You are on page 1of 6

Salam dostlar adym Durdy.

Eger öýüňizde üçek bar bolsa size gürrüň


berjek hekayamdan soňra ol ýere bolan garaýşyňyz üýtgäp biler.Men
gorky filmlerini gaty gowy görýän.Kiçikäm hem ejem kakam ýatandan
soň olardan gizlinje gorky filmine tomaşa ederdim.Elbetde soňra-da
irdene çenli ýatyp bilmezdim.Has köp gorkýan filmleriň biride ruhly öý
filmleridi.Hatda gatly jaylarda ýaşaýanymyz üçin hem gynanardym.Käşkä
maşgala jayda ýaşasadyk,şonda biziň öýümizde hem gorkunç wakalar
bolup geçerdi,diýip,düşünerdim.Arzuwym ýyllar soňy hasyl boldy we
munuň biderek zatdygyna göz ýetirdim.Şu wagtky ýaşap ýören öýümüze
göçenimize entek 1-2 hepde bolupdy.Indi çyndanam arzuw edişim ýaly
maşgala öýünde ýaşaýadyk.Elbetde ýöne gorkunç zatlar bolar öýdüp
garaşamokdym.Çünki indi ruhly öý hekaýalarynyň ýalandygyny biljek
derejede ulalypdym.Ejem we kakam bir guramanyň gurnan
lotereyasyndan gowy bir syýahat gazandylar.Luks bir gämi bilen 15 gün
ülke-ülke gezjeklerdi.Bu syýahat lotereýaň iň uly sowgadydy.Aslynda
ejem kakam olar ýaly gymmat bir syýahata asla gitmezlerdi.Onda-da
ilkibaşda pikirsiz galdylar.Biletleri iki kişilikdi men olar bilen gitjek
däldim.Ejem we kakamy ynandyrmak üçin indi 17 ýaşadym indiki ýyl
yokary okuw jaýyna başlaýan ogluňyza ynamdar bolmagyňyz gerek.Indi
meniň ulalanymy kabul ediň.Meni makulladylar.Şunlukda durmuşymda
ilkinji gezek köp wagtlap öýde ýeke özüm galypdym.Ýogsa-da öýümiz 3
gat,iň ýokarda 3-nji gat bar ýagny meň otagym.Ýokardaky şu kiçijik
gapyny açaňda üçege girýäňiz.Üçegiň nähili bir ýerdigini öň
bilemokdym.Çünki merdiwany bolmanlygy sebäpli hiç çykyp
bilmedim.Ejem bilen kakamyň giden gününiň agşamydy.Olary ýolagçy
etmek üçin ir bilen turupdym,agşam naharyny iýmän ýatdym.Ýagdaý
şeýle bolany sebäpli ýary gije açlykdan oyandym,turup bir zatlar iýeýin
diýip durkam üçekden sesler gelýänini eşitdim ýöreme sesine
meňzeýärdi. Ýöne entägem ukuda bolanym üçin o diýen
düşünmändim.Sessizje diňledim.Hawa çyndanam biri ýöreýärdi.Yzyndan
bir sürtülme sesi geldi,kimdir biri birzady çekip süýreýärdi.Tisginip
gitdim.Soňrada kiçiräk bir zynjyryň şykyrdamasyna meňzeş sesler
eşidilmäge başlady.Düşegimden zyňylyp ylgap aşaky gata düşdüm.Bu öý
ruhly bolup bilermi?Samsyk bir düşünje bolsada ylgap barýakam
aklymda diňe şol pikir bardy.Aşak düşenimden soňra uludan dem alyp
täzeden diňledim.Bular ýaly aralykdan hiç zat eşidilenokdy.Polisiýa jaň
etsemmikäm diýip düşündüm, yöne bu köne bir öýdi yokarda ulurak bir
syçan ya-da tagtalaryň yognama sesi hem bolup bilerdi.Polisiýalar
gelende hiç zat tapmasalar ejem kakam hem bu wakany
öwrenerse ,,hany ulalalypdyň ýaňy bir ilkinji gün öýde sesler eşidip
polisiýany çagyrypsyň''diýjeklerdi we elbetde maňa bolan ynamlary
köýjekdi.Polisiýany çagyrmakdan bes etdim.Emma gorkýanym üçin
irdene çenli ýatmadym, diňe ýokaryny diňläp oturdym. Bu öýde ýeke
özüm 15 gün nädip geçerkä,tomus dynç alyşynda boş oturmamak üçin
kiçiräk bir marketde ýarym salkyn işleýädim,işim sagat 4-de
gutarýady,öýe gelemde üçege çykyp bir zat bolup bolmandyrmy diýip
seretmäge karar berdim yöne ol ýere nädip çykarkam bizde merdiwan
barmyka, bar eken garažda kiçiräk bir merdiwan tapdym,bahymjak
otagyma getirdim üçege açylýan gapa ýetmegime ýetdi gapyny açdym
we kellämi uzadyp içerik seretdim.Üçegi ilkinji gezek görýärdim
diýmekki ejem bilen kakam hem bu ýere hiç çykmandyr.Hemme ýer ala
tozan bolup durdy sagda çepde bozulmadyk möý kerepleri bardy,düýp
taraplary garaňky bolany üçin görünenokdy.Telefonumuň çyrasyny açyp
ol ýerlere tutdum.Bu ýerde gije bir ynsayň bolanlygyna laýyk hiç bir
yşarat yokdy.Belkide şol wagt o diýen oýanmandym we düýşümdäki
sesleri çyndyr öýtdüm.Üçegi görenimden soňra ahyry injaladym.Indi
alada etmek manysyzdy.Hatda öz-özümi ruhlandyrmak üçin gorky filme
tomaşa etdim.Filmi gutaranymdan soňra-da ukladym, bütin gije hezil
edip ýatdym.Irden oýanamda aklymmda diňe ertirlikde näme iýsemkäm
düşünjesi bardy.Ertirki gün hem şular ýaly aladasyz geçeni üçin üçek
durmuşumdan doly çykypdy.Has dogrusy men şeyle pikir
etdim.Hepdäniň soňlary markede gidemokdym. Irden örän giç oýandym
aşaky gatdaky hajathana giremde çyrasy ýanyp durdy belkide öçürmek
ýadymdan çykandyr diyip durkam ýalpyldap duran bir ýüzük gördüm.Bu
nirden çykdyka.Alyp seretdim.Gaty gymmat zada meňzeýärdi.Bular ýaly
gymmat bir ýüzügiň ejeme degişli bolmagy mümkin däl.Birden ganymyň
doňanyny duýdum.Men adamdyr öýtdüm,yogsa ol gije üçekde bir zenan
my bardy.Men ýatyrkam ýene gelipdir.We hatda bu gezek öýüň içinemi
giripdir,yöne üçege ýekeje giriş meň otagymda meni oýandyrman biriniň
ol ýerden girmegi ýa-da çykmagy mümkin däl.Muňa şol wagt yzygiderli
bir jogap tapyp bilmedim.Diňe samsyklyk diýip bildim.Öýde barybir
ogurlanjak zat ýokdy,onda-da men bahymjak daş-töwerege
seretdim.Hemme zat ýerbe-ýerdi,ya-da ýalňyşýamykam.Ýüzügi ejeme
myhman gelen biri gaçyryp bilermidi.Onda-da bu hajathanany 1
hepdedir ulanýadym bular ýaly ullakan bir ýüzügi hakykatdanam
görerdim.Entäk düşünmändim yöne bu işde bir iş bardy.Bir plan etdim
emma bu meniň ýeke özümiň edip biljek işim däldi.Iň ýakyn dostlarym
bolan Omar bilen Sekime jaň etdim.Örän wajyp bir tema bolanlygyny
aýdyp gije bizde bolamaklaryny haýyş etdim.Dostlarym gelende bolan
wakany gürrüň berdim.Selimleriň bir garyndaşy gyzylçy bolup işleýän
eken.Ýüzügiň suratyny alyp oňa iberdi zenan,,elime alyp bakmagyň
gerek ýöne ýokary derejede bu ýüzük almazdan we seň we jigiň bütin
yokary okuw jaýynyň töleglerini ýapjak derejede gymmatly''
diýipdir.Omar ilki meniň bilen oyun edipdi bu habardan soňra ol hem
geň zatlaryň bolýandygyna ynandy.Gije sagadyň ep-esli gijikmesine
garaşdyk soňrada plany ýerine ýetirmäge başladyk.Meniň kiçijik bir
ştatiwim bar,öňürti telefonymdan ,,YouTube'' programmasyndan göni
ýaýlym açdym,soňra-da telefony ştatiwe ýerleşdirdim.Merdiwana çykyp
gapyny açdym,üstünde telefonym bolan ştatiwi üçekde goýdum,üçekde
çyra ýokdy,ýöne aýnadan syzýan aýyň şöhlesi içerini az-da bolsa
görmegimize ýetjekdi.Indi 2-nji plan-dy.Her mümkinçilige garşy aşaky
gata düşdük.Göni ýaýlymy meniň kompýuterimden yzarlamaga
başladyk.Aradan 1 sagatdan köprak geçdi,gözümiz ekeranda-dy ýöne hiç
zat bolonokdy,ýöne şol bir ýere seredenimiz üçinüçümiziň hem ukymyz
tutdy.Bir çöz tapmalydym.Guty oýnuny oynasak ukudan açylarys diýip
düşündim.Otagyma çykdym edil oyunu aljak bolup durkam üçekden bir
ses geldi demimi tutup diňledim.Ses ilkinji gijedeki ýaly duru däldi onda-
da ol ýerde hökman bir hereketlilik bardy.Oyunu taşlap başagaýlyk bilen
dostlarymyň ýanyna ylgadym.Aşak düşenimde seretdim welin ikisiniňem
gözleri ýumuk göni aýakda ýatypdyrlar ýuwaş boljak bolup oýanyň
üçekde biri bar diýdim.Üçümiz hem birlikde ekerana bakdyk.Gözlerimiz
geň galyjylyk bilen ulaldy üçekde bir gara hereket edýärdi. Gapa ýakyn
däldi gyra golaý bir ýerdedi.Omar:bu meň pikirimçe zenana
meňzänok''diýdi.Yöne üçek gaty garaňky bolany üçin şol wagt ony
saýgarmak mümkin däldi.Indi 3-nji plandy.02 POLISIÝA jaň
etmek.gözlerimizi ekerandan aýyramzokdyk 3 kişi bolanymyz sebäpli
gorkamzokdyk yöne bu adam ýa-da zenan ýaragly bolup
bilermidi.Kellämde howlyny yşarat etdim.Daşarda jaň edeliň
diýdim,şeýlelikde bir zat bolsa bahymjak ylgap gaçyp bilerdik.Ýakynlarda
polisiýa bar eken 02 jaň edenimizden 4-5 minutdan soň iki sany polisiýa
howlyda biziň bilen ekerana bakýady,olar-da indi üçekde biriniň
bardygyna şaýatdy,kömek gerekmi ýa-da gerek däl diýip soraşdylar
polsiýanyň biri kömege garaşyp durkak elimizden sypdyryp bileris
diýdi.El çyralaryny ýakdylar.Dykkatlyja öýe girdiler bütin bolup geçýäni
YouTube göni ýaýlymdan tomaşa etjegimiz üçin gaty begenýärdik.Biz
filmlerdäki ýaly hereket bolar öýtdük emma olar ýaly bolmady.Üçege
çykmak üçin ulanýan merdiwany şol ýerde taşlap gaýtdypdyk.Polisiýalar
şol ýerden çykdy ekeranda ilki el çyrasynyň yşygyny soňra-da polisiýanyň
biriniň kellesini gördük içerisi bütinleý ýagtylandy edil çükde bir adam
hereketsizje durdy.Öňünde bir sumka bardy polisiýa: polisiýa duran
ýeriňde otur başyňy elleriň arasyna al diýip gygyrdy.Adam hiç söz
sözlemän diýleni etdi.Onda üçekdäki adam kimdi we has wajyby ol
ýerde näme işleýärdi.Polisiýadan alan maglumatymyza görä ol adam
şäheriň iň ussat ogrusy eken diňe baýlaryň öýüne girýämiş we diňe
göwher ogurlaýan eken.10 ýyl mundan ozal biziň öýümizde bu ogrynyň
gyz jigisi ýaşaýan eken.Adam gyz jigisine her myhmançylyga gelende
ýanyndaky agaçdan üçege girýän eken.Diwaryň içine gizlin bir ýer
ýasapdyr.Ogurlan göwherlerini bir bölegini şol ýerde
üýşürýämiş.Gelejekde bu işleri taşlamaga karar berende üýşüren
göwherlerini satyp başga bir ýurtda täze bir durmuşa
başlajakmyş.Emma bir gijede ogurluk üçin gelen bir baýyň öýünde
tutulypdyr.Ýyllar boýy türmede eken.Jezasyny geçen hepde
tamamlapdyr.Türmeden çykandan soň ilkinji eden işi hem üýşüren
göwherlerine zyýarat etmek eken.Ýagny biziň öýümiziň üçegi.Adam her
gezekde üçekden az mukdarda göwher alyp soňrada satýan
eken.Hemmesini bir gezekde satsa ogurlanan zat bolanlygy sebäpli
hökman mafiýanyň habary bolar eken.Pikir edişimiz ýaly hajathanada
tapan ýüzügim hem şol adama degişli eken.Şol gije göwherleri almana
gelende meýdan etmek isläpdir adam şäheriň iň ussat ogrysy. Bütin
durmuşy başgalrynyň öýüne girmek bilen geçipdir.Şol rahatlyk bilen
üçekden biziň öýümize giripdir we hajathana gidip meýdan
edipdir.Belkide ýüzügi hem şonda gaçyrypdyr.Ejem bilen kakamyň keýpi
gaçmasyn diýip bütin bolan wakany olar gelenden soň gürrüň
berdim.Elbetde gaty geň galdylar.Asyl ýöne wakany olar ýokka geçirenim
üçin gaty gynandylar we aslada- meni öýde ýeke özümi taşlap
gitmejeklerine ant içdiler.

You might also like