil
saýlamaly>.
13-nji soragnama
1.Oturdylan grafikany peýdalanmak. Slaýdlarda ýygy-ýygydan geometriki figuralar, ugur
gökezgiç-ler ulanylýar. Microsoft Office programmalar toplumynda bu obýektlere figuralar diýip
11
at berilýär. Olar линии (çyzyklar), прямоугольники (gönüburçluklar), основные фигуры
(esasy figuralar), фигурные стрелки (figuraly ugur görkezgiçler), фигуры для формул
(formulalar üçin figuralar), блок-схемa (blok shemalar), звезды и ленты (ýyldyzlar we
lentalar), выноски (çykgytlar),управляющие кнопки (dolandyryjy düwmeler) ýaly
toparlara bölünýär Figuralary ulanmak üçin,Главная menýudan Главная→Фигуры ýa-
daВставка menýudan Вставка→Фигурыyzygiderligi ýerine ýetirmeli.Figuralaryň içinde tekst
ýazmak üçin,degişli figuranyň üstüne syçanyň görkezijisini eltmek bilen, sag gulagyny basyp
,Изменить текст buýrugy bermeli Figuralaryň reňki üýtgetmek we boýamak, çyzygyň reňkini
we inini üýtgetmek, kiçi (ştrih) çyzyklaryň görnüşlerini üýtgetmek, figuraly ugur görkezgiçleriň
görnüşini üýtgetmek, kölege bermek usullaryny üýtgetmek we figuralara göwrüm bermek ýaly
mümkinçilikleri bardyr Figurala r tapawutlandyrylanda, markerler peýda bolup,figuralaryň
geometriki häsiýetini (meselem, ölçegini we ýerleşişini) üýtgedip bolýar. Mysal. Figuralary
ulanyp, prezentasiýa döredeliň.PowerPoint prezentasiýa programman y işe goýberýäris
.Ülňülerden islegimize görä birini Файл→Создать→Образцы шаблонов→<ülňüni
saýlamaly>→ Создать yzygiderlikde peýdalanyp saýlamak bolar
2.Programmalaşdyrma diliniň grafiki mümkinçilikleri (nokat, kesim, töwerek, gönüburçluk).
GraphAbC modulynyň kömegi bilen geometriki figuralary: çyzyklary, gönüburçluklary we
töwerekleri şekillendirip bolýar.Çyzyklary Line buýrugyň kömegi bilen şekillendirip bolýar, onuň
umumy görnüşi:Line (x1,y1,x2,y2),bu ýerde (x1,y1) we (x2,y2) – kesimiň başlangyjynyň we
ahyrynyň koordinatalary.Meselem. (120,150) we (300,100) koordinataly iki nokady birikdirýän
gyzyl reňkli kesimi şekillendirmegiň programmasyny ýazalyň:
Program kesim; Begin SetPenColor (clRed); End.
Uses GraphAbc; SetWindowSize (640,480); Line (120,150,300,100);
Çyzyk çyzylanda, onuň ölçegini, reňkini, ýogynlygyny we stilini berip bolýar.Çyzyga stil bermek
üçin GraphAbcmodulyndaSetPenStyle (Style) buýrugy ulanylýar, bu ýerde Style-galamyň
stilleriniň konstantalary Stil çyzygyň görnüşini aňladýar (tutuş, punktir, ştirhli punktir, ştrih).Ýapyk
figuralary FloodFill (x,y,color), buýrugynyň kömegi bilen boýap bolýar, bu ýerde (x,y) boýalýan
figuranyň içki çäginde ýerleşen nokadyň koordinatasy, color bolsa boýagyň reňki.SetFontColor,
SetFontStyle, SetFontSize, SetBrushColor, TextOut buýruklaryň kömegi bilen suratlara ýazgy
hem goýup bolýar. Şeýlelikde, grafiki ekrany degişli reňke boýamak we arassalamak Clear
Window (color) buýrugynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Gönüburçlugy we tegelegi
SetBrushColor (color) çotganyň reňkini kesgitlemek buýrugy bilen boýap bolýar
3.Amaly ýumuş: Antiwirus programmalary işletmek. Her gün ýüzlerçe täze wiruslar emele
gelýär, şol sebäpli üstünlikli wiruslara garşy goragyñ baş şertleriniñ biri bolup, antiwirus
programma üpjünçiliginiñ bolmagy çykyş edýär.Has meşhur antiwirus programmalaryny garaşsyz
testden geçirmegiñ netijeleri täjirçilik programma üpjünçilikleriñ arasynda öz borçlaryny has
üstünlikli Kasperskiniñ Antiwirusynyñ ýerine ýetirýändigini görkezdi. Testier üçin 60 000 gowrak
dürli zyýan getiriji programmalary saklaýan wiruslar bazasy peýdalanyldy, Kasperskiniñ
antiwirusy howpuñ 97% zyýansyz edip, örän gowy netijeleri görkezdi. Erkin ýaýradylýan
antiwirus programma üpjünçiligiñ arasynda Avira GmbH nemes kompaniýasynyñ Avira AntiVir
atly önümi öñdebaryjy orunlary eýelemegi başardy, ol beýleki mugt antiwiruslar bilen
deñeşdirilende, gowy netijeleri görkezmegi başardy.. Kompýuter ussasy kompýuteriñizi dürli
zyýan getiriji programmalaryndan dyndyrmaga, has netijeli antiwirus programmasyny saýlamaga
kömek berer we kompýuteriñiziñ wiruslardan ygtybarly goragyny üpjün eder.
14-nji soragnama
1.San berlenleriň görnüşlerini özgertmek. Şol bir wagtda programmada dürli görnüşli
üýtgeýänler ulanylyp bilner. Şeýle ýagdaýda olary bilelikde ulanmak üçin, nähili özgertmelidigini
bilmek zerurdyr. Hakyky görnüşli üýtgeýänlere bitin üýtgeýänleriň bahalaryny ýazmak bolýar.
Ýöne bitin görnüşli üýtgeýänlere hakyky üýtgeýänleriň bahalaryny ýazmak bolmaýar. Real
12
görnüşli sany integer görnüşli üýtgeýäne geçirmek üçin, trunc(x) ýa-da round(x) funksiýalaryň
kömegi bilen onuň drob bölegini aýyrmaly. Bu işiň ýerine ýetirilişine mysallarda seredeliň:
Bitin san berlin ol sany 2 esse kiçeldýän programmany düzmeli
Uses crt; Var a,b:real; begin Read(a); b:=frac(a*/2) Write(a); end.
Jogap bitin san bolýar. b:=frac(5,7) jogap 5 b:=trunç(5,7) jogap 0,7
2.Interfeýsiň elementleri. Brauzer − bu internet torunda syýahat etmek üçin niýetlenen
programma hasaplanylýar. Brauzer öz işleýän wagtynda berlen salga web-serwer arkaly ýüzlenip,
web-sahypany soraýar. Maglumatlary kabul etmek bilen kompýuteriň ekranynda şekilllendirýär.
Windows operasion sistemasynyň düzümine girýän Microsoft Internet Explorer brauzeri bilen
işläp göreliň. Microsoft Internet Explorerbrauzeri syçanyň kömegi bilen meseleler panelindäki
düwmä basyp açmak bolar Iş stolundaky ýarlygynda syçanyň çep gulagyny iki gezek basmak bilen
ýa-da baş menýudan (Пуск-dan) açmak hem bolar Programmanyň interfeýsi web-sahypalary
çalt açmak we görmek üçin niýetle-nendir. Internet Explorer brauzeri işe goýberilenden soňra,
kompýuteriň ekranynda penjire açylýar Sözbaşy setirinde seredilýän resminamanyň ady
ýerleşýär.Salgy setirinde onuň salgysy ýerleşýär. Internet Explorer brauzeriň penjiresiniň esasy
bölegini resminamany gözden geçiriş meýdany tutýar. Onda seredilýän web-sahypa
ýerleşdirilýär.Menýu setiri brauzer bilen işlemek üçin zerur buýruklaryň elýeterli bolmagyny
üpjün edýär. Menýunyň käbir bölümleri, meselem:Файл we Правкаbölümleri niýetlenişi
boýunça ahli ofis goşundylary üçin umumy hasaplanylýar.Gurallar paneli brauzeriň has ýygy
ulanylýan buýruklarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.Ýagdaýlar setirinde resminamanyň
ýüklenmesiniň gidişi baradaky we beýleki informasiýalar görkezilýär. Brauzer işe goýberlenden
soň, gözden geçiriş meýdanynda öý sahypasy görkezilýär.Öý sahypasy hökmünde boş sahypa ýa-
da has köp girilýän saýtyň baş sahypasy ulanylýar. Öý sahypany gurnamak Сервис→Свойства
обозре-вателя menýunyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Onuň üçin Общие bölüminde Свой-
ства обозревателя penjiresiniň salgysynda öý sahypasy hökmünde isleýän sahypalarynyň
salgysyny görkezýärler Internet tory boýunça syýahat etmek bilen, wagtyň islendik pursatynda
gurallar panelindäki Домой nyşanjygynyň üstünde syçanyň çep gulagyny basmak arkaly öý
sahypaňa dolanmak bolar. Web-sahypalary açmak üçin,salgy setirinde sahypanyň ýa-da saýtyň
salgysyny girizmek zerurdyr.
3.Amaly ýumuş: Papkalar bilen amallary ýerine ýetirmek. Papka döretmek - Проводник
menejeriniň çep panelinden Мои документы papkany saýlalyň we syçanyň sag gulagyna
basanymyz-da çykýan menýudan Создать -Папку buýrugyny ýerine ýetireliň Papkanyy
nusgalamak. papkany nusgalamak üçin ony tapawutlandyryp, syçanyň sag gulagyna basanymyzda
çykýan menýudan Копировать buýrugyny saýlamaly. Soňra nusgalanan papkany degişli ýere
goýmak üçin syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вставить buýrugyny
saýlamaly .Papkanyň ornuny üýtgetmek –orny üýtgediljek papkany saýlamaly we syçanyň sag
gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вырезать buýrugyny ýerine ýetirmeli. Soňra kabul
ediji papkany saýlap, syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Вставить
buýrugyny bermeli. Papkany ýok etmek - ýok edileli papkany tapawutlandyryp, klawiaturadaky
DEL klawişe basmak ýa-da syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan menýudan Удалить
buýrugy bermek ýeterlikdir. Ýok edilen obýektler adatça Корзина (Sebede) ýerleşdirilýär
15-nji soragnama
1.Informasion prosesler: täzeden işlemek, gözlemek. Informatika bilimler dünýäsiniň
informasion prosesleriniň kanunlaryny hem-de usullaryny kompýuterleriň we beýleki tehniki
serişdeleriň kömegi bilen öwrenýän ylymdyr.Esasy informasion prosesler: informasiýalary
saklamak, geçirmek, işläp taýýarlamak we gözlemekdir. Adamlar informasiýalary öz hususy
ýadynda ýa-da haýsy hem bolsa bir daşky göterijilerde saklaýarlar. Informasiýalaryň iň köp
saklanýan ýeri – kagyz ýüzündedir. Adam öz ýadynda galan informasiýalary çalt aýdyp bilýär,
şonuň üçin adamyň ýadyna çalt ýat diýmek bolar. Şonuň ýaly-da adamyň ýadyny içki ýat diýip
13
hasaplamak hem bolar. Onda informasiýany daşky göterijiler bolan ýazgy depderçämizi,telefon
kitabyny, okuw kitaplaryny daşky ýat diýip atlandyrmak bolar. Daşky göterijilerdäki
informasiýalar uzak wagtlaýyn we ygtybarly saklanýar.Şonuň üçin hem adamlar informasiýany
daşky göterijileriň kömegi bilen nesilden-nesle geçirip gelýärler.Informasiýa geçirilende, hemişe
iki tarap gatnaşýar: informasiýa çeşmesi we ony kabul ediji. Çeşme – informasiýany iberýär,
kabul ediji bolsa ony kabul edýär. Kitaby okamak ýa-da mugallymy diňlemek bilen biz
informasiýany kabul edijiler bolýarys, edebiýatdan düzmäniň üstünde işlemek ýa-da sapaga jogap
bermek bilen bolsa biz informasiýa çeşmesi bolýarys.Kabul edilen informasiýa hökmany suratda
işlenip taýýarlanýar. Informasiýany işläp taýýarlamak – informasion prosesleriň ýene bir
görnüşidir. Mysal üçin, teksti bir dilden başga dile terjime etmek informasiýany işläp
taýýarlamakdyr, ýöne tekstiň görnüşi üýtgese-de, mazmuny üýtgemeýär. Informasiýany kodlamak
hem işläp taýýarlamagyň bu görnüşine degişlidir. Kodlamak – informasiýany aňlatmagyň bir
görnüşinden ony saklamaga, geçirmäge, işläp taýýarlamaga oňaýly başga bir görnüşine
geçirmekdir.Daşky göterijilerden (kitaplardan, shemalardan, tablisalardan we ş.m)
informasiýalary gözlemek diýilýär. Informasiýalary gözlemek işi hem informasion proseslere
degişlidir.Şunlukda, adamyň informasion işi esasy informasion prosesleriň üç görnüşi:
informasiýalary saklamak, geçirmek we işläp taýýarlamak işleri bilen baglanyşyklydyr..
2.Berlenleriň görnüşleri barada düşünje. Her bir üýtgeýäniň adyndan we bahasyndan başga-da
onuň görnüşi (tipi) hem bardyr. Üýtgeýäniň görnüşi üýtgeýänlerde saklanýan berlenleriň
görnüşini, bu berlenler bilen ýerine ýetirip bolýan amallaryň toplumyny, olaryň mümkin bolan
bahalarynyň köplügini kesgitleýär. Pascal programmalaşdyrma dilinde üýtgeýänleriň birnäçe
görnüşleri bar, ýöne biz san berlenleriň esasy iki görnüşini öwreneris: • Integer bitin görnüş (-
2147483648-den +2147483647 aralykdaky bitin sanlar; kompýuteriň ýadynda 4 baýt ýer tutýar);•
Real hakyky görnüş (16-a çenli onluk sifrleri öz içine alýan drob sanlar; kompýuteriň ýadynda 8
baýt ýer tutýar).Pascal ABC-de ýene-de aşakdaky ýaly berlenleriň görnüşleri bardyr:• byte (baýt);
• char (simwol); • boolean (logiki); • string (setir).Programmada ulanylýan üýtgeýänler
beýanlar bölüminde görkezilýär. Ol programmanyň sözbaşysyndan soň gelýär. Üýtgeýäni beýan
etmek – bu Var hyzmatçy sözünden soň üýtgeýäniň adyny we görnüşini beýan etmekdir.Meselem:
Var a: integer; Var a,b: real;Kompýuter esasan san, simwol we logiki ululyklar bilen
işleýär.Programmalaşdyrmakda san görnüşli berlenler matematikadaky ululyklar ýaly
üýtgeýänlere we konstantalara bölünýär. Meselem, (a-2ab + b) formulada a, b – üýtgeýänler, 2
– konstanta.Ähli konstantalar Const hyzmatçy söz bilen başlanýan ýörite bölümde beýan edilýär.
Şeýle hem konstantalary programmada san görnüşde(san konstantalary) ýa-da apostroflar bilen
çäklenen simwollaryň yzygiderligi görnüşinde (simwol konstantalary) aňlatmak bolar
3.Amaly ýumuş: Animasiýaly slaýdlary döretmek. Slaýdda aýratyn obýektleriň animasiýasyny
sazlamak, Анимация menýudan Анимация→<effektleri saýlamaly> yzygiderlik bilen alynýar.
Slaýdyň obýektlerini yzygider tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa berilýär. Olaryň geçiş
tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy görkezilýär. Tapawutlandyrylan obýektlere
effektler berlende, olaryň ses effektlerini we hereket tizligini sazlap bolýar. Munuň üçin Анима-
ция menýudan Анимация -Область анимации buýrugy bermelidir Suratlar we figuralar üçin
animasiýa effect-leriniň sazlanyşy birmeňzeşdir. Suraty tapawutlandyrmaly. Анимация menýudan
Анимация -Добавить анимацию-Вход- Вылет buýruklary bermeli. Suratyň parametrlerini
gurnamaly: Начало-После предыдущего, Направление-Снизу, Продолжительность-1 сек.
(быстро).
16-njy soragnama
1.Prosessor we operatiw ýat barada düşünje. Prosessor – kompýuteriň esasy gurluşy, beýnisi
bolmak bilen hasaplamalary, programmalary ýerine ýetirýär.Bu gurluş informasiýalary işläp
taýýar-lamak üçinniýetlenendir Prosessoryň esasy häsiýetleri: takt ýygylygy, razrýadlylygy,
modelidir.Takt ýygylygy – prosessoryň bir sekundyň dowamynda ýerine ýetirýän taktlarynyň
14
sanydyr. Dürli amallar bir we birnäçe taktlary eýeläp biler. Takt ýygylygygers (Gs) hasabynda
ölçelýär. Häzirki zaman prosessorlarynyň takt ýygylygy birnäçe milliard gerse ýetýär. Olar mega
gerslerde (MGs), giga gerslerde (GGs)ölçenýär,ýagny bir megagers million gerse, bir giga gers
bolsa milliard gerse deňdir.Prosessorlar amallary onluk sanlaryň däl-de ikilik sanlaryň üstünde
ýerine ýetirýärler. Ikilik sanlar bit diýip atlandyrylýan informasiýa birligi bilen gabat gelýän 0 we
1 sifrler bilen ýazylýarlar. Prosessoryň razrýadlylygy onuň şol bir wagtdaişläp taýýarlaýan ikilik
sifrleriniň (bitleriň) mukdarydyr.Häzirki zaman prosessorlarynyň aglabasy 32 bitlikýa-da 64 bitlik
razrýada eýedir. Prosessoryň iş öndürijiligini bir wagtyň özünde amallaryň birnäçe yzygiderligini
ýerine ýetirmegiň hasabyna artdyrmak bolar. Bir wagtyň özünde amallaryň birnäçe yzygiderligini
ýerine ýetirmäge ukyply prosessorlara köp ýadroly prosessorlar diýilýär. Intel Core 2 Duo we
Athlon 64*2 prosessorlary iki ýadroly, Intel CoreQuad we AMD Quad-Core Phenom
prosessorlary bolsa dört ýadrolydyr. Kompýuteriň beýleki bir möhüm gurluşy – onuň ýadydyr.
Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen gurluşdyr. Informasiýalary saklamak üçin, ýadyň
dürli görnüşleri ulanylýar. Operatiw ýat (operatiw ýatda saklaýjy gurluş) – berlenleri we
programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir. Informasiýa
kompýuter işläp başlanda operatiw ýada gelip gowuşýar, kompýuter öçürilende, onda informasiýa
saklanmaýar. Operatiw ýatda saklaýjy gurluş mikroshemalaryň ýygyndysyny öz içine alýar ..
Tehnologiýanyň kämilleşmegi gaýtadan ýazyp bolýan, energiýa taýdan garaşsyz fleş-ýadyň
döremegine getirdi.Ol häzirki döwürde diňe bir hemişelik ýatda saklaýjy gurluşda däl, eýsem
ýadyň daşky gurluşlarynda giňden ulanylýar.Kompýutere informasiýalary girizmek,
çykarmak,saklamak hem-de işläp taýýarlamak üçin, dürli içki we daşky gurluşlary çatmak
mümkindir.Informasiýa göterijä ýazyp boljak informasiýanyň iň aňryçäk möçberine onuň sygymy
diýilýär. Informasiýa mukdarynyň ölçeg birligi deregine baýt kabul edilendir. Informasiýa
göterijileriň sygymy aşakdaky birliklerde ölçelýär:
1 Kbaýt (kilobaýt) = 1024 baýt; 1 Mbaýt (megabaýt) = 1024 Kbaýt; 1 Gbaýt (gigabaýt) = 1024
Mbaýt;1 Tbaýt (terabaýt) = 1024 Gbaýt; 1 Pbaýt (petabaýt) = 1024 Tbaýt. Meselem: 3,5 dýuým
ölçegli çeýe diskiň informasion sygymy 1.44 Mbaýta, DVD diskiň sygymy – 4,7 Gbaýta deňdir,
winçesterleriň sygymy bolsa birnäçe ýüz gigabaýta ýetýär. Operatiw ýatda saklaýjy gurluşyň zerur
sygymy çözülýän meselä we ulanylýan programma baglydyr. Windows XP operasion
sistemasynyň ofis goşundylarynyň işi üçin 512 Mbaýt, Windows Vistanyň ofis goşundylarynyňişi
üçin 1 Gbaýtdan köpräk sygym gerekdir
2Antiwirus programmalar. Has meşhur antiwirus programmalaryny garaşsyz testden geçirmegiñ
netijeleri täjirçilik programma üpjünçilikleriñ arasynda öz borçlaryny has üstünlikli Kasperskiniñ
Antiwirusynyñ ýerine ýetirýändigini görkezdi. Testier üçin 60000 gowrak dürli zyýan getiriji
programmalary saklaýan wiruslar bazasy peýdalanyldy, Kasperskiniñ antiwirusy howpuñ 97%
zyýansyz edip, örän gowy netijeleri görkezdi. Erkin ýaýradylýan antiwirus programma üpjünçiligiñ
arasynda Avira GmbH nemes kompaniýasynyñ Avira AntiVir atly önümi öñdebaryjy orunlary
eýelemegi başardy, ol beýleki mugt antiwiruslar bilen deñeşdirilende, gowy netijeleri görkezmegi
başardy. Testden geçirmegiñ netijelerini has doly görkezýän grafik getirilýär Hünärmenler
kompýuter wiruslary bilen göreşmegiñ uly tejribesine eýedir, olar programma üpjünçiligiñ aktual
wersiýaläryna we iñ soñky antiwirus bazalaryna hemişe eýe bolup durýar. Kompýuter ussasy
kompýuteriñizi dürli zyýan getiriji programmalaryndan dyndyrmaga, has netijeli antiwirus
programmasyny saýlamaga kömek berer we kompýuteriñiziñ wiruslardan ygtybarly goragyny
üpjün eder.
4𝑎+𝑏
3.Amaly ýumuş: 𝑦 = 2 aňlatmany Paskal dilinde ýazmaly y:=(4*a+b)/sqr(d)
𝑑
17-nji soragnama
1.Animasiýanyň netijeleri. PowerPoint programmasy prezentasiýany işläp taýýarlaýja dürli
görnüşli wizual (görüş) we ses effektleriniň uly toplumyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Effektler bir slaýddan beýlekä geçirilende ýa-da prezentasiýa görkezilende, slaýdyň aýry-aýry
15
obýektleriniň orny üýtgedilende ulanylýar. Meselem, ýazgylaryň we figuralaryň ýüze çykyşyna we
hereketine effekt berip bolar. Şeýle hem aýry-aýry pursatlara ünsi çekmek üçin, surat görnen
pursatynda eşidiler ýaly, el çarpyşmalar görnüşindäki ses effektleri berilýär. Şol bir wagtda
effektleriň aşa köp ulanylmagynyň, prezentasiýanyň mazmunyna düşünmäge päsgel berýändigini
ýatdan çykarmaly däldir.Prezentasiýa görkezilende, slaýdlaryň geçişi syçanyň ýa-da klawişiň
kömegi bilen amala aşyrylýar. Slaýdlaryň geçiş effektlerini Переходы menýusy arkaly sazlamak
bolar Slaýdlaryň geçiş effekti saýlanandan soň, geçmekligiň usuly we dowamlylygy, ses goşmagyň
usullary berilýär Slaýdyň obýektlerini yzygider tapawutlandyrmak bilen, olara animasiýa
berilýär.Olaryň geçiş tertibi, ýüze çykyşynyň we hereketiniň aýratynlygy görkezilýär.
Tapawutlandyrylan obýektlere effektler berlende, olaryň ses effektlerini we hereket tizligini sazlap
bolýar. Munuň üçin Анимация menýudan Анимация-Область анимации buýrugy bermelidir
2.Kompýuteriň programma üpjünçiligi. Kompýuteriň programma üpjünçiligi programma
düzüjiler tarapyndan taýýarlanylýar. Kompýuterleriň uzak möhletleýin ýadynyň ähli gurluňlarynda
saklanýan programmalaryň toplumy onuň programma üpjünçiligini düzýär. Kompýuteriň
programma üpjünçiliginiň hemişe üsti doldurylyp durulýar, ösdürilýär, kämilleşdirilýär.
Kompýuteriň programma üpjünçiligi 3 topara bölünýär. 1. Sistemalaýyn programmalar. 2. Amaly
programmalar. 3.Ýörite programmalar
3.Amaly ýumuş: Kwadratyň meýdanyny hasaplamagyň programmasyny düzmeli.
Uses crt; Var a,S:real; begin Read(a); S:=sqr(a) Write(s); end.
18-njy soragnama
1.Arifmetik amallar we aňlatmalar. Bitin ýa-da hakyky bolup bilýän berlenleri üýtgeýänleriň
adyna geçirip bolýandygyny bilýaris. Bitin we hakyky görnüşli üýtgeýänler bilen arifmetiki
amallary ýerine ýetirip bolýar: goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek. Düzüminde san bahalary
saklaýan (meselem, a+b–8) aňlatmalara arifmetiki aňlatmalar diýilýär. Geljekde arifmetiki
aňlatmalardan başga-da aňlat-malaryň bardygyna göz ýetireris. Häzirlikçe Pascal ABC
programmalaşdyrma diliniň matematiki mümkinçiliklerine seredeliň. Bitin görnüşli üýtgeýänler
bilen işlemek Bitin görnüşli üýtgeýänler bilen aşakdaky arifmetiki amallary geçirip bolýar:+
(goşmak); - (aýyrmak); * (köpeltmek); Div (bitin-leýin bölmek); mod (bitin bölek taşlanyp,
galyndy alynýar).Bitinleýin bölmek (div)amaly adaty böl-mekden sany bitin bölüp, galyndynyň
alynmaýanlygy bilen tapawutlanýar.Eger bölüniji bölüjiden kiçi bolsa, onda bitinleýin bölmegiň
netijesi nola deň. Meselem:
Aňlatma Netije Aňlatma Netije
5 div 7 0 11 mod 5 1
11 div 5 2 14 mod 3 2
2.Informasiýany göterijiler. Tekst we grafiki informasiýalaryň utgaşmasy, görüş (wizual) we
eşidiş-ses informasiýalarynyň utgaşmasyndan alnan wideo informasiýalar birleşdirilen
informasiýalaryň mysallarydyr. Informasiýany özünde saklaýan obýektlere informasiýa
göterijiler diýilýär. Esasy we esasy däl informasiýa göterijiler tapawutlandyrylýar. Esasy
göterijilere wagt tarapyndan barlanyp görlen obýektler degişlidirler. Meselem: kagyz , daş
(gadymy adamlar daşyň ýüzüne surat çekipdirler, gadymy haýwanlaryň daş ýüzünde galdyran
yzlary), DNK molekulasy, metal gaplar. Esasy däl informasiýa göterijilere informasiýalary toplap,
uzak bolmadyk wagt saklaýan obýektler degişlidirler. Meselem, geçen asyryň saz diskleri, magnit
toplaýjylary we diskleri. Bu informasiýa göterijiler şu günlerde hem ulanylýar. Häzirki wagtda
informasiýalar şeýle göterijilerde saklanýar, emma ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen
informasiýalary has kämilleşen göterijilere geçirmegiň zerurlygyýüze çykýar. Informasivany
g]terijiler kagyz,disk,USB fleş Informasiýany uzak möhletleýin saklaýan gurluşlar- Ýat –
informasiýalary saklamak üçin niýetlenen gurluşdyr. Informasiýalary saklamak üçin, ýadyň dürli
görnüşleri ulanylýar.Operatiw ýat (operatiw ýatda saklaýjy gurluş) – berlenleri we
programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir. Prosessoryň we
16
operatiw ýadyň arasynda berlenleri alyş-çalyş etmek işi örän gysga wagt aralygynda ýerine
ýetirilýär. Operatiw ýatda saklaýjy gurluş bir bütewi ýere ýygnalan mikroshemalaryň
ýygyndysyny öz içine alýar Onydüýp platada ýerleşdirmek üçin, ýörite yer bardyr. Ilkinji
hemişelik ýatda saklaýjy gurluşlara diňe bir gezek ýazyp bolýardy we diňe okamak üçin elýeterlidi.
Tehnologiýanyň kämilleşmegi ýazyp bolýan, energiýa taýdan garaşsyz, häzirki döwürde diňe bir
hemişelik ýatda saklaýjy gurluşda däl, eýsem ýadyň daşky gurluşlarynda giňden ulanylýan fleş-
ýadyň döremegine getirdi.
3.Amaly ýumuş: Ülňüleri ulanmak arkaly prezentasiýalary taýýarlamak . Taýýar ülňülerden
peýdalanmak üçin Дизайн menýusynyň Темы panelinden ülňüleri, reňk shemasyny, tekstiň
şriftini we reňkini, ülňüleriň effektlerini saýlap bolýar. Başga ülňüler gerek bolan ýagdaýynda
goşmaça parametrler (дополнительные параметры) düwmäni ulanmaly. Saýlanyp alynýan
parametrleriň elementler toplumyna: tekstiň şriftini we reňkini, ýazgylaryň daşky araçäk ölçegini
we ýerleşme ýagdaýyny, ýerliginiň suratyny ülňüler diýip düşünilýär
19-nji soragnama
1.Berlenleriň görnüşleri barada düşünje. Her bir üýtgeýäniň adyndan we bahasyndan başga-da
onuň görnüşi (tipi) hem bardyr. Üýtgeýäniň görnüşi üýtgeýänlerde saklanýan berlenleriň
görnüşini, bu berlenler bilen ýerine ýetirip bolýan amallaryň toplumyny, olaryň mümkin bolan
bahalarynyň köplügini kesgitleýär. Pascal programmalaşdyrma dilinde üýtgeýänleriň birnäçe
görnüşleri bar, ýöne biz san berlenleriň esasy iki görnüşini öwreneris: • Integer bitin görnüş (-
2147483648-den +2147483647 aralykdaky bitin sanlar; kompýuteriň ýadynda 4 baýt ýer tutýar);•
Real hakyky görnüş (16-a çenli onluk sifrleri öz içine alýan drob sanlar; kompýuteriň ýadynda 8
baýt ýer tutýar).Pascal ABC-de ýene-de aşakdaky ýaly berlenleriň görnüşleri bardyr:• byte (baýt);
• char (simwol); • boolean (logiki); • string (setir).Programmada ulanylýan üýtgeýänler
beýanlar bölüminde görkezilýär. Ol programmanyň sözbaşysyndan soň gelýär. Üýtgeýäni beýan
etmek – bu Var hyzmatçy sözünden soň üýtgeýäniň adyny we görnüşini beýan etmekdir.Meselem:
Var a: integer; Var a,b: real;Kompýuter esasan san, simwol we logiki ululyklar bilen işleýär.
Programmalaşdyrmakda san görnüşli berlenler matematikadaky ululyklar ýaly üýtgeýän-lere we
konstantalara bölünýär. Meselem, (a-2ab + b) formulada a, b – üýtgeýänler, 2 – konstanta.Ähli
konstantalar Const hyzmatçy söz bilen başlanýan ýörite bölümde beýan edilýär. Şeýle hem
konstantalary programmada san görnüşde(san konstantalary) ýa-da apostroflar bilen çäklenen
simwollaryň yzygiderligi görnüşinde (simwol konstantalary) aňlatmak bolar.
2.Prezentasiýany saklamak we çap etmek. Döredilen prezentasiýany faýl görnüşinde gaty
diskdäki papkalarda, iş stolunda,disketde, ykjam-diskde, fleş diskde ýa-da başga informasiýa
göterijilerde ýatda saklamak bolýar. PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýalary
faýl görnüşünde kompýuteriň ýadynda saklamak işiФайл→Сохранить ýa-da Сохранить как...
buýruklaryň birini ulanyp, iş penjiresindäki−belligi saýlamak ýa-da klawiaturadan Ctrl+S
klawişleri utgaşdyryp basmak arkaly ýerine ýetirilýär. Bu buýruklaryň haýsysy berlse-de, faýla at
goýmagy soraýan penjire açylýar.Prezentasiýany kompýuteriň ýadynda saklamak üçin, 4.50-nji
suratda görkezilen penjiredäki Имя файла: ýazgynyň sagyndaky setirde oňa at goýmaly. Soňra at
goýlan faýlyň ýerleşdirmeli papkasyny görkezmeli. Eger penjiräniň sagyndaky papkalardan başga
papkalarda faýly ýerleşdirmeli bolsa, onda çep tarapdaky süýşürme zolagyň sagyndaky belgini
basyp, çykan sanawdan gerekli papkany saýlap bolýar.Faýly kompýuteriň ýadynda saklamak üçin,
ýokarky penjiräniň içinde täze papka hem döretmek bolýar. Onuň üçin penjiräniň boş ýerinde
syçanyň sag gulagyny basyp,kontekst menýudan Создать→Папку→Enter buýruklary saýlap,
papka at goýumaly. PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýalar dürli formatlarda
kompýuteriň ýadyndawe beýleki gurluşlarda saklap bolar. Типфайла ýazgynyň sagyndaky
setiriň gyrasynda ýerleşen belgini basanyňda çykan formatlardan birini saýlamak arkaly ýerine
ýetirip bolar. Microsoft PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýa faýly Microsoft
Office PowerPoint 2007 programmasynda açmak bolýar. Emma has öňki Microsoft Office
17
programmalar toplumy üçin, prezentasiýany ýokarky penjiredäki Презентация PowerPoint 97-
2003 formatda saklamaly. Microsoft Office PowerPoint 2007 we Microsoft PowerPoint 2010
programmalarynda prezentasiýalar .pptxgiňeltmede, olardan öňdäki Microsoft Office
programmalar toplumynda .pptgiňeltmede ýatda saklanylýar. Eger prezentasiýa Microsoft
PowerPoint 2010 programmasynda taýýarlanylyp, has öňdäki Microsoft Office programmalarynda
açylanda, käbir buýruklar kadaly ýerine ýetmeýär.Prezentasiýalary Файл→Печать buýrugy
bermek arkaly çap etmek bolýar Çap etmek buýrugy berilmezden öň, çap etme penjiresinde printeri
we slaýdlary sazlamak maslahat berilýär.
2.Giriş-çykyş gurluşlary: monitor, printer, skaner, web-kamera- Giriş-çykyş gurluşlary:
monitor, printer,skaner, web-kamera Klawiatura – informasiýalary kompýutere girizmeküçin
ulanylýan gurluşdyr. Onuň düzümini, klawişleriň ýerine ýetirýän işlerini, şeýle hem syçan
baradaky düşünjeleri giňişleýin öwrenipdik.Monitor – informasiýalary görmek üçin niýetlenen
gurluşdyr. Häzirki döwürde monitorlaryň iki görnüşiulanylýar:• elektron şöhle turbajygy
esasyndaky monitorlar;• tekiz, suwuk kristallaşdyrylan monitorlar.Bulardan ilkinjisi has giňden
ýaýrandyr. Monitoryňmöhüm parametri – onuň ekranynyň diagonal ölçegidir.Şu günki günde has
giň ýaýranlary diagonalynyň ölçegi15-19 dýuým (1dýuým = 2,54 sm) bolan
onitorlardyr.Informasiýalary kagyza çykaryjy gurluş hökmünde matrisaly, akymly we lazer
printerler ulanylýar.Matrisaly printeriň işi çap ediji kellejikdäki iňňejikleriňurgulary netijesinde,
reňkiň kagyz ýüzüne geçmegineesaslanandyr. Lazer printerlerinde lazeriň ýagtylyk impulsyny alan
reňk (toner) ýagtylyga duýgur barabanyň üsti arkaly kagyza geçýär. Akymly printerde bolsa reňk
damjajyklary çap ediji kellejikden kagyza pürkülýärler. Soňky döwürlerde eşidiş-görüş
informasiýalaryny girizmegiň skaner, sifrli fotoapparat, web-kamera, mikrofonýaly gurluşlary
giňden ulanylýar. Skaner – şekilleri kompýuteriň ýadyna girizmek üçin niýetlenendir. Web-
kamera bolsa wideo şkilleri kompýuteriň ýadyna girizmäge mümkinçilik berýär, degişli
programmalary bolan halatynda wideoaragatnaşygywe wideogözegçiligi üpjün edýär Ses
informasiýalary girizmek üçin mikrofon ulanylýar,diňlemek üçin bolsa akustiki sistemalar, ses
kolonkalary,gulaklyklar ulanylýar.
3.Amaly ýumuş: Faýly döretmek we saklamak. Мои документы papkanyň içinde Meniň
dostlarym we Bitaraplyk atly papkalary döretmeli.Проводник faýl guramaçysynyň çep
panelinden Мои документы papkany saýlalyň we syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan
menýudan Создать →Папкуbuýrugyny ýerine ýetireliň. Teklip edilýänНовая папка adyň
ýerine täze – Meniň dostlarym ady girizeliň. Soňra enter klawişe ýa-da adyň ýazgysynyň daşynda
syçanyň çep gulagyna basýarys. Şunlukda täzepapkanyň döredilendigini göreris. Şunlukda,
adamyň informasion işi esasy informasion prosesleriň üç görnüşi: informasiýalary saklamak,
geçirmek we işläp taýýarlamak işleri bilen baglanyşyklydyr.
3.Amaly ýumuş: Gönüburçlygy çyzmagyň programmasyny düzmeli.
Uses gafabс; begin rectangle(100,400) End.
20-nji soragnama
Programmalaşdyrma dilleri. Bilşimiz ýaly, kompýuteriň çäklendirilmedik mümkünçilikleri
bardyr. Onda dürli oýunlary oýnap, düzme ýazyp, ony saz guralyna, surat çekmek üçin alboma
öwrüp bolýar we ş.m. Ýöne bularyň ählisi bir şert ýerine ýetende mümkin, ýagny kompýutere
kesgitli buýruklaryň yzygiderligi berlende ýumuş ýerine ýeter. Anyk meseleleri çözmek üçin ýörite
programmalaşdyrma dilinde buýruklaryň yzygiderligini taýýarlamak işine programmalary düzmek
ýa-da program-malaşdyrma diýilýär. Programma düzmegi öwrenmek bilen, kompýuteri
özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik alyp bolýar. Programmalaşdyrma dili kompýutere düşnükli
sözleriň, ýörite belgileriň we buýruklaryň toplumyndan ybaratdyr. Programmalary düzmäge
başlamazdan öň, bu sözleri we olaryň programma sözlemindäki düzülüşiniň sintaktiki düzgünlerini
öwrenmeli. Häzirki wagtda köp sanly programmalaşdyrmagyň dilleri bardyr. Olar iki topara
bölünýär: pes derejeli we ýokary derejeli diller. Ilkinji kompýuterlerde programmalar maşyn
18
dilinde düzülipdir. Maşyn dili kompýu-teriň aýratynlyklaryna bagly bolýar.Kompýuteriň
aýratynlyklaryna bagly bolan program-malaşdyrma dillerine pes derejeli diller diýilýär. Pes
derejeli dillere maşyn diline Assembler dilini mysal getirmek bolar. Pascal dilinde programma üç
sany belgiler toparynyň kömegi bilen ýazylýar: Latyn harplary:A B C D E F G H I J K L M N O
P Q R S T U V W X Y Z Sifrler: 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 Ýörite belgiler: + - * / {} . , ; : '' ^ = >< ( )
[ ] Düzme belgiler: := <>>= <= .. (. .) (* *) Klawiaturanyň kömegi bilen programma
kompýuteriň ýadyna girizilýär. Şondan soň olary kompýuter nollardan we birlerden ybarat maşyn
diline geçirýär. Bu işi programmalaşdyrma sistemasynyň düzümindäki dil prosessory (kompilýator)
ýerine ýetirýär. Programmanyň gurluşy.Pascal programmalaşdyrma dilinde programma
aşakdaky görnüşde bolýar:Program<programmanyň ady>; <berlenleriň beýan edilýän bölümi>;
Uses crt; Begin <buýruklar bölümi (programmanyň esasy bölegi)>;End.
2.Faýllar sistemasynyň obýektleri bilen işlemek. Operasion sistemanyň esasy meseleleriniň biri
– informasiýalary saklamagy gurnamakdyr. Operasion sistema dürli görnüşdäki informasiýalary
(tekst, çyzgy, surat, sesler, filmler, programmalar) faýl görnüşinde saklamagy üpjün edýär.
Operasion sistemanyň faýllar bilen işlemäge hyzmat edýän bölegine faýl sistemasy diýilýär.
Faýllaryň esasy häsiýetlerini ýada salalyň. Ähli faýllara ady boýunça ýüzlenýärler. Windowsda
faýlyň ady umumy uzynlygy 255-e çenli bolan belgileriň yzygiderliginden ybarat bolup biler.
Faýlyň adynda “ : ”, “ * ”, “ ? ”, “ > ”, “ < ”, “ / ” belgileri ulanmaly däldir. Faýlyň ady adatça üç
belgiden ybarat giňeltmesi bilen gutarýar.Faýlyň ady bilen onuň giňeltmesiniň arasynda nokat
belgisi goýulýar. Faýlyň giňeltmesi faýlyň görnüşini görkezýär.Meselem, ýerine ýetirilýän faýllar
(programmalar). exe ýa-da com giňeltmä eýedirler. Faýlyň giňeltmesi onuň işläp taýýarlanmagy
üçin haýsy programmanyň ulanylmalydygyny kesgitlemäge operasion sistema kömek berýär. Köp
programmalar faýl ýatda saklananda giňeltmäni faýlyň adynyň yzyna goşup ýazýarlar. Блокнот
redaktorynda döredilen tekst faýllary .txt giňeltmä, Wordda döredilen tekst faýllary bolsa
.docx(.doc) giňeltmä eýedirler. Sifrli fotoapparatlarda grafiki faýllara .jpg, Paint redaktorynda
döredilen faýllara bolsa .bmp giňeltmesi goşulýar. Faýla at saýlananda, onuň niýetlenişini we
mazmunyny şöhlelendirýän at saýlanyp alynmalydyr.
3.Amaly ýumuş: Multimedia elementli prezentasiýany açmak, saklamak, görkezmek. –
Prezenta-siýany bezemekde suratlar, grafikler, tablisalar, wideo parçalaresasyelementler bolup
durýar. Bu obýektleriň ulanylmagy prezentasiýanyňgörnükli bolmagyna getirýär. Slaýdlara
ýerleşdirmek üçin gerek maglumatlary ilki bilen toplamaly bolýar. Meselem, gerekli suraty
skanirlemeli(ýa-da internet torundan almaly) we ony täzeden özgertmeli. Microsoft Office
programmalary suratlar toplumyny, sesleri we wideo parçalary özünde saklaýarlar .Olara klipartlar
diýilýär. Klipartlary prezentasiýany bezemekde ulanmak bolar.Şekil (изображения) panelinden
suratlary goýmak. Döredýän prezen-tasiýamyzyň slaýdyna kompýuteriň suratyny goýalyň. Onuň
üçin Вставка menýudan Вставка-Картинка yzygiderligi ýerine ýetirmeli. PowerPoint
programmanyň penjiresiniň sag tarapynda peýda bolan surat toplumyndan kompýuteriň suratyny
iki usulda alyp goýmak bolýar. Gözlemek (Искать ) meýdanynda компьютеры sözi ýazyp
Начатьbuýrugy bermeli ýa-da özümize gerek bolan suraty süýşürme zolagynyň kömegi bilen
saýlamaly Suraty goýmak üçin, kursory suratyň üstüne eltip, syçanyň çep gulagyny basmaly ýa-da
syçanyň çep gulagyny basyp saklap, suraty slaýdyň islendik ýerinde goýmak bolýar. Suratyň
ölçegini (inini, boýuny) markerleriň kömegi bilen islegimize görä üýtgedip bolýar. Markerler surat
syçanjyk bilen tapawutlandyrylan ýagdaýynda peýda bolýar. Syçanjygyň görkezijisi
markeriňüstüne eltilendeüýtgeýär.↕ we ↔ ugurgörkezgiçleriň kömegi bilen suratyň ölçegini
wertikal we gorizontal özgertmek, atanak –bilen onuň ornuny üýtgetmek, –duga görnüşli
ugurgörkezgiç suraty öwürmek üçin ulanylýar. Multimedia elementlerini ulanmak prezentasiýany
has aýdyň we görnükli edýär. Tehniki we programma serişdeleriniň kömegi bilen teksti, grafikany,
sesi, animasiýany we wideony bile ulanmaklygy üpjün edýän kompýuter tehnologiýasyna
multimedia diýilýär.PowerPoint redaktorynda prezentasiýalara ses bermegiň birnäçe usullary
19
bardyr.Öň ýazylan ses parçalary faýldan ýa-da sestoplumyndan goýlup bilner.Eger kompýuter ses
kartasy bilen üpjün edilen bolsa, sazlary disklerden nusgalamak ýa-da mikrofonyň üsti bilen
ýazdyrmak hem bolar.Sesi faýldan alyp goýmak üçin ,Вставка menýudan Вставка-Звук-Звук
из файла...-<audio faýly saýlamaly>-Вставить yzygiderligi ýerine ýetirmeli. Programmanyň saz
toplumyndaky sesleriň birini saýlap almak üçin,Вставка menýudan Вставка-Звук→Звук из
организатора клипов... yzygiderligi ýerine ýetirmeli. Soňra syçanyň kömegi bilen islendik sesi
slaýda geçirip bolar.- nyşanjygyň peýda bolmagy, prezentasiýanyň saz bilen dowam edýandigini
aňladýar. Prezentasiýagörkezilende, sesiň nähili ýagdaýda eşidiljekdigini islegiňe görä sazlap
bolýar.
21-nji soragnama
1. Operasion sistemanyň ýerine ýetirýän işi. Operasion sistemanyň esasy meseleleriniň biri –
informasiýalary saklamagy gurnamakdyr. Operasion sistema dürli görnüşdäki informasiýalary
(tekst, çyzgy, surat, sesler, filmler, programmalar) faýl görnüşinde saklamagy üpjün edýär.
Operasion sistemanyň faýllar bilen işlemäge hyzmat edýän bölegine faýl sistemasy diýilýär.
Faýllaryň esasy häsiýetlerini ýada salalyň. Ähli faýllara ady boýunça ýüzlenýärler. Windowsda
faýlyň ady umumy uzynlygy 255-e çenli bolan belgileriň yzygiderliginden ybarat bolup biler.
Faýlyň adynda “ : ”, “ * ”, “ ? ”, “ > ”, “ < ”, “ / ” belgileri ulanmaly däldir. Faýlyň ady adatça üç
belgiden ybarat giňeltmesi bilen gutarýar.Faýlyň ady bilen onuň giňeltmesiniň arasynda nokat
belgisi goýulýar. Faýlyň giňeltmesi faýlyň görnüşini görkezýär.Meselem, ýerine ýetirilýän faýllar
(programmalar). exe ýa-da com giňeltmä eýedirler. Faýlyň giňeltmesi onuň işläp taýýarlanmagy
üçin haýsy programmanyň ulanylmalydygyny kesgitlemäge operasion sistema kömek berýär. Köp
programmalar faýl ýatda saklananda giňeltmäni faýlyň adynyň yzyna goşup ýazýarlar. Блокнот
redaktorynda döredilen tekst faýllary .txt giňeltmä, Wordda döredilen tekst faýllary bolsa
.docx(.doc) giňeltmä eýedirler. Sifrli fotoapparatlarda grafiki faýllara .jpg, Paint redaktorynda
döredilen faýllara bolsa .bmp giňeltmesi goşulýar. Faýla at saýlananda, onuň niýetlenişini we
mazmunyny şöhlelendirýän at saýlanyp alynmalydyr. Faýllary papkalaryň içinde ýerleşdirýärler.
Papkalar ýörite nyşanjyk bilen belgilenýär. Papkalaryň içinde diňe bir faýllar däl-de, eýsem başga
papkalar, şonuň ýaly-da faýl sistemasynyň beýleki obýektleri ýerleşip bilerler. Meselem,
Компьютер papkasynyň içinde diskler, papkalar, faýllar, ýarlyklar ýerleşendir. Käbir papka
ulanyjy tarapyndan döredilse, Компьютер ýa-da Корзина ýaly papkalar operasion sistema
goýlan mahalynda awtomatiki döredilýärler. Papkada ýerleşdirilen faýllara ýa-da papkalara şol
papkanyň içine goýlan diýilýär. Içine goýlan faýlyň ady\ belgisiniň yzyndan ýazylýar. Faýla
(papka) barýan ýol–diskden gerekli faýla ýa-da papka barýan ýoldaky ähli papkalaryň
yzygiderliginiň ýazgysydyr. Ýol diskiň adyny aňladýan latyn harpyndan we :\belgilerden başlanýar,
onuň yzyndan papkalaryň yzygiderligi ýazylyp, faýlyň ady bilen gutarmalydyr. Meselem, C:\
Документы\ Nutuk.docx. Saýlanan faýl (papka) üçin ýol salgy setirinde görkezilýär.
2.Kompýuter wiruslary. - Has meşhur antiwirus programmalaryny garaşsyz testden geçirmegiñ
netijeleri täjirçilik programma üpjünçilikleriñ arasynda öz borçlaryny has üstünlikli Kasperskiniñ
Antiwirusynyñ ýerine ýetirýändigini görkezdi. Testier üçin 60 000 gowrak dürli zyýan getiriji
programmalary saklaýan wiruslar bazasy peýdalanyldy, Kasperskiniñ antiwirusy howpuñ 97%
zyýansyz edip, örän gowy netijeleri görkezdi. Erkin ýaýradylýan antiwirus programma üpjünçiligiñ
arasynda Avira GmbH nemes kompaniýasynyñ Avira AntiVir atly önümi öñdebaryjy orunlary
eýelemegi başardy, ol beýleki mugt antiwiruslar bilen deñeşdirilende, gowy netijeleri görkezmegi
başardy. Testden geçirmegiñ netijelerini has doly görkezýän grafik getirilýär Hünärmenler
kompýuter wiruslary bilen göreşmegiñ uly tejribesine eýedir, olar programma üpjünçiligiñ aktual
wersiýaläryna we iñ soñky antiwirus bazalaryna hemişe eýe bolup durýar. Kompýuter ussasy
kompýuteriñizi dürli zyýan getiriji programmalaryndan dyndyrmaga, has netijeli antiwirus
programmasyny saýlamaga kömek berer we kompýuteriñiziñ wiruslardan ygtybarly goragyny
üpjün eder.
20
2. Amaly ýumuş: Gönüburçlygyň peremetrini hasaplamagyň programmasyny düzmeli
Uses crt; Var a,b,P:real; begin Read(a,b); P:=2*a+2*b Write(s); end.
22-nji soragnama
1.Prezentasiýada wagty sazlamak. Prezentasiýanyň slaýdlary işlenip taýýar bolandan soň, ony
ilki görmeli, soňra gerek bolsa redaktirlemeli bolýar. Prezentasiýany sazlamak işi PowerPoint
programmasynyň iş penjiresindäki Показ слайдов menýusyndaky Настройка panelindäki
buýruklar bilen ýerine ýetirilýär Slaýdlary görkezmegi sazlamak üçin, Настройкa демонстрации
buýrugy berenimizde çykan Настройка презентации atly penjireden peýdalanýarys Penjiräniň
Показ слайдов böleginde slaýdlary görkezmek usullarynyň biri görünýär. Slaýdlary awtomatiki
usulda, ulanyjynyň ýa-danutukçynyň dolandyrmagynda görkezmek bolar. Penjiräniň Параметры
показа (görkezme parametrleri) böleginde Esc klawişi basylýança, üznüksiz, sözsüz,
animasiýasyz görkezmegiň parametrleri berilýär. Penjiräniň Слайды (slaýdlar) böleginde ähli
slaýdlary görkezmeli bolsa,все ýazgynyň öňünde bellik etmeli, beýleki ýagdaýda slaýdlaryň
başlamagynyň we gutarmagynyň tertip nomeri görkezilmelidir. Penjiräniň Смена
слайдов(slaýdlary çalyşmak) böleginde bir slaýddan beýleki slaýda geçişiniň el bilen (вручную),
wagt boýunça (по времени) ýaly görnüşleri berilýär.Prezentasiýa görkezilende, ses bilen
goldanmaly bolsa, Настройкapanelindäki Записьпоказа слайдов buýrugy berenimizde çykan
penjireden ony sazlamaklygy ýerine ýetirmeli.Slaýdyň görkezilişiniň wagtyny sazlamak
Настройкa времени buýrugy berenimizde ekrana çykan penjireden ýerine ýetirilýär .
Prezentasiýanyň slaýdlaryny görkezmek parametrleri Показ слайдов menýusyndaky Начать
показ слайдов paneliň buýruklary bilen ýerine ýetirilýär. Slaýdlar С начала buýrugy bermekýa-
da F5 klawişi basmak bilen başdan, başlap tutuş prezentasiýany görkezip bolýar.C текущего
слайдаbuýrugy berenimizde ýa-daShift+F5 klawişleri utgaşdyryp basanymyzda, ekranda duran
slaýddan görkezilip başlanýar, Произвольный показ buýrugy berenimizde, slaýdlar erkin
tertipde görkezip başlanýar
2.Programmalaşdyrma diliniň iş penjiresi Programmalaşdyrma diliniň iş penjiresi- Bilşimiz
ýaly, kompýuteriň çäklendirilmedik mümkünçilikleri bardyr. Onda dürli oýunlary oýnap, düzme
ýazyp, ony saz guralyna, surat çekmek üçin alboma öwrüp bolýar we ş.m. Ýöne bularyň ählisi bir
şert ýerine ýetende mümkin, ýagny kompýutere kesgitli buýruklaryň yzygiderligi berlende ýumuş
ýerine ýeter. Anyk meseleleri çözmek üçin ýörite programmalaşdyrma dilinde buýruklaryň
yzygiderligini taýýarlamak işine programmalary düzmek ýa-da programmalaşdyrma diýilýär.
Programma düzmegi öwrenmek bilen, kompýuteri özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik alyp
bolýar. Programmalaşdyrma dili kompýutere düşnükli sözleriň, ýörite belgileriň we buýruklaryň
toplumyndan ybaratdyr. Programmalary düzmäge başlamazdan öň, bu sözleri we olaryň
programma sözlemindäki düzülüşiniň sintaktiki düzgünlerini öwrenmeli. Häzirki wagtda köp sanly
programmalaşdyrmagyň dilleri bardyr. Olar iki topara bölünýär: pes derejeli we ýokary
derejeli diller. Ilkinji kompýuterlerde programmalar maşyn dilinde düzülipdir. Maşyn dili
kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolýar.Kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolan
programmalaşdyrma dillerine pes derejeli diller diýilýär. Pes derejeli dillere maşyn diline
Assembler dilini mysal getirmek bolar. Pascal programmalaşdyrma dilinde programma aşakdaky
görnüşde bolýar:
Program<programmanyň var<berlenleriň beýan Begin Buýruklar bölümi End.
ady>;(uses crt;) edilýän bölümi>;
3.Amaly ýumuş: Informasiýalaryň görnüşlerine mysallar getirmek. Adam informasiýany ýatda
saklap, ýazyp biler, şeýle hem başga bir adama dilden ýa-da ýazuw üsti bilen geçirip biler.
Adamlar biri-biri bilen gepleşýärler, hatlary, ýazgylary, makalalary, kitaplary we ş.m ýazýarlar.
Ýazuw teksti harplardan, sifrlerden, ýaýlardan, nokatlardan, oturlardan we beýleki belgilerden
durýar. Dilden sözleýiş hem belgilerden düzülýär. Ýöne bu belgiler ýazuw belgileri däl-de, ses
belgileridir. Olara fonemalar diýilýär. Fonemalardan sözler, sözlerden bolsa sözlemler emele
21
gelýär. Ýazuw belgileri bilen ses belgileriniň aralygynda göni baglanyşygyk bar. Aslynda ilki
sözleýiş, soň bolsa ýazuw döräpdir. Biziň we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň ulanýan ýazuwy ses
ýazuwy diýlip atlandyrylýar. Ýazuwyň iň gadymy görnüşi ilki durmuş adamlaryndan gelýän
piktografiki ýazuwdyr. Bir piktogramma bir düşünjäni ýa-da tutuş bir habary aňladýan suratdyr.
Piktografiki belgileme şu günlerde hem ýygy-ýygydan ulanylýar. Siziň hemmäňize mälim bolan
ýol belgileri piktogrammalaryň mysalydyr. Ýazuw – informasiýalary saklamagyň we geçirmegiň
ygtybarly usulydyr. Informasiýalaryň belgiler bilen aňladylyşynyň dürli usullaryna mysal getirmek
bolar. Mysal üçin, adamlar eşidişiň doly ýok ýerinde sözleýşi hereketler bilen çalyşýarlar, ýagny,
dirižýoryň sazandalaryň öňündäki hereketi informasiýany sazanda geçirýär ýa-da açyk deňizde
ýüzüş mahalynda, gämiler gabat gelende, diňe deňizde gulluk edýän esgerleriň özüne düşnükli
bolan baýdajykly hereket bilen birlikde aýratyn reňkiň we sesiň utgaşmasyndan ybarat bolan signal
hem ulanylýar. Otlynyň duýduryş signaly, swetaforyň reňkiniň çalyşmagy muňa mysal bolup biler.
Informasiýalaryň beýan edilişiniň ýene-de bir giňden ýaýran görnüşi –grafiki görnüşdir. Suratlar,
shemalar, çyzgylar, kartalar, grafikler, diagrammalar – grafiki görnüşe mysal bolup biler. Algebra,
geometriýa, georgafiýa, taryh we ş.m dersler öwrenilende, şeýle grafiki informasiýalardan
peýdalanylýar. Grafiki informasiýanyň amatly bolmagy onuň mazmunyna düşünmegi
ýeňilleşdirýär. Şeýle hem informasiýalar: sanlar, matematiki, fiziki, himiki formulalar,notalar, ýol
belgileri görnüşinde beýan edilip bilner.Informasiýalaryň beýan edilişiniň bu görnüşine formal
diliň belgileriniň kömegi bilen beýan edilişi diýilýär.
23-nji soragnama
1. Prezentasiýany saklamak we çap etmek. Döredilen prezentasiýany faýl görnüşinde gaty
diskdäki papkalarda, iş stolunda,disketde, ykjam-diskde, fleş diskde ýa-da başga informasiýa
göterijilerde ýatda saklamak bolýar. PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýalary
faýl görnüşünde kompýuteriň ýadynda saklamak işiФайл→Сохранить ýa-da Сохранить как...
buýruklaryň birini ulanyp, iş penjiresindäki−belligi saýlamak ýa-da klawiaturadan Ctrl+S
klawişleri utgaşdyryp basmak arkaly ýerine ýetirilýär. Bu buýruklaryň haýsysy berlse-de, faýla at
goýmagy soraýan penjire açylýar.Prezentasiýany kompýuteriň ýadynda saklamak üçin Имя
файла: ýazgynyň sagyndaky setirde oňa at goýmaly. Soňra at goýlan faýlyň ýerleşdirmeli
papkasyny görkezmeli. Eger penjiräniň sagyndaky papkalardan başga papkalarda faýly
ýerleşdirmeli bolsa, onda çep tarapdaky süýşürme zolagyň sagyndaky belgini basyp, çykan
sanawdan gerekli papkany saýlap bolýar.Faýly kompýuteriň ýadynda saklamak üçin, ýokarky
penjiräniň içinde täze papka hem döretmek bolýar. Onuň üçin penjiräniň boş ýerinde syçanyň sag
gulagyny basyp,kontekst menýudan Создать→Папку→Enter buýruklary saýlap, papka at goýu-
maly. PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýalar dürli formatlarda kompýuteriň
ýadyndawe beýleki gurluşlarda saklap bolar. Тип файла ýazgynyň sagyndaky setiriň gyrasynda
ýerleşen belgini basanyňda çykan formatlardan birini saýlamak arkaly ýerine ýetirip bolar. Micro-
soft PowerPoint 2010 programmasynda döredilen prezentasiýa faýly Microsoft Office PowerPoint
2007 programmasynda açmak bolýar. Emma has öňki Microsoft Office programmalar toplumy
üçin, prezentasiýany ýokarky penjiredäki Презентация PowerPoint 97-2003 formatda
saklamaly. Microsoft Office PowerPoint 2007 we Microsoft PowerPoint 2010 programmalarynda
prezentasiýalar .pptxgiňeltmede, olardan öňdäki Microsoft Office programmalar toplumynda
.pptgiňeltmede ýatda saklanylýar. Eger prezentasiýa Microsoft PowerPoint 2010 programmasynda
taýýarlanylyp, has öňdäki Microsoft Office programmalarynda açylanda, käbir buýruklar kadaly
ýerine ýetmeýär.Prezentasiýalary Файл→Печать buýrugy bermek arkaly çap etmek bolýarÇap
etmek buýrugy berilmezden öň, çap etme penjiresinde printeri we slaýdlary sazlamak mslahat
berilýär
2. Giriş-çykyş gurluşlary: monitor, printer, skaner, web-kamera. Giriş-çykyş gurluşlary:
monitor, printer,skaner, web-kamera Klawiatura – informasiýalary kompýutere girizmeküçin
ulanylýan gurluşdyr. Onuň düzümini, klawişleriň ýerine ýetirýän işlerini, şeýle hem syçan
22
baradaky düşünjeleri giňişleýin öwrenipdik.Monitor – informasiýalary görmek üçin niýetlenen
gurluşdyr. Häzirki döwürde monitorlaryň iki görnüşiulanylýar:• elektron şöhle turbajygy
esasyndaky monitorlar;• tekiz, suwuk kristallaşdyrylan monitorlar.Bulardan ilkinjisi has giňden
ýaýrandyr. Monitoryň möhüm parametri – onuň ekranynyň diagonal ölçegidir.Şu günki günde has
giň ýaýranlary diagonalynyň ölçegi 15-19 dýuým (1dýuým = 2,54 sm) bolan monitorlardyr.
Informasiýalary kagyza çykaryjy gurluş hökmündematrisaly, akymly we lazer printerler
ulanylýar.Matrisaly printeriň işi çap ediji kellejikdäki iňňejikleriňurgulary netijesinde, reňkiň
kagyz ýüzüne geçmegineesaslanandyr. Lazer printerlerinde lazeriň ýagtylyk impulsyny alan reňk
(toner) ýagtylyga duýgur barabanyň üsti arkaly kagyza geçýär. Akymly printerde bolsa reňk
damjajyklary çap ediji kellejikden kagyza pürkülýärler. Soňky döwürlerde eşidiş-görüş
informasiýalaryny girizmegiň skaner, sifrli fotoapparat, web-kamera, mikrofonýaly gurluşlary
giňden ulanylýar. Skaner – şekilleri kompýuteriň ýadyna girizmek üçin niýetlenendir. Web-
kamera bolsa wideo şkilleri kompýuteriň ýadyna girizmäge mümkinçilik berýär, degişli
programmalary bolan halatynda wideoaragatnaşygywe wideogözegçiligi üpjün edýär
3. Amaly ýumuş: Faýly döretmek we saklamak. Мои документы papkanyň içinde Meniň
dostla-rym we Bitaraplyk atly papkalary döretmeli.Проводник faýl guramaçysynyň çep
panelinden Мои документы papkany saýlalyň we syçanyň sag gulagyna basanymyzda çykýan
menýudan Создать →Папкуbuýrugyny ýerine ýetireliň. Teklip edilýänНовая папка adyň
ýerine täze – Meniň dost-larym ady girizeliň. Soňra enter klawişe ýa-da adyň ýazgysynyň
daşynda syçanyň çep gulagyna basýarys. Şunlukda täzepapkanyň döredilendigini göreris.
Şunlukda, adamyň informasion işi esasy informasion prosesleriň üç görnüşi: informasiýalary
saklamak, geçirmek we işläp taýýarlamak işleri bilen baglanyşyklydyr
24-nji soragnama
1. “Tor gurşawy” papkasy-Lokal kompýuter tory bir-birinden onçakly daş bolmadyk aralykda
ýerleşen kompýuterleriň birikdirilmegidir. Lokal toruň kompýuterleri bir edaranyň, kärhananyň,
okuw jaýynyň çäklerinde ýerleşip bilerler. Meselem, bir kompýuter otagynda ýerleşen
kompýuterleri lokal tora birikdirmek maksadalaýykdyr. Umumy elýeterli resurslary (meselem,
umumy papka we printer) habarlaşmakda ulanýan kompýuterleriň toparyna işçi topar diýilýär.
Kompýuteriň torda işlemegi üçin, degişli apparat we programma üpjünçiligi zerurdyr. Lokal toruň
apparat üpjünçiligine kompýu-terleriň tor adapterleri we birikdiriji kabeller girýär. Häzirki zaman
kompýuterlerine tor adapteri talap edilmeýär, çünki ol kompýuteriň düýp platasynda ýerleşdiri-
lendir. Kompýuterler torlara kabeller arkaly birikdirilýär.. Windows opera-sion sistemasy
ýüklenende, kompýuter toruna girmek üçin, ýörite gepleşik penjiresinde ulanyjynyň adyny we
parolyny görkezmek hökmanydyr. Toruň elýeterli resurslaryny görmek Сетъpapkasynyň içinde
amala aşyrylýar
2.Okuw derslerinden temalar boýunça prezentasiýalary döretmek.- Kompýuter prezentasiýa-
larynyň bilimde wajyp orny bardyr. Okuw derslerinden temalar boýunça slaýdlaryň we prezenta-
siýalaryň mysallaryna seredip geçeliň.Meselem: “Türkmenistan Watanym” atly prezentasiýany
döretmeli.PowerPoint prezentasiýa programmany açalyň. Ülňülerden gerek bolan ülňüni Файл-
Создать-Образцы шаблонов-<ülňüni saýlamaly> -Создать buýruklaryň kömegi bilen
saýlalyň.Titul (başky) slaýdy bezäliň. Bu slaýda prezentasiýanyň adyny kartanyň şekilini
ýerleşdireliňА нимация-Добавить анимацию-Другие пути перемещения-Круг yzygi-
derlikde effekt bereliň. Effektleriň parametrlerini sazlamak üçin, Анимация menýudan
Анимация→Область анимации→Параметры эффектов→После предыдущего→1 сек.
(быстро)→ Повторение Okuw dersleri boýunça aşakdaky temalara degişli prezentasiýalar
döredip bolar:
4𝑏
1. 3.Amaly ýumuş: Arifmetiki aňlatmalary ýazmak. 𝑦 = √𝑎𝑏 +
3𝑎
y:=sqrt(a*b)+(4*b)/(3*a)

23
25-nji soragnama
1.Informasiýanyň görnüşleri. Informasiýanyň görnüşleri- Adam informasiýany ýatda saklap,
ýazyp biler, şeýle hem başga bir adama dilden ýa-da ýazuw üsti bilen geçirip biler. Adamlar biri-
biri bilen gepleşýärler, hatlary, ýazgylary, makalalary, kitaplary we ş.m ýazýarlar. Ýazuw teksti
harplardan, sifrlerden, ýaýlardan, nokatlardan, oturlardan we beýleki belgilerden durýar. Dilden
sözleýiş hem belgilerden düzülýär. Ýöne bu belgiler ýazuw belgileri däl-de, ses belgileridir. Olara
fonemalar diýilýär. Fonemalardan sözler, sözlerden bolsa sözlemler emele gelýär. Ýazuw
belgileri bilen ses belgileriniň aralygynda göni baglanyşygyk bar. Aslynda ilki sözleýiş, soň bolsa
ýazuw döräpdir. Biziň we Ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň ulanýan ýazuwy ses ýazuwy diýlip
atlandyrylýar. Ýazuwyň iň gadymy görnüşi ilki durmuş adamlaryndan gelýän piktografiki
ýazuwdyr. Bir piktogramma bir düşünjäni ýa-da tutuş bir habary aňladýan suratdyr. Piktografiki
belgileme şu günlerde hem ýygy-ýygydan ulanylýar. Siziň hemmäňize mälim bolan ýol belgileri
piktogrammalaryň mysalydyr. Ýazuw – informasiýalary saklamagyň we geçirmegiň ygtybarly
usulydyr. Adamzat taryhynda ýazuwyň şu görnüşleri döräpdir: ses, bogunlaýyn, ideografiki we
piktografiki ýazuw. Şunlukda, adam informasiýany dürli dilleriň kömegi bilen beýan edýär.
Informasiýalaryň belgiler bilen aňladylyşynyň dürli usullaryna mysal getirmek bolar. Mysal üçin,
adamlar eşidişiň doly ýok ýerinde sözleýşi hereketler bilen çalyşýarlar, ýagny, dirižýoryň
sazandalaryň öňündäki hereketi informasiýany sazanda geçirýär ýa-da açyk deňizde ýüzüş
mahalynda, gämiler gabat gelende, diňe deňizde gulluk edýän esgerleriň özüne düşnükli bolan
baýdajykly hereket bilen birlikde aýratyn reňkiň we sesiň utgaşmasyndan ybarat bolan signal hem
ulanylýar. Otlynyň duýduryş signaly, swetaforyň reňkiniň çalyşmagy muňa mysal bolup biler.
Informasiýalaryň beýan edilişiniň ýene-de bir giňden ýaýran görnüşi –grafiki görnüşdir. Suratlar,
shemalar, çyzgylar, kartalar, grafikler, diagrammalar – grafiki görnüşe mysal bolup biler.
2.Kompýuter prezentasiýasy barada düşünje. Kompýuter prezentasiýasy barada düşünje-
Interfeýsiň elementleri.Haýsy hem bolsa bir ýaňy döredilen täzeligiň,meselem: awtoulagyň, kita-
byň, kinonyň we ş. m. görkezilmegine prezentasiýa diýilýär. Prezentasiýa latyn sözi bolup, prae-
sentatio− görkeziş, görkezme,mälim etme diýen manyny berýär. Prezentasiýa informasiýany
görkezişusuly hökmünde harytlary ündemekde, ylmda, tehnikada we sportda gazanylan üstünlikleri
wagyz etmekde giňden peýdalanylýar.. Prezentasiýa teksti we multimedia obýektlerini saklaýan
elektron sahypalardan ybaratdyr.Ol animasiýalary sesleri we wideo parçalary özünde saklap biler.
Kompýuter prezentasiýalaryny aýýarlamak üçin, tekst we grafiki redaktorlary peýdalanmak bolýar.
Ýöne prezentasiýalary döretmek we görkezmek üçin, has kuwwatly gurallary bolan prezentasiýa
programmalary: Microsoft PowerPoint we Open Office Impress peýdalanylýar. Slaýd – prezen-
tasiýanyň elektron sahypasydyr. Slaýddüşünjesi prezentasiýanyň her bir sahypasynyaňlatmak üçin
ulanylýar.Slaýdlar awtomatiki berlen wagtaralygynda ýa-da klawiaturadaky klawişi basmak arkaly
(syçanyň çep gulagyny basmak arkaly) çalşyrylyp bilner. Ýönekeý ýagdaýda prezentasiýa bir
slaýdly hem bolup biler. Prezentasiýanyň taýýarlanylan slaýdlaryny kagyza çap edip ýa-da
kompýuterde görkezip bolar.PowerPoint programmasynyň esasy mümkinçilikleri:tekstleri,
suratlary, tablisalary, diagrammalary, audio we wideo parçalary özünde saklaýan prezentasiýanyň
slaýdlaryny döretmek;slaýdlaryň yzygiderlik tertibini bermek, animasiýaeffektlerini
ulanmak;prezentasiýany ýatda saklamak we görkezmek: Пуск-Все программы-Microsoft Offic-
Microsoft PowerPoint2010 buýruklary bermeli ýa-da iş stolundakyýarlykda syçanyň çep
gulagyny iki gezek basmaly
3.Amaly ýumuş: Informasiýany göterijilere mysallar getirmek. Informasiýany uzakmöhletleýin
saklaýan gurluşlar- Ýat – informasiýalary saklamak üçin niýetlenen gurluşdyr. Informasiýalary
saklamak üçin, ýadyň dürli görnüşleri ulanylýar.Operatiw ýat (operatiw ýatda saklaýjy gurluş)
– berlenleri we programmalary olaryň ýerine ýetirilýän wagty ýatda saklamak üçin niýetlenendir.
Prosessoryň we operatiw ýadyň arasynda berlenleri alyş-çalyş etmek işi örän gysga wagt
aralygynda ýerine ýetirilýär..Informasiýany ýatda saklaýjylar: kagyz,disk,usb fleş
24

You might also like