You are on page 1of 54

GOWY KITAP!

DOGRY PELSEPE WE
GOWY MASLAHAT!
Baý bolmagy her kim başarar.
Durnukly girdejä tarap 12 ädim

Nämeden başlamaly?
Öz ykbalyňy özüň dolandyr, ýogsa ony başga biri dolandyrar.

Noel Tiçi

lki bilen, puluň az mukdaryny dolandyrmagy, ýagny gazanmagy we ulanmagy öwreniň.


Öwrenmeseňiz, köp puly dolandyrmak barada gürrüň edesi iş hem ýok. Statistiki maglumatlar
boýunça ýüz adamdan on altysy baýaýar. Ýöne olaryň hem diňe biri baýlygyny ömrüniň ahyryna
çenli saklamagy başarýar. Görşümiz ýaly, puly gazanmak puly ýitirmän saklamakdan has ýeňil
eken.

Esasy kadany ýadyňyzda saklaň: elmydama öz mümkinçiligiňizi puldan ýokarda tutuň,


şonda puluň özi siziň ýanyňyza geler we size hyzmat eder. Eger de mümkinçilikleriňizi puldan
pes tutsaňyz, onda siziň näme iýmeli digiňizi, nähili geýinmelidigiňizi, dynç almaga nirä
gitmelidigiňizi, toý-baýramda ýakynyňyza näme sowgat bermelidigiňizi pul kesgitlär. Eger-de
mümkinçilikleriňizi puldan ýokary tutsaňyz, onda bularyň baryny özüňiz kesgitlärsiňiz. Bu
düzgüni örän berk ýatda saklamaly.

Siz işiňizi gowy görýäňizmi? Eger de gowy görýän bolsaňyz, gowy zat. Ýöne üstünlik ga
zanmak üçin, diňe işiňi gowy göreniň ýeterlik däl. Munuň üçin ugruna bolmadyk ýagdaýyn da,
edeniň tersine bolanda emele gelýän gynanç, gaýgy hasrat ýaly duýgulara ýugrulan hyjuw gerek.
Hyjuw — arzuwyňa ymtylmak, diňe şoňa işlemek. Şeýle adamlar bar, olar di ňe zerur bolanlygy
üçin işleýärler. Wagtynda gelýärler, wagtynda gidýärler, iş borçlaryny gowy ýerine ýetirýärler,
emma ony söýüp hem barmaýarlar. Olar üçin iş gidip dursa bolýar.

Bular ýaly adamlar hiç zadyň arzuwyny etme ýärler. Netijede, alan galalary hem bolmaýar.

Kynçylyklara, böwetlere garamazdan, ilki başda öňlerinde goýan arzuwlaryny ýadyndan


çykarmaýan adamlar arzuwlaryna, mak satlaryna ýetip bilýärler.

Siziň maddy üpjünçiligiňize hiç kim — ýurt hem, kanun hem jogap bermeýär. Özü ňizden
başga hiç kim jogap berip hem bilmez. Adam beýnisi ýaly kämil zat ýok, diňe onuň
mümkinçiliklerini ulanmagy öwrenmeli. Garyndaşlarymyzyň, dostlarymyzyň, tanyşlarymyzyň
köpüsi köne pikirlere taglym edýär ler. Olar umuman alanyňda: «Pulum bolsa men hökman bir
işiň başyna barardym, ýö ne arman pulum ýokda...». Hakykatda beýle däl, baýasyň gelse,
arzuwyňy amala aşyrmak üçin hereket etmeli, täze täze ylymlaryň, bi limleriň eýesi bolmaly.
Özüňize sorag beriň: «Adamlar ilki baý bolup, soň akylly bolýarlar my ýa-da ilki bilim alyp, soň
baýaýarlarmy?».

Ilki bilim alýarlar, diňe şondan soň baýaýarlar. Ynha, hut şonuň üçin hem baýan we
üstünlige eýe bolan adamlaryň biziň bilen paýlaşan bilimlerini alyň, olardan köp zady öwreniň.
Şonuň bilen birlikde, arzuwyňyza, işiňize bolan hyjuwy hökman kämilleşdiriň. Eger de
baýasyňyz gelse, hiç haçan «Iş ýöräp dursa bolýar» diýen pikire gulluk etmäň. Netijeliligiň aşygy
boluň.

1
«Çözgüdi beýan etmek» nesihatly hekaýat

Aýazly günleriň birinde doňan kölde iki sany çaga aýaklary konkili typyp oýnap ýören
ekenler. Birdenkä buz döwülýär-de, oglanjyklaryň biri buzuň ýüzünde emele gelen oýuga
ýykylýar — ol şol wagtyň özünde buz astyna çekilýär. Beýleki oglanjyk özüni ýitirmeýär, eline
daş alýar-da, bar güýji bilen buzy urup başlaýar, ony döwüm-döwüm edýär we şeýdip dostuny
çykarýar.

Haçan-da, halas edijiler gelip, bolan wakany görenlerinde, olar:

— Sen muny nähili etdiň? Bu ýeriniň buzy gaty galyň, ony buja gaz daş we seniň kindiwan
eliň bilen döwmek mümkin däl ahbetin diýýärler.

Şol wagt olaryň ýanyna bir goja gelýär we ýylgyrýar-da:

— Muny oglanjygyň nähili edenini men bilýärin diýýär.

— Nähili? diýip, olar gojadan soraýarlar.

— Şol pursat muny etmegiň mümkin däldigini aýdaýjak adam onuň ýanynda ýok eken.

Eýnşteýniň aýdan bir sözi bar: Eger-de haýsyda bolsa bir zady göz öňüne getirip bilýän
bolsaň, onda ony ýerine ýetirip hem bilersiň.

Ukyp-başarnyklaryňy häzirlemek
Başarnyklarynyň bardygyny adam diňe olary ulanmaly bolanda bilip galýar.

Seneka

Bir baý adamyň örän owadan gyzy bar eken. Baý ony durmuşa çykarmakçy bolupdyr, ýöne
ikirjiňlenipdir. Sözaýdyjy ýigitler onuň gyzyny söýýärlermi ýa-da puly üçin gelýärlermi,
bilmeýän eken. Şonuň üçin olary barlap görmegi ýüregine düwýär. Ol adamlary ýygnaýarda:
«Kimde kim şu howzy ýüzüp geçmegi başarsa, keýpi kellesinde, ýa ýerlerimiň üçden birine, ýa
baýlygymyň üçden birine, ýa-da gyzyma eýe bolar. Ýöne bilip goýuň, howuzda aç krokodiller
ýüzüp ýörendir» diýýär.

Ol sözüni tamamlamaga ýetişmänkä, ýigitleriň biri özüni howza urýar. Baý geň galýar —
muny etmek üçin nähili mertlik, erjellik, gaýduwsyzlyk gerek ahbetin! Krokodiller ýigidiň
yzyndan okdurylýarlar, yzyndan ýetjek bolýarlar, ýöne ýigit olardan çalt ýüzýän eken we
sagaman kenara çykmagy başarýar. Haýranlar galan baý ýigitden: «Ýerimiň üçden birini
bereýinmi?» diýip soranda, oglan: «Ýok!» diýip jogap berýär. Onda baý: «Baýlygymyň üçden
birini alasyň gelýärmi?» diýip soraýar. Ýene-de ýaňky jogaby eşidýär. Baý ynjalýar, sebäbi indi
ýeke-täk dogry, ýagny oňyn jogap aljagyna ynanýar: «Onda saňa meniň gyzym gerekdä,
şeýlemi?» diýýär. Ýöne ýigit ýenede: «Ýok» diýýär. Geň galan baý: «Onda saňa näme gerek?»
diýende ýigit: «Meni howza iten deýýusy göresim gelýär» diýip jogap beripdir.

2
Ýokarda aýdylanlar — gujur we akyl ýetiriş mümkinçiliklerini hemmeleriň bolmasa-da,
köpleriň dogry kesgitläp bilmeýändiginiň mysaly. Bu mümkinçilikler ekstremal, ýagny adatdan
daşary ýagdaýda ýüze çykýar. Ýaňky ýigidiň öz erkine hiç wagt şol ýowuz howza girmäge milt
edip bilmejegi köre hasa.

Bilip goýuň, gowy halypa öz erkiňize hiç wagt etmejek, ýöne başarnygyňyzy ýüze çykaryp
biljek işi mejbury etmegiňizi gazanyp bilýändir. Ýaramaz halypa: «Bolýar. Muny sen ertir edip
bilersiň» diýer. Ýöne bu size bolan sylag ýa-da hormat bolmazda, haýpygelijilik bolar. Muny
elmydama ýatda saklamaly.

Baý adamlaryň eýerýän esasy kadalary

Indi «krokodilli howzy» sözüň göçme manysynda göz öňüne getiriň. Bu ýerde «howuz»
maliýe ulgamy, pul älemi bolup biler. Şunda sizi diňe puly dolandyryşyňyz halas edip biler.
Munuň üçin pul dolanyşygynyň esas laryny, maliýe ulgamynda hereket edýän kanunlary bilmek
hökman dyr. Hut şu bilimleri men siziň aňyňyza guýmakçy bolýaryn.

Ilki bilen, baý adamlaryň eýerýän esasy kadalaryny ýatda saklaň:

* Maksat — bu ownuk taglymatlaryň ýa-da sähelçe goruň eýesi bol mak däl, maksat sizi
hereket etmäge iterýän, kalbyňyzy hyjuwdan doldurýan zat.

* Pul hem özüni edil adam ýaly alyp barýar we ähli zada adam ýaly garaýar. Oňa gowy
garaň, ony özüňizden ürküzmäň. Şonda onuň hut özi siziň huzuryňyza geler we siz bilen galar.

* Geljegini meýilleşdirmeýän adam, ony beýlekileriň meýilleşdir jekdigini boýun


almalydyr.

3
* Nämämiz bar bolsa — ählisi ed ýän işlerimiziň netijesi.

Şu kadalary ýatda saklaň. Jaý, awtoulag — bular maksat däl.

«Içi krokodilli howzy» ýadyňyza salyň: puluňyz az bolsun, köp bol sun, tapawudy ýok,
ony dolandyr magy hökman öwrenmeli. Siz ruhy taýdan baý bolsaňyz da, dindar bol saňyz da,
pul barada pikir etmeli bolýarsyňyz. Pul — durmuşyň özeni däl, ýöne haçan-da, pul kemlik
etse, ol durmuşyň iň gerekli zadyna öwrülýär. Egerde siz arzuw edýän durmuşyňyzy özüňize
mynasyp görýän bolsaňyz, onda puly dolandyrmagy öwrenmelisiňiz. Sebäbi pul siziň şol
wagtky duran derejäňizi kesgitleýär.

Ikinji kada ünsüňizi beriň. Şonda bir günde ömrüňiziň öten ýyllarynda gazanan puluňyzyň
jeminden hem köp pul gazanyp biljekdigiňiz barada pikir ediň. Bu sport ýaryşyna meň zeýär.
Sähel wagta çekýän ýaryşda ýeňiji bolmak üçin, türgen ençe ýyl türgenleşýär. Tomaşaçylaryň
göwnü ne türgeniň gazanan ýeňşi birnäçe minutyň dowamynda amala aşyry lan ýaly bolsada,
beýle däl. Ýeňiş — bu uzak wagtyň dowamynda çekil ýän gündelik agyr zähmetiň netijesi. Şonuň
üçin ýadyňyzda saklaň: wagt geler, siziň maksadyňyz, arzuwyňyz, umydyňyz sizi diňe bir ugra
— baý lygyň we üstünligiň ugruna tarap hereket etmäge mejbur eder. Ýöne siz muny tüýs
ýürekden isleýän ha latyňyzda amal edip bilersiňiz. Şonda öň arzuwynda bolan mümkinçilikle
riňiz peýda bolar. Siz olary durmuşa geçirmäge çalşyň.

Şähdaçyklyk—bu diňe bir sagdynlygyň alamaty däl-de, eýsem, kesellerden goraýan iň degerli
serişde.

Semýuel Smaýls

Şu kitaby okaýan wagtyňyz beýniňizden ýaramaz pikirleri aýryň, ýylgyryň, okaýan


zatlaryňyzy oňyn kabul etmäge özüňizi höweslendi riň. Haçan da, adamyň keýpi kök bolanda,
maglumaty çalt kabul edýär hem de gowy özleşdirýär.

Ene-ata bolan buýsanç duýgusy barada nesihat beriji hekaýat.

Körpeje gyz ejesiniň ýanyna ylgap gelýär de:

— Eje, sen ulalaňda kim boljak? diýip soraýar.

Ejesi säginmän:

— Uly aýal boljak diýip jogap berýär.

Gyzy:

— Eje jan, näme üçin aldaýaň, sen eýýäm uly aýal, ahbetin diýip, garşy çykýar.

— Aýdaýsana, sen has uly bolaňda kim boljak?

— Mugallym diýip, ejesi jogap berýär. Gyzy geň galyp:

— Sen mugallym ahyryn diýip, ýene de soragyny gaýtalaýar:

— Eje, sen mundan hem has uly bolaňda kim boljak?

Şonda ejesi gyzy üçin eýýäm eje-de, mugallym hem bolandygyny, ýöne gyzyna bularyň
barynyň ýeterlik däldigine düşünýär. Ol şonda bu durmuşda uly üstünlikleriň eýesi bolup
biljekdigi barada pikir edýär. Bu islegi ol gyzynyň gözünde okaýar.

Çagalaryň ählisi ene-atalaryny baş orunda görmegi isleýärler. Olar durmuşda biziň iň
ýokarky sepgitlere ýetip biljegimizi, arzuwlarymyzy amala aşyryp biljegimizi duýdurýarlar.
4
Çagalaryň ene atalaryna guwanç duýgusy bilen seretmek isleýändiklerini hiç haçan ýadyňyzdan
çykarmaň!

Iň esasy iki sapak

Şägirtler ýalňyşyny görkezýäniň ýanyna däl-de, ýol görkezýäniň ýanyna ýetmäge has höwesli
ymtylýarlar.

Kwintillian

Üstümlik gazanmak isleýän islendik adam üçin, iki sany iň wajyp sapak:

1. Üstünligiň bar ýerinde, halypa-da hökman bolaýmaly. Näçe bilimli we akylly


bolsaňyzda, halypa bolmasa bolmaz. Halypa arzuwyňa barýan ýoluňy kemelder, säwliklerden
daşda durmaga kömek eder.

2. Egerde üstünlige tiz ýetesiňiz gelse, onda gazanjyňyzda we işiňizde barmak isleýän
ýeriňizde eýýäm ornaşan adamlary synlaň.

Eger-de synçy bolsaňyz, onda kän wagt geçmänkä, özüňize şägirt hökmünde laýyk adamy
saýlamak üçin adamlaryň belli bir toparyny kesgitläň. Meni durmuşymy üýt getmäge, Bodi Şifer
bilen duşuşyk mejbur etdi. Biz az salym gürleşdik, soň ol: «Men häliden bäri pikir etdim durdum,
siz näme üçin şu wagta çenli baý däl?» diýip sorady. Ol baý bolasyň gelýärmi diýip soramady,
ýa-da nädip baý bolmalydygyny meniň bil ýänimi ýa-da bilmeýänimi soramady. Ol näme üçin
häzire çenli sen, ýagny men baý däl diýip sorady. Şeýle de maňa bermekçi bolýan soraglaryny,
oňa bir döwür halypa synyň berendigini belledi.

Ynha, 5 sany esasy soraglar:

1. Eger-de işden çykmaly bolsaňyz (ýa-da gazanjyňyzy ýitirseňiz), aýryp goýan ätiýaçlyk
goruňyza näçe wagt ýaşap bilersiňiz.

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Hasaplamalara başlanyňyzda ähli çykdajylary hasaba alyň: egin-eşige, kommunal


hyzmatlara, eýläk-beýläk gitmeli bolanda çykdajylar we beýlekiler. Siziň häzirki berjek
jogabyňyz bu siziň şu günki güne çenli ýaşan durmuşyňyzyň netijesi bolar. Egerde netije sizi
kanagatlandyrmasa, onda käriňize we girdejiňize garaýşyňyzy üýtgetseňiz gowy bolar.

Ýeri gelende aýtsak, bu soraga adamlaryň köpüsiniň jogaby oňyn däl, şonuň üçin ençeme
ýyl işlänlerinden soň, köp adam garranlarynda hiç zatsyz galýarlar.

Men, ep esli ýaşdan soň şägirtlerim agtyklaryna kömek etsinler, özleri üçin ýaşasynlar
diýen maksada uýup işleýärin, sapak berýärin. Meniň halypam şeýle diýdi: «Men iň aşaky
basgançakdan başla dym we iň ýokarky derejä baryp ýetdim. Seniň noldan başlanyňy men
islemeýärin. Meniň bilimimi, meniň tejribämi al we olary öz bähbidiňe ulan. Has ýokarky
basgançakdan başla, meniň baryp ýeten derejämde durma, ondan hem ýokary git. Durmuş
elmydama mazmuna baý we gyzykly bolmalydyr».

5
2. Puly ýeterlik ýygnap bilýäňizmi? Pikir ediň, siz has köp gor ýygnap bilersiňizmi?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Eger-de ýygnaýan ätiýaçlyk goruňyz geljegiňizi üpjün edip biler öýdýän bolsaňyz, onda
makullaýjy jogap beriň. Eger de ätiýaçlyk goruňyzy ýeterlik däl hasaplaýan bolsaňyz, onda
«ýok» diýip jogap beriň.

Islendik jogaby berseňiz hem siz gazanjyňyz barada pikir etmeli bolarsyňyz.

3. Sizde gazanç meýilnamasy barmy?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Köpler üstünligiň sütüni — amatly ga zanç meýilnamasy diýip hasap edýärler. Mende-de
gazanç meýilnamasy bardy, ýöne bu meýilnama puly gazanmak däl-de, ony sowmak
meýilnamasydy. Şol wagt pulum ýok hem bolsa, men eýýämden nämeleri satyn almalydygyny
meýilleşdirdim. Meýilnamam, takmynan, şeýleräk boldy.

6
Möhleti. Näme satyn almaly we nämä sowmaly?

• Bir hepdeden — täze gyş eşik.


• Bir aýdan — täze kir ýuwýan maşyn.
• Üç aýdan — täze ýumşak mebel we täze gap-gaçlar.
• Bäş aýdan — okuw tölegi.
• Ýedi aýdan — durmuş tehnikalary.
• Bir ýyldan — öý abatlaýyş işleri.
• Iki ýyldan — awtoulag.
• Üç ýyldan — durmuş gurup, toý etmek.

Öýümde täze kir ýuwýan maşyn, gyş eşik, lýustra, elektrik gazy ýok hem bolsa, özümde
bar hasap edýärdim. Pul bolsa düýbünden ýokdy, ýöne men ony nirä sowmalydygyny eýýäm
bilýärdim.

Mende örän ajaýyp gazanç meýilnamasy bar diýip hasap edýärdim. Adamlaryň köpüsinde
hem şoňa meňzeş girdeji meýilnamalary bar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, olar geçen aý gowy
gazandyk welin, munça puly nirä sowdukkak diýip pikirlenýärler. Aslynda, bu pul sowmak
meýilnamasy. Size bolsa başga meýilnama — puluň üstüne pul goşmak, girdejini artdyrmak,
serişdäni tygşytlamak meýilnamasy gerek.

Siz bäş-üç ýyl akyl-düşünjäňize gulluk edip, puluňyzy dolandyrmaly we çykdajylaryňyzy


çäklendirmeli. Diňe şondan soň, özüňiz üçin ýaşap başlamaly. Şefer maňa: «Sen bäş-ýedi ýyldan,
aňry gitse, on ýyldan maliýe taýdan erkinlige çykyp bilersiň» diýdi.

Men onuň aýdanlaryny üç ýylyň dowamynda gazandym. Sebäbi çakymdan iki esse artyk
iş etdim. Elmydama Isa pygamberiň aýdan sözlerini ýadymda sakladym: «Gahar-gazaba
garşylyk görkezme. Senden bir zat soraýandan ýüzüňi öwürme».

Eger-de ýakyn adamlaryňyzy diňe sizi gowy görýändikleri üçin söýýän bolsaňyz, size uly
baha berip bolmaz. Duşmanyňa-da hormat goýmagy öwrenmek gerek.

Eger-de adamlara size hormat goýýandyklary üçin, hormat goýýan bolsaňyz, onda size uly
baýrak berip bolmaz. Sizi kemsidýänlere hem hormat goýmagy öwreniň!

Eger-de siz gaýtarylar diýen tamakinçilik bilen ýagşylyk edýän bolsaňyz, onda
ýalňyşýarsyňyz. Tersine, mätäç hem-de ýagşylygyňyza jogap gaýtaryp bilmejek adamlara kömek
ediň!

Men hem edil şeýle etdim. Eger-de bir ýumuş buýursalar artykmajy bilen ýerine
ýetirýärdim. Mugallymyň ýanyna maslahata bir gezek gitmeli bolsa, iki gezek gidýärdim. Ine,
şular meniň maksadyma üç ýylda ýetmegime ýardam berdi. Şu taglymaty özüňize ýörelge ediniň
— öňüňizde goýan maksadyňyza özüňiziň mynasypdygyňyzy biliň! Sebäbi daş-
töweregiňizdäkiler sizi özüňizi göz öňüne getirişiňiz ýaly kabul eder.

1. Siz goýan puluňyzy dolandyryp, ondan geljek peýdanyň hasabyna ýaşamaly


döwrüňizi anyk göz öňüne getirip bilersiňizmi?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

7
Aýdylýan döwür, puluň siziň üçin işlemeli, girdejiniň çykdajydan ýokary bolmaly, maýa
goýum üçin artykmaç goruň bar bolmaly döwrüdir. Jogabyňyz barada pikir ediň, özüňiz üçin
amatly wariantlary göz öňüne getiriň. Hyýaly fantaziýaňyzy işlediň.

2. Siz puluň özüňize mynasyp möçberini gazanyp bilýärsiňizmi?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Biri hawa diýip jogap berer, beýleki biri has köp pula mynasyp diýer. Ýöne esasy aýtjak
bolýan zadym — häzirki berlen sorag siziň iç ki durkuňyzy düýbünden üýtgedýär. Egerde
dogrudan hem nämedir bir iş etmek isleýän bolsaňyz, siz muňa ýetjekdigiňize, durmuşy ňyzyň
köp tarapyny gowulyga üýtgedip bil jekdigiňize umyt döreýär. Eger de siz köp pul gazanyp
bilerin öýdýän bolsaňyz, gidiň de köp gazanyň. Esasy zat: siz muňa ukyplymy, maksadyňyza
ýetmäge mümkinçiligiňiz barmy, siz arzuw edýän ýaşaýyş obrazyňyza mynasyp adammy diňe
özüňiz çözmeli.

Bular, häzirki ýagdaýyňyza düşünmäge, ge çen döwrüňiz barada oýlanmaga, şu günki


günüňize başga göz bilen seretmäge we dü şünmäge, geljek üçin baş maksatlaryňyzy kes
gitlemäge kömek edip biljek bäş sany soraglar. Muny etmek size ýeňil bolar ýaly, goşmaça
soraglara jogap bermäge synanşyň.

3. Siziň pikiriňizçe, eger-de köp gazanýan bolsaňyz, durmuş derejäňiz ýokary bolup
bilermi?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

4. Siziň pikiriňizçe, eger-de güýjüňiziň baryndan işlän ýagdaýyňyzda, durmuşyňyzda


nämeler üýtgäp biler? Durmuş derejäňiz häzirkisinden ýokary bolarmy?

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Bu soraglara berjek jogaplaryňyz dogrusynda pikir etmeli we kyn karara gelmeli


bolarsyňyz.

Siz, dogrusy, durmuşyňyzyň ýeňil bolmagyny isleýärsiňiz, şeýlemi? Ýok, siz


durmuşyňyzyň has gowy bolmagyna ýykgyn edýärsiňiz, ýeňil ýol bolsa beýik maksatlara
eltmeýär. Kynçylyklaryň az bolmagyny isleýärsiňizmi? Ýok, gowusy, hatda kynçylyklardyr
bökdençlikler bilen bagly bolanda da, ussatlygyňy kämilleşdirmeli. Böwet bolup duran
kynçylyklary ýeňmegi başarýanlar ussat bolýandyrlar. Ýanýoldaş, garyndaş, dost ýar, işdeşler
sizden nägile bolmasa gowy, şeýle mi? Talaby az bildirseler ýogsa -da gowy bolardy, ýöne ondan
gorkmaly däl. Tapyndy altyn bölek ýokary hilli (probaly) gymmat metala öwrülýänçä, otdan
geçmeli. Bu durmuşyň kanuny.

Bu durmuşda näme gazanyp bilseňiz bu kynçylyklary erjellik bilen ýeňip geçmegiň


netijesidir. Köp adam muny bilýär, ýöne olaryň durmuşlarynda hiç zat üýtgemeýär. Üýtgetjek
hem bolmaýarlar.
8
Iki sany iň wajyp sapak:

1. Üstünlige halypa itergi berer. Akylyňyz daş ýarýan hem bolsa, halypasyz günüňiz
geçmez. Halypa arzuwyňa barýan ýoluňy kemelder. Säwliklerden daşda durmaga kömek eder.

2. Eger-de üstünlige tizden-tiz ýetmekçi bolsaňyz, onda gazançda we kesp kärde maksat
edinen ýeriňizde eýýäm orun tutan adamlary synlaň.

Depderçäňize ýazgylar:

Baý adam pula işlemeýär—pul oňa işleýär.

Elmydama mümkinçilikleriňizi puldan ýokary tutuň, şonda huzuryňyza puluň özi geler
we size hyzmat eder. Eger-de adam mümkinçiliklerini puldan pesde goýsa, onda siz näme iýmeli,
näme geýmeli, dynç alma ga nirä gitmeli, toý baýramda ýakynlaryňyza näme sowgat bermeli —
bularyň barysyny pul kesgitlär. Durmuş derejäňi diňe özüň kesgitlär ýaly, mümkinçilikleriňizi
puldan ýokary tutuň. Pul durmuşda esasy däldir, ýö ne pul ýetmezçilik edende, ol durmuşyň
öze nine öwrülýär.

Üstünlige, kynçylyklary we böwetleri gör meýän, diňe ahyrky netijäni görýän we baş
arzuwyny ýadyndan çykarmaýan adamlar ýetip bilýärler.

Eger -de siz arzuw edýän durmuş obrazyňyza özüňizi mynasyp görýän bolsaňyz, siz puly
gazanmagy ulanmagy öwrenmeli bolarsyňyz, sebäbi siziň häzirki ýa da geljekde ýetmekçi bolýan
derejäňizi hut pul kesgitleýär.

Gowy halypa, siziň öz ygtyýaryňyza başyna da barmajak, ýöne ukyp başarnygyňyzy ýüze
çykaryp biljek işiňizi ýerine ýetirmäge mejbur eder.

Eger-de baýasyňyz gelse, hiç haçan «işiň içindäki» adam bolmaň — netijeliligiň adamsy
boluň.

Durmuşda näme gazanýan bolsaňyz bu, päsgelçilikleri we böwetleri erjellik bilen ýeňip
geçmegiň netijesidir.

Iň gowusy akylpaýhasa gulluk edip üç-bäş ýyl pul gazanyp, ony dogry ulanyp we
çykdajylary çäklendirip kanagat bilen ýaşamaly, şonda galan ömrüňi peý wagtyňa, islegiňe görä
ýaşap bilersiň.

9
Baýlygyň bäş düzgüni
Aýdyň maksatly adam hat-da iň agyr ýoly hem külterläp biler. Hiç hili maksady bolmadyk adam,
tep-tekiz ýoldan hem ýöräp bilmez.

Tomas Karleýl

— Pula nähili garamaly?

— Köp puly nähili gazanmaly?

— Puly nähili göwnejaý aýryp, ýygnap goýmaly?

— Puly nähili işletmeli?

— Puluň nähili hözirini görmeli?

Ýokarda beýan edilen bäş soragyň jogabyny her bir adam, hökmany suratda, bilmelidir.
Ýadyňyzda bolsun, baý bolmak üçin, ilki bilen, puluň az mukdaryny dolandyrmagy öwrenmeli,
baý adamlar ýaly pikir etmeli. Adamlar ilki okaýarlar, öwrenýärler, soň baýaýarlar. Baý adamlar
pul üçin däl, ussatlyklaryny kämilleşdirmek üçin işleýärler. Kämilleşip, ussatlyga ýe tenlerinden
soň, olar işden lezzet alýarlar, olarda işlerine bolan höwes has da artýar. Bu häsiýetler ussatlara
mahsusdyr. Bize ömürlik berlen zatlary, ölümiň hem aýryp bilmejegini siz bilýärsiňizmi?
Ömürlik di ýip ussatlygymyza, mertebämize aýdylýar, olar elmydama biziň bilendir. Şonuň üçin,
eger de baý adamy ähli baýlyklaryndan mahrum etseň, ol az salymdan ýene de baý bolar. Baý
adam baýlygyny ýitirse de, baýlyga ýetiren zatlarynyň ählisini — bi limini, başarnygyny,
endiklerini, akyl dü şünjesini alyp galar.

Bu babatda gadymy grek filosofy Biant barada öwrenerli kyssa bar. Haçan da, pars
patyşasy Kir loniýada Priýenu şäherini ga bawa alyp başlanynda, adamlar goşlary nyň iň
gymmadyny alyp, şäheri terk edip ugrapdyrlar. Diňe Biant hiç zat almandyr. Ildeşleri geň galyp,
ondan näme üçin beýle edýänini sorapdyrlar. Şonda akyldar, bilim lerini gymmat zatlarynyň
ählisinden ýoka ry tutýandygyny aýtmak bilen, şeýle jogap beripdir: «Baýlygymyň barysyny
ýanymda göterýärm». Hakykatdan hem, soňra ildeş leriniň köpüsi ähli zatlaryny ýitirip, iş tap
man kösenipdirler. Öz döwrüniň iň abraýly akyldarlarynyň biri Biant adamlara bilim öwredipdir
we gazanjy bilen kowumlaryna goldaw beripdir. Onuň aýdan sözleri bolsa halk arasynda nakyla
öwrülip gidipdir.

Adam ömri köpgyraňlydyr, pula durmu şyň özge taraplaryndan üzňe baha berme li däldir.
Ilki bilen, näme üçin baýamak isleýändigiňizi kesgitlemeli. Egerde günde 100 gezek: «Baýasym
gelýär, men eýýäm baý, men tüçjar baý» diýip gaýtalasaňyz, siz baýarsyňyzmy? Baýlyga diňe
pul kepil bo lup bilmez.

Näme üçin baýasyňyzyň gelýändigine jogap tapmaga synanyşyň. Bu pikiriňize hökman


sebäp bolmaly we bu sebäp ömür maksadyňyz bilen utgaşan bolmaly. Soragyň jogabyny ýazyň,
ýöne «baý bolasy gel meýän barmy, hemmeleriň hem baýasy gelýär» diýen ýaly duzsuz, leji
çykan sözlerden gaça duruň. Jogabyňyz siziň içki hyjuwyňyzy, arzuw hyýalyňyzy, durmuşa
bolan garaýşyňyzy beýan etmelidir. Jogap, aýdaly, töweregiňizi gurşaýan deň duşlaryňyzyň
beýany bilen meňzeş bolmaly däl-de, diňe öz şahsy beýanyňyz bolmalydyr.

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

10
Biziň pula bolan garaýşymyz:

1. Pula durmuşyň özge taraplaryndan üzňe baha bermeli däl, näme üçin baýasyňyzyň
gelýändigine hökman sebäp bolmaly.

2. Üstünligiň bäş sany dürli derejeleri:

* hereket etmäge girişmek;

* usullar, tärler;

* sylag-hormat;

* äýnek;

* özüňe täzeçe garaýyş.

3. Baýlygyň alamaty.

4. Puluň möçberi (köplügi).

Pula nähili garamaly?


Pul — jemgyýetiň gazanan üstünliginiň ölçegi.

Jorj Kleýson

Birinji sorag: siz pula nähili garaýarsyňyz? Pul size günüňizi dolamaga kömek edýärmi ýa-
da gowy ýaşamaga? Pul barada her kimiň öz pikiri bar.

Käbir adamlar köp pul nämä gerek, öýümiz abadan, çagalaryň on iki süňňi abat bolsa
bolýar diýýärler. Aram aram baý bo lasymyz hem gelýär, ýöne düşünmezden, puly özümizden
daşlaşdyrýarys. Dünýäde gowy, şol birwagtyň özünde baý adam lar köp. Siz baýlyga da, üpjün
durmuşa da mynasypsyňyz.

Ählimiziň ellerimiziň her birinde bäş barmak bar, olaryň haýsysynyň iň gerekli digi barada
pikir etmeýäris. Barmaklaryň hemmesiniň ähmiýeti birmeňzeş. Häzir her birimiz üçin wajyp
zatlary, barmaklarymyzy epip, ýerbe ýer goýmaga synanyşa lyň. Birinji barmak — biziň
maşgalamyz, maşgala abatlygymyz. Siziň öýüňiz hemişe üpjün bolmalydyr, ýogsa siz hiç haçan
arkaýyn işläp bilmersiňiz. Ikinji barmak — saglyk, bu ýerde düşündiriş hökman däl. Üçünji
barmak — pul. Puluň wajyplygy hem edil saglygyň hem maşgalanyň wajyp lygy ýaly. Käbir
adamlar ilki pul gazanmak üçin saglygyny ýitirýärler, soň bolsa sagly gyny dikeltmek üçin pul
sowýarlar. Şeýdip ömrüň hem geçip gidýär.

Dördünji barmak — özüňi duýmaklyk. Köplenç, muňa hiç kim üns bermeýär, şonuň üçin
hem durmuş tötänden ýokary galyp gidýän we birden hem aşak gaýdýan attraksion ýaly bolýar.
Özüňi duýmaklyk — özüňizi durmuşda kim hasap edýän bolsaňyz, hut şonuň özüdir. Eger-de
adamyň şähdi oňat bolsa, onda ol gowy işlär. Eger-de adamyň işleri üstünlikli bolsa, onda
ýanýoldaşy we çagalary ondan örän hoşal bolarlar.

Bäşinji barmak durmuşdaky maksadyňyz. Şeýle adamlar bar: olar ilki derejä ýetmeli,
durmuş gurmak meselesini soňa goýmaly diýip hasap edýärler. Ýa-da: «Ilki bilen, pul
gazanaýyn, soň görübereris».

Ähli ulgam birmeňzeş wajyp durmuş ýörelgeleriň hiç birini hem soňa goýmaly däl.

11
Energiýanyň dört görnüşi

— Beden

— Akyl

— Jan

— Ruh

Energiýanyň dört sany içki we daşky görnüşleri bar, olaryň sazlaşyklylygy sizi üstünlikli
eder.

Beden

Sport bilen meşgullanýan wagtyňyz, fiziki taýdan sagdyn bolanyňyzda, özüňizi ynamly
duýýansyňyz. Bedeniň fiziki taýdan ösmegine biperwaý garaýan adamlar, adama dünýä inende
berlen beden bilen akyl-paýhasyň sazlaşygyny bozýarlar. Çaga aýak üstünde durmagy öwrenen
badyna dyngysyz herekete başlaýar — ylgaýar, bökýär, togalanýar, agaja dyrmaşýar. Bu onuň
akylynyň ösmegine ýardam berýär. Fiziki hereketiň beýniniň daşky çanagynyň işjeňligine edýän
täsiri öňden subut edilendir. Islendik sport maşklary, hatda iň ýönekeýleri hem, akylyň ösmek
prosesini höweslendirýär. Fiziki ýagdaýyňyz barada alada etmegi unutmaň, ol adamyň ruhy
ýagdaýy bilen doly baglydyr.

Eger-de akylyňyz dury bolsun diýseňiz, onda beden tämizligiňizi üns merkeziňizden düşürmäň.

Rene Dekart

Akyl

Adam akylynyň mümkinçilikleri çäksizdir. Ýadyňyzy, akyl başarnygyňyzy ösdüriň. Siziň


akylyňyz — ulananyňyzda, iň batyr arzuwlaryňyzy amala aşyryp biljek enjamyňyz. Ýadyňyzda
saklaň, siziň ukyp-başarnygyňyz siziň mümkinçilikleriňizi, şol sanda, hünär derejäňizi hem
kesgitleýändir.

Islendik adam, hat-da iň akyllysy hem, ömrüne beýnisiniň berýän mümkinçilikleriniň


milliarddan bir böleginden artygyny ulanmaýar diýip aýtsa bolar.

Nikolaý Dubinin

Balarylary barada kyssa

Balarylary nämäni oňarýarlar, olaryň ukyby nähili? Balarylary bal ýygnap bilýärler, öý
gurup bilýärler, gül tozgalaýarlar, uçjak ugruny kesgitlemegi başarýarlar, nesil öndürýärler,
ýaşaýan ýerlerini goraýarlar. Ýerlerine soragsyz giräýdigiň, balarylarynyň nämeleri edip
bilýändiklerini hemmeler bilýändir.

Balarylary bir-birlerini tanaýarlar, bir-birine habar ýollap bilýärler, öýlerinde derwaýys


temperaturany saklap bilýärler. Özi hem, balarylarynyň beýnisiniň ululygy iňňäniň gözünden
uly däldir. Adamlar, köplenç, ukyplaryny balarylary ýaly ýerlikli ulanyp bilmeýärler, bu bolsa
gynandyrýar. Adam beýnisi, takmynan, 100 milliard neýronlardan ybarat. Şonuň üçin siz köp
zada ukyply.

Jan

Ene-ata çagasyny eý görýär we olara gowy bilim bermäge çalyşýar. Özi-de olary işi däl-de,
ilkinji nobatda, çagalarynyň bilimli bolmagy gyzyklandyrýar.

12
Muňa ene-ata söýgüsi diýilýär. Çaga bolan söýgi ene-atany işlemäge mejbur edýär.

Şonuň bilen birlikde, eje-de, kaka-da çagasynyň zehininiň her taraplaýyn ösmegine dalaş
edýär.

Eger-de erkek kişi zenany, hakykatdan hem, söýýän bolsa, onda onuň üçin janyndan
geçmäge-de, ähli isleg-arzuwyny ýerine ýetirmäge-de taýyndyr. Janyň güýji diýilýäni hut şudur
— söýgi. Haçan-da, adam söýýän bolsa, ol bitirip bolmajak işleri bitirer. Ruhubelentlik haýran
ediji netijeleri gazanmaga kömek edýär.

Perzende garaşýan zenanlar agyr döwre has tiz uýgunlaşýarlar. Şeýle bolmaga olary enelik
duýgusy mejbur edýär. Zenanlardan tapawutlykda, erkekler gereginden artyk rasional (diňe
akyla-düşünjä eýerijilik) bolýarlar, depressiýa tiz düşýärler, könelişen maglumatlara eýerýärler.
Erkek kişiler: «Eger-eger bular ýaly bolup bilmez, bular ýaly zat hiç haçan hem bolmandy».
Erkekler döwre uýgunlaşýança, aýallar eýýäm üstünligiň bir gyrasyndan girýärler. Hatda
üstünlik gazanan erkekler hem özlerini üstünlige ruhlandyran söýgüli ýarlaryna,
ýanýoldaşlaryna sagbolsun aýtmaly. Aýaly bir zat aýtmaly bolanda-da, ýönekeý jümleleri
ulanýar: «Ezizim, şuny şeýle edäýsek nähili bolar?» Aýaly etsemgoýsamly pikiri orta oklaýar,
erkek bolsa aýdylanlary aňynda aýlap, şeýle etsem nähili bolarka diýýän terzde, seljerip başlaýar.
Soň bolsa, hamana bularyň barsyna özi akyl ýetirip, özi eden ýaly eýemsireýär.

Bu ýerde bir syr ýatyr. Islendik erkek adam üstünlige ýetenden soň, başga biri oňa ugur,
salgy berip, kömek eden hem bolsa, barybir ähli zady özüm etdim diýýär. Islendik üstünligi ol
öz hasabyna ýazýar, oňa begenýär, bu bolsa öz gezeginde, oňa özüne bolan ynamyny
güýçlendirýär. Ýöne, eger-de üstünligi aýal gazansa, onda erkek ony tötänden bolan zat hasap
edýär.

«Baýlyk, üstünlik we söýgi» hakda nesihat beriji hekaýat

Bir zenan öýüniň deňesinde üç sany aksakgal gojanyň oturanyny görüpdir. Zenan gojalary
tanamaýan hem bolsa, olara:

— Men siziň kimdigiňizi bilmeýärin, ýöne siz aç bolmaly. Haýyş edýärin, öýe giriň, biziň
bilen naharlanyň diýipdir.

— Biziň hemmämiz öýe bile girmeris diýip, gojalar jogap beripdirler.

— Näme üçindigini bilmek mümkinmi?

Gojalaryň biri barmagy bilen ýeke-ýekeden görkezip:

— Onuň ady Baýlyk, beýlekiniňki Üstünlik, meniňki bolsa Söýgi. Öýüňe gir-de,
ýanýoldaşyň bilen haýsymyzy öýüňe çagyrjagyň barada maslahat et diýipdir.

Zenan adamsyna ähli eşiden-gören zatlaryny jikme-jik gürrüň beripdir. Adamsy


begenipdir:

— Nähili ajap! Gel Baýlygy çagyraly! Goý, öýümize girsin-de, bu ýeri baýlykdan doldursyn
diýipdir. Zenan adamsynyň aýdýanlaryny goldamandyr:

— Ezizim, üstünligi çagyrsak nähili bolar?

— Söýgini çagyrsak gowy bolmazmy? diýip, howludan ylgap öýe giren we ähli gürrüňleri
eşiden gyzlary aýdypdyr — pikirini ediň, şonda öýümiz söýgüden dolar!

Adamsy aýalyna:

13
— Gel, gyzymyzyň diýenlerine gulak goýaly. Bar daşary çyk-da, Söýgini myhmançylyga
çagyr diýipdir. Zenan daşary çykyp, üç goja:

— Siziň haýsyňyz Söýgi? Haýyş edýärin, öýe giriň we myhmanymyz boluň diýipdir.
Gojalaryň biri öýe tarap ýöräpdir. Beýleki ikisi hem ýerlerinden galypdyrlar-da, birinji gojanyň
yzyna düşüpdirler. Geň galan zenan Baýlyga we Üstünlige:

— Men diňe Söýgini çagyrdym ahbetin, siz näme üçin gelýärsiňiz? diýip sorapdyr. Olar:

— Eger-de diňe Baýlygy ýa-da Üstünligi çagyran bolsaňyz, beýleki iki goja daşarda
galardy. Ýöne siz Söýgini çagyrdyňyz, ol nirä gitse, biz hem ýantazy ýaly, elmydama onuň yzyna
düşýäris diýip, jogap beripdirler.

Ruh

Ruh üç güýjüň (ýa-da energiýanyň) utgaşygynda ýüze çykýar. Käbir adamlar: «Men ruhy
taýdan taplanýarkam, puly näme edeýin. Maddy ýagdaý meni gyzyklandyrmaýar. Men bula ryň
hemmesindende beýik» diýýär. Ýöne binýadyny berk tutman, jaý dikeldip bolarmy? Bu ýerde de
edil şonuň ýaly, bedeniň sagdyn bol masa, nädip ruhy taýdan taplanjak? Fiziki ýagdaýymyz
biziň ruhy ýagdaýymyzy kesgitleýär. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýlip ýöne ýerden
aýdylmaýar ahyry. Ruhuň güýji, haçan da, siz ähli zady ölçerip, belli bir karara geleni ňizden soň
ýüze çykýar. Siz ähli päsgelçiliklere garamazdan, ýeňşe ruhlandyňyz, yza çekilmek niýetiňiz ýok.
Siziň geljegiňiz hut ruhuň güýjüne bagly bolup durýandyr.

Dört sany içki güýç, dört sany daşky güýji özüne çekýär.

Pul

Gazanjyňyz gowy bolanda, özüňizi gowy duýýarsyňyz.

Adamlar baýlyga her hili garaýarlar. Olaryň käbiri kän puluň eýesi bolup, başgaça salam
laşmaga başlaýar, kähalatda bolsa asla sa lamlaşmaýar hem, adamlar olaryň gözüne de
görünmeýär. Olaryň pullary has köpelse dagy aýaklary ýerden üzülýär.

Gowşaklykdan emele gelýän gowulyk ähli zatda ýüze çykýar. Siz pul aýryp, ýygnap goý
ýarmysyňyz? Kimdir biriniň: «Egerde köp gazanýan bolsam, onda aýryp, ýygnap goýardym»
diýmegi mümkin. Ýöne bu beýle däl. «Köp» diýilýän zat adamy beýle üýtgetmez. Eger de
gowulyk gowşaklyk sebäpli bolsa, onda pulu ňyz köpelse, has hem beter gowşak bolarsyňyz. Siz
dükandan dükana aýlanmagy gowy görýän bolsaňyz, onda ertirden agşama dükanlardan
aýagyňyz çekilmez. Pul edil tok işläp çykarýan generator ýalydyr: onuň kömegi bilen öýüňi
ýagtylandyryp bolýar, öýüňe degişli işleriňi edip bolýar, naharçaý taýynlap bolýar. Emma
howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeseň, on da elektrik togy janyň üçin howpludyr.

Puldan haýyr tapmak we bagtly bolmak üçin, käbir zatlara akyl ýetirmek gerek. Gowu lyk
diýilýän düşünje güýjüň üsti bilen peýda bolmalydyr. Ýüregi ýuka adamlar bar, sebäbi olar ruhy
taýdan güýçli. Ýöne haçan da, baýa salar, olarda ýüregi ýukalyk has hem güýjeýär. Zähmeti bilen,
öz güýjüne derejä ýeten baýlaryň ýüregi, köplenç, örän ýuka bolýar, ýöne muny ýüze
çykarmaýarlar. Olar kimdir birine goldaw bermek isleýärler. Olar öwrenesi gel ýäne halypalyk
etmäge taýyn. Olaryň ýüregi ýukalygy ruhy güýçlerinden gelip çykýar. Ýola düşmänkäňiz,
özüňizi ýoluň ilkinji ädimlerin den başlap üýtgediň. Ýüregi ýukalygyňyz üs tünlik gazanyp,
derejä ýeteniňizden soň, siziň pähimli hereketleriňizde ýüze çykar ýaly, ony ruhy güýjüňizden
gelip çykar ýaly ediň.

14
Üstünligiň bäş derejesi
Nämedir bir zady bilmegiň ýeketäk usuly, nämedir bir zatlary etmekdedir.

Bernard Şou

Hereketi ýerine ýetirmek

Siz öň hem bir zat etjek bolup synanyşan syňyz, boýnuňyza alyň. Siziň synanyşygyňy zyň
netijesi siziň gazanan üstünlikleriňizdir. Häzirki alyp barýan durmuş ýörelgäňiz düýn ki
pikirleriňiziň we düýnki arzuwlaryňyzyň netijesidir.

Eger de durmuşymyzda nämedir bir zady üýtgetmekçi bolsak, bu gün düýnki eden işle
rimizden köp iş etmeli. Siz: «Men işi näçe köp etsem de, hiç zat üýtgemeýär» diýmegiňiz ah mal.
Ýöne bu beýle däl. Siz garynja bir serediň, ol islendik päsgelçilikleri ýeňip geçýär, ony
şowsuzlyklar saklamaýar, ol alajyny gözleýär we ony tapýar.

Onuň tutanýerliligine, maksadyna ýetmek üçin edýän tagallalaryna we zähmetsöýerligi ne


gözüň gidýär. Onuň üçin alyp bolmajak gala, ýetip bolmajak maksat ýok. Käbir adamlar bir näçe
ädim galan hem bolsa, öz arzuwlaryndan ýüz dönderýärler, sebäbi olarda tutanýerlilik, erjellik
we özüne bolan ynam ýok.

Pil barada nesihat beriji hekaýa

Bir oglanjyk sirki gowy görýän eken. Bir gün olaryň şäherine baş öwredilen haýwanly sirk
gelipdir, şonda oglanjyk kakasyndan sirke äkitmegini ýalbaryp haýyş edipdir. Sirkde oglanjyga
tälim berlen pil has hem ýarapdyr. Pil täsinlik baryny görkezipdir: agyrlyklary göteripdir,
jonglýorlyk edipdir, yzky aýagynda ýöräpdir. Sirk tamamlanandan soň oglanjyk pili golaýdan
görmegi ýüregine düwýär, ol haýwanlaryň saklanýan demir gözeneklerine golaý barmagy
kakasyndan haýyş edýär. Oglanjyk piliň ýere kakylan gazyga zynjyr bilen daňylandygyny
görýär. Gazygy goparyp ol ýerden gitmek äpet pil üçin kyn däl eken.

— Kaka! Näme üçin pil erkinlige çykyp, gür jeňňellige gitmeýär, muny ol ýeňillik bilen
edip biljek ahbetin? Ol örän güýçl-ä! diýip, oglanjyk sorapdyr.

— Sebäbi oňa tälim berildi, ol häzirki ýagdaýy bilen öwrenişen. Ondan başgada, ony kiçikä
tutupdyrlar we zynjyr bilen berk daňypdyrlar. Ol her gün zynjyrdan boşamaga çalşypdyr, ony
ýoljak bolupdyr, şeýdip güýçden gaçypdyr. Ahyrsoňy günleriň birinde zynjyryň garşysyna
özüniň güýçsüzdigini we hiç haçan erkinlige çykyp bilmejegini boýun alyp, öz ykbalyna kaýyl
bolupdyr. Ulalyp, äpet we güýçli pile öwrülen hem bolsa, ol häzir hem hiç haçan erkinlige çykyp
bilmerin diýip hasap edýär. Pil körpejekä zynjyrdan sypmandygyny ýadyndan çykarmandyr,
ýöne iň erbedi, hiç haçan sypmak üçin synanyşyk hem etmändir, öz güýçlerini we
mümkinçiliklerini barlap hem görmändir. Biz hem edil şu pil ýaly, öň bir gezek synanyşypdyrys,
paşmandyr, soň şol işimiziň başa barmandygy üçin öz güýjümize ynanman ýaşaýarys.

Tehnika

Tehnika, wagtymyzy biderek ýitirmezlik üçin, durmuş ýolumyzy saýlamakdan ybaratdyr.


Adamlar däp boýunça mekdebi tamamlap, kär saýlaýarlar. Kimdir biri inžener bolar, beýlekisi
mugallym, üçünjisi bolsa hukukçy... Muňa tehnika diýilýär. Siz näme saýlan bolsaňyz, bu siziň
käriňiz bolar. Telekeçilik tehnikasy diýlip, siziň saýlaýan pudagyňyza aýdylýar. Şonuň üçin
özüňize, ýüregiňize ýakyn pudagy saýlaň.

15
Sylag-hormat
Adam diňe öz güýjüne ynanan ýerinde üstünlik gazanyp bilýär.

Lýudwig Feýernah

Adamlaryň köpüsi diňe üçünji derejä çenli ýetip bilýärler. Mysal üçin, siz özüňize: «Men
gowy işgär, men gowy adam, men hormat gazandym, sylaga mynasyp boldum, çagalarym meni
gowy görýär, eneatam, garyndaşlarym, dost-ýarlarym men hakda diňe gowy zat aýdýarlar,
işdeşlerim meni sylaýarlar» diýýärsiňiz. Bulary diýmek bilen, biz özümizi köşeşdirýäris. Biziň
hemmämiz birinji üç derejede ýaşaýarys, ýöne köpler üçünji derejede saklanýarlar we hatda
arzuw etmegi bes eden ýaly, dördünji derejä çykjak hem bolmaýarlar.

Adamlar: Derejä ýetdim, sylag-hormata eýe boldum, pulum bar, kär, öý-maşgala edindim,
hemmämiz dok, egin-eşigimiz, aýakgabymyz bar» diýip pikir edýärler. Şonda adam durmuş
basgançagy bilen ýokary galmagy bes edýär, gurplulygyň orta derejesi bilen kanagatlanýar.
Haçan-da, «Mende ýigrimi ýyl zähmet tejribesi bar» diýen sözleri eşidenimde, «Ýok siziň zähmet
tejribäňiz bary-ýogy bir ýyl, siz ony ýigrimi gezek gaýtaladyňyz» diýip aýdýaryn. Bir ýyl tejribe
toplamak üçin gitdi, galany bolsa diňe şony gaýtalady.

Üçünji derejede saklanmak bilen, adamlar asyl maksatlaryny ýatlaryndan çykarýarlar,


ondan aňryk gitjek hem bolmaýarlar. Dördünji dereje-de bar ahbetin. Eger-de siz oňa geçen
bolsaňyz, ondan aňyrda bäşinjisi hem bar. Dördünji derejede, umuman alanyňda, hiç zat
üýtgemeýär, bu geçiş döwri diýen ýaly bir zat, diňe bäşinjide üýtgeşmeler başlaýar. Orta ýolda
saklanmaň, gorkman, dogumly dördünji derejä geçiň, maksadyňyza ýetmäge çalşyň.

Äýnek
Pähimli adam özünden görer, pähimsiz ilden.

Konfusiý

Geçiş döwri diýlip atlandyrylýan hem bolsa, dördünji dereje örän wajypdyr. Haçan-da, biz
äýnekli seredenimizde, kähalat hakykaty saýgarmaýarys. Mysal üçin, aýalymyza seredip, eger-
de ol biraz mylakatly bolan bolsa gowy bolardy diýip pikir edýäris. Ýa-da ärimize seredip, ol
biraz akylly bolaýan bolsa gowy bolardy diýýäris. Eger-de adamda «erbet äýnek» bolsa, onda ol
baýlygyň özenine düşünmeýär. Baýlygyň manysyna düşünmek üçin «dogry äýnek» gerek. Baý
bolmak gowy: siz garyby naharlap bilersiňiz, ötegçä hezzethormat edip bilersiňiz, garrylara
kömek edip bilersiňiz, zehinli okuwçynyň mümkinçiligi ýok bolsa, okuw tölegini töläp bilersiňiz,
ýarawsyz çagalaryň sagalmagyna ýardam edersiňiz. Ýöne kyn günlerimizde bize hem kimdir
biri goldaw berendir. Beýlekilere kömek bermek, töweregimizi gurşaýanlara goldaw bermek
biziň hem borjumyz. Mätäç adamlar hatda biziň ýakynlarymyzyň arasynda-da örän köp. Siz,
meniň berjek kömegim hiç zady üýtgedip bilmez, men hemmelere kömek edip hem bilmerin
diýip aýtmagyňyz mümkin.

Deňiz ýyldyzlary barada nesihat beriji hekaýa

Bir gün dynç alýanlaryň biri kenarda gezelenç edip ýören eken. De ňiz, adaja şemal, çyg
çäge, şapak. Gözellik, diýip aýdar ýaly däl! Ol uzakda bir adamyň bardygyny görüpdir.
Uzakdaky adam ýerden eline bir zatlar alyp, suwa zyňýardy. Gezelenç edýän has golaý baranda,
ol adamyň kenara zyňylan deňiz ýyl dyzlaryny ýygnap, deňize oklaýandygyny gö rüpdir. Geň
galan kişi:

— Agşamyňyz haýyrly! Bagyşlaň, siz näme edýärsiňiz? diýip sorapdyr.

16
— Deňiz ýyldyzlaryny deňize goýberýärin. Gaýtgyndan soň ýyldyzlar kenarda
galypdyrlar. Olary suwa goýbermeseň, ölerler.

— Ýöne kenarda müňlerçe deňiz ýyldyzy bar ahyry. Hemmesini yzyna goýbermek kyn
bolar. Onsoňam kenarlaryň ählisinde şuňa meňzeş ýagdaýlar bolýar. Siz näme, bir özüňiz hiç zat
üýtgedip bilmejegiňize düşünmeýärsiňizmi?

Adam ýylgyrypdyr da, deňiz ýyldyzynyň ýe ne birini deňze goýberip, soňra:

— Şunuň üçin -hä gowy bolar da... diýipdir.

Bir gün bir adamdan aýlygynyň näçedigini soradym. Ol 300 dollar diýdi. Men näme üçin
2000 dollar däl diýip soradym. Ol biraz pi kirlendi de, häzire çenli bu barada ondan hiç kimiň
soramandygyny aýtdy. Hamala onuň mümkinçilikleriniň bardygy, has köp pul ga zanyp
biljekdigi, özüne bolan ynamy döretmelidigi barada oňa aýtmak, kimdir biriniň borjy ýaly. Indi
bolsa özüňizden soraň: näme üçin siz häzir gazanýanyňyzdan artyk gazanmaýarsy ňyz?
Jogabyňyzy iki setirde beýan ediň we ony kagyza ýazyň.

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Siziň häzir kagyza ýazan jogabyňyz özüňizi aklamak üçin gowy bahana boldy, dogry
dälmi? Haçan da, bu soragy maňa berenlerinde, men köp gazanyp bilmeýänim üçin, şol döwür
işläp ýören zawodymy günäkärledim. Bu hakykatdy, ýöne meniň gaça durýan hakykatymdy. Bu
me niň durmuşdan nämä garaşýandygymyň sowa lydy. Hut şuňa da «äýnek» diýilýär.

Hemişe özüňi aklap, delil tapsa bolar, ýö ne elmydama özüňi aklamak size ýaraýarmy?
Hiç hili delil netijäniň ornuny tutup bilmez. Ähli zady üýtgedip, maksadyňa ýetseň gowy
bolmazmy? Käwagt çözgüt biziň çen edýän ýerimizde bolmaýar. Daşyndan görünýän ýag
daýlar ýalançy, biz birmeňzeş durmuşyň aňry syndan kähalat hakykaty saýgaryp bilmeýäris.

Pikir edip görüň: eger de baýasaňyz, dünýäniň iň gowy suratkeşleriniň çeken suratlaryny
satyn alyp bilersiňiz.

Sizde islendik aýdym-sazy diňlemäge, arzuw eden awtoulagyňyzy satyn almaga


mümkinçilik bolar. Dükana gireniňizde bahalar barada asla pikir etmersiňiz. Bu maliýe
erkinligidir. Muňa biziň hemmämiz mynasypdyrys. Bu de rejä her birimiz ýetip bileris.

Dördünji dereje — äýnek. Bu dereje çylşy rymly hem de özboluşly. Ilki synçy (şägirt) boluň.
Kähalat şägirt bolandan halypa bolanyň gowy. Bu tema degişli bir waka bar.

Şägirt halypanyň ýanyna gelip: «Men dur muşyň gizlin syrlaryny bilmekçi bolýaryn, mu
ny men sizden öwrenip bilerin» diýýär. Halypa ondan özi barada gürrüň bermegini soraýar.
Şägirt nirede okany, gazanan üstünlikleri, top lan tejribeleri barada gürrüň beripdir, birnäçe
mysallary getiripdir. Ýöne, haçan da, halypa sapak berip başlanda, şägirdi: «Halypa şunuň ýaly
etsek gowy bolardy» diýipdir. Ikinji sapakda şägirt: «Şunuň ýaly edip görsek nähili bo lar?»
diýip, öňki diýenleriniň üstüni ýetiripdir. Üçünji sapakda «Biz bu zatlary başgaça edip
bilerismi?» diýipdir. Şonda halypa: «Ynha görýäňmi, hakykatda, bar iş halypa bolmagyň ýe
ňilliginde, şägirt bolmagyň bolsa kynlygynda eken» diýipdir. «Äýnek» — bu islendik ýagdaý da
gowy zady saýgarýan şägirt.

17
Siziň zatlara bolan garaýşyňyz ýa-da «dogry äýnek»
Islegi bolan adamyň alyp bilmejek galasyýokdur.

Onoro de Mirabo

Bir gün Bodo Şefer Amerikanyň belli oratory bilen bolan wakany gürrüň berdi.

Stiwen Kowi ýurduna aýlanýar, çykyş edýär, onuň çykyşlaryna elmydama köp adam
ýygna nypdyr. Bir gezek ol otluda barýan eken. Dural galaryň birinde wagona üç sany çagasy
bilen bir erkek münüpdir. Erkek ýerine geçip oturyp dyr -da, penjireden daşaryny synlamaga
başlap dyr. Ýöne çagalar garagollyk edip ugrapdyrlar. Olar wagonyň içinden eýläk beýläk ylgap,
beý leki ýolagçylary bimaza edipdirler.

Ahyrsoňy çagalaryň biri Kowiniň ýanyna barypdyr-da, onuň aýagyna urupdyr. Orator
ýerinden turupdyr da, çagalaryň kakasynyň ýanyna baryp: «Jenap, siz çagalaryňyzyň adam lara
azar berýänini görýärsiňiz ahbetin. Siz ola ra akyllyja boluň diýip aýdyp bilmermisiňiz?» diýip,
örän mylakatly haýyş edipdir. Mylakatly hem mertebeli bellik edendiginden göwnühoş bolan
orator, ýerine geçip oturypdyr.

Çagalaryň kakalary bolsa hamala zat bolmadyk ýaly, bolşuny üýtgetmän, öňküsi ýaly
penjirä seretmegini dowam edipdir. Birnäçe minut geçenden soň ýaňky adam oratora ta rap
öwrülipdir de, oňa dikanlap seredip: «Çagalarymyň sizi bimaza edendigi üçin, ötünç soraýaryn.
Olaryň ejeleri aradan çykdy, biz häzir şol hassahanadan gelýäris. Men näme etjegimi bilemok.
Belki, olar şeýle etmek bilen bu hasratyň hötdesinden gelerler» diýipdir. Şol pursat orator nähili
duýgulary başyndan geçirendir öýdýäňiz? Ol soň soňlaram bu wa kany durmuşyň özüne beren
hiç haçan ýat dan çykmajak iň uly sapagy hökmünde kän gezek ýatlapdyr.

Ähli päsgelçilikleriň aňrysyndan ýetjek bolýan arzuwlarymyzy we maksatlarymyzy gör


megimiz üçin «dogry äýnek» zerur. Eger-de siz dördünji derejede bolan bolsaňyz, siz eýýäm
bäşinji derejä geçmäge taýynsyňyz. Hut şol ýerde — bäşinji derejede özgerişler başlaýar.
Özüňe täzeden baha berip başlaýarsyň.

Bu nämäni aňladýar?

Öz hususy oý-pikiriň hakda nesihat beriji hekaýa

Ähli adamlar haýsy hem bolsa bir maksada ýetmegiň, gowy iş etmegiň arzuwynda. Şu
jähetden seretseň-ä, hemmämiz meňzeş ýaly, ýöne, her niçigem bolsa, bizi bir-birimizden
tapawutlandyrýan nähilidir bir aýratynlyk bar. Bu aýratynlyk — arzuwlarymyza näderejede
ynanýandygymyz hem-de özümize keseki adamyň gözi bilen seredip bilmek ukybymyz bilen
baglanyşykly.

Meňzeş maksada ýykgyn edýän iki adamy göz öňüne getiriň. Olaryň biri maksadyna ýeter,
beýlekisi bolsa ýetip bilmez. Näme sebäpden beýle? Bizi bir-birimizden tapawutlandyrýan zat
näme? Bu biziň içki islegimiz hem-de özüňi düýbünden başga adam hökmünde duýmak
ukybymyz bilen bagly. Egerde durmuşyňyzy üýtgetmäge we arzuwyňyzy amala aşyrmaga
ukyply bolsaňyz, onda siz düýbünden başga adama öwrülip bilersiňiz.

Optimistler nähili pikir edýärler? Olar egerde otla gijä galan bolsalar, onda indiki ugrajak
otla wagtyndan öň gelipdiris diýip hasap edýärler. Maksadyna ýetýän adamlaryň beýlekilerden
üýtgeşik ukyby, özlerini üstünlikli adam hasaplap, ýeňiji hökmünde duýup bilmekleridir.

Jülgä bir ýaş ýigit gelip, suw içipdir, soňra çeşmäniň başynda oturan gojadan:

18
— Bu ýerde kimler ýaşaýar? diýip sorapdyr.

— Seniň gelen ýeriňde kimler ýaşaýar? diýip, goja sorapdyr.

— Erbet niýetli, diňe özüni bilýän adamlaryň birentegi diýip, ýaňky ýigit jogap beripdir.

— Bu ýerde hem şolar ýaly diýip, goja jogap beripdir.

Şol gün ýene bir ýigit teşneligini gandyrmak üçin, ýoldan sowlup, çeşmäniň ýanyna
gelipdir. Gojany görüp, ilki bilen, salamlaşypdyr, soňra:

— Bu ýerde kimler ýaşaýar diýip sorapdyr. Goja jogap ýerine oňa-da hälki soragy beripdir:

— Seniň gelen ýeriňde kimler ýaşaýar?

— Örän oňat adamlar! Päk ýürekli, myhmansöýer, mähirli adamlar. Men olar bilen
hoşlaşmaly bolanyma örän gynandym.

Goja:

— Onda sen bu ýerden hem şolar ýaly adamlary taparsyň diýipdir. Bu iki gürrüňiň şaýady
bolan başga biri:

— Siz, bu iki meňzeş soraga nädip aýry-aýry jogap berip bildiňiz? diýip, gojadan sorapdyr.
Şonda goja:

— Her birimiziň ýüregimizde näme bar bolsa, biz diňe şony görüp bilýäris. Öz ýurdunda,
öz öýünde döwlet tapyp bilmedik adam näçe gözlese-de, gowulyk tapmaz diýip jogap beripdir.

Eger-de daş-töweregimizde bir zat göwnümize ýaramaýan bolsa, onda hadysanyň özi däl-
de, bize şol hakdaky pikirimiz has uly täsirini ýetirýär.

Siziň ýazgy depderçäňize

«Äýnek» — töwerek-daşa öz gözümiz bilen seredip, öz garaýşymyz bilen köpsanly


zatlaryň aňrysyndan esasy düşünjäni saýgaryp bilenimizde ýüze çykýan dereje.

Hemme zada delil tapyp bolar, ýöne elmydama özüňi aklamak, size ýaraýarmy? Hiç bir
delil netijäniň ornuny tutup bilmez.

Ähli zady üýtgedip, maksadyňa ýetseň, arzuwyňy amala aşyrsaň, gowy bolmazmy?
Käwagt çözgüt biziň çen edýän ýerimizde bolmaýar.

Ýoldaşynyň ähli kemçilikleriniň arasyndan artykmaç taraplaryny görmek üçin, dogry


ýaşamaly. Ýanýoldaşynyň kemçiliklerine garamazdan, onuň peridigini ykrar etmek üçin, «dogry
äýnek» gerek.

19
Baýlygyň nyşany
Erjellik kynçylygy ýeňip geçýär, ýaltalyk bolsa olary döredýär.

Benjamin Franklin

Her bir ýurduň öz nyşanynyň, baýdagynyň bardygyny biz bilýäris. Olar nämä gerek?
Sebäbi nyşan güýç berýär. Öýüňizden ata-babalaryňyzdan galan zatlardan birini-ikisini tötänden
tapsaňyz, olar siz üçin gadyrly bolar, sebäbi olar geçmişiň nyşany bolup durýar. Hut şonuň ýaly,
baýlygyň hem öz nyşany bar.

Eger-de siz haýsy hem bolsa bir kompaniýa barsaňyz, girelgede we diwarlarda
kompaniýanyň işleýän ulgamyny we gazanan üstünliklerini alamatlandyrýan logosyny
görersiňiz. Gözüňiziň gören zatlary sizde kompaniýa bolan ynamy güýçlendirer.

Ynha, nyşanlar näme üçin gerek. Siz özüňiz üçin baýlyk nyşanyny oýlap tapyp bilersiňiz.
Bu nyşan elmydama gözüňiziň öňünde — dynç alýan hem-de işleýän ýeriňizde dursun. Kyn
güne düşeniňizde, lapykeç bolanyňyzda, ýa bolmasa, ýadanyňyzda baýlyk nyşanyňyza serediň.
Şonda ol size energiýa we güýç çeşmesi bolup hyzmat eder.

Pullar bilen bagly gönükme


Okamaklyk hem-de pikir etmezlik — biderek wagt ýitirmek, pikir etmek we okamazlyk —
ýaramazlyk.

Konfusiý

Bir gönükmäni ýerine ýetirmäge synanyşyň. Edil häzir eliňizde näçe pul bar bolsa, olary ýa
nyňyzda saklaň. Pul iki ýüz, bäş ýüz, bir müň dollar bolup biler. Siz, ogurlanar, sowlar ýa da
ýiter diýen pikirleri inkär etmeli we mydamalyk pula endik etmeli. Birinjiden, bu sizde ynam dö
reder. Ikinjiden, sizde puly sowmak islegi peýda bolan halatynda, ony tertipli ulanmagy öwre
nersiňiz. Şu aýdylanlary öwrenmezden, siz has uly pullary dolandyryp bilmersiňiz.

Bulary öz tejribämden öwrendim. Men agyr günleri başymdan geçirdim, şonuň üçin hem
gazanan pullarymy aýaga galmagyma we ga raşsyz adam bolmagyma kömek edäýjek zatlary
öwrenmek üçin sarp etdim.

Ilkinji gezek Moskwa şäherini hem de Gyzyl meýdany aýlanmaga gelenimde pulum guta
rypdy. Öýüme gaýtmaly bolanymda demirýol menzilindäki ýolbelede ýagdaýymy düşündi rip,
otla mugtuna mündürmegini haýyş etdim. Hatda pasportymy girewe goýmagy hem teklip
etdim. Ýolbelet göwnemändi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, şol ýolbelede onuň şol wagtky
tutanýerliligi üçin minnetdar boldum. Eger de şol wagt öýüme gaýdan bolsam, meniň durmu
şym başgaça bolardy.

Demirýol menzilinde biri bilen gürrüňdeş boldum. Oňa Moskwany görmäge gelendigimi,
ähli pulumyň gutarandygyny, şol sebäpli hem öýüme dolanyp bilmeýändigimi gürrüň berdim.
Ol gülüp: «Bilýärmiň, bu ýere pulsuz köp adam gelýär, işläp gazanýarlar we pullanyp öýleri ne
gaýdýarlar. Sen bolsa tersine, pully gelipsiň, öýüňe bolsa pulsuz gaýtmakçy bolýarsyň. Şo nuň
üçin hem seniňki paşman dur» diýdi.

Ker bolmazlyk örän möhüm, özüňe gerek söz leri eşitmegi başarmaly. Sebäbi Taňrymyz
näme etmelidigimizi hökman gulagymyza ýetirer, şo nuň üçin ünsli boluň.

Men islendik işe taýýardygymy, ýöne ony ni reden tapmalydygyny bilmeýändigimi


aýtdym. Gürrüňdeşim ýylgyryp: «Moskwa — uly şäher, bu ýerde owganlar, wýetnamlylar,

20
koreýler, hy taýlylar işleýärler. Sen bolsa bu ýerden iş tapyp bilmerin diýýärsiň. Bu diýýäniň
nädogry» diýdi.

Pikir edip gördüm we onuň aýdýanlarynyň hakykatdygyna düşündim. Şondan soň ep es


li pul gazanman, öýüme dolanmajagym hak da özüme söz berdim. Iş tapdym, jan etdim, durman
işledim. Köpräk ýygnamak üçin ähli zatda tygşytly boldum, ýöne ähli ýygnan pu lumy ýitirdim.
Arzymy aýtmaga adam ýokdy, aýdaňda -da peýdasy barmy diýsene. Ähli zada täzeden
başlamaly boldum. Ýöne soňky ýygnan pullarym hem dürli sebäpler üçin, ýene de elimden gitdi.
Men her gezek gynan ýardym, näme etjegimi bilmeýärdim. Meniň ýitiren pullarym eslije bardy.

Bolan wakalardan soň men düýbünden pul suz galdym, näme etjegimi bilemokdym. Git
mäge ýerim ýokdy. Daň atanda metro münüp, derýajyga ýanaşyk oturan seýilgähe baryp, doga
okamaga başladym: «Hudaýjan, näme üçin eden işim ugruna bolanok. Näme üçin zähmetsöýer
adam bolubam arzuw eden durmuşyma halal gazanjym bilen ýetip bilemok? Bu adalatsyzlygyň
barypýatany ahbetin». Men hem doga oka ýardym, hem aglaýardym.

Şondan soň dünýägaraýşym üýtgäp başla dy. Bu aklymyň aýdyňlaşyp başlamagydy. Men
üst başyma seretdim — aýakgabym öl, geýi mim garagäz, elim ýüzüm görer ýaly däldi. Sakgalym
ösüp gidipdir, pul ýygnap, öýüme gitmek üçin, üç aýlap köçede ýaşadym diýen ýaly. Men näme
şular ýaly durmuşy arzuw edipdimmi? Şu ýerde Allatagalanyň özi jogap berýän ýaly, içki sesimi
eşitdim: «Sende pul bardy, ýöne sen olary dogry dolandyryp bilmediň: sen pullaryňy ýerlikli
ulanyp, gowy ýaşap bilerdiň, ýöne sen muny etmediň, sen bilim almagyň arzuwyndadyň, özüňi
äsgermeýän ýaly işleýärdiň. Şol sebäpden hem eliňden pullaryňy aldym».

Edil şu ýerde, adamlaryň, näme üçin 18-20 sagat işleseler-de, hiç haçan baýap
bilmeýänlerine düşündim. Giýewim ýadyma düşdi. Ol ýykylýança işleýärdi, jahan ýagtylmanka
turýardy, hemmelerden soň uklaýardy, ýöne onuň durmuşynda hiç zat üýtgemeýärdi.

Onuň maşgalasynda elmydama kimdir biri hökman keselleýärdi. Eger-de adam öz-özüni
äsgermeýän bolsa, özüne haýpy gelmän, sütüni süýnýänçä işleýän bolsa, onda Ýaradan oňa
baýlyk bermeýär, bolanja puluny — näsaglygyň, kyn ýagdaýlaryň we beýleki sebäpleriň üsti
bilen elinden alýar. Adam öz-özüne äsgermezçilik etmeli däl. Garaşýan jogabym öz-özünden
peýda boldy — ähli zada özüm günäkär. Men näme, ýükçi bolup işlemek üçin Moskwa gitmegiň
arzuwyndadymmy? Ýok. Men Moskwada okamagyň arzuwyndadym. Köp adam: bu ýere
gelerin, biraz işlärin, arzuwymy amala aşyrmagy bolsa soňa goýaryn diýip pikir edýär.

21
Näme üçin adamlaryň garyp düşýändikleri meniň üçin düşnükli boldy: olar öňlerinde
mynasyp maksatlary goýýarlar, ýöne ony amala aşyrmak üçin hereketi ters tarapdan edýärler.
Eger-de edýän işleriň arzuwyňa golaýlaşdyrmaýan bolsa, onda şolary etmegiň peýdasy näme?
Beýle etseň, wagtyň geçmegi bilen ilkibaşdaky öňüňde goýan maksadyňy ýadyňdan
çykararsyň, olar salgyma öwrülip gider. Köp adam bir zadyň arzuwyny edýär, ýöne
düýbünden başga tarapa ymtylýar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa, ýene öňki başlan ýerine gelip
düşýär. Eger-de häzirki işiňiz baýlyga äkitmeýän bolsa, onda siz nädogry ýol saýlandygyňyz
bolýar.

Ýene ylham gelen ýaly, kellämde bir pikir peýda boldy: «Sen diňe eliň we aýagyň bilen
işleseň, baý bolup bilerin öýdýärmiň? Sen agyr zähmet bilen baýan adamyň birini bir
tanaýarmyň? Tanaýan dälsiň». Özüme gaýdyp şunuň ýaly işiň başyna barmajagyma söz berdim.
Diňe iki ýol bilen pul gazanyp bolýandygyna gözüm ýetdi: agyr zähmet ýa-da akyl zähmeti.
Allatagala bizi hiç haçan ýeke goýmaýan ekeni. Ýoluň ugrunda otyrkam, köwşümiň aşagyna iki
sany bäş ýüzlük kupýuranyň (kagyz puluň) ýelmeşenini gördüm. Ilkibada gözüme ynanmadym.
Elime aldym, hakyt pul. Şonda durmuşymy üýtgetjekdigime söz berdim, ýaňky pul bolsa
baýlygymyň binýady boldy.

22
Bu karara gelenime mähetdel durmuşym düýpgöter üýtgedi. Bodo Şeferiň aýdan sözleri
bar: «Pul peýda bolmanka, olary dolandyrmagy öwrenmeli, pul peýda bolandan soň, olary
dolandyrmak ýeňil bolar».

Men gurply maşgalada önüp-ösdüm, gowy geýinýärdim, jübim mydama pulludy. Ýöne
soňabaka eginbaşyma üns bermegi, pulum bolsa-da, gymmat zatlary satyn almagy goýdum.
Mende gurplulyk duýgusy ýitdi. Hemişe pul ýitirmek gorkusyny başymdan geçirýändigimi
aňdym. Meni garyplaryň endikleri eýeledi. Özi hem bu zatlar oýlanylmazdan şeýle boldy. Bu
zatlardan soň bir karara geldim: «Özüme baý bolmagy rugsat berýärin, indiden beýläk baýlar
ýaly ýaşajak». Şeýlelikde, men görlüp-eşidilmedik derejede pul gazanmaga başladym.

Ilkibaşda günde 100 rubl, iki hepdeden soň gündeki gazanjym 300, 500, 1000 rubla ýetdi.

Akylym goýaldygyça, ähli pulumy özüm üçin sowmaly diýen düşünjä eýerdim. Özümi
baý adam hökmünde duýmak üçin, bäş ýyldyzly restoranlarda naharlandym, gymmat egin-
eşikleri satyn aldym.

Şol döwürler bir zada göz ýetirdim: özüňe nähili hormat goýýan bolsaň, beýlekiler hem
seni şonuň ýaly kabul eder. Eger-de özüňi sylamaýan bolsaň, onda adamlar hem seni sylamaz.

Käwagt taksi saklaýardym-da, bir sagatlap, Moskwa şäheriniň giň, owadan köçelerinde
ulagly gezelenç edýärdim. Bu gezelenç maňa örän gymmada düşýärdi, ýöne özümi baý adam
hökmünde duýýardym, özüme bolan ynamym artýardy. Sebäbi adam özüni näçe ynamly duýsa,
onuň işleri şonça-da ugruna bolýar.

Gün geçdigiçe, özümi maddy taýdan baý adam hökmünde duýup başladym. Günde 1500-
2000 rubl gazanýardym. Şol wagtlar bir günki gazanjyma Täjigistandan jaý satyn alyp bolýardy.

Wagt tapdygymdan wokzala gidýärdim. Moskwa gelip, iş tapman, kösenip ýören


adamlary öz hasabyma naharlaýardym. Bir gezekde 50-100 adamy naharlaýan wagtlarym hem
bolupdy.

Olar menden hoşaldylar. Şu zatlardan soň mätäç adamlary begendirmegiň


ýakymlydygyna göz ýetirdim.

Gazanýanyň saňa günüňi dolamaga kömek berýär, mätäje berýäniň bolsa, saňa
ýaşamaga kömek edýär. Bu sözleri galan ömrüme ýadymda sakladym. Wokzala gatnap,
adamlary naharlamagy bolsa iki hepdeläp yzygiderli dowam etdim.

Öň günde 100 rubl gazanýardym, şondan 20si iýmite gidýärdi. Soň-soňlar ähli
mümkinçilikleri döredilen gymmat jaýy kärendesine alyp, rahat ýaşap başladym. Eger-de baý
adam hökmünde duýmaga özüňe rugsat berýän bolsaň, onda bolelinlikden hem-de
üstünlikden doly durmuş ýaranyň bolar.

Moskwa ilki gelen uçurlarym seýilgähdäki oturgyçda oturyp, ýaşaýşyma nälet


siňdirýärdim. Kömek soranymda ýüz bermedik adamlary ýigrenýärdim, özüme şeýle bir nebsim
agyrýardy welin, zadyň çaky däldi. Häzir bolsa şol kyn günlerimde kömek bermedik adamlara
minnetdar bolýaryn. Eger-de şolar bolmadyk bolsa, häzirki derejäme hiç haçan ýetip bilmezdim.

Her gezek Moskwa baranymda şol seýilgähe barýaryn. Ol ýer maňa güýç berýär, has öňe
gitmegime ýardam edýär.

Adamlar häzirki aýdýanlaryma ýürekden düşünýärler, ýöne çyny bilen ynanyp


bilmeýärler. Kimdir biri durmuşyny üýtgedip biljegine ynanýar, beýleki biri, tersine, baryny
biderek hasap edýär.

23
Her biri özbaşyna dogry.

Men bolsa esasy bir zada düşündim: adamlar iki topara bölünýär. Birinji topar elleri
bilen işleýärler, kelleleri bilen bolsa pul sanaýarlar: ýanýoldaşyna näçe bermeli, jaýa näçe
tölemeli, bergisine, beýleki zatlara näçe aýyrmaly. Ikinjileri kelleleri bilen gazanýarlar, elleri
bilen bolsa sanaýarlar.

Bu düşünje durmuşymy hemişelik üýtgetdi. Durmuşymy üýtgetmek kararymdan iki aý


geçenden soň, Moskwanyň bazarynda iş dolandyryjy wezipesine işe geçdim, ýarym ýyldan
Kutuzow prospektinde iki otagly jaý satyn aldym. Bir ýyldan bolsa hususy öýli boldum. Kimdir
biri Moskwada ömrüne işleýär, ýöne ýaşaýyş jaý edinip bilmeýär. Men bolsa muny alty aýda
edindim. Sizde hem bir ýylda gazanyp bilmedik puluňyzy bir günde gazanan pursadyňyz bolar.
Ýöne ol pursat, haçan-da kesgitli, berk karara gelip, kynçylyklaryň öňünde gaýa ýaly
duranyňyzda bolar.

Ýaradan adamy hiç haçan ýeke goýmaýar.

Ötegçi barada nesihat beriji hekaýa

Çölüň içinden bir adam barýan eken. Ol gaty ýadapdyr, ony suwsuzlyk heläk edipdir.
Güýçden galyberende doga okamaga başlapdyr: «Eý, Allam, men suwsuzlykdan öljek bolýaryn,
sen ähli keramatly kitaplarda bize kömek etjegiňi, ýaran boljagyňy, kyn günde goldajagyňy
aýdýarsyň. Ýöne men birnäçe günden bäri ýolda, mende güýç-kuwwat galmady. Yzymda aýak
yzlarymdan başga hiç zat ýok, sen meni ýatdan çykardyň, meni ýeke goýduň». Halys bolan
ötegçi uklapdyr. Düýşünde asmanda iki sany adamyň şekilini görüpdir. Ol: «Allajanlarym, bu
nämäniň alamaty?» diýip sorapdyr. Allatagala: «Çägäniň ýüzünde gören aýak yzlaryň meniňki.
Men seni şu ýere göterip getirdim» diýipdir.

24
Pul muskuly
Tutanýerliligiň ýok ýerinde, geçilen ýol hem ýok.

Bernard Şou

Özüňizde ynamyň kem-kemden güýçlenýändigini duýýarsyňyzmy? Size özüňize bolan


ynam gerek. Dükana gireniňizde we başga dükanyň bahasyndan bir ýarym esse arzan satylýan
harydy göreniňizde, gerek bolmasa-da, ony satyn alasyňyz gelýär. Isleseňiz, ony satyn alyp
biljegiňize gözüňiz ýetýär. Puluňyzyň bardygy ynamyňyzy artdyrýar. Bu zenanlarda has-da
göze ilýär. Dükanlaryň birinde olary synlaň — olaryň haýsy biriniň näçeräk baýdygyny şol wagt
kesgitlärsiňiz.

25
Eger-de hossarlaryňyzdan biri beýlekilerden baý bolsa, myhmançylykda ol elmydama üns
merkezinde bolar. Bu öz-özünden şeýle bolýar. Şonuň üçin, ýanyňyz bilen pul götereniňizde, siz
pul muskullaryňyzy türgenleşdirýärsiňiz. Bu birnäçe aýlap taýynlanyp, soň bolsa diňe bir gezek
sahna çykyp, aýdymyny ýerine ýetirýän aýdymça meňzeýär. Bir albomy taýynlap, ýazga
geçirmek üçin bolsa, kähalat birnäçe ýyl gerek bolýar. Puly ýitirerin ýa-da alarlar öýdüp
gorkmaly däl. Puluňyz ýanyňyzda bolsa, has tertipli bolarsyňyz.

Ýaýdanjaňlyk şowsuzlykdan hem beterdir. Hiç hili hereket etmän oturanyňdan, bir işe
synanyşyp, ýalňyşanyň gowy. Ýalňyşlyklar bize tejribe, bilim galdyrýar, ýaýdanjaňlyk bolsa
gorky bilen şübhe galdyrýar. Bu hakykata akyl ýetirmeklik, adamyň güýjüni we güýjüne bolan
ynamyny artdyrýar, oňa üstünlige alyp barýan ýoly görkezýär.

Eger-de siz pula, kän bolsun, az bolsun, tapawudy ýok, arkaýyn hem-de ynamly garap
bilmeseňiz, onda hiç haçan baý bolup bilmersiňiz. Eger-de siz, hatda az mukdar puldan hem
gorkýan bolsaňyz, onda kän pula hiç haçan eýe bolmarsyňyz. Özüňizde ussatlygy
terbiýelemäge çalşyň. Mümkinçilikleriňizi, kesp-käriňizi puldan ýokary tutuň. Diňe şonda
üstünlikli we garaşsyz bolup bilersiňiz.

Kime garaşsyz adam diýip bolar? Özüne, ýanýoldaşyna, çagalaryna, ýoldaşlaryna beren
wadasynda durýan adama garaşsyz diýip bolar. Eger-de durmuşyňyzy ertekä öwrerin diýen
bolsaňyz onda öwrüň. Eger-de ussatlygyňyzy artdyraryn diýen bolsaňyz onda artdyryň. Eger-
de ýanýoldaşyňyzyň hossary bilen oňşaryn diýen bolsaňyz, näçe kyn hem bolsa, oňuşyň.
Çagalaryňyza gowy bilim bererin diýdiňizmi, onda beriň. Hut şunuň özi hem hakyky erkinlikdir,
garaşsyzlykdyr.

Ýazgy depderçäňize

Baýlygyň nyşany ýatýan, işleýän ýerleriňizde durmaly, ol nirä barsaňyz gözüňiziň öňünde
bolmaly. Günüňiz kynlaşanda, sustupeslik aralaşsa ýa-da ýadaw bolsaňyz, şoňa serediň. Şol
wagt baýlyk nyşany sizi gujur-gaýratdan we güýçden dolduryp başlar. Bu duýgyny düşündirip
bolmaýar.

Adamlaryň köpüsi bir zadyň arzuwyny edýärler, ýöne düýbünden başga zat edýärler.
Netijede, köpi isläp, azdan galýarlar. Eger-de häzirki edýän işiňiz baýlyk getirmeýän bolsa, bu
siziň öz saýlan ýoluňyz. Onda garyplyk siziň ykbalyňyz.

Bodo Şefer: «Puly dolandyrmagy, pul peýda bolmazyndan öň öwrenmeli, şonda pul peýda
bolanda özüňize ýeňil düşer» diýipdir.

Näme gazanýan bolsaň, bu günüňi dolandyrmaga kömek edýär, näme berýän bolsaň, bu
ýaşamaga kömek edýär.

Adamyň iki görnüşi bar:

1) birinjisi eli bilen işleýär, kellesi bilen bolsa pul hasaplaýar — ýanýoldaşa näçe bermeli,
kwartira näçe tölemeli, bergä näçe bermeli we ş. m.

2) ikinjisi kellesi bilen gazanýar, eli bilen bolsa hasaplaýar.

Ýoly özüňiz saýlamaly. Adamlar, köplenç, mynasyp maksady kesgitleýärler, ýöne terse
ýöreýärler.

Eger-de gorkmaýan bolsaňyz, baý bolmagy özüňize rugsat berýän bolsaňyz, onda size
bolelin hem üstünlikden doly durmuş garaşýar.

26
Eger-de kän bolsun, az bolsun pula parahat hem-de ynamly garap bilmeseňiz, hiç haçan
baý bolup bilmersiňiz. Eger-de, hatda az mukdar puldan gorkýan bolsaňyz, onda sizde hiç haçan
köp pul bolmaz. Ussatlyga ýetjek boluň. Ynamlylygyňyzy, mümkinçilikleriňizi, kesp-käriňizi
puldan ileri tutuň. Diňe şonda üstünlikli we garaşsyz adam bolarsyňyz.

Nädip puly aýryp goýmaly?


Pul — ony ýygnamagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlary halaýar.

Jorj Kleýson

Maňa puly dolandyrmagy nähili öwreden bolsalar, men hem size şonuň ýaly öwretjek
bolaryn. Ilki bilen, girdejiňiziň paýlanmagyna ýörite çyzgy boýunça seredeliň.

Puly dolandyrmagy öwrenseňiz, puluň özi size geler. Olar pul bilen nähili işlemelidigini
we näme etmelidigini bilýänleriň ýanyna gelýärler. Eger puly näme etmelidigini bilmeýän
bolsaňyz, gowusy hiç zat etmäň. Ilki bilen, öz maýa serişdeleriňizi dolandyrmagy öwreniň, diňe
şondan soň onuň bilen näme edesiňiz gelýän bolsa ediň.

Aşakda mysal getirilen hasabyň modeline garalyň. Bu maliýe durnuklylygyny gazanmak


üçin maşgala býujetini dolandyrmagyň formulasy.

Her aýdaky girdejiňiz — işiňiz, başarnygyňyz we hünär ussatlygyňyz bilen gazanýan


puluňyzyň jemi.

Bu görkeziji işleriňiziň ýagdaýyna bagly bolup, haýsy hem bolsa bir tarapa üýtgäp biler.
Siz gazanan puluňyzy jaýa, iýmite, okuwa, çagalar bagyna tölege, egin-eşige harçlamaly.
Güýmenjä, dynç almaga, hemişekisi ýaly puluňyz ýetmeýär. Netijede, maliýe çukury döreýär.
Beýle ýagdaýlar işi ugruna bolmaýan adamlaryň ählisinde bolýar. Olar: «Köp gazanaryn,
artdyraryn, soň tygşytlamaga başlaryn» diýýärler. Ýöne şeýle adamlar köp gazanyp başladygyça,
şonça-da köp pul sowýarlar. Ahyrynda bolsa hiç zat üýtgemeýär.

27
Wawilon öz wagtynda Mesopotamiýanyň iň baý şäheri bolupdyr. Şäher Bilimler
ybadathanasynda nähili baý bolmalydygy hakda bilimini ildeşleri bilen deň paýlaşan Arkadyň
kömegi bilen baý bolupdyr. «Şägirtlerim, bir näçeleriňiz: «Iň möhüm zerurlygy üçin on teňňesi
hem ýetmeýän adam, nädip gazanjynyň ondan bir bölegini aýryp goýsun?» diýip soraýarsyňyz.
Size ýene bir hakykaty açaýyn: beýle düzgüne çynymyz bilen garşy durmasak, «iň möhüm
zerurlyk» diýýänimiz, girdejimiz bilen deň öser».

Ol şuny göz öňünde tutýar. Aýdaly, girdejiňiz yzygiderli ösýär: geçen aý 300 dollar
gazandyňyz, bu aý bolsa 500 dollaryňyz bar, ýöne şeýle-de bolsa olaryň baryny sowduňyz. Soňra
indiki aý girdejiňiz 1000 dollara çenli öser, şonda çykdajyňyz hem şol jeme laýyk bolmaly. Hatda
2000 dollar gazansaňyz hem şonuň ýaly bolar.

Girdejiniň we çykdajynyň derejesiniň tertipnamasy

28
Siz 500 dollara-da günüňizi gowy doladyňyz, ahbetin. Näme üçin beýle boldy? Isleg artýar,
täze talaplar peýda bolýar. Ünsüňizi hiç haçan diňe çykdajylarda jemlemäň. Bir hindi akyldary:
«Bu dünýäniň maýyl edýän zatlary deňziň suwuna meňzeýär: adam ondan näçe içse, şonça beter
suwsaýar» diýipdir. Iýmit ýa-da egin-eşik satyn alanyňyzda, önüm öndürýän adamlaryň
girdejisini artdyrýarsyňyz.

Näme üçin adamlar köp gazanyp başlasalar, köp sowýarlar? Sebäbi olar indiki aý has köp
gazanmaga ymtylýarlar, ýöne muny nähili etmelidigi barada pikir etmeýärler. Olar häzirlikçe
puly dolandyrmak biliminiň eýesi däl, olarda köp pul gazanmagyň, ony rejeli tutmagyň
başarnygy ýa-da endigi ýok.

Üstünlikli adamlar başgaça edýärler. Olar puly ilki aýryp goýýarlar, soň näme galsa şony
sowýarlar.

Dünýä tölemezden öňünçä, ilki özüňe töle. Näme üçin adamlaryň, hatda üstünlikli
adamlaryň hem ertire ynamy bolmaýan wagty bolýar? Olar gymmat awtoulag münýärler,
restoranlara gidýärler, ýöne ýüzleri elmydama tutuk hem keýpsiz. Olar örän gymmat geýimleri
geýýärler, ýöne bary-ýogy iki-üç aý işleri ugruna bolmasa, bankdan alan pul serişdelerini yzyna
berip bilmejek ýaly bolýarlar. Eger şeýle pese düşme bir ýyla çekse, onda olaryň dat gününe. Şol
pikirler olary howsala düşmäge mejbur edýär. Sebäbi olar wagtynda özlerine tölemediler.

Şonuň üçin ýadyňyzda saklaň: dünýä tölemekden öňürti, özüňe töle. Ýogsa ýakynlaryňyzy
söýýändigiňizi, olara päk ýürek bilen aýdyp bilmersiňiz. Söýgini iş bilen görkezmeli.

Hususy maliýe meýilnamasy maksatlaryňyza ýetmäge kömek edýär. Siz umumy


gazanjyňyzdan 10% geljek üçin aýryp goýmaly. Bu siziň arzuwyňyzyň puly, ony sowmaga
hakyňyz ýok. Galan 10%-i dynç almak we güýmenje üçin aýyrýarsyňyz. Aýyrýan puluňyz, hatda
kafede oturmaga hem ýetmeýän bolsa, barybir 10%-den artyk bolmasyn. Eger-de göwün açmaga
diýip bir ýerlere gidesiňiz gelse, güýmenje hasabyňyza serediň. Eger kimdir birine sowgat almaly
bolsaňyz, güýmenje hasabyňyza serediň. Ähli işde, şol sanda maliýe işleriňizde-de düzgün-tertip
gerek. Düzgüni ýola goýan badyňyza, ol işläp başlar. Şonda puluň özi size geler, düzgüniň
aýrylmaz bölegine öwrüler. Şonda maddy-hal ýagdaýyňyzyň tiz ýokary galýandygyna geň
galarsyňyz.

Ýöne hasabymyza dolanalyň. Puluň galan jemini 100% hasap edeliň we ondan 55%-i
kompaniýanyň hasabyna aýralyň (başgaça aýdanyňda, bu geljek biznes üçin aýyrmaly puluňyz).
Galan 45%-ni hasabyňyza geçireliň (her aý zerurlyklar üçin çykdajylar; bir gezek satyn alynýan
29
harytlara, mysal üçin, öý tehnikasy, mebel ýa-da syýahata gitmek ýaly çykdajylar bu sanawa
girmeýär. Öňüňizde goýan maksadyňyz üçin aýratyn aýyrmaly). Käwagt şeýle bolýar: girdejiňiz
1,5 esse ösýär, soň öňküden hem pese düşýär. Näme sebäpden? Siz jogapkärçiligi inkär etdiňiz.
Eger içki energiýaňyzyň dört görnüşi hem bile utgaşykda bolmasa, näçe akylly bolaýyň, pul
sizden gider.

Birinji düzgüni ýatda saklaň. Girdeji şahsyýetiň ösüş derejesini ýokarlandyrmaýar, ýöne
şahsyýetiň ösüş derejesi girdejini ýokarlandyryp bilýär. Adam geljegi üçin jogapkärçilik
duýmasa, girdeji azalýar; näçe köp gazansaňyz hem, girdejiňiz çykdajyňyz bilen deňleşýär.

Hasabyň modeli bu çykgynsyz ýagdaýy böwüsmäge kömek eder.

Hasaba laýyklykda, siz girdejiňizden iş hakyny özbaşdak kesgitleýän hakyna tutma işgär.
Şeýle bolanda çykdajylar öňki ýaly ösmez. Eger-de siz indiki aýda köp gazansaňyz, onda
kompaniýanyň hasabyna köp goýum goýup bilersiňiz. Öz hasabyňyza elmydama 45% goýuň.
Sebäbi haçan hem bolsa bir döwür işläp bilmejek günleriňiz hem geler. Şonda pul örän gerek
bolar.

Bu zatlaryň hemmesi näme üçin edilýär? Çykdajylaryň artmazlygy üçin girdejiler


ösübersin, ýöne çykdajylar bir derejede durmaly. Iş hakyňyzyň jemini nähili kesgitlemeli? Şu
günki senäni belläň bu siziň başlangyç nokadyňyz. Soňky bir ýylda näçe gazanandygyňyzy
hasaplaň. Jeminden 45%-i aýryň. Alnan netijäni aýlaryň sany boýunça 12-ä bölüň. Bu san sizi
begendirýärmi ýa-da ýok? Barybir ýokarky düzgüne boýun bolmaly bolýarsyňyz. Emele gelen
netije siziň özüňize bellän iş hakyňyz. Ol az bolsa-da, oňa nähili garaýan bolsaňyz-da, baý
bolasyňyz gelýän bolsa, siziň köp sowmaga hakyňyz ýok.

Siziň saýlawyňyz

Indi alnan maglumatlara daýanyp, saýlamaly bolýarsyňyz:

1) hasabyň modelini ulanmak arkaly durmuşyňyzy üýtgetmeli hem-de puly aýryp


goýmaga başlamaly diýen karara gelmeli;

2) ýa-da hiç zady üýtgetmeli däl, ähli zady öňki-öňküligine galdyrmaly.

Islendik ýagdaýda bellibir karara gelmeli, sebäbi başga ýol ýok. Bu ösüp, uzagyndan uly
agaja öwrülip biljek çigit. Bir almada näçe çigidiň bardygyny islendik adam hasaplap biler, ýöne
şonça çigitden näçe alma agajynyň ýetişjegine hiç kim kepil geçip bilmez. Hasaplamanyň
netijesinde çykan san — ilkinji çigit.

Siz özüňize mynasyp derejede gowy ýaşap bilersiňiz. Eger-de az-azdan pul aýryp
başlasaňyz, onda puluňyz köpelip başlar. Ýöne hiç zat etmeseňiz, onda alan galaňyz bolmaz.
Sebäbi ujypsyz maýa serişdesi hem ýagdaýy üýtgedip bilýär.

Eger-de bankda her gün 8% girdejä 1 dollardan aýryp goýsaňyz, onda 30 ýylyň
dowamynda, takmynan, 1,8 — 2 million dollar bolar. Köplenç, adamlar bir günde 1 dollardan
köp sowýarlar.

30
Bergiler

Eger-de siziň bergiňiz bar bolsa, onda maliýe meýilnamaňyza üýtgetmeler girizmeli. Her
aýda gazanjyňyzdan geljek üçin 10% aýryp goýmaly, 20%-ini bolsa bergileriňiz üçin ulanmaly.

Adamlarda üýtgeşik häsiýet bar, boýy bilen bergä girenlerinden soň meseläni şagalaň
arkaly basmaga çalyşýarlar. «Hiç haçan bergili adamdan zat alma hem karz alma!» diýip, ruhy
atam çaga döwrüm nesihat bererdi.

Siziň bergilere bolan baş ýörelgäňiz şulardan ybarat bolmaly. Eger hossaryňyzdan karz
alan bolsaňyz, onda «bergini çalt bersem gowy bolar» diýip pikir ediň. Şonda muny çalt etjek
bolarsyňyz, aýlyk alan badyňyza berip dynarsyňyz. Ýöne aýlyga çenli günüňi dolamak üçin,
ýene karz almaly bolýar. Tapawudy näme?! Bergi üçin diňe 20% aýyrmaly. Eger karz berenler
närazy bolsalar olara: «Bölek alasyňyz gelmese, hemmesi üýşýänçä garaşyň» diýip aýdyň. Ýöne
bergilere garamazdan, hemişe geljek üçin 10% aýryp goýuň. Bu size özüňizi ynamly we
ygtybarly duýmaga mümkinçilik berer.

Ýadyňyzda bolsun, aýryp goýulan puluň iň az mukdary hem ýagdaýy üýtgedýär. Eger
şu shema laýyk hereket etmegi endik etseňiz, gylyk-häsiýetiňiziň we düşünjäňiziň bellibir
görnüşini emele getirersiňiz. Bergilerden dynan badyňyza, aňyňyzda ornaşan düzgün öz-
özünden herekete geler siz geljek üçin 10% däl-de, 30% aýryp başlarsyňyz. Şol pursatdan başlap
aýryp goýýan puluňyz üç esse tiz artar.

Siz hasap modeliniň esasynda ulgam düzmeli. Sizde näçe puluň bardygy möhüm däl,
esasy zat oýlanyşykly düzülen ulgam. Eger-de häzir pulumyz az, köpelenden soň ulgam
boýunça hereket ederis diýýän bolsaňyz, onda sizde özüňize bolan ynamsyzlyk bardyr. Bu
sözleri geljegine ynanmaýan şowsuz adamlar aýdýarlar. Ýöne geljege ynanmajak bolsaňyz, onda
näme üçin ýaşamaly? Durmuş derejäňizi ýokarlandyrmaga güýjüňiziň ýetjegine ynanmaýan
bolsaňyz, näme üçin okamaly. Ertir baý boljagyňyza ynanmaýan bolsaňyz, pul aýryp goýmak
nämä gerek?

Köpler: «Biz ,,gara günler“ üçin pullarymyzy aýyryp goýýarys, bizi şeýdip okatdylar, ene-
atalarymyz: “Kyn günlerde mätäçlik çekmez ýaly, pullaryňyzy aýyryp goýuň!” diýýärler. Biziň
31
aňymyzda ýyllar boýy, pul-kyn günüňde kömek edýär diýlip bellenilip goýlan. Ýöne bu beýle
däl. Biz geljege ynanmalydyrys. Pul aýryp goýmak bilen, biz arzuw edýän durmuş obrazymyzy
döredýäris. Islendik adam muny irde-giçde edýär. Guşuň iki ganaty bar: birinji ganat umyt,
ikinjisi gorky. Siz uçarsyňyz, ýöne diňe erkin uçuşyň täsirini duýmak üçin uçarsyňyz ýa-da
durmuşyň özi sizi uçmaga mejbur eder, ýöne onda uçuşdan lezzet alman, gorky duýarsyňyz.

Ýazgy depderçäňize

Puly dolandyrmagy öwreneniňizden soň, olaryň özi siziň ýanyňyza geler. Sebäbi pul olary
nähili özleşdirmelidigini bilýän adamlaryň ýanyna gelýär.

Hiç haçan çykdajylarda ünsüňizi jemlemäň. Bir hindi akyldary: «Bu jahanyň maýyl edýän
zatlary deňziň suwuna meňzeýär: adam ony näçe içse, şonça-da suwsaýar» diýip aýdypdyr.
Üstünlikli adamlar, ilki bilen, göz öňünde tutulan puly aýryp goýýarlar, diňe şondan soň näme
galsa sowýarlar. Ilki dünýä däl, özüňe töle.

Girdeji şahsyýetiň ösmegine ýardam bermeýär, ýöne şahsyýetiň ösmegi girdejini artdyrýar.

Puly nädip inwestirlemeli (işletmeli)


Diňläň — şonda ýadyňyzdan çykararsyňyz, görüň — şonda ýadyňyzda saklarsyňyz, dörediň—
şonda düşünersiňiz.

Konfusiý

Köp adamlar nämä we näme üçin maýa goýmalydygy barada gyzyklanýarlar.


Dolandyrmagy öwreneniňizden soň, olar ep-esli bolup size geler. Şonda ýygnanan puly
inwestirlemek barada öwrenen bilimiňiziň peýdasy deger. Adamlaryň köpüsi toplan pullaryny
näme etmelidigini, girdeji almak üçin puly nähili ulanmalydygyny, mümkinçiliklerine nähili
baha bermelidigini bilmeýärler. Serişdelerini gerekmejek ownuk-uşak zatlara harçlaýarlar, diňe
şondan soň puly biderek sowman, ony bir işe goýup, girdeji alyp boljakdygy barada pikir
edýärler. Ýöne eýýäm giç, çünki pullar sowuldy.

Geliň, altyn ýumurtga berýän towuk baradaky hekaýany ýatlalyň. Daýhan towugynyň
altyn ýumurtga guzlaýandygyny görüpdir. Gözlerine ynanman ýumurtgany eline alyp görse, ol,
hakykatdan hem, altyndan eken. Daýhan altyn-kümüş ussasynyň ýanyna baryp, oňa
ýumurtgany görkezipdir. Ussa daýhana altyn ýumurtga üçin, ep-esli pul töläpdir. Ertesi hem şol
waka gaýtalanypdyr — towuk ýene altyn ýumurtga guzlapdyr. Bu ýagdaý daýhanyň sabyr
käsesi dolýança dowam edipdir. Ahyrsoňy muny bilmek üçin daýhan towugy öldürmegi
ýüregine düwüpdir. Daýhan towugyň damagyny çalyp, garnyny ýarypdyr, ýöne ol ýerden
ýumurtgadan başga hiç zat tapmandyr.

Başga sözler bilen aýdanyňda, ýaňky altyn ýumurtga siziň işleden maýa serişdäňizden alan
göterimiňiz ýa-da girdejiňiz. Altyn ýumurtga berýän öz towugyňyzy döretmeli. Biraz pullary
üýşüp, şol towugy edinmäge mümkinçilik döräýen ýagdaýynda-da, köp adamlar gymmat egin-
eşik ýa-da awtoulag satyn alanlaryny gowy görýärler. Gymmat awtoulag münýän ýa-da aňrybaş
eginbaşlary geýýän adamlaryň köpüsiniň bankda aýryp goýan pullary ýok. Sebäbi olar üçin pul
sowmak has aňsat.

Bir gün sapagyma bir zenan geldi. Ähli dersleri üns bilen diňledi. Gazanjyny soranymda
zenan 10 000 teňňe diýdi. Men geň galdym. Soň okuwa gatnamak üçin puly nireden alýandygy
barada gyzyklandym. Zenan okuwyň birinji derejesine ýetende durmuşyny gowulamak üçin bir
zatlar etmelidigine düşünendigini aýtdy. Ol kir ýuwujy maşyn almak üçin karz pul alypdyr, ýöne
ol pullary bilimini artdyrmak maksady bilen, özüne harçlapdyr. Maýa goýumyň iň amatlysy —
32
özüňe harçlamak. Bu hiç bir zat bilen, hatda çagaňy okatmak üçin edilýän çykdajylar bilen hem
deň däldir. Şol sebäpli-de maliýe meýilnamaňyzy döretmäge çalşyň. Öňki meýilnamalaryňyzyň
ählisi diňe çykdaja gönükdirilen. Indi bolsa hakyky maliýe meýilnamaňyzy çykdajy
meýilnamasyndan tapawutlandyrmagyň wagty geldi.

Maliýe goraglylygy

Mysal üçin, ýönekeý maşgalanyň bir aýda gününi dolap biljek pulunyň ortaça jemi
hökmünde 500 dollar alalyň. Ony alta (6 aý) köpeldiň, 3000 dollar bolýar. 3000 dollar 6 aýda
maşgalany eklemek üçin gerek boljak pul. Bu nämäni aňladýar? Eger-de şol pul bolsa, siziň
arkaýyn hem-de ynamly bolup biljekdigiňizi aňladýar. Siz islendik ýagdaýda-da geljek alty aýda
maşgalaňyzyň häzirki wagtda ýaly ýaşajakdygyna bil baglap bilersiňiz. Siziň maşgalaňyz 6 aýlyk
maliýe goraglylygynda bolar.

Birnäçe adamda şonça pul bar. Eger ýok bolsa näme? Şol puly ýygnaýançaňyz kafedir
restoranlardan eliňizi çekiň, dynç almak meýliňizi soňa galdyryň. Çykdajylar diňe iýmite we
hojalyga gerekli gündelik harytlar üçin bolmaly. Sebäbi pul ýygnamazdan, toý-meýlisleri
guramaga, bir ýerlere dynç almaga gitmäge hakyňyz ýok.

Indi 500 dollary 12 aýa köpeldeliň, 6000 dollar çykar. Şol pul sizde häzir bar bolsa, onda
gowy. Eger-de ýok bolsa onda ýokarda görkezilen çäklendirmeler size-de degişli. Sebäbi ýarym
ýyl üçin ýygnanylan gor näme diýseňiz hem az, gowusy ätiýaçlygy elden bermän, 12 aý üçin
ýygnamaly.

Şol pul jemlenenden soň, ony bankda aýry hasapda saklaň. Häzir bolsa çykdajylary
çäklendirmeli boljagyňyza boýun boluň. Bu maşgalaňyzyň maliýe goraglylygy üçin zerur.
Garaşylmadyk ýagdaýda biznesiňiz haýallasa, ýa bolmasa, girdejiňiz peselse, şonda arkaýyn
bolarsyňyz. Sebäbi islendik wagt hasabyňyzdan pul alyp, maşgalaňyzy maddy babatda üpjün
edip bilersiňiz.

Hemişe ýadyňyzda bolsun, ýygnan ätiýaçlyk puluňyzyň biznesiňize degişli ýeri ýokdur.
Ol maşgala býujetiňiz. Islendik nogsanlyklar ýüze çykan ýagdaýynda-da olary başga maksatlar
üçin ulanmaň. Eger-de bir bölegini alan ýagdaýyňyzda-da, öwezini haýal etmän dolmaga çalşyň.

Maliýe goragy

$500 (x) 6 = $ 3000

$500 (x) 12 = $ 6000

$500 – aýlyk girdeji, 6 we 12 – aýlar.

Pul diňe ýeke häsiýete eýedir. Mukaddes kitapda, nämeler diýlendigini ýatlalyň: ” Kimde
bar bolsa, oňa berler we köpeler, kimde ýok bolsa, bar zady ondan alnar. Gaty köp mukdarda
ýygnanansoň, girdejiňiziň çalt köpelip başlar, täze teklipler gelip başlar, täze mümkinçilikler
açylar.

Maliýe howpsuzlygy

Indi 500 dollary alalyň we 150 köpeldeliň. Bu düzgüni Bodo Şefer döretdi. Pifagoryň
teoremasy ýadyňyzdamy? Ol hemişelik we hiç haçan üýtgemeýär. Şefer maliýe howpsuzlygy
üçin gerek bolan puluň kesgitlenen jemini hasaplamak üçin düzgüni işläp çykardy. Maliýe
howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, siz kem-kemden 75 000 (500 (x) 150) dollar ýygnamaly.
Puluň hut şu jemi siziň maşgalaňyza maliýe howpsuzlygyny üpjün eder.

33
Eger-de şol puly bir ýylda 8% girdeji almak şerti bilen, islendik bankda goýsaňyz, onda bir
ýylda 6000 dollar girdeji alarsyňyz. Soň ony 12-ä bölseňiz, 500 dollar aýlyk tölegi emele geler.
Ýagny 75 000 dollar ýygnasaňyz, siz maliýe howpsuzlygyna eýe bolýarsyňyz. Hatda ahyrky
günüňize çenli işlemeseňiz hem, ýygnan puluňyzdan geljek göterim girdejisine arkaýyn ýaşap
bilersiňiz.

Ýenede bir zada üns beriň: siz, ilki bilen, maliýe goraglylygyny gazandyňyz, sebäbi pul
tygşytlap başladyňyz. Netijede 6000 dollar ýygnadyňyz. Diňe şondan soň puluň indiki jemini —
75 000 dollary ýygnap başladyňyz. Puluň banka goýulan şu jemi arkaly bolsa siz maliýe
howpsuzlygynyň eýesi bolduňyz.

Indi bir soraga jogap beriň: eger siz şu düzgün barada bäş ýyl öň eşiden bolsaňyz, onda
ondan peýdalanarmydyňyz we maliýe taýdan goragly bolup bilermidiňiz? Hawa ýa-da ýok. Köp
kişi baý bolup biljeginiň pikirini de etmäge gorkýar, baý adam ýaly pikir edip bilmeýärler. Hut
şonuň üçin hem men size nädip baý bolmalydygyny däl de, nädip puly dolandyrmalydygyny
öwredýärin. Ilki bilen, tohum atjak topragyňy taýynlamaly. Ol gaty ýerde hiç haçan gögermez.

Bu düzgün barada ilkinji gezek eşidenimde, göwnüme pulumy tygşytly ulansam 20 ýyldan
75 000 dollar ýygnap biljek ýalydym. Ýöne erjellik bilen işläp, bir ýarym aýdan maliýe
goraglylygyny gazananymda, muňa özüm hem haýran galdym. Indiki sekiz aýda maliýe
howpsuzlygyny edin dim. Bulara örän tiz ýetip biljegimi göz öňüne de getirip bilmeýärdim. Diňe
şonda «Işläň, dörediň, şonda Älem size kömek eder» diýen aýtgynyň manysyna düşündim.
Ýaradan döredijilikli, maksady aýdyň, üstünlikli adamlary gowy görýär. Lellimleri,
başarnyksyzlary, özüne ynamy bolmadyk iňreleri bolsa halanok. Güýçli ýel gowşak agaçlary we
ýaňy çykan şahalary ýeňillik bilen döwýär.

1960-njy ýyllarda ABŞ-da talyp-ylgawçy sportsmen bilen onuň türgeni biznese


başlapdyrlar. Olar Aziýa ýurtlaryndan sport aýakgaplaryny ge tirip, Amerikada satypdyrlar. Iki
işewür biznesleri üçin bary-ýogy 500 dollar çykdajy edip, Ýaponiýanyň «Onitsuka Tiger» (häzirki
«ASICS») kompaniýasyna 300 jübüt sport aýakgap sargyt edipdir. Aýakgaplara isleg uly
bolupdyr. Soňra 1970 nji ýyllaryň başynda işdeş ýoldaşlarda kompaniýa açmak pikiri döräpdir.
1971 nji ýylda bolsa gat lakly görnüş dabanly aýakgaplaryny önümçilige goýberipdirler.
Aýakgabyň dizaýnynyň ideýasyny iki ýoldaşyň biri öz aýalynyň gatlakly bişirýän sajyndan
göçüripdir. Bary-ýogy 30 dollara dizaýner talyp gyz täze önümiň ýönekeý logosynyň suratyny
çekipdir. Şeýlelikde, dünýäniň iň iri «Nike» sport harytlaryny öndürýän kompaniýasy peýda
bolýar.

Üstünligiň syry ýönekeý: hyýal gurdular we amala aşyrdylar. Şonuň üçin ikirjiňlenmäňde
işe girişiň, üstünlik hemraňyz bolar.

Arzuwyňyza tarap herekete başlasaňyz, gowy bolmazmy? Özüňizi ynandyrjak boluň. Soň
here ket etmäge başlaň.

Seminarlarymdan soň iki-üç aýda girdejilerini 20-50% ýokarlandyran adamlar barada köp
mysal bar. Şonuň üçin şu kitapda beýan edilenlere mag lumatlar ýygyndysy hökmünde garamaň
da, ýol kartasy deý maksadyňyza tarap dogry ýol tapma ga we azaşmazlyga kömek berjek
durmuş tejribesi hökmünde kabul ediň.

Maliýe erkinligi

Siziň pikiriňizçe, gowy ýaşamak üçin näçe pul gerek bolar? Islän zadyňyzy satyn almak,
kafede, restoranda naharlanmak, daşary ýurtda dynç almak üçin. Bir aýda 10 müň ABŞ dollary
diýeliň. Siziň üçin bu uly pulmy? Siz şonça pul özüňizde bar ýaly duýmaly. Şol durmuşa

34
mynasypdygyňyza özüňizi ynandyrmaly we başarnygyňyza şübhelenmeli däl. Siz, özüňi alyp
baryş bir zat, hakyky pul düýbünden başga zat diýmegiňiz mümkin. Ýöne men: «Siz, özüňize
ynananyňyzdan soň hakyky puluň eýesi bolarsyňyz. Özüňizde baýlyk duýgusyny dörediň»
diýýärin.

10 müň ABŞ dollaryny 150ä köpeldeliň, 1,5 million ABŞ dollary bolar. Ynanyň, bu beýle bir
köp hem däl. Eger siziň gowy öýüňiz bar bolsa ýada uly ýaşaýyş jaýy miras galan bolsa, onda siz
baý. Mysal üçin, 1990njy ýyllarda gozgalmaýan emlägiň 57 müň ABŞ dollary bahasy bardy. Häzir
iki-üç sany uly kwartiraňyz bar bolsa, onda baý adam hasap edilýärsiňiz.

Ýokarda görkezilen puluň jemini ýygnanyňyzdan soň, siz maliýe erkinligini


gazanýarsyňyz. Bu bolsa, şol puly 8% girdeji almak şerti bilen bankda goýan ýagdaýyňyzda bir
ýylyň dowamynda 120 müň ABŞ dollaryny gazanyp biljekdigiňizi aňladýar. Ony 12 aýa paýlaň,
şonda 10 müň ABŞ dollaryna deň sap girdeji alarsyňyz. Şeýlelikde, geljegiň aladasyny etmezlige
mümkinçilik gazanarsyňyz. Siz pul üçin işlemersiňiz, pul siziň üçin işlär. Baý adamlaryň köpüsi
şonuň ýaly edýärler. Näme üçin siz baý we üstünlikli adamlaryň arasyna goşulmaly däl? Siz
muny başararsyňyz, şonda başga adama öwrülersiňiz, özüňizi baý adam hökmünde kabul
edersiňiz we: «Men baý adam, özümi erkin duýýaryn, indi pul barada pikir etmeýärin»
diýersiňiz.

Bular hakykata öwrülip biler, ýöne diňe siziň ýüregiňiz aklyňyz bilen bir ugra hereket
edende, özüňiziň, ýakynlaryňyzyň bähbidi üçin göreşe ruhlananyňyzda bolup biler. Bu meýliňiz
amal bolandan soň, özüňize bolan ynam we ruhy kanagatlylyk kalbyňyzy doldurar.

Şeýle bir şorta söz bar. Taksi sürüjisi awtoulagynda baý müşderini öýüne getiripdir. Ýoluň
ahyrynda ol sürüjiden näçe tölemelidigini sorapdyr. «100 dollar» diýip sürüji jogap beripdir.
Müşderi geň galypdyr: «Şeýle gymmatmy?». Şonda sürüji, düýn onuň ogluny getirendigini we
onuň 200 dollar töländigini aýdypdyr. Onda baý müşderi: «Onuň kakasy millioner ahbetin, men
bolsa ýetim» diýipdir. Baýlar puluň nämedigini, ony nähili gazanmalydygyny we nähili
sowmalydygyny bilýärler.

Oşonyň kitaplarynyň birinde gyzykly tejribe barada okadym: alymlar ylmy işi üçin iki sany
maýmyny alypdyrlar. Olary kapasa salypdyrlar we ýokardan birnäçe banan asypdyrlar.
Maýmynlar ajygyp, banany almak üçin böküp başlanlarynda, olaryň üstünden sowuk suw
guýupdyrlar. Birnäçe wagtdan maýmynlar ýene banany almakçy bolupdyrlar, ýöne ýene olaryň
üstünden sowuk suw guýupdyrlar. Bu ýagdaý bir näçe gezek dowam edipdir. Ahyrsoňy
maýmynlar bökmekden geçip, banana diňe seretmäge başlapdyrlar. Soňra kapasa ýene bir
maýmyny salypdyrlar. Ol üstünden suw guýulýanyndan habary ýok, böküp banany almaga
çalyşypdyr, ýöne indi beýleki maýmynlar oňa päsgel beripdirler.

Bu waka kapasadaky maýmynlaryň sany 12-ä ýetýänçä dowam edýär. Soňra kapasadan
ilki getirilip, üstünden suw guýlan dört maýmyny, ondan soň iň soňky getirilen maýmynlary
galdyryp, ýene dört maýmyny çykarýarlar.

Şondan soň özlerini başgaça alyp barar diýen umyt bilen, ýene kapasa ýeke-ýekeden
maýmyn goýberip başlaýarlar. Ýöne ýene-de öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Täze gelen
maýmynlary hem banan almak üçin böküp başlanlaryndan ýenjipdirler. Ýöne muny indi suw
hakda hiç zat bilmeýän maýmynlar edipdirler. Maýmynlarda bananlary ellemeli däl diýen
durnukly düşünje emele gelipdir. Hatda sebäbini bilmezden, olar beýlekilere banan almak üçin
bökmäge päsgel beripdirler.

Stereotipler (düzgünleşen ters düşünje) biziň döwrümizde-de ýok däl. Siz üstünlik
gazanmak isleýärsiňiz, ýöne size hökman päsgel bererler, sebäbi bu kanun. Muňa bir ýerden
35
eşidilen ters maglumat ýada biriniň ters tejribesi sebäp bolup biler. Adamlar kellesine gelenini
aýdarlar, saklamaga çalşarlar, munuň mümkin däldigini düşündirerler. Özüňizi ele alyň, özüňize
ynanmagyňyzy dowam etdiriň, töwellalara boýun bolmaň.

Maýa goýumyň düzgünleri

Biz maglumat agdyklygynyň pidasy. Gelýän maglumatlar kähalat dogry, kähalat bolsa
dogry däl. Mysal üçin, Ýeriň togalakdygyny nädip bilýäňiz? Siz ony Älemden görmediňiz ahyry.
Ol ýöne bir aýdylan maglumat. Maglumat neti je çykarmaga esas bolup hyzmat edýär. Oturgyçda
oturan wagtyňyz ol dört aýagynyň kömegi bilen durnukly. Öý dört diwaryň kömegi bilen dur.
Bu san diwarlaryň derkarlyk möçberi. Eger -de oturgyjyň bir aýagyny aýyrsaň, durma gyny
dowam eder, ýöne durnuklylygyny ýitirer. Şol sebäpden hem, maýa serişdesini dört ugra
ýerleşdirmeli.

Eger de siz dagda bolup gören bolsa ňyz, uly derýalaryň ownuk akarlary özü ne
çekýändigini bilýänsiňiz. Hut şolaryň kömegi bilen, kiçi, göze ilmeýän akardan joşgunly, güýçli
akýan dag derýasyna öwrülýär. Maliýe ulgamynda hem şol düzgün hereket edýär. Girdejiniň
diňe bir çeşmesi bilen siz hiç haçan baý bo lup bilmersiňiz. Şonuň üçin diňe aýlyga bil baglamaň.
Bir uly maliýe akymyna öwrülip, sizi baý hem üstünlikli edip biljek pul akarjyklaryny dörediň.
Hatda ýokary okuw j aýynyň diplomy hem siziň baý bolup biljekdigiňizden habar ber meýär.
Aýlyga daňylmak sizi baý etmez.

Nurbekowyň şeýle sözleri bar: «Barmaklaryňyzy ýumrugyňyza ýummaň, olary açyk


saklaň, sebäbi eliň aýasyna näçe sygsa, şonça hem seniňki. Bar maklaryň arasyndan dökülenler
ene ataňyza, ýakynlaryňyza, garyp gasara nesip eder ýaly, barmaklaryň arasy bi raz açyk
bolmaly. Eliňde galanlaryny çala silkmeli we ýaňky dökülenlere ta rap üflemeli. Şondan soň
näme galsa seniňki. Ol seni baý eder, sebäbi derýa hem ýolundaky ähli ösümlikdir jandarlara
ömür berýär».

Girdeji çeşmelerini köpeltmek

1. Nagt pullar 2. Paýnamalar we gaznalar 3. Gozgalmaýan emläk 4. Kompaniýanyň bir


bölegi bolmak

36
Pul — maliýe serişdesini nähili ulanmalydygyny bilýän adamlaryň elinde galýar. Maýa
goýujylaryň, hyz matdaşlaryňyzyň bähbidini nazary ňyzda saklaň. Olaryň bähbidini bil mek
bilen, olary gyzyklandyryp biljek teklipleri döredip bilersiňiz. Ilki bilen, maýa goýujylaryň
meýilnamalaryny, niýetlerini, meselelerini biliň. Goý, si ziň teklipleriňiz olaryň meseleleriniň
çözgüdi bolsun, şonda olar hökman siz bilen ylalaşarlar.

Maýa goýum üçin dört ugur

Maliýe ýagdaýyňyzyň durnukly bolmagy üçin, her biriniň öz maksady we mümkinçi ligi
bolan dört ugra maýa goýum harçlamaly.

Bi rinji ugur — bankda saklaýan nagt pulu ňyz. Ony juda zerur bolmasa, bankdan alma ly
däl. Sebäbi şol serişde siziň maliýe goraglylygyňyzy üpjün edýär. Bu pul serişdesi bank
göteriminiň hasabyna mydama köpelýär.

Ikinji ugur — kompaniýalaryň paýnama lary we gymmatbahaly kagyzlar. Bu ulgamy


öwreniň, düşünjek boluň, biržada paýnama satyn almaga çalşyň, ýöne ilkibada az pula. Eger
satyn alan paýnamalaryňyzyň bahasy arzanlasa, gorkmaň, tejribe topladygyňyz bolar. Birnäçe
wagtdan soň ýagdaýa dogry baha bermegi, wagty gelende satyn alyp sat magy, serişdäňizi
ygtybarly paýnamalara harçlamagy, bahalaryň oýnamagynyň hasabyna pul gazanmagy
öwrenersiňiz.

Üçünji ugur — gozgalmaýan emläk. Onuň bahasy hiç wagt gaçmaýar, ony satmak ýeňil, ol
mydama girdeji getirýär. Gozgalmaýan emläge goruňy goýmak amatly hasap edilýär. Eger-de
ýaşaýyş jaý satyn almakçy bolsaňyz, ony üstünlikli adamlardan satyn alyň. Hatda sagatdyr
aýakgap alsaňyz hem gabat gelen ýerden däl-de, abraýly dükanlardan satyn alyň. Adamlar
«Bazarda bu zatlary arzan alaryn» diýýärler. Ýöne hemme zat tölegli. Gymmat bolsada,
dükandan satyn alsaňyz, diňe pul tölärsiňiz. Bazardan göz leseňiz, wagtyňyzy hem ýitirýärsiňiz.
Puly gazanyp bolýar, ýöne wagty yzyna alyp bol maýar. Şol sebäpden hem, gozgalmaýan em läk
satyn alanyňyzda, üstünlikli adamlardan satyn almaga çalşyň. Näme üçin diýip soraýaňyzmy?
Sebäbi, hatda jaýyň diwarlary hem eýeleriniň ähli ters energiýalaryny — dawalaryny,
şowsuzlyklaryny, keýpsizliklerini, ters duýgularyny özüne siňdirýändir. Öýüňizde dawa
bolmazlygy üçin, eliňizden gelenini ediň. Dawa-jenjeller maşgala oja gynyň ahlak ýagdaýyna ters
täsirini ýetirýär. Gepiň küle ýeri, gymmat bolsa -da, bolelin, abadan ýaşaýan maşgaladan satyn
almaly.

Maşgala abadançylygy, çagalaryň saglygy is lendik puldan gymmatdyr.

Dördünji ugur — kompaniýanyň bölegi bolmak. Mysal üçin, taýyn biznes ýa da


ygtyýarnama satyn almak, awtorlyk hukugyny kanunlaşdyrmak, rugsatnama almak, üstün likli
kärhana maýa goýum ýerleşdirmek, ös ýän kompaniýalaryň paýnamalaryny satyn almak. Siz
bulary kompaniýalaryň täze işläp düzýän taslamalaryna puluňyzyň bir bölegini maýa goýmak
arkaly gazanyp bilersiňiz.

37
Durmuş maksatlar
Pes maksatlaryňy beýik maksatlaryň pidasy edip, ömrüň üçin, belli bir wagt üçin, birýyl üçin, bir
aý üçin, bir hepde üçin, bir gün üçin, hatda bir sagat, bir minut üçin maksat edin.

Lew Tolstoý

Adamlaryň köpüsi maksatlaryny göz öňüne getirip bilmeýärler. Ömür bir gezek berilýär,
şonuň üçin-de ruhy taýdan hem, maddy taýdan hem has mazmunly, owadan ýaşamagy
başarmaly. Her gün irden maksatlarymyz hakda pikir etmeli.

Gereksiz zatlara hiç haçan wagt ýitirme. Ýogsa iň möhüm pursatda arzuwlaryňy amala
aşyrmak üçin birnäçe saga dyň, hatda birnäçe minutyň ýetmezligi mümkin. Maksatlaryňyzy
anyk kesgitläň: olar aýdyň meýilleşdirilmelidir, öňüňiz de ähli zady öz içine alýan maksatlary
goýmaň. Sebäbi olara aýlyk hakyňyzyň nukdaýnazaryndan seretseňiz, ýetip bol majak ýaly
görner. Özüňize bolan yna myňyzy ýitirersiňiz we maksadyňyzyň amala aşyrylmagyny has
gowy döwre çenli yza süýşürersiňiz. Uly maksady kiçi maksatlara «bölseňiz», olara ýetmek
ýeňil bolar. Bir kiçi maksatdan beýleki sine geçip, kem kemden esasy maksada
ýakynlaşarsyňyz.

Näme üçin köp adam maksadyna ýetip bilmeýär? Sebäbi olar diňe esasy maksady
görýärler. Olar esasy maksada ýetmek mümkin däl diýip hasap edýärler. Şonuň üçin dört sany
uly maksadym bar diýmäň. Aňymyz ABŞ nyň 1 million dol larlyk kagyz puluny kabul etmeýär.
Ýöne iki sany ABŞ nyň 2 ýüz dollary adamy tolgundyrýar, sebäbi ol esasy ünsüni ka gyzyň
sanyna gönükdirýär.

38
Mysal üçin, biz «bu gymmat oýnawaç» diýsek çaga düşünmeýär. Çaga oýnawajyň sanyny
kabul edýär. Ol ulularyň dü şündirişlerine düşünmeýär. Edil şonuň ýaly, görüş duýgusy siziň
aňyňyz üçin möhümdir: ol köp kagyz pul görende seslenýär.

Siz zawod açmakçy bolýarsyňyz diýeli. Bu—ähli zady öz içine alýan uly maksat. Siz zawod
açmak üçin näme etmelidigi ni, nämeden başlajagyňyzy bilmeýärsi ňiz. Ýöne biznes meýilnama
düzseňiz, onda näme etmelidigi jikme jik beýan ediler, hemme hasaplar çykarylar, balans
düzüler. Eger maýa goýujynyň ýanyna gelip, taglymatyňyz barada gürrüň ber seňiz, ol anyk iş
meýilnamasyny hem de maglumatlary sorar. Eger ähli zatlary içine alýan taglymatyňyz bilen
banka barsaňyz we karz pul sorasaňyz, sizden biznes meýilnama talap ederler. Hiç kim
meýilnamasyz iş üçin pul sarp edesi gel mez. Şonuň üçin, ilki bilen, oýlanyşykly biznes
meýilnama düzmegi öwreniň.

Iri kärhanalaryň iş dolandyryjylarynyň we başlyklarynyň bardygy size mälimdir. Ýolbaşçy


ozal taýýarlanan kararlara gol çekýär. Iş dolandyryjy bolsa kärhananyň ähli üstünliklerini we
meselelerini bir kemsiz bilýär we häzirki wezipelerden gowy baş çykarýar, işgärler bilen oňat gat
naşmagy başarýar. Eger ýolbaşçyny işden boşatsalar, onda ol işsiz galmagy ahmal, ýöne iş
dolandyryjyny işden boşatsalar, ol birnäçe wagtdan ýene işe ýerleşer. Se bäbi zehinli adamlar
hemme ýerde gerek. Eger ussat hünärmen bolsaňyz we işiňizi gowy görýän bolsaňyz, onda
islendik iş dolandyryjy sizi öz kompaniýasyna alar. Muňa uzak ýyllaryň dowamynda «Ford»
kompaniýasynyň iş dolandyryjysy bolup işlän, soň işinden boşadylan L.Ýakokkininiň
mysalynda aýdyň göz ýetirip bi leris. Has dogrusy, işden boşadylan Ýa kokkinini awtoulag
läheňi — «Kraýsler» kompaniýasy işe çagyrýar. Bu ýerde hem Ýakokkini kompaniýany täze
sepgitlere ýetirmek bilen, özüniň iş başarjaňlygyny görkezýär. «Ford» bolsa ony işden çykar mak
bilen, köp zat ýitirýär.

Eger gowy kaka bolsaňyz, onda oglu ňyz hem sizden görelde alar. Eger iş do landyryjy
bolup, özüňizi hem dolandyryp bilmeýän bolsaňyz, onda hiç kim size ynanmaz.

Eger derýa kenardan seretseň, onda göwnüňe bolmasa derýa egrem bugram syz göni akýan
ýaly görner. Ýöne uçar bi len ýokardan seredeniňde, derýanyň eg rem bugramdygyny görüp
bolýar. Sebäbi ol öňünden çykan päsgelçilikleri aýlanyp geçýär. Adam hem ýolunda peýda
bolýan päsgelçilikleri edil şonuň ýaly ýeňip (ýada aýlanyp) geçýär. Dogry tarapa sizi
ugrukdyrmak üçin, bilkastlaýyn ýoluňyza päsgelçilikleri goýsa bolýar. Muny iş do landyryjy
edip biler bellenen maksatlara ýetmek üçin, ol işgärleri dogry ýola gönükdirýär.

Biz özümize de edil şonuň ýaly gara ýarys — arzuwlarymyzy amala aşyrmak üçin
pikirlerimizi, duýgularymyzy, ni ýetlerimizi, hereketlerimizi dolandyrýarys. Netijesi bolsa
maksadymyza nähili garaýandygymyza bagly bolýar. Özümizi dolandyrmak, niýetimizi
takyklamak, meýilnamany ýerine ýetirmäge özümizi mejbur etmek, ters duýgularymyzy sak
lamagy başarmagymyz meýilnamala rymyzyň hakykata laýyklyk derejesini kesgitleýär.

Sokrat bu barada şeýle belläp geçipdir: «Hiç zat etmeýän ýalta bolanok, elin den
gelýäninden az iş edýän kişi ýalta bolýar». Mydama iş dolandyryjy bolma ga çalşyň. Özüňiz üçin
bir zat edeniňiz de ýa da özüňizi terbiýeläniňizde muny durmuşyň talaby sebäpli däl de, özüňize
hormat goýup, uly söýgi bilen ediň.

Eger bir iş edeniňizde başa barmasa, ýeterlik erjelligiňiz, erkiňiz, sabyr takatyňyz bolmasa,
özüňizi günäkärlemäge howlukmaň. Muny howsala düşmän dü zedip bolýar. Esasy zat, özüňizi
terbiýe lemeli, ýetmezçiligiňizi düzetmeli. Özüňizi gowy tarapa üýtgedip biljekdigiňize
düşünmeli hem de haýal etmän özüňizi terbiýeläp başlamaly.

39
Isleg pikirleri döredýär, pikirler — hereketi. Käwagt adamlar, hakykatdan hem, isledim,
ýöne başarmadym diýýärler. Beýle diýmek dogry däl. Eger bir zady, çyndanam, ýüregiňiz bilen
isleseňiz, ony gazanarsyňyz.

Şübhe
Biz ynamsyzlygymyz bilen, başga biriniň ýalanyny aklaýarys.

Fransua de Laroşfuko

Adamda iň erbet häsiýetleriň biri, hemişe şübhelenmekdir. Bir zat satyn alanyňyzda,
şübhelenýärsiňiz. Aslynda, biz ynamsyzlygymyz bilen, geljegimizi döredýäris. Hiç haçan
şübhelenmäň, adamlara ynanmaga çalşyň, olara bil baglaň.

Söwdaňyzy açanyňyzda, saýlan işiňiziň iň oňat hünärmenleri bilen işleşmäge çalşyň. Men
kompaniýa açanymda: «Işine ökde hünärmenle ri aljak» diýip bildiriş berdim. Muňa, hakykatdan
hem, iň gowy dalaşgärler seslendiler. Diňe ökde hünärmenleri işe almagy hem de şolar bilen işleş
megi meýilleşdiriň.

Köp adamlar bähbitli teklipler edi lende maýa goýmakdan çekinýärler. Olar puluň gaýdyp
gelmezliginden gorkýarlar. Baýlyk häzirki wagtda sizdäki bar bolan zat däl, ol siziň üçin işlemeli
hem de artmaly zat.

Ýazgy depderçäňize

Bir girdeji çeşmesi bilen siz hiç ha çan baý bolmarsyňyz. Diňe bir aýly ga bil baglamaň. Bir
maliýe akymyny emele getirip, sizi baý we üstünlikli etjek pul çeşmejiklerini dörediň.

Maýa goýum üçin dört ugur bar: bank hasabyndaky puluňyz, paý namalar we gaznalar,
gozgalmaýan emläk, goşmaça söwda gatnaşmak. Bu ugurlaryň diňe birine pul goýmaly däl,
sebäbi hemişe bellibir töwekgel çilik bar. Diňe şu dört ugurdaky pul goýumlary size maliýe
garaşsyzlygy ny we howpsuzlygyny kepillendirer.

Hiç haçan gereksiz zatlara wagtyňyzy ýitirmäň. Ýogsa iň möhüm pursatda arzuwyňyzy
amala aşyrmak üçin birnäçe sagadyň ýa da minutyň ýetmezligi mümkin.

Gowusy bir uly maksady ownuk maksatlara bölüň — şonda olara ýetmek, kem kemden
esasy maksa da ýakynlaşyp, bir kiçi maksatdan beýlekisine geçmek ýeňil bolar. Doly ýetip boljak
ilkinji maksady we uly arzuwlara alyp barýan maksatlaryň uly toplumyny aýdyň bilýän bolsaň
başlamak has aňsat.

Özüňi dolandyrmak, hereketleriň pikirini etmek, ters duýgular dan saklanmak


başarnyklary me ýilnamalaryň hakykat derejesini kesgitleýär.

40
Puluň lezzetini nädip almaly
Lezzet akmaklaryň bagty bagt akyldarlaryň lezzeti.

Stanislas de Buffer

• Haýyr-sogap.
• Mümkinçiligiňiz bilen näme etdiňiz?
• Zehinler we başarnyklar.
• Güýmenje we lezzet.

Köplenç, zerur däl zatlara pul harç laýarys, maýa goýum goýanymyzda erkimizi gorkulara
berip, girdejiniň mukdary az bolsun, ýöne howpsuz bolsun diýen düşünjä uýýarys. Maýa
goýmagyň kähalatda maliýe ýitgä el tip biljekdigi görnüp duran zat ahy ry. Ýöne maliýe taýdan
erkin bolmak üçin, töwekgelçilige ýykgyn etmeli. Utulmak üçin dälde, ýeňmek üçin oýnaň.
Mümkin boldugyça, geljegiňize maýa goýuň. Elli ýaşadym, indi maňa gerek däl diýmäň. Ömür
ýyllar bilen sanalmaýar, zähmetde gazanan netijeleriň lezzetli pursatlary bilen sanalýar.

Häzirki döwürde üstünlik gazanmaga mümkinçiliklerimiz has köp. Haýsy


derejededigiňizi kesgitleýän hut puluň özüdir. Haýsy derejede durandygyňyzy özüňiz kesgitle
jek boluň. Soňky onýyllygyň içinde dünýä üýtgedi, täze mümkinçilikler peýda boldy. Ýöne
birnäçe adamlar ýigrimi ýyl mundan öňki ýörelgeler bilen ýaşaýarlar. Maksadym size diňe
puluňyzy nädip köpeltmelidigini däl-de, eýsem, bagtly, üstünlikli hem-de baý bolmagy
öwretmek.

Haýyr-sogap

Dünýäde mätäçler köp. Baý adamlaryň iň gowy häsiýeti — mätäçlere kömek etmek.

Adamlaryň kömegi bolmazdan, günümi görüp bilerin diýýän adam ýalňyşýar. Özüniň
kömegi bolmazdan, başgalar gününi gö rer diýýän adamlar bolsa iki esse ýalňyşýar. Puluň
lezzetini almak üçin töweregiňe, mätäç adamla ra bir zatlar bermeli. Musulmanlar girdejileriniň
2,5 göterimini, hristianlar ondan bir bölegini haýyr sahawata bagyşlamalydyr lar. Käbir adamlar
«Häzir pulum az, ýöne baý bolanymda hökman bererin» diýýärler. Bu özözüňi aldamak bolýar.
Ýadyňyzda bolsun, diňe özüňizi oýlaýan bolsaňyz, durmuş sizden ykdysady çökgünligiň,
keselleriň, ýa bolmasa, baş ga ýagdaýlaryň üsti bilen birnäçe esse artyk alar. Gepiň küle ýeri,
bermeseňiz, almarsyňyz.

Mümkinçiligiňiz bilen näme etdiňiz?

Egerde çaga mätäçlikde ýaşa ýan bolsa, ol muny şeýle bolmaly diýip düşünýär. Arzuw
edişi miz ýaly ýaşamaýandygymyz üçin çagalarymyz günäkär däl. Olara has gowy durmuş
bermelidiris. Durmuşyňy üýtgetmäge synanyşmakdan, häzirki ýagdaýyňyzdan has netijeli
ýaşamak üçin herekete geçmek juda ýeňildir.

Obamdan gitjek bolanymda, ejem nirä gitmekçidigimi sorady. Men bütin ömrümi oba da
geçirmek islemeýändigimi, özümi dünýäni görmäge mynasyp hasaplaýandygymy aýtdym. Ejem
bolsa: «Obada gal, meniň toplan ähli emlägim seniňki» diýdi.

Daş -töweregime göz aýla dym. Gözüme kiçijek bir jaý, ujypsyzja mellek, mal-gara, ownuk-
uşak zatlar göründi. Obanyň durmuşy birmeňzeş. Tomusda ot orup, guradyp goýýardym. Gyşda
bolsa mallara berýärdim. Güýzde mallary sa typ, zerur zatlarymyzy alýardyk. Bu durmuş
ýörelgesi.
41
Obadan gaýdanymda, ejem goýbermejek bolup aglady. Ýöne men durmuşymy
üýtgetjekdigimi çürt -kesik aýtdym. Halypam, bütin dünýä seniň üçin ýaradyl dy, ondan isläp,
gazanan zadyňa eýe bolmaga taýyn bolmaly diýýärdi. Emma ýadyňyzdan çykarmaň, hiç zat size,
hatda bedeniňize de degişli däl, ýanyňyz bilen başga bir dünýä hiç zat alyp bilmersiňiz. Muňa
düşünmek egoist (diňe özüni bilýän adam) bolmazlyga kömek edýär. Bir dana adam çagalaryna:
«Abraý, hormat, mertlik nirede bolsaňyz hem sizi patyşa edýär» diýip, öwüt-ündew beripdir.
Kim bolsaňyzam, nirede bolsaňyzam, näme etseňizem, bir zady unutmaň: Hudaýa ynanyň we
özüňizi aldamaň!

Zehinler we başarnyklar.

Ilki bilen, bir wakany gürrüň bereýin. Bir ýigidiň gowy sesi bar eken. Ol aýdym aýtmagy
gowy görýän eken, tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek oňa ýaraýan eken. Ol dünýäniň iň
meşhur aýdymçylarynyň çykyş edýän Milanyň La-Skala teatrynyň sahnasynda çykyş etmegi
arzuw edýän eken. Sazçylyk bilimini edinenden soň, ol gazanç üçin ýurt gezmeli bolupdyr. Bir
gün kiçiräk şäherde öňden bäri görmedik dosty gabat gelipdir. Ol «Sen bu ýerde näme
işleýärsiň?» diýip sorapdyr. Ýigit maşgalasynyň güzeranyny dolamak üçin aýdym
aýdýandygyny aýdypdyr. «Men ony soramadym, bu ýerde näme iş leýärsiň diýip soradym»
diýip, dosty gaýtalap sorapdyr. «Maşgalamy maddy tarapdan üpjün etmek üçin işleýärin diýip
aýtdym ahbetin» diýip, ol geňgaly jylyk bilen jogap beripdir. Şonda dosty: «Ýok, ony soramok,
durmuşyň saňa beren mümkinçiligini arzuwlaryňy amala aşyrmak üçin nähili ulandyň diýip
soraýaryn?» diýipdir.

Her kimde nähili hem bolsa bir zehin bar. Bu zehin adamlara şatlyk bermek üçin berilýär.
Zehini durmuşa geçirmek bilen üstünlik, hormat, esasy bolsa pul serişdesini gazanýarsyňyz.
Aýdymçy ýigit dosty bilen bolan duşuşykdan soň özüne ýer tapmandyr. Indiki gezek sahna
çykanynda, dünýädäki ähli zady ýa dyndan çykaryp, uly hyjuw bilen aýdym aýdypdyr.
Aýdymyny tamamlandan soň tomaşaçylar oňa ýerinden turup çapak çalypdyrlar. Welaýat
teatrynyň direktory onuň aýdymlaryna ýokary baha berip, şertnama baglaşmagy teklip edipdir.
Ýöne ol boýun towlapdyr we arzuwyna ýetmekçi bolýandygyny aýdypdyr.

Ýadyňyzda bolsun: pul zehinlerini amala aşyrmagy başarýan adamlara hyzmat edýändir.
Başarnygyňyzy diňe gazanja harçlamaň. Zehiniňizi ýüze çykarmak bilen, siz arzuwlaryňyzy
durmuşa geçirýärsiňiz we maliýe garaşsyzlygyna eýe bolýarsyňyz. Ykbalyň berýän sähelçe de
bolsa, mümkinçiligini ula nyň. Diňe şonda bagtly bolarsyňyz.

Alymlar «Bagt näme?» mowzugy boýunça ylmybarlag işini geçirdiler. Olar bagt — diňe
size degişli däl diýen ne tijä geldiler. Sen beýleki adamlara şatlyk, ruhubelentlik, umyt, ýagşylyk
bereniňde bagtlysyň. Bu bolsa bagty diňe artdyrýar.

«Mümkinçilik» — hakynda nesihat beriji hekaýa

Bir gün bir adam gijäniň ýarynda oýanyp, gapdalynda bir perişdäniň durandygyny
görüpdir. Perişde ol adama uly geljegiň garaşýandygyny aýdypdyr.

Ol adam wada berlen eşrete garaşyp ýaşapdyr, ýöne aýdylanlaryň hiç birinede eýe
bolmandyr. Ol garyp, ýalňyz halda dünýäden ötüpdir. Jennetiň derwezesinde iň gowy eşretleri
wada beren perişdäni göreninde, ol gaharly gygyrypdyr:

— Maňa baýlyk, uly hormat we owadan aýal wada berdiň. Ömrümi garaşmak bilen
geçirdim, ýöne hiç zat bolmady!

Perişde:

42
— Saňa hiç hili söz bermedim. Men baý bolmak, hormat gazanmak we söýülmek
mümkinçiligiň bolar diýdim diýipdir. Adam geň galypdyr:

— Men düşünmedim, munuň bilen näme diýjek bolýarsyň?

— Ýadyňa düşýärmi, bir gezek sende işiňi açmak pikir döredi, ýöne ýeňilmekden gorkyňa
ondan ýüz dönderdiň?

Adam ylalaşýan terzde baş atdy.

— Ýene birnäçe ýyldan ol pikir başga birinde döredi, ýöne ol şowsuzlykdan gorkmady.
Ýadyňa düşýän bolsa, ol ýurduň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi.

Perişde sözüni dowam etdi:

— Şäheriňizi weýran eden şol elhenç ýer titremesini ýadyňdan çykaran dälsiň. Müňlerçe
adam heläkçilige uçrady. Şol wagt sende diri galan adamlary halas etmäge mümkinçilik bardy,
ýöne talanmakdan gorkyňa öýüňden çykyp bilmediň. Şol sebäpdenem kömek çagyryşlaryny
inkär etdiň we öýüňde galdyň.

Adam utanyp, baş atdy.

— Bu ýüzlerçe adamy halas edip, olaryň hormatyna mynasyp bolmak üçin mümkinçilikdi
diýip, perişde sözüni dowam etdi. Göwnüňe ýaran çypar saçly owadan zenan ýadyňdamy? Ony
tapylgysyz hasap edýärdiň, ýöne ol hiç haçan saňa durmuşa çykmaz diýip pikir edýärdiň. Ret
edilmekden gorkyňa oňa teklip etmediň.

Adam ýene-de baş atdy we aglady.

— Hawa, dostum, ol seniň aýalyň bolup bilerdi, sen bolsa bagtly bolup bilerdiň, siziň
owadan çagalaryňyz bolardy, nesliň dowam ederdi diýip perişde aýtdy.

Hemmämize her gün mümkinçilikler berilýär, ýöne, köplenç, gorky we töwekgelsizlik


sebäpli biz olardan peýdalanyp bilmeýäris.

Güýmenje we lezzet

Dynç almak hem-de güýmenje üçin hemişe wagt aýryň. Halypamyň beren iň gowy
maslahaty: eger işiň üç ýylda arzuw eden durmuşyň bilen seni üpjün edip bilmedik bolsa, onda
ol işi taşla. Eger işiň seni göze görnüp duran netijelere ýetirmedik bolsa, ol işden git. Lukman
hekimiň aýdyşy ýaly, adam agaç däl, bir ýerde durar ýaly.

Eger saňa düşünmeýän bolsalar, öz pikirleriň we dünýägaraýyşlaryň dogrudygyny subut


etmek üçin ömrüňi ýitirmek nämä gerek — bu ýerden diňe gideniň gowy. Galasyň gelmeýän
ýerde galmak hökman däl. Belki, ýene bir ýerde öňüňde başga bir gapy açykdyr, sen bolsa bu
ýerde nämä garaşýanyňy bilmän oturansyň. Ýöne iň soňunda durmuşyňy üýtgetmek kararyna
geleniňde ýa-da durmuş seni öňki işden gitmäge özi mejbur eden halatynda, ol gapa eýýäm
kimdir biri girendir, ýa bolmasa, indi seniň üçin ol gapy ýapyk bolar. Elbetde: «Işimden biderek
ýere gidipdirin, oňa öwrenişipdim, nähili hem bolsa, aýlyk alýardym. Täze ýerde mundan gowy
boljagyna kepil ýok» diýip bolar.

Indi puldan nädip lezzet almalydygyna düşünýärsiňizmi? Düşünensiňiz diýip umyt


edýärin. Diňe ýokarda getirilen mysallaryň hemmesine eýereniňizde, pul size bagt we üstünlik
getirer. Pul bagta diňe ýardam berýär, ol maksat bolup bilmez. Esasy zat, siz ajaýyp duýgulardan
doly durmuşy ýaşamaly.

43
Päsgelçilikler

Bir mysal getireýin. Bagban bagy suwarmak üçin suw daşamaýar. Ol ýaby arassalaýar,
suwuň öňündäki päsgelçilikleri aýyrýar. Bag gülläp başlaýar, miwe getirýär. Ýöne bagyň
güllemegine päsgel berip biljek ýe ne bir zat bar — çalt ýaýraýan haşal otlar we zyýanly mör
möjekler.

Siziň öňüňizde nähili päsgelçilikler peýda bolup bilerkä? Bir haryt ýada önüm teklip
edýäňiz diýeliň. Bir iki müş deri siziň harydyňyzy ret eden halatynda kem kemden özüňize bolan
ynamy ýitirip başlarsyňyz. Sizde önümiň hiline şübhe dörär. Ýa-da siz bir meýilnamaňyz barada
dostuňyza aýtsaňyz, ol «Özüňi beýle kilerden akylly hasaplaýarsyň. Eger bu pikiriň ýerine
ýetirerli bolsa, beýlekiler muny bireýýäm ederdiler» diýer. Soňra pikiriňizi ikinji adam — ýakyn
garynda şyňyz bilen paýlaşarsyňyz. Onuň hem pi kiriňizden göwni suw içmän, ters tarapla ryny
tapar. Şeýlelikde, siziň eliňiz sowar. Olaryň beren maslahatlary siziň islegiňizi ýuwaş ýuwaşdan
öldürer, özüňize bolan ynamy ýitirersiňiz.

Wagt geçýär. Kimdir biriniň pikiriňizi durmuşa geçirendigini bilip galarsyňyz.

Onuňky ugruna bolar, çünki ol töwere gindäkilere hiç hili gulak asmady.

Tutanýerliligiň mysaly

Amerikaly bir ýigit ýigrimi iki ýaşynda işini ýitirýär. Bir ýyldan syýasatda bagtyny synap,
öz ştatynyň kanun çykaryjy guramasyna dalaşgär bolýar, ýöne ýene oňky paş maýar. Soňra özüni
bizne se oklaýar, ýene şowsuzlyga uçraýar. Ol otuz dört ýaşyn da kongrese dalaşgär bolýar. Ýene
aşygy alçy gopmaýar. Bäş ýyldan soň ýene de şol ýagdaý gaýtalanýar. Kyrk alty ýaşynda ABŞ -
nyň senatyna dalaşgär bolýar. Bu işi hem başa barmansoň, özüni wise prezidentlige hödürleýär
we ýene şowsuz bolýar. Onýyllyklaryň şowsuzlyklaryndan we ýeňlişlerinden utanyp, elli
ýaşynyň öňüsyrasy ýe ne de senata dalaş edýär we ýene bolmaýar. Ýöne öňüne böwet bolan
şowsuzlyklar ony iki ýyldan soň ABŞ-nyň prezidenti edýär. Onuň ady Awraam Linkoln.

Gaýtalama

Men ýerine ýetirmesi kyn işi etmegi başaran ätiýaçlandyryş (strahowaniýa) wekili barada
okadym. Häsiýeti boýunça ýaýdan jaň, ynamsyz adam bolupdyr. Kompaniýa da ony «gowşak
wekil» hasap edipdirler. Ol hemmeleriň biri-birine belet kiçeňräk şäherçesinde ýaşaýan eken.
Şäherçede super market bolupdyr, onuň eýesi tüçjar baý, hiç bir ynandyrmalara boýun egmeýän
eken, hatda ussat wekiller hem ony emlägini goramak maksatly ätiýaçlandyryş polisini satyn
almaklyga yryp bilmändirler. Günle riň birinde kompaniýanyň «gowşak wekili» öňünde
supermarketiň eýesine ätiýaçlandyryş polisini satmak maksadyny goýup dyr. Kärdeşleri onuň
bu işi başarjagyna şübhelenipdirler, onuň üstünden gülüp dirler. Maksadyna ýetmek üçin ol her
gün irden seýilgähe gelip, oturgyçda oturypdyr we: «Sen menden polis satyn alarsyň, sen
menden polis satyn alarsyň» diýip yzyny üzmän gaýtalapdyr. Soň supermarketiň eýesiniň öýüne
barypdyr, ýöne her gezek kanagatlanarly jogap alyp bilmändir.

Ahyr bir gün onuň gatnap ýörşi baý ki şiniň ýüregine düşüpdir. Ol: «Gulak goýuň gardaş,
men sizden ýadadym. Siz näme maňa hiç zadyň gerek däldigine düşünmediňizmi?» diýipdir.
Hünärmen aljyramandyr: «Erjelligimiň sebäbi, men arzuwyma ýetmäge dyrjaşýaryn». Baý
gyzyklanypdyr: «Siz her gün «ýok» diýenimi eşitmek üçin gelýäňizmi? Jogabyň oňaýly
bolmajagyny öňünden bilseňiz hem, ýene näme üçin gelýändigiňize men düşünmeýärin. On
soňam bu işe arzuwlaryň näme dahyly bar?». «Siziň ýanyňyza gelmek bilen men her gün
türgenleşýärin» diýip, wekil jo gap beripdir. «Ol nähili türgenleşýärsi ňiz?» diýip, baý täzeden
sorapdyr. «Ýanyňyza gelip, «ýok» diýen jogaby alanymdan soň, arzuwymy amala aşyrmak

44
meýlimiň üýtgewsizdigi barada özümi ynandyrýan. Özüme bolan ynamy ýitiresim gelmeýär, şol
sebäpden oňyn netijä ýetjek bolýaryn. Her gezek siziň ýanyňyza gelenimde, üstünlikli bolmak
höwesim artýar. Her gezek siz bilen duşuşyp, bolmanda, bir polis satýaryn. Men tutanýerliligimi,
ynandyr mak başarnygymy türgenleşdirýärin. Her gezek ýanyňyza gelenimden soň bolsa, meniň
işim ugruna bolýar» diýip, hünär men aýdypdyr.

Supermarketiň eýesi oňa geň galyp sere dipdir, biraz pikirlenipdir, soň bolsa ondan ussat
hünärmeniň aňyna gelmejek uly baha ätiýaçlyk polisini satyn alypdyr.

Ret edilmelere nähili çemeleşmeli?

Gadymy döwürlerden bäri iki sany ýönekeý düzgün bar. Birinjisi dostluga degişli. Eger her
biri on tonna ýük götermäge çydamly iki sany trosy biri biri bilen işseň, ol näçe tonna ýük göterip
biler? Ýigrimi tonna?! Ýok, otuz tonna. Sebäbi olar bilelikde ýekelikde göterip biljek ýükünden
has köp ýük götermäge çydamlydyr. Durmuşda hem edil şonuň ýaly. «Ýekäniň çaňy çykmaz»
diýen nakyl hem şol barada.

Eger är aýal biri birine düşünip ýaşaýan bolsalar, olar köp zadyň hötdesinden gelip bilerler.
Iň uly güýç — birek-birege düşünmegiň we hormat goýmagyň güýji.

Ikinji düzgünde düşünmek hem kabul et mek gaty möhüm. Eger kimdir biri sizi diň lemek
islemän, işiňiz barada erbet zatlary dile getirýän bolsa, olary ýadyňyzdan çyka ryp, işiňize
dowam ediň. Silkiniň! Aýakgabyňyzy we eşikleriňizi silkmek bilen, aňyňyzy mümkin bolan
şübhelerden arassalarsyňyz. Iru giç dostlaryňyzyň ýa da garyndaşla ryňyzyň biri arzuwlaryňyzy
amala aşyryp biljegiňize ynanmaýandygyny, ýagşy netije gazanmak ukybyňyza
şübhelenýändigini aýdyp, sizi gynandyryp biler. Muny ýüregi ňize almaň. Siz arzuwyňyza,
başarnygyňyza ynanmaly, maksadyňyza tarap hereket et megi dowam etmeli.

Kebelek barada nesihat beriji hekaýat

Bir şäherde akyldar ýaşapdyr. Ol adamlara kömek edýän eken. Adamlar onuň ýanyna
maslahat sorap gelýän ekenler. Şol şäherde onuň abraýyna bahyllyk edýän ýene bir akyldar
ýaşaýan eken. Bir gün onuň kellesine garşydaşyny nädip kemsitmelidigi barada pikir gelýär. Ol
şäher meýdançasynda adamlary ýygnap, giden märekäniň öňünde ondan gysymyndaky kebelek
ölümi ýa-da diri diýip soramaly diýen karara gelýär. «Eger diri diýse, elimi gysaryn, şonda
kebelek öler. Eger öli diýse elimi açaryn we kebelek uçup gider. Islendik ýagdaýda onuň jogaby
ýalňyş bolar» diýip, bahyl pikir edipdir. Etjek bolýan pişesinden göwni suw içen adam ýerine
geçip ýatýar. Ertesi irden ol adamlary ýygnap, akyldary çagyrýar we ondan: «Sen durmuşyň
syrlaryna akyl ýetiren adam, ähli soraglara jogabyň taýyn. Şonuň üçin soraglaryň iň aňsadyna
jogap tap. Elimde kebelek bar, ol ölü mi ýa -da diri?» diýip sorapdyr. Adamlar onuň hilesini aňyp,
näme jogap bererkä diýip, akyl dara seredipdirler. Akyldar ýylgyryp: «Ähli zat seniň eliňde. Eger
eliňi gyssaň ol öler, eger aç saň, uçup gider» diýipdir.

***

Bu waka Týumende bolupdy. Bir gün ýa nyma bir kişi geldi we çörekhana gurmaga kömek
etmegimi haýyş etdi. Men oňa garşy çykdym: «Bu ýerde çörekhana köp, munça bäsdeşiň
arasynda nähili üstünlik gazanjak? Bu etjek bolýanyň hakykata laýyk gelmeýär». Ýöne onuň:
«Bolsa bolupdyr ýüz sany çörekhana, men bir ýüz birinji bolaryn. Şeýle-de bolsa adamlar menden
satyn alarlar. Nähili kyn hem bolsa, men bu maksadyma ýeterin» diýen jogaby meni ynandyrdy.

Hut şol hem üstünligiň filosofiýasydyr. Goý, bäsdeşiň müň bolsun, ýöne nähili bolanda da,
ol gowularyň hataryna goşular. Özüne bolan ynamynyň, tutanýerliliginiň kömegi bilen, ol
üstünlige ýetmeli adam. Men onuň taglymatyny goldadym we oňa çörekhana aç maga kömek
45
etdim. Bularyň bary adamlaryň islendigine degişlidir. Hatda bazar siziňkä meňzeş harytdan doly
hem bolsa, tutanýerli we güýjüňize ynamly bolsaňyz, onda hökman üstünlik gazanarsyňyz.
Erjellik we gaýratlylyk işiňizde kömek eder.

Garynjanyň filosofiýasy

Kim garynjany saklamaga synanyşan bolsa, onuň tutanýerlidigini we erjelligini bilýändir.


Garynjany hiç hili päsgelçilik saklap bilmez. Ol päsgelçilikleri aşyp ýa aýlanyp geçip, ümzügini
maksadyna sary gönükdirer. Ýolunda kerpiç goýuň, päsgelçilikden gaçyp, derrew çözgüt gözläp
başlanyny görersiňiz, ol hiç haçan ýeňlişe boýun bolmaz. Egerde garynja däne ýada çörek
owuntygyny tapsa, ähli güýjüni jemläp, ony öýüne tarap äkidip başlar. Beýleki garynjalaryň hiç
biri onuň oljasyny elinden almaz, tersine beýleki garynjalar oňa kömege gelerler.

Ýer ýüzünde garynjalaryň 12 müň görnüşi bolup, bir adama, takmynan, bir million garynja
ýetýär. Garynja örän zähmetsöýer, ol mydama hereketde bolýar. Biz işden ýadap gelip, dynç
alýarys. Olar bolsa dynç almak barada pikir hem etmeýär.

Synçy boluň. Iň gowy halypa — tebigat. Ol bize zähmetsöýerligiň, sazlaşygyň we gözelligiň


täsin nusgalaryny berýär. Eger tutanýerliligiň we zähmetsöýerliligiň ajaýyp mysalynyň eýesi
bolmak isleýän bolsaňyz, onda garynjanyň suratyny öýüňizde we işiňizde asyp goýuň. Olar size
päsgelçilikleri ýeňip geçip, maksatlaryňyza ýetmäge itergi berer.

Ýadyňyzda saklaň: akyllylar etjek bolýan zatlary barada, pähimliler eden zatlary barada,
akmaklar bolsa ikisi barada hem gürrüň edýärler.

46
Kynçylyklar

Kynçylygy adamyň özi döredýär, soň bolsa erjellik bilen çözýär. Ýöne kynçylyklar sizi
saklap biljek nogsanlyk bolsa, onda asla hiç işiň başyna barmasaňyz hem bolar. Sebäbi
kynçylyklar hemişe öňüňizden çykýar. Islendik päsgelçilik saklanmagyň sebäbi bolup biler.
Tersine şol päsgelçilik güýjüňize güýç goşup, beter öňe gitmäge mejbur hem edip biler.
Adamlaryň iki görnüşi bar. Olaryň birinjisi sähel päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda
saklanyp bilýärler. Olar üstünlik gazanyp biljekdiklerine şübhelenýärler. Islendik kynçylyk olary
arzuwlaryndan ýüz öwürmäge mejbur edip bilýär. Iň bärkisi bulaşyk howa-da. Ikinjisi bolsa
düýbünden tersine. Kynçylyklar olaryň güýjüne güýç goşýar, ruhlandyrýar. Işlerine erjellik bilen
ýapyşýarlar. Üstünligiň pelsepesi hem hut şunda. Islendik päsgelçilik arzuwlaryňyzy ret etmäge
sebäp hem bolup biler ýa-da maksadyňyza ýetmek üçin has uly islegiň çeşmesine öwrülip hem
biler. Bu siziň güýjüňize hem-de arzuwyňyza baglydyr. Üstünligi diňe ähli kynçylyklary ýeňip,
maksadyna ýetýänler gazanýar. Işiňiz ugruna bolmandygy üçin, arzuwyňyzdan ýüz öwürmeli
däl. Maksadyňyza ýetýänçäňiz hereketde bolmaly.

Betbagtçylyklar

Bodo Şefer beýik oýlaptapyjy Edissonyň barlaghanasynda bolan elhenç ýangyn bilen bagly
wakany gürrüň berdi. Her kim näme etmelidigini bilmän, dowula düşüp, ikibaka ylgaýar.
Köpýyllyk ylmy işler oda ýanýar. Edisson bolsa oda seredip, asuda halda durupdyr. Deňesinde
duran ogluna onuň bolşy geň görünýär. Kakasynyň nämä begenýänine düşünip bilmändir.
Edisson oglunyň aňk-taňk bolup durşuny görüp, ejesini çagyrmagyny haýyş edipdir. Ejesi
gelende Edisson ondan: «Sen häzir hem meniň aýalymmy ýa-da ýok?» diýip sorapdyr.
Tassyklaýan jogaby eşidip, ol: «Seret ezizim, nähili görnüş. Ähli ýalňyşlyklarymyz we
aldawlarymyz ýanýar. Indi ähli zady täzeden başlap bileris» diýipdir.

Paýhasly, güýçli adamlar, hatda şowsuzlykda-da oňyn energiýanyň çeşmesini tapýarlar,


kynçylyklar olaryň tutanýerliligini güýçlendirýär. Siz hem şeýle boluň.

Keseller

Siziň pikiriňizçe, kesel sizi saklap bilermi ýa-da ýok? Adamlar haçan ýygy-ýygydan
keselleýärler, bilýäňizmi? Durmuşa bolan höwes ýok bolsa, ylham beriji taglymat ýok bolsa, bir
zatda üstünlik gazanmak islegi ýok bolsa. Taglymatyňyz bolanda, golaýyňyza kesel gelmez,
maňa ynanaýyň. Pul size şeýle bir ylham berer, aýagyňyz ýere degmän arzuwyňyzyň yzyndan
ylgarsyňyz.

Hiç haçan, näme bolsa-da, arzuwyňyza hyýanat etmäň. Sebäbi oňa ýakynlaryňyzyň geljegi
baglydyr. Maşgalaňyzyň abadançylygy, siziň ösüşiňizi kesgitleýär.

Bodo Şefer: «Maksadyna ýetmek üçin hemme zadyna töwekgelçilik etmegi başarýan
adamy hiç kim saklap bilmez» diýen sözleriň eýesi Arnold Şwes barada şeýle gürrüň berýär: «Ol
kyrk ýaşynda ähli zady taşlap, lukman bolmak üçin okamaga gitdi. Soň Amerika gidip, şu günki
gün gaty üstünlikli işleýän lukmançylyk merkezini açdy. Ol islän we arzuw eden zadyna ýetdi».

Göwnüçökgünlik

Hiç haçan göwnünçökgünlige ýol bermäň. Ýöne her niçikde bolsa ondan gutulmak size
başartmadyk bolsa, onda ünsüňizi arzuwyňyzda jemläň. Bu size psihologiýaňyzyň çökgünligini
ýeňip geçmäge we oňynlyga küýlenmäge kömek eder.

Budda: «Eger petige düşseňiz, ýoluň başyna dolanyň we täzeden öz ýoluňyzy tapyň».

47
Iň ýakyn adamlar bilen gatnaşanyňyzda-da kynçylyklar döräp bilýär. Şonda birek-birege
doly düşünişmegi gazanmak üçin çyn isleg wajypdyr. Eger maliýe işiňiz bulaşsa, munuň
sebäbini bolsa bilmeseňiz, onda işiň başyna dolanyň. Eger kimdir biriniň göwnüne degen
bolsaňyz ýa-da kimdir biri siziň göwnüňize degen bolsa, günäkärleri gözlemegiň geregi ýok. Olar
bilen gatnaşyklaryňyzyň başyna dolanyň, ýagdaýy düzetmek üçin näme edip boljakdygynda
ähli ünsüňizi jemläň.

Iň uly göwnüçökgünlik: gaty gowy görýän iň ýakyn adamyňyzyň size eden ikiligi.

Muny çekip-çydamak aňsat däl. Ýöne durmuşyňyzda näme bolsa-da, hatda ýakynlaryňyz
sizi ýüzigara edende-de, lapyňyz keç bolmasyn, sussupeslige ýol bermäň. Ähli ünsüňizi
arzuwyňyzda jemläň.

48
Nädip köp gazanmaly?

Ýene üç ýyldan aýda näçe gazanasyňyz gelýär?

Çynyňyz bilen pikir ediň we bu soraga ýazuw üsti bilen jogap bermäge çalşyň.

_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________
_____________________________________________________________________________________

Bir işi maksat edinenlerinde dürli pikir ýöredýän we özlerini biri-birinden tapawutly alyp
barýan iki görnüş adam bar. Olaryň birinjisi, aýlyk haklaryna, başarnyklaryna, häzirki wagt
näderejä ýetendiklerine uly üns berýän adamlar. Şonuň üçin mümkinçiliklerine baha
berenlerinde şol nukdaýnazardan ugur alýarlar. Olar baryp ýetmeli ýerlerine seredýärler we
ellerini goýberýärler. Muny arzuwsyz adamlar edýärler. Ikinjiler bolsa, öňlerinde goýan
maksatlarynyň ugrunda göreşýän adamlar. Olaryň özlerine ynamy güýçli bolany üçin, müm
inçilikleri hem köp bolýar. Şonuň üçin hem olar has uly netijeleri gazanýarlar.

49
Näme etmek gerek?
Üstünlik kelläňe urýar, şowsuzlyk ýüregiňe.

Lourens Piter

1. Özüňe ynamlylyk.

2. «Tilki» bolmazlyk.

3. Özüňizi «ýolbarslar» bilen gurşaň.

Özüňe ynamlylyk

Durmuşda diňe ussat, zehinli, akylly bolmagyň ýeterlik däldigini bilýän bolsaňyz gerek.
Bu häsiýetleri durmuşda ulanmagy öwrenmek zerur. Munuň üçin özüňe ynamly bolup, ösüş
derejäňi kämilleşdirmeli. Bular barada her gün pikir etmäge çalşyň. Eger işiňizi gowy ýerine
ýetirýän bolsaňyz hem, köp okaýan bolsaňyz hem, özüňize ynamyňyz bolmasa, barybir gowy
häsiýetleriňizi ýüze çykaryp bilmersiňiz. Özüňe ynamlylyk başarnyklaryňyzy durmuşa
geçirmäge kömek edip biljek häsiýetdir. Eger bir işi amal etmekçi bolsaňyz, gelen kararyňyza
şübhelenmäň. Ähli zady ynamly ediň, durmuş güýçli we özüne ynamly adamlary söýýär. Haýsy
hem bolsa bir işi etmäge synanyşyň, boş oturmaň. Biraz pul biderek ýitende näme, ýöne bahasyna
ýetip bolmajak tejribe edinersiňiz. Üstesine, siz indi bäş ýüz sany ýol bilen gitmeli däldigini
bilýärsiňiz. Ähli işlerimiz, säwliklerimiz hem üstünliklerimiz — bular tiz öňe gitmäge kömek
berýän tejribeler.

«Tilki» bolmazlyk

Siziň bilmeli birnäçe zatlaryňyz bar. Eger ösüş derejäňizi ýokarlandyrmaýan bolsaňyz, size
baý bolmak kyn bolar. Belli bir şertlerde wagtlaýyn baý bolup bolar, ýöne edil gazanyşyň ýaly,
baýlygyňy ýitirip hem bilersiň. Baýlygy ýitirmezlik üçin, köpugurly bilim gerek.

Tilki nähili başarnyklaryň eýesi? Ýöne ýere ony mekirligiň, ýeserligiň we ýaranjaňlygyň
janly nusgasy hökmünde görkezmeýärler ahyry. Oňa örän meňzeş adamlar hem bar. Olar,
köplenç, göräýmäge hoşniýetli hem ýaly, ýöne gaharyny getirdigiň welin, olar öňki
öýkekinelerini hem size ýatladýarlar. Durmuşda olar söýýän ýaly, söýgä aňyny aldyran adam
bolýarlar, alada galýarlar, hakykatda bolsa söýmeýärler, diňe Romeonyň roluny oýnaýarlar.

Käbirlerine özünden has üstünlikli adamlaryň bardygy ýaramaýar. Bu barada Mirzakarim


Nurbekow: «Eger siziň bu dünýä baky gelendigiňizi biläýseler, onda özle ri hem baky bolmak
üçin sizi öldürerler we jesediňizi labaratoriýada öwrenerler» diýip jaýdar belläp geçipdir. Hiç
haçan tilki bolmaň, meseläňizi çözmek üçin ýaranjaňlyga çenli pese düşmäň. Dogruçyl boluň.
Mekirlige ýüz urmaň, aldamaň! Eger özüňizde tilkiniň häsiýetlerinden sähelçe bardygyny
duýsaňyz, şobada ondan dynyň. Ýogsam olar haşal ot ýaly, siziň akýüreklilik we do gumlylyk
häsiýetleriňizi ýok ederler.

50
Özüňizi «ýolbarslar» bilen gurşaň

Bu — özüňizi güýçli, maksadyna okgunly, üstünlikli adamlar bilen gurşaň diýildigi. Olar
üstünlikleri bilen sizi höweslendirýärler, göreldeleri bilen ruhlandyrýarlar, size gowy
häsiýetlerini berýärler.

Alymlar synag işini geçiripdirler. Iki sany alakanyň her birini aýry-aýry kapasa
salypdyrlar. Birinde rahat, aladasyz ýaşaýyş döredipdirler — gowy iýdirip-içiripdirler, kapasany
yzygiderli arassalapdyrlar. Ikinji alaka bolsa iýmitini özi tapmaly bolupdyr. Ýüz günden alymlar
iki alakanyň hem beýnisiniň ösüş derejesini barlapdyrlar. Ikinji alakanyň beýnisiniň ösüşi birinji
alakanyň beýnisiniň ösüş derejesinden bir ýarym esse köp eken. Soň alakalaryň ýerlerini
çalşypdyrlar we ýene ýüz günden synagyň netijesini barlapdyrlar. Bu gezek birinji alakanyň
beýnisiniň ösüşi ýokary galypdyr, ikinji alakanyňky bolsa ilkibaşdaky ýagdaýa gelipdir.

Eger siz töweregiňizi şowsuz adamlar bilen gurşasaňyz, onda wagtyň geçmegi bilen siz
hem şolar ýaly bolarsyňyz. Tersine töweregiňizi güýçli, maksada okgunly, özüne ynamly,
üstünlikli adamlar gurşasa, sizde hem edil şolar ýaly bolmaga mümkinçilik bolar.

Öz-özüňi çäklendirmekden dynmak

Öz-özüňi çäklendirmekbirnäçe görnüşe bölünýär:

— Haýal-ýagallyk (72 sagadyň prinsipi).

—Aýyplama.

—Aklama.

Haýal-ýagallyk ýa-da 72 sagadyň prinsipi

Adamlaryň diňe uly bolmadyk bölegi arzuwlaryna özbaşdak ýetip bilýärler. Munuň näme
üçin beýle bolýandygyny bilýärsiňizmi?

Adamyň beýnisiniň kökünde ýadyň birnäçe gaty bar.

51
______1
_____________2
_____________________3
____________________________4
_______________________________________5
Birinji, iň ýokarky gat — bu «operatiw» ýat, onda häzir pikirini hem etmäge ýetişmedik iň
täze maglumatyňyz bar. Bu maglumatdan kähalat intuiatiw ýagdaýda, ýagny duýgurlyk bilen
peýdalanýarlar. Sizde pikir peýda bolýar, siz bolsa başyňyz bilen oňa çümýärsiňiz. Birinji üç
günüň dowamynda ony durmuşa geçirip boljak ýaly. Ýöne üç günden soň (72 sagat) işjeňligiňiz
pese düşüp başlaýar we taglymaty emele getiren başdaky maglumat, azazdan beýniniň ikinji
gatyna geçýär. Birinji gatda bolsa her günki wajyp maglumatlar galýar. Ikinji gatda — edil häzir
wajyp däl maglumatyňyz galýar.

Eger ikinji gatyň maglumatyny ulanmasaňyz, onda biraz wagtdan ol üçünji gata geçýär.
Muňa uzakmöhletleýin ýat diýilýär. Bu gatdaky maglumaty seýrek ulanýarsyňyz, üçünji gatda
maglumat ýyllaryň dowamynda saklanyp bilýär.

Bu ýagdaýlara ýol bermezlik üçin, her 72 sagatdan ähli etmekçi bolýan işleriňizi ýadyňyza
salyp durmaly, etmekçi bolan işiňizi amala aşyryp başlamaly, bol manda, bir ädim ätmeli. Bu
ýörelge durmuşuňyzda ýoldaşyňyz bolmaly, şonda arzuwlaryňyz hasyl bolar. Şonda
maglumatlaryň ählisi birinji gatda saklanar.

Aýyplama

Adamlaryň köpüsi betbagtçylyga uçranlarynda özlerinden başga islendik adamy


aýyplaýarlar. Olar munuň sebäplerini töweregindäki adamlardan, holýan ýagdaýlardan,
ýyldyzlaryň oňaýsyz ýerleşmeginden gözleýärler.

Ýadyňyzda saklaň: hiç haçan döwleti, kanunlary, ýakynlaryňyzy we dostlaryňyzy, asla hiç
kimi aýyplamaň Dini kitapda şeýle aýdylýar: «Adama ýaman baha hermäň, size-de ýaman
diýmezler». Eger kynçylyklaryňyzda durmuşy aýyplap başlasaňyz, onda durmuş sizi aýyplap
başlar. Sebäbi daşyňyzy gurşaýan adamlara bolan pikirleriňiz, duýgularyňyz, olara garaýşyňyz
wagtyň geçmegi bilen, ýene-de siziň özüňize dolanyp gelýär.

Iň ýeňili kimdir birini (ýada nämedir bir zady) aýyplamak, munuň üçin ullakan akyl gerek
däl. Özüňden başga ähli kişini aýyplamak, adama mahsus häsiýetdir. Ýöne adamlara düşünmäge
çalşyň, şonda olarda size düşünmäge isleg dörär. Özara düşünişmek bolsa hyzmatdaşlygy
döredýär — bu bolsa geljekki üstünligiň girewi.

Aklama

Ähli zadyhaýynlygam, kezzaplygam, bahyllygam, gelşiksiz hereketi hem aklap bolar. Ýöne
bir düşünje bar: eger oňaýsyz ýagdaýyňyzy aklap bilýän holsaňyz, onda hiç haçan ony düzedip
bilmersiňiz. Garyplygyňyzy aklamaň, ýogsa hemişe garyp gezersiňiz. Şowsuzlyklaryňyzy
aklamaň, ýogsa mydama işiňiz ugruna bolmaz. Öýde bolýan dawalary aklamaň, ýogsa hiç haçan
maşgala abadançylygyna eýe bolup bilmersiňiz. Aklamaň-da, netije gazanyň. Aklama netijäniň
ornuny tutup bilmez. Özüňizi aklamagy bes etmek bilen, siz öz durmuşyňyzy üýtgedersiňiz
hem-de özüňize bolan ynamy gazanarsyňyz.

Gowşaklyk — şowsuzlygyň esasy sebäbi. Şonuň üçinde üstüňde işle, çünki ähli ýeňişleriň
we ähli ýeňlişleriň çeşmesi özüň. Akyldaryň aýdyşy ýaly, «Ähli ýeňişler, özüňi ýeňmekden
başlaýandyr».

52
Durnukly girdejä tarap 12 ädim

1-nji ädim. Her aýda edýän çykdajylaryňyzyň sanawyny düzmekden başlaň. Isleg
bildirýän çykdajyňyzy wajyp çykdajylar bilen çalyşmaň. Goý, siziň sanawyňyzda, hakykatdan
hem, wajyp çykdajylar holsun. Sanawy düzdüňizmi? Indi şoňa eýeriň. Çykdajylary girdejiňiziň
ösýändigine garamazdan, hellenen derejesinde saklaň. Eger gazanan puluňyzy saklap bilmeýän
bolsaňyz, köp işläniň peýdasy ýok. Pul näçe köp bolsada, çäge ýaly barmaklaryň arasyndan akyp
gutarýar. Maliýe üstünlik diňe çykdajylary çäkli saklamagy öwreneniňizden soň geler.

2-nji ädim. Näçe kyn hem bolsa, her aýda maşgala girdejiňiziň 10 göterimini aýryp goýuň.
Kim bu düzgüni saklasa, onuň bir ýylyň dowamynda girdejisi 3050 göterim köpeler. Men muny
ýigrimi ýyl iş tejribäme esaslanyp aýdýaryn.

3-nji ädim. Aýyrýan 10 göterim serişdäňizden bir aýlyk çykdajynyň jemine deň puly
toplaň, ony 612 gezege köpeldiň. Ondan maşgalaňyzyň howpsuzlyk ýassygyny dörediň. Başga
söz bilen aýdylanda, maliýe goraglylygynyň jemini toplaň.

4-nji ädim. Girdejiňizi artdyrmagy maksat ediniň. Mysal üçin, «Meniň maksadym —
ýarym ýyldan gazanjymy ... rubla ýetirmek».

5-nji ädim. Siziň girdejiňiz her aý köpeler. Maýa ýygnamagy maksat ediniň. Maliýe goragy
üçin ýygnan puluňyzy hiç haçan söwda ýa-da maýa goýuma ulanmaň. Sebäbi bu pul
maşgalaňyzyň gory. Iki-üç ýylyň dowamynda, mümkin boldugyça, çykdajylary bir derejede
saklamaga çalşyň.

6-njy ädim. Göz öňünde tutulmadyk çykdajylardan gaçyp bolmajagy mese-mälim görnüp
duran zat. Şonuň üçin olary öňünden meýilleşdirmeli. Her aýda ediljek çykdajylaryň üstüne 1015
göterim köpräk pul goýuň we olary juda zerur bolmasa ellemäň.

7-nji ädim. Öň nirä wagtyňyzy ulanan bolsaňyz, puluňyzy hem şol ýere ulanyň. Mysal
üçin, öň bäş ýyl restoranda işlän bolsaňyz, onda maýaňyzy jemgyýetçilik iýmiti ulgamyna goýuň.
Eger azyk haryt lary dükanynda işlän bolsaňyz, onda uly bolmadyk dükan açyň. Eger ýygnan
puluňyz has az bolsa, onda hiç ýere maýa goýmaň. Diňe maýaňyzy saklamak bilen boluň.
Goruňyzyň barlygy bähbidiňize işleýär. Puluňyz sizde baý adamlaryň duýgusyny döredýär. Iň
esasy baýlygyňyz — pul, tehnologiýalar ýada bilim däl. Iň esasy baýlygyňyz — siziň özüňize
bolan ynamyňyz we öňüňizde goýan maksadyňyz.

8-nji ädim. Ýoluň başynda az pula bil baglaň. Diňe 14 aýyň dowamynda serişdäňizi yzyna
alyp biljek işlere maýa goýuň. Uly taglymlaryň we uly işleriň başyna barmaň. Olar siziň üçin
hatarly, sebäbi ýeňillik bilen sizi bergileriň toruna salyp biler. Netijede gazananyňyzdan
ýitireniňiz köp bolar. Sizden pul alýan dälde, size pul getirýän ulgamy döretmäge çalşyň.

9-njy ädim. Öň barlanylmadyk, näbelli taglym we önüm üçin karz pula girmäň. Ilki az
maliýe serişdesini ulanmak arkaly barlap görüň. Bolmanda biraz girdeji aldyňyzmy — onda
işiňizi giňeldiberiň. Kesekiniň her bir dollaryny ýa-da rublyny özüňize işlediň.

10-njy ädim. Töwekgelçiligi elden bermäň. Islendik işde howp bar, ýöne olary pes derejede
saklajak boluň. Howpdan gaça durmak, girdejä kowalaşmakdan has wajypdyr.

11-nji ädim. Biznes taglymatdan başlamaýar, biznes hasabatdan we gözegçilikden


başlaýar. Islendik baýlygyň özeni, maliýe düzgün-tertiplilikdir.

12-nji ädim. Elmydama puluňyzy köpeldiň-de, çykdajylaryňyzy azaldyň. Maýa serişdäňizi


girdejiniň mese mälim geljek ýerine goýuň.

53

You might also like