berjek hekayamdan soňra ol ýere bolan garaýşyňyz üýtgäp biler.Men gorky filmlerini gaty gowy görýän.Kiçikäm hem ejem kakam ýatandan soň olardan gizlinje gorky filmine tomaşa ederdim.Elbetde soňra-da irdene çenli ýatyp bilmezdim.Has köp gorkýan filmleriň biride ruhly öý filmleridi.Hatda gatly jaylarda ýaşaýanymyz üçin hem gynanardym.Käşkä maşgala jayda ýaşasadyk,şonda biziň öýümizde hem gorkunç wakalar bolup geçerdi,diýip,düşünerdim.Arzuwym ýyllar soňy hasyl boldy we munuň biderek zatdygyna göz ýetirdim.Şu wagtky ýaşap ýören öýümüze göçenimize entek 1-2 hepde bolupdy.Indi çyndanam arzuw edişim ýaly maşgala öýünde ýaşaýadyk.Elbetde ýöne gorkunç zatlar bolar öýdüp garaşamokdym.Çünki indi ruhly öý hekaýalarynyň ýalandygyny biljek derejede ulalypdym.Ejem we kakam bir guramanyň gurnan lotereyasyndan gowy bir syýahat gazandylar.Luks bir gämi bilen 15 gün ülke-ülke gezjeklerdi.Bu syýahat lotereýaň iň uly sowgadydy.Aslynda ejem kakam olar ýaly gymmat bir syýahata asla gitmezlerdi.Onda-da ilkibaşda pikirsiz galdylar.Biletleri iki kişilikdi men olar bilen gitjek däldim.Ejem we kakamy ynandyrmak üçin indi 17 ýaşadym indiki ýyl yokary okuw jaýyna başlaýan ogluňyza ynamdar bolmagyňyz gerek.Indi meniň ulalanymy kabul ediň.Meni makulladylar.Şunlukda durmuşymda ilkinji gezek köp wagtlap öýde ýeke özüm galypdym.Ýogsa-da öýümiz 3 gat,iň ýokarda 3-nji gat bar ýagny meň otagym.Ýokardaky şu kiçijik gapyny açaňda üçege girýäňiz.Üçegiň nähili bir ýerdigini öň bilemokdym.Çünki merdiwany bolmanlygy sebäpli hiç çykyp bilmedim.Ejem bilen kakamyň giden gününiň agşamydy.Olary ýolagçy etmek üçin ir bilen turupdym,agşam naharyny iýmän ýatdym.Ýagdaý şeýle bolany sebäpli ýary gije açlykdan oyandym,turup bir zatlar iýeýin diýip durkam üçekden sesler gelýänini eşitdim ýöreme sesine meňzeýärdi. Ýöne entägem ukuda bolanym üçin o diýen düşünmändim.Sessizje diňledim.Hawa çyndanam biri ýöreýärdi.Yzyndan bir sürtülme sesi geldi,kimdir biri birzady çekip süýreýärdi.Tisginip gitdim.Soňrada kiçiräk bir zynjyryň şykyrdamasyna meňzeş sesler eşidilmäge başlady.Düşegimden zyňylyp ylgap aşaky gata düşdüm.Bu öý ruhly bolup bilermi?Samsyk bir düşünje bolsada ylgap barýakam aklymda diňe şol pikir bardy.Aşak düşenimden soňra uludan dem alyp täzeden diňledim.Bular ýaly aralykdan hiç zat eşidilenokdy.Polisiýa jaň etsemmikäm diýip düşündüm, yöne bu köne bir öýdi yokarda ulurak bir syçan ya-da tagtalaryň yognama sesi hem bolup bilerdi.Polisiýalar gelende hiç zat tapmasalar ejem kakam hem bu wakany öwrenerse ,,hany ulalalypdyň ýaňy bir ilkinji gün öýde sesler eşidip polisiýany çagyrypsyň''diýjeklerdi we elbetde maňa bolan ynamlary köýjekdi.Polisiýany çagyrmakdan bes etdim.Emma gorkýanym üçin irdene çenli ýatmadym, diňe ýokaryny diňläp oturdym. Bu öýde ýeke özüm 15 gün nädip geçerkä,tomus dynç alyşynda boş oturmamak üçin kiçiräk bir marketde ýarym salkyn işleýädim,işim sagat 4-de gutarýady,öýe gelemde üçege çykyp bir zat bolup bolmandyrmy diýip seretmäge karar berdim yöne ol ýere nädip çykarkam bizde merdiwan barmyka, bar eken garažda kiçiräk bir merdiwan tapdym,bahymjak otagyma getirdim üçege açylýan gapa ýetmegime ýetdi gapyny açdym we kellämi uzadyp içerik seretdim.Üçegi ilkinji gezek görýärdim diýmekki ejem bilen kakam hem bu ýere hiç çykmandyr.Hemme ýer ala tozan bolup durdy sagda çepde bozulmadyk möý kerepleri bardy,düýp taraplary garaňky bolany üçin görünenokdy.Telefonumuň çyrasyny açyp ol ýerlere tutdum.Bu ýerde gije bir ynsayň bolanlygyna laýyk hiç bir yşarat yokdy.Belkide şol wagt o diýen oýanmandym we düýşümdäki sesleri çyndyr öýtdüm.Üçegi görenimden soňra ahyry injaladym.Indi alada etmek manysyzdy.Hatda öz-özümi ruhlandyrmak üçin gorky filme tomaşa etdim.Filmi gutaranymdan soňra-da ukladym, bütin gije hezil edip ýatdym.Irden oýanamda aklymmda diňe ertirlikde näme iýsemkäm düşünjesi bardy.Ertirki gün hem şular ýaly aladasyz geçeni üçin üçek durmuşumdan doly çykypdy.Has dogrusy men şeyle pikir etdim.Hepdäniň soňlary markede gidemokdym. Irden örän giç oýandym aşaky gatdaky hajathana giremde çyrasy ýanyp durdy belkide öçürmek ýadymdan çykandyr diyip durkam ýalpyldap duran bir ýüzük gördüm.Bu nirden çykdyka.Alyp seretdim.Gaty gymmat zada meňzeýärdi.Bular ýaly gymmat bir ýüzügiň ejeme degişli bolmagy mümkin däl.Birden ganymyň doňanyny duýdum.Men adamdyr öýtdüm,yogsa ol gije üçekde bir zenan my bardy.Men ýatyrkam ýene gelipdir.We hatda bu gezek öýüň içinemi giripdir,yöne üçege ýekeje giriş meň otagymda meni oýandyrman biriniň ol ýerden girmegi ýa-da çykmagy mümkin däl.Muňa şol wagt yzygiderli bir jogap tapyp bilmedim.Diňe samsyklyk diýip bildim.Öýde barybir ogurlanjak zat ýokdy,onda-da men bahymjak daş-töwerege seretdim.Hemme zat ýerbe-ýerdi,ya-da ýalňyşýamykam.Ýüzügi ejeme myhman gelen biri gaçyryp bilermidi.Onda-da bu hajathanany 1 hepdedir ulanýadym bular ýaly ullakan bir ýüzügi hakykatdanam görerdim.Entäk düşünmändim yöne bu işde bir iş bardy.Bir plan etdim emma bu meniň ýeke özümiň edip biljek işim däldi.Iň ýakyn dostlarym bolan Omar bilen Sekime jaň etdim.Örän wajyp bir tema bolanlygyny aýdyp gije bizde bolamaklaryny haýyş etdim.Dostlarym gelende bolan wakany gürrüň berdim.Selimleriň bir garyndaşy gyzylçy bolup işleýän eken.Ýüzügiň suratyny alyp oňa iberdi zenan,,elime alyp bakmagyň gerek ýöne ýokary derejede bu ýüzük almazdan we seň we jigiň bütin yokary okuw jaýynyň töleglerini ýapjak derejede gymmatly'' diýipdir.Omar ilki meniň bilen oyun edipdi bu habardan soňra ol hem geň zatlaryň bolýandygyna ynandy.Gije sagadyň ep-esli gijikmesine garaşdyk soňrada plany ýerine ýetirmäge başladyk.Meniň kiçijik bir ştatiwim bar,öňürti telefonymdan ,,YouTube'' programmasyndan göni ýaýlym açdym,soňra-da telefony ştatiwe ýerleşdirdim.Merdiwana çykyp gapyny açdym,üstünde telefonym bolan ştatiwi üçekde goýdum,üçekde çyra ýokdy,ýöne aýnadan syzýan aýyň şöhlesi içerini az-da bolsa görmegimize ýetjekdi.Indi 2-nji plan-dy.Her mümkinçilige garşy aşaky gata düşdük.Göni ýaýlymy meniň kompýuterimden yzarlamaga başladyk.Aradan 1 sagatdan köprak geçdi,gözümiz ekeranda-dy ýöne hiç zat bolonokdy,ýöne şol bir ýere seredenimiz üçinüçümiziň hem ukymyz tutdy.Bir çöz tapmalydym.Guty oýnuny oynasak ukudan açylarys diýip düşündim.Otagyma çykdym edil oyunu aljak bolup durkam üçekden bir ses geldi demimi tutup diňledim.Ses ilkinji gijedeki ýaly duru däldi onda- da ol ýerde hökman bir hereketlilik bardy.Oyunu taşlap başagaýlyk bilen dostlarymyň ýanyna ylgadym.Aşak düşenimde seretdim welin ikisiniňem gözleri ýumuk göni aýakda ýatypdyrlar ýuwaş boljak bolup oýanyň üçekde biri bar diýdim.Üçümiz hem birlikde ekerana bakdyk.Gözlerimiz geň galyjylyk bilen ulaldy üçekde bir gara hereket edýärdi. Gapa ýakyn däldi gyra golaý bir ýerdedi.Omar:bu meň pikirimçe zenana meňzänok''diýdi.Yöne üçek gaty garaňky bolany üçin şol wagt ony saýgarmak mümkin däldi.Indi 3-nji plandy.02 POLISIÝA jaň etmek.gözlerimizi ekerandan aýyramzokdyk 3 kişi bolanymyz sebäpli gorkamzokdyk yöne bu adam ýa-da zenan ýaragly bolup bilermidi.Kellämde howlyny yşarat etdim.Daşarda jaň edeliň diýdim,şeýlelikde bir zat bolsa bahymjak ylgap gaçyp bilerdik.Ýakynlarda polisiýa bar eken 02 jaň edenimizden 4-5 minutdan soň iki sany polisiýa howlyda biziň bilen ekerana bakýady,olar-da indi üçekde biriniň bardygyna şaýatdy,kömek gerekmi ýa-da gerek däl diýip soraşdylar polsiýanyň biri kömege garaşyp durkak elimizden sypdyryp bileris diýdi.El çyralaryny ýakdylar.Dykkatlyja öýe girdiler bütin bolup geçýäni YouTube göni ýaýlymdan tomaşa etjegimiz üçin gaty begenýärdik.Biz filmlerdäki ýaly hereket bolar öýtdük emma olar ýaly bolmady.Üçege çykmak üçin ulanýan merdiwany şol ýerde taşlap gaýtdypdyk.Polisiýalar şol ýerden çykdy ekeranda ilki el çyrasynyň yşygyny soňra-da polisiýanyň biriniň kellesini gördük içerisi bütinleý ýagtylandy edil çükde bir adam hereketsizje durdy.Öňünde bir sumka bardy polisiýa: polisiýa duran ýeriňde otur başyňy elleriň arasyna al diýip gygyrdy.Adam hiç söz sözlemän diýleni etdi.Onda üçekdäki adam kimdi we has wajyby ol ýerde näme işleýärdi.Polisiýadan alan maglumatymyza görä ol adam şäheriň iň ussat ogrusy eken diňe baýlaryň öýüne girýämiş we diňe göwher ogurlaýan eken.10 ýyl mundan ozal biziň öýümizde bu ogrynyň gyz jigisi ýaşaýan eken.Adam gyz jigisine her myhmançylyga gelende ýanyndaky agaçdan üçege girýän eken.Diwaryň içine gizlin bir ýer ýasapdyr.Ogurlan göwherlerini bir bölegini şol ýerde üýşürýämiş.Gelejekde bu işleri taşlamaga karar berende üýşüren göwherlerini satyp başga bir ýurtda täze bir durmuşa başlajakmyş.Emma bir gijede ogurluk üçin gelen bir baýyň öýünde tutulypdyr.Ýyllar boýy türmede eken.Jezasyny geçen hepde tamamlapdyr.Türmeden çykandan soň ilkinji eden işi hem üýşüren göwherlerine zyýarat etmek eken.Ýagny biziň öýümiziň üçegi.Adam her gezekde üçekden az mukdarda göwher alyp soňrada satýan eken.Hemmesini bir gezekde satsa ogurlanan zat bolanlygy sebäpli hökman mafiýanyň habary bolar eken.Pikir edişimiz ýaly hajathanada tapan ýüzügim hem şol adama degişli eken.Şol gije göwherleri almana gelende meýdan etmek isläpdir adam şäheriň iň ussat ogrysy. Bütin durmuşy başgalrynyň öýüne girmek bilen geçipdir.Şol rahatlyk bilen üçekden biziň öýümize giripdir we hajathana gidip meýdan edipdir.Belkide ýüzügi hem şonda gaçyrypdyr.Ejem bilen kakamyň keýpi gaçmasyn diýip bütin bolan wakany olar gelenden soň gürrüň berdim.Elbetde gaty geň galdylar.Asyl ýöne wakany olar ýokka geçirenim üçin gaty gynandylar we aslada- meni öýde ýeke özümi taşlap gitmejeklerine ant içdiler.