You are on page 1of 387

Şamuhammet Gandymow

Edebiýat nazaryýeti

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby

Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor


Gurbandurdy Geldiýewiň redaksiýasy bilen

Aşgabat – 2019

0
Ş.Gandymow.
Edebiýat nazaryýeti. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. Aşgabat,
2019

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň “Açyk gapylar” syýasaty dünýä


döwletleri bilen dostlukly aragatnaşyga we ysnyşykly hyzmatdaşlyga giň ýol
açdy. Ýurdumyzyň dünýä derejesine çykan bilim ulgamynda dünýä dillerini we
edebiýatlaryny öwrenmek hem döwlet ähmiýetli mesele bolup öňe çykdy. Şu
nukdaý nazardan bu okuw kitapabynda edebi taglymatyň meseleleri milli we
dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Edebiýatyň ösüş
kanunalaýyklyklary giňeldilen we çuňlaşdyrylan görnüşde filosofiýa we estetika
ylymlarynyň kanunlarydyr kategoriýalary bilen utgaşykly seljerilýär. Kitap edebi
taglymatyň umumy däp bolan meselelerinden başga-da, täze möhüm taglymy
meseleleri öz içine alýandygy bilen tapawutlanýar. Milli we dünýä
edebiýatlarynyň ösüş kanunalaýyklyklary seljerilýän bu kitap dilleri we
edebiýatlary öwredýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de
mugallymlary üçin niýetlenýär.

1
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW

2
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY

3
TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,


Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.

Gaýtalama:
Halkyň guran baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim — janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,


Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Gaýtalama:
Halkyň guran baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim — janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

4
EDEBIÝAT NAZARYÝETI

5
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri instituty

EDEBIÝAT NAZARYÝETI

Milli hem dünýä dillerini we edebiýatlaryny öwrenýän


fakultetleriň talyplary, mugallymlary üçin okuw kitaby

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenýär

Aşgabat – 2019

6
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Dünýäniň gadymy halklarynyň


biri hasaplanýan türkmenler Merkezi
Aziýada we Orta Gündogarda, şol sanda
tutuş dünýäde umumadamzat
gymmatlyklaryna uly goşant goşmagy
başaran milletdir.

7
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Beýik alymlarymyzyň, söz


ussatlarymyzyň gymmatly edebi
mirasy dünýä siwilizasiýasynyň
altyn hazynasynda mynasyp orun
eýeleýär.

GIRIŞ

Edebiýat nazaryýeti edebiýaty öwreniş ylmynyň özbaşdak bir bölümidir. Ol


söz sungaty hakyndaky ylmy taglymatlaryň we garaýyşlaryň özboluşly
ulgamydyr. Edebiýat nazaryýeti çeper sözüň we edebi döredijiligiň kanunlary
hakyndaky, edebiýatyň taryhy ösüşiniň kanunalaýyklyklary hakyndaky, ýazyjy
tarapyndan döredilýän ruhy-estetiki gymmatlygyň özboluşly tebigaty hakyndaky
ylymdyr. Umuman, çeper edebiýatyň ösüş kanunalaýyklyklary hakyndaky
taglymy pikirleriň jemidir.
Jemgyýetçilik aňynyň şeýle gözel we möhüm görnüşleriniň biri bolan çeper
edebiýatyň özüne mahsus ösüş kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarýan we onuň
özgerişlerini kanunalaýyklyklar esasynda yzarlaýan ylma edebiýatyň nazaryýeti
diýlip at berilýär. Bu ýerde “nazaryýet” sözi “teoriýa” sözüniň ekwiwalenti
hökmünde alnyp, “edebiýat teoriýasy” diýlen düşünje “edebiýat nazaryýeti”
diýlen adalga bilen çalşyrylýar. Häzir şu adalga ýörgünli ulanylyp ýörlen adalga,
ýöne şu ýerde bu adalganyň (edebiýat nazaryýetiniň) beýle bir şowly
bolmandygyna ünsi çekesimiz gelýär. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde”
“nazaryýet” diýen söze düşündiriş berlip, onuň birinji manysynyň “garaýyş”
sözüni aňladýandygy dogry bellenýär. Ol ýerde bu sözüň (“nazaryýetiň”) ikinji
manysy hakda bolsa, şeýle düşündiriş berilýär: “Haýsy-da bolsa bir ylmy ýa-da
onuň bölümlerini emele getirýän umumylaşdyrylan düzgünleriň, kanunlaryň,
kanunalaýyklyklarynyň jemi” diýlip, oňa-da “edebiýatyň nazaryýeti” söz düzümi
mysal hökmünde getirilýär.1
“Nazaryýet” sözi türkmen dilinde “garaýyş” manysynda has köp we işjeň
ulanylýar. Onuň “kanunalaýyklyklaryň jemi” manysynyň bardygy jedelli mesele.
Ýagdaý şeýle bolansoň “nazaryýet” sözüniň “teoriýa” sözüni çalşyryp bilýändigi
hem juda jedelli. Sebäbi “nazaryýet” sözünde (adalga diýmäge-de diliň baranok)
kanunalaýyklyklaryň jemi diýlen many ýok bolsa gerek. Ol many soňky döwürde
ýalňyş ulanylýan “edebiýatyň nazaryýeti” diýlen söz düzümi göz öňünde tutulyp
berlen many bolmaly. Eger düşündirişli sözlükde (TDDS) berlişi ýaly,
“nazaryýet” sözünde kanunalaýyklyklaryň jemi diýen many bar bolsa, onda
“edebiýat teoriýasy” adalgasyna derek “edebiýat nazaryýeti” diýen adalgany
ulansa bolardy. “Teoriýa” adalgasynyň manysynda “kanunalaýyklyklaryň jemi”
diýlen many has güýçli duýulýar. “Nazaryýet” sözünde bolsa şol many öwüşgini
duýulmaýar. Onda “garaýyş” adalgasynyň many öwüşginleri has güýçli. Şoňa
1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom. Aşgabat, TDNG, 2016, 132 sah.
8
görä häzirki wagtda işjeň ulanyşa girizilen “edebiýatyň nazaryýeti” diýlen
düşünje “edebiýat garaýşy” diýmegi aňladýar duruberýär. Bu bolsa “edebiýat
teoriýasy” diýen manydan örän daşdaky düşünjedir.
Eýsem türkmen dilinde “edebiýat teoriýasy” diýlen düşünjäni berýän
aňlatma ýokmuka? Elbetde, bar. Türkmen dili örän baý hem giň mümkinçiliklere
eýelik edýän dil. Onda “teoriýa” adalgasynyň ähli öwüşginlerini öz içine alýan
“taglymat” diýen söz bar. Sözlükde (TDDS) bu söze şeýle düşündiriş berilýär.
“Taglymat... bir waka, hadysa hakynda ylmy nukdaý nazardan esaslandyrylan
kanunlaryň jemidir”1. Şu düşündirişe laýyklykda “edebiýat teoriýasy”
düşünjesini “edebiýat taglymaty” diýen aňlatma arkaly berip bolýar. Şonuň üçin
edebiýaty öwreniş ylmynyň “edebiýat teoriýasy” bölümine “edebiýat taglymaty”
diýilse dogry bolardy. Akademik A.Kekilow “teoriýa” sözüniň taglymat
manysyna aýratyn ünsi çekmedik hem bolsa, ol “teoriýa” sözüne derek
“taglymat” sözüni ulanypdyr. Ol özüniň “Edebiýat teoriýasy” atly kitabyny üç
bölüme bölüpdir. Şol bölümleriň ikisini awtor “Çeper edebiýat hakynda umumy
taglymat” (I bölüm), “Çeper eseriň gurluşy hakynda taglymat” (II bölüm) diýip
atlandyrypdyr.2
“Taglymat” sözüni oňlamajaklaryň käbiriniň A.Kekilow hem bu ýerde ony
“teoriýa” sözüniň ýerine ulanmandyr ahyry. Eger alymyň kitabynyň agzalan
bölümlerinde ulanylan “taglymat” sözüni “teoriýa” sözi bilen çalşyrsak, bu
bölümleriň atlary “Çeper edebiýat hakynda umumy teoriýa”, “Çeper eseriň
gurluşy hakynda teoriýa” ýaly tagaşyksyzlyga sezewar bolardyk, ol ony “kanun”
sözüniň ýerine ulanypdyr – diýmegi mümkin. Elbetde, bu gepiň jany ýok däl.
Ýöne bir ýagdaýa üns bereliň. Eger “teoriýa” sözi kanunlaryň jemi bolýan bolsa,
“Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň” tasyklamagyna görä, “taglymat” sözi
hem kanunlaryň jemi diýen manyny berýän bolsa, onda bu ýerde düşünmez ýaly
zat ýok. “Teoriýa, taglymat, kanun” sözleri biri-birinden many taydan daş sözler
däl, gaýtam, biri-biri bilen manydaş sözler, biri-biriniň ekwiwalenti bolup bilýän
düşünjelerdir. Şonuň üçin “taglymat” sözüni “teoriýa” adalgasynyň ýerine
çekinmän ulanyp bolar. Türkmen edebiýat nazaryýetçileri-hä şu çaka çenli neşir
edilen kitaplaryny “Edebiýat teoriýasy” ady bilen çap etdiler. Hatda bu ugurdan
iň soňky neşir edilen kitap M.Amansähedowyň “Edebiýat teoriýasy” 3 ady bilen
çykan kitaby. Ol hem “teoriýa” sözüni hiç bir gypynçsyz ulanypdyr. Şundan çen
tutsaň, edebiýat nazaryýetçileriniň hiç biri hem “teoriýa” sözünden daşlaşasy
gelenok. Muňa konserwatiwlik hökmünde garamaly däl, ol diňe bu sözüň
türkmen dilinde öz adalgalyk ornuna eýe bolandygynyň netijesi hökmünde
garalmaly ýagdaýdyr.
Biz gepiň gerdişine görä öňe süren bu pikirlerimiziň esasynda “edebiýatyň
nazaryýeti” diýen düşünjäni “edebiýat teoriýasy” ýa-da “edebiýat taglymaty”
diýen düşünje bilen çalşyrmak niýetimiz ýok. Sebäbi “edebiýatyň nazaryýeti”
diýen aňlatma eýýäm “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügine” (TDDS) çenli
girizildi. Ony düzetmek ýa-da çalyşmak adalga bilen iş çalyşýan döwlet
toparynyň işi.
1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom. Aşgabat, TDNG, 2016, 376 sah.
2
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958.
3
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat. TDNG, 2012.
9
Şeýlelikde, “edebiýatyň nazaryýeti” ýa-da “edebiýat taglymaty” nämäni
öwrenýär? Ol çeper edebiýatyň özboluşly içki aýratynlyklaryny, onuň forma we
mazmun birligini (bitewiligini), söz sungatynyň halkylyk we millilik häsiýetini,
onuň jemgyýetçilik hyzmatyny we edebi prossesiň umumy ösüş ýagdaýy bilen
bagly kanunlary, edebi hyzmatdaşlyk we edebi täsir meselesine degişli
kanunalaýyklyklaryny, edebi däp we edebi täzeçillik meselesi bilen bagly ýüze
çykýan kanunalaýyklyklaryny, edebi akymlaryň we edebi stilleriň döreýiş we
ösüş aýratynlyklaryny, edebi usullaryň we edebi ugurlaryň möhüm
kanunalaýyklyklaryny ylmy esasda içgin öwrenýär. Edebiýatyň nazaryýeti çeper
söz sungatynyň içki hem daşky ösüş aýratynlyklaryna dahylly
kanunalaýyklyklary ýüze çykarýan we düýpli öwrenýän ylmyň bir ugrudyr. Çeper
edebiýatyň ýokarda agzalyp geçilen meseleleriniň kanunalaýyklyklaryny özüniň
ylmy-barlag aýtymyna salýan edebiýatyň nazaryýetidir. Bu hakda yzda giňişleýin
durup geçeris.
Edebiýat nazaryýetiniň esasy predmeti çeper edebiýatdyr. Eýsem çeper
edebiýat näme? Edebiýat, şol sanda sungat hem tebigaty boýunça halkyň hem-de
aýratyn alnan bir adamyň jemgyýetdäki öz ornuna akyl ýetirişiniň özboluşly bir
formasydyr. Söz sungaty halk köpçüliginiň öz daş-töweregindäki durmuşa,
dünýä, umuman, hakykata garaýşynyň şöhlelenmesidir. Bu ýagdaý çeper
pikirlenişiň ähli döwürleri üçin üýtgewsizliginde galýar. Ol edebiýatyň we
sungatyň ösüş taryhynyň ähli zamanlarynda hem-de eýýamlarynda özüniň şu
aýratynlygyny ýitirmän gelýär.
Çeper edebiýat taryhy taýdan üýtgäp, özgerip, ösüp durmak häsiýetine eýe
bolan sungatyň bir görnüşidir. Onuň durmuş hadysalaryny şöhlelendirişi,
dünýägaraýyş taýdan dünýä we jemgyýete, döwre we durmuşa, şeýle hem adam
häsiýetine baha berşi hem-de oňa garaýşy özgerip bilýär. Çeper edebiýatyň
durmuş idealynyň taryhy häsiýete eýe bolanlygy üçin, ol hem döwre görä üýtgäp
durýar. Wagtyň geçmegi bilen täze-täze çeperçilik serişdeleri, çeperçilik tärleri
we formalary hem ýüze çykyp bilýär. Çeper edebiýat durmuş hakykatynyň
özgerişini siňňinlik bilen yzarlaýar. Şonuň üçin ol durmuşyň üýtgeýşine
laýyklykda jemgyýetdäki özgerişlere örän duýgurlyk bilen parh goýýan, janly we
taryhy taýdan hereketli häsiýete eýe bolan, şeýle hem özboluşly ideýa-çeperçilik
güýji özünde jemlän çeper gatlakdyr.
Çeper edebiýatyň ösüşi edebi däpleriň we täzeçilligiň özara ysnyşykly
gatnaşygy bilen berk baglanyşykly ýagdaýda dowam edýär. Edebi prossesde
bolup geçýän özgerişler hiç wagt çeper edebiýatyň umumy tebigatynyň
bozulmagyna alyp barmaýar. Gaýtam tersine, olar söz sungatynyň ideýa-
çeperçilik babatdaky ösüşine özüniň oňyň täsirini ýetirýär. Söz sungatynyň
ösüşinde ýüze çykýan özgerişlere garamazdan, onuň bütin taryhy ýolunda tebigat
we adam, jemgyýet we adam, döwür we adam, halk we adam, adamlaryň
durmuşy hem özara gatnaşyklary hakyndaky meseleler onuň hemişelik hemrasy
bolup gelýär.

10
Çeper edebiýatyň şu we şunuň ýaly beýleki örän köp taraplaryny hem
özboluşly aýratynlyklaryny seljermek hem-de olaryň kanunalaýyklyklaryny ýüze
çykarmak bilen iş salyşýan ylmyň edebiýat nazaryýeti diýen ady bar. Şu
meseleleriň çözgüdi bolsa mydama çeper edebiýatyň nämedigi baradaky sowalyň
töwereginde öwrüm edýär. Diýmek, edebiýat nazaryýeti ylym hökmünde “çeper
edebiýat näme?” diýen soraga akylly-başly jogap bermäge çalyşýan ylymdyr.
Bu sowal, göräýmäge, ýönekeý ýaly hem bolsa, onuň çylşyrymlylygy
özüne ýetikdir. Şonuň ýaly-da bu sowal her bir akylly-başly pikirlenýän okyjyny
gyzyklandyrýan sowaldyr. Edebiýat taglymaty şu çylşyrymly sowalyň
jogabyndaky kanunalaýyklyklary açyp berýän ylymdyr. Şonuň üçin edebiýat
hakyndaky ylmy taglymat, käbirleriniň pikir edişi ýaly, hemme adamyň akyly
ýetip duran zatlar hakyndaky pikirleriň guraksy jemlemesi däldir. Ol düşnükli
zady düşündirýän ýa-da akyl satmagyň hatyrasyna çylşyrymlaşdyrylan
düşünjeleriň we oýlanyp tapylan köp sanly adalgalaryň yýgyndysy hem däldir.
Edebiýat taglymaty hakynda şeýle ýüzleý pikir ýöredýänler bütünleý ýalňyş
nukdaý nazara gulluk edýändiklerini unudýarlar. Sebäbi edebiýat taglymatynyň iş
salyşýan predmeti bolan çeper edebiýat düýpsiz derýa ýaly çuňdur, aňrysyna-
bärisine göz ýetirip bolmaýan umman ýaly giňdir.
Çeper edebiýat adamzat döräli bäri toplanan çeperçilik aňdyr. Ol adamzat
nesliniň durmuş tejribesiniň çeperçilik taýdan şöhlelendirilen akyl çeşmesidir,
nakyl hazynasydyr. Edebiýatyň ylmy taglymaty hem şol hazynanyň gymmatyna
çuňňur hem giňişleýin düşünmegiň altyn açarydyr. Şonuň üçin islendik edebi-
taglymy pikiriň gymmatyny hem şol hazynanyň hümmetini näderejede çuňňur
hem giňişleýin düşündirip biliş güýjüne eýedigi bilen ölçenýär.
Edebiýat hakyndaky ylym çeper edebiýatyň umumy ideologik işiň
özbaşdak bir formasydygy baradaky garaýyşdan ugur alýar we ol, esasan, şol
garaýşa, şol düşünjä hem esaslanýar. Bu garaýyş hem, düşünje hem, elbetde,
taryhy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Sebäbi ol belli bir taryhy döwürde
dowam edýän umumy ideologik işiň bir görnüşidir. Çeper edebiýatyň bu umumy
ideologik işde bitirýän hyzmaty, bada-bat ýüze çykmaýan hem bolsa, örän uludyr.
Ol hakykata akyl ýetirmegiň we oňa dogry baha bermegiň köp asyrlyk tejribesini
özünde jemleýär. Söz sungaty hakykata akyl ýetirmegiň özboluşly hem ýokary
çeperçilige eýe bolan formasydyr. Onuň ösüş kanunalaýyklyklaryny ýüze
çykarýan we hakykata akyl ýetirijilik hyzmatyny aýdyňlaşdyrýan hem-de
terbiýeçilik ähmiýetine mynasyp gymmat goýýan hem edebiýat hakyndaky
ylymdyr.
Edebiýat taglymaty söz sungatynyň umumy ösüş kanunalaýyklyklaryna
esaslanmak bilen çeper eserlere, edebi akymlara, çeper stillere, şeýle hem
tutuşlaýyn edebi prossese ylmy taýdan seljerme bermegiň kanunalaýyk
ýörelgelerini we usullaryny işläp düzýär. Şeýle hem edebi- çeper döredijiligiň
dürli taraplaryna degişli meselelere we onuň kanunalaýyklyklyklaryna, aýry-aýry
žanrlaryň, çeper diliň, kompozissiýanyň, sýüžetiň we beýlekileriň ösüş

11
kanunalaýyklyklaryna garap geçmek hem edebiýat taglymatynyň wezipeleriniň
hataryna girýär.
Çeper edebiýat sungatyň bir görnüüşi hökmünde kemala geleni üçin, onuň
edebi taglymaty estetika ylmy bilen hem edil bagry badaşan ýaly diýilýän
ysnyşykly baglanyşykdadyr. Estetika hakyndaky ylym bilen edebiýat nazaryýeti
şeýle bir ýakyn baglanşykly weli, edebiýat taglymatynyň ösüşini estetikasyz göz
öňüne-de getirip bolmaýar. Olaryň hersiniň özboluşly, diňe özüne mahsus
kanunalaýyklyklarynyň bardygyna garamazdan, ikisiniň hem gözellik
kanunlaryna gulluk edýändikleri üçin, umumy kadalary we kanunalaýyklyklary
hem yeterlikdir. Şol umumylyklary we özboluşlyklary aýyl-saýyl etmek wezipesi
hem edebiýat taglymyna degişlidir.
Edebiýat nazaryýeti ylym hökmünde çeper edebiýatyň ösüşine dahylly
umumy häseýetli kanunalaýyklary yzarlaýan ylymdyr. Ol söz sungatynyň
özboluşly aýratynlyklary bilen baglanyşykly umumy kadalar we
kanunalaýyklyklar bilen iş salyşýar. Şonuň üçin onuň edebi-çeper eserleri ylmy
taýdan seljeriş ýörelgeleri hem, seljeriş usulyýeti hem şol umumy
kanunalaýyklyklara esaslanýar. Edebi taglymatyň durgunlaşan kanunlarynyň
bardygyny aýratyn bellemelidir. Olar wagtyň synagyndan geçen we çeper
döredijiligiň süňňüne gaýym siňen kanunlardyr. Bu kanunlar we ýörelgeler köp
asyrlaryň dowamynda kämilleşen hem-de häzir hem ýaşamagyny dowam edýän
çeperçilik ýörelgelerdir. Beýle diýildigi edebi-taglymy ýörelgeler we kanunlar
üýtgewsiz diýildigi däldir. Olara taryhylyk häsiýetlidir. Şonuň üçin her bir taryhy
döwrüň özüne degişli edebi prossesi döredip bilmek ukyby bar. Taryhy döwürler
şol bir wagtyň özünde döwrebap edebi taglymyň ýüze çykmagyna we
döremegine hem şert döredýär. Bu şertler her döwre mahsus bolan käbir edebi
taglymatlary öňe çykaryp biler. Muny edebi prossesiň ösüş aýratynlygy talap
edýär. Şonuň üçin anyk bir döwürde edebi döredijiligi hereketlendiriji güýje eýe
bolan kanunalaýyklyklaryň başga bir döwürde düýpgöter ýa-da kem-käsleýin
üytgemeginiň mümkinligini-de aradan aýryp bolmaýar.
Diýeli, orta asyrlaryň şertinde kemala gelen edebi prosses bilen XVIII-XIX
asyrlaryň edebi prossesiniň biri-birinden tapawutlydygyny görmezlik mümkin
däl. Ýogsam bu döwürlerde taryhy ösüşiň öz ugruny üýtgetmändigini ýa-da
jemgyýetçilik-durmuş gatnaşyklarynyň hem täzelenmändigini biz taryhyň
sahypalaryny agtarmak bilen aýdyň göz ýetirip bilýäriss. Şoňa garamazdan, çeper
sözüň orta asyrçylyk howaýylygynyň tersine, beýik Magtymguly “Sözläbilseň,
ýagşy sözle, halk ýamanyň bizarydyr” diýen edebi taglymaty, kanun derejesine
göterilen döwrebap pikiri orta atdy. Eýsem bu pikir haýsy sebäbe görä taglymy
häsiýetlikä? Eger ýagşy sözüň – dogry sözdügini, ýaman sözüň-ýalan sözdügini
nazarda tutsak, onda muňa akyl ýetirmek kyn bolmaz. XIX asyryň nusgawy
şahyry Zelili bu pikire özboluşly aýdyňlyk berdi. Ol “Ýalançy Taňrynyň duşmany
diýrler” diýip, ol öz ussadynyň pikirine düşündiriş berdi. Ýalan söze ýaman söz
hökmünde häsiýetlendirme berýärkä, şahyr dogry söze taryhy-sosial many çaýdy.

12
Magtymguludyr Zelili ýalan sözlemän, dogry sözlemegi ündeýärkäler,
döwrüň talabyndan ugur alýarlar. Magtymguly hem, Zelili hem sözüň, onda-da
çeper sözüň dogryçyl bolmalydygy hakdaky ylmy garaýşy şahyrana dil bilen
beýan etdiler. Sebäbi ýalana, haramlyga, kezzaplyga, zuluma, süteme ýugrulan
durmuşy şertler akyldarlardan döwür hakda dogry söz aýtmagy talap etdi. Şonuň
üçin olar hem söz meýdanyna aralaşanlardan diňe dogruçyllyk bilen söz açmagyň
zerurdygyna ünsi çekdiler. Bu, elbetde, çeper söze bolan edebi-taglymy garaýşyň
düýpgöter üýtgändiginiň alamatydy. Görnüşi ýaly, taryhy döwürleriň öňe çykaran
şertleri meňzeş, emma meňzeş döwürleriň öňe çykaran edebi-taglymy pikirleri
bütünleý başga-başgadyr. Dogry sözlemek hakyndaky edebi-taglymy pikir
döwrebapdyr, täzedir, şonuň ýaly-da ol zerurlyk bolup öňe çykan garaýyşdyr.
Munuň hem özüne ýeterlik edebi-taryhy sebäpleri bar. Ol sebäpler, bir tarapdan,
taryhy döwrüň öňe çykaran obýektiw jemgyýetçilik-syýasy we sosial-durmuşy
talaplary bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, jemgyýetçilik aňynyň döwrebap
oýanyşynyň subýektiw taraplary bilen bagly ýüze çykdy. Şonuň üçin edebiýaty
öwreniş ylmy hem öz kanunlarynyň we ýörelgeleriniň döwrebap üýtgemegine
hem-de özgermegine ýol berýär.
Edil şeýle ýagdaýy biz türkmen sowet edebiýaty bilen Garaşsyzlyk
döwrüniň edebiýatlarynyň we edebiýat hakyndaky ylymlarynyň arasynda-da
görýäris. Aýry-aýry döwürleriň söz sungatynyň gozgaýan meseleleriniň dürli
bolşy ýaly, olaryň orta çykaran edebi gahrymanlary hem, olaryň hereket
giňişlikleri hem, durmuş-ýaşaýyş şertleri we ýörelgeleri hem, çeper gapma-
garşylyklar hem, çaknyşýan tipleriň häsiýetleri hem biri-birinden taryhy döwre
laýyklykda dürli hili özgerişliklere sezewar bolup biler. Bu ýagdaý sowet
döwrüniň edebiýaty bilen Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatyny deňeşdirenimizde
has äşgär ýüze çykýar. Şoňa laýyklykda bu döwürleriň edebi taglymy
kanunalaýyklyklarynda hem özgerişlikleriň boljakdygy şübhesizdir. Ol hakykat
ýüzünde hem şeýle.
Edebiýat nazaryýeti şonuň üçin hemme döwrüň edebi prossesiniň ösüşinde
ýüze çykýan aýratynlyklary, özboluşlyklary taryhy şertleriň nukdaý nazaryndan
yzarlanmagy dogry tapýar. Şoňa görä ol her döwrüň edebi prossesiniň
özboluşlyklaryna esaslanmak bilen şol taryhy döwrüň edebi-taglymy
kanunalaýyklyklaryny işläp düzmäge çalyşýar. Bu, elbetde, özbaşyna taryhy
häsiýetli edebiýat nazaryýetiniň döredilmegi däldir. Ol diňe edebiýat
nazaryýetiniň öz kanunalaýyklyklaryna döwrebaplyk häsiýetini berdigidir. Ol
diňe hemme döwürlere mahsus bolan durnukly kanunalaýyklyklaryň gapdalynda
mydama möwritleýin ýüze çykýan kanunlaryň, ýörelgeleriň hem dowam edip
durandygynyň subutnamasudyr. Edebiýat nazaryýeti bu hili möwritleýin
kanunalaýyklyklary hem işläp düzýär hem-de olary yzygiderli suratda hasaba
alyp durýar.Muny edebi taglymy kanunlaryň çeýeligi hökmünde hem düşündirip
bolardy. Eger taglymy kada-kanunlarda şeýle çeýelik alamatlary bolmadyk

13
bolsady, onda çeper edebiýatyň taryhy döwrebaplygyny düşündirip hem
bolmazdy.
Şu ýerde şeýle bir ýagdaýy ýatlamagy zerur hasap edýäris. XX asyryň
ellinji ýyllarynda çeper edebiýatda hem-de edebiýaty öwreniş ylmynda
“konfliktsizlik teoriýasy” ady bilen belli bolan bir edebi hadysa ýüze çykdy.
Edebi taglymatyň taryhynda, elbetde, şondan öň şeýle at bilen hiç hili taglymy
ýörelge ýokdy. Ol uruşdan soňky ýyllarda sowet syýasatynyň zarby bilen dörän
“teoriýady”. Faşistik Germaniýadan üstün çykan sowet halkynyň ýaşaýyş-dur-
muşyny hemme tarapdan gülala-güllük edip görkezmek meýli diňe bir çeper
edebiýatda däl, sungatyň beýleki görnüşleriniň hem ideýa-çeperçilik ýörelgesine
öwrüldi. Sebäbi döwlet syýasatynyň talaby şeýledi. Döwür, ýöne şeýle bir
gülala--güllük hem däldi. Ony gülala-güllük edip görkezmek sowet syýasatynyň
öňe süren ideýasydy. Munuň hut şeýle bolmagyna sosialistik realizm usulynyň
esasy ýörelgelerinde hem belli derejede ýöl berilýärdi. Bu döredijilik usulynyň
esasy ýörelgeleriniň biri durmuşy ösüşde görkezmegi talap edýärdi. Şonuň üçin
türkmen sowet edebiýatynda B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan”, B.Seýtäkowyň
“Döwürdeşler”, “Moskwanyň ýalkymy”, “Komsomollar” ýaly powestleri, kino
sungatynda “Uzakdaky gelinlik” ýaly filimler peýda boldy. Hatda bu eserleriň
arasynda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolanlary hem boldy.
B.Kerbabaýewiň “Aýsolatan” powesti şeýle eserleriň biridir. Bu “teoriýanyň”
täsiri teatr sungatyna hem aralaşdy, sahnada goýulýan oýunlaryň käbirinde
durmuşy hiç bir gapma-garşylyksyz ugur bilen dowam edýän ýaly görkezmek
meýli özüni duýduryp durdy. Sungatyň, çeper sözüň taryhynda ýüze çykan şu hili
ýaramaz hadysany bolsa ne edebiýatyň, ne sungatyň, ne-de estetikanyň öňden
dowam edip gelýän kanunlary ýa-da taglymlary bilen düşündirmek kyn boljakdy.
Şonuň üçin edebiýat hem sungat hakyndaky taglymy pikirleriň ösüşinde bu
ýaramaz çeperçilik hadysa “konfliktsizlik teoriýasy” diýip at alan taglymy adalga
bilen kanunlaşdyryldy. Ýogsam şol “teoriýanyň” pidasy bolan eserleriň awtorlary
hakyky sungat eseriniň beýle ýuwan bolmaly däldigine akyllary ýetmän
duranokdy. Olar şol eserlerine çenli eýýäm okyjysynyň hem, tomaşaçynyň hem
söýgüsini gazanan eserleri döretmekde ýeterlik döredijilik tejribesini toplan
awtorlardy. Ýöne sowet syýasaty şeýle ýagdaýyň döremegine resmi suratda ýol
berdi, hatda şony talap hem etdi. Edebi taglymat oňa “konfliksizlik teoriýasy”
diýip at berdi we ol eserlere şol “teoriýanyň” ölçeglerine laýyklyda baha kesdi.
Bu, elbetde, edebi-taglymy kanunlaryň çeýelik alamatynyň ýüze çykmasy
hökmünde edebi prossesiň taryhynda yz galdyrdy.
Aýratyn alnan bir ýazyjynyň döreden çeper eserlerini ýa-da aýratyn alnan
bir taryhy döwrüň tutuş edebi prossesini öz döwrüniň jemgyýetçilik durmuşyndan
we ideologiýasyndan üzňeleşdirip, seljerip bolmaýandygy şundan hem aýdyň
görünýär. Anyk bir döwrüň çeper edebiýatynyň ösüş kanunalaýyklyklarynda uzak
taryhy döwrüň dowamynda kemala gelen we söz sungatynyň etine-ganyna siňip,
durgunlaşan umumy kanunlaryň täsirini-de, anyk bir döwrüň ýüze çykaran

14
möwritleýin kanunalaýyklyklarynyň täsirini-de görüp bilýäris. Wagtlaýyn ýüze
çykan kanunlar öz möwritini geçirenden soň, edebi prossese-de, edebiýat ylmyna-
da öz täsirini ýetirip bilmeýärler. Olar döwrüň tozanyna garylyp, ýitip gidýärler.
“Konfliktsizlik teoriýasy” diýilýän hem eýýäm geçen asyryň ellinji ýyllarynyň
ikinji ýarymyndan başlap, öz güýjüni ýitirdi. Bu, elbetde, çeper sözüň hemme
döwürlerdäki ösüş aýratynlyklary bilen bagly ýüze çykan kada-kanunlaryna hem
mahsus bolan alamatdyr. Şeýlelikde, durgunlaşan umumy kanunalaýyklyklar
möwritleýin kanunlaryň ýüze çykmagyna böwet bolup bilmeýän ekenler. Hut
şonuň üçin söz sungatynyň taryhynda ýüze çykýan edebi usullaryň her biri hem
öz kanunalaýyklyklary bilen dünýä inýärler, ýaşaýarlar we ýaşamagyny bes
edýärler.
Şeýle edebi usullaryň iň soňkusy sosialistik realizm ady bilen belli bolan
çeper usuldyr. Bu edebi usul öz döwründe hakykaty öz tebigy bolşunda dogruçyl
suratlandyrmak, edebiýatyň (kommunistik) partiýalylygy, onuň synpylygy we
durmuş hakykatyny ösüşde, özgerişde görkezmek ýaly kadalary-kanunlary baş
ýörelge edindi. Sosialistik realizm usulynda kemala gelen edebi prosses hem
tutuşlaýyn sanalan çeperçilik ýörelgeler (olar jemi bäş sany) boýunça ýaşady.
Şonuň üçin sosialistik realizmiň döreden çeperçilik gymmatlyklaryna, biz diňe
oňa taryhy nukdaý nazardan garap, düşünip ýa-da düşündirip bileris. Başga hili
ikinji bir ýol bilen oňa taryhy taýdan hem edebi-çeperçilik taýdan hem dogry
baha berip bilmeris.
Eýsem taryhy hakykatyň bu hili dürli hilli ýüze çykmalarynyň dowam edip
durmagy bilen, nesilleriň hem yzygiderli çalşyp gidip oturyşy bilen, durmuşyň
hem, onuň çeper şöhlelenmesi bolan çeper edebiýatyň hem, sungatyň umumy
kanunlarynyň hem her gezek täze-täze öwüşgin alyp durmagy kanunalaýyk
ýagdaý hökmünde garalmalydyr. Bu, elbetde, tebigy hem kanuny ýagdaýdyr.
Sebäbi umumy taryhy ösüşlere gönüden-göni täsiri bolan we taryhyň
hereketlendiriji güýjüne öwrülen kanunlar bitewidir. Aýdaly, gapma-garşylykly
taraplaryň arasyndaky göreş (haýyr bilen şeriň, ýagşy bilen ýamanyň, günä bilen
sogabyň, sowaşyk pikirleriň arasyndaky göreşler), köne bilen täzäniň arasyndaky,
möwritini geçiren ýa-da ösüşini togtadan zatlar bilen ösüp gelýän we ösýän
zatlaryň arasyndaky göreş kanunlary, elbetde, hemme döwürler üçin hem umumy
bolan we häzir hem ýaşamagyny dowam edýän kanunlardyr. Olar ähli döwürler
we zamanlar, eýýamlar we heňňamlar üçin hem ösüşiň, özgerişiň, täzelenişiň
ugruny kesgitleýän kanunalaýyklyklardyr.
Söz sungaty hem şu umumy kanunlara daýanyp ýaşaýar, şolaryň esasynda
göreş alyp barýar. Munda dürli-dürli häsiýetler, dürli-dürli ideallar özara
çaknyşýar. Ýagdaý şeýle bolansoň umumy taglymy kanunlar sungatyň hemme
görnüşi üçin umumulygynda galýar. Emma bu umumy kanunlaryň hakykat
ýüzünde çeperçilikli durmuş gapma-garşylyklaryny özleşdirişi anyk bir taryhy
döwrüň we onuň aýry-aýry wakalarynyň çäginde amala aşyrylýandygyny
unutmak bolmaz. Çeper edebiýat, köplenç, şol anyk pursatlarda ýüze çykýan

15
wakalaryň içinde hereket edýän gahrymanlarynyň häsiýet çaknyşyklarynyň
gutarnykly çözgüt berýän netijelerine çenli söhbet açýar. Diňe şeýle gutarnykly
çeper sözüň tejribeleri esasynda biz anyk taryhy pursatlaryň edebi-çeper
şöhlelenmesini yzarlamaga mümkinçilik tapýarys. Biz şeýle hem bu ýerde edebi
prossesiň ösüşiniň anyk kanunlary bilen onuň umumy kanunlarynyň ysnyşykly
sazlaşygyny hem görüp bilýäris.
Umuman, her bir sungat eseri, şol sanda her bir edebi-çeper eser hem özüçe
taryhydyr. Eger çeper eser şu günüň hakykatyndan söz açýan hem bolsa, ol
durmuş hakykatynyň ertir eýýäm taryhyň gatlaryndan jyklap duran hakykat
boljagyny nazarda tutmalydyrys. Bu döwrebaplykdan ösüp çykýan taryhylykdyr.
Şeýle döwrebaplyk eýýäm wagt taýdan hem, orun taýdan hem, hereket babatda
hem taryhy häsiýetli çeper sözdür. Şonuň üçin edebi-çeper eseriň öz döwrüniň
sesine ses goşdugy hem-de taryhyň ýaňyna ýaň saldygydyr. Her bir çeper esere
diňe şu nukdaý nazardan garamak bilen onuň söz sungaty hökmündäki edebi-
taryhy gymmatyny açmak dogry netijeleri berer. Bu, elbetde, çeper edebiýata
taryhy taýdan çemeleşmegiň esasyny goýmak bilen deňdir. Çeper edebiýata
taryhy nukdaý nazardan çemeleşmek bolsa, onuň taryhy ähmiýetini ýüze
çykarmaga eltýän iň dogry ýoldur.
Edebiýat nazaryýeti sungatyň taryhy ösüş ýolunda toplanan baý tejribeden
ugur alyp, edebi döredijiligi ylmy taýdan seljermegiň umumy hem anyk
ýörelgelerini işläp düzýän ylymdyr. Sebäbi çeper edebiýat hem tebigaty boýunça
sungatyň bir görnüşidir. Hut şoňa görä hem çeper edebiýat hakyndaky ylym
estetika ylmy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Estetika bolsa, öz gezeginde,
filosofiýa bilen aýrylmaz baglanyşykly ylymdyr. Şundan ugur alyp, edebiýatyň
nazaryýetiniň kanunalaýyklyklarynyň filosofiýanyň hem-de estetikanyň
kanunlaryna we kategoriýalaryna esaslanýandygyny ýörite nygtamalydyrys.
Edebi taglymatyň öňünde duran meseleleri şertli suratda dört topara
bölmek mümkin.
Birinji topar meselelere şulary goşmak bolar: çeper edebiýatyň
jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny we ýerine ýetirýän hyzmaty, medeni
ulgamda we sungatyň beýleki görnüşleriniň arasynda çeper edebiýatyň özboluşly
orny hem-de ähmiýeti, ýazyjynyň dünýägaraýşy bilen edebi-çeper usulyň
arabaglanyşygy, edebi döredijilikde obýektiwligiň hem-de subýektiwligiň özara
gatnaşygy, çeper edebiýatyň sungatyň kanunalaýyklyklary boýunça hakykaty
şöhlelendiriş özboluşlylygy we onuň durmuşy özgerdijiligi.
Ikinji topar meseleler bolsa şulardan ybaratdyr: çeper edebiýatyň aýry-aýry
görnüşleriniň hem-de onuň tutuşlaýyn özüniň ösüş taryhynyň umumy
kanunalaýyklyklary, edebi prosses, edebi ugurlar, akymlar, we edebiýatlaryň
özara gatnaşygy, däp we täzeçillik, çeper zehin we onuň döredijilik
özboluşlylygynyň hyzmaty hem-de ähmiýeti, edebi eserden lezzet almagyň
kanunalaýyklyklary, edebiýat nazaryýetiniň edebiýatyň taryhy bilen özara
gatnaşygy.

16
Edebiýat nazaryýeti özüne degişli şu hili meseleleri çözmekde hemişe
edebiýatyň taryhy bilen ysnyşykly we yzygiderli gatnaşykda bolýar. Ol edebiýat
taryhyndan anyk maglumatlary susup alýar. Edebiýat nazaryýeti edebiýat taryhy
boýunça alnyp barylýan we alnyp barylmaly barlaglaryň umumy usuly
ýörelgelerini işläp taýýarlaýar. Olary esasy edebi-çeper kanunalaýyklyklaryň
çäginde umumylaşdyrýar. Edebiýat taglymaty edebiýat taryhy bilen ýakyn
gatnaşykda bolmak bilen ýazyjynyň öz döwrüniň öňündäki hyzmaty we orny
barada, onuň döredijilik şahsyýeti hökmünde jemgyýetçilik durmuşynda tutýan
orny barada okyjynyň ýeterlik derejede habarly bolmagyny gazanýar.
Üçinji topar meseleler çeper eseriň dörediliş tärleri we ýörelgeleri, çeper
stiliň we kompozissiýanyň umumy kanunalaýyklyklary, şygryýet bilen kyssanyň
we beýleki žanyrlaryň arasyndaky umumylyklar hem-de tapawutly aýratynlyklar
bilen baglydyr.
Edebiýat nazaryýetiniň bu topar meseleleri, umuman, poetikanyň
meselelerini öz içine alýandygy üçin, oňa poetika bölümi hem diýilýär. Sebäbi bu
agzalan meseleler bilen baglylykda öňe sürülýän taglymy kanunalaýyklyklara
esaslanyp, edebiýatçy alymlar, edebi tankytçylar we okyjylar çeper eseri ylmy
taýdan dogry hem düýpli seljermegiň ýollary bilen tanyşýarlar.
Dördünji topar meselelere şu aşakdakylar girýär: çeper edebiýatyň estetiki
gymmatlyk hökmündäki hyzmaty we ähmiýeti, çeper edebiýatyň janly söz
hökmünde bada-bat täsir edijiligi we onuň çeper gymmatlyk hökmünde uzak
wagtyň dowamynda adam aňyna hem-de terbiýesine edýän täsiri, edebi prossesiň
ösüşinde ýüze çykýan meýiller we edebi esere baha bermegiň obýektiw
kriterileri.
Biz edebiýat taglymatynyň dört topara bölünen bu meseleleriniň
hemmesini aýry-aýry bölümlere bölmek bilen däl-de, olaryň käbirlerine diňe
esasy kanunalaýyklyklar bilen galtaşýan ýerlerine ýüzugra aýdyňlyk bermäge
çalşarys. Şonuň üçin ýokarda agzalan meseleleriň hemmesiniň bu kitaba
girmezligi-de mümkin. Ýöne edebi taglymatyň düýp mazmunyny açýan
meseleler, hakynda weli, mümkin boldugyça, giňişleýin gürrüň etmäge
synanyşyljakdygyna ünsi çekmegi zerur hasap edýäris. Edebi prossesiň we edebi-
taglymy pikirleriň ösüş ugruny bilelikde we olary özara gatnaşykda
aýdyňlaşdyrmagy göz öňünde tutýandygymyzy hem aýdyp geçmelidiris.
Şu ýerde edebiýat taglymatynyň ösüş ugry hakda gürrüň açylansoň, onuň
bilen baglanyşykly bolan käbir umumy meselelere hem degip geçmek zerurdyr.
Edebiýat nazaryýeti, umuman, iki ugur boýunça ösýär. Birinjiden, ol hut özüne
degişli hususy meseleler babatdaky ideýalaryny we umumylaşdyrmalaryny bir
zynjyra düzmek, bir ulgama salmak, olary her gezek döwrebap häsiýetli
çemeleşmeler bilen umumumylaşdyrmak, şeýle hem möwritini ötüren ylmy-
taglymy garaýyşlardan saplanmak ýoly bilen ösýär. Ikinjiden, hut öz predmeti
bolan çeper edebiýatyň hakyky çeperçilik baýlygyny nazarda tutup, öz

17
ideýalaryny şolar bilen deňeşdirmek, mümkin bolan ýerlerde olary utgaşdyrmak,
sazlaşykly taglymy ulgamy döretmek ýoly bilen ösýär.
Hakyky edebiýatçy alym özüniň ylmy gözleglerinde we oýlanmalarynda
göze görünmeýän iki sany söhbetdeşini – ýazyjyny we okyjyny hemişe duýup
durmalydyr. Ýazyjynyň baý döredijilik tejribesi alymyň taglymy pikirleri üçin
zerur hem gymmatly maglumatlary berýär. Edebi taglymat hemişe çeper
döredijilik işiniň umumylaşdyrylan taglymy ýörelgeleri bilen öňe hereket edýär.
Alymyň özüniň ylmy tejribesi bilen okyjynyň çeper-estetiki lezzet alyş we
duýgulanyş tejribesi birleşende, ol ylmy netijeleriň dogrudygyny kesgitleýän
ölçeg bolup hyzmat edýär. Edebiýat nazaryýeti şu nukdaý nazardan garanyňda,
okamak endigini kemala getirmek hem-de kämileşdirmek sungatydyr, okan çeper
eseriňe düýpli düşünmek we oňa çuňňur akyl ýetirmek sungatydyr.
Indi şu kitabyň ýazylmagyna sebäp bolan käbir ýagdaýlar hakynda kelam
agyz aýdyp geçmek zerurdyr. Elbetde, bir seretseň, bu okuw kitaby
ýazylmaýanda hem türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda edebiýatyň nazaryýeti
dersinde peýdalanar ýaly ýeterlik okuw gollanmalary bar ýaly. Akademik
A.Kekilowyň “Edebiýat teoriýasy”,1 professor Ö.Abdyllaýewiň “Edebiýat
teoriýasynyň esaslary”,2 professor J.Allakowyň “Edebiýat ylmyna giriş”,3
filologiýa ylymlaryň doktory M.Amansähedowyň “Edebiýat teoriýasy” 4 ady bilen
neşir edilen kitaplary şeýle gollanmalardyr. Olaryň käbiriniň şindi bibliografik
seýreklige öwrülip gidendigini nazara almanymyzda hem bularda öňe sürlen
garaýyşlaryň käbiri Garaşsyzlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelmeýändigi,
kitaplarda peýdalanylan edebi-çeper çeşmeleriň döwrebaplyk derejesiniň
ýiteňkirländigi, üstesine-de olaryň gozgaýan meseleleriniň edebiýat nazaryýeti
boýunça-da, edebiýat ylmyna giriş boýunça-da garym-garymlykdan halas däldigi
we şu näsazlyklary aradan aýyrmagyň zerurlygy şu okuw kitabynyň ýazylmagyna
itergi berdi.
“Edebiýat nazaryýeti” ady bilen taýýarlanan şu okuw kitabynda
ýerleşdirilen bölümleriň her biri okuw maksatnamasyna ylaýyklykda gönüden-
göni hut şu derse degişli bolan taglymy meseleleri öz içine alýar. Bu okuw kitaby
özüniň şu aýratynlygy bilen hem şu wagta çenli taýýarlanan we “Edebiýat
teoriýasy”, “Edebiýat teoriýasynyň easlary”, “Edebiýat ylmyna giriş” ýaly atlar
bilen neşir edilen okuw kitaplaryndan tapawutlanýar. Bu okuw kitabynyň
ýazylmagyna sebäp bolan ýagdaý hem hut şunuň bilen baglydyr. Edebiýat
taglymatynyň umumy meseleleri şu wagta çenli ýazylan okuw kitaplarynda
“Edebiýaty öwreniş ylmyna giriş” dersiniň materiallary bilen garym-gatym edilip
berildi. Bu bolsa edebiýat nazaryýetiniň meseleleriniň edebiýat ylmyna giriş
dersinde hem öwrenilmegine we tersine, edebiýat ylmy boýunça başlangyç
düşünjeleri berýän meseleleriň edebiýat nazaryýeti dersiniň matariallarynyň

1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958.
2
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1963,1972.
3
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992.
4
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012.
18
arasynda öwrenilip gelinmegine getirdi. Bu, bir tarapdan, aýry-aýry dersleriň
öwrenýän materiallarynyň garyşdyrylmagyna, ikinji tarapdan, bu dersleriň
material babatda biri-birini gaýtalamagyna alyp bardy. Bu bolsa, elbetde, okuw –
usulyýet işinde ýol berilmesiz ýagdaýdyr.
Bu okuw kitabyna girizilen materiallar şu wagta çenli dowam edip gelen
garym-gatymlygy we gaýtalamalary aradan aýyrmaga ýardam etjekdigine
ynanýarys. Sebäbi şu okuw kitabynyň materiallary indi birnäçe ýyllar bäri
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 5-nji
ýyl talyplary bilen “Edebiýat nazaryýeti” dersinde öwrenilip gelinýär we bu
özüniň gowy netijelerini hem berýär. Tejribeden görnüşi ýaly, 1-nji ýyl
talyplarynyň “Edebiýaty öwreniş ylmyna giriş” dersinden alan başlangyç
bilimlerini 5-nji ýyl talyplary has çuňlaşdyrylan we giňeldilen şekilde, estetika we
filosofiýa ylymlarynyň kanunlary we kategoriýalary bilen utgaşdyryp öwrenmäge
mümkinçilik alýarlar. Edebiýat nazaryýetiniň ylmy taglymatlarynyň hut
estetikanyň we filosofiýanyň kanunlaryna esaslanýandygy bolsa meselä iň dogry
hem maksada laýyk çemeleşmedir.
Şunuň ýaly-da bu okuw kitabyna edebiýat taglymatyna degişli bolan, ýöne
öňki okuw kitaplara girizilmedik täze-täze bölümleriň salnandygy hem bu kitabyň
tapawutly tarapydyr. Okuw kitabyna täze girizilen bölümlerde däp we täzeçillik,
edebi hyzmatdaşlyk we edebi aragatnaşyk, edebi akymlar hakdaky meseleler
garalýar. Çeper edebiýatyň ösmegine täsiri bolan bu meseleleriň taglymy
esaslary ýüze çykarylýar. Edebi prossesiň taryhynda ýüze çykan we kämilleşen
bu meseleler bilen bagly kanunlar, kanunalaýyklyklar, umumy ýörelgeler taglymy
taýdan esaslandyrylýar we çuňlaşdyrylan görnüşde aýdyňlaşdyrylýar. Okuw
kitabyndaky her bölüme degişli bolan edebi materiallar milli we dünýä
edebiýatlarynyň edebi prossesiň dürli döwürlerinde çeper gymmatlyga öwrülen
edebi eserleriň maglumatlary bilen baýlaşdyryldy we üsti ýetirildi, täzelendi we
döwrebaplaşdyryldy. Şunda Garaşsyzlyk yllarynyň edebi prossesiniň
maglumatlaryna has köp üns berildi. Bu bolsa bäş müň ýyllyk taryhly milli
edebiýatymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çenli ösüş ýolunda
döredilen edebi-çeper gymmatlyklaryň zerurlyk ýüze çykan ýerlerinde okuw
materialy hökmünde peýdalanylandygynyň subutnamasydyr.

19
I. SÖZ SUNGATY
ÇEPER EDEBIÝAT – JEMGYÝETÇILIK
AŇYNYŇ GÖRNÜŞI

Çeper edebiýat köp öwüşginli jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi hökmünde


uzak taryhy döwrüň dowamynda adamzat nesline hyzmat edip gelýär.
Jemgyýetçilik aňy diýlen düşünje özüniň tebigaty boýunça köptaraply bolsa-da,
taryhy häsiýete eýe bolan bitewilikdir. Ol döwürleriň, heňňamlaryň synagyndan
geçen jemgyýetçilik aňy hem akyl ýetirişi bolany üçin taryhydyr. Onuň hemme
döwürlerde hem adamyň akyl ýetiriş özboluşlylygyna esaslanýanlygy üçin bolsa
ol bitewidir. Sungat, şol sanda çeper edebiýat hem jemgyýetçilik aňynyň, akyl
ýetirişiň iň bir işjeň bölegidir.
Jemgyýetçilik aňynyň özboluşly bir bölegi hökmünde sungat adamzady aň
hem akyl taýdan kemala getirmekde we terbiýelemekde ägirt uly hyzmaty ýerine
ýetirip gelýär. Sungat adamzadyň dünýä düşünmeginde, jemgyýete we adama
(şahsyýete) akyl ýetirmeginde çeper serişde hökmünde uzak taryhy döwürleriň
dowamynda ýaşap gelýän gymmatlykdyr. Sungatyň görnüşleri köpdür. Olaryň
her biriniň jemgyýetçilik aňyny döretmekde özüne mahsus çeperçilik “ýaragy”
bardyr. Saz sungaty heňleriň, owazlaryň üsti bilen, şekillendiriş sungaty reňkleriň
üsti bilen adam aňyna täsir edýär. Çeper edebiýat bolsa sözüň üsti bilen öz
wezipesini ýerine ýetirýär. Ol çeper gymmatlyk hökmünde adamzat nesli bilen
ýaşytdaş diýen ýaly ýaşap gelýän sungatyň bir görnüşidir. Akademik A.Kekilow
bu hakda şeýle ýazýar: “Çeper edebiýat sungatyň bir görnüşidir. Çeper
edebiýatyň sungatyň beýleki görnüşlerinden tapawudy onuň durmuş
kartinalaryny, çeper obrazlary (keşpleri – Ş.G.) söz arkaly görkezmeginden we
döretmeginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem çeper edebiýata söz sungaty diýilýär” 1.
Söz sungaty ýa-da çeper edebiýat köp öwüşginli bitewi gymmatlygyň —
jemgyýetçilik aňynyň, dünýä akyl ýetirişiň möhüm bir pudagydyr. Ol adam
aňynyň kemala geliş ýolunda ynsanyýetiň durmuş hakykatyny çeperçilik taýdan
özleşdirmeginde we oňa akyl ýetirmeginde uly hyzmaty bolan sungatdyr. Söz
sungaty dünýäni çeperçilik bilen adam aňyna ýeter ýaly etmek üçin, ony akyl
ýetirerlik derejede aňşyryp we göz öňüne getirip hem-de özleşdirip bilmek üçin,
biziň öňümizde ägirt uly gözellik giňişliklerini açyp goýýar.
Söz adamzat üçin diňe bir guraksy aragatnaşyk serişdesi däldir. Eýsem ol
dünýäni we hakykaty çeperçilikli özleşdirmek üçin giň mümkinçiliklere eýe
bolan gymmatlykdyr. Hakykaty gözellik kanunlarynyň talaplary esasynda lezzetli
ýa-da ýigrençli duýgular bilen duýmak, syzmak, akyl ýetirmek hem-de ony
şahyrana gözellige bezäp beýan etmek üçin-de ol giň giden bir älemi-mümkin-
çilikleri we şertleri özünde jemleýär. Çeper edebiýatyň jemgyýetçilik aňynyň bir
görnüşi hökmünde iň bir gymmatly hem ähmiýetli tarapy-da şundadyr.
Çeper edebiýatyň “ýaragy” çeper sözdür. Şonuň üçin hem ol çeper sözdür,
çeper söz sungatydyr ýa-da ýörgünli ady bilen aýtsak, çeper edebiýatdyr. Ol çeper
söz arkaly biziň aňymyzda, göz öňümizde gözellik dünýäsini açýar. Çeper
edebiýat söz arkaly dünýäniň gözelliklerini her birimize akyl ýetirerlik derejede
1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 7 sah.
20
janlandyrýar. Hakykat biziň gözümiziň öňünde gözel görnüşe gelýär. Olar biziň
görüp ýören hakykatymyz, içinde ýaşap ýören hakykatymyzdyr. Şeýledigine
garamazdan, olar biziň görüp bilmedik, duýup bilmedik, hiç wagt görmejek,
duýmajak hakykatymyzdyr. Olar göze görünmeýän hakykat däldir, emma bize
görünmedik, biziň aňşyrmadyk hakykatymyzdyr. Şonuň üçin hem ol hakykat
biziň üçin jadylaýjy gudrat bolup täsir edip bilýär.
Çeper edebiýatyň gözlegi gözellikdir, gözleri gözellikdedir. Şeýle
bolansoň ol gözellik hakda söz açyp, täze bir gözellik dünýäsini döredýär. Bu
maddy gözellik däldir. Ol çeper sözüň güýji bilen dörän ruhy gözellikdir. Söz
gözelligidir. Sözde bolsa akyl bilen duýgynyň sazlaşygyndan emele gelýän gudrat
bardyr. Çeper edebiýat biziň her birimizde we hemmämizde gözellik duýgusyny
terbiýeleýär. Biziň aňymyzda ol täze bir gözellik dünýäsini açýar. Gözellik bolsa,
öz gezeginde, iň ýokary kämillikdir. Eger kämil jemgyýetçilik aňy hakda söz
açylsa, gözelligiň kämillik belentligidigini nazarda tutmaly bolýarys. Onda çeper
edebiýatyň süňňüniň gözellikleriň jeminden düzülendigini-de hasaba alamaly
bolýarys. Şeýlelikde, gözellige kämil akyl ýetiriş nukdaý nazaryndan baha
berilse, onda çeper edebiýatyň bu babatdaky hyzmaty ony dünýäni
gözelleşdirmegiň hatyrasyna gulluk edýän gymmatlyga öwürýär.
Çeper edebiýat dünýäni-de, jemgyýeti-de, şu çarçuwada ýaşaýan we
döredýän adamlary-da gözelleşdirmek bilen meşgullanýar. Onuň maksady-da,
idealy-da şundadyr. Şonuň üçin ol gözellik düşünjesiniň töwereginde däl-de,
orruk ortasynda iş görýän sungatyň bir görnüşidir. Gözellik bolsa dünýäniň hem-
de jemgyýetiň kanunalaýyklyklary bilen iş salyşýan filosofiýa ylmynyň esasy
kategoriýalarynyň biridir. Jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, dünýä we
jemgyýete akyl ýetirmekde filosofiýa ylmyna esasy orun degişli bolsa, onuň
kategoriýalaryna we kanunlaryna esaslanýan çeper edebiýatyň hem bu meselede
özüne ýeterlik hyzmaty bardyr. Gözelligiň dünýä üçin, jemgyýet üçin, adamzat
üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti hakda söz açyp, beýik rus ýazyjysy
F.M.Dostoýewskiý: “Dünýäni gözellik halas eder” diýen netijä gelýär. Ýazyjynyň
gözellik hakdaky bu pikiri örän jaýdar aýdylan söz. Sebäbi bu ganatly sözler
aýdylaly bäri heniz dünýäniň hiç bir akyldarynda ony inkär etmek pikiri
döremedi. Ol hiç bir düşündiriş talap etmeýän we başga hili aýtmaga zerurlyk
goýmadyk beýik söz, beýik hakykat.
Çeper edebiýatyň gözel dünýäni gözelleşdirmek, jemgyýetçilik
gatnaşyklaryny gözelleşdirmek, adamlarda gözel ahlak sypatlaryny terbiýelemek
bilen iş salyşýandygyny nazarda tutsaň, onda söz sungaty arkaly kemala getirilen
jemgyýetçilik aňynyň, jemgyýetçilik akyl ýetirişiň agramy has-da artýar. Sebäbi
gözellige esaslanan jemgyýetçilik aňy hem özüniň gözelligi bilen gymmatlydyr.
Diýmek, çeper edebiýat jemgyýetçilik aňynyň adaty bir görnüşi däl-de, eýsem
gözel görnüşidir. Ýazyjy F.M.Dostoýewskiý öz döwründe hakykatdan hem
ýalana çykaryp bolmajak beýik hakykaty açypdyr. Şonuň üçin hem oňa henize-bu
güne çenli dil ýetirip bilýän ýok.
Dogry, soňky döwürlerde dünýäni halas etjek gudratlaryň hataryna
söýgini goşýanlar hem bar. Olar “dünýäni söýgi dolandyrýar” diýen pikire gulluk
edýärler. Belki, bu hem hakykatdan daş bir gudrat däl bolmagy-da mümkin.
Aslynda-ha, söýgi hem gözelligiň ruhy zeruryýetini özünde jemleýän
21
güýçlüginden hem başga, ol gözelligi dörediji gudratdyr. Şu nukdaý nazardan bu
hem hakykatdan daşdaky pikir däl. Söýgi hem öz tebigaty boýunça gözellik
kategoriýasynyň talaplary bilen ýaşaýan gudrat. Şeýle bolansoň ol hem
başgaçarak aýdylan “Dünýäni gözellik halas eder” diýen pikiri gaýtalaýar. Söýgi
hakda söz açyp, türkmen şahyry A.Kekilow özüniň “Söýgi” romanynda şeýleräk
bir pikiri öňe sürýär:

Söýgüdir, dostlarym, dünýäniň täji,


Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy.1

Söýgini dünýäniň täjine deňeýän şahyr ony gözelligiň çür başyna çykarýar.
A.Kekilow dünýäniň manysynyň, tagamynyň – ajysynyň-süýjüsiniň söýgi bilen
baglydygyny aýdýarka, söýgini gözellik hakykaty hökmünde göz öňüne getirýär.
Beýik Magtymgulynyň hem şu pikirdedigini şahyryň “Duz hem bolmasa”
sygrynda aýdyň görýäris:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,


Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.2

Akyldar bu ýerde “söýgi” sözüni ulanmaýan hem bolsa, ol “gelin-gyz”


diýýärkä, olara bolan yşk-söýgini göz öňünde tutýar. Geň ýeri, ýene söýgi
hakdaky pikir dünýäniň tagamy hakdaky pikir bilen sepleşip gidýär. Bu ýerde
A.Kekilowyň beýik Magtymgulyny özüçeräk gaýtalaýandygyna garamazdan,
olaryň ikisi hem bir nyşana urýar.
Başga bir bellemeli ýagdaý bar. Söýgi meselesi dünýä edebiýatynda işlenen
iň gadymy, iň “garry” temalaryň biridir. Eger çeper edebiýatyň gözellik
kanunlary bilen ýaşaýandygyny göz öňünde tutsaň, onda ol hiç hili düşündirişi
talap etmeýär. Edebiýat heniz mifleriň töwereginde aýlanyp ýörkä-de, söýgi
meselesine ýüzlenipdir. Sebäbi gadymyýetiň ýazyjy-şahyrlary hem söz
sungatynyň gözellik dörediji sungatdygyna akyl ýetiripdirler. Hut şonuň üçin hem
yşk-söýgi meselesi gözelligiň nyşany hökmünde ylahy mazmunly edebiýat üçin
hem, dünýewi mazmunly edebiýat üçin hem iň ýörgünli işlenen temalaryň biri
bolupdyr. Bu kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi çeper edebiýat özüniň gözellik
döredijilik, şonuň esasynda hem jemgyýetçilik aňyny gözelleşdirmek baradaky
idealyna hemme wagtlarda wepaly bolup galypdyr. Bu belent idealyň tema, žanr,
görnüş ýa-da wagt, orun, hereket dannawy ýok. Çeper edebiýat özüniň ösüş
ýoluny tutuşlygyna gözellik kanunlaryna laýyk gelýän ugra gönükdiripdir.

***
Çeper edebiýat durmuşyň özboluşly aýnasydyr, döwrüň çeper keşbidir,
jemgyýetiň ýüzüdir. Başgaça aýdylsa, hakykatyň çeperçilik öwüşgin bermek
bilen bezelen mazmunydyr. Şonuň üçin ol taryhylyk häsiýete eýedir. Sebäbi
asyrlar aýlanyp dur, döwürler dolanyp dur, hatda heňňamlaryň ýüzi täzelenip dur.
Şunuň bilen baglylykda täze gatnaşyklar, täze talaplar, täze garaýyşlar, täze
1
A.Kekilow. Söýgi. Aşgabat,TDNG, 2013, 17 sah.
2
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 215 sah.
22
zeruryýetler ýüze çykyp dur. Bu bolsa her bir taryhy döwrüň özi üçin täze
kanunalaýyklyklary işläp düzmegine sebäp bolýar. Döwrüň hyzmatyndaky çeper
edebiýat bolsa şoňa laýyklykda ösýär we özgerýär. Bu ösüş, özgeriş her bir milli
edebiýatyň öz içki kanunalaýyklyklaryna tabynlykda bolup geçýär. Şunuň
esasynda hem däpler täzelenýär ýa-da has berk ornaşýar, olaryň käbirleri ýitip
gidýär, onuň ýerine täze öwüşginler (täzeçillik) ýüze çykýar. Sebäbi olaryň bir
bölegi möwritleýin häsiýete eýe bolsa, bir bölegi uzak möhletler öz ýaşaýşyny
dowam etmäge ukyply. Hatda wagtyň gazaply synagyndan geçip, bakylyga eýe
bolýanlary hem ýok däl. Şeýle bolansoň hemme döwürler üçin ýaramly bolup
bilýän, bakylyk lybasyna giren edebi çeper gymmatlyklar bilen ýüzbe-ýüz
bolýarys. Bu ýagdaý çeper edebiýatda aýratyn alnan belli bir taryhy döwrüň
edebi nusgalary bilen heňňamlaryň gatlarynda dörän çeper nusgalaryň arasynda
ýüze çykýan ruhy sazlaşygyň emele getiren edebi-çeper gymmatlyklarynyň özara
baglanyşygyny döredýär. Nusgalyk edebi gymmatlyklar şeýle beýik sazlaşygyň
miweleridir. Gadymyýetiň çuňluklaryndan biziň günlerimize çenli gelip ýeten söz
sungatynyň ajaýyp nusgalary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň çeper
aňynyň döreden şol beýik eserleri özüniň haýsy döwürde döredilendigine
garamazdan, biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar
nesillerine ruhy iýmit bolup hyzmat edip bilýär. “Oguznama”, “Gorkut ata”,
“Görogly” şadessanlarymyz, Magtymguly, B.Kerbabaýew, K.Gurbannepesow,
G.Ezizow ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz tarapyndan döredilen eserler milli
edebiýatyň beýik nusgalarynyň hatarynda durýar. Bu sanawy köpeldip hem
bolardy. Ýöne oňa zerurlyk bolmandygy üçin, eýýamlaryň ruhy sazlaşygynyň
dowam edýändigine şaýatlyk edýän şu sanaw bilen çäklenýäris.
Çeper edebiýatyň durmuş bilen sazlaşygyny emele getirýän sütün Adam
diýlen beýik gymmatlykdyr. Adam we onuň ykbaly çeper edebiýatyň üýtgewsiz
predmetidir. Şonuň üçin edebiýatyň nazaryýeti hem gönüden-göni çeper
edebiýatyň predmeti bolan adam bilen aýrylmaz baglanyşykly meselelerden we
onuň edebi keşbiniň dörediliş kanunalaýyklyklaryndan uzaklaşyp bilmeýär. Bu,
elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi çeper edebiýat hem onuň taglymy
esaslary bolan edebiýatyň nazaryýeti hem adamy öwrenýär. Sungatyň – söz
sungatynyň kanunalaýyklyklaryny işläp düzýär. Adam bolsa ýaradylan
mahluklaryň içnde iň beýigidir. Bu hakda beýik Haýýam şeýle diýýär:

Adamzatdyr ähli mahlugyň başy,


Zyýadadyr onuň akyly-huşy,
Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa,
Ynsandyr bezegi, zynaty, gaşy.1

Akylly adama dost bol, söhbet aç,


Namartdan uzak bol, günde müň agaç,
Bir akylly zäher beräýse-de iç,
Namardyň balyndan, şerbetinden gaç.2

1
Omar Haýýam. Rubagylar. Aşgabat, TDNG, 2011, 40 sah.
2
Şol ýerde, 36 sah.
23
Soňky bendiň şeýleräk görnüşde edilen terjimesi-de bar:

Dost tutun sen aňly hem dogry kesden,


Müň agaç daşda dur gylygy pesden,
Iç, eger bilimli zäher berse-de,
Ýere dök, derman-da ýetse näkesden.1

Dürli awtorlar tarapyndan terjime edilen bu bentleriň manysy, maňzy bir.


Omar Haýýam şu bentleriň hemmesinde adam hakda söz açýar. Adam şahyryň
döredijiliginiň merkezinde dur. Adamy Haýýamyň çeperçilik garaýşy bilen
synlasaň, ol dünýäniň bezegi, zynaty, başgaça aýtsaň, eger dünýä ýüzük bolsa,
adam onuň göwher gaşy. Adama berlen baha juda belent. Adamyň şeýle arşy
belentlikdäki mertebesini ylahy ylym hem, dünýewi ylym hem ykrar edýär.
Diýmek, adamzadyň aňy ynsany iň bir gözel ýaradylan jandar hökmünde kabul
edipdir. Çeper edebiýat hem gözellik bilen iş salyşýandygy üçin, adamy özüne
baş gahryman hökmünde alypdyr. Söz sungaty ozalebedinde özüniň ruhuna laýyk
iň gözel gahrymany — adamy öz predmeti hökmünde saýlap almak bilen,
ählumumy sazlaşygyň nazaryndan çemeleşipdir we utuş gazanypdyr. Sebäbi
adamlar hem hil-hil bolýar. Çeper edebiýat adamlaryň hil sypatynyň ýagşydygyna
– ýamandygyna garamazdan, olaryň hemmesi hakda söz açýar. Adamlaryň
biri-birinden parhlydygy hakda söz açyp, beýik Nowaýy şeýle diýýär:

Adamzadyň asly birdir,


Bir-birinden parhyýa.
Biri başa agyrykdyr,
Biri göze totyýa.

Çeper edebiýat diňe göze totyýa adamlaryň hereket giňişligi däl. Onda
kelle agyrdyjy adam häsiýetleri hakda hem söz açylýar.Çeper söz üçin adam
durmuşy gözli çeşmedir. Ol onuň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyndan söwlüp
geçmeýär. Söz sungaty öň ýagşynyň öňküsinden hem ýagşy bolmagy üçin, öň
ýamanyň hem ýagşy bolmagy üçin çalyşýar. Bu hakda K.Gurbannepesow özüniň
“Kyrk” atly poeziýa deklarasyýasynda şeýle diýýär:

Ýagşylary söýdüm bäş duýgym bilen,


Alty duýgym bilen ýigrendim galpy.
Ýamanlaryň ýagşy bolmagy üçin,
Ýagşylaň has ýagşy bolmagy üçin,
Gije-gündiz çatdym harp bilen harpy.2

Bu setirler edebiýatyň özboluşly tebigaty hakdaky şahyrana pikirleri


özünde jemleýär. Çeper edebiýatyň tutuş süňňüniň adam hakyndaky alada
ýugrulandygyny nygtaýar. Şonuň üçin çeper edebiýatyň predmetiniň düýn hem,
şu gün hem adamdygyna kanuny ýagdaý hökmünde garamalydyrys. Munuň
1
Omar Haýýam. Rubagylar. Aşgabat, TDNG, 2011, 55 sah.
2
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 11 sah.
24
edebiýaty öwreniş ylmynyň taglymy kanunlary boýunça-da hut şeýle
bolmalydygyny gadymy ýunan akyldary we edebiýat taglymatçysy Aristotel
(Magtymgulynyň atlandyryşyna görä Aristu) hem (ol b.e.öň 384-322-nji ýyllarda
ýaşap geçipdir) özüniň meşhur “Poetika” atly eserinde aýratyn nygtaýar. Ol şeýle
diýýär: “Şahyrana sungaty, gürrüňsiz, iki zat döretdi we olaryň ikisem adaty
zatlar. Öýkünmek adamlara çagalykdan mahsus ahyryn: adamlar beýleki
jandarlardan hut şol öýkünmäge ymtylýandygy bilenem tapawutlanýar we hatda
ilkinji aňlamaklygam öýkünme ýoly bilen edinildi we öýkünmäniň netijeleri
hemmelere lezzet berýär...”1 Bu ýerde akyldaryň sungaty döreden iki zat hakdaky
göz öňüne getirmelerinden öýkünilýäniň hem, öýkünýäniň hem adamdygy
baradaky pikir gelip çykýar. Öýkünilýän zat – adamyň çeper keşbi ýa-da
öýkünmäniň netijesi. Öýkünmäniň netijesinden – döredilen keşpden (çeper
eserden) adamlar lezzet alýarlar. Aristoteliň pikiriçe, edebiýat adama öýkünilip
döredilýän sungat.
Söz sungaty adamyň daşky hem içki (ruhy) dünýäsi bilen iş salyşýar. Ol
adamyň durmuşy, ykbaly, dünýägaraýşy, oý-pikiri, arzuw-islegi, duýgy-
düşünjesi, gaýgy-hasraty, şatlyk-buýsanjy bilen has içgin gyzyklanýar. Çeper
edebiýatyň adam aňynyň ynsana mahsus akyl-paýhas özboluşlyklaryny özünde
jemleýän taraplary bilen iş salyşýandygy üçin, ol jemgyýetçilik aňyny kemala
getirijidir. Ony ruhy taýdan gözel görnüşe we kämil belentlige ýetirijidir.
Çeper edebiýat ýazyjynyň aňynyň we akyl ýetirişiniň miwesidir. Şundan
çen tutsaň, ol aýratyn alnan ýalňyz bir adamyň akyl ýetirişi bilen çäklenýän ýaly
bir zatdyr. Emma ol beýle däldir. Ýazyjynyň akyl ýetirişi we dünýäni duýşy bir
adamyň akyl ýetirişi bilen çäklenýän däldir we çäklenmeli hem däldir. Ol tutuş
jemgyýetçilik aňyny dörediji bolmalydyr. Umumy adamzadyň ýa-da aýratyn
alnan milletiň dünýä, jemgyýete, döwre, adama garaýşynyň, akyl ýetirişiniň
özboluşly umumylaşdyrylan jemi bolmalydyr.
Şu nukdaý nazardan ol jemgyýetçilik aňynyň beýleki görnüşleri bolan
filosofiýa, ykdysadyýet, taryh, biologiýa, psihologiýa, lukmançylyk ýaly ylymlar
bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Bu ylymlar hem adamy, onuň durmuşyny,
geçen taryhy ýoluny, akyl ýetiriş derejesini, psihiki aýratynlyklaryny, beden
gurluşyny öwrenýärler. Çeper edebiýat bu ylymlardan hem özüne ýeterlik
maglumatlary alýar. Şeýle-de bolsa söz sungaty pelsepe ýa-da taryh ylmynyň,
etnografiýa ýa-da psihologiýa ylmynyň, biologiýa ýa-da lukmançylyk ylmynyň
ýerini tutup bilmeýär. Olar hem çeper edebiýatyň bitirýän jemgyýetçilik
hyzmatyny bitirip bilmeýärler. Ylymlaryň jemgyýetde öz orunlary bar, sungatyň
hem öz orny bar. Şoňa garamazdan, olaryň hemmesi birleşip, jemgyýetçilik
aňyny kemala getirýärler. Şu babatda olaryň maksatlary we wezipeleri birleşýär.
Olaryň hemmesi bir umumy maksada, wezipä gulluk edýärler. Sebäbi olaryň
hemmesi adam bilen iş salyşýarlar. Eýsem adam we onuň dünýäsi bilen içgin
gyzyklanýan bu ylymlardan çeper edebiýat özüniň haýsy taraplary bilen
tapawutlanýar?
Öňde belleýşimiz ýaly, bu ylymlar hem jemgyýetçilik aňyny kemala
getirmek işine gatnaşýarlar. Ýöne çeper edebiýat jemgyýetçilik aňyny kemala
getiriji bu ylymlardan özüne mahsus özboluşly maksada we wezipä eýedigi bilen
1
Aristun — Aristotel. Şygryýet. Türkmenabat, 2000, 11 sah.
25
tapawutlanýar. Söz sungatynyň esasy maksady we wezipesi hem adamyň ruhy
dünýäsini açmakdan, ony gözelleşdirmekden hem-de terbiýelemekden ybaratdyr.
Jemgyýetçilik aňyny kemala getiriji beýleki ugurlaryň hiç biri çeper edebiýatyň
şu hyzmatyny öz üstlerine almaýarlar. Bu hem çeper edebiýatyň jemgyýetçilik
aňyny kemala getirmekde başga hiç zat bilen öwezini dolup bolmaýan
hyzmatynyň bardygyny subut edýär. Sebäbi çeper edebiýat adam üçin ruhy
baýlykdyr. Söz sungatynyň bu özboluşlylygy hakda söz açyp, Hormatly
Prezidentimiz şeýle diýýär: “Ruhy baýlyk köňlüň rahatlygydyr, ýaşaýşyň
gönezligidir. Çünki ol bahasyna hiç bir gymmatlyk taý gelmeýän
baýlygymyzdyr”.1 Bu hakykatdan hem şeýledir. Çeper edebiýatyň ornuny häzirki
zamanda durmuşa düýpli ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň hem hiç
biri tutup bilmez. Sebäbi çeper edebiýat adamyň syrly dünýäsine aralaşyp, ony
gozgalaňa salyp bilýär. Adamyň diýesi gelip, diýip bilmän ýören zatlaryny-da
diýäýýär. Asla ol seni oýuňa-pikiriňe gelmeýän täze bir gözellik älemine seýran
etdirip hem bilýär. Seniň syrly dünýäňe çuňňur aralaşyp, sen hakdaky syrly
hakykaty seniň özüňe açyp berýän halatlary-da köp bolýar. Şundan ugur alsaň,
çeper edebiýatyň beýleki ylymlardan jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekdäki
tapawudy onuň adam oglunyň göze görünmeýän syrly dünýäsine aralaşmak bilen
öz çeperçilik açyşyny edýänligindedir we şunuň bilen öz maksadyna, wezipesine
amal edip bilýänligindedir. Adamyň akyl ýetiriş ukyplarynyň esasynda onuň
akylyna, aňyna, duýgy-düşünjesine gözellik nukdaý nazaryndan baha
kesýänligindedir we oňa täsir edip bilýänligindedir. Ony gözelleşdirýänligindedir
we baýlaşdyrýanlygyndadyr.
Şu ýerde çeper edebiýatyň maksadynyň we wezipesiniň aýdyňlaşdyrylan
pursatynda söz sungaty bilen iş salyşýan edebiýat nazaryýetiniň-de maksady,
wezipeleri aýdyňlaşdyrylsa ýerlikli bolardy. Munuň maksadyny we wezipelerini
edebiýatyň ösüşiniň taglymy meseleleri bilen baglanyşdyrmak aýratyn zerurlyk
bolup öňe çykýar. Şonuň üçin edebiýat nazaryýetiniň maksady-da, wezipesi-de
edebi durmuşyň esasy çeperçilik hadysalaryny ýüze çykaryp, şolar esasynda hem
döredijilik işine mahsus bolan umumy kanunalaýyklyklaryň ulgamyny işläp
düzmekden ybaratdyr diýip hasap edýäris. Şeýle hem onuň wezipesine çeper
döredijiligiň dürli taraplaryna degişli kanunalaýyklyklara garap geçmek hem,
aýry-aýry žanrlaryň, çeper diliň, şygyr düzülişiň, kompozissiýanyň, sýužetiň we
ş.m. meseleleriň özboluşly ösüşi bilen bagly kanunalaýyklyklary seljermek hem
girýär. Edebiýat nazaryýeti sungatyň kanunalaýyklyklaryna esaslanyp, onuň
taryhy ösüş tejribesine daýanyp, edebi-çeper döredijilik işine dahylly ähli
meseleleri ylmy taýdan seljerýär. Çeper döredijiligiň taryhy taýdan özboluşlylyga
eýe bolan islendik ýüze çykmalaryna baha bermäge we olara dogry çemeleşmäge
mümkinçilik döredýän taglymy ýörelgeleri işläp düzýär.
Söz sungaty adam hakynda söhbet açyp, ony bitewilikde görkezip bilýän,
ony hakykatda bolşy ýaly, janly bitewilikde şöhlelendirip bilýän sungatyň bir
görnüşidir. Ol aýratyn alnan bir gahrymanyň ykbalyny yzarlamak bilen, şol adam
ýaly başga-da ummasyz köp adamlaryň häsiýetlerini, ykballaryny, olar hakdaky
hakykaty tipleşdirip açyp bilýär. Ýöne munuň üçin ilki bilen hakykatyň özi tipik
bolmaly. Diňe şeýle ýagdaýda, has takygy, diňe tipik hakykatyň içinde
1
G.Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. Aşgabat, TDNG, 2016, 111 sah.
26
gahrymanyň tipik häsiýeti ýüze çykyp bilýär we ol diňe şu ýagdaýda tipik
gahrymanyň keşbine girip bilýär. Başgaça bolup hem bilmez. Diňe tipik hakykat
tipik gahrymany orta çykarmaga ukyply. Tipik gahryman, öz gezeginde,
jemgyýetçilik aňyny dörediji gahrymandyr. Tipik gahrymanyň dünýä akyl
ýetirişi, aň-düşünjesi diňe onuň özüniň dünýägaraýşy, oý-pikiri, arzuw-hyýaly,
maksady däldir. Tipik gahrymanyň dünýägaraýşy özi ýaly başga-da müňlerçe
adamlaryň häsiýetini özüne siňdiren jemgyýetçilik aňydyr. Şu nukdaý nazardan
tipiklik çeper edebiýatyň möhüm alamatlarynyň biri bolmagynda galýar.
Söz ussady öz gahrymanyna döwrebap hem tipiki häsiýet bermäge
çalyşýar. Ýazyjy diňe şu maksadyna ýetende, ol hakyky çeper eseri döredýär. Ol
şu wezipä amal edip bilse, eser durmuş hakykatyna has ýakyn çeper eser bolýar.
Tipiklik özboluşly bir umumylykdyr. Ol aň, akyl ýetiriş, arzuw, maksat,
hereket umumylygydyr. Bu umumylyk jemgyýetçilik aňyň umumylygydyr. Biziň
ähli hereketlerimiz, maksatlarymyz, arzuw-hyýallarymyz bilen bagly döreýän
hyjuwlarymyz aňyň netijesidir. Her adam öz akylyna görä iş görýär. Eger tutuş
jemgyýetçilik aňy bir maksada gönükdirilen hereket bilen meşgul bolsa, onda ol
bitewi aňyň netijesidir. Jemgyýetçilik aňynyň akyl ýetiriş çygryna laýyk edilen
işiň netijesidir. Çeper edebiýatda tipik gahryman jemgyýetçilik aňynyň baýdak
göterijisidir.
Çeper edebiýatyň gahrymany şeýle umumylygy özünde jemleýändiginden
başga-da, ol özüne mahsus häsiýetli özboluşlylyga-da eýedir. Bu özboluşlylyga
(indiwiduallyga) ol öz häsiýetinde ýüze çykýan hususyýetler bilen ýetýär. Çeper
eseriň gahrymany nä derejede özboluşly (indiwidual) häsiýete eýe bolup bilýän
bolsa, şol derejede hem çeper keşp hökmünde gymmatlydyr. Eger her adam öz
akylyna görä hereket edýän bolsa, onda adamyň jemgyýetçilik durmuşda alyp
barýan işi hem akyl kesiş ukybyndan daşda bolmaýar. Adamyň nähili häsiýetdäki
adamdygy hem onuň işinde, hereketinde görünýär. Şeýle bolsa onda häsiýet
hakykata akyl ýetirişiň, has takygy, jemgyýetçilik aňynyň önümi bolýar.
Işiň, hereketiň, maksadyň, päliň-niýetiň, arzuw-islegiň bilen aýrylmaz
bagly ýüze çykarylýan häsiýet hut adamyň özüdir. Başgaça aýtsak, adam –
häsiýetdir, häsiýet – adamdyr. Bular ekiz taýlar däldirler. Olaryň her biri hut
adamyň özüdir. Şonuň üçin jemagatdan ybarat bolan jemgyýet adamlaryň
ummasyz köp dürli häsiýete eýe bolan adamlaryň mähellesidigine garamazdan,
bitewi jemgyýetçilik aňyny-da emele getirip biler. Türkmen bu babatda “Gawun
gawundan reňk alar” diýen düşündiriş talap etmeýän pähim-paýhasy döredipdir.
Rus halkynyň bolsa bu babatda “Alma öz agajyndan daşa düşmez” diýen nakyly
bar. Bu pähimlerden gelip çykýan netije näme? Netije şu, aýry-aýry adamyň
özüne mahsus häsiýetiniň bolşy ýaly, aýry-aýry milletiň-de, milletiň aýry-aýry
toparlarynyň-da özüne mahsus umumy häsiýeti bolup biler. Şu umumy häsiýet
hem jemgyýetçilik aňyny döredýär ýa-da tersine. Bularyň haýsyna ilkinjilik,
haýsyna ikinjilik degişlidigini seljermek hem kyn, hem aňsat. Gepiň tümmek ýeri,
jemgyýetçilik aň we belli bir millete degişli bolan jemgyýetçilik häsiýet biri-birini
şertlendirip duran zatlardyr.
Jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi bolan çeper edebiýatyň häsiýet açmak
bilen meşgullanmagyna-da şol şertlilik sebäp bolandyr öýdýäris. Çeper
edebiýatyň adam häsiýetine ýüzlenmek bilen, adam häsiýetini açmak bilen
27
jemgyýetçilik aňyny kemala getirijiniň hyzmatyny ýerine ýetirýändigi hem şunuň
üçindir.
Şu ýerde meseläniň başga bir çylşyrymly tarapy ünsüňi özüne çekýär.
Eýsem çylşyrymlylyk nämede? Çylşyrymlylyk hakykaty görüş, oňa akyl ýetiriş
meselesiniň juda köp taraplylygynda we onuň dürli-dürli häsiýetdeliginde. Adam
özüniň daş keşbiniň dürlüliginden hem başga, ol dürli akyla, dürlüçe häsiýete
eýedigi bilen çylşyrymlydyr. Bu ýerde hakykatyň özüniň köptaraplylygy-da
meseläni has çylşyrymlaşdyrýar. Bar, bu çylşyrymlylyk aradan aýryldy hasap
edäýenimizde hem şol bir hakykata hem dürlüçe garaýşyň, dürlüçe baha berşiň,
dürlüçe düşündirişiň ýaşaýandygyny nazarda tutmaly bolarys. Bu hakda türkmen
“Akyl akyldan sowaşyk” diýip, özüçe netijä gelipdir. Hakykatdan hem dünýäde
näçe adam bar bolsa, şonça hem akyl, paýhas, pelsepe, akyl ýetiriş bardyr. Onda
şeýle köpdürlüligiň bar ýerinde umumy jemgyýetçilik aňy nähili kemala
gelýärkä? Bu soragyň jogabynyň käbir tarapyny ýokarda aýdypdyk. Öňki
aýdylanlaryň üstüne şu zatlary goşmak ýeterlikdir. Her milletiň özüniň ahlak
kadalarynyň, durmuş ýörelgeleriniň, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, däp-dessur
düzgünleriniň, milli edim-gylymlarynyň umumylygyna esaslanýan jemgyýetçilik
aňynyň görnüşleri – çeper edebiýat, onuň tipiklik ýörelgesi we beýleki akyl
ýetiriş çeşmeler şeýle umumylygy döredijilerdir. Jemgyýetçilik aňynyň bitewiligi
diňe şolaryň hyzmatyna garaşlydyr.
Şu ýerde çeper edebiýatyň tipiklik ýörelgesiniň bu mesele bilen bagly
hyzmaty hakda ýörite durup geçmegi dogry hasap edýäris.
Jemgyýetçilik aňynyň kemala gelmegi biziň her birimize we hemmämize
dahylly meseledir. Çeper edebiýat tipik häsiýetli bir gahrymanyň üsti bilen köp
sanly adamlaryň akyl ýetiriş özboluşlylygyny ýüze çykarýar. Öňe çykarylan
gahrymanyň häsiýeti tipikliginden hem daşgary özboluşlydyr we nusgalyk
keşpdir. Görelde hökmünde orta çykarylan edebi gahrymanyň häsiýeti gözellik
düşünjelerine jogap berýän keşbe eýe bolmalydyr. Şeýlelikde, çeper edebiýatyň
gahrymany jemgyýetçilik aňynyň gözellik tarapdan baýlaşmagyna täsir edýär. Bu
babatda beýik Magtymgulynyň bir bent goşgusyna ýüzlenmek bilen sözümizi
tassyklap bileris.

Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil,


Özüňi sen özgelere göz etgil,
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil,
Ne bar manysyz söz uzamak bilen.1

Magtymgulynyň şygyr gahrymany şu ýerde öz adyndan söhbet


açýanlygyna garamazdan, ol okyjylaryna hem “ilki özüňi düzetmek, özüňi
özgelere göz etmek” ýa-da görelde, nusga etmek hakynda nesihat berýän
danalaryň keşbinde orta çykýar. Şu ýerde şahyryň şygyr gahrymany akyldaryň
tipik keşbini özünde jemleýär. Magtymgulynyň şahyrana şahsyýeti bilen
birleşýän şygyr gahrymanynyň keşbi özüniň döwrebaplygy bilen hem, hemme
döwürlere baplygy bilen hem özboluşlydyr we umumydyr. Bu umumy
adamzadyň akylyna mahsus jemgyýetçilik aňyny kemala getirmäge gatnaşýan
1
Magtymguly. Şygyrlar. 3 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, DNÇB, 1992, 266 sah.
28
milli gahrymanyň häsiýetini özünde jemleýän keşpdir. Şonuň üçin hem ol
özboluşlydyr (indiwidualdyr), umumydyr (tipikdir). Tipiklik döwrebaplyk hem
döwürlere baplyk bilen sazlaşyga girse weli, ol pikiriň – akylyň, aňyň bakylyga
dalaş edýändiginden habar berýär. Şonuň üçin hem beýik akyldar Magtymguly
Garaşsyzlyk zamanynda özüne “diňe bir döwrüň däl, döwürleriň şahyry” diýdirip
bilen şahyr hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Bu bolsa şahyryň sözüniň
jemgyýetçilik aň derejesine galandygynyň nyşany. Onuň şygyrlarynda öňe sürlen
pikirleriň umumadamzat jemgyýetçilik aňynyň belentliklerine galandygynyň we
oňa şol belentligiň ölçeginden mynasyp baha berlendiginiň alamaty. Diýmek,
Magtymgulynyň çeper sözi mundan üç asyra golaý öň aýdylandygyna
garamazdan, şu gün — Bagtyýarlyk döwründe hem jemgyýetçilik aňyny
kesgitleýji ölçeg daşy bolup hyzmat edýär.
Magtymguly bu şygrynda ynsana adamzada bezeg berýän gözel häsiýet
nukdaý nazaryndan garap baha berýär. Onuň “Özüň düzetgil” diýmek bilen özüňe
bek bolmagy, “özüňi özgelere göz et” diýmek bilen ile görelde bolmaklygy, az
iýip, az ýatmaklygy, az sözlemegi wesýet etmegi, hakykatdan hem jemgyýetçilik
aňynyň gözelligi ugrundaky çagyryşlardyr. Şahyryň aýdan nesihatlarynyň birini
tutmadyk adam jemgyýetçilik aňynyň sagdynlygyna goşant goşup bilmeýär.
Beýik akyldar bu ýerde ýagşy näme, ýaman näme aýyl-saýyl edýär. Özi-de
ýaman hakda dil ýarman, diňe ýagşy hakda söz açyp, bu ýagşy zatlaryň ters
ýüzünde ýamanlygyň ýatandygyny garaňky gijede Aý dogan ýaly edip bilýär.
Şahyr bu ýerde “özüňi düzetmeseň, iliň gözünden düşersiň, özüňi ile görelde
etmeseň, iliň yzynda süýrenersiň, az iýmegi endik etmeseň, köp iýersiň, az
uklamagy öwrenmeseň, köp ýatarsyň, az sözlemeseň, köp gürleýän ýaňra
bolarsyň” diýip durmaýar. Ýöne ol şolary diýmän diýýär. Bu Magtymgulynyň
ussatlygy. Bu pikiriňi ýüze çykaryp bilmekdäki beýiklik. Diýmek,
Magtymgulynyň sözi beýik söz we ol jemgyýetçilik aňy bolmak derejesine ýeten
söz, ol jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi bolan çeper söz. Diýmek ol, adama akyl
ýetirmegiň, ony tanamagyň bir görnüşi.
Türkmençilikde “Özüni tanan weli” diýen bir söz bar. Magtymguly özüni
tanapdyr. Şonuň üçin hem ol welileriň hataryna girýär. Şahyryň özüni
tananlygyna käbir mysallar:

Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar,


Razy men, üstümden basyp ötseler,
“Magtymguly” diýip, adym tutsalar,
Gören göz jort atar, eşden gulaga.1
(“Berme pelege”)

Her dilber kim köňlüm öýün ýarydar,


Ýatan bagtyn ol Ýaradan ýörider,
Gargyşym daşlary mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.

Gözel görküň gökde Günden aýynmaz,


1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 32 sah.
29
Güli, destembili ysgan doýunmaz,
Magtymguly, baş bermese baýynmaz,
Mährimi indirip, nazar salanym.1
(“Bagrym dilenim”)

Muny biz beýik şahyryň özüne göwni ýetýänleriň biridigini nygtamak üçin
mysal getirmedik. Magtymgulynyň şahsyýeti, tersine, temegini asmana dikip
ýörenleriň garşysyna bolan häsiýeti özünde jemleýär. Şahyryň mysal alnan
setirlerinde aýdýanlary hem hakykat bolmaly. Ýogsam ol gargasam, daşlary
mum-helim ederin, ýalkasam hem pür-pudak ýaýratdyraryn diýip, diline alyp
durmazdy. Magtymguly ýaly welilige ýeten adam hakynda-ha gürrüňem ýok,
türkmen ýönekeý adamlaryň alkyşy hakynda hem “Alkyş bilen är gögär, ýagmyr
bilen ýer” diýen netijä gelipdir. Gargyşyň hem haýsam bolsa bir tarapa siňýänligi
hakyndaky gürrüňler il içinde giň ýaýrapdyr. Ýagdaý şeýle bolsa, Magtymguly
ýaly dili senaly kişileriň alkyşynyň-da, gargyşynyň-da ýerde ýatmajagy düşnükli.
Mesele ýöne munda däl. Mesele Magtymgulynyň özüni tananlygynda. Eger ol
özüni tanan bolsa, onda ol beýleki adamlara gözellik kanunlarynyň nukdaý
nazaryndan baha berip bilmäge hukugy bar bolan kişileriň sanawyna girýär. Şoňa
görä şahyr ýagşylyk-ýamanlyk, haýyr-şer, günä-sogap, mertlik-namartlyk,
sahylyk-gysgançlyk, bahyllyk-tekepbirlik ýaly adam häsiýetleri hakda gürrüň
edýärkä, meselä juda beletlik bilen çemeleşýär. Akyldaryň pikiriçe, bu ynsan
häsiýetleri adamyň hem onuň agzyndan çykýan sözüniň gadyryny bilmekden baş
alyp gaýdýar:

Adam bolup, adam gadryn bilmeýen,


Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.2

Şahyr üçin adam gadyryny bilýän bilen gatnaşyk etmek, söz manysyny
aňlaýan bilen söhbetdeş bolmak lezzetli hem gözel. Bu, elbetde, adamyň hem
tebigatyň gözel taraplaryna akyl ýetirmek isleginden we onuň gözelliklerinden
lezzet almak höweslerinden gözbaş alýan hakykat. Şahyra adam gadyryny
bilmeýänden “mal ýagşy”, söz manysyny bilmeýänden “lal ýagşy” diýen netijä
gelmek üçin, dünýä hakda, döwür hakda, adam hakda uzak oýlanmalaryň
dumanyna çümüp oturmak zerur bolan däldir. Ýöne şu pikiri şeýle gözel
sazlaşykda, şeýle gözel şekilde, şeýle gözel şahyranalykda bermek diňe
Magtymgula başardar. Şahyr bu ýerde adam dünýäsini gözelleşdirmek üçin onuň
gözel taraplaryna ýüzlenýär we onda gözellik dünýäsini döredýär. Dünýäni
gözelleşdirmek islegi bolsa adamyň tebigatyna mahsus alamatlaryň biri. Adama
öz zähmeti arkaly dünýäni gözelleşdirmek mahsus. Magtymguly hem bu ýerde
şahyryň zehini, akyldaryň akyly bilen gözellik dünýäsini döredýär. Diýmek, bu
akyl zähmetiniň miwesidir. Adamyň akyl zähmetiniň döreden gözellik
dünýäsidir.
1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 19 sah.
2
Magtymguly. Şygyrlar. 3 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, DNÇB, 1992, 120 sah.
30
Adam özüniň fiziki zähmetiniň miweleriniň-de gözel bolmagy ugrunda
irginsiz alada edýär. Hünär eýesi bolan her bir adam, Mämmetweli Keminäniň
ýörelgesi boýunça aýtsak, öz zähmetiniň netijesine “Nusga bolup galsyn ilden-
illere” diýen akyl bilen çemeleşýär. Şeýle nusgalyk zähmet adamyň maddy we
ruhy islegleriniň talaplaryna görä döredilen gözellikdir. Zähmetiň döreden maddy
gözelligi-de, ruhy gözelligi-de adamyň öz işinden lezzet almak islegini
kanagatlandyrmalydyr. Şu babatda adamyň zähmeti onuň hakykata bolan
gatnaşygyna esaslanmalydyr.
Hakykatyň taryhy häsiýeti onuň bilen gatnaşyga giren zähmetiň-de
taryhy häsiýete eýe bolmagyna alyp barýar. Aýdaly, orta asyr Gündogar
mimarçylyk sungatynyň miweleri hem gözeldir. XXI asyryň milli
binagärçiliginiň-de özüne mahsus gözelligi bardyr. Dürli taryhy döwürlerde
döredilen binagärçilik işleriniň öz zamanasynyň maddy zerurlygyny-da, ruhy
zerurlygyny-da göz öňünde tutanlygy üçin, olar özboluşly gözellige eýedirler.
Ýöne olar öz formasy boýunça-da, mazmuny boýunça-da taryhydyrlar. Gözellik
hem taryhydyr, ondan alynýan lezzet hem taryhy häsiýete eýedir.
Adamyň akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiniň aýrybaşgalaşmak prossesi-de
munuň başga hili bolmagyny däl-de, eýsem hut taryhy häsiýetde bolmalydygyny
talap edýär. Adam zähmetiniň iki görnüşiniň-de maksadynyň gözellik
kategoriýasyndan ugur alýandygy üçin, olar biri-biri bilen aýrylmaz bagly suratda
öz ösüşini dowam etdirýär. Binagär ussa bilen binagär arhitektoryň zähmetleri
dürli-dürlüdir. Olaryň biri fiziki zähmetiň ussady, beýlekisi akyl zähmetiniň
wekili. Ýöne olaryň ikisiniň zähmetiniň netijesinde döreýän gözel bina oňa
siňdirilen fiziki zähmetiň-de, akyl zähmetiniň-de gözelliginiň subutnamasydyr.
Bu ýerde biz akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiň gözel sazlaşygyny synlap
bilýäris. Bu sazlaşyk netijesinde bina bolan gözellik jemgyýetçilik aňynyň kemala
gelmegine özüniň goşandyny goşýar. Sebäbi islendik formadaky ýa-da
mazmundaky gözellik adam aňyna, akyl ýeterişine täsir edýär, ony baýlaşdyrýar,
ösdürýär. Bu bolsa olaryň jemgyýetçilik aňynyň kemala gelşinde öz hyzmatynyň
bardygyny aňladýar. Islendik gözellik adamy geň galdyrýar, guwandyrýar,
buýsandyrýar. Gözelligiň bar ýerinde aňa täsir bar. Aňa täsiriň bar ýerinde
jemgyýetçilik aňynyň döremegine we kämmileşmegine şert bar.
Gözellik aňa täsir edýän, ony baýlaşdyrýan hazynadyr. Şeýle hazyna eýe
bolan çeper edebiýat hem gözellik döredýän söz sungatydyr. Şonuň üçin-de ol
jemgyýetçilik aňynyň kemala gelýän we kämmileşýän giňişligidir. Çeper
edebiýat jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi hökmünde adam aňynyň ösmeginde
we baýlaşmagynda uzak taryhy döwürleriň dowamynda ägirt uly hyzmaty ýerine
ýetirip gelýär.

31
ÇEPER EDEBIÝAT – ÖZBOLUŞLY SUNGAT

Çeper edebiýat sungatyň şahyrana ülňä salnan özboluşly bir görnüşidir. Bu


ýerde “şahyrana” sözi ýokary çeperçilik diýen manyda ulanyldy. Şahyranalyk
çeper edebiýatyň diňe bir şygryýet (poeziýa) žanryna degişli däldir. Ol beýleki
žanrlara-da mahsus bolan sypatdyr. Şonuň üçin hem oňa çeper edebiýat diýilýär.
Çeper edebiýat sungatyň özboluşly bir gözellik dörediji görnüşleriniň
biridir. Ol özüniň gözellik kategoriýasynyň çägindäki hyzmatlary bilen
tapawutlanýar. Söz sungaty çeper söz arkaly döredilen gözel ýadygärlige
çalymdaşdyr. Bu hakda Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow özüniň
“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde şeýle diýýär: “Sungat
gözelligiň maýasydyr. Sungat iň mähriban duýgularyň hanasydyr. Halkyň ruhy
baýlygynyň örki hem sungatdadyr”.1
Hakykatdan hem sungatda dünýäniň uç-gyraksyz umman ýaly çyrpynyp
ýatan tebigy gözelligi-de özüniň şahyrana beýanyny tapýar. Döwrüň hakykatyna
esaslanýan hakyky gözellik-de özüniň hakyky şöhlelenmesine eýe bolýar.
Adamzat nesliniň tükeniksizlige çenli ýaýrap ýatan we şöhlelendirip aňrysyna
çykyp bolmaýan maddy hem ruhy gözelligi-de özüne giň orun tapýar.
Gözellik çeper edebiýatyň süňňüne siňen sypatdyr. Ony özboluşly gözellik
idealy bilen we estetiki-emossional mazmun bilen tapawutlandyrýan alamatdyr.
Aslynda bu onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Eger çeper edebiýat seni tolgundyrýan
bolsa, onda bu onuň hakykatdan hem gözelliginiň gudratydyr. Eger çeper
edebiýat kalbyňy heýjana salýan bolsa, onda bu onuň gözelliginiň döreden
şahyranalygynyň gudratydyr. Ýokary çeperçilige ýugrulan şahyrana sözüň ideal
lezzetlilige eýe bolan tolgundyryjy gudratydyr.
Çeper edebiýat, Aristoteliň dili bilen aýdylanda, hakykata öýkünmedir.
Öýkünilýän hakykat bolsa durmuş hakykatydyr. Durmuş hem, hakykat hem bu
ýerde adam ruhludyr. Şonuň üçin adamyň şahyrana keşbi bilen bezelen durmuş
hem şahyrana ýa-da çeper hakykatdyr, başgaça, çeper edebiýatdyr.
Söz sungaty bolan çeper edebiýatyň predmeti adamdyr. Adamyň tutuş öz
dünýäsi bilen örboýa galýan ýeri durmuş hakykatyndadyr we çeper hakykatdadyr.
Bu hakda edebiýat nazaryýetçisi L.Timofeýew şeýle pikiri öňe sürýär: “Edebiýat
arkaly biz, hamana, köp sanly adam ykballary bilen ykbaldaş bolan ýaly bolýarys.
Özümizi şolar bilen bir döwürde ýaşaýan ýaly duýýarys.Ol bizi adamzadyň
geçmişi bilen, şeýle hem ýaşap ýören döwrümiz we döwürdeşlerimiziň tutuş
dünýäsi bilen tanyşdyrýar. Edebiýatyň üsti bilen biz adamzat ösüşiniň tükeniksiz
çylşyrymly hem-de çarkandaklardan doly taryhy ýoluny bile geçen ýaly bolýarys.
Şonuň üçin, elbetde, biz ilki bilen adamzat taryhynda toplanan durmuş tejribesini
özümize siňdirip, özümizden öň ýaşap öten ýa-da öz daş-töweregimizde ýaşap
ýören adamlaryň bu taryhy ýolda akyl ýetiren zatlary bilen tanyş bolýarys,
jemgyýetiň taryhy ösüş prossesinde ýüze çykýan beýik maksatlary we ideallary
özümize siňdirip ösýäris, bu maksatlar we ideallar ugrundaky göreşleriň janly
gahrymançylyklaryny, bu maksatlaryň hatyrasyna görkezilen edermenlikleri, bu

1
G.Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. Aşgabat, TDNG, 2016, 101 sah.
32
göreşlerde ýüze çykarylan ynsan ruhunyň güýjüni we belentligini hakyky
durmuşda bolşy ýaly görýäris.”2
Hakykatdan hem edebi-çeper döredijiligiň miweleri bolan çeper eserleriň
manysy-maňzy şundadyr. Baryp goja Aristoteliň döwürlerinde hem sungatyň
adam we onuň durmuşy bilen bagly bolmalydygy baradaky hakykata göz
ýetirilipdir. Onuň adam durmuşynyň dürli taraplaryny şöhlelendirmek bilen
baglanyşykly hyzmatyna uly ähmiýet berlipdir. Şonuň üçin adam we onuň
durmuşy çeper edebiýatyň bütin ösüş taryhynda onuň şahyrana-çeperçilik özenini
emele getiripdir. Çeper edebiýat ýokary çeperçilige ýugrulan özen ýa-da ideýa-
mazmun bilen, adam we onuň ykbaly bilen baglanyşykly durmuş hakykatynyň
töwereginde öwrüm edenligi hem-de edýänligi bilen özboluşlydyr. Şundan hem
çeper edebiýat adam hakyndaky hakykatdyr diýen netije çykýar. Adam
hakyndaky bu hakykatyň, elbetde, çägi-serhedi ýokdur. Sebäbi adamzat nesli
ummasyz köp sanlydyr. Her bir adam hem özüçe ykbaldyr, özüçe
dünýägaraýyşdyr, özüçe pelsepedir, özüçe idealdyr. Adam ykballaryny we
ideallaryny bir bitewi çeperçilik zynjyra düzýän bolsa ýazyjydyr.
Çeper edebiýat tutuşlygyna hem, onuň aýratyn alnan her bir eseri hem,
ilkinji nobatda, ýazyjynyň hakykata bolan ideallaýyn gatnaşyklarynyň we
garaýyşlarynyň ýüze çykmasydyr. Onuň başga hili bolmagy mümkin hem däl.
Sebäbi çeper eseriň başdan-aýak tutuş süňňi anyk bir adamyň — ýazyjynyň
hakykata gatnaşygy, ony görşi we duýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Her bir
eseriň ýokary çeperçilik gymmata eýe bolan taraplary-da, hatda hakykaty ýoýup
görkezmek bilen ýüze çykan nogsanlyklary-da ýazyjynyň dünýägaraýşy, onuň
durmuş hakykatyna içgin beletligi ýa-da näbeletligi bilen baglydyr. Çeper
edebiýat adam hakyndaky üç sany ýa-da üç hilli hakykat bilen ýaşaýar.

1. Durmuş hakykaty — adam hakyndaky real hakykat.


2. Çeper hakykat — adam hakyndaky çeper hakykat.
3. Emossional hakykat — adamyň täsirlenen hakykaty.

Durmuş hakykaty – bu hakykat ýüzündäki adaty real hakykat. Ol ýaşap


öten ýa-da ýaşap ýören real adam baradaky hakykatdyr.
Çeper hakykat – bu edebi gahrymanlaryň ykbal hakykaty. Ol real dünýäde
ýaşan ýa-da ýaşaýan, şeýle-de ideal hökmünde toslanan adamyň – ideal edebi
gahrymanyň töweregindäki hakykatdyr.
Emossional hakykat bu durmuş hakykaty bilen çeper hakykaty
bitewileşdirýän hakykatdyr. Ol okyjynyň öz hakykatydyr, has takygy,
täsirlenişden ýüze çykan täze bir hakykatdyr.
Bu ýerde üç sany, üç hilli hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolunýar. Ol üç
hakykatyň üçüsiniň hem arkasynda adam bar. Olaryň birinjisi hakykat ýüzündäki
real adam, ikinjisi ýazyjy ýa-da onuň edebi gahrymany, üçünjisi bolsa real
adamyň hem-de edebi gahrymanyň idealyndan täsirlenen üçünji adam, has
takygy, okyjydyr. Bularyň üçüsiniň bitewiligini emele getirýän hakykat bolsa
çeper edebiýatyň ýaşamagyny kesgitleýän ýa-da kepillendirýän hakykatdyr. Eger
şu üçüsiniň durmuş ideallary birleşip, bitewiligi emele getirip bilse, onda ol eseriň
2
Л.И. Тимофеев. Основы теории литературы. – М., «Просвещение», 1966, 3 sah.
33
şowly çykandygynyň alamatydyr. Eger olaryň birden-biri şeýle bitewilige girip
bilmese, onda ol eseriň şowzuz çykandygynyň nyşanydyr. Şeýle-de bolsa bu
üçlükde esasy orun okyja degişlidir. Okyjynyň göz öňüne getirmeleriniň
netijesinde ýüze çykan hakykat esasy kesgitleýji häsiýeti bolan hakykatdyr.
Şonuň üçin eseriň şowlulygyny ýa-da şowsuzlygyny kesgitleýän hem okyjydyr.
Onuň durmuş hakykatyna we çeper hakykata bolan garaýşy esere nyrh kesýän
ölçegdir. Sebäbi okyjynyň kabul edýän hakykaty esasy hakykatdyr. Çeper eserde
okyjynyň kabul eden hakykaty halys ynanylan ýa-da ynandyrýan hakykatdyr.
Ynandyryjy hakykaty şöhlelendirip bilmek bolsa ýazyjynyň üstünligidir, onuň
ussatlygynyň alamatydyr.
Eýsem ynandyryjy hakykat näme? Ol her bir okyjynyň aňynda aýdyň
şöhlelenen ýa-da şöhlelenip bilýän hakykatdyr. Okyjy durmuş hakykatynyň
içinde hereket edip ýören ýa-da hereket edip öten adamyň hem, çeper eseriň
gahrymanynyň hem hereketlerine we ideallaryna öz başdan geçirmelerini hem-de
ideallaryny-da, durmuş hakda öz toplan tejribelerini-de üstüne goşmak bilen
täsirlenýär. Çeper eserdäki hakykat okyjynyň geşmişini, şu gününi, hatda
geljegini şöhlelendirip bilmelidir. Mundan başga-da şol okyjynyň aň ýa-da
hakyda giňişliklerini ýagtylandyryp, hatda gözellik bilen nurlandyryp bilmelidir.
Okyjynyň aňynda, hakydasynda, duýgulanyş örüsinde şeýle aýdyň
şöhlelenýän hakykat köp öwüşginlidir. Çünki ýazyjynyň eseri birdir, onuň
okyjylary bolsa müňlerçedir. Şol müňlerçeler hem eserde şöhlelenen durmuş
hakykatyny özleriniň hakyda çarçuwasynyň çägine salmak bilen esere baha
berýär. Bu bolsa çeper eseriň ýüzlenen hakykatyna müňlerçe öwüşginiň
goşulmagydyr we eseriň emossional hümmetiniň-de, gymmatynyň-da
artmagydyr, çeper hakykata täze bir öwüşgin çaýylmagydyr.
Elbetde, hakykat birdir. Muňa garamazdan, şol bir hakykata bolan
garaýyşlaryň dürli-dürli bolmagy mümkindir. Şeýle-de bolsa şol köpdürlüligi bir
ýüpe düzýän, bitewileşdirýän hakykat hem bardyr. Ol durmuşda-da bardyr,
durmuş hakykatynyň çeper şöhlelenmesi bolan çeper edebiýatda-da bardyr. Şeýle
bitewileşen, birleşen, umumylaşan hakykat çeper eseriň ideýa-mazmunynda,
gahrymanlaryň hereketlerinde, olaryň oý-pikirlerinde, arzuw-hyýallarynda ýüze
çykyp bilýär.
Müňlerçe okyjylaryň köp öwüşginli hakyda hakykaty, ine, şu zatlaryň üsti
bilen bitewileşip, bir hakykata öwrülip bilýär. Diňe şeýle birlige, bitewilige
esaslanýan köpdürlülik ýaşaýşa ukyplydyr. Şeýle ukyp çeper edebiýata mahsus
alamatdyr. Muny biz müňýyllyklaryň içinden ötüp, şu günlere gelip ýeten milli
edebi mirasymyzyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Gadymyýetiň çaňyna siňip
galman, şu günlere gelip ýeten “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly”,
“Ergenekon”, “Ärtöňňe” ýaly şadessanlarymyz we dessanlarymyz şeýle
gymmatly mirasymyzyň käbiridir. Ýasawynyň, Zamahşarynyň, Kaşgarlynyň,
Nesiminiň, Nowaýynyň, Fizulynyň, ýene birtopar söz ussatlarynyň orta asyrlarda
aýdan beýik sözleri şu günki nesillerimize hem hyzmat edýär, olara ruhy lezzet
berýär. Olaryň adam hökmündäki şahsyýetiniň, dana hökmündäki şahsyýetiniň,
dörediji adam hökmündäki şahsyýetiniň töwereginde dörän we biziň döwrümize
gelip ýeten rowaýatlaryň özi-de uly bir çeperçilik hazyna öwrülen gymmatlykdyr.
Şeýle beýik dörediji şahsyýetler hakynda söz açyp, Türkmenistanyň Prezidenti
34
G.Berdimuhamedow olara örän ýokary baha berýär: “Dörediji şahsyýet taryhy
herekete getiriji şahsyýet”1 diýmek bilen, Hormatly Prezidentimiz sözüň
özgerdijilik, ösdürijilik güýjüne belent sarpa bilen garaýar.
Türkmen “Iki gep — bir jady” diýen nakyly döredipdir. Bu ýöne ýerden
dörän pähim däl. Onuň durmuşy esaslary bar. Eger adaty bir gepiň iki gezek
aýdylanda, ynandyryjylyk häsiýeti bar bolsa, edebi-çeperçilik güýje eýe bolan
sözüň, hakykatdan-da, taryhy hereketlendiriji güýjüniň boljakdygy ikuçsyzdyr.
Bu güýç, elbetde, edebiýatyň güýji, şahyrana çeper sözüň güýjüdir. Onuň ideýa-
-emossional täsiriniň güýjüdir.
Çeper edebiýat sözüň hökümdarlyk edýän giňişligidir. Bu giňişlige eýelik
edýän hem adamdyr. Bu ýerde ýazyjy hökümdardyr, onuň gahrymany bolsa oňa
sadyk bendedir. Ol göräýmäge şeýledir. Hakykatda weli, ýazyjy öz
gahrymanynyň yzyna düşmelidir. Gahryman öz idealyna tarap hereket etmelidir.
Ol ýazyjynyň özüni hereket etdirerine garaşyp durman, öz islegine, maksadyna,
päline-niýetine görä hereketlenmelidir. Gahryman öz idealynda-da, hereketinde-
de erkin bolmalydyr. Ýazyja bagly bolmaly däldir. Diňe şeýle bolan halatynda ol
durmuşa ýakyn, ynandyryjy keşbe girip bilýär. Bu çeper döredijiligiň ýazyjydan
edýän talabydyr. Ýazyjy şu kada boýun bolmalydyr. Onuň hakykatda şeýle
bolýandygy hakda meşhur rus ýazyjysy I.A.Bunin öz döredijilik tejribesine
daýanyp şeýle diýýär: “Men, köplenç, öz eserimi heniz kellämde onuň diňe bir
taýýar süňňüni göz öňüne getirmeg-ä beýle-de dursun, hatda gutarnykly
maksadyny-da doly aňşyrman başlaýaryn. Eseriň diňe haýsydyr bir has umumy
many-mazmuny meni günüme goýmaýar. Şu pursatda taýýar ideýa däl-de, meni
eseriň diňe has umumy many-mazmuny heýjana salýar, eger şeýle aýtmak
mümkin bolýan bolsa, onda onuň diňe umumy owazy meniň gulagyma eşidilýär.
Men käwagtlar hatda eseri nähili tamamlajakdygymy hem bilmeýärin. Şeýle bir
ýagdaýlar bolýar, öz eseriňi başda ýa-da işiň barşynda göz öňünde tutuşyň ýaly
tamamlamaýan wagtlaryň hem bolýar”.2
Edil şeýle ýagdaýyň türkmen halkynyň uly ýazyjysy A.Kekilow bilen
bagly hem ýüze çykandygy bize mälim. “Söýgi” romanynyň birinji kitaby “Sowet
edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynda çap edilenden soň, şol wagtky TKP
MK-nyň birinji sekretary, belli şahsyýet Ş.Batyrow eseriň awtoryndan poemanyň
(eser ilki poema žanryna degişli eser hökmünde bellidi) baş gahrymany Begenç
ölenden soň, Ogulnabadyň soňky ykbaly bilen bagly ýaýbaňlanjak wakalar bilen
gyzyklanyp: “Aman, sen indi Ogulnabady Akmyrada berjek bolýaňmy?” diýip,
öz nägile nazary bilen sorag berýär. A.Kekilow hem oňa “Bilemok” diýip jogap
berýär. Bu sorag-jogabyň sebäbi hakda yzda ýörite durup geçjekdigimiz üçin, şu
ýerde meseläni jemleýäris. Üns bermeli zat, bu ýerde şahyryň “Bilemok” diýip
beren jogaby. Şahyr hakykatdan hem özüniň söýgüli gahrymany bolan
Ogulnabadyň geljekki ykbalynyň nähili boljakdygyny göz öňüne getirip
bilmeýändigi üçin (sebäbi şol wagt durmuşyň özünde muňa anyk jogap
bolmandyr), romanyň birinji kitaby bilen soňky kitaplarynyň arasyna on-on bäş
ýyl wagt düşmeli bolýar. Roman üç kitapdan ybarat bolup, dolulygyna ilkinji
1
G.Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy. Aşgabat, TDNG, 2016, 90-91 sah.
2
И.А.Бунин. Как я пишу. «Вечерняя Москва», 1962, 2 июнь. (Makala awtor tarapyndan däl-de,
başgalar tarapyndan çapa taýýarlanyp neşir edilipdir).
35
gezek 1962-nji ýylda öz okyjylaryna gowuşdy. Eser dolulygyna çykan hem bolsa,
romanda Ogulnabat bilen Akmyradyň söýgi gatnaşyklaryna awtor gutarnykly
çözgüt bermeýär. Ýazyjy meseläniň çözgüdini okyjynyň garamagyna goýýar we
bu mesele eserde açyklygyna galýar.
Munuň şeýle bolmagyna A.Kekilow üçin durmuş hakykatynyň heniz hem
doly ýa-da gutarnykly çözgüde ýol bermänligi sebäp bolýar. Şu ýerde ýöne başga
bir bellenmeli zat bar. Näme sebäp bolandygyna garamazdan, rus ýazyjysy
I.A.Bunin hem, türkmen ýazyjysy A.Kekilow hem öz gahrymanlarynyň
ykbalynyň niçiksi boljakdygyny bilmän, eseriň nähili tamamlanjakdygyny göz
öňüne getirmän işe girişýärler. Bu çeper döredijilikde geňlenmeli zat däldir.
Belki-de, bu ýagdaý ýazyjynyň öz gahrymanlaryna erkin hereket giňişligini
eçilýändigi bilen bagly ýüze çykýan hadysadyr. Elbetde, öz gahrymanlarynyň
yzyna düşýän ýazyjy olaryň hereketleriniň-de, häsiýetleriniň-de ösüşine erkin
giňişlik bermäge çalyşýar. Muny ol öz gahrymanlarynyň hereketleriniň-de,
häsiýetleriniň-de diňe logikasyny yzarlamagy ýörelge edinendigi üçin şeýdýär.
Olaryň çeper keşpleriniň durmuşdaky ýaly tebigy bolmagy, has ynandyryjy
bolmagy üçin edýär. Gahrymanyň hereketiniň-de, oňa berlen, has takygy,
ýöňkelýän häsiýetiň-de durmuşdaky ýaly hakyky hereket, hakyky häsiýet şekiline
gelmegi üçin, hakykat ýüzündäki ýaly bolup şöhlelenmegi üçin şeýdýär. Elbetde,
ýazyjy bu zerur kada — çeperçilik däbe boýun bolmaly bolýar.
B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”, B.Seýtäkowyň “Doganlar”,
H.Derýaýewiň “Ykbal”, A.Kekilowyň “Söýgi”, G.Berdimuhamedowyň “Döwlet
guşy” ýaly romanlary şeýle zerur kada we çeperçilik däbe eýerilip ýazylan uly
göwrümli eserlerdir. Ýogsam “Döwlet guşy” romany özüniň görnüşi boýunça
terjimehal romanlaryň hataryna girýär. Şoňa garamazdan, bu eseriň taryhy şahs
hökmünde orta çykaran gahrymanlarynyň hem resminamalaryň çygryndan
çykýan halatlary az däl. Olar hem romanda beýleki personžlar ýaly erkin hereket
giňişliklerine çykarylýar. Bu, elbetde, çeper eser üçin kadaly ýagdaý. B. Hudaý-
nazarowyň “Gumlular”, “Akar suwuň aýdymy”, “Gara çägäniň ogullary”, A.
Taganyň “Saragt galasy”, Ý.Mämmediýewiň “Şapak”, “Alp Arslanyň dünýä
inmegi”, O.Ödäýewiň “Altynjan hatyn”, A. Allanazarowyň “Ojak” ýaly
romanlary-da gahrymanlarynyň hereketleriniň we häsiýetleriniň ösüşine ýeterlik
erkin giňişlik açylan çeper eserlerdir. Aslynda, çeper eserde gahrymanyň
hereketine görä häsiýetiniň, häsiýetine görä hereketiniň ýüze çykmagy üçin şeýle
erkin giňişligiň döredilmegi möhüm şertdir. Ol çeper eseriň şowly çykmagyna giň
ýol açýan iň zerur döredijilik ýörelgesidir. Çeper eserde durmuş hakykatyny
dogry şöhlelendirmegiň ilkinji möhüm talaplarynyň biridir.
Çeper edebiýat adam durmuşynyň hemme taraplaryny öz içine alyp, adam
hakyndaky hakykaty bitewileşdirip suratlandyrýan sungatdyr. Şunda adam özüniň
hakykatda bolşy ýaly hereketleri bilen, hemme taraplaýyn açylan häsiýeti bilen
bitewi keşbe eýe bolýar we okyjynyň gözüniň öňünde janly suratda örboýa
galýar. Adam häsiýeti we keşbi durmuşda näme bilen iş salyşýan bolsa, nämä
akyl ýetirýän bolsa, nämäni görýän bolsa ýa-da nähili durmuş owazyny eşidýän
bolsa, tebigat gözelliginiň haýsy tarapy ony gozgalaňa salýan bolsa, nämä
guwanýan, haýran galýan, buýsanýan bolsa, nämäni arzuw edýän bolsa, şolaryň
hemmesi bilen bitewilikde janlanýar.
36
Ýöne beýle diýildigi aýratyn alnan her bir eserde hökman adam
durmuşynyň hemme taraplaryna degişli hadysalara, wakalara üns bermek bilen
hereket hem häsiýet taýdan bitewilik gazanmaly diýildigi däldir. Adam
durmuşynyň we ol hakyndaky hakykatyň çeper edebiýatda şöhlelenişiniň
köptaraplylygynyň özboluşly we özüne mahsus aýratynlygy bardyr. Ýazyjy öz
eserinde gahrymanyny dagyň gözel keşbine guwandyryp hem biler, bagda
saýraýan bilbiliň owazyna diň saldyryp hem biler, öz döwürdeşleriniň
durmuşynda bolup geçen we geçýän özgerişlige buýsandyryp hem biler, bir
salymda dünýäni suw-sil edip giden öýlänçä haýran galdyryp hem biler, garrap
dişden-dyrnakdan galan gaplaňyň awuny alyp bilmän kösenişine gynandyryp hem
biler, garaz, ony dünýä bilen, döwür bilen, döwürdeşleri bilen köptaraplaýyn
gatnaşykda janlandyryp biler. Ýöne bu köptaraplaýyn gatnaşyklar gahrymanyň
hereketlerini-de, häsiýetini-de bitewileşdirýän şekilde ýüze çykmalydyr.
Gahrymanyň her bir hereketi onuň duýgulanyş derejesi bilen sazlaşykly
bolmalydyr. Eger gahrymanyň hereketi dag tarapa bolsa, duýgulary düz tarapda
bolmaly däl-de, dag gözelligine guwanmalydyr ýa-da dag gudratyna haýran
galmalydyr. Ýogsam ýazyjynyň gahrymanynyň hereketi bilen onuň häsiýetiniň
açylyşynyň arasyna çaprazlyk düşer. Şeýle bolanda hakykatyň köptaraplylygy
hakykatyň bitewiliginiň peýdasyna işlemez. Köptaraply şöhlenen hakykat bitewi
hakykaty açmalydyr. Has takygy, bitewilik gahrymanyň hereketinde we
häsiýetinde ýüze çykmalydyr. Hereket – häsiýeti, häsiýet hem gahrymanyň
hereketini şertlendirmelidir. Diňe şu ýagdaýda sazlaşykly bitewilik emele gelip
biler.
Käte bu sazlaşyk bozulýan ýaly bolup görünmegi hem mümkin. Ýöne bu
diňe şeýle ýaly bolup görünmekden aňry geçmeli däldir. Eger ol şondan aňryk
geçse, eseriň bitewi süňňi dargar. Okyjy kelebiniň ujuny ýitirmäkä, şol bitewilik
we sazlaşyk tapylmalydyr. Aýdaly, eseriň gahrymanynyň ümzügi daga tarap.
Logika boýunça personažyň hereketine görä onuň häsiýeti açylmaly. Şonuň üçin
onuň häsiýeti hem dag bilen bagly açylaýmaly ýaly. Ýöne bu beýle bolman hem
biler. Daga tarap barýan personaž diňe dag hakynda pikir etmän, eýsem dagdan
akýan çeşmeleriň suwuny düze akdyrmagyň has göwnemakul çözgüdüni
tapmagyň, şeýlelikde, bol hasyl almagyň aladasy bilen hem gümra bolup biler.
Asla dag hakynda-da, çeşme hakynda-da, bol hasyl hakynda-da pikir etmän,
başga-başga aladalaryň girdabyna hem batyp biler. Şol aladalaryň üsti bilen onuň
häsiýet aýratynlygynyň käbir taraplary-da ýüze çykarylyp bilner. Eýem bu
personažyň hereketi bilen häsiýetiniň arasyna çaprazlyk düşdügi bolarmyka?
Ýok, bu ýerde hiç hili çaprazlygam, säwligem görünmeýär. Sebäbi hereket bilen
häsiýet şeýle ýagdaýda sazlaşyk tapyp biler, hatda biri-birini şertlendirip hem
biler. Nädip? Göräýmäge, bu ýagdaýda eseriň gahrymanynyň hereketi dag tarapa
bolsa-da, häsiýet açyjy detallar düýbünden başga-başga zatlar bilen baglanyşykly
ýalydyr. Bu diňe göräýmäge şeýledir. Sebäbi eseriň gahrymanynyň ýüzüniň daga
taraplygy entek onuň häsiýetiniň, hökman, dag bilen bagly açyljakdygyny
aňlatmaýar. Hereketiň daga taraplygyna garamazdan, eseriň gahrymany bütinleý
ters tarapdaky, meselem, düz hakdaky pikirlere-aladalara hem gümra bolup biler.
Bu ýerde gahrymanyň fiziki hereketi däl-de, pikir hereketi esasy orna geçýär .
Garaz, häsiýete nähili-de bolsa bir hereketiň netijesinde açylmaga münkinçilk
37
döreýär. Goý, ol akyl-pikir hereketi bolsun, fiziki hereket bolsun, tapawudy ýok,
häsiýet hereketiň netijesi hökmünde ýüze çykmaga ýol tapynýar. Bu bolsa
personažyň häsiýetiniň onuň hereketinden üzne bolmaly däldiginiň alamatydyr.
Häsiýet bilen hereketiň logiki sazlaşygynyň nyşanydyr. Şu sazlaşyk ýazyjydan
hem, çeper eserden hem edilýän ilkinji talaplaryň biiridir. Sebäbi ol gahrymanyň
häsiýet bitewiliginiň ilkinji şertlendirijisidir.
Edebi eserlerde aýratyn alnan anyk adamlaryň durmuşynda ýüze çykýan
gapma-garşylyklar yzarlanýar. Bu gapma-garşylyklar adam ykbalyna täsir eden
ýa-da edip biljek ýeke meseläniň töwereginde hem bolup biler, köp meseläniň
içinden geçip gidýän gapma-garşylyklara-da ýazyp biler. Çeper eseriň ideýa-
mazmun örüsi birbada sosial, syýasy meseläni-de, ahlak, yşk-söýgi meselesini-de,
watançylyk, gahrymançylyk meselesini-de we ýene-de onlarça şular ýaly
ownukly-irili meseleleri-de öz içine alyp biler. Emma meseläniň köplügi
gahrymanyň hereketinde ýa-da häsiýetinde dagynyklyk döretmeli däldir. Ol
bitewi bolmalydyr. Bu şert bozulmazdyr. Eserde gozgalýan meseleleriň
hemmesiniň özara baglanyşygy-da hökmany zerurlykdyr. Bu köp meseleli çeper
eseriň özboluşly aýratynlygydyr.
Munuň tersine, çeper eser anyk bir meseläniň töwereginde hem öz ideýa-
mazmunyny jemläp biler. Ol ýazyjynyň durmuş hakykatyna çemeleşiş
özboluşlylygy bilen bagly ýagdaýdyr. Ol anyk bir pursatda ýazyjyny gozgalaňa
salan anyk ideala bagly hadysadyr. Gozgalan meseläniň köplüginiň ýa-da
azlygynyň çeper eser üçin hiç hili täsiri bolmaly däldir. Esasy zat häsiýetiň
bitewiligindedir.
H.Ysmaýylowyň “Gopuzlyja gyz” hekaýasynda gozgalýan mesele bir
mesele. Uruş ýyllarynda fronta kömek üçin başlanan watançylyk hereketi kiçijik
hekaýanyň mazmunyny uly mesele bilen sepläp bilýär. Hekaýa göwrümi boýunça
kiçijik, emma gozgaýan meselesi weli uly. Eseriň gahrymany kiçijik çaga, emma
onuň edýän hereketi uly hem beýik. Öz altyn-kümüş şaý-seplerini fronta kömek
üçin tabşyryp duran obadaşlarynyň hereketine goşulyp, kiçijik Jerenjik hem öz
gopuzjygyny tabşyrýar. Hekaýanyň mazmuny hem, onuň gozgaýan meselesi hem
gysgaça şundan ybarat. Hekaýada gozgalýan mesele bir, ýöne ondan gelip çykýan
many weli giň hem beýik. Bu ýerde kiçijik Jerenjigiň uly watançylyk duýgusy
ýüze çykýar. Hekaýa çagalar üçin niýetlenen eser, emma onda ululara nusgalyk
hereket bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyz üçin, eseriň emossional güýjüni gudrat
derejesine galdyrýar. H.Ysmaýylow öz eserinde bir mesele gozgandygyna
garamazdan, manysy egsilmeýän, gaýta barha artýan eser döredip bilipdir.
Çeper döredijilikde ýazyjy öz eseriniň ideýa-çeperçilik maksadyna görä
durmuş hakykatyna çemeleşýär. Ol durmuş hakykatyndan gelip çykýan idealyna
görä öz gahrymanyny köp dürli gapma-garşylyklaryň içinden hem geçirip biler,
munuň tersine, anyk bir durmuş gapma-garşylygynyň çoçgaryna-da çolaşdyryp
biler. Ol eseriň ideýa-tematik aýratynlyklaryna, ýazyjynyň durmuş hakykatyna
çemeleşişine, onuň orta çykaran gahrymanynyň maksadyna we idealyna
baglydyr.
Şahyr A.Kekilowyň “Söýgi” romany, öz adyndan hem belli bolşy ýaly,
anyk bir meseläniň —söýgi meselesiniň töwereginde we içinde öwrüm
edýär.Eseriň many-mazmuny söýgi meselesi hakynda bolsa-da, onuň çözgüdi
38
durmuşyň dürli meseleleriniň içinden geçýän, dürli-dürli adam gatnaşyklaryny
yzarlaýan gapma-garşylyklardan doludyr. Romanda söýgi meselesi özüniň
gutarnykly çözgüdini tapýança, onuň gahrymanlary durmuşyň dürli hili oduna
girip, dürli hili suwundan çykmaly bolýar. Eseriň gahrymanlary şol döwrüň gaty
köp wakalarynyň içinde, örän köp gapma-garşylyklarynyň içinde hereket etmeli,
göreşmeli, çaknyşmaly bolýar.
Romanda uruşdan öňki oba durmuşy, uruş we tyl wakalary, frontdan bir
aýagyny aldyryp gelen Begenjiň başdan geçirýän ruhy hasratlary, uruşdan soňky
parahatçylyk döwrüniň wakalary, Ogulnabatdyr Akmyradyň gatnaşyklary bilen
bagly ýüze çykýan gapma-garşylyklar, dul gelin we boý ýigit meselesi, 1948-nji
ýylyň Aşgabat ýertitremesi bilen bagly wakalar we şular ýaly birnäçe wakalaryň
we meseleleriň başy “agyrdylýar”. “Muňa durmuş diýerler” diýlişi ýaly, bu
şeýle--de bolmaly. Durmuş, onda-da “Söýgi” romanynyň ýüzlenen döwrüniň
durmuşy örän çylşyrymlylygy, agyrlygy bilen tapawutlanýar. Bu döwürde yşk-
söýgi ýaly iki sany ýaş juwanyň arasynda ýüze çykýan pynhan duýgular hem
şahsy meselelikden çykyp, döwlet, millet derejesinde çözülýän meselä öwrülýär.
Başga bir halkda bu mesele şeýle öwrüm almasa-da almazdy, ýöne ol türkmen
üçin iň çylşyrymly meseleleriň biri boldy. A.Kekilow söýgi meselesiniň şeýle
çylşyrymly çözgüde eýe bolan döwründe oňa çeperçilik çözgüt bermeli boldy.
Elbetde, mesele aňsatlyk bilen çözgüdi tapylan mesele bolmady. Ol milletiň ary-
namysy, mertebesi derejesine göterilen meseledi. Sebäbi bu döwür “frontuň yzy”
diýlen düşünjäniň hökmürowanlyk süren döwrüdi. Ýaryndan aýra düşüp, ýar
ojagynyň mukaddesligini gorap oturan gelinleriň sany-sajagy ýokdy.
Frontuň yzynda galan gelinleriň ýar ojagyny saklap, oňa garaşyp
oturmagyny söýgä wepalylygyň nyşany, ýar ojagyny terk edip, turup gitmegi,
başga biri bilen durmuş gurmagy bolsa, söýgä biwepalyk hasaplaýan türkmençilik
kada-kanuny hemme wagtdakydan beter, gara duman ýaly bolup, halkyň üstüne
bürelipdi. Öňde belleýşimiz ýaly, Ş.Batyrowyň: “Aman, sen indi Ogulnabady
Akmyrada berjek bolýaňmy?” diýen soragynda nägilelik äheňiniň
duýulýandygynyň hem düýp sebäbi şundady. Sebäbi romanyň baş gahrymany
Begenç ölenden soň, Ogulnabat hem indi frontuň yzy bolup galýar. Eger
Ogulnabat “Öleniň yzynda ölme ýok” diýen pikire uýup, Akmyrat bilen durmuş
gurmakdan öz bagtyny gözläýen bolsa, onda onuň Begenjiň söýgüsini depeledigi
boljakdy. Belki-de, Ogulnabat Akmyrat bilen goş birikdiren bolsa, romanyň şu
günki şöhraty bolmasa-da, bolmazdy. Urşuň yz ýanyndaky ýyllarda-ha okyjy
muny asla oňlamazdy. Sebäbi Ogulnabadyň Akmyrat bilen durmuş gurmagy ýar
ojagyna biwepalyk etmek hasaplanardy. Has takygy, Ogulnabadyň çeper keşbi
döwrüň tipik hakykatyna laýyk gelýän milli tipik keşp bolmazdy. Üstesine-de, ol
frontuň yzynda ýar ojagyny wepalylyk bilen saklap oturan müňlerçe gelinleriň
ýaraly ýüreklerine täze ýara salan ýaly bir zat boljakdy. Söwer ýaryna garaşyp
oturan müňlerçe ogulnabatlaryň kalbyna gozgalaň saljakdy. Şeýle hem Ogulnabat
romanda Akmyrat bilen baş goşaýan bolsa, onuň bu hereketi ýar ojagyny
mukaddes saýyp oturan müňlerçe ýaş gelinlere ters görelde boljakdy.
Ogulnabadyň hereketini görelde edinjek, onuň edenini gaýtalajak köpeljekdi. Bu,
elbetde, türkmeniň milli ruhuna gabat gelmejek çeperçilik çözgüt boljakdy. Şol

39
wagtky ýurt baştutany Ş.Batyrow hem, romanyň awtory A.Kekilow hem muňa
aýdyň göz ýetiripdirler.
Romanyň soňky kitaplaryny ýazýança, awtora durmuş hakykaty köp
zatlary salgy berdi. Ol hem durmuşyň salgy beren hakykatyndan ugur aldy.
Romanyň soňunda hem awtor Ogulnabat bilen Akmyrady birikdirmeýär. Ýer
titreme netijesinde weýran bolan Aşgabadyň köçeleriniň birinden Akmyrat bilen
Ogulnabadyň Öwezjigiň elinden tutup barýan pursatyny suratlandyrmak bilen
awtor eserini tamamlaýar. Ol Ogulnabat Akmyrada bardy hem diýmeýär,
barmady hem diýmeýär. Meseläniň çözgüdini awtor öz okyjysyna goýýar. Şonuň
üçin Ogulnabadyň Akmyrada baranyny isleýänler “bardy” diýer ýaly, ony
islemeýänler üçin “barmady” diýip, pikir etmäge ýer goýýar. Bu soň durmuşda
hem şeýle boldy, köpler ýar ojagyna wepaly bolup galdy, käbirleri hem meseläni
öz göwün islegine görä çözdi. Garaz, durmuşyň özünde oturan oturyp galdy,
turan turup gitdi. Olaryň hiçisiniň hereketini eýýäm geňlän bolmady.
A.Kekilow söýgi meselesine şeýle giň, şeýle beýik çözgüt berip bildi. Bu,
elbetde, durmuş hakykatyndan dogry netije çykarmagy başaran ýazyjynyň
ussatlygy. Ol durmuşyň sesine gulak asdy, durmuşyň salgy beren çözgüdine
eýerdi. Gahrymanlarynyň ýürek owazyna diň saldy. Olaryň hereketlerini şol
owazyň sesine ses goşdurmaga çalyşdy. Has takygy, awtor gahrymanynyň
hereketine erkinlik berdi, onuň yzyna düşdi. Şonuň üçin hem romanda durmuş
hakykatynyň logikasy bilen eseriň gahrymanlarynyň hereketleriniň logikasy
sazlaşyk tapdy. Şeýlelikde, eser hereket hem häsiýet taýdan sazlaşykly bitewilige
eýe bolan gahrymanlary orta çykardy.
A.Kekilow bu romanynda döwrüň iň wajyp hem wawwaly meselesini
gozgady. Oňa döwrüň ruhuny berdi. Oňa döwrebap milli ruhy bermegi başardy.
Şonuň üçin biz bu eser arkaly geçen urşuň öň ýanyndaky we uruş ýyllarynyň,
şeýle hem uruşdan soňky ýyllaryň çylşyrymly durmuş hakykatyny başdan geçiren
adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen içgin tanyş bolýarys. Roman türkmen
durmuşynyň bary–ýogy on ýyl töwerege ýakyn döwrüniň çeper beýanyny öz
içine alýar. Emma onda asyrlaryň milli ruhy jemlenendigi üçin, roman asyrlaryň
durmuş hakykatyny we milli ruhuny orta atýan ýaly duýgyny döredýär. Üstesine-
de, romanyň ýüzlenen taryhy döwri hakykatdan hem eserde söýgi meselesine
berlen dartgynlylykdan hem dartgynlydy we çylşyrymlydy. Şahyryň öz eserinde
çylşyrymly döwrüň dartgynly hakykatyny onuň ähli çylşyrymlylygynda orta atyp,
şondan hem döwrüň ruhuna bap gelýän milli ruhly çözgüdi tapyp bilendigi bilen
gymmatlydyr. Hakyky çeper eser şeýle-de bolmaly.
Ýazyjy taryhy döwre taryhçynyň gözi bilen, pelsepewi meselä filosofyň
gözi bilen, adam gatnaşyklaryna psihologyň gözi bilen seredýär. Ýöne ol çeper
eser döredýärkä, taryhçy hem däl, filosof hem däl, psiholog hem däl-de, ilkinji
nobatda, ýazyjydyr. Ýazyjy taryhy döwre baha berende hem, pelsepewi pikiri orta
atanda hem, adamyň syrly dünýäsine aralaşanda hem ýazyjylygynda galýar.
Şunda ol taryha-da, dana pikirlere-de, adamyň ruhy dünýäsine-de çeperçilik
nukdaý nazaryndan garap baha kesýär. Ýazyjy üçin taryh-da, pelsepewi pikir-de,
ynsanyň syrly dünýäsi-de adamyň hakykata garaýşydyr, onuň dünýä düşünişidir.
Çeper döredijilik bilen meşgul bolýan şahsyýet üçin adam we onuň durmuşy,
adam we onuň ykbaly, adam we onuň dünýäsi özüniň ähli köpgyraňlylygy bilen
40
gyzyklandyrýan esasy meseledir. Ýazyjynyň adama bolan garaýşy arkaly biz
taryhy döwrüň özboluşly aýratynlygyna göz ýetirýäris. Dörediji adamyň
pelsepesi-de onuň adam hakyndaky dana pikiridir. Onuň ynsan dünýäsine
aralaşýan wagty öňe sürýän pikirleri hem adamyň gözellik dörediji
dünýägaraýşyndan ugur alýar. Bu ýagdaý ýazyjynyň döredijilik dünýäsiniň, edil
adam durmuşynyň köptaraplylygy ýaly, köptaraplylygyny tassyklaýar. Sebäbi
ýazyjy adam durmuşynyň uç-gyraksyz ummanynyň guwwasydyr.
Ýazyjy özüniň ýüzlenen taryhy döwrüniň anyk taryhyny jikme-jik
yzarlamaýar. Muny ol taryhçylara goýýar. Ýazyjy öz orta çykaran gahrymanynyň
ýaşaýan taryhy zamanasynyň haýsy wakalaryna gatnaşygy bar bolsa şolary
yzarlaýar. Ýöne ol şunda gahrymanynyň gatnaşýan wakalary arkaly özüniň
ýüzlenen taryhy döwrüniň aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga çalyşýar. Ol öz
gahrymanynyň anyk hereketlerini umumy taryhy döwrüň durmuş hakykaty bilen
baglanyşyklylykda ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň biz N.Saryhanowyň
gahrymany Şükür bagşynyň üsti bilen XIX asyr türkmen durmuşyna,
B.Kerbabaýewiň gahrymany Artygyň hereketleri arkaly XX asyryň birinji
çärýeginiň türkmen durmuşyna, A.Kekilowyň gahrymany Ogulnabadyň söýgüsi
arkaly geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň türkmen durmuşyna,
B.Hudaýnazarowyň gahrymany Söýüniň Garagum derýasynyň gurluşygynda
çeken zähmeti arkaly XX asyryň ellinji-altmyşynjy ýyllarynyň türkmen
durmuşyna anyk hem umumy taryhy nukdaý nazardan baha berip bilýäris. Bu
ýerde anyklyk çeper eseriň gahrymanynyň – aýratyn alnan bir adamyň durmuşy
bilen baglylygynda bolsa, umumylyk taryhy döwrüň ruhy bilen baglydyr.
Çeper edebiýaty hemme halatlarda diňe adam durmuşyny suratlandyrýan
sungatyň görnüşi hökmünde göz öňüne getirmek edebi prossesiň ösüşine, çeper
döredijilik işine dogry baha bermekde bärden gaýtmalara ýol berildigi bolardy.
Edebi döredijilik işiniň ideýa-çeperçilik örüsi tebigat hadysalaryny-da, haýwanat
we ösümlik dünýäsini-de mifik hem mistiki dünýäni-de olaryň hakykata
gatnaşygynyň çäginde yzarlamaga giň mümkinçilik berýär. Türkmen halk
ertekilerindäki wakalarda adam bilen deň hatarda hereket meýdanyna çykýan
döwleriň, perileriň, aždarhalaryň, ýuwdarhalaryň we ş.m. mifik ýa-da hyýaly
jandarlaryň, şeýle hem predmetleriň – uçýan halylaryň, jadyly köwüşleriň, jadyly
hasalaryň we beýlekileriň gatnaşýan halatlary az däl. “Gorkut ata” eposyndaky
Depegözi, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber” dessanyndaky we “Görogly” eposyndaky
adam iýijileri çeper eseriň çygryndan daşarda göz öňüne-de getirip bolmaýar.
Şundan çen tutsaň, çeper edebiýatyň diňe bir hakyky haýwanat dünýäsine degişli
wakalara däl-de, eýsem onuň hyýaly dünýäniň hyýaly jandarlary, ösümlikleri we
beýleki mahluklary bilen bagly wakalara hem ýüzlenýändigine göz ýetirmek
bolýar.
Mifik jandarlary gününe goýmadyk çeper edebiýat hakyky dünýäniň
haýwanlarynyň durmuşyna we ösümlik dünýäsine has-da içgin aralaşdy. Basnýa
žanry bu babatda aýratyn işjeňlik görkezýän žanrlaryň biri boldy. Ol, köplenç, öz
ideýa-mazmunyny haýwanlaryň we ösümlikleriň gatnaşmagyndaky hereket
giňişligine salmaga ýykgyn etdi.

41
Gündogar edebiýatynda munazara ady bilen meşhur bolan gadymy žanr
bar. Türkmen nusgawy şahyry Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy»
munazarasy tohumlaryň jedeline çözgüt berýän özboluşly “basnýadyr”.
Öz wagtynda okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan şahyr
M.Garryýewde hem şeýle jedele esaslanýan «Ussahanada» atly munazara bar.
Ussanyň zähmet gurallaryny özara jedelleşdirmek arkaly ideýa-çeperçilik
maksadyna ýeten bu eser hem, Gaýybynyň munazarasy hem, ahyr netijede,
meseläni adamyň peýdasyna çözýär. Jedelleşýän tohumlar hem, jedelleşýän agaç
ussasynyň gurallary hem özleriniň adam bilen ähmiýetli bir zatdygyna göz
ýetirýärler. Diýmek, adam hemme zatdan beýik, hemme zadyň gözelligine görk
goşýan gözel ýaradylan bir gudrat. Bu munazaralardaky jedel pursatynda ýüze
çykýan hereketlilik, janlylyk, maksada okgunlylyk, özüňe göwni ýetijilik, öz
mertebäňi basgylatmazlyk ýaly häsiýetler adama mahsus sypatlar. Şonuň üçin bu
žanr özüniň gadymylygyna ýa-da häzirki döwrüň hyzmatyndalygyna garamazdan,
çeper edebiýatyň esasy iş salyşýanynyň adam we onuň durmuşydygyny
tassyklaýar.
Belli rus basnýaçysy I.A.Krylowyň köp basnýalarynyň haýwanat dünýäsi
bilen baglydygyny bilýäris. Halk şahyry Ata Salyhyň hem “Ýolbars we tilki”,
“Şagal we horaz” ýaly basnýalary, adyndan hem belli bolşy ýaly, haýwanlaryň
durmuşy bilen bagly eserlerdir. Ata Salyhyň hem bu basnýalarynda hereket
meýdanyna getirilen haýwanlary özleriniň haýwany häsiýetleri bilen
özboluşlydyr. Ýöne olara şol bir wagtyň özünde ynsany häsiýet hem mahsusdyr.
Ol haýwanlar häsiýet taýdan ynsana öýkündirilen allegorik keşbe eýedirler.
“Ýolbars we tilki” basnýasyndaky Ýolbars hem, Tilki hem öz häsiýetlerine görä
adamyň çeper keşbine salnan jandarlardyr. Ýolbars durmuşda-da, basnýada-da iň
güýçli we hökmürowan haýwanlaryň biri, emma ol bu ýerde hökmürowan
adamyň keşbine giren allegorik keşpdir. Tilki durmuşda mekir hem hilegär jandar
şekilinde tanalýar, ýöne ol basnýada hilegär adamyň keşbine däl-de, men-menlik
edýän, öz çakyny tanamaýan adamyň keşbine salnan allegorik keşpdir.
Basnýalardaky haýwan keşpleri adam ruhly keşplerdir. Olar adam ýaly
gepleýärler we hereket edýärler. Şonuň üçin çeper edebiýat ýene-de öz
predmetiniň – adamyň töweregindäki meseleler bilen iş salyşýan sungatlygynda
galýar.
Dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň “Gülsary” powesti hem-de
“Asyrdan uzaga çeken gün”, “Gar barsy (baky gelinlik)” romanlary hem
allegorik dilde söhbet açýan eserlerdir. Bu eserleriň baş gahrymanlarynyň ýylky,
iner, gar barsy ýaly haýwanlardygyna garamazdan, olar adam durmuşy bilen
ysnyşykly baglanyşykly ideýa-mazmuna eýe bolan eserlerdir. Ol eserlerde adam
durmuşyna haýwanlaryň gözi bilen garamak arkaly meselä çeperçilik çözgüt
berilýär. Ýylky sürüsine baş bolan Gülsary adam ýaly oýlanýar, adam ýaly pikir
edýär. Onda öz ýylky sürüsiniň öňünde uly jogapkärçilik duýgusy möwç urýar.
Ol adam ýaly dünýä hakda, döwür hakda, adam hakda pikir edýär, özüniň baş
bolup ýören ýylky sürüsi hakda gije-gündiz alada edýär. Eser sowet döwründe
ýazylansoň, ol hakyky kommunist ýabynyň–adamyň simwoliki keşbini özünde
jemleýär. Ýazyjynyň beýleki eserlerindäki iner hem, Şabars hem edil Gülsary

42
ýaly adamlaşan ruha eýe bolan, adam ýaly gepleýän we hereket edýän
personažlardyr.
Şu ýerde “Görogly” şadessanyny ýatlamak ýerlikli bolar. Bu şadessanyň
ady “Görogly” hem bolsa, oňa Gyrat hakyndaky şadessan diýseň hem boljak.
Şadessanda Gyrat Görogly bilen deň hatarda eseriň ähli wakalaryna gatnaşýar.
Gyrat Göroglynyň ganaty, Gyrat Göroglynyň göwündeş ýoldaşy, Gyrat
Göroglynyň gardaşy, Gyrat Göroglynyň syrdaşy, Gyrat Göroglynyň ömri bilen
ömürdeş. Görogly Gyrat bilen Görogly. Şadessanyň Göroglyly sahypalaryny
tolgunman okap bolmaýşy ýaly, Gyratly sahypalaryny hem tolgunman okamak
bolmaýar. Şadessanda Gyrata hem adam ruhy berlipdir. Belki, şonuň üçin
şadessanyň ilkinji neşirini taýýarlan ýazyjy A. Gowşudow Gyrat ýaly adam ruhly
türkmen bedewi hakda, meşhur Dordepel hakda “Dordepel” ady bilen powest
ýazandyr. Şeýle ruhy biz “Hüýrlukga-Hemra” dessanyndaky Bilbilgöýäde hem,
Şeýdaýynyň “Gül-Senuber” dessanyndaky Simrug guşda-da, A. Kekilowyň
“Çopan we patyşasyndaky” Körgargasynda-da yzarlap bilýändigimiz tebigat
dünýäsine adam ruhuny bermek däbiniň ähli döwürlerde hem ýörgünli
bolandygyny subut edýär.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda uruş döwründe ýazylan eserleriň
arasynda orta hem ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyndan
aýrylman gelýän ajaýyp bir eser bar. Ol Ş. Kekilowyň “Kareliýa jeňňelinde” atly
çaklaňrak liriki poemasydyr. Bu eser uruş temasyndan söz açýar, özem ol
tokaýyň, jeňňeliň, ol ýerdäki baglaryň, gülleriň dilinden gürleýän liriki
gahrymany orta çykarýar. Eseriň tebigat dünýäsine degişli personažlary çuňňur
watançylyk duýgusy bilen joşýan gahrymanlar. Olar duşman üstüne çozup,
bomba baryny ýagdyryp başlasa, muňa adam ýaly gynanýarlar. Duşman yzyna
serpikdirilse hem, ýene-de adam ýaly, begenýärler. Poemada tebigat janly göwre
ýaly dem alýar, gaharlanýar, gyýylýar, şatlanýar. Elbetde, gaharlanmak,
gynanmak, şatlanmak adama häsiýetli alamatlar. Ş.Kekilow özüniň tebigat
dünýäsine degişli gahrymanlaryna adam ruhuny beripdir. Şoňa görä-de bu eser
hem adam we onuň durmuşy bilen örklenen liriki poemadyr. Poemada basnýanyň
allegorik keşpli personažlary ýok. Onda tokaýy, jeňňeli, ondaky bag-bakjalary,
gülleri, tutuş tebigaty özüniň gara buludy, ýagty güneşi bilen janlandyrýan liriki
gahryman bar. Tutuş jeňňel, bütin tebigat liriki gahrymanyň ruhy bilen dem
alýar. Tebigat adamlaşýar. Adamlaşmak, adamçylyk, adamlyk – bularyň bary
adamyň keşbini gözelleşdirýän alamatlardyr. Onuň ruhy-ahlak gözelligidir.
Peýzaž tebigy gözellikdir, tebigatyň gözel suratydyr.Gözel zatlar adamyň
ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan serişdedir. Gözellik diňe bir maddy baýlyk däldir, ol
adamyň ruhy dünýäsini hem joşdurýan egsilmez çeşmedir. Çeper eseriň
gahrymanynyň anyk pursatdaky ruhy ýagdaýyny aýdyňlaşdyrýan peýzaž
ýazyjynyň döredijilik işinde ýygy-ýygydan ýüzlenýän predmeti bolup biler. Beýle
ýagdaýa kyssa eserlerinde-de, şygryýetde-de köp duş gelinýär. Ýöne ol
şygryýetde has köp ýüzlenilýän ideýa-çeperçilik serişdesidir. Şu ýerde şahyr
B.Hudaýnazarowdan üç bent mysal alynsa ýerlikli bolardy:

43
Guşlar pel-pellesin Günüň astynda,
Dagyň depesinde bulut oýnasyn.
Meýdanlar bugarsyn alabaharda,
Gelen ýaza bakyp, gözüň doýmasyn.

Giň sährada gök ýylagyň içinde,


Ak guzular güneşlesin, mälesin.
Çemen bogup, Aşgabadyň baýrynda,
Aşyk oglan arzuwlasyn lälesin.

Obamyzyň çetindäki üljelik,


Aladaňdan ak güllere beslensin.
Awçylardan gözi gorkan ak guwlar
Garaw görmän, mawy kölde daransyn.1

Şahyryň liriki gahrymany, göräýmäge, şeýle owadan peýzažy arzuwlap


oturan ýalydyr. Ýöne bu gözel peýzaž onuň her alabaharda görüp, gözi dokunan
tebigat görnüşi. Liriki gahryman höwes edýän bu gözel görnüşini özüniň anyk
reňkleri bilen görýär. Ol hyýaly peýzaž däl. Ol şahyryň ömür ýolunda gelip-geçen
alabaharlaryň hakyda ornan gözel görnüşidir. Guşlaryň al-asmanda pel-pellemegi,
dag başynda oýnaýan bulutlar, alabaharda bugaryp ýatan meýdanlar, giň sährada
gök ýylagyň içinde güneşläp ýatan akja guzular, obanyň çetindäki aladaňdan ak
güllere beslenýän üljelik, mawy kölde daranyp oturan ak guwlar – bularyň
hemmesi şahyryň türkmen baharynda synlan, gözi ganan, janly tebigat görnüşleri.
Şahyr şolary göz öňüne getirmek bilen özüniň gözel ülkesine gözi gidýär, oňa
guwanýar. Bu buýsançly gözigidijilikde watançylyk joşguny möwç urýar. Watan
bilen bagly her bir zat bu ýerde gözel. Diýaryň mukaddesligini kalbyňa guwanç
bilen guýýar. Watan gözelliginden kalby heýjana gelen liriki gahrymanyň
buýsançly ahwaly seni-de özüne dolap alýar. Gözellige guwanmak, ony şahyr
gözi bilen görmek bagtyna miýesser bolanyna begenmek duýgulary birleşýär-de,
okyjyda dogduk mekana bolan heýjanly söýgi döreýär. B.Hudaýnazarowyň
şahyrana peýzažynyň şeýleräk güýji bar.
Indi bolsa şahyr G.Ezizowdan peýzažly bir şygra ser salalyň:

Deňiz gözýaş dökýär, deňiz aglaýar,


Üç gündür deňiziň hiç karary ýok.
Deňiz aýralyga bagryn daglaýar,
Ol Aý ýaryn bagra basyp bilenok.
Üç gündür asmany çal bulut büräp,
Deňziň bu halyna gülüp gözleýär.
Üç gündür deňiziň bagryn paralap,
Onuň gözel Aý ýaryny gizleýär.

1
B.Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 130 sah.
44
Deňiz-de ah urup, diýýär: “Eý, şemal,
Şu çal buldy kow-da, rehim et jana!”
Deňiziň nalyşyn eşidip şo hal,
Şemal çal buludy kowýar ummana.
Gözel Aý asmandan deňize düşýär,
Deňiz ýaryn bagra basyp köşeşýär.1

Şahyr bu ýerde arassa peýzaž suratkeşligine ýüzlenýär. Şahyrana detallar


hem deňiz, Aý, bulut, şemal. Şularyň özara gatnaşygy şahyrana suratkeşligiň
ideýa-çeperçilik özboluşlylygyny emele getirip, gözel tebigat görnüşini göz
öňümizde janlandyrýar. Şygyrda şahyrana detallaryň hemmesi hereketde: deňiz
aglap dur, Aý buludyň aňrysynda gizlenip dur, bulut ony gizläp dur, deňiz şemala
ýalbaryp dur, şemal buludy kowup ýör, Aý asmandan deňze düşüp dur, deňiz
özüniň Aý ýaryny bagra basyp dur. Şygyrdaky bu hereketler tebigat gözelliginiň
öz janly bolşunda suratlanmagyna şert döredipdir. Şahyr janly gözelligiň söz
bilen suratyny çekipdir. Şygryň liriki mazmuny sadaja. Bulut deňziň Aý ýaryny
öz goýnunda gizläpdir. Ýaryndan aýra düşen deňiz muňa bagryny paralap
aglaýar, gynanyp ýüregini daglaýar. Ahyrynda ol şemaldan Aý ýarynyň öňüni
tutup duran gara buludy kowmagy haýyş edýär. Şemal buludyň haýyşyny ýerine
ýetirýär. Aşyk–magşuklar – deňiz bilen Aý biri-birine gowuşýar. Bu görnüş söz
bilen çekilendigi üçin, ony gürrüň bermek birneme uzaga çeken ýalydyr. Ýöne bu
tebigat görnüşi onuň özünde – tebigatda bir pursatlyk puryja. Tebigat gözelliginiň
şu bir pursatlyk suraty şahyryň liriki gahrymanyny heýjana salan gözellikdir.
Liriki gahrymanyň duýgy giňişligi tebigat gözelligi bilen baglydyr. Şoňa görä bu
ýerde tebigatyň bir pursatlyk gözel görnüşi adam ruhy bilen dem alýar. Liriki
gahrymanyň duýgularynyň içinde pursatlaýyn gözellik adam şekiline salynýar.
Şonuň üçin tebigat gam-gussa-da batýar, gözýaş döküp aglaýaram, ýalbarýaram,
köşeşýärem. Şygyrda tebigat hadysasynyň bir pursatlyk gözelligi janly gözellik,
hereketli gözellik, adamçylyk ruhy hallary başdan geçirip bilýän gözellikdir.
Tebigat suratkeşligi kyssa eserlerinde has giňden ulanylýar. Ol gahrymanyň
dürli hal-ýagdaýy bilen bagly ýüze çykyp bilýär. Bir ýerde ol eseriň
gahrymanynyň hereketiniň wagtyny–gijemi-gündizmi, ýazmy ýa güýzmi–şony
anyklaýjy çeperçilik wezipäni ýerine ýetirýär. Başga bir ýerde ol eseriň
gahrymanynyň hereket örüsiniň giňligini-darlygyny, ornuny aýdyňlaşdyrmaga
hyzmat edýär. Ýene bir ýerde gahrymanyň ruhy ahwaly, ruhy başdan geçirmeleri
we ş.m. ýagdaýlary bilen bagly ideýa-çeperçilik hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Ýazyjy A.Allanazarow “Ojak” romanynda tebigat suratkeşligine ýygy-
ýygydan ýüzlenýär:
“Ýaldyrak dogup, onuň“Ýaldyragyň ýangyny” atlandyrylýan we bir hepde-
on güne çekýän juda yssy bolýan günleri ýene bir gezek toplum bolup geçensoň,
bu ýylam tomsuň ýüzüniň gaýdyp ugranlygy belli bolupdy. Şundan soň köp wagt
geçmänkä, eýýäm Şöýünalynyň o ýerinde, bu ýerinde hemişe tilkilenip, ümsüm-
-kümsüm gelýän güýzüň ululy-kiçili alamatlary peýda bolup ugrady. Iki tarapdan
seleňleşip, obany ýanap oturan baýyrlaryň ýüzünde seýregem bolsa indi
1
G.Ezizow. Türkmen sährasy. Goşgular, sonetler. Aşgabat, TDNG, 2007, 203 sah.
45
töwerekdäki derýadyr köl-kölçeleriň üstünden göterilen goňrasdan gelen çal
ümür-dumanyň goýun sürüsi deýin süýrenip barýanlygy hem göze ilýärdi.
Dünýäniň haýsydyr bir agyr pikire berlip suslanmasy duýulýardy. Howa weli
gündizlerine henizem yssy bolýardy. Ýöne şeýle-de bolsa, dünýäde howa azalan
ýaly duýgy döredýän hopukdyryjy, kapas yssylar gijelerine indi bolmaýardy”.1
Görnüşi ýaly, tomus bilen güýzüň sepgidinde emele gelen howanyň
yssylyk hem salkynlyk ýagdaýy aýry-aýry tebigat detallarynyň köp ulanylmagy
bilen ýüze çykarylmaýar. Ýazyjy pasyl sepgidiniň özboluşly alamatlaryny diňe
“Ýaldyragyň ýangyny”, goýun sürüsi ýaly sürlenişip barýan “goňrasdan gelen çal
ümür-dumanyň”– bulutlaryň töwerekdäki baýyrlaryň üstünde peýda bolmagy,
“dünýäniň agyr pikire batan ýaly suslanmagy”, gijelerine öňküler deýin
hopukdyryjy, kapas yssylaryň bolmaýandygy ýaly tebigat görnüşleri arkaly
suratlandyrýar.
Bu tebigat görnüşleri ýazyja Kymyş duzçynyň, onuň aýaly Jemal
mamanyň, olaryň gyzlary Akjagüldir Ogulbikäniň hereket örüsiniň wagt
giňişligini aýdyňlaşdyrmak we beýan etmek üçin gerek bolupdyr. Pasyllaryň
sepgidindäki ýüze çykan bu tüýsli-tüýsli tebigat görnüşleri gahrymanlaryň ruhy
ahwalatlaryna anyk bir tarapdan göz-görtele täsir etmese-de, olar eseriň süňňüne
ýama ýaly bolup duran artykmaç zatlar hem däl. Tersine, olar gahrymanlaryň
hereket örüsiniň ýylyň haýsy döwrüne degişlidigini anyklaşdyrýar. Bularyň
sýužetiň umumy ösüşi üçin zerur serişdeler hökmünde hyzmatlary bar. Ýazyjy bu
tebigat suratlaryny eseriň sýužetiniň ösüş ugruny aýdyňlaşdyrmak üçin
ulanypdyr.
Eýsem bu tebigat şekilleriniň şulardan başga, aýdaly, häsiýetiň ösüşine,
onuň täze bir tarapynyň açylmagyna hiç hili täsiri ýokmy? Elbetde, bar. Sebäbi bu
tebigat görnüşleri eseriň sýužetiniň ösüş ugruny anyklaýan bolsa, onda onuň
häsiýetiň umumy ösüşinden çetde bolmagy mümkin däl. Häsiýet mazmunyň däl-
de, sýužetiň ösüş çygrynda ýüze çykýar. Şonuň üçin wagt giňişligi bilen bagly
tebigat görnüşleriniň gahrymanyň häsiýetiniň ösüşine anyk däl-de, umumylykda
ýetirýän täsirini hasaba alman bolmaz. Sebäbi bu ýagdaý gahrymanyň häsiýetiniň
ösüşinde wagt taýdan täze bir ujypsyzja giňişligi açýar weli, garaz, açýar.
Gahrymanyň şu pursatdaky hereketleriniň, şol bir wagtyň özünde hem onuň
häsiýetiniň ösüşi üçin wagt taýdan täze bir puryja döreýär. Şol puryjada
gahryman, iň bolmanda, öz oýlanmalaryna ýa-da pikirlenişine hereket berip
biler, ýöne ol oňa hereket bermänem biler. Şol pikirleniş, oýlanyş hereketiniň
häsiýetiň ösüşine umumy täsiri hökman bolýar.
Islendik tebigat görnüşi adamda ony estetiki taýdan özleşdirmek
duýgysyny döredýär. Şonuň üçin tebigat görnüşleri adamyň ruhy ahwalatyna täsir
etmän ýa-da ondan üzňe bolup bilmeýär. “Tebigat kartinalary, aýry-aýry
obýektler gahrymanlaryň hereket edýän ýeriniň (bu ýerde wagtynyň – Ş.G.) fony
hökmünde suratlandyrylanda-da, olar gahrymanyň garaýşyndan, duýgusyndan
üzňe suratlandyrylmaly däldir. Eger üzňe suratlandyrylsa, onda adamyň ol zatlara
nähili gatnaşygynyň bardygy aýdyň duýulmaz, ol zatlar gahrymanyň häsiýetiniň,
duýgusynyň ýüze çykmagyna-da kömek etmez. Çeper edebiýatda bolsa
suratlandyrylýan her bir zat gahrymanyň obrazyny (keşbini) aýdyňlaşdyrmaga
1
A.Allanazarow. Ojak. 2-nji kitap. Aşgabat, TDKP neşirýaty, 2008, 73-74 sah.
46
hyzmat etmelidir”.1 Ýöne munuň häsiýetiň ösüş ugruny aýdyňlaşdyrmakdygyny-
da unutmaly däldir.
Tebigatyň şeýle tüýsli-tüýsli öwüşginleri, aýdaly, gije bir tüýsli, gündiz
başga bir tüýsli bolup durmagy – gijesine salkynlamagy, gündizine ýene gyzyp,
ýakyp-ýandyryp barmagy Kymyş duzçyny sürgüne gidenler hakda agyr oýlara
batyryp, ýatlamalaryň girdabyna oklaýar. Gijelerine uklaman, daşarlarda köw-
söw edip ýörmäge mejbur edýär. Onuň aýaly Jemal mamany bolsa kellesine gum
dykylan ýaly ýagdaýa salýar. Bu ýagdaý onuň hem ukysyny gaçyrýar. Är-aýalyň
ikisiniň hem derdi ukusyzlyk. Olaryň dertleri bir, ýöne aladalary weli tüýsli-
tüýsli. Pasyl sepgidi, onuň tüýsli-tüýsli howasy Kymyş duzçynyň “arly tomusdan
tä güýzüň ýagynly-saçynly ortalaryna çenli daşardaky sypada ýatýan” gyzlary
Akjagüldür Ogulbikä hem özboluşly täsirini ýetirýär. Sepgit olara diňe daňa
golaý howa çigrände, üstlerine çekäýer ýaly aýaguçlaryna ýeňil-ýelpaýrak ýorgan
atdyrýar. Görnüşi ýaly, maşgala agzalarynyň hemmesi üçin şertler bir, has
takygy, dertler bir, emma olaryň aladalary – hereketleri pasyl sepgidiniň howasy
ýaly tüýsli-tüýsli. Ýazyjy üçin pasyl sepgidindäki tüýsli-tüýsli öwsüp duran
tebigat görnüşiniň suratlandyrylmagynyň nämä gerek bolandygy, ine, şu ýerde
düşnükli bolup galýar.
Ýazyjy Ç.Aýtmatow adam hem tebigat gatnaşyklaryny söhlelendirmegiň
ussady. Onuň üçin haýwan-ynsan, bütin tebigat adam ruhly hakykatyň içinde
ýaşaýar. Ç.Aýtmatow üçin dünýä we adam uly bir sazlaşygy emele getirýän
bitewilik hakykaty. Tebigat görnüşleri onuň gahrymanynyň aýrylmaz ýaranlary.
Bu onuň “Gar barsy (baky gelinlik)” romanynda hem şeýle. Romanda dag
tebigatynyň şeýle bir görnüşi şöhlelendirilýär:
“Bu tomus möwsüminde edil şol wagt daglaryň goýnuna, başy garly
gaýalaryň hem-de uzalyp gidýän gerişleriň arasyndaky jülgä tüm gara gije
çöküpdi, özem edil gyş ýaly aýazlydy. Bu ýerlerde günemasyny görüp ýören ähli
janly-jandarlar hinlerine, höwürtgelerine, gowaklaryna sokulyp, ertire, daňyň
ataryna bitakat garaşýardylar. Daglar dymýardy, imisalalykdy, asmanda ýagty
hem ullakan ýyldyzlar petreşýärdiler, olar daga has golaý gelen ýaly asyl-asyl
bolup durdylar, awara bulutlar ygyşyp ýörmesini bes edipdiler, ulgam-ulgam
gerişleri uzaboýuna ýassanyp ymyzganypdylar, olaryň ýagmak niýetiniň ýokdugy
şondanam aýandy, şaglap akýan dag derýalary ýuwaşapdy, suwlanypdy. Üzeňňili
geçidiň eteginde çapgyn şemal öwüsýärdi, ýalňyz galan Şabars hem şol ýerde
birneme göwnüne giňlik salmak üçin ikiýana gezmeleýärdi. Ahyry ol hem harsaň
daşlaryň arasynda özüne gijäni geçirer ýaly amatly ýeri peýläp başlady. Tomusyň
ýarysy ötüp ýördi, ol biçäre bolsa entegem geçitden aşyp bilmegi başarman
elewreýärdi. Ol şu töwereklerde köw-söw eder ýörerdi, birdenem bu taýlardan
ýitirim bolýardy, ýöne ýene-de şu mekanyna dolanyp gelerdi”.2
Ýazyjy tomus möwsümindäki dag gijesiniň suratyny çekýär. Awtoryň dag
gijesinden saýlap alan detallaryna üns bereliň. Dag gijesinde asudalyk höküm
sürýär. Ýyldyzlar doňan ýaly petreşip, depäňden asyl-asyl bolup durlar, awara
bulutlaram şu pursat öňküsi ýaly ygyşyp ýörenoklar, olar hem gaýalary ýassanyp
ymyzganypdyrlar, ähli janly-jandar daň ataryna sabyrsyzlyk bilen garaşyp
1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 58-59 sah.
2
Ç.Aýtmatow. Gar barsy (baky gelinlik). “Garagum”, 2009, №8, 147 sah.
47
ýatyrlar, tüm garaňkylykda dag hem aýylganç dymýar. Emma Şabars weli
biynjalyk. Ol janyna jaý tapman elewräp ýör. Sebäbi tomsuň ortalap
barýandygyna garamazdan, garrap, tapdan düşen Şabars Üzeňňili geçitden
henizem aşyp bilenok. Bu ýerde birbada göräýmäge, Şabarsyň hereketiniň wagt
giňişligine üns çekilýän ýaly duýgy döreýär. Ýöne ýazyjy bu ýerde tebigat
görnüşiniň üsti bilen onuň hereket örüsini aýdyňlaşdyrýar. Şabars şol bir depen
ýerini depeläp ýör, onuň hereket giňişligi daralypdyr. Ýazyjy dag gijesiniň asuda
görnüşine Şabarsyň hereket örüsine sygman, elewräp ýörşini gapma-garşy goýýar
we onuň hereket örüsine, hereket ornuna has aýdyňlyk berýär. Bu ýerde peýzaž
hereketiň wagtyny däl-de, ornuny aýdyňlaşdyryjy serişdäniň hyzmatyny bitirýär.
Ýazyjynyň Şabars üçin açan hereket giňişligi tümlüge gaplanan giňişlik,
tomuslygyna garamazdan sowuk, aýazly giňişlik. Tapdan düşen Şabars üçin
gijäniň tümlügem, sowuk aýazam Üzeňňili geçitden aşmagyň ýolunda peýda
bolan uly bir päsgelçilik. Tümlügem, aýazly gije-de Şabarsyň hereket örüsini
daraldýar. Şabarsyň ahwalyny suratlandyrmak üçin peýdalanylan seýle tebigat
görnüşleri öz ideýa-çeperçilik hyzmatyny ýazyjynyň göz öňünde tutuşyndan hem
has aýdyň açmaga ýardam edipdir.
Tebigat gözellikleriniň suratyny çekmek bilen onuň gahrymanyň ruhy
ahwalyny anyk hem bitewilikde açýan çeperçilik hyzmatyndan peýdalanylýan
pursatlara ýazyjylar has köp ýüzlenýärler. Peýzaž ruhy ahwalaty açmagyň iň
amatly serişdeleriniň biri. Ýazyjy T.Gurbanow dörediji adam hökmünde häsiýet
açmagyň şu tärine örän ussatdy. Ol öz gahrymanlarynyň häsiýeti bilen tebigat
gözellikleriniň sazlaşygyny tapmaga ökdedi. Ýazyjy özüniň hekaýa-
nowellalarynda-da, powestlerinde-de bu täre ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Şonuň
üçin hem onuň eserleri sungatyň inçe lirizme ýugrulan görnüşleriniň hataryndan
özüne orun tapmaga dalaş edýärdi. Inçelik bu ýerde duýguçyllyk bilen sazlaşýar.
Ýöne ýere adam gözel zada inçe duýgyny oýarýan zat diýmeýär. Diýmek,
inçelige duýguçyllyk mahsusdyr. Duýguçyllyk tebigat gözellikleri bilen
sazlaşanda, goý, ol şygryýetde bolsun ýa-da kyssada bolsun, tapawudy ýok, çeper
hakykat inçe lirizme ýugrulýar. Tebigat suraty bolan peýzaž bilen ruhy ahwalyň
sazlaşygynyň ýüze çykan ýerinde gahrymanyň häsiýeti has janly, has aýdyň, has
göze doly bolýar. T.Gurbanow hem muňa düýpli göz ýetiren ýazyjy. Ol özüniň
“Torgaý” powestinde şeýle bir tebigat görnüşini çekýär:
“Bu mahal bütin älem-jahan, göýä diýersiň, üýtgeşik bir uly toý tutýan dek
asman gümmezinde al-ýaşyl öwüsýän ýyldyzlardan ýaňa barmak basara boş ýer
ýokdy. Ýüregi gysanda ýa gerdenine alada inende, gije asmanynyň ajap jemaly,
uç--gyraksyz giňligi, sansyz ýyldyzlaryň täsin ýylpyldysy Ogulnura mydama-da
teselli bolýardy, älem oňa göýä: “Gyzym, gam çekme, ýüregiňi ynjytma, meniň
ýyldyzlaryma meňzejek bol, olar mydam şadyýan” diýip,nesihat berýän ýalydy.
Dogrudan hem asmana syny oturdygyça, onuň ýüregi giňäp, gam-gussasy
köşeşýärdi, ahyrynda-da ýyldyzlary synlap ýatyşyna, rahat uka gidýärdi.
Emma bu gije weli Ogulnura asmandan-da, ýyldyzdan-da delalat ýetmedi.
Kem-kemden bu sansyz ýyldyzlaryň deregine bütin asmanyň ýüzüni Aýlynyň
nurana keşbi tutdy-da, Ogulnuruň bokurdagy doldy”.1

1
T.Gurbanow. Torgaý. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1978, 3-4 sah.
48
Hemişe Ogulnura teselli berýän tebigat görnüşiniň bu gije oňa delalatynyň
degmezligine ogly Aýlydan aýra düşmegi sebäp bolýar. Aýlynyň enesiniň
gözüniň alnyndan aýrylyp, Aşgabada gaýtmagy ony ynjalykdan aýyrýar. Ene
ýüregi öz perzendini küýseýär. Onuň nirelerde, näme işläp ýörendiginden
habarsyz enäniň aladalaryny gije gözelliginiň ajaýyp suraty-da köşeşdirip
bilmeýär. Bu ýerde tebigat gözelligi bilen häsiýet gözelliginiň birgeňsi sazlaşygy
emele gelýär. Tebigat adama howandarlyk bilen garaýar, adam öz perzendine
howandarlyk duýgusy bilen joşup, bokurdagy dolýar. Göräýmäge, asman öz işi
bilen, Ogulnur öz işi bilen meşgul bolup ýören ýalydyr. Emma bu beýle däl. Bu
ýerde tebigat bilen adamyň arasynda hiç hili çaprazlyk ýok. Gaýtam, olar öz
ruhlary taýdan bir hörpdäki sazlaşygy emele getirýärler. Bu sazlaşyk içki
sazlaşykdyr. Ogulnur öz penakärleri bolan ýyldyzlaryň ruhuny duýýar. Şonuň
üçin ol hem özüniň penakär bolmaly perzendiniň üstüne ganatlaryny germek
isleýär. Ýöne ara daş. Hatda eneli-ogluň arasy Ogulnur bilen ýyldyzlaryň
arasyndan hem daş. Bu Ogulnur üçin şeýle bolup görünýär. Sebäbi Ogulnur
ýyldyzlary görüp otyr, ogluny bolsa görüp bilenok. Ogulnur ýyldyzlara seredip,
olary görüp bilýär, ýüzbe-ýüz söhbet edip bilýär. Ogly bilen bolsa beýle
mümkinçilik ýok. Onuň bilen ene diňe öz göz öňüne getirmeleri arkaly gaýybana
sözleşip bilýär. Şonuň üçin ol bir pursatlyk ejizleýär. Mährem enäniň bokurdagy
dolýar. Ol ogly bilen bagly ýakymly ýatlamalaryň içine girip gidýär. Onuň bilen
gaýybana söhbet edýär. Eneli-ogluň söhbetinde olaryň biri-birine bolan
mähribanlygy duýulýar. Ene öz düşen ruhy ahwalyny aýdyp, ogluny agyrdasy
gelenok, ogul hem öz enesini gynandyrasy gelenok. Eneli-ogluň özara gaýybana
söhbeti bilen älem we onuň ýyldyzlarynyň arasynda bolan söhbetdäki gaýybana
duýulýan mähir-muhabbetiň ýylysy biri-biriniňkiden peslär ýaly däl. Bu içki
ýakynlyk hem-de ruhy bitewilik sazlaşygydyr. Tebigat görnüşleriniň gözellikleri
bilen edebi gahrymanyň içki dünýäsiniň sazlaşygydyr. Häsiýetiň açylyşyna
tebigat gözellikleriniň täsiridir. Tebigat gözellikleriniň ideýa-estetiki we
emossional taýdan özleşdirilmegidir.
Edebi eserleriň käbirinde tebigat suraty bilen gahrymanyň häsiýetiniň
arasynda şeýle sazlaşygyň ýüze çykmaýan halatlary-da bar. Tebigat suratkeşligi
özbaşyna, häsiýet we onuň açylyşy hem özbaşyna bolýan ýagdaýlara hem ýol
berilýär. Ýöne çeper döredijiligiň söz sungaty ýaly görnüşinde beýle ýagdaýyň
ýüze çykmagy eseriň peýdasyna däldir. Tebigat adama dahylsyz suratlandyrylsa,
onuň estetiki taýdan özleşdirilmedigidir, onuň eseriň ideýa-mazmunynyň
daşynda galdygydyr. Ol esere ideýa-çeperçilik taýdan dahylsyz bolan
gerekmejek, artykmaç bir goşundydyr. Ol okyjyda täze geýimde köne ýamany
gören ýaly duýgy döredýär. Bu bolsa çeper döredijilikde oňlanylýan zat däl.
Çeper edebiýat adamy onuň durmuşy bilen aýrylmaz baglylykda bitewi
ýagdaýda suratlandyrýar. Şoňa görä ol adamyň durmuşyna dahylly gözellikleri-
de, onuň durmuşynyň betgelşik taraplaryny-da jikme-jik şöhlelendirýär.
Ýazyjynyň adamyň gözel taraplaryny görüp, gelşiksiz taraplaryna göz ýummaga
hukugy ýok. Çeper edebiýat adamy bitewiliginde suratlandyrýandygy üçin, onuň
adama degişli owunjak zatlardan hem sowlup geçmäge mümkinçiligi bolmaýar.
Belki, şol owunjak zat anyk bir adama mahsus bolan has uly bir sypaty, häsiýeti
açaýmagy mümkin.
49
Bu hakykatdan şeýle-de bolýar. Şu ýerde biz bir ýazyjyda iki dürli pursatyň
suratlandyrylyşyna ünsi çekesimiz gelýär. Ýazyjy B.Annabaýewada “Abraý
enesi” atly bir taryhy hekaýa bar. Ol eserde Setdar atly ýaş ýigidiň hem-de Garry
pir ady bilen belli dindar adamyň öýleriniň içi-daşy bilen suratlandyrylýar:
“Şaý-sepi ýetik hanyň gyzy garypja tama gelip düşdi.
Tamyň ýarty böwründe gyş aýazly bolanynda, ownuk-uşak mal-gara
saklanýar, ýene bir çüňkde-de Setdaryň beýleki jigileri oňňut edýär. Ogulnura dar
tünekde sünnälenip edilen bukjasyny aýap saklamagam hyllalla boldy. Dulda
goýsa, ýerini daraltdy. Horjuna salaýyn diýse, öýüň ownukly-irili köne-
küşülinden ýaňa olara orun ýok.
Ne gün bolsa-da, “Öz garybymyza özümiz arka durmaly” diýlip, äre berlen
Ogulnur ýüregini köşeşdirdi”.1
Bu suraty çekilen öý Setdaryň öýüniň ýagdaýy.
Ýazyjy Garry piriň öýüniň suratyny bolsa şeýleräk çekýär:
“Onuň baglygyň gündogar ilersinde ýerleşen tamjagazynda göze ilerlik hiç
bir aýratynlyk ýokdy. Ol beýleki tamlar ýaly laýdan galdyrylyp, şireli saman
suwagly horaşaja tamjagazdy. Ýöne näçe wagt geçse-de onuň şol bir bolşudy. Ak
toýun suwagam ýagşa-ýagmyra möwsümme-möwsüm çydam edip otyrdy.
Beýleki ýerlerde sähel ygal öteräk gelse, suwagy gaýtalamaly halatlaram seýrek
bolmazdy. Garry piriň tamy bu bagy penalap, ygyşgada tutulandan bolsa-da
ahmal, hemişe göze gelüwlijedi, içi-daşy haçan baraý, ýaňy ýuwlup, syrylan ýaly
täp-tämizdi. Onuň gapysynda atarylan äpet uly gazanam bygyr-bygyr gaýnar
durardy. Onuň içinde hemişe nähilidir bir tagam gaýnap, onuň ýakymly ysy
Gotura, Ýylysuwa baryp ýetýärdi. Meýdanda ekin-dikine güýmenip ýörenler hem
käteler şol tarapa ýüzlerini öwrüp, mädelerini gandyrmak üçin, uludan demlerini
alardylar”.2
Ýazyjy bu iki öýüň durmuş ýagdaýyny aýdyňlaşdyrmak üçin, olaryň
içindäki goş-golamlary sanap, haýsynda goşuň köpdügini ýa-da azdygyny
deňeşdirip oturmaýar. Ol bu iki öýüň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýynyň näderejede
tapawutlydygyna ünsi çekmek üçin, olaryň daş-içiniň arassalygyny, tämizligini
“deňeşdirýär.” Ýogsam, ol öýleriň ikisi hem, daşyndan göräýmäge, horaşaja
tamlar. Emma olardaky ýaşaýyş tertip-düzgüni düýbünden başga-başga. Setdaryň
jaýynyň bir böwründe ownuk-uşak mal-gara saklanaýmak düzgün-tertibiniň
barlygy üçin, onuň gelni Ogulnura sünnälenip edilen bukjasyny aýawly saklamak
hyllalla bolýar. Setdarlar barja mal-garasy bilen bile özleri-de, ýetim galan
jigileri-de şol bir jaýda ýaşaýarlar. Bu olaryň durmuş-ýaşaýyş ýagdaýlarynyň nä
derejede pesdigini aňlatmakdan daşary hem, olaryň durmuşa gatnaşyklarynyň-da
pesdigini görkezýär.
Emma Garry piriň öýüniň daşy-içi täp-tämiz, haçan barsaň, ýalanan ýaly.
Mal-garasy-da Setdaryňkydan has köp bolsa-da, olar jaýlarynyň bir böwrüni
mallaryna bölüp bermändirler. Tamlarynyň suwagy gaçan, ýykyk-ýemrik ýeri-de
göze ilmeýär. Horaşajalygyna garamazdan, haçan barsaň, ol göze gelüwliligi
bilen tapawutlanýar. Onuň gapysynda atarylan äpet uly gazanyň hem haçan

1
B.Annabaýewa. Abraý enesi. “Garagum”, 2016, №7, 80 sah.
2
Şol ýerde, 81 sah.
50
görseň, egsilmän, şol bygyr-bygyr gaýnap durandygy bolsa, bu öýüň barly-bar-
jamly, mydama gelim-gidimli öýdüginiň alamaty.
Ýazyjy Setdar bilen Garry piriň ýaşaýyş aýratynlyklaryndaky bu tapawuda
aýratyn üns berýär. Şu tapawut hem olaryň haýsynyň ýoksuldygyny, haýsynyň
barly öýüň eýesidigini äşgär edýär. Ýazyjynyň maksady hem şol. Öz
gahrymanlarynyň synpy tapawudyny bu – baý, bu – garyp diýen ýaly guraksy
sözleriň üsti bilen däl-de, hakykatyň estetiki taýdan özleşdirilen şöhlelenmesi
arkaly berýär. Bu bolsa çeper edebiýatda gahrymanyň hakykata bolan
gatnaşygynyň oňa degişli bolan aýry-aýry durmuşy detallaryň üsti bilen açylyş
tärleriniň biri. Bu, umuman, çeper edebiýata häsiýetli bolan özboluşly
aýratynlyklaryň hem biri.
Ýazyjy öz hekaýasynda bu öýleri özara deňeşdirmek üçin ýörite maksat
bilen almaýar. Olar hekaýada sýužetiň ösüşine laýyklykda dürli ýerlerde
şöhlelenme tapýar. Bu iki öý, bir tarapdan, öý eýeleriniň sosial-durmuş
ýagdaýyny, beýleki bir tarapdan bolsa olaryň häsiýetindäki özboluşlylyklary açyp
görkezmek üçin hyzmat etdirilýär. Öý eýeleri bolan Setdaryň-da, Garry piriň-de
häsiýetlerindäki aýratynlyklar olaryň öýleriniň päkizelegi ýa-da däldigi bilen we
öý bolan öýüň bitirmeli hyzmatlary bilen baglylykda açylyp görkezilýär. Ýaşaýan
jaýlarynyň daşyndan görseň, birmeňzeşligine garamazdan, Setdaryň öýüniň
içiniň tertip-düzgüni bir pukara öýüň tertip-düzgüni, ol tämizlikden has daşdaky
hem-de gelim-gidimsizräk, hatda ol maşgala agzalarynyň özlerine-de darlyk
edýän öý. Garry piriň öýi bolsa daşy-içi bilen gül pürkülen ýaly diýdirýär.
Üstesine-de, bu öýüň gelim-gidiminiň hem yzy kesilmeýär. Öýleriň ýagdaýyna
görä garasaň. Setdar bilen Garry piriň öý düzgün-tertipleriniň arasynda ýer bilen
gök ýaly tapawut bar. Şu tapawut olaryň häsiýetlerinde hem aşgär görünýär.
Öýüň tämizligi meselesine Setdaryň garaýşynda biperwaýlyk,
owarramçylyk, oňňutçyllyk ýaly ýaramaz häsiýetler mese-mälim duýulýar. Garry
piriň meselä garaýşynda bolsa takwalykdan gelen “gapysy açyklyk”—
myhmansöýerlik, gapydan gelene delalatyny degirjek bolup duran adamyň
häsiýetleri görünýär. Onuň keşbinde dindar adamlara mahsus päkizeçillik
sypatlary janlandyrylýar. Görnüşi ýaly, öýler öz daş görnüşleri boýunça
birmeňzeş, emma öý eýeleriniň öz öýlerine bolan gatnaşygyna esaslanýan häsiýet
aýratynlyklary weli dürli-dürli.
Çeper eseriň gahrymanlarynyň häsiýetinde ýüze çykýan şeýle özboluşly
aýratynlyklar hakykat ýüzünde durmuşda ýaşan ýa-da ýaşap ýören anyk bir
adamyň häsiýet özboluşlylygyny hem gaýtalap biler. Ýazyjy, umuman, durmuş
hakykatyndan ugur alyp, ony gaýtalaman hem biler. Şunda ol çeper fantaziýa
ýüzlenip, wakalary üytgedip, häsiýetleri umumylaşdyryp, şeýle hem olary
giňeldip, ösdürip, kemeldip, artdyryp, ulaldyp, kiçeldip hem biler. Muňa çeper
döredijilikde giňden ýol berilýär.
Aslynda çeper edebiýat anyk bir adamyň keşbine hem naturalistik nukdaý
nazardan çemeleşmeýär. Ony okyjy estetiki taýdan özleşdirer ýaly derejede
bezäp--besleýär. Şoňa görä adam çeper edebiýatda durmuşdakydan has
owadandyr, has gözeldir. Ýazyjy gahrymanyny öz aňynda çeperçilik taýdan
taslandan soň, ony çeper fantaziýasyndan geçirmek bilen bezäp-besläp başlaýar.
Ony göze gelüwli, gelşikli hem gözel keşbe salýar. Hatda ol öz döwürdeşi hakda,
51
görlüp-bilnip ýörlen adam hakda oçerk ýa-da dokumental eser ýazan pursatynda
hem, hökman, çeper fantaziýa ýüzlenmeli bolýar. Edebi döredijilikde çeper
fantaziýanyň hyzmaty örän uludyr. Çeper eseriň onki süňňi bilen durmuş
hakykatyna esaslanýandygyna garamazdan, ol durmuşyň hut özi däldir. Eger
şeýle bolaýsa, onuň estetiki gymmaty hem bolmazdy. Çeper edebiýat durmuşyň
estetiki şöhlelenmesidir. Şonuň üçin ýazyja öz eserini çeperçilik taýdan
taslamakda oňa durmuş hakykaty kömege ýetişýär, ony hakyky çeper eser
derejesine ýetirýän bolsa çeper fantaziýadyr. Professor J. Allakowyň dili bilen
aýtsak, çeper toslamadyr.
Çeper fantaziýa, ilki bilen, ýazyjynyň durmuş hakykatyna bolan
gatnaşygyna, ikinjiden, onuň ideýa-estetiki garaýşyna, üçünjiden bolsa, onuň
çeper ussatlyk aýratynlygyna esaslanýan edebi hadysadyr. Şu üç zat durmuş
hakykatynyň çeper hakykata öwrülmeginde ýazyjynyň hyzmatyny äşgär
görkezýän möhüm taraplarydyr. Başgaça aýdylanda, çeper fantaziýa ýazyjynyň
hut özüniň durmuşy hyýalynda göz öňüne getirişidir. Göz öňüne getirmeler bolsa
her ýazyjynyň özüne mahsuslyk bilen hakykaty görşüdir, ony estetiki duýşudyr
we özleşdirişidir. Şeýle--de bolsa çeper fantaziýa durmuş hakykatyna
esaslanmalydyr1. Onuň aýagy ýerden üzülmeli däldir. Ýazyjy durmuş
hakykatyny öz aňynda aýlap, ony öz estetiki duýşy bilen baýlaşdyrýar. Eger ol
durmuş hakykatyny öz bolşunda dogry özleşdirip bilmedik ýagdaýynda bolsa
özüniň galp toslamalary bilen hakykaty ýoýup ýa-da ony garyplaşdyryp hem
biler.
Çeper döredijilikde ýazyjy hakykaty öz aňynda täzeden işleýär. Şonuň üçin
hem ol hakykatyň gaýtalanmasy däl-de, täzeden döredilen zat bolýar. Söz
ussadynyň döreden hakykaty çeperleşdirilen hakykatdyr. Ýazyjynyň öz
gahrymanynyň keşbinde jemleýän gowy sypatlarynyň ýa-da ýaramaz
häsiýetleriniň hemmesi durmuşda bir adamda jemlenmeýär. Diýmek, ol öz
gahrymanynyň häsiýetinde, şoňa meňzeş örän köp adamlarda duş gelýän gowy
ýa-da ýaramaz sypatlary jemleýär. Muňa edebiýat nazaryýetinde tipleşdirme
diýilýär. Çeper edebiýat diňe tipik wakalarda hereket edýän tipik gahryman bilen
ýaşamaga ukyply sungatdyr. Eger tipleşdirme anyk adamyň keşbinde köplere
mahsus bolan häsiýetleri jemlemek ýa-da umumylaşdyrmak bolýan bolsa, onda
çeper edebiýatyň jany bolan tipleşdirmede häsiýeti hyýala getirilen sypatlar bilen
bezäp-beslemek başlanýar. Diýmek, tipleşdirme çeper fantaziýanyň netijesi diýen
ýaly bir zatdyr. Şunlukda, çeper edebiýat çeper fantaziýa diýmegi aňladýan
hadysa bolup çykýar. Çeper edebiýat diýmek ýazyjy tarapyndan saýlanyp alnan
we tipleşdirilen durmuş wakalary hem-de adam häsýetleri diýmekdir. Çeper
döredijilikde wakalary saýlap almak hem, häsiýetleri saýlap almak hem olary
umumylaşdyrmakdyr. Umumylaşdyrmak tipleşdirmek bilen ekiz taý ýaly bir
zatdyr. Olaryň ikisi hem çeper fantaziýa bilen birlikde üçem taý ýaly bolup bilýän
hadysalardyr.
Her ýazyjy durmuşy özüçe görýär, oňa özüçe garaýar, hakykaty özüçe
tipleşdirýär. Şunda ol durmuş hakykatyny özüçe estetiki taýdan gaýtadan işleýär,
oňa özüçe dünýägaraýyş siňdirýär. Professor Ö.Abdyllaýew bu hakda şeýle pikiri
öňe sürýär:
1
R.Rejepow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözligi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 228-229 sah.
52
“Çeper edebiýatda hakykatdaky hadysalary, predmetleri gaýtadan işlemek
diýmek şol hadysalaryň, predmetleriň tipik bolmadyk, gaýtalanmaýan, tötänleýin
taraplaryny, köplenç halatlarda, taşlap, olaryň iň esasy häsiýetli taraplaryny,
umumy taraplaryny bir konkret hadysa, predmete jemläp görkezmek diýmekdir.” 1
Bu bolsa wakalary, hadysalary, adam häsiýetlerini tipleşdirmek diýmekdir.
Şu ýerde indiki ediljek gürrüňiň çeper fantaziýa hakda boljakdygy üçin bu
adalganyň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyndaky ýagdaýy bilen tanyşmak dogry
bolardy.
Çeper fantaziýa hakda gürrüň açmak bilen proffesor J.Allakow ilkinjileriň
biri bolup, edebiýaty öwreniş ylmyna “toslama”, “çeper toslama” adalgalaryny
girizýär.2 Professor J.Allakow bu sözüň durmuşda otrissatel manysynyň hem
bardygyna ünsi çekýär. Ýöne şeýle-de bolsa, ol bu sözi adalga hökmünde ulanýar.
Elbetde, halkara derejesinde ulanylyp ýörlen “fantaziýa” ýaly owazly söz barka,
bu adalganyň türkmençe “toslama” diýen gödek söz bilen çalşyrylmagy o diýen
şowly “tapyndy-ha” däl. Ýazyjynyň fantaziýasy onuň hyýalyndaky göz öňüne
getirýän çeper hakykatydyr. Beýik Magtymguly döredijilik şahsyýetiň
hyýalyndaky çeper hakykata “Dile gelen sözler köňül nagşydyr” diýip, onuň has
şahyrana manysyny berýär.Ýazyjynyň hyýalynda göz öňüne getiren hakykaty
hakykatdan hem onuň köňül nagşydyr. Eger ylmy adalga üçin beýle
şahyranalygyň mahsus däldiginden ugur alyp, Magtymgulynyň “köňül nagşy”
diýen jümlesini adalga ornunda ulanyp bolmaýan bolsa ýa-da ony “fantaziýa”
adalgasynyň taýy (ekwiwalenti) hökmünde alyp bolmaýan bolsa, onda
“fantaziýa” sözüniň ýazyjynyň hyýalyna getiren çeper hakykatydygyny nazara
almaly we ol çeper toslama diýlişi ýaly, “hyýalbentlik” ýa--da “çeper hyýala
getirme” ýaly görnüşde ulanylsa dogry bolardy.
Sebäbi “hyýal” sözüniň “arzuw-hyýal” görnüşde tirkeşdirilip ulanylýan
halatlary-da köp gabat gelýär. Ol sözler biri-biri bilen manydaş ýa-da biri-birine
many öwüşginini geçiren sözlerdir. “Hyýal” sözüniň “ “arzuw” sözi bilen
manydaşlygynyň bardygyny göz öňünde tutup, “çeper toslama” diýmegiň ýerine
hyýal edilen, arzuw edilen durmuş hakykaty manysynda “çeper hyýala getirme”
diýlen adalaga kabul edilse, “fantaziýa” adalgasynyň manysyna laýyk gelýän
adalga bolardy. Häzir edebiýaty öwreniş ylmynda “çeper fantaziýa” diýlen
adalganyň manysynda “çeper toslama” diýlen gödek jümle ulanylýar. Aslynda
“fantaziýa” sözüniň manysynda, toslama garanda, arzuw-hyýal many öwüşgini
has köpdür. Çünki ýazyjynyň fantaziýasynyň önümi bolan çeper hakykat onuň
arzuw eden ýa-da hyýalynda göz öňüne getiren, hyýalynda döreden we çeperçilik
taýdan özleşdiren hakykatydyr. Hut şu nukdaý nazardan garasaň hem “fantaziýa”
sözüni “hyýal” sözünden daşlaşdyryp bolmaýar. Şonuň üçin bu ýerde “toslama”
sözüni ýanaşdyrmazdan, “çeper fantaziýa” adalgasyny “çeper hyýalbentlik” diýip
almak dogrydyr. Çünki “toslama” sözi türkmen dilinde, köplenç, “ýalan” sözi
bilen manydaş ulanylýar. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” “toslama”
sözüne şeýle düşündiriş berilýär:

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 63 sah.
2
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 50-51 sah.
53
“Toslama... 1.iş.ady. “Toslama ýagdaýy”. Töweregindäkiler onuň çyna
berimsiz toslamasyny keýpiköklük bilen diňleýärdiler. (“Edebiýat we sungat”).
Bir zat ýa biri hakynda oýlanyp tapylan ýalan gürrüň”. 1 Diýmek, toslamak ýalan
sözlemek ekeni.
Görnüşi ýaly, “toslama” sözüne “çeper” sözüni goşsak hem ýagdaý
ýütgemeýär. Ol ýene-de “çeper ýalan” ýa-da örän ökdelik bilen toslanyp tapylan
ýalan manysyny berýär. Çeper edebiýaty fantaziýasyz göz öňüne getirip
bolmaýar. Eger çeper edebiýaty, häzirki ulanylýan adalganyň manysyna görä,
toslamasyz, has takygy, ýalansyz göz öňüne getirmek mümkin däl bolsa, onda
onuň tutuş süňňi ýalana ýugrulan bolup çykar. Eger şeýle bolsa çeper edebiýatyň,
onda-da durmuş hakykatynyň aýnasy bolan söz sungatynyň ynandyryjylygy-da,
terbiýeçilik ähmiýeti-de, jemgyýetçilik hyzmaty-da ýitip gidýär . Ýöne çeper
edebiýat döräli bäri özüniň bu hyzmatlaryny ýerine ýetirip gelýär. Diýmek,
fantaziýa adalgasyny “toslama” adalgasy bilen taýlap ýa-da olary biriniň ýerine
beýlekisini çalşyp, ulanyp bolmajak ekini. Şoňa görä tutuş durky bilen hakykata
ýugrulan çeper edebiýatyň süňňüne palta urýan galp adalgany – “toslama”
adalgasyny onuň ýele ýanyndan hem geçirip bolmaýar. Eger türkmen dilinde
“fantaziýa” adalgasyna many taýdan şaplaşyp duran başga bir adalga eder ýaly
söz ýok bolsa, onda halkara derejesinde örän işjeň ulanyp ýörlen “fantaziýa”
adalgasy bilen oňňut edip, şony-da ulanybermeli bolýar. Adalga babatdaky bu
ýagdaý dünýä ylmynda hem oňlanylýan ýörelgedir. Biz hem şol ýörelgä
eýerýäris.
Belli türkmen alymlary A.Kekilow, Ö.Abdyllaýew, J.Allakow,
M.Amansähedow dagy hem umuman, şu ýörelgeden ugur alýarlar. Ýöne olaryň
käbiri “fantaziýa” adalgasyna derek “toslama” 2, “hyýaly pikirlenme”, “oýlap
tapma”3, “gaýtadan işleme”4 sözlerini-de ulanýarlar. Görseniz, adalga
meselesinde birlik ýokdur. Ýöne ol weli zerur. Sebäbi edebiýat taglymatynda
adalganyň dürli-dümenligi bulaşyklyga alyp barýar, gümürtikligi döredýär.
Ýeri gelende aýtsak, “fantaziýa” adalgasyndaky şeýle bulaşyklyga we
gümürtiklige “fantastika” adalgasy bilen baglanyşykly hem duş gelmek bolyar.
Biz şu wagta çenli bu adalgany “hyýaly”, “hyýalyýet” diýen adalgalar bilen
çalşyp ulanyp gelýäris. Ýöne bu adalgalar “fantastika” sözüniň ähli many
öwüşginlerini açyp bilmeýär. Eger “toslama” sözi adalga hökmünde ulanyljak
bolsa, onda ony “fantastika” adalgasyna taý edip bolardy. “Toslama” sözi
fantastika adalgasyna manysy taýdan hem, gulaga gödegräk eşidilýänligi bilen
hem has ýakyndyr. Sebäbi türkmen halk döredijiliginde we edebiýatynda gabat
gelýän fantastik elementleriň hemmesi toslama ýa-da ýalan predmetler, ýalan
jandarlar. Olaryň uçdantutma hemmesi diýen ýaly jadyly zatlar, jadyly jandarlar.
Olar hakykatdan hem adam tarapyndan toslanyp tapylan döw, peri, aždarha,

1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. II tom. Aşgabat, TDNG, 2016, 415 sah.
2
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 50-51 sah.
3
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 31 sah.
4
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 63 sah.
54
depegöz diýen ýaly jadyly jandarlardyr. Hatda bu jadyly jandarlaryň arasynda iň
gözeli bolan peri-peýkelere-de jady, jadygöýlük mahsus. Olar bir pursatda gözüňe
gözelligiň çürbaşy bolup görnüp bilýär. Başga bir pursatda hem olar seni jadylap,
persiňi üýtgedip bilýän ýigrenji sypatly bir närsä öwrülip bilýärler. Olar adamy
adamçylykdan aýryp, başga bir zada öwrüp bilýän gara güýçler, jadylar,
jadygöýlerdir.
Ýazyjynyň fantaziýasy durmuşda hakykat ýüzünde bolup geçen ýa-da
bolmadyk bir hakykaty öz içine alýan hem bolsa, ol bolup biläýjek wakalaryň,
zatlaryň, keşpleriň häsiýetleriň, hadysalaryň hyýaly göz öňüne getirmesidir.
Fantastika bolsa durmuşda bolmadyk, hatda bolup hem bilmejek ýalan zatlaryň
adam tarapyndan toslanyp tapylanlarydyr. Şonuň üçin “fantaziýa” adalgasyny
“hyýalbentlik” ýa-da “hyýala getirme”, “fantastikany” bolsa “toslama” diýen
adalga bilen bermek dogry bolardy.
Emma türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda-da, türkmen
folkloristikasynda-da “fantastika” adalgasyny “hyýaly” sözi bilen çalşyryp
ulanmak ylmy dolanyşyga ymykly girdi. Bizde şindi fantastik ertekilere hyýaly
ertekiler diýmek ýörgünli bolup galdy. Hatda biz “hyýaly” sözüni “fantastika”
adalgasy bilen taýlap boljakdygy ýa-da bolmajakdygy hakda pikir hem etmän, bu
sözleri ulanyp ýöris. Şeýle seretseň, ol ertekiler hyýaly ertekiler hem däl eken,
olar toslama wakalaryň içinde hereket etdirilýän toslama personažly ertekiler
eken. Eýsem şu wagta çenli hyýaly ertekiler diýlip gelnen ertekileriň ideýa-
mazmunyna esaslanyp, ýalan hem-de toslanyp tapylan döwler, aždarhalar,
jadygöýler we beýleki şunuň ýaly gara güýçler türkmen halkynyň aňynda ideal
bolup, arzuw-hyýal bolup ýaşapdyr–diýip tassyklap bolarmykä? Elbetde
bolmaz. “O niçik halk ol, döwi-perini, aždarhany, jadygöýi ideal edinip ýören
halk?” diýip geňleýän hem ýok. Ýogsam muny ilden öňürti özümiz–
edebiýatçylar, folklorçylar geňlemeli ahyry. Bu gara güýçler adamyň güýjüni-
gudratyny belende galdyrmak üçin toslanyp tapylan personažlar. Adam bu
ertekilerde toslap tapaýmasaň, hyýalyňa-da, oýuňa-küýüňe-de gelmejek gara
güçlerden üstün çykmaly bolýar. Adamyň akylynyň-paýhasynyň, güýjüniň-
gudratynyň dünýädäki her hili gara güýçleriňkiden hem has artykmaçlygyny
tassyklamak üçin toslanyp tapylan wakalara, toslanyp tapylan personažlara baý
bu ertekilere hyýaly däl-de, “toslama” ertekiler ýa-da “toslamaly” ertekiler
diýilse, hakykata ýakyn bolardy. Bu ertekilere hyýaly ertekiler diýseň, bu olaryň
süňňüne-de, ruhuna-da gabat gelmeýär. Elbetde, bu bulaşyklyk ýene-de adalga
meselesi bilen bagly ýüze çykýan bulam-bujarlykdyr.
Eger fantastik ertekilere-de başda “hyýaly ertekiler” diýmän, “fantastik
ertekiler” diýip, halkara adalgasyndan peýdalanylan bolsa ýa-da olara “toslama
ertekiler” ýa “toslamaly ertekiler” diýlen bolsa göwnejaý bolardy. Bardy-geldi
olar hem adamyň aň-düşünjesiniň, köňül hyýalynyň miweleri ahyry, şonuň üçin
olara hyýaly ertekiler diýlende-de bolýar” diýjekler tapylaýanda-da, ol ertekileri

55
hyýalda dörän ýalanyň, durmuşy esasy bolmadyk toslamanyň netijesinde
döränligi üçin “toslama ýa-da toslamaly ertekiler” diýmek göwne makuldyr.
“Toslama” adalgasyny edebiýat ylmyna getiren professor J.Allakow
meseläniň şu wawwaly taraplaryny hasaba almandyr. Alym şu girizen “täzeligini”
özüniň-de gaty bir oňlap barmaýandygyny aýdan hem bolsa, ol “Edebiýat
ylmyna giriş” kitabynda1 bu sözi “fantaziýa” adalgasyny çalşyrýan söz hökmünde
ulanypdyr. Awtor bu sözi adalga hökmünde alşyny hiç bir zat bilen
esaslandyrmaýaram, oňa hiç hili düşündiriş hem bermeýär. “Toslama” sözüniň
“fantastika” adalgasynyň taýy däl-de, näme üçin ala-böle “fantaziýa” adalgasyna
taý hökmünde alnandygyny beri düşündiräýmeli eken. Ýogsam ol bu sözüň many
öwüşginlerinden bihabar alym hem däl. Häzirki ýagdaýynda “toslama” sözi
özüniň degerli ýerinde adalga hökmünde ulanylmandygy üçin, bu söz adalgalyk
hyzmatyny ýerine ýetirip bilmeýär. Alym “toslama” adalgasy hakynda şeýle
diýýär: “Emma ol (toslama – Ş.G) sungatda durmuş hakykatyny çeper hakykata
öwürmegiň serişdesidir. Çeper toslamasyz çeper edebiýatyň bolmagy mümkin
däl.”2 Alymyň çeper toslama hakyndaky bu pikiri diňe “fantaziýa” hem
“fantastika” adalgalarynyň ulanylyşyndaky häzirki bişeýkellik saklanyp galan
ýagdaýynda dogrudyr. Eger “toslama” sözi manysyna laýyklykda öz ýerinde
goýlan ýagdaýynda, onda alymyň bu pikiri dogry bolmaz. “Toslama” sözüni
“fantastika” adalgasy bilen däl-de, “fantaziýa” adalgasy bilen taýlasaň,
professoryň bu pikiri galplaşýar duruberýär. Sebäbi fantastikasyz (toslamasyz)
hem çeper edebiýat bolup bilýär. Çeper edebiýat diňe fantaziýasyz oňmaýar, ol
fantastikasyz (toslamasyz) oňýar. Ol diňe fantastik eserlerde özüni görkezýär,
beýleki ýerlerde oňa hiç bir zerurlyk ýokdur. N.G. Çernyşewskiniň aýdyşy ýaly,
döredijilik fantaziýasy çeper edebiýat üçin iň zerur hem iň esasy zatdyr. Ol çeper
edebiýatyň özboluşly aýratynlyklarynyň hem biridir.
Şu ýerde başga bir ýagdaýy-da, ýörite bellemek gerek. Çeper fantaziýany
hemme halatlarda edebi döredijiligiň umumy alamaty hökmünde
görkezibermegem bolmaýar. Aýdaly, uly göwrümli kyssa eserlerindäki çeper
fanraziýanyň giň gerimli hyzmatyny biz ýönekeý liriki şygyrlardan hemme
wagtda gözläp ýörüp bilmeris. Ony gözlesegem, hemme halatlarda tapmarys.
Geliň, Magtymgulynyň “Aýryldym” atly elegiýasyna ýüzlenip göreliň. Bu
şygyr şahyryň söwer ýary Meňliniň ölümi bilen bagly şygyr. Onda ýaryndan
aýrylan şahyryň liriki gahrymanynyň agyr hasrata galyp oturan pursatynyň
şahyrana maglumatlaryndan başga zat tapmarys. Ol logika boýunça hem bolmaly
däl. Şonuň üçin şygyrda hasrat çekip oturan liriki gahrymanyň ruhy gam-gussasy
bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şahyr okyjysyny özi bilen deň-derejede gam-gussa
batyrýar. Bu gam-gussadan syzylyp çykýan ahy-nala gulak asyp görüň:

Bilbilem, ahy-zar çekip,


Täze gülzardan aýryldym.
1
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat. “Magaryf”, 1992, 50-51 sah.
2
Şol ýerde, 50 sah.
56
Gözden ganly ýaşym döküp,
Söwdügim ýardan aýryldym.

Şirin janda ýokdur takat,


Jebri onuň jana rahat,
Gaşlary pitneýi – apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.

Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin guftardan aýryldym.1

Şygyr durky bilen şeýle ahy-pygana, agyr hasarata ýugrulan nalasy bilen
güňläp dur. Bu ahy-nala şahyry başga bir hili ýola – fantaziýanyň ummanyna
düşmäge maý bermeýär. Liriki gahrymanyň diňe öz derdini egismäge mejaly bar.
Ol diňe şonuň bilen mübtela bolmakdan janyna rahatlyk tapýar. Muny şahyr
“Jebri onuň jana rahat” diýmek bilen örän aýdyň ýüze çykarýar. Ýagdaý şeýle
bolansoň, bu pajygaly pursatda oňa başgaça oýlanmaga puryja hem ýok. Şahyryň
liriki gahrymany ony gözlemeýärem. Munuň şeýledigini biz dürli döwrüň
şahyrlarynyň çeper döredijiliginiň mysalynda tassyklap bileris. Şahsy durmuş
bilen bagly oýlanmalarda çeper fantaziýanyň bujagyny açman, hatda oňa el
degirmän, diňe maglumatlaýyn giňişlik bilen öňňut etmeklik türkmen şahyrlaryna
mahsus aýratynlyklaryň biridir. Muny türkmeniň uly şahyrlarynyň üçüsiniň
mysalynda düşündirmäge synanyşalyň:

Biri-birinden şirin, biri-birinden goçak,


Üç ogly,üç myrady bize bagt getirdi.
Goý, bu gün gazal bilen açylsyn toýda saçak,
Bu gözel döwletli toýa bizi bagt ýetirsin.

Üç myradym, üç peleňim, üç şirim ýetişende,


Ýaňaklarna hal düzülen üç maraly getirsin.

Üç myradyň üç maralyň söýgi toýy geçende,


Şu toýda oturan doslar şo taýda-da otursun.2

(G.Seýitliýew “Tost”)

Sen ýagty jahana ineliň bäri.


1
Magtymguly. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2013, 85 sah.
2
G.Seýitliýew. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2011, 14 sah.
57
On iki ýyl geçdi onki gün bolup.
Indi bize sensiz ýaşan ýyllarmyz
Dumanlap görünýär juda geň bolup.

Tüf-tüf, tüweleme, meleje köşek,


Entäkler ýaşaly bileje köşek
Boýjagazyň ýetdi gulaja köşek,
Göwnüm käte gudrasyn sen bolup.

Arzuw diýilende bolmaýar ölçeg,


Duşmanyňy tana, dostuňy seljer,
Bir ganatym özüň, birisem Sanjar,
Köp ýaşalyň bir jan-u bir ten bolup.1

(B.Hudaýnazarow, “Sen ýagty jahana ineliň, bäri...”)

Dört gyzym, dört nury didäm.


Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dört iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,


Abadym, säherim meniň,
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.

Dört pasylym, dört diregim,


Gündiz Günüm, gije Aýym,
Size bu dünýäde abraý
Miýesser etsin ylaýym.2
(G.Ezizow, “Gyzlaryma”)

Perzent sejeresi bilen bagly liriki mazmuna eýe bolan bu şygyrlarda


şahyrlaryň üçüsi-de bir-birini gaýtalaman, bir bitewi ideýa-mazmuny öňe
sürýärler. Olaryň üçüsi-de bir mazmun badalgasyndan baş alyp gaýdýar. Olaryň
üçüsi-de bütin şygryň dowamynda bir ideýa ýüküni göterip menzil aşýarlar.
Olaryň üçüsi-de bir ideýa-çeperçilik pellehanasynda ýük ýazdyrýarlar. Şygyrlaryň
birinde hem çeper fantaziýanyň düşnügem ýok. Bularyň üçüsinde-de mähriban
perzentlerine bolan mähir-muhabbetden, olaryň ösüp, kemala gelşine, boý alşyna
guwançdan ýaňa başga bir durmuş pelsepesine baş goşup, çeper fantaziýa ýüz
urmaga ne maý bar, ne orun bar. Bu ýagdaý Magtymguluda-da şeýledi. Ýöne
1
B. Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 89-90 sah.
2
G.Ezizow. Türkmen sährasy. Aşgabat, TDNG, 2007, 70 sah.
58
onda şahyryň başyna düşen ölüm zerarly, depesinden inen hasratdan hem
gaýgydan ýaňa başga bir pelsepeleýin fantaziýany ara salmaga ýa-da meselä
şonuň bilen bagly çeperçilik çözgüt berjek bolup durmaga islegem ýok, höwesem
ýok. G. Seýitliýew, B.Hudaýnazarow, G.Ezizow dagyda bolsa bütinleý başga
ýagdaý. Olar çeper fantaziýany isledigiçe başyna göýberip, öz şygyrlarynyň liriki
mazmunyny bezäp bilerdiler. Ýöne bular hem çeper fantaziýa baş goşman oňňut
edýärler. Şeýtmegi şygyryň ideýa-çeperçilik hörpi talap edýär. Şahyrana ideýa-
çeperçilik hörp bolsa olaryň öz mähriban perzentlerine bolan söýgüsinden hem
guwanjyndan ýaňa joşgunly sile çalymdaş güýje-gudrata eýe bolýar-da, öz
ýolundaky özge zatlary gyrak-çete süpürip taşlaýar. Ýagdaý şeýle bolan soň
şahyrlaryň çeper fantaziýa elleri hem degenok. Olaryň üçüsine-de öz eziz
balalaryna bolan söýgüden ýaňa şahyrana fantaziýa ýüz urmaga ýolam ýok, ýoda-
da. Eger şeýle ýol-ýoda bolaýanda-da olar bu ýoly saýlamazdylar. Sebäbi olaryň
üçüsiniň-de liriki gahrymanlary şu pursatda öz perzentlerine bolan mähir hem
söýgi joşgunlaryny egismäge howlugýarlar.
Beýle diýildigi şygyr sungatyna çeper fantaziýa ýat bir zat diýildigi däl.
Liriki şygryýeti asla çeper fantaziýasyz göz öňüne getirmek mümkin hem däl.
Onda-da bu žanryň özüne mahsus, özboluşly şahyrana fantaziýasy bar. Liriki
žanrda şahyrana çeper fantaziýanyň ulanylyş, ýüze çykarylyş, beýan ediliş
aýratynlygyny üç görnüşe bölmek mümkin. Ol görnüşler şulardan ybarat:

1. Waka fantaziýasy.
2. Duýgy fantaziýasy.
3. Hakyda fantaziýasy.

Şahyrana çeper fantaziýanyň bu üç görnüşi biri-biri bilen aýrylmaz


baglanyşyklydyr. Olar şygryýetde ýa biri-biriniň üstüni ýetirýärler ýa-da biri-biri
bilen mäkäm sazlaşyga girip, bir bitewi liriki mazmuny aýdyňlaşdyrmaga hyzmat
edýärler. Bir şahyryň döredijilik dünýäsine bu üç görnüşiň üçüsi-de mahsus bolup
biler. Olar şahyryň ideýa-çeperçilik maksadyna görä hersi özbaşyna aýry-
aýrylykda hem liriki mazmuny bezäp biler. Bu, elbetde, döredijilik şahsiýetiň
durmuş hakykatyny çeper hakykata öwrüş özboluşlylygyna, hakykaty estetiki
özleşdirişine, döredijilik stiline baglydyr.
Çeper fantaziýanyň bu üç görnüşiniň hem liriki şygryýetde bitirýän
hyzmaty birdir, ol liriki gahrymanyň häsiýetini açmak bilen bagly hyzmatdyr. Bu
ýerde diňe çeper detallaryň we serişdäniň görnüşleri dürlüdir.
Ilki bilen waka ýa-da wakalaýyn fantaziýa hakda kelam agyz.
K.Gurbannepesow özüniň liriki şygyrlarynda wakalaýyn fantaziiýa köp ýykgyn
edýär. Onuň şygyrlarynyň köpüsi diýen ýaly liriki sýüžetli goşgulardyr. Şonuň
üçin waka ýa-da wakalyýyn fantaziýa hakdaky meseläni K. Gurbannepesowyň
döredijiligi bilen bagly seljermek amatly hem ýerliklidir. Şahyr durmuş
hakykatyndan epiki sýužetli wakalary we wakajyklary saýlap almagyň ussady.
K.Gurbannepesowda liriki mazmun, köplenç, hyýala getirilen, fantaziýa ýugrulan
59
wakalar bilen bagly ösdürilýär. “Ýaşlyk dramasy”, “Ýazmasy agyr düşen goşgy”,
“Ýazmasy has agyr düşen goşgy” ýaly sýüžetli we fantaziýasynyň gerimi
boýunça poemany ýatladýan şygyrlary hasaba almanyňda-da,
K.Gurbannepesowda wakalaýyn fantaziýa eýlenen şygyrlar örän köpdür.
Sözümizi tassyklamak maksady bilen şahyryň goşgular kitabyny elimize alýarys.
Açan ýerimizden “Gabanç” atly şygyr öňümizden çykýar. Şygyr bilen öňden
tanyş bolsak hem munda niçiksi şahyrana detalyň töwereginde gerim alýan çeper
mazmun barka ýa-da şygryň çeper mazmuny niçiksi şahyrana detalyň
töwereginde öwrüm edýärkä?” diýen soraglar bilen şygry täzeden okaýarys.
Şygyrdaky detalam, mazmunam, fantaziýa-da şundan ybarat. Belki, şeýleräk
waka şahyryň durmuşynda bolan bolmagy-da mümkin, bolmadyk bolmagy-da.
Şeýleräk waka biziň her birimiziň durmuşymyzda hem bolubam biler, bolmanam.
Ýone “Gabanç” şygrynyň liriki gahrymanynyň durmuşynda bolan waka şeýleräk:
Şahyryň liriki gahrymanynyň köçelerinden bir gelin her gün işe geçýär. Ol
onuň kärinem, hatda adynam bilenok, bar bilýän zady onuň adamsynyň barlygy
we öz öýünden üç-dört müň ädimlik daşlykda ýaşaýandygy. Gelin görk-görmek
babatda weli “görmäge göz gerek” diýdirýän gözel. Liriki gahrymanda bu gelne
bolan üýtgeşik söýgem ýok, duýgam. Bu gelin bilen bagly onuň kalbynda oýanan
duýgy: “bir gün salam bererin, ol hem başyny atar, başyny atmasa-da,
ýamanlygym ýok, tersine, öňküden hem beter sarpasy artar.” Şol günleriň birinde
bu gelniň bir ýigit bilen köçede sataşyp, gürleşip duranyny görýär. Ol ýigit bu
gelniň dogany bolmagy-da mümkin, ýegeni bolmagy-da mümkin. Ýöne, näme
üçindir, şahyryň liriki gahrymanynda şu pursatda gabanç duýgusy peýda bolýar:

Bu nämäň gabanjy? Düşünjek boldum,


Sebäbin yzladym. Çykmady başym.
Gabanjak gabansyn! Meňki nämemiş –
Ne-hä aşygym ol,
Ne garyndaşym.
Ahyry sowaly şeýleräk çözdüm:
O zeýilli gelin dünýäde seýrek,
Seýrek zady bolsa bir bolup däl-de,
Il bolup gabanmak,
Goramak gerek. 1

Şundan soň diňe şahyrda däl, okyjyda-da şeýleräk bir wakany başyndan
geçiren ýaly duýgy döreýär. Adatça, şygryň mazmunyny gürrüň berip bolmaýar.
Eger şygryň mazmunyny gürrüň berip bolýan bolsa, onda şygyrda wakaly
fantaziýa bar bolmaly. Ol hakykatdan-da şeýle. Eger şygyrdan duýgy syzyp
bolýan bolsa, onda şygyrda duýgy hem bolmaly. Şygyr bolsa diňe liriki
gahrymanda däl, okyjyda-da gabanç duýgysyny oýarýar. Diýmek, şygyrda

1
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat. TDNG, 2010, 287 sah.
60
wakalaýyn fantaziýanyň döreden duýgusy-da bar. Waka fantaziýasy ýa-da
wakalaýyn fantaziýa şahyryň öz ideýa-çeperçilik maksadyndan ugur alýan liriki
mazmundyr. Ol durmuş hakykatyny wakalar arkaly göz öňüne getirmek
netijesinde çeper hakykata öwürmegiň özboluşly bir serişdesidir. Munda liriki
gahrymanyň duýgulary durmuş wakalary ýa-da olaryň belli bir pursatjyklary
bilen bagly ýüze çykarylýar. Duýguçyllyk şahyrana fantaziýanyň üç görnüşi üçin
hem mahsus alamatdyr. Sebäbi liriki şygyrda duýgulara ýugurlan çeper mazmun
bardyr. Şonuň üçin çeper fantaziýanyň bu üç görnüşi hem şahyrana duýgyny
açmagyň serişdesi bolup hyzmat edýär.
Hakyda fantaziýasy şahyryň ömür ýolunda hakyda siňip galan duýgy
pursatlarynyň şu günki, şu pursatdaky täzeden oýanyşydyr. Ol şahyryň liriki
gahrymanynyň öz oýlanmalary arkaly geçmişine dolanmagydyr ýa-da ömür
ýolunuň aýry-aýry pursatlaryna, hakyda arkaly dolanyp barmagydyr. Durmuş
hakykatynyň hakydadaky duýgy pursatlary bilen şu günki ýüze çykan awara
duýgularyň biriniň gabat gelmegidir ýa-da sazlaşmagydyr (assossiassyýadyr). Bu
sazlaşma liriki gahrymana öz geçmişi bilen bagly hakyda hakykatyna dolanmaga
mümkinçilik berýär.
Liriki şygyrlarda durmuş wakalary bilen bagly şahyrana fantaziýa
ýüzlenilýän ýeri az bolmaýar. Edil şonuň ýaly çeper mazmunyň duýgy hem
hakyda fantaziýasyna esaslanýan ýerleriniň-de bardygyny aýtmalydyr. Şahyryň
wakalaýyn fantaziýanyň üsti bilen ýüze çykarylan oýlanmalarynda hem,
duýgulaýyn başdan geçirmelerinde hem, hakydada galan ýatlamalarynda hem
onuň dünýä hakdaky, döwür hakdaky, adam we tebigat hakdaky, umuman,
durmuş hakdaky çeper fantaziýa salnan pikirleriniň ýüze çykmalary bilen gabat
gelýäris.
Şahyr K.Gurbannepesowda “Arşyň üstünde geçen press–konferensiýa” atly
bir şygyr bar. Ol şygyrda şahyr wakaly fantaziýa agram beripdir.Şygyrdaky liriki
sýužet gaýtalap gürrüň bermäge degişli däldir. Sebäbi ol şahyrana duýgynyň
çeper miwesi. Duýgyny duýup bolýar, şahyr bilen bilelikde başdan geçirip, syzyp
ýa-da göz öňüne getirip bolýar. K.Gurbanepesowyň bu şygrynyň mazmunyny
weli gürrüň berip bolýar. Sebäbi ol goşgy wakaly fantaziýa ýugrulan şygyr.
Şahyryň döredijilik fantaziýasynyň sýüžeti şeýle: “Ýaradan ilkinji aty ýaradyp,
ony haýwanat dünýäsiniň öňünde goýýar we munuň näme ýetmezi bar bolsa
aýtmaklaryny haýyş edýär. Ilki eşek söz alýar-da, atyň gulagynyň göwresine görä
däldigini, ony birneme uzaltmalydygy we bilini-de az-owlak ýognaltmalydygyny
aýdýar. Geçi turup, oňa sakgalyň we şahyň ýetmeýändigi barada bellik edýär.
Öküz bolsa atyň kişnemän, molamagyny teklip edýär. Ýaradan bu çekişmäni
jemlemegi düýeden haýyş edýär. Düýe-de:

Buýsanyp özüniň ululygyna


Biperwaý gäwüşäp, diýdi ol: -Ýa, Rep,
Aýdylan zatlaryň bary biderek,

61
Oňa ne şah gerek, ne uzyn gulak,
Ne-de sakgal gerek,ne-de molamak,
Bary-ýogy oňa bir örküç gerek – 1

diýip, bu jedelli wakany jemledim hasap edýär. Şygyrda şahyryň döredijilik


fantaziiýasy, ine, şu hili mazmuny orta atýar. Elbetde, bu şahyrana fantaziýa
K.Gurbanepesowyň özüniň şaýat bolan wakasynyň göz öňüne getirilmesi däl.
Aslynda şeýle “press-maslahat” bolan zat hem däl. Şahyr şu “press-maslahata”
gatnaşmasa-da, wakanyň içinde bolan ýaly söhbet açýar. Muňa çeper
döredijilikde ýol berilýär. Şygyrda şahyryň çeper fantaziýasy liriki gahrymanyň
durmuş synçylygy arkaly hakykata filosofik taýdan çözgüt bermeklige hyzmat
edýär.
Edil şuňa ýakyn liriki fantaziýa bilen biz Mollanepesiň “Bu mekana
gelmişem” atly sýüžetli şygrynda hem gabat gelýäris. Onuň hem döredijilik
fantaziýasy arşy giňişliklerde telwas edýär. Şahyryň çeper fantaziýasy öz döwri
üçin juda gabahat görüljek liriki göz öňüne getirmelere ulaşyp gidýär.
Mollanepesiň çeper fantaziýasy hem Taňryly giňişliklerde perwaz urýar. Şygryň
wakaly fantaziýasynyň şeýle mazmuny bar: Beýik Taňry Ezraýyla şahyryň söwer
ýarynyň janyny alyp gelmek barada höküm edýär. Ezraýyl gelip, ol gözeliň
janyny almakdan ellibizar, gaýta özi oňa aşyk bolup gidýär. Ol ýolda Hydyr alaý-
hyssalama duşýar we ondan yşk derdine derman soraýar. Bu gepi eşiden Hydyr
ata şol gözeli görmäge howlugýar. Ol gözeli gören Hydyr alaýhyssalam hem oňa
aşyk bolýar. Bu habar äleme dolýar. Onuň jemalyny görenleriň hemmesi
(Ybraýym, Ýusup, Lukman, Dawut, Ýakup, Süleýman, Ýasawy, Karun, Osman,
Jebraýyl, Aly) şahyryň ýaryna aşyk bolýarlar. Ahyry: “Bu niçik ahwal?” diýip,
Möwlamyň özi gelýär. Liriki mazmunyň soňraky ösüşini şahyr şeýle beýan
edýär:

Syrdy sünbül saçlaryn näzli dilber ýüzünden,


Gün tutylyp bu äleme şöhle aldy gözünden,

Möwlam takat getirmän, gitdi şol dem özünden,


Diýdi ýarym: “Hak aşyk dänebilmez sözünden.

Hökmi rowan Biribar!


Men Nepese hyrydar,
Bir şol diýip ezelden, bu mekana gelmişem”.2

Şahyryň çeper fantaziýasy, gör, nireleri tozudýar. Bu göräýmäge mistiki


fantaziýa ýaly. Ýone, ol beýle däl. Bu çeper fantaziýanyň mazmun giňişliginde
1
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 147 sah.
2
Mollanepes. Goşgular yýgyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 267 sah.
62
hereket edýän “aşyklaryň” hemmesi diýen ýaly şu dünýäniň adamlary. Olaryň
hemmesi beýik gözelligiň-ynsan gözelliginiň aşygy. Bu çeper fantaziýanyň
mistiki düşünjelere ulaşýan ýerlerinde hem olar dünýewi gözelligiň öňünde baş
egdirilmek bilen örän ynandyryjy çözgüt tapylýar. Elbetde, Mollanepesiň ozi hem
bu bolup geçýän hadysany keseden synlap duran ýaly. Ýöne onuň özi keseden
synçy bolaýanda-da, şahyryň liriki gahrymany wakalaryň içinde hereket edýän
adamyň durmuuş hakykatyna – gözellik hakykatyna buýsanýan keşbe girýänligi
bilen okyjyny heýjana salýar.
Wakalaýyn çeper fantaziýada liriki gahrymanyň duýgy örüsi hadysalar
bilen üsti örtülgi ýagdaýda ýüze çykýar. Ýagdaý Mollanepesiň şygrynda hem
şeýle. Munda Mollanepesiň gözellik bilen bagly telwasy onuň çeper
fantaziýasynyň astyndan äşgär ýüze çykyp dur.
Mollanepese özi üçin şeýle howply, hut mistika ýakyn fantaziýanyň
nireden hyýalyna gelendigi näbelli, ýöne näme üçin gelendigi weli belli. Şahyr
gözelligiň aşygy. Ol aýratyň hem ynsan gözelliginiň aşygy. Gözellik onuň öz
şahsyýetini-de, liriki gahrymanyny-da üstünde ganat gerdirýän hakykat. Bu ýerde
bolsa gürrüň onuň öz söwer ýarynyň arşy gözelligi hakynda barýar. Şahyr öz
ýarynyň gözelliginiň öňünde baş egýär. Ol özi bilen birlikde ähli keramat
eýelerini-de, hatda gudraty güýçlini – gözelligi ýaradyjyny-da öz ýaradan
gözelliginiň öňünde baş egdirýär. Şahyryň gözellik hakyndaky çeper fantaziýasy
arşy-kürsi sarsdyrýar. Belki-de, ol şu goşgusy üçindir, ogullaryna özi ölenden
soň, elýazmalaryny hiç kime görkezmezligi tabşyrypdyr. Şahyr hakda şeýle
rowaýat-gürrüň il içine ýaýrapdyr. Bu goşgusynda Mollanepes ynsan
gözelliginiň äleme sarsgyn salandygynyň şaýady bolan kişi hökmünde göz
öňünde janlanýar.
Okyjy şeýle ýagdaýlara, köplenç, hut şahyryň özüne degişli başdan
geçirmeler hökmünde garaýar. Dogry hem edýär. Sebäbi lirikada şahyryň
şahsyýeti has aýdyň açylýar. Ol öz liriki şygyrlary arkaly öz ýürek syryny açýar.
Hatda onuň gönümellik bilen öz syryny açýan pursatlary hem bolýar. Eýsem
“Gel, Arzygül, görüşeli” (Seýdi) ýa-da “Meniň Döndi hanym gelýär” (Zelili)
diýip, bir bendäň gyzyny ile paş edip durmadan aňyrda-da bir gömelteýlik
bolarmy? Öz söýen ýarynyň adyny tutup, gygyryp ýören şahyr hatda XXI asyrda-
da ýok. Seýdi, Zelili we olaryň döwürdeş şahyrlary bolsa XIX asyra degişli
adamlar. Muny, elbetde, ortodoksal yslamyň söýgini orta asyr tümlüginde
saklajak bolmagynyň garşysyna açylan yşjagaz hökmünde düşündirip bolardy.
Şeýle-de bolsa öz söýen ýaryň adyny şygra salyp, ile ýaýyp ýörmek gömelteýräk
bolýar. Bu, elbetde, meseläniň çeper fantaziýa degişli däl tarapy.
Emma şahyrana fantaziýa degişli başga bir ýagdaýy weli bellemek zerur.
Şahyrana eseriň okyjysy şygyrda ulanylan göz öňüne getirmeleri şahyryň özüne
degişlisini, degişli dälini saýlap oturmaýar. Ol şygryň liriki mazmunyny şahyryň
özüniň başdan geçirmeleri hökmünde kabul edýär. Ýöne käbir okumyş okyjylar
bolsa ony şahyryň liriki gahrymanynyň dünýä, döwür, adam, durmuş, tebigat,

63
hakyndaky oýlanmalary hökmünde hem kabul edip biler. Şunda çeper
fantaziýany şahyryň näderejede ussatlyk bilen işledip bilendigine-de baha kesip
biler. Liriki şygyrdaky şahyrana fantaziýany şahyryň öz başdan geçirmesi
hökmünde kabul etseňem, onuň liriki gahrymanynyň başdan geçirmeleri ýaly
kabul etseňem, tapawudy ýok, şygryýet dünýäsiniň çeper fantaziýasyny şahyryň
şahsyýetindenem, liriki gahrymanyň keşbindenem daşlaşdyryp bolmaz. Olar biri-
biri bilen aýrylmaz baglanyşygy we sazlaşygy emele getirýär. Şygryýet
dünýäsiniň çeper fantaziýasy şahyryň ýa-da onuň liriki gahrymanynyň duýgy
giňişliginiň çäginde galýan göz öňüne getirmelere we başdan geçirmelere
esaslanýar. Munuň çeperçilik badalgasy hut şahyryň özüniň hakykaty estetiki
özleşdirişinden, döredijilik aýratynlygyndan, stil özboluşlylygyndan we ş.m.
beýleki örän köp zatlardan baş alyp gaýdýar.
Duýgy fantaziýasy ýa-da duýgylaýyn fantaziýa hiç hili goşundysyz bir
pursatlaýyn duýgynyň göz öňüne getirmeler arkaly ýüze çykarylmasydyr.
Şahyrana fantaziýanyň bu görnüşinde pursatlaýyn dörän duýgynyň mazmuny
giňelýär. Liriki gahrymanyň häsiýeti onuň duýguçyllyk arkaly göz öňüne
getirmeleriniň üsti bilen açylýar. Muňa wakanyňam, hakydanyňam hiç hili
gatnaşygy bolmaýar.
Duýgy fantaziýasy ýa-da duýgylaýyn fantaziýa hakyndaky gürrüňi
lirikanyň beýik ussady Mollanepesden başlamak dogrudyr. Munuň, elbetde,
özüne ýeterlik sebäbi-de, özüne ýeterlik esasy-da bar. Sebäp-de, esas-da
Mollanepesiň özündedir. Eger sebäpler hem esaslar hakda bada-bat gysgaça
aýtmaly bolsa, onda munuň sebäbi Mollanepesiň lirik şahyrlygyndadyr. Liriki
şygyr duýgyçyl şygyrdyr. Liriki şygyr duýgy fantaziýasyna giň gerim berilýän
şahyrana giňişlikdir. Mollanepes hem lirik şahyr hökmünde, duýguçyl şygyrlary
döretmegiň ussady hökmünde ady belli beýik şahsyýetleriň biri. Sebäpler gysgaça
şundan ybaratdyr. Eýsem esaslar nämede? Esas Mollanepesiň yşk mülküniň
şasylygyndadyr. Yşk mülki şahyr üçin yşk temasydyr. Bu mülkde – bu yşky
giňişlikde hereket edýän hem aşykdyr ýa magşukdyr. Aslynda yşk-söýgi adamyň
iň mukaddes duýgusydyr, söýgi duýgularyň jemidir. Yşky giňişlikde diňe bir
aşyk-magşuklar däl, eýsem söýgä ulaşan islendik adam hem yşky duýgularynyň
girdabynda köwlenýär. Bu giňişlik duýgularyň mülki. Bu mülk – duýgylaryň
giňişligi. Görnüşi ýaly, sebäpler hem, esaslar hem duýguçyl fantaziýa bilen
aýrylmaz baglanyşykly eken. Şonuň üçin Mollanepesiň şygryýeti duýgularyň
ummanyndaky liriki fantaziýa baýdyr. Eger Mollanepesiň şahyrana döredijilik
bilen iş salşan döwründe türkmen şygyryýetiniň duýgynyň däl-de, akylyň
hyzmatynda bolan döwrüdigi nazarda tutulsa, onda ol türkmen şygryýetinde uly
bir çeperçilik açyşdyr. Mollanepes eýýam XIX asyryň edebi-taryhy şertlerinde
türkmen şygryýetinde duýguçyl fantaziýa ýugrulan şahyrana “gatlagy” döreden
beýik şahyr.
Şeýlelikde, ol türkmen şygryýetiniň ösüşini bir asyr öňe süýşüren beýik
şahsyýet, beýik akyldar, beýik şahyr hökmünde edebiýatyň taryhynda öçmez yz

64
galdyrdy. Sebäbi türkmen edebiýatynda duýguçyl şygryýet XX asyryň
ortalarynda peýda bolupdy. Bu, elbetde, Mollanepes bilen bagly haýsydyr edebi
dabaranyň şow-şowy bilen aýdylan söz däl. Ol türkmen edebi-çeperçilik
dünýäsinde ýüze çykan beýik hakykat. Muny şahyryň ýekeje goşgusynyň üsti
bilen hem tassyklamaga mümkinçilik bar. Şahyryň “Gondy başyma”
(ýygyndylarda bu şygryň ady “Başyma”) atly şygry bary-ýogy dört bentden
ybarat eser. Şeýle-de bolsa bu şygyr diňe bir Mollanepesiň döredijiligine däl,
eýsem türkmen şygryýetiniň ösüşine şugla salyp duran, onuň geljekki ösüş
ýoluny aýdyň belerdip duran şygyrlaryň biri. Şonuň üçin bu şygry şu ýerde
tutuşlygyna alyp, bilelikde okap göreliň:

Ýatyrdym bag içre köňlümni taslap,


Bir bilbil aýlandy, gondy başyma.
Şol zamanda ýar jemalyn höwesläp,
Galkmakçy men, duzak gurdy daşyma.

Galdym tirsegime, tutdym taryny,


Düşdüş kibi tartyp aldym baryny,
Bir gara guş eşdip, meniň zarymy,
Howalanar, “gonsam” diýip läşime.

Galdym towsyp edip, ýaryň pyragyn,


Owazynda yrar gülüň ýapragyn,
Emaý bilen açyp, kylan duzagyn,
Bir ah urup, geldim soňra huşuma.

Nepes diýer, bendiligiň alajyn,


Ýar görkezip gaçdy zülpüniň ujun,
Oldur öýdüp, tutdum serwi agajyn,
Haýran boldum özüm kylan işime.1

Şygryň duýga eýlenen liriki mazmuny bar. Liriki gahrymanyň hereket


giňişligi tutuşlygy bilen duýgudan dolup-daşyp, çaýkanyp ýatyr. Ýöne ol duýgy
aşyk gahrymanyň bir pursatlyk göz öňüne getirmeleriniň liriki mazmunynyň
çäklerindäki duýgy fantaziýasydyr. Şol liriki mazmun şeýleräk duýgulaýyn
pursatyň şahyrana suratyny göz öňünde janlandyrýar: liriki gahryman bag içinde
serwi agajynyň astynda ýar jemalyn höwesläp ýatyr. Bir bilbil aýlanyp gelip,
aşygyň başyna gonýar. Bu ýerde bag hem bilbil yşkyň simwollary. Diýmek, liriki
gahryman yşk başyna gonan, yşk başyna düşen aşyk gahryman. Bilbil aşyk
gahrymanyň daşyna yşkyň duzagyny gurýar. Duzak ýar zülpüniň tarlaryndan
gurlany üçin, aşyk gahryman bu duzakdan sypmak alajyny edip, tarlaryň baryny

1
Mollanepes. Goşgular ygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 76 sah.
65
özüne tartyp alýar. Ýar zülpüniň tarlary hem bu ýerde yşkyň simwoly, duzak hem
yşkyň simwoly. Aşyk gahrymanyň kalbynda joş urýan “ýar jemalynyň höwesi”
bolsa yşkyň özi. Bu yşky höwesleriň we göz öňüne getirmeleriň joşy aşygy
huşundan gidirýär. Nusgawy şygryýetde huşdan gitmek yşkyň ýokary hetdine
ýetmekligini aňladýan simwolikadyr. Aşygyň ekstaza düşmesidir. Şygryň liriki
sýüzeti munuň bilen tamamlanmaýar. Aşyk gahryman yşkyň duzagyndan azat
bolmak üçin ýaryň waspyny ýetirip, “emaý bilen açyp, kylan duzagyn”, bir ah
urup, huşuna gelýär. Ah urup, huşdan gitmek, ah urup, huşa gelmek hem yşky
simwolikanyň bir nyşany. Bu yşky ekstazyň nyşany. Ýar waspyny ýetirip, onuň
guran yşk duzagyndan – yşk bendiliginden halas bolmakçy bolan aşyk gahrymana
ýary zülpüniň ujuny – ýene-de yşk duzagynyň ujuny görkezip gaçýar. Zülp,
zülpüň ujy hem yşkyň albaýly nyşanlarynyň biri. Diýmek, aşyk gahryman ýene-
de ýar yşkynyň sergezdany. Yşkyň humaryna düşen aşyk öz magşugydyr öýdip,
serwi agajyny guçanda, kylan işine haýran bolýar. Şahyr bu ýerde hem ýene
simwolika ýüzlenýär. Serwi, serwi agajy magşugyň boýuny, kaddy-kamatyny,
käte hut özüni aňladýan simwollardyr. Bu yşky sýüžet aşyk gahrymanyň hyýaly
göz öňüne getirmelerimi ýa düýşümi, aýdyň däl. Ýöne bir zat belli. Bu aşyk
gahrymanyň duýgulaýyn fantaziýasy. Şygyr başdan-aýak yşky duýgularyň
döreden şahyrana fantaziýasy bilen bagly liriki mazmuna esaslanýar. Bu şygyr
XIX asyr şahyrynyň döreden şygrydygyny ýatlasak, Mollanepesiň edebiýat
meýdanynda eden çeperçilik açyşynyň gymmatyna göz ýetireris we öz kylan işine
haýran galyp duran liriki gahryman bilen bilelikde Mollanepesiň-de kylan işine
haýran galsaň galyp oturmaly.
Liriki şygryýetde işjeň ulanylýan serişdeleriň biri hem hakyda
fantaziýasydyr. Bu serişde şahyryň hut öz başdan geçirmeleri bilen bagly ýüze
çykýan şahyrana duýgulara daýanýar. Şahyrana eseriň şahyryň hut öz şahsyýeti
bilen aýrylmaz baglanyşykly bolýandygy üçin, bu serişdä döredijilik wekilleriniň
aglabasy diýen ýaly ýüzlenýär. Hakyda fantaziýasy şahyryň hut öz durmuşynda
bolan we hakydada çöküp galan durmuş hakykatynyň miwesidir. Ol geçen
günleriň hakykatynyň şu günki çeper hakykata öwrülmesidir. Şonuň üçin ol
ýatlamalar bilen ýaşaýan çeper fantaziýadyr. Onda duýgular gaýgy-hasrata-da,
şatlyk-şagalaňa-da, buýsanja-da, geň-taňlyga-da, ökünç-ötünje-de, umuman,
adama mahsus bolan ähli psihologik ýagdaýlara ýugrulyp-ýaýylyp, ýüze
çykarylyp bilner. Ol şahyryň hakyda hakykatyna we oňa onuň şu günki günüň
nazaryndan ugur alýan garaýyşyna baglydyr. Elbetde, şu günki garaýyş hakyda
hakykatynyň ýüze çykarýan hakykatyndan üzňe bolup bilmez. Ýogsam hakyda
bilen şu günüň arasyndaky sazlaşyk ýiter. Hakyda fantaziýasy şol mukaddes hem
müdimi sazlaşygy saklamagyň hatyrasyna hyzmat etdirilmelidir. Iş ýüzünde bu
şeýle-de bolýar.
XX asyryň görnükli şahyrlarynyň biri B Hudaýnazarow hakyda
fantaziýasyna eýlenen ajaýyp şygyrlary bilen bellidir. Onuň “Göçülen ýurt (Daşly
obasy)” atly goşgusy ýatlamalaryň çuňlugyna çümülen şygyrdyr. Bu şygyr
hakyda fantaziýaly liriki mazmuna eýe:

66
Men bu golda dünýä indim,
Ine, gardaş, Dünýäm meniň.
Men uçmadym –
Uçurdylar,
Ýokdur hergiz günäm meniň.

Ak gerişler ulgam-ulgam,
Ak bulutlar tüýdüm-tüýdüm.
Hemme zat ak, hemme zat ak
Ylla emen ene süýdüm.

Çagalygyň çal daňynda,


Ak mekdebe giden ýodam,
Ganmaz senden, ganmaz senden,
Gubarlanan goşa didäm.

Ayran içen ak ýanlygym,


Aýlanaýyn bujagyňdan.
Gök käsäniň döwgün tapdym,
Atam, seniň ojagyňdan!

Agşamlary şypalydyr
Gijeleri ondan beter.
Hol ilerki beýge çyksaň,
Ýyldyzyna eliň ýeter.

Depelerde şekliň gördüm,


Boz inerim, maýam meniň.
Säherinden süýt emdiren,
Obam meniň! Obam meniň!1

Bu şygryň liriki mazmuny okyjy üçin düşnükli hem kalba ýakyn. Munda
şahyr diňe özüni däl, okyjyny-da gozgalaňa saýlan hakyda fantaziýasyna
ýüzlenýär. Şahyr göçülen ýurt, dogduk depe bilen bagly könül gussasyny egsip
gutaryp bilenok. Ata ýurt bilen bagly hemme zat oňa eziz. Şahyryň öz aýdyşy
ýaly, “hemme zar ak”. Dogduk mekanyň gollary–gerişleri ak, bulutlary ak,
gatnan mekdebi ak, aýran içen ýanlygy ak, hemme zat ak, hemme zat päk, “ylla
emen ene süýdi” ýaly päk. Sebäbi bu ýurt oňa ene süýdüniň aklygy ýaly ak,
päkligi ýaly päk. Bu ýerleriň hemme zadyndan ene süýdüniň tagamy gelýär.
Çünki onuň üçin bu ýerleriň mähri yssy. Şahyry çagalyk döwrüniň ýakymly
ýatlamalary “mähirden ýasalan ýaly” mähriban goýnuna gysýar. Şahyr bu ýerde
öz çagalygy bilen ýüzbe--ýüz bolýar. Çaga döwrüniň aladasyz günleriniň
ýatlamalary bu gün onuň başyna agyr hasrat bolup inýär. Sebäbi indi o günlere
dolanma ýok. Göçülen ýurt gugaryp ýatyr. Şahyr bu ýerde ata ojagyndan bir
tapan zady gök käsäniň döwügi. Şol gök käsäniň döwüginiň öz öýlerinde henizem
1
B.Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 98-99 sah.
67
saklanýandygy hakda şahyryň aýaly ýazyjy O. Orazbetdiýewa ýatlamalarynyň
birinde ýazdy. Haňlap ýatan ýurtdan, edil özleriniň göçüşi ýaly, ak hakykatlaryň
bary göçüpdir. Diňe gök käsäniň döwgi galypdyr. Diýmek, hakydadaky aklyk
gidip, hakykatdaky döwük göklük galypdyr. Reňkleriň şeýle biri-birine garşy
goýluşy bilen tapylan çözgüt nyşana örän jaýdar degipdir. Bu şygyrda şahyryň
şahsyýeti bilen liriki gahrymanyň bitewileşen keşbi orta çykýar. Olaryň ikisiniň
hem bu ýurt bilen bagly hakydasynda galan pursatlar kalbyňy ezýän gussa bilen
dem alýar. Şahyr-da, liriki gahryman-da bu goşguda ata ýurduň, göbek gany
daman ojagyň hasraty bilen ýaşaýar. Bu, elbetde, göçülen ýurt ýerinde hakydada
galan şahyrana fantaziýanyň erkine göýberilmesidir.
Çeper edebiýatyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de onuň çeper şertlilige
aýratyn hökmürowanlyk berýänligi bilen baglanyşyklydyr. Çeper şertlilik durmuş
hakykatyny çeper hakykata öwürmegiň zerur serişdeleriniň biridir. Ol durmuş
hakykatyny estetiki taýdan özleşdirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Çeper
şertlilikden üzňe döredilen eser diňe durmuş hakykaty hakyndaky guraksy
maglumatlaryň ýygyndysy ýaly bir zat bolar. Edebi döredijilikde çeper şertliligiň
örän uly hem möhüm hyzmaty bar. Çeper şertlilik edebi eseriň süňňüni emele
getirýän sütünleriň biri. Ol edebi eseriň süňňüne dahylly meseleleriň hemmesiniň
gapdalynda bardyr. Şonuň üçin edebi eseriň temasynda-da, ideýasynda-da,
gahrymanlaryň häsiýetinde-de, keşbinde-de, hatda olaryň atlandyrylyşynda-da,
mazmunynda-da, syužetinde-de, kompozissiýasynda-da çeper şertliligiň yzlaryny
görýändigimiz geň zat däldir.
Biz şindi “edebiýat durmuş hakykatynyň şöhlelenmesi” diýmäge endik
edip gidipdiris. Ýöne geň ýeri, biz şu pikiri näçe gezek gaýtalasak-da, onuň düýp
manysyna ýeterlik üns bermeýäris. Munuň şeýle bolmagyna sebäp bolýän bir
ýagdaý bar. Ol hem bu ýerde “durmuş hakykaty” diýen jümläniň “şöhlelenme”
sözüniň ähmiýetini pese gaçyrýanlygydyr. Biz onuň şeýle bolýanlygyna üns hem
bermeýäris. Şeýlelikde, biz dogry pikiri öňe sürýändigimize garamazdan, ony,
özümiz hem duýmazdan, ýoyup kabul edýäris. Has takygy, “edebiýat durmuş
hakykatynyň şöhlenenmesi” diýip däl-de, “edebiýat durmuş hakykaty” diýip
düşünýäris. Ýöne edebiýat hakykatda hiç wagtam durmuş hakykatynyň hut özi
bolmandy, ol diňe onuň çeper şöhlelenmesidir. Bu edil ýüz görülýän aýnanyň
öňünde durup, özümizi däl-de, şöhlelenmämizi görşümize çalymdaş bir zatdyr.
Ýüz görülýän aýnanyň öňünde biz keşbimizi synlap, göz ýerinde gözümiziň,
gulak ýerinde gulagymyzyň, el ýerinde elimiziň, aýak ýerinde aýagymyzyň
bardygyny görýäris. Emma öz ýerindedir öýdýän şu zatlarymyzyň hiç birinem biz
öz ýerli-ýerinde görmeýändigimize asla ünsem bermeýäris. Biz ne gözlerimizi, ne
gulaklarymyzy, ne ellerimizi, ne aýaklarymyzy ýerli ýerinde görmeýäris ahyry.
Sebäbi ýüz görülýän aýna biziň sag gözümizi çep göz, çep gözümizi bolsa sag
göz edip görkezýär. Bu aýnada synlaýan synamyzyň beýleki agzalary babatda
hem şeýledir. Diýmek, ýüz görülýän aýnada synlaýan keşbimiz biziň hakyky
özümiz däl-de, diňe biziň aýnada şöhlelenen keşbimiz eken. Diýmek, aýnadaky
keşp biziň şertli keşbimiz eken. Oňa öz keşbimiz däl hem diýip hem bilmeýäris,
öz keşbimiz diýip hem bilmeýäris.Ol biziň şertli kabul edýän keşbimizdir. Eger
ýüz görülýän aýnanyň şu häsiýetini hasaba alsaň, onda “edebiýat-durmuşyň
aýnasy” diýen pikir baryp ýatan dogry pikir bolýar. Munuň sebäbi düşnükli.
68
Aýna-da bizi özüçe özgerdýär ýa-da üýtgedýär, edebiýat hem bizi özüçe
üýtgedýär ýa-da özüçe özgerdýär. Şol bir wagtyň özünde bularyň ikisi hem—
aýna-da, edebiýatam şöhlelendirýär. Bu şöhlelenmeleriň ikisinde-de, elbetde,
şertlilik bar. Aýnadaky keşbimizem, edebiýtdaky keşbimiz hem biziň hut özümiz
däl, biziň şöhlelenen keşbimiz, dogrusy, şertli keşbimiz. Şeýlelikde, biziň özümiz
diýip, kabul etmeli keşbimiz şertliligiň ýa-da çeper şertliligiň täsirine düşen
keşbimiz bolýar duruberýär.
Beýle diýildigi çeper edebiýatda şöhlelenýän biziň edebi keşbimiz
durmuşdaky biz ýaly müňlerçe beýleki adam keşpleriniň umumylaşdyrylan,
jemlenen, tipik keşbi diýildigi bolýar. Bu, elbetde, çeper şertliligiň edebiýatdaky
tipiklik meselesi bilen gös-göni baglanyşygynyň bardygyndan habar berýär.
Tipiklik hem, tipleşdirmek hem, eýýäm çeper şertlilikdir. Çeper edebiýatda anyk
bir adamyň ykbaly bilen bagly wakalar yzarlanýan hem bolsa, ol wakalar bir
adamyň başyndan geçiren wakalarynyň çygryndan çykýar. Üstesine-de, ol
wakalar bir adamyň başdan geçiren wakalarynyň içinden hem saýlanyp
alnanlarydyr. Muňa tipikligiň döreden çeper sertliligi diýseňem bolýar, çeper
şertliligiň döreden tipikligi diýseňem bolýar. Sebäbi waka saýlamak, islesek-
islemek, çeper şertliligiň “oýny”. Şeýle hem ol tipikligiň talaby. Eger çeper
eserde anyk bir adamyň durmuşyna degişli edilip, görkezilýän wakalara, şol bir
wagtyň özünde hem saýlanyp alnan wakalara giň orun berilýän bolsa, olara
beýleki şonuň ýaly müňlerçe adamyň hem dahylynyň bardygyny unutmaly
däldiris. Diýmek, bir adamyň ykbaly bilen bagly anyk bir waka beýleki şonuň
ýaly müňlerçe adamyň ykbalyna dahylly waka hökmünde garalmaly bolsa, onda
ol wakanyň çeper şertliligiň we tipikligiň täsirine düşendiginiň alamatydyr. Edebi
eserde çeper şertlilik bilen tipiklik ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Çeper
edebiýatdaky bu edebi-çeper hadysany hasaba almazlyk ýa-da oňlamazlyk
mümkin däl. Edebi eser bulary aýry-aýrylykda hem, olaryň ikisini bilelikde,
hyzmatdaşlykda hem durmuş hakykatyny çeper hakykata öwürmek, ony estetiki
taýdan çeper özleşdirmek üçin giňden ulanýar.
Çeper şertlilik şahyrana serişde hökmünde öz tebigaty boýunça-da, öz
çeperçilik hyzmaty boýunça-da taryhylyk häsiýetine eýedir. Adamzat
jemgyýetiniň ösüşi dürli-dürli taryhy döwürlerden ybaratdyr. Her taryhy döwrüň
hem öz hakykatynyň bolýandygyna taryh şaýat. Şol hakykat hem öz
zamanasynyň döwrebap hakykatydyr. Ýazyjy her bir taryhy döwrüň durmuş
hakykatyny öz döwrebaplygy we taryhy anyklygy ýa-da taryhy umumylygy bilen
ýüze çykarmaga çalyşýar. Her bir dörediji adam taryhy hakykaty estetiki taýdan
özleşdirende, her döwrüň öz taryhy aýratynlygyny aýdyňlaşdyrmaga synanyşýar.
Sebäbi her döwrüň öz durmuş hakykaty şol taryhy aýratynlykda jemlenýär. Bir
döwrüň taryhy aýratynlygynyň beýleki bir döwrüň taryhy aýratynlyklaryndan
saýlanyp alynmagy eýýäm ýazyjynyň çeper şertlilige ýüz urmagydyr. Durmuş
hakykatynyň estetiki taýdan döwrebap özleşdirilmegi hem eýýäm çeper
şertliligiň ýüze çykmasydyr. Döwrebap taryhy hakykaty saýlap almak hem onuň
umumy taryhy döwürlerden bölünip alynmagy bilen bagly hadysadyr. Saýlanyp
69
alnan taryhy döwrüň durmuş hakykatynyň çeper hakykata öwrülmegi-de taryhy
şertliligiň ýüze çykmagyna alyp barýar.
Edebi eseriň ýüzlenen taryhy döwri dürli-dürli taryhy wakalardan doly
bolup biler. Aýratyn alnan bir çeper eser ol taryhy wakalaryň hemmesi hakda söz
açyp hem biler, olaryň käbiri ýa-da köpüsi hakda dil ýarmanam biler. Diýmek,
taryhy döwrüň çeper esere giren wakalary hem şol döwrüň umumy taryhyndan
bölünip alnan taryhy wakalar bolýar. Sebäbi çeper eser anyk bir adamyň ykbal
taryhyna degişli bolan wakalary yzarlaýar. Şonuň üçin ýazyjy döwrüň taryhynda
öz gahrymanynyň göňüden-göni gatnaşan ýa-da gatnaşaýmagy mümkin bolan
wakalaryny almaga çalyşýar. Anyk bir şahsyýet bolsa, elbetde, taryhy döwrüň
hemme wakalaryna gatnaşyp bilmeýär. Bardy-geldi ol taryhy wakalaryň
tipleşdirilýändigini we olaryň bir gahrymanyň hereket meýdanyna öwrülýändigini
göz öňünde tutan halatymyzda hem, her eseriň ideýa-mazmun gerimine we onuň
matlabyna görä esere girmän galjak wakalaryň sany-sajagy bolmaz. Taryhy
döwrüň hemme wakalarynyň bir eseriň mazmunyna sygmajagy, elbetde, köre
hasa, asla ony sygdyrjak bolmagyň zerurlygy-da ýok. Şonuň üçin bu ýerde ýene
çeper şertlilik ýazyja kömege ýetişýär.
Taryhy hakykatyň öz döwrüne bap şekilde suratlandyrylmagynyň
zerurlygyndan başga-da, onuň estetiki taýdan özleşdirilen çeper beýanyny öz
süňňi-süýegi bilen aýdyňlaşdyrmak üçin taryhy şertlilik hem, çeper şertlilik hem
zerurdyr. Bu ýerde taryhy şertlilik çeper şertliligiň özboluşly bir hili hökmünde
ýüze çykýar. Ol taryhy temadan ýazylan edebi eserlerde has aýdyň görünýär.
Elbetde, taryhy eser taryh boýunça ýazylan okuw kitaby däldir. Ýöne taryhy
temadan ýazylan çeper eser arkaly hem okyjy anyk bir döwrüň ýaşaýyş-durmuşy
hakda, edebi gahrymanlaryň özara gatnaşyklary netijesinde zamananyň syýasy,
ykdysady, medeni we ruhy ýagdaýy hakda örän köp we giň maglumatlary alyp
biler.
Taryhylyk diňe bir taryhy esere zerur zat däldir. Ol ýazyjynyň öz ýaşaýan
döwrüniň hakykatyna ýüzlenen halatynda hem zerurlyk hökmünde öňe çykýar.
Sebäbi şu gün hem taryhy döwrüň bir günüdir. Şunda taryhylyk düşünjesi
döwrebaplyk düşünjesi bilen manydaşlyga eýe bolýar. Olaryň ikisi-de çeper
şertliligiň özbaşdak bir hili ýa-da alamaty hökmünde bellidir. Bu hil
alamatlarynyň birinjisi bolan taryhylyk taryhy temadan ýazylan edebi eserlere
aýratyn mahsus alamatdyr we ol çeper şertliligiň taryhylyk nukdaý nazardan
ýaýbaňlanmagyny talap edýär. Bu ýagdaý çeper eserde ýüze çykan anyk
taryhylyk üçin hem, umumy taryhylyk üçin hem deň derejede zerurdyr.
Çeper şertliligiň hil alamatlarynyň ikinjisi bolan döwrebaplyk döwürdeş
ýazyjydan öz döwri hakda döwrebap söz açmagy talap edýär. Munda
döwrebaplyk çeper şertliligiň ugruny kesgitleýji bolup hyzmat edýär. Çeper
şertlilik döwrebap temany gozgaýan edebi eserden döwrebap gahrymanyň we
döwrebap ideýanyň bolmagyny talap edýär. Bu talap çeper eseriň taryhylygynyň
hem hökmany şertidir. Taryhy temany gozgaýan çeper eseriň gahrymanynyň

70
häsiýeti-de, keşbi-de taryhy hakykata laýyk bolmalydyr, öňe sürýän ideýasy hem
taryhy döwrüň ruhuna gabat gelmelidir. Diňe şonda çeper eser hakykata laýyk
taryhylyk bilen dem alar we edebi eser hakyky döwrebap eser bolar. Eýsem
Garaşsyzlyk döwrüniň islendik meselesini gozgaýan çeper eseriň gahrymany
sowet döwrüniň idealyny özüne baýdak edinip bilermi? Elbetde, bilmez. Eger
şeýdilen ýagdaýynda durmuş hakykatynyň hem taryhy hakykatyň hem ýoýuldygy
bolardy.
Aýdaly, şol bir türkmen üçin sowet watançylygy bilen Garaşsyzlyk
döwrüniň watançylygynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny
duýmadyk ýazyjy taryhy döwrüň ruhuny duýup bilmeýän ýazyjydyr. Sowet
watançylygy boýna dakylan ýasama watançylykdy. Garaşsyzlyk döwrüniň
watançylygy her bir türkmeniň kalbynyň töründe köräp duran yssy mähre
ýugrulan watançylykdyr. Onda hiç hili ýasamalyk ýa-da galplyk ýokundysy
ýokdur. Şonuň üçin watançylyk babatda sowet döwrüniň öz düşünjesi bardy,
Garaşsyzlyk döwrüniň hem öz düşünjesi bardyr. Bu, elbetde, taryhy şertlilikdir.
Ýazyjy taryhy şertlilik bilen daşyna çyzyk çekilen hakykaty çeper şertliligiň
çarçuwasyna salanda, ol taryhy şertliligiň hödürleýän hakykatyndan ugur
almalydyr. Muňa başga hili çemeleşilse, taryhy hakykat ýoýlar. Edebi eseriň
bütin mazmunynda ýüze çykýan çeper şertlilik hem galp çeper şertlilik bolar.
Çeper döredijilikde beýle galplyga ýol berilmeýär. Başgaça aýdylsa, sowet
döwrüniň durmuş hakykatyna ýüzlenen ýazyjy hem öz gahrymanyny XVIII-XIX
asyr ýa-da ondan hem öňki döwürleriň durmuş hakykatynyň içinde hereket etdirip
bilmez. Beýle ýagdaýy edebi eseriň taryhylygy-da, onuň çeper şertliligi-de inkär
edýär. Hatda edebi gahrymanlaryň atlandyrylyşyndaky çeper şertliklik hem
taryhylygy talap edýär. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyndaky
personažlaryň biri bolan Hojamyrat wolastnoý özüne şu lakamy başga bir taryhy
döwürde ýaşan bolsa alyp bilmezdi. Ol diňe patyşa Russiýasynyň Türkmenistany
basyp alandan soňky taryhy döwre (1881-1917ý) laýyk lakamdyr. Sowet
döwrüniň taryhy hakykaty üçin wolostnoý derejesi eýýam ýat bir zat boldy, ol
durmuşyň özünde-de ýokdy. Diýmek, taryhy şertlilik wolostnoý derejesi bilen
bagly çeper şertliligiň ýüze çykmagyna ýol bermeýär. Dogry “Aýgytly ädim”
romany sowet döwründe ýazyldy. Şeýle-de bolsa, bu roman 1917-nji ýyldan öňki
wakalara ýüzlenenligi üçin, Hojamyrat wolostnoýly meselä--de ýüzlenmeli boldy.
Galyberse-de, Hojamyrat wolostnoýyň patyşa Russiýasynyň hökmürowanlygy
ýyllarynda alan bu lakamy sowet häkimiýetiniň gelmegi bilen-de onuň adynyň
gapdalyndan aýrylaýan däldir. Bu lakam oňa ömri ötýänçä ýoldaş bolandyr.
Ýöne mesele munda däl. Mesele wolostnoýlyk wezipesiniň bu romanda taryhy
şertlilige-de, çeper şertlilige-de boýun egdirilendigindedir.
Edebi döredijilik barada we onuň many-maňzy barada, şu aýdylanlary
mydama nazarda tutmak zerurdyr.

71
ÇEPER EDEBIÝATDA FORMA
WE MAZMUN BITEWILIGI

Edebi eseriň formasy we mazmuny hem-de olaryň bitewiligi hakyndaky


mesele edebiýat nazaryýetiniň iň bir çylşyrymly meseleleriniň biridir. Ony öz
çylşyrymlylygyndan sada görnüşde düşündirmek aňsat wezipe däl. Şeýle-de bolsa
ony, mümkin boldugyça, sadarak aýdyňlaşdyrmaga çalşalyň.
Sungatyň beýleki görnüşleri ýaly, çeper edebiýat hem forma we mazmun
babatda filosofiýanyň forma we mazmun kategoriýasyna esaslanýar. Şonuň üçin
biz çeper edebiýatyň formasy bilen mazmunyna hem filosofik kategoriýa nukdaý
nazaryndan garamaly bolýarys. Filosofiýada forma bilen mazmuna özara
dialektiki gatnaşykdaky bir bitewilik hökmünde seredilýär. Olary biri-birinden
aýry ýa-da üzňelikde göz öňüne-de getirip bolmaýar. Forma bilen mazmun
bölünmezdir, olar biri-biriniň üstüni dolduryp duran bir bitewilikdir.
Şu ýerde gürrüň, esasan, sungat eseri hakda barýanlygy üçin, bir meselä
aýratyn ünsi çekmek işleýäris. Ol hem sungat eseriniň gözellik bilen iş salyşýan
çeper döredijilikdigi bilen bagly meseledir. Hakykatdan-da, sungat eserini
gözellik düşünjesinden üzňeleşdirip bolmaýar. Gözellik dörediji sungat, elbetde,
hemme taraplaýyn gözel bolmalydyr. Muňa hiç hili şek-şubhe ýok. Rast, ýagdaý
şeýle bolsa, onda hakyky sungat eseriniň hemme tarapdan, şol sanda forma we
mazmun tarapdan hem gözel bolmalydygy kanunalaýyk zatdyr. Magady, forma-
mazmun bitewiligine eýe bolan gözellik sungat derejesine göterilmelidir, sungat
hem gözellik derejesine belende galmalydyr.
Çeper edebiýat söz sungatydyr. Ol söz bilen gözellik dörediji sungatdyr.
Gözellik bolsa bitewi düşünjedir. Onuň ýary owadan-da, ýary hem betgelşik
bolup bilmeýär. Ol teatryň simwolyny aňladýan, ýüzüniň ýary gülüp duran, ýary
bolsa aglap duran adam keşbiniň barelýefi däl. Ýöne, hakykatyň hatyrasy üçin
aýtsak, şeýle iki ýüzli, aglady–güldi barelýefiň hem simwol hökmünde özüne
ýeterlik bitewi gözelligi bar. Birbada göräýmäge, bir ýüzde iki keşbiň
şekillendirilmegi bir bitewiligi däl-de, dürli-dümenligi döredýän ýaly. Ýöne ol
beýle däl. Bu ýerde dürli-dümenligiň bitewi gözelligi bar. Gapma-garşy keşbiň
sazlaşygynyň gözelligi bar. Gülki (komedizm) bilen agynyň (tragizmiň)
sazlaşykly gapma-garşylygynyň döreden gözelligi bar. Ol gözelligiň durmuş
hem-de teatr diýen sazlaşykly sözlerdäki bitewiligi bar. Barelýefdäki keşbiň
gülküsinde-de çyn bar, agysynda-da. Çyn zat hem ajy bolsa-da, ýalan-ýaşrykdan,
ýasamalykdan, galplykdan has gözeldir.
Dünýädäki maddy manysy bolan zatlaryň hemmesiniň we her biriniň öz
gözelligi bar. Mesele ýöne giň köpçülige-de belli bolan şol gözelligi görmekde
we duýmakda. Hatda ýazyjy ýa-da şahyr hökmünde özünden öň hiç kimiň
görmedik, duýmadyk gözelligini görmek we duýmak şol ýazyjynyň döredijilik
gözlegleriniň gözelliginiň nyşanydyr. Älem-jahany tutup ýatan maddy manyly
zatlaryň hemmesiniň gözelliklerini, hatda maddy däl, mifik, mistiki we ruhy

72
zatlaryň hemmesiniň göz önüne getirmelerimizdäki, arzuw-hyýallarymyzdaky
gözelliklerini görüp bilýän bolsak ýa-da öz fantaziýamyzyň çygryna salyp bilýän
bolsak, onda bu şol zatlaryň hemmesiniň-de formasynyň we mazmunynyň
bardygynyň alamatydyr. Sebäbi formasyz, mazmunsyz gözellik ýokdur. Göze
görünýän-görünmeýän gözellikde forma-da, mazmun-da bardyr. Göze
görünýäniňki düşnükli, ýöne göze görünmeýaniň formasyny, mazmunyny nähili
anyklap, bolýarkä diýilmegi mümkin. Oňa biziň dessanlarymyzyň,
şadessanlarymyzyň bize galdyran gymmatly maglumatlary anyk jogap berýär.
Dessanlardaky we şadessanlardaky hüýr-perileri, döwleri, şeýle hem beýleki
mifik ýa-da mistiki personažlary göz öňüne getirip görseňiz, şol soragyň anyk
jogabyny taparsynyz. Aýdaly, Agaýunus periniň daşky gözelligi (formasy) ruhy
dünýäsiniň gözelliginden (mazmunyndan) ýa-da mazmunynyň gözelligi
formasynyň gözelliginden artyk bolmasa, peslär ýaly däl. Bu, elbetde, çeper
sözüň gudraty. Şol gudrat bize hiç wagt görmedik hem hiç wagt görmejek
perizadymyzy Görogly soltan bilen deň derejede söýdürýär. Şeýle mysallaryň
sanawyny näçe diýseň uzaldyp bolardy. Ýöne şunuň bilen mesele aýdyň boldy
hasap edýäris.
Adatça, forma bilen mazmun biri-birini şertlendirip gelýär. Edebi eseriň
formasy gözel bolsa, onuň mazmunynyň gözeldigini tassyklaýan maglumatlaryň-
da sany-sajagy bolmaz.
Eger mazmun gözelligi bilen forma gözelliginiň arasynda sazlaşyk ýok
bolsa, onda ol sözüň doly manysyndaky çeper eser hem däldir. Onda şeýle eseriň
formasy bilen mazmunynyň arasynda şertlendiriji gözellik sazlaşygy ýokdur.
Gözellikleriň sazlaşygynyň ýok ýerinde, eýsem gözellik nireden bolsun?! Edebi
eserde mazmun gözelligi forma gözelligini, forma gözelligi mazmun gözelligini
şertlendirmeli. Şeýle bolanda gözellik forma bilen mazmuny bitewileşdirýän
serişdä öwrülýär. Bu, elbetde, çeper edebiýatyň formasy bilen mazmuny babatda
hem şeýle. Çeper eseriň forma gözelligini onuň mazmun gözelliginden, başgaça
aýtsak, çeper mazmunyny çeper formasyndan ylmy taýdan üzňe seljermeg-ä däl,
hatda göz öňüne-de getirmek bolmaýar.
Şeýle-de bolsa çeper edebiýatyň ösüş ýolunda forma bilen mazmuna
aýry-aýrylykda baha berlen halatlary hem az bolmady. Şunuň ýaly bärden
gaýtmalar ýazyjylarda-da, edebiýaty öwrenijileriň özlerinde-de ýüze çykyp
durdy. Bir mysal. Geçen asyryň (XX asyr) ortalarynda, has takygy, altmyşynjy
ýyllaryň başlarynda bolsa gerek, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň
döredijilik maslahatlarynyň birinde dünýä belli türkmen ýazyjysy, türkmen
edebiýatynyň aksakgaly B.Kerbabaýew öz çykyşynda şahyr K.Gurbannepesowyň
“Taýmaz baba” poemasy hakynda söz açdy. Ol bu eseriň formasynyň gözeldigi,
emma mazmunynyň “towy ýetmedik ýüp ýaly gowşakdygy” hakyndaky igençli
pikirini orta atdy. Uly ýazyjynyň edebiýatyň düýpli meselelerinden baş çykaryş
ussatlygyna söz ýok. Muňa garamazdan, onuň bir bitewi zatda, eseriň formasyna
we mazmunyna dürli hili hil ölçegi bilen baha berşi geňräkdi. Bu, elbetde,

73
edebiýatçylaryň arasynda hem heniz forma bilen mazmuna bir bitewi zat
hökmünde garamaklygyň bolmandygynyň netijesinde şeýle bolandyr öýdýäris.
Eger türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysynyň aýdyşy ýaly, K.Gurbannepesowyň
poemasynyň “mazmuny towy ýetmedik ýüp ýaly gowşak” bolsa, onuň
formasynyň gözel bolmagy, asla akyla sygjak zat däldir. Poemanyň üstünligi
hakda hem ýeter-ýetmez tarapy hakda gürrüň ediljek bolsa, onda forma bilen
mazmuny bir-birine çapraz goýmak ýörelgesine tutunmaly däl eken. Uly
ýazyjynyň kemli-köslüräk bu pikiri edebi tankyt tarapyndan öz wagtynda hem
ýazgaryldy.
Şindi edebiýaty öwreniş ylmynda söz sungatynyň esasy predmetiniň
adamdygyny nazarda tutup, edebi eseriň gymmatyny diňe onuň adamyň
ykbalyna, durmuşyna we ruhy dünýäsine çemeleşişiniň çuňňurlygyna ýa-da
ýüzleýligine garap, baha bermek ölçegi kada öwrülip gidipdir. Bu umuman,
dogry baha beriş ölçegi we dogry ylmy seljeriş ýörelgesi. Ýöne bu hemme ýerde
we hemişe dogry ýörelge hem däldir. Aýratyn hem forma bilen mazmunyň
bitewilik özboluşlylygyna gezek gelende bu has-da özüni äşgär edýär. Forma
bilen mazmunyň bitewiligi meselesine gezek gelende, oňa diňe adamyň
formasyny we mazmunyny nazarda tutup, çözgüt beriberseň we umumy netije
çykaryberseň, ol seni hemişe dogry netijeleriň üstünden eltibem durmaýar.
Edebiýaty öwreniş ylmy adamyň daşky görnüşi onuň formasy, adamyň içki
dünýäsi onuň mazmuny-diýip tassyklaýar. Şuňa esaslanybam edebiýaty öwreniş
ylmy formany daşky gözellik, mazmuny hem içki gözellik hökmünde kabul
edýär. Bolýar, kabul edipdir, taň edipdir. Ýöne bu ýerde bitewilik hasap edilýän
forma bilen mazmun we olaryň bitewilik gözelligi “içki” hem “daşky” diýen
böleklere bölünýär. Şeýlelikde, biz bu ýerde forma–mazmun babatdaky bitewilik
kanunalaýyklygynyň dargadylmagy hem-de bozulmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup
galýarys. Bu, öz gezeginde, filosofik kategoriýanyň hem garşysyna işleýän
antikanunalaýyklykdyr. Şu taýda bir zat – dünýädäki we jemgyýetdäki ähli
zatlaryň hem-de hadysalaryň formasy-mazmuny babatda şeýle “içkili”, “daşkyly”
gözellik ýa-da bedroýlyk hakynda pikir ýöredip bolmajakdygy hasaba
alynmandyr. Öňe sürlen şu pikirdäki etir-tütürligi tebigatdaky ýekeje bir
hadysany mysal almak bilen aýdyň ýüze çykaryp bolýar.
Aýdaly, ak patrak bolup, gülläp oturan ýa-da getiren miwesinden ýaňa
başyny göterip bilmän oturan erik agajyny göz önüne getirip görüň. Eýsem bir
pasylda ak patrak gül açyp, soňundan hem “başyna gören ýaly miweläpdir”
diýdirýän erik agajynyň formasy nirede, mazmuny nirede? Onuň diňe başy bilen
daşy bar. Içi bolsa ýok. Eger mazmun adamyňky ýaly içki dünýäde bolýan bolsa,
erikde-de iç ýok bolsa, onda onuň mazmuny-da ýok bolýarmy? Elbetde, beýle zat
bolup bilmez. Onda göz bilen görüp, el bilen tutup bolýan maddy manyly zadyň
hem diňe bir forma-mazmun bitewiliginiň däl, eýsem onyň formasynyň,
mazmunynyň bardygyny inkär etdigimiz bolar. Mifik we mistiki zatlardan hem
forma-mazmun tapmaga çalyşýan adam aňy üçin bu bolup bilmejek zat. Şonuň

74
üçin gülläp oturan erikde-de, miweläp, başyny göterip bilmän oturan erikde-de,
hatda güýz gelip, saralan ýapraklary dökülip başlan erikde-de, gyş gelip, ýalaňaç
galan erikde-de mazmunam bar, forma-da bar. Ýöne onuň formasy-da,
mazmuny-da içinde däl-de, daşynda. Diýmek, erikde forma–mazmun bitewiligi
has aýdyň hem gözilginç eken. Sebäbi ol öz formasynyň özüniň
mazmunydygyny, mazmunynyň bolsa özüniň formasydygyny arly ýylyň
dowamynda bize güjeňläp, gözümize görkezip otyr. Erik agajy forma-mazmun
bitewiliginiň-de nämedigini we nähilidigini gözümize dürtüp otyr. Şonuň üçin
erik agajynyň forma-mazmunyny gözläp ýa-da onuň gözellik bitewiligini gözläp,
onuň içini ýaryp oturmagyň geregi ýok. Sebäbi onuň formasyny-da, mazmunyny-
da hiç bir kynçylyksyz bada-bat gözümiz bilen görüp bilýäris. Erik agajynyň we
şonuň ýaly müňlerçe beýleki bag-bakjalaryň formasyny-da, mazmunyny-da,
gözelligini-de daşyndan görüp bilýäris. Forma-mazmundaky hiç bir “içe-daşa”
dahylsyz şeýle bitewiligi diňe bir erik we erik ýaly bag-bakjalarda däl, hatda
dagda ýatan gara daşda-da synlap bilýäris. Dagda ýatan gara daşyň içi-de daş,
daşy-da daş. Onuň formasy hem daşyň formasy, mazmuny hem daşyň mazmuny.
Biz bu taýda forma-mazmundaky bir bitewiligi synlaýarys. Şeýlelikde, formany
“daşky görnüş”, mazmuny “içki görnüş” diýip, bölüp-büçmegiň hemişe dogry
netijeleri bermeýändigine göz ýetirip bilýäris.
Asla edebi eseriň forma we mazmun bitewiligini böleklere bölmek
bolmaýar. Ol çeper eseriň gözellik bitewiliginiň böleklere bölünmegi ýaly bir
zatdyr. Gözellik bitewikä gözellikdir. Böleklere bölünen gözellik, eger bolsa,
döwük-ýenjik gözellik (eger ol gözellik bolýan bolsa) bilen barabar bir zat bolar,
bolmasa, onça-da bolmaz. Sebäbi forma biziň gönüden-göni görýän, duýýan,
syzýan ýa-da görmek isleýän, duýmak isleýän, akylymyzda, aňymyzda göz öňüne
getirýän mazmunymyzdan başga bir zat däldir. Mazmun hem edil şonuň ýaly,
biziň görýän, görmek isleýän, gowy görýän, ýigrenýän, geň görýän, ykrar edýän,
inkär edýän formamyzyň hakyky manysyndan başga zat däldir. Türküläp aýtsak,
bu forma bilen mazmun bir bitewi zat diýdigimizdir.
Bu, elbetde, adamyň, şeýle hem onuň çeper şöhlelenen keşbiniň formasy-
mazmuny we gözelligi ýa-da betgelşikligi babatda-da şeýledir. Çeper edebiýatyň
formasy we mazmuny hakda gürrüň edilende, olary bitewilikde seljermek iň
dogry ýoldur. Şu ýoldan çykylsa, seljermäniň çöpe-çöre urup gidibermegi gaty
ähtimaldyr. Şuňa bir mysal.
Edebiýatçy alymlar çeper eseriň forma-mazmuny we olaryň bitewiligi
hakda söz açanlarynda, köplenç, şeýleräk bir mysala ýüzlenýärler. Olar daşky
görnüşini altyn-kümüş bilen beslän bezemen gözeliň daşky formasyny gepbaşy
edip alýarlar. Şol bir wagtda hem olar bezemen gözeliň daş görnüşiniň
gözeldigini ykrar edýärler. Soňundan hem daşky formasy gözel bolan bu zenanyň
daşky formasy bilen sazlaşmaýan betgelşik içki dünýäsiniň bolaýmak ähtimallygy
hakdaky gürrüňe geçýärler. Ruhy dünýäsiniň garyplygy üçin, bezemen gelniň
formasy bilen mazmunynyň arasyndaky bitewiligiň ýitýändigine kepil geçýärler.

75
Bitewilik ýoklugy üçin hem onuň daşky gözelliginiň hakyky gözellikden
alysdaky gözellikdigini tekrarlaýarlar. Olar bu pikirlerini “Daşdan görseň, ýaldyr-
ýuldur, ýanyna barsaň, gulpy kendir” diýen türkmen matalyndaky ýaly ýagdaý
bilen deňeşdirýärler-de, meseläni çözdüm hasap edýärler. Meseläni çözmek küje,
gaýtam tersine, olar bu meseläni baş alyp çykmaz ýaly bulaşdyrandyklary hakda
pikir hem etmeýärler. Ýogsam, göräýmäge, hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Aýdylan
pikirem, ony tassyklamak üçin alnan mysal hem jüpüne düşen ýalydyr. Ýöne bu
göräýmäge şeýledir. Aslynda bolsa biz başga hilli hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolup
galýarys. Bu ýerde biz forma bilen mazmunyň bitewi bir zatdygy däl-de, aýry-
aýry zatlardygynyň tekrarlanmasy ýaly, filosofik kategoriýanyň tersine bolan bir
düşnüksiz tassyklama bilen ýekme-ýek galýarys. Üns beriň, bu ýerde adatdan
daşary bezemen gözeliň daşky görnüşi ýa-da formasy-ha gözel diýlip ykrar
edilýär, onuň içki dünýäsi (mazmuny) bolsa bütinleý inkär edilýär. Bu ýerde
olaryň bitewilikdigi hakdaky kanun unudylýar. Forma gözel bolup, mazmun
betgelşik bolýan bolsa, olaryň bitewiliginiň bozuldygy bolar ahyry. Bitewi zadyň
(bu ýerde bezemen gözeliň) formasy gözelmiş-de, mazmuny, hamana, betgelşik
şekilde göz öňüne getirilip netije çykarylýar. Elbetde, mazmun bilen formanyň
arasynda şeýle bişeýkellik bar bolsa, hakykatdan hem bitewilik bozular. Muňa
söz ýok. Ýöne bu forma bilen mazmunyň bitewiliginden ugur alynman, ýasama
göz öňüne getirme arkaly gelnen netijedir. Ýöne bitewilik hakdaky filosofik
kategoriýa ýasamalyga esaslanmaýar. Şonuň üçin ol beýle ýasama pikir
ýöretmäni inkär edýär.
Bitewi zadyň formasynda bolsun ýa mazmunynda bolsun, tapawudy ýok,
bir ýerinde bir onuň gözelligine şek ýetirýän nyşan bar bolsa, ol asla tutuşlygy
bilen gözel bolup göze görnüp bilmez. Şeýle bolanda gözellik sazlaşygy bozulýar
we bu zat babatda gözel diýlen düşünjäni berýän sözi ulanyp bolmaýar. Düşnükli
edip aýtsaň, eger mazmun ýürek bulaýjy bolsa, forma hem şondan gowy bolmaz.
Sebäbi iň bir owunjak zat hem öz bitewiliginde zat şekilinde göze görünýär.
Adatdan daşary bezemen gözel babatda hem şu umumy kada saklanyp galýar.
Şonuň üçin onuň ruhy dünýäsi (içki mazmuny) gözel bolmasa, daş görnüşiniň ýa-
da formasynyň gözelligi hakda asla dil ýaryp bolmaz. Eger adatdan daşary
bezemen gözeliň daşky formasy gözel bolýan bolsa, onuň içki mazmunyna hem
adatdan daşary bir gözellik bolmasa-da, garaz, ol gözellik dünýäsinden bütinleý
mahrum adam-a bolmaly däl. Has takygy, ol beýik Magtymgulynyň “Durasyň
geler” şygryndaky ýaly:

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,


Artmaz, ýuwmaz, tabagyny-daşyny1 —

diýilýän hapysa gözelleriň hilinden-ä däl eken. Eger bezemen gözeliň içki
mazmunynda gözellik düşnügi ýok bolsa, logika görä, onuň daşky formasynda

1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 217 sah.
76
hem gözellik düşnügi bolmaly däl. Bitewilik logikasy-ha şeýle. Daşky gözellik
aslynda içki gözellikden gözbaş alýar. Şonuň üçin daşky gözellik içki gözelligiň
ýüze çykmasy hasaplanýar. Forma bilen mazmun bitewi boljak bolsa-ha, bu şeýle
bolmaly. Onuň bitewiligini hem filosoflar gara çynlary bilen tassyklaýarlar. Onda
daşky formasy gözel bolan bezemen gözeliň mazmuny hem gözellikden daşda
bolmaly däl.
Bir ýagdaýa üns bereliň. Bezemen gözele özüne seretmän ýören bir üflis-ä
diýip bolmaýar. Ol öýsüz-öwzarsyz gören ýerde ýatyp-turup ýören, egnine-
başyna seretmän, özüni kir-kimire, bite-sirkä basdyryp ýören bir ülhit, ykmanda
hem däl. Gözellik babatda olaryň formasynyň hem-de hatda mazmunynyň
arasynda-da ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ýöne şol tapawudy her kimiň her hili
görmegi mümkin. Käbirleri, belki, üflisini aşyryp ýöreniň mazmunynyň – ruhy
dünýäsiniň gözel bolmagynyň mümkinligine-de ünsi çekmegi ahmal. Emma
filosofiýanyň bitewilik kanuny muny düýbünden ret edýär. Ol gözellige bitewi
zat hökmünde seredýär. Başga birleri bolsa, käbir edebiýatçylaryň pikir edişi
ýaly, bezemen gözeliň formasynyň gözelligine aýratyn ähmiýet berip, onuň
mazmunynyň çüýrük bolmagynyň ähtimallygyna ünsi çekmegi-de mümkin. Bu
garaýyşlaryň ikisi-de bir taraply garaýyş. Olaryň hiç birisi hem gözellik
düşünjesini bitewilik konsepsiýasyna ýanap, öňe sürlen garaýyş däl. Garaýyşlaryň
ikisinde-de meseläniň bir çetinden çekip–dartma ýörelgesinden ugur alynýar. Bu,
elbetde, dogry ýörelge däl.
Elbetde, bu hili garaýyşlaryň hem jany bar bolmagy mümkin. Durmuşda
her hili adam bar. Şonuň üçin türkmen şeýle bir nakyl döredipdir: “Adam alasy
içinde (mazmunynda), haýwan alasy daşynda (formasynda)”. Bu nakyl forma-
mazmun meselesinde mazmuna ilkinjilik artykmaçlygyny berýär. Ol umumy
pelsepewi tassyklamany özüçe tassyklaýan akyl hem nakyl pelsepesi. Biz hem
ony inkär etmeýäris, gaýtam, şoňa esaslanýarys. Şonuň üçin hem mazmun gözel
bolmasa, forma gözel bolmaz, forma gözel bolmasa mazmun gözel bolmaz diýen
pelsepä uýýarys.
Bar, hamana, käbir garaýyşlarda tassyklanyşy ýaly, durmuşda göräýmäge,
forma bilen mazmunyň çapraz düşýän halatlary bolup biler diýeli. Biz hem ol
ähtimallygy bütinleý aradan aýryp taşlamaýarys. Ýöne bu ýerde bir bellenmeli zat
bar. Bardy-geldi durmuşda forma bilen mazmunyň arasynda şeýle çarpazlyk
gabat geläýse-de, ol oňlanmak bilen däl-de, geňlenmek bilen garşy alynýar. Ony
oňlamaýan hem adam, geňleýän hem adam. Bu ýerde meseläni
çylşyrymlaşdyrýan zat, esasan, adamyň gözellik düşinjesine bolan garaýşydyr.
Diýeli, wagşy haýwanlaryň biri bolan gaplaň görer-göze örän owadan jandar ýa-
-da ýylanlaryň bir görnüşi bolan okýylan hem edil şonuň ýaly. Adamyň aňynyň
kesişine görä, eger owadan zat bolsa, ol hökman gözellikleriň hataryny
bezäýmeli. Gözel bolmak üçin bolsa forma-mazmun bitewiligi zerur. Eýsem
gaplaň bilen okýylanyň formasy bilen mazmunyna kim bitewi diýer? Hiç kim.
Ýöne adam bu jandarlaryň daşky gözelligine hem göz ýumup bilmeýär. Şeýle-de

77
bolsa adamda bu jandarlaryň gözelligi barada iki hili duýgy bardygy şübhesizdir.
Sebäbi olaryň gözelligi adamda howply-hatarly, gorkuly duýgulary döredýär.
Şonuň üçin ol bu gözelligi bitewi gözellik hökmünde kabul edip bilmeýär. Ol
jandarlaryň ikisi-de “Daşy jäjek, içi möjek” diýen türkmen nakylynyň manysyny
tassyklaýan “gözellige” eýedir. Şundan çen tutsaň, olaryň mazmuny bilen
formasynyň arasynda çaprazlyk bar ýaly görünýär. Şoňa görä-de bu jandarlaryň
daş görnüşinde adamyň gözi eglenýändigine garamazdan, ol gözellek diňe
howply duýgy döreýänçä, göze kaklyşýan gözellikdir. Ol pursatjyk hem juda
gysgadyr. Sebäbi adamda ol jandarlary gören badyna instinktiw ýagdaýda gorky
duýgusy döreýär. Şonuň üçin bu jandarlaryň ikisiniň hem gözelligi forma bilen
mazmunyň çaprazlygyna esaslanýan ýaly duýgy kanunalaýyk ýagdaýda döreýär.
Eýsem onda bu tebigatyň ýalňyşlygymyka? Ýok, tebigatda ýalňyşlyk
bolmaýar, onda diňe sazlaşyk bolýar. Belki, şonuň üçindir, adam olara owadan
zat hökmünde geň galýar. Eger zat geň galdyrýan bolsa, onda ol gözel zat
bolmaly we gözel zat hökmünde geň galdyrýan bolmaly. Sebäbi geňlik, hemişe
bolmasa-da, köplenç, gözelligiň hemrasydyr. Bu geň jandarlar hem tebigatyň
ýaradan gözellik sazlaşygynyň netijeleridir. Tebigat sazlaşygy bolsa kanuny
ýagdaýda ählumumy gözelligi döredýär. Tebigatyň forma-mazmun bitewiligine
we onuň döredýän sazlaşyk gözelligine bolsa şübhelenýän ýok. Şonuň üçin bu
jandarlaryň hem forma-mazmunynda hiç hili çaprazlyk ýokdur, olar tebigy
bitewilige eýedirler. Tebigat hem şol bitewilik bilen sazlaşyklydyr we gözeldir.
Çünki gaplaň hem, okýylan hem ählumumy gözellik sazlaşygyndan ybarat bolan
tebigatyň bir bölegidirler. Tebigat bolsa ählumumy hem bitewi gözelligiň
egsilmez hazynasydyr.
Şoňa garamazdan, bu iki jandaryň gözelligi we olardaky forma-mazmun
bitewiligi babatda iki hili duýgy, düşünje, garaýyş dowam edip gelýär. Şeýle iki
hili garaýyş diňe bu jandarlaryň forma-mazmun bitewiligi hakynda däl, öňde
ýatlanan bezemen gelin bilen bagly hem dowam edip gidip otyr. Sebäbi bu ýerde
iki sany düşnüksizlik bar. Ol düşnüksizlikleriň ikisi-de forma bilen mazmunyň
gözellik bitewiligine bolan garaýyşlardaky çaprazlygyň netijesi hökmünde ýüze
çykýar. Ol garaýyşlaryň biri forma bilen mazmunyň gözellik bitewiligine ýüzleý
düşünilmegi sebäpli, ýüze çykyp bilýän düşnüksizlik bolsa, beýlekisi onuň ýalňyş
düşündirilmegi bilen bagly ýüze çykyp bilýär. Aýdaly, bezemen zenanyň
gözellige bolan garaýşynda ýuwanlyk, ýeňleslik, kelpeňlik bar bolsa, ol öz
mazmuny bilen gözellik bitewiligini weýran edip biler. Ikinji bir düşnüksizlik
forma bilen mazmunyň bitewiligini nazarda tutman, formany gözel, mazmuny
betgelşik diýip, tassyklamak bilen säwlik göýberen edebiýatçynyňkydyr.
Ýogsam, ol bezemen gözeliň formasyna gözel diýensoň, onuň mazmunyndan
gelşiksizlik gözläp ýörmezdi. Bezemen gözel hem öz mazmuny bilen gözellige
talaň salan bolsa, onda beýle talaňçynyň formasynda-da, mazmunynda-da
gözellikden nyşan ýokdygyna düşünmek kyn däldir. Eger ýeňles, bezemen
gözeliň bir ýerinde – ýa formasynda, ýa mazmunynda çalak-çulak gözellik

78
ýokundysy bar hem bolsa, ol göze ilip durmaýar. Şonuň üçin gözellige diňe
bitewilik konsepsiýasynyň nukdaý nazaryndan garap baha bermek dogrydyr.
Ýarysy (formasy) gözel, ýarysy (mazmuny) hem betgelşik zat asla gözel bolup
bilmeýär. Diýmek, bezemen gözeliň forma gözelligi galp gözellik eken. Galp ýa-
da ýasama “gözellik” bolsa, hiç haçan gözel bolup bilmeýär. Forma-mazmun
gözelligine gezek gelende, oňa diňe bitewilikdäki zat hökmünde garamagyň
zerurlygy hiç wagt ünsden düşürilmeli däldir.
Çeper edebiýatdaky forma-mazmun we olaryň bitewiligi hakda söz
açylanda, başga bir zady hem gözden salmaly däldiris. Ol hem bu çylşyrymly
mesele babatda biziň mydama abstrakt ylmy garaýyş bilen iş salyşmaly
bolýanlygymyzdyr. Sebäbi edebi eseriň formasy we mazmuny hakdaky
seljermeleriň hemmesi abstrakt düşünjeler bilen baglanyşykly gürrüňleriň
çygryndan daşa çykýan däldir. Şonuň üçin “formanyň alamatlary” hökmünde
garalýan stil, žanr, kompozissiýa, ritm, çeper dil ýaly düşünjeler-de, “mazmunyň
häsiýetli alamatlary” hasaplanýan tema, kolliziýa, çeper keşbiň häsiýeti, ideýa
ýa--da forma-mazmunyň häsiýetli alamaty bolan sýüžet ýaly düşünjeleriň-de
hemmesi durşy bilen abstraksiýadyr. Çeper formadyr mazmunyň alamatlary biri-
birini şertlendirýän, biri beýlekisinden üzňe bolmadyk hyzmatdaşlykdaky
düşünjeler bolany üçin, olar forma-mazmun bitewiligini emele getirýärler. Edebi
eseriň forma-mazmun bitewiliginiň çylşyrymlylygy hem şundadyr.
Çeper forma her bir anyk edebi eserdäki çeper mazmunyň formasy
hökmünde ýaşaýar. Şol bir wagtyň özünde çeper mazmun hem anyk bir eseriň
çeper formasynyň anyk mazmuny hökmünde ýaşap bilýär. Eger ýazyjy öz
döredijilik maksadyny durmuşa geçirmek üçin, meselem, esse ýa-da nowella
žanryny saýlan bolsa, onda ýazyjynyň bu eserine, hökman, şol žanrlaryň gizlin
mazmuny girip başlaýar. Anyk şu esse ýa-da şu nowella üçin häsiýetli bolan we
gaýtalanmajak mazmunly forma eýe bolýan eser döreýär. Üns beren bolsaňyz,
ýokarky sözlemde “mazmunly forma” diýen jümle peýda bolandyr. Bu, elbetde,
ýöne ýerden däl. Sebäbi forma bilen mazmun biri-birine aýrylmaz suratda
baglydyr. Dogrysy, forma bilen mazmun bitewidir. Şonuň üçin formanyň hem,
mazmunyň hem özbaşdaklygy otnositeldir.
Mazmunyň, öz tebigaty boýunça, dünýä hakda, durmuş hakda, döwür
hakda, adam hakda okyja bir zatlary habar bermekden ybarat hyzmaty bar.
Şundan görnüşi ýaly, mazmun öz-özlüginde diňe maglumatlaryň toplumydyr.
Şol görnüşde ol heniz çeper eser däldir. Eger mazmun çeper forma bilen bir
bitewilige girse, şonda ol çeper mazmunlyk häsiýete eýe bolýar. Diýmek, edebi
eseri gutarnykly çeper esere öwürýän çeper forma bolup çykýar. Şoňa görä
forma-mazmun gatnaşygynda olaryň haýsyna ilkinjilik derejesini berjegiňi biler
ýaly bolmaýar. Bir seretseň, mazmuny çeper mazmun edýän forma ýaly bolýar-
da, ilkinjilik forma degişli ýaly bolýar. Bir seretseň, formany kesgitleýän mazmun
bolup, ilkinjilik mazmuna degişli ýaly bolýar. Filosoflaryň biragyzdan diýen ýaly
tassyklamaklaryna görä bolsa, mazmuna ilkinjilik degişlidir. Çeper edebiýatyň

79
formasy we mazmuny babatda olaryň haýsynyň ilkinji bolanynyň ýa-da
bolmanynyň tapawudy hem ýok. Edebi eser üçin forma bilen mazmunyň
bitewiligi, birligi zerur. Çeper mazmun çeper forma bilen bitewilikde çeperçilik
gymmata eýe bolup biler. Olar dine bitewilikde çeper gymmatlyk häsiýetini alyp
bilýärler. Edebi eseriň forma-mazmun bitewiliginiň çeperçilik ölçegi formanyň
mazmuna geçen ýaly ýagdaýa, mazmunyň hem forma geçen ýaly ýagdaýa
ýetmegindedir.
“Başgaça aýdaňda, durmuş materialy obraza, ýagny mazmun forma
öwrülýär. Ikinji tarapdan, obrazy, ýagny formany söksek, analiz etsek, ol biri-
birine bagly köp sanly sosial hadysalara, ýagny mazmuna öwrülýär. Diýmek,
mazmun forma öwrülýär, forma mazmuna öwrülýär. Olary biri-birinden aýyrmak
mümkin bolmaýar”.1
Çeper edebiýatyň formasy we mazmuny hakda gürrüň edilende, bütünleý
abstrakt düşünjeler hakda söhbet edýändigimizi ýene bir gezek ýatladýarys.
Aslynda, çeper edebiýat hem gönüden-göni durmuş hakykatynyň özi däl-de, onuň
çeper şöhlelenmesidigini-de mydama hasaba almalydyrys. Şonuň üçin edebi
eseriň formasy we mazmuny hem çeper şöhlenenmäniň formasy we
mazmunydyr. Şöhlenenmedäki forma-mazmuna bolsa abstrakt forma-mazmun
mahsusdyr. Forma-mazmun abstrakt bolany üçin onuň “alamatlary” hem abstrakt
alamatlardyr. Olar hakykat ýüzünde dünýäde bar bolan maddy manyly zatlaryň
forma-mazmuny däldir, olaryň alamatlary hem däldir. Olar edebi eseriň – çeper
şöhlelenmäniň forma-mazmuny bolany üçin, onuň “alamatlary-da” abstrakt
düşünjeler bilen bagly bolýar. Bu abstrakt düşünjeler şertli düşünjelerdir. Şonuň
üçin şertli alnan düşünjeleriň şertli alamatlary hakda gürrüň edilende, biziň
söhbetimiziň hem şertli boljakdygyna düşünmelidiris.
Aýdaly, mazmun diýilýän abstrakt şertli düşünjeden bölünip alnan sýužet
diýlen abstrakt şertli düşünje hakdaky ylmy düşündirişleriň abstrakt pikir
ýöretmelere we abstrakt netijelere ulaşyp gitjekdigi ikuçsyzdyr. Görnüşi ýaly,
şertlilik şertliligi talap edýär. Ol şertlilikler pikir ýöretmelerden bölünip çykýan
göz öňüne getirmeleriň döreden şertliligidir. Şeýle şertlilik bolsa ýene-de abstrakt
şertliligi döredýär. Diýmek, çeper edebiýatyň forma-mazmun alamatlarynyň
hemmesi hem şunuň ýaly şertli abstraktlyga esaslanýar. Şonuň üçin olar hakdaky
ylmy pikir ýöretmeler hem ylmy abstraksiýadan daşdaky bir zat bolmaz. Edil
şonuň ýaly edebi eseriň forma-mazmun bitewiligi hakdaky öňe sürülýän
pikirleriň hem abstrakt häsiýete eýe boljakdygy şubhesizdir. Çeper edebiýatdaky
forma-mazmun bitewiligi hem şertlidiir hem-de abstraktdyr. Olary hem diňe
abstrakt göz öňüne getirmelerde bitewileşdirip bilýäris.
Professor J.Allakow şeýle bir pikiri öňe sürýär:
“Emma ylmy düşünjeler, abstrakt zatlar, guraksy maglumatlar okyjyda
emossional duýgulary oýaryp bilmeýärler”.2 Eýsem onda biziň abstrakt
düşünjeler, abstrakt göz öňüne getirmeler hakyndaky pikirlerimiz çeper edebiýat
1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 109 sah.
2
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 67 sah.
80
bilen bagly pikirler dälmikä? Elbetde, biziň gürrüňimiz hem edebi eseriň özi
hakda bolmasa-da, onuň töweregindäki gürrüňler. Üns beriň, gürrüň edebi eseriň
özi hakdaky däl-de, onuň töweregindäki pikirler we oýlanmalar hakda barýar
eken. Magady, çeper edebiýat bilen bagly bolan edebiýaty öwreniş ylmy bilen,
edebiýat nazaryýetiniň meseleleri bilen baglanyşykly gürrüňlere sepleşip gidýän
pikirler hakynda eken. Şeýle bolansoň biziň gürrüňimiz ylmy düşünjeler bilen
bagly abstrakt giňişliklere aralaşýar. Ylmy düşünjeler bolsa, hakykatdan hem
okyjyda hiç hili emossional duýgulary oýaryp bilmez. Professor J.Allakow bu
ýerde müň keren mamla.
Edebi eser bolsa özüniň formasy boýunça-da, mazmuny boýunça-da
okyjyda güýçli ideýa-estetiki, ideýa-emossional duýgulary oýaryp hem döredip
bilýändigi üçin ylymdan tapawutlanýar. Çeper edebiýat öz okyjysynda
emossional duýgyny oýarmaga ukyply hem bolsa, edebi eseriň süňňüni emele
getirýän elementler hakdaky ylmy söhbet okyjyny tolgundyryp bilmeýär, onda
estetiki-emossional duýgyny oýaryp bilmeýär. Dogry, bu ýerde hem ylmy
netijeler jüpüne düşen edebi-çeper materiiiallar bilen berkidilen halatynda,
alymyň pikirini makullamak, käte haýran galmak duýgularyny döredip biler.
Ýöne ol duýgular estetiki-emossional duýgulardan tapawutly bolar. Olarda
ýalaňaç maglumatlaryň ýüze çykaran duýgularyndan başga zat bolup bilmez.
Ýokarda biziň göz öňüne getirmelerdäki abstraktlyk baradaky gürrüňimiz
hem çeper edebiýatyň töweregindäki hiç hili estetiki-emossional duýgy
döretmeýän ýalaňaç hem guraksy maglumatlar hakyndaky gürrüňlerdir. Olar diňe
ylmy seljerme üçin alnan düşünjeleriň şertliliginden emele gelen abstraktlyklaryň
toplumydyr. Biziň çeper mazmunyň alamatlary hökmünde göz öňünde tutýan
düşünjelerimiz-de şertli abstraksiýadyr. Aýdaly, “forma” düşünjesini “forma”
diýip ulansak hem, häzirki döwürde ýörgünli bolup barýan “şekil” diýen söz bilen
çalşyrsak hem şol bir abstrakt şertlilige esaslanýan düşünje bilen ýüzbe-ýüz
bolarys. Edil şonuň ýaly, “tema” düşünjesini “mowzuk” düşünjesi bilen çalşyrsak
hem, olary, hamana, formanyň alamaty diýsek hem, mazmunyň alamaty diýsek
hem şol bir abstrakt düşünje şertli ýagdaýda göz öňümizde peýda bolar. Forma-
-da, şekil-de, tema-da, mowzuk-da abstrakt düşünjeliginde galar. Olaryň hiç
biriniň maddy manysy-da, mazmuny-da ýa-da maddy zada mahsus bolan şekili-
de, formasy-da göz öňüne gelmez. Biz bu ýerde diiňe şertli suratda alnan sözler,
adalgalar, düşünjeler bilen iş salyşmaly bolarys. Aslynda, çeper edebiýatyň
özüniň durmuş hakykatynyň şöhlelenmesi bolandygyna görä onuň ylmy
seljermesi üçin zerur bolan çeper elementlerine ýa-da çeper alamatlaryna hem
(tema, ideýa, çeper keşp, häsiýet, kompozissiýa, sýüžet, çeper dil, žanr, stil)
aýratynlykda düşünjäniň forma-mazmunyny şertli suratda bermeli bolýarys. Bu
ýagdaý hem bizi edebi eserleriň seljermelerinde ylmy abstraksiýa ýüz urmaga
mejbur edýär. Çeper eseriň formasy we mazmuny babatda hem şu ýagdaý höküm
sürýär. Şonuň üçin edebi eseriň forma-mazmun alamatlarynyň özünde hem ne
forma, ne-de mazmuna gabat gelip bilýäris. Çeper edebiýatyň forma-

81
mazmunynyň alamatlary hasaplanýan adalgalaryň hemmesi abstrakt
düşünjelerdir.
Eýsem ne-hä formasy, ne-de bir mazmuny bolmadyk abstrakt düşünjelere
bir zadyň, onda-da bitewi bir zadyň elementi hökmünde garap bolarmykä? Olary
bitewi bolaýanda bir ýaşayşa ukyply çeper formanyň hem çeper mazmunyň
alamatlary ýa-da agzasy hökmünde ykrar edip bolarmykä? Aslynda, bitewiligiň
ýok ýerinde özi hem ýok zady alamatlara ýa-da agzalara bölüp bolarmykä? Biz
muny “bolmasa gerek” diýip, gümansyradyp goýsagam goýardyk, ýöne şu meselä
ýüzlenen alymlar ony gümansyratmaga ýer goýmandyrlar. Bir bitewiligi (forma-
mazmuny) agzalara böljek bolan awtorlar meseläni bulam-bujar etmek bilen onuň
bütin çylşyrymlylygyny has äşgär ýüze çykarypdyrlar. Bitewi zady bölüp-büçüp,
soň hem ony bitewileşdirmek hakykat ýüzünde aňsat düşmedik bolmaga çemeli.
Sebäbi “bölüjileriň” öz aralarynda hem çeper formanyň elementleri hakynda-da,
çeper mazmunyň elementleri hakynda-da umumy bir pikirleri ýok. Bu meselä
dürli awtor durlüçe çemeleşýär we dürlüçe garaýar. Çeper formanyň we çeper
mazmunyň elementlerine (tema, ideýa, çeper keşp, çeper häsiýet, sýüžet,
kompozissiýa, çeper dil, çeper stil, çeper žanr, ýazyjynyň ýa-da gahrymanyň
durmuş hakykatyna bolan garaýşy) dürli hili çemeleşmäniň we garaýşyň bardygy
eýýäm meseläniň ýönekeý däldiginden habar berýär. Biz aşakda belent sarpa
goýýan halypalarymyzyň her biriniň meseläni nähili bölekländiginiň aýdyň
suratyny görkezmek isleýäris.

Akademik A. Kekilowyň bölüşi:

Formanyň elementleri: Kompozissiýa.


Sýužet.
Dil.
Stil.
Žanrlar.
Usullar.
Mazmunyň elementleri: Durmuş wakalary,
Durmuş hakykaty (tema bolmaga çemeli).
Ýazyjynyň hakykata bolan garaýşy.
Gahrymanlaryň häsiýetleri.1

R.Rejebowyň bölüşi:

Formanyň elementleri: Dil.


Obrazlar.
Kompozissiýa.
Mazmuny ýüze çykarýan, açyp görkezýän,
ony düşnükli edýän serişdeler.
1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat. TDOPN, 1958, 65-66 sah.
82
Mazmunyň elementleri: Ideýa.
Ahlak (häsiýet bolmaga çemeli)
Meselä siňdirilen belli bir nukdaý nazar bilen
teswirlenen durmuş materiallary.1

Ö.Abdyllaýewiň bölüşi:

Formanyň elementleri: Sýužet.


Dil.
Stil.
Žanrlar.
Kompozissiýa.
Mazmunyň elementleri: Tema.
Häsiýet.
Obraz.
Sýužet.
Ideýa. 2

J.Allakowyň bölüşi:

Formanyň elementleri: Çeper obraz.


Çeper häsiýet.
Kompozissiýa.
Sýüžet.
Çepe dil.
Žanrlar.
Çeprçilik serişdeler.
Mazmunyň elementleri: Tema.
Problema.
Sýužet.
Kompozissiýa.
Çeper obraz.
Ideýa.
Awtoryň suratlandyrýan hadysalaryna,
gahrymanlaryna berýän ideýa-emossional
3
bahasy.

M.Amansähedowyň bölüşi:
1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan” , 1966, 107-111 sah.
2
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 97-106 sah.
3
J. Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 58-74 sah.
83
Formanyň elementleri: –

Mazmunyň elementleri: Zadyň, hadysanyň, wakanyň özboluşlylygy.


Häsiýet.
Obraz.1

Üns beren bolsaňyz, forma-mazmunyň elementleriniň dürli awtorda


dürlüliginden daşgary, olaryň sany-da her awtorda bir hilidir. Görer göze-de
bildirip duran bu dürli-dümenlik meseläniň çözgüdini bir ýere çugdamlamaga
asla maý bermeýär. Şu ýerde kanuny bir sorag ýüze çykýar. Eýsem bu awtorlaryň
haýsyna ynanmaly? Eger forma-mazmunyň bitewiliginden ugur alsaň, olaryň hiç
birine-de ynanyp boljak däl. Awtorlaryň hemmesi hem bitewi zady para-para
edip, böleklere bölüp goýupdyrlar. Bu alymlaryň käbiri bitewilik ýörelgesinden
ugur alyp, aýry-aýry elementleri, aýdaly, sýüžeti, kompozissiýany, çeper keşbi
hem forma, hem mazmuna element hökmünde degişli edýärler. 2 Eger bular
forma-da, mazmuna-da degişli bolýan bolsa, onda beýleki elementlerde hem şu
häsiýet bolmaly. Aýdaly, çeper dili näme üçin bu sanawa ýa-da bu hatara goşjak
däl? Elbetde, ony-da goşmaly. Sebäbi dil çeper edebiýaty özbaşdak sungat
derejesine ýetirip, oňa söz sungaty diýdiren alamatdyr. Ol çeper formada hem,
çeper mazmunda hem öz ýüzüni aýdyň görkezip bilýar. Ol özüniň şu häsiýeti
bilen forma we mazmuny bir bitewilige öwürýär. Çeper dilsiz edebi eseriň
formasyny-da, mazmunyny-da göz öňüne getirip ýa-da ýüze çykaryp bolmaýar.
Ol döredijilik işinde ýazyjynyň esasy ýaragydyr. Çeper dil ýokarda forma-
mazmunyň elementi hökmünde sanalan zatlaryň hemmesiniň içinden eriş-argaç
bolup geçýär. Çeper dile häsiýetli bolan şu aýratynlyk beýleki element
diýilýänler üçin-de mahsus häsiýetdir. Forma-mazmunyň elementleri hasaplanýan
zatlaryň şu häsiýetini duýan käbir awtorlar forma-mazmunyň elementleriniň belli-
bellilerini olaryň ikisine-de – forma-da, mazmuna-da degişli edýärler. Sýužet
bilen kompozissiýanyň forma üçin hem, mazmun üçin hem elementlik
hyzmatynyň bardygyny nygtaýarkalar, olaryň gönüden-göni forma-mazmunyň
bitewiligi baradaky ýörelgeden ugur alandygyna ynanasyň gelýär.3
Edebiýatçy alymlaryň köpüsi edebi žanry formanyň elementi hökmünde
ykrar edýärler. Eýsem, onuň çeper mazmuna dahylly ýeri ýokmykä? Elbetde, bar.
Liriki mazmunyň liriki gahrymanyň duýgularynyň mazmunydygyny, kyssawy
mazmunyň, köplenç, gahrymanyň hereketleriniň mazmunydygyny göz öňünde
tutsaň, göz-görtele ýüze çykyp duran şu tapawudy döredýäniň edebi eseriň
žanrydygyny aňşyrmak üçin ullakan bir akyl gerek däl bolsa gerek. Edebi žanrlar
1
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012, 69-74 sah.
2
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 107-111 sah. ;
3
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 97-106 sah. ; J.Allakow. Edebiýat
ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 58-74 sah.
3

84
çeper mazmunyň gönüden-göni öz tebigatyna ýugrulyp-ýaýylyp ýüze
çykarylmagyny isleýär, has takygy, olaryň tebigaty şony talap edýär. Bu ýerden
her edebi žanryň özüne mahsus forma-mazmun bitewiliginiň bardygy ýüze
çykýar. Beýle diýildigi, elbetde, çeper edebiýatyň forma-mazmun bitewiliginiň
edebi žanryň çägine çenli daraldyldygy däldir. Gaýtam, ol çeper edebiýatyň
forma-mazmun bitewiliginiň bütin giňliginde ykrar edildigidir. Sebäbi çeper
eseriň her biri ýalňyz bir edebi žanryň çäginde ýaşamaga ukyplydyr. Söz
sungatynyň taryhynda iki žanrda ýazylan eser heniz-ä ýok. Hatda goşgy bilen
kyssanyň garyşdyrylmagynda ýazylan eserlerimiziň hem dessan ýa-da epos
(şadessan) diýlip atlandyrylýan öz žanrlary bar. Şonuň üçin žanr diňe forma
däldir. Ol çeper mazmunyň ösüşine başdan-aýak gözegçilik etmek bilen formany-
da, mazmuny-da özüne tabyn edýär. Bu bolsa, eger edebi žanr forma-mazmunyň
elementi bolsa, onuň forma-mazmunyň bitewiligine dahylly elementdigini
aňladýar. Nazaryýetçi alymlaryň edebi žanryň şu häsiýetini hasaba almazdan, oňa
diňe formanyň elementi hökmünde garamaklary bilen ylalaşasyň gelmeýär.
Professor Ö. Abdyllaýew häsiýeti-de, çeper keşbi-de (obrazy) mazmunyň
elementleriniň hataryna goşýar. Professor J.Allakow bolsa häsiýeti-de, çeper
keşbi-de (obrazy) formanyň elementleriniň sanawynda seljerýär. Belli nazaryýetçi
alym R.Rejebow bolsa bütünleý başga bir pikiri öňe sürýär. Halypa alymyň
pikiriçe, çeper keşp (obraz) formanyň, ahlak (häsiýet) bolsa mazmunyň
elementidir. Çaşyň gözüne seredenden hem beter ýagdaýa düşüp, kelebiň ujuny
ýitirseň, ýitirip oturmaly. Ýöne kelebiň ujy ýitenok. Uç forma-mazmunyň
bitewiliginde. Özem bölünmez bitewiliginde. Bölünmez bitewiligi (forma-
mazmun bitewiligini) bölüp-büçüp, özüňi-de, okyjyny-da, yzyny tapmaz ýaly,
çykgynsyz güne salyp oturmakda näme bähbit barka diýseň, diýip oturmaly
ýagdaý.
Bu uly alymlaryň forma-mazmun elementleri babatda pikirleriniň şeýle
çapraz düşmeginiň sebäbi nämedekä? Iňe, şu weli çözüp bolmajak matallygyna
galýar. Forma–mazmunyň elementleri hökmünde orta çykarylan abstrakt
düşünjeleriň haýsyny nirä degişli edeňde-de, ahyr netije üýtgänok. Şonuň üçin
olaryň forma degişli bolany bilen ýa-da mazmuna degişli bolany bilen hiç biriniň
“haram tüýem gymyldanok.” Element hökmünde abstrakt düşünjeler üçin
formada boldy, mazmunda boldy, hiç hili parhy ýok. Sebäbi olar haýsynda bolsa-
da, bir bitewi abstrakt giňişlikde galýarlar. Abstrakt düşünjeler üçin bolsa abstrakt
giňişlik gerek. Elementlere diňe forma-mazmunyň abstrakt giňişliginden
çykmasalar bolýar. Şonuň üçin olary kim nirä degişli etse, edibersin, olardan ses-
seda çykmaýar. Ýöne beýle diýildigi ol alymlary forma-mazmun bitewiligine
düşünmezlikde aýyplandygy däl. Emma şu ýerde olaryň bir säwligini weli
aýtmaly bolýar. Bu alymlar abstrakt düşünjeler hakda pikir ýöredýärkäler, olara
maddy manyly zatlaryň ölçeg daşyny ulanýarlar. Maddy zatlary bölekläp bolýan
hem bolsa, abstrakt zatlary bölüp-büçüp bolmaýar. Hormatly nazaryýetçilerimiz
bolsa soňa erşipdirler. Ol hem şowly bolmandyr.

85
Nazaryýetçi alymlardan diňe M.Amansahedow forma-mazmuna bitewilik
hökmünde garamaga çalşyp, ony elementlere bölmekden saklanjak bolupdyr.
Ýöne ol hem diňe çalşypdyr. Alym formany elementlere bölmese-de, mazmuny
bölmän saklanyp bilmändir.
Hakykatda forma-mazmun bölüp-büçüp, talaňa salyp ýörmeli zat däl. Ol
bir bitewi zadyň öňi-ardy hem däl, ol bir bitewi zadyň hut özi. Şonuň üçin aýry-
-aýry alymlaryň elementleriň forma-mazmuna gatnaşygy hökmünde
düşündirmäge çalyşýan zatlary biri-biriniň içinde ýatan ýa-da biri-biriniň daşyny
dolap duran zatlar. Görnüşi ýaly, şol bir bitewi zadyň (forma-mazmunyň) bize
görünýän “daşy” hem, bize görünmeýän “içi” hem, eger şeýle “iç-daş” bar bolsa,
onda olar şol bir bitewiligiň içi-daşy däl-de, şonuň hut özüdir. Ony başga hili
“içläp ýa daşlap” ýa-da käbir alymlarymyzyň edişi ýaly, elementläp düşündirip
bolmaýar. Forma-mazmun bitewiligi iki zadyň birleşdirilmeginden emele gelen
bitewilik däldir. Ol bir zadyň bitewiligidir. Ol bitewilik bir göwräniň bitewiligi
ýaly bitewilikdir. Şonuň üçin onuň “içini-daşyndan”, “öňüni-arkasyndan”,
“çöwresini-tüzüwinden”, “çepini-sagyndan” üzňeleşdirip göz öňüne-de getirip
bolmaýar, olary aýry-aýry zatlar ýaly aýryşdyryp hem bolmaýar.
Çeper edebiýatda her bir formanyň öz mazmuny bar, her bir mazmunyň
hem öz formasy bar. Olary şu bitewiliginden üzňe göz öňüne getirmek
säwlikleriň döremegine sebäp bolýar. Ylmy seljermeler bolsa säwlikleri we
hatalary öz süňňüne siňdirmeýär. Olaryň her haýsy bir ýerden “men bärde-de,
men bärde” bolşup, güberçekläp ýüze çykyberýär. Çeper edebiýatyň forma-
mazmun bitewiligini elementlere bölmek hem edil şeýle ýagdaýy döredipdir.
Ylmy döredijilikde, onda-da edebi taglymatyň kanunalaýklyklary hakyndaky
seljermelerde şeýle säwlige ýol bermek bolmaýar.
Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, çeper edebiýatyň forma-mazmun
bitewiliginiň diňe onuň özüne mahsus bolan özboluşlylygy bar. Çeper edebiýatyň
forma-mazmunynyň özüniň abstraktlygy ýaly, onuň bitewiligi-de, özboluşlylygy-
da abstraktdyr. Edebiýaty öwreniş ylmy öz derňewlerinde şu abstraktlyklara
daýanmak arkaly ylmy netijeler çykarýar. Çeper edebiýatyň şu hili bitewiliginiň
döreden özboluşlylygy ony jemgyýetçilik aňynyň beýleki görnüşilerinden
düýpgöter tapawutlandyrýar. Eger edebiýatçy alym çeper eseri ylmy taýdan
seljerende, çeper mazmuny formadan üzňekilde özbaşyna derňese, onda ol
seljerýän eseriniň özleşdiren durmuş hakykatynyň guraksy maglumatlarynyň
içine taýyp düşer. Biz formadan üzülip alnan şeýle derňewden eseriň çeper
hakykaty özleşdiriş aýratynlygy hakyndaky seljermäni tapmarys. Formadan
üznelikde derňelen çyplak mazmun hem bizde hiç hili estetiki-emossional duýgy
döredip bilmez. Şeýle ýagdaýda edebi eseriň mazmunynyň hakykatda bolmalysy
ýaly çeperçilik manysy duýulmaz. Mazmun şeýle ýagdaýda bütinleý
çeperçilikden mahrum bolar, asla onuň hiç hili çeperçilik ýokundysy bolmadyk
ýönekeý metbugat habarlarynyň berýän täsirinden artyk täsirli bolmaz.
Mazmunuň ideýa-çeperçilik many-maňzy hem düýpgöter ýitip galar, onuň hiç hili

86
çeperçilik ähmiýeti-de bolmaz. Ol diňe guraksy beýan edilen maglumatlaryň
ýygyndysyna öwrülip galar. Mazmun ýazyjy tarapyndan her taraply özleşdirilen
çeper hakykatdan üzňeleşse, ol diňe taryhçynyň, filosofyň, psihologyň,
sossiologyň, syýasatçynyň özleşdiren durmuş-ýaşaýyş maglumatlaryndan
tapawutlanmaýan guraksy habar beriji serişdelikden başga zat bolmaz. Diýmek,
bu ýagdaý formasyz çeper mazmuny göz öňüne getirmek mümkin däl diýmekligi
aňladýar.
Edil şonuň ýaly, mazmunsyz çeper forma hem abstrakt düşünjeleriň we
sözleriň toplumundan başga zat bolmaz. Çeper formany mazmundan üzňelikde
öwrenmek edebiýatçyny lingwistiň, dilçiniň sözleri, düşünjeleri özboluşly seljeriş
giňişligine çykarýar. Bu giňişlikde pikir ýöretmek edebiýaty öwrenijini öz
ýolundan sowýar. Edebiýatçy alym çeper edebiýatyň formasyny mazmunlaşan
görnüşde, mazmuny hem çeperçilik taýdan gutarnykly formalaşan ýagdaýda
seljermelidir. Bu, elbetde, “formanyň mazmuna we mazmunyň forma geçişi”
baradaky belli filosofik düzgünden ugur alyndygydyr. Diňe şeýdilen ylmy
derňewde durmuş hakykatynyň ýazyjynyň dilinde, ýazyjynyň hem durmuş
hakykatynyň dilinde ýazylan çeper eserine özüniň hakyky bahasyny berip bolar.
Bu baha beriş, öz gezeginde, formanyň we mazmunyň bitewiliginiň
tassyklanmagy bilen utgaşyp gidýänligi üçin hem möhümdir.
Çeper edebiýatyň forma-mazmun gözelligi onuň bitewiliginiň gözelligidir,
olaryň birliginiň alamatydyr. Edebi eseriň forma-mazmun bitewiligi onuň
formasynyň mazmuny, mazmunynyň formany özüne siňdirmegidir. Ýöne bu
“siňiş” olaryň biri-birini ýok etmegi, ýitirim etmegi däldir. Gaýtam tersine, olaryň
ikisiniň hem çeper eserdäki öz hyzmatynyň aýdyň görünmegidir. Diňe şeýle
bolan ýagdaýda ol tutuş çeper eseriň süňňüniň bitewi gözellige beslenmegini
şertlendirip bilýär. Şeýle şertlenişiň bar ýerinde mazmuny formadan, formany
mazmundan üzňelikde seljermäge synanyşan edebiýatçynyň örän çalt aýby
açylýar. Şonuň bilen onuň öz ylmyna ikilik edýändigi ýüze çykar. Sebäbi ol
forma-mazmuny biri-birinden üzňe öwrenmäge synanyşmak bilen özüni
edebiiýatçy hökmünde inkär edýär. Ol özüniň şeýle synanyşygy bilen
taryhçynyyň ýa-da başga bir ş.m. ylymyň wekiliniň hataryna goşulýar. Bu bolsa
edebiýatçy hökmünde öz wezipäňden daşlaşmakdan başga zat däldir.
Çeper eseriň özi taryhy eser bolmasa-da, onuň formasynyň we
mazmunynyň taryhylyk häsiýeti bar. Islendik çeper esere döwrüniň
jemgyýetçilik-taryhy aýratynlygy uly täsir edýär. Her bir çeper eserde onuň
döredilen ýeriniň edebi prossesiniň ýa-da şol töwerege degişli ýurtlaryň
halklarynyň edebi-döredijilik özboluşlylygynyň, çeperçilik ulgamynyň,
edebiýatynyň ösüş ugrunuň hem möhüri bolaýmaly. Bu kanunalaýyk ýagdaý.
Şeýle döredijilik täsir her bir eseriň forma-mazmunynda hem öz yzyny galdyrýar.
Muny çeper edebiýatyň ösüş taryhy bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Her bir
ýazyjy umumy çeperçilik giňişligiň çygrynda eser döredýär. Olaryň hiç biri-de,
aýdaly, täze bir edebi žanr döretjek bolup durmaýar. Edebi prossesiň uzak taryhy

87
ösüşiniň dowamynda kemala gelen edebi žanrlar bilen oňňut edýär. Bu bolsa
edebi-döredijilik galyplaryň, çeperçilik ülňüleriň uzak taryhy döwürler üçin
durnukly we üýtgewsiz dowam etmäge ýaramly hem ukyply bolup galýandygyny
tassyklaýar. Edebi ösüşiň özüne mahsus şu häsiýetli tarapyna her döwrüň we
hemme döwrüň ýazyjylary sadyklyk bilen boýun bolup galýarlar. Şonuň üçin her
bir ýazyjy öz eseriniň temasyny-da, žanryny-da öňünden kesgitleýär. Haýsy
temadan haýsy žanrdaky eser ýazjakdygyny ol ilki bilen öz aňynda mazaly
bişirýär. Kä halatda täze dörän eseriň žanrynyň üýtgäýýän wagtlary-da bolýar.
Ýöne ol örän seýrek duş gelýär.
Şu ýerde gepiň gerdişine görä, ýazyjy H.Şirowyň “Dil laýyklygy” atly
makalasynda K.Gurbannepesow hakda aýdylan bir maglumata ünsi çekmek
isleýäris.
“Ýaş kommunist” gazetiniň edebiýat bölüminde işleýärkäk, Kerim aganyň
“Aýal bagşy” poemasyny ýazmak üçin oňa laýyk dil gözleýşiniň şaýady
bolupdyk. Bu poema girişmezden öňünçä, oňa kybap dili gözläp, taýynlyk
hökmünde “Ene hakda erteki” atly poemasyny ýazdy. Ony şol döwürdäki
“Mydam taýýar” gazetiniň birnäçe sanynda çap etdirip, okamaga getirip berdi.
Poema üçin gözleýän dilini tapandygyny ýüregi bilen syzýardy, muňa
begenýärdi, begenjini bölüşmek, biziň – gazet işgärleriniň pikirimizi bilmek
isleýärdi. “Ene hakda ertekide” ene perzendi üçin döwdür jyn-arwahlar ýaly
ýowuz güýçler bilen hem batyrgaý garpyşýardy.
Erteki-rowaýatdaky ahwal juda tolgundyryjy, kalbyňy mäjumlap barýan
äheňli dilde ýazylandy. Bu eser inçe hem-de çylşyrymly duýgular beýan edilmeli
indiki esere – “Aýal bagşa” girişmäge ykjam taýýarlykdy...”1
Görnüşi ýaly, diňe bir eseriň temasy ýa-da žanry däl, hatda onuň nähili
çeper dil bilen beýan edilmelidigi hem öňünden kesgitlenýän bolmaga çemeli.
Munuň şeýledigini uly ýazyjy K.Gurbannepesowyň şu ýokarda ýatlanan
döredijilik tejribesi hem tassyklaýar.
Ýazyjy tema saýlanda, öz döwrüniň öňe çykaran we salgy beren temasyna
ýüzlenýär. Hatda ol öz döwrüne degişli bolmadyk taryhy temany gozgaýan
halatynda hem, goý, ol üstünden asyrlar aýlanyp, heňňamlar dolanan taryhy tema
bolaýsyn, tapawudy ýok, ol eser, hökman, öz döredilen taryhy döwrüne hyzmat
edýär, öz taryhy döwrüniň idealyny süňňüne siňdirýär. Şeýlelikde, ol eser ideýa-
tematika babatda haýsy hem bolsa bir taryhy döwrüň, magady, özüniň döredilen
döwrüniň idealyna gulluk edýän eser bolýar. Bu bolsa ol eseriň gozgan temasyna
taryhylyk we döwrebaplyk ýokundysyny berýär. Edebi eseriň ideýa-
tematikasynda taryhylyk öwüşgini bar bolsa, ol onuň bütin süňňüni eýelän
çeperçilik özboluşlylygy hökmünde ýüze çykýar. Diýmek, eseriň forma-
mazmuny şeýle taryhylyga boýun bolmaly bolýar we ol, hökman, özüniň taryhy
häsiýeti bilen tapawutlanýan esere öwrülýär. Okyjylar şeýle eserleri gyzgyn
garşylaýarlar we ondan egsilmez ruhy lezzet alýarlar. Şeýlelikde, çeper eseriň

1
H.Şirow. Dil laýyklygy. “Garagum”, №3, 2019, 136 sah.
88
taryhylygy bilen onuň döwrebaplygy bir howadan dem alýar. Taryhy eseriň
taryhylygy bilen onuň döwrebaplygynyň sazlaşygy eseriň forma-mazmun
sazlaşygyndan uzakdaky bir zat däldir. Gaýtam, ol bularyň bitewiliginiň-de delili
hökmünde gymmatlydyr.
Döwrebap eser döwrebap forma-mazmuny talap edýär. Durmuş
hakykatynyň çeperçilik taýdan özleşdirilmegi üçin bu örän möhüm talapdyr.
Şonuň üçin her bir ýazyjy öz eseriniň mazmunyna laýyk gelýän formanyň
gözleginde bolýar. Eger ýazyjy öz eserinde döwrebap täze temany döwrebap
forma bilen bezäp-besläp bilmese, onda forma-mazmun bitewiligi ýitýär. Çeper
eseriň forma-mazmun bitewiliginiň ýok ýerinde ol eser deň taýlanmadyk ýük ýaly
bir tarapa gyşarmak bilen bolýar. Muny Zeliliniň dili bilen aýtsak, ol bir meňzile
ýetmeýän ýük (“Bir menzile ýetmez ýüküň egrisi”) ýaly bir tarapa agýar. Edebi
ösüşiň taryhynda şeýle gözgyny ýagdaýly eserleriň duş gelýän pursatlary-da az
däl.
Şu ýerde türkmen edebiýatynyň taryhynda ýüze çykan bir ýagdaýa ünsi
çekesimiz gelýär.
Patyşa Russiýasy Zakaspi oblastyny basyp alandan soň, Türkmenistany
gutarnykly özüne birikdirýär. Şu döwürde (1884-1917ý.) edebi prossesiň ösüşi
bütünleý öz ugruny ýitiren ýaly bir ýagdaý emele gelýär. Döwür, durmuş
döredijilik adamlaryny çylşyrymly hem gümürtik ýagdaýa salýar. XIX asyryň
ahyrlaryndaky we XX asyryň başlaryndaky türkmen edebiýatynda XVIII-XIX
asyr edebi prossesine mahsus bolan ýokary ideallylyk, ýokary döredijilik joşguny
bir hili öz-özünden ýatyp galýar. Munuň şeýle bolmagyna, bir tarapdan, döwrüň
çylşyrymly ýagdaýy, ikinji tarapdan, dörediji zehinleriň ownamagy sebäp bolýar.
Bu döwürde türkmen başyna düşen syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýyň özüne ýetiren
zyýanyny-da, bähbidini-de anyk saýgaryp bilmeýär. Üstesine-de, bu döwür
özüniň keminelerini, seýdilerini, mollanepeslerini we gaýrylaryny orta çykaryp
bilmeýär. Dörän syýasy-jemgyýetçilik ýagdaý halkyň aňyna we ruhuna sarsgyn
salýar. Halk Çingiz handan soň hiç bir keseki duşmana per bermän, depesine täç
edip, gylyç syryp, galkan tutup, goraglan Watanyndan, ata-baba ýurdundan el
ýuwan ýaly oý pikirlere özüni aldyrýar. Dininden-şerigatyndan dynan ýaly,
namysa galan ýaly, ary köýen ýaly, depesinden dag basan ýaly, aýagynyň
astyndaky ýer süýşen ýaly güne düşýär. Akyllar alasarmyk, pikirler gümürtük,
göwünler synyk ýagdaýa düşürilen halkyň sagyny-soluny saýgarmaga mejaly
bolmaýar. Şonuň üçin bu döwrüň edebi döredijiligine-de eýelik etmelileriň şeýle
hemme taraplaýyn ebgarlan halkyň içinden çykmalydygyny we çykandygyny
nazarda tutmazlyk mümkin däl. Asyrlaryň sepgidinde dörän çeper edebiýatyň
ykbaly, ine, şeýle ruhy taýdan pese düşen halkyň wekilleriniň çeperçilik zehinine
bagly boldy. Şonuň üçin bu döwürde edebi prossesiň ösüşiniň ýüzi gaýtdy.
Edebi ösüş arzuwçyllykdan ýaňa asmanda pelpelleýän derejeden dik
başaşak inip, ýere düşdi. Ol ýere düşüp, her ýerde gözüne ilen kemçilige
barmagyny çommaldyp ýören edebiýata öwrüldi.

89
XVIII-XIX asyrlaryň şertinde bolsa çeper edebiýat tire-taýpalaryň
agzybirligini, bitewi döwletliligi, bitewileşen berkarar döwletiň başynda hem
adalatly şany oturtmak arzuwy bilen joşdy. Bu ideal şol döwürleriň edebiýatynyň
baş idealy boldy. Magady, bu döwürlerde şeýle belent idealy baýdak edinen
edebiýat kemala geldi. XIX-XX asyrlaryň sepgidinde bolsa edebiýat özüniň düýp
maksadyny amala aşyran ýaly ýagdaýy başdan geçirdi. Muňa ýurtda emele gelen
syýasy-jemgyýetçilik ýagdaý sebäp boldy. Bu döwürde, bir seretseň, öňki
dagynyk hem agzala tire-taýpalar birleşip, bir döwlete gulluk edýän ýaly hem
etmeýän ýaly, bir seretseň, bir agza bakýan agzybir türkmen jemgyýeti emele
geläýen ýaly hem gelmedik ýaly, bir bitewi döwlet hem bolunaýan ýaly hem
bolunmadyk ýaly, adalatly-adalatsyz, garaz, patyşaň hem bar ýaly hem ýok ýaly
ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolundy. Öňki ýaly keseki ýurtly basybalyjylaryň
talaňçylykly çozuşlarynyň soňuna çykylan ýaly, üstüňe çozulup, “ogul-olja, gyz-
ýesir” edilip, äkidilip durulmaýan ýaly, ýurt otnositel asuda hem imisala durmuşy
başdan geçirip duran ýaly görünýän syýasy-jemgyýetçilik ýagdaý döreýär.
Bu ýagdaý, elbetde, XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki edebiýatyň baş
idealyny tapmagyny bökdeýär. Edebiýat öz ösüş ugruny aýdyň göz öňüne getirip
bilmeýär. Durmuşda ýüzlenäýmäge ne tema tapýar, ne mesele. Edebi prossesiň
ösüşinde ýüze çykan bu alasarmyk ýagdaý çeper döredijilik işini jemgyýetçilik
mazmundan birneme daşlaşdyrýar. Çeper edebiýat diňe bir özüniň baş idealyny
däl, eýsem emele gelen bu syýasy-jemgyýetçilik durmuşyň nämesini öwmeli,
nämesini syndyrmalydygyny bilmän ejir çekýär. Edebiýat özüniň ideýa-tematik
ugruny kesgitläp bilmän kösenýär. Çeper edebiýat tema saýlamak babatda heniz
görülmedik derejede ownaýar. Ol hatda bu ýyllarda naturalizme çenli baryp
ýetýär. Beýle diýildigi liriki mazmun şeýle bir dar çäklerde öwrüm etdi
diýildigidir. Munuň şeýledigini şol döwürde döredilen şygyrlaryň atlaryndan hem
hiç bir kynçylyksyz aňyp bolýar. Eýsem Durdy Gylyjyň “Eşekli”, Körmollanyň
“Çemçe”, “Göle dawasy”, “Arynyň” Ata Salyhyň “Dogramadan doýurmady
ýaranlar”, Molladurdynyň “Çärjewden alan gelniň gutly bolsun, Heşdek baý”,
“Daýhanlary biderek aldandyr Hojaguly” ýaly şygyrlarynyň ideýa-tematik örüsi
hem muny aýdyň tassyklaýar.
Döwrüň edebi prossesiniň şu hili alasarmyk ýagdaýy başdan geçirmegi
zehinli şahyr hökmünde özüni tanadan Mollamurta hem öz täsirini ýetirýär.
Mollamurt, nämede bolsa, beýlekilerden tapawutlylykda, öz döwrüniň syýasy-
-jemgyýetçilik ýagdaýynyň üýtgändigini ilkinjileriň hatarynda duýýar. Şoňa
laýyklykda ol “täze” döwrüň edebiýatynyň temasynyň-da, ideýa-mazmunynyň-da
täzelenmelidigini duýmagy başarýar. Ol durmuşa, döwre epiki taýdan nazar
aýlamaga synanyşyk edip, 1915-nji ýylda özüniň “Emir we Zerli” atly dessanyny
ýazýar.1 Çeper edebiýatyň forma-mazmunynyň taryhylygy we oňa edebi žanryň
gatnaşygy hakdaky meseläni şu dessanyň mysalynda has aýdyň göz öňüne getirip
bolýar.

1
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil-edebiýat we milli golýazmalar instituty, 317-nji bukja.
90
Dessanyň ýazylan wagtyna üns beren bolsaňyz, ol Türkmenistanyň patyşa
Russiýasynyň goly astyndaky baknalyk döwrüni başdan geçirýän we halkyň
ýykma-ýykylma gün-güzeran dolaýan döwründe dörän eser. Bu ýyllar türkmen
halkynyň täze baknalyk gatnaşyklaryna esaslanýan syýasy-jemgyýetçilik
düzgünleriň zülum-sütemine sezewar edilen ýyllary hökmünde taryhda yz
galdyrdy. Bu ýyllar, halk içinde aýdylyşy ýaly, döwür täzelenen hem bolsa,
döwran täzelenmedik zamanasy hökmünde taryha giren döwür. Öň süňňi gowşan
üç sany feodal döwletiň gysajyna girmän, ýaşap bilen halk üçin bu örän agyr
döwür boldy. Garagumuň giň sährasynda özüçe “erkana” hem agaýana ýaşaýşa
uýgun halkyň boýnuna kapitalistik düzgün-nyzamlarynyň talaplaryndan gözbaş
alýan täze bir towky ildirildi. Bu towky keseki bir ýurdyň öň görlüp-eşidilmedik
zulum-sütem towkusydyr.
Mollamurt şahyr hökmünde döwrüň şu häsiýetli aýratynlygyna
beýlekilerden has ir göz ýetirdi. Ol Sarahsda patyşa dikmeleriniň biri bolan we
kazylyk derejäni eýeläp oturan Emiriň ahlaksyz eden-etdiliklerini tankytlamagy
maksat edinip dessan ýazýar. Dessanyň baş gahrymanynyň adyna (Emir) üns
berseňiz hem Mollamurtuň iş salyşýan personažynyň kimdigi öňünden belli
bolýar. Şahyr bu eserinde öz zamanasynyň döwrebap meselesini patyşalyk
şertlerindäki täze bir ýokary gatlak wekiliniň – kazynyň “täzeçe” ahlak sypatyny
açyp görkezmegi maksat edinýär. Şunlukda, dessanyň temasy ahlak meselesi
bilen bagly bolýar. Bu, elbetde, dessan žanry üçin täze temady. Şahyr ahlak
meselesini Emir bilen Zerliniň söýgi gatnaşyklarynyň esasynda açmaga
synanyşýar. Şonuň üçin dessanda söýgi meselesi täze döwrüň ahlak
gatnaşyklaryny açmaga ýa-da başgaça aýtsak, söýgä biwepalyk ahlagyny
ýazgarmak üçin orta atylýar. Şeýlelikde, dessanyň ideýasy biwepalygy
ýazgarmak bilen bagly ýüze çykarylandygyny görýäris. Tema, ideýa hakdaky bu
gürrüňler eseriň mazmuny bilen aýrylmaz bagly bolan gürrüňlerdir. Eseriň
temasy hem, ideýasy hem mazmunyň elementleri diýilýänlere degişlidigini
nazara alsak, onda biz bu ýerde köne temanyň (ahlak) täze mazmuny bilen, täze
ideýanyň (biwepalygy ýazgaryş) köneçe çözgüdi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Eseriň dessançylyk forma-mazmuny hakdaky gürrüň şunuň bilen
gutaraýmaly ýaly. Ýöne ony gutaryp bolanok, sebäbi eseriň forma-mazmuny
hakykat ýüzünde beýle bir gülala-güllük däl. Şahyr bu eserde täze ideýa-
mazmuny köne forma salyp, ullakan säwlik göýberýär. Ol döwrüň täze
mazmunyny möwriti öten forma (dessan žanryna ) salyp ýalňyşýar. Şahyr durmuş
hakykatyny çeper hakykata geçirmegiň formasyny tapman kösenýär. Ol ak
patyşanyň döwri diýilýän taryhy zamananyň möhüm meselesini gozgamagy
başarýar, ýöne täze mazmunly temany köne forma-köne žanra (dessan žanryna),
dessançylyk däpleriniň ülňüsine salyp, täze çeper mazmuny ýüze çykarjak bolýar.
Bu bolsa eseriň forma-mazmun bitewiligine uly zarba urupdyr. Ol çeper
edebiýatda forma-mazmunyň taryhy häsiýete eýedigini gözden salypdyr.

91
Mollamurt bu eserinde dessançylyk däpleriniň ähli şertliliklerini saklapdyr.
Ýöne awtor dessanyň sýüžet ýordumynyň ösüşinde durmuş hakykatynyň
mümkinçilik bermeýän ýerlerinde ony saklajak hem bolmaýar. Sebäbi
Mollamurtuň bu dessany formasy boýunça köne bolsa-da, ýüzlenen durmuş
hakykaty täze hakykat. Ol awtora hemme halatda ähli dessançylyk şertliliklerini
saklamaga ýol bermeýär. Şu hem eseriň forma-mazmunynyň sazlaşyksyz
bolmagyna getirýär.
Şahyr bu dessanynda nezireçilik däbine ýüz urmaýar, has dogrusy, öňden
taýýar sýužete ýüzlenmeýär. Ol öz döwürdeşleri bolan kazy Emiriň we garyp gyz
Zerliniň yşky başdan geçirmeleri bilen bagly sýužeti yzarlaýar. Emiriň söýgi
meselesindäki ahlaksyz hereketleri şahyry gahrymanynyň gara perdesini syrmaga
mejbur edýär. Döwrüň hakykatyna esaslanýan häsiýet hem, mazmun hem
dessançylyk däpleriniň şertlerine sygmaýar. Şonuň üçin ol awtor hökmünde
döwrüň durmuş hakykatyndan sowlup geçmän, ony öz hakykat ýüzündäki bolşy
ýaly beýan etmege mejbur bolýar. Eseriň baş gahrymany bolan Emiriň
häsiýetinde, öňki yşky dessanlardaky ýaly, söýgä wepalylyk däl-de, söýgä
biwepalyk has agdyklyk edýär. Bu bolsa awtora döwrüň sosial nogsanlyklarynyň
içinden geçirilen söýgi meselesine päk yşky häsiýet bermäge mümkinçilik
goýmaýar. Aşygyň ahlaksyzlygy Mollamurta öz göwün islegine görä söýgi
meselesine çözgüt bermäge ýol bermeýär. Dessanyň mazmuny öz döwrüniň
durmuş hakykatyndan ugur alýar. Çeper mazmunyň talaplary çeper formanyň
meýillerine baş bermeýär. Dessanda forma-mazmun ylalaşygy örän ýuka. Çeper
mazmun özüne laýyk çeper forma salynmasa, şeýle näsazlygyň ýüze çykjakdygy
kanuny ýagdaý. Dessan žanry döwrüň durmuş hakykatyny ýüze çykarmakdan
ejiz gelýär. Bu žanryň çeperçilik däpleri täze mazmuny açyp görkezmäge ýeterlik
mümkinçilik bermeýär. Täze mazmun köne forma sygmaýar. Bu bolsa eseriň
forma-mazmun sazlaşygyny bozupdyr. Eseriň forma-mazmunynyň taryhylyk
häsiýetine şikes salypdyr. Forma-mazmunyň taryhylygynyň ýok ýerinde olaryň
bitewiligi hakda hiç hili gürrüň hem bolup bilmez.
Bu, belki, Mollamurtuň günäsi hem däldir. Sebäbi “Emir we Zerli” dessany
döredilip ýörlen wagtynda heniz döwrüň öňe çykaran meselesini taryhy
dogruçyllykda epiki häsiýetde beýan etmek babatda, Mollamurta nusga bolar
ýaly, döredijilik tejribesem, epiki çeperçilik däplerem ýeterlik kemala
gelibermändi. Dogry, Abdysetdar Kazynyň döredijilik tejribesini nusga edip
bolardy. Onuň “Jeňnama” poemasy XIX asyryň ikinji ýarymynda bolup geçen
taryhy söweşler hakyndaky eserdi. Ýöne ol hem entek nusga bolarlyk derejede
ýazylan kämil poema däldi. Mollamurt okumyş adam. Onuň Abdysetdar Kazynyň
bu eseri bilen tanyş bolandygyna hiç hili şubhämiz ýok. Belki-de, Mollamurty
poema žanryna ýüzlenmekden saklan hem şol eseriň döwrüniň wakalaryny
ýokary çeperçilikde açmakdan heniz ejiz gelýändigini duýanlygy üçin bolmagy-
da mümkin.

92
Munuň üstesine-de, Mollamurta çenli dowam eden edebi prossesiň
ösüşinde durmuşa romantiki göz bilen garamagyň ýoň bolandygyny hem
unutmaly däl. Mollamurtuň döwründe hem çeper edebiýat şol romantiki
däplerden saýlanyp gitmändi. Türkmen edebiýaty entek durmuşa realistik usulyň
talaplaryna laýyklykda garamagyň nämedigini hem bilmeýärdi. Mollamurt hem
şeýle edebiýatyň wekili. Hernä, onuň “Emir we Zerli” dessanynyň forma-mazmu-
nynyň biriniň Aýa, beýlkekisiniň bolsa Güne däl-de, ýere bakyp durandygyna
şükür etmeli. Mollamurt romantiki pikir-hyýala ýugrulan, asyrdan-asyra,
ýurtdan--ýurda göçüp-gonup ýören taýýar tema, romantiki göçme sýüžete
ýüzlenmedi. Mollamurtuň eseri ýerdäki hakykaty, öz töwereginde bolup geçýän
wakalary, öz döwürdeşleri bilen bagly hakykaty açmaga synanyşýar. Bu hem
Mollamurtuň döredijilik adamy hökmünde edebi prossesiň ösüş ugruny
aňlandygynyň alamatydyr.
Mollamurtuň bu dessanynyň taryhylygy onuň döwrebap meseläni
gozgamaga synanyşanlygy bilen bagly solgunrak hem bolsa, garaz, ýüze çykýar.
Solgunlygyň sebäbi hem onuň formasynyň döwrebap däldigindedir. Eserde
forma-mazmun bitewiliginiň ýoklugyndandyr. Döwrebap tema döwrebap forma-
mazmuny talap edýär. Bu dessanda bolsa awtor şu çeperçilik talaba dogry çözgüt
berip bilmändir. Mollmurtuň bu eseriniň formasy mazmunyna, mazmuny hem
formasyna laýyk gelmeýär. Şonuň üçin bu eseriň taryhylygy-da amala
aşyrylmadyk gowy niýetiň pidasy bolup galýar.
Çeper edebiýatyň forma-mazmunynyň taryhylygy onuň milliliginiň hem
möhüm şertleriniň biridir. Edebi eseriň forma-mazmuny dogruçyl taryhylyk
häsiýete eýe bolsa, diňe şondan soň ol eserden hakyky millilige garaşyp bolýar.
Eger eseriň taryhylygynda galplyk ýokundysy bar bolsa, onuň milliliginde-de
galplyk ýüze çykyp biler ýa-da onda asla millilikden nam-nyşan bolmaz. Şeýle
eseriň forma-mazmuny hem onuň bähbidini araýan çeperçilik gymmata eýe bolup
bilmez. Çeper edebiýatyň forma-mazmuny özüniň millilik häsiýeti bilen
tapawutlanmalydyr. Edebi eser özüniň forma we mazmun bitewiligi bilen milli
häsiýete eýe bolup bilýär.
Eger çeper edebiýatyň taryhylygy onuň milliliginiň şertlendiriji
alamatlarynyň biri bolsa, öz gezeginde, edebiýatyň milliligine-de taryhylygyň
täsiri uludyr. Olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bularyň biri solgun
bolsa, beýlekisiniň öwşün atyşy-da ondan ýiti bolmaz. Taryhylyk hem millilik
çeper eseriň forma-mazmun bitewiligi arkaly ýüze çykýan hadysalar. Her taryhy
döwür çeper edebiýata özünden öň däpleşen forma-mazmuny ýa-da täze forma-
-mazmuny hödürleýär. Edebiýatyň forma-mazmuny onuň taryhylygynyň,
milliliginiň ýüze çykmagyna şert döretmese, onda döwrüň diňe bir durmuş
hakykaty däl, eýsem taryhy hakykaty-da, milli häsiýete eýe bolan hakykaty-da,
dogrusy, milliligiň-de çeper eserdäki şöhlelenişi juda solgun bolar. Munuň
şeýledigini biz orta asyr türkmen edebiýatyna ser salamyzda, has aýdyň göz
ýetirip bilýäris.

93
Çeper eseriň özboluşly mazmunyny emele getirýän adam hereketleri we
häsiýetleri hut durmuşdaky ýaly özboluşly bolmalydyr. Durmuşda her bir adam
özbaşdak dünýäli, özbaşdak häsiýetli, özbaşdak dünýägaraýyşly şahsyýetdir.
Adamyň şu aýratynlygy edebi gahrymanlaryň häsiýetindäki psihologik
özboluşlylygy emele getirýär. Her bir adamyň özboluşly, özgeleriňkä
meňzemeýän häsiýeti ony başgalardan hereket taýdan hem tapawutlandyrýan
alamatdyr. Adamyň häsiýeti diýmek onuň özi diýmekdir. Adamy onuň
häsiýetinden üzne göz öňüňe getirmek mümkin däl. Bu durmuşda-da şeýledir, ol
çeper edebiýatda hem şeýle bolmalydyr. Çeper edebiýatyň, esasan, adam bilen
ýa-da adam ruhy siňdirilen zatlar bilen iş salyşýandygy üçin onuň
gahrymanlarynyň häsiýet özboluşlylygy-da edil durmuşdaky ýaly özüniň janly
hereketliligi bilen ýüze çykmalydyr. Gahrymanyň ruhy dünýäsinde dörän
galagopluk onuň daşky keşbinden, daşky durkundan üzňe bolmaly däldir. Oňa
hökman täsir etmelidir. Ruhy dünýädäki birahatlyk gahrymanyň daşky
durkundaky ynjalyksyzlygy aňladýan hereketleri ýa-da alamatlary bilen
baglanyşykly ýüze çykarylan halatynda, eseriň forma-mazmunynyň sazlaşykly
bolmagyna, onuň bitewiligine gönüdan-göni täsir edýär. Sebäbi bu hakyky
durmuşyň özünde hem şeýledir. Ýüregi gam-gussa gaplanan adamyň ýüzi-de
gülmez, gözi-de. Şonuň üçin çeper eserde içki hasrat daş keşbiň hasratly
alamatlary bilen utgaşykly ýüze çykmalydyr.
Umuman, edebi eseriň forma-mazmun bitewiliginiň durmuş hakykatyna
laýyk bolmagynda çeper portretiň hyzmaty uludyr. Çeper portret gahrymanyň
hereketleri, içki duýgulary, hyjuwlary, oýlanmalary bilen sazlaşykly çekilen
halatynda, ol janly şekil bolup, göz öňünde janlanýar. Söz sungatynda portret
gahrymanyň daşky keşbini suratlandyrýan we ony özboluşly häsiýet hem-de
hereket bilen tapawutlandyrýan çeper serişdedir. Çeper portret gahrymanyň
häsiýetine tipik forma we mazmun bermekde hem beýleki çeperçilik serişdeler
bilen deň derejede gatnaşýar. Onuň bu babatdaky hyzmaty örän uludyr. Eger
okyjy gahrymanyň daş keşbiniň janly hereketleri arkaly ony özboluşly
häsiýetdäki keşp hökmünde göz öňüne getirýän bolsa, onda bu çeper portretiň
çeper serişdelik hyzmatynyň jüpüne düşendiginiň alamatydyr. Edebi eseriň
gahrymanynyň daş keşbi onuň ruhy dünýasi bilen sazlaşykly ýüze çykarylanda,
onda ol çeper keşbiň häsiýeti-de, hereketi-de özboluşlydyr, tipikdir,
ynandyryjydyr we ýatda galyjydyr. Bu bolsa eseriň formasy bilen mazmunynyň
bitewiliginiň alamatydyr. Sebäbi eseriň gahrymanynyň öz formasyna laýyk çeper
mazmuny bardyr. Mahlasy, keşp bitewidir. Ol formasy mazmunyny, mazmuny
hem formasyny şertlendirýän keşp hökmünde örboýa galan janly keşpdir.
Çeper portret arkaly ýazyjy öz gahrymanyna bolan garaýşyny-da ýüze
çykaryp bilýär. Edebiýatçy alym R.Rejebow bu barada şeýle ýazýar: “Meselem,
B.Kerbabaýew Mämmetweli hojanyň daş keşbini şeýle görkezýär.

94
“Märekäniň orta gürpünde diň salyp oturan suwulgan ýüz, geçiguş sakgal,
çakan göz Mämmetweli hoja dawany açdy. Ol uzyn ýeňli ala donundan akja elini
çykaryp, sakgaljygyny sypady-da, söze başlady”.
Şu portretde personažyň ýüz keşbiniň görkezilişinde onuň örän hilegärligi,
akja elleriniň agyr fiziki zähmet bilen hiç wagt meşgul bolmanlygyny, uzyn ýeňli
ala donly keşbinde bolsa ruhany–din wekilidigi aýdyň ýüze çykýar. Suratkeşlik
sungatynda daşky keşp içki mazmuny, gahrymanyň oý-pikirini ýüze çykarmakda
ýeke-täk serişde bolup durýär. Çeper eserde hem ýazyjynyň portret döretmekdäki
wezipesi suratkeşiňkiden ýeňil däldir. Portret jansyz, öli, perwaýsyz, häsiýetsiz
bolmaly däldir. Ol hut ahlak (häsiýet- Ş.G) bolýar. Şoňa görä-de portret beren
mahalynda, ýazyjy öli surat çekýän diýip düşünmän, ahlak döredýärin diýip
düşünýär.”1
Eger ýazyjy çeper portret çekýärkä, edil surätkeşiňki ýaly, onda häsiýetiň
hem çeper keşbiň mazmunyny we formasyny emele getirýändigini şeksiz hasaba
almaly bolýar. Şu hasapdan çen tutsaň, onda edebi eseriň forma-mazmun
bitewiligini gazanmakda çeper portretiň hyzmaty-da az bolmaýar. Şonuň üçin
ussat ýazyjylar öz eserlerinde çeper portrete aýratyn ähmiýet berýärler. Ony çeper
keşbiň häsiýetini açmakda möhüm çeperçilik serişde hökmünde peýdalanýarlar.
Ýazyjy Ýazmyrat Mämmediýew öz eserlerinde çeper portret çekmäge
ussatlarça çemeleşen romançylaryň biridir. Onuň “Şapak” atly taryhy romanynda
çeper portret meselesine ýazyjynyň özboluşly çemeleşendiginiň şaýady bolýarys.
Bu ýazyjynyň agzalan romanynda çeper portret eseriň formasyna-da,
mazmunyna-da dahyllylyk bilen ýüze çykýar. Onuň gahrymanlarynyň häsiýeti
çeper portretiň içinde ýüze çykarylan keşpleri bilen tapawutlanýar. Romanyň
gahrymanlarynyň biri bolan Döwlet öz oýlanmalarynda öz keşbini, has takygy,
häsiýetini şeýleräk açýar. Bu ýerde ýazyjynyň öz gahrymanyna bolan garaýşy
hem mese-mälim ýüze çykýar: “Şu wagtlar ýigdekçe özüni mazaly
daýawlanandyryn öýtdi. Nähilidir bir içki gözbaşdan bedeniň ähli ýerine bir syrly
güýç ýaýrap barýan ýalydy. Damarlary giňäp, olaryň içinden akýan gan
çuslanypdyr. Gözleri, gulaklaram ýitelen ýaly. Asla müşgillik ýök! Ol eşretlidi,
heserlidi. Göwnüne bolmasa, gözüniň alnynda eliň-aýagyň, biliň, boýnuň
berdaşlanyp, döşüň, gerdenleriň giňäp barýan ýaly. Saldamyň barha
artýandygyna-da şubhe ýok. Bu ony ýere salýan agramyndanam bilýär. Ýöne şol
agramy özi duýýar hem duýanok. Şol agramdan telim esse zor bir görünmeýän
ganat seni ýerden ýokary göterip barýar ahyry.” 2
Görşüňiz ýaly, bu alnan mysalda çeper portretiň esasy daýanç merkezleri
bolan gahrymanyň daş keşbiniň ýekeje biri-de agzalmaýar. Çeper portret, adatça,
gahrymanyň içki dünýäsinde ýüze çykan heseriň onuň daş keşbindäki döreden
özgerişlikleri bilen iş salyşýar we şeýlelik bilen, ol häsiýetiň açylamagyna
ýardam edýär. Bu ýerde bolsa gahrymanyň daş keşbine degişli bir agza hem
işledilmeýär. Eýsem onda bu çeper portret dälmikä? Elbetde, çeper portret. Bu
1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat. “Türkmenistan”, 1966, 148-149 sah.
2
Ýazmyrat Mämmedi. Şapak. Taryhy roman. Ikinji kitap. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1991, 274 sah.
95
ýerdäki çeper portret oýlanmalaryň, pikirleriň döreden çeper portreti. Şeýle çeper
portretiň liriki žanr üçin aýratyn häsiýetli alamatdygy hakynda söz ýok.
Bu ýerde ýetginjeklikden ýigitlik möwsümine aýak basýan Döwletiň öz
bedeninde we ruhy dünýäsinde bolup geçýän özgerişlere ýaş ýigidiň öz synçy
nazary bilen baha berilýär. Ýazyjy bu ýerde gahrymany özi synlap, özi netije
çykarmaýar-da, Döwletiň özi-özüni keseden synlaýan ýaly bolup, içki dünýäsinde
çala sudury görnüp başlan portretini çekýär. Munda portret agzasy hökmünde
daşky keşbe degişli agzalar däl-de, içki keşp–göwün işleýär. Döwletiň göwnüne
özüniň ýigitlik çagyna aýak basyp başlandygy baradaky oýlanmalar gelýär we ol
çeper keşbiň hem daşyny, hem içini şöhlelendirýän janly portreti bilen örboýa
galýar. Çeper portretiň edebi eserdäki hyzmaty hem şunda jemlenýär.
Ýazmyrat Mämmediýew öz gahrymanynyň diňe bir içki dünýäsini özüne
synlatmak bilen we öz çeper portretini özüne çekdirmek bilen çäklenmeýär.
Eseriň gahrymany Döwlet öz daş keşbini-de özi synlaýar:
“Goltuk jübüsinden bir aýnajyk çykaran Döwlet öz keşbini synlady.
Burnunuň aşagy gün-günden garalyp barýarmy? Dulugynyň, eňeginiň,
maňlaýynyň telim ýerinde çyntyk-çyntyk düwürtikler peýda bolupdyr.
Goçmyrada gülýärdiň-le? Ýüzüni sypalap görende, hüžžerip gelýän tüýleriň eline
mese-mälim degýändigini duýdy. Onsoň garaýagyz, goýazy hamy hem
hemişekilerden galňan, erni, dodaklary hem ulalan ýaly. Eňegi uzalyp atasynyň,
burny tommaýlap kakasynyňka meňzäp barýar. Buýralanyp duran goňur telpegiň
aşagyndan bakýan gözleriň öňkülerden has jöwherlenendigini munuň özi
aýnasyzam duýýär. Ol içki hyjuwdan ahyry. Şol gözleriň niresindedir bir ýerinde,
megerem ajarlylygynda, ejesiniňkä meňzeş bir sypat barmyş. Başlanýan ýerinde
çatlyşaňkyrlaýan gaşlarynyň seňrik boýunça uzalyp, onsoň orak ýaly bolup aşak
düşmeginiň hem ejesini ýada salyp durýandygyny aýdyp, ulygyzlardyr gelinler
muny çagalykdan bizar edipdiler.”1
Ýazyjy çeper portret döretmekde bu ýerde iki hili tär ulanan ýaly görünýär.
Emma ol beýle däl. Aslynda tär bir. Alnan iki mysalda hem gahrymany özüne
synlatmak arkaly çeper portret döredilýär. Onda iki mysala ýüzlenmek nämä
gerek bolduka diýilmegi mümkin. Onuň sebäbi tär bir hem bolsa, döredilen çeper
portretiň mazmuny bir däl. Olaryň birinjisinde içki dünýäniň çeper portretini
görýän bolsak, ikinjide daşky keşbiň çeper portretini görýäris. Ol portretleriň
ikisine-de bir alamat–janlylyk häsiýetlidir. Döwletiň çeper portreti arkaly onuň
içki hem daşky dünýäsi açylýar. Ol çeper portretleriň häsiýeti bitewileşdirýänligi
üçin, eseriň umumy forma-mazmun bitewiliginiň kemala gelmeginde bularyň uly
goşandy bar.

1
Ýazmyrat Mämmedi. Şapak. Taryhy roman. Ikinji kitap. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1991, 274 sah.

96
ÇEPER EDEBIÝATYŇ
HALKYLYGY WE MILLILIGI

Adamyň durmuş hakykatyna bolan estetiki gatnaşygy onuň jemgyýetçilik


ähmiýetli ideallary bilen aýrylmaz baglydyr. Şu baglylyk çeper edebiýata hem
degişlidir. Sebäbi çeper edebiýatyň predmeti adamdyr. Adamyň durmuş
hakykatyna estetiki garaýşy ýa-da oňa bolan gatnaşygy çeper edebiýatyň özüne
mahsus ideýa-mazmun giňişligini emele getirýär. Şonuň üçin adama mahsus
hereketlerden, häsiýetlerden, arzuw-isleglerden, maksatlardan, ideallardan üzne
çeper edebiýatyň jemgyýetçilik ideallaryny-da göz öňüne getirip bolmaýar. Bu
ýerde jemgyýetçilik ähmiýetli ideal düşünjesine dar manyda düşunmeli däldir.
Biz onuň has giň manysyny–adamyň jemgyýetçilik bähbitli, jemgyýetçilik
gymmatly ideallarynyň ösüşine dahylly bolan zatlaryň hemmesini özüniň ähli
köpöwüşginliligi bilen göz öňünde tutýarys. Beýle diýildigi çeper edebibatyň
hemişe güberçekläp görnüp duran jemgyýetçilik ähmiýetli meseläni gozgamagy
hökmandyr diýildigi däl. Adamyň jemgyýetçilik ruhuny täzeläp bilýän islendik
mesele çeper edebiýatyň ideýa-çeperçilik süňňüne siňip biler. Gozgalýan
meseläniň uludygy ýa-da kiçidigi çeper edebiýatyň jemgyýetçilik ähmiýetine täsir
etmeýär. Bu ýerde esasy zat durmuş hakykatynyň ýokary derejede çeper hakykata
öwrülip bilendigi ýa-da bilmändigidir. Ýokary çeperçilik belentlige galdyrylan
islendik mesele özüne laýyk jemgyýetçilik gymmata eýe bolup biler.
Şeýle bir mysala ýüzlenip göreliň. Şahyr B.Hudaýnazarowda “Bahar
nagyşlary” atly ajaýyp bir şygyr bar. Bu şygyr, öz adyndan hem belli bolşy ýaly,
peýzaž gözelligini suratlandyrýan eser. Ol şondan başga üýtgeşik bir
jemgyýetçilik bähbitli idealy öňe sürüp ýa-da jemgyýetçilik gymmaty bolan
meseläni gozgap duran şygyr däl:

Täze güni buşlap, bagyň içinde,


Sary bilbil saýrar — hoş owaz çykar.
Gündogarda, gözýetimden alysda,
Nurun saçyp, tes-tegelek köz çykar.

Çaýlar çaşly akar, bolmaz ýadawy,


Ak güle öwrüler üljäň pudagy.
Barmaklary bilen ýapyp dodagy
Ýaşyl derwezeden gözel gyz çykar.

Ýyldyrym atylar hatarma-hatar,


Ýalkymy magrupdan maşryga ýeter,
Asman Ýeri gutlap, indi top atar,
Biziň ilde, ine, şeýdip ýaz çykar.1

1
B.Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 139 sah.
97
Şygyr şu ruhda dowam edýän bäş bentlik eser. Biz bu ýerde onuň üç
bendini mysal aldyk. Sebäbi şu alnan bentler hem şygryň umumylykdaky
şahyrana ruhuny berýär. Görnüşi ýaly, bu şygyr adaty peýzaž lirikasy diýilýän
goşgy. Munda hakykatdan hem hiç hili uly bir jemgyýetçilik gymmaty bolan
ideal ýok. B.Hudaýnazarow türkmen topragyna ýazyň gelşini buşlaýan bahar
alamatlaryna bolan özüniň guwanjyny okyjysy bilen paýlaşýar. Şahyryň gözi
bilen synlanan bahar alamatlarynyň özboluşly şahyrana mazmunyny yzarlaýan bu
goşguda liriki gahrymanyň bahar gözelliklerini öz görşi, öz duýşy aýdyň ýüze
çykýar. Şeýle seretseň, bu şygyrda şahsy duýgulara ýugrulan liriki mazmun bilen
ýüzbe-ýüz bolýarys. Munda hiç hili jemgyýetçilik meselesi gozgalmaýar. Emma
bu goşgy jemgyýetçilik gymmaty bolan ideala ýugrulan eser hökmünde öz
okyjysyny tapan şygyr.
Eýsem bu şygryň jemgyýetçilik gymmatly idealy nämede? Ol şahyryň liriki
gahrymanynyň estetiki-emossional duýgulary bilen okyjynyň estetiki-
emossional duýgularynyň belent sazlaşygynda. Sebäbi B. Hudaýnazarowyň liriki
gahrymanynyň gören, syzan, duýan hem guwanan bahar alamatlary köpleriň
gören, syzan, duýan hem guwanan alamatlary. Bu ýerde şahyrana şahsy ideal
bilen umumy ideallaryň birleşmeginden emele gelen sazlaşyk bar. Şol sazlaşyk
hem şygryň jemgyýetçilik gymmatly ideally bolmagyny üpjün edýär. Üstesine-
-de, şahyrana sözüň döreden gözelligi bilen ýönekeý okyjynyň gözellik baradaky
düşünjeleriniň bitewileşmegi şygryň jemgyýetçilik bähbitli gymmatyny has-da
artdyrýar. Şygyrdaky liriki gahrymanyň duýgulary köpleriň ýüregine ýakyn
duýgular bolanlygy üçin, ol şygryň duýgular örüsi köpleri özüne çekýän bahar
howasy bilen ýürekleri ersdirýär. Eger bu şygryň duýgy örüsi diňe şahyryň öz
şahsy duýgusyndan, diňe onuň özüne degişli duýgulardan ybarat bolan bolsa,
onda şahyryň eseriniň jemgyýetçilik ideallylygy-da şübheli bolardy. Belki, bu
şygryň okyjysy-da häzirkisi ýaly köp bolmazdy.
Jemgyýetçilik idealy bolmadyk eserler ýazyjynyň özüne degişli terjiimehal
maglumatlaryň ýygyndysyna öwrülip galýarlar. B. Hudaýnazaarowyň bu
şygrynyň bolsa müňlerçe okyjysy bar. Ol köpleriň söýüp okaýan eserleriniň
hataryny bezeýär. Sebäbi bu şygyr köpleriň kalbyny gozgalaňa salyp bilen ideýa-
estetiki ruha ýugrulan eser. Bu bolsa şygryň diňe bir çeperçilik gymmatyny däl,
eýsem jemgyýetçilik gymmatyny-da, hyzmatyny-da artdyrýär. Şygryň bu
gymmatlyklara eýe bolmagy onuň jemgyýetçilik täsir ediş güýjüne güýç goşýar.
Eseriň şu hili jemgyýetçilik ähmiýete eýe bolan çeperçilik gymmaty bolsa onuň
halkylygyny we milliligini şertlendirýär. Islendik eser halkylyk hem millilik
galyplaryna jogap berip bilýän bolsa, ol onuň ýokary çeperçilikli eserdiginiň
alamatydyr.
Eýsem halkylyk we millilik näme? Çeper eseriň halky we milli bolmagy
üçin nähili talaplar öňe sürülýärkä?

98
Halkylyk we millilik edebi esere baha bermegiň ýokary çeperçilik
ülňüsidir. Ol ülňiniň çäkleri nämeden başlanyp, nämede gutarýarka? Şu soraglaryň
jogabyny şu aşakdaky şertli hem mysaly taslamadan gözlemek dogry bolardy.
Çeper eseriň halky hem milli bolmagy üçin zerur bolan ideýa-çeperçilik we
estetiki-emossional talaplar hem-de şertler şulardan ybarat:

1. Umumyhalk ähmiýetli döwrebap meseläni gozgamak.


2. Döwrebap meseläni taryhy dogruçyllykda we ýokary çeperçilikde çözmek.
3. Döwrüň özüne mahsus gapma-garşylyklaryny açmak.
4. Durmuş hakykatyna halk we milli ideallara laýyk çözgüt bermek.
5. Çeper hakykaty ýokary ideýa ýugurmak we halkyň ruhuny täzelemek.
6. Halkyň ýaşaýyş–durmuş aýratynlyklary, gadymy däp-dessurlary esasynda
döwrebap milliligi esere siňdirmek.
7. Umumyhalk häsiýetini, umumyhalk ruhuny we milli ruhy ýüze çykarmak.
8. Halk gahrymanyny orta çykarmak.
9. Ideal şahsyýeti öňe çykarmak bilen halkyň ruhy ösüşine täsir etmek.
10. Çeper diliň halkylygyny gazanmak.
11. Çeper formanyň halkylygyny gazanmak.
12. Halk döredijiligine ýakynlyk.
13. Ýazyjynyň halky nukdaý nazarlardan ugur almagy.
14. Halkylygyň we milliligiň taryhy düşünjedigini nazara almak.

Biz halkylygyň we milliligiň bu şertleriniň her haýsyna aýratyn


häsiýetnama berip oturmagyň ýa-da olar hakynda aýratynlykda jikme-jik gürrüň
edip, düşündiriş berip ýörmegiň zerurlygy ýok hasap edýäris. Sebäbi bu şertler
çeper edebiýatyň halkylyk we millilik sypatlaryny kemala getirmekde ýazyjydan
edilýän talaplaryň we oňa ylmy taýdan seljeriş geçirilende, edebiýatçy alymyň
göz öňünde tutmaly we ugur almaly badalgalarydygy bellidir. Ýöne bu şertleriň
hemmesi üçin umumy bolan bir ýagdaýy weli ýörite nygtap geçmek zerurdyr.
Çeper edebiýatyň halkylygynyň we milliliginiň sanalyp geçilen şertleriniň
hemmesi-de edebi eseriň ýokary çeperçilige eýe bolmalydygyny talap edýär.
Edebi eseriň halkylygy we milliligi bilen çeperçilik ekiz taýy ýalydyr. Olar biri-
birini şertlendirip duran ölçeglerdir. Olaryň biriniň ýok ýerinde beýlekisi hem
ýokdur. Edebi eseriň halkylygyny onuň ýokary çeperçilik derejesinden üzňe,
eseriň yokary çeperçiligini bolsa onuň halkylygyndan üzňe göz öňüne getirip
bolmaýar. Halkylyk alamatlary kemter eseriň çeperçiligi-de ýeter-ýetmezdir ýa-
da gowşakdyr. Çeperçiligi gowşak eseriň bolsa halkylygy hakda gürrüň hem
bolup bilmez.
Çeper edebiýatyň halk durmuşyna ýüzlenip, ony emelli-emelsiz beýan
edýändigi entek onuň halkylygyny-da, ýokary çeperçilikli eserdigini-de
şertlendirip bilmez. Halkylygy gowşak ýüze çykýan eserlerden ýokary
çeperçiligiň talap edilýän belent derejelerini talap edip bolmaz. Halk durmuşyna

99
ýüzlenen çeper eserlere halkyň milli ruhy siňdirilen halatlarda, diňe şonda, ondan
halkylyk alamatlaryny gözläp bolar.
Halkylyk ýazyjy üçin näçe albaýly dereje bolsa-da, çeperçiligiň bu ýokary
mertebesi olaryň hemmesine aldyryp duran belentlik däldir. Halkylyk gara
çapmak bilen ýetilýän belentlik däl. Ol “ýokary çeperçilik” diýilýän düşünjäniň
esasynda ýatan ähli şertlere amal edýän ýazyjynyň egsilmez watansöýüjilik
joşguny, halk bilen bagry badaşanlygy, “hakdan içen” diýilýän döredijilik zehini,
halky we milli ruha ýugrulan ýokary medeniýetliligi, baý durmuş tejribesi, halkyň
durmuşyna beletligi, belent estetiki ideallary bilen ýetilýän ýa-da alynýan
belentlikdir.
Üns beren bolsaňyz, halkylyk hakyndaky gürrüňleriň bir ýany mydama
“ýokary çeperçilik” diýlen düşünje bilen sepleşip gidip oturandyr. Munuň şeýle
bolmagy, elbetde, kanunalaýyk ýagdaý. Sebäbi çeper eseriň halkylygy onuň iň
ýokary hem belent derejelere göterilip bilendiginiň alamatydyr. Çeper eser üçin
halkylyk we millilik sypatlara eýe bolmak elýetmez belent şahadyr. Ony şol
belentlige galdyryp duran onuň ýokary çeperçiligidir. Halkylyk sungatyň we
edebiýatyň çeperçilik babatdaky iň ýokary mertebesidir. Şeýlelikde, halkylyk
hem ýokary çeperçilikdir, hem sungatyň we edebiýatyň çürbaşyndaky parlak
ýyldyzlar ýaly bir zatdyr. Ol parlak ýyldyzlaryň ýalkymy bir ýere jemlenende
sungat eserleri-de, edebi eserler-de taryhyň garaňky gatlaryndan hem şöhle saçyp
bilýärler.
Halkylyk dürli döwürleriň we dürli taryhy–geografik şertlerde ýaşaýan
dürli halklaryň edebiýatyna hem sungatyna deň ölçeg daşy bilen baha bermegiň
ýeke-täk ýörelgesidir. Sungatyň we edebiýatyň özboluşly hil ölçegi bolan
halkylygyň belentliginde durup, biri-birine meňzeýän dürli döwürleriň we dürli
halklaryň döreden eserleriniň çeperçilik gymmatyny kesgitläp bolýar. Şonuň üçin
sungatda we sungaty öwreniş ylmynda, çeper edebiýatda we edebiýaty öwreniş
ylmynda, çeper tankytda halkylyk düşünjesiniň peýda bolmagy bilen çeper
gymmatlyklara dogry baha bermegiň umumy talaplary ýüze çykýar.
Halkylyk öz süňňi we tebigaty boýunça taryhy düşünje. Çeper edebiýatyň
ösüşi, özgerişi bilen birlikde onuň halkylygy baradaky düşünje-de öz “tüýüni
täzeläp” durýar. Edebi prossesiň taryhy ösüşi munuň hakykatdan hem şeýledigini
bütin aýdyňlygy bilen tassyklap gelýär. Oňa her döwür özüniň kanuny talaplaryna
laýyk gelýän many öwüşginini çaýýar. Her taryhy döwür oňa özüniň özboluşly
estetiki-emossional talaplary bilen çemeleşýär. Her döwür oňa öz taryhy möhürini
basýar.
Çeper edebiýatyň halkylyk ölçegleriniň şeýle özgerip we üýtgäp
durandygyndan zeýrenip diýen ýaly, rus nusgawy şahyry A.S.Puşkin hem öz
döwründe ol barada käbir pikirleri orta atypdyr: “Bize indi ep-esli wagt bäri
halkylyk barada gep nokatlamak, halkylygy talap etmek, halkylygyň kemterlik

100
edýändiginden zeýrenmek ýoň bolup galypdyr, ýöne bu söze nähili düşünmelidigi
barada weli hiç kim pikirem etmeýär.”1
Görnüşi ýaly, heniz Puşkiniň döwründe-de bu sözüň anyk kriterileri işlenip
düzülmän eken. Muňa garamazdan, halkylyk düşünjesi edebiýatda we edebiýaty
öwreniş ylmynyň çygyrlarynda peýda bolup başlaly bäri, ol edebi-çeper
hadysalara akyl ýetirmekde we oňa baha bermekde möhum ölçeg daşy bolmak
hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär. Halkylyk edebi eseriň çeperçilik gymmatyny
ýüze çykarýan esasy alamatlaryň biridir.
XVIII asyrdan öň Ýewropa halklarynyň çeperçilik taýdan hem-de nazary-
-taglymy tarapdan pikirlenişiniň örüsi uzak taryhy döwürleriň dowamynda
gadymy ýunan we gadymy italýan sungatynyň şahyrana-estetiki akyl ýetiriş
hem-de pikirleniş çygrynyň çäginden çykyp bilmän kösenýär. Gadymy ýunan we
gadymy italýan sungatynyň ýüzlenen syužetleri hem-de çeperçilik däpleri olar
üçin edebi nusga bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin olara çeper döredijilikde diňe
gadymy ýunan we gadymy italýan sungatynyň döreden nusgalaryna öýkünmek
ýoň bolýar. Şolara öýkünilmän ýazylan edebi-çeper eserleriň nusgasy doly
çeperçilik gymmata eýe bolmadyk sungat eserleri hasaplanýar. Olar diňe gadymy
ýunan we gadymy italýan sungatynyň işlän sýužetlerine ýüzlenip, hakyky
döredijilik belentliklerine galyp bolar diýen galp düşünjä gulluk edýärler.
Edebiýatyň we sungatyň aýratyn bir hil ölçegini aňladýan halkylyk
düşünjesiniň edebi-çeper hem-de nazary-taglymy giňişliklere aralaşmagy bilen
XVIII asyr Ýewropasynyň estetiki aňynyň hem-de çeper akyl ýetirişiniň
ösüşinde uly bir çeperçilik öwrülişigi başlanýar. Şundan soň her ýurduň edebiýaty
we sungaty ýüzüni öz halkynyň durmuşyna, öz halkynyň arzuw-maksatlaryna, öz
halkynyň ruhy isleglerine tarap öwürýär. Bu, elbetde, Ýewropa halklarynyň
sungatynyň taryhy ösüş ýolunda ägirt uly öwrülişigi alamatlandyrýar.
Ýewropada ýüze çykan we uzak taryhy döwür dowam eden şu edebi-çeper
hadysa meňzeş ýagdaý, ýakyn Gündogar halklarynyň edebiýatynda hem, şol
sanda türkmen edebiýatynda hem öz yzyny galdyrandygyny görmek bolýar. Orta
asyr tümlüginiň şertlerinde döredilen eserlerde, aýratyn-da şygryýetde arap we
pars şygryýetiniň edebi-çeperçilik däplerine öýkünmeklik agdyklyk edýär.
Türkmen edebiýatynda öňden dowam edip gelýän oguznamaçylyk ýa-da
ozonçylyk däpleri ýa-da türkiler diýlip atlandyrylýan şygryýet däpleri orta asyr
şertlerinde öz ornuny arap-pars edebiýatynyň ideýa-çeperçilik däplerine berýär.
Orta asyr Gündogary ýurtlarynyň edebiýatynda hem, türkmen edebiýatynda hem
bu döwürde arap-pars dillerinde gürleýän edebiýatyň öňünde “tagzym etmek”
kada öwrülýär. Arap-pars edebiýatyndan alnan aýry-aýry temalar, göçme
sýüžetler, alynma gahrymanlar, alynma ideýalar liriki şygryýetiň we epiki
eserleriň ideýa-çeperçilik süňňüne mäkäm ornaşýar. Ol eserleriň
gahrymanlarynyň hereket örüsi hem türkmen topragyndan örän alysdaky keseki
ýurtlaryň çäklerinde gizlenip galýar. Muny biz halky dessanlarymyzyň
sýüžetinde-de, ýazuwly edebiýata degişli epiki eserlerimiziň (dessanlarymyzyň,
1
А.С.Пушкин. Полное собрание сочинений, Т. II. М., Изд-во АН СССР, 1949, 40 sah.
101
epiki mesnewilerimiziň – poemalarymyzyň) sýüžetinde-de görýäris. Dini şahslar
bilen bagly dörän rowaýatlaryň, hekaýatlaryň sýüžetlerine esaslanyp ýazylan
çeper eserlerimiziň-ä hiç biri hem arap ýurtlarynyň çäklerinden daşa asla çykyp
bilmeýär. Şeýlelikde, orta asyr türkmen edebiýatynyň özüne saýlap alan
döredijilik ugry umumy Gündogar edebiýatynyň ideýa-çeperçilik ülňülerinden
daşlaşmaýar. Magady, bu döwür tükrmen edebiýaty gaýry halklaryň edebi-
çeperçilik ýörelgelerine öýkünmegi özüne kada edinýär.
Diňe XVII-XVIII asyrlaryň sepgidinde ýaşan beýik şahyr Nurmuhammet
Andalyp türkmen edebi prossesini şu hili öýkünmelerden halas etmäge
synanyşýar. Dogry, onuň döreden epiki eserleriniň, aýratyn-da dessanlarynyň
sýüžetiniň alynma häsiýetlidigini nazara alsaň, onda şahyra bu edebi çeperçilik
öwrülişigiň ýeňil düşmändigine göz ýetirmek bolýar. Şeýle-de bolsa XVII-
XVIII asyrlaryň sepgidinde ilkinji bolup, Andalyp türkmen edebi prossesiniň ösüş
ugruny türkmen durmuşyna, türkmen taryhyna tarap öwürmäge girişýär. Diýmek,
Andalyp edebiýatyň ösüş ugruny halkylaşmaga tarap gönükdürýär. Türkmen
edebiýatyna halkylyk ruhunuň aralaşmagynyň gözbaşlarynda bolan Andalybyň
edebi prossesiň öňündäki hyzmatlarynyň nämelerden ybarat bolandygy hakda
ýörite gürrüň etmäge mynasypdygy üçin, gürrüňimiziň ugruny şu möhüm meselä
tarap öwürmegi müwessa bilýäris. Sebäbi Andalybyň türkmen edebiýatynyň
taryhynda eden bu çeperçilik açyşy edebiýatyň halkylaşmagynyň
gözbaşlaryndaky bitirilen işler bolandygy üçin, olar hakda söhbet etmezlik
mümkin däl.
Andalybyň döredijilik şahsyýetine häsiýetli bolan bu aýratynlyklaryň
kemala gelmeginde taryhy döwrüň hem, edebi ösüşiň hem täsiri uludyr. Taryhy
döwür Andalyby öz zamanasynyň öňe süren jemgyýetçilik meseleleriniň
töwereginde kökerip goýýar. Şahyra döwür hakda, durmuş hakda, türkmen hakda
zamanabap pikir ýöretmekden başga ýol goýmaýar. Türkmeni galyndyrmadyk
tire-taýpa agzalalyklarynyň ýitileşmegi, dagnyklygyň, baş-başdaklygyň,
diýdimzorlugyň hökmürowanlyk etmegi, bitewi döwletsizligiň dowam etmegi,
döwletiň başynda ýa-da ýurduň başynda milli birligi we bitewiligi kemala
getirmäge ukyply hökümdaryň ýa-da adalatly şanyň ýoklugy Andalybyň ýaşan
döwrüniň çözülmeli jemgyýetçilik-syýasy meseleleri bolup öňe çykýar. Şahyr
XVII-XVIII asyrlaryň sepgidindäki türkmen jemgyýetinde emele gelen bu agyr
ýagdaýy ilkinji bolup gören we duýan akyldarlaryň biridir. Şonuň üçin
Andalybyň döredijilik şahsyýetiniň kemala gelmeginde taryhy döwrüň beýik
hyzmatyny inkär edip bolmaýar. Sebäbi Andalyp öz döwrüniň ogly. Ol öz
zamanasynyň jemgyýetçilik ruhunyň we milli ruhunyň göýdükligine akyly kesen
beýik pähimdardyr. Ol diňe bir öz döwrüniň hem däl, özünden soňky döwürleriň
hem beýik akyldary. Hatda öz döwrüniň nogsanlyklaryna taryhy geçmişiň haýyr
we şer işleriniň mysalynda çeper çözgüt berendigi üçin, ol özünden öňki
döwürleriň hem beýik danasydyr. Diýmek, ol beýik akyldardyr, Andalybyň
döredijilik şahsyýeti tutuş süňňi bilen halkydyr.
Görşümiz ýaly, Andalybyň döredijilik şahsyýetiniň nesilleriň ruhy ösüş
ýolunda köprülik hyzmaty bar. Muny biz şahyryň Oguz han eýýamyndan gözbaş
alyp gaýdýan çeperçilik dünýäsiniň mysalynda görýäris. Şeýle-de biz muny
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şahyryň halkara derejesinde 350 ýyllyk
102
ýaş toýunyň dabaraly bellenendiginiň mysalynda görýäris. Bu Andalybyň
döredijilik şahsyýetiniň hemme taryhy döwürlere dahyllylygynyň aýdyň
subutnamasydyr. Bu onuň döredijilik mirasynyň nesilleriň aňynda ölmez-
ýitmezliginiň ajaýyp ýüze çykmasydyr. Ölmez-ýitmezlik bolsa wagt synagyndan
geçmekdir. Wagt synagyndan geçmek hem nusgawylykdyr we halkylykdyr.
Şahyryň döredijilik şahsyýetiniň kemala gelşiniň edebi döwre galtaşygy
hem onuň taryhy döwre dahyllylygyndan gelip çykýar. Sebäbi edebiýat döwrüň
ýüzi we gözi, döwrüň sesi we gulagydyr. Andalybyň döwründe edebi-döredijilik
işiň ösüş ugry oňa zulum-sütemli durmuş hakykatyna, döwrüň göýdük
hakykatyna, türkmen hakykatyna, türkmen ruhuna çeperçilik çözgüt bermeklige
tarap barýan ýoly salgy berýär. Bu döwürde edebi-döredijilik işiň howaýylykdan,
abstraktlykdan, şiresiz, guraksy ündewçilikden, bihuda söz oýnatmadan, galp
waspnamaçylykdan, nakyslykdan, anyk ýersiz-ýurtsyzlykdan, atsyzlykdan,
şahssyzlykdan, umumylykdan, şertlilikden, näbelli wagtlylykdan, aýagy ýerden
üzülen hereketlilikden we gaýry şunuň ýaly badyhowalyklardan ýaňa süňňi bez
bolupdy. Edebiýat özüniň gandüşer borçlaryndan daşlaşandygyny duýupdy. Tutuş
süňňi bilen ebgarlan taryhy döwrüň girdabynda galan edebi döwür özüniň
çeperçilik gözleglerinde öz şahsy derdine ýanasy gelýärdi, öz hususy derdini
paýlaşasy gelýärdi, il-ýurt derdini diýesi gelýärdi. Il derdini, ýurt derdini, dogduk
diýaryň derdini, döwrüň derdini, türkmen milletiniň derdini diýmäge pursat
araýardy.
Andalyba şeýle edebi döwrüň gözbaşlarynda bolmak “bagty” miýesser etdi.
Şonuň üçin onda döwrüň ody bilen girip, durmuşyň küli bilen çykýan döredijilik
şahsyýeti kemala gelipdir. Şonuň üçin hem ol Ýakup şanyň agzala perzentleriniň
ykbalyny yzarlaýan gadymy Ýusup kyssasyna ýüzlenipdir (“Ýusup-Züleýha”
dessany), şahyr şazadalaryň gadymyýetde taryhy zamanalara ýaň salan
agzalalygyny ýazgarypdyr. Onuň bu ýazgaryşy öz döwrüniň sesine ses
goşmagydy. Ýusup kyssasyndaky doganlaryň agzalalygyny ýazgarmak bilen
Andalyp öz zamanasyndaky türkmen tire-taýpalarynyň arasynda dowam edýän
oňşuksyzlygy, öz döwründe höküm süren tire-taýpa agzalalygyny—dogan-
dogana gylyç syryp bilýän ruhy göýdükligi ýazgarýar. Şahyr bu gadymy
kyssadaky şazada doganlaryň arasyndaky duşmançylyk bilen bir-birine gandüşer
dogan-garyndaş bolan türkmen tire-taýpalarynyň arasyndaky duşmançylykda
ýakynlyk görüpdir. Hatda meňzeşlik görüpdir. Şonuň üçin hem ol bu gadymy
kyssa–rowaýata XVII-XVIII asyrlaryň sepgidinde täzeden “jan” beripdir. Şahyr
bu gadymy kyssa–rowaýatda öz döwrüniň çoçgara çolaşan ajy hakykatyny
açmagyň we oňa çeperçilik çözgüt bermegiň aýdyň hem dogry mysalyny
tapypdyr. Bu bolsa umumyhalk ähmiýetli döwrebap meseläni gozgamakdy,
edebiýatyň ideýa-çeperçilik ruhuny täzelemekdi. Diýmek, Andalyp milli ruhy
täzeleýjidir we onuň eserleri halkydyr.
Andalyp Oguz han zamanasynyň taryhyna hem hut şu maksatlardan ugur
almak bilen ýüzlenýär (“Oguznama” poemasy). Ol Oguz hanyň taryhy
eýýamlaryň gatlaryny ýaryp, döwürlere dolan adalatly keşbini we heňňamlara ýaň
salan adalatyny ile göz etmek hem-de adalatsyzlygyň gurbany bolan
döwürdeşleriniň çökgün ruhuna ruh goşmak maksady bilen eline galam alýar.
Oguz hanyň hem onuň ogullarynyň, agtyklarynyň we kowumlarynyň
103
agzybirligini, jebisligini, birligini–bitewiligini döwrebap çeperçilik ülňä salýar.
Agzybirligi, birligi–bitewiligi zamanabap çeperçilik ýörelgeler bilen täzeden
dabaralandyrýar. Oguz hanyň guran we berkarar eden bitewi döwletiniň şan-
şöhratyny heňňamlaryň tümlüginden çykaryp, döwürdeşlerine nusga hökmünde
görkezýär we oňa täzeden şahyrana nur çaýýar, döwürdeşleriniň batyl gözlerini
açýar. Oguz hanyň nebereleriniň we kowumlarynyň agzybirligini döwürdeşleriniň
-türkmen tire-taýpalarynyň agzalalygyna, Oguz hanyň adalatlylygyny döwürdeş
han-begleriniň adalatsyzlygyna, Oguz hanyň guran bitewi döwletini, onuň
ençeme taryhy zamanlara uzap gidýän berkararlygyny XVII-XVIII asyrlaryň
sepgidindäki tire-taýpa duşmançylygyna we dagynyklygyna, döwletsizligine
garşy goýýar. Eýsem bu edebiýatyň halkylyk ruhunuň ýüze çykmasy dälmi?
Elbetde, şol.
Andalyp şunuň bilen taryhy döwür üçin zerur bolan türkmen tire-
taýpalarynyň agzybirligini bitewi türkmen döwletiniň berkararlygyny, il-halky bir
agza bakdyrýan adalatly şanyň tagta çykmagyny arzuw edýär. Bu arzuw şahyryň
zamanasy üçin döwrebap arzuwdyr, zamanabap idealdyr. Ol badyhowa
hyýalbentlik däldir. Bu arzuw-hyýallarda belli bir taryhy döwrüň anyk idealy
bardyr. Ol idealyň ýüze çykan anyk ýer-ýurt salgysy bardyr. Bu arzuw-hyýallaryň
dörän ýeri türkmen ýurdudyr, türkmen topragydyr. Ol arzuwlaryň dörän wagty
hem anykdyr. Ol arzuw-ideallar Andalybyň döwrüniň idealydyr. Şeýle anyklyk
Andalyba çenli ýokdy. Bu çeper-döredijiligiň halka tarap ýüz öwürmegidi.
Edebi döredijilik işi Andalybyň şahsyýeti bilen öz ösüşini badyhowa
hyýalbentligiň, abstarkt arzuwçyllygyň göz gamaşdyryjy dünýäsinden çykyp, örki
ýerde, dogduk mekanda, türkmen topragynda, eziz Watanda bolan hyýalbentligiň,
jemgyýetçilik durmuşynyň öňe çykaran hakykatynyň töweregindäki arzuw-
hyýallaryň içi bilen dowam etdirýän ýola düşýär. Andalybyň şahsyýetine mahsus
hyýalbentligiň depesi asmanda bolsa-da, aýagy ýerdedir. Andalybyň edebi
döwrüniň çeperçilik gözlegleri üçin bu örän uly açyşdyr. Bu, elbetde, taryhy
döwür üçin jemgyýetçilik häsiýetli halky idealyň açylyşydyr, edebi döwür üçin
bolsa çeperçilik açyşdyr. Ol milli edebiýatyň özüne çeper ideal açynmagydyr.
Edebi prossesiň jemgyýetçilik durmuşyndan gözbaş alýan halky ideal
edinmegidir. Bu XVII-XVIII asyrlaryň sepgitlerinde edebi-döredijilik işiň
ösüşinde ýetilen halkylyk sepgitdir. Şol döwür edebi durmuşda Andalybyň galan
çeperçilik belentligi hem şudur. Bu belentlikde ilkinjileriň hatarynda Andalybyň
döredijilik gabarasy asyrlaryň tümlüginden şugla saçýar. Bu şugla Andalybyň öz
ýaşan taryhy döwrüni hem döredijilik işi bilen meşgul bolan edebi döwrüni
ýagtylandyrýan kesgir akylynyň, ýiti zehininiň, akyldarlyk paýhasynyň,
nusgawylyk çeper açyşlarynyň şöhlesidir. Akyldar şahyryň öz döwrüniň
jemgyýetçilik hem edebi durmuşyna eden täsiri hem onuň şu açyşy bilen
baglydyr. Sebäbi Andalybyň şahsyýeti bilen taryhy döwür hem, edebi döwür hem
ýagty we halky ideally boldy. Bu, elbetde, Andalybyň nesilleriň öňündäki
danalyk hyzmatydyr. Türkmeniň ruhy–çeperçilik dünýäsiniň özgermeginde
akyldarlyk açyşydyr. Diýmek, Andalyp milli ruhy halky ideal bilen baýlaşdyryjy
şahyrdyr. Çeper edebiýatda milli ruhuň halky ideal bilen baýlaşdyrylmagy bolsa
onuň halkylygydyr we milliligidir.

104
Jemgyýetçilik idealyň kemala gelmegi bolsa edebi döredijilik işde ideal
gahrymanlaryň döremegini şertlendirýär. Şonuň üçin Andalybyň epiki
gahrymanlarynyň hemmesi diýen ýaly ideal çeper keşpleri bilen tapawutlanýarlar.
Şahyr döwrüniň durmuş idealyna jogap berip biljek ideal gahrymanlary öz
döwürdeşleriniň arasyndan tapmaýar. Hut şu sebäbe görä hem ol epiki
döredijiliginde taryhy geçmişe ýüzlenmeli bolýar. Onuň epiki eserlerinde hereket
edýän gahrymanlaryň hemmesiniň ideal taryhy şahslardygy hem şonuň üçindir.
Andalybyň kyssawy-dessan hamsasynyň hem, mesnewi hamsasynyň hem
gahrymanlary taryhy şahslardyr. Eýsem Oguz hanyň we onuň nebereleriniň
(“Oguznama”), gadymy arap Pyrgownynyň, Musa pygamberiň, atasy Ymranyň,
uýasy Merýemiň (“Kyssaýy-Pyrgown”), Sagdywakgasyň, Muhammet
pygamberiň, Alynyň, onuň aýaly Patmanyň (“Sagdywakgas”), Nesiminiň, onuň
ideýa atasy bolan Mansur Hallajyň (“Risaleýi-Nesimi”), Mejnunyň (Kaýsyň) we
Leýliniň (“Leýli-Mejnun”), Ýusubyň, onuň atasy Ýakup pygamberiň (“Ýusup-
-Züleýha”), Babaröwşeniň, ýene-de Alynyň (Kaşamşamyň) (“Babaröwşen”),
Hezret Alynyň ogullary Hasanyň, Hüseýniň, Muhammet Hanapyýanyň
(“Zeýnelarap”) taryhy şahslardygyny köpler bilýändirler. Muňa olaryň ömür
taryhlary hem gözli şaýat. Şonuň üçin bu ýerde olaryň taryhy şahslardygyny
subut etjek bolup arrygyňy gynap oturasy iş ýokdur. Bu eýýäm ylmyň taryhynda
subut edilen hakykatdyr.
Ýöne olar hakda, olaryň Andalyp tarapyndan döredilen çeper keşpleri
hakda weli kelam agyz aýtmak artykmaçlyk etmese gerek. Şahyryň hamsalaryna
giren we eserlerinde baş gahryman hökmünde orta çykarylan bu taryhy şahslaryň
hemmesi hem simwollyk derejesine ýetirilen çeper keşplerdir. Şu nukdaý
nazardan garasaň, Andalypda Oguz han–adalatyň simwoly, Sagdywakgas–
sahylygyň simwoly, Pyrgown–zalymlygyň simwoly, Nesimi–mertligiň we ideýa
wepalylygyň simwoly, Ýusup–gözelligiň simwoly, Mejnun–aşyklygyň (yşkyň)
simwoly, Babaröwşen–ideala wepalylygyň simwoly, Muhammet Hanapyýa-
-doganlygyň simwoly derejesine galdyrylan çeper keşplerdir. Taryhy hakykatyň
bu gahrymanlaryň häsiýetine berlen nusgalyk sypatlary, simwollyk derejeleri
tassyklaýandygy ýa-da tassyklamaýandygy meseläniň başga tarapy. Emma
Andalyp weli ol gahrymanlaryň häsiýetini şeýle simwollyk derejelere galdyrmak
bilen özüniň göz öňünde tutan çeperçilik maksatlaryna ýetipdir. Şahyr bu taryhy
şahslaryň keşbine ýüzlenmek bilen öz döwrüniň meselelerine çeperçilik çözgüt
bermegi maksat edinýär.
Bu simwollyk derejä göterilen taryhy şahslaryň Pyrgowndan öňňesi ideal
şahsyýetlerdir. Ideal şahsyýeti orta çykarmak hem halkylygyň alamaty. Diýmek,
Andalyp bu ýerde halkylygy ýörelge edinýär. Andalyp bu gahrymanlaryň hersine
öz döwrüniň çözülmez düwün bolup çigşip ýatan meselelerine çözgüt berýän
ideýa ýüküni taýlapdyr. Hamsalarynyň ikisinde hem (dessanlaryndan baglanan
hamsada we poemalaryndan baglanan hamsada) Andalyp taryhy döwrüň
jemgyýetçilik idealy bilen edebi döwrüň çeperçilik idealynyň sazlaşygyny tapyp
bilipdir. Bu onuň çeper eserleriniň döwrebaplygynyň alamatydyr. Döwrebaplyk
hem çeper eseriň halkylygynyň alamatydyr.
Döwrebaplyk hem-de döwrebap çeper sypat Andalybyň döreden çeper
keşpleriniň hemmesine mahsus häsiýetdir. Özem ol häsiýetlere simwollyk
105
derejelere göterilen belentlik mahsusdyr. Munuň şeýledigini tassyklamak üçin
şahyryň döreden çeper keşpleriniň hemmesine edebi seljerme berip oturmagyň
hajaty ýok. Diňe olaryň käbiriniň çeper keşp hökmündäki özboluşlylygyna ser
salmak hem ýeterlik. Aýdaly, Ýusup gözelligiň simwoly derejesine göterilen
çeper keşbe eýe. Bu çeper keşbiň häsiýetiniň döwrebaplygy hem gözellik
simwoly hökmündäki aýratynlygyndadyr. Eger gözellik simwol derejesine galan
döwrebaplyga eýe boljak bolsa, onda onuň jemgyýetçilik mazmuny, manysy
bolmalydyr. Üstesine hem jemgyýetçilik ideala gabat gelmelidir.
Ýusup taryhy şahs. Özem Ýakup pygamber zamanlarynyň taryhy
şahsyýeti. Gadymyýetiň jümmüşlerinde ýaşap geçen taryhy şahsyň, gelip-gelip,
Andalybyň zamanynda simwollyk häsiýete eýe bolup, döwrüň taryhy hem edebi
idealyna sazlaşýan nusgalyk çeper keşp derejesinde orta çykmagynda hiç hili
çaprazlyk ýokdur-da hernä? Galyberse-de, XVII-XVIII asyrlaryň sepgidindäki
jemgyýetçilik-taryhy şertler nire, gözelligiň döwrüň simwoly hökmünde
zamanabaplyga eýe bolmagy nire? Nähili düşünmeli? Bu ýerde bir nädürslük bar
bolaýmasyn? Ýok, hemme zat öz kanunalaýyklygy bilen ýerli-ýerinde bolany
üçin, geçmiş bilen Andalybyň döwrüniň arasyndaky sazlaşyk emele gelýär,
döwrebaplyk ýüze çykýar. Ýusup döwrüň gözellik simwoly. Bu taryhy döwrüň
hakykaty däl, emma edebi döwrüň çeper hakykaty. Eýsem Ýusubyň heňňamlary
sazlaşdyryp duran gözelligi nejüre gözellikkä?
Ýusup we onuň gözelligi hakdaky rowaýatlar örän gadymydyr. Ol
rowaýatlarda hatda bu gözellik keramata eýe gözellik hökmünde
häsiýetlendirilýär. Hamana, Allatagala dünýäniň gözelligini on bölege bölüp,
şonuň dokuzysyny Ýusuba bagyşlanmyş. Andalyp öz dessanynda Ýusubyň
gözelliginiň keramatyny Müsür ýurduna açlyk düşende, il-günüň alty aýlap, her
gün bir pursat onuň gözelligine syn edip, açlykdan çykandyklaryny nygtamak
bilen ýüze çykarýar. Ýusubyň jemalynyň bu keramaty onuň rowaýatlara siňen daş
keşbiniň gözelligidir. Andalyp bu daşky gözelligi Ýusubyň häsiýet gözelligi bilen
baýlaşdyrýar. Şonuň üçin Ýusubyň daşky hem içki gözellik sahawaty birleşip,
ony gözelligiň simwoly derejesine galdyrýar. Şahyr muny XVII-XVIII asyrlaryň
sepgidindäki türkmen durmuşy bilen, şol döwür türkmen idealy bilen
baglanyşdyrylan Ýusubyň çeper keşbiniň içki gözelligine has köp agram salmak
bilen gazanýar.
Ýusup dessanda üç sany synag ötüginden geçirilýär. Birinji synag Ýusubyň
gul sypatyndaky durmuşy bilen, ikinji synag ötügi onuň şalyk süren döwründäki
durmuşy bilen, üçünji synag Ýusup şanyň aşyklyk durmuşy bilen baglydyr.
Ýusup gulka-da, patyşaka-da, aşykka-da häsiýet gözelligi bilen beslenen
gahrymandyr. Gul Ýusupda sadyklyk, şa Ýusupda adalatlylyk, aşyk Ýusupda
wepalylyk häsiýetleri jemlenip, onuň häsiýeti gözelligiň simwoly derejesine
galdyrylýar. Ýusubyň sadyklyk, sabyr-takatlylyk, adalatlylyk, geçirimlilik,
bagyşlaýjylyk, söýgä wepalylyk ýaly gözel häsiýetleri Andalybyň döwrüniň ruhy-
ahlak gatnaşyklarynda ýetmezlik edýän sypatlardyr. Şahyr öz döwrüniň ruhy-
ahlak ýetmeziniň öwezini Ýusubyň häsiýet gözelligini döwrüň çeperçilik
aýtymyna getirmek bilen doldurýar. Sebäbi onuň döwürdeşleriniň arasynda nusga
edip çeperçilik äleme salar ýaly Ýusup zeýilli taryhy şahsyýet bolmandyr. Şonuň

106
üçin Andalybyň Ýusubyň keşbini türkmen çeperçilik sahnasyna çykarmagy
kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu halkylygyň ýüze çykmasydyr.
Sebäbi Ýusubyň dessandaky gözel keşbi döwrüň baş idealyna çeperçilik
çözgüt bermäge giň mümkinçilik açýar. Andalybyň döwründe ýurtda tire-
taýpalaryň arasyndaky höküm süren agzalalyga dessanda Ýusubyň öz doganlary
tarapyndan gul edilip satylmak derejesine düşürilen agyr ýagdaýy we onuň agzala
doganlarynyň sütemini sabyr-takatlylyk, sadyklyk bilen ýeňip geçişi, Ýusubyň
gözel häsiýeti netijesinde biri-birine duşman doganlaryň agzybirlige ýetişi
şahyryň döwürdeşleri üçin nusgalykdyr. Bu nusgalyk häsiýetde “Sabyrly gul
dura-bara şat bolar”, “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk
är kişiniň işidir”, “Daş bilen urany aş bilen ur” diýen ýaly halk parasatlarynyň we
türkmen nakyllarynyň manysy jemlenipdir. Ýusubyň gul durmuşyna mahsus
häsiýeti hem nusgalyk sypatlary özünde jemleýär. Ol duşman doganlaryndan ar
aljak bolup ýörenok, olar bilen urşup ýa-da gyrlyşyp duranok. Onuň bu häsiýeti
ejizligiň alamaty däldir. Ýusup özüne duşman doganlaryna her hili kyn ýagdaýa
gabat gelseňem, agzybirligi saklamaly diýen asylly häsiýet bilen garşy çykýar.
Agzybirlik bolsa Andalybyň döwri üçin baş ideal. Gul Ýusupda hem şol idealy
dabaralandyrýan häsiýet bar. Diýmek, gul Ýusubyň gözel keşbi döwrüň idealyny,
Andalybyň çeperçilik idealyny açmaga hyzmat edýär.
Şa Ýusup hem edil şeýle häsiýete eýe. Ol ýurduň sosial-durmuş
meselelerini adalatly çözýän şanyň keşbindäki dessan gahrymanydyr. Şa Ýusup
her bir meselede adalaty dabaralandyryjydyr.Ol hatda özüne duşman bolan
doganlary babatda hem adalatly. Adalatly şa ideýasy hem Andalybyň döwri üçin
baş idealdyr. Şonuň üçin şalyk täjini geýen Ýusubyň häsiýeti hem Andalybyň
döwrüniň baş idealyny dabaralandyryjy bolup kemala gelýär. Şa Ýusup
heňňamlaryň jümmüşinden turup gelip, Andalybyň döwrüne, onuň halk bähbitli
we millilik ideýalaryna hyzmat edýär.
Onuň yşk-söýgi meselesine garaýşynda-da ýokary ahlak päkligine
esaslanýan şeýle döwrebaplyk bar. Ýusubyň Züleýha bolan söýgi
gatnaşygyndaky ýaly ahlak päkligi Andalybyň döwri üçin häsiýetli däldir. Şonuň
üçin ol ideal häsiýet hökmünde öňe çykarylýar. Diýmek, gul Ýusup hem, şa
Ýusup hem, aşyk Ýusup hem Andalybyň dessanynda döwrüň baş idealyny
baýdak edinen bitewi çeper keşpdir. Ýusup Andalybyň dessanynda diňe bir şalyk
täjini däl, gözelligiň simwollyk täjini hem başa geýen ajaýyp keşp bolup kalbyňa
dolýar.
Gündogar edebiýatynda yşk-söýgi meselesi pynhan mazmunlylykdan
jemgyýetçilik mazmuna çenli ýol geçen iň gadymy meseleleriň biridir.
Andalybyň edebiýatyň gadymy meselesi bolan yşkyň külpetleri arkaly öz
döwrüniň jemgyýetçilik idealyna çeperçilik çözgüt bermek üçin Mejnunyň
keşbine ýüzlenmegi ýöne ýerden däldir (“Leýli-Mejnun” dessany). Mejnun
adamzat ähliniň ruhy idealyny özünde jemleýän yşkyň diwanasydyr. Mejnun
Andalypda yşkyň simwoly derejesine galdyrylan aşyky-päkdir. Sebäbi Mejnunyň
yşky hasratlary Andalybyň zamanasyndaky tire-taýpa agzalalygynyň, bitewi
döwletsizligiň, adalatly şanyň ýoklugynyň döreden hasratlary bilen utgaşýan
jemgyýetçilik mazmunly hasratdyr.

107
Andalybyň Mejnuny özüniň Leýlä bolan söýgüsine pitiwa etmedik
jemgyýeti terk edýär. Mejnunyň yşkdan doly dünýäsi döwrüniň yşk-söýgä jaý
tapmaýan dar hem kapas jemgyýetine sygmaýar. Ol çöllerde, daglarda mesgen
tutunýar. Leýli hakdaky gaýgyly-gamly gazallaryny diňleýän keýikler-gulanlar,
arslanlar-şirler bilen derdini paýlaşýar. Ol özüne bedýan çöllerde, Leýliniň ýok
ýerlerinde Leýlili dünýä döredinýär. Mejnunyň bu döreden dünýäsinde Leýli ýok
hem bolsa, onuň Leýlä bolan söýgüsinden doly dünýä bar. Onuň Leýlä bolan
söýgüsiniň hasratly aýdymlaryny diňleýän wagşy haýwanlar bar. Olar Mejnunyň
diline düşünmeseler hem onuň yşky zaryna diň salýarlar. Mejnuna duýgudaşlyk
bilen garaýarlar. Mejnun üçin bu duýgudaşlyk öz dünýäsine düşünmek, yşk-
söýgüsine erkinlik bermek bilen deň. Mejnun özüniň şu dünýäsi bilen diri. Ol
özüniň şu dünýäsi bilen Leýlili, onuň bilen bitewilikde, birlikdedir. Çünki
Mejnunyň bu dünýäsinde onuň Leýlä bolan söýgüsi azarsyz-bizarsyzdyr. Dilsiz-
agyzsyz wagşy haýwanlar bilen dil tapyşýan, şolar bilen agzybirlikde, bir
dünýäde, bir sährada ýaşaýan Mejnunyň döredinen yşk dünýäsi Andalybyň
döwründäki, agzalalykdan, dagynyklykdan, döwletsizlikden bez bolan
dünýäsinden has berkarar dünýädir. Şahyryň Mejnunyň çeper keşbinden tapan
döwrebaplygy şundan gözbaş alýar. Ony Mejnunyň keşbine ýüzlenmäge mejbur
eden badalga hem şudur. Şunuň üçin arap gelip çykyşly Mejnunyň keşbi hem
Andalypda halkydyr.
Eger Mejnun Leýlisiz çöllerde özüne Leýlili dünýä döredip bilýän bolsa,
magşuksyz ýerlerde aşyklyk dünýäsini döredip bilýän bolsa, onda jemgyýetçilik-
-ahlak kadalarynda ynsana mahsus adamçylyk gatnaşyklaryny dikeldip, bir-birege
mähir-muhabbet, söýgi bilen garap, agzybirlik, bitewi döwletlilik gazanyp bolar
diýen pikire esaslanan Andalybyň mejnunçylyk mazmundan tapan we çykaran
ideýa-çeperçilik gymmatlygy şudur. Şonuň üçin Mejnunyň Andalyp tarapyndan
döredilen çeper keşbi döwrebapdyr we nusgalykdyr, halkydyr we millidir. Sebäbi
Mejnundan başga Mejnun ýaly päk yşkly aşyk ýokdur. Şonuň üçin hem ol yşkyň
simwolydyr. Şeýle derejä galdyrylan çeper keşp üçin bolsa wagt serhedi ýokdur.
Ol baky döwrebapdyr we yşkyň ebedi hem edebi simwolydyr.
Andalybyň hamsalarynda Ýusuba, Mejnuna mahsus bolan şu häsiýetler
şahyryň beýleki baş gahryman hökmünde öňe çykan çeper keşplerine-de
degişlidir. Onuň tutuş döredijilik dünýäsine mahsus çeperçilik idealy biz Oguz
hanyň, Sagdywakgasyň, Nesiminiň, Babaröwşeniň, Muhammet Hanapyýanyň
häsiýetlerinde hem görüp bilýäris. Diýmek, Andalyp bitewi döredijilik ýörelgeli
beýik şahsyýetdir. Bu bolsa onuň asyrlaryň aňrysyndan garaýan döredijilik
gabarasynyň biziň günlerimizde hem aýdyň keşbi bilen şugla saçyp durmagyna
getirdi. Beýik hemme döwürlerde-de öz beýikligine galýar. Beýik ýazyjy-
şahyrlara bolsa halkylyk hem, millilik hem mahsusdyr. Sebäbi beýik ýazyjylar öz
döredijilik ruhlarynyň halkylyga we millilige ýugrulandygy bilen beýikdirler.
Andalyp hem şeýle beýikleriň biridir. Ol türkmen edebiýatynyň halkylyk
we millilik sypatlarynyň ýaňy ýüze çykyp başlan döwürleriniň şahyry. Ol
türkmen edebi prossesiniň halkylyk hem millilik akabasynyň gözbaşlaryndaky
şahyr. Şonuň üçin türkmen edebiýatynyň halkylygy we milliligi hakdaky gürrüňe
Andalybyň gepbaşy edilendigi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

108
Türkmen nusgawy edebiýaty Andalybyň bu başlangyjyny bada-bat alyp
göterdi. Muny olardan döwür talap etdi. Zulum-sütemden halys ýagyr bolan halk
kimdir biriniň ýagty geljege umyt döredýän yş açyp bermegini, ýagşy durmuşy
arzuw edip bermegini, iň bolmanda, kimiňdir biriniň özlerine ýagty ertir hakda
hoş söz bermegini isledi we arzuw etdi. Sebäbi XVIII-XIX asyrda türkmeniň
umyt guşunuň ganaty gyrykdy. Uçmag-a däl, onuň ýerinden galmaga mejaly
ýokdy. Şeýle taryhy şertlerde Magtymgulynyň we onuň döredijilik mekdebiniň
wekilleriniň hemmesi diýen ýaly edebi döredijiligiň ýüzüni döwrüň we halkyň
sosial-syýasy, ykdysady-ruhy ýagdaýyna tarap öwürdi. Edebiýatyň halkylyk
sypatlarynyň has aýdyň ýüze çykmagy üçin ädilen ädim özüniň oňyn netijelerini-
de berdi. Beýik Magtymgulyny hasaba almanymyzda hem XIX asyrda türkmen
edebiýatynda özboluşly çeperçilik hadysa bolup öňe çykan Mollanepesiň
döredijilik şahsyýeti bu barada has işjeň häsiýeti bilen tapawutlandy.
Mollanepes özüniň döredijilik ýörelgesi boýunça hyýalbent şahyr. Ýöne
onuň hyýalbentligi öz gözbaşyny durmuş hakykatyndan alyp gaýdýar.
Mollanepesde hyýalbentlik bilen hakykatçyllygyň mukaddes sazlaşygyny
görýäris. Bu sazlaşygyň mukaddesligi onuň halkylygyndadyr. Eýsem
adalatsyzlygyň höküm süren zamanasynda ýaşan Mollanepesiň adalatlylygyň
dabaralanmagyny ýürekden arzuw etmegi durmuş hakykatyndan ösüp çykan
hyýalbentlik dälmidir?! Elbetde, bu diňe bir hyýalbentlik däldir, ol hyýalbentligiň
çürbaşyna çykmakdyr. Gapma-garşylyklaryň çygryndan çykyp bilmeýän
hyýalbentlik bilen XIX asyr türkmenleriniň arzuw-hyýallaryny ýörelge
edinmekdir. Munuň özi bolsa onuň halkylygynyň alamatydyr.
Şahyryň meşhur “Zohre-Tahyr” dessany bu babatda ýatlanylmaga mynasyp
eserdir. Dessanda zalym şa Babahanyň keşbi adalatsyzlygyň ýokary derejesine
ýetirilmek bilen durmuş hakykatyndan susulyp alnan döwrebap keşpdir. Munuň
tersine, dessanda öz şöhlelenmesini tapan Adyl şahyň keşbi Mollanepesiň
hyýalbentliginiň, arzuwçyl idealynyň miwesi bolan keşpdir. Muňa garamazdan,
ol keşp onki süňňi bilen döwrebapdyr we halkydyr. Sebäbi adalatly şa hakdaky
arzuw döwrüň arzuwydyr, halkyň jebir-jepadan, zulum-sütemden halas bolmak,
adalatsyz jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan dynmak hakdaky arzuw-hyýallarynyň
jemidir.
Dessanda adalatsyzlyk (Babahan) bilen adalatlylygyň (Adyl şa) arasyndaky
hereket we maksat gapma-garşylyklary häsiýetleriň gapma-garşylygyna
(zalymlyk bilen rehimdarlyk sypatlarynyň çaknyşygyna) esaslanýar. Aşyk-
magşuklara bolan gatnaşykda Babahanyň rehimsizliginiň Adyl şanyň
rehimdarlygynyň garşysynda ejiz gelýändigi bilen gazanylan sazlaşyk aşyk-
magşuklaryň–Zöhre bilen Tahyryň, Mahym bilen Tahyryň arasynda ýüze çykan
yşky duýgularynyň sazlaşygyny döredýär. Dessanda Tahyryň, bir-de, Zöhrä söýgi
bildirip, bir-de, Mahyma bolan yşky höwes bilen joşup durmagy onuň söýgä
biwepalygynyň aňladylmasy däldir. Tahyryň Mahyma bolan gatnaşykdaky
ynsanperwerligi bilen Zöhrä bolan gatnaşykdaky söýgä wepalylygynyň
arasyndaky yşky-söýgi hem ynsanperwer mähir duýgularyň sazlaşygynyň ýüze
çykmasydyr. Bu Mollanepesiň özüniňde “yşk mülkine şa” bolmak bilen Adyl şa
ýaly yşk-söýgüde adalaty dabaralandyrmak arzuw-hyýalyna beslenen şahsyýetiň
öz aşyk gahrymanynyň çeper keşbi bilen sazlaşyga girmegidir.
109
Eýsem bu Mollanepesiň şahyr hökmünde-de, şahsyýet hökmünde-de geçen
döredijilik mekdebine baş bolan akyldar şahyr beýik Magtymgulynyň XVIII asyr
durmuş şertlerine esaslanyp, “Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz” diýen
pelsepesini we bu babatda beýik dananyň gutarnykly gelen jemgyýetçilik-syýasy
pikirini, özüni Magtymgulynyň şägirdi hasaplan beýik şahsyýetiň pitwa
etmedigimikä? Ýok, gaýtam tersine, bu beýik ussat bilen beýik şägirdiň danalyk
sazlaşygydyr. Bu ýerde Mollanepes öz ussady Magtymguly hezretleriniň döwrüň
çygrynda galan pelsepesini ösdürip, oňa eýýamlaryň we heňňamlaryň ömrüni
berdigidir. Muňa diňe akyllaryň we pikirleriň danalyk sazlaşygy hökmünde
garamak bolar. Oňa başga hili düşünmek ýa-da ony başga hili düşündirmek
hebesdir.
Mollanepes adalatlylyk ölçegleri babatda öz ussady beýik Magtymgula
doly uýan şahyr. Sebäbi jemgyýetçilik-durmuş ýörelgeleriň birmeňzeşligi,
döredijilik däpleriň umumylygy başga hili bolmaga mümkinçilik hem bermändir.
Beýik Magtymguly adalatly şa meselesinde nusga alar ýaly ýa-da şygra salyp
waspyny ýetirer ýaly, öz döwürdeşleriniň arasyndan anyk bir şahsyýeti
tapmandyr. Ol onuň üçin taryhyň sahypalaryna ýüzlenipdir. Süleýman patyşanyň
adyllygy hakdaky dünýä halklarynyň arasynda giňden ýaýran mif beýik şahyra bu
babatda uly gaçybatalga bolupdyr: “Süleýman sen, mura bir gulak goýgul!”
(Magtymguly) diýýärkä, beýik akyldar Süleýmanyň adalatlylygyny nusga
hökmünde alýar.
Mollanepes hem öz şygyrlarynda ussadynyň ýörelgesine eýerýär. Adalatly
şa gözleginde paltasy daşa degen şahyr Süleýman patyşanyň adalatlylygynyň
zaryny çekýär. Ol Süleýman patyşany ideal şahs hökmünde orta çykarýar.
Mollanepesiň düşünjesine görä, “Süleýman dek adyl şah” ýok. Süleýman
adalatyň simwoly hökmünde şahyryň ýygy-ýygydan ýüzlenen ideal şahsyýetidir.

Isgender dek hökümli, Süleýman dek adyl şah,


Aşyklara rahatdyr, ak göwsüňden berseň jah,
Bar umudym sendedir, erir sen maňa dilgah,
Sen bir keremli şa sen, aşyklara dadygah,
Arz eýleýip gelip men, ýetgil amana, dilber!1

Mollanepes üçin Süleýman adalatyň nusgasy. Ol “aşyklaryň dadyna


ýetişýän keremli şa”. Şonuň üçin Mollanepesiň özi hem hyjuwly duýgulary
başdan geçirýän şygyr gahrymany bilen pikirdeş. Bu ýerde pikirleriň şeýle
sazlaşygy maksatlaryň sazlaşygyny emele getirýär. Maksatlaryň şu hili sazlaşygy
bolsa, adalatsyzlygyň höküm sürýän zamanasyndan söz açýan şygyr setirlerinde
göçme manyly çeperçilik öwüşgin bilen adalatlylygy dabaralandyrýar. Belki, şu
hem Mollanepese adyl şa keşbine ýüzlenip, oňa düýpli çeperçilik çözgüt bermäge
itergi bolandyr. Mollanepesiň pikiriçe, adyl şa – ideal şa, ideal şahsyýet. Şeýle
ideal şahsyýet şahyryň ýaşaýan döwrüniň we döwürdeşleriniň ideal arzuwy.
Diýmek, bu arzuwda halkylyk bar.

1
Mollanepes. Goşgular ýygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 138 sah.
110
Şahyr, däp bolşy ýaly, aşyk gahrymanyň hyýalynda keşbi çekilýän magşuk
gözeliniň başyna şalyk täjini geýdirýär ýa-da ony şa tagtynda, köşki-eýwanda
oturdýar:

Diýdim: “Aşyklar şasy!” Diýdi: “Aýt, arzyň myhman!”,


Diýdim: “Geçgil günähim!” Diýdi: “Ötdüm damja gan”,
Diýdim: “Tagtyň berkar!” Diýdi: “Şeýle bipaýan”.
Diýdim: “Seniň deý şalar...” Diýdi: “Ýokdur bigüman”.
Diýdim: “Geldim. Guluň men”. “Tur, git, - diýdi – musulman!”1

Magşuk–şa, özem aşyklar şasy. Onuň hökmürowan, jeza beriji, günä geçiji,
özüne aşa baha berýän, mahlasy, patyşalara mahsus sypatlara beslenen şekilde
suraty çekilýär. Aşyk–geda ýa-da gul, ejiz ýa-da biçäre, pakyr ýa-da pukara,
garyp haldaky keşpde şygra girýär.
Magşuga şanyň, aşyga gedanyň sypatynyň berilmegi, elbetde, adalat hem
adyllyk meselesine çözgüt bermek üçin amatly ruhy giňişligi döredýär. Bu bir
tarapdan. Ikinji tarapdan, aşygyň ýanynda magşugyň mertebesiniň belentdigini
nygtamak üçin, şeýle hem umuman, aşygyň garşysynda magşugyň sarpasyny
belentde goýmak üçin ýüz urlan çeperçilik tär. Bu amatly täri adalat terezisiniň
daşy hökmünde tutuş Gündogar nusgawy şygryýeti öz döwründe däpleşen tär
hökmünde peýdalandy. Muny Mollanepes hem däp hökmünde ulanypdyr.
Galyberse-de, Mollanepes şu täre adalat, adyllyk meselesini gozgamak
zerurlygyndan ugur alyp ýüzlenýär. Görnüşi ýaly, bu çeperçilik ýörelge köneden
gelýän eken. Ol Mollanepesiň çeperçilik açyşy däl eken. Muňa garamazdan,
Mollanepes Gündogar şygryýetine mahsus bolan bu çeperçilik ýörelgä özüçe
öwüşgin bermegi başaran şahyr.
Eýsem Mollanepesiň bu meseledäki aýratynlygy nämede? Şahyryň özine
mahsus aýratynlygy onuň döwür bilen sazlaşygynda ýüze çykýar. Meselä berlen
mollanepesçilik öwüşgin şahyryň “yşk mülküniň şasy” bolup, yşk bilen dünýä
döredenliginde. Mollanepes yşka dünýä giňligini beren şahyr. Yşk bilen dünýäni
dolduran we yşk bilen dünýä dolan şahyr. Dünýäniň gözelligini yşkyň
gözelliginde gören şahyr. Şonuň üçin Mollanepesiň şygyr gahrymany, bir görseň,
yşk mülkünde şa, bir görseň hem ol yşk meýdanynda geda. Aşyk gahryman yşk
dünýäsiniň şasy bolsa-da, gedasy bolsa-da, ol yşk dünýäsiniň pidasydyr. Şahyr
yşk mülkünde şalyk bilen ýa-da gedalyk bilen däl, yşk dünýäsinde pidalyk bilen
gözellik döredýän aşygy şygyr gahrymany hökmünde orta çykarýar. Pidagärlik
Mollanepesiň şygyr gahrymanynyň häsiýet aýratynlygydyr. Ýogsam şa hem geda
biri-birine gapma-garşy tiplerdir. Biri-birine gapma-garşy bolan şu tipler arkaly
şygyr gahrymanyna häsiýet bitewiligini bermek kyndyr. Ýöne Mollanepes muny
ussatlyk bilen başaran şahyr. Mollanepes şa täjini başa geýen aşyk gahrymanyna-

1
Mollanepes. Goşgular ýygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 129 sah.
111
da, geda jindesine giren aşyk gahrymanyna-da pidägärlik sypatyny bermek bilen
häsiýet bitewiligini gazanýar: Yşky pidagärlik häsiýetli liriki gahryman
Mollanepes üçin ideal şahsyýet–ideal aşyk. Ideal şahsyýetiň orta çykarylmagy
bolsa halkylygyň alamatydyr.
Mollanepes duýguçyl şahyr. Şahyryň döwri üçin şahyrana duýguçyllyk
bilen pikir ýöretmek milli şygryýetiň ösüş taryhynda özboluşly täzelikdi. XIX
asyr ceperçilik dünýäsi üçin bu uly şahyrana hadysady. Sebäbi bu döwürde çeper
mazmun heniz milli ahlak ýörelgeleri we däpleri gönümel wagyz etmekden,
umuman, wagyz-nesihatçylykdan, öwüt-ündewçilikden daşlaşyp bilmändi. Milli
çeper mazmunyň ösüş ugry nesihatnamaçylyk däpleriniň çäginde döwnemegini
dowam edýärdi.
Nesihatnamaçylygyň – didaktizmiň çygrynda öwrüm edýän şahyrana
pikirlenişe, Mollanepesiňki ýaly, duýgy giňligini we duýgy çuňlugyny bermek
täzeçillikdi, has takygy, çeperçilik açyşdy. Aslyýetinde, şygryýet öz ýasawy
boýunça-da duýguçyllyk bilen, duýgy terligi bilen dem alan halatynda, ol hakyky
öz manysyna eýe bolýar. Duýguçyllyk şygryň süňňüne jan, damaryna gan berýän
alamatdyr. Elbetde, duýguçyllyk çeperçilik gymmatlyk hökmünde, nusgawy
şygryýetimiziň Mollanepesden beýleki wekillerine hem bütinleý ýat bolan zat däl.
Aýratyn hem şygyr gahrymanynyň häsiýeti tebigat suratkeşligi bilen utgaşykly
açylanda, bu alamat özüni has aýdyň duýdurýär. Romantiki hyýalbentligiň toruna
düşen şygyr gahrymanlarynyň häsiýetinde bolsa ol öz şahyrana köpöwüşginliligi
bilen ýüze çykyp bilýär. Ýöne bu ýagdaý çeperçilik gözlegleriniň däp bolan
nesihatnamaçylyk ugur bilen ýaýbaňlanan edebi meýdanynda misli gurak gelen
bahar paslyndaky kä ýerde bir ülpüldeýän gyzyl gülälek ýaly juda seýrek gabat
gelýän alamatdyr. Meselem, “Gyzyl gül” atly halk aýdymynyň liriki
mazmunyndaky bahar tebigaty bilen sazlaşygy göz öňüne getirip görüň.
Mollanepes, öz döwürdeşlerinden tapawutlylykda dünýäni suw-sil edýän
çabgaly bahar bolup, edebiýat meýdanyna aralaşýar. Ol türkmen şygryýetinde
özboluşly çeper bossan döredýär. Şahyr özüniň döreden bu şygryýet bossanyna
inçeden duýguçyl häsiýeti bilen tapawutlanýan, eli ter gül desseli aşyk
gahrymany bilen gelýär. Onuň zehin çabgasyndan çogup çykyp, dünýäsini çog
gyzyl güläleklere beslän şygryýet gülzarlygyna seýle-seýrana gelip, seýkin basyp
barýan magşuk gahrymanyny bolsa synlamaga göz gerek. Sebäbi şahyryň bu
şygyr gahrymany özüniň göz gamaşdyryjy gözelligi bilen, akylyňy haýran ediji
milli häsiýeti bilen görnüşe çykýar.
Mollanepes özüniň şahyrçylyk ýasawy boýunça milli şahyr hökmünde
meşhurdyr. Onuň şahyrana dünýäsinde türkmeniň milli yşky duýgulary gaýnap-
joşup mowç urýar. Ol özüniň liriki gahrymanynyň duýgularyny milli türkmen
durmuşy bilen, onuň milli özboluşlylyga eýe bolan detallary bilen baglanyşykly
ýüze çykarýar. Şahyryň türkmen halkynyň arasynda ýaňy-ýaňylara çenli hem
ýörgünli bolan giýewçilemek däpleri bilen bagly ýazan goşgular tapgyryny hasap
etmanimizde hem (“Oýanmadyň”, “Gitmeli boldum”, “Dilber-ä”, “Dilberim” we

112
ş.m) onuň şygyr gahrymanlarynyň arasynda mahmalyň çetinden göz ujundan
garap, aşygyny oda goýýan magşugyň (“Mahmalyň çeti”), işige ýaplanyp garap
duran, hatda başdan ýüpek desmalyny gaçyryp, ony ýerden götermäge ýelden
uýalyp duran (“Gülden uýalar; “Arzuw kyldym”), eger ol ýar mahmal serpse,
garasa, Aýy-Güni göwher nuruny ýygnamaga mejbur edýän (“Nazar kylsa,
garasa”) türkmen gözeliniň milli häsiýetleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu
Mollanepesiň döredijiliginde milliligiň ýüze çykmasydyr.
Eýsem millilik näme?
Belli rus edebiýatçysy L.I.Timofeýew çeper edebiýatyň milliligi hakda söz
açmak bilen şeýle ýazýar: “Millilikde näme gowy zat bar bolsa bu
hakykylykdyr”.1 Eger ol şeýle bolýan bolsa, millilik bilen halkylyk biri-biri bilen
aýrylmaz baglanyşykly zatlar bolmaly. Bu hakykatdan hem şeýle. Olar biri-
biriniň üstüni ýetirip duran çeperçilik ölçeglerdir. Halkylyk bilen milliligiň ýüze
çykyş şertlerini biri-birinden daşlaşdyryp bolmaýar. Olar ýüze çykyş şertleri
babatda hem biri-birinden aýratynlykdaky zatlar däl-de, biri-biri bilen göýä
zynjyr mysaly utgaşyp gidýän çeperçilik hadysalardyr. Bu, elbetde, çeper
edebiýatyň halkylygy bilen milliliginiň biri-biri bilen aýrylmaz bitewilikdiginiň
subutnamasydyr. Şonuň üçin çeper edebiýatyň forma-mazmunynyň bitewilikde
öwrenilişi ýaly, onuň halkylygy bilen milliliginiň hem bitewilikde öwrenilmegi
zerurdyr. Beýle diýildigi, elbetde, çeper edebiýatyň halkylygy bilen milliligi bir
zat diýildigi däldir. Olar bitewilikdirler, ýöne bir zat däldirler.
Çeper edebiýatyň halkylygy, millilige garaňda, giň hem umumy düşünjedir.
Dürli halklaryň edebiýatynda, sungatynda halkylygyň ýüze çykyşynda aýry-aýry
umumylyklar bolup biler. Sebäbi dürli halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerindäki,
tebigy-geografik şertlerindäki, medeni-ruhy isleglerindäki umumylyklar şeýle
meňzeşlikleriň ýüze çykmagyna ýol açýar. “Howa şerti, dolandyrylyş ýagdaýy,
ynanjy her halka özboluşly bir aýratyn keşp berýär. Bu hem olaryň poeziýasynda
az-da–kän-de şöhlelenýär”.2 A.S.Puşkiniň aýdyşy ýaly, tebigy howa şertleriň
özboluşlylygy her halkyň milli özboluşlylygynyň kemala gelmegine gatnaşykly
bolsa, onda tebigy howa şertleri meňzeş halklarda umumylyklaryň hem
bolaýmalydygy barada-da pikir ýöredip bolar. Garaz, tebigy-geografik şertleriň
umumylygy dürli halklaryň edebiýatlarynda halkylygyň ýüze çykyşynda
umumylyklary, meňzeşlikleri döredip biler.
Aýdaly, suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolýan dürli ýurtlar we
halklar üçin ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagy bilen ekin
meýdanlarynyň şorlaşmagy zerarly döreýän kynçylyklar umumyhalk ähmiýetli
möhüm mesele bolup gün tertibine çykyp biler. Bu möhüm mesele şol ýurtlaryň
we halklaryň hemmesiniň ýazyjylaryny biynjalyk edip biljekdigi şübhesizdir.
Şonuň üçin bu mesele dürli ýurtlaryň, dürli halklaryň ýazyjylarynyň edebi
eserleriniň gozgaýan möhüm meselesi bolaýmagy juda mümkin. Eger çeper
eserde gozgalýan meseläniň umumyhalk ähmiýeti bar bolsa, onda şeýle eser

1
Л.И.Тимофеев. Основы теории литературы. М.”Просвещение”, 1966,123 sah
2
А.С.Пушкин. Полное собрание сочинении,т.VII. М,1964,34-40 sah.

113
haýsy halkyňkydygyna garamazdan, gozgalýan meseleleriň hem umumylygyna
garamazdan, hersi öz edebiýatynda halkylygyň esasy şertleriniň birine jogap
berýän halky eser bolýar. Şeýle umumy meseläni bir wagtda ýa-da dürli
wagtlarda türkmen ýazyjylary-da, özbek ýazyjylary-da, garagalpak ýazyjylary-da
gozgap bilerler. Eger şu meseläni gozgan dürli halklaryň ýazyjylary halkylygyň
beýleki ýüze çykyş şerterine-de amal edip bilseler, onda olaryň hemmesiniň eseri
özüniň halkylygy bile tapawutlanyp bilerler. Görnüşi ýaly, çeper eseriň halky
bolmagy üçin gozgalýan meseläniň aýratyn alanan bir halka degişli bolmagy
hökman däl eken. Halkylyk ýörelgesi edebiýatlaryň arasyndaky şeýle
umumylyklara ýol berýär, ýöne millilik muňa ýol bermeýär. Sebäbi milli
hasap edilen zatlar köp halklara degişli bolsa, onda ol milli zat bolmaýar-da,
umumy zat bolýar.
Millilik, halkylyga garanda, dar düşünjedir, has takygy, ol inçe zatdyr.
Şonuň üçin çeper edebiýatyň millilik sypatlaryna hem umumylyk düýbünden
ýatdyr. Ol inçeden yzarlanmaly meseledir. Onda umumylyk däl-de, hususylyk has
agdyklyk edýär. Millilik anyk bir halka degişli bolan däp-dessurlardyr,
ynançlardyr, edim-gylymlardyr, endiklerdir, yrym-ýomlardyr, ýol-ýörelgelerdir,
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aýratynlygydyr, öý goşlaryndaky tapawutlardyr,
geýim-gejimlerdäki özboluşlylyklardyr, iň esasy zat hem milli ruhdur, milli
häsiýetdir. Bularyň hemmesiniň bir halkda diňe onuň özüne degişlidigi, özboluşly
aýratynlyklara eýedigi üçin, biri-birinden bütinleý tapawutlydyrlar. Millilik
özgelere meňzeşlikden ýa-da umumylykdan bütinleý daşdaky zatdyr. Ýazyjy diňe
milli özboluşlylyklara, milli aýratynlyklara daýanyp, eseriň milliligini gazanyp
bilýär.
Çeper edebiýatyň milliligi jemgyýetçilik mazmunyna eýe bolan halatynda,
oňa millilik ýörelgeleriniň talaplaryna jogap berip bilýän edebi eser hökmünde
garamak bolýar. Şahyr Orazmyrat Gurdowda “Angliýa sowgat berlen Meleguş
bilen hyýaly duşuşyk” atly bir şygyr bar. Şygyr Watanyndan jyda düşürilen
ahalteke bedewi Meleguşyň ykbaly bilen bagly tragiki mazmuny öz içine alýar.
Bu şygyr türkmen bedewiniň ykbalyndan söz açýanlygyna görä, onuň millilige
ýugrulan ideýa-çeperçiligini aýdyň göz öňüne getirmek üçin ony tutuşlygyna
okap göreliň:

Biz senden razy,


Biz senden hoşal,
Men ilime gidýän, Meleguş, hoş gal!-
Diýenimde seniň gözlerňe garap,
Gözlem dumanlandy, göwräm sandyrap,

Hasratyň kölgesi düşen gözleriň


Uzakdaky türkmen ilin sorady.
Öz ilinden aýra düşen ýüregňi
Aýralygyň ajy ýeli darady.

114
Gözleň Babarabyň çaýryn küýsedi,
Gözleň Aşgabadyň baýryn küýsedi.
Gözleň diýdi: “Häzir türkmen asmany
Gümmürdäp, üstümden çabga guýsady.

Garagumdan ösýän gyzgyn şemala


Kükrek gerip, alyslara çapsadym.
Aryp gelip, maňlaýymy sypaýan
Goja seýsiň ýyly mährin tapsadym.

Ol seýis ýok,
Ýok ýüregim – Garagum.
Men ýüreksiz ýaşamaly bu ýerde.
Meň ýüregim gysar-diýip, haýyşym,
At ibermäň, mümkin bolsa, eger-de...

Şu sözleri okadym-da gözleňden,


Sypadym maňlaýňy hem egdim başym.
Ellem seniň gözýaşyňy süpürýär,
Dilim diýýär:
Hoş gal!
“Hoş, Meleguşum!”1

Türkmen halkynda “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan


ölinçä” diýen pähim-parasat bar. O.Gurdow öz şygrynda ýurdundan aýrylan
bedew atyň Watan zaryny çekýän agyr hasratyndan söz açýar. Bedew at adam
ruhly jandar. Gorogly soltanyň oňa “gardaş” diýip ýüzlenmegi ýöne ýerden däl.
Ol Gyrata ýüzlenip, “perzent dilemedim, seni diledim” diýip, ony perzentden-de
belentde goýýar. Türkmen bedew atyny ýöw gününde ýoldaşy, gamly günde
syrdaşy hasaplaýar. Bedew at halkyň milli buýsanjy saýylýar. O. Gurdowyň bu
şygryndaky Meleguş hem şeýle milli buýsanjymyzyň biri. Şonuň üçin türkmen
bedewi bolan Meleguşuň ýürek zaryndaky watanparazlykdan gelen milliligi we
türkmen ruhuny duýmazlyk mümkin däl. Okyjy Meleguşuň hasratyny onuň bilen
deň çekişýär. Meleguşuň hasraty türkmeniň hasraty bolup, egniňden basýär.
Eýsem şygyrda orta atylan liriki mazmuna şundan aňyrda millilik gerekmi? Ýok,
şygryň milli ruhy ýeterlik. Ol okyjynyň ruhuny-da bütin düýrmegi bilen özüne
gaplap alýar. Çeper eseriň milliliginden edilýän talap hem şeýle. Şonuň üçin bu
şygryň milliligi artykmaç düşündiriş talap etmeýär. Şygryň özi liriki
mazmunynyň milliligi hakda has gowy aýdýar.
Millilik ýazyjydan özüne taryhy dogruçyllykda çemeleşmegi talap edýär.
Ýazyjy millilige taryhy dogruçyllyk bilen çemeleşmese, ol galp millilik bolar.
Asla ol döwrebap milli ruh, milli sypat, milli häsiýet bolmaz. Dogruçyllyk
1
O. Gurdow. Buşluk. (Goşgular) Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 44-45 sah.
115
halkylyk üçin hem, millilik üçin hem zerur talapdyr. Ýöne dogruçyllyk milli
däp--dessury, hökman, öz bolşunda gaýtalamak bilen gazanylmaly däldir. Ol
halkyň ruhuna dogruçyllyk bilen gabat gelmelidir. Diňe şeýdilen halatynda,
halkylyga-
-da, millilige-de dogruçyllyk bilen çözgüt berildigi bolýar.
Şu ýerde aýdylanlary tassyklamak üçin bir mysala ýüzleneliň.
B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany esasynda geçen asyryň 60-njy
ýyllarynda surata düşürilen adybir filmde şeýle bir pursat bar. Filmiň baş
gahrymanlary Artyk bilen Aýna uzaga çeken köp-köp külpetlerden soň, ahyry
maksatlaryna ýetýärler we biri-birine gowuşýarlar. Artyk öz Aýnasynyň başyna
kürte atyp, atyň öňüne alyp, öz öýlerine getirýär. Olaryň biri-birine gowşup
öýlerine gelýändigini görüp, obadaşlary Artyklaryň öýüne ýygnanyşýarlar. Toýçy
märekäniň arasyndan saýlanyp, öňe çykan Gandym aga Artyga ýüzlenip, ondan
gelniniň ýüzüni görkezmegi haýyş edýär. Täze gelen gelniň ýüzüniň görkezilmegi
türkmeniň milli däpleriniň biridir. Şonda Artyk atyň öňünde oturan Aýnanyň
kürtesiniň gyrasyndaky akja seçeklerini serpip, gelniniň ýüzüni görkezýär. Şu
taryhy sahnada türkmen halkynyň gelin gelmegi bilen bagly milli däp-
dessurlaryna gabat gelmeýän pursatlar bar. Olar şulardan ybarat: Türkmençilik
däbine görä, ýigit öz gelnini özi atyň öňüne alyp gelmeýär. Ony kejebeläp,
gelnaljylap, atbaşçylap alyp gelýärler. Gandym aga ýaly ýaşuly adam hem
öýlenýän ýigide gelniniň ýüzüni görkezmegi haýyş etmeýär. Şeýle haýyş bilen
ýigidiň deň-duşlary oňa ýüzlenýär. Däp-dessura laýyk bolmadyk ýene bir pursat,
ol hem Aýnanyň kürtesiniň gyrasyna parawuzlanan akja seçekler. Artyk gelniniň
kürtesiniň özüni açyp däl-de, şol seçekleri galdyryp, gelniniň ýüzüni gökezýär.
Görnüşi ýaly, bu sahnada türkmen däp-dessurlaryna gabat gelmeýän pursatlar az
däl. Eýsem türmençilik däbine laýyk gelmeýän şu pursatlar milli ýörelgäniň
ýoýuldygymyka? Ol milli däp-dessurlaryň taryhy dogruçyllyk bilen
suratlandyrylmandygymyka ýa-da durmuş hakykatynyň galplaşdyryldygymyka?
Filmiň baş režissýory A.Garlyýewi däp-dessurdan gyşaranlygy üçin
köteklemelimikä? Elbetde, ýok. A.Garlyýew milli-taryhy romanyň esasynda
milli-taryhy filmi döretmegiň hötdesinden gelipdir. Halk köpçüligi bu filmi öz
döwründe örän gyzgyn garşylady, halk oňa häzirem uly höwes bilen tomaşa
edýär. Filmiň käbir ýerlerinde milli däp-dessurlar bilen taryhy taýdan gabat
gelmezlikleriň bardygyna A.Garlyýewiň kemçiligi hökmünde däl-de, bu gün oňa
režissýoryň üstünligi hökmünde garaýarys. Munuň sebäbi nämedekä? Munuň
sebäbi filmiň halkyň milli ruhunyň ösüşine örän uly täsir edenligindedir. Halk
filmiň gahrymanlaryndan görelde aldy. Hatda filmiň täsiri bilen ol öz käbir däp-
dessurlaryna-da täze öwüşgin çaýdy. Şol täze öwüşginler şu güne çenli özüniň
ýaşaýşa ukyplylygyny subut edip gelýär. Aýdaly, “Aýgytly ädim” filminden öň
türkmençilikde öýlenen ýigit öz gelnini özi getirmäge gatnaşmaýardy. Bu gün
bolsa ol iň ýörgünli däpleriň biri boldy. Film halka ýetirilmezden öň, türkmen
gelinleriniň kürtelerinde parawuzlanan ak seçek ýokdy. Bu gün ol ýörgünli däp
bolup, gelinlerimize bezeg berýär.
Filmde halkyň milli ruhuny täzeleýjilik ideýa–estetiki güýç bar. Ol güýç şu
aşakdakylardan ybarat:

116
Birinjiden,film söz sungaty däl, ol kino sungatyna degişli eser. “Aýgytly
ädim” romany bilen “Aýgytly ädim”filmi sungatyň aýry-aýry görnüşleriniň milli
eseri. Olaryň hersiniň özüne mahsus döredijilik şertleri we talaplary bar. Bu film
surata düşürilip ýörkä, işiň gidişi bilen tanyşmaga gelen B.Kerbabaýewiň filmiň
režissýoryna edýän belliklerinden halys ýadan A.Garlyýewiň ahyry çydaman:
“Eý, goja, “Aýgytly ädim” romany seniňki, “Aýgytly ädim” filmi meniňki”
diýenligi baradaky gürrüň hem ýöne ýere dörän gep bolmaly däl.
Ikinjiden, Artyk bilen Aýna täze döwrüň, täze durmuşyň buşlukçylary.
Olaryň hereketlerinde, häsiýetlerinde ýüze çykýan täzelikler öz taryhy
döwürleriniň galyplaryndan daşa çykýan täzelikler. Olar geljegi bar, ertiri bar
hereketler we häsiýetler. Şonuň üçin olar türkmeniň milli ruhundan ösüp çykan
we halkyň milli ruhuny täzelän hereketler we häsiýetler bolup kalplara ersgin
berdi.
Üçünjiden, filimde Aýna gelniň atyň öňüne alnyp gelinmeginde, Gandym
aganyň gelniň ýüzüni görkez–diýip haýyş etmeginde, Aýnanyň kürtesiniň akja
seçekler bilen parawuzlanmagynda milli däpleriň kämilleşmegi, täze döwrüň
alamatlary bar.
Dördünjiden, film milli däpler bilen millilige ýeten sungat eseri. Milliligi
taryhy dogruçyllyk bilen şöhlelendiren bu film milli däp-dessurlara döwrebap
milli ruh çaýan eser. Bu gün milli däplerimize film tarapyndan çaýylan şol milli
öwüşginler türkmen halkynyň milli ruhuna laýyk döwrebap däpler–dessurlar
bolup ornaşyp gitdiler. Bu durmuş hakykatynyň sungata täsiri, sungatyň hem
durmuşa eden täsiri hokmünde garalmaly çeperçilik hadysadyr.
Millilik hakynda gürrüň barýarka, şu ýerde ýene bir ýagdaý barada az-kem
düşünişip geçmek gerek. Milli eşikleriň sungatda, edebiýatda halkyň milli
özboluşlylygynyň ýüze çykarylmagynda belli derejede hyzmatynyň bardygyny
bellapdik. Aýdaly, gyrmyzy don türkmen ýigitleriniň milli geýimi. Ol ata-
-babalardan miras galan we hiç hili özgerişe sezewar bolmadyk milli geýim-
-gejimlerimiziň biri. Biz ony keseki ýurtlardan gelen myhmanlarymyza hem milli
sowgat hökmünde eginlerine atyberýäris. Ýöne çet ýurtly myhmanlar gyrmyzy
donuň ikisini birbada goşalap, üsti-üstüne geýseler-de türkmen bolmazlar.
Birinjiden, olar gyrmyzy donuň içinde özlerini örän oňaýsyz duýýandyklaryny öz
hereketleri, boluşlary bilen duýdurarlar. Ikinjiden, olarda täze don geýen
türkmeniň buýsanjynyň ýokdygyny, gaýtam, olarda az-kem ýygralygyň peýda
bolandygyny duýmak kyn däldir. Sebäbi özge milletlerden bolan adamlarda
türkmene mahsus milli ruh ýokdur. Olarda öz milletiniň ruhy bardyr. Ol bolsa
özge ruhdur.
Diýmek, bu ýerde forma bilen mazmunyň sazlaşygy ýokdur. Forma bilen
mazmun bitewi däldir. Şonuň üçin ol türkmeniň milli gyrmyzy donuny geýeni
bilen türkmen ruhly bolup bilmez. “Belaň körügi” hem şundadyr. Gyrmyzy don
diňe türkmeniň milli ruhuna ganat berip biler. Sebäbi gyrmyzy don hem, milli
türkmen ruhy hem diňe türkmene degişlidir. Şu ýerden bir hakykat gelip çykýar.
Her halkyň milli ruhy onuň özüne degişli milli zatlary arkaly açylyp bilner. Eger
milli geýim-gejim milliligiň ýüze çykmagyna şert döredýän hem bolsa, ol öz
degişli halkynyň egnindekä, milli ruha eýe bolup biler. Kesekiniň egninde onuň
egni sallangy, ýüzi solak, reňki öçük görner. Gyrmyzy don öz eýesiniň
117
egnindekä, türkmeniň egnindekä onuň özi hem gelşiklidir, owadandyr, ony geýen
türkmeniň hem ýüzi nurludyr. Gyrmyzy dony bilen türkmen hem daşyndan, hem
içinden millidir. Durmuşda şeýle bolandan soň, durmuşyň aýnasy bolan
edebiýatda, sungatda hem şeýle bolmalydyr. Gyrmyzy dony bilen sahna çykan
ýigide biz türkmen diýýän bolsak, ala dony bilen sahna çykan ýigide hem özbek
diýeris. Biz olaryň millet degişliligini kesgitlemekde ýalňyşyp, gyrmyzy donla
özbek, ala donla türkmen diýmeris. Diýmek, milli geýim çeper edebiýatda we
sungatda gahrymanyň milli keşbini, milli sypatyny aýdyňlaşdyryjydyr, oňa milli
häsiýet bermäge ýol açyjydyr, onuň milli ruhuny ýüze çykaryjydyr. Bu milli
geýimli özbegiň ýa-da gyrmyzy donly türkmeniň milliliginiň ýüze çykmagyna
milli geýim-gejimiň täsir edişidir.
Şu ýerde başga bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär.
Çeper edebiýatyň milliliginiň geýim-gejim bilen bagly taraplary hakda şu
aýdylanlara esaslanyp, milli häsiýeti diňe milli geýim-gejimler bilen bagly ýüze
çykýan zat hökmünde düşünmek dogry däldir. Eýsem Ýewropa geýimli
türkmeniň ýa-da öz hünäri boýunça gurluşykçynyň, nebitçiniň iş eşigini geýen
türkmen ýigidiniň ýa-da gyzynyň häsiýetinde millilik bolup bilmezmi? Elbetde,
bolup biler. Nähili eşige girendigine garamazdan, türkmen mydama türkmendir.
Milli geýim-gejimli türkmeniň milliligi diňe onuň formasynyň milliligini has göz-
görtele edýändir. Onuň häsiýetiniň, ruhynyň milliliginiň bolsa diňe şundan soň
açylyp başlanýandygyny ýazyjy gözden salmaly däldir. Eger milli geýimde
bolmadyk türkmen ýigidiniň ýa-da gyzynyň häsiýet milliligi ýüze çykaryljak
bolsa, onda ýazyjy başga-başga çeperçilik ýörelgeler bilen meselä çemeleşmeli
bolýar. Bu ýerde geýim-gejim ýazyja kömege gelip bilmeýär. Sebäbi onuň
gahrymanynyň egnindäki geýim onuň öz milli geýimi däldir, kesekiniňkidir.
Ýöne Ýewropa eşigindäki türkmen ýigidi ýewropaly däldir, ol türkmendir. Onuň
egnindäki geýim-gejimleri kesekiniňki bolsa-da, ruhy türkmeniňkidir. Şonuň üçin
ony nähili eşikdeligine garamazdan, çeper edebiýatda ol türkmen ruhly, türkmen
keşpli gahryman bolmalydyr.
Çeper eseriň halky we milli bolmagy üçin zerur şertleriň arasynda şeýle bir
ideýa-çeperçilik talap bar. Ol hem halkyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklary we
özboluşlylyklary, gadymy däp-dessurlary taryhy dogruçyllykda şöhlenendirmek
esasynda döwrebap milliligi esere siňdirmek bilen bagly talapdyr. Bu şertiň
ýazyjy üçin kyn tarapy gadymyýetiň hem şu günüň özara baglanyşygyny, eger
başaryp bilse, sazlaşygyny tapmakdyr.
Ýazyjy G. Orazgulyýewiň “Heýkel rowaýaty” atly dokumental hekaýasy
bar. Awtor eseriniň žanryny hekaýa diýip kesgitläpdir weli, ol hekaýanyň
çygryndan çykan eser. Ýöne biz bu ýerde eseriň žanryny aýdyňlaşdyrmak üçin bu
hekaýany dile getirmedik. Biz bu hekaýada ýazyjy G.Orazgulyýewiň türkmen
halkynyň ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryny ýüze çykarmak babatda eden
synanyşygynyň şowly bolandygyny nygtamak isleýäris. Hekaýada şeýle bir
pursat bar, biz ony uzynragam bolsa, gepimizi düşündirmek üçin dolulugyna
almaly bolýarys:

118
“Maňlaýyňda monjuk bolan deriňi syryp, “Haý, gatyrak alan däldir-dä
hernä-diýip, yzyňa ylgarsyň. Hamyry wagtyndan köpräk alsa, gömme has galňap
gidýär-de, bişmesi hyllallarak bolýar. Heniz hamyr basyrylgyka, oduny boldan
ýakarsyň, töňňe bolup giden baldyr ýaly gara sazagyň howruna çydamadyk çäge
lasyrdap, goňrumtyl-gyzyl reňke geçiberer. Tekiz ýaýyp, üstünden oklawy
aýrarsyň-da, giňden ýaýbaň agaç gapagyň üstündäki hamyry közi syrylanam
bolsa, lasyrdap duran tekiz çägä titredip-titredip göýbärsiň weli, bir “pyşş-ş” eden
ýaly bolar. Derrewem üstüne gora öwrülen çägäni sürersiň-de, hamyry galyň
bolandyr öýtseň, birsellemden öwradylan közi ýaýradarsyň. “Bişendir alla”
diýibem, bir çäýnek çaý içer salym boluberende alarsyň weli, ak çägäniň
aşagyndan Günüň kiçeldilen görnüşi çykdymyka-diýer, öň görmedikler. Kakyp
alyp, köneräjik saçak bilenem süpürersiň weli, durkunda-süňňünde çägeden zerre
galmaz . Ysy dagy daş-töwerekde burk urýandyr, agzyň suwuny saklabilmän,
özem gyzgynlykdan ýaňa eliňi ýakyp baransoň, garatap pyçak bilen şapbat
ýalysyny ujundan bölüp alaga-da, elýeterde duran bedräniň buz ýaly suwuna
basarsyň. “Hyž-ž” bolar, öňküden üýtgeşik ys işdä damaryňy yzarlap gider,
dişlemek gerek däldir, bokurdaga degmän öter, diňe tagamy agzyňda galar.
Gataýsa-da, heňlejek, ajajak gümany ýokdur. Garaja gazanda gaýnap-gaýnap,
süňki etine garylyp giden çorbany, ele güýç bermese, pyçak bilen dogralan
çöregiň üstüne gapgararsyň. Erňegi içine edilen agaç tabagyň daşyna iki bolup
geçersiň, aňryňa “oba gonýança”, dünýä piňiňe däldir. Soňam agşam
garaňkysynda alawy has ýaldyrawuk görünýän otda lasyrdaýan mis tüňçäni ajyja
demläp, agzyna-da käse düňderip birsellemden dört gezek gaýtaryp, owurtlap
ugrarsyň weli, dili has süýjän Geldimyrat çopan ýaşlygyna gaýdyp gelip, saýrap
oturandyr. Galan wagty gaharlyrakdyr, söwünjeňdir, häzir weli agzyndan bal
damýandyr: ”Äl-aý, Saragt jan, ynha, şu Ata çopanyň esasy kömekçisi diýlen işde
gezip ýör-dä. Sen gelmänkäň, bitiberýän işlerinden göwnüm suw içmänem
duranokdy meň. Äl, ýöne sen ýaş oglanlygyňdan ýa işiň gözüni bilýänligiňdenmi,
indi how, şuň “ynha, bitirdim” diýýän işlerindenem göwnüm suw içmän
başlaberdi meň....”.
Ýagly-ýüzli nahardan, ajy çaýdan süňňi gowşan Ata aga äwmän geplär:
-Geldimyrat, bir zat diýäýýäň-aý, senem, dil bir öl ýerde biten zat bolansoň, seň
yzyňy basyp barýan ýaşda, how, bizem indi. Onsoň agyr işlere gezek gelende,
garry göwräni gozgajak bolsaň, lagar düşen düýe ýaly bagyryp durmaly
boluberýär, how. Bular bir Göroglyň Öwez ogly ýaly zyplaň ýigitler-ä.
Geldimyrat aga diklener:
– Gowy ýatlatdyň-aý, büçe bolanyna görä, Saragt jan, sen bize
“Göroglyny” okabam bir hezil ber!
Ata aga-da diklener:
– Özem şo Zulman kempiriň Gyraty ogurlaýan ýerinden tutsana!
Geldimyrat aga käsäniň düýbündäkini owurtlamaz-da hopurdadar:

119
– Pekgeligiň galman geçjeg-aý, seň, kempir tapsaň, başgasy gözüňe
görnenok. Saragt jan, Görogly begiň Agaýunus perini alyp gaýdýan wakalary
bardyr-a, ana, şo ýerini tapyp oka!
Ata aga-da gep oklap galar:
– Şol periden käşgä saňa nep ýetýän bolsa, bizem diňlesek, diňläýeris,
okaber!
Onsoň panus çyrany ýakyp, kitap okamalysyň, gijäniň bir wagtyna çenli.
Çaýy bolsa indi Ata aga demleýändir. Saragta-da guýupjyk berýändir.
Saragt galan wagtam dek oturmaz. Öňde gara gyş bardygy, öýleriniň
gapysynda-da gowaça çöpünden başga zadyň ýoklugy ýadyna düşüp duransoň, eli
boşadygy, gözi depseň, gopup duran ýarty ojarlardadyr ýa-da “Indi men-ä
ýaşamaly möwritimi paýawlaberdim” diýýän ýaly gapdala gyşaran ak
sazaklardadyr. Yogynrak gagşyl-guran ýylgyn görse-de, deňinden geçmez. “Irden
tutaşdyrlyga ýarar” diýip, onam ýygnaşdyrar gidiberer. Günde ýarym küderäk
boluberýärem, ganymat garzynsa.
Onsoň her aýda iki gezek gelip duran maşynlaryň şopurlaram agşamlyk
ýatymlyga galmaly bolansoňlar sözüni ýykmazlar. “Eltibilsek, gaýtam, Baba aga
hoşallygyny bildirer, alkyşam üstesine, ýükle inim!” diýerler”.1
Ýazyjy G.Orazgulyýewiň “Heýkel rowaýaty” hekaýasyndan alnan bujagaz
bölekde türkmen ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary özüniň milli öwüşginleri
bilen gaýnap-daşyp dur. Eseriň baş gahrymany bolan Saragtyň ýaşlyk ýyllarynda
özüniň çoluk bolan döwrüniň ýakymly ýatlamalary bilen ýazyjynyň ol hakdaky
süýji oýlanmalarynyň garylyp-gatylyp, sazlaşdyrylyp, orta atylan şujagaz durmuş
wakasy arkaly çopan durmuşynyň milli aýratynlyklara beslenen taraplary açylyp
görkezilýär. Ýazyjy türkmen gömme çöreginiň bişiriliş aýratynlygyny örän
beletlik bilen we özüniň bütin jikme-jikligi bilen beýan edýär. Hekaýada çopan
durmuşynyň milli öwüşginler çaýylan taraplary arkaly, umuman, türkmen
ýaşaýyş-durmuşynyň milli öwüşginleri özüniň şowly hem-de çeper beýanyny
tapýar. Eseri okap oturan okyjy özüni çopan goşunda oturan ýaly duýgyny başdan
geçirýär. Ol çopanlar bilen bilelikde ýaňy küli-közi, çägesi kakuş-kukuş edilip,
ele alnan türkmen gömme çöreginiň gyzgynlygynda milli duýgularyny oýarýan
yssylygy duýýar. Gömme çörek dogralyp, taýýarlanan türkmen çorbasyny işdä
bilen iýip oturan çopanlar bilen bilelikde bu milli tagamdan özi hem iýip oturan
ýaly, onuň datly tagamyny, hoşboý ysyny, iýdigiňçe, barha işdäňi açýan lezzetini
duýýan ýaly bolýar. Ýazyjynyň milli tagamlary şeýle hormat-sarpa bilen, şeýle
uly hem gyzgyn söýgi bilen, çeper detal hökmünde ulanmagynyň öz manysy bar,
olaryň her haýsysynyň öz çeperçilik ýüki bar. Ol bu hekaýasynda milli
tagamlaryň üsti bilen, beýleki durmuş hajatlary üçin peýdalanylan zatlar arkaly
milli häsiýeti açýar. Gömme çöregiň jana şypa beriji ysy, gaýnap-gaýnap, süňki
etine siňip giden gara çorbany gara dere batyp iýmek, mis tüňçede gaýnan çaýy
süzüp, endamyňy ýumşatmak we keýpiňi köklemek türkmeniň milli häsiýetine

1
G. Orazgulyýew. Heýkel rowaýaty. Dokumental hekaýa. “Garagum” žurnaly, 2017, N7,84-85sah.
120
mahsus alamatlar. Ýazyjy şeýle alamatlarda türkmeniň milli häsiýetiniň ýüze
çykyşyny ýzarlaýar. Ol öz maksadyna hem ussatlyk bilen ýetýär.
Gömme çörekden edilen çorbadan garny doýup, endamy ýumşan
Geldymyrat çopan bilen onuň kömekçisi Ata aganyň arasynda bolýan gürrüňlere
üns beren bolsaňyz, ondaky oýun-henegiň hem öz milli ruhy we milli many-
maňzy aýdyň duýlup durandyr. Ol hakykatdan hem şeýle. Tagamy agzyňdan
gitmeýän datly nahardan soň, ýazylyp-ýaýran we keýpleri çaglanan çopanlarda
“Göroglyny” diňlemek höwesi döreýär. Şeýle höwes bu goja kişilerde ýöne
ýerden döremeýär. Olaryň aňynda Görogly begiň eden işleriniň, kylan
kylmyşlarynyň bary özleriniň ýüregine ýakyn, ruhuna şaplaşyp duran “etmişler
we kylmyşlar” bolup ornaşypdyr. Şonuň üçin türkmeniň milli ruhy Göroglynyň
mysalynda Göroglynyň nusgasynda kemala gelen ruhdur. Geldymyrat çopan
bilen Ata aganyň häsiýetinde hem Görogludan miras galan ýa-da gana-jana siňen
milli ruh höküm sürýär. Şonuň üçin olar “Göroglyny” diňlemek höwesine
atlananlaryndan, Görogly soltanyň adyny agzanlaryndan, heniz şadessan okalyp
başlamanka, eýýäm milli ruhlarynyň joşgunyna bäs gelip bilmän oturan
türkmenler bolýarlar. Geldimyrat çopan bilen onuň kömekçisi Ata aganyň oýun-
-henekleriniň ruhy Görogly bilen Sapar kösäniň arasynda ýüze çykýan oýun-
-henekleriň ruhuna ýakyn milli ruhdur.
Bu ruh B.Annanowyň “Kärizgenler” filimindäki Görogly aga bilen onuň
sakgaldaşy Sapar aganyň arasyndaky oýun-heneklerde-de bardyr. Diňe bu hem
däl. Görogly eposynyň milli ruhuny türkmen halkynyň çeperçilik aňynyň
önümleriniň hemmesinden hem tapmak bolar. Bu, elbetde, “Görogly”
şadessanynyň türkmen çeperçilik aňynyň taryhynda milliligiň çür depesine çykan
gymmatlyk hökmünde halkyň ýüreginiň töründe orun alandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen gynanan-gyssanan ýerinde ýa-da begenen ýerinde Görogly begiň
aýdymlaryna, Magtymgulynyň aýdanlaryna ýöne ýere ýüzlenmeýär. Olaryň ikisi-
de halkyň milli ruhyny ganatlandyrýan ýokary derejedäki millilik bilen
tapawutlanýan çeper gymmatlyklardyr.
Ýazyjy G.Orazgulyýew hem bu ýerde öz gahrymanlarynda ýöne ýere
“Göroglyny” okatmak höwesiniň dörändigini ýaňzytmaýar. Bu çopanlaryň
ikisinde-de milli ruhuň ýüze çykmalaryna ýazyjynyň yşaratydyr. Türkmen
ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklaryna esaslanyp, milli häsiýeti ýüze çykarmak
üçin peýdalanylan detallar hekaýada başga-da ýeterlik bar. Olaryň hemmesi hem
hekaýada milli ruhy ýüze çykarmak üçin şowly saýlanyp alnan detallardyr.
Biz şu pursata çenli çeper mazmunyň halkylygy we milliligi hakynda
gürrüň etdik. Eýsem çeper formanyň halkylygy we milliligi hakynda näme
aýtmak bolar? Munuň üçin biz ýene nusgawy edebiýata ýüzlenmeli bolýarys.
Sebäbi çeper edebiýatyň forma babatdaky milliligini onuň forma gözlegleriniň
gözbaşlaryndan yzarlansa dogry bolar. Gözbaşlarda bolsa ýene Nurmuhammet
Andalybyň döredijilik keşbi salgym atýar. Ol nusgawy türkmen edebiýatynyň
forma we mazmun gözlegleriniň ösüşinde örän uly hyzmatlary bitiren

121
şahsyýetleriň biridir. Onuň döredijiligi özüniň köptaraplylygy bilen türkmen
edebiýatynyň taryhynda giňden meşhurdyr.
Andalyp kyssahonlykda türkmen edebiýatynyň taryhynda ady ile dolan
beýik akyldarlaryň hataryny bezäp duran uly halypalaryň biridir. Ol Gündogar
edebiýatynyň hamsaçylyk däbine gol ýapan beýik ussatlaryň döredijilik däplerini
XVII-XVIII asyrlaryň şertlerinde türkmen edebiýatynda dowam etdiren we
ösdüren şahyrdyr. Gündogar edebiýatynda belli-belli çeper sýužet ýordumlary
esasynda eser döredip, diwan baglamak, has anygy, bäş kitapdan ybarat eserler
toplumyny döretmek– hamsa baglamak irki orta asyrlardan bäri ýoň bolupdyr.
Andalyp hem Gündogar edebiýatynda ýörgünli bolan hamsaçylyk däbini ösdüren
şahsyýetleriň biri. Dogry, onuň hamsaçylyk ýörelgesine eýerip ýazan diňe dört
sany eseri — “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap”
dessanlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şahyr bäşinji dessany ýa-ha ýazyp
ýetişmändir, ýa-da ol eser ýitipdir-de, biziň günlerimize gelip ýetmändir. Belki-
de, şahyr Berhurdar Türkmeniň kyssaçylyk däbine eýerip ýazan “Melike-
-Mährinigär” kyssa eserini öz hamsasynyň bäşinjisi hasaplan bolmagy-da ahmal.
Eger şeýle bolsa, onda Andalyp dört dessany hem bir kyssa eseri bilen hamsa
baglapdyr diýen netijä gelmek mümkin. Garaz, şu getiren delillerimiziň haýsysy
dogry bolaýanda hem Andalyby Gündogar edebiýatynyň hamsaçylyk däbine
eýerip, bäş kitapdan ybarat diwan baglan beýik söz ussatlarynyň hatarynda
goýmaga doly esas bar. Hamsaçylygyň bolsa Nyzamy Genjewiden baş alyp
gaýdýan uzyn taryhy bar. Bu uzak taryhyň şaýatlyk edişine görä, hamsaçylygyň
ösüş ýoly Gündogaryň beýik şahsyýetleriniň ady bilen baglydyr. Bu ýolda
Nyzamydan başga-da Dehlewi, Jamy, Nowaýy, Fizuly ýaly beýik şahyrlar
hamsaçylyk däbini dowam etdiren we ösdüren beýik şahsyýetler hasaplanýar.
Eger şeýle beýikleriň döredijilik meýdanynda erkin ädim urup bilen bolsa, onda
Andalyp hakykatdan hem beýik şahsyýetdir. Ol beýik hamsaçylaryň hataryndaky
beýiklerdendir.
Şu ýerde başga bir hakykaty aýratyn bellemek gerek. Gündogar
edebiýatynyň hamsaçylyk däbine dahylly söz ussatlary bu däp boýunça diwan
baglanlarynda, aglaba mesnewiçilik galyplara ýüzlenipdirler. Şonuň üçin olaryň
hamsalary mesnewiçilik galybynda baglanan diwanlardyr. Mesnewiçilik
däplerine esaslanan bu eserleriň žanr özboluşlylygy hem biziň häzirki
düşünjämizdäki poemalary ýada salýarlar. Hakykatda olara poema diýip
bolmaýar. Mesnewiler orta asyr Gündogarynda şahyrana epiki mazmuny ýüze
çykarmagyň bir görnüşi hökmünde däpleşipdir. Ol eserlere diňe şahyrana forma-
mazmunly epiki mesnewiler diýmek dogry bolsa gerek. Muny şol döwür
şahyrlarynyň özleri hem tassyklaýarlar. Olar eger öz eserleriniň žanr
aýratynlygyny nygtamakçy bolsalar, ony, galapyn, mesnewi diýip atlandyrýarlar.
Ýogsam dereginde, mesnewi özbaşdak şygyr galypyny aňladýar. Ýöne orta
asyrlardan başlap, epiki mazmuny ýüze çykarmak üçin mesnewi iň amatly şygyr
galypy bolanlygy sebäpli, oňa yzygiderli ýüzlenilipdir. Şonuň üçin mesnewi
şygyr galyplygyndan has giň mana eýe bolup, ol epiki şahyrana žanrlyk
alamatlaryna eýe bolupdyr we bu žanr şeýle at bilen belli bolupdyr.
Ýeri gelende aýtsak, mesnewi žanrynyň däpleri boýunça ýazylan eserler
Andalypda hem ýeterlik bar. Şahyryň “Oguznama”, “Kyssaýy-Pyrgown”,
122
“Sagdywakgas”, “Risaleýi-Nesimi” ýaly eserleri mesnewiçilik däplerinden ugur
alnyp ýazylan şahyrana epiki eserlerdir. Eger Andalybyň mesnewiçilik däplerine
eýerilip döredilen epiki eserleriniň hem biziň döwrümize gelip ýetenleriniň
sanynyň dörtdügini nazarda tutsaň, onda şahyryň orta asyrçylyk çeper däplere
görä mesnewiçilik galybynda ýazylan eserler bilen hem hamsa baglamak
niýetiniň bolaýan bolmagynyň ähtimallygyny-da aradan aýryp bolmaýar. Bu
hakykatdan-da şeýle bolsa gerek. Şahyryň dört sany epiki mesnewisi bize gelip
ýetipdir. Mesnewileriň bäşinjisiniň bolsa ýitip, ýok bolup giden bolmagy
mümkin. Geljekde, belki, şahyryň bäşinji mesnewisiniň tapylaýmagy-da ahmal.
Bu hakda kesgitli bir zat aýtmak kyn. Ýöne bir zat weli belli, şahyr mesnewiçilik
däbi bilen ýazylan eserlerden hamsa baglamak pikir-hyýallardan hem daşda
bolmandyr. Bu çaklama, elbetde, gepiň gerdişine görä öňe sürlen pikir däl. Onuň
özüne ýetik delilli esaslary bar. Diýmek, Andalyp özüniň döredijilik gerimi
boýunça hamsaçylyk ýolunyň iki görnüşinde diwan baglan hamsaçydyr.
Eger Andalybyň hamsalary barada gürrüň gozgalsa, başga bir aýtmaly
esasy zada hem ünsi çekesimiz gelýär. Şahyr epiki mazmunly mesnewilerinde
hem, epiki kyssa-dessanlarynda hem umumy Gündogar edebiýatynyň hamsaçylyk
däpleriniň çygryndan çykmaga ýykgyn edýär. Beýik akyldara hamsaçylygyň
şekilleýin galypy-da, mazmun galypy-da darlyk edipdir. Şonuň üçin onuň
şahyrana hamsasyna girýän eserleri hem, kyssawy hamsa diwany üçin niýetlenen
dessanlary hem bu däbiň, aýdaly, şekil hem sýužet meňzeşliklerine esaslanýan
şertliliklerden daşlaşmaga synanşyklaryň bolanlygy bilen tapawutlanýar.
Andalyba çenli ýüz otuz çemesi şahyr tarapyndan döredijilikli işlenen “Leýli-
Mejnun” sýužeti diýäýmeseň ýa-da öz gözbaşlaryny baryp mukaddes “Injilden”
we “Kurandan” alyp gaýdýan “Ýusup-Züleýha” sýužeti diýäýmeseň, şahyryň
hamsalaryna girýän beýleki eserleriniň sýužeti umumy Gündogar
hamsaçylygynyň sýužet ýordumlaryndan sowa geçýär. Onuň şahyrana
mesnewilerinde hem diňe şekil galypy – mesnewi şygyr galypy saklanypdyr
diýäýmeseň, olaryň sýužet ýordumlary babatda hem ýagdaý şeýledir. Bu, elbetde,
döredijilik gözlegleri däpleşen ýörelgeleriň çeperçilik serhetlerine sygmaýan
şahyr ýüreginiň joşgunly hem daşgynly telwasynyň netijesidir. Ol Andalybyň
edebi däpleriň doňan-üýtgewsiz çeperçilik galyplaryna uran zarbasydyr. Ol edebi
däbiň çeper şertliliklerinden daşlaşmaga synanşykdyr. Ol edebi ýörelgeleriň torç
edilen ýodalaryndan çetleşip, öz ýol-ýodaňy gözlemekdir. Ol şahyryň çeperçilik
gözleglerde ýeten belentligidir. Ol Andalybyň edebi ýörelgelere girizen
täzeligidir.
Andalyp hamsaçylyk däplerini ýörelge edinen epiki şahyrdyr. Hamsaçylyk
ýörelgelerini bolsa nezireçilik däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.
Nezireçilige millilik ýatdyr. Oňa alynma sýužet, alynma tema, alynma gahryman
we alynma ideýalylyk häsiýetlidir. Muňa garamazdan, Andalyp öz hamsalary
bilen edebi-döredijilik işiň çeperçilik älemine millilik öwüşginini çaýmaga
ýykgyn eden ussatdyr. Hamsaçylyk däpleriniň süňňüne milliligiň aralaşmagy
bolsa XVII-XVIII asyrlaryň edebi-çeper giňişlikleri üçin täzelikdir. Özem bu
täzelik edebiýatyň Andalypdan başlanýan uly akabasynyň akym ugruny ýa-da
ösüş ugruny kesgitleýän täzelikdir. Elbetde, bu şahyryň edebi ösüşiň orta

123
asyrçylyk döwürlerinden soň ilkinjileriň biri bolup, edebiýata milliligiň
aralaşmagynda uly hyzmatynyň bolandygyny aňladýar.
Andalybyň edebiýat meýdanyna çaýan milli öwüşginleriniň bolsa reňkleri
şeýlekin aýyl-saýyl görünýär. Şahyr hamsaçylygyň ýörgünli edebi-çeperçilik
galybyny “döwdi”. Türküläp aýtsak, Andalyp hamsaçylygy şahyrana
mesnewiçilik galybyndan çykardy. Ol Gündogar hamsaçylygyny diwan
edebiýatynyň galybyndan çykaryp, milli folklor galybyna saldy. Diwan edebiýaty
bilen halk döredijiligini bir galypda ýerleşdirdi. Ol hamsaçylyga dessan žanryny
girizdi. Dessan bolsa halk döredijiliginiň iň gadymylarynyň biridir. Şeýle
bolansoň dessançylygyň edebi ýörelgeleri türkmen halkynyň milli ruhuna has
ýakyn çeperçilik ülňüleri özünde jemleýär. Kyssadyr şygryň gatyşdyrylyp
getirilmegi bilen çeper mazmunyň aýdyňlaşdyrylmagy milli aňyň we milli ruhuň
gadymyýetlere uzaýan inçe tarlaryna kakýar. Şol tarlarda bolsa milli ruhuň
gadymy owazlary ýaňlanýar. Milli ruh Andalybyň dessanlary bilen öz köne
güzerine inýär. Milli ruh Andalybyň salan şeýle köne güzerleriniň dördüsinden
“Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap” dessanlaryndan
öz teşneligini gandyrmaga mümkinçilik tapýar. Sebäbi Andalyp türkmen
edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup iň köp dessan ýazan beýik halypadyr.
Andalyp ýazuwly edebiýata dessançylyk däplerini ymykly ornaşdyrdy.
Orta asyrlaryň şertinde diňe halk döredijiliginiň söýgüli žanry bolup galan
dessançylyk Andalybyň galamy bilen ýazuwly edebiýata täzeden aralaşdy. Bu
bolsa çeperçilik äleminde milli duýgynyň gadymy köklerine täzeden jan bermek
bilen barabar hadysadyr. Andalyp hamsaçylyga dessançylyk däplerini girizmek
bilen, hamsaçylyk mazmuny dessan žanry arkaly beýan edip, milli ruhuň
gadymyýet bilen sazlaşygyny tapdy. Bu sazlaşyk, elbetde, duýgy oýaryjy, ruhuňy
täzeleýji owazlara we heňlere baýdy. Dessançylyk ýörelgeleri milli ruhuň
belentlik hem çuňluk ölçeglerini sazlaşdyrýan çeperçilik gymmatlykdyr. Şonuň
üçin Andalybyň ýazuwly edebiýata dessan žanryny getirmegi ägirt uly çeperçilik
hadysa hökmünde milli ruha täsir etdi. Bu bolsa edebiýatyň ösüş ýoluna milli
öwüşgin çaýmakdy. Edebiýaty täze bir milli žanr bilen baýlaşdyrmakdy. Bu
göräýmäge formal täzelikdi. Ýöne ol ýazuwly edebiýatyň millilige tarap ýüz
öwürmegidi, halkyň ruhy dünýäsini täzelemekdi. Andalyp hut şonuň üçin hem
edebi hadysa hökmünde taryha girdi.
Şahyryň döredijilik älemindäki täzeçillik gözlegleri edebiýatyň çeper
mazmun serhetlerine hem aralaşdy. Ol orta asyr hamsaçylyk ýörelgelerini
nezireçilik galyplardan — keseki edebiýatlardan tema almak, gahryman almak,
ideýa almak ýaly däplerden hem çetleşdirmäge synanyşdy. Ol edebiýat
meýdanyna milli mazmun getirdi. Hamsaçylyga oguznamaçylyk ýaly milli
mazmunyň aralaşmagy gönüden-göni Andalybyň hyzmatydyr. Türkmenleriň
nesilbaşysy Oguz hanyň ýörişleri, ýeňişleri hakdaky, oguzlaryň taryhy we olaryň
elipbiýi hakdaky milli mazmunyň epiki mesnewiçilik däpleriniň çygryna
salynmagy oguznamaçylyk mazmunyň hamsaçylyga aralaşmagydy, onuň milli
mazmun bilen baýlaşmagydy. Nezireçilige — alynma sýužetlere, alynma
temalara, alynma ideýalara esaslanýan hamsaçylyk däbi üçin bu, elbetde,
mazmun taýdan täzelenmekdir we galypdan çykmakdyr. Çeper mazmun babatda
erkinlige ýetmekdir. Hamsaçylygyň ýüzüni milli mazmuna tarap öwürmekdir.
124
Gündogar hamsaçylyk mazmunyna beýik türkmen şahyry Nesiminiň
pajygaly ömür ýoly hakdaky rowaýatlara siňen çeper sýužetiň aralaşmagy hem
Andalybyň hamsaçylyk ýörelgelerine girizen täzeligidir. Çeper mazmunyň şeýle
milli öwüşgin bilen baýlaşmagy diňe bir Andalybyň döredijiligine däl, tutuş
türkmen edebiýatynyň, şonuň bilen birlikde hem Gündogaryň hamsaçylyk
däpleriniň süňňüne täzeçe ruh berdi. Bu, elbetde, XVII-XVIII asyrlaryň
sepgidindäki türkmen edebiýatynyň ösüşine Andalybyň goşan beýik goşandydyr.
Bu hakykatdan hem milli edebiýatyň Andalybyň döredijiligi bilen baglanyşykly
ümzüginiň millilige tarap ilerlemegidir.
Orta asyrçylyk edebi-çeper däpleriň hökmürowan zamanlarynda edebiýat
alynma sýužetler bilen oňňut etdi. Nezireçilik däpleriniň torundan çykyp bilmän
kösendi. Ol umumadamzat meselelerine çeperçilik çözgüt bermek bilen gümra
boldy. Wagt, orun, hereket giňişlikleri babatda umumylygyň, abstarktlygyň
düýpsüz girdabynda köw urdy. Andalyp bolsa edebi-döredijilik işiň ýüzüni
türkmen temasyna, türkmen gahrymanyna, türkmen durmuşyna, anyk milli
meseleleriň çeperçilik çözgüdini tapmaklyga tarap öwürmegiň hötdesinden geldi.
Bu ägirt uly täzeleýjilik güýje eýe bolan ýiti zehini, kesgir akyl-paýhasy, şol bir
wagtyň özünde hem dünýä, jemgyýete, umuman, adama, hususan hem türkmene
bolan garaýyşlarda danalara mahsus öňdengörüş ötgürligini talap edýär. Edebi-
döredijilik işiň bir söz ussadynyň döwet galamynyň emri bilen şeýle oňyn
özgerişlere tarap gönükdirilmegi bolsa seýrek zehinlere başardýan öwrülişikdir.
Andalyp öz döredijiligi bilen şeýle edebi-çeper öwrülişigiň gözbaşlarynda duran
şahyrdyr. Diýmek, Andalyp edebi-döredijilik işiň ösüşini millilige tarap
gönükdiren şahyrdyr. Hut şunuň üçin hem ol milli şahyrdyr.

125
ÇEPER EDEBIÝATYŇ JEMGYÝETÇILIK
HYZMATY

Çeper edebiýatyň jemgyýetçilik ähmiýeti hakyndaky gürrüňe ilki bilen


möhüm bir hakykaty aýratyn nygtamakdan başlamak dogry bolardy. Ol hakykat,
eýsem, nämekä? Ozalabedinde sungatyň, şol sanda söz sungatynyň hem
adamzadyň özüni tanamak islegi bilen bagly dörän gymmatlykdygy baradaky
hakykaty ünsden düşürmeli däldiris. Adamzat nesli doglanyndan tä soňky demine
çenli özüni tanajak bolup uly azara galýar. Özüňi tanamagyň syrly dünýäsiniň her
adamyň özünde gizlenýändigine garamazdan, ol özüni tanap bilmän hem
dünýäden ötýär. Munuň sebäbi hem özüňi tanamagyň kesekini tanamakdan
kynlygyndadyr. Türkmen “Özüni tanan–weli ” diýen nakyly ýöne ýere
döretmändir. Welilik hemme kişä ýetdirip duran zat däl bolmagy çemeli.
Magtymguly özünden öň ýaşap öten ýedi weliniň gürrüňini edýär. Şahyryň
pikiriçe, şolardan başga welilige ýeten ýok. Beýik akyldaryň sözüne ynynmazlyk
hem, elbetde, gabahat. Weliniň sanynyň şeýle azlygy hem bu meseläniň kynlygy
we çylşyrymlylygy bilen bagly bolmaly. Adam özüni kesesinden synlap bilenok.
Şonuň üçin K.Gurbannepesowyň örän jaýdar belleýşi ýaly, “her kim özünden
göwni hoş.” “Her kimiň öz akyly özüne akyl.” Başgaça aýdylsa, her kim öz
ýanyndan özünden başga akylly, özünden başga şekilli bardyr öýdenok. Adamy
keseden synlamak bilen hem tanaýmagyň ýeňil–ýelpaý iş bolmanlygy üçin,
türkmen aňy “Ýolda ýoldaş bolmasaň, şärikli iş etmeseň”, adamy tanap
bolmaýandygy hakyndaky hakykata uýupdyr. “Haýwan alasy daşynda, adam
alasy içinde” diýen nakyly hem döredipdir. Özüňi tanamagyň kynlygy hakda
beýik Magtymguly “Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýen pikir bilen
meseläni jemläpdir.
Elbetde, meseläniň kynlygy ýa-da çylşyrymlylygy adamy gol gowşurup
oturmaga mejbur edip bilmändir. Ol özüni tanamagyň çarkandakly hem hupbatly
ýolunda mydama gözlegde bolýar. Gözlegler netijesiz hem bolmandyr. Sungat
adamyň özüni tanamak üçin, özüni keseden synlap görmek üçin, özüniň özi üçin
oýlap tapan zadydyr. Söz sungaty bolan çeper edebiýat hem adamzadyň şol
maksat bilen özi üçin özüniň oýlap tapan çeper gymmatlygydyr. Şeýle bolansoň
çeper edebiýatyň başdan-aýak jemgyýetçilik ähmiýetli, adamzat bähbitli zerur
gymmatlyklaryň hatarynda özüniň mynasyp orny bar. Ol özüniň dörän gününden
bäri adamzat nesline hyzmat edip gelýän sungat. Çeper edebiýatyň adamzadyň
özüne akyl ýetiriş işine goşan ägirt uly goşandyny hiç bir zat bilen deňeşdirip
bolmaz. Sungatyň aýry-aýry görnüşleriniň dilsiz-agyzsyz gymmatlykdygyny göz
öňünde tutsaň, onda çeper edebiýatyň adamzat nesliniň öňündäki hyzmaty has-
da aýdyň bolýar. Çeper edebiýat adamlaryň özi hakda olaryň öz dillerinde
söhbet açýar. Şu ýagdaý hem heňňam aýlandygyça, onuň hyrydarynyň barha
köpelmegine sebäp bolupdyr. Söz sungatynyň jemgyýetçilik ähmiýetiniň
gitdigiçe artmagyna şert döredipdir.

126
Adamzadyň etiki-estetiki taýdan ýa-da medeni-ruhy taýdan ösüşiniň biziň
günlerimize çenli ýeten belent derejesine eýe bolmagynda, onuň akyl, pikir,
duýgy babatda pelle-pelle ösüp-örňäp, özgerip, gözelleşip gelmeginde çeper
edebiýatyň bitiren hyzmaty ölçärden, baha keserden, daşyna çyzyk çekip, çäk
goýardan has uludyr. Söz sungaty adamzat üçin akyl ýetirerlik derejede düşnükli
bolan sungatyň bir görnüşidir. Ol özüniň düşnükliligi babatda sungatyň käbir
beýleki görnüşleri ýaly aýratyn üşükliligi ýa-da duýgurlygy talap etmeýär. Söz
sungaty jemgyýetde ýaşaýan akyly ýerindäki köpçülik üçin düşnükli bolan dilde
gürleýändigi bilen tapawutlanýar. Ol ýokary çeperçilik bilen söhbet açýar,
düşnükli dilde öz idealyny aýdyňlaşdyryp bilýär. Hatda onuň göçme manyda
ulanan sözleri, söz öwrümleri-de, diliň dürli çeperçilik serişdeleri-de şol dilde
gürleýänler üçin aýdyňdan düşnüklidir, estetiki-emossional güýje eýedir. Şu
ýerde söz sungatynyň käbir nusgalaryndan alnan mysallara ýüzlenip göreliň.
Türkmen dilinde “itden çykarmak” diýen frazeologik birlik ýa-da düşünje
bar. Ol aslynda myhman-meduwany obadan çykýança, hezzet-hormat bilen
ugradyp goýbermek dabarasy bilen bagly döräpdir. Ol bu ýerde göni manysynda,
päk niýete beslenen düşünjedir. Ýöne onuň çeper edebiýatda, asylky manysynyň
tersine, gara niýete ýugrulan göçme many öwüşgünine eýe bolýan pursatlaryna-
da gabat gelýäris. B.Seýtäkowyň “Doganlar” romanynda hereket edýän
personažlaryň biri bolan Jüneýt hanyň dilinde “itden çykarmak” düşünjesi
“öldürmek” diýen göçme manysyna eýe bolýar. Diýmek, romanda gahrymanyň
dil aýratynlygy hökmünde ulanylýan bu frazeologizm özüniň ikinji bir manysyna
eýe bolupdyr. Has takygy, “itden çykarmak” düşünjesi asyl manysyna gapma-
garşy bolan gizlin many öwüşginini alypdyr. Şuňa garamazdan, “Doganlar”
romanyny okan okyjy bu frazeologik birligiň iki manysyna-da, bir manysynyň
gizlenip ýatanlygyna seretmezden, anyk hem aýdyň düşünýär. Özi-de okyjy han
hezretleriniň dilinden çykan “itden çykaryň!” diýen frazeologizmiň asylky
manysynyň özgerdilip, täze bir gizlin mana – “öldüriň!” diýen mana eýe
bolandygyna garamazdan, oňa hiç bir kynçylyksyz düşünýär. Ýogsam romanda
peýdalanylan bu frazeologizm öň türkmen dilinde ulanylmadyk täze bir many
öwüşginini alypdyr. “Ezop dili” diýilýän gizlin manysy bolan sözler we söz
düzümleri ýaly, Jüneýt hanyň “itden çykaryň!” diýen sözleriniň manysyna-da
diňe onuň peşşaplary düşünip, özgeler düşünmejek ýaly, emma bu beýle däl.
Okyjy Jüneýt hanyň “diline” – Gurbanmämmet serdaryň ezop diline aňry ýany
bilen düşünýär. Sebäbi türkmen diliniň many baýlygy-da, çeperçilik gözelligi-de
türkmen halkynyň aňynyň, pikiriniň, duýgusynyň önümi. Şonuň üçin türkmen
sözleri many taýdan nähili täze öwüşgin alsa-da, ol her bir türkmen üçin
düşnüklidir.
Hatda söz sungatynda ulanylan başga halkyň dilleri-de okyjy üçin
akyl ýetirerlik derejede düşnükli bolýar. Muňa çeper edebiýatda hem, halk
döredijilik eserlerinde hem ýeterlik mysal tapylýar. Mämmetweli Kemine bilen
bagly aýdylýan şorta sözlerde “Kelp we kör seg” ady bilen bir ýomak bar. Bu
şorta söz Kemine bilen Piriň arasynda atyşylýan ýomak. Onuň gysgaça mazmuny
şeýle:
Kemine bir gezek Piriň ýanyna gelýär. Pir oňa:
— Hä, molla Kemine, kelpmisiňiz? – diýýär.
127
Kemine hem:
—Hawa, tagsyr, sizi bir kör seg – diýip geldik – diýýär.1
Şu ýerde dört diliň sözlük gorundan peýdalanylandygyny görýäris. Olar
türkmen, özbek, arap, pars dilleridir. Bu şorta sözüň süňňi türkmen dilinde, Pir
bilen molla Keminäniň söhbetdeşligi bolsa, göräýmäge, özbekçe gepleşilýän ýaly
duýgyny döredýär. Şorta sözde ulanylan “kelp” sözi–arap sözi, “seg” sözi hem
pars sözi. Olaryň ikisiniň-de – “kelp” we “seg” sözleriniň ikisiniň-de manysy biri
arap dilinde, beýlekisi pars dilinde “it” diýmegi aňladýar. Diýmek, Pir bilen
Keminäniň arasynda bolan söhbetdeşligiň özbekçe ýaly eşidilýänligine
garamazdan, arapça “itmisiňiz”, parsça kör “it” diýen manylarynyň bardygyny
taýýarlykly okyjy duýýar. Bu dillerden bihabar okyjylara hem aýdyjy ol sözleriň
manysyny düşündirýär. Pir bilen Keminäniň arasyndaky degişmäniň manysy şu:
Pir hem Keminä “itmisiňiz” diýýär, Kemine-de Pirine sizi bir kör “it” diýip
geldik–diýýär. Bu şorta sözde aýdyjy ol sözleriň manysyny aýdyp hem biler,
aýtman hem biler. Şuňa garamazdan, okyjy ol degişmä öz dili ýaly düşünýär we
şorta sözüň manysyna akyl ýetirýär. Bu bolsa söz sungatynyň okyjy üçin iň akyl
ýetirerlik sungatdygynyň alamatydyr. Çeper söze akyl ýetirýän okyjy bolsa ondan
akyl-pikir alýar, duýgy, hyjuw alýar, lezzet alýar we öz düşünjesini, gözýetimini
giňeldýär, garaz, ol jemgyýetçilik ähmiýetli sözüň hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Çeper edebiýat estetiki-emossional taýdan gözelleşdirilen sungatdyr. Ol
durmuş hakykatyny many taýdan başýlaşdyrýan hem-de ony çuňlaşdyryjy täsire
eýelik edýän sungatdyr. Çeper edebiýatyň dili nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk,
zergärçilik, halyçylyk ýa-da saz sungatyna degişli eserleriň dili ýaly halk
köpçüliginden özboluşly üşükliligi, üýtgeşik bir aňlaklylygy talap edip durmaýar.
Ol sadadan çeper we düşnükli dilde gözellik döredýän sungatyň görnüşi. Şonuň
üçin onuň muşdaklarynyň sany hem sungatyň beýleki görnüşleriniňkiden köp
bolmasa, az däldir.
Çeper edebiýat sungatyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ol adamzadyň
taryhy ösüşi bilen aýakdaş gadam urup gelýän sungat. Söz sungaty mifler bilen,
fantastika bilen berk bagly bolan döwürlerinde hem adamzat jemgyýetine hyzmat
etdi. Ol adamzat nesliniň taryhy ösüş ýolunda dürli çeperçilik ülňüler bilen bagly
söz açdy. Çeper edebiýat adam we onuň taryhy ösüş ýolunyň aýdyň şöhlelenmesi
bolup hyzmat eden we edýän sungatdyr. Beýle diýildigi onuň adamzat taryhyny
jikme-jik yzarlaýan taryh hakyndaky okuw kitaby diýildigi däldir. Ol, rus
ýazyjysy N.G.Çernyşewskiniň örän dogry belleýşi ýaly, “durmuşyň okuw
kitabydyr”.
Diýmek, çeper edebiýatyň durmuşyň okuw kitaby bolup bilmek ýaly
jemgyýetçilik hyzmaty bar eken. Onuň durmuş hakykatyny çeper hakykata
öwürmek hyzmatyndan daşary hem adamyň akyl ýetirýän we ýetirmeýän, onuň
gözüniň görýän we görmeýän hakykatyna hem aňrysyna göz ýetmeýän uç-
-gyraksyz hem tükeniksiz göz öňüne getirmeleri arkaly özüniň döreden we
döredýän mifik, mistiki, fantastik dünýäsiniň “hakykatyny-da” çeper hakykata
öwrüp bilmek häsiýeti bar.

1
Mämmetweli Kemine. Eserler ýygyndysy.Aşgabat, “Türkmenistan”, 1971, 192 sah
128
Magtymguluda magraj gijesi Muhammet pygamberi ýedi gat asmanyň
üstüne alyp çykan, ony Allatagalanyň dergähine elten we şunlukda, oňa
Taňrynyň didaryny görmäge mümkinçilik döreden mifik Byrag aty hakynda
“Byragyň”, şeýle hem ýedi gat ýeriň astynda ýer göteren Sary öküz hakynda
“Niçe ýaşyndadyr” atly şygyrlar bar. Bu şygyrlaryň ikisi-de mifik jandarlar
hakyndaky mifik mazmunly eserler. Şahyr ol jandarlar hakynda dini häsiýetli
miflerde duş gelýän mifik “maglumatlar” esasynda söz açýar. Magtymgulynyň bu
mifik jandarlaryň hiç haýsysyny hem – ne Byragyny, ne Sary öküzini gözi bilen
görmändigi belli. Emma şahyr olar hakda miflerde gabat gelýän çeper mazmun
esasynda şahyrana dilde gürrüň gozgaýar:

Ýer göteren Sary öküz ,


Bilmen, niçe ýaşyndadyr.
Tört müň tört ýüz aýagy bar,
Hemmejesi döşündedir.

Burnun Haremeýnde tutar,


Guýrugy Pereňden öter,
Bir şahy Mekgäni götär,
Medinäniň duşundadyr.

Guýrugy zeminiň ýary,


Göwresi dünýäniň bary,
Magrypdan maşryga sary,
Iki şahy başyndadyr.1

Eýsem mifologik mazmunly şu goşgynyň jemgyýetçilik hyzmaty hakynda


näme aýtmak bolar? Okyjy bu şygry okap, ýer göteren Sary öküziň dört müň dört
ýüz aýagynyň bolandygy, olaryň hemmesiniň hem döşünde ýerleşendigi,
burnunuň Haremeýnde–Mekge-Medinede bolup, guýrugynyň Pereňistandan aşyp
ýatandygy ýa-da guýrugynyň Zeminiň ýaryny tutup durandygy, göwresiniň bolsa
dünýäniň baryna deň bolup durandygy hakyndaky mif bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Şygryň çeper mazmuny hakykatyň-a ýele ýanyndan hem geçenok weli, ol
fantastikanyň hem çygryndan daşa çykýar-da, mifologiýa ser urýar.
Şeýle çeper mazmun okyja näme berip biler? Oňa nämä akyl ýetirmäge şert
döredip biler, näme öwredip biler? Mifleriň döwri çeper edebiýatyň ösüş ýolunda
möhüm bir sepgit hökmünde yz galdyrypdyr. Diýmek, mifler çeper mazmunyň
ösüşinde zerurlyk bolup orta çykypdyr. Magtymguly hem bu şygrynda dini
mifologiýanyň çygrynda söz açýar. Şonuň üçin okyjy bu goşgy arklay mifleriň
dünýäsine aralaşýar. Şunlukda, okyjy mifik dünýäniň hakyky dünýäden
düýpgöter başgaça ölçeglerdäki dünýädigine göz ýetirýär. Oňa ynanmak ýa-da
ynanmazlyk okyjynyň öz işi. Çeper edebiýatyň ösüşine onuň hiç hili dahyly ýok.
Sebäbi okyjy mifleriň şahyrana dünýäsinde bolýan zatlara ynansa-da, ynanmasa-
da ol çeper sözüň jemgyýetçilik hyzmatyny aradan aýryp bilmeýär. Bu hem entek
hemmesi däl. Mifik mazmun mifologiýada hereket edýän jandarlaryň,
1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 2-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 149 sah.
129
Magtymgulynyň şygrlary babatda bolsa, Byragyň ýa-da Sary öküziň ynsan göz
öňüne getirmelerinden hem has uly bolan bir gudratdygy, mähnetliklerdigi
hakynda düşünje alýar. Başgaça aýtsak, adam mifler dünýäsiniň özboluşly
aýratynlyklaryna göz ýetirip, düşünip başlaýar. Ol, ahyr netijede, mifik dünýä
diýilýän bir syrly “dünýäniň” hem bardygyna göz ýetirýär. Bu onuň hakyky
dünýäniň hakykatynyň iň bir çylşyrymly taraplaryna akyl ýetirmegini
ýeňilleşdirýär.
Adam, şahyr G.Ezizowyň aýdyşy ýaly, diňe “gözleriniň görenine ynanýar”,
ýöne onuň gözüniň görmedik zatlaryna-da ynanaýýan halatlary az däl. Munuň
sebäbini türkmen “Adam bir çig süýt emen” diýip düşündirýär. Adam mifik
mazmundan hakyky dünýäniň syrlaryna göz ýetirmegi öwrenýär. Adam hakyky
dünýäniň syrlarynyň mifik dünýäniň syrlaryndan has akyl ýetirerlikdigine
ynanýar. Bu ynam onda hakyky dünýäniň syrlaryny öwrenmäge höwes döredýär,
onda hakyky dünýä bolan söýgini oýarýar.
Magtymgulynyň mifik Sary öküziniň mysalynda okyjy adam aňynyň
çäksiz mümkinçilikleriniň bardygyna göz ýetirýär. Mifologik mazmun şygra
özboluşly bir şahyrana hümmet berýär. Şonuň üçin bolsa gerek, bu şygyr döräli
bäri diýen ýaly, halk bagşylarynyň dilinden düşmän gelýär. Ol, mifologiýadygyna
garamazdan, şu gün hem türkmen halkynyň akyl ýetiriş, dünýä düşüniş we
dünýäni düşündiriş çygryndan çykman gelýär. Magtymgulynyň bu şygryndaky
mifik Sary öküz adam aňynyň çägindäki syrly hem mähnet bir jandar hökmünde
kalplarda orun alypdyr. Okyjy Sary öküz mifologik düşünjesi arkaly ynsan göz
öňüne getirmelerine laýyk gelýän mif bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Okyjy bu düşünje
arkaly dünýäniň geň-taňlyklara baýdygyna akyl ýetirýär.
Miflere, elbetde, hakyky dünýäniň hakykatynyň çäklerine sygýan çeper
mazmun häsiýetli däldir. Şeýle-de bolsa, okyjynyň dünýä akyl ýetiriş işinde
mifologiýanyň adam aňynyň ösüşiniň belli bir basgançaklarynda möhüm
hyzmatynyň bolandygy üçin, onuň jemgyýetçilik hyzmatyny, adam aňynyň
kämilleşmegindäki ähmiýetini inkär etmek bolmaz. Sebäbi mifik mazmun, öz
gezeginde, adamyň aňyna, akylyna sygmajak howaýy zatlara düşünjelilik bilen
akyl ýetirmegine şert döredýär. Ol adam aňynyň we akyl ýetirişiniň ösüş hem
kemala gelşinde möhüm bir sepgit bolupdyr. Şu hem onuň jemgyýetçilik
ähmiýetini kesgitleýän esasy alamatdyr. Magtymgulynyň mifologik we mistiki
mazmunly şygyrlarynyň-da jemgyýetçilik ähmiýeti şunda jemlenýär. Diňe bir
Magtymgulynynň şygyrlary däl, eýsem mifologik, mistiki, fantastik mazmunly
çeper edebiýatyň jemgyýetçilik ähmiýeti hakda hem şuny aýtmak bolar. Çünki
olaryň her biri adam aňynyň ösüş basgançaklarynda ylmy hem çeper akyl
ýetirişiň ösmegine uly täsiri bolan akyl ýetiriş sepgitleridir.
Görnüşi ýaly, çeper edebiýat jemgyýetçilik üçin hem, jemgyýetiň her bir
agzasy üçin hem öwrediji häsiýete eýe bolan sungatyň bir görnüşidir. Ol dünýäni
durmuşy, döwri we adamyň olara bolan gatnaşygyny açyp görkezmek arkaly
olaryň hemme kişä belli bolan taraplaryndan başlap, gizlin syrlaryna çenli
öwrediji sungatdyr.
Söz sungatynyň öwredijilik häsiýetiniň iki sany hil tarapy bar. Olaryň
birinjisi, okyja öň nämälim zatlar hakda gönümel ýagdaýda hem-de okyja öň
130
mälim zatlar hakda öwüt-ündew bilen amala aşyrylýan öwredijilikdir. Ikinjisi,
eserde hereket edýän gahrymanlaryň keşplerine gizlin ýagdaýda siňdirilip, olaryň
işleri-aladalary, gaýgysy-şatlygy, buýsanjy-guwanjy, arzuw-maksatlary, ideallary
arkaly dünýä hakda, durmuş hakda, adam hakda okyjynyň akyl ýetiriş çygryny
giňeltmek hem çuňlaşdyrmak bilen amala aşyrylýan öwredijilikdir. Şu ýerde
çeper edebiýatyň, umuman, söz sungatynyň bu hil sypatlaryny käbir mysallar
arkaly seljerip geçeliň.
“Görogly” şadessanynyň “Arap Reýhan” şahasyndan şeýle bir wakany
ýatlalyň. Arap Reýhan Görogly begi osalyna garap, elini-aýagyny baglap, piliň
hatabynyň gapdalyna sarap, alyp gidip barýar. Bu ýagdaýdan habarly bolan Öwez
jan Çardagly Çandibile baryp, kyrk ýigidi kömege çagyrýar. Kyrk ýigit namartlyk
edýär. Diňe Sapar Köse Öweze ýoldaş bolýar. Göroglynyň Gyratyny münen
Öwez jan onuň yzyndan ýetip, kyrk ýigidiň Göroglyny halas etmäge
gaýtmandyklaryny, diňe Sapar märemiň özüne ýoldaş bolanyny aýdýar we şeýle
diýýär:
Kyrk ýigit bizden daş oldy,
Gözlerim ganly ýaş oldy,
Sapar märem ýoldaş oldy,
Özgesi namart, Görogly!

Kyrk ýigit diýenim etmez,


Bozdumanlym dagdan ötmez,
Men bir oglan, güýjüm ýetmez,
Gel, bir geňeş ber, Görogly!

Çandybiliň ýoly düzdür,


Gijeler maňa gündizdir.
Han Öwez şu gün ýalňyzdyr
Maslahat bergin, Görogly!

Bu sözi aýdandan soň Görogly aýtdy:


–Haýp, kyrk ýigide beren duzum, eden hyzmatym. Sapar märem ýoldaş
boldy, Bozdumanlym dagdan ötmez–diýip aýdýar. Gelýan Köse bolsa, münenem
Bozduman bolsa, Hudaý bilsin, erte gelýämi, birigün gelýämi? Oňa çenli Arap
Reýhan meni öldürmese-de, güldürmez. Oňa çenli tanapdyr hatabam meni gysyp
öldürjek-diýip, Görogly özüniň ýene bir eden ýalňyşyna puşeýman etdi. Öwez
jana uruş tälimini öwretmän ekeni.
–Öwezi ýaş görüp, uruş tälimini öwretmän, öz-özümi ölüme berdim. Eger
men muňa uruş tälimini öwreden bolsam, bu meni duşman elinden alardy-diýdi.
Ýene Görogly:
–Öwrenmese , uruş tälimini öwrenmändir, özge tälimleri öwrenipdir. Öwez
jana uruş tälimini öwredeýin, bu zehini kütek oglan däldir, bir zat aýtsaň,
gulagynda galar–diýip, Öweze garap, bäş keleme söz aýdar gerek:
131
Öwez oglum, bu meýdana gireňde,
Ozal sypaýçylyk etmegiň gerek.
Gördüň, sypaýçylyk başa barmasa,
At başyn dönderip, gaýtmagyň gerek.

Men biler men bu uruşyň girdabyn,


Ozal başlap, öldürerler serdaryn,
Goşun dogry gelse, merdi-meýdanyn,
Basyp, yýkyp, sanjyp, atmagyň gerek.

Bedew münüp, meýdan meste köwlendim,


Ganymyma aždar bolup towlandym,
Menem bu uruşy itden öwrendim,
Gähi gaçyp, gähi kowmagyň gerek.

Kyrk ýigidiň diýeniňi etmese,


Gardaşlyk eýleýip, yola gitmese,
Oglanlyk eýleýip, güýjüň ýetmese,
Gyraty erkine goýmagyň gerek.

Müşgile düşeňde, ýat eýle bizi,


Mert ogly näbiler ellini–ýüzi,
Öwez jan, eşitseň, Göroglyň sözi:
Bize bir ogulluk etmegiň gerek.1

Şu alnan bölegiň “Görogly” şadessanynyň 1941-nji ýyldaky Ata


Gowşudow tarapyndan taýýarlanan neşirinden alynmagynyň özüne ýeterlik
sebäbi bär. Çeper eseriň gymmatyny döwür kesgitleýär. Şadessanyň bu neşiriniň
çykan ýylyna üns beriň! Ol nemes-faşistik basybalyjylarynyň ýurdumyza çozan
ýyly bilen gabat gelýär. Bu ýöne ýerden däl. Şadessan halk gahrymançylygy
hakdaky eser. Şadessanyň şunuň ýaly häsiýetli aýratynlygyndan başga-da, onuň
mysal alnan bölegindäki uruş tälimlerini öwredýän öwüt-ündewleriniň
jemgyýetçilik ähmiýeti örän uludyr.
Elbetde, Görogly begiň uruş-söweş tälimleri 1941-1945-nji ýyllaryň
Watançylyk urşy ýyllarynyň söweş ýagdaýlary üçin ýaramly tälimler däldir.
Şeýle-de bolsa, şadessanyň gahrymanlarynyň söweşjeňlik ruhy islendik döwrüň
söweşijisi üçin hem öwredijilik häsiýetlidir. Şonuň üçin bu şadessany okan her bir
okyjyda han Öweze berlen uruş-söweş tälimleriniň diňe bir Öwez üçin berlen
öwüt-ündew häsiýetli tälimler bolman, her bir okyjyda söweşjeň–gahrymançylyk
ruhunyň ýokary göterilmegine itergi berjekdigi şubhesizdir. Frontda söweşip

1
Görogly. Aşgabat, 1941, 304-305 sah.
132
ýören türkmen ýigitleriniň goşhaltasyndan “Görogly” şadessanynyň çykmagy,
kitabyň käbirleriniň içinden bolsa ok geçip deşendigi hakyndaky maglumatlar bu
şadessanyň türkmen ýigitleriniň söweşjeňlik ruhuna ägirt uly täsiriniň
bolandygyna şubhe goýmaýar. Bu, elbetde, şadessanyň okyjyda söweşjeňlik
ruhunyň ýokary göterilmegine eden täsiri bilen bagly meseläniň bir tarapy.
Meseläniň ikinji tarapy, Görogly begiň Öwez ogluna berýän söweş
tälimleri bilen bagly öwüt–ündewlerine degişlidir. Ol söweş tälimleri bolsa
Göroglynyň harby-söweşjeňlik tejribesine esaslanýan tälimleriň käbiridir. Olar şu
aşakdakylardan ybarat:

1. Duşmanyňa-da ilki sypaýyçylyk etmek.


2. Sypaýyçylyk netije bermese, at başyn dönderip yza gaýtmak.
3. Söweşde ilki goşuna baş bolup duran serdaryny almak (öldürmek
ýa-da ele salmak)
4. Goşun dogry gelende, ony basyp, sanjyp, atyp dargatmak, ýok
etmek.
5. Gähi gaçyp, gähi kowup söweşmek.
6. Güýç asgynlyk eden ýerinde, Gyraty erkine goýbermek.
7. Ataň jany orta düşen bolsa, ogullyk borjuňy ýerine ýetirmek.

Şu sanalan söweş tälimleri Görogly begiň Öwez ogluna öwreden we öwüt-


-nesihat beren abaý-syýasata ýugrulan tälimler. Muny biz Görogly begiň Öwez
jana ýüzlenip, aýdan namasynda aýdyň görýäris. Bu söweş tälimleri Öwezdir
Göroglynyň Arap Reýhan bilen çaknyşygynda ulanylmaly tärler. Olaryň her biri
hakda ýörite durup geçmek hem bolardy. Ýöne bu ýerde meseläniň esasy tarapy
bilen – Göroglynyň pentleriniň öwredijilik häsiýetine eýedigini nygtamak bilen
çäklenýäris. Görogly begiň öz namasy arkaly han Öweze öwredýän söweş
tälimleri bilen tanşan okyjyda söweş tilsimleri hakdaky akyl-üşügiň
giňeljekdigine we çuňlaşjakdygyna şübhe bolmaz. Görogly beg Öwez ogluna
söweş tälimlerini öwredýärkä, ol şol bir wagtyň özünde, okyjylary-da öz söweş
sungaty bilen tanyşdyrýar, has dogrusy, öwrediş prossesi iki taraplaýyn amala
aşýar. Göroglynyň söweş tälimleri iki tarap üçin hem öwüt-ündew bolup hyzmat
edýär. Öweziň hem, okyjynyň hem düşünjeleriniň giňelmegine ýol açýlýar. Bu,
elbetde, çeper edebiýatyň öwredijilik häsiýetiniň ýüze çykmasydyr. Çeper
edebiýatyň okyjynyň durmuş hakykaty hakdaky düşünjesini baýlaşdyrmagydyr.
Bu häsiýet söz sungatyna degişli eserleriň hemme žanrlary we görnüşleri üçin
mahsus bolan alamatdyr. Şonuň üçin bu şadessanda Göroglynyň
gahrymançylykly hereketleriniň ýüze çykarylýan ýerlerinde söweş tälimlerini we
tilsimlerini aýdyň ýüze çykarýan pursatlara häli-şindi gabat gelýändigimiz
kanunalaýyklykdyr. Sebäbi bu şadessan halk gahrymançylygyna bagyşlanan
eserdir.

133
Biz bu ýerde okyjynyň öňden belet durmuş hakykaty bilen bagly akyl,
pikir, düşünje taýdan giňeliş we çuňlaşyş prossesleri hakda däl-de, onuň üçin
täzelik bolan wakalaryň, hadysalaryň, predmetleriň, tälimleriň we tilsimleriň,
umuman, okyja durmuş hakykatynyň nämälim taraplarynyň açylan pursatlaryna
ünsi çekdik.
Görogly begiň Öwez oglunyň Arap Reýhan bilen bolmaly çaknyşygynyň
söweş tälimleri okyjy üçin nämälim tilsimlerdir. Okyjy Arap Reýhanly çaknyşyga
çenli Görogly soltanyň şeýle anyk söweş ýagdaýyndan nähili baş alyp
çykjakdygy baradaky uruş hilesi bilen tanyş däl. Arap Reýhanly waka garaşylman
durka, özem Görogly gapyl ýatyrka ýüze çykýar. Şonuň üçin şu pursatda
Göroglynyň Öwez ogluna berýän tälimleri, söweş tilsimleri diňe bir Öwez üçin
däl, okyjy üçin-de öwrediji, akylyny, düşünjesini baýlaşdyryjy öwüt-
-nesihatlardyr. Ýekeje mysal: duşmanyň hem bolsa, oňa ilki sypaýyçylyk bilen
ýüzlenmelidigi baradaky akyl Görogly soltana mahsus akyl. Bu okyjy üçin hem
açyş. Onuň söweş sungatynda sypaýyçylygyň hem abaý-syýasatyň bir
görnüşidigine okyjy şu şadessan arkaly göz ýetirýär. Dogry, türmen okyjysy bolsa
başga eserleriň üsti bilen söweş başlamazdan ozal, her tatapdan biri orta çykyp,
başa-baş bil tutuşmak, söz aýdyşmak, ok-ýaý atyşmak ýaly abaý-syýasat
diplomatiýasynyň görnüşlerini bilýär. Ýöne ol sypaýyçylygyň hem söweş
diplomatiýasynyň özboluşly aýratynlygydygyna şu şadessanyň üsti belen akyl
ýetirýär.
“Görogly” şadessany gahrymançylykly eser. Şonuň üçin onda duşman
bilen darkaş salnan pursatlarda, diňe Görogla mahsus bolan söweş sungatynyň
tälimleri bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarys. Şadessanyň “Kyrk müňler”
şahasynda Göroglynyň söweşde ulanýan “Wellemşaha”, “It urşy” ýaly uruş
tälimleri bilen tanyş bolan okyjy özi üçin öň mälim bolmadyk görogluçylyk
söweş sungatynyň täze-täze taraplaryny açýar. Hünkär patyşanyň
goşunbaşylarynyň biri bolan Hesen han bilen Görogly tötänden, aňtaw edip ýörkä
sataşýar. Görogly oňa özüni tanatmaýar. Hesen hana ol özüni Göroglynyň
jylawdary diýip tanadýar. Hesen han oňa: “Eger sen Göroglynyň jylawdary
bolýan bolsaň, bize onuň “Wellemşaha”, “It urşy” diýen oýunlaryny görkez”
diýýär. Görogly şu söweş oýunlaryny görkezip, ýeke özi Hesen hanyň bäş ýüz
atlysyny kepje bilen gyryp çykýar. Hesen hanyň atlylaryna “Wellemşaha”, “It
urşy” oýunlaryny görkezmek bilen Görogly “bir okda iki towşan urýar”. Görogly
öz söweş sungatyny duşmanlaryna görkezip, olary gyrýar, şadessanyň okyjylary
bolsa Göroglynyň söweş sungatynyň täze bir taraplary bilen tanyş bolýar.
Çeper eserleriň aglabasynda okyjynyň aň-düşünjesini giňeldýan, oňa täze
hakykaty açyp berýän şeýle wakalaryň, hadysalaryň, durmuş ýagdaýlaryň
yzygiderli diýen ýaly duş gelýändigi ýöne ýerden däl. Sebäbi her bir ýazyjy öz
okyjysyna täze bir zat aýtmak maksady bilen galama yapyşýar. Ol bu maksadyna
nähili ideýa-çeperçilik derejede ýetýär, nähili nukdaý nazarda meselä
çemeleşmek bilen ýetýär, ol, elbetde, meseläniň başga tarapy. Esasy zat,

134
ýazyjynyň il-gününe aýtmaga öz sözüniň bolmalydygydyr. Ol söz täze söz bolsun
ýa-da köne söz, tapawudy ýok, öň aýdylyp ýörlen, çeper edebiýatyň torç edip
işlän meselesi bolsa-da, parhy ýok, ol ýazyjynyň öz sözi bolmaly. Çeper
edebiýatda öz sözüň bolmaklyk ýazyjynyň ussatlygynyň alamatydyr.
Ýazyjy O. Ödäýewiň “Altynjan hatyn” romanynda “Talaň saçagy” atly iki
sany bap bar. Olaryň biri romanyň ilkinji kitabynyň soňunda, 1 beýlekisi hem
üçünji kitabyň ahyrragynda2 ýerleşýär. Bu baplaryň ikisiniň-de atlarynyň
birmeňzeş bolşy ýaly, olaryň mazmuny-da birmeňzeş diýen ýaly. Awtor muny
haýsy maksat bilen edipdir? Ol bize belli däl. Ýöne bir eserde şol bir zadyň, her
näçe okyjy üçin täzelik bolsa-da, gaýtalanyp durmagy eseriň ideýa-çeperçilik we
kompozission süňňüni gowşadýar. O.Ödäýew okumyş ýazyjy. Munuň ýaly
ýagdaýyň öz eserine peýdasynyň degmejekdigine göz ýetiren ýazyjynyň şeýle
säwlik göýberendigini näme bilen düşündirjegiňi biler ýaly däl.
Ýöne biz bu ýerde “Talaň saçagy” atly şu baplara awtory köteklemek
maksady bilen ýüzlenmedik. Bu baplaryň ikisinde-de gözbaşyny oguzlar
zamanyndan alyp gaýdan we “Talaň saçagy” ady bilen belli bolan gadymy däp-
dessuryň gürrüňi edilýär. Ol däbiň okyjy üçin gyzykly maglumatlara baý
dessurlaryň biridigi ikuçsyz. Her ýyl nowruz gününde ýurt eýesi öz raýatlaryna
köşki-eýwanyny talamaga rugsat berýär. “Talaň saçagy” däbi oguzlar
zamanynda-da Togrul begiň döwründe-de patyşalyk derejede tutulýan uly toý
däbi bolupdyr. Romanyň agzalan baplarynda “Talaň saçagy” toý däbi hakda
giňişleýin gürrüň edilýär:
“Talaň saçagy oguzlarda halk bilen hanlygyň biri-birine düşünişýänliginiň,
ynanyşýanlygynyň alamaty, dessury bolupdy. Togrul beg bu däbi doly berjaý
edýärdi. Adamlaryň patyşadan öz paýyny alyp galmak islegi ýerine ýetenden soň,
häkimligiň öňküdenem berkejekdigini ol oňat bilýärdi. Şonuň üçin her gezek
talaň saçagyna ol öz patyşalygyny berkitmek işine taýýarlyk gören ýaly
taýýarlanýardy. Altynjan bu işe Togruldanam işjeň, içgin hem gyzyklanma bile
taýýarlanýardy. Ol hem Togrul ýaly adamlara ýagşylyk etmekden çäksiz lezzet
alýardy. Zat berip, onuň deregine has uly zeruryýeti–ynamy alsaň, bu söwdada
utdugyň bolmazmy?! Püçek berip, ýüpege eýe bolmak akyllylykdan ahbetin!”3
Görnüşi ýaly, talaň saçagy toý däbi halk üçin hem, köşk üçin hem örän
peýdaly däpleriň biri bolupdyr. Togrul beg bu toý däbine öz hökümdarlygynyň
berkemegi üçin şert döredýän däp hökmünde orän uly ähmiýet berýär. Ýogsam
bu talaňçylykdan soň köşkde ýaşamaga hiç hili şert galmaýar. Ol hakykat
ýüzündäki talaňçylyk bolýar. Köşkde gije-girim ýakmaga şem hem goýman
talapdyrlar. Ýöne köşk bu talaňçylygy geljekki ygtybarlylyk üçin peýdalanyp
bilýär. Halk hem, köşk hem şuňa razy. Bu üýtgeşik däp okyjy üçin täzelik. Ol
roman arkaly bu toý däbiniň ähli ýörelgelerine, ýollaryna akyl ýetirýär. Şu günki

1
O.Ödaýew. Altynjan hatyn. Aşgabat, TDNG, 2012, 160 sah.
2
Şol ýerde, 436 sah.
3
Şol ýerde, 162 sah.

135
okyjy birwagt ýörgünli däp bolup, indi hem ady-sory galmadyk, taryhy
döwürleriň bir öwrüminde ýitip giden däp bilen içgin tanyşýar. Taryhyň
gatlarynda galyp ýatan dessury täzeden öz okyjysyna ýetirmek bilen ýazyjy çeper
edebiýatyň öwredijilik hyzmatyna özüçe goşant goşýar. Talaň saçagy toý däbi şu
günki türkmeniň hem öz taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly däp bolandygy üçin,
ol ony uly gyzyklanma bilen öwrenýär.
Şu ýerde bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde
türkmen edebiýatynda, aýratyn hem onuň kyssa žanrynda taryhy tema ýüzlenmek
özboluşly däp bolup öňe çykdy. Türkmen ýazyjylary özleriniň uly göwrümli
kyssa eserleriniň, aýratyn-da romanlarynyň esasy meselesini taryhy temanyň
ülňüsinde ýüze çykarmaga ýykgyn etdiler. G.Berdimuhamedowyň “Älem içre at
gezer”, “Döwlet guşy”, Ý.Mämmediýewiň “Alp Arslanyň dünýä inmegi”,
A.Allanazarowyň “Ojak”, O.Ödäýewiň “Altynjan hatyn”, J.Mülkiýewiň
“Seljuklar”, A.Şyhlyýewiň “Garaşsyzlyk mukamy”, M.Haşaýewiň “Ýedi müň
çakrym” romanlarynyň ideýa-tematik örüsi dürli taryhy döwürleriň hakykatyny
çeperçilik taýdan özleşdirmek bilen bagly boldy. Guwandyryjy ýeri-de şularyň
arasyndan G.Berdimuhamedow, J.Mülkiýew, A.Şyhlyýew, M. Haşaýew dagynyň
Garaşsyzlyk döwrüniň orta çykaran romançy-ýazyjylarydygydyr.
Ýazyjy M.Haşaýew özüniň “Ýedi müň çakrym” atly romany bilen XVIII-
XIX asyrlaryň sepgidinde saý-sebäp bilen Ýewropa düşüp galan türkmen
bedewiniň geň ykbalyny yzarlaýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr
N.Rejebow roman barada söz açyp şeýle ýazýar: “Eserde bolup geçýän taryhy
wakalar dokumental derejede beýan edilýär. Ýazyjy M.Haşaýewiň uly ýazyjylara
mahsus ýazyş hem beýan ediş stili bar. Ol ýazyjy hökmünde baş gahrymany –
Gurbanýaz argyşçynyň ogly Sähedi bir çökder wakadan ikinji çökder waka
sataşdyryp, albaşym ýagdaýlara süssürip, onuň yzyna düşenok. Sähedi özüniň
hüý-häsiýeti, gylygy, bilesigelijiligi, adalatlylygy, hyjuw-hyrujy bir wakadan
ikinjä duşuryp, bir ýurtdan ikinji ýurda aşyrýar.
Gürrüňi edilýän eseriň wakasy kä türkmen ilinde, esasan hem Mehinde, kä
Bagdatda, kä Damaskda, kä Germaniýada, kä Awstriýada bolup geçýar. Şol
sebäplem eserde her jüre halkyň wekilleri hereket edýär. Gahrymanlaryň içki hem
daşky dünýäsini içgin suratlandyryp, taryhy wakalaryň çuňlugyna aralaşylýar.
Okyjynyň gözüniň öňünde täze dünýä, täze waka, täze gahrymanlar açylýar”. 1
Diýmek, okyjy bu romany okap, özüniň näbelet dünýäsiniň jümmüşine
aralaşýar, özüniň näbelet taryhy wakalarynyň içine düşýär, özüniň heniz näbelet
gahrymanlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar, olaryň gaýgysyny-şatlygyny deň
paýlaşýar. Okyjy özüne täze bir dünýä açýar, özüni şol dünýäniň içinde ýaly
duýgyny başdan geçirýär. Diýmek, romanyň özi üçin açyp beren täze dünýäsi
onuň maňzyna gaýym ornaşýar, dünýä hakda täze düşünjeler bilen baýlaşýar,
garaz, öwrenýär, akyl ýetirýär, dünýägaraýşyny giňeldýär. Romanda taryhyň
gatlaryna siňen wakalar, taryhyň gatlaryndan silkişdirip, orboýa galdyrylan

1
N.Rejebow. Türkmen dal bedewi hakda söz. “Türkmenistan”, 2017, 7 iýul.
136
gahrymanlar az däl. Eserde şu günki okyjy üçin öwrenere zat kän. Sebäbi olar
okyjynyň heniz görmedik, bilmedik, eşitmedik taryhy maglumatlarydyr. Bu
taryhy maglumatlar ýazyjy tarapyndan çeperçilik taýdan özleşdirilen hakykata
öwrülip, okyjynyň aň-düşünjesini baýlaşdyrýar. Taryhy hakykat okyjynyň
kalbyna, aňyna çeper hakykat görnüşinde aralaşýar-da, oňa estetiki lezzet beriji,
ruhuny galkyndyryjy howala berýär.
Romanyň baş gahrymany Sähet bilen birlikde okyjy özi üçin türkmen
taryhyna dahylly bolan täze-täze ýurtlary açýar, gaýry halklaryň durmuşy bilen
ýakyndan tanyş bolýar. Aýratyn-da Sähediň geçen müň ýyllygyň başlarynda, üns
beriň, türkmençeden1 latynça terjime edilen “Kodeks kumanikus” 2–
“Adamkärçiligiň kanuny” atly gadymy kitaby ele salmagy diňe Sähedi däl, eýsem
okyjyny-da heýjana salýar. Onda öz halkynyň dana kişilerine bolan buýsanç
duýgusyny öýarýar. Bu, elbetde, çeper edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmatynyň
türkmen jemgyýetiniň çygryndan hem çykýan we dünýäni siwilizassyýalaşdyrýan
hyzmatynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň öz okyjysynyň aň-düşünjesini
baýlaşdyrmak babatdaky özboluşly ähmiýetidir.
Ýazyjylar M.Haşaýewiň “Ýedi müň çakrym” romany hem, O.Ödäýewiň
ýatlanylyp geçilen “Altynjan hatyn” romany hem taryhy çeşmelere esaslanýan
eserler. Bu romanlarda bolup geçýän taryhy wakalar bilen şu günki okyjy öňden
tanyş däl. Sebäbi olar sowet ideologiýasynyň hökmürowanlygy bilen taryhyň
gatlarynda çaň basyp galan çeşmelerde duş gelýän taryhy wakalardyr ýa-da
taryhy şahslaryň başdan geçirmeleridir. Şonuň üçin bu romanlaryň, şonuň ýaly-da
beýleki taryhy romanlaryň türkmen okyjysynyň dünýägaraýşyny, äň-düşünjesini,
akyl-pikirini giňeldýän resminamalaýyn çeşmeleriň maglumatlaryna baýdygy
olaryň jemgyýetçilik ähmiýetini has-da artdyrýar. Olar öz okyjysyny taryhyň
heniz barylmadyk, görülmedik gatlarynda yz galdyran taryhy wakalaryň
jümmüşine syýahat etdirýär. O.Ödäýew öz okyjysyny seljuk türkmenleriniň
hökümdarlygyna seýran etdirse, M.Haşaýew öz okyjysyny dünýäniň üç yklymyna
aýlaýar. Bu bolsa okyjylaryň aň-düşünjesiniň giňelmegine we olaryň taryhy
döwürleriň özboluşly dünýäsi bilen, uzak heňňamlaryň dowamynda bolup geçen
taryhy wakalar bilen ýakyndan tanyş bolmaklaryna mümkinçilik döredýär. Bu
çeper edebiýatyň öz okyjysyny dünýä hakdaky, taryhy döwür hakdaky, adam
hakdaky hakykat bilen içgin tanyşdyrmak babatdaky jemgyýetçilik hyzmatynyň
ýüze çykmasydyr.
Çeper edebiýat okyjysyny geň galdyrmak üçin dörän sungat däl. Ol
okyjysyna durmuşy öwretmek bilen iş salyşýan sungat. Çeper edebiýat öz
okyjysyna diňe oňa näbelli bolan wakalary, hadysalary, duýgylary, hyjuwy beýan
1
Z. B. Muhammedowa we S. M. Ahally bu kitabyň sähraýy türki halklaryň (половцы) dilinde ýazylandygyny
tassyklaýarlar. Seret: Махтумкулы-225. (Юбилейный сборник). Ашхабад, Издательство АН ТССР, 1961, 149
sah.
2
Bu kitap 1302-nji ýylda Wenessiýadaky keramatly Markyň ybadathanasyna sowgat berlipdir. Bu hakada seret:
Z. B. Muhammedowa we S. M. Ahally. К вопросу о круге чтения Махтумкули. В кн.: Махтумкули -225
(Юбилейный сборник). Ашхабад, Издательство АН ТССР, 1961, 149 sah.

137
etmek bilen çäklenmeýär. Ol öz okyjysynyň belet zatlaryna, görüp-bilip ýören
hakykatyna ýüzlenmek bilen hem özüniň öwredijilik häsiýetini ýüze çykarýan
sungat. Çeper edebiýat okyjynyň belet zatlary hakda söz açsa-da, näbelet zatlary
hakda söz açsa-da, ol özüniň öwredijilik häsiýetinden daşlaşmaýar.
Şu ýerde bir ýagdaýa aýratyn ünsi çekmek isleýäris. Ýazyjynyň öz
okyjysynyň näbelet durmuş hakykaty bilen bagly söz açyp, oňa täze, näme-de
bolsa, bir zat öwredip biljekdigi düşnüklidir. Munuň şeýledigini öňde giňişleýin
diýen ýaly görüp geçdik. Eýsem, ýazyjy okyjynyň öňden belet durmuş
hakykatynyň üsti bilen oňa näme öwredip bilýärkä? Bu meselede ýazyjynyň öz
dünýägaraýşy, her bir eserinde onuň öz öňünde goýan ideýa-çeperçilik maksady,
durmuş hakykatyna öz garaýşy ony öz görşi, öz duýşy, öz syzyşy bilen, oňa öz
baha berşi bilen bagly her dörediji adamyň akyl-paýhas, aň eleginden geçirilen
täzeçe öwüşginleriň uly hyzmaty bar. Ol öwüşginler her adamyň özüne mahsus
dünýäni görüş, düşüniş, duýuş aýratynlyklaryna bagly öwüşginlere beslenýär.
Şonuň üçin olar şeýle bir köpdürlüdirler weli, olaryň aňrysyna-bärisine göz
ýetirmek örän çetindir. Eger şeýle bolmasa, çeper edebiýatyň iş salyşýan
predmetiniň, temasynyň çygrynyň bize belli bolan çäkleriniň şu gysbylygy bilen
edebi eserleriň biri-birini gaýtalamak howpy ýüze çykardy.
Edebiýat taryhyna göz aýlasaň weli, düýbünden başgaça ýagdaýyň dowam
edip durandygyna şaýat bolýarsyň. Hatda nezireçilik däbine eýerilip ýazylan,
taýýar sýüžetlere esaslanýan eserler hem dürli halkda dürlüçe, dürli ýazyjyda
dürlüçe äheňe, owaza, çeperçilik öwüşgine eýe bolýandygyny, I.A.Krylowyň
sözleri bilen aýtmaly bolsa, “biz taryhda köp gördük”. Galyberse-de, çeper
edebiýatyň predmetiniň adamdygy, adamzat nesliniň hem her biriniň ýüz keşbiniň
dürli hili bolşy ýaly, olaryň ykballary, başdan geçirmeleri hem başga-başgadyr,
dünýäde näçe adam bar bolsa, olar şonça hem dürli-dürlüdir. Birmeňzeş däldir.
Bu ýagdaý edebiýat işinde meňzeşligiň, biri-biriňi gaýtalamagyň aradan
aýrylmagyna şert döredýär.
Gündogar edebiýatynda, şol sanda türkmen edebiýatynda hem
nesihatnamaçylyk, akyl berijilik, öwüt-ündew edijilik özbaşyna bir ideýa-tematik
ýörelge, hatda akym, hökmünde öňe çykypdyr. Aslynda hem Gündogar
edebiýaty akyl-paýhasyň, pelsepewi pikirleriň özboluşly ýoly bilen ýörän söz
sungaty hökmünde dünýäniň beýleki halklarynyň edebiýatyndan tapawutlanýan
çeper gymmatlykdyr. Bu ýagdaý türkmen edebiýatyna hem özüniň uly täsirini
ýetiripdir. Şonuň üçin türkmen edebiýatynda öwüt-nesihat beriji, akyl-paýhas
paýlaýyjy şygryýet dünýäsi kemala gelipdir. Bu çeperçilik ýörelge türkmen edebi
giňişliginde şu günlere çenli hem öz ösüş ýoluny dowam etdirip gelýär:

Ata saňa ýeke gezek berilýär.


Ataň ölse, arzuw ýolun dowam et!
Sen arzuwňa ýetseň, ataň ýetdigi,
Ýogsa ata ýatyp bilmez parahat.

Ene saňa ýeke gezek berilýär,


138
Söý enäni, söýmegiňi dowam et!
Enäniň gadryny bilmeýän bolsaň,
Enesini ýitirenden sowal et!

Ömür saňa ýeke gezek berilýär,


Söý ömrüňi, zähmetiňi dowam et!
Zähmetiň gadryny bilmeýän bolsaň,
Ynsanlygňy, haýwanlygňy beýan et!

Kelle saňa ýeke gezek berilýär,


Söý kelläňi, söýmegiňi dowam et!
Iş görmegin kişiň kellesi bilen
Geregňi al,
öz kelläni dowam et!1

Bu setirler şahyr K.Gurbannepesowyň “Ata, ene, ömür, baş” atly


şygryndan alyndy. Şygryň liriki gahrymanynyň okyjy bilen söhbetdeşlik gurap,
oňa berýän pendi-nesihatlarynda, şeýle seretseň, onuň öňden belet zatlary
hakynda gürrüň berýän ýaly, şygyrda hiç hili täze zat ýok ýaly bolup görünýär.
Dogrudan hem ata-enäniň, ömrüň, adamyň öz egninde göterip ýören gara
başynyň oňa bir gezek berilýändigini akyl-huşy ýerindäki okyjynyň bilmezligi
mümkin däl. Ata-ene, ömür, gara baş hakdaky düşünje okyjynyň öňden belet
düşünjeleri. Olaryň hiç biri hem okyjyny täze bir düşünje, täze bir pikir
hökmünde gyzyklandyrmaýar. Ýöne bu şygyr okyja köne düşünjeler arkaly täze
zat aýdyp bilýän şygyr.
Eýsem şygyrda näme täze zat barkä? Şygyrda liriki gahrymanyň ata-enä,
ömür hem gara başa gatnaşygy täze, garaýşy täze, onuň gerdeninde göterip
barýan ideýa ýüki täze, şygyrda şahyryň çeperçilik çözgüdi täze. Bu täzelikler
şygra täze çeperçilik öwüşginini berýär. Şygyrda, başga hiç bir şahyra däl-de,
diňe K.Gurbannepesowa mahsus bolan şahyrana öwüşgin göz gamaşdyryp
ýaldyrap dur. Bu şahyrana öwüşgini bezeýän, ony dürli-dürli reňkler bilen
besleýän nesihatnamaçylyk, öwüt-ündew edijilik, akyl berijilik ruhy şygryň
maňzyny emele getirýär. Şygryň akyl berijilik maňzy okyjynyň-da maňzyna
batýar. Şonuň üçin K.Gurbannepesow öz okyjylary tarapyndan söýlüp okalýan,
söýlip diňlenýän, öz döwründe onuň okyjylar bilen boljak duşuşyklaryna
sabyrsyzlyk bilen garaşylýan şahyrdy. Ol şu gün hem okalýan şahyr. Sebäbi onuň
şygyrlaryndaky nesihatnamaçylyga ýugrulan akyl-pikir şu günki okyjylaryň hem
ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Durmuş hakyndaky aň-düşünjesini artdyrýar. Bu
bolsa K.Gurbannepesowyň şygryýet dünýäsiniň jemgyýetçilik hyzmatyny
şertlendirýär. Ýogsam “Ataňy-eneňi söý, ömrüňi söý, gara başyňy söý!” diýen
şahyr başga-da köp bolmagy mümkin. Ýöne meseläniň küle ýeri şeýle ideýa
baýdagyny parladan başga bir şahyryň barlygynda ýa-da yoklugynda däl. Mesele,
şeýle şahyr baram bolsa, ýogam bolsa, olaryň hiç biriniň K.Gurbannepesow
däldigindedir. K.Gurbannepesowyň şygryýetinde, umuman, bu şygyrda, hususan,
şahyryň öz aýdyşy ýaly, liriki gahryman “kişiň kellesi bilen iş görenok, geregini
1
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 178-179 sah.
139
alýar, öz kellesine gelen pikiri özüçe dowam edýär”. Şonuň üçin
K.Gurbannepesowyň bu şygrynyň ideýa-estetiki öwüşgüni ýiti hem täze. Bu
ýerde sadalyk bilen gazanylan yitilik, çuňluk bilen gazanylan täzelik bar.
K.Gurbanepesowda sadalyk hem, ýitilik hem, çuňluk hem, täzelik hem pikiriň
ýokary çeperçilik bilen açylandygyny şertlendirýän şahyrana äheňdir, şahyrana
öwüşgindir. Ol öwüşgin diňe K.Gurbannepesowa mahsusdygy üçin, okyja täzeçe
lezzet berýär. Rast, estetiki lezzet täzeçe bolsa, onda ol şygryň eýýam täzeçe ruha
eýe bolandygydyr. Şahyr liriki mazmun üçin ata-ogul, ene-ogul, ömür-zähmet, öz
kelläň-kişiň kellesi ýaly parallellikleri çeperçilikli işledýär. Bu parallellikdäki
gapma-garşylyklara esaslanýan liriki mazmuna ozboluşly çeperçilikli çözgüt
berýär. Şonuň üçin okyjy bu şygry öz kalbyna ýakyn çeper söz hökmünde kabul
edýär. Eger çeper eser okyjynyň kalbyny gözgalaňa salyp bilýän bolsa, onda bu
onuň jemgiýetçilik aheňe, jemgiýetçilik ruha ýugrulandygynyň alamatydyr we bu
onuň jemgiýetçilik gymmata eýediginiň subutnamasydyr.
Biz şahyrana jemgyýetçilik äheň we jemgyýetçilik ruh hakda ýöne ýere
gürrüň gozgamadyk. Sebäbi çeper edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmaty onda ýüze
çykýan jemgyýetçilik äheň hem jemgyýetçilik ruh bilen gös-göni baglydyr. Diňe
jemgyýetçilik äheňli we jemgyýetçilik ruhly eserlerde olaryň edebi gymmatlyk
hökmündäki ähmiýeti has güýçli ýüze çykýar. Çünki şeýle eserlerde
jemgyýetçilik bähbitli meseleler gozgalýar, jemgyýetçilik bähbitli çeperçilik
çözgütler berilýär. Şeýle bolansoň olaryň öwredijilik häsiýeti-de, terbiýeçilik
ähmiýeti-de has aýdyň ýüze çykýar.
Ýazyjy B. Hudaýnazarowyň kyssa eserlerinde-de, şahyrana döredijiliginde
hem türkmen durmuşy, türkmençilik ýörelgeleri bilen dem alýan, gepleýän,
oýlanýan, durmuşa baha berýän, türkmen sypatly, türkmen häsiýetli
gahrymanlaryň hereket örüsi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. B. Hudaýnazarowyň
gahrymanlarynyň hemmesi diýen ýaly türkmensorroý adamlar. Olaryň köpüsiniň
ykbaly türkmen sährasy bilen bagly. Şonuň üçin olaryň ýüzleri sähra ýeline
gaýzygan, bedenleri Garagumuň ýowuz durmuş şertlerinde taplanan, sadadan
gödeksiräk görünýän, ýöne örän rehimdar, sahawatly sähraýy türkmenler. Ol
gahrymanlar öz hereketleri, häsiýetleri, boluşlary, gep uruşlary bilen, garaz, tutuş
durky bilen okyja türkmen bolmak “ylmyny” öwredýär, okyjylarda türkmençilik
häsiýetiniň kemala gelmegini terbiýeleýär. Her bir türkmen B.Hudaýnazarowyň
gahrymanlaryndan özüne ýakyn, özüne mähriban, özüne eziz, özi bilen ýürekdeş,
özi bilen syrdaş, özi bilen pikirdeş dosty tapyp bilýär. Dogrusyny aýtsak, her bir
türkmen okyjysy bu ýazyjynyň gahrymanlarynyň arasyndan özüni tapýar. Bu,
elbetde, edebi esere iň zerur gerek ýokary çeperçilik çelgileriň biri. Şu ýokary
çeperçilik çelgisine ýazyjy eýýäm ilkinji iri göwrümli eserleri bolan “Gyzgyn
sährä” poemasynda we “Göreş meýdany” powestinde galypdy. Soňky
powestleridir romanlarynda hem ol şu belent derejeden aşak düşmedi. Bu bolsa
ýazyjynyň eserleriniň jemgyýetçilik hyzmatynyň hem şol belentlikde saklanyp
galmagyna mümkinçilik berdi.

140
Gepiň gerdişine görä aýtsak, B.Hudaýnazarow şahyr hökmünde-de özüniň
bütin döredijilik ýolunda diňe türkmençilik yörelgelerine wepaly bolup galan,
umumadamzat häsiýetli meselelere-de türkmençeläp çözgüt tapan, gozgan
meseleleri hakda türkmençeläp pikir öwren özboluşly döredijilik stiline eýe bolan
şahyrdyr. Meseläni gaty daşa ýaýratman, diňe K.Gurbannepesowyň ýokarda
seljerilen “Ata, ene, ömür, baş” şygrynda gozgan meselesine B.Hudaýnazarowyň
ideýa-çeperçilik nazary bilen garap göreliň. Ilki bilen bellemeli zat,
B.Hudaýnazarow meseläni ömür hem ölüm (“Ömür hakda, ölüm hakda”)
parallelliginde açmagy maksat edinýär. Şahyr, K.Gurbannepesowyňkydan
tapawutlylykda, diňe ömür diýen zadyň hakyky manysyna çeperçilik çözgüt
berýär. Şygry gysgaldyp alýarys:

Nebse jylaw salyň, pes tutyň päli,


Gözleri gapmasyn bu dünýäň maly.
Kä kişiniň kalby baýlykdan doly,
Kä kişiniň ýüreginde gytlykdyr.

Şeriň saňa süýkenjirän mahaly,


Ýuwutjak bol, dyňzap gelen gahary,
Göriplikdir göwünleriň zäheri,
Ýüregiň şöhlesi mylakatlykdyr.

Sen bir doglup, bir gezegem ýaşýan zat,


Ajal saňa iň bir ýeňil düşýän zat,
Ömri söýmek-ömre ömür goşýan zat,
Şol ömrüň şiresi sahawatlykdyr.

Içiň gysyp, höwür küýsän mahalda,


Bazara bar, göwnüň açar mähelle,
Hiç närsäni geňlemeýän jahanda,
Jandan başga barja zatlar satlykdyr.

Beýnini işe sal hem-de pikir et,


Barlygyňda bir dem “jykyr-jykyr” et,
Bu dünýäni göreniňe şükür et,
Ony elden bermek bedähetlikdir.

Bir gün gidýär, kim gelse bu meýdana,


Goşgy galýar, bolsa eger dürdäne,
Ýagşylyk et, dirikäň bu dünýäde,
Şondan başga zatlar bir manatlykdyr.1

1
B.Hudaýnazarow. Saýalanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 190-191 sah.
141
Bu B.Hudaýnazarowyň durmuş hakdaky filosofiýasy. Muňa telperlik ýät.
Onuň kökleri örän çuňluklara aralaşýan pelsepewi pikirlere ulaşyp gidýär. Şahyr
bu şygrynda ömür bilen ölüm aralygynda ýagşylyga-da, ýamanlyga-da ýoluň
hem, pursatyň hem bardygy hakda oýlanýar. Diňe ýagşylyk etmek bilen ömre
many berip bolýandygy hakda oýlanýar. Ol okyjyny-da şu hakda oýlanmaga
mejbur edýär. Eger okan eseri okyjyny oýlandyrýan bolsa, onda ol çeper
gymmatlyk hyzmatyny ýerine ýetirýän eserdir. Onuň jemgyýetçilik durmuşdaky
ähmiýeti-de şundadyr.
Şahyr ömrüň manysyny ölçeýän aýry-aýry pursatlara ser salýar. Ol
pursatlaryň maňzyny okyjynyň aňyna ýetirmek üçin, olary durmuş hakykatynyň
dürli şertleriniň içinden geçirip görýär. Olary dürli adam häsiýetleri bilen bir
parallele salyp görýär. Durmuş hakykatynyň nogsanlyklaryna siňip galýanlaryny
ýazgarýar, adamkärçilik sypatlarynyň ynsany bezeýän taraplarynyň aýdyň ýüze
çykmagyna bolsa has köp agram salýar. Şu goşgynyň çygrynda
B.Hudaýnazarowyň durmuş ýörelgesi hökmünde öňe sürýän filosofiýasy şulardan
ybarat: nebse jylaw salmak, päliňi pes tutmak, dünýä malyna gözüňi
gapdyrmazlyk, şerden gaçmak, gaharyňy basmak, göriplik etmezlik, mylakatly
bolmak, ruhuňy belent tutmak, ýagşylyk etmek. Ynsaniýeti bezeýän şu asylly
sypatlar, adam ogluny adamçylyk sypatynda saklaýan şu häsiýetler, ine, şahyryň
öz okyjysyna öwretmek üçin eline galam almagyna sebäp bolan zatlar.
Görnüşi ýaly, şahyr öz okyjysynyň öňden belet zatlary, belet durmuş
hakykaty hakda söz açýar. Bu asylly sypatlar gadymy döwürlerden bäri okyjylara
çeper edebiýat arkaly öwüt-ündew edilip gelinýär. B.Hudaýnazarowyň setirlerini
bezän şu häsiýetleriň gowusynyň gowudygyny, ýamanynyň ýaramazdygyny,
şahyr aýtmanynda-da, okyjynyň bilip ýören zatlary. Bilip duran zadyňy öwredip
dursalar, elbetde, bu okyjyda ullakan bir gyzyklanma döretmejek ýaly. Ýöne bu
beýle däl. Şahyr ony öz okyjysynyň estetiki islegine laýyk geläýjek, ony ruhy
taýdan kanagatlandyryp biläýjek çeperçilik derejä çenli ýokary göterilen söz
kaddyna ýetirýär. Şonuň üçin şahyryň çeper sözüne maýyllaryň sany ýetik.
B.Hudaýnazarowyň çeper sözi mydama-da okalýan söz bolupdy. Okyjy her
döwürde-de ondan döwrebap akyl alyp bilýärdi ýa-da durmuş hakykatyny täzeçe
röwüşde açýan “nakyl” alyp bilýärdi. Ol häzir hem şeýle. Munuň şeýledigine
B.Hudaýnazarowyň okyjylarynyň köpüsi beletdir, ony subut edip, gep nokatlap
oturmagyň geregi ýok. Öz döwründe onuň şygryýet dünýäsiniň ideýa-estetiki
giňişligi okyjylar köpçüligi üçin iň arzyly giňişlikdi. Ol öwrediji, akyl beriji çeper
giňişlik hökmünde giňden meşhurdyr.
Bu şygyrda aýdylyşy ýaly, “bir doglup, bir ýaşmak” mahsus bolan adamzat
üçin öz ömrüni söýmek, öz beýnisine agram salyp, özüçe pikirlenmek hakdaky
öňe sürülýän ündewler K.Gurbannepesowyň ündewleri bilen äheňdeş gopýar.
Ýöne olaryň B.Hudaýnazarowa mahsus ideýa-çeperçilik ruha ýugrulandygy üçin,
ol setirlerde öňe sürlen pikirler şahyryň hut özüne degişli sözler bolup, onuň öz

142
dünýägaraýşyna, dünýäni düşündirişine häsiýetli ideallara ýugrulan ündewler
bolup, aň-düşünjäňi hem ruhuňy täzeleýär. Ol setirlerdäki öwredijilik ruh okyja
pendi-nesihat berýän çeperçilik gözleglerdir. Şu gözlegler bolsa, öz gezeginde,
okyjynyň öňden belet hakykaty hakda söz açýandygyna garamazdan,
B.Hudaýnazarowyň şygryýetini özüne çekiji çeper söz, imrindiriji şygryýet
älemine öwürýär. Özüne imrindirýän, özüne maýyl edýän şahyrana söz bolsa
jemgyýetçilik ähmiýetli, köpçülik üçin bähbitli pikirleri orta atyp bilýän çeper
sözdür. Bu, elbetde, şahyryň hem onuň şygryýetiniň jemgyýetçilik hyzmatynyň
ýokarydygyny alamatlandyrýar. Sebäbi okyjynyň öňden hiç zat bilmeýän , onuň
düýbünden näbelet hakykaty barada söhbet edip, ony özüňe çekip bilmek bir
başga, onuň belet zatlaryndan, belet düşünjelerinden söz açyp, ony öz sözüňe
imrindirip bilmek bir başga. Okyjynyň öňden belet hakykaty hakynda mesele
gozgap, olara bu hakda täze bir pikir aýdyp bilmeseň, onda ol çeper söz öz
hyzmatyndan sowlup geçen gury owaza öwrüler. Ýazyjy, hökman, okyjynyň
öňden belet zatlary hakynda mesele gozgan hem bolsa, ol bu hakda öz sözüni, has
dogrusy, täze bir sözi aýdyp bilmelidir. Eger ol şeýtmese, okyjy onuň sözüni
pitwa etmez, okyjy ol sözden hiç bir zat öwrenip bilmez, gaýta, ol garaşan zady
çykmasa, lapykeç bolar. Bu, elbetde, ýazyjy üçin öz okyjysyny ýitirmekdir.
B.Hudaýnazarow bolsa bütin döredijilikli ömründe daşyna giň okyjylar
köpçüligini toplap bilen arzyly ýazyjylaryň biridir. Ol hatda özüniň okumyş
okyjylaryna-da öz çeper sözi bilen dünýä hakda, döwür hakda, durmuş hakda, iň
esasysy-da adam hakda öwrediji, akyl beriji pikirleri aýdyp bilen, olary geň
galdyryp bilen ýazyjydyr, şahyrdyr. Şonuň üçin onuň çeper sözüniň hyrydary
hemişe ýetik bolupdy. Bu onuň özboluşly döredijilik älemi döredip bilen
ýazyjydygyny, öz okyjysyny tapan şahyrdygyny tassyklaýar. Elbetde, bu
B.Hudaýnazarowyň çeper sözüniň jemgyýetçilik hyzmatyndan habar berýär.
Umuman, okyjynyň belet bolan durmuş hakykaty, belet adam sypatlary
hakynda söz açyp, olar barada ýokary çeperçilikli täzeçe söz aýtmak, ýüregiňe
jüňk bolup duran täze pikiri öňe sürüp bilmek nusgawy şahyrlarymyza degişli
döredijilik aýratynlygydyr. Aýratyn hem Magtymguly we magtymguluçylyk
döredijilik mekdebiniň beýik söz ussatlary bu babatda hakykatdan hem nusgalyk
derejä ýetdiler. Aslynda olar hut okyjynyň belet hakykaty bolan adam häsiýetini
açmak bilen çeper sözde belent nusgalyk mertebä eýe boldular. Türkmen
nusgawy şygryýetini hem belent derejä galdyrdylar. Olar eýýäm üç asyr gowrak
wagt bäri özleriniň çeper sözden döreden genji-hazynasynyň töweregine bütin
türkmen jemgyýetçiligini kökerip goýdular we bu prosses häzir hem dowam
edýär. Bu gün bolsa dowam edýän şol prosses türkmen okyjysynyň çygryndan
çykyp, dünýä giňişliklerine ýaýraýar. Türkmen akyldarlarynyň umumadamzat
bähbitli şahyrana setirleri, söz ussatlarymyzyň milli gymmatlyga öwrülen çeper
döredijiligi dürli dillere terjime edilip, dünýä halklarynyň köpüsine elýeterli
bolandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

143
Ýekeje mysal. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” traktatyndan alnan
iki setir üç dilde–türkmen, nemes we iňlis dillerinde bu gün Germaniýanyň Berlin
şäherindäki dünýä akyldarlarynyň parasatly sözleriniň açyk asmanyň astyndaky
meýdan muzeýinde ýerleşdirilmegi buýsandyryjydyr. Türkmen akyldarynyň şu
aşakdaky setirlerinde öňe sürülýän umumadamzat bähbitli, parahatçylyk
söýüjilikli pikirleri bu gün bütin dünýäniň halklaryna hyzmat edýär. Ine, şol
gyzyla gaplaýmaly setirler:

Her kişi kim ot ýakar, özi bişer,


Gazsa her kim çah, oňa özi düşer.1

“Ýakma-bişersiň, gazma-düşersiň” diýen türkmen nakylynyň Azadynyň


dilinde özboluşly şöhlelenmesini tapan setirler bu gün dünýä halklarynyň asylly
ideallaryna öz sesini goşýar, dünýä jemgyýetçiliginiň öňde baryjy maksatlaryna
hyzmat edýär. Dünýä halklary XVIII asyr türkmen akyldarynyň parasatly
setirleriniň şu gün hem döwrebap ýaňlanýan äheňi bilen, zamanabap ruhy bilen,
parahatçylyk söýüji idealy bilen dem alýar. Bu, elbetde, uly zat. Ol türkmen
çeperçilik aňynyň jemgyýetçilik hyzmatynyň bütin ýer ýüzünde ykrar
edilmeginiň özboluşly aňladylmasydyr. Öz wagtynda “Türkmenistan” gazetinde
Türkmen döwlet habarlar gullugy bu hakda şeýle ýazdy:
“Bu täsin muzeý ýurtlaryň we halklaryň ruhy gatnaşyklaryny ösdürmäge,
dünýäde birek-birege hormat goýmak ýagdaýyny berkarar etmäge, doganlyk we
dostluk ýörelgelerini wagyz etmäge ýardam etmelidir. Munuň özi BMG-niň
tertipnamasynyň esasy meselesi bolup durýar. ÝUNESKO-nyň agzasy bolan
ýurtlaryň milli edebiýatlarynyň meşhur wekilleriniň parasatly sözleri we
pähimleri bu muzeýiň eksponatlarydyr.
Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň ruhy taýdan
ösmegine mynasyp goşant goşan taryhy şahsyýet hökmünde Döwletmämmet
Azady indi bütindünýä şöhratynyň we hormatynyň bu alleýasynda
Türkmenistanyň ruhy medeniýetine we mirasyna wekilçilik eder. Beýleki ajaýyp
türkmen filosoflarynyň we şahyrlarynyň arasynda hut Döwletmämmet Aadynyň
aýdan parasatly sözleri taslamany guraýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Şol
pähimler “Dünýäniň öňdengörüjileriniň ýodasy” diýen parahatçylyk döredijilik
taglymatynyň esasyny düzýän ynsanperwerlik ýörelgesini has doly beýan edýär”2
Türkmen nusgawy edebiýatynyň altyn sahypalarynda Azadynyň şu pähimi
ýaly akylly pikirleriň az däldigi guwandyryjydyr. Olaryň akyl-paýhas hazynasy
hökmünde türkmen okyjysynyň aňynda öz mynasyp orny bar. Ýogsam türkmen
nusgawy edebiýatynyň durmuşa, döwre, dünýa baha bermekde dini ýörelgelere
esaslanan halatlary-da ýok däl. Şeýle-de bolsa ol öz okyjylaryny nähim-paýhas,

1
Döwletmämmet Azady. Saýlanan eserler (tankydy tekst). Aşgabat, “Ylym”, 1982, 68 sah.
2
Ruhubelentligiň diplomatiýasy: dünýä türkmen nusgawy şahyrynyň parasatly sözüne sarpa goýýar.
“Türkmenistan”, 2012, № 146 (26821), 23 maý, 2 sah.
144
akyl, düşünje bilen baýlaşdyrmakda ägirt uly iş bitirdi. Bu onuň jemgyýetçilik
hyzmatyny aýdyň görkezip duran alamatlaryň biridir.
Türkmen nusgawy edebiýaty dünýä hakda dini ylymlaryň çäginde akyl
berijilik, öwredijilik hyzmatyny ýerine ýetiren hem bolsa, jemgyýetçilik durmuşy
hakda, döwür hakda romantiki hyýalbentlige ýugrulan pikirleri orta atmak bilen
çäklenen hem bolsa, adam hakda, oňa häsiýetli bolan ýagşy-ýaman sypatlar
hakynda söz açanda, ol dogruçyl ideýa-çeperçilik ülňüler bilen hakykaty
şöhlenendirmäge synanyşdy. Bu oňa, köplenç, başartdam. Nusgawy edebiýatyň
adam häsiýetleri babatdaky pikirleriniň şu günki türkmen aňynyň ýeten
derejesini-de ruhy taýdan kanagatlandyrýandygy onuň bu meselä örän çynlakaý
hem dogruçyl çemeleşendigini tassyklaýar. Sebäbi türkmen nusgawy edebiýaty
bu mesele babatda beýik Keminäniň döredijilik ýörelgesine laýyklykda söz açan
we “Ýagsa-ýagsy diýen, ýamana hem ýaman” diýmegi başaran çeper sözdür.
Türkmen nusgawy edebiýatynda adam häsiýetlerini haýwanat dünýäsine
mahsus sypatlar bilen deňeşdirmek arkaly simwolik şertlilikde ýüze çykarmagyň
özboluşly däbi kemala gelipdir. Magtymguly bilen Zelilide bu däp has giňden
işledilen çeperçilik däpdir. Ýöne ol beýleki nusgawy şahyrlara-da öz täsirini
ýetiripdir. Hatda döredijilik aýratynlygy boýunça yşk mülküniň şasy hasaplanýan
Mollanepesiň döredijiligi hem bu däpden üzňe bolup bilmändir.
Mollanepesde okyjynyň belet hakykaty hakynda gönümellik bilen öwüt-
-ündew edilýän ýeke-täk bir goşgy bar. Ol şygyr türkmen okyjysyna “Ner gezgin”
ady bilen bellidir. “Ner gezgin” Mollanepesiň döredijiliginde ýeke-täkligine
garamazdan, onuň şahyryň çeper sözünde tutýan orny hem agramy örän
saldamlydyr. Mollanepesde öz döwrüniň taryhy şahslaryna bagyşlanan şygyrlaryň
hem birgideni bar. Şeýle-de bolsa şahyryň döredijiligi göz öňüne getirilende,
näme üçindir, yşky şygyrlardan hem-de “Ner gezgin” atly goşgudan ybarat yaly
duýgynyň döreýändigi hakykat. Bu, elbetde, “Ner gezginiň” agramyndan,
şahyrana hümmetinden, çeperçilik gymmatyndan habar berýär. Şahyryň bu
goşgusynda biz adam mertebesiniň başyň täji ýaly belentde tutulmalydygy barada
liriki gahrymanyň sesiniň ýetdiginden belent ýaňlanýan çagyryşy bilen we gaýry
pendi-nesihatlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Hakykatdan hem adam mertebesi
şygryň ideýa-çeperçilik gönezligidir. Şygyrda oňlanylýan hem oňlanylmaýan
adam sypatlary “ner” hem “maýa” simwolik düşünjeleri arkaly ýüze çykarylýar.
Ner Mollanepesde mertebeliligiň, maýa mertebäniň pesliginiň simwoly bolup
gelýär:
Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbe-ser gezgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýüňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme ,

145
Birisine gep berip, ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň, asla el berme,
“Jan aga, özüň bil!” diýp, her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes diýer, kem durma deňi-duşy, dost-ýardan,


Pul tapmasaň, göterme, näkes bile süýthordan,
Her dilände, gam basar, köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.1

Şahyr “Köňlüm, saňa nesihat” diýmek bilen göýa özüne maslahat berýän
terzde söz başlasa-da, ol diňe öz köňlüne däl, köňüllere nesihat edýär, öz
okyjylaryna öwüt berýär. Şygyr öz okyjylaryna durmuşy öwredýär. Hakykat
ýüzünde durmuşy gatnaşyklarda neneň-niçik bolmalydygy hakynda öwüt berýär,
akyl öwredýär.
Mollanepesiň edýän öwüt-ündewleri adamyň hakyky durmuşy
gatnaşyklaryna degişli käbir pursatlar bilen baglydyr. Ol pursatlaryň neneňsi ruhy
ejirleriniň bardygyna ýa-da ýokdugyna okyjy öňden belet. Sebäbi şu dünýäde
ýaşap ýörenleriň aglabasy Molanepesiň ýüzlenen durmuş pursatlaryny ol ýa-da
beýleki bir tarapdan başyndan geçirip görenler ýa göreni görenler. Garaz,
durmuşyň Mollanepesde ýüzlenilýän pursatlaryna beletler köp. Bu ýagdaý
dörediji adamyň işini has kynlaşdyrýar ýa-da çylşyrymlaşdyrýar.
Munda kynçylyk nämede? Kynçylyk okyjynyň belet durmuş hakykaty
hakynda söz açýan şahyra meseläniň öň degilmedik tarapyny tapmakda ýa-da
meselä täzeçe, has dogruçyl, özüçe çemeleşmelidigindedir. Bu goşguda şahyr
adamyň belent mertebesini peseldip bilýän durmuş hakykatynyň aýry-aýry
meselesi nukdaý nazaryndan garap, oňa baha berýär. Aýdaly, durmuşda adama
serbe-ser gezmek–başyňy belent tutup gezmek, dostuňy-duşmanyňy tanamak,
öýüňe-owzaryňa hatyrjem bolmak, urşany aralamak ýa-da ýaraşdyrmak, adamlara
ysnyşykly bolmak, her näkese baş egip durmazlyk, deň-duşuňdan, dost-ýaryňdan
kem durmazlyk, pul tapmasaň hem näkes bilen süýthordan karz almazlyk we ş.m.
asylly sypatlara eýe bolan adam başyny belentde howalandyrýan ýa-da serbe-ser
gezdirip bilýän sypatlaryň ner bilen barabar mertebelidigi nygtalýar. Adama
mahsus bolmaly şu sypatlardan daş bolmak bolsa maýa barabarlykdyr.
Mollanepesiň çözgüdi şu. Şahyryň şu çözgüdine uýmadyklar onuň bilen il bolup
bilmez. Sebäbi Mollanepesiň çözgüdi hem aýgytly, hem kesgitli, hem gönümel.
Şahyr adam häsiýetindäki nerlik hem maýalyk pursatlara birek-biregini inkär ediji
sypatlar hökmünde garaýar. Ol öz okyjysyndan hem şony talap edýär.
Nusgawy edebiýatda ner güýçlüligiň, ýükçüligiň nyşany. Zelili munuň
şeýledigini köp ýerde nygtaýar:

1
Mollanepes. Goşgular ýygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 32 sah.
146
Zelili diýer, ýa hak,
Bu garyp halyma bak,

Artan-egsen, galan ýük


Ner ýanynda bellidir.1
Ýa-da:
Her kişiniň bolsa akly.
Söz jaýynda sözlär hakly,
Uzak ýola agyr ýükli
Iner gidişde bellidir.2

Bu setirler şahyryň aýry-aýry goşgularyndan alnan nusgalar. Görnüşi ýaly.


Zelili neriň ýüke werzişligini nygtaýarka, oňa hiç hili göçme many bermeýär.
Şahyr ner sözüni öz asyl manysynda ulanýar. Bu bolsa şahyryň ner hakynda
bilýän maglumatyny nygtamakdan aňry geçmeýändigini aňladýar. Şonuň üçin
Zelili nere näçe agyr ýük ýükleýän hem bolsa, oňa üýtgeşik bir ideýa-çeperçilik
ýüküni ýüklemeýär. Diňe maglumaty nygtamak bilen çäklenýär.
Mollanepesde weli beýle däl. Onda ner sözüniň hem, maýa sözüniň hem öz
ideýa-çeperçilik ýüki bar. Ol ýük simwolik many berlen çeperçilik ýük.
Mollanepesde ner mertligiň simwoly, maýa bolsa namartlygyň simwoly bolup
gelýär. Şonuň üçin şahyryň “Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin”
diýen setirleriniň adam mertebesini kesgitleýän mertlik hem namartlyk ýaly
häsiýetleriň çeperçilikli aňlatmasy hökmünde ulanylýandygyny unutmaly däldir.
Mollanepesiň nerinde-de, maýasynda-da çeperçilik bezeg bar. Bu hem onuň
şygrynyň öwredijilik häsiýetiniň özgelere meňzemeýän şowly tarapydyr. Sebäbi
onuň ideýa-estetiki hümmeti, onuň şahyrana sözüniň çeperçilik gymmaty
ýokarydyr.
Muňa şahyryň bu şygryndaky “kyrk ýyl” hem “bütin bir ýyl” diýen wagt
aňlatmalarynyň täsiri hem ýok däldir. Mollanepes näme üçindir, “Kyrk ýyl maýa
gezinçäň ýekeje ýyl ner gezgin” diýäýmeýär-de, “bütin bir ýyl ner gezgin”
diýýär. Ýogsam, “kyrk ýyl” diýen wagt aňlatmasynyň tersine ýa-da garşysyna
goýulýan möhlet azaldylaýmaly, has takygy, kiçeldiläýmeli ýaly. Köp möhletli
wagtyň (kyrk ýylyň) garşysyna has azaldylan ýa-da kiçeldilen garşylykly möhlet
(ýekeje ýyl) alynsa, setir logiki taýdan dogry bolaýjak ýaly görünýär. Ýöne
Mollanepes muny beýtmeýär. Munuň hem özüne ýetik sebäbi bar. Mollanepes
“kyrk ýyla” hem, “bütin bir ýyla” hem deň möhlet hökmünde garaýar. Eger adam
ömri manysynda seretseň, kyrk ýyldan bir ýyl az. Ýöne Mollanepes adamyň
manyly ömrüni göz öňünde tutýar. Şu nukdaý nazardan garasaň, kyrk ýyl maýa
bolup ömür sürenden, bütin bir ýyl ner bolup, ömür süreniň gowudygy
hakyndaky ideýany öňe sürýän bu şygyrda “kyrk ýyl” hem “bütin bir ýyl”
1
Zelili. Saýlanan eserler. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1982, 146 sah.
2
Şol ýerde, 147-148 sah.
147
düşünjeleri bir manyny berýän–adam ömrini aňladýan manydaş sözler
hökmünde deň derejeli
bolup çykýar. Mollanepesiň pikiriçe, kyrk ýyldan bir ýyl has manyly ömürdir.
Galyberse-de, şahyr oňa “bütin” sözüni hem goşup, “bütin bir ýyl” diýýär weli, ol
aňlatma “bütin ömür” manysyny alýar duruberýär. Şonuň üçin adamyň manyly
ömrüni bezeýän mertlik, simwolika boýunça nerlik-mertlik, idealyna gulluk
edýän bu setiriň çeperçilik ýüki has agramlydyr we has saldamlydyr. Şygryň
okyja akyl berijilik, öwredijilik babatdaky agramy hem onuň öz ideýasy bilen
aýrylmaz baglanyşyklydygyny göz öňünde tutsaň, onda eseriň jemgyýetçilik
hyzmaty hem bütin gabarasy bilen aýdyň ýüze çykýar.
Çeper edebiýat özüniň dörän gününden bäri jemgyýete hyzmat edip gelýär.
Söz sungatynyň jemgyýetiň ösüşindäki bu hyzmaty onuň maksady, wezipesi bilen
aýrylmaz baglydyr. Çeper edebiýatyň jemgyýete peýdaly hem-de adamzat üçin
ähmiýetli häsiýetleriniň biri-de onuň terbiýeleýjilik hyzmatydyr. Ol kämil adamy
terbiýeläp ýetişdirmek babatda özüniň bütin ösüş ýolunda ägirt uly hyzmaty
bitirdi. Onuň bu hyzmaty döwür dolandygyça, jemgiýetçilik durmuşy ösdügiçe
has-da giňeldi. Sebäbi çeper edebiýat adam aňynyň ösüşi bilen aýrylmaz
baglanyşykly ösýän we özgerýän sungatyň bir görnüşidir.
Söz sungatynyň terbiýeleýjilik hyzmaty onuň öwredijilik, akyl berijilik
hyzmaty bilen özara sazlaşykda bolýar. Şeýle sazlaşyk ýazyjynyň öňünde goýan
ideýa-çeperçilik maksadyna laýyklykda ýüze çykýar. Ýazyjynyň öwretmek ýa-da
terbiýelemek meýli göz-görtele duýlup durmaly däldir, ol öz-özünden tebigy
suratda ýüze çykmalydyr. Bu meselede ol aç-açanlykdan gaça durmalydyr.
Dogrusy, çeper edebiiýat öwredýärkä, terbiýeleýän, terbiýeleýärkä hem öwredýän
sungatdyr. Çeper eseriň öwredijilik hyzmatynyň ýüze çykyş aýratynlyklary
barada öňde edilen gürrüňleriň hemmesine hem onuň terbiýeleýjilik hyzmaty
hökmünde-de garap bolardy. Ýöne onuň öwredijilik hyzmatynyň ýüze çykyş
aýratynlyklaryny has aýdyň düşündirmek üçin oňa özbaşdak bir hil sypat
hökmünde garap geçdik.
Çeper edebiýat öwredende hem, terbiýelände hem durmuş hakykatyndan
ugur alýar, şoňa esaslanýar. Durmuş bolsa adam häsiýetiniň-de, hereketiniň-de
bitewlikde, köptaraplaýyn ýüze çykýan giňişligidir. Bu giňişlikde ýaşaýan,
gurýan, döredýän adamyň hem öwreniş, akyl ýetiriş, terbiýeleniş, kemala geliş
prossesi durmuşyň jümmüşinde amala aşýar. Adam öwrenende hem durmuşdan
öwrenýär, terbiýelenende hem ony durmuş terbiýeleýär. Şonuň üçin çeper
edebiýatyň esasy predmeti bolan adamyň öwreniş, terbiýeleniş işi bir bitewi
prossesdir. Asla olary biri-birinden üzňe göz öňüne-de getirip bolmaýar.
Çeper edebiýat bilen bagry badaşan okyjy özüniň durmuş tejribesiniň
çäklerini giňeldýär. Ol çeper edebiýatyň üsti bilen akyl taýdan baýlaşýar we bu
onuň akyl terbiýesiniň kämilleşmegini, çuňlaşmagyny şertlendirýär. Çeper
edebiýata höwrügen okyjy geçmişiň hem şu günüň köp sanly hadysalaryny we
wakalaryny, dürli döwürleriň durmuş hakykatyny öz aňyndan geçirýär, şol bir

148
wagtyň özünde hem ol dürli döwürleriň durmuş we çeper hakykatynyň içinde
ýaşaýar. Dürli döwürleriň gahrymanlary bilen syrdaş bolýar, olaryň şatlygyna
şatlanýar, gynanjyna gynanýar. Bu bolsa okyjynyň ata-babalaryň akyl-paýhasy
bilen kemala gelen däp-dessurlaryny, durmuş tejribelerini, ýol–ýörelgelerini,
olaryň durmuşyň dürli hili gapma-garşylyklaryndan baş alyp çykyş, dürli hili
kötelliklerini ýeňip geçiş ýollaryny öz aňyndan geçirmegine, olaryň ýanbermez
erkliligi öz häsiýetlerine siňdirmegine, şeýle hem olaryň görelde alarlyk
hereketlerinden geçmişiň uzak taryhy ýolunda goýberen hatalaryndan sapak
almagyna, atalaryň amala aşyran beýik işlerine buýsanmagyna, gazanan beýik
ýeňişlerinden görelde almagyna şert döredýär. Bu bolsa şu günki okyjynyň ata-
babalaryň gany-deri, zehini siňen geçmiş taryhy bilen bir bitewi ruha
ýugrulmagyna we şu günki nesliň ruhy taýdan terbiýelenmegine alyp barýar. Edil
şonuň ýaly-da, okyjy çeper edebiýat arkaly öz döwürdeşleriniň bitirýän beýik
işleriniň şöhratly netijelerine guwanyp bilýär. Ol öz döwürdeşleriniň
jemgyýetçilik ähmiýetli bitirýän işleriniň göreldeli nusgasyny çuňňur akyl
ýetirmek bilen öwrenýär we okyjyda döwürdeşleri bilen aýakdaş gadam urmak
hyjuwy döreýär. Bu hem onuň ruhy-ahlak taýdan terbiýeleniş ýoluna düşmegini
şertlendirýär. Ol çeper edebiýatyň akyl berijilik, terbiýeleýjilik hyzmatynyň
hakykat ýüzündäki aýdyň netijesidir.
Adamzat nesli durmuşyň täsiri bilen akyllanýar we durmuş bilen
terbiýýelenýär. Çeper edebiýatda hem durmuş we adamyň oňa bolan gatnaşygy
esasy meseledir. Bu mesele çeper edebiýatyň haýsy taryhy döwre, haýsy çeper
žanra ýüzlenýändigine garamazdan, ol baş mesele bolup orta düşýär. Şonuň üçin
çeper edebiýatyň öwredijilik, akyl berijilik ýa-da terbiýeçilik hyzmatynyň
durmuşy esasy bardyr. Y. Mämmediniň “Şapak”, A. Taganyň “Saragt galasy”
ýaly romanlaryny okan okyjy XIX asyr türkmen durmuşy, K. Gurannepesowyň
“Taýmaz baba”, M. Seýidowyň “Durun mukamy” poemalaryny okan okyjy XX
asyryň birinji ýarymynyň türkmen durmuşy, B. Hudaýnazarowyň “Haşar”, H. Ys-
maýylowyň “Bäşdeşler” powestlerini okan okyjy 1941-1945-nji ýyllaryň
Watançylyk urşy döwrüniň türkmen durmuşy, B. Seýtakowyň “Başa-baş söweş”
we beýleki hekaýalaryny okan okyjy XX asyryň ikinji ýarymynyň türkmen
durmuşy, A. Atabaýewiň “Ata Watan Türkmenistan, Garaşsyz!” goşgusyny we
Garaşsyzlyk hakyndaky beýleki birtopar goşgularyny okan okyjy Garaşsyzlyk
döwrüniň türkmen durmuşy bilen içgin tanyş bolýar.
Şeýle hem okyjy şu eserleriň gahrymanlary bilen bilelikde şol döwürleriň
durmuş hakykatynyň içinde ýaşaýar, göreşýär, ýeňýär, ýeňilýär, olar bilen
bilelikde begenýär, gaýgy-gussalaryny deň çekişýär, buýsanjyny bilelikde
paýlaşýar. Diýmek, çeper sözüň bu agzalan nusgalary ýaly eserleriň esasynda
okyjy dürli döwrüň durmuş hakykatyny öwrenýär we dürli döwrüň durmuş
hakykatynyň oňyn täsirleri esasynda terbiýelenýär. Sebäbi ýazyjylar haýsy
döwrüň durmuş hakykaty hakda söz açsalar-da, olar öz eserlerinde dürli
döwürleriň durmuş hakykatyna öz garaýyşlaryny siňdirýärler.

149
Bellemeli zatlaryň ýene biri hem ýazyjylaryň durmuşa bolan garaýyşlary
we oňa beren bahalary özleriniň döwrebaplygy, häzirki zamana mahsus
garaýyşlardygy bilen tapawutlanýandygydyr. Her bir ýazyjy öz eserini taryha
hem şu güne hyzmat etdirmäge çalyşýar. Şonuň üçin taryhy eserler hem şu günüň
okyjylaryny döwrebap ruhda terbiýeleýär. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaý.
Çeper edebiýat şol kanunalaýyklyga aýratyn boýunsunujylyk bilen hyzmat edýär.
Çeper edebiýat öz tebigaty boýunça gözellik dörediji, gözellige tagzym
ediji sungat. Ol öz okyjysynyň akyl ýetirijiligine täsir edýärkä-de, terbiýeleýjilik
hyzmatyny bitirýärkä-de, diňe ýokary gözellik kanunlaryna boýun egýän ideallar
bilen söz açýar. Söz sungaty, esasan, ahlak terbiýesi bilen we estetiki terbiýe
bilen iş salyşýar. Biz bu ýerde näme sebäpden ahlak terbiýesi bilen estetiki
terbiýä aýratyn agram salyp nygtaýarkak? Munuň, elbetde, özüne ýetik sebäbi
bar. Çeper edebiýatda ahlak terbiýesi örän uly çeperçilik giňişlikde ýüze çykyp
bilýär. Söz sungaty adam terbiýesine degişli meseleleriň hemmesini diýen ýaly
ahlak meselesine ýanap, orta atýar we oňa ahlak nukdaý nazaryndan garap,
çeperçilik çözgüt berýär. Ol akyl terbiýesinden başlap, tä terbiýäniň iň ýokary
derejesi bolan watançylyk terbiýesine çenli aralykdaky terbiýäniň görnüşleriniň
hemmesini-de ahlak meselesi bilen baglanyşdyrmaga çalyşýar. Şonuň üçin çeper
edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmatynyň ýüze çykmagynda ahlak terbiýesine örän
uly orun degişlidir. Biz çeper edebiýatyň, esasan, ahlak we estetiki terbiýe bilen
iş salyşýandygyny nygtamyzda, meseläniň şu tarapyny nazarda tutýarys.
Çeper edebiýat okyjyny ahlak taýdan terbiýeleýärkä-de, estetiki taýdan
terbiýeleýärkä-de, diňe gözellik kanunlarynyň nukdaý nazaryndan ugur alýar.
Şeýlelikde, ol öz ýüzlenen taryhy döwrüniň meselelerine laýyklykda ahlak
gözelligini öňe çykarýar we şol esasda hem okyjyny gözel ahlaklylyga tarap ýüz
öwürmäge ýol salgy berýär.
Çeper edebiýtyň okyjyda estetiki terbiýäni kemala getirmekde uly hyzmaty
bar. Ol şahsyýetiň gözellik düşünjesini, gözellige düşüniş derejesini giňeldýär we
çuňlaşdyrýar. Okyjynyň gözelligi görüş, syzyş, duýuş, kesgitleýiş, oňa baha beriş
endiklerini taplaýar, ösdürýär, has dogrusy, onuň gözellik baradaky düşünjelerini
baýlaşdyrýär. Sebäbi çeper edebiýat ýokary derejedäki gözellik ideallaryna
ýugrulan sungatdyr. Söz sungatynyň gozgaýan meselesi-de, ol meselä çeperçilik
çözgüt berşi-de, gahrymanlaryň häsiýeti-de öňe sürýän ideýasy-da gözellik
kanunlarynyň talaplaryna jogap berýär. Eger edebi eserde bu meseleleriň birinde
harsallyga ýol berlen bolsa, onda ol eser çeper gymmatlyk hökmünde okyjynyň
göwnüni awlap bilmez. Muňa söz sungaty bilen iş salyşýan adamyň aýdyň göz
ýetirmegi gerek. Ýöne göz ýetirmek bir zat, şol talaba ýokary derejede amal
etmek düýbünden başga zat. Oňa diňe ussat ýazyjylaryň döwet galamy ýokary
çeperçilik bilen amal edip bilýär.
Çeper edebiýat sungatyň beýleki görnüşlerinden diňe şahyrana çeper söz
arkaly dünýäni estetiki taýdan çeperçilikli özleşdirýändigi bilen tapawutlanýar.
Söz çeper edebiýatyň müdimi hem egsilmez çeşmesidir. Çeper edebiýat asyrlaryň

150
dowamynda halk köpçüligi tarapyndan yzygiderli suratda sünnälenip gelnen
sözüň ähli many öwüşginlerini, halkyň aňyna hemişelik siňip galan ähli çeper
öwrümlerini, sözüň milli pikirleniş çygrynyň ähli giňişligine ýaýran şiresini, diliň
ähli şahyrana çeperçilik serişdelerini özünde jemleýän we şol esasda köpçüligi
estetiki taýdan terbiýeleýän sungat.
Estetiki terbiýede söz özüne mahsus güýje hem gudrata eýe bolanda,
nyşana dogry urýar. Bu hakda çeper edebiýatyň özi-de dil ýarman durup
bilmändir. Çeper sözüň jemgyýetçilik ähmiýeti hakda Magtymgulynyň
şygryýetinde her taraply hem örän siňňinlik bilen aýdylan pikirleriň sansyzdygy-
da muňa aýdyň şaýatdyr. Ol diňe bir Magtymgulynyň döredijiliginde däl, edebi
prossesiň bütin ösüş taryhynda bu hakda söz açan akyldarlar sanardan köpdür.
Şeýlelikde, çeper edebiýatyň özüne mahsus terzde sözüň keşplere siňen gudraty
baradaky garaýyşlar, pikirler ýüze çykypdyr. Ony çeper edebiýatda keşp
döretmegiň, ideýa ýüze çykarmagyň, çeper keşbe hereket hem häsiýet bermegiň
özboluşly serişdesi hökmünde galdyran öçmez-ýitmez yzy bilen-de subut edip
bolýar. Käbir mysallara ýüzlenip göreliň.
Andalybyň “Leýli-Mejnun” dessanynda sözüň gudraty aýratyn nygtalyp
geçilýär. Mejnun ýaşaýan jemgyýetiniň öz söýgüsine juda bipah garandygy üçin,
töweregini gurşap alan adamlaryň biriniň-de ýeterlik düşünmändigi üçin, şeýle
jemgyýeti terk etmeli bolýar. Ol ýalňyz özi dagda-düzde sergezdançylyk çekip,
yşkyň dälisine öwrülýär. Mejnun çöl–beýewanlarda arslanlar-şirler, keýikler-
-gulanlar, guş-gumrular bilen hemra bolup, adamzat jemgyýetinden bütinleý üzňe
durmuş şertlerini saýlap alýar. Ol wagşy hem ýabany haýwanlaryň dünýäsini
özüne mesgen edinýär. Mejnunyň ýaşaýan bu “täze dünýäsinde” Leýli ýok.
Emma bu “dünýäde” Leýliniň Mejnuna bolan yşky, Mejnunyň hem Leýla bolan
heserli yşky bar. Mejnunyň bu “dünýäsi”–yşkyň dünýäsi. Ol özüniň Leýli
hakdaky yşky hasrata ýugrulan gazallary bilen özüne Leýlisiz dünýäde Leýlili
dünýä edinýär. Ol özüniň düşen “täze dünýäsinde” Leýli hakda hiç bir teş-küşsüz,
aga-ýana yşkyň hasratyny çekip bilýär. Aýra düşen söýgüli ýary hakda aşygana
yşky şowka düşüp, süýji arzuw-hyýallaryň kölünde ýüzüp, ony isledigiçe boýlap
bilýär. Oňa bu ýerde öz yşky joşgunyna näçe möwç berse-de, öz kabylasynyn
arasyndaky ýaly, hiç hili päsgelçilik ýa-da gadaganlyk ýok. Mejnun öz “täze
dünýäsinde” päk yşky hyjuwlarynda we duýgularynda örän erkin. Bu ýerde
Mejnunyň Leýli hakdaky yşky gazallaryna, öňki ýaşan jemgyýetinde bolşy ýaly,
ne päsgelçilik bar, ne-de düşünmezlik. Tersine, adamzat jemgyýetiniň
jümmüşinde ýaşap ýörkä, düşünilmedik yşky gazallarynyň sözlerini wagşy
haýwanlar düşünmek bilen Mejnunyň halyna duýgudaşlyk bildirýärler we ol
gazallaryň yşky hasratyna melul bolup diň salýarlar. Mejnunyň yşky gazallarynyň
sözi ahy-nalanyň sözi, hasratly söýginiň sözi. Ol sözler ynsa-jynsa düşnükli
bolmaga çemeli. Ýöne Mejnunyň töwerek-daşy oňa düşünmeýär. Wagşy
haýwanlar weli düşünýärler. Bu yşkyň “diliniň” gudraty, bu söýgi hasratyny
özüne siňdiren sözüň gudraty.

151
Edil şonuň ýaly ýagdaý Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynda hem bar.
Bagdatdan Tatara dolanyp gelýän Tahyr begiň ýolunda ötüp-geçmesi mümkin
bolmadyk dag peýda bolýar. Ahyry ol bu gara daga ýalbarmak bilen ýüzlenýär.
Tahyr: “Kylgyl meniň ýolum rowan, Çar pasly baharly daglar!” diýen setirler
bilen başlanýan ýalbaryş-mynajat äheňli aýdymy aýdýar. Bu ýalbaryşa
çydamadyk, bu ahy-nala dözmedik gara dag para-para bolup, oňa ýol berýär.
Aşyk ýigidiň perýady daglary ýarýar. Görnüşi ýaly, gara daşlary paralaýan güýç-
-sözüň güýji, sözüň gudraty.
Dünýä edebiýatynyň mysalynda şeýle çeper sözüň gudratynyň bitirýän
işlerini ýatlap, delil baryny getirip bolardy. Ýöne onuň zerurlygy ýok. Sebäbi şu
iki dessanyň delilleri hem munuň üçin ýeterlikdir. Ol edebi-çeper deliller, elbetde,
sözüň gudratynyň özboluşly “subutnamasydyr”. Olar adam aňynda gadymdan
bäri çeper sözüň güýjüne, gudratyna bolan ynamyň mäkäm orun alandygynyň
tassyklamasydyr. Dünýä edebiýatynda hem, türkmen edebiýatynda hem bu hili
edebi-çeper hadysanyň fantastika bilen bir hörpden gopýandygyna garamazdan,
oňa ýazyjy hem, okyjy hem göwnüne hiç bir güman getirmezden ynanýar. Şonuň
üçin bu ynamyň terbiýeleýjilik ähmiýeti-de, jemgyýetçilik hyzmaty-da ägirt
uludyr. Ol hyzmat diňe öz döwürdeşlerine däl, şu günüň okumyş okyjylaryna-da
degişlidir. Fantastika bilen galtaşyp ýatan bu edebi-çeper delillerde aýdylýan
pikirlere okyjynyň ynanýanlygynyň sebäbi-de oňa onuň ynanasynyň
gelýänligindedir.
Sungatyň, şol sanda çeper edebiýatyň ilkinji wezipeleriniň biri estetiki
terbiýe arkaly bitewi şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Ol adamyň
jemgyýetçilik bähbitli döredijilikli işiniň ähli taraplaryny öz içine alýar. Söz
sungaty adamyň pikir ýöredişinden başlap, inçe duýgularynyň gözellik kanunlary
bilen sazlaşmagyna, şeýle hem onuň öz idealy ugrunda edýän hereketleriniň ahyr
netijede gözel bolmagyna çenli aralykdaky estetiki terbiýesiniň kemala gelmegi,
özgermegi, ösmegi üçin çalyşýar. Şonuň ýaly-da çeper edebiýat şahsyýetde
bitewi estetiki ynamy terbiýeleýär. Bu bitewilik öňden adam aňynda bar bolan
we onda mäkäm orun alan ynamdan başga-da, her şahsyýetiň özüne mahsus
estetiki duýgulanyş we lezzet alyş özboluşlylygyny, her şahsyýetde toplanan
ägirt uly çeperçilik tejribäni, her kimiň özüne mahsus döredijilikli göz öňüne
getirmeleriň üsti bilen ol ýa-da beýleki edebi-çeper hadysany ösdürip biliş
endiklerini, şeýle hem her şahsyň sungata düşüniş ukybyny öz içine alýar. Şonuň
üçin estetiki terbiýäniň täsir ediş giňişligine düşen okyjy dünýäni mifik çäklerde
özleşdirýän çeper sözi-de, mistiki dünýäniň girdabynda towlanyp ýatan çeper
sözi-de, fantastikanyň we hyýalbentligiň ummülmez giňişligini gulaçlaýan çeper
sözi-de, çaga ynanjaňlygy bilen bolmasa-da, garaz, ynanmak bilen kabul edýär.
Şeýle ynam bolsa, okyjyny çeper sözüň ähli estetiki-emossional sepgitlerinde
terbiýelenişiň güýçli täsirine sezewar edýär.
Söz sungatynda estetiki terbiýäniň iň ahyrky we iň ýokarky maksatlarynyň
biri-de her bir şahsyýetde belent ynsanperwerligi hem-de dünýä söýüjiligi kemala

152
getirmekdir. Munda ol şahsyýetiň bitewi terbiýesine dahylly meseleleriň
hemmesini öz täsir ediş aýtymyna birikdirýär. Ýöne çeper edebiýatda estetiki
terbiýäniň ýüze çykyşy “ýalanaç” wagyz ýa-da gönümel şygar şekilinde bolmaly
däldir. Ol örän gizlin ýagdaýda ýüze çykmalydyr. Okyjynyň boýnuna zor bilen
dakylan: “mert bol, namart bolma, jomart bol, gysganç bolma” diýen ýaly wagyz
edijilik şekilinde bolmaly däldir. Ol örän gizlin şekilde okyjynyň estetiki lezzet
alyş duýgularyny oýarmak we olara täsir etmek bilen sazlaşykly amala
aşyrylmalydyr. G.Ezizowda “Aty debsiläp çapma” atly bir şygyr bar. Onda şeýle
diýilýär:
Aty debsiläp çapma,
Säher duman içinde.
Goýber onuň jylawyn
Özi serden geçende.

Şat günüňde şatdyr ol,


Toýda şöhratyň bolar.
Magşar güni aglanlaň.
Birisi atyň bolar.

Bulaberme gamçyny,
Köz galmasyn teninde.
Seň beren duzuň üçin
Alkyş bar her deminde.

Gamly güni kişňände –


Eşideňde oň sesin,
Gözün süpür, eý adam,
Olam adam ahbetin.1
G.Ezizowda bedew at hakda ýeke-täk şu goşgy bar. Onuň “Atlar ýataklarda
horguryp durlar” atly hem bir şygry bar. Ýöne ol at hakda däl-de, at güýçli
tehnikalar barada. Diýmek, şahyryň “Aty debsiläp çapma” şygry onuň at
hakyndaky ýeke-täk goşgusydyr. Bu şygryň ýeke-täkligi hakdaky gürrüňi aýratyn
nygtamagymyzyň bir sebäbi bar. Şahyryň gyzy Ýazgül Ezizowanyň kakasy
hakdaky ýatlamasynda şeýle bir gyzykly maglumat bar. Onda şeýle diýilýär:
Kakamyň at hakyndaky goşgusynyň sözme-söz terjimesini dagystanly belli şahyr
R.Gamzatowa görkezipdirler. R.Gamzatow goşgyny okap, şeýle diýipdir:
“Şujagaz ýekeje goşgyny meniň adyma berseler, men bütin poeziýamy şoňa
çalşardym” diýipdir. Awar şahyryny beýle joşduran goşgy G.Ezizowyň haýsy
şygrykä?–diýip , şahyryň kitaplarynyň baryny dörüp çykmaly boldy. Onuň neşir
bolan kitaplaryndan at hakda söz açýan ýeke-täk şygyr hem diňe onuň “Aty
debsiläp çapma” diýen şygry bolup çykdy. R.Gamzatowa hem şu şygryň sözme-
1
G.Ezizow. Türkmen sährasy. Aşgabat, TDNG, 2007, 179 sah.
153
söz terjimesi okadylan bolmaly. Eýsem ady belli awar şahyryna bu goşgynyň
haýsy tarapy ýaradyka? Biz ony anyk bilemizok. Ýöne okyjy hökmünde şygryň
özümize ýaran taraplary hakynda weli şulary aýtmak bolardy.
“Aty debsiläp çapma” şygry, adyndan hem belli bolşy ýaly, adam bilen
tebigatyň arasyndaky özara gatnaşykda sazlaşygyň bozulmazlygyny ündew etmek
ýaly uly meseläni gozgaýar. Şygyrda bu uly mesele kiçijik bir durmuş detalynyň
üsti bilen–aty debsilemek, oňa gamçy çalmak ýaly gödek hereketleri ýazgaryjy
äheň bilen, has dogrusy, olary düýbünden inkär ediji näzik owazyň ýaňy bilen
sazlaşyp gidýän şahyrana çözgüt tapylypdyr. Bu goşguda gözellik bilen gödeklik
biri-birine gapma-garşy goýulýar. Munda bedew at gözelligiň simwoly. Gözellik
bilen gödeklik, elbetde, bir ýere sygyşmaýar. Çeper edebiýat, aýratyn-da şygryýet
estetiki gözelligi bolluk bilen paýlaýjy sungat. Şonuň üçin G.Ezizow öz şygrynda
okyjysyny gözellik giňişligine alyp çykýar. Okyja gözellik kanunlaryna
esaslanýan estetiki terbiýe berýär. Şygryň terbiýeleýjilik gymmaty filosofik
pikirleriň içinden geçirilendigi üçin, onuň estetiki lezzeti okyjyny özüne maýyl
edýär. Şygryň terbiýeleýjilik ähmiýeti onuň ýazylan döwri üçin has-da uludy.
Sebäbi bu şygyr ýazylyp ýörkä diýdimzor sowet syýasaty tebigaty boýun
egdirmek üçin oňa örän gazaply daraýardy.
Tebigatyň bir bölegi bolan bedew ata gazaply daraýan, ony debsileýän,
gamçylaýan hem şol diýdimzor syýasatyň simwoly. Görnüşi ýaly, şygyr
setirleriniň arasyndan döwrüň syýasatyna garşylyk jyklap dur. Şonuň üçin
şygyrdaky pelsepewi pikirler öz aýdyňlygy we şol bir wagtyň özünde hem
syrlylygy, pynhanlygy bilen şygryň baş idealyndan gelip çykýan estetiki terbiýe
hem öz gizlinligi bilen şahyrana söze ozboluşly sazlaşyk berýär, oňa ýokary
ideýa-çeprçilik hümmet berýär. Bu ýerde sada filosofiýanyň dabaralanmasy bar.
Tebigaty öz gözelliginden mahrum etmeli däl, ony öz gününe goýmaly. G.Ezizow
“Goýber onuň jylawyn” diýýärkä, hut şu filosofiýany öňe sürýär. “Bulaberme
gamçyny, köz galmasyn teninde” diýip, öz pikirini has-da berkidýär. Şeýle gözel
pikirler setirsaýyn çuňlaşyp, şygryň estetiki lezzeti gizlinlik bilen okyjynyň inçe
damarlaryny yzarlaýar.
Bu iki sazlaşyk şygryň estetiki terbiýesini güýçlendirýän özboluşly
çeperçilik tapyndydyr. Şeýle çeperçilik tapyndy şahyryň sözüni ýokary ideallylyk
derejä – şahyrana sözi şirwan perdä galdyrýar. Bedew at adamyň şatlygyny,
hasratyny onuň bilen deň paýlaşýan ynsanlyk mertebä galdyrylmak bilen
tebigatyň-da, adamyň-da ählumumy sazlaşyk üçin deň derejelidikleri hakdaky
filosofiýa öňe sürülýär. Belki-de, meşhur şahyr R.Gamzatow G.Ezizowyň “Aty
debsiläp çapma” şygryny onuň şu taraplary üçin halandyr. Belki-de, ol bu
şygyrdan mundan başga-da has çuňňur bir filosofiýa tapandyr. Ýogsam
R.Gamzatow özüniň bütin döredijiliginiň jemgyýetçilik hyzmatyny orta goýup,
ony G.Ezizowyň bir goşgusynyň jemgyýetçilik hyzmatyna çalyşjak bolup
durmazdy. R.Gamzatowyň bu “söwdasy” türkmen şahyrynyň bu şygrynyň
jemgyýetçilik ähmiýetine berlen iňňän ýokary bahadyr.

154
Adamyň estetiki terbiýesiniň esasy görkezijisi her bir şahsyýetiň
hereketinde döredijilikli özbaşdaklygynyň, ynsanperwer häsiýetiniň, durmuşda
özüni alyp barşynda asylzadalygynyň, gözellige bolan gatnaşygynda özboluşly
belent ideally garaýyşlarynyň ýüze çykmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şahsyýet öz gözel hereketinden, gözel häsiýetinden, gözel ruhy dünýäsinden,
gözel görnüşinden, gözel duýgularyndan we hyjuwlaryndan lezzet alyp bilýändigi
bilen gözeldir, ynsanperwerdir, dünýä söýerdir. Çeper edebiýat, ine, şeýle estetiki
terbiýesi bilen tapawutlanýan gahrymanlary hem keşpleri orta çykarýar we olary
jemgyýetçilik gymmata eýe bolan sypatlar hem-de ideallar bilen bezeýär.
Çeper edebiýatdaky estetiki terbiýe diňe gözellik ýörelgelerine we
kanunlaryna esaslanýan terbiýedir. Ol adamyň häsiýetini kämilleşdirmäge
gönükdirlen terbiýedir. Adamyň häsiýetinde gözel sypatlaryň kämilleşmegi uzak
wagtlaýyn amala aşýan işdir. Ol bada-bat öz netijesini görkezýän terbiýe däldir.
Şeýle-de bolsa çeper edebiýatyň estetiki terbiýesiniň giň hem çuň jemgyýetçilik
ähmiýeti bardyr. Bu terbiýe arkaly okyjy umumadamzat gymmatlyklarynyň
gözel talaplaryna jogap bermäge gönükdirilen terbiýäni alýar, milli gözellikleriň
süňňüňi söküp, damarlaryňy yzarlaýan lezzetinden täsirlenmegi öwrenýär.
Jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde hem-de aýratyn alnan şahsyýetiň
intellektual ösüşinde we onuň kämilleşmeginde ylmy-tehniki ösüşiň ägirt uly
hyzmaty bar. XX asyr ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hökmünde taryha girdi. Bu
ugurdaky ösüşler XXI asyrda hem örän ýokary depginler bilen dowam edýär. Ol
jemgyýetiň hem şahsyýetiň ylmy dünýägaraýşyny giňeldýär, adamzat
durmuşynyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Ýöne ylym
hem, tehnologik ösüşler hem adamzat durmuşynda sungatyň bitirýän işleriniň we
ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň ornuny çalşyryp bilmeýär. Sebäbi olaryň her
haýsysynyň adamzat durmuşynda öz orny bar. Ylmyň maksady adamlaryň
biliminiň ýokarlanmagy bilen bagly bolsa, tehnikanyň öňünde durýan wezipe
ylmyň gazananlaryna esaslanyp, adamyň maddy we ruhy isleglerini
kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Sungat bolsa şahsyýetiň hemme taraplaýyn
ösüşini kepillendirmek bilen jemgyýetiň bähbidini öz şahsy bähbidinden ýokary
goýýan, ösen şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek ýaly asylly işi alyp barýar.
Şunlukda, sungat ylmy açyşlary edýän alymy hem, dürli tilsimatlary döredýän
tehniki işgärleri hem estetiki-emossional taýdan terbiýelemekde ägirt uly iş edýär.
Şu babatda sungat adamzat nesliniň adamçylyk ruhunyň gözelleşmegi ugrunda
alyp barýan işi bilen ynsanyýetiň durmuşynda esasy hyzmaty ýerine ýetirýär. Ol
ynsanyň adamkärçilik sypatlarynyň gözelleşmeginiň hatyrasyna, onuň ýokary
aň--düşünjeliliginiň, terbiýeliliginiň bähbitleri ugrunda göreşýär. Şeýle göreş alyp
barýan sungat adamzadyň akylyna – paýhasyna, maksadyna, hereketine we hatda
döredijilikli işine-de terbiýeleýjilik gözi bilen gözegçilik etmese, ylmy–tehniki
ösüşleriň hem diňe adamzadyň bagtly ýaşaýşynyň bähbitlerinden ugur almagy
gazanylmasa, onuň ahyrky netijeleriniň adamzat üçin heläkçilikli
tamamlanaýmagy hem mümkin. Göz öňüne getirip görüň, atomyň ynsanyň

155
hyzmatynda goýulmagy bilen XX asyrda bolup geçen heläkçilikli wakalar hem
ylmyň we tehnikanyň pajygaly netijeleri ahyry. Käbir mysallara ýüzlenip göreliň.
XX asyrda pagtadan ýokary hasyl almak üçin ulanylan gerbisitler,
pestisitler we beýleki himiki dermanlar bilen mes toprakly ýerlermiziň üstki
gatlagynyň zaýalanmagyna getiren hem, garaköli bagananyň öndürilişini
artdyrmak maksady bilen SŽK diýlip atlandyrylan usul bilen – emeli ýol bilen
guzy almak arkaly garaköli goýunlarmyzyň başyna salnan ,,oýunlar’’ hem ylmy-
-tehniki ösüşiň ,,miweleridigini’’ hakydaňa getirseň, ol şu gün hem beýniňe
agram salýar. Şeýle hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegine sebäp bolan we
onuň döreden ekologik howpy hem, Garabogazkölüň Hazar deňzi bilen arasyna
böwet basylyp, millionlarça ýyllaryň dowamynda emele gelen we tebigatda örän
seýrek duş gelýän himiki-biologik düzümiň ýitip, ýok bolup gitmegine sezewar
edilmegi hem ylmy-tehniki ösüşiň netijesidir.
Beterinden beteri bar diýlşi ýaly, XX asyryň ortalarynda Ýaponiýanyň
Hirosimo, Nagasaki şaherlerinde synag etmek üçin ýarylan atom bombalary hem,
Çernobyl atom elektrik bekedinde bolan aýylganç heläkçilik hem ylmyň we
tehnikanyň ösüşi bilen adamzadyň başyna salnan pidaly pajygalardyr. Ine, “akyl
zerarly hasrat” (Griboýedow) diýseň, şuňa diýmeli. Atomyň adamyň hyzmatynda
goýulmagy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň üstüne ägirt uly jogapkärçilik düşdi.
Adamyň öz akylynyň önümi zerarly, üstüne abanýan howpuň astynda ýaşamaly
dünýäni saýlap alan döwründe “dünýäni gözellik halas eder” (Dostoýewskiý)
diýen dana pikiriň jemgyýetçilik ähmiýeti barha artýar. Gözellik dörediji çeper
sözüň hyzmaty gitdigiçe globallaşmak häsiýetine eýe bolýar. Adam öz döreden
galagop dünýäsinde sungatyň ynsanrerwerlik, dünýä söýüjilik ideallaryndan
ruhlanman, olardan üzňe ýaşap bilmez. Sungatyň her bir adamda gözellige bolan
söýgi duýgularyny oýarmak ýaly jemgyýetçilik ähmiýetli hyzmatlaryndan ,
ahlak-etiki, estetiki we gaýry terbiýeleýjilik hyzmatlaryndan daşda bolup
bolmaz. Eger ol bu zatlardan üzňeleşip, diňe ylmy-tehniki ösüşleriň gümrasyna
öwrülse, onuň heläkçilikli netijelere alyp barjakdygyny taryh subut etdi.
Hirosimodaky we Nagasakidäki dünýäni sarsdyran pajygaly we heläkçilikli
wakalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, taryhyň gara sahypasy hökmünde
hakydalara siňdi.
Türkmeniň uly şahyrlarynyň biri G.Seýitliýew bu hakda öz wagtynda şeýle
ýazdy:

Biz dünýäde gan dökmegi söýmeýäris


Biz dünýäde gül ekmegi söýýäris.
Biz dünýäde betbagytlygy söýmeýäris,
Biz dünýäde abatlygy söýýäris.
Biz gyryjy atomlara guwanmaýarys,
Biz gurujy adamlara guwanýarys.1

1
G.Seýitliýew. Men gol çekýärin. “Söwet edebiýaty”, 1951, №12.
156
Şahyr bu şygrynda çeper sözüň geçen bütün taryhy yolundan başlap, şu
güne çenli oňa hemra bolan örän garry meseläni gozgaýar. Ol köne mesele haýyr
bilen şeriň arasyndaky gapma-garşylyga esaslanýan mesele. G.Seýitliýew bu
şygrynda köne meseläni täzeçe hem özüçe çözýär. Ol haýyr bilen şeriň
arasyndaky gadymy gapma-garşylykdan häzirki zamanyň döwrebaap ruhuny
çykarýar. Şahyryň haýry dabaralandyrýan ynsanperwer idealy tutuş çeper sözüň–
tutuş dünýä edebiýatynyň öňe sürüp gelen we öňe sürüp ýören idealy.
Kyssawyrak äheňli bu setirler şygryýetiň ýokary ideala ýugrulan nusgasy
hökmünde şu günki okyjy üçin hem gymmatlydyr. Asla haýyr bilen şeriň
arasyndaky gapma-garşylyk aradan aýrylmasa, bu şygryň gymmaty gaçmaz diýip
pikir edýäris. Sebäbi onda şahyrana söz sungatynyň çeperçilik bezeglerine
beslenen ýokary ideal bar. Dünýä söýüji belent hem güýçli ýaň bar. Adamy
gözelleşdirýän ýokary ynsanperwerlik bar. Haýyr–şer gapma-garşylygynda
haýryň gullugynda duran adamkärçilik ruh bar.
Şygyrda çeper sözüň täsin bir güýji äşgär duýulýar. Şol hem okyjynyň
ruhuny täzeleýär. Dünýäni estetiki taýdan täzeçe görmäge, oňa guwanmaga
hyjuw oýarýar. Şahyryň “gyryjy atomly” dünýäni däl-de, “gurujy adamly”
dünýäni döretmek baradaky hyjuwly sesi, adatça aýdylyşy ýaly aýtsaň, dünýä
jemgyýetçiliginiň sesine ses goşýar diýmeli. Ýöne bu goşgy babatda biz ony
diýmekden saklanýarys. Sebäbi bu şygyrdan dünýä jemgyýetçiligi şahyryň
ýokary ynsanperwerlik ruhuna ýugrulan güýçli sesine ses goşýan ýaly batly hem
beýik bir ýaň eşidilýär. Diýmek, şahyryň sözi dünýä jemgyýetçiliginiň sesine
siňip ýitip gidýän ses däl. Ol ses dünýä jemgyýetçiliginiň ynsaperwer ideally
sesini özüne çekip alan ýaly, bu şygyrda şahyryň sesi şeýle batly hem şeýle güýçli
ýaň bilen dünýäni gaflat ukusyndan oýaryjy gudrata eýe bolan ses bolup
ýaňlanýar. ,,Biz’’ sözüniň her setirde aýratyn basym bilen nygtalmagy bilen
gazanylan bu güýçli ýaň şygra özboluşly jemgyýetçilik äheň berýär we şygryň
jemgyýetçilik ähmiýetini has giňeldýär hem beýgeldýär. Onuň ahlak-etiki we
estetiki taýdan terbiýeleýjilik, hyzmatyny äşgär öňe çykarýar.
Çeper edebiýat öz hyzmat edýän döwrüniň adamlarynyň aňynda
jemgyýetçilik pikiriniň we duýgusynyň kemala gelmegine we terbiýelenmegine
ägirt uly ýardam edýär. Şahsyýetiň Watan öňündäki, halkyň öňündäki
jemgyýetçilik borjuny akylly–başly, aňly–düşünjeli duýmagynda çeper sözüň
bahasyna ýetmez hyzmaty bar. Çünki çeper söz döwürdeşleriniň durmuşy, işi,
göreşi, arzuw–islegi, maksady bilen dem alýar. Halk durmuşy bilen çeper sözüň
arasyndaky bu aýrylmaz baglanyşygyň müňýyllyklara uzap gidýän döredijilik
tejribesi kemala gelipdir.
Çeper edebiýat öz döwrüne we döwürdeşlerine hyzmat edýän sungatyň bir
görnüşi. Şonuň üçin onuň döwür hakdaky, döwürdeşleriniň durmuşy hakdaky
çeper hakykaty şöhlelendirmek bilen bitirýän işi jemgyýetçilik bähbitli işdir.
Çeper edebiýat öz döwrüniň jemgyýetçilik aňy hökmünde onuň öňe çykaran

157
meselelerini gozgaýar we olara çeperçilik çözgüt berýär. Çeper sözüň gymmaty
hem şunda. Ol öz okyjysyna durmuşy öwredýär we döwrüň öňe çykaran
meselelerinden nädip baş alyp çykmalydygynyň ýoluny salgy barýär. Ol, köplenç
halatda, dogry hem dürs tapylan ýoldugy bilen tapawutlanýar. Sebäbi ol köp
durmuş külpetleriniň içinden geçirilen ýoldur. Çeper söz–döwrüň sözi, çeper
söz–döwrüň gözi hem gulagy. Çeper söz döwrüň aň-düşünjeli jemgyýetçilik
pikiri hökmünde halka hyzmat edýär. Şol sebäbe görä çeper edebiýatyň sözi halk
köpçüligi tarapyndan hemişe gulak gabardylýan, hatda köplenç, uýulýan söz.
Heniz türkmen döwletiniň ýok şertlerinde, şol sebäbe görä-de belli bir
döwlet syýasatynyň hem ýok zamanlarynda Magtymgulynyň sözi bütin türkmen
halkyna, hatda goňşy ýurtlaryň halklaryna-da eşidilen söz boldy. Magtymgulynyň
sözi türkmen üçin bitewi bir döwletiň ýök şertlerinde jemgyýeti jebisleşdiriji
güýje eýe boldy. Onuň adamkärçilik gatnaşyklary hakda halkyň öňden ýol-
-ýörelge edinen kada-kanunlary bilen baglanyşykly çeper sözi milletiň ahlak
ýörelgeler hakdaky pikirleriniň şahyrana beýany boldy. Şahyryň halal näme –
haram näme, dogry näme – karam näme, günä näme – sogap näme, haýyr näme –
şer näme, ýagşy näme – ýaman näme, mert kim – namart kim, batyr kim – gorkak
kim, jomart kim – husyt kim, bahyl kim – görip kim, ýalançy kim – mekir kim
ýaly birgiden meselelere beren çeperçilik çözgüdi jemgyýetiň kada-kanuny
hökmünde kabul edildi. Türkmen jemgyýetiniň gany bir, jany bir hem-de dini bir
bitewi ruhuny kemala getirdi. Şunda Magtymgulynyň sözi gönümel aýdylan
didaktikamy, çeperçilik lybas geýdirilen şahyrana sözmi, tapawudy ýok, gyzyla
gaplaýmaly akyl beriji, terbiýeleýji sözüň hyzmatyny bitirdi.
Adatça, Ýewropa edebiýat nazaryýetçileriniň aýdýan bir pikiri bar,
hamana, şygryýet bilen gönümel didaktika, ahlak-etiki terbiýe bir ýere
sygyşmaýarmyş. Gündogar şygryýeti aslynda akylyň-paýhasyň şygryýeti. Onda
duýgudan, akyl–paýhas has agdyk gelýär. Magtymguly hem Gündogaryň beýik
akyldary hem-de şahyry. Şonuň üçin Günbatar edebiýatçylarynyň ol
tassyklamasy kime, nirä degişli bolsa bolar, ýöne ol Magtymgulynyň çeper
sözüne dahylly pikir däldir. Sebäbi Magtymgulynyň umumygündogar
şygryýetiniň çeperçilik däpleriniň öňündäki borçlaryndan başga-da, öz döwrüniň
öňünde hem şahyr hökmünde-de, akyldar hökmünde-de, şahsyýet hökmünde-de
beýik borjy bardy. Ol özüniň şol beýik borjuny kim ýerde akyldar bolup, kim
ýerde şahyr bolup, kim ýerde şahsyýet bolup, ýerine ýetirmeli boldy. Ol akyldar
bolup orta çykan ýerinde dünýä nyrh kesmek, jemgyýete baha bermek,
döwürdeşlerine akyl bermek, öwüt bermek, döwre baha bermek, adama baha
bermek bilen meşgul bolmaly boldy. Şonuň üçin şol döwrüň filosofiýasy-da
Magtymgulynyň çeper sözünde jemlendi.Magtymguluda hemme halatda şahyrana
pikir öwrüp oturmaga pursatam-puryja-da bolmady. Şol sebäplem şahyr islese–
islemese , öz pikirini gönümel didaktika bilen ýüze çykarmaly boldy:

Asla adamzada ajy söz urmaň,

158
Pakyra- misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,


Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil.
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.1

Şygyr ahyryna çenli şu ruhdaky öwüt-ündewlerden ybarat mazmuna eýedir.


Eýsem şygyrdan alnan şu bölejikde duş gelýän “ajy söz aýtma”, “pakyra-
misgine delalat et”, “bahyla barma, oňa güler ýüz berme”, “ýetimi göreňde, güler
ýüz bergil”, “eliňden gelse, oňa tagam-duz ber”, “gamgyny göreňde, şirin söz
ber”, “entäne hemaýat et” ýaly öwüt-ündewlerden we pähim-paýhaslardan
aňryda-da bir gönümel didaktika bolarmy? Elbetde, bolmaz. Onda eýsem bu
öwüt-ündewleriň gönümel didaktik häsiýetdeligi üçin, olaryň terbiýeçilik
ähmiýeti ýokmuka? Muňa ýok diýmäge milt edip biljek türkmen tapylmazmyka
diýýäris. Sebäbi bu hili gönümel didaktika bilen terbiýelenmek türkmen halky
üçin Magtymgulynyň şu goşgulary döredilmäkä hem mahsus terbiýe serişdesidi.
Ol türkmen bolanyň etine-ganyna siňen terbiýe. Şonuň üçin şahyryň şu hili akyl
beriji didaktik goşgulary döräli bäri halk onuň her bir setirini doga-tumar ýaly
boýnundan asyp, aňynda aýlap ýör, bagşylar olary aýdym edip aýdyp ýörler, halk
olary dilinden düşürmän, oturan-turan ýerlerinde “bu hakda Magtymguly şeýle
diýipdir” diýip, öz sözüniň dogrulygyny tassyklamak üçin ölçeg daşy hökmünde
ulanyp ýör. Onsoň hem bu öwüt-ündewler babatda şahyryň özünde hem,
gönümel didaktikalygyna garamazdan, olarda hiç bir çeper öwrümlere
ýüzlenilmändigine seretmezden, ahlak-etiki, estetiki taýdan okyjysyny
terbiýelemek maksatlaryna ýetendigine bolan ynam güýçli. Şeýle bolansoň
Magtymgulynyň bu öwüt-ündewleriniň okyjynyň aňyna ýetmän ýa-da siňmän
olara ahlak-etiki, estetiki taýdan täsir etmän, ýerde galmajagy düşnüklidir.
Şahyryň öwüt-ündewleriniň jemgyýetçilik hyzmatynyň diňe bir öz
döwürdeşleri üçin däl, şu günki okyjylar üçin hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.
Çünki çeper edebiýatda edebi keşbe siňen ideýa hökman, özüniň ahyrky
maksadyna–okyjynyň aň-düşünjesine, duýgusyna, onuň durmuşdaky
hereketlerine, işine, göreşine gönüden-göni ýa-da gyýtaklaýyn täsir edýär.
Magtymgulynyň şygyrlarynda-da öňe sürülýän ideýa liriki gahrymanyň çeper
keşbine siňmek bilen onuň çeper keşbini dünýä, döwre, adama baha kesip oturan
akyldaryň, öwüt-ündewçi, edep-terbiýe beriji dananyň keşbi şekilinde örboýa
galdyrýar. Bu şekil, bu gabara nusgalyk şekil, nusgalyk gabara. Durmuşda ömrüň
manysyna, adamyň mertebe borjuna dahylly elýetmez çelgi. Okyjyny şu çelgä
ymtyldyryp bilýän çeper söz terbiýeleýjilik gymmata eýe bolan sözdür.

1
Magtymguly. Saýlanan eserler, 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983. 167 sah.
159
Magtymgulynyň sözi döwürleriň çaň-tozanyndan has belentde şöhle saçýan, wagt
geçdigiçe, barha nurlanýan, kalplara mähir-muhabbet çaýýan jemgyýetçilik
ahmiýetli sözdür.
Çeper edebiýatda ýazyjy hakykaty döredijilikli özleşdirmek we
şöhlelendirmek bilen durmuşyň kanunalaýyklyklaryna, onda bolup geçýän
wakalaryň, hadysalaryň düýp manysyna diňe bir öz düşünişini beýan etmek bilen
çäklenmän, eýsem olara baha-da berýär. Şol baha beriş prossesinde ýazyjy eýýäm
öz okyjysynyň daşyna “tor gurýar” we çeper sözüň terbiýeleýjilik hyzmaty aşgär
hem gizlin halda ýüze çykyp başlaýar. Ýazyjynyň durmuş hakdaky
oýlanmalarynyň ahyr netijesi okyjynyň göz öňünde diňe guraksy maglumatlaryň
ýygyndysy hökmünde däl-de, edebi gahrymanlaryň pikirleri, duýgulary,
hyjuwlary we janly adamlaryň edim-gylymlary görnüşinde şöhlelenýändigi üçin,
ahlak-etiki, estetiki-emossional taýdan terbiýeleýjilik hyzmaty has täsirli bolýar.
Üstesine-de, çeper eseriň öňe sürýän ideýasy ýazyjynyň haýyr-sogap hakyndaky,
we ömür hem-de durmuşyň asyl manysy hakyndaky, adamyň jemgyýetiň
öňündäki mukaddes borçlary we onuň belent mertebesi hakyndaky, gözellik we
adamy bezeýän gözel sypatlaryň biri bolan ar-namyslylyk hakyndaky göz öňüne
getirmeleri bilen berk baglanyşykly bolansoň, okyjy üçin ýetmesi aňsat
bolmadyk, emma ýetilmeli bu maksatly pellehanalar örän albaýly bolup görünýär
we ol bu elýetmez borçlaryň öňünde özüni bergili hasaplaýar. Okyjyda şeýle
duýgynyň döremegi eýýäm çeper edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmatynyň alamaty,
onuň terbiýeçilik babatda ýetiren täsiriniň netijesidir.
Çeper edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmatynyň möhüm bölegi bolan ahlak-
etiki, estetiki-emossional taýdan terbiýeleýjiligi, esasan, gahrymanlaryň hereket
hem häsiýet babatda nusgalyk göreldesiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Sebäbi
ýazyjy özüniň durmuş hem jemgyýetçilik idealyny şeýle nusgalyk
gahrymanlarynyň keşbine siňdirýär. Nusgalyk gahrymanlar ýazyjynyň idealynyň
baýdak göterijileri bolmak hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şonuň üçin ýazyjy
özüniň ahlak-etiki, estetiki garaýyşlarynyň täsir ediji güýjüni şeýle nusgalyk
çeper keşplerde jemleýär. B.Kerbabaýewiň Artygy we Aýnasy, N.Saryhanowyň
Şükür bagşysy we Belmyrat agasy, B.Seýtäkowyň Saparmyrady, A.Gowşudowyň
Hoşgeldisi we Bahary, A.Kekilowyň Ogulnabady we Begenji, B.Amanow bilen
G.Burunowyň Keýmir köri, G.Muhtarowyň Allan agasy, Ý.Mämmediýewiň
Ataşir epesi bilen Togrul begi, A.Taganowyň Gowşut hany bilen Mamur ejesi,
B.Hudaýnazarowyň Aňkar agasy bilen Keýkeri, O.Ödäýewiň Togrul begi we
Altynjan hatyny, G.Berdimuhamedowyň Berdimuhamet Annaýewi we
Mälikgulusy şeýle nusgalyk çeper keşpleriň hataryny bezeýän gahrymanlardyr.
Bu nusgalyk edebi gahrymanlaryň göreldeli hereketleri, adamkärçilikli häsiýetleri
bütin bir nesliň terbiýesi bilen gös-göni dahyllydyr.
Çeper edebiýatda diňe bir oňyn häsiýetli gahrymanlar däl, eýsem
hereketleri, häsiýetleri ýazgarylýan tipler hem bar. Hatda satira, yumor ýaly tutuş
süňňi bilen üstünden gülünýän ýa-da ýazgarylýan çeper keşpli edebi žanrlar hem

160
bar. Eýsem şeýle çeper sözüň okyjyny terbiýelemeklige bolan gatnaşygy nähili?
Bu hili çeper tipler üstünden gülünýän ýa-da berk tankytlanýan, ýazgarylýan
gahrymanlar bolany üçin, olar okyjyda gülki döredýär ýa-da ýigrenç döredýär.
Şeýlelikde, olar okyjyda ýamany ýazgarmak duygusyny terbiýeleýär.
B.Kerbabaýewiň Pokgi walasy we Agsak mürzesi, A.Gowşudowyň Ýelli Zamany
we Gurt garty, H.Derýaýewiň Bekmyrat baýy we Suhan gatysy, N.Pommanyň
Eşşekgulusy we Taýlak hyzzyny. A.Durdyýewiň Bally mollasy we Han küýlüsi,
O.Ödäýewiň Ybraýym ynaly we ýene-de birtopar çeper tipler ýazgarylýan
gahrymanlar hökmünde okyjyda ýa gülki döredýär ýa-da gahar-gazap, ýigrenç
duýgularyny döredýär. Olar okyjyda ýamana barlyşyksyzlyk häsiýetini
terbiýeleýär.
Eýsem ýagdaý şeýle bolsa, onda käbir daşary ýurt alymlarynyň pikirine
görä, häzirki zaman habar beriş serişdeleriniň we innowassion tehnologiýanyň
ösen şertlerinde, olaryň örän çalt depginler bilen giň ulgamynyň döräp gidip
oturan ýagdaýynda çeper edebiýatyň möwritini geçirendigi hakyndaky
tassyklamalary bilen ylalaşmak mümkin däl. Olaryň pikiriçe, hamana, çeper
edebiýata güýmenip, wagtyňy bisarpa geçirenden innowassion tehnologiýalar
arkaly gözüň bilen görüp, hereketleri synlap ýa-da diňläp oturmak amatlymyş.
Şonuň üçin çeper eser okap oturanlardan görüp, seredip, synlap, diňläp
oturanlaryň sany barha artýarmyş.
Elbetde, ösen tehnologiýanyň täsirini inkär edip bolmaz. Durmuşda şeýle
adamlaryň hem ýeterlik bar bolmagy-da mümkin. Ýöne bu çeper edebiýat
babatda şeýle göwnüçökgün pikirlere gol ýapybermek düýbünden ýalňyşdyr. Hiç
bir ösen tehnologiýa sungatyň hiç bir görnüşiniň, şol sanda çeper edebiýatyň hem
ornuny tutup bilmez. Asla hiç bir sungat hem başga bir sungat görnüşiniň ýerini
tutup ýa-da onuň öwezini dolup bilmez. Eger şeýle ýagdaý dörese, onda sungatyň
görnüşleri baýlaşyp ýa-da artyp gidip oturman, olar sungat hökmünde
ýaşamagyny bes ederdi. Şükür, adamzat nesli beýle ýykgynçylykdan heniz örän
daşda. Bu bir. Ikinjiden, şahsyýetiň estetiki taýdan terbiýeleniş işinde adam heniz
synlamagyň, görmegiň seretmegiň, tomaşa etmegiň, diňlemegiň, okamagyň
hersiniň öz aýratyn lezzetiniň bardygyny tapawutlandyryp bilýär. Sungatyň her
görnüşiniň adam durmuşynda öz orny bar, hersiniň şahsyýeti estetiki taýdan
terbiýelemekde öz hyzmaty bar. Adamazat nesli olaryň hersiniň özboluşly
lezzetinden özüni mahrum edesi gelmez. Şonuň üçin çeper eser okamagy hem hiç
bir innowassion tehnologiýa formasy bilen, şeýle hem ony özge bir çeperçilik
taýdan täsir ediş ýa-da lezzet beriş serişdesi bilen çalşyryp bolmaz. Sebäbi ol
estetiki terbiýäniň we lezzetiň iň gadymy hem iň esasy formasy bolmak
ähmiýetini ýitirmän gelýär.
Okyjy çeper eser okaýarkä, ol ýazyjynyň döreden çeperçilik dünýäsi bilen
ýekme-ýek galýar. Ýazyjy bilen okyjynyň arasynda emele gelen bu ýüzbe-ýüzlük
çeper eseriň terbiýeleýjilik hem-de estetiki lezzet beriş hyzmatynyň ýüze
çykmagyna şert döredýär. Ýagdaý şeýle bolansoň okyjy ýazyjynyň döreden

161
çeperçilik dünýäsi bilen özüniň hakydasyndaky, aňyndaky, durmuş tejribesindäki
uzak ýyllaryň dowamynda döreden, kemala getiren dünýasi bilen, öz başdan
geçiren durmuş hakykaty bilen sazlaşykly, utgaşykly, hatda käte ony çeper eseriň
dünýäsiniň öwezine goýmak bilen estetiki lezzet alyp bilýär. Şeýlelikde, okalan
edebi eseriň çeperçilik dünýäsi okyjyda öz dünýäsiniň gaýtalanmasy ýa-da
şöhlelenmesi, hut öz başdan geçirmeleri ýa-da öz ykbaly, öz durmuşy ýa-da öz
hereketleri, öz arzuw-hyýallary ýa-da öz maksady ýaly duýgular döredýär we
çeper hakykat bilen hakyda hakykatynyň utgaşmasyna öwrülip gidýär. Bu ýerde
sungat eseriniň idealynyň okyjynyň öz idealyna öwrülip bilmek häsiýeti we
hyzmaty ýüze çykýar. Onsoň, üns berip görüň, kim öz zadyny ýitiresi geler ýa-da
kim öz zadyndan ýüz öwresi geler? Hiç kim. Şonuň üçin çeper edebiýata
okyjysyz galmak howpy hiç wagt hem abanmasa gerek.
Elbetde, okyjy üçin ýazyjynyň öz edebi eserinde döreden özboluşly
çeperçilik dünýäsinde ýaşamak we onuň gahrymanlarynyň yzyna eýerjek bolmak
hemme wagt mümkin bolmazlygy-da ahmal. Munuň üçin okyjynyň özi hem az-
owlak dörediji bolamlaydyr we ol öz göz öňüne getirmelerinde, pikirinde-
-hyýalynda şol çeper keşplere, ýazyjynyňky ýaly bolmasa-da, özüçe çeperçilik
dünýä döretmegi hem-de çeperçilik giňişlik döretmegi başarmalydyr. Okyjynyň
döredijilik prossesine şeýle döredijilikli gatnaşmagy bilen çeper edebiýat onda
döredijilik işine bolan ukyby açýar ýa-da onda estetiki-emossional taýdan
kämilligi kemala getirýär we gözellik duýgusynyň äňly-düşünjelilik taraplara
gönükmegini terbiýeleýär. Çeper edebiýaty yzygiderli okamak okyjynyň dünýä
hakda, döwür hakda, adam hakda pikir öwrüşiniň ösmegine täsir edýär. Onuň
sözleýiş medeniýetini kämilleşdirýär we söz goruny baýlaşdyrýar.
Eýsem akyly ýerindäki haýsy adam çeper edebiýatyň şu hyzmatlaryndan
peýdalanmakdan we özüni kämilleşdirmekden daşda durar? Hiç kim. Galyberse-
de, biz N.Saryhanowyň Welmyrat agasynyň kitaphonluk ruhunda terbiýelenen
nesiller. Elbetde, bu günki okumuşlaryň arasynda, Welmyrat aga ýaly, bir kitaba
guba düýesini çalyşjak bolup duranlaryň tapylmazlygy mümkin. Ýöne çeper
edebiýat özüniň ýokary ideýa-çeperçilik gymmaty bilen hiç wagt okyjysyz galjak
sungatyň görnüşi däl. Sebäbi onda ene süýdi bilen etine-ganyna siňen, ene
hüwdüsi bilen beýnisi bekän mähribanlyga ýugrulan çeper sözleriň gudratly
şiresini, tagamyny, öwüşginini sazlaşykly owazyny we ýene şunuň ýaly göze
görünýän-görünmeýän, gulaga eşidilýän-eşidilmeýän, ýöne heňňamlaryň
aňrysynda galyp, hakyda siňip galan aheňlerini, gözellik duýgularyny, akyl-
paýhas gatlaklaryny açýar. Okumuş okyjy hiç wagt özüni bu lezzetlerden
mahrum etmese gerek. Munuň üstesine hem okyjynyň akylyna-akyl, düşünjesine-
düşünje, paýhasyna-paýhas, duýgusyna-duýgy, hyjuwyna-hyjuw, ruhuna-ruh
goşýan, maksatlaryna aýdyňlyk çaýýan, edep-terbiýesine edep-ekram paýlaýan
çeper gymmatlykdan haýsy akyla uýup daş bolmalymyş. Çeper edebiýat özüniň
şu artykmaçlyklaryny ýitirmese, onda okyjy onuň baky hemrasy boljakdygyna

162
şübhelenmese bolar. Şonuň üçin käbir daşary ýurt alymlarynyň çeper edebiýatyň
geljeginiň ýokdugy baradaky samramalary düýbi–teýkary bilen ýerliksiz pikirdir.
Şu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýazyjy G.Berdimuhamedowyň bu
hakdaky ajaýyp pikirlerine salgylanmak ýerlikli bolardy. Ol özüniň
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde şeýle diýýär:
“Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasada goýýan hormaty aýratyn
bellenmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy: “Kitap okan
gullar manydan dokdur” diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-
muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden pure-pür bolýar. Kalp päkligi, paýhas
kämilligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam
bolsa ruhy garyplykdan ejir çekýär. Şoňa görä-de parasatly ata-babalarymyz
ýaşlara, şägirtlerine rowaýatlary, hekaýatlary, tymsallary aýdyp berip, olary
terbiýeläpdirler. Okamagyň sogaby hakynda heniz oglankam eşiden şeýle
mazmunly hekaýatym ýadyma düşýär.
Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de,
yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz, hiç işi ugruna
bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama
Muhammet al-Abiwerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgilliklerden halas
bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi
bilen gyzyklanypdyr. “Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň
uzadan ýerime ýetmegi beýle-de dursun, hatda ýekeje lukmany arkaýyn agzyma
ýetirip bilemok. Bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin?” diýip, ýere bakypdyr.
“Ýeri, bolýa, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?” diýip, alym ýene-de
oňa sowal bilen ýüzlenipdir. “Öz derdime başagaý bolup ýörşüme özgelere
ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme-de gelmändir” diýip, ýigit göwünli-göwünsiz
dillenipdir. “Ýeri bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap
okadyň?” diýip, alym sorapdyr. “Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym
bolandyr” diýip, ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. “Baý-bow, heý,
beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap
başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da
duýup bilmeýär. Atalarymyzyň aňymyza guýan şeýle öwütleri bar: Eger bir işiňiz
ugrukmasa, şu üç işi: ýagdaýyň boldugyndan sadaka bermegi, başardygyňyzdan
ýagşylyk etmegi we kitap okamagy berjaý ediň. Ana, şondan soň işiň ugrugyp
gidişine haýran galarsyň” diýip jogap beripdir.
Şu hekaýatyň mazmunyndan görnüşi ýaly, kitap okamak, ylym-bilimiňi
artdyrmak hem sogap, hem zeruryýet hasaplanýar. Şoňa görä-de biz gowy
kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýäris.”1
Biz Hormatly Prezidentimiziň şu sözlerine ýöne ýere ýüzlenmedik. Onda
çeper edebiýat bilen okyjynyň arasynda ýüze çykan we asyrlaryň dowamynda
kemala gelen okamak, öwrenmek bilen bagly asylly däbine hormat-sarpany
görýäris. Şeýle asylly däbi kemala getiren halk özüni hiç wagt çeper edebiýatyň

1
G.Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Aşgabat, TDNG, 2017, 27-28 sah.
163
ahlak-etiki, estetiki-emossional hyzmatlaryndan üzňe tutmajagyna ynanasyň
gelýär.
N.Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynyň gahrymany Welmyrat aganyň
kitaphonlyk babatda görkezen göreldesini ondan öň hem, soň hem gaýtalan ýa-da
gaýtalajak ýokmukä diýen pikir her bir okyjynyň aňynda orun aldymyka diýýäris.
Ýöne M.Haşaýewiň “Ýedi müň çakrym” romanynyň gahrymany Sähediň baryp
XVIII-XIX asyrlaryň sepgidinde kitaphonlukda görkezip ýören nusgalyk işleri
hem ondan peslär ýaly däl. Damaskda (Dymşykda) medresede okap ýören
Sähediň eline “Kodeks kumanikus” (“Adamkärçiligiň kanuny”) atly bir kitap
düşýär. Ol kitap şondan ýedi asyr öň türkmen dilinden latynça terjime edilen
kitaplaryň biri bolup çykýar. Sähet şu kitaby okap, öwrenmek maksady bilen
latyn dilini öwrenmek üçin ýurt söküp ýör. Ol, gadymy arap ertekileriniň
gahrymany Sindibat ýaly, deňiz-ummanlarda ýüzüp ýör. Sähet ýurtdan-ýurt aşyp,
deňiz-derýalardan geçip, latyn dilini öwrenýär, bu kitap babatdaky öz maksadyna
hem ýetýär. Ol kitap çeper eser däl. Şeýle-de bolsa ol ýedi asyr şondan öňki
türkmen aňynyň öňümi bolany üçin, ol Sähede örän albaýly bolup görünýär. Bu,
elbetde, Sähediň sözüň gudratyna teşneliginiň alamaty.
Welmyrat aga-da, Sähet hem türkmen ýazyjylarynyň çeperçilik zehinini
gozgalaňa salan gahrymanlar. Şonuň üçin N.Saryhanow hem, M.Haşaýew hem
bu seýrek duş gelýän kitaphonlyga baş goşan gahrymanlar hakda söz açman
durup bilmändirler. Kitap babatda şeýle nusgalyk hereketlere baş goşup,
türkmeniň çeperçilik dünýäsine aralaşan gahrymanlar hem (Welmyrat aga, Sähet)
türkmen. Olara çeper söz bilen ýadygärlik galdyranlar hem türkmen. Diýmek,
türkmen ýazyjysy hem, türkmen okyjysy hem heniz sözüň gadyryna gadyr
goýýan aň-düşünjä eýe. Olara bu häsiýetiň ata-babalardan aňyna guýlan we
ganyna siňen häsiýetdigini edebi-taryhy çeşmeler tassyklaýar. Şu günki türkmen
okyjysy hem şeýle ata-babalaryň nesli bolandygy sebäpli, türkmen üçin sözüň
hümmeti hiç wagt egsilmez. Bu bolsa çeper edebiýatyň ahlak-etiki, estetiki-
-emossional taýdan täsirinden türkmen okyjysynyň asla daşlaşmajakdygynyň,
onuň terbiýeçilik ähmiýetine uly sarpa goýýandygynyň alamatydyr.
Çeper edebiýat adamzadyň köp asyrlyk durmuş tejribesini özünde
jemleýär. Bu tejribäniň asyrlaryň dowamynda syntgylanan we sünnälenen
häsiýetleriň jemi bolandygy üçin, onuň nesil terbiýelemekde giň mümkinçiligi
bar. Ol okyjyny durmuşa taýýarlamak ruhunda terbiýelemekde ägirt uly hyzmaty
ýerine ýetirýär. Söz sungaty okyjynyň dünýägaraýşyny giňeldýär hem-de
çuňlaşdyrýar, ony ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Ol jemgyýetçilik bähbitli iş bilen
meşgul bolýan, asylly adamkärçilik sypatlary özünde terbiýelän, ýokary ideally,
döwrebap şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam edýär.

164
165
II. EDEBI PROSSESIŇ ÖSÜŞI
EDEBI PROSSES

Edebi–çeper prosses sungatyň özboluşly bir şahasynyň–söz sungatynyň


taryhy ösüş hereketidir. Ol söz bilen çeperçilik älemini we gözellik dünýäsini
döredýän sungatyň bir görnüşiniň–söz sungatynyň ideýa-çeperçilik giňişligidir.
Özüniň şu häsiýetli alamatlary bilen söz sungaty estetikanyň hem aýrylmaz bir
bölegidir. Sebäbi gözellik hakdaky ylym bolan estetika üçin edebi-çeper prosses
özboluşly bir çeşmedir. Estetika özüniň gözellik dünýäsi hakyndaky
kanunalaýyklyklarynyň birnäçesini edebi-çeper prossesiň gymmatly
ýadygärlikleriniň esasynda ýüze çykarýar. Şu babatdan ol estetika bilen aýrylmaz
baglylykda ýaşaýar.
Dialektikanyň kanuny boýunça dünýädäki ähli zatlar üznüksiz suratda
üýtgäp, özgerip durýar. Şonuň bilen baglylykda dünýäniň özi hem özgermek
prossesini başdan geçirýär. Eger has türküläp aýtmaly bolsa, çarhy-pelek
üznüksiz suratda aýlanyp dur. Çarhy-pelegiň girdabyndaky adamzat nesline hem
üýtgäp, özgerip, ösüp durmak häsiýetli. Adam özüniň onki süňňi bilen gözellik
dünýäsine baglananlygy bilen, aň-düşünje, akyl-paýhas, ruhy dünýäsi babatda
hem gözellige maýyllygy bilen, dünýäni gözelleşdirmäge bolan arzuw-islegi we
umydy-hyjuwy bilen joş urýar. Ýöne onuň gözellik dünýäsi we gözellige bolan
gatnaşygy hem bir ýerde doňup duran zat däl. Ol hem öz gezeginde ösýär,
giňeýär, çuňlaşýar, üýtgeýär. Başgaça aýtsak, gözellik öz tebigaty boýunça taryhy
düşünjeligini hemişe saklap galýar.
Gözellik bilen iş salyşýan edebi-çeper prosses hem şol özgerişlere
laýyklykda özüniň gözellik dünýäsine bolan gatnaşyklaryny üýtgedýär,
özgerdýär. Adamzadyň taryhy ösüş prossesi, şu ösüşe dahylly bolan durmuş
hakykaty bolsa umumy edebi-çeper ösüşi hereketlendiriji esasy güýçdir. Durmuş
hakykatynyň özgerişe, üýtgeýşe sezewar bolmagy adamyň öňünde täze-täze
çözülmeli meseleleri keserdip goýýar. Şol ýüze çykan we çözülmegine garaşýan
meselelere adam diňe bir öz durmuşyny gözelleşdirmegiň nukdaý nazaryndan däl,
eýsem dünýäni gözelleşdirmegiň nazaryýetinden çözgüt bermäge ymtylýar.
Edebi-çeper prosses özüniň esasy predmeti bolan adamyň şeýle gözellik dörediji
işini şöhlenendirmäge çalyşýar. Ol dünýäni, döwri, durmuşy, adamyň hut özüni
gözelleşdiriji personažlary nusga hökmünde öňe çykarmaga ýykgyn edýär. Bu
ymtylyş edebi-çeper prossesiň örküni gözellik dünýäsi bilen aýrylmaz suratda
baglap goýýar.
Edebi-çeper prossesiň ösüşiniň öz daşky hem içki kanunalaýyklary bar.
Onuň daşky ösüş kanunalaýyklyklary döwrüň syýasy-taryhy şertleri, durmuş
ýagdaýlary bilen baglydyr. Jemgyýetiň hem-de döwrüň taryhy şertleri, durmuş
ýagdaýlary edebi prossesiň ösüş, özgeriş, täzeleniş babatdaky hereketlendiriji
güýji bolup hyzmat edýär. Jemgyýetde durmuş ýagdaýynyň we taryhy şertleriň
özgermegi, onuň pese gaçmagy ýa-da ýokarlanmagy jemgyýetçilik
166
gatnaşyklarynyň üýtgemegine getirýär. Olar adamyň durmuş hakykatyna bolan
gatnaşygyny-da täzeleýär, hatda onuň gözellige bolan garaýşyna-da gönüden-
-göni täsir edýär. Munuň hakykatdan şeýledigini biz Garaşsyzlyk döwrüniň,
aýratyn-da onuň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş hakykatynyň
çeper hakykata öwrülip, döredilen täze döwrebap edebi eserleriniň mysalynda has
aýdyň görüp bilýäris. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň durmuşa bolan gatnaşygyny
täzeledi, gözellige bolan garaýşyny özgertdi. Ony millilik akabasyna tarap
gönükdirdi. Ýaşaýyş-durmuş gatnaşyklarynda sowetler döwründe ýetmiş ýyllap
dowam eden kollektiwleýinlik, umumylyk, eýesizlik, ortaklyk gatnaşyklarynyň
we ýörelgeleriniň ýerine hususylaşan eýeçilik gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy,
hemme zada öz zadyň ýaly eýeçilik gözi bilen garamak duýgusynyň oýanmagy,
ähli babatlarda öz eliň, öz ýakaň bolan erkinligiň döremegi, Türkmenistanyň
Prezidenti G.Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, türkmen halkyny “Garaşsyzlyga
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtyna” ýetirdi. Özüňi ata-babalaryň gan
döküp goran, der döküp gülleden ýurdunyň hakyky eýesidigiňi duýmak
jemgyýetçilik aňynyň täzelenişidir, has takygy, pederlerimizden miras galan
türkmençilik aňynyň gaýtadan oýanmagydyr, türkmeniň durmuşa bolan
gatnaşygynyň bütinleý özgermegidir.
Garaşsyzlyk türkmen halkymyň gözellige bolan garaýşyny hem,
gatnaşygyny hem özgertdi we täzeledi. Ol hemme babatlarda millilik nukdaý
nazaryna esaslanýan gözellik gatnaşyklaryny özüne baş ýörelge edindi. Sowetler
döwründe umumysoýuz bähbitlerinden ugur alýan, göräýmäge, hemmelere
degişli, emma hiç kime dahylly bolmadyk gözellik düşünjelerinden daşlaşyp,
milliligiň aýdyň ýoluna düşdi. Adamlaryň geýnişinden başlap, şäherlerimize
oba--kentlerimize görk berýän kaşaň-kaşaň köşki-eýwanlara, medeni-durmuş
maksatly ajaýyp binalara, halk hojalygy üçin niýetlenen dürli desgalara çenli milli
ruha ýugrulan arhitektura bezegleri bilen döwrebap görk açmagy munuň görer
göze guwanç şöhlesini çaýýan subutnamasydyr. Diýmek, millilik türkmeniň
gözellige bolan garaýşynyň döwrebap täzelenişidir we Garaşsyzlyk onuň maddy
hem ruhy çeşmesidir.
Elbetde, Garaşsyzlyk döwründe milli aňda ýüze çykan bu hili täzelenişler
we özgerişler edebi-çeper prossesiň hem ruhuny täzeledi. “Garaşsyzlyga
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” diýen ganatly sözler Hormatly
Prezidentimiziň ilkinji eseriniň ady. Edebi-çeper prosses ýazyjy G.
Berdimuhamedowyň bu kitabynyň adyny özüniň ideýa-çeperçilik gözleglerinde
baş ideal hökmünde aldy. Munuň hem özüne ýetik kanunalaýyk sebäpleri bar.
Sebäbi bu ideal Garaşsyzlygyň halka beren bagtynyň manysyny hemme
taraplaýyn özünde jemleýär. Bu ideal Graşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap,
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründen şu günlerine we ertirlerine çenli
aralykdaky döwrüň baş maksadyny özüne siňdirýär. Şonuň üçin edebi-çeper
prossesiň hereketi halkyň taryhy geçmişine ulaşyp gidýän ýola düşse-de, şu
gününe dahylly ideýa-çeperçilik gözleglere tarap gönükse-de, Garaşsyzlyga,

167
Watana, halka guwanmagyň, ony söýmegiň bagtdygy baradaky baş ideala
çeperçilik çözgüt bermäge çalyşdy.
Bu meselede edebi-çeper prossesiň iň işjeň žanry bolan şygryýet has öňe
saýlandy. Garaşsyzlyk döwrüniň şygryýeti, beýleki edebi žanrlar bilen birlikde,
bu döwrüň durmuş hakykaty hakda söz açan pursatynda ýokary ruhubelentlige
göterilen, buýsançly duýgulara ýugrulan çeper hakykaty estetiki taýdan
özleşdirmeli boldy. Sebäbi edebi-çeper prosses Garaşsyzlygyň halka eçilen bagtly
miweleri arkaly türkmeniň ata-baba arzuw edip gelen ideallaryndan hem ýokary
bolan durmuş hakykaty bilen ýüzbe-ýüz boldy. Täze döwrüň durmuş hakykatyny
şygyr dilinde, şonuň ýaly-da beýleki edebi-çeper žanrlaryň özüne mahsus bolan
dilinde wasp etmek tutuş edebi-döredijilik işiniň jana-jan wezipesine öwrüldi. Bu
işe diňe bir özüni öňden ýazyjy-şahyr hökmünde tanadyp ýörenler däl-de, eýsem
bütin halk gatnaşdy diýseň hem boljak. Bu aýratyn hem şygryýetde şeýle boldy.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýüze çykan täze durmuş hakykaty, onuň datly
miweleriniň tagamy tas tutuş türkmeni şahyr edipdi. Geň ýeri, bu döwürde
ýazylan şygyrlaryň ideýa–çeperçilik taýdan gowusyny-hordasyny dannamazdan,
metbugat hem öz sahypalarynda olara giňden orun berdi. Bu ýagdaý, elbetde,
gowşak goşgularyň hem döremegine sebäp boldy. Ýöne “Şahyr bollugynda şygyr
gytlygynyň” (D.Nuralyýew) ýüze çykandygyna garamazdan, olaryň hem öz
gezeginde türkmen aňynyň Garaşsyzlyk ideallary bilen baýlaşýandygynyň
subutnamasy hökmünde syýasy-medeni ähmiýeti bardy.
Dogry, munuň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda türkmen şygryýetinde
döwrüň durmuş hakykatynyň nä derejede ideýa-çeperçilik taýdan şahyrana
şöhlelendiriliş meselesiniň başga tarapydygyny nazarda tutmak bilen oňa göz
ýumaýsaň hem bolman duranok. Ýöne ol meseläniň iň möhüm tarapydygy, onuň
edebi prossesiň ýüzüni görkezýän tarapydygy weli bellenilmeli ýagdaý. Elbetde,
edebi-çeper prossesiň ösüşi döwrüň ösüşinden, özgerişinden yza galmaly däldigi
düşnükli zat. Döwür bilen aýakdaş gitmek edebi prossesiň kanunalaýyk
hereketidigi hem belli. Edebi prossesiň döwrüň çaňyna bulaşyp galmazlygynyň
hatyrasyna harsallyga ýol berilmeli däldigi hem kanunalaýyklykdyr. Döwrüň
durmuş hakykatynyň ýokary çeperçilikde şöhlelenme tapmalydygy baradaky
kanunyň hem edebi prossesiň ösüşiniň hereketlendirijisidigini-de hasapdan aýryp
bolmaýar.
Gepiň tümmek ýeri, dünýä hakda dünýäbap, döwür hakda döwrebap,
durmuş hakda durmuşabap, adam hakda adam kybap eser döredilmeli, ol hem
özüniň dogruçyllygy we ýokary çeperçiligi bilen okyjylara ideýa-estetiki taýdan
täsir etmeli, köpçülige döwre laýyk terbiýe bermeli, giň okyjylar köpçüligine
estetiki taýdan lezzet bermeli. Diňe şeýle hyzmatlary bitirip bilýän eserler edebi
prossesiň ösüşine täsir edip bilýär. Diňe şeýle edebi eserler çeper gymmatlyk
hökmünde wagtyň synagyndan geçip bilýär. Garaşsylyk ýyllarynda döredijilik
bilen iş salyşýan adamlara şeýle ýokary ideýa-çeperçilikli eserler döretmäge
daşky şertler, daşky kanunalaýyklyklar aňrysy-bärisi bilen döredildi. Garaşsyzlyk

168
hakykaty edebi prossesiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Ýöne ol Garaşsyzlyk
döwrüniň ösüş depginleriniň tizligine heniz hem eýerip bilmän barýar. Edebi
prosses Garaşsyzlygyň gazananlarynyň maglumat hasabyna bem ýetişmän gelýär.
Ýöne guraksy maglumat bermek bilen çäklenmek heniz çeper döredijiligiň
talaplaryna jogap bermek däldir. Durmuş hakykaty çeper hakykata öwrülmese, ol
entek çeper gymmatlyk hökmünde öz ýüzüni görkezip bilmeýär.
Belli bir taryhy şertde dörän ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy edebiýatyň,
sungatyň öňünde anyk talaplary goýýar. Sungat, edebiýat belli bir taryhy döwürde
şol anyk hem döwrebap talaplar bilen dem almaly, şolar bilen ýaşamaly bolýar.
Eger 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşy döwri edebiýatyň hem sungatyň
öňünde uruş temasyna ideýa-çeperçilik çözgüt bermek wezipesini goýan bolsa,
urşuň yz ýanyndaky ýyllar uruş zerarly, tozdurylan ýurdy dikeltmek, halk
hojalygyny parahatçylykly döwrüň talaplaryna görä iş alyp barmaga gönükdirmek
zerurlygy bilen bagly meseleleri öňe çykardy. Edebiýat we sungat işi hem bu
döwürde durmuşyň öňe süren şu meseleleri bilen iş salyşmaly boldy. Garaşsyzlyk
hakykaty edebi prossesden täze döwrüň derwaýys meselelerini çözmegi talap etdi
we edebi döredijilik işi şol möhüm meseläni çözmäge uly hyjuw bilen girişdi.
Elbetde, taryhy şertler ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertleri öz-özünden edebi-
-çeper prossesde täze bir çeperçilik açysy döredip bilmeýär. Döwür diňe wezipe
goýup bilýär, sungat bolsa şol öňe çykan meselä çeperçilik çözgüt berýär. Bu
ýagdaý söz sungatyna hem gönüden-göni degişlidir. Ýagdaý şeýle bolansoň söz
sungatynda ýüze çykan çeperçilik açyşlaryň örki öňden dowam edip gelýän edebi
däplere baglydyr. Edebi-çeper prossesde ýüze çykýan çeperçilik açyşlar diňe
edebi däplere daýanan halatynda çeperçilik gymmata eýe bolýar. Ýogsam ol açyş
okyjy tarapyndan doly hem dogry kabul edilip bilinmez, belki, okyjy onuň
çeperçilik açyşdygyny-da duýmaz ýa-da oňa düşünmez. Diýmek, söz sungatynda
öňden dowam edip gelýän edebi däpler edebi-çeper prossesiň taryhy ösüşiniň içki
kanunalaýyklylaryny emele getirýän bolmaly. Ol hakykatdan hem şeýle. Sebäbi
her bir täzelik ýa-da açyş, könäni inkär edýänligine garamazdan, ol haýsydyr bir
göze görünýän ýa-da görünmeýän “sapaklar” bilen könä örklüdir. Täzeligiň ýa-da
açyşyň öňüsyrasyndaky köne zat, iň bolmanda, täzäniň döremegine itergi bolan
ideýany berýär, garaz, haýsy-da bolsa bir zatlarda köne bilen täze bir-birine bagly
bolup galýar.
Ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň we taryhy şertleriň edebi-çeper prossesiň
öňünde goýýan talaplary hiç wagt öz-özlüginde edebi däplerden üzňelikde
çeperçilik açyş etmäge ukyply däldirler. Şertleriň diňe däpler bilen sazlaşyklykda
çeperçilik açyş etmäge mümkinçiligi bolýar. Diýmek, çeperçilik däpler söz
sungatynyň ösüşiniň, özgerişiniň içki kanunalaýyklyklaryny kemala getirijilerdir.
Ol kanunalaýyklyklar bolsa, öz gezeginde, edebi prossesi öňe hereketlendiriji
güýje eýedirler. Şonuň ýaly-da ol içki kanunalaýyklyklar umumy çeperçilik
ösüşiň, şol sanda edebi-çeper prossesiň hereketleniş ugruny, ýüze çykmaly
özgerişiň häsiýetli alamatlaryny we görnüşlerini kesgitleýjidir.

169
Şunlukda, edebi-çeper prosses döwrüň öňe çykaran durmuş meselelerine
(daşky täsirlere), bir seretseň, tabynlykda, bir seretseň, olar özbaşdaklykda ösýän
ýaly ýagdaý döreýär. Ýöne bu ýerde tabynlyk hem, özbaşdaklyk hem
otnositeldir. Edebi-çeper prossesiň ösüşine, onuň taryhy hereketine daşky täsiriň
(durmuş-ýaşaýyş we taryhy şertleriň), şeýle hem onuň içki ösüş kanunlarynyň
(çeper däbiň we täzeçilligiň özara gatnaşygy, edebi mirasyň we umuman,
mirasgeçijiligiň özara hyzmatdaşlygy) täsiriniň örän uludygyny inkär etmek
bolmaz. Edebi-çeper prossesiň ösüşine dahylly bolan daşky hem içki
kanunalaýyklyk deň derejede diýen ýaly biri-birini şertlendirip duran, biri-biri
bilen aýrylmaz suratda baglanyşykly bolan faktorlardyr.
Edebi-çeper prossesiň ösmegine we kämilleşmegine diňe daşky hem içki
faktorlaryň täsiri däl, eýsem döwrüň umumy medeni-ruhy däpleriniň täsiri-de
uludyr. Şonuň üçin sungatyň, şol sanda söz sungatynyň ösmegine jemgyýetçilik
aňynyň formalary bolan filosofiýanyň, taryhyň, syýasatyň, umuman ylmyň,
ahlak-etikanyň, hukuk ylmynyň, diniň gös-göni tasirini äşgär duýmak bolýar.
Eýsem edebi-çeper prosses bilen filosofiýanyň özara gatnaşygy hakyndaky
meseläniň türkmen edebiýatyndaky ýagdaýy nähilikä? Biz Gündogar
şygryýetiniň akyl-paýhas, öwüt-ündew hakyndaky şygryýetdigine öňki
bölümlerde göz ýetiripdik. Umumygündogar şygryýetiniň özboluşly bir milli
şahasy bolan türkmen şygryýeti hem öz köklerinden üzňe-hä däl, gaýtam, ol
öwüt-ündewçilikde, akyl-paýhas berijilikde, nesihatnamaçylykda Gündogar
halklarynyň hiç biriniň şygryýetinden pes oturmaýan şygryýete eýedir.
Aslynda, türkmen nusgawy şygryýeti hem, häzirki zaman şygryýeti hem
filosofik pikirleriň we akyl-paýhasyň şygryýeti hökmünde meşhurdyr. Bu ýagdaý
türkmen şygryýetiniň bütin ösüş taryhynda has äşgär duýulýar. Şonuň üçin
türkmen şygryýetine dahylly döredijilik wekilleriniň aglabasy hem şahyr, hem
akyldar kişiler hökmünde belli bolan şahsyýetlerdir. Aýratyn hem bu babatda
türkmen nusgawy şygryýetiniň wekilleri has-da tapawutlanýarlar. Olar özleriniň
dana pikir-oýlanmalaryna esaslanýan filosofik garaýyşly şygryýeti bilen edebi-
çeper prossesiň ösüşine uly goşant goşan şahsyýetlerdir. Nusgawy edebiýatyň
wekilleri şahyr hökmünde şygyr, poema, dessan ýazýarkalar, dünýä hakdaky,
durmuş hakdaky, döwür hakdaky, adam hakdaky filosofik garaýyşlaryny öz
eserlerine siňdirip, milli jemgyýetçilik pikiriň ösüşini şahyrana filosofiýa bilen
giňeltdiler we baýlaşdyrdylar. Beýik türkmen akyldary hem-de nusgawy şahyry
Magtymguly bu meselede özüniň kerwenbaşylyk hyzmatyny has äşgär ýüze
çykardy. Şonuň üçin onuň şygryýetinde şahyryň hem akyldaryň bitewi keşbi
kemala gelepdir. Onuň dana pikirleri hatda halk arasynda nakyla, atalar sözlerine
öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň akyldarlyk bilen aýdan pikirleriniň
birtoparynyň halk nakylydygyny ýa-da şahyryň öz pähim-paýhasynyň
miwesidigini hem biler ýaly däl. Bu ýagdaý Magtymgulynyň şahsyýetinde
şahyryň hem akyldaryň bitewilikde özüne jaý tapandygyny tassyklaýar. Bir
mysala ýüzlenip göreliň:

170
Bedasyl götermez bäş gün mesligi,
Kelpezä ýuwtdurmaz aždar maslygy,
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy.
Gahry gelse, depäň üzre daş döker.1

Eýsem bu setirlerde durmuşa we dünýä synçy nazar bilen garan akyldaryň


şahyrana ülňä salnan parasatly paýhasy, çuňňur filosofiýasy bilen ýüzbe-ýüz
bolýandygymyz ýokarda aýdanlarymyzy tassyklamaýarmy näme? Elbetde,
tassyklaýar. Oýnam setirde öňe sürlen filosofiýa dünýä hakda, durmuş hakda,
adam hakda ýazylan galyň-galyň kitaplaryň manysyny özünde jemleýär.
Göräýmäge, bu oýnam setiriň her birinde başga-başga pikirler, biri-biri bilen
baglanyşmaýan filosofiýa öňe sürlen ýaly. Ýöne bu düýbünden beýle däldir. Eger
her setirde bir pikir aýdylan bolsa (ýogsamam, şu çaka çenli Magtymgulynyň her
setirinde başga-başga pikir aýdýanlygyna gereginden artyk ünsi çekmek bilen
öwmäge çalyşdyk), onda bentde pikir dagynyklygy ýüze çykardy. Pikir
dagynyklygyna bolsa çeper döredijilikde ýol berilmeýär. Eger şeýle ýagdaý ýüze
çykaýsa, goý, ol bir setiriň içinde, bir bendiň içinde ýa-da bir eseriň (bu ýerde bir
goşgynyň) çäginde bolsun, tapawudy ýok, bitewilik ýiter, eser ezenegi agan hala
düşer. Muňa Magtymguly döredijilik şahsyýet hökmünde göz ýetirmedik bolsa,
onda onuň eserleri döwür dolandygyça barha beýle görk alyp gidip oturmazdy.
Şonuň üçin mysal alnan bu bentde hem, asla tutuş şygyrda hem pikir-de,
mazmun-da bitewidir.
Eýsem bu ýerde şol bitewilik nämedekä? Şu anyklanmasa, bendiň hem
tutuş şygryň hem filosofiýasyna düşündiriş berip bolmaz. Şu bentde-
-de, tutuş şygyrda-da betewilik bisereşgen durmuş hakykatynyň ýokary çeperçilk
derejede bir ýüpe düzülenliginde. Bitewilik – biri-birine çapraz gelýän zatlaryň
özara gapma-garşy goýulmagy netijesinde emele getirilen sazlaşykly pikir
ulgamynyň döredilendiginde. Şygyr tutuşlygyna, başdan-aýak bisereşgen
hakykata esaslanmak bilen başy çatylan bitewi filosofiýany öňe sürýär. Eger
mysal alnan bentden daşa gitmän, pikiri aýdyňlaşdyrmaly bolsa, onda ilki bilen
bu bentde ýüzlenilen bisereşgenlik hakykatynyň nämeden ybaratdygyny
anyklamaly bolar. Bu bentdäki bisereşgenlik–meslik bilen mesligi götermeýän
bedasylyň gapma-garşy goýulmagy arkaly ýüze çykarylan hakykatda, kelpeze
bilen oňa asla ýuwutdyrmajak aždar maslygynyň arasyndaky bişeýkellik
netijesinde ýüze çykarylan hakykatda, aýy hem-de onuň bilen dost bolmak
arkaly aljak “aklygyň” (“Gahry gelse, depäň üzre daş döker”) özara emele
getirýän bisazlyk hakykatynda. Şu bişeýkellikleriň bary jemlenip, bitewilikde
sazlaşyk filosofiýasynyň zerurlygy hakyndaky pelsepäni öňe çykakýar. Sazlaşyk
bolsa, elbetde, bütin barlygyň üýtgewsiz kanunydyr. Ony tebigat biziň gözümize

1
Magtymguly. Saýlanan eserler, 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 209 sah.
171
dürte-dürte tassyklap gelýär. Sazlaşygyň ýiten ýerinde, hökman, tebigy
bişeýkellik, hatda betbagtlyk emele gelýär.
Magtymguly hem bu şygrynda, ine, şeýle kataklizmleriň ýüze çykmak
howpunyň aradan aýrylmandygyny nygtamakçy bolýar. Şahyr hakykat ýüzinde
bir ýere sygyşmaýan durmuş hadysalaryny orta atmak bilen sazlaşygyň bozulýan
halatlaryna ünsi çekýär we hemme babatlarda sazlaşygyň zerurlygy hakdaky
dialektiki kanuna esaslanýan filosofiýany öňe sürýär. Diýmek, Magtymguly öz
şygrynda diňe bir mysal alnan bendiň setirleriniň şahyrana sazlaşygyny däl,
eýsem şygryň öňe sürýän pikiriniň barlyk filosofiýasynyň kanuny bilen
sazlaşdyrýanlygy üçin hem şahyrdyr, hem akyldardyr. Bu bolsa Magtymgulynyň
şahsyýetinde şahyryň we akyldarlygyň sazlaşygyndaky bitewiligiň
ýaşaýandygyny tassyklaýar. Şeýle hem biz bu ýerde edebi prossesiň filosofiýa
ylmy bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bardygyna anyk hem aýdyň göz ýetirip
bilýäris.
Edebi prossesiň ösüşine filosofiýanyň, syýasatyň, taryhyň, etikanyň we
beýleki ylymlaryň täsiriniň güýçlüdigine biz häzirki zaman edebiýatynyň
nusgalarynda has äşgär görýäris. Bu ylymlaryň her biri diňe öz-özlüginde ylmy
ulgam hökmünde çeper mazmunda öz beýanyny tapmakdan daşgary hem olar
adamyň dünýä hakdaky, döwür hakdaky, durmuş hakdaky, ynsan hakdaky duýgy-
düşünjelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak hyzmatyny ýerine ýetirmek arkaly
edebi-prossese täsir edýärler. Aýdaly, syýasat ylmynyň öňe sürýän meseleleri
diňe bir döwrüň syýasy ýagdaýyny wagyz etmek bilen bagly edebi prossesde
orun alman, eýsem ol, umuman, çeper söz sungatynyň wezipesine girýän dürli
meseleler bilen utgaşykly ýüze çykarylyp bilner. Ol diňe awtoryň maksadyna,
ussatlygyna, zehinine we idealyna baglylykda anyk bir meseläniň töwereginde
hem, köp dürli meseleleriň töwereginde hem öwrüm edip biler. Sebäbi syýasat
ylmynyň gozgaýan meseleleriniň özüniň köpdürlüligi bir tarapdan, syýasy
meseläniň galtaşýan ugurlarynyň köpdürlüligi hem ikinji tarapdan, muňa öz
täsirini ýetirýär.
Syýasat ylmy özüne degişli bolan ylmy gözleglerden başga-da, dünýäniň,
döwrüň, durmuşyň, adamyň zeruryýetleri bilen bagly meselelere-de galtaşykly
bolýar. Meselem, uruş we parahatçylyk, dostluk we doganlyk ýaly bir topar
meseleler döwrüň syýasy durmuşynyň çözülmeli wajyp meselelerdir. Şonuň üçin
islendik ýazyjy döwrüň syýasy meselelerini durmuşyň beýleki birtopar meseleleri
bilen utgaşdyryp, çeperçilikli çözgüt berip biler. Eýsem syýasy lirika diňe döwrüň
syýasatynyň çäginde ýaşaman, ol syýasy meseläniň esasynda dünýä, döwür,
durmuş we adam hakyndaky meselelere hem ýaýrap biler. Ol bu mesesleleriň
diňe biriniň çeperçilik çözgüdiniň töwereginde-de, hemmesiniň bilelikde alnan
ýagdaýyna hem çeperçilik çözgüt berip biler. Ýöne ol şunda bir mesele gozgasa-
da, köp meseläniň başyny agyrtsa-da, olaryň hemmesine syýasy öwüşgin
bermelidir. Sebäbi şygyr syýasy meseläni gozgaýan syýasy lirikanyň nusgasydyr.

172
Şahyr G. Seýitliýew öz döwründe syýasy lirikanyň ussady hökmünde edebi
prossese uly goşant goşdy. Ol “Dünýäniň ýaşlary” atly şygrynda şeýle pikiri öňe
sürýär:

Dünýäniň ýaşlary-ýaş ýürekleri.


Göteriň asmana al-baýdaklary!
Goşarlar birleşsin, gollar birleşsin,
Ýürekler birleşsin, diller birleşsin,
Dostlugyň baýdagy dabaralansyn,
Dünýäniň ýaşlary baky dost bolsun!

Dünýäni uruşdan, otdan goralyň,


Jenaýat edenden jogap soralyň.
Dünýäni tutmasyn eneleň zary,
Gyşa aýlanmasyn ömrüň bahary.
Dünýä gözelleşsin-bolsun gülüstan,
Parahatlyk bolsun dillerde dessan.

Dabaraly daglar dünýäň görküdir,


Daglardan-da belent ynsan erkidir.1

Bu şygyr dünýä ýaşlaryna ýazylan ýüzlenmäni ýatladýar. Elbetde, edebi


prossesiň ösüşinde şeýle äheňe ýugrulan eserler az däl. Şahyr G. Seýitliýew hem
bu şygrynda edebi prossesiň ösüşinde däbe öwrülen ideýa-çeperçilik ülňä gol
ýapýar. Ol bu şygrynda dünýäde baky dostlugyň dabaralanmagynyň zerurlygyna
ünsi çekýär. Şahyry bu äheňde söz açmaga mejbur eden mesele dünýäniň hiç bir
ýerinde uruş odunyň tutaşmazlygy bilen bagly bolan hakykatdyr. Şygyr dünýäde
parahatçylygyň höküm sürmegi üçin, dünýä eneleriniň zaryn sesiniň eşidilmezligi
üçin dünýä ýurtlarynyň ýaşlarynyň birleşmegini arzuw edýän ideala ýugrulypdyr.
Şahyr dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyny älem-jahanyň gülüstanlyga
öwrülmegi, dünýäniň has-da gözelleşmegi bilen bir hatarda goýýar. Şygyrda
gozgalýan meseleleriň hemmesi hem syýasy meselelerdir. Munuň üstesine-de
ýaşlaryň ýürekleriniň birleşmegi, olaryň dilleriniň birleşmegi, dünýäde ot
gorsaýan jenaýatkärlerden hasap soralmagy, adam ömrüniň gyşa däl-de, bahara
aýlanmagy ýaly birtopar goşmaça şahyrana-çeper detallara-da ýüzlenilýär.
Şygyrdaky bu şahyrana detallar-ýürekler, diller, jenaýatkärler, adam ömri, ömrüň
gyş hem bahar bilen bagly simwolik göz öňüne getirilmeleri ýaly çeper detallaryň
hemmesine syýasy-çeper öwüşgün berilýär. Olaryň her biri hem öz gezeginde
özbaşdak mesele hökmünde syýasy lirikanyň duýgy hem hyjuw badalgasy bolup
biljek meseleler. G.Seýitliýew bu meseleleri biri-birini şertlendirip duran syýasy
meseleler hökmünde orta atýar we bitewi öwüşgünli syýasy-çeperçilik çözgüt

1
G.Seýitliýew. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2011, 50 sah.
173
tapyp bilýär. Bu edebi prossesiň syýasat ylmy bilen baglanyşygynyň diňe bir
tarapydyr. Ol ýazyjynyň çeperçilik idealyna laýyklykda örän köp dürli
öwüşgünlerde ýüze çykarylmagy mümkin. Şol köp öwüşginlilik bolsa edebi
prossesiň ösüş taryhynda ýüze çykan çeper döredijilik işiniň köp öwüşginliligini
emele getirýär.
Edebi prossesiň syýasat ylmy bilen bagly şu hili köp öwüşginli gerim alşy
ýaly ol taryh ylmy bilen-de örän köptaraply gatnaşykda bolup bilýär. Munda
edebi prosses taryhy maglumatlara wakalaýyn, hereketleýin, hatda duýgulaýyn
anyklyk bilen hem ýüzlenip biler, oňa umumy taryhy ýagdaýyň ýüze
çykarylmagy bilen bagly hem ýüzlenip biler. Şahyr B. Hudaýnazarow meselä iki
röwüşde-anyk hem umumy röwüşde çemeleşmegiň hem ussady:

Bu topragyň ogly bolup ýaşamak.


Ýeňil iş-ä däldir söwer ogullar.
Siziň babaňyz-a Magtymguludyr,
Bilýärsiňiz, aňryňyzam oguzlar.

Müň gowgany geçirendir başyndan


Bu topragyň dereleri, kölleri.
Göroglular, Keýmir körler bolupdyr
Bu topragyň beýik penakärleri.

Bilýänsiňiz, bu topraga siňipdir,


Zakgun ýaly ajy ýaşlar, al ganlar,
Umydyny size goýup gidipdir,
Bu topragyň agysyny aglanlar.

Bu topragyň ogly diýdirmek üçin


Çabgajyk däl, siňňin ýagyş bolmaly.
Awusy, agysy, namysy bolup,
Onki süňňüň bilen bagyş bolmaly. 1

Görnüşi ýaly, bu şygyrda anyk bir taryhy wakanyň ýa-da uly bir taryhy
hadysanyň gürrüňi ýok. Gürrüň, umuman, atalaryň geçen şöhratly ýoluna
wepalylyk hakda mesawy söhbete çalymdaş. Muňa garamazdan, şygyrda ata-
-babalaryň heňňamlary sarsdyran we asyrlara ýaň salan edermenlikleriniň hem-de
gahrymançylykly göreşleriniň umumy taryhyna esaslanýan şahyrana söz bar.
Şygyr tutuşlygy bilen şu günki nesillere - “söwer ogullara” ýüzlenme äheňine
ýugrulypdyr. Bu şahyarana “ýüzlenmede” ata-babalaryň şöhratly ýolunyň
mukaddesligi üçin, ony mynasyp dowam etdiriji bolup ýetişmeklige çagyryş
äheňi aýdyň duýulýar. Munuň üçin şahyr geçmiş taryhymyzda şöhratly yz

1
B. Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 17 sah.
174
galdyran taryhy şahslaryň (Oguzhanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň, Keýmir
Körüň) atlaryny dile almak bilen olary şu günki nesillere Watany, mukaddes
topragy söýmegiň belent nusgasy, aýdyň göreldesi hökmünde orta çykarýar.
Şahyr Watana, ile-güne, mukaddes topraga hyzmat etmegiň mekdebini miras
goýan şol taryhy şahsyýetleriň mertebesini belende galdyryp, olary şu günki,
awtoryň aýdyşy ýaly, “gözleri ýip-ýiti, sesleri gaty” söwer ogullara az-kem igenç
gatançly öwüt-ündew bilen ýüze çykarýar. Şygyrda şahyrana mazmun halkyň
taryhy geçmişi bilen utgaşykly ösüşe eýe bolup, şu günki nesli watançylyk ruhda
terbiýelemegiň hatyrasyna ýaýbaňlandyrylýar. Magady, taryh şu güne hyzmat
etdirilýär. Edebi prossesiň ösüş ýolunda taryh bilen söz sungatynyň şeýle
sazlaşykly gatnaşygynyň aýdyň mysallaryna häli-şindi duşýandygymyz
kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu kanunalaýyklyk edebi prossesiň islendik döwri üçin
ýörgünli kanun bolup öňe çykýar. B. Hudaýnazarow hem bu goşgusynda şol
kanunalaýyklygyň çäginden çykman söz açýar.
Bu ýagdaý diňe bir lirika däl, çeper edebiýatyň beýleki žanrlaryna hem
mahsus alamat. Belki, kyssa we drama žanrlary halkyň taryhy geçmişine liriki
eserlerden has köpräk ýüzlenýän bolmagy-da mümkin. Edebi-çeper žanrlaryň
hemmesi taryha ýüzlenmek bilen bir maksady göz öňünde tutýarlar. Olaryň
hemmesi hem halkyň taryhy geçmişine diňe bir taryhy wakalaryň mazmunyny
açmak ýa-da ony çeper beýan etmegiň hatyrasyna däl-de, olary şu günüň
ideallaryna hyzmat etdirmegiň zerurlygyndan ugur almak bilen şöhlelendirmäge
çalyşýarlar. Edebi prossesiň taryhy ösüşi muny doly tassyklaýar. Söz sungaty
bilen taryhyň şeýle gatnaşygynyň edebi prossesiň ösüşinde özbaşdak bir
çeperçilik gatlak hökmünde yz goýup ýatandygy hem munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Ýöne şu ýerde aýratyn nygtamaly bir ýagdaý bar. Taryhy hakykatyň edebi
prossese aralaşyşy her žanryň öz çeperçilik mümkinçiliginiň çäginde amala
aşyrylyp bilinýändigi hem özboluşly kanuny tertipdir. Şonuň üçin dürli žanrlarda
taryhy hakykatyň çeper hakykata öwrüliş prossesi dürlüçedir. Muny, elbetde, her
žanryň öz çeperçilik tebigaty talap edýär. Şu talaplara görä, lirikada çeper
mazmunyň, köplenç, liriki gahrymanyň duýgulary bilen sazlaşyp çykmagy
şertdir. Bardy-geldi lirikada mazmun taryhy wakanyň esasynda ösdürilýän hem
bolsa, ol ýerde mazmunyň wakalaýyn ösüşi onuň duýgulaýyn ösüşinden üzňe-hä
asla bolup bilmez, gaýtam, duýgy mazmunyň ösüşine itergi berýän esasy güýç
bolup öňe çykar. Bu hem žanryň tebigatyndan gelip çykýan kada-kanundyr.
Duýgy kyssa esrleri üçin-de ýat bir zat däl. Ýöne lirikada duýgy wakany
açýan bolsa, kyssada gahrymanyň hereketleri bilen bagly ýüze çykýan wakalar
gahrymanyň duýgulaýyn “hereketini” ýüze çykarýar. Başgaça aýtsak, duýgy
waka döretmeýär-de, waka duýgy döredýär. Ol kyssa eserleriniň diňe taryhy
mazmuna ýüzleniş aýratynlygy däl, umuman, islendik temany gozgaýan kyssa
eserlerine hem häsiýetli bolan alamatdyr. Drama žanrynda bolsa gahrymanyň
dyýgusy-da, hereketi-de gepleşik üsti bilen ýüze çykarylýar. Garaz, söz

175
sungatynyň aýry-aýry ylymlar bilen, şol sanda taryh ylmy bilen gatnaşygy hem
dürli žanrda dürli hili şöhlelenme tapýar. Bu dürli-dümenlik diňe bir žanr
aýratynlygy bilen bagly däl, eýsem ýazyjynyň öňde goýan maksadyna-da, gulluk
edýän idealyny-da baglydyr. Şeýlelikde, edebi prossesiň ösüşini ylmyň ösüşinden
üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Ol özüniň bütin taryhy ösüş ýolunda ylmy
progresiň ösüşi bilen ýakyn aragatnaşykda ösýär we ol bu kanunalaýyklyga
hemme döwürlerde hem boýun egmäge çalyşýar.
Edebi prosses taryhy prossesdir. Şol bir wagtyň özünde hem ol döwrebap
prossesdir. Eger edebiýatçynyň adaty düşünjesi bilen garasak, onda “taryhy” hem
“döwrebap” sözlerini birbada bir ýerde bir zat hakynda ulanyp bolmajak ýaly
“görünýär”. Çünki “taryhy” diýen sypat diňe taryhy temaly edebi eser babatda
ulanylýan adalga ýaly (meselem “taryhy roman”), “döwrebap” diýen söz bolsa
häzirki zaman ýa-da şu günüň temasyna ýüzlenilip döredilen edebi eser babatda
ulanylýan adalga (meselem “döwrebap eser”) ýaly pikiriň döremegi kanunydyr.
Şundan çen tutsaň, olar edebiýat işiniň dürli polýuslaryna degişli adalgalar ýaly
bolup görünýär. Eýsem onda, göräýmäge, biri-birine gapma-gaşylykly
manylaryna garamazdan, olary “neneňsilik bilen birbada şol bir zat hakynda deň
derejeli özboluşlylyk hökmünde ulanyp bolýarka ýa-da nähililik bilen şol bir
prosses (edebi prosses) hem taryhy, hem şu günki bolup bilýärkä?” diýilmegi
mümkin.
Munuň, elbetde, ýönekeý düşündirişi bar. Birinjiden, bu adalgalaryň köki
”taryh” hem “döwür” diýen biri-birine many taýdan örän ýakyn sözlerden
gaýdýar. Bu bolsa olaryň biri-birinden juda bir many babatda daşdaky sözler
däldigini tassyklaýar we bize bu adalgalara bir bitewi düşünje hökmünde
garamaga mümkinçilik berýär. Ikinjiden, edebi prossese, isleseň-islemeseň,
taryhylyk hem, döwrebaplyk hem mahsus alamat. Şonuň üçin edebi prossesiň bu
özboluşly alamatlaryny nygtaman geçmek bolmaýar. Üçünjiden, edebi prossesiň
taryhylygy onuň döwrebaplygynyň, döwrebaplygy bolsa onuň taryhylygynyň
özboluşly şertlendirijisidir. Döwrebaplyk bilen taryhylyk edebi prossesiň
ösüşinde biri-birini inkär ediji ýa-da ýok ediji häsiýete eýe däldir. Tersine, olar
biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän özboluşlylyga eýedir. Eger olara edebiýaty
öwreniş ylmynyň adalgasy hökmünde seretmän, umumylykda garasak,
döwrebaplyk, hakykat ýüzünde, taryhylykdyr, taryhylyk hem döwrebaplykdyr.
Sebäbi şu gün hem özboluşly taryhdyr ýa-da şu günki taryhdyr, ertire çykylsa,
eýýäm ol düýnki taryhdyr. Taryh hem öz gezeginde biziň düýnümiz hem şu
günümizdir. Taryhyň sapaklaryny hasaba alman, şu güni gözelleşdirmek ýa-da şu
günde gowy durmuş-ýaşaýyş derejesini üpjün edip bolmaýandygyna göz ýummak
dürs däl. Bu jemgyýetiň taryhy ösüşiniň kanunalakyklygy. Edebi prosses hem
tebigy suratda düýnki günüň çeperçilik sepgitlerinden üzňelikde ösüp bilmez.
Şonuň üçin döwrebap çeper eser taryhylyk häsiýetine eýedir, taryhylyga eýe
bolan edebi eser bolsa döwrebap eserdir. Edebi prossesiň taryhylygy we

176
döwrebaplygy aýry-aýry taryhy zamanlarda döredilen çeper eserleriň taryhylyk
hem-de döwrebaplyk babatdaky ideýa-çeperçilik gymmatyna baglydyr.
Eýsem edebi prossesiň taryhylygyny ýa-da döwrebaplygyny nähili
kesgitlemeli? Bu ýerde, ilkinji nobatda, taryhylyk hem döwrebaplyk
düşünjelerine aýry-aýry düşünjeler hökmünde däl-de, bir bitewi çeperçilik
prosses hökmünde garaýandygymyza ünsi çekesimiz gelýär. Edebi prossesiň
taryhylygy ýa-da döwrebaplygy çeper eseriň taryhylygy ýa-da döwrebaplygy
däldir. Edebi prosses wagt hem giňişlik babatda aýratyn alnan bir çeper eserden
has tapawutlydyr. Çeper eserden tapawutlylykda edebi prosses wagt taýdan hem,
giňişlik babatda hem örän ýaýbaň ýa-da ýaýraň düşünjedir. Şonuň üçin taryhylyk
we döwrebaplyk düşünjelerine bu meselede (edebi prossesde) taryh hem döwür
düşünjeleri ýaly wagt hem giňişlik ýaýbaňlygynda garaýandygymyzy
nygtamakçy bolýarys. Şu nukdaý nazardan edebi prossesiň taryhylygyny we
döwrebaplygyny “taryh” hem “döwür” sözleriniň giňlik ölçeglerine salyp
garamakçydygymyzy ýatladýarys. Edebi prossesiň taryhylygy we döwrebaplygy
gönüden-göni şuny talap edýär.
Edebi prossesiň taryhylygyny we döwrebaplygyny onuň ösüş hem özgeriş
ýolunyň döwürlere bölünişinden üzňe düşündirmek mümkin däldir. Edebi-çeper
prossesiň ösüş ýoluny döwürleşdirmek işini hem edebiýatyň taryhyndan üzňe
amala aşyryp bolmajakdygy düşnüklidir. Şonuň üçin edebi prossesiň ösüş
taryhyny söz sungatynyň ösüş taryhynda ýüze çykan ululy-kiçili çeperçilik
hadysalaryň hemmesini hasaba almak, şonuň bilen aýrylmaz suratda baglylykda
döwürleşdirmek zerurdyr. Şeýle diýmek bilen biz edebi prossesiň ösüş taryhyny
täzeden döwürlere bölmek niýetimiz ýok. Dogrusy, ol biziň wezipämize-de
girenok. Şeýle-de bolsa edebi prossesiň häzirki döwürleşdirilişi babatda käbir
garaýyşlarymyzy aýdyp geçmegi dogry tapýarys.
Edebi prossesi döwürlere bölmek işi çylşyrymly meseleleriň biridir. Bu
meseläniň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgüdini tapmak üçin ilki bilen edebi
prosses döwürleşdirilende, haýsy ýörelgelerden ugur almalydygy
kesgitlenmelidir. Häzirki edilişi ýaly, diňe taryhy-hronologik tertip boýunça
döwürleşdirmek ýörelgesinden ugur almalymy ýa-da çeper edebiýatyň içki ösüş
kanunalaýyklyklaryndan ugur almalymy, ýa-da edebi usullaryň (metodlaryň)
çalyşmagy ýaly düýpli özgerişlerden ugur almalymy, garaz, meselä dogry
çemeleşmäniň ugruny tapmaly bolýar. Edebi prossesiň ösüşini
döwürleşdirmekde, elbetde, taryhy-hronologik tertip saklanmalydyr. Şu wagta
çenli ol şeýle hem edilip gelindi we häzir hem şol döwürleşdiriş ýörelgeleriniň
netijesi öz ýaşamagyny dowam edýär. Edebiýat taryhçylary çeper prossesiň ösüş
ýoluny şu aşakdaky tertip boýunça döwürleşdirip gelýärler:

1. Gadymy döwür türkmen edebiýaty.


2. Orat asyrlar türkmen edebiýaty.
3. ХVIII asyr türkmen edebiýaty.

177
4. ХIХ asyr türkmen edebiýaty.
5. ХХ asyr türkmen edebiýaty.

Eger şu döwürleşdiriş ýörelgesinden ugur alsaň, onda häzirki döwür edebi


prossesi hem ХХI asyr türkmen edebiýaty bolmaly.
Bu döwürleşdiriş ýörelgesi edebi prossesiň içki ösüş kanunalaýyklaryny
hasaba almaýar. Şonuň üçin eger ХIХ asyr türkmen edebiýaty ХVIII asyr
türkmen edebiýatyndan haýsy aýratynlygy boýunça özbaşdak döwür bolmaga
kanuny hukugy bar diýen sorag ýüze çykaýsa, oňa ylmy taýdan akylly-başly
düşündiriş bermek öran kyn bolar. Şeýle kynçylyk beýleki döwürler babatda
sorag ýüze çyksa-da döräp biler. Diýmek, edebi prossesi döwürleşdirişiň bu
ýörelgesi käbir halatlarda ylmy esaslardan sowa geçýän bölünişdir.
“Türkmen edebiýatynyň taryhynda”1 edebi prossesiň döwürleşdirilişinde
asyrlara, onýyllyklara bölünenliginden daşgary, “türki dildäki edebiýat”, “parsy
dildäki edebiýat” diýen ýaly böleklere-de bölünýär. Bu edebi prossesiň
döwürleşdirilişini taryhy-hronologik tertip boýunça bölmek däl-de, dil tapawudy
nazarda tutulmak bilen döwürleşdirmekdir. ХХ asyr türkmen edebiýatynyň hem
öz içki döwürleşdirilişi şundan elhal däl. Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, edebi
prossesi döwürlere bölmekde diňe taryhy-hronologik tertipdäki bölüniş
ýörelgesine eýermek hemişe dogry ylmy netijeleriň üstünden eltmeýändigi belli
bolýar.
Şoňa görä bu meseläniň ylmy çözgüdini tapmaklygy diňe bir taryhy-
-hronologik ýörelgä baglap goýmak dogry däldir. Edebi prossesiň ösüş taryhyny
döwürlere bölmekde gerek ýerinde, elbetde, taryhy-hronologik ýörelgeden hem
ugur alyp bolar. Ýöne bu meselede başga bir ýagdaýy hem nazarda tutmaly.
Sebäbi edebi prossesiň ösüşi hemme döwürlerde birsydyrgynlyk, siňňinlik ýa-da
endiganlyk bilen dowam edip durmaýar. Çeper prossesiň uýgun ösýän döwürleri
hem bolup biler, garaşylmaýan, ýöne kanuny ýagdaýda bolaýmaly böwsüş bilen,
sil ýaly joşgun bilen ösýän döwürleri-de, gaýtgynly döwürleri-de bolup biler. Bu
kanunalaýyk ýagdaý. Çünki bu hili edebi hadysalar çeper prossesiň içki
kanunalaýyklyklary bilen, daşky täsirleri bilen bagly ýüze çykyp bilýän ösüş-
özgerişlerdir. Şu hili ýagdaý wagt taýdan az möhlet hem dowam edip biler, şonuň
ýaly-da ol köp-köp asyrlara barabar uzak-uzak taryhy döwürleri hem öz içine
alyp biler.
Şunuň bilen bagly şeýle bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. ХХ asyryň orta
gürplerinde ýüze çykan edebi prossesi Dikeldiş döwrüniň edebiýaty diýip
atlandyrýarys. Bu at syýasy-taryhy taýdan hem, edebi-taryhy babatda hem adyna
gabat gelýän döwür. Ýöne bu göräýmäge şeýledir. On ýyl töweregi möhleti
(1946-1956) öz içine alýan bu edebi döwrüň ýarpy möhleti “konfliktsizlik
teoriýasynyň” täsirinde dörän edebi döredijilikdir. Şonuň üçin Dikeldiş döwrüniň

1
Türkmen edebiýatynyň taryhy. 1-6-njy tomlar. Aşgabat, “Ylym”, 1975-1984.
178
edebiýaty bilen “konfliktsizlik teoriýasynyň” täsiri astynda dörän edebi-çeper
gatlak bütinleý biri-birinden tapawutlydyr. Şonuň üçin edebi prossesiň ösüşini
diňe wagt ölçegleriniň çygryna salyp, ugralla döwürleşdirmän, edebi prossesiň
ösüşiniň häsiýetli alamatlaryny-da, has takygy, onuň içki ösüş
kanunalaýyklyklaryny-da, hasaba almak bilen döwürleşdirmek dogrudyr.
Şeýdilse, bir asyryň ýa-da bir onýyllygyň dowamynda iki ýa-da belki, ondan-da
köp edebi döwrüň ýüze çykaýmagy mümkin. Şonuň üçin Dikeldiş döwrüniň
edebi prossesiniň içinde “konfliktsizlik teoriýasy” döwrüniň edebiýaty diýlen
döwri hem özbaşdak edebi döwür hökmünde öňe çykaryp döwürleşdirmek
maksada laýykdyr. Sebäbi “konfliktsizlik teoriýasynyň” täsiri bilen dörän edebi-
çeper gatlak özüne mahsus aýratynlyklara eýe bolan döwür hökmünde çeperçilik
prossesiň ösüşinde özbaşdak gatlak bolup yz galdyrdy. Muny hasaba almazlyk
edebi prossesiň döwürleşdirilişi ýaly möhüm meselä başdan sowma
çemeleşmekden başga zat däldir.
Şonuň üçin edebi prossesiň ösüş taryhy döwürlere bölünende, onuň içki--
daşky ösüş kanunalaýyklyklary bilen bagly ýüze çykýan özgerişleri-de hasaba
almak maksada laýykdyr. Şunda ol edebi döwre sene bilen bagly (meselem,
otuzynjy ýyllaryň edebiýaty we ş.m.) at goýup oturmagyň zerurlygy-da aradan
aýrylýar. Bu hili edebi döwürler ýüze çykan çeperçilik hadysanyň ady bilen
döwürleşdiriläýse-de nädogry bolar öýdemizok. Meselem, edebiýatyň içki ösüş
kanunlaryna laýyk gelse-gelmese, ХVIII asyr edebiýaty ýa-da ХIХ asyr
edebiýaty diýip döwürleşdirip durman, hamana aýdaly, “Magtymguluçylyk
mekdebiniň edebiýaty” diýäýmek hem bolar. Sebäbi bu asyrlaryň edebi
prossesiniň aýry-aýry döwürlere böler ýaly aýry ideýa-çeperçilik ruhy ýok.
ХVIII–ХIХ asyr edebi prossesiniň bitewi ruhy bar. Olar biri-biriniň logiki
dowamy bolan çeperçilik giňişlikdir. Şonuň üçin olary aýry-aýry edebi döwürler
hökmünde döwürleşdirmek ýasama bölmeklik bolýar. Bu asyrlar süňňi-süýegi
bilen, ideýä-çeperçilik ruhy bilen bir bitewi göwräni ýatladýan edebi prossese eýe
bolan asyrlardyr. Bir bitewi göwräni ikä bölmek bolsa göwräni parçalamakdyr.
Munuň tersine, ХХ asyryň edebi prossesini bolsa üç bölege bölüp,
döwürleşdirmek maksada laýykdyr. Sebäbi ХХ asyryň dowamynda edebi prosses
üç sany edebi döwri başdan geçirdi. Bu asyryň çeperçilik dünýäsiniň içki ösüş
kanunalaýyklyklaryna görä agzalan ýüzýyllygy üç döwre bolmek mümkin. Özem
bu mümkinçilik syýasy-jemgyýetçilik hem-de taryhy-hronologik taýdan
şertlendirilen kanunalaýyklyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Şoňa laýyklykda ХХ
asyryň edebi çeper prossesini Baknalyk döwrüniň türkmen edebiýaty (1881-
-1917), Türkmen sowet edebiýaty. (1917-1991), Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen
edebiýaty (1991-den şu günlere çenli) diýip döwürleşdirmek kanunalaýykdyr.
Şeýle döwürleşdirmek taryhy döwre-de, edebi döwre-de laýykdyr. Gepiň
gerdişine görä aýdylsa, Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýatyny hem öz
içinde ýene Galkynyş ýa-da geçiş döwrüniň türkmen edebiýaty (1991-2006),
Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler döwrüniň türkmen edebiýaty (2006-

179
-2012), Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň türkmen edebiýaty ýa-da
gysgaça Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen edebiýaty şekilinde döwürleşdirip
bolýar. Şeýdilse, edebi prossesiň ösüş taryhyny döwürleşdirmek işine taryhy-
hronologik ýörelge-de, edebi-taryhy ösüşiň içki kanunalaýyklyklaryny nazarda
tutýan ýörelge-de deň derejede işe girizilýär. Şeýleleikde, edebi prossesi
döwürleşdirmek işine iki ýörelge-de deň derejede şärik bolýar.
Hemme taraplaýyn esaslandyrylan ýörelgeler arkaly döwürleşdirmek edebi
prossesiň taryhylygyny we döwrebaplygyny doly aýdyňlaşdyrmaga hem-de ylmy
taýdan dogry netijelere gelmäge ýol salgy berýär. Şu ýagdaýy nazarda tutsaň,
edebi prossesiň ösüşini döwürleşdirmek işiniň örän jogapkärli we möhümligi has
äşgär bolýar. Edebi prossesi döwürleşdirmek meselesi hakynda ýörite gürrüň
edenligimiziň sebäbi hem şundan gelip çykýar. Eger edebi prossesiň ösüşiniň
döwürleşdirilişinde nädürslük bolsa, şol döwrüň edebi-çeper gymmatlyklrynyň
taryhylyk hem döwrebaplyk sypatlaryny hem dürs kesgitläp bolmaýar. Şonuň
üçin her edip-hesip edip, edebi prossesiň döwürleşdirilişinde belli derejede
anyklyk gazanmak edebiýaty öwreniş ylmynyň diňe bähbidine boljakdygy
düşnükli bolsa gerek.
Edebi döwür, elbetde, taryhy döwrüň önümi. Başgaça aýtsak, taryhy döwür
edebi döwri döredijidir ýa-da edebi döwür taryhy döwrüň içindedir. Şu sebäpli
edebi döwür hem, taryhy döwür hem edebi prossesiň ösüşine gös-göni täsir edýär.
Hut şunuň üçin hem çeper prosses edebi-taryhy döwrüň önümi hökmünde kemala
gelýär. Ol edebi döwrüň hem, taryhy döwrüň hem aýratynlyklaryny we özboluşly
alamatlaryny özüne siňdirýär.
Edebi prossesiň ösüş kanunlaýyklyklary özünden öňki döwürleriň edebi-
çeperçilik ösüşiniň we öz döwrüniň taryhy ösüşiniň kanunalaýyklyklary bilen
sazlaşyklydyr. Edebi prosses taryhy döwrüň durmuş hakykatyny çeper hakykata
öwürmekde ýüze çykan taryhy şertleriň-de, öňden dowam edip gelýän edebi-
çeperçilik ösüşiň-de umumy kanunalaýyklaryndan ugur alýar. Şoňa laýyklykda
edebi prosses diňe taryhy ösüşiň däl, edebi-çeperçilik däpleriň-de ösüş
kanunalaýyklyklaryna daýanan halatynda taryhylyk hem döwrebaplyk
sypatlaryna eýe bolup bilýär. Bu sazlaşyk, elbetde, edebi-çeper döredijiligiň
ösüşini şertlendiriji kanunalaýyklykdyr. Şonuň üçin şu kanuny sazlaşykdan
daşarda edebi prossesi asla göz öňene-de getirip bolmaýar.
Edebi prossesi döwürlere bölmek işi hem çeperçilik ösüşiniň belli-belli
ýörelgelerine, ýollaryna, kada-kanunlaryna eýerilmek arkaly amala aşyrylýar. Bu
ýagdaý edebi prossesiň taryhylygyny-da, döwrebaplygyny-da edebi döwürlerden
üzňeleşdirip bolmaýan şertlere kökerip goýýar. Eger edebi prossesiň ösüşi onuň
içki kanunalaýyklyklarynyň hem-de daşky täsirleriniň ikisi-de bilelikde we deň
derejede hasaba alynman döwürleşdirilen bolsa, onda şol edebi döwrüň
edebiýatynyň taryhylygyna hem, döwrebaplygyna hem dogry baha kesip
bolmaýar. Şeýle ýagdaýda kelebiň ujy ýitýär we ony tapmak kyn bolýar. Munuň

180
aýdyň mysalayny edebi prossesiň häzirki dowam edýän döwürleşdirilişiniň
aglabasyndan tapmak mümkin.
Aýdaly, Dikeldiş döwrüniň edebiýatynyň (ol başgaça Beýik Watançylyk
urşundan soňky döwür türkmen edebiýaty diýlip hem atlandyrylýar 1) ýa-da bu
döwür edebi prossesiniň çäginde dörän çeper eserleriň hemmesini şol döwre
mahsus ideýa-çeperçilik gymmata eýe bolan edebi eserleriň hataryna goşmak
kyndyr. Bu şol edebi-taryhy döwrüň çeperçilik prossesiniň ösüş ýagdaýyna doly
göz ýetirmezden, işe girişen alymy-da kyn güne salar diýip pikir edýäris. Sebäbi
bu döwrüň taryhy hakykaty bilen edebi prossesiň ösüşiniň arasynda uly çaprazlyk
bar. Ol çaprazlyk döwrüň kynçylyklarynyň we gapma-garşylyklarynyň
ýetikdigine garamazdan, çeper edebiýatda hemme zadyň gülala-güllük edilip
şöhlenenýändigindedir. Bu döwrüň taryhy hakykaty bir zady–ýurdy dikeltmäge
işjeň gatnaşýan gahrymany durmuş gapma-garşylyklarynyň içinden geçirmegi
talap edýär. Edebi prosses bolsa durmuşda hiç bir garşylyga duçar bolmaýan
aýsoltanlary (B. Kerbabaýew “Aýsoltan” powesti), täzegülleri (B. Seýtäkow
“Moskwanyň ýalkymy” powesti) orta çykarýar.
Aýsoltanlar we täzegüller bolsa Dikeldiş döwrüniň gahrymanlarynyň
keşbini däl-de, “konfliktsizlik teoriýasynyň” täsirine düşen eserleriň
gahrymanlarynyň keşbini we häsiýetini özünde jemleýär. Aýsoltanyň hem,
Täzegülüň hem hiç bir teş-küş görmän, hiç bir gapma-garşylyga sezewar bolman,
baran ýerini gülala-güllük edip barýan, eden işini bitirip, giden ýerinden getirip
duran keşplerinden Dikeldiş döwrüniň kynçylyklaryna döz gelip, oňa garşy
durmagy başarýan gahrymanlaryň häsiýetini tapyp bolmaýar. Olaryň keşbinde
döwrüň kynçylyklaryndan (döwür hakykatdan hem agyrdy, uruş zerarly halys
ebgarlan halk hojalygyny dikeltmelidi, ýer titreme sebäpli, weýran bolan obalary,
şäherlerli täzeden dikeltmelidi, açlyk, garahassalyk belasy hem onuň üstesinedi)
we gapma-garşylyklaryndan bütinleý üzňeleşdirilen ýasama häsiýetler agdyklyk
edýär. Şonuň üçin “konfliktsizlik teoriýasynyň” täsirine düşen edebi prossesi
özbaşdak edebi döwür hökmünde tapawutlandyrman, bu hili edebi eserlere
dogruçyl baha berip bolmaýar. Olaryň taryhylygyndaky, döwrebaplygyndaky
ýetmezçilikleri açyp bolmaýar. Şonuň zeýilli kemis-kümüsli eserler bolsa söz
sungatynda-da, sungatyň beýleki görnüşlerinde-de ýeterlik bardy. Eger şundan
çen tutsaň, bu hili ýuwan eserleriň dörän döwrüni özbaşdak döwür hökmünde
tapawutlandyrmagyň zerurlygy gelip çykýar. Bu döwri “konfliktsizlik teoriýasy”
döwrüniň edebiýaty diýlip özbaşdak döwürleşdirilmese, ol çeper gatlagyň
gahrymanlarynyň häsiýetinden hem, keşbinden hem taryhy döwre laýyk gelýän
taryhylygy-da, döwrüň durmuş gapma-garşylyklaryny açýan döwrebaplygy-da
tapyp bolmaýar.
Üstesine-de, çeper prossesiň ösüş taryhynda aýsoltanlar, täzegüller ýeke
däldi. Bu döwürde olardan başga-da söz sungatynyň beýleki žanrlarynyň hem,
sungatyň teatr, kino ýaly beýleki görnüşleriniň hem öz aýsoltanlary, täzegülleri

1
Türkmen edebiýatynyň taryhy, V tom, 2-nji kitap. Aşgabat, “Ylym”, 1981 we başgalar
181
tutuş edebi-çeper giňişlikde öz ýüzini görkezip-görkezip gidýärdi. Olar bu
döwrüň edebi-çeper giňişliginde orta çykan ýylmanak hem ýülmek
gahrymanlaryň özbolyşly ulgamyny döretdi. Şonuň üçin olar Dikeldiş döwrüne
dahylsyz gahrymanlar hökmünde edebi prossesiň ösüşinde öz yzlaryny
galdyrdylar. Eger Dikeldiş döwrüniň taryhy hakykatynyň nukdaý nazaryndan
çemeleşseň, onda ol gahrymanlar bu döwre ýat bolan gahrymanlardyr.
Edebi gahrymanyň çeper keşbinde onuň häsiýetiniň taryhylygyny ýa-da
döwrebaplygyny ýüze çykaryp bolmaýan bolsa, oňa hemme halatda ýazyjynyň
döredijilik hatasy hökmünde garap, başdan sowmalyk etmeli däldigi şu ýerden
has äşgär bolýar. Mesele bu ýerde ýazyjyda däl-de, edebi prossesiň
döwürleşdirilişendedir diýip pikir edýäris. Edebi prossesiň ösüşi özüniň içki hem
daşky kanunalaýyklyklary göz öňünde tutulyp, ylmy taýdan dogry
döwürleşdirilmese, şunuň ýaly gözgyny ýagdaýyň ýüze çykmagyna alyp barýar.
Häzirki ýagdaýda çeper prossesiň ösüşi öz döwürleşdirilen wagtynyň çygryndan
daşa çykýan ýaly bolýar. Ol hakykatdan hem şeýle. “Konfliktsizlik teoriýasynyň”
täsiri bilen döredilen eserler Dikeldiş döwrüniň edebi prossesiniň çägine
sygmaýar. Galyberse-de, edebi prosses özüniň taryhylyk hem döwrebaplyk
ýörelgelerinden sowulan ýaly ýagdaý döreýär. Bu, elbetde, ýolberilmesiz ýagdaý.
Çeper edebiýatyň ösüşi hiç wagt özüniň taryhylyk hem döwrebaplyk
ýörelgesinden daşlaşyp bilmeýär. Muny edebi-çeper prossesiň bütin ösüş taryhy-
da, onuň içki we daşky ösüş kanunalaýyklyklary-da doly tassyklaýar.
Çeperçilik prossesiň ösüş taryhyna nazar aýlasaň, onuň öz
kanunalaýyklygy bolan taryhylygynyň-da, döwrebaplygynyň-da taryhy häsiýete
eýedigine göz ýetirmek bolýar. Çeper edebiýatyň taryhylygynyň we
döwrebaplygynyň taryhy bolşy ýaly, edebiýat nazaryýetiniň taryhylyk hem
döwrebaplyk ýörelgeleriniň-de taryhy häsiýetiniň bolmalydygyny talap edýär.
Sebäbi çeper edebiýat taryhy döwrüň önümi. Şeýle bolsa, onda edebi prossesiň
wagt giňişligindäki orny aýry-aýry anyk döwürleriň içinde galýandygy hem
aýdyňdyr. Döwür çeper edebiýatdan nähili ideýa-çeperçilik gözlegleri talap etse,
edebi prosses şonuň gözleginde bolmaly bolýar. Bu çeperçilik ösüşiň mizemez
kanunydyr. Edebiýat taryhyň, döwrüň, durmuşyň öňe çykaran hakykatyna
örklenendir.
Diňe bu hem däl. Çeperçilik prossesiň taryhylyk we döwrebaplyk sypatyna
bolan garaýyşlar hem özüniň taryhylyk häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýar.
Sebäbi edebi-nazary garaýyşlar hem taryhy döwrüň önümidir, şol sanda onuň
taryhylyk we döwrebaplyk ýörelgeler baradaky garaýyşlary hem döwrüň talaplary
bilen üýtgäp, özgerip durýar. Beýle diýildigi taryh ýa-da döwür özüne mahsus
özgerişliklere eýe bolýar we şol üýtgeşmeler hem taryhylygyň hem-de
döwrebaplygyň adalgalyk manysyny däl-de, mazmunyny özgerdýär diýildigidir.
Ýagdaý şeýle bolansoň çeperçilik prossesiň ösüş aýratynlygy oňa bolan edebi-
nazary garaýyşlaryň hem her döwrüň öz talaplaryna görä üýtgäp durmagyny
zerurlyk hökmünde öňe çykarýar. Has takygy, taryhy döwrüň jemgyýetçilik-

182
syýasy durmuşynyň ýüze çykaran hakykaty, öňe süren idealy edebi-çeper
prossesiň ösüş hereketini we taryhy-çeper idealyny kesgitleýär. Edebi-çeper
prossesiň ösüş kanunalaýyklarynyň-da ýüze çykan şol taryhy hakykata we ideala
laýyklykda taryhy häsiýete eýe bolmagyny talap edýär. Munuň hakykatdan hem
şeýledigini tassyklaýan käbir mysallar bilen aýdanlarymyzy berkitmegi ýerlikli
hasap edýäris.
ХХ asyryň dowamynda türkmen çeperçilik äleminde ussat kinorežissiýor
A. Garlyýewiň “Mukamyň syry” (edebi esasyny ýazan H. Durdyýew) atly meşhur
filmi, ussat suratkeş zenan Ý. Adamowanyň “Her zat etseňizem okaryn” atly
surat eseri, ussat şahyr K. Gurbannepesowyň “Ata we ogul” poemasy dünýä indi.
Bu eserleriň üçüsi hem baryp şol Griboýedow zamanalarynda çeperçilik älemine
aralaşan “Atalar we perzentler” meselesini gozgaýar. Belki, bu mesele A. S. Gri-
boýedowdan öň hem ýeterlik mukdarda gozgalan bolmagy mümkin, hatda ondan
soň hem az däl bolmagy ahmal, ýöne häzirlikçe hakydanyň gatlaryndan ýüze
galanyny ýatlaýarys. Üstesine-de, ol esasy mesele hem däl. Bu ýerde meseläniň
küle ýeri bu agzalan eserleriň hemmesinde atalar hem perzentler bilen bagly
mesele gozgalýandygynda.
Elbetde, bu mesele gozgalsa, hökman, atalar bilen perzentleriň arasynda
gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagyna esaslanýan ideýa-mazmun orta
düşjekdigi bellidir. A. Garlyýewiň hem, (ýazyjy H. Durdyýewiň hem), Ý. Ada-
mowanyň hem, K. Gurbannepesowyň hem eserleriniň ideýa-mazmuny şol köne
gapma-garşylyklaryň esasynda ýaýbaňlanýan sýüžet ýordumyna ýazyp gidýär. Bu
meselä dahylly üç awtoryň üçüsi hem öz sungatynyň ussatlary hökmünde il
içinde meşhur adamlar. Olaryň üçüsi hem türkmen medeni hem ahlak-ruhy
dünýäsine juda-juda belet döredijilik adamlarydygyna hiç bir türkmen
şübhelenmese gerek. Şoňa garamazdan, A. Garlyýewiň Karkarasy hem, K. Gur-
bannepesowyň Esen jugrafy hem, Ý. Adamowanyň “Her zat etseňizem okaryn”
diýip duran türkmen gyzy hem öz garry atalarynyň ýüzüne gelip, öz diýenini
gögertjek bolup, ýer depip duran gahrymanlar. Karkara özüniň aýdym-saza bolan
söýgüsine, Esen jugraf Garagyza bolan söýgüsine, Ý. Adamowanyň türkmen
gyzy bolsa bilim almaga bolan hyjuwyna bäs gelip bilmän, atalarynyň ýüzine
gelýärler. Göräýmäge, olaryň öz ideallaryna bolan yhlasy bilen bu hereketleri öz-
özünden aklanýan we ýuwulýan ýalydyr. Ýöne bu edil beýle hem däldir. Sebäbi
olaryň hemmesi türkmen gyzlary ýa-da ýigitleri. Türkmen gyzy özüniň asylly
häsiýeti bilen, atasyna baş galdyrmag-a däl, eýsem hiç kese gabak galdyrmaýan
asylzadalygy bilen, türkmen ýigidi hem hem ata-enä bolan belent sarpasy bilen
tanalýan milletiň wekilleri.
“Beterinden beteri bar” diýleni. Sowet ýyllary içinde döredilen aýdymlaryň
arasynda “Oýar sen meni” ady bilen aýdylýan bir aýdym bardy. Şonuň bir
bendiniň soňky setiri “Säherler sypalap, oýar sen meni” diýlip tamanlanýardy. Şu
we şuňa meňzeş aýdymlaryň edebi teksti hakynda söz açyp, akademik A. Ke-
kilow şol wagtky “Sowet Türkmenistany” gazetiniň bir sahypasyny doldurup

183
duran tankydy makala ýazdy. Akademik şol makalasynda “Oýar sen meni”
aýdymy hakynda hem söz açýar. Ol bu aýdymy erkek adam aýtsa, bolamanam
duranok weli, ýaş türkmen gyzlary hem “Säherler sypalap, oýar sen meni” diýip,
radiony, telewideniýäni dolduryp, aýdyma gygyryp durandygy bilen
ylalaşmaýandygyny nägilelik bilen ýaňzydypdy. Bu igenç örän dogry igençdi. Ol
milli ruhuň goragyna çykan igençdi. Şahyr bu goşgyny ýazanda, onuň aýdym
edilip aýdyljagyny hem, onda-da türkmen gyzynyň bu aýdymy hiç bir müýnsüz
zowladyp durjagyny bilmedik bolmagy hem mümkin. Aýdym köp sungatyň
gatnaşmagy netijesinde döreýän sungatyň bir görnüşi. Oňa şahyr hem,
kompozitor hem, sazandalar hem, aýdyjy-bagşylar hem dahylly bolýar. Şonuň
üçin bu meselede konserti taýýarlaýjylaryň hemmesiniň jogapkärçiligi aýratyn
zerurlyk bolup orta çykýar. Iň çetiňe degýän ýeri hem şol aýdymy aýdan gyzyň
özi bu aýdymyň özüne degişli däldigini duýmaýanlygydyr. Türkmen gyzy bolup,
“Säherler sypalap, oýar sen meni” diýip durmagyň haýasyny-şerimini bilmeýän
bolsak, onda bu milli mentalitetiň eýýäm şol ýyllarda bozulup başlandygynyň
subutnamasyny başga ýerden gözläp oturmagyň hajaty hem ýok.
Eýsem türkmeniň bihaýalyk hasaplaýan sypatlaryna eýe bolan personažlara
milli çeperçilik dünýämizde nusgalyk gahrymanlar hökmünde baha berilmegi
nämedenkä? Bu milli ruha ters gelýän häsiýetli gahrymanlary orta çykarma
dälmikä? Bu milli ruhy–ahlak ýörelgeleriniň taryhylygynyň ýoýulmagy dälmikä?
Çeper keşbiň häsiýetindäki döwrebaplyga kölege salyndygy dälmikä? Bu
soraglar, elbetde, kanuny soraglar. Geliň, bu soraglara çeperçilik prossesiň ösüş
ýörelgelerine esaslanyp, jogap bermäge synanyşalyň.
Ýatlanyp geçilen sungat eserleriniň gahrymanlarynyň hersi bir döwrüň
adamlary. Şoňa garamazdan, olaryň hemmesiniň hereketlerinde bir umumylyk
bar. Olaryň hemmesinde milli ahlak ýörelgelerden daşa çykma bar. Olaryň
hemmesi hem haýsy döwrüň adamsydygyna garamazdan, öz atalaryna garşy,
atalar hem perzentlere garşy bolup dikleşip durlar. Bu, elbetde, türkmen halkynyň
umumy milli ruhuna gabat gelýän häsiýet-ä däl. Eger käbir şeýle häsiýetli
adamlar ýek-tük gabat geläýse-de, ony il bolup geňleýärler we taňlaýarlar. Ony
kim ýoldan çykan, kim ilden çykan hasaplaýar. Şeýle-de bolsa bu eserler öz
wagtynda geňlenmedem-taňlanmadam. Tersine, olar sosialistik realizm usulynyň
ýörelgelerine doly jogap berýän eserler hökmünde sungaty öwrenijiler we
edebiýatçylar tarapyndan oňlanan eserler boldy. Olar halk köpçüligi tarapyndan
hem gyzgyn garşy alyndy.
Ýadyňyza salyp görüň, şu eserleriň döräp ýören döwürleriniň edil iki asyr
öň ýanynda beýik türkmen akyldary, öz döwründe bütin türkmeniň ilagasy bolan
Döwletmämmet Azady her bir türkmen perzendiniň ata-enesiniň öňündäki kyrk
borjy hakynda özüniň ylmy-çeper traktaty bolan “Wagzy azat” eserinde aýdyň
pikirleri orta atdy. XX asyryň orta çykaran bu gahrymanlarynyň biri-de
Azadynyň ata-ene hem perzent gatnaşyklarynyň ýörelgelerini saklamaýar.
Ýogsam, Azady hem, bu eserleri döredenleriň hem birinden başgasy (Ý. Ada-

184
mowadan başgasy), olaryň öňe çykaran gahrymanlarynyň-da hemmesi türkmeniň
nesilleri. Olaryň hemmesi-de türkmen ruhly, türkmen mentalitetli adamlar. Şeýle-
de bolsa bu çeper eserlere seretseň, XVIII asyr türkmeni bilen XX asyr
türkmeniniň ruhy bütinleý biri-birine ters gelýän häsiýetleri özünde jemleýär. Bu,
elbetde, beýle-hä bolmaly däl. Eger deňeşdirilýän asyrlaryň türkmenleriniň dürli-
dürli ruhy dünýäsi bar bolsa, onda olar biri-brine düşünmezdiler. Has dogrusy, şu
günki türkmen Azada, Magtymgula we onuň edebi töweregine düşünmezdi, ýöne
gowy ýeri, türkmen diňe XX asyrda däl, XXI asyrda hem öz beýik danalaryna
düşünýär hem-de olara ýürekden uýýar. Şonuň üçin türkmen ruhunyň özgerenligi
hakyndaky pikiri aradan aýyrmaly bolýarys. Türkmen ruhy hernä XVIII asyrda-
da, XXI asyrda-da Azadynyň kesgitlän borçlaryndan sowlup, ters bir ýola gidip
baranok. Onda ýokarda bu hili eserler babatda goýlan soraglaryň jogabyny
nireden gözlemeli?
Ony diňe bir zatdan-taryhy döwrüň taryhylygyndan gözlemeli. Sebäbi her
bir taryhy döwür özüne mahsus taryhylyk häsiýete eýeligi bilen özbaşdak taryhy
döwür hökmünde yz galdyrýar. Ol diňe bir şol döwrüň syýasy, ykdysady, medeni
taraplarynda däl, jemgyýetiň ruhy-ahlak ösüşinde hem özüniň ýitmejek yzyny
goýýar. Bu bolsa her bir taryhy döwrüň özüne mahsus ryhy-ahlak gatlagynyň
kemala gelmegine alyp barýar. Şonuň üçin islendik taryhylyk häsiýete eýe bolan
çeper gymmatlykda hem, islendik döwrebap eserde hem onuň yzyny görüp
bolýar. Diýmek, ýokarda keserdilip goýlan sowallaryň hemmesine bir jogap bar.
Ol hem taryhy döwrüň öňe çykaran taryhy talaplarydyr, döwrüň öňe çykaran
idealogiýasynyň talaplarydyr. Bu talaplardan sowlup geçýän çeper eser ýokdur.
Eger bardy-geldi şeýle eser dörediläýse-de, ol galp eser hökmünde ýazgarylýar.
Şu pursatda üstünde döwneýän üç eserimiziň üçüsiniň hem XX asyr çeper
gymmatlyklarydygyny ýatladasymyz gelýär. Şonuň üçin olary XX asyryň öňe
çykaran talaplaryndan, döwrüň ideologiýasyndan üzňe göz öňüne getirmek
kyndyr. Aslynda hem sungatyň öz dörän döwrüniň ideologiýasyna hyzmat etmek
ýörelgesi onuň mizemez kanunalaýyklygydyr. Şu nukdaý nazardan garasaň, XX
asyryň dowamynda, sowet ýyllary içinde dörän bu çeper gymmatlyklary hem öz
dörän döwrüniň ideýa-çeperçilik talaplaryndan daşlaşdyrmak mümkin däldir.
Sowet ideologiýasy kommunistik idealy öňe süren ýörelgelere giň ýol
açan ideologiýadyr. Onuň edebi-çeper usuly bolan sosialistik realizm usuly
sungatyň milli formaly, sosialistik mazmunly bolmagyny talap etdi. Bu
ýörelgäniň içinden “milli” hem “sosialistik” diýen sözler geçmek bilen olaryň biri
forma, beýlekisi mazmuna degişli edilip, forma-mazmun betewiligine-
filosofiýanyň umumy kanunyna zarba urulýar. Nädip zarba urulýar?–diýilmegi
mümkin. Ony düşündirmek kyn däl. Eger forma bilen mazmun bitewi bolýan
bolsa, onda milli forma bilen sosialistik mazmun hiç haçan bir bitewilige girip
bilmez. Sebäbi “milli” sözi “sosialistik” diýen söz bilen hiç wagt bitewilik emele
getirip bilmeýär. Bu sözleriň her haýsysy biri-birinden örän alysdaky giňişliklerde
özüne orun alan sözlerdir. Şonuň üçin milli formaly, sosialistik mazmundaky

185
”bitewilik” galp bitewilikdir, zoraýakdan bir ýüpe baglanan düşünjelerdir, olaryň
birligi ýasama bitewilikden başga zat däldir. Ýöne bu ýerde sosialistik ideologiýa
weli öz maksadyna ýetýär. Milli formaly, sosialistik mazmunly sungat
hakykatdan hem daş sypaty türkmen, içki mazmuny kommunistik ideally
personažlary orta çykardy. Edebi-çeper usul hut şuny hem talap etdi. Onsoň
dörediji adam hökmünde biri Aýa bakyp duran, biri Güne bakyp duran dürli
zatlary (milli formaly, sosialistik mazmunly sungat döretmek hakyndaky talaby)
nähili ýol bilen bir bitewi zat derejesine getirip bilseň getiriber. Ol eýýäm
kommunistik ideologiýanyň işi däl-de, dörediji adamyň wezipesi bolup galýar.
Şonuň üçin çeper mazmun milli ruhdan daşda galýan sosialistik idealy açmaly
bolýar.
Sungatyň edebi-çeper usulynda millilik meselesiniň diňe forma dahylly
edilip goýulmagy (milli formaly, sosialistik mazmunly edebiýat baradaky ýörelgä
üns beriň), elbetde, edebi-çeper prossesiň ösüşinde milli mazmunyň, milli ruhuň
ýüze çykmagyna özboluşly böwet bolmakdan bäşga zat däldir. Sosialistik realizm
usulynyň edebi-çeper ýörelgesiniň talaby şeýle bolandan soň, çeper döredijilikde
atasynyň ýüzine gelip duran karkaralaryň, esen jugraflaryň “Her zat etseňizem
okaryn” diýip duran türkmen gyzlarynyň çeperçilik giňişlikde peýda bolmagyna
geň galyp oturmasa-da bolar. Muny edebi-çeper prossesden döwür talap etdi,
taryhy döwrüň taryhylyk “häsiýeti” talap etdi. Şonuň üçin edebi-çeper prossesiň
ösüş taryhynda türkmen akyldary Döwletmämmet Azadynyň perzendiň ata-
enäniň öňündäki kyrk borjundan juda uzakdaky ruhy dünýäli personažlar sahna
çykdy.
Biz bu ýerde “Mukamyň syryndaky” Karkaranyň, “Ata we oguldaky” Esen
jugrafyň, “Her zat etseňizem okaryndaky” türkmen gyzynyň öz ideallary ugrunda
alyp barýan göreşine garşy çykmaýarys. Elbetde, öz idealyna tarap öňe barýan
gahrymanlar edebi prossesiň ösüşine özboluşly öwüşgün çaýýar. Olar nusga
almaly personažlar hökmünde çeperçilik älemde öňe çykmaly gahrymanlar. Ýöne
şol gahrymanlaryň hereketlerinde, häsiýetlerinde milli ruhuň çygryndan çykýan
hereketler, häsiýetler bolmaly däldir. Milli edebi-çeper prosses milli ruhy bilen
milli edebiýatdyr, milli sungatdyr we ol şunuň bilen özboluşly milli häsiýete
eýedir. Diňe şeýle milli ruhly edebi-çeper prossesiň taryhylygy-da,
döwrebaplygy-da özüniň ynandyryjylygy bilen, özboluşly çeperçilik dünýäsi
bilen tapawutlanýar.
Edebi prosses milli edebiýatyň hem, dünýä edebiýatynyň hem çeperçilik
ösüşidir, taryhy hereketidir. Şol bir wagtyň özünde hem ol estetiki, ruhy-ahlak
gymmatlyklaryň kemala gelşiniň we ösüşiniň çeperçilik taryhydyr. Edebi
prossesiň taryhy ösüşi ýa-da onuň taryhy hereketi edebi-çeper usullaryň ösüş
taryhy bilen aýrylmaz suratda baglanyşyklydyr. Bu baglanyşyk netijesinde her bir
edebi-çeper usulyň özüne degişli edebi prossesi kemala gelipdir. Olaryň her
haýsy özboluşly bir çeperçilik dünýäni ýatladýar. Olary biri-biri bilen çalşyrmak
mümkin däl. Her bir edebi-çeper usulyň döreden edebi prossesiniň şol usulyň

186
çeperçilik kanunalaýyklyklaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän ýüzi bar.
Şeýlelikde, edebi-çeper usullaryň durmuş hakykatyna bolan gatnaşygy esasynda
ony çeper hakykat derejesine ýetirmekde edebi-çeper tejribäniň özboluşly
taraplaryna görä we umumy çeper döredijilige bolan talaplaryna görä ösen hem
kemala gelen edebi prosses bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Edebi-çeper usullar we edebi prosses öz ösüş ýolunda biri-biri bilen örän
çylşyrymly gatnaşykda bolýarlar. Bu çylşyrymlylyk olaryň biri-birine bolan
täsirini kesgitlemegiň kynlygy bilen baglanyşyklydyr. Eýsem edebi prosses edebi
usullaryň kemala gelmegini üpjün edýärmi ýa-da edebi usullar edebi prossesi
kemala getirýärmi – muny kesgitlemek aňsat däl. Bu soragyň, göräýmäge, aňsat
çözgüdi bar ýaly. Ýöne bu beýle hem däl. Bir görseň, edebi prossesiň ösüş
kanunalaýyklyklary esasynda bir edebi-çeper usul başga bir täze edebi usula öz
ornuny berýän ýaly. Bir seretseň hem edebi-çeper usulyň ösüş
kanunalaýyklyklary esasynda belli bir döwrüň çygryndaky edebi prosses kemala
gelýäň ýaly bolýar. Aslynda bu çylşyrymly gatnaşygyň ösüş taryhynda olaryň
haýsysy hereketlendiriji güýje eýe bolsa beýlekisine täsiri uly bolmaly. Belli bir
taryhy döwür aralygynda şol hem edebi-taryhy ösüşi hereketlendirijiniň
hyzmatyny bitirýär. Ýöne bu çylşyrymly ösüş prossesine gatnaşyjylaryň (edebi
prossesiň we edebi-çeper usulyň) haýsysynyň haçan artykmaç hereketlendiriji
güýje eýedigini anyk taryhy döwrüň edebi durmuşy kesgitleýär. Bu edebi-taryhy
ösüşiň kanunalaýyklygydyr. Şu kanunalaýyklyga görä taryhy ösüşiň belli bir
sepgidinde edebi prosses edebi çeper usulyň kemala gelmegine ýol arçaýar hem-
-de ony çeper edebiýatyň ertirki ösüş ýoluny kesgitleýän kada-kanunly, ýol-
ýörelgeli täze bir edebi-çeper usul hökmünde orta çykarýar. Bu sepgitde edebi
prosses döredijiniň hem hereklendirijiniň hyzmatyny bitirýär. Has dogrusy, şu
sepgitde eýýäm edebi prosses köne edebi-çeper usulyň çygrynda öz ösüşini
dowam etdirip bilmeýän ýagdaýy başdan geçirýär. Edebi prosses beýle ýagdaýa
taryhy-jemgyýetçilik ösüşiň talaby bilen düşýär. Şeýle talaplar jemgyýetçilik
gatnaşyklarynyň üýtgemegi ýa-da özgermegi bilen, jemgyýetçilik aňynyň ösüşi
ýa-da özgermegi bilen, hatda medeni-ruhy ideallaryň özgermegi bilen-de ýüze
çykyp bilýär.
Taryhy şertlere görä ösýän edebi prosses özüne taryhy şertlere laýyk gelýän
edebi usullary-da döredinip ösýär. Taryhy şertleriň özgermegi bilen edebi prosses
özüne täze bir edebi-çeper usul döredinýänçä, gözgyny ýagdaýda ösýär. Beýle
ýagdaýa düşen edebi prosses hatda öz ösüşini togtadan ýaly ýagdaýy başdan
geçirýär. Edebi prosses öz ösüşiniň joşgunly däl-de, gaýtgynly döwrüne aýak
basan ýaly ýagdaý döreýär.
Türkmen edebiýaty uzak taryhy döwrüň dowamynda romantizm edebi-
-çeper usulynyň çäginde öz ösüşini dowam etdi. Ol irki orta asyrlardan başlap, tä
XIX asyryň ahyrlaryna çenli diýen ýaly romantizm edebiýaty hökmünde ösdi.
Onuň tankydy realizm edebiýaty hökmünde kemala gelmegine hiç hili taryhy
şertler we syýasy-jemgyýetçilik ösgerişler döremedi. Şonuň üçin ol mundan

187
sowlup geçýän ýol bilen ösüşini dowam etdi. Bu ýolaýrydy ony tankydy
naturalizmiň üstünden ýol salmaga mejbur etdi. XIX–XX asyrlaryň sepgidindäki
türkmen edebiýaty hut naturalistik meýilleriň çoçgaryna çolaşyp galan edebi
prossesi öňe çykardy. Bu döwrüň edebi prossesine naturalizme mahsus bolan
gowuşgynsyzlyk, susluk, solgunlyk, çeper hakykatyň ýerine galplyk,
hakykatpisintlilik, ownukçyllyk ýaly nogsanlary özünde jemleýän şikestli hem
ýontem sypatlar häsiýetlidir. Şonuň üçin türkmen çeperçilik prossesi tankydy
realizm usulynyň ýele ýanyndan hem geçip bilmedi.
Ýeri gelende aýtsak, hut şu mesele geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda
edebiýatçylaryň arasynda uly çekişme döredipdi. Çekişmä gatnaşan
edebiýatçylaryň birtopary Magtymgulyny we onuň edebi mekdebini tankydy
realizmiň wekilleri hökmünde orta çykarmak bilen, hamana, türkmen edebiýatyny
şol döwürleriň edebi eserleri bilen gönüden-göni tankydy realizme aýak basan
edebiýat hökmünde görkezmäge synanyşdylar. Bu, elbetde, edebiýatyň taryhyna-
da, onuň edebi taglymatyna-da galp garaýyşlary ornaşdyrjak bolmakdan başga zat
däldi. Eýsem türkmen jemgyýetiniň ösüşi şeýle edebi usulyň, has takygy, tankydy
realizm usulynyň döremegi üçin hiç hili syýasy hem taryhy şertleri öňe çykaryp
bilmedik ýagdaýynda ol bu edebiýata nireden we nähililik bilen aralaşyp bilsin?!
Tohumuň gögermegi üçin topragyň, suwuň, howanyň zerur bolşy ýaly, islendik
edebi çeper usulyň “gögerip çykmagy” üçin hem birinjiden, syýasy şert,
ikinjiden, taryhy şert, üçünjiden, edebi şert hökmany suratda zerur
kanunalaýyklykdyr. Şolaryň birden-biriniň ýok ýerinde edebi usul hem ýokdur.
Türkmen edebiýatynda hem tankydy realizm usulynyň käbir alamatlarynyň
ýylpyldap gidýän ýerleri bar bolmagy mümkin. Biz muny hiç bir jähetden inkär
etmeýäris. Ýöne käbir alamatlar ýa-da alamatpisnt zatlar entek türkmen
edebiýatynda tankydy realizm usulynyň dörändigini tassyklamaýar.
Jemgyýetiň taryhy ösüşi Oktýabr rewolýussiýasynyň ýeňip, üstün çykmagy
bilen baglanyşykly türkmen edebiýatynyň tankydy realizm usulyna aýak basman,
gönüden-göni realizm edebi-çeper usulyna geçmegine şert döretdi. Ol realizm
edebi usulyny-da heniz özleşdirip ýetişmänkä diýen ýaly sosialistik realizm usuly
diýilýän usula başyny sokmaly boldy. Muny taryhy şertler talap etdi. Şeýlelikde,
tankydy realizm türkmen edebiýatynda öz ýüzini görkezip bilmän galdy. Bu,
elbetde, türkmen jemgyýetniň, sowet döwründe aýdylyşy ýaly, hakykatdan hem
kapitalizmi görmän, feodalizmden gönümel sosializme geçmeli bolanlygyndadyr
diýip, düşünilse we düşündirilse dogry bolardy.
Tankydy realizm edebi-çeper usuly hakykatdan hem türkmen edebiýatynda
özbaşdak döwür hökmünde öz edebi prossesini kemala getirip bilmedi. Şonuň
üçin bu edebi usulyň türkmen edebiýatynyň taryhynda yzy-tozy galmandyr.
Sebäbi türkmen jemgyýetine tankydy realizm usulyny dörediji bolan taryhy-
jemgyýetçilik döwür–kapitalistik jemgyýetçilik gurluş ýat bir jemgyýetçilik
gatlaklygynda galdy. Şu ýagdaý edebi prossesiň hem, edebi-çeper usulyň hem

188
taryhy şertlerden, taryhy döwürden üzňelikde ýaşap bilmeýändiginiň
subutnamasydyr.
Edebi prossesiň edebi-çeper usullar bilen gatnaşygynyň çylşyrymlylygynyň
bu bir tarapy. Onuň ikinji tarapy bolsa şundan ybarat. Edebi usullar edebi
prossesiň ösüşi, özgerişi bilen bagly kemala gelýän bolsa, olar çeper usul
hökmünde ýol-ýörelgä, kada-kanuna eýe bolandan soň, edebi-çeper prossesiň
ösüşüne gönümel täsirini ýetirip ugraýar. Şeýleleikde, edebi-çeper usullar uzak
taryhy döwrüň dowamynda özüne laýyk gelýän çeper prossesi döredýärler. Edebi
prosses bilen edebi usullaryň arasyndaky bu hyzmatdaşlyk olaryň taryhy ösüşini
kepillendirýär. Şunlukda, olar taryhy ösüşiň belli bir döwründe çylşyrymly özara
gatnaşygyň netijesi hökmünde kemela gelen bir bitewi göwrä öwrülýärler.
Edebi-çeper ösüşiň taryhy ýoly şeýle hyzmatdaşlygyň kanunalaýyklyklary
esasynda ýüze çykan aýdyň ýoldur.
Edebi-çeper usullaryň hemmesine mahsus bir aýratynlyk bar. Ol hem edebi
usullaryň belli bir döwürde edebi prossesiň kemala gelmegine örän işjeň
gatnaşýandygy we şol edebi prossesiň haýsy edebi usuly döretmäge gatnaşan
bolsa, şol edebi usulyň ady bilen taryha girýänligidir. Meselem, aýdaly,
oguznamaçylyk edebiýaty ýa-da romantizm edebiýaty ýaly atlandyryp ulanmak
däbi ýörgünlidir. Diňe bu hem däl. Mundan başga-da edebi-çeper usullaryň her
haýsynyň belli bir döwrüň edebi prossesine eýeçilik edýändigine garamazdan,
oňa beýleki edebi usullaryň käbir çeperçilik ýörelgeleriniň we
kanunalaýyklyklarynyň özünden soňky döwürleriň edebi prossesine täsirini
ýetirip durmak häsiýeti bar. Diýmek, edebi usullaryň käbir ýörelgeleri uzak
taryhy döwrüň dowamynda ýaşamaga ukyply bolýar. Eýsem gadymy döwürlerde
ýüze çykan ozonçylyk akymynyň bir ujunyň gelip-gelip, XX asyryň halk şahyrlar
diýilýänleriniň (Durdy Gylyç, Körmolla, Ata Salyh we beýlekileriň) dörejilik
aýratynlyklarynda saklanyp galmagyny başga näme bilen düşündirip boljagyny
biler ýaly däl. Ony diňe bir zat bilen düşündirip bolýar. Edebi usullaryň we edebi
akymlaryň özünden soňky döwürde dörän edebi usullara we edebi akymlara
täsirini geçirmek häsiýetiniň mahsusdygy bilen düşündirmek dogrudyr.
Professor Ö. Abdyllaýew edebi usullaryň şu häsiýetli tarapy hakda söz
açyp şeýle diýýär: “Realizm öz ösüşiniň her bir etapynda romantizm bilen
organiki baglylykda ösüpdür.” Ol özüniň bu pikirini M. Gorkä salgylanmak bilen
tassyklaýar we ýazyjynyň aýdan şu sözlerini ýatladýar: “Uly hudožniklerde
realizm we romantizm hemme halatlarda göýä gatyşan ýalydyr.” 1 Eger edebi
usullara şeýle gatyşyp-garyşmak häsiýetli bolsa, onda şeýle edebi usullaryň
döreden edebi-çeper prosseselerine-de gatyşyp-garyşmak häsiýetli bolýar. Sebäbi
edebi usullar çeper prosses arkaly öz ýüzlerini gökezýärler. Bu ýerde “gatyşyp-
garyşmak” sözlerini şoňa ýakynrak manyly “garym-gatymlyk” sözleri bilen
garyşdyrmaly däldir. “Garym-gatymlykda” bulaşyklyk, bulam-bujarlyk, başly-
baratlyk ýaly many ýokundysy agdyklyk edýär. “Gatyşyp-garyşmak” sözleriniň

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 304 sah.
189
many-maňzynda bolsa sazlaşykly many öwüşgüni has güýçlüdir. Şonuň üçin
onuň oňyn many öwüşgüni bardyr. Meselem, “bal bilen sary ýag ýaly gatyşmak
ýa-da garyşmak” frazeologik birikmesiniň manysyny we ulanylýan ýerlerini ýa-
da salyp görüň. Ondan belent sazlaşygyň lezzetli tagamy gelip durandyr. Edil
şonuň ýaly edebi usullaryň biri-biri bilen gatyşmagynda hem belent sazlayşygyň
lezzetiniň, ýokary çeperçilik belentlige galmagy aňladýan many öwüşgininiň
bardygyny hasaba almalydyrys.
Edebi-çeper prosses edebi usullaryň şeýle sazlaşykly goşulyşmagyna ýol
berýän bolsa, onda edebi usullara degişli bolan stilleriň, akymlaryň hem dürli
edebi-çeper usullardaky sazlaşygynyň boljakdygy we bardygy hem
kanunalaýyklykdyr. Edebi usullaryň, stilleriň, akymlaryň sazlaşykly bileleşigi
dürli döwrüň edebi prossesinde özüni görkezip biler. Bu ýagdaý islendik döwrüň
edebi usulynyň-da, stilleriniň-de, akymynyň-da diňe bir maksadynyň – edebi
prossesiň ýokary çeperçilik belentlige göterilmegine hyzmat etmek maksadynyň
bardygyna esaslanýar.
Edebi prossesiň ösüp, kemala gelmegi üçin diňe bir edebi-taryhy şertleriň
döremegi däl, eýsem onuň çeperçilikli ilerlemegine itergi berýän aýry-aýry ussat
ýazyjylaryň edebiýat meýdanyna gelmegi hem möhüm şertdir. Diňe edebi şertler
öz-özlüginde edebi prossesi döredip bilmeýär. Dörän edebi-taryhy şertleriň
talabyna görä durmuş hakykatyny çeperçilik meýdanyna çykarýanlar zehini daş
ýarýan ussat ýazyjylardyr. Beýik ýazyjylaryň edebi prossese gelip goşulmagy,
köplenç, özboluşly edebi hadysa öwrülýär. Olar durmuş hakykatyny özleriçe
özleşdirmek arkaly, käte bolsa täzeçe, hiç kimiňkä meňzemeýän ýörelgeler arkaly
edebi prossesi baýlaşdurmaga uly goşant goşýarlar. Şunda olar dowam edýän
edebi-çeper usullaryň çygryndaky çeperçilik ýörelgelere daýanmak bilen täze
çeperçilik açyşlary edýärler. Şeýle çeperçilik açyşlar, elbetde, asmandan patylap,
taýýar görnüşde ýere gaçýan miwe däldir. Olar hupbatly zähmetiň, ýiti zehiniň,
döredijilik ussatlygynyň netijeleridir. Çeperçilik açyşa ukyply zehine eýe bolan
ýazyjynyň hem özünden öň ýaşap hem döredip öten ýazyjylaryň döredijilik
tejribelerinden üzňelikde çeper eser döredip bilmejegi düşnüklidir. Ýazyja
özünden öňki ýazyjylaryň döredijilik tejribeleri-de, stilleri-de, çeperçilik tärleri-
de täsir edip biler. Bu edebi prossesiň ösüşiniň mizemez kanunalaýyklygydyr. Şu
kanunlara esaslanýan ýazyjylar edebi döwürleriň, edebi usullaryň, edebi stilleriň,
çeperçilik tärleriň arasyndaky özara baglanyşyga täze ömür berýärler. Ýöne şol
berlen täze ömürde täzeçe röwüş, täzeçe öwüşgün, täzeçe reňk hem mazmun
bardyr.
Edebi usullaryň we edebi stilleriň däpleşen alamatlarynyň täze
döwürlerdäki dowamaty edebi-çeper giňişlige öwüşgün berýändigi bilen
gymmatlydyr. Bu bolsa edebi-çeper prossesiň taryhy ösüşiniň özünden öňki
edebi-çeperçilik tejribäni etine-ganyna siňdirmek arkaly dowam etdirýän
kanunalaýyklyga eýediginiň alamatydyr.

EDEBI HYZMATDAŞLYK
190
Edebi hyzmatdaşlyk edebiýat nazaryýetiniň möhüm meseleleriniň
hatarynda durýar. Ol örän giň hem çuň düşünjedir. Edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygy edebi prossesiň ösüş kanunalaýyklyklarynyň biridir. Ol milli
edebiýatlaryň arasyndaky, şeýle hem dürli halklaryň ýazyjylarynyň arasyndaky
hyzmatdaşlykdyr. Edebi hyzmatdaşlyk edebi prossesiň aýrylmaz bir bölegidir.
Şonuň üçin hem onuň kökleri gadymyýetlere siňip gidýär. Dürli halklaryň özara
hyzmatdaşlykda bolmagynyň kanunalaýyklyk bolşy ýaly, dürli döwürleriň
edebiýatlary, dürli-dürli döwürlerde ýaşan, dürli ýazyjylar hem özara
hyzmatdaşlykda bolýarlar. Muňa ykdysady şertler, goňşuçylyk gatnaşyklary, dil
hem ruhy taýdan ýakyn we daş halklaryň özara gatnaşyklary, şonuň ýaly-da dürli
dilde gepleýän, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşan we ýaşaýan halklaryň özara
medeni gatnaşyklary sebäp bolup biler.
Edebi hyzmatdaşlyk çeper prossesiň ösüşine iki hili ugur bilen täsir edýär.
Bu prossesi, birinjiden, halk döredijilik nusgalarynda, ikinjiden, ýazuwly
edebiýatyň dürli döwürlerdäki nusgalarynda äşgär yzarlamak bolýar.
Halk döredijiligi milletler arasyndaky edebi gatnaşyklaryň ýüze
çykmagynyň iň uly akabalarynyň biridir. Folklor gatnaşyklary öz gözbaşyny örän
gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Oguz han, Gorkut ata, Lukman Hekim,
Isgender Zülkarnaýyn hakyndaky hekaýatlary, grek mifleri, hindileriň
“Mahabharatasy”, “Kalila we Dimnasy”, “Şukasaptatisi”, dünýä belli grek
basnýaçysy Ezopyň setirleri, araplaryň “Müň bir gijesi”, meşhur “Totynamasy”
we beýleki birtopar çeper folklor gymmatlyklary munuň aýdyň mysalydyr.
Halk döredijiligi ägirt uly we uç-gyraksyz çeper gatlakdyr. Ol dürli
žanrlardaky çeper gymmatlyklary özünde jemleýän gözli çeşmedir. Onuň ahlak
terbiýesi bilen bagly, adam terbiýesine dahylly dürli öwüt-nesihatlar bilen bagly,
adamyň durmuşda özüni nähili alyp barmalydygy bilen bagly öňe süren çeper
ideallary adamzat nesli üçin örän gymmatly ruhy baýlykdyr. Şeýle çeper
gymmatlyklarda orta çykarylan her bir edebi gahryman, her bir çeper keşp, öňe
sürlen her bir ideýa adamzat ýaşaýşy we durmuşy üçin asyrlaryň synagyndan
geçen, akyl-paýhasa ýugrulan çeper ülňülerdir, adamzat ähliniň ýaşaýyş-durmuş
nusgalarydyr. Olar adamzat nesli üçin göreldedir we ýörelgedir, terbiýe
mekdebidir we akyl-paýhas hazynasydyr.
Umumadamzat üçin şeýle nusgalyk edebi-çeper çeşmeler söwda
kerwenleriniň üsti bilen, jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň, derwüşleriň,
galandarlaryň, aýdyjylaryň, rawylaryň, göýendeleriň we beýlekileriň üsti bilen
dürli halklara ýaýrapdyrlar.1 Bu bolsa dürli milletleriň halk döredijiliginiň we
dürli halklaryň edebiýatlarynyň özara gatnaşygynyň ýüze çykmagyna ýol
açypdyr. Edebiýatlaryň biri-birini ideýa-tematik taýdan özara baýlaşdyrmagyna
şert döredipdir. Şeýle folklor nusgalarynyň haçan we haýsy halkdan
çykandygyny, olaryň haýsysynyň haýsy halka degişlidigini hemme halatlarda

1
G. Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Aşgabat, TDNG, 2017.
191
kesgitläp hem bolanok. Muňa beýle bir zerurlyk hem ýok. Sebäbi folklor
nusgalarynyň aýry-aýry eserleriniň haýsy halkdan çykyp gaýdýandygyna
garamazdan, olar haýsy milli edebiýata ýa-da milli folklora gelip goşulan bolsa,
şol halkyň öz milli ruhuna ýakynlygy üçin, milli çeper gymmatlyklara şol halkyň
özüniňki ýaly bolup siňip gidýär. Şonuň üçin alynma çeper gymmatlyklardygyna
seretmezden, olary her halk özüniňki hasap edip bilýär. Şeýle bolansoň dürli
halklaryň folklorynda many taýdan ýakyn ýa-da manydaş nakyllar we atalar
sözleri ýüze çykypdyr. Manydaş ýa-da äheňdeş mifler, ertekiler, şorta sözler,
rowaýatlar, hekaýatlar, çeper keşpler folklor eserleriniň we edebi eserleriň
süňňüne siňipdir. Bu ýagdaý dürli halklaryň edebi-folklor mirasynyň biri-biri
bilen arabaglanyşygynyň we hyzmatdaşlygynyň netijesinde şeýle bolupdyr.
Edebi hyzmatdaşlyga häsiýetli bolan bu meseleden professor
S.A.Garryýew şeýle netije çykarýar: “Käbir orta asyr şahyrynyň haýsy halkyň
şahyrydygyny çürt-kesik tassyklaýan konkret taryhy-edebi faktlar, çeşmeler we
ylmy kriteriler häzirlikçe ýok. Şoňa garamazdan, orta asyrlarda, aýratyn hem XV
asyra çenli döwürde türki dillerde dörän birnäçe edebi ýadygärlikleri türki
halklaryň, şol sanda türkmenleriň, özbekleriň, azerbaýjanlaryň we başgalaryň
edebiýatlarynyň taryhy ýazylanda, olaryň hemmesine deň derejede hyzmat edýän
möhüm edebi çeşmeler hökmünde garamak dogrudyr.”1
Türkmen we türki halklaryň edebiýatlarynyň we folklorynyň ençeme
sýužetleri baradaky ýagdaý hakykatdan hem şeýledir. Bu halklaryň
edebiýatlarynyň arasynda hem, folklor nusgalarynyň arasynda hem
umumylyklaryň, meňzeşlikleriň, hatda biri-birini gaýtalamalaryň duş gelýändigi
tötänden däldir. Sebäbi olaryň jemgyýetçilik-durmuş ýagdaýynda, ruhy-medeni
derejesinde umumylyklar bardyr. Bu ýagdaý olaryň özara edebi-folklor
hyzmatdaşlykda bolmagyna şert döredýär. Şeýle hyzmatdaşlyk, elbetde, uzak
taryhy döwürlerden bäri dowam edip gelýän edebi hadysadyr.
Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-et türk” atly sözlüginde duş gelýän
edebi-folklor nusgalaryň türki halklaryň gaty köpüsinde gabat gelýändigi muny
doly tassyklaýar. Aýratyn hem bu sözlükde duş gelýän atalar sözüdir nakyllarda
bu ýagdaý has äşgärdir. Meselem, “Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer”, “Adam alasy
içinde, haýwan alasy daşynda”; “Toýa barsaň, doýup bar, toý donuňy geýip bar;
“Akmak myhman öý eýesine hödür eder”; “Kütek pyçak el keser”; “Adam eli
gyzyl gül”, “Akylyň bolsa, akyla eýer, akylyň bolmasa, nakyla” ýaly türkmen
halkynyň arasynda giň ýaýran birnäçe nakyllaryň beýleki türki halklarda hem
gabat gelýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Şeýle umumylyklary folklor nusgalarynyň matal, erteki, rowaýat, hekaýat,
şorta söz ýaly žanrlarynda hem ýygy-ýygydan görüp bolýar. “Ýol üstünde ýagly
çybyk”, “Garaňky öýde gaplaň gürlär”, “Garaja oglan atlandy, ýüregim
kuwwatlandy”, “Atasy üç ýaşynda, ogly bazara gider” ýaly örän köp türkmen
matallarynyň, “Kör garga”, “Akmak patyşa”, “Kyrk ýalan” ýaly türkmen

1
Türkmen edebiýatynyň taryhy. 1 tom. Aşgabat, “Ylym”, 1975, 478 sah.
192
ertekileriniň sýužetleriniň käbir beýleki türki halklaryň erteki sýužetlerinde hem
gabat gelmegi bu aýdylanlary doly tassyklaýar.
Gündogar halklarynyň folklor gahrymanlarynyň käbiri, meselem, köse, kel,
ýalançy ýaly keşpler ulgamlaşan görnüşde işlenipdir. Köp türki halklaryň
folklorynda keliň, ýalançynyň, kösäniň çeper keşbiniň umumylaşan sýužetlerde
işlenendigini görmek bolýar. Geň ýeri, şu gahrymanlar hemme halklaryň
edebiýatynda, folklorynda şeriň garşysyna göreşýän, haýyr işiň tarapynda durýan
gahrymanlardyr. Gündogar halklarynyň hemmesinde diýen ýaly meşhur bolan
Aldarköse, Keljurun (Jürünkel) bilen bagly sýužetler muny doly tassyklaýar.
Folklor gahrymanlary bolan Aldarkösäniň, Hoja Nasreddiniň – Ependiniň,
Keminäniň, Ömürbek lakgynyň, Myralynyň we beýlekileriň diňe bir çeper
keşplerinde däl, eýsem olaryň ady bilen bagly dörän şorta söz sýužetleriniň-de
ondan-oňa geçmek bilen bagly dörän edebi hyzmatdaşlygy synlamak bolýar. Eger
Keminäniň ady bilen bagly aýdylýan şorta sözlerde Ependi sýužetine degişli
degişmelere duşýan bolsak, garagalpak wäşisi Ömürbekde Keminäniň ady bilen
bagly aýdylýan şorta söz syužetlerine gabat gelmek bolýar. Edil şeýle ýagdaýy
ýokarda ady tutulan folklor gahrymanlarynyň her biri bilen bagly hem synlamak
bolýar. Aýratyn hem Ependiniň çeper keşbi Gündogar halklarynyň bitewi halkara
obrazyny özünde jemläp bilen keşpdir. Gündogar halklarynyň iň syntgylanan we
dür dänesine öwrülen gülküli sýužetleriniň köpüsi Ependiniň adyna geçipdir.
Araplaryň Juhasy we Bähluly, türkleriň Bazarlydyr Mir Diwanasy, pars-
-täjikleriň, Ubaýd Zakanysy, garagalpaklaryň Ömürbegi, türkmenleriň Myralydyr
Aldarkösesi, hatda Japbaklary, Keminesi, Esen Polady, Kör Karysy bilen bagly
aýdylýan gülküli sýužetler hem özleriniň kem-käs üýtgän gönüşinde Ependiniň
ady belen baglanyşykly ýa-da onuň belen şärikli bolýan ýerleri az däl.
Bu kanunalaýyk ýagdaý. Sebäbi aýratyn alnan edebi-folklor
gahrymanlarynyň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlyk olaryň durmuş-ýaşaýyş
şertleriniň ýakynlygyndan, arzuw-islegleriniň meňzeşliginden, akyl-paýhas
babatdaky umumylyklaryndan gözbaş alýar. Galyberse-de, Ependi Kiçi Azaýada
kemala gelen çeper keşp bolanlygyna garamazdan, halkara ähmiýetli, ideal
häsiýetli folklor gahrymanynyň keşbini özünde jemläp bilipdir. Şonuň üçin onuň
Merkezi Aziýa halklarynyň çeperçilik ösüşinden üzňe keşp bolmaga
mümkinçiligi ýok. Çünki halkara häsiýetli bu çeper keşp ýa-da onuň bilen bagly
çeper sýüžet haýsy halkyň çeperçilik dünýäsine gelip goşulsa hem ol şol halkyň
milli ruhuna, estetiki–emossional duýuş aýratynlyklaryna görä “tüýsüni”
üýtgedýär, täzelenýär we baýlaşýar. Eger Ependi şeýle ideal gahryman bolmadyk
bolsa, şeýle köp halklaryň kalbynda orun alyp bilmezdi. Dogrusyny dogry
aýtmaly, dünýäniň köp halklarynyň çeperçilik aňynda orun alan Ependiniň keşbi
asylky bolşundan düýpgöter üýtgedilipdir, onuň keşbi barha ideallaşdyrylypdyr.
Taryhy şahs hasaplanýan Ependiniň asyl keşbi bütenleý unudylyp, ol täze-täze
häsiýetlere eýe bolupdyr. Halk dar ruhy dünýäli, çäkli dünýägaraýşly edebi-
folklor gahrymany ideal edinip almaýar. Oňa ruhubelent, göreşiji,şahandaz

193
gahryman gerek. Şeýle gahrymana bolan kanuny isleg her halkyň idealy bilen
sazlaşýan islegdir. Uzak taryhy döwrüň dowamynda köp halkyň çeperçilik
tagallasy bilen kemala gelen Ependi keşbi şol ruhy islege doly jogap berýän
folklor gahrymanydyr. Hut şonuň üçin onuň çeper keşbi dünýä halklarynyň
folklor gatnaşyklaryny berkleşdirmek bilen ýurtdan-ýurt aşyp, dünýä syýahat edip
ýör. Hut şunuň üçin Ependi halkara giňişliginde öňe çykan folklor gahrymany
hökmünde meşhurlyga eýedir.
Şeýle umumylyklary biz halk döredijiliginiň we ýazuwly edebiýatyň
dessan žanryndan hem tapyp bilýäris. Bu umumylyklar öz gözbaşyny has gadymy
döwürlerden alyp gaýdýar. “Görogly” şadessanynyň sýužetini örän köp halklaryň
folkloryndan yzarlap bilýäris. “Gorkut ata” şadessanynyň türki halklaryň
köpüsinde diýen ýaly milli epos hökmünde ýaýrandygynyň mysalynda hem biz
muny aýdyň tassyklap bilýäris. “Şasenem – Garyp”, “Zöhre – Tahyr”, “Saýatly
Hemra”, “Ýusup – Ahmet”, “Asly – Kerem”, “Warka – Gülşa”, “Seýpelmelek –
Methaljemal”, “Gül – Bilbil”, “Gül – Senuber,” “Leýli – Mejnun”, “Ýusup –
Züleýha” ýaly onlarça dessan sýužetleri köp halklar üçin ortak sýužet bolup
hyzmat edipdir. Bu bolsa edebi-folklor nusgalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
şertlendirýär. Dessanlar dürli halklaryň edebi hyzmatdaşlygyny tassyklaýan
çeşmelerdir. Olar dürli halklaryň folklor we edebi çeşmelerinden gözbaş alýan
nusgalardyr. Bular dünýä halklarynyň arasynda ýaýran edebi-folklor sýužetlere
daýanýan dessanlar bolup, milli edebiýatlara hem giňden ýaýran eserlerdir. Şu
dessanlar bilen bagly türki hem türki dilli bolmadyk halklar bilen türkmen
edebiýatynyň hyzmatdaşlygy barada giňden gürrüň etmäge esas bar. Has takygy,
türkmen – arap, türkmen – pars, türkmen – türk, türkmen – ermeni, türkmen –
gürji, türkmen – azerbaýjan, türkmen – özbek, türkmen – garagalpak we beýleki
käbir halklaryň edebiýatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň faktlaryny yzarlap
bilýäris.
Agzalan dessanlaryň içinden “Ýusup – Züleýha” sýužeti bilen bagly
maglumatlar has gyzyklydyr. Ýusup hakyndaky syužet dini-mistiki sýužetligine
garamazdan, ol gadymy zamanalardan tä beýik türkmen şahyrlary Andalyba,
Magtymgula çenli öz köklerini ýaýradan çeşmeligi bilen tapawutlanýar. Bu
sýužetiň köki dini kitaplar bolan “Injilden” we “Kurandan” gözbaş alýar.
Andalyp bu syužeti özüniň meşhur dessanyna esas edip alsa, Magtymguly Ýusup
hakyndaky sýužeti öz goşgularyna esas edip alypdyr. Köki bir bolan bu sýužet
dünýä halklarynyň haýsylarynyň arasyna ýaýran bolsa, şol halkyň arzuw-
islegleriniň, maksatlarynyň beýany hökmünde edebi-çeper hyzmaty ýerine
ýetiripdir. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaý.
Andalybyň “Leýli – Mejnun” dessanynyň esasynda ýatan çeper sýužet
dünýä halklarynyň edebiýatlarynyň arasynda iň köp ýaýran sýužetdir. Ol dünýä
ýüzünde 128 awtor tarapyndan işlenen sýuzetdir we örän köp halklaryň edebi
hyzmatdaşlygynyň mysaly hökmünde meşhur bolan çeşmedir. Bu sýužeti her bir
awtor öz idealyny ýüze çykarmak üçin esas edip alypdyr. Ol dini-mistiki idealyň

194
beýany bolmakdan başlap, sosial-ahlak idealy ýüze çykarmaga çenli baryp ýeten
sýužet hökmünde edebi-çeper hyzmaty bolan çeşmeleriň hatarynda durýar.
Dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösmeginde dini-fantastik
çeşmeleriň hem örän uly hyzmaty bardyr. Muňa biz gadymy arap sýužeti bolan
Seýful-mülýuk hakdaky fantastik sýužetlerden we şol halkda meşhur bolan
Sindibadyň syýahatlary ady bilen bagly çeper sýužetiň ýaýraýyş ýagdaýyny
yzarlamak bilen has aýdyň göz ýetirýäris. Türkmen nusgawy şahyrlary Magrupy
bilen Şeýdaýy bu yşky-fantastik sýužet boýunça “Seýpelmelek – Methaljemal”
we “Gül – Senuber” atly dessanlary ýazypdyrlar. Bu dessanlaryň mysalynda biz
arap fantastik çeşmeleriniň türkmen edebiýatyna eden täsirini aýdyň görýäris.
Görnükli nusgawy şahyrymyz Şabende bolsa özüniň “Gül – Bilbil” dessanyny
pars fantastik ertekisiniň sýužeti esasynda döredipdir. Bu faktlaryň hemmesi
milli edebi prossesiň ösmegine dünýä edebiýatlarynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň näderejede täsiriniň bolandygyny tassyklaýar.
Dünýä halklarynyň arasyndaky söwda-medeni gatnaşyklaryň milli edebi
prossesleriň çeper gymmatlyklarynyň ösmegine täsiri has uludyr. Bu prossesiň
örän gadymy döwürlerden baş alyp gaýdýan uzak taryhy bar. Diýmek, edebi
prossesiň ösmegi üçin dünýä edebiýatlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň örän uly
ähmiýeti bolupdyr. Dünýä halklarynyň özara syýasy-jemgyýetçilik, söwda we
medeni taýdan edýän gatnaşyklary, olaryň edebi-çeper we ruhy taýdan
ýakynlaşmagynyň kanunalaýyk ýagdaýdygyny tassyklaýar. Muňa biz ýokarda
görüp geçen maglumatlarymyz arkaly doly göz ýetirýäris.
Dünýä halklarynyň özara gatnaşyklarynyň netijesinde milli edebiýatlarda
we olaryň folklorynda alynma sýužetler, alynma temalar we alynma ideýalar,
hatda alynma gahrymanlar ýüze çykýar. Özge halklardan göçüp gelýän temalar,
sýužetler, ideýalar we gahrymanlar milli edebiýatlara aralaşmak bilen milli ruha
ýugrulýarlar. Şonuň üçin alynma ýa-da göçüp-gonup ýören edebi-folklor, çeper
gymmatlyklaryň millileşmek hadysasy bolup geçýär. Milli edebiýat özge
halklardan alan temasyny, sýužetini, gahrymanyny we ideýasyny millileşdirýär.
Bu prosses örän ynjyklygy bilen tapawutlanýar. Keseki halkyň gahrymanyna
milli ruh ýa-da häsiýet bermek awtordan örän uly ussatlygy talap edýär. Eger
şeýle ussatlygyň ýok ýerinde, onda ol göçme ruhy gymmatlygyň özüniň asylky
täsiri hem ýitýär we ol eseri okyjy kabul etmeýär. Eger çeper eserler halk
arasynda göçme sýužete esaslanmak bilen uzak taryhy döwrüň dowamynda edebi
gymmatlyk hökmünde ýaşap gelýän bolsa, onda şol eserler özüne milli we
halkara ruhy siňdiren eserlerdir. Bu kanunalaýyk ýagdaý. Ol dünýä
edebiýatlarynyň ösüş prossesi üçin hem häsiýetli bolan hadysalardyr. Sebäbi bu
edebi hyzmatdaşlygyň netijesidir we ol özboluşly kanunalaýyklyga esaslanýar.
Edebi hyzmatdaşlyk prossesi edebi täsir meselesi bilen özara baglanyşykly
ýüze çykýan hadysadyr. Bu prosses edebiýatlaryň dilleriniň dürlüligine, halklaryň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň dürlüligine, taryhy özüşiň şertleriniň aýratynlygyna
garamazdan, hiç bir päsgelçiliksiz ýüze çykyp bilýär. Elbetde, dil, din, ruh,

195
ýaşaýyş-durmuş, taryhy ösüş ýakynlygy bolsa, onda edebi hyzmatdaşlyga hem,
edebi täsire hem giňden ýol açyk bolýar. Ýöne edebiýatyň predmetiniň adamdygy
üçin, üstesine-de şu aýratynlyk dünýä edebi prossesine hem mahsus aýratynlyk
bolandygy üçin, dil, din, ruh, ýaşaýyş tapawudy hem, taryhy ösüşleriň tapawudy
hem edebi hyzmatdaşlygyň ýüze çykmagyna hiç bir päsgelçilik döredip bilmeýär.
Eýsem Gündogaryň beýik söz ussatlarynyň öz döredijiliklerine eden täsiri
hakda beýik Magtymguly hem, Mollanepes hem ýöne ýere ýatlamaýan bolsalar
gerek. Ölüm ýassygynda ýatan beýik türkmen nusgawy şahyry Mollanepes bize
özüniň "Köňlüm" atly hoşlaşyk goşgusyny miras galdyrypdyr. Şahyr bu şygrynda
Gündogaryň beýik danalarynyň ussatlyk tälim-tilsimleriniň özüne ýetiren täsiri
we olar bilen gaýybana çeperçilik hyzmatdaşlyk edendigini uly hormat bilen
ýatlaýar:
Nyzamy, Nowaýy ýene Firdöwsi,
Rumuň gülşeni, hindi tawusy
Ýalançy dünýäden öter men asy,
Size köp hyzmatlar goýandyr köňlüm.1

Mollanepesiň bu setirlerinde onuň şahyr hökmünde kemala gelmeginde


dünýä edebiýatynyň beýik akyldarlarynyň neneňsi hyzmatynyň bolandygyna
çuňňur hormat aýdyň görünýär. Bu, elbetde, dürli dilli edebiýat wekilleriniň
beýik hyzmatdaşlygyna äşgär subutnamadyr. Muny şahyryň özi tassyklaýar.
Şonuň üçin ol hiç bir düşündirişe mätäç däldir.
Şu ýerde milli edebiýatlaryň arasynda edebi hyzmatdaşlygyň Gündogarda
ýörgünli bolan däpleriniň käbiri hakynda kelam agyz aýdylsa ýerlikli bolardy.
Olar eýsem haýsy däplerkä?
Birinjiden. Dürli halklaryň edebi aragatnaşygynda has çuň kök uran
däpleriň biri hökmünde milli edebiýatlaryň ideýalar ulgamyndaky özara
hyzmatdaşlygy, çeper keşpler dünýäsindäki häsiýet umumylyklaryny, çeperçilik
älemdäki meňzeşlikleri we ýakynlyklary görkezmek bolar.
Ýekeje mysala ýüzleneliň. Firdöwsiniň “Şanama” eseriniň baş gahrymany
Rüstemiň çeper keşbi nusgawy edebiýatymyzda hem, uruş ýyllarynyň
şygryýetinde hem mertligiň, batyrlygyň, gahrymançylygyň simwoly hökmünde
orta çykaryldy. Bu diňe bir mertlik, batyrlyk, gahrymançylyk babatdaky
düşünjeleriň hemme halkarda birmeňzeşliginden başga-da, Rüstem Zalyň edebi
keşbiniň köp halklaryň arasynda giňden meşhurlyga eýe bolandygynyň
netijesinde ýüze çykan edebi hyzmatdaşlygyň däpleşen bir görnüşidir. Sözümiz
gury bolmaz ýaly, beýik Magtymgulynyň “Amana geler” şygrynyň ideýa-
mazmun hörpüni has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän bir bendine
ser salalyň:

Rüstem Zal dälmidi dünýäni alan,

1
Mollanepes. Lirika. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1973, 117 sah.
196
Merdana mert bolup, döwüşler kylan,
Rafyk dälmi söwer hemrasy bolan,
Namyssyz ýigitler gümana geler.1

Rüstem bu ýerde türkmeniň beýik akyldary Magtymgulynyň mertlik


baradaky idealyny öňli-soňly jemleýändigi üçin, şahyryň öňe sürýän pikirini has
aýdyň hem çeper göz öňüne getirmäge ýardam edýändiginden hem daşgary,
pars--täjik-türkmen edebi gatnaşyklarynyň taryhy çuňluklaryndan gözbaş
alýandygyna şaýatlyk edýän maglumat hökmünde hem gymmatlydyr. Abulkasym
Firdöwsiniň çeperçilik dünýäsi Magtymgulynyň şahyrana idealy üçin hem
badalga, hem pellehana bolup hyzmat edýär. Edebi hyzmatdaşlygyň şeýle terzde
ösüşi milli edebiýatlaryň edebi prossesiniň köpüsine häsiýetli alamatdyr.
Eger gadymdan gatnaşykly halklaryň edebi keşpleriniň biri-birine “seýle-
-seýrana” çykyşynyň netijesinde ýüze çykýan edebi hyzmatdaşlygy synlap bilýän
bolsak, onda hyzmatdaşlyk edýän milli edebiýatlaryň ideýalar ulgamyndaky
umumylyklaryň we ýakynlyklaryň hökman boljakdygy babatda gürrüň hem bolup
bilmez. Sebäbi çeperçilik äleminiň köp babatlardaky umumylygy olaryň
ideallarynyň-da äheňdeş bolmagyny şertlendirýan fakt bolmagynda galýar.
Munuň şeýledigini Omar Haýýam bilen Magtymgulynyň2, Sagdy bilen Azadynyň
we Magtymgulynyň3, Hafyz bilen Magtymgulynyň4, doredijilik taýdan
ýakynlyklarynyň arasyndaky, Ubeýd Zakany bilen Muşfykynyň şorta sözleriniň
hem-de Keminäniň şorta sözleriniň, Jamynyň döredijigindäki käbir şorta söz
sýužetleri bilen Keminäniň degişmeleriniň5, şeýle hem Jamy bilen Salym
türkmeniň6 we beýleki birnäçe şahyrlaryň ideýalar dünýäsiniň arasyndaky
manydaşlyk, äheňdeşlik bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ikinjiden. Gündogar halklaryň milli edebiýatlarynyň orta asyrlardaky ösüş
prossesinde özara ýakynlaşmagyň ýa-da hyzmatdaşlygyň bir görnüşi hökmünde
olaryň ýazuwly edebi mirasynda umumy bir diliň–arap hem pars dilleriniň esasy
dil bolup durandygy bilen bagly ýüze çykdy. Sebäbi bu döwürde çeper eser
döretmek üçin, umuman, şahyrana dilde gürlemek üçin iň ýaramly dil hökmünde
arap-pars dillerine aýratyn ähmiýet berlipdir we olar artykmaç hukukdan
peýdalanypdyr. “Başga birnäçe halklaryň wekilleri ýaly, musulman
medeniýetiniň sredasyna çekilen türkmen edebiýatynyň wekilleri hem edebiýatyň
ähli ösüş prossesinde arap dilinden, aýratyn hem parsy dilden peýdalanypdyrlar.
Parsy dili edebi dil hökmünde peýdalanmaklygyň giň gerim alandygy XVI we
XVII asyrlaryň türkmen edebiýatynda has aýdyň görünýär. Umuman, türki
dildäki edebiýat, şol sanda türkmen edebiýaty-da parsy dildäki edebiýatyň baý

1
Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1976, 226 sah.
2
Bu hakda şert: Türkmen edebiýatynyň taryhy, 1 tom. Aşgabat, “Ylym”, 1975, 121-123 sah.
3
Şol ýerde, 149-152 sah.
4
Şol ýerde, 151-152 sah.
5
Şol ýerde, 280 sah.
6
Şol ýerde, 280-282 sah.
197
arsenalyndan uzak wagtlap peýdalanypdyr.”1 Bu bolsa öz gezeginde arap-pars
edebiýatynyň we türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgalary arkaly diňe bir özara
ideýa-çeperçilk taýdan däl, eýsem dil taýdan hem biri-birini özara baýlaşdyrmak
prossesini başdan geçirmegine alyp barypdyr.
Üçünjiden. Şeýle bir ýörgünli hem giň ýaýran bolmasa-da, edebi
hyzmatdaşlygyň özbaşdak bir görnüşi hökmünde gürrüň edilmäge mynasyp
däpleriň biri-de çeper terjimedir. Elbetde, bu forma gönüden-göni özüniň häzirki
zaman manysynda düşünilýän çeperçilik gymmatlyklary mydama özünde jemläp
bilmändir. Emma edebi prossesiň taryhy ösüşinde örän irki döwürlerden bäri bu
ugurda edilen käbir oňlamaly ädimlere weli, gabat gelip bolýandygy bellenmäge
mynasypdyr. Omar Haýýamyň akyla ýüzlenip ýazan gazalynyň ideýa-
mazmunynyň Magtymguly tarapyndan özüniň “Bir nije mysal” atly gazalynda
beýan edilişiniň özboluşly taraplary hakda TYA-nyň habarçy agzasy
Z.B.Muhammedowa gyzykly delilleri getirýär. Ony Z.B.Muhammedowa Omar
Haýýamdan Magtymgulynyň eden terjimesi hasaplaýar. Munuň şeýledigini
birtopar subutnamalar arkaly tassyklaýar.2 Ýöne Magtymgulynyň bu gazalynda
Omar Haýýamdan edilen terjimedigini tassyklaýan deliller bilen birlikde, terjime
arkaly Omar Haýýamyň Magtymgula eden edebi täsirini-de görüp bilýäris. Muny
Magtymgulynyň gazalynyň Omar Haýýamyňkydan ýedi beýt artykdygy hem
tassyklaýar. Şundan, elbetde, bu gazal terjimäniň netijesi bolsun, edebi täsiriň
netijesi bolsun, tapawudy ýok, ol edebi-çeper hyzmatdaşlyga aýdyň mysal bolup
bilýär.
Şu ýerde terjime meselesi bilen bagly ýene bir ýagdaý ýatlanylmaga
degişlidir. Gündogar edebiýatynda birtopar halkara häsiýete geçip giden
“gezende” sýužetleriň bardygynyň we olaryň bir halkyň edebiýatyndan beýleki
bir halkyň edebiýatyna aralaşyp, özboluşly ideýa-mazmuna ýugrulan sýužet
derejesine çenli ösüp gidýän ýagdaýlaryň hem az bolmandygy ünsi çekýär.
Meselem, aýry-aýry türkmen dessanlarynyň sýužet ýordumy hem Gündogarda
meşhur bolan adybir sýužetler bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Bu, elbetde,
jedelsiz hakykat. Ýöne şu ugurdaky özara edebi hyzmatdaşlygyň, döredijilik
gatnaşyklaryň ozalebedinde öz asyl başlangyçlarynda hem terjimeçilik sungaty
bilen gatnaşykly bolandygy-da artykmaç düşündiriş talap edip durmaýarmyka
diýýäris.
Dördünjiden. Gündogar edebiýatyna mahsus bolan terjimeçilik sungaty
nezireçilik däbiniň ýüze çykmagyna şert döredipdir. Nezire hakda A. Meredow
bilen S. Ahaly özleriniň “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde” şeýle
maglumat berýärler:
“Nezire (a. nezire) – 1) meňzedilip ýasalan zat; 2) bir şahyryň (awtoryň)
başga bir şahyra (awtora) eýerip, öýkünip ýazan eseri. Nezirede iki goşgynyň-da
kapiýasy, ölçegi birmeňzeş bolýar. Şeýle hem nezire ýazýan şahyr öýkünýän
1
Türkmen edebiýatynyň taryhy, I tom. Aşgabat, “Ylym”, 1975, 15 sah.
2
Şol ýerde, 124-125 sah.

198
eseriniň mazmunyna we ruhuna eýerýär. Emma nezirede tezminde (ser.) bolşy
ýaly, şahyr öýkünýän awtoryndan bir setir ýa-da beýt sitata hökmünde
getirmeýär. Nezire ýazmaklyk diňe liriki şygyrlarda däl, dessanlarda, poemalarda
hem bolýar. Meselem, Nyzamynyň “Leýli-Mejnun” poemasyna ellä golaý 1 nezire
ýazylypdyr. XVIII asyr türkmen şahyry Andalybyň “Leýli-Mejnun” dessany
Fizulynyň “Leýli-Mejnunyna” ýazylan neziredir.”2Nezireçilik Gündogarda
giňden ýaýran edebi däpdir. Ol edebi žanrlaryň tas hemmesine diýen ýaly
aralaşan we şol bir wagtyň özünde hem taryhy häsiýete eýe bolan däpdir. Milli
edebiýatlaryň özge halklaryň edebiýatlaryndan alan sýužetleri, gahrymanlary,
ideýalary we temalary nezireçilik däbiniň ýüze çykmagyna getiripdir. Bu däp
Gündogar edebiýatynda dörän we uzak taryhy döwürler dowam eden hamsaçylyk
bilen-de berk baglanyşyklydyr. Baryp Nyzamy Genjewiden başlan bu ýörelge
orta asyr edebi prossesinde aýratyn ýörgünli bolupdyr. Bu hakda “Türkmen
edebiýatynyň taryhynda” şeýle diýilýär:
“Hamsa ýazmak Gündogar halklarynyň edebiýatynda bir edebi däp
bolupdyr. Ony iň zehinli şahyrlar ýazypdyr. Bu däp beýik azerbaýjan şahyry
Nyzamynyň ady bilen rowaçlanyp başlaýar. Nowaýy Nyzamynyň, Hysrow
Dehlewiniň we öz döwürdeş ýaşuly şahyry Jamynyň bu işdäki hyzmatlaryndan
ugur alyp, hamsaçylyk däbini has kämilleşdirýär, ösdürýär, baýlaşdyrýar.” 3
Şeýlelikde, orta asyr şahyrlary Nyzamy Genjewiniň hamsasynda gozgalan
temalary özleriçe işläp, Nyzamyňka çalymdaş bäş kitapdan ybarat hamsa
baglapdyrlar. Hysrow Dehlewi, Alyşir Nowaýy, Muhammet Fizuly dagy bu
ýörelgäniň görnükli wekilleridir. Nurmuhammet Andalyp hem şu edebi ýörelgäni
dowam eden akyldarlaryň biridir. Ýöne onuň hamsalarynyň hemmesi bize doly
gelip ýetmändir. Hamsaçylyk ýörelgesine dahylly milli edebiýatlaryň wekilleri
edebi hyzmatdaşlyk taryhyna uly goşant goşan şahyrlardyr. Hamsadaky tema
umumylygy, sýužet ýakynlygy, gahrymanlaryň şol bir at bilen meşhur bolan
personažlardygy, ideýalaryň meňzeşligi hut dürli halklaryň edebi gatnaşyklarynyň
aýdyň subutnamasy hökmünde edebiýatyň taryhynda öz mynasyp ornuny
tapdylar.
Gündogar edebiýatynda nezireçilige dahylly bolan ýörgünli däpleriň ýene
biri tahmysçylyk däbidir. Tahmys hakda “Türkmen klassyky edebiýatynyň
sözlügünde” şeýle düşündiriş berilýär: “Tahmys (a.tahmis) – 1) bäşleme ýasama,
bäşleme etme; 2) her bendi bäş mysragdan ybarat bolan (ser. musammat) şygyr
düzme; 3) başga bir şahyryň gazaly esasynda muhammes ýasama. Munda şahyr
gazalyň her bir beýdiniň öňünden şonuň kapiýasyna kybapdaş, ölçegine laýyk
hem-de many jähetden baglanyşykly özünden üç setir goşýar. Şeýlelikde,
bäşlemäniň bir bendi emele gelýär.”4 Ol däp nusgawy şygryýetde edebiýatlaryň

1
Kitabyň awtorlaryna “Leýli-Mejnun” sýužetine ýazylan 128 neziräniň diňe 50-ä golaýy belli bolan bolmaga
çemeli.
2
A. Meredow, S. Ahally. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”,1988, 366 sah.
3
Türkmen edebiýatynyň taryhy, I tom. Aşgabat, “Ylym”, 1975, 283-284 sah.
4
A. Meredow, S. Ahally. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan", 1988, 366 sah.
199
özara döredijilik hyzmatdaşlygynyň özbaşdak bir ugry hökmünde kemala
gelipdir.
Türkmen edebiýatynda şu babatda özboluşly hyzmat bitiren şahyrlaryň
biri-de Andalypdyr. Onuň muhammesleriniň birnäçesi Nowaýynyň, Fizulynyň,
Jamynyň, Ubeýdiniň, Wepanyň, Habybyň gazallaryna ýazylan tahmyslardyr. 1
Elbetde, tahmys ýazmak şahyrdan uly ussatlygy talap edýär. Sebäbi tahmys
ýazýan şahyr özünden öňki ussatlaryň pikirini, ideýasyny ozalkysyndan üç gez
ösdürmeli, giňeltmeli bolýar we bu, öz nobatynda, şahyrlaryň ussatlyk babatda,
özara döredijilik bäsleşigini alamatlandyrýar. Şeýle hem edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygynda uly ähmiýete eýe bolýan däp hökmünde edebi prossesiň
ösüşünde yz galdyrýar. Şu ýerde Andalybyň Nowaýynyň gazalyna düzen
tahmysyndan bir mysal almak ýerliklidir:

Sünbüli-tapdaryny, şanalap her kenaryny,


Ýaýdy ýüz üzre taryny, aldy köňül kararyny,
Bozdy sütem şyragyny, ýakdy men intizaryny,
“Ilge açyp, uzaryny, gül kibi nowbaharyny,
Derdi-pyraky-haryny kükregim içre örtetip.”

Andalyp ahu-wah ile, ýok işi yzzu-jah ile,


Galdy tümen günäh ile, oldy nähak günäh ile,
Ol mehi-keç küläh ile, haly besi tebah ile,
“Aýtdy Nowaýy ah ile, nalaýy-ömri-kah ile,
Çünki şehu-sypah ile syrryny ilge görtetip.”2

Bu muhammes bentleriniň goşa dyrnagyň içindäki setirleri Nowaýynyň


gazalyndan alnan setirler, olardan ýokardaky üç setir bolsa Andalybyň Mir Alyşir
Nowaýa öýkünip, ýazan tahmysynyň setirleridir. Üns beren bolsaňyz, Andalyp öz
tahmysynda Nowaýynyň gazalynyň ilki bilen ruhuny, içki-daşky kapiýasyny,
ölçegini, ritmini doly saklandygyna göz ýetirensiňiz diýip çak edýäris. Tahmys
öýkünýän gazalyny many babatda çuňlaşdyrypdyr, mazmun babatda giňeldipdir,
ideýa-çeperçilik babatda bolsa ösdüripdir. Andalyp bu tahmysynda beýik
Nowaýy bilen edebi-çeper hyzmatdaşlyga girip, Nowaýynyň gazalynyň many
babatdaky we ideýa-çeperçilik babatdaky gizlin syrlarynyň mümkin bolan
taraplaryny doly açýar. Onuň gazalynyň diňe beýik zehinlere äşgär görünýän
hümmetini aýdyňlaşdyrýar. Gazalyň örän az adamlara aýdyň bolan ideýa
gymmatyny Nowaýyňkydan pes bolmadyk zehin bilen açýar we ösdürýär.
Şeýtmek bilen ol Nowaýynyň şahyr hökmündäki mertebesini beýgeldýär. Şonuň
bilen birlikde, Andalyp özüniň hem şahyr hökmündäki zehin-ylhamynyň
Nowaýyňkydan pes däldigini äşgär edýär. Muny ol Nowaýynyň gazallaryna we
beýleki birtopar Gündogar şahyrlarynyň gazallaryna baglan ýigrimi dört sany
1
Nurmuhammet Andalyp. Lirika. Aşgabat. “Ylym”, 1976, 80 sah.
2
Şol ýerde.
200
tahmysy bilen doly tassyklaýar. “Munuň özi tötänden däldir, çünki gazala tahmys
ýa-da nezire ýazan şahyr, adatça, özünden güýçli awtora ýüzlenýär we onuň hem
saýlantgy iň çeper gazalyna ýa-da haýsy hem bolsa bir şahyryň şowly çykyp,
çeperçiligi ykrar edilen bir gazalyna tahmys, nezire ýazýar. Şoňa görä kä
halatlarda belli bir klassyk şahyryň meşhur eserine bir wagtyň özünde ýa-da
aýry--aýry döwürlerde birnäçe şahyryň tahmys, nezire ýazandyklaryna-da gabat
gelip bolýar.”1 Bu sözler A. Meredowyň türkmen nusgawy şahyry Andalybyň
1976-njy ýylda neşir edilen goşgular ýygyndysyna ýazan sözbaşyndan alyndy.
Görnüşi ýaly, alym bu ýerde “tahmys” hem-de “nezire” adalgalaryny tirkeşdirip
ulanýar we bu sözleriň biri-biri bilen manydaşdygyny tassyklaýar. Hakykatdan
hem A. Meredow mamla. Gündogar şygryýetinde dowam eden tahmysçylyk,
tezmençilik ýaly çeper däpler göňüden-göni nezireçilik bilen bagly ýüze çykan
däplerdir.
Eýsem tezmin näme? Bu meselä öňde ýüzleýräk degip geçen hem bolsak,
oňa “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde” berilýän düşündirişe ünsi
çekesimiz gelýär:
“Tezmin (a. tezmi:n) – 1) sebäpkär bolan zyýany ödeme; 2) çeper söz
sungatynyň bir görnüşi, munda şahyr başga bir şahyryň eserinden bir setiri ýa-da
beýdi öz şygrynyň içinde getirýär we şol getiren şygyr bölegini öz eseriniň esasy
edip alýar. Şeýle ýagdaýda şahyr örän meşhur şygry tezmin edip almaly ýa-da
edebi ogrulykda aýyplanmaz ýaly özüniň tezmin ýazýandygyny duýdurmaly.
Köplenç halatda, şahyrlar öz gowy görýan eserlerinden tezmin hökmünde
peýdalanýarlar. Häzirki wagtda şahyrlar tezmin eden setirlerini goşa dyrnagyň
içinde görkezýärler.

“Fizuly jamy-meý terkine diýdi özüne nadan”,


Çün men terk eýleban, Gaýyp, ki nadanlygym bardyr.

Bu beýdiň ilkinji setirlrini Gaýyby Fizulynyň gazalyndan tezmin şekilinde


alypdyr. Şeýle tezmini Andalybyň “Leýli – Mejnunynda” hem görmek bolýar. Ol
tezmin Fizulynyň “Leýli – Mejnun” poemasyndan alnypdyr.”2
Tezmin baglamak däbi diňe Gündogaryň nusgawy şahyrlaryna mahsus
bolman, häzirki zaman türkmen şahyrlaryna-da mahsus häsiýetdir. Aýratyn hem
bu babatda K. Gurbannepesow öz döwründe has işjeňlik görkezipdir. Ol dünýä
halklarynyň dürli şahyrlaryndan tezmin almak bilen ajaýyp şygyrlary döretdi.
Şahyr litwa şahyry E. Meželaýtisiň sowet döwründe uly meşhurlyga eýe bolan
“Aýagymy diräp, Ýeriň şaryna, Elimde göterýän Günüň şaryny” setirleri bilen
başlanýan şygryny epigraf hökmünde alyp, aşakdaky setirler bilen başlanýan
ajaýyp bir şygyr döretdi:

Aýagymy diräp, Ýeriň gerşine,


1
Nurmuhammet Andalyp. Lirika. Aşgabat. “Ylym”, 1976, 19 sah.
2
A. Meredow, S. Ahally. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1988, 373 sah.
201
Elimi uzatdym Günüň kirşine.
Üç-dört gezek zarňyldadyp goýberdim,
Dünýäň ýüzi owaz boldy durşuna.1

Tezmin şekilinde alnan setirler, elbetde, asyl nusgany sözme-söz


gaýtalamaýar. Ýöne K. Gurbannepesowyň setirlerinde E. Meželaýtisiň setirleriniň
manysy weli bar. Bu bentdäki “gerşine” hem “kirşine” sözleriniň litwa şahyrynyň
“şar” sözüni çalşyrýandygyna garamazdan, ol setirleriň manysy E.
Meželaýtisiňki. Diýmek, litwa şahyrynyň şygry türkmen şahyrynyň şygryna
ideýa-mazmun beripdir. Bu ýerde tezminçilik däp türkmen hem litwa halklarynyň
özara edebi gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna hyzmat edýär.
Nezireçiligiň örän irki formalarynyň biziň günlerimize çenli gelip ýetendigi
dürli halklaryň arasyndaky edebi-çeper hyzmatdaşlygyň we onuň edebi prossesiň
ösüşine uly täsiriniň bolandygynyň özboluşly ýüze çykmasydyr. Edebi
hyzmatdaşlygyň taryhy kökleri gadymyýetiň çuňluklaryna aralaşýar. Muny
türkmen edebiýatynyň dünýä edebiýaty bilen özara baglanyşygynyň uzak taryhy
ýoly tassyk edýär. Şunuň üçin edebi hyzmatdaşlygyň taryhy ösüş ýolunda
toplanan döredijilik tejribelerden üzňe bu prossesi göz öňüne getirmek mümkin
däl.
Taryhy döwür edebi hyzmatdaşlygyň formalarynyň käbiriniň taryhyň
gatlarynda galmagyna, käbiriniň üýtgemegine, özgermegine, täzelenmegine,
umuman, döwür dolandygyça, edebi-çeper arabaglanyşygyň formalarynyň
baýlaşmagyna alyp bardy. XX asyryň birinji çärýeginden soň, bu iş has hem
janlandy. Edebi döredijiligiň umumysoýuz ösüşine häsiýetli alamatlar ýüze çykyp
başlady. Şonuň bilen birlikde, edebi hyzmatdaşlygyň hem täze-täze formalary
peýda bolup ugrady.
Şeýle täze formalaryň biri hem rus ýazyjylarynyň döredijilik toparlarynyň
soýuz respublikalara döredijilik saparyna gelip başlamagy bilen bagly ýüze
çykdy. Bu döredijilik saparlaryň (1930, 1934 ý.) netijesinde diňe bir türkmen
ýazyjylaryň durmuş hakykatyny özleşdirmek boýunça döredijilik tejribeler
baýlaşmak bilen çäklenmän, rus ýazyjylarynyň döredijiligine türkmen temasynyň
aralaşmagyna hem giň ýol açyldy. Otuzynjy ýyllarda (XX asyr) şu döredijilik
toparlara goşulup, Türkmenistana gelen rus ýazyjylaryň soňra diňe bir türkmen
edebiýatynyň däl, eýsem türkmen halkynyň hem, türkmen durmuşunyň hem
ýakyn dostlary we janköýerleri boldular. Olar türkmen ýazyjylarynyň diňe bir
döredijilik ussatlygynyň kämilleşmegine ýakyndan goldaw bermek däl, eýsem
türkmen durmuşynda ýüze çykan her bir täzeligi çeper özleşdirmekde hem
görelde görkezdiler. Şeýlelikde, rus ýazyjylary tarapyndan dürli ýyllarda türkmen
temasyndan ýazylan ajaýyp eserler peýda boldy. “Bu babatda N. Tihonowyň
“Çarwalar” atly kitabynda ýerleşdirilen Türkmenistan hakynda ençeme
oçerklerini, “Ýorga” atly goşgular siklini, birnäçe hekeýalaryny, Ws. Iwanowyň

1
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 58 sah.
202
“Brigadir M. M. Sinissynyň powesti” diýen eserini we ençeme pýesalaryny,
L. Leonowyň “Çekirtge” atly powestini we birnäçe oçerklerini. P. Pawlenkonyň
köp sanly oçerkleri we hekaýalary öz içine alan “Çöl” atly kitabyny,
W. Lugowskoýyň ençeme goşgularyny we “Çölüň hem baharyň bolşewiklerine”
atly ýazan odasyny ýatlamak bolar.”1
M. Gorkiniň tagallasy bilen Türkmenistana gelen rus ýazyjylary türkmen
temasyna degişli çeper oçerkleri, hekaýalary, powestleri, goşgulary bilen
türkmen-rus edebi hyzmatdaşlygynyň esasyny goýdular. Şeýle hem olar türkmen
ýazyjylaryna täze mazmunly döwrebap eser döretmegiň nusgasyny berdiler. Bu
hakda “Türkmen edebiýatynyň taryhyndan” şeýle maglumatlary okap bilýäris:
“Rus ýazyjylarynyň brigadasynyň gelmegi türkmen ýazyjylarynyň döredijiligine
hem öňaýly täsir etdi. Olar (rus ýazyjylary – Ş.G.) bilen halkyň arasynda bile
ýören B. Kerbabaýew “Hakykat” atly oçerkler kitabyny, Ş. Kekilow Gyzylarbat
wagon-remont zawodynyň işçilerine bagyşlap goşgular ýazdylar. A.Durdyýew
Baýramaly, Kerki, Mary ýaly ýerlerde bolup, ençeme oçerki, A.Nyýazow bolsa
“Iň soňky gije” atly powestini döretdiler.”2
Eýýäm şu ýyllardan başlap, edebi hyzmatdaşlygyň özboluşly bir şahasy
bolan terjimeçilik işi-de ýola düşip başlaýar. L.Tolstoýyň “Kazaklar”,
D.Arsenýewiň “Dersu Uzala”, D.Furmanowyň “Çapaýew”, E.Woýniçiň
“Gögeýin”, M.Tweniň “Tom Soýeriň başdan geçirenleri”, W.Gýugonyň “93-nji
ýyl”, Ž.Werniň “Kapitan Grantyň çagalary” ýaly dünýä edebiýatynyň
nusglaryndan alnan çeper eserler türkmen diline terjime edilýär.
“30-njy ýyllarda (XX asyr–Ş.G.) halkara durmuşynyň meseleleri hem
türkmen ýazyjylarynda uly seslenme döredýär. Olaryň eserlerinde sowet
halkynyň azatlyk ugrunda göreşýän beýleki halklara bolan raýdaşlyk duýgusy uly
orun eýeleýär. Ispan halkynyň gahrymançylykly göreşi hakynda Ata Salyh “Ýaş
gahrymanlar”, “Ispan urşujylaryna”, T. Esenowa “Lina Odena”,
G. Gurbansähedow “Ispan ogly” ýaly eserleri ýazýar. Ispan halkynyň gaýduwsyz
gyzy Dolores Ibarrury barada döredilen oçerk türkmen diline terjime edilip,
“Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edilýär. Kolonial ýurtlarda ýaşaýan zähmetkeş
halkyň ykbaly hakynda ýazyjy A. Gowşudow “Hytaýda Luwan çaýynyň
kenarynda”, “Kesýär hem atýar” atly eserlerini döredýär.
Ýapon imperialistleriniň Hasan kölünde geçiren agressiw hereketleri
A.Salyhyň “Hemmämiz”, “Komissar Požarskiniň”, R.Seýidowyň “Horlama
haýyn”, “Ýapon prowokatorlaryna jogap” atly eserinde berk ýazgarylýar.”3
Terjimeçilik işi bilen bir hatarda halkara temanysynyň türkmen
edebiýatyna aralaşan ilkinji nusgalary hakda ýörite nygtaýandygymyzyň
özboluşly sebäbi bar. XX asyryň otuzynjy ýyllarynda başlanan bu prosses soň
türkmen edebiýatynyň dünýä edebiýaty bilen özara hyzmatdaşlygyna badalga
bolup hyzmat etdi. Türkmen edebi prossesiniň soňraky ösüş ýolunda edebi
1
Türkmen edebiýatynyň taryhy, IV tom. Aşgabat, 1979, 175 sah.
2
Şol ýerde.
3
Şol ýerde, 185 sah.
203
hyzmatdaşlygyň bu formalary örän giňişleýin suratda ýaýbaňlandy. Terjimeçilik
işi dünýä edebiýatynyň dürli döwürlerine degişli folklor eserlerinden başlap,
roman, epos (şadessan) ýaly uly göwrümli eserlerini öz içine alsa, halkara
temasyna degişli türkmen ýazyjylarynyň ýazan eserleri ownuk goşgulardan
başlap, roman ýaly durmuş hakykatyny giňişleýin suratlandyrýan eserleri öz içine
aldy. Edebi hyzmatdaşlygyň bu formalary gitdigiçe pajarlap ösdi we olar türkmen
okyjylaryny dünýä edebiýaty bilen tanyşdyrmakda hem-de olary dünýä
halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen, olaryň milli özboluşlyklary, arzuw-
hyýallary bilen tanyşdyrmakda örän uly ähmiýeti bolan işi amala aşyrmak arkaly
bahasyna ýetip bolmaýan hyzmaty bitirdiler. Olar hakda atma-at gürrüň etmek
edebiýat taryhyny ýazýanlarynyň we edebi gatnaşyklary ýörite öwrenýanleriň işi
bolandygy üçin, biz bu ýerde şu formalaryň edebi hyzmatdaşlygyň ösüş
kanunalaýyklyklaryna degişlidigini ýatladyp geçýäris. Türkmen edebiýatynyň
edebi gatnaşyklaryny ýörite ylmy-barlag aýtymyna alan S. Garryýew,1
A. Myradow,2 Ş. Geldiýewa,3 A. Mammedow,4 Ş. Gandymow5 ýaly edebiýatçylar
hyzmatdaşlygyň bu formalary hakda öz wagtynda örän degerli amaly hem nazary
pikirleri orta atdylar.
Edebi hyzmatdaşlygyň bu formalary (terjimeçilik we halkara temasyny
döredijilikli işlemek) Garaşsyzlyk ýyllary içinde hem özboluşly ösüş ýoly bilen
edebi-çeper giňişlikde ýaşamagyny dowam edýär. Aýratyn hem bu ýyllarda
terjimeçilk sungaty özüniň täze sepgitlerine ýetdi. Eger sowet ýyllarynda dünýä
edebiýatyndan edilýän terjimeler rus diliniň üsti bilen amala aşyrylan bolsa,
Garaşsyzlyk ýyllarynda asyl nusganyň dilinden terjime etmek işi ýola goýuldy.
Bu, elbetde, heniz özüniň başlangyç sepgitlerinde bolsa-da, asyl nusgadan terjime
edilen eserleriň gymmaty başgaça boljakdygy düşnüklidir.
Milli edebiýatlaryň özara hyzmatdaşlygynyň ösmeginde aýratyn hem
terjimeçilik işiniň täsiri uludyr. Bu hakda täjik alymy A. Saýfullaýew şeýle pikiri
öňe sürýär: “Orta Aziýa ýazyjylarynyň taryhy-rewolýusion romanlary
döretmekdäki ideýa-estetiki tejribesi doganlyk goňşy halklaryň edebiýatlaryna
oňyn täsir etdi. Biziň düşünişimize görä, B. Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”
romanyny täjik diline geçiren terjimeçi J. Ikrami, gürrüňsiz, “Buharanyň öňki
derwezesi” atly trilogiýasyny döredende, türkmen ýazyjysynyň estetiki
tejribesinden peýdalanandyr. Gynansak-da, ol eser heniz türkmen diline terjime
edilenok, emma özbek diline terjime edildi we ol Özbegistanyň häzirki zaman
kyssa eserlerine peýdaly täsirini ýetirip biler.

1
S. Garryýew. Türkmen edebiýatynyň Sowet Gündogary halklarynyň edebiýatlary bilen özara baglanyşygynyň
taryhyndan. Aşgabat, “Ylym”, 1967; Şonuňky. Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar halklarynyň epiki
döredijiligi. Aşgabat, “Ylym”, 1982.
2
A.Myradow. Rus-türkmen edebiýatlarynyň hyzmatdaşlyk taryhyndan. Aşgabat, 1959.
3
Ş. Geldiýewa. Ukrain-türkmen edebi gatnaşyklarynyň taryhyndan. Aşgabat, “Ylym”, 1977; Şonuňky. Halkraryň
dostlugy-edebiýatlaryň dostlugy. Aşgabat, “Ylym”,1975.
4
A. Mammedow. Sowet Gündogary poeziýasynda türkmen hakykaty. Aşgabat, “Ylym”, 1977.
5
Ş. Gandymow. Edebi dostluk–ebedi dostluk. Aşgabat, “Ylym”, 1982.
204
Terjime diňe bir goňşy respublikalaryň çeperçilik tejribesine däl, eýsem
beýleki ýurtlaryň halklarynyň estetiki baýlygyna göz ýetirmekde hem möhüm
serişdedir. 50-nji ýyllardan (XX asyr–Ş.G.) başlap, häzirki döwre çenli, Orta
Aziýa respublikalarynda doganlyk edebiýatlardan barha köp terjime edilýär.
Häzirki döwürde täjik, özbek, türkmen okyjylaryna SSSR halklarynyň
edebiýatlarynyň çeper nusgalary elýeterli boldy.” 1 Bu ýagdaý milli edebiýatlaryň
edebi hyzmatdaşlygynyň gitdigiçe ýygjamlaşmagyna we ösüşine ägirt uly täsir
etdi we edýär. Dürli halklaryň ýazyjylarynyň özara döredijilik tejribe alyşmaklary
üçin, hatda olaryň biri-birinden durmuş hakykatyny çeper özleşdirmegiň
syrlaryny öwrenmekleri üçin ol özüniň örän amatly serişdedigini doly tassyklady.
Muňa XX-XXI asyrlaryň türkmen edebiýatynyň taryhy ösüş aýratynlyklary
aýdyň şaýatlyk edýär.
Terjimeçilik işi XX asyr edebi prossesiniň ösüşinde milli edebiýatlaryň
hyzmatdaşlygynyň özboluşly bir formasy hökmünde öňe çykdy. Bu döwürde
türkmen okyjylary diňe bir goňşy halklaryň edebi-çeper gymmatlyklary bilen däl,
eýsem dünýä halklarynyň edebiýatlarynyň aýry-aýry çeper nusgalary bilen hem
terjimeçilik sungaty arkaly içgin tanyş boldular. Türkmen edebiýatynyň we
folklorynyň naýbaşy nusgalaryny rus diline terjime etmek işi ymykly ýola
goýuldy. Şunuň netijesinde dünýä halklaryna türkmen halkynyň edebi-çeper
gymmatlyklary elýeterli boldy.
Edebi hyzmatdaşlygyň işjeň formalarynyň biri bolan terjimeçilik işiniň
ösmegine dürli ýyllarda sowet respublikalarynda yzygiderli suratda geçirilip
duran milli edebiýatlaryň ongünlükleriniň aýratyn ähmiýetli medeni çäre
bolandygyny ýörite nygtamak zerurdyr. Şeýle ongünlüklere taýýarlyk döwründe
we olaryň geçirilýän günlerinde milli edebiýatlaryň çeper nusgalarynyň terjime
edilmegi giňden ýaýbaňlandyryldy. Ongünlügi geçirilýän milli edebiýatyň
görnükli eserleri köpçülikleýin terjime edidi. Bu bolsa milli edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygynyň ösmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirdi. Milli edebi
prossesler özara gatnaşyklaryň oňyn netijesini äşgär duýdy. Milli edebi prosses
özüne ýakyn çeperçilik ruh bilen ýa-da özüne ýakyn bolmadyk täze bir edebi-
çeper dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolmak arkaly olaryň özara hyzmatdaşlyk prossesi
amala aşdy. Milli edebi prosses özara döredijilik tejribesi bilen baýlaşdy.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda şeýle ongünlükleriň ilkinjisi 1945-nji
ýylyň sentýabr aýynda geçirildi.2 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan
Ýeňşiň yzysüre diýen ýaly türkmen edebiýatynyň we sungatynyň birinji
ongünlüginiň Moskwada geçirilmeginiň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti-de bolsa
bolandyr weli, onuň türkmen edebiýatynyň we sungtynyň ösmeginde türkmen-rus
edebi-çeper aragatnaşygynyň ösmeginde ägirt uly ähmiýeti bolupdyr. Şol
döwürlerden badalga alan bu edebi-medeni ähmiýetli çäre şu günlerimize çenli
dowam edip gelýär. Şeýle medeni çäreler edebiýatlaryň özara hyzmatdaşlygyň
ösüş taryhynda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetinden daşgary hem dürli
1
A. Сайфуллаев. Проблемы взаимодействия литератур. Душанбе, “ Дониш”, 1976, 62 sah.
2
Türkmen edebiýatynyň taryhy, VI tom, 2-nji kitap. Aşgabat, “Ylym”, 1984, 273 sah.
205
halklaryň doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna we
mäkämleşmegine hem özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Ongünlükler türkmen edebiýatynyň çeperçilik tejribesiniň baýlaşmagynda,
türkmen ýazyjylarynyň döredijilik ussatlygynyň gizlin syrlaryny ele almagynda
özboluşly edebi mekdeplik hyzmatyny ýerine ýetirýär. Milli edebiýatlaryň
ongünlükleriniň geçirilmegi diňe bir özara terjimeçilik işiniň ösmegine we
ýaýbaňlanmagyna däl, eýsem milli edebiýetlarda halkara temasynyň işlenmegine
hem giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Aýdaly, türkmen edebi prossesine
rus, ukrain, belorus, özbek, gazak, gyrgyz, gagauz, azerbeýjan we beýleki
Kawkaz halklarynyň, Pribaltika ýurtlarynyň halklarynyň durmuşy bilen
baglanyşykly temalaryň aralaşmagynda edebi ongünlükleriň ýetiren täsiri örän
ýokary bolýar. Öz gezeginde bu halklaryň edebiýatlarynyň Türkmenistanda
geçirilen ongünlükleri bolsa, dürli halklaryň edebiýatlarynda türkmen temasynyň
çeperçilik taýdan özleşdirilmegine we işlenmegine itergi berýär. Bu, elbetde, milli
edebiýatlaryň özara baýlaşmagynyň, özara hyzmatdaşlygynyň aýdyň
subutnamasy hökmünde taryhda yz galdyrdy we bu prosses häzir hem dowam
edýär. Şu ýerde bir hakykata aýratyn ünsi çekmek zerur. Milli edebiýatlar
doganlyk halklaryň durmuşy bilen bagly temalara ýüzlenenlerinde we oňa
çeperçilik çözgüt berenlerinde, ol eserleriň hemmesinden diýen ýaly doganlyk-
dostluk mährini ýa-da şeýle mähre ýugrulan mylaýym öwüsgüni äşgär duýmak
bolýar. Munuň, elbetde, aýratyn lezzetiniň bardygyny hem ýatlatmaly bolýar.
Türkmen edebiýatynda halkara temasyna bagyşlanyp döredilen eserler
edebi prossesiň ösüşinde we onuň taryhynda özbaşyna bir çeperçilik gatlagy
emele getirýär. Ol tema edebi prossesiň hereketlendiriji güýjüne öwrülen ähli
žanrlary öz içine alýan giňişlige eýedigi bilen tapawutlanýar. Ownuk goşgulardan
başlap, uly göwrümli romanlara çenli aralaşan bu tema edebi hyzmatdaşlygyň
özboluşly bir şahasy bolup pür-pudak ýaýradýar. Bu babatda aýratyn işjeňlik
görkezen ýazyjylaryň hatarynda B.Kerbabaýewiň, G.Seýitliýewiň,
A.Agabaýewiň, G.Kulyýewiň, R.Alyýewiň, A.Kowusowyň, S.Ataýewiň atlaryny
agzamak bilen çäklenýäris. Sebäbi olaryň ýazan eserleriniň häsiýetli aýratynlygy
hakdaky söhbete ulaşyp gidilse, ol gürrüň örän uzaga çeker howpy bar. Asla, ol
edebiýat nazaryýetiniň wezipesine-de girmeýär. Ýöne bir zady aýratyn
nygtamaly. Ol hem halkara temasyny gozgaýan eserleriň hemmesi türkmen edebi
prossesiniň ideýa-çeperçilik giňişligine dünýäniň dürli halklarynyň we dürli
ýurtlarynyň özboluşly howasy bilen girýänligidir. Onuň başga hili bolmagy
mümkin hem däl. Sebäbi ol türkmen ýazyjysynyň çeperçilik dünýäsiniň
miwesidigine garamazdan, keseki bir ýurduň, özge bir halkyň durmuşy hakda söz
açýan eserdir. Şonuň üçin bu eserlerden Hindistanyň gülleriniň (B. Kerbabaýew,
G.Seýitliýew, S.Ataýew) ysynyň gelýändigini, ýanbermez alžirliniň
(G.Kulyýew) synmaz erkiniň badyhowalygynyň duýulýandygyny, Türkiýe
çölleriniň üstünden öwüsýän şemalyň ýüzüňi gaýzykdyryp barýanlygyna
(R.Alyýew, A.Kowusow) geň galyp oturasy iş ýok. Ol eserler şu hili

206
özboluşlyklary bilen hem halklaryň edebi hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly
hökmünde çeperçilik giňişlikde özlerine mynasyp orun tapýarlar. Olar türkmen
edebi prossesiniň serhedini giňeldýändigi bilen-de gymmatlydyrlar. Dünýä
halklarynyň doganlyk-dostluk, raýdaşlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň çeper
beýany bolmak bilen edebi hyzmatdaşlyk, özara edebi aragatnaşyk ýaly gadymy
döwürlerden bäri edebiýatyň ösüşine täsir edip gelýän däpleriň şu günlerdäki
dowamatyna subutnama bolup hyzmat edýär.
Halkara temasyny gozgaýan ýazyjy haýsy halkyň, haýsy ýurduň durmuşy
hakda söz açýanlygyna garamazdan, ol türkmen ýazyjysynyň gözi bilen gören we
şaýat bolan ýa-da türkmeniň kalbyny gozgalaňa salan mesele hakda bolandygy
üçin, ol eserlerde durmuş hakykatynyň türkmençe özleşdirilendigi bilen ýüzbe-
ýüz bolýarys. Onuň başga hili bolmagy mümkin hem däl. Şahyr A. Atajanowda
türkmen edebiýatynyň hem sungatynyň Gyrgyzystanda geçirilen ongünlügi
döwründe gyrgyz temasyndan döredilen “Gyrgyz ilinde”, “Yssykköl”,
“Ýediöküz” ýaly şygyrlar bar. Şu şygyrlardan bir mysal:

Ýediöküzi meňzetdim men aktelpekli gyrgyzlara,


Joşguny bar, daşgyny bar, jadyşy bar Ýediöküziň.
Sergin suwy melhem onuň ençe bela, ençe ýara,
Daraýy dek parçasy bar, depesi gar Ýediöküziň.

Kimse gözel tebigaty, gözellegi öwse eger,


Ýediöküzi görüp gel-de, soňra sözle diýerin men.
Ýediöküziň gözelligi ýedi gözel dünýä deger,
Ýediöküzi Pöwrize dek ömürbaky söýerin men.1

Şu setirlerden görnüşi ýaly, türkmen şahyry gyrgyzlaryň guwanjy bolan


Ýediöküzi gözelligiň seresi hökmünde wasp edýär. Şeýle-de bolsa ol Ýediöküze
bolan guwanjyny ýüze çykaranda, öz halkynyň milli guwanjy hasaplanýan
mukaddesliklerden örküni üzüp bilmeýär. Gaýtam, ol öz milli duýgularyndan
badalga alýar. Şahyr Ýediöküzi Pöwrize (Arçabil) jülgesini söýşi ýaly, ömürbaky
söýjekdigini ýöne ýere nygtamaýar. Bu nämäniň alamaty? Ol milli duýgynyň
şahyryň duýgy örüsinde has agdyklygynyň alamaty. Göräýmäge, gyrgyzlaryň
Ýediöküzi şahyryň gözellik dünýäsini öňküsinden has baýlaşdyran ýaly bolsa-da,
ony öz mähriban Pöwrizesini söýşi ýaly söýjekdigini aýtman durup bilmeýär.
Elbetde, gyrgyz şahyry Ýediöküz hakdaky şygrynda türkmeniň Pöwrize jülgesini,
türkmen şahyry hem Pöwrize hakdaky şygrynda Ýediöküzi ýatlaman bilerdi.
Olaryň hersi öz ýurdunyň gözel tebigatyny başga bir ýurdyň gözel tebigaty bilen
deňeşdirmezden, hersi öz milli gözelliginiň nusgasyny öz milli çygrynda wasp
edip bilerdi. Emma türkmen şahyrynyň Ýediöküz hem Pöwrize parallellikleriniň
çygrynda pikir ýöredýändigi üçin, onuň şeýle deňeşdirmä ýüzlenmegi

1
A.Atajanow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2013, 30 sah.
207
kanunalaýyk ýagdaýdyr. Umuman, halkara temasyna ýüzlenen ýazyjylarda
hemme halatda bolmasa-da, köplenç, şunuň ýaly her halkyň özüne mahsus milli
duýgynyň eseriň içinden eriş-argaç bolup geçmegi kanunalaýykdyr.
Keseki bir halkyň durmuşy bilen bagly söz açýan eserde milli hakykat däl-
de, özge bir halkyň durmuş hakykaty bardyr. Şoňa garamazdan, ol eserlerde anyk
bir milli ýazyjynyň çeperçilik aňynda özleşdirilen we çeperçilik galybyna salnan
hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ol eserler halkara temalydyr, ýöne milli
ideally gymmatlyk hökmünde hem ähmiýetlidir. Şeýle eserler, elbetde, ol ýa-da
beýleki bir halkyň öz ýazyjysy tarapyndan çeperçilik taýdan özleşdirilen asyl
nusgadaky eserler däldir ýa-da asyl nusgadan edilen terjime däldir. Olar diňe özge
halkyň durmuş hakykatyny özleşdiren asyl nusgadaky eserlerdir. Şonuň üçin
olarda asyl nusganyň awtorynyň milli duýgusy öz yzyny galdyraýmaly. Hut şu
sebäbe görä hem halkara temany gozgaýan eser azyndan iki halka dahylly idealy
öňe sürýän çeper gymmatlyklardyr. Olar bir halkyn ýazyjysynyň özge bir halkyň
durmuş hakykatyna bolan çeperçilik gatnaşygydyr, edebiýatlaryň özara
baýlaşmagyny şertlendirýän, şol esasda halklaryň hem edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygyny tassyklaýan özboluşly çeperçilik hadysadyr. Diýmek,
ýazyjylaryň halkara temasyny gozgamagy we öňa çeperçilik çözgüt bermegi
gönüden-göni milli edebiýatlaryň özara gatnaşygynyň we özara
hyzmatdaşlygynyň bir formasydyr.
Edebi prossesiň ösüşiniň aýry-aýry döwürlerinde milli ýazyjylaryň we
şahyrlaryň, şeýle hem dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň ýaş toýlaryny
bellemek hem edebi hyzmatdaşlyk üçin, döwürleýin häsiýetde bolsa-da, belli
derejede itergi berýär. Edebi durmuşda ýüze çykýan bu hili hadysalar hem eýýäm
bir asyra golaý wagt bäri edebiýatlaryň özara gatnaşygynyň özboluşly bir formasy
hökmünde özüni görkezip gelýär. Edebiýatlaryň hyzmatdaşlygynda möhüm orna
eýe bolan bu forma diňe bir edebiýatlaryň özara gatnaşygynyň ösmegine däl,
eýsem dürli halklaryň arasynda dostluk-doganlyk arabaglanyşygynyň kemala
gelmegine we ösmegine-de ägirt uly täsir edýär. Bu hyzmatdaşlyk formasynyň
we milli edebiýatlaryň özge halklaryň arasynda ongünlükleriniň geçirilmeginiň
özboluşly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti-de bar. Ýazyjylaryň tegelek ýaş
toýlarynyň bellenmeginiň hakykatdan hem edebiýatlaryň özara gatnaşygynda
hem halklaryň biri-birine ýakynlaşmagynda, dostlaşmagynda-doganlaşmagynda
hem möhüm hyzmaty bar.
Şu ýerde bir ýagdaýy bellemeli. XX asyryň kyrkynjy ýyllaryna çenli
ýazyjylaryň aradan çykan senelerini bellemek hem ýörgünli bolupdyr. Şonuň üçin
1937-nji ýylda A.S.Puşkiniň1 aradan çykanyna 100 ýyl dolmagy mynasybetli,
1940-njy ýylda Keminäniň2, 1944-nji ýylda I.A.Krylowyň3 aradan çykanynyň 100
ýyllygynyň hatyrasyna bu şahyrlaryň sarpasy tutulýar we tegelek seneler
jemgyýetçiligiň arasynda giňden bellenilip geçirilýär. Şu mynasybetli
1
Türkmen edebiýatynyň taryhy, VI tom, 2-nji kitap. Aşgabat, “Ylym”, 1984, 258 sah.
2
Şol ýerde, 263 sah.
3
Şol ýerde, 277 sah.
208
A.S.Puşkiniň eserleriniň, I.A.Krylowyň basnýalarynyň türkmen diline terjime
edilmegi, Kemiňäniň şygyrlarynyň rus diline terjime eilmegi ýola goýulýar.
Keminäniň şygyrlary we ol hakdaky şorta sözler halk arasyndan toplanyp,
özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Suratkeş Ý.Annanurow tarapyndan
döredilen Keminäniň portreti şahyryň kanonik portreti hökmünde kabul edilýär.
Şahyryň ömri we döredijiligi hakda ylmy-barlag işleri geçirilýär. Rus ýazyjysy
P.Skosyrýow soňra Kemine hakynda söz açýan “Siziň sadyk guluňyz” atly
powest hem ýazýar. A.S.Puşkiniň, I.A.Krylowyň eserleriniň türkmençä
geçirilmegi bilen, Keminäniň eserleriniň rus diline geçirilmegi bilen rus şahyrlary
türkmen okyjylaryna, türkmen şahyry bolsa rus okyjylaryna tanyşdyrylýarlar. Bu,
elbetde, rus-türkmen edebi hyzmatdaşlygynyň özboluşly ýüze çykmasydyr. XX
asyryň otuzynjy ýyllaryndan başlanan bu asylly iş soňra edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygynyň möhüm bir formasyna çenli ösdürilýär we ýaýbaňlandyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hem bu iş edebi hyzmatdaşlygyň möhüm formasy
hökmünde barha ösmegini dowam etdirýär. Diýmek, dünýäniň meşhur döredijilik
wekilleriniň doglan günlerini olaryň tegelek ýaşynyň dolmagy mynasybetli
bellenip geçirilmegi edebi hyzmatdaşlygyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýe
bolan özara gatnaşygyň bir formasydyr. Edebi hyzmatdaşlygyň bu formasy
Türkmenistanyň Prezidenti G. Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy bilen has
giň mana, dünýä ähmiýetli mazmuna eýe bolmagyny dowam edýär. Türkmen
akyldarlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň ýaş toýlary edebi-çeper hyzmatdaşlygyň we
ylmy aragatnaşygyň hakyky baýramy derejesine çenli giňeýär. Türkmen nusgawy
edebiýatynyň döredijilik wekilleriniň bize galdyran mirasy diňe bir rus diline däl,
eýsem dünýä halklarynyň diline terjime edilýär we ýaýradylýar. Edebiýat işiniň
ýaýbaňlandyrylan bu hili formasy hakykatdan hem edebiýatlaryň özara
hyzmatdaşlygynyň taryhy ösüşini dünýä derejesine çykarýar. Ol bir halkyň
edebiýat baýramçylygynyň daşyna dünýä halklaryny jemleýär we bir halkyň milli
baýramyny dünýä halklarynyň edebiýat baýramçylygyna öwürýär.
Şu ýerde bir meselä äýratyn ünsi çekesimiz gelýär. Edebi hyzmatdaşlygyň
ýakyn geçmişdäki ösüşine dahylly formalaryň hemmesine mahsus bir ýagdaý
başdan-aýak dowam edýär. Ol hem terjimeçilik işi bilen bagly ýüze çykan
ýagdaýdyr. Bu iş edebi hyzmatdaşlygyň ähli formalarynyň aýrylmaz hemrasy
bolýar. Şonuň üçin eýýäm geçen XX asyryň ellinji ýyllarynyň ortalaryna çenli
M.Gorkiniň eserleriniň on alty tomlugy türkmen diline terjime edilip, halk
köpçüligine ýetirilýär. Bu, elbetde, terjimeçilik işiniň ösüşinde “hamyr ujundan
petir” edilip alnan ýekeje mysaldyr. Türkmenistanda terjimeçilik sungatynyň ösüş
taryhy ýörite öwrenilmegini talap edýän meseledir.
Biz bu ýerde onuň diňe edebiýatlaryň özara gatnaşyklarynyň ösüşindäki
hyzmatynyň käbir taraplaryny ýatlap geçmek bilen çäklenýäris.
XX asyryň syýasy-jemgyýetçilik we medeni-taryhy ösüşiniň şertlerinde
kemala gelen köpmilletli sowet edebiýatynyň terjimeçilik sungaty arkaly özara
baýlaşmagyň uly çeperçilik ýoluny geçendigini inkär edip bolmaz. Köpmilletli

209
sowet edebiýaty öz wagtynda terjimeçilik işi bilen bagly özara edebi
hyzmatdaşlygyň we özara baýlaşmagyň aýdyň ýoluna düşýär. Bu edebi
hyzmatdaşlyk, öz gezeginde, sowet ýzyjylary üçin çeperçilik ussatlygynyň
kämilleşiş mekdebine öwrülýär. Hut terjimeçilik işiniň üsti bilen milli edebiýatlar
biri-birinden täze döwür hakykatyny açmagyň, ony çeperçilik taýdan
özleşdirmegiň döredijilik terjribesini toplamaga münkinçilk tapýarlar. Bu bolsa
köpmilletli sowet edebiýatynyň durmuş hakykatyny özleşdirmek prossesinde
umumy tipologik bitewliginiň ýüze çykmagyna alyp barýar. Milli edebiýatlaryň
özara hyzmatdaşlygynyň giňelmegi we ýygjamlaşmagy esasynda olar diňe bir
ideýa-mazmun umumulygyna eýe bolmak bilen çäklenmeýärler. Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň edebiýatlary, şol sanda türkmen edebiýaty hem özüniň žanr gerimini
giňeldýär. Türkmen edebiýaty hekaýa, nowella, oçerk, powest, roman ýaly kyssa
žanrlary, drama, komediýa, tragediýa ýaly drama žanrlary bilen baýlaşýar.
Poeziýa, dünýä edebiýatynyň ideýa-mazmun, çeperçilik hem forma babatdaky
derejelerine çenli giňelmek we çuňlaşmak ýaly özgerişlere eýe bolýar. Bu
özgerişleriň hemmesi gönüden-göni dünýä edebiýaty bilen özara gatnaşyklaryň,
olar bilen ýygjamlaşan edebi hyzmatdaşlygyň, şeýle hem terjimeçilik işiniň täsiri
bilen ýüze çykan çeperçilik hadysadyr.
Merkezi Aziýa halklarynyň edebiýatlarynyň diňe bir özara edebi
hyzmatdaşlygyň çygryndan çykyp, dünýä edebiýaty bilen özara gatnaşyga ýol
açandygy hakda daşary ýurt ýazyjylary-da ýörite nygtaýarlar. Nemes ýazyjysy
R.Opits bu hakda şeýle diýýär: “Ikinji jahan urşundan soňra Orta Aziýa
edebiýatlarynyň nemes okyjylaryna täsiriniň ýoluk özgerendigini minnetdarlyk
hem kanagatlanmak duýgusy bilen aýdyp bilerin. Biz Gorkiniň, Şolohowyň,
Fadeewiň we beýleki rus sowet ýazyjylarynyň eserleri bilen bir hatarda Aýnini,
Auezowy, Kerbabaýewi okaýarys hut şularyň eserleri arkaly biz
internasionalizmiň nämedigini aýratyn güýçli duýup bildik.” 1 Bu, elbetde, Orta
Aziýa halklarynyň edebiýatlarynyň, şol sanda türkmen edebiýatynyň döwür bilen,
dünýä bilen aýakdaş ösýändiginiň aýdyň subatnamasydyr. Türkmen ýazyjysy
B.Kerbabaýewiň we beýlekileriň çeper terjime arkaly dünýäniň köp
yklymlarynyň halklaryna elýeterli bolmagy, elbetde, terjimeçilik sungatynyň
edebi hyzmatdaşlygyň özbuluşly formasydygyny tassyklaýandygyndan hem
daşgary, türkmen milli edebi prossesiniň dünýä halklarynyň ruhy isleglerini we
talaplaryny kanagatlandyryp bilýän çeperçilik derejelere galandygynyň hem
alamatydyr. Bu, elbetede, milli edebiýatyň özara edebi hyzmatdaşlygynyň
kanunalaýyklyklaryndan has çuňluklardaky kanunlara esaslanyp, öz ösüşini
dowam etdirýändigini we onuň eýýäm edebi täsir giňişliklerine aralaşandygyny
tassyklaýar.

1
Сенограмма регионального совещания на тему: «Современная проза республик Средней Азии и
Казахстана: проблемы и пути развития» - Архив СП СССР, дело на 87 л. С 54 и сл.
210
EDEBI TÄSIR

Çeper prossesiň ösüşinde edebi täsiriň möhüm hyzmaty bar. Ol edebi


prossesiň ösüş kanunalaýyklygy hökmünde-de, edebi hyzmatdaşlyk meselesiniň
özboluşly bir formasy hökmünde-de ýüze çykyp bilýär. Şu ýerde kanuny suratda
bir sorag ýüze çykýar. Eger edebi täsir meselesi edebi hyzmatdaşlygyň bir

211
formasy bolýan bolsa, onda ony edebi hyzmatdaşlyk bölüminde öwrenäýsek
bolmaýarmyka? Ýok bolmaýar. Çünki edebi täsir diňe bir edebi hyzmatdaşlyk
meselesiniň özboluşly bir formasy bolmak bilen çäklenmeýär. Ol edebi prossesiň
ösüş ugruny aýdyňlaşdyrýan esasy kanunalaýyklyklaryň hem biridir. Şoňa
laýyklykda bu meselä özbaşdak bölümde garap geçmek dogrudyr. Sebäbini ýene
bir gezek nygtaýarys. Ol çeper prossesiň ösüşine dahylly özbaşdak bir
kanunalaýyklykdyr. Şoňa görä edebi täsir meselesini edebi hyzmatdaşlyk
hakyndaky bölümde däl-de, ony özbaşdak kanunalaýyklyk hökmünde özbaşyna
bir bölümde öwrenmek maksada laýykdyr.
Edebi täsir kanunalaýyklyk hökmünde, umuman alnanda, bir halkyň
çeperçilik tejribesiniň beýleki bir halkyň edebi durmuşyna aralaşmagydyr we
ornaşmagydyr. Şeýle hem ol aýratyn alnan bir edebi usulyň, edebi akymyň, edebi
mekdebiň, edebi täriň täsirini, bir halkyň meşhur bir ýazyjysynyň başga bir
halkyň ýazyjysyna täsirini, milli edebiýatlaryň öz ýazyjysynyň döredijilik
tejribesiniň başga bir ýazyjysyna täsirini, aýry-aýry çeperçilik elementleriň we
başga-da göze görünýän ýa-da görünmeýän, ýöne edebi täsiriň bardygy duýulýan
çeperçilik babatdaky ýüze çykmalaryň toplumyny öz içine alýar. Bu çeperçilik
hadysa edebi prossesiň ösüşinde yzygiderli özüni görkezip durmak bilen
özboluşly kanunalaýyklyga öwrülýär.
Şu ýerde ilki bilen bir meselä aýdyňlyk berilse, ýerlikli bolardy. Edebi täsir
çeper terjime arkaly ýüze çykýan bolsa, ol kanunalaýyklyk derejesine galyp
bilmeýär. Ol bu ýerde edebi täsiriň ýüze çykmagynyň bir elementi hökmünde
özüni görkezýär. Has dogrusy, çeper terjime netijesinde ýüze çykan edebi täsir
edebi hyzmatdaşlygyň bir formasyna öwrülýär. Edil şunuň ýaly, çeper terjime
hem, edebi täsiriň özboluşly bir elementi bolmagynda galýar. Diýmek, çeper
terjime edebi hyzmatdaşlygyň ýüze çykyş formasydyr, edebi täsiriň bolsa bir
elementidir we ol şundan başga zat däldir.
XX asyryň başlarynda eýýäm işjeňleşip başlan bu forma ýa-da çeper
terjimeçilik işi türkmen edebiýatynyň çeperçilik giňişliklerini täze serhetlere tarap
giňeldýär. Hatda ol türkmen edebi prossesiniň žanr taýdan baýlaşmagynda hem
ägirt uly hyzmatlary bitirýär. Terjimeçilik sungatynyň çeper döredijilik işiniň
kämilleşmegindäki oňyn hyzmaty hakda meşhur türkmen ýazyjysy
B.Kerbabaýew örän jaýdar pikirleri orta atýar. M. Gorkiniň “Ene” romanyny
terjime etmek B. Kerbabaýew üçin täze bir döredijilik giňişliginiň açylmagyna
sebäp bolýar. Ol M. Gorkiniň täsiri bilen roman ýazmaga badalga alýar.
B.Kerbabaýew özüniň “Aýgytly ädim” romanyny ýazyş prossesiniň dowamynda
rus ýazyjysy M. Gorkiniň döredijilik tejribesine öwran–öwran ýüzlenendigi
hakynda şeýle ýazýar:
“Türkmenistanyň ýazyjylary üçin M. Gorkiniň eserleri ägirt uly dünýäni
açýar. Keşp döretmek ussatlygy babatda, gürrüň bermek däl-de, çeper beýan
etmek babatda Gorkiý meniň üçin, eserleri bilen tanyş ýazyjylarymyň arasynda,
ussatlygy babatda birinji orunda durýar. “Aýgytly ädim” romanynyň üstünde

212
işleýärkäm, men ony Gorkiniň gurnaýşy ýaly gurnamaga çalyşdym, mümükin
boldugyndan, janly adamlary, Türkmenistanda 1916-njy ýylda bolup geçen
tolgunyşyklary görkezmekde, Gorkiniň edişi ýaly, sada görkezmäge ýykgyn
etdim.”1
Ýazyjynyň özüniň hem boýun alşy ýaly, M. Gorkiniň döredijilik tejribesi
B. Kerbabaýewe örän güýçli täsir edipdir. Rus ýazyjysynyň döredijilik ussatlygy
B. Kerbabaýewiň maňzyna batan bolmaga çemeli. Muňa ol M. Gorkiniň “Ene”
romanyny terjime eden pursatlarynda doly göz ýetirýär. Şeýlelikde, B. Kerba-
baýew “Ene” romanynyň awtorynyň döredijilik täsirinden çykyp bilmän galama
ýapyşýar. Bu gönüden-göni terjimeçilik sungatynyň täsiri bilen ýüze çykan
döredijilik hyzmatdaşlygydyr. Görnüşi ýaly, M. Gorkiniň “Ene” romany
B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynyň döremeginde ägirt uly döredijilik
mekdebi bolup hyzmat edýär. Bu diňe bir rus-türkmen edebi hyzmatdaşlygynyň
ýüze çykmagynda däl, eýsem rus ýazyjysynyň türkmen ýazyjysynyň döredijilik
ussatlygynyň kämilleşmeginde bitiren hyzmatyna edebi täsiriň aýdyň ýüze
çykmasyna hem subutnamadyr. Edebiýaty öwreniş ylmy şeýle döredijilik täsiriň
aýry-aýry mysallaryna ýüzlenip, olary öwran–öwran gaýtalady. Aýratyn hem
N.Saryhanow bilen rus ýazyjysy A. P. Çehowyň arasyndaky, Ç. Aşyrow bilen rus
şahyry N. A. Nekrasowyň arasyndaky döredijilik ýakynlygy edebi täsiriň aýdyň
mysaly hökmünde tassykladylar. Döredijilik şahsyýetleriň arasyndaky bu hili
özara täsir çeper terjime arkaly ýa-da täsir alan ýazyjysynyň eserlerini köp
okamak netijesinde ýüze çykýan edebi täsirdir.
Edebi täsiriň wagt taýdan hem, giňişlik taýdan hem hiç hili çägi-serhedi
bolmaýar. Taryhy döwrüň çuňluklarynda galan çeperçilik hadysalar hem,
geografik giňişlikleriň alyslyklarynda ýüze çykan çeperçilik elementler-de şu
güne we şu günüň adamlaryna – bize hyzmat edip bilýär. Ýöne onuň edebi täsir
arkaly çeperçilikli özleşdirilmegi we döredijilikli ösdürilmegi gerek. Dogrusy, şu
günüň, şu ýurduň hyzmatynda goýulmagy gerek.
Edebi täsir hakyda täsiridir. Hakyda bolsa özüne siňdiren çeperçilik
hadysalarynyň ýüze çykan döwrüne ýa-da ornuna (giňişligine) parh goýup
durmaýar. Eger edebi täsiriň hakyda bilen baglylygyny nazarda tutsak, onda
aýry--aýry döredijilik şahsyýetleriniň biri-birine täsiriniň otnositel
häsiýetdeliginden hem sowlup geçip bolmaýar. Sebäbi N. Saryhanowyň
ýazyjylyk aýratynlygyny ýa-da döredijilik tejribesini diňe A. P. Çehowdan alan
täsirine baglap goýmak, onuň şahsyýet hökmünde hem, döredijilik şahsyýeti
hökmünde hem kemala geliş sepgitlerinde milli çeper gymmatlyklaryň
(ertekileriň, hekaýatlaryň, rowaýatlaryň, şorta sözleriň, dessanlaryň,
şadessanlaryň we gaýrylaryň) hakyda siňen hem-de gerek wagty susup alyp
durmaly gözli çeşmesini ýa-da goruny inkär etdigimiz bolardy. Bu çeşme hiç
wagt kör bolmaýan çeşmedir, bu gor hiç wagt egsilmeýän gordur. Şonuň üçin ol

1
«Туркменская искра», 1941, 19 июнь.
213
hiç wagt hasapdan öçürilmeli ýa-da hiç bir jähetden göz ýumulmaly çeperçilik
hazyna däldir.
Edebi täsiriň döredijilikli ýakynlyk, döredijilikli meňzeşlik, döredijilikli
öýkünmek, hatda döredijiliksiz tötänleýin gaýtalamak ýaly hil taraplary bar. Gös-
göni göçürmek (plagiatlyk) bu hatara girmeýär. Oňa edebiýat ogrulygy hem
diýilýär. Edebi täsiriň döredijilikli hil tarapylary bilen tötänlikde ýüze çykan
ýakynlygy, meňzeşligi, gaýtalamany bir hatarda goýup bolmaz. Tötänlikler
durmuşda-da, edebiýatda-da bolup durýar. Asla hiç wagt biri-biri bilen
döredijilik gatnaşykda bolmadyk ýazyjylarda hem ýakynlygyň, meňzeşligiň,
gaýtalanmanyň ýüze çykaýmagynyň mümkinligini aradan aýryp bolmaýar.
Edebiýatçylaryň arasynda degişmä ýakyn şeýle bir gürrüň ýaýrapdyr. Bir
tankytçynyň meşhur bir ýazyjynyň eserlerinde Ç.Dikkensiň däpleriniň
dowamyny görýändigi baradaky gürrüňlerini eşidip, ol: “Meniň ýene-de bir
eserlerini okap görmeli ýazyjym bar oguşýan” diýenmiş. Näçe geň bolsa-da, bu
ýerde tankytçyny-da, ýazyjyny-da säwlikde aýyplap bolmaýar. Ikisi-de özüçe
dogry. Görnüşi ýaly, hiç wagt döredijilik galtaşygyna girmedik ýazyjylaryň
arasynda hem biri-birine ýakynlyk, meňzeşlik, hatda gaýtalamaklyk-da bolup
bilýär. Bu, elbetde, edebi täsir meselesiniň örän çylşyrymly çeperçilik
hadysadygyny tassyklaýar. Şonuň üçin edebi täsir meselesi hakda söz açýan alym
ýa-da ýazyjy bu meselä örän seresaply çemeleşmelidir. Her döredijilik
ýakynlygyna ýa-da meňzeşligine edebi täsiriň netijesi hökmünde garabermek
hemme halatlarda dogry bolman hem biler. Bu ýerde tötänligiň “oýunlaryny-da”
göz öňünde tutmaly bolýarys. Edebi täsir meselesi hakda söz açylanda, tötänleýin
ýüze çykan ýakynlyk, tötänleýin meňzeşlik, hatda tötänleýin biri-birini
gaýtalamaklyk ýaly ýagdaýlaryň bolaýmak ähtimallygyny hem gözden salmak
bolmaýar. Tötänlikler, elbetde, edebi täsir däldirler. Olar aňdaky, zehindäki,
durmuş synçylygyndaky, durmuşa garaýyşlardaky, durmuş hakykatyndaky
umumylyklardyr. Bu hili umumylyklar, elbetde, parallellikleri döredip biler.
Umumylyklaryň, parallellikleriň hemmesi bolsa entek edebi täsir däldir.
Eýsem onda edebi täsir nämekä?
Edebi täsir bu aýratyn alnan çeperçilik hadysanyň, alamatyň, ýörelgäniň
ýa-da däbiň başga birlerine, aýdaly, tutuş edebi prossese, edebi akyma, edebi
mekdebe, döredijilik şahsyýete dürli görnüşde ýetirilen döredijilikli täsirdir. Ol
özboluşly çeperçilik ösüşdir. Ol bizden alysdaky ýa-da ýakyndaky edebi çeper
hadysanyň, alamatyň, ýörelgäniň, däbiň döredijilikli ösdürilmesidir. Eger edebi
täsir döredijilikli ösüşiň hemrasy bolup bilmese, onda ol özüniň çeperçilik
gymmatyny tapyp bilmedik, emelsiz ýakynlyk ýa-da meňzeşlik derejesinden aňry
geçip bilmez. Edebi täsir ýalana çykaryp bolmaýan döredijilik prossesi hökmünde
özüni görkezip bilmeýän bolsa, onda ol hakda ýörite gürrüň etmegiň zerurlygy
ýokdur. Eýsem edebi täsiriň ýalana çykaryp bolmaýan hakyky döredijilkli
täsirdigini ýa-da täsir ýaly bolup görünýän galplykdygyny nähili kesgitlemeli?
Bu, elbetde, aňsat iş däl. Munuň üçin edebi täsir meselesini ylmy taýdan barlag

214
edýän alymyň täsirini ýetirýän çeperçilik hadysa-da, täsirlenýän tarapyň
özboluşly aýratynlygyna-da inçeden beletligi gerekdir. Şeýle beletlik bilen meselä
çemeleşilmese, ol seni islendik ädimde çoçgara çolaşdyryp biler.
Eger bu meselä giňişleýin hem töwerekleýin garasak, onda şu günki edebi
prosses düýnki ýa-da has uzak geçmişdäki edebiýatyň döredijilikli dowamydyr.
Şu günki türkmen edebiýaty babatda hem bu şeýledir. Ol ähli milli edebiýatlara
hem häsiýetli alamatdyr. Bu ýerde biz edebi-çeper däpleriň ähli milli
edebiýatlarda hem döwrebap we döredijilikli ösdürilýändigini göz öňünde
tutýarys. Döwür täzelenip gidip otyr. Şonuň ýaly-da durmuş hakykatyny
çeperçilikli özleşdiriş işi-de, çeperçilik ýörelgeler-de täzelenip, kämilleşip
ösmegini dowam edýär. Ýöne ol täzelenişler ozaldan dowam edip gelýän däpleriň
esasynda ýüze çykýarlar. Durmuşy çeperçilikli özleşdirişiň kämilleşmegi bolsa
täzelenişleriň hasabyna amala aşýar. Edebi-çeper täzelenişler-de öz möwritini
sürüp, ýa-ha edebi däplere element hökmünde siňip gidýärler ýa-da döreýşi ýaly
ýitip, ýok bolup gidýärler. Ýogsamam olar özbaşdak täze bir edebi däbi emele
getirip, çeper prossesiň ösüşine özboluşly täsir edip başlaýarlar. Bu prosses dürli
halklaryň edebiýatynda dürlüçe ýüze çykýar we ösýär. Edebi täsiriň edebi däp
we täzeçillik bilen baglanyşykly ýüze çykyşy şeýle-şeýle kanunalaýyklyklara
eýerýär.
Dünýä çeperçilik prossesindäki edebi täsir meselesine dahylly tipologik
umumylyklary, olaryň biri-biri bilen çatlyşýan ýerlerini milli edebi däpleriň üsti
bilen düşündirmek çetin. Şeýle-de bolsa milli edebiýatlaryň ösüşindäki deňeşdirip
bolýan gabat gelmeleri ylmy taýdan özbaşdak tiplere bölüp bolýar. Belli rus
alymy Ý.Borew özüniň “Estetika” atly kitabynda çeper prossesiň ösüşindäki
tipologik umumylyklaryň we meňzeşlikleriň dört tipine ünsi çekýär. 1 Alymyň
bölüş tipleri maňzymyza batansoň, biz Ý.Borewe salgylanyp, bu dört tipiň
dördüsi hakda hem söhbet etmegi maksada laýyk hasapladyk. Biz Ý.Borewiň
bölüş tipleriniň mysallaryny mümkin bolan ýerlerinde türkmen edebiýatynyň
nusgalary bilen berkitmäge çalşarys. Mümkin bolmadyk ýerlerinde bolsa
Ý.Borewiň edebi-çeper maglumatlaryna salgylanmak arkaly meselä aýdyňlyk
bereris. Ý.Borewiň pikriçe, tipleriň birinjisi edebi täsir meselesine gönüden-göni
dahylly bolýan “gezende sýužetlerdir.” Ýurtdan-ýurda, bir edebiýatdan beýleki
bir edebiýata göçüp-gonup ýören sýužetler türkmen edebi prossesiniň ösüş
taryhynda hem öz yzyny galdyrypdyr we ol edebi täsiriň özboluşly bir tipini
emele getiripdir. Türkmen halk dessanlary-da, ýazuwly edebiýatyň dessan
nusgalary-da, tutuşlygyna diýen ýaly, göçme sýužetlere esaslanýar diýseň hem
boljak. Olar Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýran örän ýörgünli
sýužetlerdir. Şonuň üçin milli dessan sungatymyzda arap edebiýatyna degişli
sýužetlere-de (Andalybyň “Leýli-Mejnun”, Magrupynyň “Seýpelmelek-Methal-
jemal”, Şeýdanynyň “Gül-Senuber” dessanlary) , pars sýužetlerine-de (“Warka-
Gülşa”, Fahreddin Gürgeniniň “Wis we Ramin”, Şabendäniň “Gül-Bilbil”,

1
Ю. Борев. Эстетика. М., Изд-во политической литературы, 1988, 352-353 sah.
215
dessanlary), ermeni sýužetine-de (“Asly-Kerem”), ýewreý sýužetine-de
(Andalybyň “Ýusup-Züleýha”, Alynyň “Kyssaýy-Ýusup” eserleri) duş gelmek
bolýar.
Göçme sýužetleriň dürli halklaryň edebiýatlarynyň süňňüne siňmegi olaryň
özara edebi hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Şeýle hem olar edebi täsiriň aýdyň
mysaly hökmünde milli edebiýatlaryň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr.
Diýmek, edebi hyzmatdaşlyk we edebi täsir biri-biri bilen aýrylmaz bitewilige
girip bilýän kanunalaýyklykdyr. Göçme sýužetleriň milli edebiýatlara aralaşmagy
bilen emele gelýän ideýa-mazmun meňzeşligi ýa-da umumylygy milli
edebiýatlaryň hem-de olara eýelik edýän halklaryň ruhy talaplary bilen gönüden-
-göni baglanyşyklydyr. Eger şeýle ruhy zerurlyk bolmadyk bolsa, onda ol göçme
sýužetler diýilýänler beýle köp halklaryň arasyna ýaýramazdy. Göçme sýužetlere
bolan ruhy islegler, birinjiden, olarda hereket edýän personažlaryň nusgalyk
häsiýetlerine ýa-da şol sýužetler arkaly öňe sürülýän ynsanperwer ideýalara bolan
zerurlyk esasynda ýüze çykyp bilýär. Şeýlelikde, göçme sýužetleriň halkara
ýaýrawynyň giňelmegi bilen edebi hyzmatdaşlyk hem-de edebi täsir meselesi
kanunalaýyk ýagdaýda ýüze çykýar we ösýär.
Çeperçilik hadysalaryň umumylygyna we çalymdaşlygyna alyp barýan we
şol esasda ýüze çykýan edebi täsiriň ikinji bir tipi, Ý. Borewiň pikiriçe, ol hem
özara täsiriň “girdabyna” düşen halklaryň we olaryň edebiýatlarynyň taryhy ösüş
şertleriniň hem-de durmuş ýagdaýlarynyň meňzeşligi bilen bagly emele gelýän
tipdir. Şunuň ýaly edebi täsiriň aýdyň mysalyny biz belli türkmen ýazyjysy Hydyr
Derýaýewiň “Ykbal” (“Ganly penjeden”) romany bilen özbek ýazyjysy Abdylla
Kadyrynyň “Geçen günler” (“Ötgen günler”) romanynyň arasynda ýüze çykan
edebi täsir gatnaşyklarynda görüp bilýäris. H. Derýaýew Abdylla Kadyrynyň
“Geçen günler” romanyny asyl nusgada-özbek dilinde okapdyr. Bu taryhy
romanyň özünde galdyran täsiri hakda H. Derýaýew şeýle ýazýar:
“... Ol roman meniň ýaş ýüregimde hiç wagtda unudylmajak täsir goýdy.
Şonuň netijesinde meniň başymda: “Türkmen halkynyň hem şeýle agyr geçmişi
bar ahyry, şol geçmişden men hem bir roman ýazaryn” diýen pikir döredi. “Geçen
günler” romanynyň eden güýçli täsiriniň mende döreden bu pikiri şondan soň
Daşkentde okan döwrümde-de, Aşgabada gelip, işe başlamsoň hem maňa asla
ynjalyk bermedi. Emma ýazyljak romanyň wakalaryny, onuň gahrymanlaryny
ýüregimde öwrüp gezsem-de, roman ýazmaga gös-göni girişibermäge tä 1933-nji
ýylyň başlaryna çenli het edip bilmedim...”1
Ýazyjynyň öz eli bilen ýazan terjimehalyndan alnan bu setirler onuň özbek
ýazyjysy Abdylla Kadyrydan täsirlenendigine güwä geçýär. Edebi täsir meselesi
ýazyjynyň terjimehal maglumatlaryna girendigini nazarda tutsaň, onda ol täsiriň
estetiki hümmeti H. Derýaýewiň “Ykbal” romanynyň awtorynyň öz ykbalynda
mäkäm orun alandygyny tassyklaýar. Bu terjimehal maglumaty özüne
şübhelenmäge ýer goýanok. Özbek ýazyjysynyň geljekki türkmen ýazyjysynyň

1
H. Derýaýew. “Ykbal”. Roman, birinji-ikinji kitap. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýaty, 1962, 6 sah.
216
ruhy dünýäsine eden täsiri, birinjiden, estetiki täsirdir. Ikinjiden, ol täsir türkmen
hem özbek halklarynyň taryhy ösüş şertleriniň, ýaşaýyş durmuşlarynyň
meňzeşligi, bu iki halkyň taryhy ykballarynyň ýakynlygy ýaly tipologik
umumylyklar bilen dörän täsirdir. Şonuň üçin H. Derýaýewiň Abdylla Kadyrydan
alan täsiri edebi täsiriň çäginden has daşlara ýaýraýar, ol täsiriň kökleri taryhyň
çuňluklaryndan gözbaş alýar. Ol uzak taryhy döwrüň dowamynda emele gelen
goňşuçylyk gatnawlary bilen berçinlenen gymmatlykdyr. Edebi-ruhy tarapdan
ýakynlyk hem, hyzmatdaşlyk etmek hem, biri-biriňe edebi-çeperçilik taýdan täsir
etmek hem şol gymmatlygyň içindedir. Şoňa görä H.Derýaýew Abdylla
Kadyrynyň romanyndan ony terjime etmek arkaly däl-de, okyjy hökmünde okap,
lezzet almak, ondan estetiki taýdan bähre almak bilen täsirlenipdir. Edebiýatçy
K. Salyh bolsa H. Derýaýewiň “Ganly penjeden” (“Ykbal”) romanyny ýazýarka,
hakykatdan hem onuň uly göwrümli eseriň kompozissiýasyny nähili
gurmalydygyny, wakalaryň çeper beýan ediliş tärlerini Abdylla Kadyrydan
öwrenendigini ikirjiňlenmezden tassyk edýär. Şonuň ýaly-da edebiýatçy alym
Abdylla Kadyrynyň H. Derýaýewe eden döredijilikli täsiriniň esasynda, umuman,
edebi täsir meselesi hakda söz açyp, şeýle netijä gelýär.
“Gepiň gerdişine görä, bu fakt bilen baglylykda bir zady aýdyp geçmek
zerur. Biziň edebiýaty öwreniş ylmymyzda doganlyk halklaryň türkmen
edebiýatyna, onuň aýry-aýry wekillerine eden täsiri hakynda gürrüň gozgalan
wagtynda, täsir meselesi, mydama diýen ýaly, diňe rus edebiýatynyň täsirine
syrykdyrylýar. Türkmen sowet edebiýatyna rus klassyky hem-de häzirki zaman
edebiýatynyň uly täsiriniň bolandygy, onuň ösmeginde bolsa degerli rol
oýnandygy jedelsizdir. Munuň özi aýry-aýry ýazyjylarymyzyň döredijiliginiň
mysalynda ynandyryjylyk bilen subut edildi. Bu ugurda entek hem geçirilmeli
barlaglar kän. Ýöne welin türkmen sowet edebiýatyna onuň aýry-aýry wekillerine
doganlyk halklarymyzyň edebiýatynyň ýetiren oňat täsirini diňe bir rus
edebiýatynyň täsirine syrykdyrmak nädogrudyr. Türkmen sowet edebiýatynyň
ösmegine, rus edebiýaty bilen birlikde, doganlyk türki halklaryň edebiýatynyň,
has takyklap aýtsak, azerbaýjan hem-de tatar edebiýatynyň-da täsiriniň az
bolmandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Bu täsir, biziň pikrimizçe, ylaýta-da
edebiýatymyzyň ilki döwürlerinde, ýagny 20-nji ýyllarda hem-de 30-njy ýyllaryň
birinji ýarymynda (XX asyr-Ş.G.) has güýçli bolupdyr. Edebiýaty öwreniş
ylmymyzyň heniz “tarp ýeri” bolan bu meselä edebiýatçy alymlarymyz köpräk
üns berse kem bolmazdy. Romançy ýazyjymyz Hydyr Derýaýewiň döredijilik
tejribesi bu pikiri has ynamly aýtmaga mümkinçilik berýär.”1
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başlarynda aýdylan bu pikir öz döwri
üçin dogrudy. Edebiýatçy K. Salyhyň H. Derýaýewiň “döredijilik tejribesi”
diýmek bilen göz öňünde tutýany onuň özbek ýazyjysy Abdylla Kadyrydan
täsirlenendigidir.

1
H. Derýaýew. “Ykbal”. Roman, birinji-ikinji kitap. Aşgabat, Türkmen döwlet neşiýaty, 1962, 7 sah.
217
Çeperçilik hadysalaryň meňzeşligine we ýakynlygyna esaslanýan edebi
täsiriň üçünji tipini alym Ý. Borew çeperçilik medeniýetiň aýlaw (spiral) şekilli
ösüş dialektikasy bilen şertlendirýär. Muňa nähili düşünmeli? Ony Ý. Borew
şeýle düşündirýär. Her edebi-çeper döwrüň ýeten belent derejesini aňladýan
çeperçilik hadysalar aýlaw (spiral) şekilli ösüşiň ýokary nokadydyr. Aýlawlaryň
belent nokatlaryndaky çeperçilik hadysalar, haýsy döwre degişlidigine
garamazdan, döwür dolanmagy bilen ähmiýetini ýitirmeýär. Olar özünden soňky
döwürlerde hem gaýtalanyp durmagyny dowam edýärler. Bu ýagdaý hakyky
çeperçilik hadysalaryň hiç wagt könelmeýändiginiň alamatydyr. Şu mesele bilen
“altyn-kümüşiň könesi bolmaz” diýen türkmen pähiminiň arasynda sazlaşyk bar.
Hakykatdan hem milli gymmatlyk derejesine galan zatlar bakylyga el bulaýarlar.
Olar asyrlaryň agyr synagyndan geçip bilýan gymmatlyklar bolany sebäpli,
hemme döwürler üçin wajyplygyny ýitirmeýärler. Aýdaly, Täzeden döreýiş
döwründe gadymy grek sungatynyň käbir aýratynlyklarynyň gaýtalanmagy,
klassissizmde Rim sungatynyň käbir aýratynlyklarynyň gaýtalanmagy ýaly dünýä
edebi prossesiniň ösüşindäki çeperçilik hadysalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bular edebi täsir şekilindäki gaýtalanmalar bolany üçin, olara aýratyn ähmiýet
bermezlik mümkin däl.
Şeýle edebi-çeper hadysanyň türkmen edebiýatyndaky mysalyna
ýüzlenmeli bolsak, onda biz Magtymgulynyň döredijilik şahsyýet hökmünde
edebi täsirine ýüzlenmeli bolýarys. Magtymguly XVIII asyryň edebi-jemgyýet-
çilik pikiriniň ösmegine, türkmen tire-taýpalaryň agzybirligini, bitewi hem
berkarar döwletliligi, şol döwletiň başynda hem adalatly şanyň oturmagyny arzuw
eden we öz zamanasy üçin döwrebap idealy öňe süren akyldardyr. Şahyryň käbir
setirlerine ser salyp göreliň:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,


Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly, türkmeniň.1

Har galmasyn puştba-puştum,


Berkarar döwlet islärin.2

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,


Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsun,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,


Gurudar Gulzumy , derýaýy-Nili,
1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat,”Türkmenistan”, 1983, 11 sah.
2
Şol ýerde, 61 sah.
218
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.1

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,


Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,


Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.2

Bu setirler XVIII asyryň edebi-çeper pikiri. Bu setirler XVIII asyryň


jegyýetçilik-filosofik pikiri. Bu setirler XVIII asyr edebiýatynyň baş idealy. Bu
setirler XVIII asyryň ahlak-etiki ýörelgesi. Bu setirler XVIII asyryň ýaşaýyş-
durmuş ölçegleri. Bu setirler XVIII asyryň jemgyýetçilik-syýasy pikiri. Bularyň
hemmesi hem Magtymgulynyň döredijilik zähmetiniň miwesi. Hemmesi hem
XVIII asyr türkmeniniň dünýewi arzuwlary. Hemmesi hem XVIII asyryň
türkmen akyldarynyň hem şahyrynyň ylahydan gelen, ýöne zemini esaslary bolan
hyýallary. Hemmesi hem Magtymgulynyň Arşyň depesinden däl-de, “Ýer-Gögüň
arasyndan akyl-pikir edip” tapan hakykaty hem idealy. Hemmesi hem
Magtymgulynyň Arşy ylhamy bilen seçilip alnan dünýewi hakykat. Bularyň
hemmesi hem Magtymgulynyňky. Munuň şeýledigine hiç hili şek-şübhe ýok.
Şek-şübhe ýene bir zada ýok. Ol hem baryp üç asyra golaý mundan öň aýdylan
bu mukaddes pikirleriň könelmejekdigidir. Diýmek, beýik akyldaryň diline gelen
bu sözler, akylyna dolan bu pikirler döwrüň çeperçilik hadysasy bolan sözler hem
pähim-paýhaslardyr. Hakyky çeperçilik hadysalara bolsa könelme ýokdur. Eger
şeýle bolsa, onda gyzyla gaplaýmaly bu sözleriň ujy bir ýerden çykmaly. Uç
aýlaw (spiral) şekilli ösüşiň ýokary nokatlarynda. Sebäbi aýlaw (spiral) şekilli
ösüşiň ýokary nokatlaryndaky gymamatlyklara gaýtalanmak kanunalaýyklygy
mahsusdyr.
Beýik Magtymgulynyň edebi-çeperçilik hadysa derejesine galan ganatly
sözüniň öz döwrüniň ýowuz synaglarynyň pidasy bolup galman, soňraky asyrlara
ýaň salyp durandygyna her birimiz şaýat. Hakykatdan hem Magtymgulynyň sözi
XVIII asyryň tümlügini ýaryp, şu günki Berkakar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwrüniň sesine täzeçe owaz berýär. Ol asyrlaryň jümmüşinden çykyp, şu günüň
çeperçilik dünýäsine öz röwşen nuryny çaýýar. Bir mysala ýüzlenip göreliň.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap derejä eýe bolan Türkmenistanyň Döwlet
senasyndan şeýle setirleri okaýarys:

Janym gurban saňa, erkana ýurdum,


Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, Garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat,”Türkmenistan”, 1983, 123 sah.
2
Şol ýerde, 155 sah.
219
Halkyň guran baky beýik binasy,
Berkakar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller,


Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip, gorar şanymyz.

Bu setirler XXI asyr Türkmenistanynyň Döwlet senasyndan alyndy. Bu


setirlerde XVIII asyr türkmen akyldarynyň edebiýat meýdanyna sepen
magtymguluçylyk ruhy bar. Bu setirlerde magtymguluçylyk şugladan şöhlelenýän
şahyrana nur bar. Ol nur täzeçe şugla saçýan nurdugyna garamazdan,
Magtymguly zamanyndan gözbaş alyp gaýdan nur. Ol nur, Magtymgulynyň dili
bilen aýtsak, asyrlaryň tümlügini ýaryp, şu günlere şugla çaýýan “Gün
hanjarydyr”. Magtymgulynyň XVIII asyr feodal-urugçylyk şertlerinde oturyp,
“Pikir derýasyna akyl gämisini batyryp, çyka bilmen neýläýin” diýip, tapan
çykalgasyna berlen täzeçe many. Ol täzeçe manyny, elbetde, Garaşsyzlyk berdi,
täze döwür berdi. Şonuň üçin ol sözler Magtymgulynyň we onuň özünden soňky
nesilleriň arzuw eden ideallarynyň syýasy manysy we çeper beýany. Ol sözler
Garaşsyzlyk alnyp, hasyl bolan arzuwlaryň senasy. Iki döwrüň dillerinde sena
bolan setirleriniň içindäki gaýtalanýan sözlere, düşünjelere ser salsak, muňa
aýdyň göz ýetireris. Has aýdyň bolar ýaly, aşakdaky birinji dik hataryň sözleriniň
Magtymgulynyňkydygyny, ikinji dik hatarda ýerleşdirilen sözleriň bolsa Döwlet
senasyndan alnan sözler we düşünjelerdigini ýatladýarys.

Magtymguluda: Döwlet senasynda:


1. Baş (bir bolup başlar) – Baş (başlaryň täji) (1)
2. Toprak (erär topraklar-daşlar) – Toprak (topragyň nurdur) (2)
3. Türkmeniň – Türkmenistanym (3)
4. Berkarar döwlet – Berkakar döwlet (4)
5. Iller ýaýylsyn – Amandyr iller (5)
6. Bina (ýurt binamyz) – Bina (baky beýik binasy) (6)

7. Supra (bir suprada eda bolsun – Gardaşdyr tireler (7)


aşymyz)

220
8. Türkmenler (baglasa bir ýere bili) – Türkmenistanym; gardaşdyr
tirerler (8)
9. Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili – Gardaşdyr tireler, amandyr iller (9)
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
10. Bir döwlet (bir döwlete gulluk – Berkakar döwlet (10)
etsek)
11. Erkan (erer ol erkan mydam) – Erkan (erkana ýurdum) (11)
12. Türkmen binasy – Halkyň guran baky beýik binasy (12)
13. Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, – Owal-ahyr birdir biziň ganymyz (13)
Ahal ili bir bolup

Mysal alnan setirlerde Magtymguly bilen Döwlet senasyny birleşdirýän on


üç sany düşünje bar. Öňde Magtymgulynyň şygryýetinden alnan on sekiz setirde
duş gelýän esasy ýa-da baş düşünjeleriň on üçüsiniň XXI asyryň Döwlet
senasynyň on iki setirinde gabat gelmegi we gaýtalanmagy–bu aýlaw (spiral)
şekilli edebi täsiriň netijesidir. Bu asyrlaryň edebi prossesiniň aýlaw (spiral)
şekilli ösüşiniň ýokarky nokatlaryna galan çeperçilik hadysalarynyň
gaýtalanmasydyr. Edebi prossesiň üç asyr mundan ozal öňe süren şol bir
pikirleriniň we şol bir düşünjeleriniň gaýtalanmagyna, edebi täsir diýmän, başga
näme diýjek? Ýöne bu gaýtalanmalarda döredijilikli ösüşiň yzyny görýändigimizi
weli, aýratyn nygtamalydyrys. Magtymguluda tire-taýpalaryň agzybirligi, bitewi
döwletlilik, adalatly şa hakyndaky pikirler heniz arzuw-hyýal çygryndan daşlaşyp
bilmeýän ideallardyr. XXI asyr Türkmenistanynyň Döwlet senasynda bolsa
arzuw-hyýally ideallar däl-de, hakykat ýüzünde amala aşan ideallar hakynda söz
açylýar. Ol ideallar türkmen tire-taýpalarynyň agzybirliginiň esasynda berkarar
bolan bir bitewi türkmen döwletiniň bina edilmegi bilen bagly hakykaty
dabaralandyrýar.
Bu ýerde Magtymgulynyň agzybirlik, bitewi döwletlilik hakyndaky
setirleriniň Türkmenistanyň Döwlet senasynyň setirleri bilen parallellikde
goýulmagynyň hem özüne ýetik sebäbi bar. Sebäbi Magtymgulynyň mysal alnan
setirleri döwrüň (XVIII asyryň) senasy bolan setirlerdir. Türkmenistanyň Döwlet
senasy bolsa XXI asyryň türkmen döwletiniň resmi taýdan kabul edilen Döwlet
senasydyr. Iki döwrüň senasy hem türkmen halkynyň tiliniň we diliniň senasydyr.
Tilleriň senasy bolan setirleri diňe dilleriň (ýürekleriň) senasy bolan setirler bilen
gabatlaşdyryp goýup bolar. Bularyň ikisi-de aýlaw (spiral) şekilli ösüşiň ýokary
nokadyna galan çeperçilik hadysalardyr. Bu bir tarapdan. Ikinji tarapdan,
Garaşsyzlyk döwrüniň edebi prossesiniň baş idealy Türkmenistanyň Döwlet
senasynyň idealy bilen aýrylmaz suratda baglanyşyklydyr we olar biri-biri bilen
221
belent owazlar arkaly sazlaşyklydyr. Agzybirlik, dostluk-doganlyk, Garaşsyzlyga
guwanç, Berkakar döwlete buýsanç, bagtyýarlyk döwrüne söýgi, taryhy
geçmişimize hormat, şu günümize sarpa, röwşen geljegimize ynam duýgularyna
eýlenen ideallar Garaşsyzlyk döwrüniň edebi prossesiniň baş ideallary. Bu
ideallar halkyň taryhy ösüşiniň, onuň edebiýatynyň ideýa-çerçilik taýdan ösüşiniň
belent nokatlarynda jemlenen ideallardyr. Şonuň üçin döwür bilen aýakdaş ösýän,
hatda käbir halatlarda ondan hem öňräkde hereket edýän edebi prossesiň aýlaw
(spiral) şekilli ösüşiniň belent gerişlerinden görünýän döwrebap ideallaryň wagt
taýdan ilkinji orunda durýanynyň özünden soňkulara täsiriniň boljakdygy
kanunalaýyklykdyr. Bu kanunalaýyklyk edebi täsiriň özboluşly bir tipiniň–aýlaw
(spiral) şekilli ösüşiniň ýüze çykarýan edebi täsiriniň kanunalaýyklygydyr.
Çeperçilik hadysalarynyň gaýtalanmagyna esaslanýan edebi täsiriň iň
çylşyrymly we iň köp öwrenilen dördünji tipi çeper döredijilik medeniýetiniň
ösüşinde dürli-dürli tapgyrlaryň (цикллериӊ) ýüze çykandygyny nazarda tutýan
tipdir. Gruzin alymy Ş. Natsubidze Günbatardan öň başlanan Gündogar
Renessansynyň hem bolandygy we onuň özüne mahsus aýratynlyklarynyň hem
bolandygy baradaky çaklamany öňe sürýär. Eger şeýle bolsa sungatyň taryhy-da,
onuň nazaryýeti-de ýewropaçyllyk konsepsiýadan dänip, öz nazar aýlaýan
çeperçilik giňişligine diňe Günbatar tapgyryny (цикл) däl-de, eýsem Gündogar
tapgyrynyň (цикл) çepçilik hadysalaryny-da almaly bolýar. Iki tapgyryň-da
(цикл) meňzeş alamatlaryny we olaryň dürli çeperçilik sepgitlerdäki gabat
gelmelerini, ýakynlyklaryny tapmaly bolýar. Çeperçilik ösüşiniň dürli
tapgyrlarynda (цикл) döredijilik prossesiniň öz aýlawlary (spirallary) özboluşly
gaýtalanyp durýar we çeperçilik ösüşiniň dürli aýlawlaryndaky (spirallaryndaky)
gabat gelmeleriniň meňzeş nokatlaryny-da tapmaly bolýar. 1 Elbetde, diňe şol
meňzeşlikler we ýakynlyklar dürli tapgyrlardaky (цикл) edebi täsir ýüze
çykmalarynyň üstünden eltip biler.
Adamzat nesli haýsy yklymda ýaşaýandygyna garamazdan, ol bir bitewi
dünýäde ýaşaýar. Şeýle bitewilikde ýaşaýan adamzat dünýäniň dürli künjünde
ýaşaýandygy üçin, dürli hili maddy hal-ýagdaýa eýedir. Muňa seretmezden, ol bir
bitewi dünýäniň adamlary bolandyklary üçin, olaryň jemgyýetçilik-ykdysady
durmuşlarynda meňzeşlik, ýakynlyk dowam edýär. Bu bolsa dünýä halklarynyň
ruhy dünýäsinde umumylyklaryň, meňzeşlikleriň, ýakynlyklaryň, hatda
gaýtalanmalaryň bolmagyny şertlendirýär. Ruhy dünýäniň umumylygy ruhy
medeniýetleriň hem umumylaşmagyna, ýakynlaşmagyna alyp barýar. Çeperçilik
ösüşde ýüze çykýan gaýtalanmalaryň dürli tiplerinde hil taýdan dürli edebi-çeper
täsirlere duş gelip bolýandygy hem şonuň üçindir. Adamzat nesliniň çeperçilik
medeniýetiniň ösüşinde edebi täsiriň bir tipiniň-de tenha bir özüniň arassa, hiç bir
garym-gatymsyz ýüze çykýany ýok. Gaýtalanmalaryň tipleriniň şeýle çylşyrymly
baglanyşygy edebi täsir meselesiniň çylşyrymly hadysadygyny tassyklaýar. Edebi
täsir meselesi şeýle bir çylşyrymly prosses weli, oňa diňe ylmy taýdan dogry hem

1
Ю. Борев. Эстетика. М., Изд-во политической литературы, 1988, 353 sah.
222
dürs çemeleşmäni tapmak zerurdyr. Eger şeýle dogry çemeleşme tapylmasa, onda
özara çeperçilik täsir özüniň umumy tipologik kanunalaýyklygyna dogry jogap
berýän edebi täsir bolmaz. Ol, belki-de, galp çykarylan netije bolar.
Edebi täsiriň ýüze çykyşynyň iki sany hili belli. Olaryň birinjisi, beýik bir
döredijilik şahsyýetiniň özünden öňki döredijilik wekilleriniň hem-de
döwürdeşleriniň edebi-çeper tejribesini özüne siňdirmegi arkaly ýüze çykýan
edebi täsirdir. Bu döredijilik şahsyýetiň özünden özgeler tarapyndan toplanan
edebi tejribesinden täsirlenmesidir. Bu, başgaça aýtsak, täsir toplaýyşdyr. Ikinjisi,
döredijilik şahsyýetiniň döwürdeşlerine we özünden soňky döredijilik wekillerine
edebi-çeperçilik taýdan nusga bolmagy arkaly ýüze çykýan edebi täsirdir. Bu
beýik bir döredijilik şahsyýetiniň çeper döredijilik tejribesiniň täsir etmesidir.
Görnüşi ýaly, edebi täsir ýüze çykmalarynyň täsirleniş (täsir almak) hem-de täsir
ediş (täsiriňi ýetirmek) ýaly iki sany hili bar eken. Täsirleniş (täsir almak) hem,
täsir ediş (täsir ýetirmek hem-de täsir ýaýratmak) hem edebi täsirdir. Dogrusy,
bular edebi täsiriň hil taýdan tapawutly özbaşdak bir görnüşlerdir. Edebi täsiriň
birinji hil taýdan tapawutly görnüşini şeýleräk düşündirmek dogry bolardy.
Magtymguly XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda edebi hadysa
bolan şahsyýetdir. Onuň akyl-paýhas kämilliginiň belentligine galmagynda
hem, çeper döredijilik gabarasynyň edebi hadysalyk derejelere göterilmeginde
hem Hakdan içen zehininden daşgary, özünden öňki beýik şahsyýetleriň ylmy we
çeperçilik belentlikleriniň täsiriniň bolandygy-da şübhesizdir. Magtymgulynyň
döredijilik şahsyýeti hakynda söz açýan daşary ýurt alymlary-da, türkmen
alymlary-da onuň diňe bir Gündogaryň däl, eýsem Günbataryň, aýratyn-da ýunan
alymlarynyň we döredijilik şahsyýetleriniň mirasy bilen-de ýakyndan tanyş
bolandygy barada ylmy taýdan delillendirip gürrüň gozgadylar. Bu meselä
ilkinjileriň hatarynda ýüzlenenlerden Ý.E.Bertels,1 R.Rejepow,2 Z.B.Muham-
medowa we S.M.Ahally,3 A.Meredow4 ýaly edebiýatçylaryň atlaryny tutmak
gerek. Olar öz ylmy gözleglerinde Magtymgulynyň Firdöwsiden, Hoja Ahmet
Ýasawydan, Gul Süleýmandan, Omar Haýýamdan, Jelaleddin Rumydan,
Nowaýydan, Fizulydan täsirlenendigi hakdaky netijä gelýärler. Gündogaryň bu
beýik şahsyýetleriniň Magtymgula ýetiren edebi täsiri ýa-ha gönüden-göni täsir
ýa-da şahyryň kemala gelmeginde gyýtaklaýyn täsir görnüşinde ýüze çykýar.
Magtymguly ady agzalan we ady tutulmadyk beýik akyldarlaryň eserlerini söýüp
okapdyr, öwrenipdir, dünýagaraýşyny giňeldipdir, öz çeperçilik ussatlygyny
ösdüripdir. Käbirini terjime edip şygryna salypdyr, käbiri bilen sýužet, mazmun,
ideýa parallelliklerine giripdir, käbiri bilen bolsa ony döredijilik ruhy

1
Е. Э. Бертельс. Махтумкули. М., 1948.
2
R. Rejebow. Magtymguly we Orta Aziýa, Azerbaýjan halklarynyň edebiýaty. “Mugallymlar gazeti”, 1959, 13
oktýabr.
3
З. Б. Мухамедова и С. М. Ахаллы. К воросу о кругe чтeния Махтумкули. В книге Махтумкули (Юбилейный
сборник). Ашхабад, Изд-во АН ТССР, 1961, 149-163 sah.
4
А. Мередов. Махтумкули и литеpатура Востока. В книге: Махтумкули (Юбилейный сборник). Ашхабад,
Изд-во АН ТССР, 1961, 136-149 sah.

223
birleşdiripdir. Bu zatlaryň hemmesi edebi täsiriň formalary hökmünde öňe çykýan
alamatlardyr. Şonuň üçin türkmen akyldary Gündogaryň beýik şahsyýetlerinden
diňe bir durmuşa duýgulaýyn çemeleşmegi däl, oňa akyl-paýhas bilen garamagyň
ýörelgelerini-de öwrenipdir. Durmuş hakykatyny çeper özleşdirmegiň epiki
ýollaryny özleşdiripdir.
Belli bolşy ýaly, türkmeniň ruhy eýýamlarynyň biri Magtymgulynyň ady
bilen baglydyr. Oguz han, Gorkut ata, Görogly eýýamlary Magtymguly
eýýamyndan öň bolup geçen ruhy eýýamlar. Magtymgulynyň şahyrana çeperçilik
dünýäsine özünden öňki ruhy eýýamlaryň edebi-çeperçilik ýörelgeleriniň
täsiriniň boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Magtymguly eýýamyndan öňki ruhy
eýýamlaryň öz ruhy dünýäsini şadessanlarda (eposlarda) jemländiklerini bilýäris.
Oguz han eýýamy “Oguznama”, Gorkut ata eýýamy “Gorkut ata”, Gorogly
eýýamy “Gorogly” şadessanlarynda öz ruhy eýýamlarynyň ideýa-çeperçilik
tejribesini jemläpdirler.
Eger türkmeniň ruhy eýýamlaryna öz çeperçilik tejribesini şadessan bilen
jemlemek häsiýetli bolsa, “onda näme üçin Magtymguly eýýamynyň özbaşdak
şadessany ýokka?” diýilmegi mümkin. Kanuny sorag. Türkmen ruhunyň
Magtymguly eýýamynyň özbaşdak şadessanynyň ýoklugy entek bu ruhy
eýýamyň çeperçilik taýdan gutarnykly kemala gelip ýetişmändiginiň alamaty
däldir. Türkmen ruhunyň Magtymguly eýýamy, özbaşdak eýýam hökmünde, doly
hem gutarnykly kemala gelen kämil ruhy eýýamdyr. Onda näme sebäbe görä bu
ruhy eýýamyň özbaşyna şadessany döremändir? Däp bolup gelşine seretseň, bu
ruhy eýýamyň hem öz ruhy ýolbaşçysynyň adyny göterip duran “Magtymguly”
şadessany bolmaly. Ýöne şeýle at bilen şadessan weli ýok. Bu ýerde bir säwlik
bar bolaýmasyn? Hiç hili säwlik ýok. Türkmeniň bu ruhy eýýamynyň pylança
boýdan ýa-da pylança şahadan ybarat şadessany bolmasa-da, onuň şadessana
barabar epiki ideýa-mazmunly çeperçilik dünýäsi bar. Bu eýýamda
Magtymgulynyň döredijilik şahsyýeti özüniň liro-epiki mazmuny bilen orboýa
galýar. Magtymgulynyň şygyr gahrymany liriki gahryman hökmünde orta çykýan
hem bolsa, ol özüniň ideýa-çeperçilik gabarasy we tutumy boýunça epiki häsiýete
eýe bolan çeper keşpdigi bilen tapawutlanýar. Hatda käwagt Magtymgulynyň
şahyrdygyny ýa-da akyldardygyny kesgitläp bolmaýan halatlary-da bolýar.
Aslynda ony kesgitlejek bolup azara galyp ýörmegiň geregi-de ýok. Ol hem
şahyr, hem akyldar. Magtymgulynyň şahsyýeti öz ruhy eýýamy üçin, birinjiden,
akyldar, iknjiden, şahyrana şahsyýet, şeýle hem şadessan (epos) gahrymany ýaly
epiki giňişlikde hereket edýän taryhy şahsyýet, üçünjiden, öz eýýamy üçin ruhy
ýolbaşçy hem ruh dörediji, ruh täzeleýji. Şahyr hökmünde türkmen şygryýetiniň
milli ruhuny kemala getiriji hem-de kämilleşdiriji. Akyldar hökmünde türkmen
şygryýetiniň ruhuny akyl-paýhas ruhy bilen baýlaşdyryjy. Ol akyldar hökmünde
öz taryhy döwrüniň maddy-durmuş ýagdaýyny hem, syýasy-ykdysady
nogsanlyklaryny hem, ruhy ösüşini hem söküp-düzen we tire-taýpalaryň
agzybirligini, bitewi döwletliligi, adalatly şany syýasy hem ruhy ideala öwren

224
beýik şahsyýet. Şonuň üçin Magtymgulynyň şygryýeti, häzirki biziň göz öňüne
getirişimiz ýaly, dürli-dümen at berlen we ownukly-irili meselä bagyşlanan kiçi
göwrümli şahyrana eserler däl-de, eýýam hakda, döwür hakda, dünýä hakda,
jemgyýet hakda, adam hakda bir bitewi epiki mazmunly, epiki meseleli, epiki
gahrymynly, epiki ideally şahyrana eserdir. Ol aýry-aýry goşgular görnüşindäki
bir bitewi epiki eserdir, hatda özboluşly eposdyr (şadessandyr).
Bu pikir birbada geňräk görünmegi-de mümkin. Ýöne geňlär ýaly zat ýok.
Magtymgulynyň şygryýetiniň epiki mazmuny şahyryň durmuşa epiki nazar bilen
garandygynyň netijesidir. Diňe bir dünýewi mazmuny däl, eýsem ylahy mazmuny
hem özünde jemleýändigi üçin, ol eserleriň ideýa-çeperçilik serhedi ýokdur.
Magtymgulynyň şygryýeti Ýer-Gögüň arasyndaky (“Pikir kyldym Ýer-Gögi”)
gözýeter hem gözýetmez giňişligi, şeýle hem akyl ýeter hem akyl ýeterden
alysdaky giňişlikleri-de öz içine alýar. Onuň döredijiligi şygyr bilen ýazylan epiki
mazmuna eýe bolan şadessandyr. Mundan hem daşgary şahyryň şygryýeti
şadessanyň ideýa-çeperçilik giňişliginden hem has uly çäkleri-serhetleri öz içine
alýan epiki eser bolandygy üçin, biz onda şadessanlardakydan hem giň epiki
mazmun bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu bolsa Magtymgulynyň dörejiliginiň öz
ruhy eýýamy üçin şadessanlyk hyzmaty ýerine ýetirýändigini aňladýar. Şahyryň
döredijilik gabarasynyň epiki häsiýete eýe bolandygynda öz döwrüniň durmuş
hakykatynyň hem täsiri az bolan däldir. Şonuň ýaly-da şahyryň özünden öňki
ýaşap, döredip öten beýik-beýik döredijilik şahsyýetleriň tejribelerini, özünden
öňki döwürleriň epiki çeperçilik däplerini we ýörelgelerini özüne siňdirendiginiň-
de täsiri uludyr. Eger ol şeýle bolsa, şeýledigine hem şübhe ýok, onda bu edebi
täsirdir. Özünden öňki ruhy eýýamlaryň çeperçilik ýörelgeleriniň, Gündogaryň
beýik şahsyýetleriniň dünýäni epiki nazar bilen görmek we ony epiki röwüşde
çeper beýan etmek babatdaky edebi-çeper ýörelgeleriniň, däpleriniň we tärleriniň
ýetiren täsirleridir. Bu ýerde milli edebiýatlaryň özge bir milli edebiýatyň beýik
döredijilik wekiline eden täsirini-de görýäris.
Halk döredijiligi bilen ýazuwly edebiýatyň özara baglanyşygynyň ýüze
çykýan ýeri edebi täsiriň-de ýüze çykýan giňişligidir. Sebäbi çeper
gymmatlyklaryň bu iki ugrunyň özara gatnaşygy edebi täsir gatnaşyklarynyň ýüze
çykmagyna amatly şertler döredýär. Islendik ýazyjy edebi döredijilik bilen
meşhur bolmazdan has ir, heniz çagaka, halk döredijiliginiň çeper gymmatlyklary
bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ol heniz sallançakdaka, ene hüwdüsiniň meýmirediji
owazyna maýyl bolýar. Ene hüwdisiniň mylaýymdan mähirli hem belent
owazlara beslenen jadyly sözlerini inine siňdirip ulalýar. Ol çagalykda halk
ertekileriniň gyzykly dünýäsine seýran edýär. Her bir adam, şol sanda geljekki
ýazyjy hem şahyrana halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň çeperçilik
äleminde kalbyny joşdurmak bilen kemala gelýär. Geljekki söz ussady sözüň
gudratyna, sözüň jadysyna ilkinji gezek halk döredijilik eserlerinde gabat gelýär.
Bu zatlar geljekki ýazyjyda halky äheňlere ýugrulyp-ýaýylan çeperçilik
dünýäsiniň kemala gelmegine esas bolýar. Dörediji adamyň çagalykda aňyna

225
dolan bu gözellik dünýäsi çeper sözüň dünýäsidir. Geljekki ýazyjynyň çagalykda
baýnan bu dünýäsi özüniň çeperçilik hümmeti bilen onuň bütin ömrüniň hemrasy
bolup galýar. Şonuň üçin folklor bilen çeper edebiýatyň özara baglanyşygynyň
islendik ýüze çykmalarynda halk döredijiliginiň çeper gymmatlyklarynyň
egsilmez çeperçilik çeşme bolup hyzmat edýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Halk
döredijiliginiň edebi-çeper täsirinden hiç bir milli edebiýat hem, hiç bir milli
ýazyjy hem halas däldir. Ol ýa-ha gönümel ýagdaýda, ýa-da gyýtaklaýyn
ýagdaýda milli edebiýata-da, milli ýazyja-da öz täsirini ýetirýär.
Şu ýerde gönümel hem gyýtaklaýyn täsir diýilýän düşünjleri
aýdyňlaşdyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Ilki bilen gönümel edebi täsiriň nähili
täsir bolýandygyna garap geçeliň. Eger ýazyjy öz döreden eserinde köpçülige
öňden belli bolan halky sýužeti gaýtalaýan bolsa ýa-da folklor sýužetiniň
esasynda eser döreden bolsa, bu, elbetde, edebi täsiriň göňümel ýüze çykýan
formasydyr. Şeýle edebi täsiriň netijesinde B.Kerbabaýew “Japbaklar”,
B.Seýtäkow “Aýaz han”, A.Kekilow “Çopan we patyşa,” K.Taňrygulyýew
“Ýartygulagyň täze syýahatlary”, “Pilmahmyt” ýaly ajaýyp eserleri döretdiler. Bu
eserler ozaldan halk arasynda belli bolan sýužetlere esaslanýarlar.
B.Kerbabaýewiň “Japbaklar” powesti gadymy Durun obasyndan bolan,
dört sany “ýer urup, ýerde galan” diýilýän garyp, emma şadyýan, ruhubelent hem
gülki “ýassygy” bolan doganlar hakyndaky halk arasynda giňden ýaýran rowaýat
sýužetleriniň esasynda ýazylypdyr. Ýazyjy bu eserinde ertekiçilik däpleriniň
käbir tärlerini-de ulanypdyr. Aýdaly, türkmen halk ertekilerinde, köplenç,
doganlaryň iň kiçisi mydama öz agalaryndan rüstem edilip görkezilýär. Kiçi
doganlar ulularyndan özüniň akyllylygy, edermenligi, ugur tapyjylygy,
ruhubelentligi, şadyýanlygy, durmuş söýenligi we gaýry şunuň ýaly
artykmaçlyklary bilen tapawutlanýarlar. B. Kerbabaýewiň “Japbaklarynda” hem
dört doganyň körpesi iň akyllysy, iň ugur tapyjysy, iň şadyýany we ruhubelendi.
Elbetde, bu häsiýetler dört doganyň beýlekilerinde hem ýok däl. Topbakda,
beýlekilere garaňda, bu häsiýetler has ösen. Bu, elbetde, ýazyjy hökmünde
B.Kerbabaýewe ertekiçilik däbiniň ýetiren täsiri bolmaly.
Japbaklar durmuş söýen personažlar. Olar durmuşuň ähli kynçylyklaryny
gülki bilen ýeňýärler. Bu häsiýet olary hemişe üstünlige ýa-da ýeňşe ýetirýär.
Elbetde, Japbaklar öz häsiýetleri, hereketleri bilen gülkiniň simwoly bolan
gahrymanlar. Olaryň diňe bir hereketleri, häsiýetleri däl, eýsem pikir edişleri hem
özgeleriňkiden tapawutlanýar. Bu hem okyjyda gülki döredýär. Japbaklar
özboluşly gülki dörediji we gülki paýlaýjy personažlar. Olar diňe özgeleriň
üstünden däl, hatda öz üstlerinden hem gülüp ýörler. Şonuň üçin bu eseriň esasy
gahrymany Onuň Aly hezreti–Gülki. Rus ýazyjysy N. W. Gogol “Derňewçi’
komediýasyndaky “Gülki” hakynda şeýle ýazypdyr: “...eserimdäki ýeke-täk
şahsyýeti hiç kimiň saýgaryp bilmändigi meni gynandyrýar. Eserimiň bütin
dowamynda hereket edýän ýekeje dogruçyl, asylzada şahsyýet bardy. Şeýle

226
dogruçyl, asylly şahsyýet, özem ol adamyň röwşen tebigatyndan böwsülip çykan
gülküdi...”1
Japbaklaryň gülküsi hem asylzada kişileriň röwşen tebigatyndan böwsülip
çykýan ynsanperwer gülküdir. Şonuň üçin olaryň gülküsi hemişe adalatyň hem-de
hakykatyň tarapyndadyr. Adalatyň hem-de hakykatyň gözlegindäki ýazyjy üçin
bolsa şeýle asylly hem akylly gülki hemişe gerek. Şonuň üçin B.Kerbabaýew
rowaýatlara siňip galan Japbaklar hakyndaky gürrüňleri taryhyň gatlaryndan
gözläp tapypdyr. Olary täzeden işläpdir, olara öz ideallaryny siňdiripdir, olardan
täsirlenipdir. Japbaklar hakyndaky halky sýužetlere gülküli mazmuny, gülkiniň
çeper keşbini siňdiripdir. Bu sýužetlerden çeper film döreden režissýor
K.Orazsähedow hem Japbaklaryň keşbindäki gülkiniň has äşgär ýüze çykmagy
üçin tagalla baryny edipdir. Kinorežissýoryň azaby ýerine-de düşüpdir. Filmde
folkloryň gülküsi, edebiýatyň gülküsi, kino sungatynyň gülküsi birleşip, sungatyň
bir bitewi gülküsi döredilipdir. Bu, elbetde, sungatyň görnüşleriniň özara täsiri
netijesinde dörän beýik Gülküdir.
Halky sýužetleriň iň meşhurlarynyň aýry-aýry ýazyjylar tarapyndan
täzeden döredijilikli işlenilmegi bilen bagly dörän bu hili eserler gönümel edebi
täsiriň miweleridir. Taýýar sýužetlere esaslanýandygyna garamazdan, bu hili
eserlerde ýazyjylar meselä döredijilikli çemeleşýärler. Eger bu sýužetlere
ýazyjylar tarapyndan şeýle döredijilikli çemeleşilmedik bolsa, onda ol eserler
B.Kebabaýewiňki ýa-da B.Seýtäkowyňky, A.Kekilowyňky ýa-da K.Taňry-
gulyýewiňki ýa K.Orazsähedowyňky diýlip atlandyrylmazdy. Galyberse-de,
halk arasynda meşhur bolan bu sýužetlere ýazyjylar tarapyndan täzeçe hem
döredijilikli çemeleşme bolmadyk bolsa, olar halky sýužetleriň gaýtalanmasy
ýaly bir zat bolardy we olaryň çeperçilik gymmaty-da egsik bolardy. Aslynda-da
edebi täsir meselesi, özüniň haýsy formasy bilen ýüze çykýandygyna
garamazdan, diňe döredijilikli edebi täsir derejesine galyp bilen halatynda
gymmatlydyr. Şeýle derejä galyp bilmedik ýagdaýynda ol edebi täsir bolmaz. Ol
emelsizlik bilen göçürilen ýa-da ogrulyk eser ýa-da plagiatlyk bolar.
Halk döredijiliginiň edebiýata täsiri gönümel formada ýüze çykanda onuň,
köplenç, taýýar sýužetlere esaslanýandygyny nygtamak gerek. Ol şunda, galapyn,
halk döredijiliginiň erteki, rowaýat, hekaýat ýaly žanrlaryna degişli sýužetlere
ýüzlenýär. Beýle diýildigi, elbetde, beýleki edebi žanrlaryň sýužetleri esasynda
edebi täsir ýüze çykmaýar diýildigi däldir. Magtymgulynyň "Ýusup diýe-diýe"
şygrynda Ýusup sýužetiniň “Kuran” wariantynyň-da, dessan wariantynyň-da
täsiriniň bardygyny duýmak kyn däl. Edil şunuň ýaly, Magtymgulynyň “Ýusup
diýe-diýe” şygryna haýsydyr bir Nyzamy atly şahyryň ýazan “Ýusup diýe-diýe”
tahmysy2 bolsa, däp bolşy ýaly, Magtymgulynyň adybir goşgusynyň edebi
täsiriniň netijesidir. Şunuň ýaly ýagdaýy biz Andalybyň Nowaýy, Fizuly ýaly
beýik şahyrlaryň şygyrlaryna ýazan tahmyslarynda hem görýäris. Umuman,

1
Руские писатели о литературе, т. 1. Л., «Советский писатель», 1939, 293 sah.
2
Magtymguly. Şygyrlar. 3 tomluk, 2-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1994, 18 sah.
227
nezireçilik däbiniň täsiri arkaly döredilen eserleriň edebi täsir meselesine gezek
gelende žanr dannawy ýok. Diýmek, edebi täsiriň ýüze çykmagy üçin şertler
dörän halatynda oňa hiç zat böwet bolup bilmeýär. Munuň şeýledigine biz
“Görogly” şadessanynyň mysalynda äşgär göz ýetirip bilýäris.
Ýazyjy A. Gowşudow öz döwründe türkmen halk döredijilik mirasyny
toplamak we ony neşir etmek işine içgin gatnaşypdyr. Ol türkmen halk
döredijiligini ylmy taýdan öwrenijileriň hem ilkinjileriniň hatarynda durýar. Onuň
bu ugurda düýpli eden işleriniň biri-de “Görogly” şadessanynyň ilkinji neşirini
çapa taýýarlandygy we neşir edendigidir. Elbetde, ýazyja halk döredijilik eserleri
bilen çagalyk ýyllaryndan başlap, ýakyndan hem giňden tanyş bolmak bagty
miýesser edipdir. A. Gowşudowyň ejesi Ogulgerek eje meşhur ertekiçileriň biri
bolupdyr. Soňra ýazyjynyň özi halk döredijiligini ylmy taýdan içgin öwrenmek
işi bilen meşgul bolupdyr. Bu zatlaryň hemmesi, aýratyn-da “Görogly” ýaly halk
gahrymançylygyny beýan edýän şadessany çapa taýýarlap, neşir etdirmegi, onuň
döredijiligine ägirt uly täsirini ýetiripdir.
Halk döredijilik nusgalarynyň kyssa žanrlaryna, şol sanda “Görogly”
şadessanyna hem mahsus bolan bir aýratynlyk bar. Olar hem bu hili eserlerde
wakalary biri-biri bilen seplemekde ulanylýan halky çeperçilik tär derejesine
ýetip giden jümlelerdir. Meselem: “Indi habary kimden al, Görogludan al” 1 ýa-da
“Habary kimden al, Görogly begden al” 2 ýaly jümleler halky kyssalaryň
kompozissiýa gurmakdaky ýörgünli täridir. Ata Gowşudow hem bu halky
çeperçilik täre öz eserlerinde ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Wakalary biri-birine
seplemekde ýörgünli bolan folklor däbi A. Gowşudowyň galam ýörediş stiline
mäkäm ornaşyp gidipdir. Ýazyjynyň “Köpetdagyň eteginde” romanynda eseriň
sýužet ýordumynyň ösüşinde bu çeperçilik täriň yzygiderli diýen ýaly
ulanylandygyny tassyklaýan käbir mysallara ýüzlenip göreliň:
“Goý, gybatkeş Ýelli näderini bilmän, was-wasa düşüp, aljyraňly
ýagdaýynda galsyn, gürrüňi ikinji tarapdan eşideliň.”3
“Goý, bular obada galsyn, biz gelegurt ordasynyň üstüne gidenleriň yzyna
düşeliň.”4
“Goý, bular myhmanlaryny garşy alsynlar, biz Wüşi keliň giden ugrundan
habar eşideliň.”5
Görnüşi ýaly, bu alnan mysallar gönüden-göni şadessandaky jümleleriň
gaýtalanmasy däl. Olar ýazyjynyň halky kyssalaryň wakalary sepleşdirmek
babatdaky çeperçilik tärine özüçe döredijilikli çemeleşmesini tassyklaýan
mysallardyr. Şeýle-de bolsa bu ýerde A.Gowşudow öz eseriniň kompozissiýasyny
gurmakda halk döredijiliginiň çeperçilik tärlerinden gaty bir daşlaşmaýar. Bu
1
“Görogly”. Aşgabat, TDN, 1941, 68 sah.
2
Şol ýerde, 119 sah.
3
A. Gowşudow. Eserler. 3 tomluk, 2-nji tom. “Köpetdagyň eteginde.” Aşgabat, TDN, 1956, 57 sah.
4
Şol ýerde, 139 sah.
5
A. Gowşudow. Eserler. 3 tomluk, 2-nji tom. “Köpetdagyň eteginde.” Aşgabat, TDN, 1956, 435 sah.

228
ýagdaý ýazyjynyň milli folklor çeperçilik däplerinden täsirlenendigini
alamatlandyrýar. Ony çeper edebiýatda halk döredijiliginiň çeperçilik tärleriniň
edebi täsir hökmündäki ýüze çykmasydygyny tassyklamak dogry bolardy.
Ýöne A.Gowşudowyň şeýle çeperçilik täre ýüzlenmegini öz döwründe
hem, ondan soňra hem yzygiderli ýazgaryp geldiler. Muny hatda ýazyjynyň
döredijilik şowsuzlygy ýa-da onuň realistik eser ýazmakda ussatlygynyň
kemterlik edýändigine mysal hökmünde ulandylar we ony ýazgardylar. Şeýle
äheňdäki tankydy bellikler hakda oýlansak, seriňe şeýleräk pikirler dolýar. Eýsem
meselä haýsy tarapdan çemeleşseň, çemeleşip, ol ýa-da beýleki bir hadysa
hakynda söz açyp, ony tankytlasaň, tankytlap, öwseň, öwüp oturmaly bolar
oguşýa. Ýogsam, halky çeperçilik ülňülere ýakynlyk ýazyjynyň üstünligi
hökmünde oňlanaýjak ýaly weli, A.Gowşudowa näme üçindir tankydy bellik
etdiler. Elbetde, halk arasynda aýdylyşy ýaly, her döwür-bir döwürdir-dä.
Ýazyjynyň öz eserleriniň wakalaryny “Görogly” şadessanyndaky ýaly ýa-
da türkmen halk ertekilerindäki ýaly kompozissiýa bilen gurmagynda hiç hili
kem-köslük ýoklugy şübhesizdir. Gaýta tersine, ol ýazyjynyň halky çeperçilik
esaslara ýakynlygyny alamatlandyrýan maglumat hökmünde hasaba alynsa dogry
bolardy. Üstesine, A.Gowşudow bilen “Görogly” şadessanynyň arasyndaky ýüze
çykan döredijilik hyzmatdaşlygynyň netijesinde peýda bolan edebi-çeperçilik
täsiri-de hasaba alman bolmaz. Ýazyjynyň döredijilik tejribesiniň halky çeperçilik
ülňüler bilen ysnyşykly baglylykda ösmegi bu iki akabanyň arasyndaky edebi
täsir gatnaşyklarynyň ýüze çykmagyna alyp barýar. Bu, elbetde, A.Gowşudow
babatda hem şeýledir. Şonuň üçin A.Gowşudowyň “Görogly” şadessanynyň
wakalary sepleşdiriş tärine (“indi habary kimden al, Görogludan al”) çalymdaş
çeperçilik täre ýüzlenmegine edebi täsiriň ýüze çykmagy hökmünde
garamalydyrys. Bu ýerde halk döredijiliginiň çeper edebiýata täsiri nazarda
tutulýar. Edebi täsir bolsa, eger ol hakyky döredijilikli täsir bolsa, ýazgarylmaly
däl-de, oňlanylmaly hadysadyr. Sebäbi ol çeperçilik prossesiň ösüşinde
kanunalaýyklyk hökmünde özüni görkezdi. Kanunalaýyklygy bolsa inkär edip
bolmaýar. Kanuna diňe boýun egilýär we şonuň talaplary boýunça ýaşalýar. Bu
durmuşda-da şeýle, edebiýatda-da. Şonuň üçin A.Gowşudowyň “Görogly”
şadessanynyň kompozissiýa gurmak tärinden peýdalanmagyny inkär edijilik bilen
ýazgarmak milli edebi-çeper prossesiň ösüş kanunalaýyklygyny inkär etmek bilen
barabardyr.
Geň ýeri, eserde wakalary biri-birine baglamagyň edil şu tärine A.Kekilow
hem özüniň “Söýgi” romanynda köp ýerde ýüzlendi. Bir mysal:

Biz onuň kän wagt yzyna düşdük,


Az wagt aýryldyk, ýene birleşdik.
Dostlar, indi obasynda galsyn ol,
Häzir bize gol bulaýar uzak ýol.1

1
A.Kekilow. Söýgi. Aşgabat, TDNG, 2013, 81-82 sah.
229
Bu romanyň baplarynyň wakalaryny baglanyşdyrýan tär. Özem halky tär.
Emma edebi tankyt bu hakda ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Dogram etdi.
Sebäbi bu tär wakalary baglanyşdyrmagyň halk döredijilik nusgalarynda ýygy-
ýygydan ýüzlenilen milli çeperçilik tär. A.Kekilowyň edebiýat nazaryýetçisi
hökmünde bu çeperçilik täriň milli edebiýatda ýörgünli tärdigine gözi ýetik.
Şonuň üçin hem ol bu milli çeperçilik tärden erkana peýdalanýar. Bu milli
çeperçilik däbiň çeper edebiýata täsiri hökmünde seljerilmeli we oňlanylmaly
ýagdaýdyr.
Indi edebi täsiriň gyýtaklaýyn formasy hakda kelam agyz söz aýtmaga
wagt ýetdi. Bu hili edebi täsiri bada-bat duýmak aňsat düşmeýär. Sebäbi ol
folklor mirasynyň süňňünden syzylyp çykan owazyny çeper edebiýatyň süňňüne
siňdirmegi bilen bagly ýüze çykan edebi täsirdir. Munda gönümel edebi täsirdäki
ýaly alynma sýužet, alynma personaž, alynma ideal bolmaýar. Munda diňe
alynma owaz, alynma äheň bolýar. Ýazyjy öz sýužetini, öz personažyny, öz
idealyny ýüze çykarmak üçin halky owazlardan, halky äheňlerden peýdalanýar.
Ýöne şol owazdyr äheňleriň halk döredijiliginiň haýsy žanryna degişli owazdygy
ýa-da äheňdigi açyk-aýdyň duýulmalydyr. Bu edebi täsiriň gyýtaklaýyn
formasynyň ýüze çykmagy üçin ýazyja ilkinji nobatda gerek bolan zerurlykdyr.
Ýogsam dürli žanrlaryň owazlary, äheňleri garym-gatym bolup, baş alyp çykyp
bolmaýan bulaşyklyk emele geler. Bu bolsa ýazyja-da gerek däl, okyja-da.
Diýmek, şeýle açyklyk-aýdyňlyk, öz gezeginde, çeperçilik hadysanyň edebi
täsirdigini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin hem zerur tutarykdyr. Eger şeýle
zerur şert saklanylmasa, onda onuň edebi täsir gatnaşyklaryna girýän
hadysadygyny ýa-da däldigini kesgitlemek kyn bolar. Şu şert berjaý edilen
halatynda weli, ýazyjynyň özüniň nämeden, nireden, kimden täsir alandygyny
aýtmagy geregem bolmaýar. Ol öz-özünden açyk-aýdyň bolup ýüze çykýar.
A.Gowşudowyň dörediliginde halk gahrymançylygynyň aýratyn orun
almagynda onuň “Görogly” şadessanyny çapa taýýarlamagynyň çeperçilik
täsiriniň bolandygyny görýäris. Aýry-aýry powestlerini hasaba almanymyzda
hem onuň üç romanynyň üçüsiniň hem halk gahrymançylygy meselesini
gozgaýandygy gyýtaklaýyn edebi täsiriň netijesidir. Üns berip görüň, ýazyjynyň
“Perman” romany Gökdepe galasynyň gahrymançylykly wakalaryny öz içine
alýan bolsa, “Mähri-Wepa” romany 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşy
ýyllarynda halkyň frontda hem tylda görkezen gahrymançylygyna bagyşlanýar.
Ata Gowşudowyň “Köpetdagyň eteginde” romany bolsa uruşdan soňky dikeldiş
ýyllarynda oba adamlarynyň gahrymançylykly çeken zähmetleri bilen bagly
meseleleri gozgaýar. Munuň, elbetde, “Görogly” şadessanyny çapa
taýýarlamaklygyň ýazyjyda kemala getiren döredijilik tejribesiniň täsiridigini
çekinmän aýdyp bolar.
Şahyr G.Ezizow özüniň Ýewropa halklarynyň edebiýatyndan, Gündogar
ýurtlarynyň edebiýatyndan, Magtymguludan we beýlekilerden täsirlenendigini

230
aýtsa aýtdy, ýöne ol hiç wagt halk döredijiliginiň şahyrana nusgalaryndan
täsirlenendigi hakda ýaňzytmandy. Ýaňzytmasa, ýaňzytmasyn. G.Ezizowyň
döredijiliginde şahyrana milli folklorymyzyň äheňdir owazlarynyň, çeperçilik
tärleriniň täsiriniň bolandygyny onuň birtopar şygyrlarynyň mysalynda tassyklap
bolýar. Onuň “Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi” atly hemmelere tanyş bolan bir
şygry bar. Şygyr tutuş durky bilen döredilen gününden bäri uzak ýaýladaky ene
üçin-de, ýakyn ýaýladaky ene üçin-de iň söýgüli hüwdä öwrüldi. Bu şygryň
süňňüne siňdirilen milli owazy gulagyň duşundan biparh geçirip goýbermek
mümkin däl. Ol owaz biziň her birimizi çagalykdan özüne maýyl eden owaz. Ol
owaz ene hüwdüsiniň owazy. Halk döredijiliginiň hüwdi žanrynyň her setiri şol
owaz bilen püre-pür. Muny duýmazlyk mümkin däl. Şu şygra saz ýazan
kompozitor Daňatar Hydyrow şol owazy has ýiti duýupdyr. Ol bu şygryň
süňňünden çykýan hüwdi äheňine hüwdiniň owazyny siňdirip saz ýazypdyr.
Sungatyň iki görnüşiniň-söz hem saz sungatynyň ikisiniň bu aýdymda bitewilikde
folklor äheňleri bilen ýaňlanyp durmagy eseriň milli owazynyň has belent
ýaňlanmagyna getiripdir. Bu aýdymda şahyr hem, kompozitor hem milli
folkloryň täsirinde eser döredipdirler. Geliň, şol aýdyma bilelikde gulak asyp
göreliň:

Eýýäm güneş batypdyr,


Aý-da agyl atypdyr,
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.

Günler aýlara bakar,


Aýlar ýyllara bakar,
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.

Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer düýşünde.1

Milli owazlaryň sazlaşygy şygryň hem, aýdymyň hem bütin dowamynda


ýaňlanýar. Ol owazlar biziň her birimize tanyş owazlar. Her birimiziň ene süýdi
bilen süňňümize siňen, ene hüwdisi bilen beýnimize ornan, ene mähri bilen
damarlarymyzda aýlanyp duran owaz. Bu gün hasaplap görseň, şu şygryň
hüwdiniň äheňini ýatladýan owazy bilen giden bir nesil terbiýelenipdir. Bu
şygryň hüwdi žanrynyň äheňini özünde gizleýändigi üçin, biz ondan halk
döredijiliginiň şahyr G. Ezizowa eden täsirini duýýarys.

1
G. Ezizow. Türkmen sährasy. Goşgular, sonetler. Aşgabat, TDNG, 2007, 24 sah.
231
Mesele bu goşgynyň adynyň “Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi” diýlip
atlandyrylandygynda däldir. Mesele şygryň özüniň halky äheňe hem owaza
ýugrulandygyndadyr. Bu owaz ony halk äheňine, milli owaza ýa-da milli ruha
eýeläpdir. Bu owazdan türkmen enesiniň öz balasyny ezizleýän sesi eşidilýär. Bu
owaz her bir türkmeniň gulagy ganan we iň bir ýürege ýakyn owazy bolup
ýaňlanýar. Sebäbi ol owaz hüwdä öwrülen halky hem milli owaz. Onuň şeýle
bolmagyna şygryň halk döredijiliginiň çeper ruhundan gözbaş alandygynyň
hyzmaty uludyr. Şeýle şygyrlar G. Ezizowda bir ýa-da iki däl. Olar özboluşly bir
çeperçilik gatlagy emele getirmek bilen şahyryň döredijiligine aýratyn şöhle
saçýarlar. Eger olaryň käbirini ýatlamaly bolsak, onda hüwdi äheňdäki
“Gyzlaryma”, halk aýdymlarynyň äheňini ýatladyp duran “Aýralyk pasly”
(“Zalym aýralyk, aýralyk” atly aýdymyň äheňinde) türkmen gelin-gyzlarynyň
läleleriniň ruhuny özüne siňdiren “Iki agaç”, çaga sanawaçlarynyň äheňini
ýatladýan, ýöne ulular üçin ýazylan “Gar” şygryny (“Gak-gak gargajyk”
sanawajy) agzamaly bolýarys. Şeýlekin maglumatlar bolsa türkmen edebiýatynyň
öz folklor köklerinden üzňe däldigini we edebi täsir meselesinde halk
döredijiliginiň çeper edebiýata, edil şu ýerde bolsa şahyr G. Ezizowa eden täsirini
aýdyň görýäris. Bularyň hemmesi halk döredijiliginiň çeper edebiýata
gyýtaklaýyn täsiridir.
Gyýtaklaýyn edebi täsirde äheň, owaz, ruh ýakynlygy ýa-da meňzeşligi has
äşgär duýulýar. Halk döredijiliginiň çeper edebiýata edýän täsiriniň sadalyga
ýugrulan äheň, owaz, ruh hökmünde ýüze çykýandygy bellidir. Sebäbi halk
döredijiliginiň özünde owaz, äheň, ruh sadalygy agdyklyk edýär. Belki-de,
G.Ezizow “Heniz sadalykdan zyýan çeken ýok“ diýen akyla ýetenden soň, folklor
mirasymyzyň sadalyk häsiýetiniň täsirine düşendir. Ýöne ony çeper edebiýatda
anyklamak ýeňil iş däl. Bir zat belli. G. Ezizow şygryýete çylşyrymlylykdan
sadalyga barýan ýol bilen geldi. Köpler şygryýete G. Ezizowyň ýoly bilen
gelmediler. Olar şygryýete ýöntemlikden çylşyrymlylyga ýa-da bulaşyklyga,
alasarmyklyga tarap barýan ýol bilen geldiler. G.Ezizow bolsa hakykatdan hem,
özgelerden tapawutlylykda, çylşyrymlylykdan sadalyga ýetdi. Halk
döredijiliginiň pikiri sada beýan ediş tärine ýetdi. Folklor sadalygy ýöntemlik
däldir. Ol sadalyk eseriň çeperçilik derejesiniň çürbaşydyr. G. Ezizowyň
çeperçilik derejedäki sadalygy ussatlyk mertebesiniň sadalygydyr. Ol bu ýokary
ussatlyk sadalygyna “sary we ýaşyl şemallaryň”, “jaýlaryň gözünde ot ýakýan
agşamlaryň”, “talantly söýgüleriň” içinden geçip, ellere däl-de, “näzik aýaklara
güller bitirip” geçýän çylşyrymly pikiriň, “Şagalaňly köçeleriň ýeňsesini ujy çür
köwüşli gaşap barýan” pikirleriň arasyndan çykyp, şygryýet meýdanyndaky
sadalyk belentligine galdy. Bu çeperçilik belentlige ol milli folkloryň edebi täsiri
bilen ýetdi.
Edebi täsiriň iki akabasy bar. Olaryň biri folklor akabasy, ikinjisi ýazuwly
çeper edebiýat akabasydyr. G. Ezizow şu akabalaryň ikisinden hem gana-gana

232
içipdir. Şonuň üçin onuň çeperçilikdäki ýeten sadalyk belentliginde iki akabanyň
hem täsiriniň boljakdygy şübhesizdir.
Edebi täsiriň gyýtaklaýyn formasy hakda gürrüň barýarka, ikinji akaba
hakda hem dil ýarman bolmaz. Şu mesele babatda ýene G. Ezizowa ýüzleneliň.
Ol şahyr hökmünde Gündogar bilen Günbataryň şygryýetinden özüne geregini,
zehinli hem ezber tankytçy Abdylla Myradowyň dili bilen aýtsak, “pagşyldadyp
urup, wagşyldadyp çykaryp” bilen şahyr. Muňa hiç hili söz ýok. Ol baryp ýatan
okumyş diýilýänleriň hilindendi. Onuň şu häsiýeti bilen bagly şahyr
A. Agabaýew şeýle bir wakany ýatlaýar: “Günleriň bir güni Moskwadan tanymal
ýazyjy hem terjimeçi zenan geldi. Bizi tanyşdyrdylar. Çaý başynda edebiýat
barada söhbet açyldy. Şonda Gurbannazar şygryýet hakda oý-pikirlerini orta atyp,
fransuz, iňlis, italýan nusgawy şahyrlary hakda aýdyp, Pol Fluaryň, Uolt
Uitmanyň, Federiko Garsiýa Lorkanyň atlaryny agzady welin, myhman zenanyň
depe saçy bir ýere üýşdümikä diýýärin. Çünki myhman maňa şeýle sowal berdi:
“Ol mawy gözli çalarak sakawlaýan nazarkerde ýigit rus mekdebini gutardymy?
Ol, megerem, biziň Lomonosow adyndaky uniwersitetimizde bilim alandyr?
Şeýle gerek?”1
Elbetde, öz söýgüli şahyryň hakda şeýle sözleri eşitmek ýakymly. Onuň
okumyşdygyny döwürdeşleriniň hemmesi-de bilýärdi. Ýöne keseki bir ýurdyň
döredijilik wekiliniň bir duşuşykdan soň şeýle pikire gelendigi G. Ezizowy
tanaýanlary-da, tanamaýanlary-da buýsandyrman durmaýar. Şol bolşuna-da ol
örän sadady we ýönekeýdi. Bu häsiýeti onuň goşgularyna-da geçipdir. Aslynda ol
şeýle-de bolmaly. Şygryýet şahyryň şahsyýetiniň aýnasy ýaly bir zat bolýar. Diňe
şeýle bolanda olar ýürege has ýakyn hem ynandyryjy bolýar. G. Ezizowyň
şygyrlaryndaky sadalyk, belki-de, onuň şahsyýetindäki sadalykdan gözbaş alýan
bolmagy-da mümkin. Ýöne ol sadalygyň şahyrana bezemenlik bilen öňe
çykmagyna halk döredijiliginiň hem çeper edebiýatyň hem täsiri az bolan däldir.
G.Ezizow beýik Magtymgulyny özüniň halypasy hasaplaýandygy hakda
köp gezek ýaňzydypdy. Muny wagtynda edebiýat ylmy-da tassyklady. Ýöne
onuň Magtymguly bilen döredijilik umumylygyna girýän ýerleri hakda söz açyp,
meselä aýry-aýry şahyrana öwrümleriň, aýry-aýry sözleriň iki şahyrda-da gabat
gelýändigi ýaly pikirlere syrykdyrmak bilen çäklenmek ýeterlik däldir. Elbetde,
edebi täsiri olardan hem gözlemek bolar. Ýöne bu ýerde hut G. Ezizowyň özüniň
Magtymguludan täsirlenendigini aýdýandygyndan ugur alsaň, onda, belki, meselä
has düýplüräk hem giňräk seretmelidir. Bu hakykatdan hem şeýle. Meselä haýsy
babatda düýpli hem giň garamalydygy barada ýüzleýräk hem bolsa şahyr
A.Agabaýew öz pikrini ýaňzydypdyr.
Magtymguly döredijilik ruhy boýunça döwrüň ahlak kada-kanunlaryny öz
köptaraplylygy bilen çeper özleşdiren şahyr. Ol döwrüň ahlak kadalaryny haýyr
we şer, ýagşy we ýaman, günä we sogap, halal we haram ölçegleri bilen
kesgitledi we baha berdi. Şonuň üçin şahyryň döredijilik keşbi öwüt-ündewleriň,

1
A. Agabaýew. Jahyl ýaşda goja çykan. “Türkmenistan”, 2010, 12 noýabr.
233
nesihatlaryň içinden turup, örboýa galýan şahsyýetiň keşbidir. Ol keşp “Arşyň
kemerine, Ýeriň damaryna” göz ýetiren, durmuşyň her bir ýagdaýyna dogry baha
kesýän dana kişiniň keşbidir. Diňe bir “Durmuşyň düýbüni” däl, eýsem dünýäniň
düýbüni görýän akyldar kişiniň, ýaşka uly deýin pikirlenen, akyl-paýhas babatda
köpi gören goja kişiniň keşbidir. A. Agabaýew “Jahyl ýaşda goja çykan” atly
makalasynda G. Ezizowda hem Magtymguluçylyk danalygy, ýaşka uly bolan
danalygy, “jahyllykda goja çykan” akyldarlygy görýär. Ol özünüň şahyr dosty
hakda şeýle ýazýar. “Arada kärdeşlerimiziň biri maňa şeýle gürrüň berdi: “Ol
(G. Ezizow – Ş.G.) taryhy temadan bir poema ýazypdyr. Poema özümizde çap
edileniniň yz ýany rus diline terjime edilip, has giň okyjylar köpçüligine
ýetirilipdir. Eseri okan gaýry bir iliň tanymal ýaşuly alymy şeýle diýipdir:
“Ajaýyp poema! Muny döreden şahyryň ýaşy altmyş-ýetmiş-ä bardyr?!” Eseri
ýazanyň bolsa öz öňünde duran ýigrimi dört ýaşly ýigitdiginden alym bihabar
eken”1.
Biz ýöne ýere bu ýatlama ýüzlenmedik. Munda G. Ezizowyň şahsyýetinde
Magtymgulynyňky ýaly “jahyl ýaşda goja çykan” dana adamyň akyl-paýhasynyň
we ruhy dünýäsiniň bolandygyny tassyklaýan maglumat bar. G. Ezizow özünüň
dana paýhasy bilen ýaşka ile akyl öwretmäge ýetişen şahsyýet. Bary-ýogy otuz
bäş ýyl ýaşandygyna garamazdan, ol özünde Magtymguly ýaly ile-güne öwüt-
-ündew ediji, nesihat beriji şahsyýeti kemala getirip bilipdir. Ýogsam G. Ezizow
öz döwründe şygryýete Ýewropa poeziýasynyň ruhuny getiren şahyr hökmünde
orta çykdy. Günbataryň şygryýeti bolsa duýguçyllykda tapawutlanýan
poeziýady. Şoňa garamazdan, G. Ezizow hem, edil Magtymguly ýaly, haýyr-
şeriň, ýagşy-ýamanyň, günä-sogabyň, halal-haramyň arasyndaky gapma-gar-
şylyklara esaslanýan öwüt hem ündew beriji şahyryň keşbini öňe çykardy. Şunda
ol Magtymgulynyň nesihatnamaçylyk durmuş filosofiýasyny iline-gününe
ýaýradýan ruhy dünýäli şahyryň keşbini şygryýet meýdanyna getirdi. Käbir
setirlere ünsi çekýäris:

Oňarsaň,
bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer.
Ikibaşdan, gündogarda Gün dogar.
Ikibaşdan, günbatarda Gün ýaşar.

Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,


Bir ajap säherde Gün bolup dogar.
Oňarsaň, oňat tut köňülde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.2

1
A. Agabaýew. Jahyl ýaşda goja çykan. “Türkmenistan”, 2010, 12 noýabr.
2
G. Eziozw. Türkmen sährasy. Goşgular, sonetler. Aşgabat, TDNG, 2007, 76 sah.
234
Eýsem bu göňümel didaktika dälmi näme? Elbetde, şol. Eýsem bu gönümel
didaktika edebi täsiriň gyýtaklaýyn formadaky ýüze çykmasy dälmi? Elbetde, şol.
Munuň hakykatdan hem şeýledigine syn edeliň. Onuň üçin Magtymguludan iki
bent mysal alýarys:

Bende sen, bet işe batyrlyk etme,


Aldyňda goýarlar ol gün bu işi.
Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,
Hyjalata goýar, bilgin bu işi.

Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,


Arasatda senden istärler jogap,
Halala hasap bar, harama – azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi.1

Bu ýerde beýik halypa bilen dana şägirdiň arasynda ýüze çykan ruhy
ýakynlygy duýmazlyk mümkin däl. Ol biri-biriňi gaýtalamak bilen gazanylan
ýakynlyk däl. Ol ideýa-çeperçilik ýoluň ýakynlygy, şahyrana däbiň öňe çykaran
ugrunyň ýakynlygy. Ol türkmen şygryýetiniň süňňüne siňen ruhy bitewiligiň
ýakynlygy.
Şahyrlaryň ikisi-de öz okyjysyna göňümel nesihat berýär. Magtymguly her
setirinde gönümel nesihat bermek bilen öwüt-ündew edýär. G. Ezizow bolsa tutuş
şygryň dowamynda şol bir öwüt-ündewüň duýgulaýyn mazmunyny açmak bilen
öz ideýa-çeperçilik maksadyna ýetýär. Bu edebi täsiriň gyýtaklaýyn suratda
döredijilikli ýüze çykmasydyr. Şonuň üçin hem Magtymguly G. Ezizow däl,
G.Ezizow hem Magtymguly däl. Bu ýerde edebi täsiriň döredijilikli formasy
özüni görkezýär. Olaryň aýry-aýry döwrüň adamlarydygyndan daşgary hem olar
aýry-aýry döredijilik şahsyýetlerdir. Şoňa garamazdan, olary maksatlar
birleşdirýär. Maksat – gönümel nesihat bilen öz döwürdeşleriňi haýra, sogaba,
ýagşylyga, halallyga çagyrmak, adam häsiýetlerine täsir etmek – dünýäni
gözelleşdirmek. Biz bu ýerde gönümel aýdylan nesihatlara esaslanýan
gyýtaklaýyn edebi täsiriň netijesini görýäris. Magtymgulynyň
nesihatnamaçylygynyň G.Ezizowa eden çeperçiliki täsirini görýäris. G.Ezizowyň
öwüt-ündew pelsepesine ýugrulan şygyrlarynda yz galdyran Magtymgulynyň
şygyrlaryndaky nesihatnamaçylyk ruhy duýýarys. Dana pikirler, pelsepeçilik
äheň, öwüt-nesihatçylyk – bularyň hemmesi Magtymgulynyň şygryýetine-de,
G.Ezizowyň şygryýetine-de mahsus alamatlaryň biridir. Onsoň G.Ezizowyň
Magtymgulyny döredijilik halypasy diýip tassyklamagy bilen ylalaşman
bolarmy? Elbetde, bolmaz. Sebäbi G.Ezizowda Magtymgulynyň akyl-paýhasa
ýugrulan, öwüt-ündewe eýlenen filosofiýasynyň täsiri äşgär ýüze çykýar. Bu,
elbetde, gytaklaýyn edebi täsiriň ýüze çykmasydyr.

1
Magtymguly. Şygyrlar. 3 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, DNÇB,1992, 59 sah.
235
Şeýle edebi täsiriň yzlaryny biz diňe G. Ezizowda däl, eýsem ondan öňki
hem soňky edebi nesliň wekillerinde-de G. Seýitliýewde-de, A. Atajanowda-da,
M. Seýidowda-da, B. Hudaýnazarowda-da, K. Gurbannepesowda-da,
A. Haýydowda-da, A. Atabaýewde-de, N. Rejebowda-da görýäris. Gyýtaklaýyn
edebi täsiriň türkmen edebiýatyndaky möhürini diňe bir sanalan awtorlarda däl,
örän köp şahyrlarda görüp bolýandygy onuň ýaýrawynyň giňdiginden habar
berýär.
Çeper döredijiligiň ösüşinde edebi täsiriň ýüze çykyş gerimi örän giňdir. Ol
tema saýlamakdan başlap, ideýa ýüze çykarmaklyga çenli, gahrymanyň häsiýetini
açmakdan başlap, çeper keşp döretmeklige çenli, durmyş hakykatyna dogruçyl
çemeleşmekden başlap, ony çeper özleşdirmäge çenli, durmuşy çeperçilik taýdan
özleşdirmegiň formalaryndan (žanryny kesgitlemekden) başlap, mazmuna çeper
lybas geýdirmäge çenli, zerur sýužet ýordumyny gözläp tapmakdan başlap, eseriň
kompozissiýa taýdan nähili gurulmalydygyna çenli, durmuş hakykatyny
tipleşdirmekden başlap, personažlaryň häsiýet tipikligini gazanmaklyga çenli we
ýene ş. m. birtopar meseleler bilen bagly göňümel ýa-da gyýtaklaýyn ýagdaýda
ýüze çykyp bilýär.
Edebi täsiriň öýkünme arkaly ýüze çykýan formasy hem bar. Şeýlekin
edebi täsir ol ýa-da beýleki bir ýazyja öýkünip döredilen eseriň ruhundan
aňlanylýan täsirdir. Bu, elbetde, öýkünilýän edebiýatyň ýa-da anyk bir ýazyjynyň
döredijilik ruhunyň öýkünýän ýazyjyda ýüze çykmagydyr. Aýdaly,
Magtymgulynyň “Ýaýlahlary bar” şygryndan azerbaýjan ruhunyň, Mollanepesiň
“Kiçgine” şygryndan özbek ruhunyň, Andalybyň “Çäbikgine” tahmysyndan
Nowaýynyň ruhunyň duýulýandygyny ýönekeý okyjy hem aňşyryp bilýär.
Magtymgulynyň “Ýaýlahlary bar” şygryndan birki bent okap göreliň:

Sapar edip barsak, Nuşah mülküne,


Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
Seýran etsek gunçasyna, gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.

Meýdany doludyr şeker gamyşdan,


Dileg etmez hergiz gardaş-gardaşdan,
Üsti ýapylgydyr kümüş kerpiçden,
Her kimiň özi çün suwlahlary bar.1

Şu bentlerde “k-g” sesleriniň “h” sesi bilen çalşyrylmagy netijesinde


gazanylan çeperçilik ruh arkaly şygryň näme hakda, nire hakda, söz açýandygy
açyk äşgär edilýär. Şahyr azerbaýjan topragynyň gözellikleri hakda söz açýanyny
rifmalaşýan sözleriň ýekeje sesini çalşyrmak bilen duýduryp bilýär. Şol ýekeje
ses hem şygryň edebi täsir meselesine çemeleşişinden habar berýär. Galyberse-

1
Magtymguly. Saýlanan eserler, 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 121-122 sah.
236
de, şol ýekeje ses şygra azerbaýjança çeperçilik şiresini çaýýar. Bu bolsa
türkmençe ýazylan şygryň azerbaýjança owaz bilen ýaňlanmagyna alyp barýar.
Diýmek, Magtymguly azerbaýjan diliniň şiresi bilen öz şygrynyň lezzetini
artdyrýar. Munda, elbetde, milli dilleriň özara täsir gatnaşyklarynyň çeperçilik
giňişlikdäki şuglasy görünýär. Şol bir wagtyň özünde hem bu ýerde edebi täsir
gatnaşyklarynyň ýüze çykmasy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyz ikuçsyzdyr.
Edil şu ýerde Magtymgulynyň azerbaýjan täsirine düşen bu şygrynyň XX
asyryň görnükli türkmen şahyry K.Gurbannepesowa eden täsiri hakda söz açmak
ýerliklidir. Eýsem Magtymgulynyň azerbaýjan ruhly “Ýaýlahlary bar” şygry XX
asyr türkmen şahyry K.Gurbannepesowa “Ýaýlaklary bar” ady bilen goşgy
ýazmaga nähili badalga bolduka? Şuny anyklamaga synanyşalyň. Biziň
pikirimizçe, K.Gurbannepesowy Magtymgulynyň şygrynyň azerbaýjança ruhy
gyzyklandyran bolmaly däl. Oňa Magtymgulynyň şygrynyň umumy çeperçilik
ruhy badalga bolandyr diýip pikir edýäris. Belki-de, ol şonuň üçin özüniň beýik
halypasynyň döredijilik täsirine düşen bolsa gerek. K.Gurbannepesowyň
şygryndan käbir setirleri okap göreliň:

Eýläk atyp Garagumuň gyşyny,


Ýazlag wagty görseň çopan goşuny.
Gözel gyzlaň garanjaklap daşyny
Maşyn bilen ýanlyk ýaýmaklary bar.

Güneýleri bardyr ýaşyl ýylakly,


Çopanlary bardyr egri taýakly,
Çoluklary bardyr ýeňil aýakly,
Ýanlarynda azyk-suwluklary bar.1

Türkmenistanyň halk bagşysy, meşhur kompozitor Sahy Jepbarow şu şygra


ajaýyp saz ýazdy. Ony bagşynyň özi ýokary ussatlyk bilen aýdyp, halka ýetirdi.
Şundan soň üç ussadyň (Magtymguly, K. Gurbannepesow, S. Jepbarow)
zehininde gaýnan beýik sungat eseri döredi. Bu özara täsiriň döreden sungat eseri
hökmünde halkyň hakydasyna doldy. Söz sungatynyň ajaýyp eseriniň ömrüne
aýdym-saz sungatynyň ajaýyp eseriniň ömri hem goşuldy-da, ol beýik eser
bakylyga siňip gitdi. Şahyryň (Magtymgulynyň) şahyra (K. Gurbannepesowa)
ýetiren döredijilik täsiri bilen şahyryň bagşa (S. Jepbarowa) ýetiren täsiri
sazlaşyp, ajaýyp sungat eseri kemala gelipdir. Bu, elbetde, sungatlaryň özara
hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Bir çeperçilik giňişlikdäki dürli sungatlaryň ruhy
sazlaşygydyr, olaryň biri-birine döredijilikli täsiridir.
Şeýle ruhy sazlaşygyň biz dürli çeperçilik giňişlikdäki ýüze çykmalaryna
hem syn edip bilýäris. Şahyr K. Gurbannepesowyň käbir şygyrlarynyň badalga
nokadyna ser salsak, munuň aýdyň mysalyny görýäris. Şahyryň “Men-Rupiýa”

1
K. Gurbannepesow. Oýlanma baýry. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1995, 18 sah.
237
(hindi şahyry Ugradan), “Söýgi diýilýän saçagyň...” (A. Köşekowdan), “Owadan
gyza” (Maksim Tankdan), “Meniň gelnim” (gagauz şahyryndan), “Aýagymy
diräp, Ýeriň gerşine” (E. Meželaýtisden), “Ýaşlyk dramasy” (Y. Ýusubowdan)
ýaly şygyrlarynyň dürli çeperçilik giňişlikdäki şahyrlaryň täsiri bilen ýazylan
şygyrlardygyny bilýäris. Bu sanalan şygyrlar K. Gurbannepesowyň
döredijiliginde edebi täsir gatnaşyklarynyň miweleri bolan şygyrlaryň hemmesi
däldigini hem aýtmaly. Olar K.Gurbannepesowda başga-da az däl. Ýöne ol
goşgularyň temasy özge şahyrlardan alnan hem bolsa, olaryň ruhy
K.Gurbannepesowyňkydyr. Şonuň ýaly-da ol şygyrlar K. Gurbannepesowyň
döredijiliginde özboluşly eserler hökmünde okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan
şygyrlardygyny-da nygtamaly. Sebäbi K.Gurbannepesowyň bu edebi täsir
gatnaşyklary döerdijilikli täsir gatnaşyklarydyr.
Bir mysal. Şahyryň “Ýaşlyk dramasy” şygry garagalpak şahyry Ybraýym
Ýusubowdan, aýratyn hem onuň “Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň”
setirlerinden täsirlenip ýazylan şygyr. Ýöne bir bellemeli zat bar. Bu şygyrda
hem, K.Gurbannepesowyň özge şahyrlardan täsirlenip ýazan beýleki
şygyrlarynda hem edebi täsir döredijilikli täsirdir. Şahyr haýsy halkyň şahyryndan
täsirlenýändigine garamazdan, onuň şygyrlarynda milli ruh, türkmen ruhy äşgär
duýulýar. Bu, elbetde, meselä döredijilikli çemeleşilendiginiň netijesidir.
Garagalpak şahyry Y.Ýusubow Magtymgulynyň 250 ýyllyk toýy
mynasybetli öňki Garrygala (häzirki Magtymguly) etrabynyň merkezinde bolan
dabarada märekäniň öňünde Magtymgulynyň “Näme sen?” şygryna öýkünip
ýazan “Nesiň sen?” (“Näme sen?”) diýen şygryny garagalpak dilinde okady. Bu
goşgy garagalpak şahyrynyň türkmen şahyryna öýkünip, ondan täsir alyp ýazan
eseri. Ýöne garagalpak dilinde ýaňlanan bu goşgy şol agyr mähellä gatnaşan her
bir türkmen üçin türkmençe eşidildi, türkmençe düşünildi. Bu eýýäm
Y.Ýusubowyň türkmen aňyna eden täsiridi. “Nesiň sen?” şygryny soň şahyr
A.Mämmedow türkmençä terjime etdi. Geliň, häzir şondan birki bent okap
göreliň. Şygyr “Magtymgula” ady bilen terjime edilipdir:

Ajap zähmetine bazar tapmadyk,


Her ýan geçen kerwenmi sen, näme sen?
Kükreklerden gozganmadyk, gopmadyk
Aglap ýatan armanmy sen, näme sen?

Siller mekan tutdy Etrekde saýdan,


Döwlet gidip, gerkez gaçdy o taýdan,
Gyýnyndaky gylyç, merde zar meýdan,
Sürülmedik döwranmy sen, näme sen?1

1
A. Mämmedow. Türkmennama. Aşgabat, “Ruh”, 1996, 69 sah.
238
Şygryň çeperçilik ruhy XVIII asyr türkmen şahyry Magtymgulynyň
şahyrana ruhy bilen XX asyr garagalpak sowet şahyrynyň döredijilik ruhunyň
ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Türkmen-garagalpak edebi gatnaşyklarynyň
taryhynda şeýle edebi-çeperçilik täsir gatnaşyklarynyň ýeke-täk däldiginden ylmy
jemgyýetçilik öňden habarly. Magtymgulynyň döredijiliginiň garagalpak
şahyrlarynyň köpüsine täsir edendigine bu halklaryň çeperçilik ösüşiniň taryhy
gözli şaýat. Magtymguly bilen Y.Ýusubowyň arasynda ýüze çykan bu edebi täsir
gatnaşyklary hem öňden ýörgünli edebi däbiň dowamy hökmünde garalmaly
meseledir.
Biz bu ýerde hem gyýtaklaýyn edebi täsiriň ýüze çykmasy bilen ýüzbe-
-ýüz bolýarys. Ol edebi täsir garagalpak şahyrynyň Magtymgula öýkünip,
Magtymguly hakda, onuň şahyrlyk hem şahsyýetlik gudraty hakda ýürekden
syzdyryp ýazan şygry arkaly ýüze çykýar. Y.Ýusubow Magtymgula öýkünip,
özüniň ideýa-çeperçilik maksadyna ýetýär, ol özüniň beýik ussady
Magtymgulynyň döredijilik belentligini-de, şahsyýetlik belentligini-de dünýäniň
haýsy belentligi ýa-da gymmatlygy bilen deňeşdirjegini bilmeýär. Şonuň üçin
“näme sen?” diýen soragly äheňdäki tassyklaýyşlaryň yzy üzülmeýär. Garagalpak
şahyrynyň ýanynda beýik türkmen şahyry Magtymguly elýetmez şaha hökmünde
al-asmanda salgym atýar. Y.Ýusubow ussady bilen ýürekden syzdyryp
söhbetdeşlik etmek arkaly öz oý-pikirlerini ýüze çykarýar we bu söhbetdeşlik
özüniň buýsançly ruhy bilen tapawutlanýar.
Şeýle buýsançly hem ýürekden çykýan söhbetdeşlik ýöne ýerden däl. Ol
ruh birliginiň netijesinde ýüze çykan söhbetdeşlik we edebi täsirdir. Şoňa görä
Y.Ýusubow “men şu goşgyny Magtymgula öýkünip, şondan täsirlenip ýazdym”
diýip aýtmaýan hem bolsa, edebi täsir öz-özünden äşgär bolýar. Garagalpak
şahyry Magtymgulynyň şahyrana dilinde söz açmak bilen (bu ýerde “näme sen?”)
ol magtymguluça sözläsi gelýändigini gizläp durmaýar. Ol, elbetde, özüçe
pikirlenýär, emma Magtymguluça dil açýar. Şahyr Magtymgulynyň “näme sen?”
diýen jümlesini çeper detal hökmünde peýdalanýar we özüniň oýlanmalaryny
Magtymgulynyň şahyrana söz açyş çygryna salyp söhbet edýär. Bu, elbetde,
edebi-çeper täsiriň netijesidir.

239
EDEBI DÄP WE TÄZEÇILLIK

Edebi däp we täzeçillik meselesi çeper edebiýatyň ösüşine gönüden-göni


dahylly bolan kanunalaýyklyklaryň biridir. Şonuň üçin ol edebiýat nazaryýetiniň
hem möhüm meselesi bolup öňe çykýar. Munuň hakykatdan hem şeýledigini
edebiýatçy alymlar biragyzdan diýen ýaly tassyklaýarlar. Zehinli edebiýatçy hem
belli tankytçy hökmünde öz wagtynda meşhur bolan Abdylla Myradow bu hakda
şeýle ýazýar: “Soňky ýyllarda türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda üýtgeşik
janlanma döredi: biziň edebiýatçylarymyz aýry-aýry ýazyjylaryň döredijilik
portretini ýazmakdan edebiýat taryhynyň aýry-aýry meselelerini
aýdyňlaşdyrmakdan teoretiki problemalary işlemeklige geçdiler. Şeýle işleriň
biri-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty K.Jumaýewiň “Türkmen sowet
poeziýasynda däp we täzeçillik” atly monografiýasydyr.” 1 Bu sözler agzalan
kitabyň başynda “Redaktordan” diýen ýazgynyň astynda A. Myradowyň işe beren
häsiýetlendirmesinden alyndy. Şu tassyklamadan mälim bolşy ýaly, alym däp we
täzeçillik meselesine edebiýat nazaryýetiniň meselesi hökmünde garaýar. Bu
pikiri soňra professor Ö.Abdyllaýew hem tassyklap we aýratyn nygtap şeýle
ýazýar: “Häzirki edebiýatdaky däp we täzeçillik meselesini anyklaşdyrmagyň
hem teoretiki, hem praktiki taýdan möhüm ähmiýetiniň bardygyny-da bellemek
gerek.”2
Görnüşi ýaly, däp we täzeçillik meselesi alymlar tarapyndan edebiýat
nazaryýetiniň düýpli öwrenmeli meselesi hökmünde orta atylýar. Aýratyn hem
türkmen edebiýatynda däp we täzeçillik meselesini ýörite öwrenen alymlar
K.Jumaýew (“Türkmen sowet poeziýasynda däp we täzeçillik”), Ö. Abdyllaýew
(“Türkmen prozasynda däp we täzeçillik”) dagy bu meseläni nazaryýetiň
meselesi hökmünde öwrenmelidigine ýörite we öwran-öwran ünsi çekýärler.
Olaryň biriniň türkmen şygryýetinde (K.Jumaýew), beýlekisiniň türkmen kyssa
žanrynda (Ö.Abdyllaýew) däp hem täzeçillik meselesini hertaraply we düýpli
öwrenendigini nazarda tutmak bilen biz hem şu çaka çenli edebiýat nazaryýeti
bilen bagly neşir edilen okuw kitaplarynyň birine-de girizilmedikligine
garamazdan, bu meseläni edebiýat nazaryýetiniň meselesi hökmünde derňemegi
müwessa bildik. Sebäbi däp hem täzeçillik meselesi çeper edebiýatyň ösüş
kanunalaýyklyklaryny özünde jemleýär. Edebiýat taglymaty bolsa edebiýatyň
kanunalaýyklyklary bilen iş salyşýandygy üçin ol gönüden-göni edebiýat
nazaryýetiniň meselesi hökmünde garalmaga degişli bolýar. Munuň şundan başga
hili düşündirişi ýok.
Edebi däp we täzeçillik meselesi, göräýmäge, aýry-aýry özbaşdak
meseleler ýaly, biri-birine dahylsyz iki sany uly mesele ýalydyr. Şeýle seretseň,
olaryň biri (edebi däp) düýnüň meselesi, beýlekisi (täzeçillik) şu günüň meselesi
ýaly bolup görünýär. Eger olary wagt giňişligine salyp seljerseň, hakykatdan hem
biri düýnüň, beýlekisi hem şu günüň miweleri hökmünde salgym atýar. Ýöne,
1
K.Jumaýew. Türkmen sowet poeziýasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, “Ylym”1967, 3 sah.
2
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 19 sah.
240
şuňa garamazdan, olar biri-birinden üzňe bolmadyk bitewilikdir ýa-da biri-biriniň
dowamy bolup duran meselelerdir. Bu hakda professor Ö. Abdyllaýew şeýle
ýazýar: “Däp we täzelige aýry-aýrylykda çemeleşmek mümkin däl. Olar biri-biri
bilen baglanyşykly dowam edýän edebi hadysadyr. Däp bu edebiýatyň ösüşiniň
belli bir döwründe emele gelen, gysga ýa-da uzak wagtlap dowam edýän çeper
suratlandyrmak usuly (täri manysynda bolsa gerek – Ş.G.), prinsipleri, ideýa-
mazmunyň häsiýetli taraplary, häsiýeti açmagyň, peýzažy şekillendirmegiň, diliň
çeperçilik serişdelerini ulanmagyň tärleri we şulara meňzeşlerdir...
Her bir däp ilki dörän wagtynda täzelik bolýar. Başgaça aýdaňda,
edebiýatyň ösüşiniň belli bir döwründe temada, ideýa-mazmunda, hakykaty çeper
suratlandyrmagyň prinsiplerinde, tärlerinde öňki döwürdäkiden tapawutlanýan
alamatlar peýda bolsa, ine, şolar bolan wagtynda, täzelik bolýar. Mysal üçin,
türkmen sowet prozasynyň ilkinji eserlerinde realistik obrazlaryň döredilmegi şol
wagtdaky türkmen edebiýaty üçin ullakan täzelikdi. Emma türkmen sowet
prozasynyň ösüşiniň soňky döwürlerinde ol däbe öwrüldi.”1
Şundan görnüşi ýaly, edebi däp we täzeçillik babatda biz edil bir taýagyň
iki ujunyň bolşy ýaly ýagdaýy synlaýarys. Türkmen dilinde “taýagyň iki ujy bar”
diýen durnukly söz düzümiň göni hem göçme manylarynyň bardygyna-da ünsi
çekmeli bolýarys. Biz bu ýerde şol durnukly söz birikmesiniň göçme manysyny
däl-de, göni manysyny göz öňünde tutýarys. Şeýlelikde, edebi däp bilen täzeçillik
özara bir taýagyň iki ujy ýaly hadysadygy üçin bir bitewi zatdyr, ýöne, şol bir
wagtyň özünde hem olar bir taýagyň iki ujunyň biri-birinden, iň bolmanda,
inçelikde-ýogynlykda tapawutlydygy ýaly aýry-aýry düşünjelerdir. Däp hem
täzeçillik iki sany aýry-aýry düşünjeleriň emele getirýän bitewiligidir. Bitewi
zada hem, hususan-da däp we täzeçillige hem biri-birinden aýry-aýrylykda
çemeleşip, dogry netije çykaryp bolmajagy düşnüklidir. Olary bir bitewi edebi
hadysa hökmünde göz öňüne getirişimiz ýaly seljermek dogrudur. Şuňa
garamazdan, olaryň şol bir wagtyň özünde hem aýry-aýry düşünjelerdigini
nazarda tutup, ilki bilen edebi däp näme, täzeçillik näme–şony anyklamaly
bolýarys.
Eýsem edebi däp näme? Bu hakda edebiýatçy alym R. Rejebow şeýle
ýazýar: “Däp – geçmiş nesliň ýaşaýyş obrazyndan häzirki durmuşa geçen we
ýaşaýyşda ornaşan kadalar, düzgünler, dessurlar we gaýrylar. Çeper edebiýatda
däp häzirki zaman edebiýaty tarapyndan özleşdirilen we ösdürilýän geçmiş
edebiýatyň iň durnukly ideýa-çeperçilik taraplarydyr. Däp tutuş bir edebiýatyň
ýa-da beýik bir ýazyjynyň özünden soňkular tarapyndan özleşdirilen we dowam
etdirilen ideýa bilen çeperçilik taýdan iň durnukly taraplarydyr. Magtymgulynyň
watançylyk we gumanistik däplerini ondan soňky şahyrlar dowam etdirdiler.
Türkmen sowet edebiýaty türkmen geçmiş edebiýatynyň halkylyk, watançylyk
we çeperçilik däplerini dowam etdirýär we ösdürýär. Sowet edebiýaty XIX asyr
rus edebiýatynyň realistik däplerini dowam etdirýär we ösdürýär.”2
1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat. 1972, 17-18 sah.
2
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 73 sah.
241
Gepiň tümmek ýeri, edebi däp edebi mirasdyr. Edebi miras bolsa çeperçilik
äleminde uzak taryhy döwürleriň dowamynda heňňamlaryň synagyndan geçen
gymmatlykdyr. Ol umumymilli ýa-da umumadamzat ähmiýeti bolan
gymmatlykdyr. Edebi däp, ine, şeýle edebi-çeper gymmatlyklaryň jümmüşinde
kemala gelýän hazynadyr. Edebi däp milli mirasa siňip ýatan ruhy hem çeperçilik
ýollar-ýodalardyr, kada-kanuna öwrülen çeperçilik ýörelgelerdir, kadalar-
kanunlardyr. Edebi prosses öz ösüşini çeperçilik däplere daýanmak bilen dowam
etdirýär. Şonuň üçin edebi däp bütin çeperçilik älemi hereketlendiriji güýçdür. Bu
güýç çeperçilik giňişlikde kemala gelen kanunalaýyklyklardan badalga alýar.
Edebi däp çeperçilik giňişligiň hakydasy ýaly bir zatdyr. Sebäbi ol taryhy
döwrüň hakydasydyr. Şonuň üçin hem ol edebi-çeper durmuşyň, umuman,
sungatyň hakydasydyr. Edebi däp geçmişiň häzirki zamanyň janly çeperçilik
prossesine gatnaşmasydyr. Edebi däp şu günki gün ýaşaýan janly mirasdyr. Edebi
däp şu günki çeperçilik giňişlik üçin ägirt uly ähmiýeti bolan ruhy geçmişdir.
Gepiň üýşmek ýeri, edebi däp biziň düýnki gazananymyzdyr. Ol milli sungatyň
düýnki ýeten çeperçilik derejesidir, düýnki galan çeperçilik belentligidir. Şol
galnan çeperçilik belentligiň çeperçilik giňişligi bolsa täze alamatlaryň, täzeçe
pikirleriň, täzeçil duýgularyň döremegine giň şertleriň döreýän meýdanydyr.
Edebi däp bilen täzeçilligiň aralygyndaky giňişlik, olaryň özara
gatnaşyklarynyň aralygyndaky çeperçilik giňişlik ähli döwürleriň sungatlarynyň,
şol sanda söz sungatynyň hem hereket edýän meýdanydyr. Sungatyň we
edebiýatyň şu çaka çenli döredilen beýik eserleriniň çeperçilik hili hem,
çeperçilik tärleri hem, şahsyýetde adamkärçiligi terbiýeleýän ynsanperwer
häsiýeti hem edebi däp-täzeçillik aralygyndaky giňişligiň içinde kemala gelýär.
Sungatyň hakydasy edil ownuk göz elek ýaly bolýar. Ol özüne gerek zady
saýlamak, diňe şony saýlamak bilen birlikde öz döwri üçin zerur bolan däpleri
mydama asyl bolşunda ýa-da nähili görnüşde gerek bolsa şol hili ýa şol hiliräk
edip, hakydasyndan süzüp geçirmäge ukyplydyr. Asla ol gerek bolmadyk däpleri
öz hakydasynda saklajak bolubam durmaýar.
Häzirki zaman sungatynda şeýle bir häsiýet bar, ol zerurlygy ýok hasap
eden däplerini asla öz hakydasyna salmaýar. Ol ony taryhyň çuňluklaryna tarap
süýşürip goýýar. Meselem, ol derwüşleriň “zikir” ýa-da “zäkir” diýip
atlandyrylýan däp-dessurlaryny özüniň sanawaçlary, rakslary bilen birlikde
hakydasyndan zyňyp taşlapdyr. Has dogrusy, ol bu däp-dessuryň asylky bolşuny
taryhyň gatlaryna tarap süýşüripdir.
Häzirki zaman sungat hakydasynyň ýene bir tarapy bar. Ol öz döwri üçin
has gerekli (aktual) hasap eden däplerini ýa-da olaryň käbir taraplaryny geçmiş
taryhyň çuňluklaryndan sogrup alyp, döwrüň ruhy islegini kanagatlandyrýan
görnüşe getirip, peýdalanyp hem bilýär. Muny ýene-de derwüşçiligiň zikir
çekmek sungatynyň başyndan geçiren “çarşenbelerini” ýatlamak bilen
düşündirmeli bolýarys. Gadymy derwüşçilik sungatynyň däp-dessur poeziýasy,
dabaraly rakslary bu gün özüniň täze formasyna we mazmunyna eýe boldy. Bu

242
sungatyň asylky mazmuny ýitip ýa-da üýtgäp, ol bu gün täze at bilen,
“küştdepdi” ady bilen täzeçe janlanan sungatyň görnüşine öwrüldi. Derwüşleriň
bela-beterleri, howp-hatarlary, betniýetli gara ruhlary kowmak üçin “küşt, küşt”
diýip, gaýtalan sözleri hem özüniň asylky manysyny ýitiripdir. Asla “zikir”
çekilip aýdylýan bentleriň mazmuny üýtgäp, ol başga-başga maksatlara
gönükdirilen ideýa-çeperçilik ugry özüne ýörelge edinipdir. Düýnki betniýetli
ruhlary kowmak üçin aýdylýan derwüşçilik ideýa-mazmun bu gün toý-
dabaralary bezeýän döwrebap ideýa-mazmuna ösüp geçipdir. Bu dabaraly däp-
dessuryň rakslary öz asylky bolşuny saklap galan hem bolsa, onuň sanawaçlary
bütinleý täzeçe hem döwrebap mazmuny bilen tapawutlanýan sungat derejesine
ýetdi. Hatda folklor sungatynyň bu görnüşi YUNESKO-nyň maddy däl medeni
miraslaryň saýlantgy nusgalarynyň sanawyna hem girdi. Bu, elbetde, edebi-çeper
däbiň täzeçe röwüşler bilen döwrebap häsiýete geçmegidir, sungat hakydasynyň
edebi-çeper däpler bilen oňyn gatnaşygynyň aýdyň mysalydyr.
Sungatyň, şol sanda söz sungatynyň hem çeperçilik däpleri-bu geçmişiň
häzirki döwür üçin iň gerekli (aktual) bolan alamatlary hökmünde ýaşaýan
gymmatlyklardyr. Bu, bir tarapdan, geçmişiň şu günüň hyzmatynda
goýulmagydyr. Ikinji tarapdan, bu geçmişiň şu günki sungatyň, diňe bir sungatyň
hem däl, şu günki nesliň hakydasynda janlanmagydyr we ýaşamagydyr. Bu
heňňamlaryň özara sazlaşygyny kemala getirýän hadysa hökmünde hem
gymmatlydyr.
Sungatyň çeperçilik däplerini şunuň ýaly bölümlere bölmek mümkin: köne
däpler, otnositel köne däpler, iň täze däpler. Elbetde, bu bölünişik boýunça olaryň
öz aralarynda ähmiýetliligi babatda biriniň beýlekisinden artykmaçdygyny ýa-da
kemdigini aňlatmaýar. Olar çeper däp hökmünde hemmesi hem, haýsy döwrüň
däbidigine garamazdan, döwrebapdyr we çeperçilik prossese, zerurlyk ýüze
çykan halatynda, deň derejede gatnaşmaga haklydyrlar. Sebäbi olaryň hemmesi
hem çeperçilik babatda deň derejeli ýa-da deň hukukly ýol-ýörelgedir, kada-
kanundyr we çeper kanunalaýyklyklardyr. Bu edebi däpleriň häsiýetli
alamatlarydyr.
Indi täzeçillik hakynda kelam agyz aýdalyň. Çeperçilik hadysa nukdaý
nazaryndan garasaň, täzeçillik hem, edebi däp ýaly, özboluşly
kanunalaýyklykdyr. Täzeçillik edebi-çeper prosses üçin özboluşly ösüşiň
alamatydyr. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bu adalganyň “tazelik”,
“täzeçilik”, “täzeçillik” ýaly sözler bilen atlandyrylandygy bilen ýüzbe-ýüz
bolýarys.
Eýsem täzelik, tazeçilik, täzeçillik näme? Ilkinji nobatda bu adalgalaryň özi
hakynda az-kem düşündiriş zerur. Biziň bu ýerde adalgalar diýýänimiziň sebäbi
düşnükli bolsa gerek. Sebäbi bir adalganyň (rusça “новаторство” adalgasynyň)
türkmençe üç hili atlandyrylyp ulanylyşy, kadaly ýagdaý bolmasa-da, ol hakykat
ýüzünde şeýle. Adalgalar köp söz bilen, onda-da dürli-dürli sözler bilen
atlandyrylyberse, ol özüniň adalgalyk ähmiýetini gowşadýar. Şonuň üçin hiç

243
aklaýşa degişli däl hem bolsa, bu üç hili aýdylýan bir adalga düşündiriş bermäge
çalşalyň. Adalga hökmünde ulanylan üç sözüň üçüsiniň hem düýp sözi “täze”
diýen söz. Ýöne bu söze goşulan at ýasaýjy goşulmalar hem, sypat ýasaýjy
goşulmalar hem ol sözleri adalga derejesine ýetirmekden ejiz gelýär. Sebäbi,
edebi däp ýaly, edebi täzelik hem edebi prossesde ýüze çykýan hadysadyr.
“Täzeçilik” diýseň hem, “täzeçillik” diýseň hem haýsy-da bolsa bir hadysany
aňlatmaýar-da, kimde bolsa bir şahsyýetiň hereketine degişli işi aňladýar. Bu
sözlerde şahsyýetiň ýerine ýetiren işiniň häsiýetli aýratynlygy ýüze çykýar.
Aýratynlyk bolsa hadysa däldir, ol tapawutdyr. Aslynda “täziçilik” diýen söz
türkmen diliniň sözlüklerine giren söz hem däl. Şundan hem onuň oýlanyp
tapylyp, ýasalan sözdügi belli bolýar. Çünki “täze” diýen sözden “täzeçi” diýen
sypat ýasanyň bilen hem ol türkmençe manyly söz bolmaýar. “Täzeçi” sözüniň
yzyna “lik” goşulmasyny goşsaň, “täzeçillik” diýen söze ýakyn söz ýasap bolýar.
Ýöne “täzeçilik” entek “täzeçillik” diýen sözüň manysyny berip bilmeýär. Eger ol
söz şol manyny beräýen halatynda hem, “täzeçillik” sözüň özi hem
“новаторство” diýen rus sözüniň manysyny berýändigine garamazdan, edebi
hadysany aňladyp bilmeýär. Sebäbi “täzeçil” sözünde hem, “täzeçillik” sözünde
hem hadysa manysy ýok. Olaryň ikisi hem hadysa ýokundysy bolmadyk sözler.
Bu sözler türkmençe ulanylanda, haýsydyr bir şahsyýetiň işi bilen bagly many
aňladýan sözler bolany sebäpli, olar “edebi täzelik” manyly hadysa üçin adalga
bolup bilmeýärler.
Aslynda bu adalgalar ylmy dolanyşyga haçan we kim tarapyndan
girizildikä? XX asyryň altmyşynjy ýyllary türkmen sungatynyň hem, ol hakdaky
ylmyň hem pajarlap ösüp başlan döwri boldy. Şonuň üçin bu adalgalaryň ikisi
hem şol ýyllarda ylmy dolanyşyga girdi.
“Täzeçilik” adalgasyny şu görnüşde ilkinji bolup ýazyjylar A.Aborskiý
bilen D.Haldurdy1 hem-de edebiýatçy alym K.Jumaýew 2, “täzeçillik” adalgasyny
bolsa şol ýyllarda alymlar R.Rejebow3 we Ö.Abdyllaýew4 ylmy dolanyşyga
girizdi. Sebäbi alym K.Jumaýewiň däp we täzeçillik meselesine bagyşlanan
monografiýasy neşir edilenden soň, bu kitap barada syn ýazanlar “täzeçilik”
adalgsy hakda söz açyp, onuň beýle bir şowly adalga däldigine ünsi çekdiler
K.Jumaýewiň tankytçylary bu adalgany “täzeçillik” diýip alan bolsa maksada
laýyk boljakdygyny nygtadylar. Şonuň üçin R.Rejebow bilen Ö.Abdyllaýew bu
adalgany “täzeçillik” görnüşinde aldylar we ulandylar. Bu adalga babatda
tankytçylaryň hiç biri ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmediler. Ýogsam
“täzeçilik” adalgasy babatda-da, “täzeçillik” adalgasy babatda-da jedelleşere zat
bardy.
Biz sözümiziň bir ýerinde “edebi däp we täzeçillik” düşünjelerini bir bitewi
zat ýa-da hadysa hökmünde göz öňüne getirmelidigi we onuň başga hili

1
A.Aborskiý, D.Haldurdy. “Edebi däp we täzeçilik.” “Edebiýat we sungat”, 1962, №37, 10 maý.
2
K.Jumaýew. Türkmen sowet poeziýasynda däp we täzeçilik. Aşgabat, “Ylym”, 1967.
3
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat “Türkmenistan”, 1966.
4
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972.
244
bolmagynyň mümkin däldigi baradaky pikiri öňe sürdük. Özem muny professor
Ö.Abdyllaýewe salgylanyp öňe sürdük. Eýsem edebi däp we täzeçillik bir bitewi
zat bolsa, onda bir bitewi zadyň bir bölegi zat ýa-da hadysa degişli bolup (edebi
däp), başga bir bölegi bolsa anyk bir şahsa degişli bolan (“täzeçillik”) düşünjäni
aňladyp duran adalga bilen berilýän ýagdaýynda olary nädip birleşdirjek ýa-da
bitewileşdirjek diýen kanuny soragyň ýüze çykjakdygy düşnüklidir. Sebäbi bu iki
düşünjäniň biri at (däp) ýa-da zat, hadysa, beýlekisi (täzeçilik, täzeçillik)
sypatdan ýasalan at ýa-da täzeligi halaýan şahsyýet (täzeçil adam) bolup dur.
Eýsem zatdan şahsyýet ýa-da şahsyýetden zat ýasap bolmajagyna düşünmek üçin
üýtgeşik üşüklilik gerekmikä? Ýok. Şonuň üçin bu adalgalar şu durşuna bir
bitewilige girip bilmeýär. Ýöne olar, hakykatdan-da, bir bitewi zatlar we
hadysalardyr. Üns beren bolsaňyz, bu bitewilikde diňe zat hem hadysa bardyr,
şahsyýet ýokdur. Däp we täzeçillik düşünjelerindäki şahsyýetlilik ýokundysyny
aradan aýryp, olaryň ikisine hem zat ýa-da hadysa degişli adalga berjek bolsaň,
onda türkmen dilindäki “täzelik” diýen sözi adalga hökmünde almaly bolýarys.
Bu söz her niçigem bolsa, däp we täzeçillik düşünjelerine bitewilik bermäge
mümkinçilik döredýär. Eýsem şundan ugur alup, edebi däp we täzelik diýip
ulanmak, meselä dogry çözgüt bermek we düşünjäni dogry adalgalamak bolardy.
Meseläniň dogry çözgüdi-hä şu. Ýöne “täzeçillik” diýen adalga ýarym asyrdan
bäri adalga hökmünde ulanylyp gelinýär. Onuň hem özüne ýetik sebäbi bar.
Sebäbi okyjylar adalgaçylardan kän-kän parhly, olar az-owlak etir-tütürlige baş
galdyryp durmaýar. Okyjy köpçüligi “täzeçillik” adalgasyna öz ýanyndan
“täzelik” diýen many ýa-da edebi täzelik diýen manyny berip kabul edýär. Okyjy
bu ýerede “...diňleýji dana gerek” edýär. Şonuň üçin biz uly iliň aňyna siňen
“täzeçillik” adalgasy bilen oňňut etmeli bolýarys.
Eger ýagdaý şeýle bolsa, onda “edebi täzelik” manysyndaky “täzeçillik”
nämekä? Ol çeperçilik giňişlikde özünden öňkülere meňzemeýän, olardan
bütinleý tapawutlanýan hadysa bolmaly. Bu umuman alanyňda şeýledir . Muny
has anyk göz öňüne getirmek üçin bolsa alym Ý.Borewe salgylanmaly bolýarys.
Ol şeýle ýazýar: “Täzeçillik – bu sungatyň düýpli özgermegidir, çeper aňladyş
serişdeleriň üstüne täzesiniň goşulmagy we köpelmegidir, çeperçilik
konsepsiýanyň çuňlaşmagy we ösmegidir, ideýa-çeperçilik many-maňzyň
giňelmegidir, şahsyýete ideýa-emossional taýdan täsiriň çuňlaşmagydyr, amaly-
haşam sungatynda we arhitekturada bolsa amaly işiň kämilleşmegidir.” 1
Täzeçillik hakda türkmen alymy R.Rejebow hem şuňa golaý pikirde. Ol
şeýle ýazýar: “Täzeçillik – durmuşyň häzirki ösüşine laýyk gelmeýän köne
ideýalaryň, formalaryň, edebi ugurlaryň, stiliň deregine edebiýatda täze pikirler,
formalar, ugur we stil girizmekdir. Şeýle täzeçilligi edebiýata girizýän awtorlara
täzelikçi (nowator) diýilýär. Meselem, türkmen klassyky edebiýatyna şahyr
Magtymguly uly täzeçillikler girizdi. Edebiýatyň mazmunyny, ideýasyny, dilini,
stilini Magtymguly öňden dowam edip gelen çagataizm edebiýatyndan bütinleý

1
Ю. Борев. Эстетика. М., Изд-во политической литературы, 1988, 345 sah.
245
üýtgetdi. Edebiýatda täzeçillik durmuşyň talaplaryna laýyklykda ýüze çykýar.
Haýsy bir ýazyjy jemgyýetiň talaplaryna we halkyň ruhy isleglerine oňat göz
ýetirip bilýän bolsa, edebiýata täzeçillik girizmäge şol hem ukyplydyr. Gogol rus
klassyky edebiýatyna realistik prozany girizmek bilen beýik täzelikçi boldy.
M.Gorkiý birinji bolup edebiýaty proletariatyň bähbidi bilen utgaşdyrdy.
W.Maýakowskiý poeziýa ölmez-ýitmez täzeçillik girizdi. Sowet edebiýaty özüniň
mazmuny, ideýasy we suratlandyrýan gahrymanlary bilen bütinleý täze
1
edebiýatdyr.”
Görnüşi ýaly, täzeçillik şeýle köpöwüşginlilik bilen sungatyň ösüşine täsir
edýär eken. Eger çeper däpler sungatyň, edebiýatyň hereketlendiriji güýji bolsa,
edebi täzelikler sungaty ösdüriji güýje eýedigi bilen gymmatlydyr.
Sungatda iň görnükli, göze doly täzelikler hem çeper däplere daýanýar.
Şonuň ýaly-da iň täzeçil medeni-ruhy gymmatlyklar hem çeper mirasa aýawly
garamaklygy talap edýär. Bu näme diýildigi bolýar? Bu islendik täzeligiň
däpleriň içinden ösüp çykýandygynyň, täzeligiň “topragynyň” däpdendiginiň
tässyklamasydyr. Bu islendik täzeçilligiň çeper mirasyň miwesidiginiň
nygtalmasydyr. Diýmek, edebi-çeper däp hem, täzeçillik hem ol ýa-da beýleki
milli medeniýetiň çäklerinde özüne jaýlaşykly orun tapýar. Bu, elbetde, milli
edebi-çeper däpler we täzelikler babatda şeýledir. Ýöne adamzat döräli bäri milli
çeperçilik däpler we täzelikler bilen bir hatarda umumadamzat ähmiýetli medeni
hem ruhy umumylyklar-da dowam edip gelýär. Ol edebi-çeper däpler we
täzelikler babatda hem bu şeýledir. Umumy gymmatlyklarda milli çäklilik
ýokdur. Olar dünýä halklarynyň hemmesine degişlidigi üçin ýaşamagyny dowam
edýärler. Bu ýagdaý dünýä medeniýetleriniň, sungatlarynyň, edebiýatlarynyň
özara gatnaşygynda has aýdyň görünýär.
Edebi-çeper hyzmatdaşlygyň taryhyna ser salsaň, adamzat nesliniň ruhy
medeniýetinde kemala gelen we däpleşen umumylyklaryň olary biri-birine
ýakynlaşdyrýan hem-de dostlaşdyrýan köprülerdigine göz ýetirmek bolýar.
Adamzadyň bütin taryhy ösüş ýolunda ruhy medeniýetleri ýakynlaşdyrýan we
baýlaşdyrýan sungatyň görnüşleriniň umumylygy ýaly fenomen ýokdur. Üns
berip görüň, adamzat nesliniň hemmesi üçin umumy bolan sungat görnüşleri gaty
ir wagtlardan bäri dowam edip gelýär. Adamzat üçin umumy ruhy däp bolup
hyzmat edýän söz sungaty, aýdym-saz sungaty, tans sungaty, şekillendiriş
sungaty, teatr sungaty, zergärçilik sungaty, halyçylyk sungaty ýaly örän köp
umumy sungatlaryň bardygy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý dünýä
çägindäki umumy ösüşe däpleriň täsirli gatnaşygydyr.
Dünýä halklary biri-biri bilen bolan gatnaşykda medeni-ruhy däpler arkaly
umumadamzat siwilizasyýasyna uly goşant goşupdyrlar. Milli medeniýetleriň
dürli-dürlüdigine garamazdan, olar dünýä halklarynyň hemmesi üçin umumy
bolan sungat görnüşlerini döredip bilipdirler. Sungat görnüşleriniň bu hili
umumylygynyň döremeginde medeni-ruhy gatnaşyklaryň, ruhy-çeperçilik

1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 224 sah.
246
däpleriň hyzmaty az bolan däldir. Aýdaly, bir halkyň söz sungatynyň beýleki bir
halkyň söz sungatynyň forma, mazmun, ideýa-çeperçilik taýdan baýlaşmagynda
edebi-çeper däpleriň ýeterlik täsiriniň bolandygyna şübhelenmese bolar. Edebi-
çeper däpleriň umumylygy sungatyň görnüş, žanr, ideýa-çeperçilik babatdaky
umumylygyny döredýär. Sungat görnüşlerinde ýüze çykan umumylyklaryň hem
şeýle ýagdaýda dörändigi şübhesizdir. Bu, elbetde, ruhy medeniýetleriň
sazlaşykly ösüşinde çeperçilik däpleriň bitiren hyzmatydyr.
Şu ýerde bir ýagdaýy aýratyn bellemek gerek. Aýdym-saz sungaty
dünýäniň hemme halklarynda bar sungat. Ol türkmen halkynda hem bar. Onda-da
ol ne sungat! Şu ýerde sazşynaslar düşündiräýmese, ýönekeý diňleýjiniň akylyna
sygmaýan bir ýagdaý bar. Türkmen aýdym-sazlary ala-böle dünýäniň hiç bir
halkynyň aýdym-sazyna meňzemeýän özboluşly sungatlyk derejesini asyrlardan-
-asyrlara geçiripdir. Onuň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary diýjekmi, aýdylyş we
çalnyş özboluşlylygy diýjekmi, bagryňy dilip barýan şirinligi diýjekmi, garaz,
sanasaň, sogaby bar diýleni, hiç bir jähetden hiç kimiňkä meňzemeýän sungat
derejesine galypdyr. Ol hatda ata-baba goňşy oturan halklarymyzyň hem hiç
biriniňkä meňzemeýän, düýbünden başga bir hörpdäki sungat özboluşlylygyny
saklap gelipdir. Şonuň üçin türkmen aýdym-saz sungaty öz milli däpleri bilen
dünýä siwilizassiýasy üçin täzelikdir. Emma ol özümiz üçin çeperçilik
medeniýetimiziň ösüşinde üýtgewsiz däpleri özünde jemleýän mirasdyr. Miras
bolsa çeperçilik däpleriň toplumydyr. Türkmen milli aýdym-saz sungaty dünýä
üçin täzelikdir, türkmen üçin mirasdyr, däpleşen sungatdyr.
Däp we täzeçillik şunuň ýaly özara dialektiki baglanyşykly bolan
bitewilikdir. Däp soňky döwürlere we nesillere geçip gelen ideýa-çeperçilik
tejribedir. Ol milli hem dünýä medeniýetiniň iň gowy eserlerinde durnukly
häsiýete geçen, halkalaryň milli aýratynlygy hökmünde kemala gelen çeperçilik
hazynadyr. Edebi-estetiki täzelik hem öz gezeginde edebiýatyň hem sungatyň
ideýa-mazmun hem forma taýdan täzelenmegidir ýa-da baýlaşmagydyr.
Sungatyň we edebiýatyň täze sepgitlere çykmagydyr, täze gahrymanlaryň
çeperçilik äleme gelmegidir, täze çeperçilik açyşlaryň ýüze çykmasydyr, täze
ideallaryň, käte döredijilik usullaryň, çeperçilik serişdeleriň we tärleriň peýda
bolmagydyr. Däp we täzeçillik edebiýatyň we sungatyň yzygiderli ösüşini üpjün
edýän hereket bitewiligidir.
Her bir halkyň edebiýatynyň öz hususy çeperçilik tejribesi bar. Milli
edebiýat özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda süňňüne siňdiren özboluşly milli
çeperçilik alamatlarynyň çygrynda ösüşini dowam edýär. Şonuň üçin beýik
ýazyjylaryň döredijilik gözlegleri mydama milli edebiýatyň çeperçilik tejribesiniň
töwereginde öwrüm edýär. Ol özünden öňki döredijilik şahsyýetleriň çeperçilik
tejribesine daýanýandygyndan başga-da, ony ösdürýär, onuň has durnukly däp
hökmünde kemala gelmegine özüniň goşandyny goşýar.
Edebiýatyň we sungatyň öňünde her bir täze döwür täze wezipeleri goýýar.
Şol täze wezipeleri çözmek üçin çeperçilik däp bilen täzeçilligiň özara

247
baglanyşygy arkaly ýüze çykýan döredijilik açyşlar gerek. Bu hili arkalaşykda
esasy orun çeperçilik däbe degişlidir. Sebäbi her bir täzelik öz başlangyjyny edebi
däpden alyp gaýdýar.
Döredijilik adamsynyň edebi däbe bolan gatnaşygy onuň edebiýatda tutýan
ornuny kesgitleýän ölçegdir. Bu onuň döredijiliginiň esasy manysyny
aýdyňlaşdyrýan alamatlardyr. Ýazyjynyň edebi däbi ösdürişi hem onuň
döredijilik ýüzüniň aýratynlygyna baglydyr. Edebi prossesiň ösüşinde ýüze
çykýan öwrülişik pursatlarda edebi däbiň we täzeçilligiň ähmiýeti has-da
ýokarlanýar. Sebäbi edebiýatyň ösüşi däpleriň hem täzelikleriň özara
baglanyşygyna we olaryň biri-birini baýlaşdyryşyna baglydyr.
Milli edebiýatda kemala gelen däpler hem, täzelikler hem milli häsiýete
eýedir. Millilik meselesinde edebi däp oňa täzelikden has ýakyndyr. Täzelik özge
edebiýatdan hem geçip biler, ýöne edebi däp, köplenç, diňe milli edebiýatyň öz
süňňünden bogun ýaryp çykýan kanunalaýyklykdyr. Şonuň üçin edebi däp edebi
täzeçillige garaňda, has millidir we şol bir wagtyň özünde hem ol umumadamzat
ähmiýetli gymmatlykdyr. Islendik milli edebiýatyň edebi däbi islendik wagt
başga bir halkyň edebiýatyna özboluşly täzelik bolup ýa-da täzeligiň döremegine
esas bolup hyzmat edip biler.
Şahyr G.Ezizow geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda türkmen edebiýatyna
“sonetler çemeni” diýen täze bir düşünjäni girizdi. Ol türkmen edebiýatynda täze
bir şygyr şekili bolup, şygryýetimiziň ýüzüne täze bir öwüşgün çaýdy. Bu şygyr
şekili türkmen şygryýeti üçin täzelikdi. Ýöne ol Ýewropa şygryýeti üçin
çeperçilik däp bolup kök uran şekildi. Sonet şygyr görnüşi Italiýada “Sisiliýa
mekdebinde” baryp XIII asyrda ýüze çykan şygyr görnüşi. Ol şondan soň bütin
Ýewropa şygryýetinde dürli döwürlerde, dürli özboluşlyklar bilen baýlaşyp,
giňden ýaýran şygyr şekilidir. Sowet döwründe bu şygyr şekili şahyrlar
I.Selwinskiý, S.Kirsanow dagy tarapyndan işlendi, emma ol giňden ýaýramady.
Sebäbi bu şygyr şekiliniň , aýratyn hem sonetler çemeniniň örän çylşyrymly
talaplary bar. Ol talaplara hötde gelmek üçin örän ýokary ussatlyk gerek.
G.Ezizow bu şygyr şekiliniň ähli talaplaryna hötde gelýän iki sany sonetler
çemenini türkmen okyjylaryna peşgeş berdi. Şahyr olaryň birine “Güýz”,
beýlekisine “Söýgi”1 diýip at berdi. Sonetleriň atlary hem bu şygyr şekiliniň
ideýa-tematik talaplaryna şaplaşyp durandygy üçin, okyjy olary örän gowy
garşylady. Sonetler çemeni pelsepewi pikirleri, şeýle hem söýgi duýgularyny
açmak üçin amatly şygyr şekili hasap edilýär. G.Ezizow bu sonetler çemenleriniň
ikisinde-de sonetiň içki hem daşky talaplaryny doly berjaý edýär. Türkmen
şahyrlarynyň G.Ezizowdan soň bu şygyr şekiline ýüzlelenleri boldy, ýöne olaryň
sonetler çemeni öz many-maňzy babatda G.Ezizowyňkydan belli derejede kemter
kakany üçin, olar okyjylaryň söýgüsini gazanyp bilmedi.
Görnüşi ýaly, XIII asyryň italýan şygryýetiniň edebi däbe öwrülen sonetleri
XX asyryň türkmen şygryýetinde täzelik hökmünde garşylandy. Dünýä

1
G.Ezizow. Türkmen sährasy. Goşgular, sonetler. Aşgabat, TDNG, 2007, 92 sah.
248
edebiýatynda ýüze çykan islendik däbiň milli edebiýatlara täzelik bolup
aralaşmagynda hiç bir geň-taňlyk ýokdur. Tersine, bu kanunalaýyk ýagdaýdyr.
Muny biz Gündogar edebiýatynyň taryhynda ýüze çykan edebi däpleriň hem,
Günbatar edebiýatynyň kemala getiren däpleriniň hem türkmen edebiýatynda
ýörgünli däbe öwrülip bilendiginiň köp sanly mysallary bilen tassyklap bilýäris.
Milli edebiýatlaryň iň gowy çeperçilik däpleri mydama umumadamzat
ähmiýetlidir. Her bir halkyň milli edebiýatynyň taryhy ösüşinde gazanylan
edebi--çeperçilik tejribe azdan-känden, hökman, umumadamzat gymmatlyklaryna
öwrülmäge ukyplydyr. Sebäbi däpleriň dünýä ýaýramagy üçin hiç bir zat böwet
bolup bilmeýär. Oňa geografik çäkler hem, syýasy-ykdysady şertleriň dürlüligi
hem, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň tapawutlylygy hem päsgelçilik döredip
bilmeýär. Umumadamzat ruhy-medeni gymmatlyklar, şol sanda edebi-çeper
däpler-de dünýäniň ähli adamlary üçin umumy çeper mirasdyr. Dünýä edebi
prossesiniň milli edebiýatlar bilen çeperçilik gatnaşyklarynyň taryhy gadymydyr
we olaryň özara baýlaşmagy hem-de hyzmatdaşlygy hem bakydyr. Bu, elbetede,
çeperçilik prossesiniň adamzat döräli bäri dowam edip gelýän ösüş ýolunda
kemala gelen ruhy ýakynlygyň we bitewiligiň netijesidir. Şeýle bolmasa, baryp
gadymy döwürlerde Gündogarda kemala gelen nezireçilik däbi türkmen
edebiýatynyň ösüşine öz täsirini ýetirip bilmezdi.
XX asyra çenli türkmen edebiýatynda ýüze çykan edebi däpler umumy
Gündogar edebi däplerinden üzňe däldir. Milli edebi däpler hem peýda boldy,
ýöne Gündogar edebiýatynyň edebi-çeperçilik däpleri-de ýörgünli boldy.
Nezireçilik däbi-de şeýle ýörgünli däpleriň biridir. Bu edebi däbiň ideýa-
-çeperçilik tärleri ýönekeý gazallardan başlap, uly göwrümli eserlere, hatda
dessanlara, şadessanlara çenli ýetipdir. Eýsem Gündogar edebiýatynda sýužet
ýordumynyň umumylygy bilen belli bolan ýa-da umumy at bilen belli adybir
dessanlaryň, şadessanlaryň bardygy şuny tassyklamaýarmy näme? Elbetde, şuny
tassyklaýar. Merkezi Aziýada hem-de Ýakyn Gündogarda belli bolan
“Oguznamalaryň”, “Gorkut atalaryň”, “Göroglularyň” köp halklar üçin umumy
çeper gymmatlyk hökmündäki ähmiýetinden daşgary, olaryň her birine örän köp
halklaryň öz milli edebi-çeper gymmatlygy hökmünde garaýandygy hem aýratyn
üns bermeli ýagdaýdyr. Bu, elbetde, umumy edebi däpleriň kemala getiren ruhy
bitewiliginiň miwesidir ýa-da, tersine, ruhy ýakynlygyň, ruhy bitewiligiň emele
getiren edebi-çeper däpleriniň umumylygynyň netijesidir. Şu meselede iki
taraplaýyn ýüze çykan çeperçilik täsiriň haýsysyny bijebaşy etjegiňi biler ýaly
däl. Olaryň hersi öz ýerinde ruhy bitewiligi kemala getirip bilýär. Şeýle bitwelik
Gündogar edebiýatynda uzak taryhy döwrüň dowamynda dörän goşukçylyk,
gazalçylyk, mesnewiçilik, tahmysçylyk, tezminçilik, dessançylyk, hamsaçylyk
ýaly birtopar edebi däpleri ýüze çykaryp bilipdir. Olaryň käbiri (nezireçilik,
hamsaçylyk, tahmysçylyk, tezminçilik we beýlekiler) hakynda “Edebi
hyzmatdaşlyk” atly bölümde ýörite durup geçipdik. Edebi hyzmatdaşlygyň ýüze
çykmagyna täsiri bolan ol edebi däpler hakynda öň aýdylanlary gaýtalap

249
durmagyň zerurlygy ýok. Ýöne olaryň Gündogar edebiýaty üçin ortalyk däpler
bolandygyny weli nygtamalydyrys.
Türkmen edebiýatynyň XX asyra çenli ösüşinde çeper ideallaşdyrma
däbiniň ýörgünli bolandygy bellidir. Bu däp çeper döredijilikde dowam eden
umumylaşdyrmanyň özboluşly bir görnüşidir. Çeper umumylaşdyrmanyň ikinji
bir görnüşi bolsa tipleşdirmedir. Ö. Abdyllaýew bu barada şeýle diýýär: “Dünýä
edebiýatynyň taryhynda çeper umumylaşdyrmanyň iki hili formasy – ideal-
laşdyrma we tipizassyýalaşdyrma peýda bolupdyr. Dünýäniň her bir halkynyň
edebiýatynda realizm bilen baglylykda tipizassyýalaşdyrma örboýuna galýança,
çeper umumylaşdyrmada ideallaşdyrma prinsipiniň esasy orun tutandygy ençeme
edebiýatçylaryň işlerinde tassyklanýar.”1 Şu aýdylanlardan çeper edebiýat
ideallaşdyrmadan tipleşdirmä tarap barýan ýoly geçen ýaly görünýär. Bu umuman
alanyňda şeýledir. Söz sungatynda ideallaşdyrma däbi realistik ýörelgelere çenli
bolan edebiýat üçin ýörgünlidir. Realistik ýörelgeli edebi prossesde tipleşdirme
görnüşi agdykdyr. Ýöne olar taryhy ösüşiň dowamynda biri-biriniň yzyndan
peýda bolan ýaly bolsa-da, bu iki görnüşiň ikisi-de çeper sözüň wakalara,
hadysalara, keşplere, häsiýetlere bolan gatnaşygynda biri beýlekisiniň üstüni
doldurýan görnüşlerdir. Çeper sözüň ösüş taryhynda ideallaşdyrmanyň bar
ýerinde tipleşdirmäniň ýörelgeleri, tipleşdirmäniň bar ýerinde ideallaşdyrmanyň
ýörelgeleri öz ýüzüni görkezip bilýär. Umumylaşdyrmanyň bu iki görnüşi
gadymyýetden häzirki döwürlere çenli biri-biri bilen arkalaşykly dowam edip
gelýän däplerdir. Bu ýagdaý türkmen edebiýaty babatda hem şeýle bolmagynda
galýar.
Häzirki zaman türkmen edebiýaty hem durmuş wakalaryny, hadysalaryny,
umuman, eseriň sýužet ýordumyny, gahrymanlaryň keşbini, häsiýetini
suratlandyrmakda tipleşdirme ýörelgesine esaslanýan-da bolsa, onda
ideallaşdyrma ýörelgesi hem çeper däp hökmünde dowam etdirilýär. Aslynda
çeper tipleşdirmäniň tebigatynda umumylaşdyrmagyň hem-de ideallaşdyrmagyň
alamatlary bar bolandygy üçin, muny geňläp oturmaly hem däldir. Bu iki
görnüşiň biri-biri bilen şeýle ysnyşykly ýüze çykmasy hem özboluşly çeper
däpdir.
Şuňa garamazdan, XX asyra çenli türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda
biz adatdan daşary ideallaşdyrma däbi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şeýle
ideallaşdyrma däbi liriki şygyrlardan başlap, gahrymançylykly şadessanlara çenli
ýörgünli bolupdyr. Şahyrlar öz döwürdeşleri bolan taryhy şahslar hakda söz
açýan bolsa-da, olary döredijilik fantaziýasynyň real çygyrlaryndan çykaryp,
fantastikanyň girdabyna salyp ideallaşdyrýarlar. Magtymgulynyň “Arşy aglaýa”
şygrynda Ahmet şanyň (Owgan şasy) ýerden aýagy üzülen waspyny synlaýarys:

Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawuň,


Adyň asman gider, arşy aglaýa.

1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 55 sah.
250
Gelen nökeriňdir, gelmeýen awuň,
Beýiklik zinesin kyl paýa-paýa.

Bişeleriň aw aňtaýan şiri sen,


Rumystan beýnisi, döwüň biri sen,
Zal oglunyň almaz peýkam, tiri sen,
Guştasp ogly dek belli beleýa.1

Şu goşgudaky ýaly badyhowa waspnamany biz Magtymgulynyň Çowdur


han, Seýdiniň Soltanýaz beg, Işan Orak, Keminäniň Oraz Ýagly, Mollanepesiň
Garaoglan han, Gajar baý, Kätibiniň Nurberdi han, Gara batyr, Misgingylyjyň
Batyr Nepes hakdaky şygyrlarynda hem görýäris. Bu şygyrlarda waspy ýetirilýän
hanlar, begler, batyrlar hakykatdan hem taryhy şahslar. Il içinde ady belli adamlar
özleriniň real keşplerini alaýmaly ýaly weli, emma olaryň aýagy ýerde-de bolsa,
başy asmanda edilip görkezilýär. Her şahyr öz döwürdeşi hakda söz açyp, onuň
batyrlygyny, edermenligini, gahrymançylygyny, sahylygyny, rehim-şepagatlyly-
gyny we şunuň ýaly beýleki birtopar artykmaç taraplaryny öwüp arşa çykarýar.
Olar aýagy ýerden üzülen gahrymanlaryň keşbine salynýar. Hatda olar al-
asmanda ganat gerip ýören perişde sypat ideal gahrymanlar şekilinde wasp
edilýär. Bu, elbetde, şol döwrüň çeperçilik däbi. “Däpden dönmegem dürs däl”.
Ol yzygider dowam etdirilmeli çeperçilik ýol. Bu edebi prossesiň
kanunalaýyklygy. Şonuň üçin bu kanunalaýyklygy 1941-1945-nji ýyllaryň
Watançylyk urşunyň gahrymanlary bolan Gurban Durdy, Aýdogdy Tahyrow we
beýleki söweşjeň türkmen ýigitleri hakyndaky şygyrlar üçin çeperçilik däp
bolandygyny, olarda ideallaşdyrylan gahrymanlaryň orta çykarylandygyny
görýäris. Diýmek, ideallaşdyrma janly däp hökmünde geçen asyryň ortalarynda
hem, dowam edipdir. Hatda ol häzirki döwrüň edebiýatynda hem beýik
şahsyýetleriň keşbi şahyrana sözüň obýekti bolup orta düşende, yzygiderli
ýüzlenilýän çeperçilik däpdir.
Realistik epiki eserler ýüze çykýança, epikada hem çeper ideallaşdyrma
däbi giňden ýörgünli bolupdyr. Epiki gahrymanlaryň hereketlerindäki we
häsiýetlerindäki ideallykdan başga-da, olaryň daşky keşpleriniň hem ideallygyna
aýratyň üns berlipdir. Ol epiki eserler üçin ütgewsiz däp bolup ornaşypdyr.
Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynda şeýle bir waka beýan edilýär:
“Mahym gyzyň gözi derýanyň şemalynda erdi. Binägä, daşdan bir gara
göründi, özi altyn-kümüş dek şöhle salyp geler erdi. Mahym ýagşy paýhas kylsa,
sandyga meňzeýir. Ol siňlilerine:
– Ýokardan bir zat akyp gelýär. Eger şol sandyk bolsa, içi meniňki daşy
seniňki-diýdi. Siňlileri kabyl kyldylar. Görseler, akyp gelýän sandyk eken.
Mahym jan:
– Guwwaslara aýdyň, sandygy çykarsynlar! – diýdi. Guwwaslar:

1
Magtymguly. Saýlanan eserler. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”,1983, 127 sah.
251
– Dakar ýaly bir arkan gerek – diýdiler.
Arkan tapylmady. Emma Gülragnanyň kyrk gulaç saçy bar erdi. Bu saçy
gören adam haýran galar erdi, saç tarlary örän näzik bolsa hem gaty berk erdi, her
ýandan on kişi dartsa üzülmez erdi. Sandygy Gülragnanyň saçyna dakyp,
derýanyň gyrasyna çykardylar.”1
Şu alnan mysalda aýratyn üns bermeli zatlar: saçyň adatdan daşary
uzynlygy (kyrk gulaç saç) hakdaky, şeýle hem onuň näzikligine garamazdan, örän
berkdigi (her tarapyndan on adam çekse-de, üzülmeýän saç) baradaky
ideallaşdyrylan maglumatlardyr. Gülragnanyň saçynyň aşa ideallaşdyrylmagy
onuň daşky keşbine degişli agzalara fantastik häsiýet berýär. Bu ýerde awtor
Mahym gyzyň keniziniň saçynyň waspyny ýetirende, ony reallyk çygryndan
çykarýar. Şeýle aşa ideallaşdyrma dessan gahrymanlarynyň owadanlygy baradaky
suratlandyrmalara-da häsiýetlidir. Bu bolsa aşa ideallaşdyrylmanyň edebi däp
hökmünde çeper prossesiň ösüşinde mäkäm orun alandygyny alamatlandyrýar.
Edebi-çeper prossesiň ösüş taryhynda çeper umumylaşdyrmanyň görnüşleri
bolan ideallaşdyrmada hem, tipleşdirmede hem ulaldyp görkezmek häsiýeti
bardyr. Çeper umumylaşdyrmanyň irki görnüşi bolan ideallaşdyrmanyň-a tutuş
süňňi bilen ulaltma ýugrulandygy köre hasadyr. Onuň dowamy hökmünde belli
bir taryhy döwürde öňe çykan tipleşdirmede hem ulaltma ýokundysy bardyr.
Aslynda tipleşdirme bilen ulaltmany bir zat hasaplaýan edebiýatçylar hem
(M.Gorkiý) bar. Çünki tipleşdirme realistik edebiýatyň umumylaşdyryş
ýörelgesidir. Onuň wakalary, häsiýetleri, tipleri jemleýjilik häsiýeti bardyr.
Aýdaly, suratlandyrylan hakykat bir adamyň durmuş ykbaly ýaly bolup görünýän
hem bolsa, onda öz maksady, wezipesi, käri, iş-aladasy, idealy, dünýägaraýşy,
düşünjesi, ýaşaýyş-durmuş şertleri we gaýrylary birmeňzeş bolan köp adamlaryň
hereketleri, häsiýetleri umumylaşdyrylýar. Umumy tipik wakalar, ykballar,
garşylyklar bir adamyň häsiýetini açmak üçin bir adamyň keşbinde jemlenýär.
Şonuň üçin tipleşdirilen gahrymanyň hereket meýdany-da, garşylyklaryň ösüş
ýaýrawy-da, häsiýet açylyş giňişligi-de bir adama degişli hereket örüsinden ýa-da
bir adama mahsus häsiýetden, bir adama häsiýetli bolan idealdan has uludyr,
giňdir, ýaýrawlydyr. Emma tipleşdirilen personažyň ykbalynda ýüze çykýan
gapma-garşylyklar, çözülmeli meseleler, arçalyp geçilmeli ýollar özüniň şol
ululygy, giňligi, ýaýrawy bilen bir adamyň ykbal kötellikleri görnüşinde bir
adamyň keşbinde jemlenýär. Şonuň üçin tipleşdirmede, isleseň-islemeseň,
ulaltma ýokundysy ýa-da goşundysy, gatanjy bolaýmalydyr.
A.Kekilowyň “Söýgi” romanyndaky keç ykbal, elbetde, eseriň baş
gahrymany Ogulnabadyňkydyr, ýöne şol bir wagtyň özünde hem ol Ogulnabat
ýaly, nägehan uruş sebäpli, ýaryndan aýra düşen set-müň türkmen gelinleriniň
ters täleýiniň çeper beýanydyr. Şahyr Ogulnabadyň keşbinde ýary uruşda wepat
bolup, dul galan türkmen gelinleriniň döwrebap keşbini jemläp bilipdir.
Ogulnabadyň keşbinde döwrüň tipik keşbini jemläp bilen awtor döwrüň wawwaly

1
Mollanepes. (lirikasy we “Zöhre-Tahyr” dessany). Aşgabat, TSSR YA-nyň neşirýaty, 1963, 250 sah.
252
meselesine ýüzlenýär we ondan ussatlarça baş çykarýar. Ogulnabatlaryň ykbaly
öz döwrüniň iň möhüm meselesi bolup öňe çykýar. Şahyr A.Kekilow döwrüň iň
wajyp meselesine çeperçilik çözgüt berýär. Eseriň gozgaýan meselesi tipik
bolandan soň, onuň çözgüdi hem tipik çözgüt bolupdyr. Awtor eseriň soňunda
Ogulnabatly hem-de Akmyratly meseläniň söýgi çözgüdini okyjynyň özüne
goýup dogry edipdir. Şeýle çözgüt döwür üçin tipik çözgüt bolup öňe çykýar.
Muny A.Kekilow özüniň ýiti synçylygy bilen duýupdyr. Eserde wakalar hem
personažlaryň hereketleri hem, häsiýetleri hem özüniň döwrebap tipikligi we
milliligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, onuň dogruçyl hem
döwrebap tipleşdirmedigini tassyklaýar. Şeýle döwrebap tipleşdirme öz ýüze
çykan wagty üçin täzelikdir, şu günki gün üçin bolsa edebi däpdir. Olaryň ikisine-
de taryhylyk mahsusdyr. Sebäbi her döwrüň öz däbi bolşy ýaly, her döwrüň
özüne mahsus döwrebap täzeligi-de, bolýar. Çeper edebiýatda düýnki täzelik, bu
günki edebi däpdir. Çeperçilik prossesiň ösüş kanunalaýyklygy şeýledir.
Çeper edebiýatda umumylaşdyrmanyň tipleşdirme görnüşi, ideallaşdyrma
garaňda, az-kem gijräk ýüze çykypdyr. Şonuň üçin ol belli bir döwürlere çenli
çeperçilik ösüş üçin, umuman, täzelik bolup geldi. Ýöne ol häzirki zaman
realistik edebiýaty üçin eýýäm edebi däbiň hyzmatyny ýerine ýetirip ýör. Şeýle-
-de bolsa ol realistik edebiýat özüne başga bir täze umumylaşdyrmany tapýança,
täzelik hökmünde hem seljerilip bilner. Eger ol edebi däp däl-de, täzelik
hökmünde garaljak bolsa, onda tipleşdirmäniň döwrebaplyk häsiýeti ýiti
duýulmalydyr. Meselem, A.Kekilowyň “Söýgi” romanyndaky tipikligiň
döwrebaplygy ýaly äşgär duýulmalydyr.
Bir zady aýratyn belläp geçmek zerur. Sungat äleminde kemala gelen
islendik däp ilki täzelik hökmünde ýüze çykýar. Soň ol uzagyndan edebi däbe
öwrülýär ýa-da ol çeperçilik sahnadan bütinleý düşüp galýar we ýitip ýok bolup
gidýär. Muny edebi-çeper prossesiň täryhy ösüşiniň köp sanly maglumatlary bilen
tassyklap bolar. Häzirki döwrüň çeperçilik prossesinde folklor eserlerindäki ýaly
ýa-da köne döwür edebiýatyna mahsus bolan çakdanaşa ideallaşdyrma, fantastik
ideallaşdyrma däbi öz ornuny tipleşdirmä berdi. Ýöne beýle diýildigi
ideallaşdyrma däbiniň bütinleý ulanyşdan galandygyny aňlatmaýar. Ol heniz hem
ýaşamagyny dowam edýär.
Ussat şahyr K.Gurbannepesowda “Apat” atly bir şygyr bar. Bu şygra öz
wagtynda Türkmenistanyň halk artisti D.Ökdirow saz ýazdy we ony aýdym edip
aýtdy. Iki ussadyň zehininden dörän bu şirin aýdym häzir hem bagşylaryň
dilinden düşmän, öz diňleýjilerini maýyl edip gelýär. Ýöne esasy zat bu däl.
Türkmen halkynyň arasynda şu şygyr bilen adybir bolan “Apat” ady bilen belli
bir kyýamaty aýdym bar. Biz bu ýerde şahyr K.Gurbannepesowa “Apat” ady
bilen şygyr ýazmaga şol aýdymyň täsiriniň bolandygyny nygtap, sözi uzaltmak
islemeýäris. Ýogsam bu halk aýdymynyň adynyň şahyra badalga bolandygy
hakykat. Bu ýerde başga bir hakykaty weli aýratyn nygtamaly bolýarys. Ol hem

253
türkmen dilinde “apat” sözüniň many öwüşginleriniň nyşana urýan hakykatydyr.
“Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” bu söz hakda şeýle düşündiriş berilýär:
“Apat [a:pat]. 1. at. Tebigy bela, betbagtlyk, howp 2. Sypat, şahyrana (söz-
Ş.G.). Akylyňy haýran ediji; janalgyç.”1
Görnüşi ýaly, bu sözüň iki manysynyň, göni hem göçme manysynyň
bardygyna ünsi çekilipdir. Onuň göni manysy bela-beteri, howp-hatary aňlatsa,
göçme manysy hem şondan enaýy däl. Gaýtam ol has aýylganç fantastik
düşünjelere ulaşyp gidýär. Bu sözüň “janalgyç” diýen manysynyň fantastik
öwüşgüni bar. Ol Ezraýyl atly jan alyjy perişdäniň hyzmatyny öz üstüne alýan
söz bolup, aňymyzda ornaşypdyr. “Apat” halk aýdymynyň şygyr setirlerinde,
dessançylyk däbine eýerilip, onda fantastikanyň ýokundylarynyň bolmagy tebigy
zat. Ýöne K.Gurbannepesowyň “Apaty” realistik edebiýatyň däplerine eýerilip
ýazylan eser. Şeýle bolsa, onda fantastika bu goşgynyň ýele ýanyndan hem
geçmeli däl ýaly. Emma bu şygryň süňňüne fantastikanyň alamatlarynyň siňip
ýatandygyny näme bilen düşündirip bolarka? Sözümiz has delilli bolar ýaly bu
şygyrdan käbir bentlere ýüzlenip göreliň:

Ýagşyny wasp etmek-şahyra adat,


Diňe adatam däl, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat
Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr.

Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,


Ýaňagy säherden ýasalan ýaly,

Gabagy mähirden ýasalan ýaly,


Dodaklary şeker damýanlardandyr.

Ellerniň barmagy misli bir seçek,


Döşleri meýdanly, gözleri goçak,
Bili ýarym gujak, saçy bir gujak,
Gözleri bar düýpsüz ummanlardandyr

Gözleriniň agy – dünýäň gündizi,


Gözlerniň garasy – gijäň tämizi,
Megerem, şol ala gözleriň özi
Gijäni-gündizi ýasanlardandyr.2

Görnüşi ýaly, bu setirlerde, elbetde, fantastik güýçler bolan döw-peri ýok,


aždarha ýa ýuwha ýok, jyn-jyrs ýok, ýa-da jadyly zatlar ýa jadygoýler hem ýok.
1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, TDNG, 2016, 67 sah.
2
K.Gurbannepesow. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 197 sah.
254
Onda bu şygryň fantastika bilen dahylly ýeri nämedekä? Üns beriň, dahylly ýeri
nirede: gelin – apat, apat bolsa janalgyç ýa-da Ezraýylyň keşbindäki bir zat. Diňe
bu hem däl. Ol gelin adaty gelinleriň hilinden däl. Onuň ýasawy başga. Maňlaýy
bahardan, megerem, baharyň dürli-dümen reňklerinden, ýaňagy säheriň alyndan,
gözleri däl-de, näme üçindir, gabagy mähirden ýasalan ýaly, dodaklaryndan bolsa
şeker jop-jop damyp duranmyş. Eýsem şu tetelli närsäni janly zat hökmünde-hä
däl, jansyz zat hökmünde göz öňüne getirseňem, ol özüne “bu ne apat, bu ne bela-
beter” diýdirjegi düşnükli. Elbetde, bu ýerde waspy ýetirilýän gelniň janly
zatdygyna şübhe ýok. Onsoň ondan howpurgaman bolarmyka? Munuň üstesine-
de, barmaklary seçekden, döşleri diýseň, at gaýtarym meýdan, gözleri-de adatdan
daşary goçak, bili ýarym gujak, saçlary bolsa bir gujak, ýene-de gözleri
goçaklygyndan daşgary, düýpsüz bir umman ýalymyş. “Bu ne aýylganç
ýaradylan zat” diýseň, diýip durmaly ýa-da muňa baryp ýatan fantastika
diýseňem bolýar. Sebäbi biz bu ýerde reallykdan ýoluk aýagy üzülen toslama
bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Ýöne şeýle şekillendirilen gelniň keşbini-de, onuň her
näçe fantastikanyň alamatlary bilen bezäp-beslenendigine garamazdan, türkmen
okyjysy ony real suratlandyrylan gelin hökmünde kabul edýär. Munuň, elbetde,
özüne ýeterlik sebäbi bar.
Birinjiden, türkmen okyjysy wasp edilýän gözeliň keşbiniň nämä
meňzedilendigine garamazdan, meňzedilen zady diňe gowy many öwüşgini bilen
kabul etmäge endik edipdir. Çünki Gündogar şygryýetiniň, şol sanda türkmen
şygryýetiniň hem etine-ganyna ornan çeperçilik däp onuň okyjysyna-da täsirini
ýetiripdir. Türkmen nusgawy şygryýeti gözeliň saçyny mara, aždarha ýa-
-da zülpüň taryny leňkebudyň taryna meňzedýän bolsa, okyjy şeýle çeper
meňzetmäniň mar bolsa, diňe onuň ýogynlygy ýaly ýogyn saçy göz öňüne
getirýär, leňkebudyň taryna meňzedilen zülpüň tarlarynyň hem diňe inçeligini
hasaba alýar. Bu ýerde aždarha hem, leňkebut hem hasapdan öçüp galýar.
Nusgawy şygryýetimizde bu ýoň bolan çeperçilik däpdir. Şeýle çeperçilik däpli
nusgawy şygryýetiň ruhunda terbiýelenen türkmen okyjysy hem muňa werdiş
bolup galypdyr. Ýagdaý şeýle bolansoň, türkmen şygryýetini keseki bir dile
terjime etmäge öňýeten terjimeçiniň hetdi ýokdur.
Ikinjiden, “realistik eserlerde-de şertli häsiýetdäki adatdan daşary
ulaltmalar, şertli hyýaly formalar bolup biler.”1 Başgaça aýtsak, realizm her eseriň
manysyny we hyzmatyny barha güýçlendirmek üçin, şeýle hem ony has
ösdürmek üçin fantastikanyň alamatlaryndan peýdalanmagy bütinleý aradan
aýryp taşlamaýar. Zerur bolan ýerinde ol sýužetiň ýiti garşylyklar bilen
ýaýbaňlanmagy üçin şertli fantastikany ulanmaga ýol berýär. K. Gurbannepesow
türkmen nusgawy şygryýetiniň çeperçilik däplerine-de, realizmiň şertli fantastika
baradaky kanunalaýyklyklaryna-da belet bolansoň, wasp edýän gözeliniň
gözleriniň agyna dünýäni gündizlige öwrüp duran şugla-da çaýyberýär, garasyna
bolsa gijäň tämiz tümlüginiň yşnagyny-da beriberýär, asla şol ala gözler gijäni-

1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen porozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 78 sah.
255
gündizi-de ýaradan gudrata eýe bolup dur. Bu türkmen şygryýetiniň gadymy
çeperçilik däpleriniň döwrebap, täze hem ter meňzetmeleriň giňişligine
salynmagydyr.
K.Gurbannepesow okyjylaryny öz çeperçilik meýdanyna imrindirip bilýär.
Şahyr döwürdeşleriniň öz fantastikasyna aňry ýany bilen düşünjegine ynanýar.
Okyjy hem öz şahyryna ynanýar hem-de onuň çeper sözüne uýýar. Sebäbi okyjy
K.Gurbannepesowyň realistik eser bolan “Apat” şygrynyň esaslanýan çeperçilik
däbiniň taryhy köklerine belet bolansoň, ol bu goşgyny hiç hili fantastika
ýokundysy bolmadyk realistik eser hökmünde öz milli aýratynlygy bilen aňyna
siňdirýär. Sebäbi okyjynyň şahyrdan edýän talaby şeýle. Eger şahyr milli edebi
däbe esaslanýan çeper eser döretse, okyjy ony badabat garbap alýar, diliniň hem
köňlüniň senasy edýär-de, aýdyma-saza salýar. K. Gurbannepesowyň “Apat”
aýdymyna hem şeýle ykbal hemra bolupdyr.
Realistik eserde fantastikanyň diňe bir alamaty däl, eýsem onda fantastik
keşpler hem hereket edip bilýär. Muňa biz K.Gurbannepesowyň “Taýmaz baba”
poemasynda has aýdyň göz ýetirýäris. Poemanyň sýužet ýordumynyň ösüşine
“Kempir”, “Gelipdir bir zaman öter garyplyk”, “Kempir kim?”, “Ýene-de
kempir” atly baplar goşulypdyr. Asla poemanyň sýužet ýordumy kempir hakdaky
waka bilen başlanyp, kempir hakdaky waka bilen tamamlanýar. Şahyryň bu
baplary belli bir ideýa-çeperçilik maksat bilen eserine goşandygy düşnükli. Ol
poemadaky kempiriň adyny Mätäçmama atlandyryp, bu keşbe sosial öwüşgün
beripdir. Eseriň baş gahrymany bolan Taýmaza adaglamak bilen bolsa şahyr öz
söýgüli gahrymanynyň sosial gelip çykyşyny has äşgär göz öňüne getirer ýaly
edipdir. Mätäçmamanyň adyndan hem belli bolşy ýaly, ol garyplygyň simwoly.
Magtymgulynyň dili bilen aýdylsa:

Garyplyk bir bela-adam öldürmez,


Öldürmese, dirilikde güldürmez,
It hem aryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.1

Eger garyplyk bir bela bolsa, onda garyplygyň simwoly hökmünde orta
çykarylan Mätäçmama hem bela-beterleriň hatarynda bolýar. Onuň poemadaky
daşky sypatyna örän aýylganç keşp berlipdir. Ol fantastik güýçleriň daşky keşbini
ýatladýar. Taýmaz babaň dili bilen şahyr onuň gorkunç keşbini şeýle
suratlandyrýar:

Ine, bir gün gyş aýynda,


Kyrk çilläniň baş aýynda,
Barlyň keýpi hoş aýynda,
Garyp-gasar, ýetim üçin

1
Magtymguly. Şygyrlar. 3 tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan” DNÇB, 1992, 134 sah.
256
Keýpiň juda daş aýynda,
Kendirikde maýa gatap,
Saçaklaryň boş aýynda.

...Essim aýylyp, soňky demde.


Zordan atdym oraçama.
Bir seretsem, başyn goýup,
Ot kerçelýän misden jama,
Gapböwürde süýnüp ýatyr,
Bir aýylganç garry mama.

...Ýapan saçy
Laýa batan
Garry aýyň tüýi ýaly.
Iki gözi deşip gelýär
Edil çakgyň çüýi ýaly.

Eliniň her jaýrygynda


Edil towuk guzlaýmaly.
Gözüniň her hanasynda
Men ýalyny gizläýmeli.

Duluklary ýasalan dek


“Garrygyzyň” paçagyndan.
Aýaklaram dyzdan beýläk
Artyp ýatyr saçagymdan.
Ökjelerem edil ýöne
Kör düýämiň dabany-da,
Garaz, nätjek köp gürledip,
Baryp ýatan ýabany-da.1

Şu ýerde ýüzugra bir zady bellemeli. Garyplygyň şahyrana keşbi Keminede


täzelik bolup edebi prossese giren bolsa, K.Gurbannepesowda ol däp hökmünde
dowam etdirilýär. Sebäbi Keminäniň “Garyplyk” şygryndaky şahyrana
janlandyrmanyň K.Gurbannepesowa eden täsiri mese-mälim duýulýar. Garyplyk
K.Gurbannepesowda fantastik keşp hökmünde örboýa galdyrylýar. Keminäniň
şygrynda abstrakt düşünje bolan garyplyk öz gowundan çykýar. Garyplyk şygryň
dowamynda janly bir çeper keşp derejesine galýar. Ol janlanyp, “hatar-hatar
gelip, düşüp duran”, “goş basyp duluňda ýatan”, “ýylba-ýyldan gaýym tutýan”,
“bili gaýyş çekili, eli daşly sokuly, ýadaman, depäňden urup duran”, “ýörüşseň,
ýaryşsaň, göreşseň ýykyp, oýnasaň, oýnuňda utup” duran bir mahlugyň keşbine

1
K.Gurbannepesow. Ýedi ýaprak. Poemalar. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 17-19 sah.
257
salnypdyr. “Garyplyk” düşünjesiniň şeýle janlandyrylan keşpde şekillendirilmegi
edebi prosses üçin täzelikdi. Bu Mämmetweli Keminäniň galam ýörediş
ussatlygynyň edebiýata getiren täzeligidi. Kemine, elbetde, garyplygy adam
şekilinde şöhlelendiripdir. K.Gurbannepesow bolsa oňa fantastik keşp beripdir.
Bu K.Gurbannepesowyň Keminäniň orta çykaran keşbine täze öwüşgün
berdigidir, ony özüçe ösdürdigidir.
Eýsem XIX asyryň ussat şahyrynyň adamlaşdyran çeper keşbine XX
asyryň ussat şahyrynyň fantastik öwüşgün bermeginde nähili ösüş bolup biler?
Bu, belki, yza gaýdyşdyr? Sebäbi edebiýat adamlaşmak ýa-da adamy özüne
predmet etmeklige fantastikanyň üsti bilen geldi ahyry. Edebiýatda fantastik
güýçleriň keşbi adamdan has irki döwürlerde peýda bolan keşplerdir. Şeýle-de
bolsa edebiýat özüniň çeperçilik gymmata eýe bolan däplerini gerek ýerinde,
haýsy döwrüň gymmatlygydygyna garamazdan, ony edebi keşp döretmegiň
döwrebap çeperçilik serişdesi hökmünde ulanyşa girizip bilýär.
K.Gurbannepesowyň gahrymany Taýmaz babanyň adaglysy hökmünde özüni
görkezýän Mätäçmamanyň keşbinde fantastika çalymdaş sypat bar. Ýogsam bu
poema XX asyr türkmen edebiýatynyň realistik eseri. Şoňa garamazdan,
K.Gurbannepesow bu poemasynda Mätäçmamany aýylganç hem gorkunç
fantastik keşp şekilinde suratlandyrýar. Bu fantastik keşp poemanyň sýužet
ýordumynyň ösüşini has dartgynlaşdyrýar. Üstesine-de, eseriň ideýa-çeperçilik
hümmetini güýçlendirýär.
K.Gurbannepesowyň poemasyndaky Mätäçmamanyň keşbi hernäçe
fantastik şekile salnan hem bolsa, ol real hakykatdan gaty bir daşlaşmaýan
fantastikadyr. Mätäçmama Taýmazyň kendirigini düşek edinip, saçagyny
ýapynyp, onuň öýüniň gapböwrüne eýemsiräp ýatyr. Mätäçmamanyň daş keşbine
fantastik sypat berlen hem bolsa, onuň içki dünýäsinde hakyky fantastik güýçleriň
häsiýetini görüp bolmaýar. Ol fantastik güýçler ýaly adamy ýalmap-ýuwdup
barýan ýa-da jadylaýan mahluk däl. Ol Keminäniň adam şekili berlen
“Garyplygy” ýaly, “hernäçe kowlasaň, baý ýere girmeýän, duluňda goş basyp
ýatan” mahluk. Mätäçmamanyň şondan başga hili ne fantastik güýçlere mahsus
hereketi, ne-de häsiýeti yzarlanýar. Mätäçmama şahyra döwrüň sosial durmuşyny
janlandyryp görkezmek üçin gerek bolupdyr. Garyplygy Mätäçmamanyň
keşbinde simwolik şöhlendirmek bilen K.Gurbannepesow ideýa-çeperçilik
babatda öz eserine şahyrana hereketlilik, janlylyk, keşplilik häsiýetini beripdir.
Şahyr edebi däp hem täzeçillik meselesinde edebiýatyň ösüş taryhyna, öz
döwürdeş ýazyjylaryndan tapawutlylykda, realistik esere fantastik keşbi salmak
bilen özboluşly goşant goşupdyr.
Eýsem K.Gurbannepesowa döwürdeş ýazyjylaryň hiç biriniň eserinde
fantastikanyň elementi ýokmuka? Elbetde, bar. Ýöne olar erteki sýužetini öz
eserlerine esas edip alanlarynda fantastika ýüzlendiler. K.Gurbannepesow bolsa
ony özüniň realistik eserinde peýdalandy. Bu edebi tär goňşy halklaryň

258
edebiýatynda gabat gelýän hem bolsa, türkmen edebiýatynda ol örän seýrek gabat
gelýän hadysadyr.
Realistik edebiýatda çeper umumylaşdyrmanyň has ýörgünli görnüşi
tipleşdirmedir. Eger şeýle bolýan bolsa, onda fantastik elementli sýužetler ýa-da
hakyky fantastik keşpler realizm edebiýatyna neneňsilik bilen düşüp bilýärkä?
Olar biri-biriniň içinde orun tapyp bilmejek ýaly. Ýöne munuň edil şeýle
däldigini K.Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” poemasynyň mysaly arkaly
synladyk. Kanunalaýyklyk boýunça fantastik sýužet ýa-da keşp realistik
edebiýatyň talaplaryny ödäp bilmeli däl. Realizm bilen fantastika her haýsy edebi
prossesiň dürli-dürli çetinde ýerleşýän çeperçilik giňişliklerdir. Onda
fantastikanyň alamatlary haýsy kanunalaýyklyk bilen realistik edebiýata
aralaşýarka? Ýogsam fantastika çeper umumylaşdyrmanyň ideallaşdyrma ýa-da
adatdan daşary ulaltma görnüşine degişli çeperçilik hadysadyr. Onda ol nähililik
bilen umumylaşdyrmanyň tipleşdirme görnüşine ýa-da däbine esaslanýan realistik
edebiýata goşulup bilýär?
Bir ýagdaý bar. Edebi prossesiň ösüş ýolunda kemala gelen çeperçilik
ýörelgeler, tärler, stiller, akymlar hatda edebi usullaryň alamatlary mydama özara
baglanyşygy ýitirmaýär. Olaryň her biriniň janly hereketi hiç wagt togtamaýar.
Hatda olar çeperçilik giňişlikde taryhyň belli bir döwründe öz ösüşini ýa-da
hereketini togtadan hem bolsa, ol togtaýyş otnositeldir. Döwür dolanmagy bilen
olaryň her biriniň täzeden herekete geläýmegi mümkindir. Şonuň üçin realistik
edebiýatda fantastikanyň öz çeperçilik hyzmatyny ýerine ýetirip ýörmegi geň zat
däldir. Ol çeper däp hökmünde realistik edebiýata hem hyzmat edip biler.
Ýazyjynyň haýsy edebi usuluň ýa-da stiliň wekilidigine garamazdan, ony edebi
däp hökmünde hem, täzelik hökmünde hem ulanyp bilmegi mümkin. Bu
ýazyjynyň ussatlygyna baglydyr. Muňa mysaly uzakdan gözläp oturmaly däl.
Onuň üçin ýene-de Kemine bilen K.Gurbannepesowyň ýokarda ýatlanylan
eserlerine (“Garyplyk” şygryna hem-de “Taýmaz baba” poemasyna) ýüzlenmek
ýeterlik. Ýogsam bu şahyrlar dürli-dürli edebi usullaryň wekilleri. Kemine
romantizm usully edebiýatyň wekili, K.Gurbannepesow bolsa realistik edebiýatyň
wekili. Bu şahyrlaryň öz eserlerini tamamlaýşy hem munuň şeýledigini
tassyklaýar:

Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm,


Kimsäge – toý-baýram, kimsäge – zulum,
Gyýylma, ynjama, sabyr eýle, köňlüm,
Gelipdir, bir zaman öter garyplyk.1

Şahyryň liriki gahrymany romantiki arzuwçyllyk bilen sözüni tamamlaýar.


Ol garyplygyň ahyr bir zaman üstünden sowuljakdygy hakdaky süýji arzuw bilen
ýaşaýar. Kemine bu eserinde garyplyk meselesine romantizm usulynyň däplerine

1
Kemine. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1971, 53 sah.
259
laýyk gelýän arzuwçyllyk, hyýalbentlik bilen çemeleşýär. K.Gurbannepesow
bolsa bütinleý başgaça söz açýar:

Döwlet bize döndi bu gün,


Soňky dişiň syndy bu gün,
Gum depäňden iýndi bu gün,
Taýmaz seni utdy Kempir.1

Bu setirler Taýmazyň öz adaglysynyň, fantastik Kempiriň – garyplygyň


simwolynyň mazarynyň başynda jynaza derek zowladyp aýdan namasy.
Taýmazyň aýdymynda arzuw ýok-da, hasyl bolan myrat bar. Onuň myrat tapan
arzuwynda real durmuş hakykaty bar.
Şoňa garamazdan, Keminäniň we K.Gurbannepesowyň garyplyk
meselesine ideýa-çeperçilik taýdan çemeleşişinde umumylyk, hatda ýakynlyk bar.
Bu ýerde umumylyk çeperçilik däpde, ýakynlyk bolsa täzeçillikdedir. Umumylyk
bu eserde gozgalýan meseläniň birligindedir, ýakynlyk bolsa şol bir meselä
awtorlaryň öz gahrymanlaryna şahyrana keşplilik bilen garaýyşlaryndadyr.
Şahyrlaryň ikisi hem bu meseläni simwolik röwüşdäki keşbe salyp, oňa janly bir
mahluk şekilini berýärler. Eserdäki simwolik keşpler gahrymanlaryň göz öňüne
getirmeleri arkaly dörän keşplerdir. Şeýlelikde, Kemine “garyplyk” diýen abstrakt
düşünjä magnawylyk häsiýet berýär we oňa “jan” berýär, hereket berýär.
Garyplyk bili gaýyş çekili hem-de eli daşly sokuly ýadaman depäňden urup duran
bir apat şekilinde şöhlenenýär. K.Gurbannepesow bolsa oňa özboluşly janly keşp-
fantastik şekildäki aýylganç bir garry kempiriň keşbini berýär. Hakykat ýüzünde
bolsa garyplygyň janlanmagy-da, hereketlenmegi-de (Keminede), onuň janly
keşbe girmegi-de (K.Gurbannepesowda) durmuşda bolup biljek zatlar däl. Emma
ony romantik şahyr Kemine simwolik derejä ýeten ulaltma bilen janly keşbe
öwürýär. Realistik edebiýatyň wekili bolan K.Gurbannepesow bolsa öz
ussadynyň miras goýan edebi däbini ösdürip, edebi täzelik derejesine galan keşbe
salýar. Poemada Taýmazyň adaglysy hökmünde orta çykarylan Kempir hem
garyplygyň fantastik simwolydyr.
K.Gurbannepesowda biz fantastikanyň hem-de simwolikanyň ideýa-çe-
perçilik babatdaky ýokary sazlaşygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Şu ýerde başga bir
hakykaty-da aýratyn nygtamaly. Adatça, fantastik keşp ideallaşdyrylan,
çakdanaşa ulaldylan keşpdir. Ol tipleşdirilen keşp bolmakdan juda alysdaky
keşpdir. Ýöne K.Gurbannepesow bu poemasynda fantastika ýüzlenýän hem
bolsa, simwolika ýüzlenýän hem bolsa, bu eserdäki Kempiriň çeper keşbi tipik
keşpdir. Sebäbi ol fantastik keşbe giren garyplykdyr ýa-da ol garyplygyň
simwolydyr. Garyplyk bolsa Keminäniň liriki gahrymanynyň döwri üçin hem,
K.Gurbannepesowyň Taýmazynyň döwri üçin hem tipik meseledir, tipik
giňişlikdir. Tipik mesele bilen tipik giňişlikdäki durmuş hakykatynyň içinde

1
K.Gurbannepesow. Ýedi ýaprak. Poemalar. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 134 sah.
260
hereket edýän gahryman bolsa nähili çeperçilik geýim geýdirilendigine
garamazdan, tipik gahrymandyr. Tipleşdirilen gahrymanly eser bolsa özüniň tipik
çeperçilik giňişligi bilen we tipik meselesi bilen realistik edebiýatyň nusgasydyr.
Bu hakda Ö.Abdyllaýew şeýle ýazýar:
“Belli bolşy ýaly, gahrymanyň häsiýeti, hyjuwy we şuňa meňzeş
adamçylyk sypatlary iş salyşýan meselesini çözmek ugrunda edýän
hereketlerinde, oýlanmalarynda ýüze çykýar. Bu ýagdaý gahrymanyň obrazynyň
eserde gozgalýan durmuş meselesi bilen, ýagny tema bilen organik baglylykda
aýdyňlaşýandygyny görkezýär.
Häsiýet bilen tema berk baglanyşykly bolansoň, olar biri-birini
şetlendirýär. Eger eseriň temasy giň köpçüligiň iş salyşýan, gyzyklanýan meselesi
bolsa, onda ol şol meseläni çözmek ugrunda hereket edýän gahrymanyň
obrazynda-da giň köpçülige degişli bolan tipik sypatlaryň ýüze çykmagyna
mümkinçilik berýär. Eger eseriň temasy gaty dar çäkdäki mesele bolsa, başgaça
aýdaňda, adamlaryň ujypsyzja toparynyň iş salyşýan meselesi bolsa, onda ol tema
şol eserdäki gahrymanyň obrazynda giň köpçülige degişli bolan tipik sypatlaryň
şöhlelenmegine-de giň mümkinçilik bermeýär. Eger realistik eseriň temasy
toslanyp tapylan ýa-da bir tötänleýin ýüze çykan mesele bolsa, onda ol ýerde-de
ýazyjynyň giňden tipizasyýalaşan obraz döretmek mümkinçiligi çäklenýär. Bu
hiç kimiň ygtyýaryna bagly bolmadyk obýektiw kanundyr.”1
Türkmen realistik edebiýatynyň bary-ýogy bir asyra-da ýeter-ýetmez
taryhy ýoly bar. Bu, elbetde, täzeçillik ýörelgeleri bilen iş salyşýan çeperçilik
ösüş üçin beýle bir uly möhlet däl. Täzeçillik bu ýerde realizm usulunyň däp
bolup gelýän ideallaşdyrma ýörelgelerinden ara açmaga, tipleşdirme ýörelgelerini
ele almaga çalyşylmagy bilen baglydyr. Täzeçillik aslynda-da edebi däbe
garaňda, çeperçilik prossese haýal ornaşýar. Şonuň üçin türkmen edebiýatynda
realizm usulyna mahsus bolan tipleşdirme ýörelgesiniň taryhy ýoly beýle bir uzak
däldir we onuň beýle bir baý tejribesi ýokdur. Şeýle-de bolsa XX asyryň 20-nji
ýyllaryndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen edebiýatynda hem
täzeçillik ýörelgesi bolan tipleşdirmäniň oňyn hem ýaramaz tejribeleriniň her
birine degişli ýeterlik mukdarda çeper eserler döredildi. Täzeçillik ýörelgeleri
esasynda, has dogrusy, tipleşdirmegiň oňyn tejribelerine daýanmak arkaly
döredilen tipik keşpler tipik çeperçilik giňişliklerde hereket edýän keşplerdir.
Şeýle keşpler mydama halk bähbitli, köpçülik üçin ähmiýetli mesele gozgaýan
çeper eserlerde döräp bilýär.
Şu nukdaý nazardan seretseň, çeper eseriň temasy, gozgaýan meselesi bilen
gahrymanyň häsiýeti berk baglanyşyklydyr. Eseriň gozgaýan meselesi giň halk
köpçüligi üçin bähbitli mesele bolan pursatynda, goý, ol edebiýat üçin täze bir
mesele bolman, çeperçilik prossesiň öň set-müň gezek ýüzlenen garry meselesi
bolsa-da, şeýle çeperçilik giňişlikde hereket edýän gahrymanyň häsiýeti tipik
häsiýet bolsa, onda ol tipik keşp hökmünde täzeçillik ýörelgesine aýdyň hem doly

1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 81-82 sah.
261
jogap berip bilýän keşp bolup biler. Diýmek, täzeçillik üçin eseriň temasynyň
täze bolmagy hökman däl. Ýöne şol köne temada hereket edýän gahrymanyň
häsiýetiniň diňe şol keşbe mahsus täze häsiýet bolmagy weli hökmandyr. Şeýle
häsiýete eýe bolan keşp, özüniň köne “eşikdeligine” garamazdan, täze keşpdir.
Eger gahrymanyň hereket giňişligindäki gozgalýan mesele, ol meseläniň
töweregindäki gapma-garşylyklar, öňe sürülýän ideýalar hem täze bolsa, ol
elbetde, bütinleý täzeçe öwüşgünli häsiýet, täzeçe döredilen çeper keşp bolýar.
B.Hudaýnazarowyň “Göreş meýdany” powestinde hereket edýän gahryman
Söýüniň häsiýeti hut şeýle täzeçe tematik giňişlikde açylýandygy üçin, ýazyjynyň
bu gahrymany türkmen edebiýaty üçin täze keşp boldy. Düýnki ýönekeý çopan
Söýün bu gün Garaguma kanal (derýa) çekýän gurluşykçylaryň hatarynda
gahrymançylykly zähmet çekýär. Ol kanal gazýan täze tehnikanyň-“Sormowo-
27” zemsnarýadynyň agzybir ekipažynyň agzasy hökmünde çöle suw getirmek
baradaky asylly işe, halk bähbitli, ýurt bähbitli işe goşulýar. Çöli suwlulandyrmak
onuň köneden ahmyrly maksady. Sebäbi onuň kakasy Gulberdi çopan çölde
suwsuzlukdan heläk bolýar. Şonuň üçin Söýün çöle suw getirýän
gurluşykçylaryň öň hatarynda zähmet çekýän keşp hökmünde orta çykýar. Bu
powestde Söýnüň hereket giňişligi hem täze, hereketi hem täze, häsiýeti hem täze,
maksady hem täze. Söýüniň hereket meýdany-göreş meýdany. Bu göreş meýdany
Söýni taplaýar. Onda öz idealy ugrunda soňky demine çenli göreşmäge taýýar
gahrymanyň häsiýeti kemala gelýär. Ýazyjy B.Hudaýnazarow “Göreş meýdany”
powestindäki sadadan gömelteý, dogruçyldan gözýetimi dar Söýnüň keşbine
durmuş hakda täzeçe pikir edýän giň dünýägaraýyşly gahrymanyň häsiýetini
siňdiripdir. Bu zatlaryň hemmesi, elbetde, ýazyjynyň edebiýata getiren
täzeçilligidi. Türkmen realistik edebiýatynyň ösüşinde tema bilen gahrymanyň
hasiýetiniň berk baglanyşan çeper eserleriniň mysalynda şeýle delilli gürrüňi
ýene-de dowam etdirip bolardy. Ýöne şunuň bilen hem mesele düşnükli bolandyr
diýip hasap edýäris.
Sebäbi üstünden ýoňsuz wagt geçendigine garamazdan, şu gün hem özüniň
çeperçilik gymmatyny ýitirmedik, wagtyň gazaply synagyndan geçen çeper
eserlerimiziň sanawynyň az däldigini türkmen edebiýatynyň janköýerleriniň
hemmesi-de bilýän bolsa gerek. Olaryň çeper eser hökmünde hiç wagt hem öz
gymmatyny ýitirmejekdigine okyjylaryň akyly ýetýändigine şübhelenmese bolar.
Çünki şeýle eserlerde okyjy tipleşdirilen gahrymanlaryň hersiniň özüne mahsus
täze häsiýetleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar, täze tipik çeperçilik giňişliklerde, täze
gapma-garşylyklaryň içinde çaknyşýan täze gahrymanlar bilen duşuşýar. Edebi
tazeçillik hakyndaky kanunalaýyklyklaryň talaplaryny doly ödeýän bu eserler
çeper gymmatlyk hökmünde mydama hem öz okyjysyny tapjakdygy ikuçsyzdyr.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda XX asyr durmuş hakykatyny realistik
röwüşde beýan etmek däbiniň edebi prossese ornaşan asyry boldy. Şoňa çenli
bolan edebi prossesde durmuş hakykatyny suratlandyrmagyň beýan etme
ýörelgesi edebi däp hökmünde dowam edýärdi. Şu asyrda türkmen ýazyjylary

262
realistik edebiýata mahsus bolan häsiýet açmagyň täze çylşyrymly ýörelgelerini
ele aldylar. Öň eseriň bütin dowamynda ýeke-täk bir meseläni, meselem, söýgi
meselesini yzarlaýan sada sýužet gurmak däbinden çykylyp, durmuşyň
köptaraply meselelerini öz içine alan çylşyrymly sýužet gurmaklyga we bu
babatda ussatlyga ýeten ýazyjylarymyzyň eserlerinde çylşyrymly häsiýetli
gahrymanlar orta çykdy. Bu, elbetde, edebi prossesiň ösüşinde täzelikdi.
Elbetde, çylşyrymly häsiýetli gahrymany öňe çykarmak däbi türkmen
epikasynyň taryhynda öň hem bütinleý bolmadyk däp däl. Şeýle däp türkmen
ertekilerinde, dessanlarynda, şadessanlarynda öň hem bar. Aýdaly, Mollanepesiň
“Zöhre-Tahyr” dessanyndaky aşyk Tahyryň keşbinde Zöhreli hem Mahymly
meselede yrgalyk bardygyna ylmy jemgyýetçilik ünsi çekdi. Ol, birbada
göräýmäge, şeýle-de ýaly. Tahyr öz söýgüsine Zöhre ýaly wepaly däl ýaly. Ol
Zöhrä garaňda, söýgi meselesinde gowuşgynsyz hereket edýän ýaly. Tahyryň
keşbindäki bu hili gapma-garşylykly hereketi synlap, hut şuňa esaslanyp, hamana,
ol Mahymy görse, Mahymlyk, Zöhräni görse, Zöhrelik bolup, iki jahan owarrasy
bolan aşyk hökmünde häsiýetlendirildi. Ýöne Tahyr hakykatda beýle yrga
häsiýetli gahryman däl. Tahyr Zöhräniň ýolunda dürli hili gapma-garşylyklara
duçar bolan aşyk. Bu hili gapma-garşylyklar Tahyryň Zöhrä bolan söýgüsiniň
örän güýçlüdigini ýüze çykarmaga ýardam edýär. Bu ýagdaý şahyryň öz aşyk
gahrymanynyň hereketindäki we häsiýetindäki köpöwüşginlilikden,
köptaraplylykdan, çylşyrymlylykdan sowlup geçmändiginiň alamatydyr.
Mollanepes öz aşyk gahrymanyny ýowuz durmuş synagynyň öňünde
goýýar. Şahyryň aşyk gahrymanyna ýaşlykdan atasy ölüp, ýetim galmak, şa
gyzyny söýüp, Babahan patyşanyň gazabyna duçar bolmak, sandyk bilen derýada
akmak, Mahym gyzyň Zöhräňkiden kem bolmadyk, gyzgyn söýgüsine sataşmak,
Adyl şanyň ýurdy bolan Bagdatda ýedi ýyl aýraçylyk çekmek, Zöhre gyzyň
çakylygy bilen Tatar ýurduna dolanmakçy bolanda, Mahym gyzyň ahy-zaryna,
Bagdat ýurdunyň şasyndan başlap, gedasyna çenli zar-zelil aglaşyp, goýbermejek
boluşlaryna döz gelmek, Tatar ýurduna gaýdyp gelýärkä, ýolda Moýsepidiň,
Kamarylzamanyň garakçylaryna sataşmak, öňünden ötüp-geçip bolmajak dagyň
keserip çykmagy, Gara Çomakly, Hasan şugully wakalar, ahyr soňunda hem
Zöhräniň atasy Babahan patyşa tarapyndan başynyň kesilmegi ýaly külpetleri
başdan geçirmek miýesser edýär. Şu sanalan gapma-garşylyklaryň her biri hem,
eger göwni bölek bolsa, Tahyry Zöhreden aýryp biljek ýa-da sowaşdyryp biljek
päsgelçiliklerdir. Bu päsgelçilikleriň hemmesine taý gelip duran Mahym gyzyň
söýgüsi bilen baglanyşykly böwet bolsa, gapma-garşylyklaryň iň ulusydyr. Şoňa
garamazdan, Tahyr öz söýgüsine wepalylygynda galýar.
Tahyr Bagdat ýurdunda Zöhrä gaýra dur diýdirýän magşuk gyzyň – Ma-
hymyň ýandyryjy yşkynyň girdabyna düşýär. Mahymyň yhlasy göwni bölegi
özüne maýyl edip biljek. Şonuň üçin Tahyr Mahymyň söýgüsiniň öňünde
ejizlese, ejizläýmeli, Zöhrä biwepalyk etse edäýmeli. Mahym gyzyň yşky
hereketleri-de, häsiýeti-de şony talap edýär. Ýöne Tahyr begiň Zöhrä bolan yşky

263
hemme zatdan güýçli çykýar. Dessanda Tahyryň häsiýeti şeýle gapma-
garşylyklaryň we synaglaryň içinden geçmeli bolandygy üçin, ol çylşyrymly
keşpli gahryman hökmünde öňe çykýar.
Bu ýerdäki çylşyrymlylyk Tahyryň real adamçylyk sypatlary bilen bagly
döreýär. Birinjiden, Tahyr beg Mahymyň atasy Adyl şadan gören mylakatyny
Zöhräniň atasy Babahandan görenok. Tersine, Babahan patyşanyň Tahyra eden
zulumyndan soň, şanyň gahar-gazaby bilen derýada akdyrylandan soň, aşyk
gahrymanda öz söýgüsinden – Zöhre gyzdan el çekseň, çekäýmeli ýagdaý
döreýär. Ýöne Tahyr ýanbermez aşyk. Şonuň üçin Tahyry gorkaklykda aýyplap
bolmaýar. Ýüze çykan şu ýagdaýdan soň hem gözsüz batyrlyk etmek, elbetde,
özüňi oda urmakdan başga zat däldir. Tahyr beg, belki-de, şeýle pikirler bilen
Zöhreden çakylyk gelýänçä Bagdatda galandyr. Tahyryň ýedi ýyllap Bagdatda,
Mahym gyzyň ýanynda galmagy, tä Zöhre gyzdan çakylykçy gelýänçä, yzyna-
Tatara dolanjak bolmaýşy şuny tassyklaýar. Ikinjiden, Tahyrda Tatar
ýurdundan az-da-kän-de göwni galmaklyk, göwni kinelilik hem ýok däl.
Üçünjiden, Mahym gyzyň we onuň kenizleriniň Tahyry ilki derýadan çykaryp,
soň hem sandykdan çykaryp, huşuna getiren batlaryna, ilkinji habarlaşyk
pursatynda, näme üçindir, Mahym gyza ýüzlenip, şu aşakdaky sözleri aýdýar:

Hem ol gülüň dagy, hem seniň dagyň,


Aklym-huşum haýran edip gelemen.1

Senden gaýry söwer ýarym ýok meniň


Hijran günün duman edip gelemen2 –

diýip durmagy Tahyryň häsiýetindäki yrgalyk hakynda söz açmaga esas berýär.
Tahyr ýedi ýyllap, Mahym gyzyň özüne bolan yhlasyny görenden soň, belki-de,
hut adamkärçilik nukdaý nazaryndanmy ýa-da Mahyma bolan söýgüsindenmi,
garaz, näme diýseň diýip durmaly, yrga ýagdaýa düşýär. Ine, onuň dilinden
aýdylýan sözler:

Zöhre jananymdyr, Mahym gyz – janym,


Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men.3

Tatarda – Zöhre jan, Bagdatda – Mahym,


Gözlerimiň agy-garasy gyzlar.

Iki gyzyň arasynda sergezdan,


Ýakdy meni yşkyň höwesi gyzlar.4

1
Mollanepes. (Lirkasy we “Zöhre-Tahyr” dessany). Aşgabat, TYA-nyň neşirýaty, 1963, 251 sah.
2
Şol ýerde, 252 sah.
3
Şol ýerde, 287 sah.
4
Şol ýerde, 291 sah.
264
Biri – Aý, biri – Gün, ýetebilmes men,
Ikewin bir golda tutabilmes men – 1

diýip, özüniň Mahymdan hem el üzesi gelmeýändigini syzdyrýar. Şonuň üçin


Tahyr hakykatdan hem iki gyzyň arasynda ot-elek bolup ýören gahrymanyň
sypatyndaky, çylşyrymly häsiýetli aşygyň keşbini özünde jemleýär.
Diňe bu hem däl. Eger Görogly begiň şadessandaky keşbini bitewiligine
göz öňüne getirsek, onda bütin türkmen iline soltan bolup ýören gahrymanyň
keşbine tutuş millete mahsus bolan ýagşydan-ýamandan bir häsiýet bar bolsa,
olaryň baryny Göroglynyň keşbinde jemlenendigini göreris. Şeýle bolansoň
Göroglynyň keşbi hem çylşyrymlylygy ýetik keşp bolýar. Eger iliň soltany öz
milletine mahsus bolan häsiýetlerden öz paýyny alan bolsa, onda bu keşp,
birinjiden , kämil milli keşp bolýar, ikinjiden, çylşyrymlylygy ýetjek derejesine
ýetiren däpleşen keşp bolýar.
Diýmek, bu şadessanda çylşyrymly kämil keşp öňe çykarylan bolsa, onda
bu eserde çylşyrymly sýužet gurmak däbinden hem çetde durulmandygy
gürrüňsizdir. Eýsem dessanlarymyzda, şadessanlarymyzda çylşyrymly keşp öňe
çykýan bolsa, onda bu olarda çylşyrymly sýužet gurmak däbiniň-de, çylşyrymly
häsiýet açmak däbiniň-de öňden bardygynyň alamatydyr. Eýsem çylşyrymly
sýužet gurmak, häsiýeti öz çylşyrymlylygy bilen açmak däbi öňden bar bolsa,
onda ol nähililik bilen XX asyr edebi prossesi üçin täzelik bolup bilýärkä?
Professor Ö.Abdyllaýew bu hakda şeýle diýýär:
“Bir sýužete girýän wakalara gatnaşýan gahrymanlaryň hereketleriniň aýry-
aýry bölünişindäki we onuň gezekleşdirilip beýan edilişindäki däp, täzeçillik hem
gyzyklydyr. Öňki döwürdäki türkmen ertekilerinde, dessanlarynda we “Görogly”
eposynda gahrymanlaryň hereketleri köp ýere bölünmeýär, ol, köplenç, iki,
kähalatlarda-da üç ýere bölünýär. Mysal üçin, “Şasenem-Garyp” dessanyndaky
Garyp Diýarbekirden gidensoň, “Zöhre-Tahyr” dessanynda Tahyr derýa
taşlanansoň, sýužeti ösdürýän hereket iki ýere bölünýär. “Görogly” eposynyň
şahalaryndaky sýužet hem, esasan, bir ýa-da iki ýerdäki hereket boýunça ösýär.
Eposyň “Kempir” şahasynda Zulman kempir Görogla duşansoň, Gyraty ogurlap
gidýänçä, hereket bir ýerde, galan wagtlarda hereket iki ýerde – Göroglynyň
hereketi bir ýerde, kempiriň hereketi bir ýerde, “Kyrk müňler” şahasynda söweş
başlanýança, hereket iki ýerde – Göroglynyň hereketi, Hüňkaryň hereketi aýry-
aýrylykda, söweş başlanansoň, hereket bir ýerde dowam edýär we ş.m.
Türkmen sowet prozasynyň iri eserlerinde öňki döwrüň eserlerindäkä
garaňda, sýužeti ösdürýän hereket has köp ýere bölünýär. “Doganlar” romanynyň
birinji kitabyndaky Jüneýit hanyň hereketleri Saparmyrat, Ýefimow dagynyň
Jüneýit hanyň gurluşygyndaky, Kasym bilen Akjagülüň söýgi ugrundaky,
Ýagmyr bilen Ýefimowyň Daşhowuzdaky (Daşoguzdaky-Ş.G.) Saparmyradyň
1
Şol ýerde, 292 sah.

265
Dörtgüldäki, oba adamlarynyň obadaky hereketleri aýry-aýry ýerlerdäki
hereketlerdir. Romanyň ikinji, üçünji kitaplarynda-da gahrymanlaryň hereketi
şunuň ýaly köp ýere bölünýär. Edil şeýle ýagdaýy beýleki türkmen
romanlarynda-da görmek bolýar. Gahrymanlaryň herketiniň şu hili köp ýere
bölünmegi türkmen sowet prozasynda durmuşy giňden suratlandyrmak meselesi
bilen baglylykda emele gelen täzelikdir.”1
Görşümiz ýaly, professor Ö.Abdyllaýew sýužet çylşyrymlylygyny
gahrymanyň hereketiniň köp ýere bölünmegi diýip atlandyrýar. Ýöne sýužet
çylşyrymlylygyny, Ö.Abdyllaýewiň edişi ýaly , gahrymanyň hereketiniň köp ýere
bölünmegi diýip alsaň hem ahyr soňunda aňlanylýan netije şol bir zatda
jemlenýär. Emma şu ýerde bir zada weli aýdyňlyk bermek zerur. Göräýmäge,
gahrymanyň hereketiniň köp tarapa dargaýandygyny tassyklamak esasy sýužetiň
wakalarynyň köp tarapa dagrandygyny tassyklamak ýaly bolýar. Ýöne muňa
beýle düşünmeli däl. Dargamak bu ýerde başly-baratlygy aňlatmaýar. Ol
personažyň hereket giňişliginiň köp tarapa ýaýrandygyny aňladýar. Gahrymanyň
hereketiniň köp ýere ýaýramagy eseriň sýužet ýordumynyň köp ugurlar boýunça
ösdürülýändigini aňladýar. Şeýlelikde, eserde çylşyrymly sýužet ösüşiniň ýüze
çykandygyny alamatlandyrýar. Hereketiň bu hili köpdürlüligi bolsa gahrymanyň
häsiýet köpdürlüliginiň ýa-da häsiýet çylşyrymlylygynyň ýüze çykmagyna şert
döredýär. Bu bolsa, öz nobatynda, diňe bir eseriň sýužet ýordumynyň çylşyrymly
ösüşiniň däl, eýsem gahrymanyň häsiýetiniň hem çylşyrymly ösüşini
şertlendirýär. Sýužetiň hem-de häsiýetiň ösüşindäki bu çylşyrymlylyk bolsa
edebi prosses üçin özboluşly täzelikdi.
Edebi prosses öz ýolunyň agramly bölegini edebi däpler bilen geçýär. Şu
babatda Gündogar edebiýatynda ýörgünli bolan nezireçilik däbi esasynda
döredilen dessanlarymyz üçin däp bolan eseriň giriş bölegindäki ýa-da sýužet
başlaýşyndaky umumylyk hem öz başyna gürrüň edeniňe degýän mesele.
Türkmen dessanlarynda gepbaşy hökmünde däpleşen jümleler bir eserden
beýleki esere geçipdir.
Ine, olaryň käbiri:
“Emma rawyýan habar we nakylan, destan , bostan we hoşy-çynlar,
harman-suhanlar sözni-sözge ulap, andag rowaýat kylarlar kim, Müsür
welaýatynda bir patyşa bar erdi, adyga Asym diýer erdiler, hiç ogly we gyzy ýok
erdi.”2
“Rawylar andag rowaýat kylarlar kim, Tatar diýen bir uly welaýat bar erdi.
Onuň Babahan atly patyşasy bar erdi. Bu patyşanyň hem weziri bar erdi, oňa
Bahyr wezir diýer erdiler. Bularyň ikisiniň hem perzendi ýok erdi.”3

1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 266-267 sah.
2
Magrupy. Lirika. “Seýpelmelek-Methaljemal.” Aşgabat, “Ylym”, 1979, 55 sah.
3
Mollanepes. (Lirikasy we “Zöhre-Tahyr” dessany). Aşgabat, TYA-nyň neşirýaty, 1963, 205 sah.
266
“Eseriň şu hili başlanyşy dessine gahrymany wagt hem-de ýer taýdan
okyjydan daşlaşdyrýar. Diňe bir okyjy däl, awtor hem öz gahrymanyndan
daşlaşýar.”1
Hakykatdan hem türkmen awtorlarynyň ýazandygyna garamazdan, waka
bu dessanlaryň birinde Müsürde, beýlekisinde Tatar welaýatynda bolup geçendigi
hakynda habar berilýär. Galyberse-de, bu dessanlarda bolup geçen wakalary
rawylaryň rowaýat edendikleri aýdylýar. Şeýlelikde, eserleriň sýužet ýordumynyň
wagt hem orun taýdan daşlaşandygy, has takygy, daşlaşdyrylandygy bilen ýüzbe-
ýüz bolýarys. Eserlerde gürrüňi ediljek gahrymanlaryň alysdaky bir ýurtda we
gadymyýetde ýaşap geçendikleri, şeýle hem olar hakdaky bu sýužetiň eýýäm
rowaýata öwrülip giden wakalardygyna üns çekilýär. Professor Ö.Abdyllaýew
munuň şeýle bolmagynyň sebäbini iki zat bilen düşündirýär. Olaryň birinjisi
şeýle. Eger eser döredýän awtor gahrymanlaryny öz ýurdundaky, öz döwründäki
adamlar ýaly edip görkezäýse, onda ol awtoryň öz döwründäki agalyk ediji
toparlar tarapyndan ýanaljakdygy, jezalandyryljakdygy baradaky howpuň
bardygy bilen bagly bolupdyr. Şunuň üçin gahrymanlaryň hereketlerini alysdaky
özge bir ýurtda we gadym zamanlarda bolup geçen wakalar hökmünde
görkezipdirler. Munuň ikinji sebäbini alym nezireçilik däbiniň täsiri bilen
baglanyşdyrýar.2 Bu delilleriň ikisiniň hem jany ýok däl. Ýöne bu ýerde
nezireçilik däbiniň täsiri bilen baglanyşdyrylan delil hakykata has golaýlygy
bilen tapawutlanýar. Sebäbi dessanlara “gepbaşy” bolýan jümlelerde hiç kime hiç
hili howp salmaýan başga köp umumylyklaryň bardygy şuny tassyklaýar.
Meselem, sýužet başlangyçlarynyň ikisinde-de patyşalaryň perzentsizlikden ejir
çekýändikleri hakdaky meselede hiç kime howp salynmaýar ahyry. Şu ýagdaý
hem dessanlaryň başlangyç jümlelerindäki bu umumylygyň ýa-da gaýtalanmanyň
diňe Gündogarda meşhur bolan nezireçilik däbiniň täsirindendigini tassyklaýar.
Bu ýerde nezireçilik däbine dahylly ýene bir zat bar. Ol hem dessanlaryň
ikisinde-de wakalar onda hereket etjek gahrymanlar dogulmaka ýaýbaňlanyp
başlaýar. Nezireçilik däbi bilen döredilen eserleriň köpüsinde baş gahrymanlaryň
doglanyndan tä ölýänçä başdan geçiren wakalary beýan edilýär. Bu dessanlarda
hem ýagdaý şeýle. Seýpelmelek hem, Tahyr hem eseriň mazmuny ýaýbaňlanyp-
ýaýbaňlanmanka dogulýarlar. Magrupynyň dessanynda Seýpelmelegiň başdan
geçiren wakalary onuň Methaljemal bilen myrat-maksatlaryna ýetýänçä dowam
edýär. Eseriň ahbeti haýyrly bolup tamamlanýar. Aşyklaryň galan ömürleri nähili
geçirendikleri hakda hiç hili maglumat berilmeýän hem bolsa, okyjy eseriň gowy
soňlanyşy bilen olaryň ömürleri ötýänçä, bir-birine wepaly bolup galandyklaryna
ynanýar. Şonuň bilen bu dessanda hem sýužeti dogluş bilen ölüm aralygynda
dowam etdirmek däbine wepalylyk bar. “Zöhre-Tahyr” dessanynda sýužet
aşyklaryň doglanyndan ölýän pursatlaryna çenli ösdürilmek bilen-de
çäklenilmeýär. Aşyklar ölenlerinden soň, direlip, olar maksat-myratlaryna

1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 293 sah.
2
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 293 sah.
267
ýetýänçäler dowam etdirilýär. Sýužetiň şeýle gerim alşyna beýleki
dessanlarymyzyň, şadessanlarymyzyň hem käbirinde duş gelmek bolýar.
Meselem, “Hüýrlukga-Hemra”3 dessanynda Hysrow patyşanyň
perzentsizlikden örtenip, ölümiň öýünde diýen ýaly ýeten ogullaryna Alla tarapyn
bary-ýogy on dört ýaş berilýär. Emma olar on dört ýaşda ölmeýärler. Olar on dört
ýaşdan soň hem ýazgytdan çykyp, ömür sürüp ýörler. Belli bir ideal, anyk bir
maksat ugrunda hereket edip ýörler. Ýogsam köneleriň düşünjesine görä
ýazgytdan çykma ýok, ýazylany bozan-da ýok. Muňa garamazdan, bu dessandaky
Hysrow şanyň ogullary, şol sanda eseriň baş gahrymany Hemra hem öz söýgülisi
Hüýrlukganyň urgunda ýanyp-köýüp, köp çarşenbeleri başyndan geçirip ýör. Öz
maksadyna ýetmek üçin aýgytly hereket edip ýör. Gepiň tümmek ýeri, sýužetiň
ösüşi ýazgyda boýun egdirilmän dowam etdirilýär. Sebäbi edebiýatda şeýle
çeperçilik däp bar.
“Görogly” şadessanynda Göroglynyň ýogalan enesiniň mazarynda doglup
ýörmesi hem ýene ölümden soňky direliş bilen bagly ösdürilýän sýužetdir. Bu
eserleriň baş gahrymanlary bolan Hemranyň-da, Göroglynyň-da dogulmak hem
ölmek aralygyndaky ýüz ýigrimi ýaşly uzak ömri ölümden soňky ýaşaýyş bilen
bagly sýužetlerdigine eserler bilen tanyş okyjylaryň hemmesi şaýatdyr. Şeýle
ýagdaýda biz Mollanepesiň “Zöhre-tahyr” dessanynda hem gabat gelýäris. Bu
dessanda hem aşyklar ölenlerinden soň direlýärler. Okyjy bu eserde hem Zöhredir
Tahyryň ölümden soňky ýaşaýyşda maksatlaryna ýetişi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Diýmek, öňki döwür edebi prossesinde sýužetiň şeýle ösdürilmesi hem özboluşly
edebi däp bolupdyr.
Sýužetiň şeýle fantastik röwüşde badalga almagy ertekiçilik däbiniň
dessanlarymyza-da aralaşandygyny tassyklaýar. Esere fantastik elementiň
aralaşmagy, fantastik wakanyň girmegi gönüden-göni ertekiçilik däbiniň täsiriniň
netijesidir. Sebäbi fantastika hemme žanrlardan ozal erteki žanryna aralaşypdyr.
Şonuň üçin yşky-fantastik, harby-fantastik sýužetli dessanlarda ertekiçilik däbine
köp duş gelinýär. Asla olaryň käbirleriniň sýužet esasynda ol ýa-da beýleki bir
halkyň arasynda giňden ýaýran ertekileriň ýatýandygy-da aýratyn bellenmelidir.
Häzirki zaman realistik eserlerde bolsa bu däp saklanmaýar. Käbir erteki
ýa-da rowaýat esasynda ýazylan eserlerde bolaýmasa, bu däp başga eserlerde
özüne orun tapyp bilmeýär. Oňa derek häzirki zaman edebiýatynda öz durmuş
idealy ugrunda göreşýän gahrymanyň öňe çykmagy bilen adam ömrünüň diňe şol
ideala dahylly bölegindäki hereketleri yzarlaýan sýužet ugry bilen ýüzbe-ýüz
bolýarys. Bu, elbetde, edebi eseriň sýužetiniň ýaýbaňlandyrylyşy bilen bagly
dörän täzelikdir. Ýöne bu täzelik özüniň täzeçillik möwritini ötürip, ol indi edebi
däbe öwrüldi. Munuň şeýledigine soňky bir asyra golaý döwürde döredilen çeper
eserleriň her birine nazar aýlasak hem göz ýetirip bileris. Şonuň üçin ony
mysallar arkaly düşündirip durmagyň zerurlygy ýok hasap edýäris.

3
“Hüýrlukga-Hemra”. Aşgabat, 1963.
268
XX asyryň 30-njy ýyllarynyň ikinji ýarymyna çenli bolan türkmen
edebiýatynda çeper eseriň sýužetini beýan etme usuly bilen ýaýbaňlandyrmak
ýörgünli däp boldy. Beýan etme usuly näme? Ol gahrymanyň janly hereketini
yzarlamak arkaly ýaýbaňlandyrylan sýužet ýa-da döredilen keşp däl-de, awtoryň
özüniň guraksy maglumat bermegi bilen ýüze çykarylan häsiýet, keşp, sýužetdir.
Bu hili beýan ediş stili türkmen ertekilerine, rowaýatlaryna, dessanlaryna,
şadessanlaryna mahsus stildir. Awtor ýa-da aýdyjy öz dilinden eserde hereket
edýän gahrymanyň daş sypatyny-da, aýratynlygyny-da gürrüň bermek bilen
olaryň barynyň başyny jemläp beýan edýär. Meselem:
“Bu şäheriň patyşasynyň adyna Adyl şah diýer erdiler. Adyllykda
Nowşirwança, sahylykda Hatam Taýça bar erdi.”1
Şu ýerde şahyr Adyl şanyň adyllygyny Nowşirwan adylyň adyllygy bilen,
onuň sahylygyny bolsa Hatam Taýyň sahylygy bilen deňeşdirmek arkaly şanyň
häsiýetindäki adyllygy we sahylygy öz sözi bilen umumylaşdyryp beýan edýär.
Şeýle beýan ediş usuly bilen Adyl şanyň adyllygynyň-da, sahylygynyň-da
okyjyda hiç hili estetiki-emossional duýgyny oýaryp bilmejekdigi düşnüklidir.
Nowşirwan adylyň adyllygy hakyndaky, Hatam Taýyň sahylygy hakyndaky
rowaýatlardan, hekaýatlatdan bihabar okyjyda-ha ol asla hiç hili duýgy
döretmeýär! Eseriň dowamynda Adyl şanyň sahylygy onuň hereketleri bilen
baglanyşykly ýüze çykarylmadyk bolsa-da, onuň adyllyk sypatlary janly
hereketleriň üsti bilen aýdyňlaşdyrylýar. Şonuň üçin awtor Adyl şanyň adyllygy
hakynda öz dili bilen jansyz, söz arkaly taryp etjek bolup durmasa-da bolýar.
Aslynda şanyň adyny Adyl şa diýip alanyňdan soň, onuň adalatlylygy hakynda
awtora öz dili bilen ony gaýtadan sypatlandyryp durmagyň hajaty-da ýok. Ýöne
bu Mollanepesiň edebi töweregi üçin ýörgünli çeperçilik däp bolup öňe çykypdyr.
Beýan etme stili örän gadymy döwürlerden bäri edebi-çeper prossesiň
hyzmatynda bolup, sýužeti aýan etmegiň bir täri hökmünde ýaşamagyny dowam
edýär. Ol häli-häzire çenli hem döredijilik işiniň ýoň bolan bir täri bolup hyzmat
edip gelýär. Beýan ediş stili özüniň uzak taryhy ösüş ýolunda dürli özgerişler
bilen ösdi we giňeldi. Edebi prossesiň ösüşi onuň üç sany hilini orta çykardy:

a) ýazyjynyň öz adyndan beýan etmegi.


b) awtoryň özüniň wakalara gatnaşyp beýan etmegi.
c) gahrymanyň dilinden beýan etmek.

a) Ýazyjynyň öz adyndan beýan etmek täri beýan etme stiliniň iň ýaýran


hilleriniň biridir. Eline galam alan islendik ýazyjynyň eseriň sýužetini
ýaýbaňlandyrmak üçin ilkinji ýüzlenýän täri şudur. Bu täre tejribeli ýazyjy hem,
ýaňy ýazyp başlan ýazyjy hem ýüzlenip bilýär. Şuňa bir mysal:
“Bu wagt daşarda “kuh-ha-kuh-ha-a” edip üsgülewik eşidildi. Bu
üsgülewik uzyn hataryň ýaşulusy aňrysyz-bärisiz mal-mülküň eýesi Suhan baýyň

1
Mollanepes. (Lirikasy we “Zöhre-Tahyr” dessany ). Aşgabat, TYA-nyň neşirýaty, 1961, 184 sah.
269
üsgülewigidi. Ol tükenmez baýlygyň eýesi bolsa-da, iýip-içip bilmän, malynyň
daşyndan guwanyp ýören husyt süýthor bolansoň, ýüzüne “Suhan baý” diýseler
hem ýeňsesinden uly il oňa “Suhan gaty” diýerdi.”1
Bu ýerde-de gahrymanyň häsiýeti onuň adyna çykarylypdyr. Suhan gaty
diýlip at berlensoň, aňrujy türkmen dilinden az-owlak habarly adam onuň
gysgançdygyny, syrnyhdygyny, husytdygyny aňşyryp bilýär. Şonuň üçin
ýazyjynyň bu gahrymanyny öz dilinden häsiýetlendirjek bolup azara galmagy
gerek däl. Gahrymanyň häsiýetini hereketleriniň üsti bilen janly suratda açmajak
bolsaň, doňup ýatan jansyz söz bilen meselä çözgüt berip bilmejegiň düşnükli.
Şeýle-de bolsa ýazyjylar edebi däbiň torç edilen şu ýodasyndan sowulsalar,
azaşaýjak ýaly bolýan bolmaga çemeli. Galyberse-de, hemme ýazyja edebi däbiň
haýsysynyň öz möwritini ötürendigini, haýsysynyň şu günüň talabyny
ödeýändigini duýmak aňsat düşmeýän bolmaga çemeli. Şonuň üçin hem edebi
däpleriň aglabasy edebi prosses bilen aýakdaş hereket etmegini dowam edýär.
b) Awtoryň özüniň wakalara gatnaşmagy bilen bagly dowam edýän beýan
ediş täri hem irki döwürlerden bäri edebiýatyň ösüşinde özüni görkezip gelýär.
“Gorkut ata” şadessanynda Gorkut ata boý boýlasa, Mollanepes ahun Bossantäç
elti bilen Zöhre gyza at dakyp ýör, N.Saryhanow bolsa öz gahrymany Belmyrat
aga bilen onuň guba düýe berip alan kitabyny “söwdalaşyp” otyr, A.Kekilow
özüniň üç sany söýgüli gahrymanlaryna guwanýandygyny diline alýan bolsa,
K.Gurbannepesow öz dostuny Taýmaz babalara myhmançylyga alyp baryp ýör:

Dynç günümdi Taýmazlara


Bir dostumy alyp bardym.
Taýmaz babaň ol dostuma
Degjeginem bilip bardym.
Emma welin, hiç zat aýtman,
Tanamýandan bolup bardym.

...Taýmaz babaň gürrüňine


Haýran galyp, agzyn açyp,
Için tutup, güle-güle
Ýaňky ýigdiň gurby gaçyp:

“Men-ä, walla, Taýmaz aga,


Telpek goýdum size“ diýdi.
“Kiçi dilden aýtdygym däl,
Ýaşyň ýetsin ýüze!” diýdi.

Birden baba tarsa turup,


Gypdy bize gözlerini,

1
H.Derýaýew. Ykbal. Roman, 1-2-nji kitap. Aşgabat, TDN, 1962, 30-31 sah.
270
– Gorýäňizmi bu ýigidiň
Tapan bolýan sözlerini,
Ähli arzuw edýän zadyň
Diňe ýüzje ýaşzagazmy?

Eger ikiň arkasyndan


Ýelmäýmeseň goşa noly,
Göwnüm geçer, ýigit, senden.1

Şahyr K.Gurbannepesow bu ýerde özi personaž bolup esere gatnaşýar.


Esere awtoryň özi gatnaşmak bilen ol diňe bir öz gahrymanyna däl, eýsem öz
okyjysyna hem has ýakynlaşan ýaly bolýar. “Taýmaz baba” poemasynda biz
awtoryň özüniň esere gatnaşýan pursatlarynda gahrymanyň häsiýetiniň şowly
açylýandygyny görýäris. Taýmaz babanyň häsiýetindäki bälçikligi awtor şu ýerde
öz janlylygy bilen beýan edipdir. Eseriň başynda awtor öz gahrymanynyň bälçik
adamdygyny jansyz beýan edipdi. (“Taýmaz ýaly bälçik baba”). Bu ýerde bolsa
şahyr Taýmazyň janly hereketleriniň üsti bilen onuň hakykatdan hem bälçik
babadygyny görkezýär.
ç) Gahrymanyň dilinden beýan etmek arkaly sýužeti ösdürmek hem häsiýet
açmagyň özboluşly bir täri hökmünde bellidir. Ata Gowşudowyň “Köpetdagyň
eteginde” romanyndan bir parça alyp, munuň şeýledigine göz ýetirmäge çalşalyň:
“ – Be, şeýlemikä, Ýelliniň kakasy erbet adam däl ýalydy, biz onuň bilen
birnäçe ýyllap ýer ýanaşygy bolup, ekin ekipdik... Onuň agasy hem beýle erbet
adam däl, uly ýerde gulluk edýär, ala-böle Ýelli näme beýle bolýar?” 2
Bu sözler Pökgeniň sözleri. Ol Ýelliniň pyssy-pyjurlyklaryny bilenden soň,
ol baradaky pikirini üýtgedýär. Pökgen aga Ýellä ýüregi bilen ynanan adam.
Ýellini içgin tanandan soň, onuň hiç bir haramzadalykdan gaýtmajak ýaramaz
adamdygyna göz ýetirýär. Ýöne şondan soň hem ol Ýelli baradaky pikirini
birbada üýtgedip bilmän kösenýär. Ýazyjy Pökgen aganyň dilinden Ýelliniň
ýaramaz adamdygyny öz okyjysyna duýdurýar. Beýan ediş stiline mahsus bu täre
türkmen ýazyjylary ýygy-ýygydan ýüzlenýärler. Bu tär edebi prossese däp bolup
mäkäm ornaşdy.
Beýan ediş stiliniň hil taýdan tapawutly bu görnüşi, elbetde, ýazyjynyň öz
dili bilen personažyny guraksy görnüşde “ol gowy adamdy ýa-da ýaramaz
adamdy” diýip, berýän häsiýetlendirmesinden elhaldyr. Bu ýerde ýazyjy, adatça
aýdylyşy ýaly, “bir okda iki towşan urýar”. Ol öz gahrymanlarynyň biri-birine
bolan gatnaşygyny personažyň dili bilen aýdyňlaşdyryp, ikisi barada hem öz
pikirini gizlin saklamak bilen olaryň öz häsiýet aýratynlygyny ýüze çykaryp
bilýär. Öz gahrymanynyň häsiýet aýratynlygyna “awtoryň garaýşy näçe gizlin
bolsa, sungat eseri üçin şonça gowudyr”. A.Gowşudow bu ýerde gahrymanlary
bolan Pökgen aganyň häsiýetindäki ynanjaňlygy, yňdarmalygy Ýelliniň
1
K.Gurbannepesow. Ýedi ýaprak. Poemalar. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 13-14 sah.
2
A.Gowşudow. Eserler, 3 tomluk. Köpetdagyň eteginde. Aşgabat, TDN, 1956, 237 sah.
271
häsiýetindäki azgynlygy, düpbozanlygy, içigaralygy, göripligi personažyň dili
bilen–Pökgen aganyň sözleri arkaly, Pökgen aganyň Ýellä bolan garaýşyndaky
sadalygy, yňdarmalygy hem ýene-de Pökgeniň öz sözleri arkaly aýdyňlaşdyrýar.
Has takygy, gahrymanlary häsiýetlendiriş ýazyjynyň sözleri bilen däl-de,
personažyň sözi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa hakykatdan hem beýan ediş
stilindäki oňyn özgerişdi, gowy çeperçilik başlangyçdy. Häzirki zaman
edebiýatynda bu gowy başlangyç indi edebi däbe öwrüldi.
Beýan ediş stiliniň ösüş hem özgeriş taryhynda ýüze çykan şeýle oňyn
çeperçilik hadysalaryň biri-de suratlandyrma ýa-da suratkeşlik täridir. Bu
çeperçilik täre ýüzlenen ýazyjylar öz gahrymanlarynyň keşbini suratkeşlerçe,
belki, ondan hem has aýdyň çekmek bilen häsiýet açýarlar, portret çekýärler.
Şeýle tär bilen ýazyjylar öz gahrymanlarynyň suratyny çekip bilýärler. Bu tär
arkaly olar personažlaryň diňe bir daş keşbini däl, eýsem ruhy dünýäsini hem
açyp görkezip bilýärler. Suratkeşlik iň bir amatly çeperçilik tär hökmünde häzirki
zaman ýazyjylary tarapyndan giňden peýdalanylýar. XX asyr tütkmen
edebiýatynyň 30-njy ýyllary üçin bu beýan ediş stili edebi giňişlikde täzelikdi.
Emma bu çeperçilk tär şu günki realistik edebiýata edebi däp bolup hyzmat edýär.
Durmuş hakykatyny özüniň janly bolşunda açyp gökezmek üçin suratkeşlik stili
diýseň oňaýly çeperçilik tärleriniň biridigi bilen tapawutlanýar. Bu çeperçilik
täriň ilkinji ussatlary bolan B.Kerbabaýew, A.Gowşudow, N.Saryhanow,
A.Durdyýew ýaly ýazyjylar özünden soňky döwürlerde edebiýat meýdanyna
gelen ýazyjylar üçin baý döredijilik tejribesini miras goýdular. Ýazyjy
A.Durdyýewiň “Bagtly ýigit” atly meşhur powestinden bir parça ser salyp
göreliň:
“...Annaguly ýene ýabysyny mytdyldadyp ugrady. Ol ýabynyň üstünde edil
irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar. Onuň iki gözem ýabysynyň
gulagyndady. Ýabysy näçe gulagyny salpardyp barsa, onuň şonça hem keýpi
kökdi. Niçikmi, ýabysy gulagyny keýkerdiberse ýa-da gyrpyberse, ýüregine
howsala düşýärdi. Ine, şu baryşdan birden onuň ýabysy boýnuny hekgerdip,
ýoluny kesip geçen baýtallyny gördi-de kişňedi. Muňa Annagulynyň depe saçy
üýşüp, der basyp gitdi...”1
Özüniň emelsizligi, nalajedeýinligi bilen il içinde “sölpi” adyny alan
Annagulynyň at üstünde bolup barşynyň janlandyrylyşy okyjyda gülki döredýär.
Ol ýazyjynyň suratkeşlik arkaly keşp döretmäge ussatlygyna “telpek goýýar”.
Hakykatdan hem ýazyjynyň öz gahrymanyny häsiýetlendirmek üçin saýlap alan
çeper detallaryndan başlap, onuň öz häsiýetine mahsus hereketleriniň ussatlyk
bilen yzarlanandygyna her bir okyjy aýdyň göz ýetirýär. A.Durdyýewiň
gahrymanynyň keşbinde herketine görä häsiýet, häsiýetine görä hereket janlanýar.
Annaguly sölpiniň zuwwetdin gorkaklygyny onuň her bir hereketi tassyklaýar.
Ýazyjynyň saýlap alan çeper detallarynyň her biri hakykatdan hem onuň
sölpüdigini tassyklaýar. Onuň ýabysyny mytdyldadyp haýal sürşi, irkilýän ýaly

1
A.Durdyýew. Saýlanan eserler. Aşgabat, TDN, 1951, 10 sah.
272
bolup yranyp oturyşy, iki gözüni ýabyň gulagyndan aýryp bilmeýşi, gulak
salparsa, keýpiniň kökelişi, gulak keýerse, howsala düşüşi we ş.m. çeper detallar
arkaly janlandyrylan keşp özüniň ynandyryjylygy bilen tapawutlanýar.
A.Durdyýewiň bu ýerdäki suratkeşlik ussatlygy bilen personažyň hereketi-de
janly, häsiýeti-de janly, netijede onuň keşbi janly çeper keşp derejesine galýar. Bu
ýerde ýazyjy Annaguly sölpiniň keşbini döretmek üçin folklor däplerini-de, edebi
däpleri-de, realistik edebiýata mahsus bolan täzelikleri-de ýerlikli ulanypdyr.
Netijede, sölpiniň janly hem ynandyryjy keşbini döretmegi başarypdyr.
“Hakykatdaky her bir zady estetiki taýdan özleşdirmek üçin, ozaly bilen,
şol zadyň estetiki duýga täsir edýän içki hem daşky häsiýetli tarapyny duýmak,
görmek hökmany şertdir. Şol zadyn ýakymly ýa-da ýakymsyz, gözel ýa-da erbet
tarapyny duýaňdan soň, adamda ol zadyň şonuň ýaly häsiýetli taraplaryny
söýmek ýa-da ýigrenmek duýgusy oýanyp başlaýar”. 1 Görnüşi ýaly, ol ýa-da
beýleki bir zady estetiki taýdan özleşdirmek üçin onuň daşky görnüşini-de, içki
mahsuslyklaryny-da görmek, duýmak, syzmak zerur şert eken. Biziň estetiki
duýgymyzy ilki bilen oýarýan ol ýa-da beýleki zadyň daşky formasy–şekilidir.
Zadyň formasy biziň gözümize görünmek bilen ol adamyň estetiki duýgusyna
täsir edýär. Daşky formasy gözel zat biziň gözümize ýakymly bolup görnüp biler.
Emma bu ýeterlik däldir. Ol ýa-da beýleki bir zat hakda bitewileşen pikiriň hem-
de doly hem dogry pikiriň döremegi üçin zadyň içki mazmynyny hem bilmek,
oňa dogry hem doly göz ýetirmek esasy şertdir. Bu kanunalaýyklyk çeper
edebiýatda gahrymanyň potretini döretmek meselesine hem gönüden-göni
degişlidir.
“Mälim bolşy ýaly, çeper edebiýat hakykatdaky zatlaryň hemmesini, şol
sanda gahrymany-da bitewilikdäki anyk duýarlykly janly formasynda
suratlandyryp görkezýär. Şeýle etmek bilen ol suratlandyran gahrymanlarynyň we
beýleki zatlarynyň içki hem-de daşky häsiýetli taraplaryny edil hakykatyň
özündäki ýaly obrazly formada ýüze çykarýar. Gahrymanyň obrazyny
döretmekde, gahrymanyň gylyk-häsiýetini, duýgusyny, oý-pikirini bir bitewi
formada jemläp görkezmekde bolsa portret esasy rol oýnaýar. Çeper eserde
häsiýet, duýgy belli bir keşbiň-portretiň gabygyna girende, diňe şonda anyk
duýarlykly bolýar, onuň estetiki-emossional häsiýeti-de şonda anyk duýarlykly
formada ýüze çykýar. Häsiýet, duýgy belli bir keşbiň gabygyna girmedik
wagtynda, ol abstrakt zat bolup galýar, şeýle bolanda onuň estetiki-emosional
häsiýeti-de anyk duýarlykly formada ýüze çykyp, okyja düýpli täsir edip
bilmeýär. Hut şunuň üçin hem çeper edebiýatyň ösüşiniň hemme döwürlerinde
gahrymanyň portretini bermek çeper döredijiligiň esasy meseleleriniň biri
bolupdyr”.2
Şeýle bolansoň çeper edebiýatyň beýleki çeperçilik tärleri bilen birlikde,
portret döretmekde hem edebi däbiň esasynda täzeçilligiň kemala geljekdigi
tebigy bolsa gerek. Edebi prosses çeperçilik ösüşiniň bütin dowamynda çeper
1
Ö.Abdyllaýew. Türkmen prozasynda däp we täzeçillik. Aşgabat, 1972, 328 sah.
2
Şol ýerde, 328-329 sah.
273
portret döretmegiň üç hilini kemala getiripdir. Olar şu aşakdakylardan ybarat hil
görnüşleridir:

a) herketsiz, doňan portret


b) herketli, janly portret
ç) psihologik portret

Çeper edebiýatda birinji hilli-durgun, doňan, hereketsiz, öli portret çekmek


däbi örän ir döwürlerden bäri dowam edip gelýän edebi däpdir. Ol türkmen halk
ertekilerinde, dessanlarda, şadessanlarda ýörgünli ulanylýan portret çekmek
täridir. Şeýle doňan portret şekilleri, köplenç, aşyk-magşuklaryň portreti
çekilende, olaryň hemmesi üçin şol bir portret detallaryny gaýtalamak umumy
däpdir. Meselem, magşuk gözelleriň hemmesiniň keşbiniň portret detallary
şeýleräk suratlydyr:
Olar “aý diýseň, agzy bar, gün diýseň, gözi bar, galam gaşly, hünji dişli,
syýa saçly, badam gabak, ýuka dodak” gözeller. Şeýle portret çekilen eserleriň
gahrymanlaryny biri-birinden daşky keşbi boýunça tapawutlandyryp bolmaýar.
Sebäbi olaryň hemmesi üçin şol bir portret şekili mahsusdyr. Adatça, adamyň
ruhy dünýäsinde bolup geçýän her bir özgeriş adamyň ýüz keşbiniň dürli hili
hereketi bilen ýüze çykýar. Bu hili portretde bolsa adamyň ýüz keşbi onuň ruhy
dünýäsinden üzňe berilýär. Şonuň üçin adamyň içki dünýäsinde bolup geçýän
ruhy galagopluklar onuň daşky dünýäsinde ýüze çykmaýar. Bu hili çekilen
portretde hiç hili psihologik mazmun bolmaýar. Şeýle-de bolsa, bu hili portret
çekmek däbi uzak asyrlaryň dowamynda çeperçilik giňişlikde iň ýörgünli däp
bolmagynda galypdyr. Türkmen edebiýatynda hem diňe realistik usulyň kemala
gelmegi bilen portret çekmegiň özboluşly janly, hereketli görnüşi peýda
bolupdyr. Bu hili portretde gahrymanyň daşky hem içki görnüşinde özara
sazlaşyk bolýar. Janly portretlerde gahrymanyň içki dünýäsinde ýüze çykýan
psihologik özgermeler onuň daşky görnüşindäki keşp detallarynyň janly hereketi
bilen şertlenýär. B.Kerbabaýew şeýle janly portret çekmegiň ussady. Onuň
eserlerinde, aýratyn-da romanlarynda psihologik portret bermek ýörgünli däbe
öwrülipdir.
“Aýna ak zyba barmaklary bilen pişegiň sapyndan penjeläpdir-de, ýanlygy
ýygy-ýygydan güžžüldedýär. Pişek aşak inende, ýokary galanda, gollary onuň
bilen hereket etse-de, göwresi bir durşundan üýtgemeýär, çermelgi ak gollary
pelpelleýän gotanyň ganaty ýaly galgaýar. Onuň gupbasynyň ýokarky güberçegi
öýüň gamşy bilen deňeşip dur. Börüginiň etegindäki sümsüleler iki baka
yranyşyp, biri-birine çaknyşýar-da çala şyňňyrdaýar. Ýarymgyrma teletin köwşüň
üstündäki kiçijik ökjeler agarýar. Aýnanyň elleri hereketde bolany üçin,
köýneginiň giňligine garamazdan, syratly göwresi nepis çekilen surata çalym
edýär”.1 Şu portret şekiline syn eden okyjy Aýnanyň ak zyba barmaklary bilen

1
B.Kerbabaýew. Eserler toplumy, 2-nji tom. Aşgabat, 1958, 16 sah.
274
çermelgi ak gollarynyň herekti bilen, öýüň gamşy bilen deňleşip duran kaddy-
kamatynyň bardygy, teletin köwşüň içindäki ak ökjeleri bilen, syratly göwresi
bilen ýakyndan tanyş bolýar. Bu ýerde Aýnanyň gözel keşbine gelşik berýän
portret detallarynyň hemmesi janly suratda berlipdir. Ýöne bir zady bellemeli. Bu
portretden Aýnanyň daş keşbiniň janly suratyny görýäris-de, onuň ruhy
dünýäsiniň çäginde bolup geçýän özgerişler bilen daşky keşbiniň arasyndaky
sazlaşygy görüp bilmeýäris. Şeýle-de bolsa bu portret berliş täri-de realistik
edebiýat üçin häsiýetli bolan däpdir.
B.Kerbabaew psihologik portret çekmegiň hem ussady. Ine, şeýle bir
mysal:
“Ata we ogul hasanaklap galyp, biri-biriniň görejine çiňňerildi. Gojanyň
ýumry dodaklary ysytmalynyňky ýaly titräp, murtlarynyň ujy şemal degen tozga
ýaly galgap göründi”. Bujagaz parça ýazyjynyň “Nebitdag” romanyndan alyndy.
Şunda goja nebitçi Tagan aganyň ogly Annatuwagyň öz gedemligi, ulumsylygy
zerarly, köpçüligiň pikirini äsgermezlik edýändigi, öz diýenini gögertjek
bolýandygy ýaly ýarmaz gylyk-häsiýetleri bilen ylalaşmaýandygyny nygtamak
üçin gojanyň ýumry dodaklaryny titredýär, murtlarynyň ujuny şemalyň ugruna
tozganyň galgaýşy ýaly galgadýar. Bu onuň aşa gaharynyň gelendigini aňladýar.
Tagan aganyň şu ýerdäki portreti janly hem hereketli portret. Ol personažyň içki
dünýäsini açyp görkezýän psihologik portret. Personažyň ruhy dünýäsinde turýan
tüpeleňi portret detallary arkaly bermek bilen ýazyjy Tagan aganyň dodaklarynyň
ýumrudygy, eger murtlarynyň ujy şemal ugruna galgaýan bolsa, goja nebitçiniň
murtlarynyň selçeňligi baradaky portret maglumatlaryny-da berýär. Bu, elbetde,
gahrymanyň içki harasatynyň däş keşbine täsiriniň janly hereketler arkaly ýüze
çykarylmasydyr. Bu, elbetde, gahrymanyň içki dünýäsi bilen daş keşbindäki
poretert detallarynyň arasyndaky sazlaşykdyr. Şeýlelikde, ýazyjy bu sazlaşyk
arkaly janly psiholagik portret döredýär.
Gahrymanyň çeper portretini çekmekdäki bu edebi däp realistik edebiýatyň
ýörgünli ulanýan däbi bolup, indi ýöňsuz wagt bäri çeperçilik ösüşiň hyzmatynda
durýar. Bu türkmen realistik edebiýatynyň durmuş hakykatyny öz janly bolşunda
suratlandyryp görkezmekde gazanan çeperçilik üstünligidir. Ol edebi prossesiň
oňyn ýörelgeler bilen ösýändiginiň alamatydyr. Türkmen realistik edebiýatynyň
ösüşinde dowan edýän şeýle beýan ediş stili häzirki zaman okyjysynyň
talaplaryna-da laýyk gelýändiginiň subutnamasydyr. Sebäbi çeper portreti janly,
hereketli we psihologik beýan etmek suratkeşlik arkaly keşp döretmekdir.
Durmuşdaky ýaly hereketli hem-de psihologik taýdan janlandyrylan portret
detallaryny ulanmak diňe ýazyjynyň portret döredişde ezberligini aňlatmaýar, ol
dörediji adamyň çeper keşp döretmekdäki ussatlygyna-da şaýatlyk edýär.

275
EDEBI STIL

Stil – stilus (stilos) diýen latyn sözündendir. Aslynda bu sözüň ýazuw üçin
niýetlenip, ujy ýiteldilen taýajyk diýen manysy bar. Soň–soňlar, wagt geçdigiçe,
bu sözüň manysy barha giňäpdir. Stil sözünden bu gün şunuň ýaly manylary okap
bolýar: ýazyş endigi (poçerk), çeper sözüň umumy äheňi we özboluşly öwüşgini,
çeper keşbiň dörediliş täri, ýazyjynyň dünýä bolan gatnaşygy, döredijilik
prossesinde eseriň çeper formasynyň esasy alamatlarynyň ählisiniň ahyr netijede
gaýmak kimin ýüze galýan bitewiligi we ş.m. manylary aňladýan adalga 1. “Stil”
sözüniň şu manylarynyň her birini “stil” sözi bilen çalşyryp ulanyp bolýar.
Meselem, ýazyş endigi ýa-da ýazyş stili we ş.m.
Stil bu aýratyn alnan ýazyjy ýa-da ýazyjylar topary üçin ýa-da bir
ýazyjynyň aýratyn alnan bir çeper eseri, ýa-da tutuş döredijiligi üçin, ýa-da bütin
edebi akym, ýa-da edebi döwür üçin häsiýetli bolan çeperçilik tärleriň
bitewiligidir.
Edebiýat we sungat forma bilen mazmunyň bitewiliginden ybarat bolan
gymmatlykdyr. Stil bolsa döredijilik prossesiniň bütin dowamynda şu bitewiligi
üpjün edýän zatdyr. Stil hususy zadyň hem-de umumy zadyň dialektiki
baglanyşygyndan ýüze çykýan özboluşlylykdyr. Şonuň üçin stil ylmy düşünje
hökmünde çylşyrymly hem-de köpgyraňlydyr. Ol, bir tarapdan, fransuz alymy
Z.Býuffonyň aýdyşy ýaly “Stil bu adamdyr”, başga bir tarapdan bolsa , “stil bu
döwürdir”.
Eýsem muňa nähili düşünmeli? Munuň düşündirişi örän ýönekeý. Her bir
ýazyjy, eger ol hakykatdan hem döredijilik işinde öz stilini tapan ýazyjy bolsa,
onda ol özünden öňki döredijilik wekilleriniň çeperçilik tejribesini özüne
siňdirýär. Şonsuz döredijilik işine baş goşmak mümkin däl. Başga bir tarapdan
bolsa, onuň döredijilik tejribesi hem özünden soňky döwrüň ýazyjylary üçin
özboluşly nusga bolup hyzmat edýär. Diýmek, bu ýerde wagtyň üznüksizlik
häsiýetine eýe bolan hyzmaty bilen bagly stil ulgamynyň döreýändigine göz
ýetirmek bolýar. Bu ýagdaý stiliň diňe bir taryhylyk häsiýetine däl, eýsem miras
geçijilik häsiýetine-de eýedigini tassyklaýar.
Stil hakykaty deredijilikli özleşdirmegiň we oňa akyl ýetirmegiň guraly
bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini biz bir zatdan bilýäris. Aýdaly, şol bir
meselä dürli ýazyjylar tarapyndan dürlüçe çeperçilik çözgüt berilýär. Eger ol
şeýle bolmasa, şol bir tema dürli awtor şol bir çeperçilik çözgüt berip dursa, onda
çeper döredijilikde ýüze çykýan ösüşi däl-de, şol bir depen ýeriňi depip durmak
ýaly bir ýagdaýy synlardyk. Ýöne häli-häzire çenli-hä edebiýat beýle gözgyny
ýagdaýa düşüp görenok. Bu, elbetde, stiliň hyzmaty hökmünde garalmaly
ýagdaýdyr. Oňa başga hili düşündiriş bermek dogry bolmasa gerek.
Ceper edebiýatyň şu çaka çenli ýüzlenen temasyny, elbetde, sanap bolsa
bolar, ýöne onuň şu tema bilen bagly gozgaýan meselesini weli, sanap aňrysyna
1
Краткая литературная энциклопедия. т.7.М., Изд-во “Советская энциклопедия”, 1972, 187 sah.
276
çykyp bolmasa gerek. Sebäbi şol bir tema ýüzlenen her ýazyjy ony dürli-dürli
durmuş hakykatyna esaslanýan meselä baglap, çözgüt bermäge çalyşýar. Şundan
çen tutsaň, ýazyjynyň gozgaýan temasynyň hemme ýazyjy üçin umumylygyna,
beýleki ýazyjylar bilen şärikdeşligine garamazdan, onuň çözgüt berýän
meselesiniň diňe şonuň özüne degişliligi, diňe şu meseläni gozgaýan ýazyja
dahylly hususyýetligi düşnüklidir. Şoňa görä tema umumylygyndan ýa-da tema
şärikliginden ol ýa-da beýleki bir ýazyjynyň stil özboluşlylygyny-da tapyp
bolmaz. Stili hemme kişi üçin umumy bolan temadan gözlesek, ýalňyşan ýerimiz
köp bolar. Ony diňe ýüzlenilen temanyň çygryndaky çeper çözgüdi gözlenýän
meseleden tapyp bolar. Ol hem diňe gozgalan meselä özboluşly çozgüt berlen
ýagdaýynda göze iler.
Söýgi temasy çeper edebiýatyň iň garry temalarynyň biri. Bu tema diňe yşk
mülküniň şasy diýlip at berlen Mollanepesiňki däl. Ol hemme ýazyjy-şahyrlar
üçin hem ortalyk tema. Şeýle ortalyk tema bolansoň, oňa Kemine-de, Seýdi-de,
Zelili-de, Mätäji we beýlekiler-de ýüzlenipdir. Bu şahyrlaryň hiç biriniň hem
söýgi temasyndan ýazan şygyrlaryny ideýa-çeperçilik babatda Mollanepesiňkiden
peslär ýaly däl. Keminäniň mürçe gözelini, ärsarynyň gyzyny, sährä gözeli
Ogulbegi wasp edişi, Seýdiniň Garasaçy, Arzygüli, Näzlini wasp edişi, Zeliliniň
Döndini, Mätäjiniň Annagüli wasp edişi Mollanepesiň “Dilberi” taryplaýşyndan
hiç bir babatda kem oturmaýar. Ýöne mesele munda däl, mesele başga zatda.
Söýgi temasyny gozgan ýazyjy-şahyrlaryň hemmesi hem öz eserlerinde
söýgä wepalylyk ýa-da söýgä biwepalyk ideýasynyň töwereginde öwrüm
edýärler. Eger ýagdaý şeýle bolsa, onda söýgi temasynda eser döreden ýazyjy-
-şahyrlaryň hiç biriniň hem özboluşly stili ýa-da öz döredijilik ýüzleri bolmaly
däl ýaly görünýär. Çeper eseriň temasynda umumylyk, ideýasynda birmeňzeşlik
bar bolsa, bu ýerde hususylyga ýer bolmajak ýaly. Ýöne bu bütinleý beýle-de däl.
Olaryň her haýsynyň öz stili, öz ýüzi bar, öz sözi bar.
Edebiýatda öz sözli bolmak belentligine ýetip bilmekden gaýry belent
dereje ýok. Öz sözüň bolmak diýmek, başgaça aýtsak, öz stiliň bolmakdyr,
edebiýatda bu öz deredijilik ýoluňy tapmakdyr. Özbaşdak stilli bolmak öz
hususylygyňy tapmakdyr, edebiýatda bu öz döredijilik keşbiňi ýüze çykaryp
bilmekdir. Edebi prossesiň taryhynda öz yzyňy galdyrmakdyr, çeperçilik
giňişlikde öz möhüriňi goýmakdyr. Bu derejeler hemme döredijilik wekiline
ýetdirip duran zat hem däl. Emma Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly
şahyrlar şu belentlige galypdyrlar. Eýsem olar öz şygyrlarynyň ideýa-tematika
taýdan birmeňzeşligine garamazdan, şeýle çeperçilik belentlige nähili ýol bilen
ýa-da nämäniň hasabyna galyp bildilerkä? Muny şeýleräk düşündirmek dogry
bolardy.
Çeper edebiýatda islendik tema, şol sanda söýgi temasyna ýüzlenen her bir
ýazyjynyň hususy idealyny ýüze çykarýan öz hususy meselesi bolýar. Ine, şol
hususy mesele hem ýazyja hemmeler üçin ortalyk bolan temadan, şol sanda söýgi
temasyndan ýazylan eserde hem öz sözüni özüçe aýtmaga mümkinçilik berýär.

277
Şol mümkinçilik bolsa ýazyjy üçin öz sözüni özüçe aýtmaga giňişlik açýar. Diňe
şeýle bolan halatynda ýazyja özüniň hususy stilini ýüze çykarmaga şert döreýär.
Bu şol bir umumy ýa-da birmeňzeş temany gozgaýan ýazyjylaryň hem biri-
-birinden tapawutly stiliniň ýüze çykmagyna ýa-da öz sözüni özüçe aýtmaga esas
berýär. Hut şonuň üçin bir temanyň töwereginde öwrüm beren ýazyjylaryň
eserlerinde olaryň her haýsyna mahsus bolan stil köpdürlüligi peýda bolup bilýär.
Ýazyjynyň stil hususyýeti bolsa umumylykda çeper edebiýata, aýratynlykda her
bir döredijilik şahsyýetiniň eserine özboluşly reňk çaýýar, oňa aýratyn öwüşgin
berýär. Şol öwüşgin bolsa bir ýazyjyny beýleki bir ýazyjydan stil taýdan
tapawutlandyrýar, bir döwrüň edebiýatynyň beýleki bir döwrüň edebiýatyna
meňzeş bolmazlygyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde hem ol edebi prossesiň
ösüşini köp dürli reňkler bilen bezeýär.
Meselem has aýdyň bolar ýaly, şu ýerde bir mysala ýüzleneliň. Söýgi
meselesine A.Kekilowa çenli dünýä edebiýatynda-da, türkmen edebiýatynda-da
ýüzlenen ýazyjylaryň sanynyň-sajagynyň ýokdugyna her bir okyjy göz ýetirýän
bolsa gerek. Ýöne A.Kekilowa çenli bu meselä onuň “Söýgi” romanynda berlen
çeperçilik çözgüdi bilen galtaşýany ýokdur. Elbetde, A.Kekilowdan soň “Söýgi”
romanyndaka ýakyn mesele gozgalsa gozgaldy, ýöne olarda hem awtorlar öz
gahrymanynyň ykbalyny yzarlandygy üçin, ahyr netijede, çeperçilik çözgüt
başgaça boldy. Şu romanda A.Kekilowyň döredijilik stili özüniň aýdyňlygy we
kämilligi bilen ýüze çykdy. Eýsem ol stil nämelerde we nirelerde ýüze çykdy?
Ol stil romanyň tutuş süňňüne siňen stildir. Romandan gahrymanlaryň
hereketlerinden we häsiýetlerinden syzylyp çykýan we pähim-paýhasa eýlenen
milli agraslygy, milli duýgulara ýugrulan inçeligi aňşyrmak kyn däl.
Gahrymanlaryň hereketlerine-de, häsiýetlerine-de örän inçeden çemeleşýän
awtor iň bir talapkär okyjyny-da razy bolar ýaly edip bilýär. Ol stil türkmen
halkyna mahsus bolan milli duýgynyň terligini-de, onuň söýgi duýgusyna
häsiýetli bolan ynjykdan näzikligini-de özünde jemläp bilen stildir. Ol stil örän
döwrebapdy we şol bir wagtyň özünde hem herbapdy. Ol stil halkyň uruş
ýyllaryndaky we ondan soňraky ýyllardaky agyr durmuşy bilen bagly bolan ruhy
dünýäsini özüniň döwrebap gamy-gussasy bilen, gaýgysy-hasraty bilen, ähli
ajysy-süýjüsi bilen, şeýle hem halkyň synmaz erki bilen bagly ýüze çykaryp bildi.
Ol stil durmuş hakykatynyň agyr hem ýiti gapma-garşylyklaryna döz gelen
halkyň başbermez ruhuny, hiç bir kynçylygyň öňünde başegmez merdi-
merdanlygyny, söwer ýara wepalylygyny, ýar ojagyna sarpasyny özüniň bütin
köpgyraňlylygy bilen şöhlelendirdi.
Eger ýazyjynyň hususy stili onuň orta çykaran çeper keşpleriniň dörediliş
tärlerinde ýüze çykýan bolsa (onuň şeýledigini bolsa stil meselesinde çorba
sowadan edebiýat taglymçylary biragyzdan tassyklaýarlar), onda A.Kekilowyň
Ogulnabadynyň, Begenjiniň, Akmyradynyň keşplerinde yz galdyran millilik, has
takygy, türkmençilik ruhy ýazyjynyň stilini emele getiriji alamat bolup öňe
saýlanýar. Sebäbi urşuň yzynda galan türkmen gelinleriniň söýgi meselesi örän

278
ynjyk meseledi. Oňa diňe türkmençilik nukdaý nazaryndan çemeleşmek bilen
dogry netije çykarmasaň, başga hili çözgütlere baş sokybermäge ýol ýokdy.
Şonuň üçin awtor Begençdir Ogulnabadyň hereketlerine-de, Akmyradyňka-da
örän inçelik bilen çemeleşýär. Olaryň hereketleri-de, häsiýetleri-de milliligiň ýa-
da türkmençiligiň çygryndan çykarylman dogry edilýär. A.Kekilow muňa juda
çuňňur düşünen ýazyjy. Şonuň üçin bu ynjyk meseläniň çeper çözgüdi
A.Kekilowyň hususy stilini umumy milli endikleriniň, däp-dessurlarynyň,
ýol-ýörelgeleriniň, kada-kanunlarynyň çygrynda kemala gelmegine iterýär. Bu
A.Kekilowyň hususy stiliniň ýüze çykyşynyň çeper mazmun bilen bagly tarapy.
Onuň ikinji bir tarapy bolsa eseriň formasy bilen baglydyr. “Söýgi”
romanyndaky gahrymanlaryň biri-birine bolan söýgüsi bilen awtoryň öz
gahrymanyna bolan söýgüsi sepleşip gidýär. Seýlelikde, romanyň tutuş süňňi
söýgi äheňine, söýgi ruhuna ýugrulýar. Bu bolsa eseriň umumy äheňini, milli
ruhuny alamatlandyrmak bilen birlikde, awtoryň hususy stilini hem ýüze
çykarýan çeperçilik serişdedir. Şeýle stil özbuluşlylygyny A.Kekilow öz eserinde
ýokary ussatlyk bilen ýüze çykaryp bilipdir. Bu ýerde forma-mazmun
bitewiliginiň çeper stil arkaly ýüze çykmasy bilen-de ýüzbe-ýüz bolýarys.
Çeper döredijilik ýazyjynyň şahsyýeti bilen aýrylmaz suratda
baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, ol ýazyjynyň durmuş ýolunyň jikme-jik beýany
ýa-da onuň terjimehaly däldir. Ýöne ol ýazyjynyň öz ömür ýolunda gören, eşiden,
öwrenen, duýan, syzan zatlaryndan üzňe-de däldir. Çeper eser ýazyjynyň
şahsyýeti bilen her näçe bagly bolsa-da, ol ýazyjynyň şahsyýetinden has giň
çäklere ýaýran giňişlikleri öz içine alýar. Bu hemme kişä belli hakykat bolany
üçin, ol baradaky gürrüňi uzaldyp oturmagyň zerurlygy ýok. Ýöne bir ýagdaýy
weli, aýratyn bellemekçi bolýarys.
Her niçigem bolsa, ýazyjynyň şahsyýetine dahylly özboluşly hususyýet
onuň eserinde öz möhürini ýa-da yzyny goýman bilmeýär. Ol hususyýet, eger
ýazyjynyň öz hususy stili bar bolsa, garaz, azda-kände, özüni görkezip durýar.
Biz munuň aýdyň mysalyny B.Kerbabaýewiň şahsyýeti bilen bagly yzarlap
bilýäris. Ýazyjynyň öz döwründe juda jomart adam bolandygy hakda il içinde-de,
galamdaşlarynyň arasynda-da gaty köp gürrüňler ýaýrapdyr. Ýazyjy hakyndaky
ýatlamalarda hem bu hakda az ýazylmady. Garaz, B.Kerbabaýewiň, “eli
açyklygy” hakyndaky gürrüňlere türkmen ady dakylanlaryň bary belet bolsa
gerek. Biz ýazyja mahsus bolan şu hususyýeti ýöne ýere gozgamadyk. Eger
“stil – bu adam” diýen tassyklama dogry bolsa, onda B.Kerbabaýewiň jomartlyk
hususyýetiniň onuň eserlerinde stil dörediji serişde hökmünde ýüze çykjakdygy
ikuçsyzdyr. Bu hakykatdan hem şeýle. Ol hakykaty B.Kerbabaýewiň
şahsyýetindäki sahylygy görmedik-bilmedik okyjy hem onuň eserlerini okasa,
açyk-äşgär duýup biler. Käbir mysallara ýüzleneliň:
“Aýsoltan kolhoz bagyna girende, onuň ýüzüni, endamyny bir salkynlyk
gurşap alana döndi. Onda nyzam bilen ekilen tertipli bagyň içindäki köçeleriň
aňrysy görünmän, gür ýapraklaryň arasy bilen hin ýaly ýitip gidýär. Her biri

279
mäşirik ýaly, sarymtyl-süýnmek, alýaňak-togalak, güýz bişer almalar uzyn çeýe
şahalary aşak egip, sallanyşyp ýatyr. Gyrmyzy öwüsýän ýumruk ýaly şetdalylar
öz agramlaryna käbir şahalary syndyryp, arkaýyn düzülişip dur. Käsi suwkädi,
käsi süýtkädi sypatynda dürli reňkdäki mähnet armytlar ýylpyldawuk ýapraklaryň
arasy bilen belent şahalarda sallanyşyp görünýär. Endamlary tüýli, sary behiler
güýz gyrawuny ýeňillik bilen başlaryndan geçirjekdirlerini habar berýän ýaly
ýumralyşyp durlar. Miwelerini tomsuň gyzgyn günlerinde berip gutaran,
ýapraklarynyň reňki biraz solgunlan erik agaçlary ulumsylyk bilen seleňleşýärler.
Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän, ösüp barýan ýaş çaga ýaly,
inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler. Ana, özbaşyna birnäçe gektar ýeri eýeläp
duran üzüm bagy. Ýyrtyk ýaprak, gelinbarmak, terbaş, gara üzüm hoşalary
sarymtyk gök ýapraklaryň arasynda bulduraşyp, biri-birine çaknyşýar.”1
Eýsem B.Kerbabaýewiň “Aýsoltan” powestinden alnan bu bölekde
ýazyjynyň şahsyýetine dahylly bolan haýsy hususyýet stil dörediji serişde bolup
hyzmat edýärkä? Öňde hem belleýşimiz ýaly, bu mysal alnan bölekde hem
B.Kerbabaýewiň öz şahsyýetine mahsus bolan jomartlyk hususyýeti agdyklyk
edýär. Üşükliräk okyjy mysal alnan bölegiň “Aýsoltan” powestinden
alnandygyny aýtmanymyzda hem bu setirleriň diňe goja Kerbabanyň galamyna
degişlidigini aňlasa gerek. Sebäbi okyjy bu ýerde üç hili jomartlyk bilen: şahsyýet
jomartlygy, tebigat jomartlygy, zehin jomartlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mysal
alnan bölekden görnüşi ýaly, B.Kerbabaýewiň şahsyýet hökmündäki jomartlygy,
üstesine-de onuň zehin hem ussatlyk babatdaky jomartlygy birleşip tebigat
jomartlygynyň aýdyň suraty çekilipdir.
Biziň pikrimizçe, kolhoz bagynyň alýaňak almalara, ýumruk ýaly
şetdalylara, suwkädi ýaly mähnet armytlara, saralan behilere, injirdir narlara,
erikdir üzümlere bürenip oturmagy ýaly çeper detal baýlygy bilen surat çekmek
diňe B.Kerbabaýewiň döredijilik stiline mahsus hususyýetdir. Kolhoz bagyndaky
ýetişip oturan bol miweler tebigatyň jomartlygy. Powestde şeýle bol-elinligiň
çeperçilikli özleşdirilişi bolsa B.Kerbabaýewiň zehin jomartlygynyň miweleridir.
Ýazyjy tebigat baýlygyny gysganman, zehin jomartlygy bilen öz okyjysynyň
öňünde serip goýýar. Oka! Zehiniň durlansyn! Lezzet al! Keýpiň çaglansyn!
Onuň bilen B.Kerbabaýewiň zehin jomartlygynyň goruny egisjek gümanyň ýok.
Ýazyjy öz okyjysyna egsilmez zehin jomartlygy bilen durmuşy öwredýär, oňa
söýgi döredýär. B.Kerbabaýew şeýle hususy stili bilen okyjysynyň akyl käsesine
durmuşa hem dünýä bolan söýgi duýgusyny paýlaýar. Bu, elbetde, şahsyýet
jomartlygynyň zehin jomartlygyna eden täsiriniň netijesidir we ol ikisiniň
birleşip, stil dörediş serişdä öwrülmegidir. Bu B.Kerbabaýewiň hut özüne
mahsus bolan hususy suratkeşlik stilidir. Ýazyjy özüniň şu stiline mydama
wepaly bolup galdy. Çeper detallaryň baýlygy bilen gazanylan suratkeşlik stili
ýazyjynyň öz gahrymanynyň hereket giňişligini aýdyňlaşdyrmakda ulanýan
ýörgünli çeperçilik täridir. Uzynragam bolsa şeýle bir mysala ýüzlenip göreliň:

1
B.Kerbabaýew. Eserler toplumy, 3-nji tom. Aşgabat, 1959, 121 sah.
280
“Seçekleri gyrlan çemçetorba gapböwürde garnyny gäberdip, iki elini
gerip ýatyrdy. Onuň beýlesindäki ýüzi galaýy bilen nagyşlanan sandyk üç-dört
sany göwşüllän, käbirinden ýüňi çykyp duran agyr ýorganlaryň astynda ýegşirilip
görünýärdi. Gözenegiň ikiýan gapdalyndaky iki sany reňki solan gyzyl çuwal
ezenegini agdyryp, tärimden göz-gülban asylyşyp ýatyrdylar. Olaryň her
haýsysynyň üstünde reňkleriniň nämedigi saýgarylmaýan iki sany küle torba
naýynjar bir görnüşde ganat gerip durdy. Gapböwürdäki ýabada gurumlap giden
iki sany telpek asylgy durdy. Çep böwürde iki sany bogdak çuwal bolup, olaryň
biriniň üstünde elek, beýlekisinde at eýeri bardy. Çep gapyda iki kültem gara ýüp
bilen göle hamyndan edilen bir tirkiş asylgy durdy. Öýüň töründe güli giden
gyzyl keçe, onuň bärisinde gyralary gemrilen palas, Artygyň aşagynda seçekleri
gidip, älemine çenli çeýnelen, gemrilen ojakbaşy düşelgidi. Ýokardan asylgy
öýýüpüniň bir wagtky haýbatly seçekleri gyrlypdyr-da, tüsse bilen gatan urgany
sallanýardy. Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, uklarynyň balalary ikinji gezek
çykarylypdy. Onuň alyn uklary ilerräk omzap, süsüşjek teke ýaly, maňlaýy
tüňňerip görünýärdi. Gapydaky germeç bolsa ýagyr eşek ýaly ýegşerilip, çaşyp,
işigiň gadyrly myhmany bolup ýatyrdy.”1
Ýazyjynyň garyplykda gün-güzeran görýän türkmen öýünüň içini şeýle
beletlik bilen suratyny çekmegi ýöne ýerden däl. Bu öý onuň baş gahrymany
Artygyň garyp külbesi. Öz gahrymanynyň hereket meýdanyny, häsiýet açylyş
giňişligini, ýaşaýyş-durmuş şertini döwrebap nyşanlar bilen (bu ýerde garyplygyň
nyşanlary bilen) detallaýyn bezemek B.Kerbabaýewiň stiline mahsus alamatdyr.
Ol stili başga hiç türkmen ýazyjysynyň stili bilen çalşyryp bolmaýar. Şeýle detal
baýlygyna beslenen suratkeşlik stiline diňe B.Kerbabaýewiň galamy ezberlik
bilen hötde gelýär. Şonuň üçin bu ýazyjynyň eserlerinde detal baýlygy, şeýle hem
şoňa esaslanýan detallaýyn suratkeşlik stili agdyklyk edýär. Bu B.Kerbabaýewiň
hususy stili. Ýazyjy bu stile öz eserlerinde ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Ýokarda
mysal alnan bölekler hem şeýle detallaýyn suratkeşlik stiliniň nusgalaryndandyr.
Çeper detallar bolsa, mysallardan hem görnüşi ýaly, ýazyjynyň
döredijiliginde juda bol-telki. Bu hili bol-elinligiň çeşmesi bolsa B.Kerbabaýewiň
şahsyýet özboluşlylygyndadyr. Ýazyjynyň şahsyýeti özüniň jomartlygy bilen
özgelerden saýlanýar. Şeýle bolansoň ol aýratynlyk ýazyjynyň zehin
jomartlygyny-da oýaryp bilýän alamat bolmaga çemeli. Ýazyjynyň
döredijiliginde duş gelýän çeper detal bolçulygyna ýa-da çeper detal
jomartlygyna hem onuň toplan uly durmuş tejribesi, giň dünýägaraýşy sebäp
bolýar. B.Kerbabaýewde durmuş tejribesi hem, giň dünýägaraýyş hem ýeterlik.
Şonuň üçin ýazyjynyň döredijilik stiline onuň şahsyýet özboluşlylygynyň
gönüden-göni täsiriniň bardygyna B.Kerbabaýewiň döredijilik mirasynyň
mysalynda göz ýetirmek bolýar. Biz bu ýerde beýleki bir türkmen ýazyjysyndan
ýörite mysal almadyk hem bolsak, olaryň döredijiliginiň hem öz şahsyýet

1
B.Kerbabaýew. Eserler toplymy, 2-nji tom. Aşgabat, 1958, 14-15 sah.
281
özboluşlyklaryndan daş däldigine çekinmän güwä geçip bolar. Sebäbi ol
döredijilik prossesiniň özbuluşly kanunalaýyklygydyr.
Ýazyjynyň şahsyýeti bilen onuň döredijiliginiň arasyndaky ýakyn
gatnaşygy biz diňe bir çeper detallarda däl, eýsem onuň çeper dilinde-de, eseriň
sýužetinde-de, kompozissiýasynda-da, gahrymanlaryň häsiýetlerinde-de,
saýlanyp alynýan temalarda-da, öňe sürülýän ideýalarda-da görüp bilýäris.
Ýazyjynyň şahsyýet özboluşlylygy çeper eseriň bir ýerine aralaşdygy hem şol
ýerde stil hususyýeti ýüze çykýar. Eger biz ýönekeý okyjylaryň arasynda hem
“Keminäniň dili” ýa-da “Keminäniň diliniň duzlulygy” hakynda, N.Saryhanowyň
häsiýet açyş meselesindäki özboluşly ussatlygy barada, Magtymgulynyň dana
idealy barada, A.Gowşudowyň kompozissiýa gurşy hakynda,
B.Hudaýnazarowyň temasynyň Garagum bilen baglylygy hakynda arkaýyn
söhbet açyp bilýän bolsak, onda şol awtorlaryň şu agzalan meseleler bilen bagly
stil aýratynlyklarynyň güberçekläp görünýändigini tassykladygymyzdyr.
Eýsem lirik şahyr bolan Keminäni bize satirik şahyr hökmünde tanatjak
bolan alymlarymyz onuň dili duzlulygyna aşa baha kesip, bir taraplylyga ýol
berdiler. Ýogsam Keminäniň döredijiliginde gabat gelýän altmyşdan gowrak
goşgudan bäş-üç sany şygyr (meselem: “Kazym”, “Halal gezer”, “Şahasy beýle”,
”Içmek”, “Ak eder”, “Emire meňzär”) satiriki häsiýetde bolaýmasa, galanlary
liriki goşgulardyr. Dogry, şahyryň dili duzly, ony inkär edip bolmaýar. Ýöne dili
duzlulyk entek satiriklik däldir. Meselem:

Kemine diýr, nesihatym dullara,


Tiziräk bir äre baran ýagşydyr – 1

diýýärkä ýa-da şonuň ýaly dili şerebelilik bilen söz açýan ýerlerinde şahyr entek
satirik däl. Ol bu ýerde ýöne dili duzly şahandaz şahyr. Ýokarky setirlerdäki
mazmuny başga bir şahyr, şindi Keminäniň aýdyşy ýaly aýtman, belki, has
ýuwanrak, has sypaýyrak aýdardy. Ýöne Kemine şahandaz adam. Şahsyýetindäki
şahandazlyk onuň diliniň, özgeleriňkä garanda, duzlurak bolmagy bilen baglydyr.
Şu aýratynlyk hem ol hakda söz açylanda, “Keminäniň dili” diýdirýär. Keminäniň
döredijilik şahsyýetini dili şirelilikden-şahandazlykdan üzňe göz öňüne getirip
bolmaýar. Şeýlelikde, Keminäniň şireli dili onuň döredijilik stili. Aslynda
şahandazlyk adamyň şahsyýet özboluşlylygy, dili duzlulyk bolsa döredijilik
wekiliniň çeperçilik stilini ýüze çykaryjy alamatdyr. Hut şonuň üçin hem
Keminäniň hususy stili onuň çeper dili bilen aýrylmaz baglylykda ýüze çykýar.
Lirikada şahyryň şahsyýetiniň şygryýet älemindäki hyzmatynyň nä
derejede uludygyny biz bilýäris. Onuň üstesine-de bu mesele edebiýatçy alym
M.Amansähedow tarapyndan düýpli işlendi we bu meselä her taraply seljerme
berildi. Şonuň üçin bu mesele hakda giňişleýin gürrüň edip oturmakdan
saklanýarys. Ýöne şu ýerde başga bir zat hakda weli, aýratyn ýaňzytmaly

1
Mämmetweli Kemine. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1971, 75 sah.
282
bolýarys. Çeper eseriň haýsy žanrda ýazylandygyna garamazdan, goý, ol liriki
eser bolsun, kyssa eseri bolsun, drama eseri bolsun, tapawudy ýok, nirede
döredijilik şahsyýetiniň özboluşlylygy bilen onuň döreden eseriniň arasynda
ýakyn baglanyşyk bar bolsa, şol ýerde hem awtoryň hususy stiliniň ýüze
çykmagyna şertler döreýär. Bu, elbetde, döredijiligiň öz içki ösüş
kanynalaýyklygy bilen bagly ýüze çykýan hadysadyr.
Ýazyjy N.Saryhanow kyssaçy hökmünde häsiýet açmagyň ussady diýlip
tanalýar. Ol öz personažlaryny diňe olaryň häsiýet aýratynlyklary açylýan
giňişlikde hereket etdirýär. Aýratyn hem häsiýetiň öwrülişik pursaty ýa-da düzeliş
pursaty gelende, ol muny gahrymanyň hereketleriniň ygtyýaryna berýär. Başgaça
aýtsak, N.Saryhanowda häsiýet ýazyjynyň öz dilinden aýdylan guraksy epitetler
bilen açylmaýar (meselem, pylany gowy adam ýa-da ýaramaz adam, ýalta adam
ýa-da zarpçy adam diýen ýaly epitetler). N.Saryhanowda häsiýet eseriň
gahrymanlarynyň öz hereketleriniň netijesi hökmünde açylýar. Bu bolsa
N.Saryhanowyň gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlygynyň okyjynyň göz öňünde
janlanmagyna we has gowy ýatda galmagyna alyp barýar. Has takygy, ony
realistik kyssanyň ýörelgelerinden ussatlyk bilen baş çykarýan ýazyjy hökmünde
meşhur edýär. Ýazyjynyň döredijilik stili hem onuň häsiýet açmakdaky şu hili
hususyýeti bilen bagly kemala geldi. Şeýlelikde, N.Saryhanow edebiýat
taryhynda häsiýet açmakda öz hususy stilini tapan ýazyjy hökmünde tanalýar.
Türkmen halkynyň arasynda islendik derejedäki söhbetdeşlikde eger tire-
-taýpalaryň agzybirligi, bitewi döwletlilik hakyndaky ilkinji arzuwlar bilen bagly
söz açylsa, bu ideýany beýik Magtymgulynyň ady bilen baglanyşdyrmak indi
kada öwrülip gidipdir. Munuň şeýle bolmagynda Magtymgulynyň döredijilik
mirasynda şu arzuw-hyýallaryň, şu maksatdyr ideallaryň aýdyň ýüze
çykarylandygynyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Eger türkmen tire-taýpalarynyň
arasyndaky agzybirlik, bitewi döwletlilik idealy Magtymgulynyň ady bilen
aýrylmaz suratda bagly bolsa, onuň şeýledigine hem şek-şübhe ýok, onda şahyryň
döredijilik stilini hem şu meseleleriň töwereginden gözlemek dogry bolardy.
Magtymguly hakykatdan hem özüniň şahsyýet hökmündäki baş idealyny-da,
şahyr hökmündäki döredijilik idealyny-da şu meseläniň çözgüdini tapmaklyga
gönükdiren we özüniň akyldar hökmündäki ähli akyl-pikirini-de şu meseläniň
töweregine jemlän adam. Elbetde, adamyň maksady, arzuwy-idealy, akyl-
-paýhasy onuň hereket stilini-de kesgitleýär. Şonuň üçin Magtymgulynyň
döredijiligi XVIII asyr türkmen edebiýatyna mahsus bolan baş ideala–tire-
taýpalaryň agzybirligi we bitewi döwletlilik hakyndaky baş ideala çeper çözgüt
bermek bilen bagly boldy. Şahyr durmuş hakykatynyň haýsy tarapyndan barsa-
da, şol baş idealyň çözgüdiniň töwereginde öwrüm etdi. Ol Magtymgulynyň
şygryýetiniň ruhunda ýa äheňinde, temasynda ýa gozgaýan meselesinde, liriki
gahrymanyň häsiýet giňişliginde ýa öňe sürýän ideýasynda, garaz, hökman bir
ýerinde özüni duýdurdy. Diýmek, Magtymgulynyň döredijilik stili hem şol baş
idealyň çeperçilikli çözgüdiniň töwereginde ýüze çykdy. Nädip? Ine, şeýdip.

283
Baş ideal döwrüň öňe çykaran baş meselesinden gözbaş alýar. Baş mesele-
de bütin türkmeni biýnjalyk edýän mesele. Şonuň üçin milleti erkine goýmaýan
meseleden gözbaş alýan ideal hem milli bähbidi araýan wajyp ideal bolýar.
Umumytürkmen bähbitli ideala baş goşan döredijilik şahsyýetiniň durmuşa,
döwre, adama, türkmene bolan garaýşy hem özüniň gabaralylygy,
monumentallygy bilen tapawutlanýar. Diýmek, Magtymgulynyň şahsyýetine
mahsus bolan gabaralylyk ýa-da monumentallyk şahyryň döredijilik stilinde hem
gabaralylyk, monumentallyk alamatlarynyň bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin
şahyryň döredijilik stilinde hem meselä global çäklerde, monumental
giňişliklerde garamak ruhunuň aralaşjakdygy şübhesizdir. Şahyryň döredijiliginde
her bir meselä umumadamzat bähbidinden, umumytürkmen bähbidinden ugur
alnyp çözgüt berilýändigi hem şu sebäbe görädir. Şahyryň döredijilik stilinde
özüni äşgär duýduryp duran alamat hem her bir meseläni özüniň bütin gabarasy
bilen gozgamak, oňa ýokary ahlak, uly ynsap kadalary bilen garamak arkaly anyk
hem döwrebap çözgüt bermeklige bolan joşgunly hem gyzgyn hyjuwlylykdyr.
Magtymgulynyň döredijilik stili dünýä, pelege, jemgyýete, döwre, adama,
türkmene serenjam bermek bilen bagly öňe çykan ylmy-şahyrana stil boldy. Bu
stiliň ylmylygy ylahy hem dünýewi ylmyň sazlaşygyndan, şonuň netijesinde hem
dünýä, döwre, adama baha kesenligidir. Şahyranalygy hem Ýer-Gögüň
arasyndaky meseleleriň gapma-garşylygyndan baş alyp çykmak üçin elewreýän
liriki gahrymanyň alawly idealyny, pikir hem duýgy älemini magtymguluçylyk
galyba salandygydyr. Bu galyp, bu stil soňy bilen magtymguluçylyk mekdebi
diýen ady aldy. Ol barada akymlaýyn stil hakda gürrüň edemizde ýörite durarys.
Okyjylaryň ünsüni çeken ýazyjylarymyzyň biri hem Ata Gowşudowdyr.
Onuň döredijilik stilinde halky kyssa eserlerine mahsus çeperçilik serişdeleriň
agdyklyk edýändigini duýmak kyn däl. Bu hakda öň A.Gowşudowyň döredijiligi
bilen iş salşan alymlar hem ýatlapdyrlar. A.Gowşudow eserlerine at goýanda hem
(“Mähri-Wepa”, “Bahar-Hoşgeldi”–bu “Köpetdagyň eteginde” romanynyň ilkinji
ady), wakalary kompozission taýdan baglanyşdyranda hem halky kyssalaryň
çeperçilik stiline (“Indi habary kimden al, Welje bilen Keljeden al” diýen ýaly
stile) uýýar. A.Gowşudowyň döredijilik stili hakda bu aýdanlarymyz diňe
gözilginçleri. Ýazyjynyň eserlerinde ýönekeý okyjynyň aňşyrmajak, asla üns hem
bermejek stil dörediji halky elementleriň örän köpdügini, olaryň hem köpüsiniň
halky kyssalaryň çeperçilik tärleridigini aýtmalydyr. Aýratyn hem
A.Gowşudowda ertekiçilik stil has güýçli duýulýar:
“Juda alyp barýan sowuk ýa-da güýçli ýagynly gün bolaýmasa, ýylyň dört
paslynyň her bir gününde gün ýaşyp barýarka, kolhozçylar prawleniýäniň
öňündäki meýdança üýşýärdiler we her kim tapan ýerinde özüçe ornaşyp
oturýardy. Onsoň bularyň arasynda gyzykly gürrüňler başlaýar: tohum atlar
hakynda başlanan gürrüň birden arpa ýetýär, arpadan bugdaýa, bugdaýdan
degirmene, onsoň kilwandan çopana, bagçylykdan düme meýdanyna geçýär,

284
gepiň tümmek ýeri, dagdan deňze urup, garpdan-şarka ýetilip, bu ýerde başy
agyrdylmaýan gürrüň galanok”.1
Şunuň ýaly ertekiçilik stilde beýan etmek A.Gowşudowyň halaýan täri.
Ýazyjynyň eserlerinde gahrymanlara at goýmakda hem (Wüşi kel, Ýelli Zaman,
Küle girrik, Allaly par, Pökgen, Gurt gart we ş.m.), eseriň baplaryna at goýmakda
hem (“Her kimiň pali-niýeti öz ýoldaşy”, “Galpyň gazany gaýnamaz”, “Gara keçe
ak bolmaz”, “Il bir ýana, kel bir ýana”, “Toýuňyzda toýlalyň”), gahrymanlaryna,
aýratyn hem ýaramaz gylykly gahrymanlaryna häsiýet bermekde we başga-da
ş.m. birtopar ýerlerde ýazyjy halk döredijilik eserleriniň çeperçilik ýörelgelerine
daýanýar. Bu A.Gowşudowyň döredijilik işinde öz saýlap alan stili. Ýazyjynyň
şeýle çeperçilik stile ýakyn durmagynyň özboluşly sebäbi bar. Bu hakda öňdäki
baplarda hem ýatlapdyk, ony zerurlyk ýüze çykany sebäpli, ýene ýatlamaly
bolýarys. A.Gowşudow ertekiçi ejesiniň täsiri bilen çagalykdan ertekiler
dünýäsinde kemala gelipdir. Ýazyjynyň erteki sýužetleri bilen beýnisi bekäpdir.
Onuň ömrüniň köp bölegi halk döredijilik eserini toplamak, neşire taýýarlamak
işi bilen bagly bolupdyr. Halk döredijilik eserleriniň gyzykly dünýäsi ýazyjynyň
şahsyýetiniň kemala gelmegine, şeýle hem onuň döredijilik şahsyýetiniň kemala
gelmegine uly täsir edipdir. Bu zatlaryň hemmesiniň ýazyjynyň döredijilik
stiliniň kemala gelmeginde hem belli derejede hyzmatynyň boljakdygyna
şübhelenmese bolar. Sebäbi ýazyjynyň durmuş tejribesi, ömür ýolunyň aýry-aýry
pursatlary kä göňüden-göni, kä gyýtaklaýyn ýagdaýda onuň döredijiligine öz
möhürini basýar. Ýazyjynyň şahsyýet özboluşlylygynyň çeper döredijilikde stil
kemala getirmek hyzmatynyň bardygyny-da hasaba alsaň, A.Gowşudowyň
döredijiliginde ertekiçilik stiliniň agdyklyk edýändiginiň sebäbi öz-özünden
düşnükli bolsa gerek.
Çeper döredijilikde şeýle bir ýagdaý bar. Ýazyjynyň her bir eserinde onuň
ömür ýolunda toplan durmuş tejribesiniň, özüniň gören, eşiden, bilen, öwrenen
zatlary bilen bagly durmuş tejribesiniň bitewiliginden gelip çykýan ruhuny duýup
bolýar. Ýazyjy diňe özüniň şaýat bolan ýa-da siňňin öwrenen, eşiden ýa-da öz
başyndan geçiren oý-pikirleri, öz duýan ýa-da syzan, pikir eden ýa-da göz öňüne
getirip bilen zatlary hakynda gürrüň berýär. Ýazyjy öz ömründe nähili durmuş
hakykaty bilen ýüzbe-ýüz bolan bolsa, şol wakalar hem-de şolar bilen bagly bolan
başdan geçirmeler oňa has ýakyn ýa-da has yssy bolup görnüp biler.
Elbetde, ýazyjynyň özüne ýat bolan durmuş hakykaty hakda soz açanyndan
onuň özüne has eziz bolup görünýän durmuş hakykaty bilen iş salşanyny kem
görmejekdigi düşnükli. Sebäbi ol hakykat onuň öz hakykaty, öz tanyş hakykaty,
ol onuň kalbynyň sesi bolup ýaňlanýan hakykat. Ýazyjy üçin hem özüne ýakyn,
özüne yssy hakykat hakynda söz açmak ýakymly bolýar. Ýazyjynyň özüne
ýakymly hakykatdan söz açýan eseriniň ýakymynyň hem üýtgeşik boljakdygy
gümansyzdyr. Munuň şeýledigini biz dünýä edebiýatynyň taryhyna ser salsak
hem, türkmen edebiýatynyň taryhyna nazar aýlasak hem synlap bilýäris.

1
A.Gowşudow. Eserler. Üç tomluk. “Köpetdagyň eteginde”. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýaty, 1956, 246 sah.
285
Garagum hakynda ýazanam kän, ýazýanam. Ýöne olaryň hiç biriniň sesi
B.Hudaýnazarowyň kalbyňa talaň salýan ýakymly owazynyň perdesinde däl.
Ýazyjy bu tema ýüzlense, sözler edil ak inişden inen ýaly akyberýär. Garagum
temasyny B.Hudaýnazarowyň özi saýlady, Garagum temasy hem B.Hudaýnaza-
rowy özgelerden saýlady. Garagum onuň dogduk mekany bolany üçin, Garagum
temasy oňa ýakyn, iň eziz, iň yssy tema bolup saýlandy. Ýazyjynyň şahsyýeti
Ýerbentdekä-de, Lebapdaka-da Garagumuň goýnunda. kemala gelmegini dowan
etdi. B.Hudaýnazarowyň şahsyýeti Garagum bilen kökerilen ykbal ýolunda
kemala geldi. Şonuň üçin onuň döredijilik şahsyýeti hem, döredijilik ykbaly hem,
döredijilik stili hem Garagum bilen bagly kemala geldi, ösdi, kämillige ýetdi.
Munuň şeýledigini biz ýazyjynyň şygyrlaryndan we ilkinji iri eserleri bolan
“Gyzgyn sährä” poemasyndan, “Göreş meýdany” powestinden başlap, ömrüniň
ahyrlaryna çenli ýazan eserlerinde yzarlap bilýäris. Kämilligiň bu ýoly B.Hudaý-
nazarowyň eserleriniň ideýa-tematik esaslarynyň birligine, olarda orta çykarylan
gahrymanlaryň häsiýetleriniň birligine getiripdir. Birlik bu ýerde meňzeşlik däldir
ýa-da ol eserleriň biri-birini gaýtalaýandygyny aňlatmaýar. Ýazyjynyň eserle-
rindäki ideýa-tematik birlik-de, häsiýetlerdäki birlik-de ideýa-çeperçilik
babatyndaky bitewilikdir. Şeýle hem bu birlik ýazyjynyň öz geçen ýoluny törç
edip, öz-özüni gaýtaladygy hem däldir. Onuň her bir eseri özüçe, özünden öňki
ýazylan eserleriň üstüni ýetirýän bitewi ulgamy emele getirýär. Bu ýerde
ýazyjynyň şahsyýetiniň kemala gelmegindäki Garagumuň hyzmaty bilen
Garagum temasyny döredijiliginiň baş temasyna öwren ýazyjynyň döredijilik
şahsyýetiniň arasyndaky emele gelen bitewiligi-de nazarda tutmalydyrys. Şonda
B.Hudaýnazarowyň şahsyýeti bilen onuň eserlerinde kemala gelen çeper stiliň
bitewiligine-de göz ýetireris. Şeýle bitewilikler hakykatdan-da stil emele getiriji
serişdelerdir.
Eýsem ýokarda gürrüňi edilen aýry-aýry şahyrlara ýa-da ýazyjylara mahsus
bolan döredijilik stilleriň hemmesini diňe şol awtorlaryň ýalňyz özlerine degişli
stiller diýip aýdyp bolmaz. Ýogsam şol döredijilik hususyýetler ýazyjylaryň öz
şahsyýet özboluşlylyklary bilen şertlendirilen edebi stillerdir. Muňa garamazdan,
agzalan stil dörediji çeperçilik serişdeler hem, kemala gelen hususy stiller hem
aram-aram beýleki ýazyjy-şahyrlar tarapyndan hem işledilýän tärlerdir. Emma
olar bu çeperçilik serişdeleri boýnuna alajabag dakan ýaly edip, özleriniň hususy
stilleri derejesine ýetirip bilmediler. Şonuň üçin olar hakda ýörite gürrüň
etmekden saklanýarys.
Çeper stil edebi taglymatyň çylşyrymly meseleleriniň biri bolmagynda
galýar. Belki-de, şonuň üçindir, bu mesele edebiýatçy alymlaryň, köplenç böwür
berip geçýän meselesi bolup gelýär. Ýöne türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda
edebi stil meselesi bilen bagly edilen iş bütinleý ýok hem däl. Şu wagta çenli bu
babatda ýazylan käbir makalalary ýa-da käbir işlerde ýüzugra stil meselesine
dahylly gyýtaklaýyn aýdylan pikirleri hasaba almanymyzda-da bu ugurdan iki
sany alymyň saldamly kitaplarynyň okyjylara ýetirilendigini ýatlamalydyrys.

286
Olaryň biri professor G.Geldiýewiň “Poeziýamyzyň häzirki zaman keşbi” 1 atly
işi, beýlekisi filologiýa ylymlarynyň doktary R.Rejebowyň “XVIII-XIX asyrlar
türkmen edebiýatynyň döredijilik stili”2 atly işidir.
G.Geldiýew bu işinde türkmen poeziýasynyň XX asyryň ikinji ýarymynda
edebiýat meýdanyna gelen şahyrlar M.Seýidowyň, A.Atajanowyň,
A.Haýydowyň, K.Gurbannepesowyň, B.Hudaýnazarowyň döredijilik stilleri
hakda düýpli gürrüň edýär. Ol bu şahyrlaryň her birine mahsus bolan hususy
döredijilik stiliniň aýratynlygyny açýar. XX asyryň ikinji ýarymynda türkmen
poeziýasynyň agyr keşigini gerdeninde çeken şahyrlaryň döredijilik
hususyýetleri hakda ylmy taýdan dogry ýörelgelere esaslanyp, delilli hem
subutnamaly seljermeleri orta atýar.
R.Rejebowyň kitaby bolsa, öz adyndan hem belli bolşy ýaly, XVIII-XIX
asyr nusgawy edebiýatynyň döredijilik wekilleriniň çeper stili hakda söz açýar.
Ol bu meselä her taraply hem çuňňur seljerme berýär. Alym meseläni özüniň
bütin çylşyrymlylygy bilen göz öňüne getirýär we ol muňa doly hem dogry
çözgüt bermäge çalyşýar.
Mundan başga-da şu wagta çenli neşir edilen edebiýat nazaryýetine degişli
okuw kitaplarynyň hem aglabasynda edebi stil meselesi hakda düşünje berilýär.
Ýöne bu edilen işler meseläniň gutarnykly çözgüdi däldir. Edebi stil meselesi
edebi taglymyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Edebi prossesiň ösüşine
çeperçilik babatda her ýazyjynyň goşan özboluşly goşandyny kesgitlemekde hem
umumy edebi prossesiň aýry-aýry döwürlerde ýeten ideýa-çeperçilik belentligini
anyklamakda hem stil meselesine uly orun degişlidir. Şonuň üçin stil meselesi her
niçik çylşyrymly bolsa-da, ol irde-giçde yzygyderli suratda çözgüdi gözlenip
durmaly meseleleriň biri. Sebäbi ol ýazyjynyň özboluşlylyga eýe bolan hususy
sözüdir (hususy çeper dilidir), stil ýazyjynyň döredijilik ýüzüdir, ol onuň öz
hususýetidir, başgaça aýtsak, eger “stil, hakykatdan-da, adam” bolýan bolsa, onda
ol ýazyjynyň özüdir ýa-da onuň döredijilik şahsyýetidir.
Elbetde, ýazyjynyň döredijiliginden onuň özüni (şahsyýetini) ýa-da
başgaça, stilini saýlap-seçip çykaraýmak aňsat wezipe däl. Galyberse-de, özüne
ýazyjy diýip at dakanyň hemmesi özbaşdak stilli ýazyjy hem däldir. Olaryň
arasynda özgeleriň stilinden emelsizlik bilen peýdalanyp ýörenleri-de az däl. Eger
döredijilik stil diýilýän zat ýazyjynyň öz şahsyýetinden gelip çykmaýan bolsa, ol
ýama ýaly bir zat bolup görnüp durýar. Edebi stiliň tebigatyna mahsus bolan şu
hususyýetler ony has-da çylşyrymlaşdyrýar. Munuň üstesine-de, stiliň tebigatyna
mahsus bolan daşky hem içki hil sypatlarynyň barlygy ony bolşundan-da beter
çylşyrymlaşdyrýan alamatlardyr.
Eýsem çeper stiliň daşky hil sypaty nämeden ybaratka? Stil düşünjesiniň
daşky hil sypaty onuň ylymlaryň çatrygyndaky meselediginden ybaratdyr. Stil
meselesi bilen ylmyň dürli ugurlary iş salyşýar. Ony edebiýaty öwreniş ylmy-da,
sungaty öwreniş ylmy-da, dil bilimi-de, medeniýeti öwreniş ylmy-da, estetika-da
1
G.Geldiýew. Poeziýamyzyň häzirki zaman keşbi. (Stil problemasy). Aşgabat, “Türkmenistan”, 1978.
2
R.Rejebow. XVIII-XIX asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili. Aşgabat, “Ylym”, 1995.
287
öwrenýär. Belli bolşy ýaly, çeper stil meselesine aýratyn hem dilçi alymlar oňa
diňe özlerine degişli mesele hökmünde eýemsireýärler. Ýöne gowy ýeri, olar bu
meselä dilçilik nukdaý nazaryndan garaýarlar. Edebiýatçy alymlar bolsa
edebiýaty öwreniş ylmynyň nazaryndan çemeleşýärler, bu ýagdaý, elbetde, stil
meselesiniň tebigatyna aralaşylanda, oňa akylly-başly düşünmegi belli derejede
kynlaşdyrýar. Sebäbi stil meselesi hakda dilçi alymlar bilen edebiýatçylaryň
garaýyşlarynda, göräýmäge, Ýer bilen Gök ýaly tapawut bar ýaly. Ýöne bu
göräýmegidir. Hakykat ýüzünde bolsa çeper stil meselesini edebiýatçylar üçin
hem dilçiler üçin ortalyk mesele edýän bir zat bar. Ol hem çeper sözdür–çeper
dildir. Stil meselesiniň düýp özeninde sözüň – çeper diliň tebigatyna ýazyjynyň
akyl ýetirişini, ondan özüçe peýdalanyş aýratynlygyny kesgitlemek ýatýar.
Ýazyjy halky çeper söze özüçe, özüne mahsus estetiki-emossional öwüşgin
çaýmaga çalyşýar.
Orta asyr döredijilik wekili bolan Jelaleddin Rumy: “Bolşuň ýaly görün,
görünişiň ýaly hem bol!” diýen ýörelgä uýupdyr. XX asyryň şahyry
K.Gurbannepesow bolsa “Özümçe aýdaýyn, Diňe özümçe” diýen ýörelgeden
ugur alypdyr. XX asyryň altmyşynjy ýyllarynyň döredijilik wekili şahyr Andreý
Dementýew bolsa (“шестидесятники” diýilýänlerden), “Ýaşaýşyň ýaly ýaz,
ýazyşyň ýaly hem ýaşa!” diýen ýörelgäni indeýär. Bu, elbetde, şahyryň
şahsyýetiniň onuň döredijilik şahsyýetiniň kemala gelmeginde edýän hyzmatynyň
örän uludygy üçin aýdylan pikirlerdir. Olarda ýazyjynyň şahsyýetiniň-de özüne
mahsus hususyýetiniň, döredijilik şahsyýetiniň-de özüne mahsus hususyýetiniň,
özüçe aýdylan sözüniň bolmalydygy äşgär edilýär. Ine, şol özüçe aýdylan söz
babatda dilçi alymlar bilen edebiýatçy alymlaryň ikisi-de bir ýüpe kökerilendir.
Ylmyň bu iki ugrunyň filologiýa diýlen bir bitewilikdigi sebäpli, olaryň hersi
çeper sözden her näçe özüçe many çykarýan ýaly bolsalar-da, ahyr soňunda
gelnen netijeleriň biri-biriniň üstüni ýetirýänligi üçin, olar bir bitewidirler.
Ýöne dilçi alymlaryň käbiri “çeper stil” adalgasy bilen “döredijilik stil”
diýen adalga aýry-aýry düşünjeler hökmünde garaýarlar. Bu babatda dilçi alym
G.Nepesow şeýle pikirde:
“XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda türkmen diliniň stilistikasyna degişli
ýazylan işlerde we dürli makalalarda türkmen edebi diliniň çeper stiline dahylly
kän möçberli ylmy pikirler hem garaýyşlar toplumy işlenip düzüldi. Başlangyç
ylmy garaýyşlar we pikirler toplumyny K.Babaýewiň ýazan işlerinde hem ylmy
makalalarynda görmek bolýar. Dilçiniň “Türkmen diliniň praktiki stilistik
esasyna giriş” hem-de “Türkmen diliniň stilisikasy” diýen gollanmalarynda çeper
dil “türkmen diliniň çeper edebiýat stili” diýlip öwrenilipdir. Adyndan belli bolşy
ýaly, bu atlandyryş öwrenilişi (?-Ş.G.) edebiýatçylaryň çeper döredijilik stili
bilen baglanyşykly edip görkezýär, diliň çeper stili döredijilik stili bilen
bulaşdyrylýan ýaly bolup görünýär”.1

1
G.Nepesow. Türkmen edebi diliniň çeper stili. Aşgabat, “Ylym”, 2017, 18-19 sah.
288
Alym G.Nepesowyň “çeper stil” hem-de “döredijilik stili” adalgalaryny
biri-birinden tapawutlandyryp, olaryň her birine näme stilistik hyzmat
ýükleýändigini bilemzok. Ýöne edebiýat nazaryýetinde “edebi stil, çeper stil,
döredijilik stili” ýaly adalgalar biri-biri bilen manydaş düşünjelerdir. Edebiýaty
öwreniş ylmynda bu adalgalar biri-birine garşy goýulmaýar. Meseläniň şu
mizemez tarapy aýratyn nygtalmalydyr. Sebäbi bu adalgalar aýry-aýry
ýazyjylaryň hususy stilleri babatda hem, akymlaýyn stil babatda hem şol bir
bitewiligini, birligini, manydaşlygyny ýitirmeýärler. Aslynda ol adalgalaryň
süňňünde biri-birine garşy goýar ýaly many çaprazlygy ýokdur. Şonuň üçin çeper
stil hem edebi stil hem, döredijilik stili hem adalga hökmünde edebiýat
nazaryýetinde manydaş, emma şuňa garamazdan, häzirlikçe deň hukukly
adalgalardyr. Elbetde, adalgalarda manydaş düşünjeler bolmasa gowy. Ýöne
türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň adalgalary henize çenli hem kemala geliş,
kämilleşiş döwrüni başdan geçirýär. Şeýle bolsa, bu döwürde munça-munça
manydaşlyklara, köp düşünje bilen aňladylan adalgalara gabat gelmek
ähtimallygy aradan aýrylmaýar.
Ýazyjynyň hususy stiline göz ýetirmek üçin ilki bilen onuň döredijiligine
mahsus bolan çeper dili, predmet dünýäsi, durmuş hem taryhy wakalary
suratlandyryşy, abstrakt hakykaty we pikir dünýäsini açyşy, adamyň ahlak-
psihologik dünýäsi bilen bagly ýüze çykýan özgermelere syn etmeli. Şunuň ýaly
stil seljeriş synçylygyny, ilikinji nobatda, ýazyjynyň çeper dilinde duş gelýän
özgerişlerden, kemala gelen çeperçilik umumylyklardan başlamak maksada
laýykdyr. Sebäbi ýazyjynyň çeper dilinde onuň döredijilik stiliniň yzlary has
aýdyň görünýär. Muňa, belki, çeper edebiýatyň söz sungatydygynyň täsiriniň
bolmagy-da mümkindir. Sebäbi çeper söz, çeper dil ýazyjynyň esasy ýaragydyr.
Stiliň içki hil sypaty boýunça tapawudy bolsa onuň daşky hil
tapawudyndan hem çylşyrymlydyr. Çylşyrymlylyk bu ýerde köpdürlülik bilen
bagly ýüze çykýar. Aslynda stil köpdürlüliklerdäki birlik ýa-da bitewilikdir.
Muňa nähili düşünmeli?
Stil, umuman, gaýtalanýan sözleriň ýa-da çeperçilik tärleriň
köpdülüliginden emele gelýän bitewilikdir. Çeper tärleriň köpdürlüligi bolsa her
ýazyjynyň özüne mahsus bolan tärleri bolmalydyr we şol hususyýetleriň
yzygiderli gaýtalanyp durmagyndan emele gelen bitewilik bolmalydyr. Eger,
aýdaly, ýazyja suratkeşlik stili mahsus bolsa, şu hususyýet onuň bütin
döredijiliginde gaýtalanýar. Bu stil ýazyjynyň eserleriniň içki hil sypatlaryny
bezäp gelýär. Meselem, ýazyjynyň galamyna suratkeşlik stili häsiýetli bolsa, onda
ol peýzaž suratlandyranda hem, çeper keşpleriň portretlerini çekende hem,
gahrymanlaryň häsiýetlerini açanda hem, olaryň hereketlerini teswirlände hem,
häsiýet açmaga kömek edýän dürli öý goşlaryny ýa-da başga dürli hili
predmetleri suratlandyranda hem, şonuň ýaly-da beýleki dürli-dürli çeperçilik
giňişliklerde hem ol suratkeşlik stilinden peýdalanýar. Diňe şeýle edilende, ol
ýagdaý ýazyjynyň stilini ýüze çykaryjy häsiýete eýe bolýar we ol döredijilik

289
şahsyýetiň çeper stilini emele getiriji bitewiligiň döremegine alyp barýar.
B.Kerbabaýew şeýle suratkeşlik stili bilen özüniň döredijilik hususyýetini
bitewileşdiren ýazyjydyr. Ýazyjynyň döredijiligi suratkeşlik bilen çekilen
portretlere-de, peýzaž suratlaryna-da, suratkeşlik bilen açylan adam häsiýetlerine-
de örän baýdyr. Bu, elbetde, ýazyjyda stil bitewiliginiň kemala gelendigini
tassyklaýar.
Çeper döredijilikde öz stiliňi kemala getirmek ýazyjydan uly durmuş
tejribesini, irginsiz gözlegleri, çeperçilik açyşlary, ýokary ussatlygy talap edýär.
Döredijilik işinde eserleriniň içki hil sypatyny diňe özüne mahsus çeperçilik
alamatlar bilen bezäp bilen ýazyjy özbaşdak stile eýe bolup bilýär. Ýazyjynyň
özbaşdak stilliligi dürli çeperçilik giňişliklerde kemala gelip biler. Ol çeper eseriň
temasynda-da, gozgaýan meselesinde-de, sýužetinde-de, kompozissiýasynda-da,
ideýasynda-da, häsiýet açyşda-da, çeper keşp döretmekde-de, personažlaryň
dilinde-de, ýazyjynyň öz dilinde-de, umuman, dürli çepeçilik giňişiliklerde ýüze
çykyp biler, ýöne mesele şony ýüze çykaryp bilmekdedir. Özbaşdak stilli bolmak
elbetde, hemme ýazyja başardybam durmaýar. Bu hakda professor Ö.Abdyllaýew
şeýle diýýär: “Ýazyjynyň şahsyýeti döredijiliginde şöhlelenmek bilen oňa
özboluşlylyk möhürini basýar. Beýle diýildigi edebi eser ýazýanlaryň
hemmesiniň döredijiliginde şahsyýetiň indiwiduallyk möhüriniň basylmagy üçin,
ozaly bilen , ýazyjynyň öz şahsyýetinde özboluşly ösen sypatlarynyň bolmagy,
ýagny ýazyjyda durmuşyň her meselesine özüçe çemeleşmek, öz pikirini özüçe
beýan etmek ukybynyň bolmagy zerurdyr. Eser ýazýan adam öz şahsyýetinde
şeýle sypaty ösdürmedik wagtynda, ol döredijiliginde-de diňe özüne degişli bolan
indiwidual stili emele getirip bilmez”.1
Stil ýüze çykmagy üçin ýazyjynyň eseriniň sanynyň köp bolmagy şert däl.
Eser üstüne eser ýazyp, özbaşdak stilli bolup bilmedik ýazyjylar az däl. Stil eseriň
içki hil sypatynyň gowy bolmagyny talap edýär. Eger eser okyjylar tarapyndan
ürç edilip oklýan bolsa, onda şol eserde ýazyjynyň özüne mahsus bolan haýsydyr
bir stil hususyýeti bardyr. Goý, ol stil nyşanjygy bolsun, goý, ol stil alamaty
bolsun, tapawudy ýok, ýazyjynyň öz adyny ýa-da eseriniň adyny bilmeseňem,
şol nyşanyň kime ýa-da nämä, başgaça aýtsak, haýsy ýazyja ýa-da haýsy esere
degişliligini okyjy aňşyrýär. Aýdaly, “Artygyň harmany ýaly” diýilse ýa
B.Kerbabaýewi, ýa-da “Aýgytly ädim” romanyny ýatladar. “Şükür, hany seniň
ýaragyň?!” diýilse, N.Saryhanowyň eseri ýa-da özi hakydaňa dolar. Eger
“Warryk batyr” diýilse, B.Amanow bilen G.Burunowyň “Keýmir kör” dramasy,
bardy-geldi, Wüşi keliň ady tutulsa, A.Gowşudow ýa-da onuň “Köpetdagyň
eteginde” romany, Annaguly sölpiň ady tutulsa, A.Durdyýew ýa-da onuň “Bagtly
ýigit” powesti ýadyňa düşer. Eýsem şular stil nyşanjyklarydygyna garmazdan,
olar eseriň atlaryny ýa-da olaryň awtorlarynyň atlaryny hakydaňa getirip bilýän
bolsa, onda ol özbaşdak stillilikdir, özboluşlylykdyr.

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 283 sah.
290
Özbaşdak stilli ýazyjylaryň döreden eseri wagtyň gazaply synagyna döz
gelip bilýärler. Munuň şeýledigini nusgawy şahyrlaryň eserleri bilen doly
tassyklap bileris. Bu eserleriň üstünden asyrlar aýlanyp, döwürler dolanandygyna
seretmezden, şu gün hem okyjy köpçüliginiň göwün islegini kanagatlandyrýan we
olara ruhy lezzet berýän çeper gymmatlyklar hökmünde ähmiýetini ýitirmän
gelýärler.
Ýazyjynyň stili onuň ähli eserlerinde öz möhürini goýýar. Emma beýle
diýildigi şol bir ýazyjynyň ähli eserlerinde onuň stil hususyýetleriniň hemmesi
gaýtalanyp durmaly diýildigi däldir. Eger ol her eserde gaýtalanaýanda hem ol
ýazyjynyň öz-özüni gaýtaladygy hökmünde kabul edilmeli däl-de, muňa stil
bitewiliginiň-birliginiň alamaty hökmünde garamak dogrudyr. Ýazyjy özüne
mahsus bitewi hususyýeti, bitewi stili bütin döredijilik ýolunda kemala getirýär.
Ýazyjynyň çeper stili eser saýyn ösüp, giňap, kämilleşip biler. Ýöne bu hem
ýazyjynyň aýratyn alnan eserinde onuň stil bitewiligi bilen däl-de, stil
hususyýetiniň käbir bölekleri bilen ýüzbe-ýüz boljakdygymyzy aňlatmaýar.
Sebäbi her bir çeper eser stil bitewiligine eýe bolup bilýär we bilmelidir.
Ýazyjynyň stil bitewiligi aýratyn alnan bir eseriň çäginde-de, onuň döredijilik
prossesiniň bütin dowamynda döreden eserleriniň jeminde-de ýüze çykyp biler.
Çünki durmuş täzelenip dur, adamyň durmuş hakykatyna bolan garaýşy hem
ösüp, özgerip dur, ýazyjynyň tejribesi barha baýlaşyp dur. Netijede, ýazyjynyň
gözýetimi giňemek bilen, çeperçilik babatda ussatlygy artmak bilen bolýar. Bu
zatlaryň hemmesi ýazyjynyň öz şahsyýetine-de, onuň döredijilik şahsyýetine-de
gönüden-göni täsir edýär.
Stil bitewiligi aýratyn alnan bir eserde döresin, bütin döredijilikli ömrüň
dowamynda döresin, tapawudy ýok, ol ýazyjynyň stil hususyýetiniň ýüze
çykmagyna uly giňişlikleri açyp goýýar. Hut şu sebäbe görä hem B.Kerbabaýew
“Aýgytly ädimi” bir stilde, “Gaýgysyz Atabaýy” başga bir stilde, “Nebitdag”
bilen “Suw damjasy-altyn dänesi” romanlaryny bolsa ýene üçünji ýa-da dördünji
bir stilde ýazmaýar. Eger bardy-geldi, ol eserleriň birinde duş gelýän stil
alamatlary beýleki birinde duşmaýan ýa-da ol az-kem özgerişe sezewar bolup
duşýan hem bolsa, ol diňe ýazyjynyň stil bitewiliginiň giňelmegi ýa-da ösmegi
bilen bagly dörän özgeriş bolar. Sebäbi ol eserleriň hemmesiniň awtorynyň birligi
olarda diňe kerbabaçylyk stiliň bolmagyny talap edýär. Bu eserleriň hemmesiniň
çeperçilik giňişligi B.Kerbabaýewe mahsus bolan suratkeşlik stili bilen aýrylmaz
şekilde baglydyr. Ýogsam bu romanlaryň personažlarynyň gepleýşinde göz-
görtele duýulýan dürli-dümenlik B.Kerbabaýewiň suratkeşlik stiline zeper
ýetirmeýär, gaýtam ony baýlaşdyrýar. Şonuň üçin özüniň döredijilik stili babatda
B.Kerbabaýew A.Durdyýew däldir, B.Seýtäkow hem H.Derýaýew däldir.
A.Gowşudow bilen N.Saryhanow hem her haýsy özbaşdak stilli ýazyjylardyr.
Çünki olaryň hersi aýry-aýry şahsyýetlerdir. Şoňa görä-de olar aýry-aýry
döredijilik stilli ýazyjylardyr.

291
Çeper edebiýat, şonuň ýaly-da tutuş sungat forma we mazmun bitewiligine
esaslanýan gymmatlykdyr. Edebi stil bolsa döredijilik prossesiniň geçen ýolunyň
bütin dowamynda şol bitewiligi has berkidýän sütündir. Bu sütüniň bolsa her
döwre mahsus öz reňki bolýar. Stiliň her döwürde dürli öwüşgine eýe
bolmagynda döwrüň hyzmaty ulydyr. Biz öňde stil bu diňe adam däldir, ol hem
adamdyr, hem şol adamyň ýaşaýan döwrüdir ýa-da wagt giňişligidir-diýip, nygtan
pursatymyzda, stiliň hut şu häsiýetini göz öňünde tutupdyk. Her bir taryhy döwür
hem, şol özboluşly döwri çeperçilik bilen özleşdiren edebi döwür hem çeper
edebiýata, umuman, sungata öz temasyny, öz meselesini, öz sýužetini, öz
gahrymanyny we onuň döwrebap häsiýetini hödürleýär. Döwür şu sanalyp
geçilen meseleler babatda çeper edebiýatda özüniň öçmejek yzyny ýa-da stilini
galdyrýar.
Meselem, sowet edebiýaty kommunistik ideally, ateistik dünýagaraýyşly
çeper keşpleri orta çykardy. Şol ideal hem-de dünýagaraýyş bu döwrüň
ýazyjylarynyň şahsyýetinde-de kemala gelendigi üçin, olaryň döredijilik stili hem
şol ideala, şol dünýagaraýşa esaslanýar. Edebiýatyň ösüşinde öz yzyny galdyrýän
meseleler bolsa şol döwre mahsus çeper stili kemala getirýär. Bu kanunalaýyk
ýagdaý. Sebäbi olar çeper edebiýatyň süňňüni emele getirýän meselelerdir we stil
kemala getiriji meselelerdir. Diýmek, çeper stil döwrüň hem, edebiýatyň hem
ýüzi eken. Şeýle bolsa her döwrüň öz stiliniň boljakdygy düşnüklidir. Eger “stil
bu adam” diýen pikire esaslansaň, onda edebiýatyň predmetiniň hem adamdygy
üçin, her döwrüň öz döwrebap gahrymanyny orta çykaran edebiýatyň döreden
çeper keşpleriniň häsiýetini açmagyň hem öz stiliniň kemala geljekdigi
kanunalaýyklykdyr.
Aýdaly, orta asyrlaryň göçen ýeri, gonan ýurdy, ýaşan ýeri, aslynda salgysy
belli bilmadyk ýa-da umumy bolan gahrymanlary orta çykaran we umumadamzat
bähbitli meseleleri gozgan edebiýaty bilen XVIII-XIX asyrlaryň umumadamzat
bähbitli meseleler bilen birlikde, türkmeniň bähbidini araýan meseleleri öňe süren
edebiýatynyň çeperçilik stiliniň arasynda tapawut boljakdygy şübhesizdir. Ol
hakykatdan hem şeýle boldy. Orta asyrlaryň abstrakt meseleleriniň ýerine anyk
taryhy döwrüň hakykatyny–tire-taýpalaryň agzybirligi, bitewi döwletlilik,
adalatly şa meseleleri hakda oýlanýan ýa-da arzuw edýän liriki gahrymanyň çeper
keşbiniň dörediliş stiliniň arasynda ýoluk tapawudyň bardygyny her bir türkmen
okyjysy duýup bilýär. Edil şonuň ýaly, sowet edebiýatynyň gozgan meseleleriniň
jümmüşinde hereket edýän gahrymanlaryň çeper keşbiniň dörediliş stili-de
XVIII-XIX asyrlaryňkydan düýpgöter tapawutlydyr. Bu, elbetde, çeper stiliň
taryhy häsiýete eýedigini tassyklaýan alamatdyr.
Ýöne beýle diýildigi çeper stil diňe öz dörän döwründe edebi prossese
hyzmat edip, üstünden döwür-döwran dolanansoň, ol özüniň täsirini bütinleý
ýitirýär diýildigi däldir. Edebi prossesiň ösüşinde öz möhürini galdyran stil
alamatlarynyň hiç biri hem yzsyz-tozsyz ýitip gitmeýär. Olaryň arasyndan
döwrebaplary ýa-da haýsy döwrüň durmuş hakykatyny çeperçilik bilen

292
özleşdirmäge ukyplylarynyň miras geçijilik häsiýeti bardyr. Beýan edijilik stili,
hekeýa etmek stili halk döredijiliginiň gadymy nusgalarynyň çeperçilik stili
bolandygyna garamazdan, olaryň şu günüň edebi prossesiniň ösüşine hyzmat edip
ýörendigi geň däldir.
Edil şonuň ýaly-da jansyz portret çekmek stili (meselem, agzy ýykylan
gorp ýaly, gulaklary ýelken ýaly ýa-da badam gabak, hünji dişli, alma ýaňak,
kirpigi ok, gaşy keman ýaly häsiýetiň ösüşine dahylsyz bolan çeper portret
çekmek stili) şu günüň edebiýatynyň hem çeperçilik stili hökmünde özüni
görkezip ýörendigi geňem däl, taňam däl. Ol çeper stiliň miras geçijilik
häsiýetiniň, özüniň oňlanýandygyna ýa-da oňlanmaýandygyna garamazdan,
çeperçilik prossesiň ösüşine gatnaşyp bilýändiginiň alamatydyr.
Çeper stil hadysasynyň, başga bir tarapdan aýtsak, hakykaty çeperçilik
taýdan täzeden özleşdirmek we işlemek bilen bagly hadysadygyny-da nygtamak
gerek. Has düşnükli edip aýtsak, stil hakykaty döredijilkli özleşdirmegiň we oňa
akyl ýetirmegiň çeperçilik guralydyr ýa-da çeper serişdesidir. Çeper edebiýatda
gozgalýan temanyň haýsy döwre degişlidigine ýa-da şol bir torç edilen
temadygyna garamazdan, ony her bir milli edebiýat öz çarçuwasyna salyp, özüçe,
edil şonuň ýaly, her bir döwür hem özüçe, her bir edebi akym ýa-da edebi usul
hem özüçe, her bir ýazyjy hem özüçe, has takygy, öz stiliçe çeper özleşdirýär. Bu,
elbetde, çeper stiliň miras geçijilik ýaly umumylyk häsiýetinden başga-da,
anyklyga esaslanýan özboluşlylyga-da eýedigini tassyklaýar. Diňe şonuň üçin
bolsa gerek, biz çeper stil hakdaky ylmy derňewlerimizde milli stil, döwrüň stili,
akymlaýyn stil, romantiki stil, realistik stil, ýazyjynyň stili ýaly, bir tarapdan,
anyk, ikinji tarapdan bolsa, juda umumy häsiýetdäki stiller hakynda hiç bir teş-
küşsüz arkaýyn söz açyp bilýäris. Sebäbi çeper edebiýatyň taryhy ösüş ýolunda
ýüze çykan stil hadysalary özlerine şeýle erkin çemeleşmäge giň mümkinçilik
açypdyrlar. Muny şeýleräk bir edebi hadysanyň mysalynda düşündirmäge
synanyşalyň.
Yşk-söýgi temasyny sopuçylyk edebiýatynyň çeper özleşdiriş stili bilen bu
meseläni realistik edebiýatyň çeper özleşdiriş stiliniň arasynda, hakykatdan-da,
Ýer bilen Gök ýaly tapawudyň bardygy bellidir. Çünki realistik edebiýatyň edebi
stiliniň çeper özleşdiriş stiliniň söýgi meselesine çemeleşiş özboluşlylygy Ýerdäki
söýgi, dünýewi söýgi bilen baglydyr. Sopuçylyk stiliň çeperçilik bilen
özleşdirýän yşky bolsa asman ýa-da arşy söýgüdir, ylahy yşkdyr. Elbetde, bu
iki yşk-söýginiň dünýewi edebiýatda-da, sopuçylyk edebiýatynda-da ideýa-
çeperçiligi ýüze çykaryş stilinde tapawut ýok. Ikisinde-de gözel gyza bolan yşk-
söýgi hakda, ikisinde-de aşygyň magşuga bolan söýgüsi hakda, ikisinde-de söýgä
wepalylyk ideýasy hakda söz açylýar. Ikisnde-de şol bir elýetmez gözellige bolan
aşyklyk hem-de şol gözellige wepalylyk idealy agdyklyk edýär we ol dünýewi
söýgini-de, ylahy söýgini-de şahyrana stilde ideýa-çeperçilik taýdan birleşdirýän
ýa-da bitewileşdirýän alamatlardyr. Olary biri-biri bilen bitewileşdirýän çeper
umumylyklar ýeterlik derejede bardyr.

293
Aýdaly, bu iki tipli eserde (sopuçylyk stilli hem-de dünýewi stilli eserde)
yşky heseriň ýüze çykarylýan zanry bir–liriki žanr (sopuçylyk edebiýatyň, esasan,
liriki žanrdadygy sebäpli, deňeşdirmek üçin amatly bolar ýaly kyssa hem sahna
eserlerindäki yşk-söýgini hasaba almaýarys), gozgaýan temasy bir–yşky tema,
ideýa-mazmun, köplenç ýagdaýda, bir diýen ýaly–yşky gözellik, magşuk
gözelligine maýyllyk hem-de oňa wepalylyk, eserleriň süňňüni emele getirýän
şahyrana detallar hem bir–ikisinde-de söwer ýaryň zülpi, saçy, gözi, gaşy,
gabagy, kaddy-kamaty, alma ýaňagy, ak alkymy, ok ýaly (hanjar ýaly) kirpigi,
inçe bili, ak gollary, hynaly barmaklary we ş.m. Eýsem şeýle birlik-bitewiligiň
bar ýerinde bularyň biri sopuçylyk stiliniň, beýlekisi realistik stiliň miweleri
hökmünde aýrybaşgalaşypdyr.
Bu eserleriň stili nämäniň hasabyna ýa-da sebäbine görä aýry-aýry stiller
bolup bilýärkä? Stil aýrybaşgalygyndaky bu sebäp meseläniň düýp-teýkaryndaky
tapawutdadyr. Ol tapawut bolsa bu iki stiliň hakykata bolan gatnaşygyndaky
çaprazlykdadyr. Olarda, ilkinji nobatda, çeper özleşdirilen hakykat başga-
başgadyr. Şonuň üçin olaryň hakykaty çeper özleşdiriş stili hem başga-başga
bolýar. Ol stilleriň biri real hakykata, beýlekisi absolýut hakykata esaslanýar.
Başgaça aýtsak, biri dünýewi hakykata (panylyk hakykata), beýlekisi ylahy
hakykata (bakylyk hakykata) daýanýar. Şonuň üçin olaryň hakykaty çeper
özleşdiriş stilleriniň bütinleý başga-başga boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Bu
hakykatdan hem şeýle. Sebäbi şol bir çeper detal ýa-da predmet, pikir ýa-da liriki
sýužet bu stillerde başga-başga çeperçilik mana, simwolik hyzmata eýe bolýar.
Çeper stil sungatda diňe bir forma däl ýa-da mazmun däl, hatda olaryň
eserdäki bitewiligi-de däldir. Stil anyklaşdyrmaga bu kategoriýalar arkaly–
aýratynlykda çemeleşmek islenýän netijeleri bermeýär. Ýöne stil, şol bir wagtyň
özünde, hem formadyr, hem mazmundyr. Çeper eseriň bitewiligi forma-
mazmunyň bitewiligine baglydyr. Edil şonuň ýaly hem eseriň bitewiligine onuň
stil bitewiligi-de ägirt uly täsir edýär. Diýmek, stil çeper eseriň forma-
mazmunynda özüni görkezýär eken. Stil janly bedendäki köp sanly damarlarda
hereket edýän gan ýalydyr. Ganyň bedeni herekete getirişi ýaly stil hem çeper
döredijiligi herekete getirýän zatdyr. Özüniň hususy stili bolan ýazyjynyň eseri
janly eserdir, ol, belki, baky diri eserdir. özünde stil hususyýetinden nyşan
bolmadyk ýazyjynyň eseri, okyjynyň eline kitap bolup gowşandygyna
garmazdan, ol okalmaka ölüdir, oklansoň hem jansyzdyr. Sebäbi stil çeper
edebiýatyň janydyr. Ol çeperçilik älemiň içki zeruryýetidir. Stilsiz eser harlanan
kagyzlaryň ýygyndysydyr, zaýalanan syýadyr. Stilsiz eseri çeper gymmatlyk
hökmünde kabul etmek kyndyr. Sebäbi stilsiz eserde bitewilik ýokdur. Stil
hususyýeti bolmadyk ýazyjynyň eserinde bitewi göwre ýetmezçilik edýär. Eger
eserde bitewilik ýok bolsa, ol eser tutuş süňňi bilen dagynyk eserdir. Çeper eseriň
bitewiligi forma-mazmun bitewiliginden hem daşgary, stil bitewiligindedir.
Fransuz estetigi M.Dýufren çeper eseriň özboluşly tebigaty hakda söz açyp
şeýle diýýär: “Esere düşünmek bu onuň, başga hili bolmaly däl-de, diňe şu bolşy

294
ýaly bolmalydygyna göz ýetirmekdir”. Her bir zadyň bolşy ýaly bolmagy bolsa,
onuň özboluşlylygydyr, ony özge zatlardan, tapawutlandyrýan aýratynlygydyr.
Özboluşlylyk bolsa, öz nobatynda, özbaşdak stillilikdir. Sebäbi çeper
edebiýatdaky stil eseriň içki gurluşy üçin örän möhüm bolan zerurlykdyr. Eseriň
içki gurluşy bolsa onuň süňňüdir: temasydyr, gozgaýan meselesidir, sýužetidir,
öňe sürýän ideýasydyr, özboluşly çeper keşpleridir, olaryň özüne mahsus häsiýet
aýratynlyklarydyr, çeper dilidir, ýazyjynyň esere siňdiren dünýagaraýşydyr, onuň
durmuş hakykatyny çeperçilikli özleşdiriş özboluşlylygydyr, garaz, stil eseriň
özüdir, hatda ol ýazyjynyň özi bolmak mümkinçiligine-de eýedir.
Stil ýazyjynyň döredijilik işini ugrukdyryjy, gönükdiji, ony ahyryna çenli
alyp baryjy güýçdir. Ol çeper eseriň içinden gyzyl sapak bolup geçýän erişdir-
argaçdyr, has takygy, okdur. Bu ok eseriň tutuş süňňüni öz daşynda jemleýär we
onuň ideýa-çeperçilik taýdan sagdynlygy şol okuň (stiliň) özboluşlylygyna
baglydyr.
Ýazyjy eser döredýärkä, onuň aňyndan, pikirinden, edil onuň kazysy ýaly
bolup, okyjynyň talapkär sudury aýrylmaýar. Edil şonuň ýaly çeper eseri
okaýarka, okyjy üçin hem ýazyjynyň sudury mydama gapdalynda duran ýaly, her
setiriň aňrysyndan, ýazyjynyň özüni ozal görendigine ýa-da görmändigine
garamazdan, ol bütin gabarasy bilen garap duran ýaly bolýar. Bu ýazyjy bilen
okyjynyň gaýybana duşuşygy ýaly bir zatdyr. Bu olaryň edebi-çeper giňişlikdäki
howaýy bir görnüşde bir-birini duýmagydyr, gözi bilen däl-de, aňy bilen
görmegidir. Şunda ýazyjynyň gabarasynyň okyjynyň aňynda peýda bolýan
sudury onuň döredijilik stilidir. Bu ýagdaý stil hadysasynyň tebigaty bilen
baglydyr. Çünki stil bu ýerde ýazyjynyň şahsyýetiniň çeperçilikli özleşdirilen
gabarasydyr. Ol gabara bolsa ýazyjynyň şahsyýetiniň ozalky hem häzirki şan-
şöhraty, ähli at-abraýy, onuň öňki okalan eserlerinden okyjynyň aňynda kemala
gelen özboluşly aýratynlyklarynyň jeminden ybarat bolan şekilini özüne siňdiren
sudurydyr. Başgaça aýtsak, ýazynyň öz okyjysynyň aňyndaky şekilidir ýa-da ol
ýazyjynyň hut özüdir. Sebäp okyjy çeper eser arkaly ömründe görmedik
ýazyjysyny hem onuň stili boýunça diňe bir tanap oňmaýar, hatda ol ony aňy
bilen “görüp” bilýär, kalby bilen duýup bilýär. Bu, elbetde, döredijilik
prossesinde çeper stiliň öz süňňüne siňdiren çeperçilik gudratydyr.
Ýazyjy bilen okyjynyň arasynda bolup geçýän şeýle “duşuşyk” diňe olaryň
biri-birine bagly bolmadyk haýsydyr bir hili çekiş güýji bilen amala aşýar. Çeper
eser ýazyjy bilen okyjynyň özara ruhy islegleriniň, özara biri-biriniň öňündäki
jogapkärçilikleriniň hem-de talaplarynyň kesişýän ýeridir. Muny ýazyjy okyjydan
has öň duýýar. Şonuň üçin ol okyjynyň ruhy isleglerini we talaplaryny ödemek
üçin çalyşýar. Şeýle jogapkärçiligi duýmak bilen döredilen çeper eserde okyjy
bilen ýazyjynyň özara ruhy taýdan “duşuşýan” nokady stil dörediji giňişlikdir.
Çeper stil arkaly ýazyjy ol ýa-da beýleki bir esere özüniň awtorlyk hukugyny
tassyklap bilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýazyjynyň stil kämilliginiň ýokary
derejesine galandygynyň alamatydyr.

295
Täze taryhy döwür ösen tehnologiýalaryň zamany. Bu döwür taryhyň ösüş
depgininiň “çaltlanandygy” bilen tapawutlanýar. Adamlaryň dünýäden habarlylyk
derejesi-de barha giňäp barýar. Elbetde, şu nukdaý nazardan seretseň, şahsyýetiň
dünýagaraýşyndaky ozalky durnuklylyk, birsydyrgynlyk häsiýeti hem
üýtgeşikliklere sezewar bolýar. Bu ýagdaý ýazyjynyň durmuş hakykatyna bolan
gatnaşygynyň-da, belli derejede, özgermegine alyp barýar. Dine bir döredijilik
wekiline däl, adamlaryň biri-birine bolan gatnaşygyna-da ösen tehnologiýanyň
oňyn hem tersin täsirlerini görmek bolýar. Durmuşda muňa ýeterlik derejede
mysal bar.
Ýönekeýje bir mysal. El telefonlarynyň çagalara çenli elýeterli bolmagy
bilen islendik ýerden, islendik wagtda, kim bilen habarlaşasyň gelýän bolsa,
salymyny bermän habarlaşyp bolýar. Adamzat üçin el telefonlary arkaly alys
ýollaryň ýakyna gelmegi onuň durmuşynda täze giňişlikleri açýar. Bu, elbetde,
meseläniň oňyn tarapy. Onuň tersin tarapy bolsa, adamlaryň biri-biri bilen
didarlaşyp, ýüzbe-ýüz bolşup, hal-ahwal soraşmak ýaly milli däp-dessurlarymyza
we durmuşy ýörelgelerimize sowuklyk salanlygyndadyr. Elbetde, bu biri-biriň
bilen ýüzbe-ýüz bolmak üçin ýeňip geçip bolmajak böwet däldir. Didarlaşmak
isleýän adam, eger onuň şoňa islegi bar bolsa, her hili päsgelçilik hem bolsa
ýüzbe-ýüz bolup biler. El telefony saňa: “Dostuň öýüne barma!” diýenok. Bu
gönüden-göni öz islegiňe bagly mesele. Aslynda adamzat nesliniň tebigatyna
aňsat zat barka, kynyň tarapyna bakmazlyk häsiýetlidir. Bu şonuň netijesidir.
Türkmen halkynda “Ýüz otdan yssy” diýen nakyl bar. Bu nakylyň göçme
manysyna däl-de, göni manysyna üns beriň. Nakylyň göni manysy şuny
tekrarlaýar: eger adam didarlaşmasa, onda otdan yssy gyzgynlygyň hem
sowamagyna özümiz günäkär bolaýýan bolmagymyz mümkindir. Diýmek, el
telefonly gürrüňiň ahlak tarapy-da bar eken. Diýmek, munuň bir ujy
jemgyýetçilik ähmiýetli meselä ýazyp gidýär eken. Jemgyýete dahylly durmuş
hakykaty bolsa çeper edebiýatyň hut öz meselesi. Ýazyjy onuň ýaly möhüm
meselelerden sowlup geçip bilmeýär. Ol şunuň ýaly set müň mesele barada hem
özüçe, hem umumadamzat çarçuwasyça pikir ýöredýär. Olaryň her biri hem
durmuş hakykatyna döwrebap çemeleşmedir. Döwrebap çemeleşilen mesele
bolsa, köplenç, özüniň döwrebap çözgüdini tapýar. Ýöne ol çeperçilik çözgüt,
hökman, taryhy ösüşiň depgini bilen aýakdaş gopmalydyr. Şu zatlaryň hemmesi
ýazyjydan öz çeperçilik stiline hem döwrebap öwüşgin bermegi talap edýär.
Taryhyň ösüş depgininiň özgermegi adamyň dünýagaraýşyna-da gönüden-
göni täsir edýär. Şonuň üçin ýazyjynyň aň-düşünjesiniň giňelmegi bilen onuň
pikir öwrüş hususyýetiniň, dünýä gymmatlyklaryna bolan gatnaşygynyň ösmegi,
giňelmegi we çuňlaşmagy hem kanunalaýyk ýagdaýdyr. Adam bir gün
ýaşamaýar. Türkmen aýtmyşlaýyn, ol bu bäş günlik dünýäde azyndan 60-70 ýyl
ömür sürýär. Ösüşleriň, özgerişleriň depgininiň haýallamagy ýa-da gitdigiçe
çaltlaşmagy-da bir ömrüň dowamynda bolup geçýär. Şoňa görä ösen
tehnologiýalaryň döwri bolan şu gün adamlaryň dünýagaraýyşlarynyň düýnkiden

296
tapawutly boljagy tebigydyr. Ol ýazyjynyň döredijilik prossesine-de täsirini
ýetirip biler. Durmuş hakykaty baradaky köne goruň bilen bu gün oňup bolmaýar.
Durmuş hakykatyny çeper özleşdiriş prossesinde özgerişlikleriň bolup geçmek
ähtimallygy ýok däl. Bu ýagdaý ýazyjynyň çeper stiline-de täsirini ýetirmegi
mümkin. Şonuň üçin ol ýa-da beýleki bir ýazyjynyň bir eserindäki çeper stil onuň
başga bir eserinde täze öwüşgün bilen reňk açmagy-da bolup biljek zat. Bu
ýagdaý ýöne ýazyjynyň umumy stil bitewiligine zeper ýetirip bilmez. Umumy
bitewilik saklanar, ýöne stiliň käbir elementleriniň täzelenmegi bilen çeper stilde
täze-täze öwüşginleriň peýda bolmagyna şert döreýär. Ýazyjynyň stil
bitewiliginiň bozulmaýandygynyň sebäbi, çeper stil babatda ozalky toplanan
tejribe-de, soňky täze dörän stil elementleri-de bir ýazyjynyň–bir şahsyýetiň
çeperçilik gaznasyndan baş alyp gaýdýanlygy üçindir. Şonuň üçin eger bir
ýazyjynyň täze eserinde, öňki eserlerinden tapawutlylykda, stil täzelikleriniň
bolmagyna-da kanunalaýyk ýagdaý hökmünde garamalydyrys. Şeýle ýagdaý
ýazyjynyň stili diýen düşünjäniň üstüni eseriň stili diýen düşünje bilen dolduryp
biler.
Ussat ýazyjylar aslynda umumy stil bitewiligini saklamak bilen eser saýyn
öz stil hususyýetini ösdürip, belli dereje-de, özgerdip, üstüni ýetirip durýar.
Ýazyjynyň stil bitewiliginiň şunuň ýaly içine tarap ösýän prossesinden başga-da,
çeper stile taryhy taýdan has uly, başgaça aýtsak, wagt taýdan has uly giňişligi öz
içine alýan ýa-da daşyna ýaýramak bilen ösýän stil umumylygy hem bar. Şeýle
tipologik umumylyga döwrüň stili diýilýär. Bu stil umumylygy tutuş bir taryhy
döwrüň stil köpdürlüligini, ýüze çykan çeperçilik hadysalaryň hemmesine mahsus
bolan hususyýetlikleri özüne birikdirýär. Ol, elbetde, her bir edebi usuluň öz
çeperçilik stiliniň bolşy ýaly giň, hatda ondan hem giň stil umumylygydyr. Sebäbi
bu hili stil umumylygy ýa-da, başgaça, döwrüň stil hususyýeti hatda öz
hususyýetine çapraz gelýän stilleriň käbir alamatlaryny hem özüne birikdirip
bilýär. Meselem, sowet edebiýatynyň stil hususyýetini sosialistik realizm
usulynyň emele getirýändigine garamazdan, ol özüne romantizmiň stil
özboluşlylyklaryny-da siňdirişi ýaly çeperçilik hadysalar döwrüň stili diýilýän stil
umumylygyny emele getirýär. Ýogsam romantizm bilen realizm, sosialistik
realizm hakynda-ha gürrüň hem ýok, bütinleý aýry-aýry edebi usullardyr. Şeýle-
de bolsa sosialistik realizm usulynyň görnükli wekilleriniň biri Ç.Aýtmatowyň
döredijiligini romantizm usulynyň elementlerinden üzňe göz öňüne-de getirip
bolmaýandygy hakynda edebiýaty öwreniş ylmy delilli subutnamalar bilen
owran-owran nygtap geçdi. Öz döwründe şu hili pikir ýöreden alymlar
hakykatdan hem mamladylar. Bu ýagdaýlar diňe bir edebi stilleriň däl, eýsem
edebi usullaryň hem biri-birine bagry badaşandygynyň subutnamasydyr.
Adamyň artykmaç tarapy-da, kemter tarapy-da ýekebaralykda däl-de,
köpçülikde, jemgyýetde ýüze çykýar. Şahsyýetiň artykmaç ýerleri şeýle
artykmaçlyklary bolmadyklaryň ýanynda has äşgär görünýär. Onuň şahsyýet
hökmündäki kemter ýerleri-de, “artykmaç adam” diýilýänleriň arasyna düşende

297
mese-mälim bolýar. Edil şunuň ýaly ýagdaý çeper döredijilik üçin hem häsiýetli
alamatdyr. Islendik çeper eser özüniň stil hususyýetini öz-özlüginde däl-de, edebi
prossesiň umumy çeperçilik giňişliginde görkezip bilýär. Eger çeper eseriň stil
özboluşlylygyny kesgitlemeli bolsa, ony özi ýaly ýa-da özünden has ýokary
çeperçilik belentliklerdäki başga-başga eserler bilen deňeşdirmäge mümkinçilik
bolan halatynda anyklap bolýar. Eseriň artykmaç tarapynyň ýa-da kemter
tarapynyň ölçeg däşy bolsa onuň stil özboluşlylygydyr.
Edebi prossesiň taryhy ösüş ýoly özboluşly stil gatlaklarynyň barha
artmagy, köpelmegi bilen utgaşykly bolýar. Şonuň bilen bir wagtda hem olaryň
taryhy taýdan has uly giňişlige ýaýran umumylygynyň, bitewiliginiň, başgaça
aýtsak, döwrüň stiliniň kemala gelmegi bilen ösüşini dowam etdirýändigi-de
kanuny ýagdaýdyr. Çeper döredijiligiň ösüş taryhynda şeýle stil
umumylyklarynyň birnäçe gatlagynyň kemala gelendigini görýäris: milli stil,
sebitleýin stil bitewiligi, edebi usulyň ýa-da edebi ugruň stili, edebi mekdebiň ýa-
da edebi akymyň stili, hususy stil, ýazyjynyň döredijilik prossesinde
möwsümleýin ýüze çykýan stil, eseriň stili, eseriň çeperçilik elementleriniň stili,
döwrüň stili şeýle stil gatlaklarydyr. Döwrüň stili agzalyp geçilen stil
gatlaklarynyň hemmesinde öz möhürini goýýandygy bilen tapawutlanýar.
Edebiýatçy alym M.Amansähedow “döwrüň stili” diýen düşünjäni
“döwürleýin stil” görnüşinde ulanypdyr1. Elbetde, bu ýerde, göräýmäge, agyz
dolduryp aýdar ýaly näsazlyk ýok ýaly. Ýöne bu düşünjäni “döwürleýin stil”
görnüşinde alsaň, ol “döwrüň stili” diýen düşünjäni doly berip bilmeýär. Sebäbi
“döwürleýin” diýen sözden “döwür” sözüniň usak taryhy wagty öz içine alýan
“zamana” manysyny alyp bolmaýar. Bu ýerde göz öňünde tutulýan hem uzak
taryhy döwürdir, stiliň uzyn taryhy zamanany öz içine alýandygydyr. Her näme
diýseňem “döwürleýin” diýen sözde wagt taýdan gysgalyk bar2. Aslynda ady belli
nazaryýetçiler hem bu düşünjäni “döwrüň stili” (стиль эпохи) görnüşinde
ulanýarlar. Bu düşünje “döwürleýin stil” (эпохальный стиль) görnüşinde
ulanylmaýar. Edebi taglymat hem bu düşünjäniň uzak wagt aralygynda dowam
edýän stil umumylygyny nazarda tutýar. Şonuň üçin bu düşünjäni wagt taýdan
gysgaldýan “döwürleýin” diýen söz bilen alman, “döwür” sözi bilen alyp,
“döwrüň stili” görnüşinde ulanmak dogrudyr.
Ýokarda şu çaka çenli belli bolan stil gatlaklarynyň sanawyny berdik. Bu
stil gatlaklaryny özüniň umumylyk gerimleri boýunça iki bölege bölmak
mümkin.

1. Hususy stil gatlaklary.


2. Akymlaýyn stil gatlaklary.

Hususy stil toplumyny düzýän gatlaklar: hususy stil, ýazyjynyň döredijilik


prossesinde ýüze çykýan möwsümleýin stil, eseriň stili, eseriň çeperçilik
1
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012, 250 sah.
2
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 1-nji tom. Aşgabat, TDNG, 2016, 301 sah.
298
elementleriniň stili. Bu stil gatlaklarynyň her biri ýazyjynyň hususy stilini emele
getiriji gatlaklardyr. Bir ýazyjynyň hususy stilinde bu gatlaklaryň hemmesi hem
bolup biler, ýalňyz biri-de bolup biler.
Akymlaýyn stil toplumyna girýän gatlaklar: milli stil, sebitleýin stil, edebi
usulyň ýa-da edebi ugruň stili, edebi akymyň ýa-da edebi mekdebiň stili, döwrüň
stili. Bu stil gatlaklary ýazyjylar toparynyň ýa-da tutuş çeper edebiýatyň
döredijilik stilidir.
Şu çaka çenli hususy stil gatlaklary barada gürrüň edildi. Indi nobat
akymlaýyn stil gatlaklaryna ýetdi. Olaryň öň gürrüňi edilmedik gatlaklary
hakdaky söhbet bolsa indiki bölümde bolar.

299
EDEBI AKYM WE AKYMLAÝYN STIL

Edebi akym we akymlaýyn stil düşünjeleri biri-biri bilen berk baglanyşykly


meselelerdir. Bu iki düşünjäni diňe bir “akym” sözi baglanyşdyrmaýar. Olar biri-
biri bilen tebigaty boýunça ýakyn düşünjelerdir. Şonuň üçin edebi akymyň
döremegine akymlaýyn stil täsir edýärmi ýa-da akymlaýyn stiliň döremegine
edebi akym sebäp bolýarmy, muny aýyl-saýyl etmek kyn. Şundan ugur alsaň, bu
bölüme goýlan adyň hem şertlidigi hakyndaky pikir ýüze çykýar. Eger bu
bölümiň “Edebi stil” bölüminden soň gelýändigini nazarda tutsaň, onda bölümiň
adyny “Akymlaýyn stil we edebi akym” görnüşinde almak dogrudyr. Ýöne “stil”
düşünjesinde “hususy stil” ýaly ownuk bölekleriň hem bardygyny, edebi akymda
bolsa stil umumylygynyň netijesi bolan akymlaýyn stiliň emele gelýändigini
hasaba alsaň, onda bölümiň adynyň häzirki alnyşyny maksada laýyk hasap
edýäris. Biz bu bölümi atlandyranymyzda, şunuň ýaly hususyýetleri göz öňünde
tutandygymyzy ýaňzydýarys. Şu sebäbe görä, akymlaýyn stil hakynda gürrüň
etmezden ozal, edebi akym hakynda umumy düşünje bermek zerurdyr.
Dünýä edebiýatynda dürli taryhy döwürlerde dürli hili edebi akymlaryň
dörändigi bellidir. Häzir şol akymlaryň döreýşiniň taryhy-hronologik tertibini
saklamazdan, olaryň käbiri hakynda söz açmagyň ýeri geldi.
Awangardizm (awant-garde) – öňde baryjy topar diýen fransuz sözünden
gelip çykan adalga. Bu akym edebiýatda-da, sungatda-da XX asyryň ikinji
onýyllygynda (1911-1920) Günbatarda dörän akymdyr. Awangardizm akymy,
esasan, şygryýetde hem-de dramaturgiýa žanrynda ýüze çykyp, şu žanrlaryň
çäginde hem ýörgünli bolan akymdyr. Ol akym şahyrlaryň öz döwrüniň buržuaz
durmuş şertlerine garşy özakymlaýyn turzan topalaňlarynyň öňüni almak üçin
dörän akym bolup, edebi ösüşiň taryhyna girýär. Rus sowet şahyry
W.W.Maýakowskiniň irki döredijiligi gönüden-göni şu akym bilen baglydyr.
Akmeizm (akme) – ýokary dereje diýen grek sözünden gelip çykan adalga.
Bu akymyň ilkinji şineleri 1912-nji ýylda Peterburg žurnallarynyň sahypalarynda
çap edilen goşgularda ýüze çykýar. Şol şygyrlaryň awtorlary bolan
N.S.Gumilýew, A.A.Ahmatowa, O.E.Mandelştam dagy soň özlerini akmeistler
diýip atlandyrdylar.
Modernizm (moderne) – häzirki zaman täzeligi diýen fransuz sözünden
gelip çykan adalga. Bu akym edebiýatyň we sungatyň XX asyra degişli köp sanly
täze hadysalaryny özünde jemleýär. Ol çeperçilik hadysalar XIX asyr realizminiň
sungatda we edebiýatda ýüze çykaran hadysalaryna garaňda, täze hadysalardy.
Bu akym täze, çylşyrymly jemgyýetçilik-taryhy şertlerde döreýär. Modernist
ýazyjylar XX asyryň ýiti gapma-garşylyklarynyň hemmesini şöhlelendirip bilýän
özbaşdak we üýtgeşik bir çeperçilik serişdeleri gözleýärler. Olar öňki dowam
edip gelýän realistik çeperçilik serişdeleri täze şertler üçin ýaramsyz
hasaplaýarlar. Modernizm akymy, köplenç, reaksion akym hökmünde

300
häsiýetlendirilýär. Modernistler eseriň forma gözelligine aşa kowalaşyp, onuň
mazmun babatdaky ideýa-estetiki gymmatyna ähmiýet bermeýärler.
R.Rejebow modernizmi dekadentçilik akymy hökmünde seljerýär, onuň
“sungat sungat üçindir” diýen buržuaz taglymatyndan ugur alýan akymdygyny
nygtaýar. Bu akyma formalizm, subýektiwizm, indiwidualizm, pessimizm ýaly
alamatlaryň häsiýetlidigine ünsi çekýär.1
M.Amansähedow bolsa, näme üçindir, modernizmi “Edebiýat we sungatda
gös-göni realistik usuldan başga täze-täze ugurlar, ýörelgeler boýunça durmuş
hakykatyna baha berýän”2 özbaşdak bir edebi usul hökmünde seljermäge
synanyşýar. Biziň pikirimizçe, modernizmi edebi usul hökmünde däl-de, edebi-
-çeper akym hökmünde derňemek dogrudyr. Bu akym edebi-çeper usul derejesine
ýeter ýaly çeperçilik dünýäsinde onçakly uzak wagt dowam edip bilmedi.
Üstesine, bu akymyň talaplary boýunça eser döreden döredijilik wekilleriniň sany
hem oňa edebi usullyk gerimini almaga mümkinçilik bermeýär. Şuňa
garamazdan, zehinli edebiýatçy M.Amansähedow, näme üçindir, modernizm
edebi akymyny edebi-çeper usullaryň arasynda seljerip geçýär. Alym oňa näme
üçin şeýle çemeleşendiginiň sebäbini-de düşündirmeýär. Şonuň üçin
modernizmiň edebi usuldygy hakyndaky mesele hem gümürtikligine galýar. Biz
onuň edebi usul däl-de, edebi akymdygy hakyndaky pikirimizde galýarys.
Magaryfçylyk. Bu akym XVII asyryň ahyrlarynda XVIII asyrda dowan
eden edebi-çeper akymdyr. Magaryfçylar durmuşyň ähli gapma-garşylyklaryny
jemgyýeti magaryflaşdyrmak arkaly, adamlary bilimli-sowatly etmek arkaly
çözüp bolar diýip ynanýarlar. Bu akymyň D.Defo, Dž.Swift, G.Filding,
G.Lessing, A.Lesaž, P.Bomarşe, Wolter, D.Didro ýaly görnükli wekilleri
bolupdyr. Olaryň döredijiliklerinde akyl bilen başlanan we admkärçilik bilen
dowam edilen her bir hereketiň tebigy netijeleriniň, sazlaşykly soňlamasynyň
boljakdygyna ynam güýçlüdir. Magaryfçylyk döwrüniň esasy žanry romandyr.
Eýsem türkmen edebiýatynyň magaryfçylyk akymyna dahyly barmyka?
Gündogar edebiýatynda ylym-bilim meselesi baky temalaryň hatarynda
işlenipdir. Şeýle-de bolsa, türkmen edebiýatynda bu ugur özbaşdak bir akym
derejesine ýetmändir. Ýöne Ýusup Balasagunlynyň “Kitadgu-bilik”,
Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” eserlerinde jemgyýetçilik durmuşda
ylym-bilimiň ähmiýetine ägirt uly orun berilýär. Bu eserleriň ikisi hem didaktiki
häsiýetli poemalardyr. Eger didaktikanyň tebigatynda adama akyl bermek oňa
dünýäni düşündirmek, adamy tanatmak hyzmatlarynyň bardygyny nazarda tutsaň,
onda nesihatnamaçylyk stilinde ýazylan eserleriň hemmesi hem magaryfçylyk
häsiýetli eserlerdir.
Naturalizm. Bu akym edebi-çeperçilik hadysa hökmünde XIX asyryň 70-
90-njy ýyllarynda ýüze çykýar. Oňa degişli eserler özüniň çeperçilik derejesiniň
örän pesdigi bilen tapawutlanýar. Esasan hem gowuşgynsyz beýan edijilik, çeper
detallarda ownukçyllyk we hakykata çalymdaş ýalylyk, çeper hakykatyň we çeper
1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966,54 sah.
2
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012, 243 sah.
301
idealyň ýele ýanyndan hem geçmeýän gümürtiklik, gowşaklyk häsiýetlidir. Şuňa
garamazdan, belli naturalist ýazyjy Emil Zolýanyň “Pariž hatlary” eseri rus
metbugatynda yzygiderli neşir edilýär. Ol hatda L.N.Tolstoý A.P.Çehow ýaly
ussatlaryň hem ünsüni özüne çekip bilýär.
Naturalist ýazyjylar öz döwrüniň dowam edip gelýän çeperçilik prossesini
berk tankytlamak bilen, diňe özleriniň jemgyýete doly we hemme taraplaýyn
gutarnykly, ylmy taýdan ygtybarly hakykaty açyp berjekdiklerini yglan edýärler.
Olar edebi prossesde öň çendan ýarym şöhlelendirilen hakykaty açýandyklary
baradaky ynam bilen ýaşaýarlar.
Naturalizm çeper eserleriň sýužetini gerekmejek detallar we ýerliksiz
jikme-jiklikler bilen, adam häsiýetlerini hiç hili tipleşdirmezden, hiç hili
çeperçilik gymmaty bolmadyk, bir pursatlaýyn ýa-da tötänleýin ýüze çykan
durmuş wakalaryndan doldurmaga ýol açýar. Bu bolsa gahrymanlaryň çeper
keşbini däl-de, naturadan alnan fotosuraty gören ýaly ýagdaý döredýär.
Ýewropa naturalizmine mahsus bolan şu aýratynlyklara ýakyn durmuş
hakykatyna çemeleşme türkmen edebiýatynyň ösüşinde hem baknalyk döwrüniň
(1884-1917) edebi prossesinde ýüze çykdy. Edebiýat bu ýyllarda durmuş
hakykatyny çeperçilik taýdan özleşdirmegiň hötdesinden gelip bilmän kösendi.
Edebi prosses çemçäni, çaýy, palawy wasp etdi, aryny edebiýat meýdanyna
getirdi, göle dawasyny çözdi, sadakada dogramadan doýrulmadyk awtor sadaka
bereni tankyt etdi, garaz, hakykatyň tipleşdirilen şöhlelenmesini däl-de, naturadan
daşlaşmaýan ownuk-uşak meseleler bilen iş salyşýan edebiýat ýüze çykdy. Ýöne
bu akym türkmen edebiýatynda gaty bir uzaga çeken akym bolmady.
Jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň özgermegi bilen edebi prosses öz ugruny täze
sosialistik hakykaty şöhlelendirmeklige ynamly gadam basdy. Edebiýatyň şeýle
pese gaçmagynyň sebäpleri öňdäki baplarda has doly derejede aýdyňlaşdyry-
landygy üçin bu hakda gepi uzaltmakdan saklanýarys.
Futurizm (futurum) – geljekki, geljek diýen latyn sözünden dörän adalga.
Adalga hökmünde futurizm sözi ilkinji gezek italýan şahyry Filippo Tommazo
Marinettiniň manifestiniň sözbaşysynda gabat gelýär. Ol manifest 1909-njy ýylda
Parižde çykýan “Figaro” atly gazetde çap edilýär. Şundan bir ýyl geçip-geçmänkä
diýen ýaly futurizmiň sungatdaky manifesti peýda bolýar. Geljege tarap ümzük
atýan sungaty döredijiler hökmünde orta çykan futuristler köne sungaty
tankytlamak we inkär etmek bilen utgaşýan eserler döredýärler. Futuristler öz
eserlerinde öňki etiki kadalardan – dözümsizlikden, zuluma-zorluga ýan
bermeýän gaýratlylykdan, özara hormat-sylaglylykdan gaça durýan ideýalary öňe
sürýärler. Italýan futuristleriniň birtopary täze döreýän tehnikalary wasp edýärler.
Öz ýurtlarynyň harby meýillerini, käbirleri bolsa, hatda, fasizmi hem öwüp eser
ýazýarlar.
Futurizm Russiýada ilkibaşda şekillendiriş sungatynda, diňe şondan soňra
şygryýetde döreýär. Ol W.W.Maýakowskiniň futuristleriň hataryna goşulmagy
bilen ýiti sosial meselelere ýüzlenmäge başlady. Russiýadaky futuristleriň

302
hemmesi diýen ýaly Oktýabr rewolýussiýasyny, hamana, öz arzuwlarynyň amala
aşmagy hökmünde kabul etdiler. Futurizm akymy özüniň içki gapma-garşylygyna
garamazdan, ol Maýakowskiý, Hlebnikow, Pasternak, Aseýew ýaly soňra
görnükli sowet şahyrlary hökmünde meşhur bolan awtorlaryň öz döredijilik
ýörelgeleriniň ýüze çykmagyna uly täsir etdi.
Dünýä edebiýatynyň taryhynda şular we şulara meňzeş birtopar edebi
akymlaryň bolandygyna taryh şaýat. Ýokarda agzalyp geçilen edebi akymlardan
başga-da ekspessionizm, sýurrealizm, eksistenzializm, abstraksionizm ýaly
akymlar hersi bir döwürde edebi-çeper ösüşiň taryhynda yz galdyrypdyr. Biz bu
ýerde olar hakda sözi uzaldyp oturjak däl.
Gündogar edebiýatynda, şol sanda türkmen edebiýatynda dörän edebi
akymlar bolan sufizm we didaktizm akymlary hakda bolsa yzda ýeri gelende
ýörite durup geçjekdigimizi ýaňzydýarys.
Şu ýerde bir ýagdaýa aýratyn üns bermek gerek. Eger edebi akym stil
umumylygyndan döreýän hadysa bolsa, onda ilki bilen söhbeti onuň çeşmesi
hakyndaky gürrüňden başlamaly bolarys. Has düşnükli edip aýtsak, ilkinji
nobatda, stil umumylyklary hakyndaky söhbetden başlamak dogrudyr. Sebäbi
çeper stil bir ýazyja degişli hususyýet bolup ýüze çyksyn ýa-da tutuş bir milli
edebiýatyň özboluşly aýratynlygy bolup ýüze çyksyn, tapawudy ýok, onuň çeper
döredijiligiň aýrylmaz bölegidigini bilýäris. Edebi stilleriň şu wagta çenli ýüze
çykan gatlaklary hakynda gürrüň edenimizde, olaryň çeper edebiýatyň süňňüni
emele getirýän çeperçilik hadysadygyna, çeper döredijiligiň etine-ganyna siňip
ýatan hususyýetlerdiklerine göz ýetirdik.
Çeper stiliň edebi döredijilige mahsus bolan iki ugrunyň hem–hususy stiliň
hem, akymlaýyn stiliň hem edebi akymlaryň döremegine gönüden-göni täsiriniň
bardygy şübhesizdir. Çeper stiliň owunjak alamatlary bolan dil serişdelerinden
başlap, tä edebi usullara we edebi ugurlara çenli öz hökümini ýöredip bilýär.
Sebäbi stil çeper döredijiligiň içki hem daşky özboluşlylygyny ýa-da forma we
mazmun aýratynlygyny emele getirijidir. Çeper edebiýatyň özboluşlylygy bolsa
ony çeprçilik hadysa derejesine çenli galdyryp bilýär. Munuň şeýle bolmagynda
çeper stiliň hyzmaty uludyr. Çeper döredijilikde ýazyjylar her näçe stil
hususyýetini ele alýan hem bolsa, olar stil umumylyklaryndan hem el üzüp
bilmeýärler. Şeýle stil umumylyklary bolsa wagtal-wagtal çeper edebiýatda edebi
akymlaryň döremegine alyp barýar.
Taryhy ösüşiň aýry-aýry döwürlerinde ýazyjylaryň belli bir toparynda
döredijilik ýakynlygy, hatda meňzeşligi-de ýüze çykýar. Şeýle döredijilik
ýakynlyklary hem-de meňzeşlikleri bolsa ýazyjylaryň döredijilik babatdaky
umumylyklarynyň, hatda bitewiliginiň peýda bolmagyny şertlendirýär. Çeper
döredijilikdäki şeýle umumylyklar çeperçilik prossesiň döredijilik usulynda-da,
eserleriň ideýa-tematikasynda-da, eseriň stilinde-de, häsiýet açyş tärlerinde-de
çeper keşpleriň häsiýet umumylyklarynda-da we ş.m. başga-da birtopar
ýagdaýlarda ýüze çykyp biler. Munuň şeýle bolmagyna aýry-aýry taryhy şertleriň

303
öňe çykaran syýasy ýagdaýlarynyň sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Şeýle
umumylyklar taryhy şertleriň syýasy-ideologik taýdan bir maksada
gönükdirilendiginiň netijesinde döreýär. Olary taryhy döwrüň şertleri,
jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň talaplary öňe çykarýar. Diýmek, ol umumylyklar
taryhy ösüşiň obýektiw kanunalaýyklyklarynyň netijesinde döreýär diýlip
düşünilse dogry bolar.
Käte şeýle döredijilik umumylygyna girýändiklerini ýazyjylaryň özleriniň
boýun alýan halatlary-da bolýar. Şu ýagdaýda olar muňa özbaşdak edebi mekdep
hökmünde garaýarlar. Käte bolsa ýazyjylaryň şeýle döredijilik umumylygyna
girendiklerini duýmaýan ýagdaýlary hem bolýar. Geçen asyryň ellinji-altmyşynjy
ýyllarynda roman žanrynyň ösüşinde ýüze çykan şeýle umumylyk bilen ýüzbe-
-ýüz bolýandygymyz hem muny aýdyň tassyklaýar. Taryhy-rewolýusion temada
ýazylan “Aýgytly ädim” romanynyň döremegi bilen türkmen kyssasynda şu tema
ýüzlenen ýazyjylaryň topary we romanlaryň tapgyry peýda boldy. B.Seýtäkowyň
“Doganlar”, H.Derýaýewiň “Ykbal”, B.Soltannyýazowyň “Sumbar akýar” ýaly
romanlaryndan başga-da, dürli žanrlarda bu temanyň giňden işlenendigini görmek
bolýar. Asla bu diňe bir edebi döredijilikde däl, eýsem tutuş çeperçilik älemde
soň-soňlar hem ýörgünli işlenilen mesele boldy. Türkmenistanda sowet
häkimiýetiniň dikeldilmegine bagyşlanan mesele tutuş türkmen çeperçilik
dünýäsini öz içine aldy.
Bu diňe bir çeper edebiýatda kemala gelen ideýa-tematik umumylyk däldir.
Ol tutuş çeperçilik älemiň umumy äheňini bitewileşdiren stil özboluşlylygy
hökmünde özüni görkezdi. Şeýle stil bitewiliginiň kemala gelmegine, elbetde,
taryhy döwrüň öňe çykaran meseleleri bilen birlikde, syýasy-jemgyýetçilik
pikiriň bitewiliginiň-de täsiriniň bolandygy gürrüňsizdir.
Sowet halky 1957-nji ýylda beýik Oktýabr sosialistik rewolýussiýasynyň
şanly 40 ýyllygyny baýram etdi. Bu şanly toýa taýýarlyk döwründe edebiýatyň
we sungatyň ähli ugurlarynyň döredijilik güýçleriniň ünsi bir maksada
gönükdirildi. Dogrusy, sungatyň ähli görnüşi boýunça Oktýabry wasp etmek
meselesi öňe çykdy. Edebiýatyň ähli žanrlarynda Oktýabr temasy çuň hem
töwerekleýin işlenip başlandy. Çeperçilik dünýäde ýüze çykan bu ideýa-tematik
akymyň paýawy tä Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli ýetdi.
Çeper edebiýatda umumy äheň bitewiligini emele getiren bu akymyň öz
döredijilik stili-de kemala geldi. Stil özboluşlylygy diňe bir eserleriň ideýa-
-tematik umumylygy bilen bagly däl, eýsem ýazyjynyň durmuş hakykatyny çeper
özleşdirişi, çeper eserleriň konflikt babatda ýiti sosial-synpy gapma-garşylyklara
ýugrulandygy, eserleriň baş gahrymanlarynyň synpy göreşiň haýsy tarapynda
bolmalydygyny bilmän, iki ýana çaplagrap, azaşyp ýörendigi, eserleriň
hemmesinde azaşan gahrymanlara dogry ýol salgy berýäniň diňe rus adamsydygy
ýa-da rus rewolýussioneridigi, eserleriň hemmesinde sýužetiň gyzyl
rewolýussiýanyň ýeňşi bilen tamamlanýandygy we ş.m. başga-da birnäçe
umumylyklar bilen bagly ýüze çykdy. Bu bolsa döwrüň kommunistik

304
syýasatynyň talaplaryna jogap berýän çeperçilik stilli edebi akymyň dörändiginiň
alamatydyr. Şeýle edebi akymyň dörändigine ylmy jemgyýetçilik hiç wagt hem
aýratyn bir üns bermedi. Edebiýatçy alymlar ony ýa edebi prossesiň özüdir
öýtdüler, ýa-da döredijilik usulyň umumylygyndan emele gelen kanuny bir
çeperçilik hadysadyr öýtdüler. Elbetde, bu ýerde edebi akym bilen edebi usulyň
özara gatnaşygynyň-da hazmatyny inkär edip bolmaz. Ýöne bu umumy edebi
usulyň çäginde dörän özboluşly bir edebi akymdy. Ol akymyň özbaşyna ideýa-
tematikikasy, özbaşyna gozgaýan we çözgüt berýän meselesi, özbaşyna gapma-
garşylyklar ulgamy, özbaşyna işjeň we söweşjeň hereketli gahrymany bardy. Bu
hili çeperçilik alamatlar bolsa oňa özbaşdak edebi akymlyk hukugyny berýär.
Şeýlelikde, biz bu ýerde ýazyjynyň hususy stili bilen bir hatarda,
ýazyjylaryň belli bir toparynyň, eger çeper stil edebi usul ýa-da edebi ugur bilen
galtaşykly ýüze çykan bolsa, onda tutuş edebi prossesiň akymlaýyn stili bilen
ýüzbe-ýüz bolýarys. Munda tutuş edebi usul edebi akymyň hyzmatyny öz üstüne
alýan ýaly bolýar. Beýle diýildigi edebi usul bilen edebi akym ikisi bir zat
diýildigi däldir. Olar bütinleý aýry-aýry taryhy-çeperçilik hadysalardyr. Edebi
usulyň çygrynda ýüze çykan akymlaýyn stil arkaly gazanylan döredijilik
bitewiligi bolsa edebi akymyň döremegine giň mümkinçilikleri açýar.
Şu ýerde bir ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak zerur. Edebi akymlaryň döremegine
edebi stil täsir edýär diýmeklik hemme wagt dogry netijeleriň üstünden alyp
barmaýar. Munuň bütinleý tersine bolýan ýagdaýlary-da – edebi akymyň edebi
stili döredýän halatlary-da az bolmaýar. Gepiň gysgasy, edebi akym we
akymlaýyn stil düşünjeleriniň haýsysyna näwagt ilkinjilik, haýsysyna ikinjilik
degişlidigini kesgitlemek aňsat däl. Hatda bu käbir halatlarda, “ýumurtga öň
döräpmi ýa-da towuk” diýlen ýaly, haýsysyny diýseň, hem dogry, hem nädogry
ýaly bolup duran tapmaçaly soraga çalymdaş bir zat bolýar. Başga bir zat weli
belli. Edebi akym bilen akymlaýyn stil düşünjeleri aýry-aýry çeperçilik
hadysalardyr we şol bir wagtyň özünde hem olar bir-biriniň üstüni doldurýan,
biri-biri bilen aýrylmaz suratda bagly meselelerdir.
Şeýle-de bolsa, bu iki meselä şu wagta çenli neşir edilen edebiýat
nazaryýetine degişli okuw kitaplarda bitewilik nukdaý nazaryndan garalmady.
Asla akymlaýyn stil hakynda diňe professor Ö.Abdyllaýew söz açan bolaýmasa,
başga hiç kim bu meseläniň töweregine hem barmady. Edebi akym meselesi
hakynda-ha ne ýagşydan, ne ýamandan asla kelam agyz dil ýaranam bolmady.
Ýogsam edebi akymlar gaty ir döwürlerden bäri edebi prossesiň hereketlendiriji
güýçleriniň biri hökmünde özüni görkezip gelýär.
Ýewropa nazaryýetçileri bu iki meseläni bitewiligine seljerip gelýärler.
Bilmersiň nämesindendigini, türkmen alymlary bolsa, hamana, edebi akym
düşünjesi çeper edebiýata dahylly mesele däl ýaly ondan sowlup geçdiler. Belki,
türkmen edebiýatynyň ösüşinde edebi akymlar ýüze çykan däldirler? Ýok, bu
beýle däl. Eger professor Ö.Abdyllaýew çeper edebiýatdaky akymlaýyn stil

305
hakynda gürrüň etmäge zat tapan bolsa, onda bu ýagdaý edebi prossesiň ösüşinde
edebi akymlaryň hem bolandygyny tassyklaýar.
Edebi prossesiň ösüş taryhy birnäçe edebi usullaryň bolandygyna şaýatlyk
edýär. Edebiýatyň ösüşini edebi çeper usulsyz, edebi akymsyz, edebi mekdepsiz,
edebi toparsyz ýa-da edebi ugursyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi
jemgyýetçilik-taryhy ösüşiň öňe çykarýan talaplary dürli döwürde dürli hilidir,
jemgyýetçilik akymyň derejesi hem dürli döwürde birgyradeň ýagdaýda däldir.
Bu, elbetde, belli bir taryhy döwürlerde ösüşiň gyradeňligini hem aradan
aýyrmandyr. Gyradeňlikler, ýakynlyklar, meňzeşlikler bolup durupdyr. Taryhyň
ösüş kanunalaýyklygy hem şeýle. Şeýle ýakynlyklar adamyň ruhy dünýäsiniň
ösüşinde hem ýüze çykypdyr we bitewi umumadamzat medeni-ruhy ösüşini
kemala getiripdir. Bitewilik bolsa gyradeňligiň, ýakynlygyň, meňzeşligiň
netijesidir. Bu çeper edebiýatda hem şeýle. Döredijilik ruhy taýdan biri-birine
ýakyn ýazyjylaryň topary edebi akymlaryň, edebi mekdepleriň, edebi usullaryň
döremegine sebäp bolýar. Munuň hakykatdan hem şeýle bolandygyny çeperçilik
ösüşiň taryhy ýoly tassyklaýar. Eger umumadamzat ruhy ösüşiniň kemala
gelmegi şeýle ruhy ýakynlyklaryň netijesi bolsa, onda türkmen edebiýaty hem şol
umumy bitewiligiň aýrylmaz bölegidigi üçin, türkmen edebi prossesiniň hem
edebi akymlardan üzňe bolmajakdygy düşnüklidir. Eýsem edebi akym nämekä?
Edebi akyma belli edebiýat nazaryýetçisi L.I.Timofeýew şeýle düşündiriş
berýär: “... edebi akym öz ideologiýasy we durmuş tejribesi boýunça, öz edebi-
çeper usuly (metody) boýunça biri-birine ýakyn bolan birtopar ýazyjylaryň
döredijiliginde belli bir taryhy döwürde ýüze çykýan esasy ideýa-çeperçilik
aýratynlyklaryň bitewiligidir”.1
Görnüşi ýaly, edebi akyma belli bir taryhy döwürde kemala gelen ruhy
ýakynlyklaryň bitewiligi häsiýetli alamat hökmünde öňe çykýar. Bu ýakynlyk
hemişe aýdyň, äşgär görnüp hem durmaýar. Emma edebi prossesiň ösüşiniň belli-
belli taryhy döwürlerine siňe syn etseň, birtopar ýazyjylaryň döredijilik
aýratnlyklaryndaky umumylyklary, ýakynlyklary görmek bolýar.
“Gysgaça edebiýat ensiklopediýasy” edebi akym we edebi ugur
düşünjelerine bitewilikde garaýar. Olara biri-biri bilen ýakyn manydaky
düşünjeler hökmünde ugurdaşlykda düşündiriş berýär. “Ensiklopediýa” bu
çeperçilik hadysalaryň ikisiniň-de edebi prossesiň belli bir ösüş sepgidinde
döreýän edebi-çeper düşünjelerdigine ünsi çekýär. Olaryň ikisine-de köp sanly
ýazyjylaryň döredijiliginiň ýa-da ýazyjylar toparynyň, ýa olaryň döredijilik
mekdebiniň esasy ruhy-estetiki ýörelgeleriniň bitewiligini öz içine alýan edebi
hadysalar hökmünde düşündiriş berýär.
Edebi akym hem-de edebi ugur adalgalarynyň ulanylyşynda hiç hili ýeke-
täk ýörelge ýok. Käte bu adalgalara sinonim (manydaş) sözler hökmünde
garalýar. Edebi ugur adalgasyna, köplenç, edebi akymy döredijiniň
hyzmatyndaky hadysa hökmünde seredilýär. Hatda edebi akymyň edebi mekdep

1
Л.И.Тимофеев. Oсновы теории литературы. Издание 3, Исправленное. М., “Просвещение”, 1966, 402 sah.
306
ýa-da edebi topar düşünjelerine derek ulanylýan halatlary-da bolýar. Edebi ugur
düşünjesiniň bolsa edebi usul ýa-da edebi stil düşünjeleri bilen çalşyrylyp,
ulanylýan halatlary-da seýrek bolmaýar.1
Bu adalgalaryň türkmen edebiýaty öwreniş ylmyndaky ulanylyş ýagdaýy
hem şundan gowy däl. Ýöne olar hakda gepi uzaldyp oturmagyň hajaty ýok.
Olaryň käbiri, meselem, edebi usul we edebi ugur adalgalary hakyndaky gürrüňe
öz ýerinde ýene-de dolanyp gelinjekdigi üçin, bu meseläni şu ýerde açyklygyna
goýýarys. Häzirlikçe bolsa biz edebi akym we edebi mekdep düşünjeleriniň
töweregindäki gürrüňimizi döwam edýäris.
Edebi akymlar, köplenç, edebi mekdep görnüşindäki bitewiliklerden
kemala gelýärler. Diýmek, edebi mekdepler edebi akymlary döredijilerdir. Olar
özbaşdak bir jemgyýetçilik gurama hökmünde hem hereket edip bilýärler, käbir
ýagdaýda bolsa belli bir gurama birikmän hem dowam edýärler. Olaryň belli bir
nazary taglymy esaslary bolubam biler, bolmanam.
Edebi akymlaryň şunuň ýaly häsiýetleri nazarda tutulmasa, olaryň edebi
prossesdäki ornuny aýdyňlaşdyrmak kyn bolýar. Şonuň üçin edebiýat taryhçylary
hem, edebiýatyň nazaryýeti bilen iş salyşýan alymlar hem muny göz öňünde
tutmalydyr. Aýratyn hem türkmen edebiýatynyň taryhynda ýüze çykan edebi
akymlar hakynda ylmy seljerme geçirýän edebiýatçylar muny ýiti duýgurlyk
bilen, örän seresaplyk bilen amala aşyrmalydyr. Sebäbi türkmen edebiýatynyň
taryhynda, Ýewropa edebiýatyndaky ýaly, aýdyň ýüze çykyp duran, guramaçylyk
taýdan mäkäm gurnalan edebi mekdepler ýa-da edebi akymlar beýle bir köp
bolmandyr. Bolanlary hem başy birikdirilmedik, guramaçylyk taýdan başy
jemlenibilmedik, özakymlaýyn ýüze çykan edebi mekdeplerdir. Olar hakda ylmy
jemgyýetçilik hem heniz öz gutarnykly sözüni aýdanok. Diňe geçen asyryň
altmyşynjy ýyllaryndan soň, “Magtymgulynyň mekdebi”, “Magtymgulynyň edebi
mekdebi”, “Magtymgulynyň döredijilik mekdebi” ýaly jümleler çenden ýarym
käbir awtorlaryň dilinden eşidilip başlandy, käbir ylmy işlerde, makalalarda
peýda bolup başlady.
Edebiýatçy alym R.Rejebow edebi mekdep hakda söz açyp, şeýle pikirleri
öňe sürýär: “Edebi mekdep – tutuş bir döwrüň edebiýatynyň ösmegine esas bolup
hyzmat eden bir beýik şahyryň döredijilik aýratynlygydyr. Meselem, beýik şahyr
Magtymgulynyň tematikasy, folklor gahrymanlarynyň häsiýetlerini işleýşi, öňe
süren ideýalary, dili, stili, çeperçilik serişdeleri we gaýry taraplary bir ýarym asyr
türkmen edebiýatynyň ösüş ugruny anyklady. Magtymguly ähli taraplary boýunça
XVIII-XIX asyr türkmen şahyrlaryna görelde boldy. Magtymgulynyň
ýörelgelerini başga şahyrlar dowam etdirdiler. Şuňa görä-de, muňa
Magtymgulynyň mekdebi diýmek bolýar.”2
Ýöne şeýle işlerde hem bu edebi mekdebiň özboluşly aýratynlyklary
hakynda, onuň özünden öň dörän we dowam eden edebi mekdeplerden ýa-da
edebi akymlardan haýsy tarapdan tapawutlanýandygy hakynda hiç kim dil
1
Краткая литературная энциклопедия, т.7.М., Изд-во “Советская энциклопедия”, 1972, 487 sah.
2
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 254-255 sah.
307
ýarmady. Onuň diňe Magtymguly hakdaky ylmy seljermelerde ady tutulmak
bilen oňňut edildi. Bir ýagdaýa weli aýratyn köp üns berildi: hamana, XIX asyr
türkmen şahyrlarynyň her haýsy Magtymgulynyň döredijiliginde gozgalan
meseleleriň bir tarapyny özboluşly ösdürenmişler. Ine, şu hili ýöntem pikirleri
weli islän ýeriňden tapmak bolýardy. Şeýle pikiri öňe sürenleriň düşündirişine
görä, hamana, Magtymgulynyň döredijilik mekdebini geçen Kemine onuň
sosial-tankydy häsiýetli öňe süren pikirlerini, Seýdi bolsa onuň watançylyk-
gahryman-çylyk temasyny, Zelili ahlak meselesini, Mollanepes yşk-söýgi
meselesini ösdüripdirler. Olaryň nusgawy şahyrdyklary hakyndaky pikir hem
şunuň bilen düşündirildi.
Emma Mätäjiniň döredijiligi meselä edil şeýle çözgüt bermegiň ylmy
esasly pikir däldigini subut etdi. Mätäjiniň hem nusgawy şahyrdygyny ylmy
jemgyýetçilik ykrar etdi, ýöne onuň Magtymgulynyň döredijiligi bilen
baglanyşýan tarapyna gezek gelende weli, çöpe-çöre uruldy. Sebäbi Mätäjiniň
döredijiligini Magtymgulynyň çeper mirasy bilen baglanyşdyrýan özbaşdak bir
tematik ugur tapylmady. Watançylyk temasy Seýdä, sosial tema Keminä, ahlak
meselesi Zililä, yşk-söýgi temasy Mollanepese berildi-de, Mätäjiniň döredijiligini
Magtymgula ýanar ýaly başga bir tema tapylmady duruberdi. Üstesine-de,
Mätäjide bu diýilýän temalaryň hemmesine degişli şygyrlar bar. Olaryň
haýsysyny bijebaşy edip, şahyryň döredijiligini haýsy tarapdan Magtymguly bilen
baglajagyňy biler ýaly däl. Başgaça aýtsak, Mätäjä üleşikden paý ýetmedi. Şonuň
üçin hem onuň döredijilik özboluşlylygyny ýüze çykarýan çeperçilik giňişlik belli
bolman galdy. Ol hakdaky gürrüňler “Mätäji we halk döredijiligi”, “Mätäji we
Hally bagşy”, “Onda bar” şygry watançylyk temasynda ýazylan şygyr, şahyr
daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr we “Bugdaý” goşgusyny ýazypdyr ýaly
başly-barat pikirler, başy bogulmadyk, dagynyk pikirler bilen kanagat edildi.
Diýmek, şunuň bilen XIX asyryň görnükli bir nusgawy şahyry
Magtymgulynyň döredijilik mekdebine hiç bir tarapdan ýa-da hiç bir temadan
galtaşyksyz ýaly bolup galýar. Eger bu döredijilik mekdebe XIX asyryň nusgawy
şahyrlarynyň hemmesi dahylly bolsa, onda Mätäjiniň hem ala-böle bu kerwenden
üzülip, täk özi başga bir döredijilik mekdebe taýyp düşmejegi bellidir. Şundan
çen tutsaň, Magtymgylyny tematika taýdan XIX asyr şahyrlaryna paýlap bereniň
bilen “magtymguluçylyk edebi mekdebiň” hususyýetini açdygyň bolmaýandygy
äşgär bolýar. Munuň üstesine-de diňe XIX asyr nusgawy şahyrlarynda däl, eýsem
bu asyryň şygryýetine dahylly ululy-kiçili şahyrlaryň hemmesinde-de şol
“mekdebiň” täsirini duýmak bolýandygy hem meselä tematikalaýyn
çemeleşmegiň entek bärden gaýdýan netijelere eltýändigini doly tässyklaýar.
Galyberse-de, tematikalaýyn “ölçegiň” heniz edebi mekdebiň hususyýetini
doly açmaýandygyny ýene bir zatda has aýdyň görüp bolýar. Ol hem XVIII-XIX
asyrlaryň türkmen edebiýatynyň wekilleriniň hemmesinde diýen ýaly
Magtymgulynyň döredijiliginde gozgalan meseleleriň ählisiniň
gozgalýandygydyr. Meselä çeperçilik çözgüt bermekde hem olar biri-birinden

308
ejiz däl. Eger şu nukdaý nazardan garasaň, Zeliliniň watançylyk lirikasynyň
çeperçilik gymmatynyň Seýdiniňkiden pes däldigi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Eýsem Keminäniň söýgi lirikasy Mollanepesiňkiden peslär ýalymy? Elbetde,
şeýle deňeşdirmäni ulanmak dogry däl. Ýöne ol ulanaýaňda hem hiç bir
döredijilik şahsyýetiň kemsidildigi däldir. Şonuň üçin Seýdiniň sosial temadan
ýazan şygyrlarynyň hiç bir jähetden Keminäniňkiden ejiz däldigini çekinmän
aýdyp bileris. Edil şonuň ýaly-da ahlak meselesine gezek gelende, bu şahyrlaryň
hiç biri hem Zeliliden kem oturmaýar.
Biz bu ýerde Magtymgulyny tematikalaýyn “paýlaşan” XIX asyr
şahyrlarynyň döredijilik keşbini ýüze çykarmakda ýol beren ýasama
galypçyllygyň üstüni açmak üçin şeýle deňeşdirmelere ýüzlenmeli bolduk.
Mätäjiniň döredijiligi edebiýatçylar tarapyndan ýasalan şu emeli galypdan
daşarda galypdyr. Ýogsam, ol hem öz döwründe ýokarda agzalan temalaryň
gyrasyndan gätmedigi ýok, özem ol şygyrlaryň hemmesi nusgalyk ideýa-
-çeperçilige eýe bolan eserler. “Magtymguluçylyk edebi mekdebe” girýän
şygyrlara haýsy-da bolsa bir temany Magtymguludan bölüp alyp, zoraýakdan
olaryň boýnuna doga edip dakmagyň zerurlygynyň ýokdugyny Mätäjiniň
döredijiligi subut edýär. Magtymguludan “paý ýetmedik” Mätäji, ýöne
Magtymgula mätäç bolman, özbaşyna örňäp-ösen zehin däl. Ol Magtymgulynyň
edebi mekdebine iki eli, iki aýagy bilen bagly şahyr. Edebi prossesde däp bolan
temalary çeperçilikli özleşdirmek meselesinde şol döwürleriň şahyrlarynyň hiç
birini hem biri-birinden rüstem ýa-da ejiz diýer ýaly däl. Olary, şol sanda
Mätäjini hem bir edebi mekdebe dahylly edýän hem şeýle ýakynlyk, şeýle
umumylykdyr.
Şeýle ýakynlykdyr umumylygyň, elbetde, özüne ýeterlik sebäpleri bar.
Birinjiden, şeýle ýakynlygyň-da, umumylygyň-da düýp sebäbi hut
durmuşyň özündedir. Magtymgulynyň öz döwründe gozgan meseleleri bolan
agzybirlik, bitewi döwletlilik, adalatly hökümdar hakyndaky meselelerini XVIII
asyr syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň özi öňe çykardy. Magtymgulynyň şu
gogzan meseleleriniň çeperçilikli çözgüdini gönüden-göni döwrüň özi talap etdi.
Magtymguly diňe durmuşyň hem döwrüň talaplaryna seslendi. Gepiň üýşmek
ýeri, tema durmuşyňkydy, mesele döwrüňkidi, ideal bolsa Magtymgulynyňkydy.
Ikinjiden, Magtymgulynyň çeperçilikli özleşdiren we belli bir ideala jemlän
meselelerini XVIII asyr edebi prossesi garbap aldy. Hatda ony edebi-çeper däp
derejesine çenli ösdürdi. Çünki gozgalan meseleler her kimiň ýüreginde berç
baglap ýatan ýaralary bilen bagly meselelerdi. XVIII asyrda kemala gelen bu
edebi däp XIX asyr edebi prossesine hem gylyny gymyldatman diýen ýaly edebi
däp bolup geçdi. Ýöne esasy zat agzybirlik, döwletlilik, adalatlylyk baradaky
döwrüň talaplary XIX asyrda hem şol öňki bolşundan üýtgemän, iň möhüm
talaplar hökmünde durmuşyň özünde dowam edenligidir. XIX asyr şerlerinde
hem durmuşyň özünde güberçekläp duran meseleleri bu asyryň şahyrlary
Magtymguludan däl-de, durmuşyň özünden alandyklarydyr. Şonuň üçin edebiýat

309
taryhçylary Magtymgulyny bölek-büçek edip, Seýdä onuň watançylyk temasyny,
Keminä hem sosial temasyny, Zelilä ahlak temasyny, Mollanepese hem yşk-söýgi
temasyny “paýlap beren” halatlarynda bu şahyrlaryň döredijigini durmuşdan
bütnleý üzňeleşdirýändiklerini unudýarlar. Bu ýagdaý, hamana, olaryň döredijilik
çeşmesiniň durmuşdan däl-de, Magtymguludan gözbaş alyp gaýdýan ýaly
bolýandygynyň tassyklamasydygyny ýatdan çykarýarlar. Hakykat weli
düýbünden başgaçadyr. Ýazyjynyň döredijilik çeşmesi hemme zatdan ozal
durmuş hakykatydyr. Diýmek, Magtymgulynyň edebi mekdebine dahylly
şahyrlary hem, ilki bilen, jemgyýetçilik durmuşyň meňzeşligi ýakynlaşdyrdy,
soňra bolsa edebi däp olary umumy bir akaba birikdirdi.
Görnüşi ýaly, edebi mekdep hökmündäki şeýle umumylyk, bir tarapdan,
jemgyýetçilik durmuşyň, ikinji tarapdan, edebi durmuşyň – edebi däbiň
umumylygynyň, ýakynlygynyň, köplenç ýagdaýlarda, meňzeşliginiň netijesidir.
Diňe şeýle iki taraplaýyn täsiriň netijesinde dörän edebi mekdepde onuň özüne
mahsus bitewilik we özüne mahsus aýratynlyk bolup bilýär. Magtymgulynyň
döredijilik mekdebi hem şeýle bitewiligi we aýratynlygy özünde jemleýän
mekdep. Ýöne bu edebi mekdebiň bitewiligi-de, aýratynlygy-da beýik şahyryň
döredijilik tematikasyny dürli şahyrlaryň arasynda paýlaşdyryp, her kim onuň
belli bir tarapyny ösdürdi diýmek bilen gutarmaýar. Gutarmak beýlede dursun,
onuň bilen heniz meselä girişilenogam. Asla meseläni şeýle başlamagyň-da, şeýle
gutarmagyň-da zerurlygy ýok. Sebäbi ol bolaýanda-da galp başlangyç, galp
gutaryş bolardy. Edebiýatçylaryň “tagallasy” bilen XIX asyr şahyrlarynyň hersi
Magtymgulynyň döredijiliginiň bir tarapyna eýeçilik etdirilen hem bolsa, ol
durmuşda hiç wagt beýle üleşik bolmandyr. Tersine, Magtymgulynyň öz
döwründe gozgan meseleleriniň ählisi onuň edebi mekdebine dahylly şahyrlaryň
hemmesiniň diýen ýaly döredijiliginde giňden işlenipdir. Bu bolsa edebi prossesiň
ösüşinde tema umumylygyny emele getiripdir. Magtymguluçulyk edebi mekdebiň
bitewiligi hem şunda.
Onda bu edebi mekdebiň aýratynlygy nämedekä? Aslynda şeýle edebi
mekdep barmyka beri? Belki, ol edebi mekdep çäginden çykan edebi hadysadyr?
Belki-de, ol edebi mekdep däl-de, edebi akymdyr. Ilki bilen, ine, şu meselelere
aýdyňlyk bermek zerur.
Elbetde, ilki bilen aýtmaly zat şu: şeýle edebi mekdep hem, şeýle edebi
akym hem bar. Muny inkär edip bolmaýar. Ýöne onuň haçan edebi mekdep
bolandygyny, haçan edebi akym bolandygyny weli aýyl-saýyl etmeli bolýarys.
Eger edebiýat nazaryýetçileriniň tassyklaýşy ýaly, edebi mekdep edebi akymdan
öň döreýän hadysa bolsa, onda “magtymguluçylyk edebi mekdep” diýlip at berlen
döredijilik mekdep heniz şahyryň özi barka dörän bolmaly. Sebäbi XVIII asyr
türkmen edebiýatynda, tutuşlygy bilen diýen ýaly, magtymguluçylyk ruh aýdyň
duýulýar. Elbetde, şahyryň ady bilen bagly bu edebi mekdebe Magtymgulynyň
özi müderrislik etmedigem bolsa, onuň döredijiliginde edebi töweregine nusga
bolar ýaly edebi-çeperçilik görelde-de bardy, ýörelge-de.

310
Magtymgulynyň döredijilik keşbini kemala getiren ideýa-çeperçilik ýörelge
onuň öz şygyrlary bilen edebi prossese millilik öwüşginini berenligindedir. Şahyr
öz atasy Azadynyň ideýalary bilen gylawlanyp, şygryýetini milli duýgulara
ýugrup bildi. Eýsem şeýle milli duýgy Magtymgulynyň döredijiliginde nämelerde
ýüze çykdy? Milli duýgy şahyryň döredijiligine “türkmen” diýen sözüň mäkäm
ornaşmagy bilen bagly ýüze çykdy. Ol söz, orta asyr türkmen edebiýatyny hasaba
almanymyzda-da, Magtymgulynyň öz döwürdeş şahyrlary bolan Andalypda-da,
Azadyda-da duş gelýän söz däldi.
Magtymgulynyň döredijiliginde bu söz türkmen tire-taýpalarynyň atlary
bilen birlikde, döwrüň iň wajyp meseleleriniň (agzybirlik, döwletlilik, adyllyk,
adalatlylyk) içinden geçip, çeperçilik prossese ornaşdy. “Teke, ýomut, gökleň,
ýazyr, alili” ýaly tire-taýpa atlarynyň we “bir döwlete gulluk etmek”, “berkarar
döwlet islemek” ýaly jümleleriň çeperçilik giňişlige aralaşmagy bilen edebi
possesde milli ruh has çuňňur kök urdy.
Şeýle milli ruhy ilkinji bolup çeperçilik äleme aralaşdyran beýik
Magtymguly bolupdy. Onuň döredijiligindäki milli ruhda milli garşylyklara
ýugrulan sosial-syýasy mesele, milli çeperçilik giňişlikde hereket edýän milli
liriki gahryman, milli ideally şahyrana çeper keşplilik bardy. Magtymgula çenli
türkmen edebi prossesi umumadamzat meseleleri bilen iş salyşdy. Elbetde, bu
döwürlerde çeperçilik älemiň üns beren meseleleri bolan watançylyk,
gahrymançylyk hem, sosial meseleleri-de, ahlak, yşk-söýgi meselesi-de, adalat
hem adyllyk, sahawat hem sabyr-kanagat, ylym-bilim meselesi-de, sahylyk,
husytlyk ýaly meseleler hem umumadamzat bähbitli meseleler bolmak bilen bir
hatarda, türkmeniň hem, türkmen edebiýatynyň hem meseleleridi. Ýöne bu
meselelere Magtymgula çenli edebi prossesde milli öwüşgin ýetenokdy.
Magtymguly edebi prossesiň şol ýetmezini ýetirdi, oňa milli öwüşgin we milli ruh
çaýdy. Onuň şygryýetinde gozgalan meseleleriň anyk ýer-ýurt salgysy babatda-
-da, gürrüňiň kim hakyndalygy babatda-da, meseläniň haýsy döwre degişlidigi
babatda-da ýa-da olaryň wagty babatda-da anyk salgysyny berip bolýar.
Magtymgula çenli şeýle anyklyk ýokdy. Diňe türkmen awtorynyň ýazan eseri
bolansoň, ol ýa-da beýleki esere türkmen meselesini gozgaýan eserdir diýip, çen-
-çak bilen oňňut etmeli bolýardy. Magtymgulynyň şygryýetinde bolsa ideýa-
-mazmunyň kime, nirä we nämä, näwagt-näzamana degişlidigi “türkmen” diýen
sözüň çeperçilik giňişlige aralaşmagy bilen, halys bolmadyk ýagdaýynda bolsa,
eseri ýazanyň aýagyny türkmen topragyna diräp duran şahsyýet Magtymguludygy
bilen bagly anyklyga eýe boldy. Magtymguluda gürrüňiň türkmen milleti,
türkmen ýurdy, türkmen ruhy, türkmen arzuw-hyýaly, türkmen idealy hakynda
barýandygy belli boldy. Bu, elbetde, türkmen şygryýetine milliligiň
aralaşandygynyň alamatydyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň ady bilen bagly
döredijilik mekdebiň edebi mekdep hökmündäki hem, edebi akym hökmündäki
hem, akymlaýyn stil hökmündäki ýörelgesi hem millilik bilen bagly boldy.

311
Magtymgulynyň döredijilik göreldesi bolsa onuň edebi prossese türkmen
meselesini – türkmen tire-taýpalarynyň özara agzalalygyny aradan aýyrmak,
olaryň özara agzybirligini gazanmak hakyndaky, tire-taýpalaryň agzybirligine
esaslanýan bitewi türkmen döwletini gurmak hakyndaky, bitewi türkmen
döwletiniň başynda hem adalatly hökümdar oturtmak hakyndaky milli ruha
eýlenen meseleleri gozgandygynda we oňa döwrebap çeperçilik çözgüt berip
bilendigindedir. Şahyryň bu meseleler babatdaky çeperçilik açyşlary bolsa diňe
bir döwrebaplygy bilen däl, eýsem özüniň döwürlere baplygy bilen
tapawutlanýar. Magtymgulynyň öňe süren türkmen agzybirligi, türkmen
döwletliligi, adalatly jemgyýet hakyndaky arzuwlary, ideallary şu gün üçin hem,
ertir üçin hem iň bir zerur bolan binýatlyk esaslary özünde jemleýär. Şu gün
şahyryň öz döwründe öňe süren pikirleriniň döwrebaplyk çygyrdan çykyp,
döwürlere baplyk häsiýete eýe bolan ideallary orta atyp bilendiginiň şaýady
bolýarys. Eýsem şu ideallaryň häzirki döwür türkmen edebiýatynda hem özüniň
möhüm ideýalylyk häsiýetini ýitirmän, dowam edýändigini nazarda tutsak, onda
şu günki edebi prossesde magtymguluçylyk edebi akymyň we akymlaýyn stiliň
täsiriniň ýaşaýandygyny göreris. Türkmen edebiýatynda kemala gelen
magtymguluçylyk edebi akymyň we onuň döredjilik aýratynlygyny özünde
jemleýän akymlaýyn stiliň bir ujunyň şu günlere hem gelip ýetmegi bolsa
magtymguluçylyk edebi mekdebiň dowamy bolan edebi akymyň we akymlaýyn
stiliň döwürlere bap bolup dowam edýändigini tassyklaýar.
Magtymgulynyň bu döredijilik ýörelgesi hem-de göreldesi onuň eýýäm öz
döwründe edebi mekdep bolup, döwürdeş şahyrlarynyň arasynda giňden ýaýrady
we olara öz çeperçilik täsirini ýetirdi. Magtymguly tarapyndan başy başlanan
millilik XVIII asyr çeperçilik prossesiň ösüşine dahylly bolan şahyrlaryň –
Şabendäniň, Şeýdaýynyň, Magrupynyň, Gaýybynyň we beýlekileriň
döredijiligine mahsus alamat bolup ornaşyp başlady. Milli temany gozgamak däbi
diňe bir XVIII asyr türkmen şygryýetine däl, hatda dessan sýužetlerine-de öz
täsirini ýetirip ugrady. Şabendäniň “Hojamberdi han”, Magrupynyň “Ýusup-
-Ahmet”, “Alybeg-Balybeg”, “Döwletýar” ýaly dessanlary eýýäm nezireçilik
esasynda dessan ýazmak däbinden çetleşen eserlerdi.
Bu, elbetde, edebi prossesiň ösüşinde ýüze çykan uly bir çeperçilik
hadysady. Sebäbi ýazuwly edebiýatyň dessan žanrynyň durmuş hakykatyny
çeperçilikli özleşdirmegiň däpleşen fantastik stilinden el çekip, aýagyny ýere
diremegi – türkmen temasyny gozgamagy, türkmençe at berlen milli gahrymanly
bolmagy, personažlaryň hereket meýdanynyň türkmen topragynyň çägine
ýygnanmagy, milli ruhly, milli ideally bolmagy örän uly çeperçilik özgerişdi.
Muňa dessan žanrynda däpleşen fantastik akymlaýyn stilden reallyga tarap
gönügen milli akymlaýyn stile ýüz öwürmek diýip aýdyp bolar. Edebi prossesiň
uly bir epiki žanrynyň salgysyny berip bolmaýan näbelli bir hakykata – fantastik
hakykata esaslanýan çeper stilden el üzüp, anyk bir milli çäklerde, anyk bir taryhy
döwrüň çygrynda hereket edýän gahrymany orta çykarmagy bu, elbetde, üns

312
bermäge mynasyp edebi-çeper hadysadyr. Munuň üstesine-de, onuň tutuş bir
asyryň dessançy şahyrlarynyň döredijilik stiline täsir etmegi bu çeperçilik
hadysanyň akymlaýyn stile öwrülendiginiň alamatydyr.
Epiki döredijilikdäki bu hili özgerişiň başyny başlan Andalyp bolupdy. Ol
özüniň “Oguznama” poemasynda oguzlar hakynda söz açyp, “Nesimi”
poemasynda türkmen şahyry Seýit Nesimi bilen bagly sýužete ýüzlenip, öz
eserlerinde türkmen temasyny gozgapdy. Andalyp şu eserlerinde türkmen
temasyna ýüzlenmek bilen edebi prossesiň ösüş ugrunyň nirä we nämä tarap ýüz
öwürmelidigini belerdip bilipdi. Türkmen epikasynyň uly bir žanry bolan dessan
žanry Andalybyň bu başlangyjyny öz wagtynda alyp göterdi. Aýratyn hem
Şabende bilen Magrupy onuň ösüş akabasyny milli çäklere saldylar. XVIII asyrda
ýüze çykan bu çeperçilik hadysa özboluşly bir akymlaýyn stili emele getirdi. Ol
dessançylyk stiliniň ösüşinde täze bir stil basgançagy boldy we onuň akymlaýyn
stil häsiýeti has aýdyň ýüze çykdy. Muňa akymlaýyn stiliň milliligi hökmünde
garamak dogrudyr. Akymlaýyn stilde ýüze çykan bu milli ruh umumy edebi
akymyň milliliginden üzňe bir zat däldir. Gaýta, bu onuň akymlaýyn stil bilen
edebi mekdep, edebi akym ýaly düşünjeleriň biri-biriniň içinden geçip ýatan
çylşyrymly çeperçilik hadysadygyny tassyklaýar. Olaryň şu umumylyklaryny,
ýakynlyklaryny göz öňünde tutup, oňa milli çeperçilik akym diýibem bolar.
Magtymgulynyň döwürdeş şahyrlaryny hut şeýle milli çeperçilik akym
birleşdirýär. Olary diňe bu däl, XVIII asyr türkmen edebiýatynyň baş idealy-da
birleşdirýär. Bu şahyrlary XVIII asyr türkmen edebiýaty üçin ýörgünli bolan baş
ideal–tire-taýpalaryň agzybirligi, bitewi döwletlilik, adalatly şa hakyndaky ideal
olary “bir harmanyň başyna” toplaýar. Bu olary ilki bilen Magtymgulynyň edebi
mekdebiniň çygryna jemleýär. Şeýle döredijilik ýakynlygy bolsa hakykatdan hem
XVIII asyr türkmen edebiýatynda sagdyn ideally, döwrebap milli ruhly we
döwrebap meseleli edebi mekdebiň dörändigine şaýatlyk edýär.
XVIII asyrda edebi mekdep hökmünde kemala gelen bu döredijilik
bitewiligi XIX asyrda özüne has köp döredijilik wekillerini birleşdirdi-de,
özboluşly edebi akym bolup, ösüşini dowam etdirdi. Has takygy,
“Magtymgulynyň edebi mekdebi” diýlip, XX asyryň edebiýatçy alymlary
tarapyndan at berlen bu döredijilik mekdebi XIX asyr türkmen şahyrlary bolan
Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň we beýlekileriň
döredijiligi bilen edebi akyma öwrüldi. Sebäbi XIX asyr türkmen edebi prossesi
hem tutuşlygy bilen XVIII asyr türkmen edebiýatynyň millilik ýörelgelerini
dowam etdirdi. Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly nusgawy şahyrlar
özleriniň beýleki döwürdeş döredijilik wekilleri bilen birlikde magtymguluçylyk
edebi akymyny kemala getirdiler. Bu edebi döwrüň döredijilik dünýäsinde XVIII
asyr türkmen edebiýatynyň baş idealyny çeperçilik ideal edinen edebi akym
kemala geldi. Ol edebi akym ideal bitewiliginiň we ideýa-çeperçilik
ýakynlygynyň, hatda köp halatlarda ideýa-tematik meňzeşliginiň emele getiren
bitewiligi bolup, edebiýatyň taryhynda öz yzyny galdyrdy. Şeýlelikde, bu edebi-

313
çeper bitewilik özbaşdak bir edebi akymyň döränligini alamatlandyran
umumylykdyr we ol jyzlanyň ömri ýaly az wagtlyk dowam eden umumylyk
bolman, asyrlary öz içine alýan bitewilige öwrüldi. Şonuň üçin XVIII-XIX asyr
türkmen edebiýatyna aýry-aýry döwürleriň edebiýaty hökmünde däl-de, bitewi
bir edebi akymyň edebiýaty hökmünde garamak dogrudyr. Muny öňki
bölümlerde hem nygtapdyk. Edebi stil meselesi bilen bagly gürrüň açan görnükli
edebiýatçy R.Rejebow hem özüniň “XVIII-XIX asyrlar türkmen edebiýatynyň
döredijilik stili” atly tutumly işinde şeýle ýakynlyk hem-de bitewiligi ýörite
ýaňzydypdy. Edebi stil umumylygy hem, edebi akym bitewiligi hem ideýa-
tematikadaky we ideýa-çeperçilik ruhdaky ulgamlaýyn ýakynlygyň netijesidir.
Çeper edeiýatyň stil umumylyklary taýdan bölünişleri hakynda gürrüň
edilende, sebitleýin stil bitewiligi, milli stil, döwrüň milli stil umumylygy, edebi
ugruň, şeýle hem edebi mekdebiň, edebi akymyň stili ýaly umumylyklaryň,
bitewilikleriň bardygy hakda ýatladypdyk. Biz olary şu bölümde hem ýöne ýere
ýatlamaýarys. Stil umumylyklaryna esaslanýan stil bitewilikleriniň ýokarda
sanalan görnüşleriniň hemmesi akymlaýyn stil bilen ýa gönüden-göni, ýa-da
gyýtaklaýyn suratda baglanyşyklydyr. Sebäbi bu stil umumylyklary hem özleriniň
stillik tebigaty, stil aýratynlyklary, stil dowamlylygy we ýüze çykyş orny boýunça
akymlaýyn stiliň häsiýetini alan çeperçilik ýakynlygyna eýedirler. Şonuň üçin
olaryň her biri ýa akymlaýyn stiliň döremeginde ýa-da ösüp kemala gelmeginde
örän uly täsiri bolan çeperçilik hadysalardyr. Akymlaýyn stil hakynda gürrüň
edilende, bularyň käbiri hakda ýüzugra ýatlanylyp geçildi. Ýöne olary ýene-de
ýatlamaly boljakdygyny ýaňzydýarys. Ýokarda sanalan stil umumylyklary,
elbetde, akymlaýyn stiller däldirler, ýöne olaryň çeperçilik giňişlikde akymlaýyn
stil bilen galtaşýan ýa-da kesişýän ýerleri az däldir.
Aýdaly, milli stil ulgamyna giňişleýin nazar bilen seredilse, onda ol keseki
bir milli stil babatda, akymlaýyn milli stile degişlidir. Ýone ol milli edebiýatyň
çygryna salnyp garalsa, onda ol tutuşlaýyn milli edebiýatyň çeperçilik prossesiniň
aýratynlyklaryny özünde jemleýän edebi stildir. Şunuň ýaly ýagdaýy biz
sebitleýin stil bitewiligi babatda-da, döwrüň milli stil umumylygy babatda-da,
tutuş edebi ugruň ýa-da çeper usulyň stil bitewiligi babatda-da yzarlap bileris. Bu,
elbetde, edebi akym we akymlaýyn stil meselesiniň ylmy çözgüdi bilen iş
salyşýan edebiýatçylardan meselä ýokary jogapkärçilik hem-de örän seresaplylyk
bilen çemeleşmegi talap edýär.
Edebi akym hem, akymlaýyn stil hem belli bir taryhy döwrüň dowamynda
aýratyn alnan ýazyjylar toparynyň döredijiliginde gozgalan we çeperçilik çözgüdi
tapylan adatdan daşary köp durmuş meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolmaga
mümkinçilik döredýär. Bu çeperçilik hadysalaryň arasyndaky şu hili ýakynlyk
hem olaryň edebi çeperçilik galyp hökmünde biri-birine meňzeşdigini
tassyklaýar. Edebi akym hem ýazyjylar toparynyň özboluşly bitewiligidir,
akymlaýyn stil hem aýratyn bir ýazyjylar toparynyň çeperçilik dünýäsiniň we
döredijilik ruhunyň ýakynlygy ýa-da meňzeşligi bilen emele gelen bitewilikdir.

314
Şonuň üçin edebi akymyň çeperçilik prossesde özakymlaýyn stilini kemala
getirmegi-de mümkin, akymlaýyn stiliň-de özüne mahsus edebi akymy
döretmegi-de tebigy ýagdaýdyr. Beýle diýildigi bu iki çeperçilik hadysanyň biri-
birini çalşyryp bilýän deň hukukly ýa-da biri-birini gaýtalaýan edebi çeper
hadysadygyny aňlatmaýar. Olar biri-brinden bütinleý aýry-aýry çeperçilik
galyplardyr, şol bir wagtyň özünde hem olary biri-birinden aýry göz öňüne
getirmek mümkin däldir. Sebäbi olar edebi prossesiň ösüşine ikisi-de deň
derejede dahyllydyr. Olar forma bilen mazmunyň bitewiligi ýaly özboluşly
bitewilikdir. Olar çeperçilik ösüşiň dowamynda forma bilen mazmun
bitewiliginiň ähmiýeti ýaly hyzmaty bolan edebi hadysalardyr.
Edebi akym diňe bir ýazyjynyň çeper eserinde stiliň ornuny ýa-da
ähmiýetini kesgitlemäge däl, eýsem ýazyjylar toparynyň stiliniň edebi akymdaky
hyzmatyny doly göz öňüne getimäge-de has uly giňişligi açýar. Şeýle hem çeper
edebiýatyň ösüş prossesine düşünmek üçin hem-de onuň jemgyýetiň ösüşi bilen
arabaglanyşygyny açmak üçin giň mümkinçilik döredýär.
Ýazyjynyň stili hem, edebi akym hem taryhy düşünjelerdir. Akymlaýyn
stiliň taryhy düşünjedigini magtymguluçylyk edebi akymyň we onuň kemala
getiren akymlaýyn stiliniň ýörelgesi hakynda gürrüň edilende, doly
aýdyňlaşdyryldy. Şeýle-de bolsa ony ýene bir gezek ýatlamaly bolýarys. Öňde
bellenişi ýaly, magtymguluçylyk edebi akymyň-da, bu döwrüň akymlaýyn
stiliniň-de çeperçilik ýörelgesi millilikde jemlenýär. Millilik düşünjesiniň özüniň
hem taryhylyk häsiýetini nazarda tutsaň, onda milli ýörelgeli edebi akymyň we
akymlaýyn stiliň taryhy düşünjelerdigine artykmaç düşündirişiň zerurlygy ýok
hasap edýäris.
Muňa garamazdan, türkmen edebiýatynyň taryhynda uzak döwrüň
dowamynda edebi akym we akymlaýyn stil hökmünde hereker eden sopuçylyk
akymy hem-de stili hakynda ýörite durup geçmek zerurdyr. Sopuçylyk
edebiýatynyň ýa-da edebi akymyň taryhy müň ýyla barabar döwri öz içine alýar.
Onuň taryhylygy hakyndaky meseläniň dogrudygyny bu akymyň geçen taryhy
ýoly hem tassyklaýar. Bu edebi akymyň uzak taryhy döwrüň dowamynda
ýaşandygyna garamazdan, ahyry özüniň filosofiýa hökmündäki hem, çeper akym
hökmündäki hem ýaşaýşyny bes etmeli bolýar. Bu ýagdaý bolsa olaryň taryhy
düşünjelerdigini subut edýär.
Bu edebi akym sopuçylyk edebiýaty ýa-da sufizm, mistissizm akymy ýa-
-da sufistik filosofiýa diýen ýaly atlar bilen taryha girdi. “Köp alymlaryň, ylaýta-
-da türkmen alymlarynyň sowet döwründe ýazylan işlerinde sufizmiň reaksion
tarapy aýratyn maksatlar bilen ýanjalyp gelindi. Elbetde, sufizmi tutuşlygy bilen
progressiw akym diýip hasaplamak nädogrudyr. Onda diýseň reaksion talaplar
hem pikirler bar: ylahy yşka aşa yhlas bildirmek, gamgynlygy goldamak,
durmuşdan sowaşmaga çenli baryp ýetýän gyra çekilmek, takwalygy ündemek,
öz-özüňden geçmegi ylahy yşkyň şerti edip goýmak ýaly pikirlerden başga-da,
onuň hut öz içki spessifikasy bilen bagly ruhy talaplary: mydam öz-özüňi günäli

315
saýmak, mätäçlige kaýyl bolmak ýaly reaksion pikirler bar. ... Biziň pikirimizçe,
alymlaryň mistissizmi ýanjamalarynyň sebäbini sufizmiň progressiw akymlygy
ýa-da däldiginden gözlemeli däldir. Sowet ideologiýasy dini we mistiki pikirleri
götermedi. Bar sebäp şu ýerde. Şu ýagdaý bolsa Magtymguly ýaly şahyrlaryň
ideal garaýyşlarynyň şu bölegini öwrenmäge düýpli täsir etdi. Goşgularynyň ideal
görnüşinden sifizm bölünip aýryldy. Şol pikirleriň bar ýerleri derňew obýektinden
gyrada goýuldy. Şeýlelikde, sufizm diýen akym hakda asla oý hem edilmedi,
şeýle akym bardyr hem diýilmedi. Ine, Magtymgulyny öwrenmekde goýberlen
uly säwlik. Şahyryň şu ugurdaky goşgulary kemsowatlyk zerarly, düýpden başga
hili edip derňeldi we düşündirildi.
Sufizm örän çylşyrymly akym bolany üçin onuň edebi gahrymanynyň hem
örän çylşyrymly oý-pikiri, häsiýeti bar”.1
Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, filologiýa ylymlarynyň doktory
M.Annamuhammedow sufizmi özbaşdak bir edebi akym hasap edýär. Sebäbi
sufistler (sopular) durmuşda-da özbaşdak ýaşaýşy saýlap alan mistiklerdir
(mistissizme gulluk edýänlerdir), dünýä belli Gündogar alymy Birunynyň aýdyşy
boýunça, musulmançylygyň danalary hökmünde tanalýan adamlardyr. Mistissizm
– dürli ulgamly dini-filosofik ideýalaryň we dürli adat-dessurlaryň jeminden
emele gelen akymdyr. Ol akymyň wekilleri öz içlerinden ruhy kämillige ýetmek
ýoly bilen Absolýut hakykata ýetmek – Allatagala bilen ruhy taýdan birleşmek
ýa-da Onuň dergähine ýetip, didar görmek arzuw-hyýalyna atlanan adamlardyr.
Bu akym orta asyrlar musulman dünýäsinde gülläp ösen filosofiýadyr. Ol VIII
asyryň başlarynda musulman asketizmi formasynda ýüze çykan akymdyr.
Sufizm ilki dörän döwürlerinde jemgyýetdäki sosial deňsizlige, musulman
dini hadymlarynyň diniň kada-kanunlaryny bozýan eden-etdiliklerine,
zulumly-sütemli syýasatyna garşy dörän akym hökmünde bellidir. Sopuçylyk
filosofiýasyna esaslanýan sopuçylyk edebiýaty hem jemgyýetdäki şu hili gapma-
-garşylyklardan ugur alyp, dörän çeper edebiýatdyr. Ol özüniň ideýa-mazmun
özboluşlylygyna laýyklykda sopuçylyk edebiýaty diýen ada eýe bolýar.
Sopuçylyk edebiýaty sufistik ideýalary wagyz edýän kyssa görnüşli we şahyrana
häsiýetli eserleriň bir edebi akyma jemlenmegi bilen emele gelen söz sungatydyr.
Ýöne şularyň içinde hem sopuçylyk ideally sygryýet özüniň aýratyn çeperçilik
gymmata eýedigi bilen tapawutlanýar. Sebäbi sufizmiň Absolýut gözellik
hakyndaky ideal hakykatyň çeperçilikli özleşdirilen mazmuny özüne laýyk gözel
formany talap edýär. Şygyr sungaty özüniň tebigaty boýunça daşky hem içki
sazlaşyklaryň özboluşly owaz gözelligine eýe bolan sungatdyr. Şonuň üçin ol
özüniň forma gözelligi bilen Absolýut gözeliň hijranynda köýen, wysalynda
öňküden hem beter hyjuwlanan Aşyk gahrymanyň ruhy halyny has aýdyň we
gözel şekilde açýar. Sufistik şygryýet hut şu aýratynlygy bilen sopuçylyk ideally
kyssadan özüniň ýokary çeperçilik gymmaty bilen tapawutlanýar.

1
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Aşgabat, “Ylym”, 1994, 17-18 sah.
316
Sopuçylyk şygryýeti edebi akym hökmünde Absolýut hakykata–Haka
bolan baky yşky hyjuwlanyşa pany dünýädäki söýgä mahsus duýgulary ähli
inçelikleri bilen siňdirip bilipdir. Munda Aşyk (Sopy) bilen Magşugyň (Hakyň)
biri-biriniň ugrunda hijran çekýän pursatlaryndan başlap, tä didar görmek, Hakyň
dergähine gowuşmak pursatlary aralygyndaky ruhy hallarynyň hemme
ýagdaýlaryny (toba makamyndan başlap, hala (ekstaza) düşmeklige çenli
aralykdaky ýagdaýlaryny) yzarlamak bolýar. Absolýut gözelligiň bakylygyna
jany-teni bilen uýmak, panydaky ähli eşretlerden ýüz öwürmek, Magşuk
wysalyna tamakinlik, real dünýäniň yşkyny pany (wagtlaýyn) hasaplamak,
hijranlyk derdine ulaşmak, özüňe sütem etmek bilen hyjuwlanýan yşka düşmek,
gamkeşlik, panydan gaçmak, ýekeden-ýeke çykyp, dünýäni unutmak, takwalyga
ýüz urmak, Hakyň yşkynda aşa joşguna düşmek ýaly birtopar agyr hem hupbatly
ylahy yşk ýoluny saýlap alan Aşygyň ruhy ahwalynyň bu diňe käbir taraplarydyr.
Sopuçylyk edebiýatynyň akymlaýyn stili bu edebi akymyň öz tebigatyna
laýyk bolan simwollaryň we metaforalaryň giden bir çeperçilik ulgamyny işläp
düzýär. Aslynda sopuçylyk edebiýaty hem, onuň edebi akym hökmündäki
tebigaty hem metaforalaryň edebiýaty, edebi akymy, akymlaýyn stilidir.
Sopuçylyk edebiýaty simwollar bilen sözleýän edebiýatdyr, metaforalar arkaly öz
idealyna ýetmäge çalyşýan edebi akymdyr. Sopuçylyk edebi akymyň we
akymlaýyn stiliň simwollarynyň we metaforalarynyň astynda gizlenip ýatan
pikirler ideal hem baky gözelligiň – Hakyň dergähinde görülmegi arzuw edilýän
Didar gözelliginiň heýjana getiriji yşky hyjuwlandyrmalaryna esaslanýar.
Türkmen edebiýatynyň orta asyrlardaky ösüş taryhy sopuçylyk edebi
akymy bilen aýrylmaz suratda baglydyr. Bu akymyň dörän döwründen beýläk
onuň özüne mahsus özbaşdak akymlaýyn stili ýüze çykýar. Şonuň üçin sopuçylyk
öz döwründen öňki edebiýatdan hem-de öz döwrüniň edebiýatyndan düýpli
tapawutlanýan akym hökmünde çeperçilik giňişlikde yz galdyrýar. Ol başgalara
meňzemeýän özbaşdak temaly, özbaşdak gahrymanly, özbaşdak ideally, hatda
özbaşdak žanrly edebiýat hökmünde kemala gelýär. Sopuçylyk edebiýatyna yşk,
onda-da ylahy yşk bilen bagly tema häsiýetlidir. Absolýut yşkyň hijrany hem-de
wysaly bu edebi akymyň ýörgünli işlän liriki mazmunydyr. Şu yşky tema bilen
bagly meselelerde ol ýürek päklemek bilen, has takygy, köňül päklemek bilen
aýan edilýan yhlaslylyk görkezipdir. Sufistik edebi akymyň döredijilik
giňişliginde hereket edýän liriki gahryman Aşyk gahrymandyr. Aşyky päk diýlip
at alan bu liriki gahryman özüniň ylahy Magşugynyň pidasy bolan, özem şol
pidagärlige beýik joşgun bilen, uly hyjuw bilen baş goşan gahrymandyr. Şeýle
pidakeş Aşygyň öz Magşugyna – Allatagla bolan gamhorluga ýugrulan wepasy
hem sopuçylyk edebi akymyň baş idealydyr.
Sopuçylyk edebiýaty orta asyr şertlerinde, esasan, gazal žanry bilen iş
salyşýar. Şu ýerde. “Gazal, eýsem, žanrmydyr?“ diýen kanuny soragy berjekleriň
hem tapylaýmagy mümkin. Dogry, gazal aslynda žanr däl, ol şygyr düzülişiň
özboluşly bir görnüşidir. Muny hiç kim inkär etmeýär. Ýöne ol şygyr formasy

317
sopuçylyk edebiýatynda özbaşdak žanr derejesine ýetýär. Onuň žanrlyk
alamatlary hem ýene-de bu edebi akymyň stil aýratynlygyndan gözbaş alýar.
Gazalyň özbaşdak žanrlyk alamatlary onuň özbaşdak temalylygy, özbaşdak liriki
gahrymanlylygy, özbaşdak ideallylygy netijesinde akymlaýyn stile eýe bolup
bilendigi bilen bagly ýüze çykýar.
Şu ýerde bir ýagdaýa aýdyňlyk bermek gerek. Eýsem sopuçylyk edebi
akymyň çeperçilik stili diňe gazalçylyk bilen baglymyka diýen soragyň
çykmazlygy üçin bu meselä anyk jogap bermeli bolýar. Sopuçylyk edebiýaty öz
ösüşiniň belli-belli sepgitlerinde dürli şygyr görnüşlerine ýüzlendi. Ol gazaldan
başga-da, şahyrana hikmetleri, mesnewileri, hatda has giçkiräk döwürlerde
murapbaglary, muhammesleri hem öz çeperçilik aýtymyna aldy. Bu şygyr
görnüşleri sopuçylyk edebiýatynyň akymlaýyn stiline özboluşly şahyrana
öwüşgin beren formalar hökmünde bellidir. Sopuçylyk edebi akymynyň çeper
forma ulgamynda işledilen bu şygyr görnüşlerinde Ýasawynyň, Gül Süleýmanyň,
Mäne babanyň, Rumynyň, Ýunus Emräniň, Nesiminiň, Nowaýynyň, Fizulynyň,
Andalybyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň, Gaýybynyň we
beýlekileriň döredijiliklerinde gozgalan ylahy yşky mazmun bütin syrlylygynda
hem-de ýaşyrynlygynda öz beýanyny tapyp bilýär.
Ylahy yşky äheňe ýugrulan edebi akym çeperçilik giňişlikde özüniň
akymlaýyn stilini emele getirýär. Özem ol muny gazalçylyk stiliniň hasabyna
kemala getirýär. Şonuň üçin ylahy yşky mazmunly gazalçylyk özüne žanrlyk
alamatlary alyp bilýär. Ýöne sopuçylyk edebiýatynda işledilen şygyr
formalarynyň gazaldan öňňesi žanrlyk alamatlara eýe bolup bilmeýär. Sebäbi
olaryň gazaldan beýlekileri ylahy yşky mazmuna örklenip galmaýarlar. Olar dürli
liriki mazmuna şahyrana lybas bolup bildiler. Gazaldan beýleki şygyr formalary
ylahy yşka ýüzlenmekde hemme pursatlarda yzygiderligi saklap bilmeýärler.
Munuň tersine, gazalçylyk stili orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň ösüşinde ýüze
çykan akymlaýyn stiliň sütünini emele getirýär. Ol sopuçylyk edebiýatynyň dörän
döwürlerinden başlap, tä bu edebi akym özüniň çeperçilik giňişlikdäki ýaşaýşyny
paýawlaýança diýen ýaly, onuň aýrylmaz hemrasy bolup galýar. Sopuçylyk liriki
mazmuna aralaşan beýleki şygyr formalarynyň akymlaýyn stile gatnaşygy
möwritleýin häsiýete eýe bolýar. Olaryň sopuçylyk mazmunly edebi prossese
gatnaşygynda “degdim-gaçdymlyk” agdyklyk edýär ýa-da üzlem-saplamlyk
höküm sürýär. Sopuçylyk edebi akyma bu şahyrana formalaryň gatnaşygynda
hemişeleýin ýa-da yzygider suratda ýüze çykyp duran “wepalylyk” ýok. Dogry,
şu babatda hikmetçilik stili bilen mesnewiçilik stili, gazal bilen bäsleşip bilmese-
de, beýleki şygyr formalaryna garaňda, az-kem işjeňlik görkezýärler. Emma şu
şahyrana formalar hem belli bir döwürde ylahy mazmunda ýaşamagyny dowam
eden hem bolsa, olarda-da yzygiderlilik bolmady, olaryň (meselem, hikmetleriň)
hem ylahy mazmun bilen gatnaşygy belli bir möwritde tamamlandy ýa-da
käbirinde bolşy ýaly, aýry-aýry wagtlarda, aýry-aýry şahyrlaryň döredijiliginde
özüni görkezip-görkezmän diýen ýaly (meselem, murapbag, muhammes ýaly

318
formalar) mistiki çeperçilik sahnadan düşüp galdylar. Gazaldan beýleki şygyr
formalary sopuçylyk mazmun arkaly žanrlyk aýratynlygyna eýe bolardan ejiz
geldiler.
Orta asyr şertlerinde dörän we kemala gelen sopuçylyk edebi akymyny-
-da, onuň akymlaýyn çeper stilini-de gazalçylyk däplerinden üzňe göz öňüne
getirip bolmaýar. Bu döwrüň gazalçylyk däbi-de, akymlaýyn stili-de, esasan,
özüniň yşky ideýa-mazmuny bilen tapawutlanýar. Orta asyryň gazalçylyk däbiniň
çeperçilik stili liriki mazmuna dünýewi yşky duýgulary-da, ylahy yşky
duýgulary-da özüne siňdirip bilendigi bilen özboluşlydyr. Aşyk gahryman bilen
Magşuk gözeliň arasyndaky pynhan yşky gatnaşyklar dünýewi mazmunly gazal
üçin hem, mistiki mazmunly gazal üçin hem duýguçyl sýužetiň ösüşinde esasy
gapma-garşylyk giňişligi bolup hyzmat edýär.
Şundan görnüşi ýaly, biz bu ýerde liriki gapma-garşylygyň has giň ýaýran
iki hili ugry bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Olaryň birinjisi, Aşyk-Magşuk arasyndaky
pynhan duýgulara esaslanýan liriki sýužetiň dünýewi giňişliklerde
ýaýbaňlandyrylyşy bilen bagly ugurdyr. Ikinjisi bolsa, Aşyk-Magşuk yşky
gatnaşyklarynyň ylahy giňişliklerde ýa-da mistiki dünýä bilen baglanyşykly ýüze
çykýan ugrudyr. Bu iki ugur üçin hem häsiýetli bolan bir alamat bar. Ol hem
dünýewi yşky duýguly giňişlik üçin-de, mistiki mazmunly yşky giňişlik üçin-de
söýgi üçburçlugyny emele getirýän gapma-garşylyk häsiýetlidir. Başgaça aýtsak,
Aşyk-Magşuk-Rakyp (duşman) üçburçlugynyň çygrynda yşky mazmunyň
ýaýbaňlanmagy dünýewi yşky mazmuna-da, mistiki yşky mazmuna-da
mahsusdyr. Söýgi üçburçlugynyň Aşyk-Magşuk-Rakyp arasyndaky duýgulaýyn
sýužet gapma-garşylygynyň ösüşinde personažlar üýtgäp biler. Şunda aşyklaryň
ornuny çalşyryjylar simwollar dünýäsinden çykyp gelen personažlar bolar.
Olaryň hem iň ýörgünlisi we has giň ýaýrany Perwana-Şem, Gül-Bilbil ýaly
simwolik hatary emele getirýän keşplerdir. Simwolik söýgi üçburçlugynda
aşygyň ornuna Perwana, Magşugyň ornuna Ot ýa-da Şem, Rakybyň ornuna bolsa
Oduň köýdüriji we örteýji howry hereket giňişligini eýeleýär. Bu simwolik
keşpler başga bir şahyrda, hatda şol bir şahyrda hem üýtgäp, özgerip Aşygyň
ýerine Bilbil, Magşugyň urnuna Gül, Rakybyň deregine bolsa gülüň paralaýjy
Tikenleri simwolik liriki duýgy giňişligine girip biler.
Birinji simwolik hatarda Aşygyň keşbine giren Perwana öz Magşugynyň –
– Oduň ýa-da Şemiň daşynda pyrlanyp, ahyrynda özüni Oda urup, Oduň howruna
(Rakybyň gazabyna) duçar bolýar, ýanyp-köýüp, kül bolýar. Bu pidagärlik
Aşygyň öz Magşugynyň wysalyna ýetmek üçin özüni gurban etmekden hem
gaýtmaýandygynyň simwolik aňladylmasydyr.
Ikinji simwolik hatardaky Aşyk-Bilbil hem, edil Perwana ýaly, öz
Magşugy-Güle ýetmek üçin, söwer ýarynyň wysaly (wasyly) üçin Gülüň
Tikenlerine (Rakyba) özüni para-para etdirmegi-de yşky wepadarlygyň simwolik
ýüze çykarylmasydyr.

319
Söýgi üçburçlygynda, Aşyk-Magşuk keşbine garaňda, Rakybyň keşbi has
tiz-tizden hem-de has köp üýtgeýjilik häsiýetine eýedir. Şeýle üýtgeýjilik onuň
tebigatyndan gelip çykýar. Sebäbi Rakypda aşyklaryň arasyna düşýän
“Garaçomaklyk” häsiýeti bar. Şonuň üçin aşyklaryň söýgi gatnaşyklarynda ýüze
çykýan islendik päsgelçilik, böwet ýa-da garşylyk Rakybyň (duşmanyň)
hyzmatyny ýerine ýetirip bilýär. Aşyklaryň yşky wysalyna böwet bolan gapma-
-garşylyklar bolsa durmuşda ýeterlik. Hatda başga bir sosial, dini gapma-garşyly-
gyň ýok ýerinde yşky sýužet Magşugyň Aşygyna bolan gatnaşygyndaky
sowuklygy, onuň öýke-kinesi, näz-kereşmesi, gedemligi we şular ýaly birnäçe
“päsgelçilikler” hem wysala ýetmekde ýüze çykan garşylyk, böwet (Rakyp) bolup
öňe çykyp bilýär. Sebäbi yşkyň ýoly, Mollenepesiň aýdyşy ýaly, “ajap ýoldur”,
ýöne “heserli”, hupbatly, agyr ýoldur. Dünýewi yşka mahsus bolan şeýle heserli
ýol ýa-da hupbat çekdiriji alamatlar, şeýle hem simwolik, metaforik göçme
manyly hasratlar ylahy yşky mazmuna hem häsiýetlidir. Mistiki yşky mazmun
dünýewi yşky mazmunyň logiki dowamy hökmünde ýüze çykýanlygy üçin,
sopuçylyk edebi akym hem, onuň akymlaýyn çeper stili hem heserli mazmuna
ýugrulan stildir, hasratly yşky hyjuwlanmalaryň liriki akymydyr.
Sopuçylyk edebi akymy tutuş durky bilen simwollaryň agalyk edýän
çeperçilik giňişligidir. Ol ylahy yşky duýgularyň simwolik dünýäsidir. Bu edebi
giňişlikde sopuçylyk ylmynyň simwolik dünýäsine salnan göçme mazmun
agdyklyk edýär. Simwollaryň üsti bilen ýüze çykýan bu aşygyna liriki mazmun,
göräýmäge, dünýewi magşugyň gözellik älemine mahsus bolan çeper detallar
arkaly söz açýan ýalydyr. Sopuçylyk ideýalara ýugrulan bu yşky mazmunly
giňişlikde Magşugyň – Allatagallanyň gözelligi hem real dünýäde ýaşaýan real
gözeliň daş keşbiniň wasp edilişi ýaly tarypy ýetirilýär. Ýöne ol hili tarypnamalar
hakyky çeper detallaryň (gözüň, gaşyň, gabagyň, lebiň, saçyň, zülpüň we ş.m.)
real durmuşdaky göni manysyny däl-de, göçme manysyny simwollaşdyryp,
metaforaşdyryp ýüze çykarýan waspnamalardyr. Sopuçylyk edebiýatynda
işledilen çeper simwollaryň we metaforalaryň mistiki ylym bilen gös-göni
baglydygyna garamazdan, olar çeper giňişlige salnanda, asylky atlary bilen,
aýdaly, göz, gaş, leb, diş, bil we ş.m. görnüşinde asylky manylaryny saklap
galýarlar. Emma olar dünýewi gözeliň wasp edilişindäki çeperçilik hyzmatlary
ýerine ýetirip gelýän ýaly bolsa-da, hakykatda beýle däldir. Olar göçme manyly
mistiki hyzmatlary bilen umumy edebi akymyň ideýa-çepçilik ulgamyna birigip
gidýärler. Şunda her bir çeper detalyň özüniň şertli simwolik manysy bolýar.
Sopuçylyk edebiýaty edebi akym hökmünde hem, akymlaýyn çeper stil
hökmünde hem özi üçin simwollaryň çeperçilik ulgamyny işläp düzüpdir.
Sopuçylyk somwollarda Magşugyň – Allatagalanyň waspy üçin ulanylýan her bir
detalyň özüniň şertli, göçme mistiki manysy bar. Ol mistiki manynyň syry
sopuçylyk simwollarda, tassawwufçylyk metaforalarda gizlenip galypdyr.
“Mistiki poeziýada, şol sanda Magtymgulynyň poeziýasynda hem obrazly
janlandyryş däpleriniň ajaýyplygy portret döretmekde has hem aýdyň görünýär.

320
Ýöne bu ýerde berilýän portretiň her bir detaly terminlik derejesine barypdyr.
Terminiň şol ideýasyna owaldan düşünip gaýtmasaň, onda döredilen portretiň
maksady aýdyňlaşman galýar. Şeýle terminologiýa Magtymgulynyň häsiýet açyş
tärleriniň içine tutuşlygy bilen siňip ýatyr. Terminologik poetika bolmasa,
mistissizmiň ideýa baýlygyny asla açmak mümkin däl. Sebäbi bu ylmyň ähli
problemasy terminleşdirilipdir”.1 Elbetde, ol terminler simwollaşan adalgalardyr,
metaforalaşan düşünjelerdir.
Sopuçylyk filosofiýasynyň hurufizm şahasynyň belli wekili Nesimide şeýle
setirler bar:

Murdaýa janlar nisar eýlär diliň,


“Käfu-nundan” ýogy bar eýlär diliň,
Bulbuly aşygy zar eýlär diliň,
Kim “Enel-hakda” karar eýlär diliň.2

Şu bentde sopuçylyk ylmynyň simwollaryna degişli iki sany düşünje bar.


Olaryň biri “Käfu-nun”, beýlekisi hem “Enel-hak” diýen adalgalaşan mistiki
düşünjelerdir. "Käfu-nun" simwollaşan adalgasynyň harp aňlatmasy arap
elipbiýiniň “käp” (k) hem-de “nun” (n) harplarydyr. Olaryň söz aňlatmasy bolsa
“Kün” diýen sözdür. Bu sözüň “bolmak”, “döremek”, “dünýä” ýaly manylary bar.
Rowaýata görä, Allatagla “Kün!”-“Bol!”, “Döre!” diýende, bütin barlyk, älem-
-jahan, dünýä döränmiş. Bu mistiki düşünje dünýäniň başlangyjy ýa-da döreýşi
bilen bagly söz hökmünde “Kün” ýa-da “Käfu-nun” görnüşde dini-sufistik pikir
äleminde giňden ulanylýar. Ol “dünýä”, “älem-jahan” diýen düşünjeleriniň
mistiki simwolyna öwrülip gidipdir. Bu söz diňe bir sopuçylyk edebiýatda däl,
dini häsiýetli çeper edebiýatda hem iň ýörgünli ulanylýan simwollardyr.
“Enel-hak” – “Men-hak” diýen düşünje bolsa arassa mistiki simwollyk
häsiýetine eýedir. Bu simwolyň astynda “Men-Hudaý” diýen düşünje gizlenip
ýatyr. Andalyp ilkinji bolup, bu sözüň belli sufist Mansur Hallajyň dilinden çykan
kelamdygyny nygtaýar. Şahyr bu mistiki kelamy Mansur Hallajyň diline salgy
bermeginiň rowaýatly esasynyň bardygyny ýaňzydýar. Sopuçylyk ylmy düşünjä
görä, hamana, Allatagala adamzady öz keşbine meňzeş edip ýaradanmyşyn.
Sufistleriň tassyklamagyna görä, adamda Allataglanyň gözelliginiň bir bölegi
barmyşyn. Olaryň pikiriçe, “Men-adam”, diýmek, mende Allatagalanyň ruhy bar,
sebäbi beýik Biribar adama özüne meňzeş şekil beren bolsa, onda her bir adamda
Allatagalanyň gözel ruhundan ýeterlik paý bar. Şonuň üçin adama hiç bir
jähetden zulum-sütem etmek bolmaýar. Oňa sütem etmek Allany ynjytmak bilen
barabar. Çünki adamzat Allatagala bilen bitewilige eýedir. Şonuň üçin hem
“Enel-hak!” – “Men-hak!” diýen mistiki pelsepe döräpdir we sufistler bu taglyma
onki süňňi bilen uýupdyrlar. Mysal alnan bentde “Kim “Enel-hakda” karar eýlär

1
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Ikinji kitap. Aşgabat, “Magaryf”, 1997, 161 sah.
2
Seýit Ymadutdin Nesimi. Saýlanan eserler. Üç tomluk, III tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, RNÇB, 1994, 125 sah.
321
diliň” diýýärkä, beýik Nesimi sopuçylyk filosofiýasynyň şu simwolynyň olaryň
diliniň (tiliniň hem köňlüniň) senasydygyny nygtaýar.
Sopuçylyk ylma degişli simwollaryň hersiniň özüne mahsus syrly dünýäsi
bar. Bu syrly dünýäniň her biriniň öz “açary” bar. Şol “açar” tapylmasa, mistiki
simwolyň manysyna dogry düşünip bolmaýar. Asla şol “açar” bolmasa, sufistik
poeziýanyň ideýa-çeperçilik manysyny açmak mümkin däldir. Bu mistiki
simwollaryň hersiniň sopuçylyk edebi akym üçin hem, onuň akymlaýyn çeper
stili üçin hem bir bitewi hyzmaty bolan ýeke-täk “açary” bardyr. Ol “açaryň”
sopuçylyk edebi akymyň özboluşly giňişligindäki eýe bolan ideýa-çeperçilik
manysy-da, onuň akymlaýyn stiliniň häsiýetli aýratynlygyna siňen manysy-da,
üýtgemeýär, bitirýän hyzmaty-da özgermeýär. Olaryň simwollyk durnuklylygy
ýaly many durnuklylygy hem mydama şol bir bolşunda, üýtgewsiz ýagdaýynda
saklanyp galýar. Bu hem onuň özbaşdak edebi akym hökmünde kemala
gelmegini şertlendiripdir. Şonuň ýaly-da aýratyn bir akymlaýyn stil hukugyny
almaga öz täsirini ýetiripdir.
Belli edebiýatçy alym M.Annamuhammedow awtory näbelli bolan
“Myrgatyl-uşşak” (“Aşyklaryň aýnasy”) sözlügindäki mistiki adalgalaryň käbirini
terjime edipdir. Şeýle hem olaryň manysyny düşündiripdir. Biz hem şu ýerde
alymyň şol terjimelerine we düşündirişlerine salgylanmagy makul bilýäris:

“1. Aýna (aýine gözgi): Hakyky gözelligiň şöhlesine aýdylýar.

Ýürek (köňül-Ş.G.) gözgüsine ýaryň adyny


Hekgaklyk eýleýip, gazmaly boldum.

2. Bada (badeýi-safy) – meý, arassa, ary meý: Heniz dälilige (daşmaklyga)


barmadyk yşka aýdylýar:

Ýar golundan ary bada noş kyldym.

3. Bahr – derýa, deňiz: Ýalňyzyň (Allaň) ýekeligine (birligine) we Hakyň


barlygyna aýdylýar:

Birligiň hormatyna
Günähim güzeşt eýle.

Yşk derýasy doldy-daşdy, gaýnady,


Täze hyruç eýläp, gyzmaly boldum.

4. Beýeban (beýewan): geň-taňlyk howpuna düşmek, (haýrat) makamyna


(duralgasyna) aýdylýar:

322
Ol haýrat meýdanynda men garyp galdym aryp.

5. Bihuşy (bihuş bolmak): Pena (ýokluk) makamyna aýdylýar:

Gitdi aklym-huşum, galdym şol ýerde.


“Arşda-ferşde ne bar, görgül” diýdiler.

Jennet: Nurlar (tejella) makamyna aýdylýar:

Tejella tagtynyň şasy galandar


Bir talypga tejella...

6. Çeşm (göz): ötgür duýgurlyga aýdylýar (salyk şu derejä baranda, gizlin


syrlary “görüp” başlaýar).

Nazarym tokundy arşyň kemerne...

7. Zülf:

Zülpüniň her taryna ýetmiş müň är tussagydyr...


Özi gaýyp zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam.

“Mirgatyl-uşşakda” ýüzlerçe syrly termine düşündiriş bar.”1


Supuçylyk filosofiýasynyň şeýle simwolik adalgalaryna şunuň ýaly göçme
mana eýe bolan metaforik düşünjeler girýär. Olara ýokarda ýatlanyp
geçilenlerden başga şu aşakdakylar ýaly mistiki düşünjeler degişlidir. Aýdaly,
“ýar” sözi özüniň ähli sinonimleri bilen – dilber, dildar, söýgüli jenan we ş.m.
birtopar manydaş düşünjeleri, sözleri bilen şu simwolik hatary bezeýär. Ondan
başga-da wysal, wepa, hijran, näz-kereşme, nala, nebis, meýil, meýhana, göwher,
jöwher, müjgän, külbeýi-ahzan, gül, köý, gadah, kaddy-kamat, pyrak, gam, aýşy-
eşret, gurbat, gamdeşt, zuhd, zünnar, zemistan, sagyr, saky, sejjada, salam,
sema(g), sünbül, şerap, şükür, şem, şowk, şiwe, anka ýaly birtopar adalgalar –
– simwollar mistiki edebi akyma häsiýetli bolan metaforik düşünjeler bar. 2
Sufizmiň bu simwoliki dünýäsini ýene-de näçe giňeltseň giňeldip oturmaly. Olar
edebi akym hökmünde-de, akymlaýyn stil hökmünde-de uly bir çeperçilik
giňişligi emele getirýärler.
Sufizm edebi akym hökmünde mistiki edebiýatyň içinde dörän çeperçilik
dünýädir. Onuň simwollara baýlygy bilen tapawutlanýan edebi akym
bolandygyny nazarda tutsaň, oňa simwolizm edebiýatyna degişli akym ýa-da
simwolizm edebi ugrunyň hut özi diýseňem boljak. Ýöne onuň dörän hem kemala
1
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Ikinji kitap. Aşgabat, “Magaryf”, 1997, 161-162 sah.
2
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Ikinji kitap. Aşgabat, “Magaryf”, 1997, 161-162 sah.
323
gelen döwri edebi ugur hökmünde romantizmiň höküm süren döwrüdir. Sonuň
üçin oňa romantizmiň içinde dörän akym ýa-da simwolizm bilen romantizmiň
utgaşykly ýüze çykmasynyň alamaty hökmünde garamalydyr. Sufizmiň
simwoliki dünýäsi arzuw-hyýallaryň, romantikanyň dünýäsidir. Sonuň üçin onuň
ideýa-çeperçilik giňişlikdäki ösüş ugry romantizm edebiýatyna has ýakyndyr.
Şeýle-de bolsa ol simwollar bilen dem alýan edebiýatdyr. Ol simwollaryň hem bir
ujy Arşy, Allanyň dergähini, Allanyň gözel gyz şekilindäki keşbini wasp etmek
bilen bagly çeperçilik giňişlige aralaşýar.
Sopuçylyk edebi akymyň simwollary Allany gözel gyzyň keşbinde göz
öňüne getirýän we şonuň yşkynda köýýän duýgulara ýugrulandyr. Olar mistiki
simwollardygyna garamazdan, dünýewi gözelligiň yşkynda çekilýän hasratlaryň
çygrynda duýgy açyş stiliniň çeperçilik däplerine esaslanýar. Aşyk gahryman
ýa--da sopy Allanyň keşbindäki gözelliklerde dünýewi gözeliň gözelliklerini
görýär. Onuň saçyny, zülpüni, boýuny, kaddy-kamatyny, gözüni-gaşyny we
beýleki gözellik alamatlaryny wasp edende, simwoliki göçme manylylyga ýüz
urýar. Aýdaly, sufistik edebi akymyň çäginde dörän şygyrlarda Ýaryň zülpi
hakyndaky waspnamada göz öňünde tutulýan zat gözeliň zülpi däldir. Zülp
sufizmde gözeliň (Allanyň) ýaradan dünýäsini aňladýan simwoliki düşünjedir.
Zülp sopuçylyk edebiýatda dünýäniň, älem-jahanyň simwolydyr, ol bu ýerde
özüniň asyl manysyny ýitirýär-de, göçme mana eýe bolýar.
Meselem, Magtymguly “Zülpüniň her taryna ýetmiş müň är tussagydyr”
diýen pursatynda yşky mazmun özüniň asyl manysyndan başga bir mana
göçürilýär. Ýogsam bu setir dünýewi gözeliň zülpüniň waspy edilýän ýaly hem
duýgy döredýär. Ýöne ol göräýmäge şeýledir. Sebäbi bu ýerde “zülp” sözüniň öz
asylky manysy däl-de, onuň simwollaşdyrylan manysy ideýa-çeperçilik hyzmata
girizilýär. Zülpüň sufistik edebiýatdaky simwolik manysy bolsa dünýädir.
Şeýlelikde, bu setirde zülp bilen bagly ýüze çykmaly yşky mazmun däl-de,
mistiki mazmun öňe çykýar. Bu setiriň simwollaşdyrylan mistiki mazmuny bolsa
Allanyň (Ýaryň) ýaradan dünýäsiniň her bir alyna (taryna) ýetmiş müň är
baglangydyr ýa-da tussag edilendir diýmekdir. Bu setirde “zülp” sözüniň
simwollaşdyrylmagynyň netijesinde onuň tarypy hem simwolik mana eýe
bolupdyr.
Görnüşi ýaly, “zülp” sözi bu ýerde dünýäniň simwoly şekilinde gelensoň,
onuň ýeliň ugruna ykjaýan we oýnaýan tarlary-da “dünýäniň oýny”, “dünýäniň
aly” ýaly manylary alypdyr. Şonuň üçin bu ýerde dünýewi gözeliň zülpüniň
waspy ýaly bolup görünýän mazmun simwollaşdyrylan mazmuna öwrülenden
soň, onda ne dünýewi gözelden, ne-de onuň gözelliklerinden hiç bir hili nyşan
galmandyr. Sebäbi setir özüne mistiki mazmuny alypdyr. Ol mazmunda bolsa
zülpüň waspyndan has alysdaky düýgulara ulaşyp gidýän pikirler bar. Has
takygy, onda Ýaradanyň ýaradan dünýäsiniň oýnunyň hem alynyň köpdügi
zerarly, Allasy bilen darkaş salmaga hyjuw edip duran liriki gahrymanyň
duýgularyndan başga zat ýok. Sebäbi pany dünýäniň aldawyna maýyl bolan

324
ärleriň (tussag bolanlaryň), Ýaradanyň baky dünýäsinden sowaşmagyna, hatda
ony ýatdan çykarmagyna sebäp bolýandygy liriki gahrymany otdan alyp suwa
salýar. Şu ýerden hem sufizmiň simwolik mazmunly şygyrlaryndaky hakyky
ideýa-çeperçilik özboluşlylygy ýüze çykarmak üçin sopuçylyk ylmynyň
simwollarynyň “açaryny” ele almasaň, meselä dogry çözgüt berip bolmaýandygy
aýdyň görünýär.
Edil şunuň ýaly ýagdaýy biz zülp bilen bagly beýleki simwolik mazmunly
setire ser salsak hem yzarlap bilýäris. Diýmek, “Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk
bolmuşam” setirinde hem “zülpüň” dünýäniň simwolik manysyny özünde
jemleýän sözdügini nazarda tutmaly bolýarys. Eger “zülp” bu ýerde hem hakyky
zülp däl-de, simwollaşan zülp bolýan bolsa, ol “dünýä” manysyny aňladýan söz
bolup gelýär. Şoňa görä “dünýä” manysyndaky “zülp” bilen baglanyşýan
sözüňem, söz birikmesiniňem öz asyl manysynda bolman, metaforik göçme mana
eýe boljakdygy tebigydyr. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýatlanylan setirde “zülp”
sözi bilen söz birikmesini emele getirýän söz “ýelda” sözüdir. Bu sözüň “tümlük,
tüm garaňky, iň uzyn hem iň garaňky gije bolan 21-nji dekabrdan 22-ne geçilýän
gije” ýaly manylary bar. Diýmek, Ýaradanyň ýaradan, ýagty dünýäsi ýa-da ýagty
jahany Magtymguly üçin tümlük ýa-da garaňkylykdyr. Belki, oňa şahyryň, edil
ýelda gijesiniň ýylyň dowamynda iň uzak gije bolşy ýaly, dowamlylyk,
tükeniksizlik manysyny beren bolmagy-da mümkin. Haýsy bolanda hem
Magtymgulynyň sopuçylyk garaýşy boýunça Ýaradanyň ýaradan dünýäsine şek
ýetirjek bolmak bar.
Bu nähili beýle bolýar? Magtymguly nire, Allanyň eden işine şek ýetirjek
bolmak nire? Musulmançylykda bu Alladan daş düşmek hasap edilýär ahyry. Biz
Magtymgulynyň akyly muňa ýetmändir diýmekden daşda. Eger dana şahyryň
akyly üýtgemedik bolsa, bu bir bolmajak zat ýaly. Emma hakykat ýüzünde ol
şeýle. Magtymguly sufisit hökmünde diňe bir Allanyň eden işine däl, onuň özüne
akyl ýetirmegiň köýünde köýen akyldar. Akyl-pikiri bilen Allanyň eden işleriniň
aňrysyna ýetjek bolmaklyga bolsa ortodoksal yslam bütinleý garşy. “Muny
kesipdir aklym” diýýän Magtymgulynyň oňa gözi ýetmän duranok. Ýöne şahyryň
ulaşan sopuçylyk ylmy hut şuny–akyl, pikir, köňül bilen Alla ýakyn durmagy
talap edýär. Alla ýakyn boljak bolsaň weli, Onuň ýaradan “ýagty ýalançy”
diýilýän dünýäsine ýalan ýagtylyk hökmünde garamaly, sopuçylyk garaýyşlar
boýunça bolsa tümlük (ýelda) hökmünde garamaly. Bu diňe Magtymgula
häsiýetli aýratynlyk däl. Ol sopuçylyk akymyna degişli alymlaryň, akyldarlaryň
döredijilik wekilleriniň hemmesine diýen ýaly mahsus bolan özboluşlylykdyr.
Dünýäden, jemgyýetden, döwürden, adamlardan şek gözlemek, has takygy,
ýamanyny ýazgaryp, ýagşysyny ýaýmak sopuçylyk filosofiýasynda däp bolup
ornaşan ýörelgedir. Aslynda onuň döreýşi hem yslam dinine şek ýetirýänlere dil
ýetirmek (şek ýetirmek) bilen bagly diniň ady bilen edilýän pyssy-pyjurlyklaryň
garşysyna dörän filosofik hem çeper akymdyr. Şonuň üçin Magtymgulynyň
şygyrlarynda duş gelýän şek gözlemek, dil ýetirmek, şübhelenmek, ýamanyny

325
ýazgaryp, ýagşysyny ýaýmak ýaly pikirler sufizmiň tebigatyndan gelip çykan
ýörelgedir, idealdyr.
Adam, elbetde, belli bir ideal bilen ýaşaýar, belli bir ideal ugrunda
göreşýär. Hakyky kämil adam öz ömrüniň manysyny ideala gulluk etmekde
görýär. Çeper edebiýatyň hem predmetiniň adam bolandygy üçin, ol şeýle kämil
adamy nusga edip orta çykarýar. Diýmek, bir ideala hyzmat etmek çeper
edebiýata hem degişli bolýar. Şonuň üçin çeper edebiýatda ýüze çykan çeperçilik
hadysalaryň hemmesiniň köküni, şol sanda “Edebi stiliň ýa-da akymyň häsiýetli
alamatlaryny diňe ideýalardan gözlemelidir. Çünki her döwrüň, jemgyýetçilik
hadysanyň, sosial sredanyň öz ideýasy bardyr, ideýasyz jemgyýet bolmaýar.
Diýmek, edebi stiliň hem dörän döwrüne laýyk ideýasy bolmalydyr. Jemgyýet
nähili baş ideýany orta çykaran bolsa, edebiýatda hem şol pikir esasy ideýa
pozissiýasyny eýeleýär, galan ideýalar şonuň esasynda döreýär.”1
Sopuçylyk edebi akymyň hem, onuň akymlaýyn stiliniň hem özüne mahsus
idealy bar. Ol hakda biz ýokarda gürrüň etdik, şonuň üçin ony gaýtalap
oturmakdan saklanýarys. Sufizm akymynyň döreýşi hem, onuň akymlaýyn
stiliniň ýüze çykyşy hem ideal bilen gös-göni baglydyr. Olaryň ikisi hem edebi-
döredijilik güýçleriň bir idealyň daşyna jemlenmegi netijesinde döräpdir. Onuň
çeper stiliniň akymlaýyn häsiýete geçmeginiň sebäbini hem şol baş idealyň
gullugynda duran döredijilik wekilleriniň mukdarynyň ýeterlik bolanlygyndan
gözlemek dogry bolardy.
Eger “stil–adam” diýen ýörelgeden ugur alsaň, şeýle hem adamyň öz
ömrüniň manysy ideala gulluk etmekde görýändigini we öz idealy bilen
ýaşaýandygyny nazarda tutsaň, onda akymlaýyn stili-de emele getiriji güýjüň
anyk bir ideal bilen bagly baljakdygy düşnüklidir. Şuňa seretseň, onda
hakykatdan hem ideal eseriň formasynda däl-de, mazmunynda ýüze çykýan bir
zat bolýar. Diýmek, akymlaýyn stil ýazyjylar toparynyň belli bir ideala gulluk
etmeginiň netijesinde ýüze çykýan bolsa, onda ol hem çeper forma arkaly däl-de,
çeper mazmunyň üsti bilen özüni görkezip biler. Logika şeýle. Ýöne şu meselede
edebiýatçylyr dürli-dürli pikirde. Kim stili formanyň çäginden, kimem mazmunyň
çäginden gözleýär. Eger öz ýerinde ulansaň, iki pikiriň hem jany bar ýaly. Sebäbi
stil forma bilen mazmunyň bitewiliginden ýüze çykýan çeperçilik hadysadyr. Ony
diňe formadan ýa-da diňe mazmundan gözlemek dogry netijeleriň üstünden
eltmese gerek.
Şuňa garamazdan, belli nazaryýetçi alym Ö.Abdyllaýew türkmen sowet
edebiýatynda ýüze çykan akymlaýyn stil hakynda söz açyp, onda dört sany
akymlaýyn stiliň bolandygyny tassyklaýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, türkmen
edebiýat nazaryýetçileriniň arasynda akymlaýyn stil hakynda pikir ýöreden
ýeke-täk alym Ö.Abdyllaýewdir. Beýlekiler diňe hususy stil hakynda söz açyp,
akymlaýyn stil hakynda dil ýarmandyrlar. Professow Ö.Abdyllaýew türkmen
sowet poeziýasynda iki hili akymlaýyn stil, türkmen sowet prozasynda hem iki

1
M.Annamuhammedow. Magtymguly gizliň syryň bar içde... Aşgabat, “Ylym”, 1994, 33 sah.
326
sany akymlaýyn stiliň bolandygyna güwä geçýär. Türkmen sowet poeziýasynda
ýüze çykan akymlaýyn stiliň birinji toparyna ol Durdy Gylyç, Baýram şahyr, Ata
Salyh, Ataköpek Mergen, Nyry Annagylyç ýaly şahyrlaryň döredijiliginde
dowam eden çeper stile akymlaýyn stil hökmünde garaýar. “Ol şahyrlar liriki
gahrymanyň umumylykda alnan duýgusyny hem-de hereketini-de anyk
duýarlykly janly formada okyjynyň göz öňüne geler ýaly edip, suratkeşlik bilen
şekillendirjek bolup durmandyrlar-da, gozgaýan meselesini we ondan gelip
çykýan ideýany gönümellik bilen beýan edipdirler. Mysal üçin, ine, Durdy
Gylyjyň “Gördük” diýen goşgusy:

Halkymyň içinde täze guralan,


Owal görülmedik sazlary gördük.
Gözel gurluşyga pikir berilen,
Keseliňden açýan ýazlary gördük.

Gelin-gyzlar ýalpyldaşyp gelýärler,


Tehnikadan öz paýlaryn alýarlar,
Dokuz dürli sazy goşup çalýarlar,
Dünýä ýalkym salýan WUZ-lary gördük.”1

Biz ýokarda Durdy Gylyjyň we onuň beýleki döwürdeş şahyrlarynyň


atlaryny tutup, olaryň ”döredijiliginde dowam eden çeper stil” diýen düşünjäni
ýöne ýere ulanmadyk. Hakykatdan hem professor Ö.Abdyllaýew akymlaýyn
stiliň wekilleri hökmünde öňe çykaran şahyrlarynyň döredijilik stiliniň sowet
döwründe dörän akymlaýyn stili-hä däl, asla olaryň stili diýip Ö.Abdyllaýewiň
göz öňünde tutýan stilini (ulanan şygyr formalaryny) hususy stile degişli alamat
hökmünde-de atlandyryp bolmaýar. Sebäbi ol şahyrlar, birinjiden, öz döwürdeş
şahyrlary bolan Mollamurtdan, B.Kerbabaýewden, G.Burunowdan we
beýlekilerden üýtgeşik bir özbaşdak ideala hyzmat eden döredijilik wekilleri
bolmakdan ejizdiler. Olaryň hemmesi üçin (Durdy Gylyçly we B.Kerbabaýewli
toparlar üçin) hem bir ideal bardy, sowet ideologiýasy höküm sürýärdi. Ala-böle
Durdy Gylyçly topar ol zabun ideologiýadan üzňe söz açyp, özbaşdak akym ýa-
da akymlaýyn stil döredip biljek däldi. Ikinjiden, Ö.Abdyllaýewe bu şahyrlarda
özbaşdak akymlaýyn ýüze çykan stiliň bardygyny tassyklamaga esas beren forma
aýratynlygy hem subutnama bolup bilmeýär. Sebäbi Durdy Gylyjyň,
Mollamurtuň, B.Kerbabaýewiň we beýlekileriň ulanan şygyr formalary hem
nusgawy (klassyky) goşgy düzüliş formalarydyr. Ol şygyr formalary (murapbag,
dörtleme, muhammes, bäşleme we ş.m.) edebi prossesiň taryhy ösüşiniň örän,
uzak-uzak döwürlerinde ulanylmagy dowam eden formalardyr. Ýagdaý şeýle
bolansoň, Durdy Gylyçly topary özbaşdak bir edebi akymyň ýa-da akymlaýyn
stiliň wekilleri hökmünde tapawutlandyryp bolmaýar. Olar diňe täze sowet

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 294-295 sah.
327
hakykatyny öňden dowam edip gelýän şygyr galypynda wasp eden şahyrlardyr.
Sowetler döwrüniň ilkinji on-ýigrimi ýyly türkmen şygryýetine mazmun
täzeligini girizen hem bolsa, şygyr düzülişiň formasyna ullakan bir özgeriş girizip
bilmedi. Täze sowet hakykatyna esaslanýan liriki mazmundan gelip çykýan ideýa
hem birdi, bitewidi. Şonuň üçin ol aýratyn bir edebi akymyň stili däldi, ol şol
döwrüň edebi prossesiniň hut özüdi. Ol döwürde tutuş edebi prosses kommunistik
ideologiýanyň talaplaryna jogap berýän ideala gulluk edýärdi. Şeýle
ideologiýanyň höküm sürýän döwründe asla başga bir ideal hakda oýlanmaga hiç
hili şertem ýokdy, islegem. Bitewi bir ideologiýanyň gözegçiligi astynda bolan
edebiýatdan, asla özge bir ideal gözleginiň ýok ýerinden özbaşdak edebi akymy
ýa-da akymlaýyn stili gözlemek hem geňdir.
Türkmen sowet edebiýatynyň ösüşinde ýüze çykdy diýilýän beýleki
akymlaýyn stilleriň ýagdaýy hem şundan elhal däl. Şonuň üçin olar hakda ýörite
gürrüň edip durmakdan saklandyk.
Emma türkmen edebiýatynyň sowet döwründen öňki ösüş ýolunda ýüze
çykan edebi akymlar hem akymlaýyn stiller hakynda weli, aýratyn durmagyň
zerurlygy bar. Sebäbi ol edebi akymlardyr akymlaýyn stilleriň türkmen edebi
prossesiniň ösüşinde aýratyn orny we özboluşly hyzmaty bar. Şeýle edebi
akymlaryň biri-de namaçylyk ýa-da nesihatnamaçylyk akymydyr. Bu edebi akym
türkmen edebiýatynyň taryhynda ýüze çykan iň gadymy akymdyr. Ilki
namaçylyk, soňra nesihatmanaçylyk görnüşinde kemala gelen edebi akymyň
haçan döräp, haçan örňäp-ösüp, kemala gelip ýörendiginiň takyk salgysyny
bermek aňsat däl. Diňe bir zat belli. Oguzlaryň “Oguznama” şadessanynyň
adyndaky “nama” sözi bu edebi akymyňmy, belki, edebi usuluňmy ýa-da edebi
žanryňmy eýýäm Oguzhan döwürlerinde bolandygyna ýa-da döräp başlandygyna
güwä geçýär. Edebi prossesiň ondan soňraky ösüşinde namalaryň edebi-çeper
giňişlikde giden bir gatlagynyň emele gelendigine söz sungatynyň taryhy şaýat.
Olardan “Şanama”, “Kowusnama”, “Syýahatnama”, “Syýasatnama”, “Jeňnama”,
“Muhabbetnama”, “Nesihatnama”, ”Hatamnama” ýaly “nama” sözüne ýanalan
eserleriň käbirini ýatlamak hem ýeterlikdir. Bu eserleriň adyny gaýtalap, özüne
alan eserleriň hem sany-sajagy ýokdur. Namaçylyk çeper gatlaga girýän eserleriň
arasynda “nama” sözi ulanylman, başga at bilen ýazylanlary hem bar. Meselem
Ýusup Has Hajybyň “Kitadgu-bilik” poemasy, şeýle hem “Ajaýyplyklaryň düri”
ýaly kitaplar şu zeýilli eserlerdir. Görnüşi ýaly, namaçylyk edebi akymy özüniň
akymlaýyn stili bilen orta asyrlaryň şertinde gutarnykly kemala geldi.
Eger bu edebi akymyň we akymlaýyn stiliň şu günler hem
nesihatnamaçylyk ugry bilen dowam edýändigine seretseň (bu barada “Edebi däp
we täzeçillik” bölüminde hem ýatlanypdy), belki, onuň edebi prossese şeýle uzak
taryhy döwrüň dowamynda hyzmat edenligi üçin hem edebi usullyk derejelere
ýeten bolmagy-da mümkin. Bu, elbetde, özbaşdak ylmy derňewiň we seljermäniň
meselesi. Şonuň üçin biz bu meseläni açyklygyna goýýarys. Şeýle-de bolsa,
meseläniň käbir gyzykly taraplaryna ünsi çekmek isleýäris.

328
Eýsem romantizm edebi usulyna çenli türkmen edebi prossesiniň haýsy
edebi-çeper usul bilen eser döredendigi hakynda heniz belli bir netijä
gelinmändigini hasaba alsaň, onda namaçylyk ýaly bize edebi akym bolup
görünýän çeper hadysa edebi usulyň hyzmatyny bitiren bolmagy-da ahmal.
Galyberse-de, bu edebi akymyň öz ösüşiniň belli bir basgançaklarynda şadessan
döretmek ýaly çylşyrymly edebi hadysanyň içinden geçip gelendigi hem bu edebi
çeper akymyň özi hakynda şeýle pikir ýöretmegimize esas berýär. Bize belli
bolan üç şadessanyň ikisiniň şu akym bilen baglydygyna üns beriň! Namaçylyk
edebi akymynyň çeperçilik giňişliginde dörän we kemala gelen bu iki şadessanyň
– “Oguznama” we “Gorkut ata” şadessanlarynyň ideýa-çeperçilik bitewiligi-de
şuny tassyklaýar. Olarda öňe çykýan baş gahrymanlar Oguzhan hem, Gorkut ata
hem öz namaçylyk nesihatlary we boýlaýan boýlary bilen döwrüň kämil
şahsyýetini kemala getirmek meselesiniň töwereginde hereket edýärler.
Bu şadessanlardan soň dörän “Görogly” şadessanynyň baş gahrymany
bolan Görogly beg hem şu meseläniň töwereginde öwrüm edýär. Onuň
hereketleri real ýurduň goragyndan başlap, fantastik dünýä, hyýalyýet
giňişliklerine çenli uzalyp gidýändigine garamazdan, aýdýan mynajatlaryndan,
ýalbaryşlaryndan başlap, hökmürowanlyga çenli ösýän äheňlere ýugrulan
namalary anyk birine gönükdirilýändigi bilen tapawutlanýar. Şol biri diýilýänden
ol duşman bolsun, dost bolsun, parhy ýok, kämilligi, mertligi, merdanalygy,
adamçylygy talap edýär. Ol şeýle ynsanperwerligiň hatyrasyna, köplenç, eline
sazyny alýar. Gylyjyny gynyndan çykarman, nama ýa-da bäş keleme söz aýdýar.
Şunda nama-da, keleme-de, bäş agyz söz-de kämillige çagyryş ruhundaky
öwütlerdir.
Diýmek, namaçylygyň täsiri “Görogly” şadessanynyň hem süňňüne
ornapdyr. Hatda bu täsiri beýleki halky dessanlarymyzda-da, ýazuwly edebiýata
degişli dessanlarymyzda-da yzarlap bolýar. Ol dessanlaryň aşyk
gahrymanlarynyň-da goly sazly, dili namalydygyna türkmen okyjysy beletdir. Bu
namalaryň liriki mazmuny ýa aşyk gahrymanyň özüniň şahsyýet hökmündäki
kämilligine güwä geçýär, ýa-da kime ýüzlendirilen bolsa, şonuň ahlak we häsiýet
ýa-da hereket we päl-niýet babatdaky kämilliginiň kemala gelmeginiň hatyrasyna
aýdylan bäş keleme söz bolýar. Sebäbi namaçylyk edebi akymyň ideal gahryman
gözlegindäki ösüş ugrunyň ahyr netijesi şunda jemlenýär.
Şu ýerde kanuny ýagdaýda bir sorag ýüze çykýar. Eýsem namaçylyk edebi
akymmyka? Eger edebi akym bolýan bolsa, onda ol haýsy edebi usulyň ýa--da
edebi ugruň çygrynda dörän edebi akymka? Bu belli däl. Ýöne bir zat belli.
Namaçylyk edebi akymy öz tebigaty boýunça Ýewropa edebiýatyna mahsus
edebi usullaryň ýa-da onuň “izm”-leriniň-ä hiç biriniň çygryna sygmaýar. Sebäbi
ol tutuş süňňi bilen nesihatnamaçylyk çeper stilindäki edebiýat. Ýewropa
edebiýatçylarynyň garaýşy boýunça-da edebiýat bilen nesihatnamaçylyk
(didaktizm) bir “agylda” oňuşmaýar. Olar “didaktikanyň başlanan ýerinde
poeziýa gutarýar” diýip hasap edýärler. Şonuň üçin namaçylyk edebi akymy hem,

329
nesihatnamaçylyk akymlaýyn stili hem Ýewropa edebiýatynyň edebi
usullaryndan daşarda galýar. Ýogsam Ýewropa çeperçilik prossesiniň ösüş
taryhynda hem didaktiki eserleriň özboluşly çeperçilik gatlagynyň emele gelip,
baslygyp ýatanyna taryh şaýat.
Munuň şeýledigine baryp b.e. öňki VIII-VII asyrlardan başlap, XVIII
asyryň ortalaryna çenli döredilen didaktiki poemalaryň käbirleriniň atlaryny
agzasak hem göz ýetireris. Şeýle eserleriň hatarynda Gesiodyň “Iş-aladalar we
günler”, Wergiliniň “Daýhançylyk şygyrlary”, Lukressiniň “Zatlaryň tebigy
boluşlary barada”, A.Ponuň “Adam hakynda tejribe” ýaly poemalaryny ýatlamak
hem ýeterlikdir. Muňa garamazdan, bu hadysa, iň bärkisi, edebi akym hökmünde
garamazlyk nädogrudyr. Ýöne bu hadysanyň heniz edebi akymdygyny ýa-da
tutuş edebi prossesiň özüdigini hem anyklan ýok. Şonuň üçin namaçylygy
häzirlikçe edebi akym hökmünde göz öňüne getirmeli bolýarys. Meseläniň heniz
öz ylmy çözgüdini tapmandygy sebäpli, ol hakdaky gürrüňi hem uzaga çekdirip
oturmakdan saklanýarys.
Türkmen edebi prossesiniň ösüşinde ýüze çykan nesihatnamaçylyk
göniden-göni namaçylyk edebiýatynyň akymlaýyn çeperçilik stilidir we onuň
akymlaýyn dowamydyr. Bu akym özüniň öwüt-nisihat berijilik mazmuny bilen
tapawutlanýar. Onuň öz mazmunyna görä hem çeperçilik stili bar. Akymlaýyn
häsiýete eýe bolan bu stil orta asyrlarda diňe bir namaçylyk edebi akymynyň däl,
tutuş edebi prossesiň çeper stiline öwrüliberipdir. Ol Ýusup Has Hajybyň
“Kitadgu-bilik” (“Bagt getiriji bilim”) poemasy döränden soň (XI asyr), has hem
pajarlap ösýär we akymlaýyn häsiýete geçýär. Poema hakynda “Türkmen
edebiýatynyň taryhynda” berilýän maglumatlaryň, biziň namaçylyk edebi akymy
we nesihatnamaçylyk edebi stili hakyndaky pikirlerimizi tassyklaýandygy üçin,
uzagrakdygyna garamazdan, oňa dolulygyna salgylanýarys:
“Kitadgu-bilik” poemasy özüniň kompozission we tematik aýratynlygy
boýunça Gündogar we Günbatar edebiýatyna giňden ýaýran didaktik eseriň
žanryna girýär. Şuňa meňzeş kitaplaryň arap, grek, parsy hytaý dillerinde duş
gelýändigini poema sözbaşy ýazan näbelli awtor nygtap görkezipdir. Awtor soňra
şeýle diýýar: “Bu kitap haýsy hökümdara, haýsy bir welaýata düşse-de alymlar
we dana adamlar ony makullapdyrlar. Bu kitap hytaýlylar-da “Adap al-muluk”
(“Knýazlaryň durmuşyny suratlandyryp görkezýän kitap”) ýa-da “Aýn al-
-mamlakat” (“Döwletiň göreji”), Gündogarda “Ziaat al-umara” (“Knýazlaryň
jomartlygy”) atlandyrylypdyr. Eýranda “Şahnama-ýe türki” (“Şalaryň türki
kitaby”) diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr. Birnäçe ýerde oňa ýöne “Pand-
-nama-ýe-muluk” (“Hökümdarlaryň öwüt-nesihat kitaby”), turanlylar bolsa
“Kitadgu-bilik” (“Bagt getiriji bilim”) diýipdirler. Günbatar Ýewropa
edebiýatynda “Kitadgu-bilik” poemasyna meňzeş kitap az däl, arap edebiýatynda
bolsa şular ýaly didaktik işler “Adaba” žanry ady bilen birleşýärler. Didaktik
eserler sasanidler döwründe ýüze çykyp başlapdyr. Parsy dilde şu hili eserleriň
biri XI asyrda ýazylypdyr. Bu “Kabusnama” atlandyrylan meşhur eserdir.

330
“Kitadgu-bilik” onuň däbini tebigy dowam etdirýär. Muny poemanyň şol žanr
boýunça özünden öň ýöredilip gelnen däpleriň ählisi bilen, şübhesiz, tanyş bolan
awtorynyň stili görkezýär.
“Kitadgu-biligiň” ýüze çykmagy türki dildäki edebiýatyň şondan soňraky
ösmeginde biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr.”1
Görnüşi ýaly, “Kitadgu-bilik” poemasynyň adynda ýa-da “Ajaýyplyklaryň
düri” eserinde, şu akymyň beýleki çeper gymmatlyklarynda bolşy ýaly,
namaçylyk edebiýatyna dahyllydygyny aňladýan “nama” sözüniň ýoklugyna
garamazdan, bu eserleriň, ilki bilen, edebi prossese nesihatnamaçylyk däbiniň,
soňra bolsa onuň akymlaýyn stiliniň ornaşmagynda uly hyzmaty bolupdyr.
Muny biz “Gorogly” şadessanynyň mysalynda hem aýdyň görýäris.
“Görogly” şadessanyň adynda hem “nama” sözünden nyşan ýok. Şeýle-de bolsa,
has takygy, şadessanyň adynyň “Görogludygyna” garamazdan, ol hakykat
ýüzünde, türkmen begnamasydyr. Sebäbi şadessan türkmen begi Adybeg soltanyň
ogly, Jygaly begiň agtygy Görogly soltan ýa-da Görogly beg hakyndaky eserdir.
Bu şadessan “Soltanmana” ýa-da “Begnama” diýip, at goýulsa, goýulaýmaly
zamanada dörän çeper gymmatlykdyr. Şadessan Görogly beg türkmeniň ruhy
eýýamunyň çeper önümidir. Şadessanyň şeýle atlandyrylmagy üçin şol döwürde
jemgyýetçilik-syýasy şert hem bolupdyr. Sebäbi ol türkmen beglikleriniň
hökümdarlyk eden zamanasynda dörän eser. Üstesine, şol döwürlere çenli bu
babatda ýeterlik derejede edebi-çeperçilik tejribe-de toplanypdyr. Muňa
garamazdan, şadessan “Görogly” ady bilen dünýä meşhur bolupdyr. Ýöne halkyň
aňynda hem, şadessanda hem Görogly diýilse, onuň ady “beg”, “soltan” ýaly
beýik derejeleriň sinonimi bolup gidendigini duýýarys.
Bolsa-da, meseläniň küle ýeri munda däl, başga zatda. Şadessanyň ady
namaçylyk edebi akymynyň şertli talaplaryna laýyk gelmeýän hem bolsa, ol
özüniň tutuş ruhy bilen şol edebi akymyň çeperçilik giňişliginde dörän eserdir.
“Görogly” şadessanyna biz halk gahrymançylygyny wasp edýän eser hökmünde
garaýarys. Bu, elbetde, dogry garaýyşdyr. Ýöne tutuş halkyň gahrymançylykly
ruh bilen joşmagy üçin olaryň diňe Göroglynyň adyny eşitmegi bilen mesele
çözülendir diýip bolmaýar. Halkyň ruhuny götermek üçin yzygiderli öwüt-ündew
hem, pendi-nesihat hem, “ýylany hininden çykarýan ýagşy söz” hem, zerur
ýerinde gahar-gazap, abaý-syýasat hem gerek bolandyr. Görogly begiň
häsiýetinde şu sypatlaryň jemlenendigi hem, belki, şunuň üçindir. Aýratyn hem
nesihatnamaçylyk çeper stiliň miwesi bolan bu şadessanda öwüt-ündew etmek,
pendi-nesihat bermek ýoly has aýdyň görünýär. Namaçylyk edebi akym ýa-da
nesihatnamaçylyk stili ýaly çeperçilik hadysalaryň täsiriniň ýüze çykmalaryny
aýratyn hem Görogly begiň Öwez ogluna, Agaýunus periniň Görogly soltana
Jygaly begiň Görogla berýän öwüt-nesihatlaryny ýatlasak hem aýdyň duýarys.
Jygaly begiň öz agtygy Görogla berýän pendi-nesihatlary namaçylyk edebi
akymynyň şadessana nä derejede täsiriniň bolandygyny aýdyň görkezýär:

1
Türkmen edebiýatynyň taryhy, 1-nji tom. Aşgabat, “Ylym”, 1975, 36 sah.
331
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk eýleýji bolma!
Özüňden gaýry namerdiň,
Minnetin çekiji bolma!

Gyraty besle jul bile,


Oturyş ählidil bile,
Ölinçäň bedasyl bile
Mähriban bolujy bolma!1

Dana türkmem gojasy Jygaly begiň Çardagly Çandybilde aýdan bu meşhur


namasynyň, pendi-nesihatynyň ýaňy daglardan-daglara, zawlardan-zawlara,
jülgelerden-jülgelere düşýär, asyrlardan-asyrlara aşýar. Beýle diýildigi Jygaly
begiň namasynyň ýa-da bäş keleme sözüniň öwüt-ündewçilik ruhy ondan soňraky
döwürleriň şahyrlarynyň dilleriniň senasyna öwrülýär diýildigidir. Aýdaly,
Garajaoglan öz döwründe şol namanyň äheňindäki pendi-nesihatlary bilen Kozan
(belki, Kazan-Gazanjyk) daglaryny ýaňlandyran bolsa, Magtymgulynyň şeýle
öwütleri Soňudagynyň zawlaryna ýaň salýar. Şu ýerde olaryň käbirlerine, has
takygy, her asyrdan birine-ikisine diň salyp göräýmek artykmaçlyk etmez. Sebäbi
bu şahyrana nesihatnamaçylyk ruh soňky bäş-alty asyryň dowamynda (ol XXI
asyry hem öz içine alýar) akymlaýyn çeper stil häsiýetine eýe boldy.
Eger “Görogly” şadessany, edebiýatçy alymlaryň tassyklaýşy ýaly, XVI
asyrda gutarnykly kemala gelen bolsa, Jygaly beg hem özüniň pendi-nesihat-
laryny şol döwürlerde aýdan bolmaly. Onda XVII asyryň şertlerinde bu
akymlaýyn stiliň ýagdaýy nähilikä? Özüniň çeperçilik ruhy boýunça “Görogly”
şadessanynyň ruhuna ýakyn bolan XVII asyr türkmen şahyry Garajaoglanyň
dilinde Jygaly begiň pentleri şeýleräk ýaňlanýar:

Diňle, saňa bir nesihat kylaýyn,


Hatyrdan, göwünden geçiji olma!
Ýigidiň başyna bir iş düşende,
Ony ýat illere satyjy olma!

Mejlisde aryf bol, kelamy diňle,


Il iki sözlese, sen birin söýle,
Eliňden geldikçe eýgilik eýle,
Hatyra tokunyp, ýykyjy olma!2

Bu setirler Jygaly begiň nesihatlarynyň gaýtalanmasy däl. Ýöne olarda

1
“Görogly”. Türkmen halk-gahrymançylyk eposy. Aşgabat, 1941, 53 sah.
2
Garajaoglan. Saçlaryň gara dälmidir. Aşgabat, 1994, 39 sah.
332
nesihatnamaçylyk stiline mahsus bolan Jygaly begçilik ruh bar. Sebäbi iki şygryň
hem idealy bir. Ideal birligi bolsa ruhy birligi döredýär. Ruhy birlik hem edebi
akym birligini emele getirýär. Diýmek, bu edebi akym özüniň namaçylyk idealy
we nesihatnamaçylyk stili bilen XVII asyrda hem dowam edipdir.
XVIII asyr Magtymgulynyň asyry (Ç.Aýtmatow). Onuň döredijiligi
özünden öňki edebi çeperçilik tejribäni özüne siňdiren gymmatlykdyr. Şonuň üçin
“Magtymguly, öwüt bergil söz bile” ýa-da ”Myradym nesihat etmekdir halka”
diýip, nesihatnamaçylyk stiline gol ýapan şahyryň Jygaly begçilik idealdan
sowlup geçmejegi düşnükilidir. Sowulmak nire, onuň gös-göni Jygaly begiň
üstünden düşen ýoly şahyry namaçylyk edebi mekdebiniň gapysyna tagzym
etdirýär. Şahyr nesihatnamaçylyk edebi stiliniň idealyna hut şu ýerde ulaşýar we
bu ideal ony özüne kökerip goýýar. Şahyr bu edebi mekdebiň nesihatnamaçylyk
idelayny döredijilikli ösdürýär, hatda ony magtymguluçylyk stil derejesine
ýetirýär. Ýöne şunda onuň çeperçilik badalgasy Jygaly begiň namalarydyr.
Şahyryň “Gidiji bolma” şygrynyň nesihatnamaçylyk stili bilen Jygaly begiň
pentleriniň arasynda berk ruhy birligiň bardygyny görmezlik mümkin däl:

Gel, eý köňlüm, saňa nesihat kylaý,


Watany terk edip gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

Çagyrylan ýere bar, oturyp, turma,


Çagyrylmadyk ýere görünme, barma,

Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,


Buýrulmagan işi ediji bolma!1

Aslynda otuz iki bentlik bu goşgudan (Magtymgulynyň poemalary


diýilýänler hem bent sany boýunça şundan köp däl) diňe şu ikije bendi mysal
alandygymyz ýöne ýere däl. Sebäbi diňe şu iki bent hem bu göwrümli goşgynyň
tutuş ruhuny açmaga mümkinçilik berýär. Şygryň galan otuz bendinde hem şu
ruh dowam edýär. Şonuň üçin mysalyň bent sanyny köpeldip oturmagyň
zerurlygy ýok. Ýöne bu şygryň tutuş süňňüne siňen nesihatnamaçylyk ruhuň
Magtymgulynyň bitewi döredijilik keşbiniň kemala gelmeginde ägirt uly hyzmaty
weli bar. Ony hiç kim inkär edip bilmeýär.
Biz ýokarda mysal alnan şygyrlary biri-biri bilen deňeşdirip, olaryň
aralaryndaky umumylygy we aýratynlygy gözläp, gürrüňi uzaldyp oturmakçy däl.
Ýogsam bu ýerde ol şygyrlaryň redifli sazlaşýan atlaryndan (“Minnetin çekiji
bolma” (“Görogly”), “Geçiji olma” (Garajaoglan), “Gidiji bolma” (Magtymguly)
başlap, ideýa-çeperçilik bitewilige girýän ruhy birligi hakda uzakdan-uzak gürrüň

1
Magtymguly. Saýlanan eserler. Iki tomluk 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1983, 113 sah.
333
edip bolardy. Ýöne onuň zerurlygy ýok. Bu şygyrlarda esasy zat – ruhy birlik bar.
Diýmek, Magtymguluda hem Jygaly begçilik ruh dowam edýär. Bu bolsa XVIII
asyrda hem namaçylyk edebi akymynyň-da, nesihatnamaçylyk akymlaýyn stiliň-
de dowam edendigine şaýatlyk edýär.
XIX asyr şahyry, özüne “yşy mülküniň şasy” diýdiren Mollanepesiň-de
“Ner gezgin” diýen şygry bilen nesihatnamaçylyk akymynyň ruhuna siňip,
ýokary ideýa-çeperçilik gymmata eýe bolan eseri döretmegiň hötdesinden
gelendigini nygtamaladyrys. Bu şygyr XIX asyryň çeperçilik önümi. Ony şahyr
şeýle setirler bilen başlaýar:

Köňlüm, saňa nesihat, gezseň, serbeser gezgin,


Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.1

Şygryň soňky bentleri hem şu ruhda dowam edýär. Şeýlelikde, XIX asyr
şygyr sungaty hem nesihatnamaçylygy şahyrana pikiriň ýörgünli däbi hökmünde
dowam etdirýär. Elbetde, bu däp XIX asyryň edebi güýçlerini hem bir akymyň
başyna jemlän edebi-çeperçilik ýörelgedir. Şu ýerde bir ýagdaý düşünişmegi talap
edýär. Biziň şu çaka çenli her asyrdan bir şahyryň şygryna salgylanyp, tutuş
asyryň edebi prossesi hakda netije çykaryp gidip oturmagymyz nädogry
bolaýmasyn? Meselä ýüzleý garasaň, ol şeýle ýaly bolmagy-da mümkin. Elbetde,
bu düýbünden beýle däldir. Sebäbi mysal alnan şahyrlar öz döwründe bu mesele
babatda ýeke çykan döredijilik wekilleri bolmandylar. Olar köplükdi. Bir edebi
akymda ruhy taýdan birleşýän şahyrlar toparyny emele getirýärdiler. Hatda
Garajaoglan bilen Mollanepese bilgeşleýin diýen ýaly ýüzlendik. Bilşimiz ýaly,
bularyň ikisi-de yşk-söýgi meselesini öz döredijilikleriniň baş temasy eden
şahyrlar. Şuňa garamazdan, Garajaoglanyň hem, Mollanepesiň hem bu edebi
akymdan çetde bolmandyklaryny nygtamak üçin, olaryň döredjiliginden mysal
aldyk. Bu ýagdaý bolsa şu çaka çenli däplşen edebi akymyň her asyrda özüni uly
giňişliklerde ýüze çykyrmak bilen dowam edendigini tassyklaýar.
Edil şu hili nesihatnamaçylyk stil hörpüni biz XX asyryň şygyr sungatynyň
edebi akabasyndan hem islän ýerimizden susup alyp bileris. Aýratyn hem
M.Seýidow, K.Gurbannepesow, B.Hudaýnazarow, G.Ezizow ýaly meşhur
şahyrlaryň döredijiliginde nesihatnamaçylygyň akymlaýyn häsiýetiniň nusgawy
stile mahsus bolan dowamyny göreris. Bu meselede M.Seýidowyň döredijiligi
aýratyn tapawutlanýar. Şahyryň aýdyma öwrülen şygrynda şeýle setirler bar:

Atam şeý diýerdi: “Il-güni aldap,


Gezmeli dünýäde gezmegin, oglum!

1
Mollanepes. Goşgular ýygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2010, 32 sah.
334
Aglanyňda merdiň ýanynda aglap,
Namartdan gözýaşyň gizlegin, oglum!”

Ýola çykma, dostuň kimligni bilmän,


Suwa girme, suwuň çuňlugny bilmän,
Ýalandan ýylgyrman, ýalandan gülmän,
Sözläňde çynyňy sözlegin, oglum!

Toprakdan aýama maňlaý deriňi,


Ajam bolsaň, belent tutgun seriňi,
Özüň büdräp, öz ýykylan ýeriňi,
Il ýykylmaz ýaly düzlegin, oglum!

Süňňi bilen şeýle hörpe ýugrulan bu şygyr aýdym edilip


aýdylýandygyndanmy, nämemi, ony nusgawy şahyrlaryň biriniň goşgusydyr
öýdüp ýörenler hem bar. Şygyr hakykatdan hem özüniň çeper stili babatda
nusgawy şygyr düzüliş formasynda ýazylan eser. Ony nusgawy şahyrana
giňişligiň şygyr bossanyny bezeýän eser hökmünde kabul edýänleriň pikiriniň
galat ýeri ýok. Sebäbi ony nusgawy öwüt-nesihat ideally şygyrlaryň hatarynda
çekinmän goýsa boljak. Biziň bu ýerde M.Seýidowyň bir şygry hakda söz açyp,
gepi uzaldyp oturanlygymyzy geň görmek gerek däl.
Birinjiden, M.Seýidow türkmen okyjylarynyň arasynda özüniň şunuň ýaly
akyl beriji, öwüt-ündew edeji şygyrlary bilen giňden tanalýar. Ikinjiden,
M.Seýidowyň döredijiligi halk rowaýatlaryna esaslanmak bilen hem, dürli taryhy
şahsyýetleriň durmuşyndan alnan gyzykly maglumatlary bilen hem, gadymyýetiň
dana kişileriniň sözlerine salgylanmak bilen hem, umuman, özüniň okumuşlygy
bilen, akyl berijiligi, öwüt-ündew edejiligi bilen, özüniň nesihatnamaçylyk stile
wepalylyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Türkmen okyjysy şeýle nesihatçylyk
stilde ýazylan eserlere ýüreginiň töründen orun berýär. Şonuň üçin türkmen
edebiýatynda nesihatnamaçylyk stil akymlaýyn häsiýete eýe bolmak bilen
gadymyýetden şu günlere çenli özüniň işjeňligini, edebi prossesiň ösüşine täsir
edijilik güýjüni ýitirmän gelýär.
XX asyrda nesihatnamaçylygyň däpleşen gadymy stiliniň täzeçe
öwüşginleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýagdaýda, elbetde, birsydyrgynlyk ýok.
Ol K.Gurbannepesowda-da, B.Hudaýnazarowda-da, G.Ezizowda-da hersiniň
özüne mahsus aýratynlyklary bilen şahyrana reňk aldy. Olaryň hemmesiniň bir
bitewi çeperçilik stil akymynyň wekilidiklerine garamazdan, şeýle
özboluşlylygyň ýüze çykmagy tebigydyr.
XX asyr şygyr sungaty hem kämil şahsyýeti kemala getirmek idealy bilen
ýaşady. Şonuň üçin bu asyryň şygryýetiniň ideýa-çeperçilik gözlegleri
nesihatnamaçylyk ýörelgeleriniň üstünden ýol saldy. B.Hudaýnazarow özüniň
nesihatnamaçylyk ideally bir şygryny “Goşgular başy” diýip atlandyrypdyr. Bu,

335
elbetde, ýöne ýere däl bolsa gerek. Sebäbi ol nesihatnamaçylyk stiliniň, öwüt-
-ündewiň milli şygryň özenidigine we ýüzüdigine çuňňur göz ýetiren şahyr.
Şonuň üçin hem onuň döredijiliginde, şeýle hem onuň döwürdeş şahyrlarynyň
döredijiliginde öwüt-nesihat ideýasy agdyklyk edýär. Ol şeýle diýýär:

Bir-birine göwni ýetsin ynsanyň,


Öz kemine bir azajyk uýalsyn.
Aklyň-a bar weli, ýene goýalsyn,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Ýokarrakda bolsun gyşyk geplerden,


Döşe kakman, goý öwrensin köplerden,
Öz-özüňi arassala galplardan,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.

Erkek – erkek bolsun, aýalam – aýal,


Iňňän gadymlardan gelýändir bu ýol,
Gursagyňda hyjuw, başyňda hyýal,
Şeýleräk türkmeni göresim gelýär.1

Şygryň yzy hem şu hörpden beýgelse, beýgelýär, ýöne peselmeýär.


Türkmen saz sungatynda “Mukamlar bay” diýen bir halk sazy bar. Ol ýedi sany
türkmen mukamynyň başy hasaplanýar. Belki, ol ýedi däl, türkmeniň ýetmiş
mukamynyň başy bolmagy-da ahmal. Ýöne gep sanda däl, hilde. Bu sazyň
owazlaryndaky bagryňy dilip barýan şirinlik onuň hakykatdan hem adyna
mynasypdygyny tassyklaýar. B.Hudaýnazarowyň şygrynyň hem ady bilen onuň
namalarynyň sazlaşygyndan kalbyň heýjana gelýär. Aýratyn hem öwüt berip-
-öwüt berip, yzyndan hem “Şeýleräk türkmeni göresim gelýär” diýýär weli,
şahyryň idealyna görä kemala gelen kämil türkmeni gören ýaly bolýarsyň. Sebäbi
şahyryň kämil türkmen hakyndaky idealyna jogap beren pederlerimiziň az
bolamandygyna şahyryň gözi ýetik. Bu, elbetde, şahyra ruh berýär.
B.Hudaýnazarow ýurt Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, milli
mertebämizi öz döwründe başyny silkip gezen ata-babalarymyzyň
mertebeliliginiň derejesine ýetirmäge şert dörändiginden ugur alýar. Şahyrda
pederlerimiziň başyny dik tutup gezen mertebeliligine buýsanç bar. Ol sowet
döwründe pese gaçan mertebämiziň beýgelmegini ýüregi bilen isleýär. Şahyryň
“Şeýleräk türkmeni göresim gelýär” diýen arzuwynda köp ynam bar.
B.Hudaýnazarowyň bu arzuw – ynamynyň äheňi “Mukamlar başydan” gözbaş
alýar. Mukam bilen namanyň, bäş keleme sözüň (“Goşgular başy” şygrynyň)
owazlary sazlaşýar-da, bir ajaýyp Aýdym emele gelýär, has takygy, Nama emele
gelýär. Bu bolsa namaçylyk edebi akymynyň joşgunly akabasynyň özüniň

1
B.Hudaýnazarow. Saýlanan goşgular. Aşgabat, TDNG, 2010, 11 sah.
336
akymlaýyn nesihatnamaçylyk stili bilen biziň günlerimizde-de böreňläp akyp
ýatandygyna şaýatlyk edýär.

337
EDEBI USUL

Edebi usul, çeper usul, döredijilik usuly diýen adalgalar edebi taglymatda
biri-biri bilen manydaş düşünjelerdir. Olary edebiýat nazaryýetçileri biri-biriniň
ýerine çalşyryp hem ulanýarlar. Käte bu adalgalaryň üstüne edebi ugur diýen
düşünje hem goşulýar. Ol hem käýarym edebi usul adalgasy bilen manydaş
düşünje hökmünde ulanylýar. Ýöne edebi ugur adalgasynyň käýarym bütinleý
başga bir özbaşdak manyly, düşünje ýaly bolup öňe çykýan ýerleri hem az däl.
Şonuň üçin ilki bilen edebi usul hem-de edebi ugur adalgalarynyň umumy we
aýratyn taraplaryny anyklaşdyrmak zerur.
Elbetde, bu adalgalaryň häzirki ulanylyş gerimine garasaň, şeýle
aýdyňlygyň zerurlygy görnüp dur. Eger şeýle zerurlyk bar bolsa, onda edebi usul
näme, edebi ugur näme? Şu düşünjeleri biri-birinden aýyl-saýyl etmäge
synanyşalyň. Ilki bilen soraglaryň ikinjisinden başlamak dogrudyr. Sebäbi bu
soraglaryň ikisini-de döredip duran şol soňky edebi ugur düşünjesidir.
Edebiýaty öwreniş ylmyna degişli käbir adalgalar heniz gutarnykly kemala
gelip ýetişenok. Şoňa görä entek iki ýa-da ondan hem köp düşünjäniň bir adalga
bilen aňladylýan halatlary, şeýle hem bir adalganyň iki ýa ondan köp düşünjäni
aňladýan ýerleri bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, häzirlikçe käbir ýarym-ýaltarak,
çig-çarsyrak adalgalar bilen oňşuk etmeli bolýar. Ýagdaý edebi usul we edebi
ugur adalgalary babatda hem şeýle. Bu adalgalar babatda sorag üstüne sorag ýüze
çykýanlygy hem şonuň üçindir.
Şunuň bilen bu agzalan adalgalaryň ikisinden bir many çykaryp, ulanyp
ýören edebiýatçylaryň häzire çenli hem bardygy, elbetde, geň däl. Olar edebi usul
bilen edebi ugur adalgalarynyň birini beýlekisiniň ornuna çalşyryp ulanmakda
üýtgeşik bir etir-tütürlik bardyr hem öýdenoklar. Käbir alymlar bolsa olaryň
hersine aýry-aýry düşünjeler hökmünde garaýarlar. Şeýlelikde, edebi usula haýsy
hem bolsa bir edebi ugruň içindäki ýa-da haýsy hem bolsa bir edebi ugruň ýüze
çykaran çeperçilik hadysasy hökmünde seredýärler. Şu nukdaý nazardan
seretseň, onda edebi ugur adalgasy edebi usul adalgasyndan has uly giňişlikleri öz
içine alýan ýaly bolýar. Ýöne ony diýseň, käbir nazaryýetçi alymlar edebi ugur
adalgasyny edebi akym, edebi mekdep, edebi topar ýaly manylara çenli
daraldýarlar. Olar edebi ugur adalgasyny haýsydyr bir az sanly ýazyjylaryň ýa-da
ýazyjylar toparynyň gol ýapýan ideýa-çeperçilik ugry ýaly göz öňüne getirýärler.
Türkmen alymlary üçin elýeterdäki hem dil ýeterdäki halklaryň edebiýaty
öwreniş ylmynda hem ýagdaý şeýle bolansoň, türkmen nazaryýetçileriniň
arasynda-da bu babatda birlik ýok. Türkmen nazaryýetçi alymlarynyň käbirleri
(A.Kekilow, M.Amansähedow) bu düşünjäni edebi usul adalgasynyň astynda
seljerýärler.1 Beýleki birleri bolsa (Ö.Abdyllaýew, J.Allakow) şol bir düşünjäni

1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN,1958; A.Kekilow. Edebi žanrlar we edebi metod. Aşgabat,
“Ylym”, 1979; M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012.
338
edebi ugur adalgasynyň çäginde düşündirýärler.1 Edebiýat ylmyna degişli
adalgalaryň sözlügini taýýarlan belli alym R.Rejebow bolsa bu düşünjeleriň
(edebi usul, edebi ugur) her birine aýratyn many berýär we ol edebi usuly hem,
edebi ugry hem özbaşdak sözlük makalasy arkaly düşündirýär.2
Häzir edebiýatçy R.Rejebowyň şol sözlük makalalarynda edebi usul we
edebi ugur adalgalaryna berlen düşündirişlere ser salalyň. Alymyň bu adalgalar
hakyndaky öňe süren pikirlerini deňeşdirip görmek maksady bilen olaryň möçber
taýdan uluraklygyna garamazdan, mümkin boldugyça, dolurak alýarys. Edebi
usul hakda alym şeýle diýýär:
“Metod (usul – Ş.G.) – ... Çeper edebiýatda usul belli bir taryhy döwürde
birtopar ýazyjylaryň arasynda rowaç bolup, hut şol ýazyjylaryň döredijilik
tejribelerinden gelip çykýan, durmuşa çemeleşmekde we ony ýazyp görkezmekde
şu ýazyjylaryň arasyndaky prinsipler birligidir. Birtopar ýazyjylaryň arasyndaky
umumylykdan gelip çykýan, olary bir sistema girizýän çeper pikirlenmegiň
planly, düşünjeli tipidir. Edebiýat taryhynda durmuşa çemeleşmegiň birnäçe
usullary bolupdur. Şolaryň iň ähmiýetlisi realizm, romantizm we sosialistik
realizmdir. Türkmen edebiýatynda “metod” sözi wagtal-wagtal “usul” sözi bilen
hem çalşyrylýar.”3
R.Rejebow edebi ugur babatda hem şoňa golaý pikiri öňe sürýär.:
“Edebu ugur – anyk taryhy döwürde birtopar ýazyjylaryň arasyndaky
döredijilik prinsipleriniň birligidir. Bu birlik awtorlaryň öňe sürýän ideýasynda,
goraýan bähbidinde we suratlandyrýan meselesinde ýüze çykýar. Bu birlik
ýazyjylaryň saýlap alýan temalarynda, eserleriň çeper dilinde, kompozissiýa
gurluşynda we gaýrylarda ýüze çykýar. Edebi ugur konkret bir taryhy ýagdaýda
belli bir synpyň bähbidini we pikirini aňladyjy hökmünde çeperçilik usulyň başga
bir görnüşe geçmegidir.(?) Şuňa görä-de, bir edebi ugruň döremegi hemişe
jemgyýetdäki özgerişler bilen bagly bolýar we şol özgerişleriň netijesinde emele
gelýär. Meselem, klassissizm özbaşdak usul däl. Ol taryhy şertlerde ýüze çykýan
realizmiň bir ugrudyr.(?) Şol taryhy şertleriň geçmegi bilen bu ugry
sentimentalizm çalşyrýar. Tankydy realizm hem özbaşdak usul däldir. Ol
realizmiň anyk taryhy şertlerde başga häsiýete öwrülmegidir.(!) Şeýlelikde, edebi
ugur çeperçilik usulynyň anyk bir taryhy şertlerde belli bir synpyň bähbidiniň
nukdaý nazaryndan özüniň häsiýetini üýtgetmekligidir.”4
Alymyň öňe süren bu pikiriniň arasynda jedelleşseň, jedelleşip oturmaly
ýerleri az däl. Ýöne bu ýerde olaryň hemmesi hakda däl-de, biri barada öz
pikirimizi aýdyp, galanlary dogrusynda ýeri gelende gürrüň etmegi makul
bilýäris. Eger üns beren bolsaňyz, edebi usul we edebi ugur barada gürrüň
gozgaýan belli alym öz sözlük makalalarynyň ikisinde-de şol bir nokady nyşana
alyp atýar. Şonuň üçin hem edebi usul üçin hem, edebi ugur üçin hem belli bir
1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972; J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş.
Aşgabat, “Magaryf”, 1992.
2
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 120, 255 sah.
3
Şol ýerde, 120 sah.
4
Şol ýerde, 255 sah.
339
taryhy döwürde ýazyjylar toparynyň arasyndaky döredijilik ýörelgeleriniň
(prinsipleriniň) birligi bilen bagly ýüze çykan “nyşana” umumylygyndan başga-
da, bu edebi hadysalaryň ikisiniň-de biri-birini gaýtalaýan düşünjeler bolup
çykýandygy geňräk bolýar. R.Rejebowyň pikirine görä, edebi usul bilen edebi
ugur düşünjeleriniň arasynda ullakan bir tapawut ýok. Alym edebi ugur hakda söz
açmak bilen ony anyk bir taryhy ýagdaýa çeper usulyň başga bir görnüşe geçmegi
hökmünde häsiýetlendirýär. Eýsem şu nukdaý nazardan garasaň, onda edebi ugur
edebi usulyň özgeren bir görnüşi bolup çykýar. Emma bu aslynda şeýlemikä?
Elbetde, beýle däl. Sebäbi edebi ugur adalgasy ýa-da düşünjesi edebi usulyň bir
görnüşi ýa-da başga bir özgeren görnüşi bolsa, onda ol ýüze çykmagyna hiç hili
zerurlyk ýok ýerinden dörän artykmaç bir düşünje ýaly bolýar.
Edebi ugur bilen edebi usul düşünjeleri hakda şeýle pikirdäki alymlar diňe
R.Rejebow däl. Porofessorlar Ö.Abdyllaýew bilen J.Allakow hem bu hakda
özleriniň R.Rejebow bilen pikirdeşdiklerini ýörite nygtamaýarlar. Emma bu
nazaryýetçi alymlar hem özleriniň okuw kitaplarynda edebi usul düşünjesiniň
ýerine edebi ugur düşünjesini ulanýarlar.1 Has magadyny aýtsak, “edebi ugur”
ady bilen bölüm beren hem bolsalar, ol hakda kelam agyz dil ýarman, edebi
usullar hakda gürrüň edýärler. Şondan çen tutsaň, bu alymlar hem özleri islese-
islemese-de, R.Rejebowyň pikirine goşulýarlar. Şeýlelikde, edebi usul we edebi
ugur düşünjelerine bulaşyklyk salýarlar. Bularyň tersine, akademik A.Kekilow
bilen M.Amansähedow bolsa öz kitaplarynda “edebi ugur” düşünjesinden sowlup
geçýärler-de, diňe “edebi usul” düşünjesi bilen oňňut edýärler. 2
Eýsem onda edebi ugur nämekä? Muňa estetikaçy alym Ý.Borew şeýle
jogap berýär we ol edebi ugur düşünjesiniň tebigatyna häsiýetli bolan alamatlar
hökmünde şulary görkezýär: “Çeper ugur (edebi ugur – Ş.G.) çeperçilik ösüşiň
dialektikasynyň esasy kategoriýasydyr. Ugur bu iki polýusyň arasyndaky-
dörediji adamyň dünýä bolan gatnaşygyny nazarda tutýan usul bilen onuň edebi
däbe bolan gatnaşygyny nazarda tutýan stiliň arasynda döreýän edebi-estetiki
giňişlikdir.”3
Alymyň edebi ugra beren şu kesgitlemesi hiç kimiň pikirini gaýtalamaýan,
şeýle hem edebi ugruň tebigatyna mahsus bolan baş kategoriýalyk we edebi-
estetiki giňişlik bolup bilýän aýratynlyklaryny ýüze çykarýan pikirdir. Bu pikiriň
esasy gymmaty onuň hiç kimiňkä meňzemeýänliginde däldir, eýsem onuň
dogrulygy biziň üçin ähmiýetlidir. Ý.Borewden öňňeler edebi usul bilen edebi
ugruň aratapawudyny aýdyňlaşdyrman, tersine, olaryň ikisini-de bir zat
hökmünde düşündirmekden aňry geçip bilmediler ýa-da edebi ugry çeper akym,
edebi mekdep ýaly dar çygra saldylar. Ý.Borewiň dogry belleýşi ýaly, edebi ugur
düşünjesi edebi stil bilen edebi usul dürli taraplardaky iki polýusdyr ýa-da iki
1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 300 sah; J.Allakow. Edebiýat ylmyna
giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 390 sah.
2
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 150 sah; M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat,
TDNG, 2012, 239 sah.
3
Ю.Борев. Эстетика. Издание четвёртое, дополненное. М., Изд-во политической литературы, 1988, 359
sah.
340
kenardyr. Edebi ugur bolsa olary birleşdirýän köprüdir we ol sungatyň esasy
kategoriýalarynyň biridir.
Edebi ugur hakda nazaryýetçi alymlaryň köpüsiniň pikirini, umumylykda
alanyňda, şeýleräk netijelere syrygýar: “Edebi ugur köp ýazyjylaryň eserleri üçin
häsiýetli bolan edebi-estetiki we ruhy ýörelgeleriň, şeýle hem olaryň
döredijiliginde belli bir taryhy döwrüň dowamynda saklanyp galýan hem-de
özleşdirilýän ýörelgeleriň jemidir.” Muňa, elbetde, nädogry pikir hem diýip
bolmaýar. Ýöne, gynandyrýan ýeri, bu aýdylanlaryň edebi ugur düşünjesiniň
tebigatyny açmaýanlygydyr. Şu aýdylanlary diňe bir edebi ugur hakda däl, edebi
usul hakda hem, edebi stiliň akymlaýyn görnüşi hakda, edebi akym, edebi
mekdep hakda hem aýdyp bolýanlygydyr. Asla olaryň hemmesi hakda aýdylan
zatlar hem şu ýa-da şu pikiriň töwereginden daşlaşmaýan kesgitlemelerdir. Ylmy
jemlemäniň anyk bolmadyk ýagdaýynda bolsa ol ýa-da beýleki nazaryýet
düşünjelerine düşünmek kyn bolýar.
Garaz, şu wagta çenli türkmen okyjysy üçin edebiýat nazaryýetinden
ýazylan okuw kitaplarynda-da, dürli hili sözlüklerde-de edebi ugur hem edebi
usul düşünjeleriniň arasyna belli bir çäk goýulman gelýär. Belli nazaryýetçi
türkmen alymlarynyň bu meseleler hakda anyk bir netijä gelmändikleri, elbetde,
işi çylşyrymlaşdyrýar. Ýöne meseläni şu durşuna goýmak hem ýagdaýdan
çykalga däl. Şonuň üçin aslynda hem bulaşyk meseläni, üstesine-de bulaşdyrylan
meseläni, düşündirmegiň kynlygyna garmazdan, oňa aýdyňlyk bermegiň
zerurlygy bolsa görnüp dur.
Şu ýerde hormatly halypalarymyzyň bu meselä garaýyşlary bilen tanyş
bolmak artykmaçlyk etmese gerek. Akademik A.Kekilow edebi usul hakda söz
açyp, şeýle netijelere gelipdir: “Her bir ýazyjynyň özüne degişli edebi stiliniň,
döredijilik aýratynlygynyň bolmagy bilen birlikde, durmuş tejribesi,
dünýägaraýşy, syýasy-jemgyýetçilik pozissiýasy boýunça köp ýazyjylarda bir-
-birlerine ýakynlygyň, umumylygyň bolýandygy hem kanuny bir
zatdyr. ...Şeýlelik bilen, durmuş hadysalaryny, wakalaryny saýlap almagyň we
olara ideýa taýdan baha bermegiň umumy prinsiplerine edebi metod diýilýär.” 1
Professor Ö.Abdyllaýew bolsa edebi ugur hadysasy hakda gürrüň
gozgamak bilen şeýle pikirleri öňe sürýär: “Ýazyjylaryň hakykaty suratlandyryş
prinsiplerindäki ýakynlyk, umumy birlik olaryň aň-düşünjesiniň,
dünýagaraýşynyň, sosial pozissiýasynyň, durmuş tejribesiniň, ýaşan döwründäki
jemgyýetçilik şertleriniň ýakynlygy, birligi esasynda emele gelýär. Ine, şunuň
ýaly bolup, ýazyjylaryň döredijiliginiň hakykaty suratlandyryş prinsiplerinde
emele gelýän özboluşly umumy birlige edebi ugur diýilýär.”2
Tanymal alymlaryň galamynyň astyndan çykan we mysal alnan şu
böleklerde pikir umumylygynyň, şol bir edebi-çeper alamatlaryň A.Kekilowda
edebi usula, Ö.Abdyllaýewde edebi ugra degişli edilendigine aňrujy üşügiň bar
bolsa, düşünmezlik mümkin däl. Ýöne düşünmek meseläniň gylla ýarysy, onuň
1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat. TDOPN, 1958, 150-151 sah.
2
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 300-301 sah.
341
galan ýarysy bolsa meseläniň bulaşdyrylandygyndadyr. Ýokarda ady agzalan
edebiýat nazaryýetçileriniň M.Amansähedowdan başgalary, edil “bir çukura
tüýküren” ýaly, edebi usul hem edebi ugur hadysalarynyň bir zatdygy hakyndaky
pikiri isleseler-islemeseler-de gaýtalaýarlar.
Elbetde, gaýtalamak entek, “gaýtalanmak” ady bilen belli bolan umumy
filosofik kriteriý däldir. Hakykatyna garasaň, “gaýtalanmalar” bütin barlygyň
hereketiniň, umumy ýaşaýşyň ylmy kriterileriniň biridir. Biz tebigatda hem,
jemgyýetçilik gurluşynda hem, adam durmuşynda hem, gaýtalanyp duran
hadysalara köp duşýarys. Eýsem ýagdaý bütinleý alanyňda şeýle bolsa, onda
dünýä bilen, adam durmuşy bilen iş salyşýan jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşi
bolan çeper edebiýatda hem şeýle “gaýtalanmalaryň” boljakdygy
kanunalaýyklykdyr. Ol hakykatdan hem şeýle. Tebigatyň bir parçasy bolan adam
we onuň dünýäsi bilen iş salyşýan söz sungatynyň taglymatlary hem şol ylmy
kriterilerden – “gaýtalanmalardan” gözbaş alýar. Aýratyn-da onuň filosofiýa bilen
galtaşýan umumy kanunlary netijesinde ýüze çykýan çeperçilik hadysalarynda
şeýle umumy ylmy kriteriler (baha bermegiň ölçegleri) az däldir. Edebiýatyň we
sungatyň çeper usul ýaly jemgyýetçilik-filosofik kanunalaýyklyklara dahylly
meselelerinde şeýle umumy ylmy kriterileriň talaplaryna garaşlylyk has güýçli
duýulýar. Edebi usul düşünjesi hem şeýle kategoriýalaryň biridir. Şonuň üçin
edebi usul diýmek aýratyn alnan taryhy döwrüň edebi döredijiligini beýleki
döwürleriň “döredijilik ýüzünden” tapawutlandyrýan alamatlaryň jemi diýmekdir.
Edebi usul bu edebiýatyň haýsydyr bir döwürdäki taryhy ösüşiniň edebi
döredijilikde “gaýtalanýan’ esasy aýratynlyklarynyň jemidir. Ýazyjynyň çeper
keşp döretmekde we durmuş hakykatyny suratlandyrmakda goldanýan
ýörelgesidir.
Edebi usul özüniň käbir alamatlary boýunça edebi stiliň tebigatyna ýakyň
umumylyklara eýedir. Başgaça aýtsak, edebi usuly çeper stilden üzňe göz
öňüne-de getirip bolmaýar. Şonuň üçin edebiýaty öwreniş ylmynda klassissizm
ýa-da realizm edebi usuly diýmegiň ýerine klassissizm stili, realizm stili diýlip
ulanylýan halatlary-da köp bolýar. Bu edebi hadysalaryň ikisi üçin hem, edebi
usul üçin hem, ýazyjylar toparynyň galamyna mahsus bolan akymlaýyn
hususyýetleriň umumylygy ýa-da gaýtalanmasy häsiýetlidir. Ýöne bir zady
aýratyn bellemeli. Edebi stil düşünjesi çeperçilik hadysalaryň gaýtalanmasynyň
edebi usula mahsus taraplarynyň hemmesini öz içine alyp bilmeýär. Sebäbi edebi
usul düşünjesi aýratyn alnan bir ýazyjynyň stil hususyýeti däldir. Ol her haýsy
özbaşdak stil hususyýetine eýe bolan birtopar ýazyjylaryň döredijiligine häsiýetli
bolan çeper hadysalaryň gaýtalanmasydyr. Diýmek, edebi usul hususy stiliň
çägindäki gaýtalanmalardan has giň çeperçilik giňişlikdir. Edebi akym düşünjesi
hem şeýle gaýtalanmalaryň netijesinde emele gelen hadysadyr. Ýöne edebi akym
düşünjesi hem gaýtalanýan edebi-çeper hususyýetleriň hemmesini özüne
birikdirip bilmeýär. Edebi-çeper hadysalaryň edebi stil we edebi akym

342
düşünjeleriniň çäklerine sygmaýan alamatlary hem-de gaýtalanmalary-da az
däldir. Olary edebi usullar özüne birikdirýär.
Ýazyjylaryň döredijiligini özara ýakynlaşdyrýan has umumy çeperçilik
aýratynlyklaryň gaýtalanmasy, hatda dürli taryhy döwürlerde, dürli ýurtlardaky
dürli halklaryň edebiýatynda ýüze çykandygyna garamazdan, edebi usul
düşünjesiniň çäginde bir umumylygy emele getirip bilýär. Edebi usullaryň
romantizm we realizm ýaly görnüşleri özleriniň hut şu hili häsiýetleri we
aýratynlyklary bilen beýleki edebi usullardan has tapawutlanýarlar. Şonuň üçin
bu edebi usullaryň alamatlaryny gadymy döwürlere degişli edebi-çeper
ýadygärliklerden hem, şu günüň edebiýatyna degişli eserlerden hem tapyp
bolýar. Belki-de, M.Gorkiý diňe iki sany edebi usulyň – romantizmiň hem-de
realizmiň bolandygy we bardygy hakda nygtaýarka, bu edebi usullaryň hut şu hili
wagt hem giňişlik çäkleriniň aňrysyny görüp bolmaýandygyny nazarda tutan
bolmagy-da mümkin.
Beýle diýildigi, elbetde, edebi usullaryň taryhy döwür taýdan şertlendirilen
däldigini aňlatmaýar. Tersine, her bir edebi usul taryhy döwrüň miwesidir. Şonuň
üçin mifologiýanyň edebi-çeperçilik ýörelgeleriniň öz döwri bar, realistik
sungatyň hem öz döwri bar. Ýöne islendik taryhy döwrüň eserlerinden hem
romantizmiň alamatlarynyň-da, realizmiň alamatlarynyň-da, hatda mifleriň we
fantastikanyň alamatlarynyň-da duşýandygy ýöne ýere däldir. Meselem, beýik
şahyr Magtymguly romantizm edebiýatynyň wekilidigine garamazdan, onuň
döredijiliginde Ýer göteren mifik Sary öküz bilen bagly ideýa-çeperçilik ýorguda-
da duş gelýändigimiz, realistik söz sungatynyň alamatlaryny-da görüp
bilýandigimiz bizi geňirgendirmeýär. Magtymgulynyň döredijiliginde “Ýat bolar”
ady bilen belli bir şygyr bar:

Muhammet ymmaty malsyz bolmasyn,


Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.
Gaçar agaň-iniň bolmaz hatyraň,
Guwanar duşmanyň dostuň mat bolar.

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,


Bir märekä barsa, orny aşakdyr,

Garyplar at münüp, depse eşekdir,


Döwletliler eşek münse, at bolar.

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,


Dostuň yhlas bilen mürewwet etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,
Diňlemezler, aýdan sözüň bat bolar.1

1
Magtymguly. Eserler ýygyndysy. 1-nji jilt. Aşgabat, “Ylym”, 2013, 505-506 sah.
343
Şu setirlerde romantiki arzuwçyllygyň ysy hem ýok. Bular XVIII asyr
şertlerinde ýaşan türkmeniň real sosial durmuşy baradaky şahyrana pikirler. Ol
döwrüň hakykaty, ony Magtymgulynyň şu setirlerinde aýdyşyndan üýtgeşik real
aýtmagam, çeper aýtmagam mümkin däl. Eýsem onda bu realizm usulynda
ýazylan esermi? Ýok, ol romantizm edebiýatynda real durmuşyň käbir
taraplarynyň şöhlelenmesi. Sebäbi bu eser tutuşlygyna alanyňda, realizm
usulynyň talaplaryna doly jogap berýän eser däl. Şygryň soňlary başga-başga
zatlara – adam häsiýetindäki käbir nogsanlyklar bilen bagly meselelere ýazyp
gidýär. Ýöne şygyr, umuman, ideýa-mazmun taýdan bitewi eser. Emma şygyrda
real hakykatyň başdaky sosial öwüşgini, onuň soňlarynda solgunlaşýar, hatda
ýitip gidýär. Liriki mazmun şygryň soňlarynda sosial gatlaklardan sowlup,
umuman, adam we onuň dünýäsi hakdaky söhbete geçip gidýär. Bu, elbetde,
XVIII asyr çeper prossesiniň durmuş hakykatyna gatnaşygy babatdaky
ýörelgesidir. Has türküläp aýtsak, bu magtymguluçylyk edebi mekdebiň öz
realizmidir. Magtymguluçylyk realizmiň bolsa heniz XVIII asyr şertlerinde edebi
usul derejesine galmaga jemgyýetçilik-syýasy taýdan hem, edebi-çeper ösüşiň
kanunalaýyklyklary taýdan hem mümkinçiligi ýokdy. Şonuň üçin
Magtymgulynyň şygryýetindäki bu hili durmuş hakykatyna bolan gatnaşygyny
diňe realizmiň alamatlarynyň ýa-da XVIII asyr türkmen edebiýatynda realistik
meýilleriň ýüze çykmasy hökmünde garalmaly hadysadyr. Muňa başga hili many
berip (meselem, XVIII asyrda tankydy realizm usulynyň döremegi ýaly many
berip), çişirsek, onda ol hakykatdan daş düşdügimiz bolardy.
Magtymgulynyň bu şygyrda durmuş hakykatyna çemeleşiş ýörelgesi diňe
realistik stiliň käbir taraplaryna gabat gelýär. Bu diňe şoldur, şondan başga zat
däldir. Sebäbi şygyr gahrymanynyň öňe çykarylan çeper keşbine berlen sosial
öwüşginde realistik stiliň alamatlary bar. Bu bolsa şygra-da, şygryň orta çykaran
liriki keşbine-de diňe reallyk ýokundysyny çaýýar.
Magtymguly bu meselede ýeke däl. Şahyryň durmuş hakykatyna çemeleşiş
ýörelgesi onuň döredijilik mekdebini geçen şahyrlaryň hemmesine mahsus çeper
däp bolup dowam etdi. Bu däp özüniň bütin çeperçilik güýji bilen XIX asyrda
hem ýörgünli boldy. Sebäbi XIX asyr jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ýagdaýy
hem XVIII asyr ýaşaýyş şertleriniň gaýtalanmasy boldy. Şonuň üçin bu asyrda
hem edebi prossesiň ösüşi-de, onuň durmuş hakykatyny çeper özleşdiriş
ýörelgeleri-de üýtgewsizliginde galdy we edebi prossesde magtymguluçylyk
edebi mekdebiň çeperçilik ýörelgeleri we däpleri gaýtalandy. Munuň şeýledigini
tassyklamak üçin köpe ýaýrap oturmagyň geregi ýok, diňe “hiç adamdan ýüz
görmän, ýagşa – ýagşy diýmek, ýamana – ýaman” diýmek ýörelgesine eýeren
beýik türkmen nusgawy şahyry Keminäniň döredijiligine ser salmak ýeterlikdir.
Kemine XIX asyryň döredijilik wekili. Şuňa garamazdan, ol XVIII asyryň
çeperçilik ýörelgeleri bilen durmuş hakykatyna çemeleşýär. Şahyr hakykatdan
özüniň boýun alşy ýaly, “ýagşa – ýagşy, ýamana – ýaman” diýmek çeperçilik

344
ýörelgesine eýerýär. Durmuşa dogruçyl baha bermek ýörelgesinden ugur alýar.
Onuň “Garyp” ady bilen belli sosial äheňli meşhur şygrynda şeýle setirler bar:

Ýalbarar men: “baý aga!” diýp, göýä ak mumdan beter,


Baýlaryň basgançagy boldum – gysym gumdan beter,
“Ber hakym!” diýp, gyssasam, çişer otyr humdan beter,
Ogry şum, orramsy şum hem, belki, ol şumdan beter,
Bir Hudanyň urgany, hiç ýerde sansyzdyr garyp.

Ýyl başyndan galla sorap, işi gapy kakmak bolar,


Ýer çilim ýanýoldaşy, ýanynda bir çakmak bolar,
Tiz çeker gussa bilen, öz gursagyn ýakmak bolar,
Geplese, bolman gepi hem özi bir “akmak” bolar,
Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir garyp.1

Şahyryň bu şygrynda döwrüň sosial gatlaklaryna mahsus bolan


hususyýetleri görýäris. Şunuň bilen edebi prossesiň ösüşinde hem durmuş
hakykatynyň çeper özleşdiriliş ýörelgeleriniň däpleşen gaýtalanmalaryny
görýäris. Bu bolsa şahyryň şygrynyň sosial öwüşgin bilen baýlaşmagyna
getiripdir. Muňa Keminäniň durmuş hakykatyna çemeleşmekde
magtymguluçylyk stiliň ýörelgelerine ýykgyn etmegi sebäp bolupdyr.
Edebiýatçy R.Rejebow Keminäniň bu şygryny hem-de onuň “Içmek”,
“Meňzär”, “Garyplyk”, “Mydar saňa” ýaly şygyrlaryny hatda realistik goşgular
hasaplaýar. Alym öz pikirini şeýle netijeler bilen jemleýär:
“Kemine çeper edebiýatyň materialy – adama çemeleşmekde realizmiň
esasy kanunlaryndan bolan tipleşdirme prinsipini tas özleşdiren eken. Ýöne onuň
tipleşdirme we estetiki bahasynda bir ölçege esaslanylman, kä häsiýet, ýagny
jemgyýetçilik aýratynlyklara, käte bolsa daşky, ýagny tebigy aýratynlyklara
esaslanylýar.
...Ýöne onuň bilen türkmen edebiýatynyň umumy häsiýeti özgerip, oňa
tutuş realiazm mazmuny girmeýär. Birinjiden, şu babyň başynda (R.Rejebowyň
salgylanylan kitabynda-Ş.G.) agzalyp geçilen sebäplere görä, ikinjiden, bu ownuk
real durmuş bölekleri real däl zatlar deňzinde maýdaja adalar hökmünde bolup
durýar. Hakykatda bolsa realizmde munuň tersine bolup, real zatlar we wakalar
we real gatnaşyklar deňziniň içinde diňe real däl zatlar maýdaja adalar bolup
biler.”2 Elbetde, edebiýatçy alym R.Rejebow hak aýdýar. Edebi prossesiň
ösüşindäki bu hili ýüze çykmalar entek diňe realizmiň alamatlary hökmünde
garalmaly zatlardyr.
R.Rejebow öz işinde türkmen halk dessanlarynyň mysalynda hem,
Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” poemasynyň mysalynda hem, XIX asyr türkmen
nusgawy şahyrlary Seýdiniň şygyrlarynyň (“Hoş indi”, “Lebap hoş indi”)
1
Mämmetweli Kemine. Eserler ýygyndysy. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1971, 54 sah.
2
R.Rejebow. XVIII-XIX asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili. Aşgabat, “Ylym”, 1995, 91-92 sah.
345
mysalynda ýa-da Zeliliniň “Watanym seni”, “Nyşan, Seýdi”, “Salam, Seýdi” ýaly
birnäçe eserleriň mysalynda ýüze çykan realistik ýörelgeleri-de öz pikirini
tassyklaýan edebi çeper nusgalar hökmünde seljerýär we netije çykarýar. Netije
bolsa bir zatda – türkmen edebiýatynyň XX asyra çenli ösüşinde realizm diňe
element hökmünde ýüze çykyp bilendigi hakyndaky pikirde jemlenýär.
Diýmek, şu seljerilen mysallaryň tassyklamagyna görä, ýene-de bir netije
gelip çykýar. Romantizm usulyna esaslanýan edebiýatyň çäklerinde hem wagty
ýetse, orun tapsa, realizm döredijilik ýörelgeleriniň alamatlary-da ýaşap bilýär.
Has çintgäp aýtsak, romantizm edebiýatynyň çäginde realizmiň diňe alamatlary
özüne orun tapýar. Ondan aňryk çuňlaşyberse, ol eýýäm döredijilik usullyk
häsiýetine eýe bolup başlaýar. Bu ýagdaý diňe bir döredijilik usulynyň başga bir
edebi usul bilen ornuny çalyşýan pursatlaryna häsiýetli däldir. Ol yzygiderli hem
dowamly possesdir. Şonuň üçin realizm edebiýatynda romantizmiň alamatlary,
romantizm edebiýatynda realizmiň we beýleki usullaryň alamatlary hem özüne
orun tapyp biler.
Professor S.A.Garryýew romantizmiň çäginde realizm elementleriniň
peýda bolmagyna döwrüň öňe çykaran çeperçilik tendensiýasy (meýli) hökmünde
garaýar.1 Bu hakykatdan hem edebi prossesiň ösüşinden çykarylan dürs netijedir.
Başgaça bolmagy mümkin hem däl. Sebäbi hiç hili edebi-taryhy şertleriň ýok
ýerinde diňe dowam edýän edebi usulyň hökmürowanlygy özüni görkezýär. Ýöne
onuň çäklerinde täze usulyň alamatlarynyň ýüze çykjak bolmak meýillerine
mümkinçilik bolýar. Dowam edýän döredijilik usulyň çeperçilik däpleri edebi
prossesiň ösüşine çuňňur aralaşýar. Şonuň üçin ol özüniň eýelän ornuny örän
gaýym saklaýar. Ony jemgyýetçilik-syýasy şertleriň taryhy ösüşi üýtgedip,
özgerdip bilýär.
Emma professor J.Allakow bu hakda başga pikirde. Ol özüniň “Edebiýat
ylmyna girişinde” şeýle ýazýar:
“Görnüşi ýaly, awtor (gürrüň S.A.Garryýew hakynda we onuň
“Magtymguly hem edebiýatda realistik tendensiýa” atly monografiýasy hakda
barýar – Ş.G.) “Magtymguly realist şahyr bolupdyr diýip, çürt-kesik aýtmak-da
ýeterlik däl” diýse-de, alymyň hut ýokarky pikirleri Magtymgulynyň realist şahyr
bolandygyny kemsiz tassyklaýar. Eger şahyryň döredijiliginiň esasy maňzyny,
rassional dänesini realistik prinsiplerden ugur alnyp döredilen eserler tutýan
bolsa, Magtymguly realist şahyr bolupdyr – diýip, çürt-kesik aýtmaga näme
päsgel berdikä? Belki, şahyryň döredijiliginde romantik häsiýetiň-de
bolmagydyr? Biziň düşünişimizçe, alym şony-da tutaryk etjek bolýar. Emma ol
ýa-da beýleki söz ussadynyň döredijiliginde romantiki ugruň alamatlarynyň
bolmagy ondaky realizmi asla inkär etmeýär. Hakyky realistik eserler romantika
bilen ganatlanman durup bilmeýär. Olarda elmydam belli bir derejede romantiki
akymlar (?) bolýar. Has takygy, uly söz ussatlarynyň döredijiliginde romantizm
bilen realizm utgaşykly gelýär.”2
1
S.A.Garryýew. Magtymguly we edebiýatda realistik tendensiýa. Aşgabat, “Ylym”, 1978.
2
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”,1992, 393 sah.
346
Şu setirleriň zehinli alym J.Allakowyň galamynyň astyndan çykandygyna
ynanasyň gelenok. Sebäbi bu salgylanylan setirlerde meseleler şeýle bir
bulaşdyrylýar weli, şeýle bulaşyklygyň nämäniň hatyrasyna edilendigine
düşünmek mümkin hem däl. J.Allakow bu ýerde üç sany säwlik goýberýär. Ol
professor S.A.Garryýewiň öz işinde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň –
romantizm usully edebiýatyň çäginde realizmiň element hökmünde ýüze çykmak
meýlini Magtymgulynyň döredijiliginiň mysalynda subut edip, onuň gelen
netijesini nädogry hasaplamak bilen bir ýalňyşýar. XVIII asyr şertlerinde edebi
prossesde dowam eden edebi usuly – romantizmi döwrüň edebi-çeper ýörelgesi
däl-de, hamana, S.A.Garryýewiň ýerliksiz tutarygy hasaplamaklyga çenli baryp
ýetmek bilen iki ýalňyşýar. Hatda ol tutuş döwre mahsus bolan romantizmi
döwrüň çeper usuly hökmünde ykrar etmän, ony inkär etmeklige, ony döwrüň
ýörgünli döredijilik usuly däl-de, usulyň alamaty hökmünde häsiýetlendirmek
bilen üç ýalňyşýar.
Şeýlelikde, ol XVIII asyr türkmen edebiýatynda tankydy realizm usuly
kemala gelipdir diýmek isleýär. Bu pikir geçen asyryň (XX) altmyşynjy
ýyllarynda tankydy realizm edebi usuly barada metbugat sahypalarynda gozgalan
çekişmelerde ýazgaryldy. Şoňa garamazdan, J.Allakow şol edebi çekişmede
XVIII asyr türkmen edebiýatynda romantizm usuly däl-de, tankydy realzim
usulynyň dowam edendigini tassyklan we ýalňyş nukdaý nazary eýelän alymlaryň
tarapyna taýyp düşýär.
J.Allakowyň şeýle gümürtik pikirleri öňe sürmegine professor
S.A.Garryýewiň öz monografiýasynda ýazan şu setirleri sebäp bolýar. Ine, olar:
“Şonuň esasynda Magtymguly realist şahyr bolupdyr diýip çürt-kesik
aýtmak-da ýeterlik däl, ol diňe romantik bolupdyr diýmek hem hakykata dogry
gelmeýär. Ýöne Magtymgulynyň döredijiliginiň esasy maňzyny, rassional
dänesini şahyryň realistik prinsiplerden ugur alyp döreden eserleri tutýar.”
Gynansagam, bu ýerde professorlaryň ikisi-de–S.Garryýewem,
J.Allakowam meseläni bulaşdyrýarlar. Ilki öz işinde nädogry netije çykarmak
bilen nädürs pikiri öňe süren S.A.Garryýew boldy. Soňra orta atylan nädürs pikiri
üçin S.A.Garryýewe igenjek bolup, J.Allakow ondan hem beter edip, hakykatyň
ýele ýanyndan hem geçmeýän nädogry pikiri öňe sürdi we öň bulaşdyrylan
meseläni has hem bulaşdyrdy.
Eýsem bulaşyklyk nämedekä? Bulaşyklyk gozgalan mesele babatda nädürs
netije çykarylanlygynda we şol nädürs netijäniň bir ujundan tutup, ony aýlap-
dolap, öňküden hem beter nädürs netije çykarylanlygynda. Düşnükli edip aýdylsa,
Magtymgulynyň döredijiliginiň “esasy maňzyny, rassional dänesini realistik
ýörelgelere esaslanyp ýazylan eserler tutýar” (S.A.Garryýew) diýen pikirdir.
J.Allakow bir zady dogry aýdýar: “eger döredijiligiň maňzyny realistik eserler
tutýan bolsa, onda näme üçin Magtymgula realist şahyr diýip bolmazmyşyn?”
Logiki taýdan örän dogry goýlan sorag. Emma oňa diňe bir ýagdaýda “dogry”
diýip jogap berip bolar. Eger romantizm usulynyň ýa-da J.Allakowyň aýdyşy

347
ýaly, romantizm ugrunyň hökmürowan döwründe döredilen Magtymgulynyň
eserlerinden öz pikiriňi esaslandyrýan, realistik maňzy tapyp biljek bolsaň ýa-da
bilseň diýip bolar. Ýöne XVIII asyr şertlerinde edebi prosses tutuşlygyna, şol
sanda Magtymguly hem entek romantizm ummanynda ýüzmegini dowam edýärdi
we bu ummanda olar özüni erkin hem azat duýýardy. Şeýle edebi-taryhy şertlerde
edebiýat meýdanyna çykan hiç bir ýazyjynyň döredijiliginiň maňzyndanam,
gabygyndanam realizmi agtarmak dogry bolmaz: Professor S.A.Garryýew hut
şonuň üçin Magtymgula birde realist şahyr diýip, birde-de diýip bilmän
ýaýdanýar. Ýöne ahyr soňunda şahyryň döredijiliginiň maňzyny realizme
baglamak bilen ýalňyşýar.
Professor J.Allakow bolsa S.A.Garryýewiň öz ylmy işinde Magtymgulyny
realist şahyr diýip çürt-kesik aýtmandygy üçin kötekleýär. Alymyň özi hem
Magtymgula çürt-kesik realist şahyr diýmek bilen nädürs çürt-kesikligiň
girdabyna düşýär. Şonuň üçin bu meselede J.Allakowyň nädogry netije çykarmak
bilen edýän çürt-kesikliginden ýa-da gözsüz batyrlyga ýüz berip, “degene gözüm
manden däl” edýänliginden S.A.Garryýewiň yrga pikirliligi ýene-de elhal
görünýär. J.Allakowyň nämä esaslanýandygy belli däl, ýöne ol Magtymgulyny
bütinleý realist şahyr hökmünde häsiýetlendirýär we meseläni öňküdenem beter
bulaşdyrýar. Eger J.Allakowa ynansaň, onda Magtymguly ýok edebiýatyň
(realistik edebiýatyň) ýok wekili (realist şahyry) bolup galýar. Professoryň meselä
şeýle başdan sowmalyk we harsallyk bilen çemeleşendigine näme diýip, näme
goýjagyňy biler ýaly däl. Ýogsam ol geçen asyryň (XX) altmyşynjy ýyllarynda şu
meseleler bilen baglanyşykly “Edebiýat we sungat” gazetiniň sahypalarynda
dowam eden gyzgyn çekişmelerden hem habarly alymdy. Şeýle-de bolsa, ol
hötjetlik bilen XVIII asyry, hiç bir tutaryksyz, tankydy realizmiň asyry hökmünde
häsiýetlendirmäge çalyşýar.
Edebi usul hadysasyna beýle urdum-şalyk bilen çemeleşmek dogry däldir.
Her edebi usulyň hut özüne mahsus bolan aýratynlyklary, özüne häsiýetli bolan
tebigaty bar. Edebi usullaryň döremegi üçin-de, ýaşamagyny dowam etmegi üçin-
de belli bir sosial-taryhy we jemgyýetçilik-syýasy şertler zerur. Olary hasaba
almazdan, edebi usullaryň ýaşaýşyny ykrar edip-de, inkär edip-de bolmaýar.
Muňa garamazdan, çeper usullaryň tebigaty hakynda alymlaryň arasynda dowan
edýän jedelleriň soňy gelenok. Käbir alymlaryň garaýşy boýunça ol çeperçilik
tärleriň we serişdeleriň jemidir. Başga birleriniň pikiriçe, ol edebiýatyň we
sungatyň durmuş hakykatyna bolan estetiki garaýyşlarynyň nazary ýörelgeleridir.
Alymlaryň üçünji bir topary bolsa oňa çeper döredijiligiň dünýagaraýyş
ulgamynyň ugruny kesgitleýji hökmünde garaýar.
Bu garaýyşlaryň üçüsiniň hem aýry-aýrylykda, her haýsy özbaşyna edebi
usulyň tebigatyny doly açyp bilmeýändigini aýtmalydyrys. Çeper usuly diňe
edebi tärleriň we serişdeleriň jemine syrykdyryp goýmak bolmaz. Sebäbi şol bir
çeperçilik serişdeleriň dürli-dürli edebi usullara hyzmat edip bilýändigini göre-
göre gelýäris. Aýratyn-da, başga serişdeler hakynda gürrüň etmänimizde-de, diliň

348
çeperçilik serişdeleri islendik edebi usulyň çäginde hem özüniň şol bir many
öwüşginleri bilen edebi döredijilik işine hyzmat edýär. Şu häsiýet çeperçilik
serişdeleriniň aglabasy üçin häsiýetlidir. Diýmek, her edebi usulyň özüne mahsus
çeper serişde ulgamy ýokdur. Şonuň üçin edebi-çeper tärlerde we serişdelerde
hem usulyň tebigatyny açyp berýän kesgitleýji hyzmat ýokdur.
Edil şonuň ýaly, döredijilik usulyna diňe sungatyň durmuş hakykatyna
bolan estetiki gatnaşygy hökmünde garamak-da dogry däldir. Sebäbi şol bir edebi
usulyň çäginde şeýle estetiki gatnaşyklaryň dürli hili ýörelgeleriniň bolmagy
mümkin. Başga bir tarapdan, hakykata estetiki gatnaşyklaryň ýörelgeleri käbir
ýagdaýlarda dürli edebi usullaryň wekillerinde dürli hili bolman, meňzeş hem
bolup biler.
Şeýle hem edebi usulyň manysyny-maňzyny ýazyjynyň umumy ideologik
nukdaý nazaryna we dünýagaraýşyna çenli daraltmak ýa-da dar çarçuwa salmak
hem meselä bir taraply hem-de ýüzleý garamakdan başga zat däldir. Edebi-
-döredijilik usuly onuň özüniň estetiki tebigatyndan gelip çykýan
aýratynlyklardan üzňeleşdirmek hiç bir ýagdaýda dogry netijeleriň üstünden
eltmez. Eýsem edebi-çeper usullaryň tebigatyna häsiýetli alamatlar haýsylarka?
Edebi usul çeper prossesiň taryhy ösüş ýolunda ýüze çykýan iň uly
döredijilik hadysalaryň biridir. Edebi usul hakykata akyl ýetirmegiň we onuň ol
ýa-da beýleki bir taraplaryna akyl ýetirmegiň, onuň predmetini çeper
özleşdirmegiň ylmy-çeper usulyýetidir. Durmuş hakykatyny çeper özleşdirmegiň
ýörelgeleridir. Jemläp aýtsak, edebi usul çeper pikirlenişiň taryhy döwür we
sosial-jemgyýetçilik ýagdaýlar bilen şertlendirilen tipidir. Onuň kemala
gelmeginde üç sany ýagdaýyň: 1) özüniň ähli estetiki baýlygy bilen öňe çykan
durmuş hakykatynyň, 2) sosial-taryhy taýdan şertlendirilen dünýägaraýşyň, 3)
şundan öňki döwürlerde çeper pikirlenişde toplanan tejribeleriň kesgitleýji täsiri
bardyr.
Sungatyň predmetine, mazmunyna we çeper usula taryhy taýdan özgerip
durmak häsiýetlidir. Şunda özgeriş olaryň diňe tebigatyna mahsusdyr. Sebäbi ol
taryhy taýdan şertlendirilendir. Özgerişe döwrüň talaplaryna boýun bolmak
häsiýetlidir. Edebi usullaryň özgerişi-de, döreýşi-de şunuň bilen baglydyr. Biziň
pikrimizçe, her gezek jemgyýetçilik durmuşda bolup geçýän taryhy öňe gidişligiň
täsirinde ýüze çykýan hakykatyň estetiki taýdan özleşdirilişiniň täzelenmegi we
baýlaşmagy bilen täze bir edebi çeper usul döreýär. Täze dörän edebi-çeper usul
her gezek sungatyň predmetiniň (adamyň) dünýäsiniň çeper şöhleleniş
prossesiniň işjeňleşmeginiň netijesi hökmünde ýüze çykýar.
Çeperçilik prossesiň ösüşi hakyndaky düşünjäni diňe aýry-aýry taryhy
döwürlerde käbir genial adamlaryň döremeginiň hasabyna syrykdyrmak dogry
bolmasa gerek. Sebäbi edebiýatdaky we sungatdaky ösüşler käte aýry-aýry beýik
şahsyýetleriň hyzmaty bilen hem bagly bolsa bolýandyr weli, bu meselede esasy
zat umumy çeper pikirleniş derejesiniň ýokarlanmagy we kämilleşmegi bilen
baglydyr. Çeperçilik ösüşiň her bir täze basgançagyny hut çeper pikirlenişiň

349
deslapky basgançaklardaky kämilligini alamatlandyrýan özboluşly aýratynlyklar
arkaly tapawutlandyryp bolýandygy bellidir. Muňa beýik şahsyýetleriň täsiri
bolubam biler, bolmanam. Çünki çeper döredijiligiň şol bir basgançagynda beýik
şahsyýetleriň birnäçesiniň döremegi mümkin, ýöne olaryň hiç biriniň umumy
çeper pikirleniş derejäniň göz-görtele ýokarlanmagyna täsir edip bilmezligi
ahmal.
Meselem, XVIII-XIX asyr türkmen edebiýaty çeper pikirlenişiň romantizm
basgançagynda eser döreden birnäçe beýik şahsyýetleri edebiýat meýdanyna
çykardy. Olaryň arasynda Andalyp, Azady, Magtymguly, Şabende, Şeýdaýy,
Magrupy, Gaýyby, Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji ýaly nusgawylyk
belentlige galan şahyrlar bar. Muňa garamazdan, olaryň hiç biri hem çeper
pikirlenişiň täze döredijilik basgançagyny – täze döredijilik usuly orta çykaryp
bilmediler. Olar diňe romantizmiň badyhowa belentlikleriniň çürbaşyna,
çykmagy başardylar, emma realizmiň zemini çeperçilik ülňülerini döredip
bilmediler. Olaryň döredijiliginde realizm diňe alamat ýa-da element hökmünde
ýüze çykdy. Sebäbi olaryň ýaşap hem döredip öten döwürlerinde realizmiň usul
hökmünde ýüze çykmagy üçin hiç hili syýasy-jemgyýetçilik, sossial-ykdysady
ýa-da edebi-taryhy şertler ýokdy. XVIII-XIX asyr türkmen jymgyýetinde asla
munuň ýaly şertleriň döremegine mümkinçilik hem bolmady. Çeper pikirlenişiň
täze usul basgançaklaryna çykmagy üçin bolsa şeýle şertler zerurdy. Edebi-
taryhy ösüşiň şeýle şertleri döredip bilmändigi üçin, Magtymguly döredijilik
şahsyýet hökmünde genilik belentlige galan hem bolsa, ol hem öz döwürdeşleri
bilen deň hatarda romantizm basgançagynyň belentliginde durup, hakykata nazar
salmaly boldy. Şundan hem umumy çeper pikirleniş derejesiniň
ýokarlanmagynyň ýa-da kämilleşmeginiň belli bir şahsyýete bagly däldigi aýdyň
bolýar. Geniý derejesindäki şahsyýet hem jemgyýetçilik-syýasy şertler döremese,
edebiýata täze bir usuly salgy berip bilmeýär. Şeýle hem söz sungatynyň ösüşi
diňe bir onuň adam durmuşynyň täze we kämil formalaryny şöhlelendirmegi,
taryhy döwrüň öňe çykaran täze meselelerini gozgamagy ýa-da täze-täze
ideýalary öňe sürmegi bilen çäklenmeýär. Çeper pikirlenişiň ösüşi edebi prossesiň
hut özüne mahsus döredijilik usulyny döwür dolandygyça kämilleşdirip barmagy
bilen bagly umumy usullaýyn ýüze çykýan özgerişlerde belli bolýar. Bu hadysa
diňe döwrüň özgermegi bilen aýakdaş gidip bilýän edebi prossesde ýüze çykyp
bilýär. Has takygy, çeper pikirlenişiň ösüşi edebi prossesiň ösüşini durmuş
hakykatyny döwrebap hem dogruçyl, şeýle hem has giň we çuňňur şöhlelendirýän
çeperçilik ýörelgelere esaslanýan edebi usulyň döremegine tarap alyp barýan
tijenişli ösüş ýoluna düşmegi bilen amala aşýar.
Süleýman pygamberiň ýüzüginde “Bu-da geçer” diýen köp manyly
ýazgynyň bardygy hakyndaky rowaýat pisint gürrüňi bilmeýän ýok bolsa gerek.
Bu rowaýat, elbetde, şu dünýäde hemme zadyň, hamana, wagtlaýyndygyny,
möwritleýindigini, ötegçidigini nygtamak üçin dörän bolmagy ahmal. Bir
tarapdan seretseň, pygamberiň ýüzügindäki bu ýazgy özüniň dogruçyllygy bilen

350
hakykatyň edil gözünden urýan ýaly. Ýöne materialistik taglymatyň
tassyklamagyna görä, şu dünýäde bar bolan maddalaryň hiç biri ýitip gitmeýär,
olaryň diňe formalary we mazmunlary üýtgeýär. Başga bir forma ýa-da mazmuna
geçen maddalar, başga formada we mazmunda özüniň ýaşamagyny dowam
edýärler.
Rowaýat pisint şu gürrüňi biz ýöne ýere ýatlamadyk. Sebäbi bu ötegçi
dünýäde bar zatlaryň möwritleýinligi hakyndaky gürrüňi her zat hakynda ulansaň
ulanyp bolýar, ýöne ony dünýä belli sungat eserleri we ýadygärlikleri hakynda
ulanyp bolmaýar. Sebäbi olar “Bu-da geçer” diýilýän ýörgünli sözleriň
hakykatyndan has belent hakykat hökmünde asyrlaryň aňrysyndan şu günlere
garap durlar. Olara ötegçilik däl-de, bakylyk mahsus. Emma “Bu-da geçer”
sözüniň “hakykaty” edebiýatyň döredijilik usullary babatda weli dogrudyr. Söz
sungatynyň taryhy ösüşinde edebi-çeper usullaryň birnäçesiniň dörändigini we
belli bir döwürde ýaşap, soňra hem ýaşamagyny bes edendigini bilýäris. Ýöne
başga bir zady hem bilýäris. Söz sungatynyň taryhynda näçe çeper usul dörän
bolsa, şolaryň çeper pikirleniş babatda ýöntemligine ýa-da kämilligine
garamazdan, şol edebi usullaryň çeperçilik ýörelgeleri esasynda döredilen we
çeperçilik bakylygyny gazanan eserler babatda “Bu-da geçer” pelsepesiniň ýalan
bolup çykýandygyna sungatyň taryhy gözli şaýat. Dünýä edebiýatynyň altyn
hazynasyna giren şeýle ajaýyp eserleriň birnäçesini hatda mekdep okuwçylary-da
bilýär. Ölmez-ýitmezligiň “jadyly jygasyny” başa geýen we bakylyga siňen
ýadygärlikleriň sungatyň her bir görnüşinde hem bardygyny biz dünýä
medeniýetiniň taryhyndan bilýäris. Bu ýagdaý fantastik guş bolan Kaknusyň müň
ýyl ýaşap, özünden nesil galdyrmak üçin ömrüniň ahyrynda oda ýanyp, küle
öwrülişi we şol külüň astyndan hem geljekki Kaknus çagasy döremeli
ýumurtganyň peýda bolşy hakyndaky rowaýaty ýada salýar. Edebi usul bilen
çeper eseriň özara gatnaşygy ýene-de enäniň perzent öndürişi bilen bagly real
hakykaty-da ýada salman duranok. Edebi usulyň goýnunda dünýä inen we ösüp
kemala glen çeper eserler, usulyň ýaşamagyny bes edendigine garamazdan, olar
dünýäni haýrana goýyp, baýnap ýaşamaklaryny dowam edýärler. Olar geljekki
asyrlara we nesillere hyzmat etmek üçin heňňamlaryň tümlügini böwsüp, şu
günlere nur çaýýarlar. “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly türkmen
şadessanlary, halky dessanlar, Magtymgulynyň we onuň döredijilik mekdebiniň
meşhur wekilleriniň döreden eserleriniň gün geldigiçe lowurdysy artyp, many
saçýar, barha we barha reňk açýar. Türkmeniň çeper gymmatlyklaryna, onuň
milli mirasyna bu gün dünýä guwanýar. Bakylyk postamentine galan bu edebi
ýdygärlikleriň umumadamzar gymmatlygyna öwrülmegine olary dünýä inderen
awtorlardan başga-da, olaryň döremegine giň edebi-çeper meýdan açan
döredijilik usullaryň-da hyzmaty uludyr. Diýmek, çeperçilik giňişlikde milli hem
umumadamzat ähmiýetli ölmez-ýitmez eserleriň döremeginde edebi usullara örän
uly orun degişli eken. Indi şol edebi-çeper usullar hakynda gürrüň etmegiň wagty
ýetdi.

351
Dünýä edebiýatyna mahsus bolan edebi-çeper usullaryň käbiriniň türkmen
edebi prossesiniň ösüşine dahyly ýokdur. Şeýle-de bolsa dünýä edebiýatynda
çeperçilik usul hökmünde dörän we edebi prossesiň ösüşine, çeper pikirlenişiň
umumy ösüşine täsiri bolan edebi usullary öwrenmek we olary bilmek zerurdyr.
Şu nukdaý nazardan milli çeper pikirlenişiň ösüşine dahylly bolan we bolmadyk
edebi usullar hakda hem düşünje bermäge çalşarys. Edebi usullar çeper
pikirlenişiň özboluşly bir tipi hökmünde gadymyýetden bäri söz sungatynyň
ösüşine itergi berip gelýär. Onuň çeper stil, edebi ugur, edebi akym, edebi
mekdep ýaly çeperçilik prossesiniň ösüşinde ýüze çykan umumylyklara mahsus
bolan aýratynlyklary hem özünde jemlemek häsiýeti bar. Sebäbi ol döredijilik
umumylyklar we toparlar haýsy-da bolsa bir edebi usulyň çäginde döreýär we
ýaşaýar.
Öňde edebi ugur we onuň aýratynlyklary hakda gürrüň edilende, onuň
edebi stil bilen usulyň aralygyndaky “köprülik” hyzmatynyň bardygy baradaky
özboluşly tarapyna üns çekilipdi. Eger bu çeperçilik “köpriniň” bir ujunyň edebi
stilde, beýleki ujunyň hem edebi usuldadygyny göz öňünde tutsaň, onda edebi
ugruň ümzüginiň mydama edebi usula tarap bolandygyny-da aňlamak kyn
bolmasa gerek. Sebäbi çeper pikirlenişiň ösüşi hemişe täze edebi usuly
döretmeklige tarapdyr. Diýmek, edebi ugur çeperçilik prossesde täze bir edebi
usulyň döremeginde hereketlendiriji güýç eken. Edebiýaty öwreniş ylmynda
edebi ugur we edebi usul düşünjeleriniň biri-biriniň ýerine çalşyrylyp, ulanylyp
ýörlenliginiň sebäbi-de, belki, olaryň biri-birine ulaşyp ýatan
hadysalardygyndandyr.
Ýöne biz edebi ugur bilen edebi usuly garyşdyrmazlygyň tarapdary. Şonuň
üçin olaryň hersini öz atlary bilen atlandyrjakdygymyzy ýaňzytmaly bolýarys.
Şeýlelikde, çeper pikirlenişiň özboluşly basgançaklaryny emele getirýän
hadysany edebi usul diýip atlandyrmagyň dogry boljakdygyndan ugur alyp, ony
şeýle adalga bilen, has takygy, edebi usul adalgasy bilen seljermäge çalşarys.
Biziň pikirimizçe, bu dogry çemeleşmedir. Sebäbi edebi ugur düşünjesi edebi
usul düşünjesiniň daşyndaky hadysadyr. Öňde hem ýörite nygtalyşy ýaly, ol edebi
stil bilen edebi usulyň aralygyndaky çeperçilik hadysadyr ýa-da şol ikisiniň
arasyndaky “köprüdir”.
Milli edebiýatlaryň edebi usula bolan gatnaşygy hakda gürrüň gozgalanda,
olaryň hemmesini bir aýakdan sürüp ýa-da bir ýüpe düzüp bolmaýandygyny-da
ünsden düşürmeli däldir. Onuň özüne ýeterlik dürli-dürli sebäpleriniň bolmagy
mümkin.
Aýdaly, Gündogar bilen Günbataryň jemgyýetçilik aňynyň, ahlak-etiki
ýörelgeleriniň dünýagaraýyşlarynyň, dini düşünjeleriniň medeni-ruhy dünýäsiniň
arasynda ýoluk tapawut bar. Şonuň üçin bu ýagdaý jemgyýetçilik aňynyň bir
görnüşi bolan söz sungatynyň ösüşinde, onuň çeper pikirleniş derejesiniň
ösüşinde, özgerişinde ýüze çykan bu tapawut edebi usullaryň döreýşine, ösüşine-
de gönüden-göni täsiri bolupdyr. Tapawutly edebi usullary bolan edebiýatlaryň

352
tapawutly edebi prossesiniň boljakdygy, şol sanda onuň tapawutly edebi
stilleriniň, edebi akymlarynyň, edebi ugurlarynyň, edebi mekdepleriniň, hatda
edebi žanrlarynyň boljakdygy-da kanunydyr. Onuň hakykatdan-da şeýle
bolandygyny Gündogaryň we Günbataryň sungatynyň hem edebiýatynyň taryhy
ösüş ýolunda ýüze çykan edebi-çeperçilik hadysalar doly tassyklaýar.
Dünýä edebiýatynda dürli taryhy döwürlerde klassissizm, sentimentalizm,
romantizm, realizm, tankydy realizm, sosialistik realizm ýaly edebi usullar
döräpdir we belli bir möwritde özüniň hökmürowanlygyny ýöredipdir. Türkmen
edebi prossesinde şu usullaryň käbiri çeperçilik ösüşiň özbaşdak basgançagy
hökmünde hiç hili nam-nyşan galdyrmandyr. Belki, olaryň käbiri ýa asla usul
hökmünde döremändir ýa-da döränem bolsa, bize olardan hiç hili edebi-çeper
nusga gelip ýetmedik bolmaga çemeli.
Şonuň üçin türkmen edebiýatynyň romantizm edebi usulyndan öň haýsy
çeper usulyň ýörelgeleri boýunça eser döredendigini aýtmak kyn. Ýöne bir zat
belli. Edebiýat durmuşyň aýnasydyr. Onuň predmeti hem adamdyr. Şeýlelikde, ol
adamyň real durmuşyna ýakyn hakykatdan daşlaşyp bilmeýär. Şuňa esaslansaň,
real durmuşyň öňe çykaran hakykaty islendik döwrüň çeper pikirlenişine mahsus
realizminiň ýa-da özüne mahsus bolan realistik çeper aýtymynyň boljakdygyna
şübhelenmese bolar. Galyberse-de, hatda hyýaly ertekilerde-de realizmiň
dänejikleriniň bardygy hakyndaky materialistik taglymat hem şuny tassyklaýar.
Eger şu nazaryýetden ugur alsaň, onda realizmiň we onuň alamatlarynyň çeper
pikirlenişiň taryhy ösüşinde dörän dürli hili çeperçilik basgançaklarynyň
aýrylmaz hemrasy boljakdygy belli. Beýle diýildigi, elbetde, edebi-çeper
prossesiň ösüşinde ýüze çykan ilkinji çeper pikirleniş usulynyň realizm
bolandygyny aňlatmaýar. Realizm edebi usuly has giçki döwrüň çeperçilik
hadysasydyr. Onuň edebi usul hökmünde ýüze çykmagy üçin jemgyýetçilik-
-syýasy şertler juda giç döredi.
Şuňa garamazdan, käbir nazaryýetçi alymlar edebi usul bilen bagly
adalgalaryň atlarynyň gapdalyna realizm sözüni goşup ulanýarlar. Bu, köplenç,
edebi usul bilen edebi döwür bir wagta gabat gelende edilýär. Olar edebi usullary
atlandyranlarynda, “mifologik realizm”, “magaryfçylyk realizm”, “tankydy
realizm”, “Täzeden döreýiş döwrüniň realizmi” diýen ýaly görnüşde ulanýarlar.
Munuň sebäbini meşhur estetikaçy alym Ý.Borew şeýle düşündirýär: “Bu mesele
babatda entek ylymda belli bir pikir ýok. Käbirleri realizmiň Täzeden döreýiş
döwründe dörändigini tassyklaýar, beýleki bir bölegi bolsa onuň XIX asyryň
miwesidigini subut etmäge çalyşýar, üçinji bir topar bolsa realizmi baky edebi
usul saýýar we her bir hakyky sungat eserini realistik eser hasaplaýar. Soňky
nukdaý nazaryň tarapdarlary baryp antik sungatyň hem realistik bolandygyna
salgylanýarlar.”1
Alymyň özi hem bu hili realizme çeper hakykatyň özboluşly bir tipi
hökmünde garaýar we meselä “mifologik realizm”, “magaryfçylyk realizm” ýaly

1
Ю.Борев. Эстетика. Издание четвёртое, дополенное. М., Изд-во политической литературы,1988, 362 sah.
353
ýörelgelere esaslanyp çözgüt bermäge çalyşýar. Meselä şeýle çemeleşmeler bilen
çözgüt bermäge synanyşmak, elbetde, dogry ýörelgedir diýip pikir edýäris.
Eger çeper usullaryň taryhy-hronologik ösüşini yzarlasak, onuň kökleri
gadymyýetlere siňip gidýär. Şonuň üçin çeper pikirlenişiň gadymy şinelerini
mifologik giňişliklerden gözlemek dogrudyr. Sebäbi mifler dünýä çeper
pikirlenişiniň taryhynda ilkinji dörän edebi gymmatlyklardyr.
Mifler (grek dilinde rowaýat) gadymy döwürlerde dünýäde bolup geçýän
hadysalary düşündirmek we olar hakda oýlanmak, olara akyl ýetirmek üçin
düzülipdir. Mifler ilkibadalar diňe gürrüň bermek üçin döredilmän, eýsem aýry-
aýry däp-dessurlara amal edilýän döwürlerde ýerine ýetirmek üçin hem
niýetlenipdir. Adam tebigatda bolup geçýän hadysalaryň düýp sebäbine akyl
ýetirip bilmeýärkä, çeper pikirlenişiň ösüş ýoly mifleriň üstünden düşýär. Bu
mifik ýol şol döwür üçin çeper pikirlenişiň özboluşly ýol-ýörelgesi bolýar. Bu
ýörelge adam üçin ilkinji gezek täze bir äleme – çeperçilik äleme ýol açýar.
Bu, elbetde, jemgyýetçilik aňynyň ösüşinde uly bir böwsülişi
alamatlandyrypdyr. Mifler adam üçin diňe bir wagşy dünýä däl, eýsem gözellik
dünýäsine gapy açandygy bilen gymmatlydyr. Eger çeper pikirlenişiň ösüşi
jemgyýetçilik aňynyň özgermegine täsir edip, ony täze bir çeperçilik älemiň
özboluşly basgançagyna çykaryp bilýän bolsa, onda bu prosses täze edebi usulyň
emele gelendigini aňladýar. Mifologik çeper pikirleniş hem edebi prossesiň
ösüşinde şeýle hyzmaty ýerine ýetirýär. Dogrulap aýtsak, çeperçilik älemiň
taryhynda ilkinji gezek edebi-çeper usul peýda bolýar. Oňa şertli “mifik edebi
usul”, “mifologik edebi usul”, “mifologik realizm usuly” diýseň hem gelişmän
duranok. Soňky döwürlerde “mif” sözüni hyýalyýet sözi bilen çalşyryp
ulanýarlar. Şonuň üçin mifler döwrüniň edebi-çeper usulyny “hyýalyýeti edebi
usul”, “hyýalyýetçilik edebi usuly” diýip hem ulanmak bolar. Görnüşi ýaly, mifik
edebi-çeper gatlagyň döredijilik usulyny her hili edip atlandyryp boljak. Ýöne biz
edebiýaty öwreniş ylmynda çeper döredijilik usulyň atlandyrylyşynda dürli-
dümenligiň bolmazlygy üçin ony ylmy edebiýatlarda öň atlandyrylyşy ýaly
almagy makul bildik. Şonuň üçin biz hem ony “mifologik realizm” usuly
görnüşde alýarys.
Mifologik realizm. Mifologiýa Hudaýlar we olaryň işleri, dünýäniň we
barlygyň ýaradylyşy, döreýşi we öz döwründe tebigatda ýüze çykan hadysalar
bilen bagly sýužetlere ýüzlendi. Şol sýužetler arkaly adam dünýäde özünden
rustem bolan ak hem gara güýçler bilen ýekme-ýek galdy, aňrysyna göz ýetirip
bolmaýan dünýäniň gizlin syrlary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ol sýužetler arkaly
adam bu dünýäniň gapma-garşylyklar dünýäsidigine akyl ýetirdi.
Mifik sýužetlerde dünýäniň gurluşyndan başlap, adam durmuşynda gabat
gelýän däpler-dessurlar, predmetler ýa-da adamyň akyly ýeterden daşarda galýan
hadysalar we gaýry mugjuzalar bilen bagly wakalar az bolmaýar. Aýdaly,
tebigatda bolup geçýän ýyldyrym çakmak hadysasyna mifik sýužetde asman bilen
zeminiň nikalaşmasy ýaly many berilýär. Eger bulut gelip, asmanda ýyldyrym

354
çaksa, zemine ýagyş ýagýar, ýagyş ýagsa hem ýerden bol hasyl önýär. Görnüşi
ýaly, bu sýužetiň manysy gönüden-göni adama dahylly nikalaşma däp-dessury
bilen baglanyşdyrylýar. Asman-zemin nikasy erkek-aýal nikasyna realistik
esaslardaky öýkünmedir. Diýmek, mifik nika real nikanyň çeper özleşdirilen
görnüşdäki keşpleýin (obrazly) gaýtalanmasydyr ýa-da onuň mifologik çeperçilik
giňişlikdäki şöhleleniş özboluşlylygydyr. Eger mifologiýanyň real durmuş
hakykaty bilen şeýle baglanyşygy bar bolsa, onda beýleki edebi usullaryň real
hakykat bilen baglanyşygynyň mundan hem ýakyn we has-da ysnyşykly
boljakdygy şübhesizdir. Olar hakda, elbetde, häzir däl-de, ýeri gelende gürrüň
ederis.
Häzirlikçe bolsa mifik sýužetler arkaly adamyň bu dünýäniň gapma-
-garşylyklar dünýäsidigine diňe bir akyl ýetirmän, eýsem göz ýetirendigini
nygtaýarys. Ol bu dünýäniň gara güýçleri bilen ejizlikleriň, äpetlikler bilen
zerrejikleriň, gözellikler bilen bedroýluklaryň, ýagşylyklar bilen ýamanlyklaryň
arasyndaky gapma-garşylyklar dünýäsidigi barada oýlanmaga özünde kelle ýa-
-da akyl bardygyny aňşyrdy. Bu sýužetleriň mifleriň döwründäki adamyň akyly
keserden has apetler hem apatlar hakyndaky mazmuna eýedigine garamazdan,
olaryň adam bilen tebigatyň oňyn gatnaşyklary hakyndaky meselelerden gözbaş
alýandygy ünsi çekýär.
Diýmek, mifik sýužet hem, hyýaly sýužet hem, hatda mistiki sýužet hem
adam we ol hakdaky hakykat ýa-da ol hakdaky arzuw-hyýallar ýa-da maksat we
ideallar bilen bagly bolan çeper pikirlenişiň öňümi bolýar. Edebiýat mifologiýa
ýüz ursa-da, mistika ýüz ursa-da, hökman, ýa adam, ýa-da adama dahylly
meseleler bilen iş salyşýar. Mifler hem, fantastika hem adam durmuşynyň
şöhlelenmesidir. Ýöne olar bu ýerde has apetdirler, güýçlüdirler, hyýalydyrlar we
jadylydyrlar. Şonuň üçin olar çeper pikirlenişiň hem has howalasy belent we
güýçli ýörelgeleriniň derejesi bilen ideal ýüze çykaryş formasyna salynýar.
Meselem, dünýäniň ýaradylyşy hakdaky mifden şeýle setirleri okaýarys:
“Ýeňiş Ata Aýy hem Güni gorap saklar. Uly Kişi ýeriň ýüzüni hem gögüň ýüzüni
goramaly bolar. Gök Ogul ýaramazlary gowulardan uzaklaşdyrar.” 1 Görnüşi ýaly,
bu ýerde mifiň personažlarynyň üstüne ýüklenen ýüki göz öňüne-de getirer ýaly
däl. Bu mifde Ýeňiş Ata-da, Uly Kişi-de, Gök Ogul-da fantastik lybasa
salnypdyr. Olaryň etmeli işleri real adamyň etmeli ýa-da edip ýören işleri ýaly.
Olar goragçynyň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Goragçylyk, şakçylyk,
garawulçylyk, elbetde, her bir adamyň oňarjak işi. Ýöne mifiň personažlarynyň
ýerine ýetirmeli goragçylygynyň möçberi fantastik derejede uly. Ony diňe mifiň,
ýa-da fantastikanyň gahrymany başaryp bilýär. Bu mifdäki predmetler real
dünýäniň predmetleri. Aý-Gün, Ýer-Gök, ýagşylar-ýaramazlar – hemmesi real
dünýäde bar tipik zatlar. Gahrymanlar hem depegözler ýa-da rudepalar däl-de,
real adamlar. Ýöne olar tipik gahrymanlar däl-de, “ýel berlen” gahrymanlar.

1
A.Mämmetjumaýew, A.Täjimow. Gadymy türkmen edebiýaty. Aşgabat, TDNG, 2011, 187 sah.
355
Olaryň hereket giňişligi-de tipik ölçeglerden has uly, daş, giň ölçegler. Şu hem
ony realistik eser däl-de, realizm gatançly mif edýär.
Eger edebiýat özüniň baş predmetinden – Adamdan arasyny üzmeýän
bolsa, onda şeýle çeper gymmatlykda, hökman, realizm gatanjy bardyr. Sebäbi
mifologiýanyň hem, fantastikanyň hem, hatda mistikanyň hem gahrymanlary
adam ýa-da adam şekilli, adam häsiýetli ýa-da adam pisint personažlardyr. Ol
gahrymanlar adam durmuşynyň mifik dünýäsine ýa-da fantastikanyň dünýäsine
geçirilen şöhlelenmesidir. Mifik dünýäde hem, fantastik dünýäde hem personažlar
adamyň real dünýäsindäki gapma-garşylyklarynyň içinde – haýyr bilen şeriň,
ýagşy bilen ýamanyň, günä bilen sogabyň, ak bilen garanyň arasyndaky gapma-
garşylyklaryň içinde hereket edýärler. Olaryň diňe hereket meýdany başgadyr.
Gapma-garşylyklaryň garşysyna göreşiň ýollary we serişdeleri bolsa real
dünýäniň serişdeleridir. Meselem, sýužete giren predmet ýa-da detal real adamyň
geýýän telpegidir. Ýöne ol jadylydyr, ony geýseň, seni hiç kim görmeýär ýa-da
aýdaly, detal real hasadyr, emma ol jadylydyr, ony degirseň, açylmaýan gapylar
açylýar. Sýužete salnan detalyň real durmuşdaky halydygyna garamazdan, ol
uçýan halydyr. Oňa münseň, ol uzak ýoluňy ýakyna getirýär. Şeýle çeper
detallaryň sany-sajagy ýokdur. Sýužetiň ösüşine görä, ol bir ýerde jadyly köwüş
bolsa, bir ýerde jadyly guşdur, başga bir ýerde jadyly suwdur, ölini direldýändir,
bir ýerde bolsa akmaýanyň jadyly süýdüdir, çagşap ýatan süňklere-süýeklere jan
berýändir.
Mifologiýada we fantastikada jadyly güýçleriň öňünde alyp bolmaýan gala,
geçip bolmaýan päsgelçilik, ýeňip bolmaýan garşylyk bolmaýar. Adatdan daşary
güýje eýe bolan bu jadyly personažlar iki hilidir. Olaryň biri Ýagşylygyň
(Aklygyň), baýlekisi bolsa Ýamanlygyň (Garalygyň) simwolydyr. Çeper
edebiýatdaky, has takygy, ýazuwly dessanlardaky we halk döredijilik
eserlerindäki Ak döw, Gara döw (Şabendäniň “Şabähram” dessany) ýa-da Ak
ýylan (Zowkumar), Gara ýylan (Susumar) ady bilen belli (Şabendäniň “Gül-
Bilbil” dessany) personažlary ýadyňyza salyp görseňiz-de, muňa aýdyň göz
ýetirersiňiz. Biz şu ýerde iki sany gapma-garşy reňkler bilen boýalan
personažlaryň mysalyna ýüzlenmek bilen çäklendik. Özem muny bilgeşleýin
şeýtdik. Sebäbi mysal alnan bu personažlaryň atlaryndaky ak hem gara reňkleriň
bardygyna esaslanyp, eýýäm kimiň kimdigi anyk hem aýdyň bolandygyna
şübhelenmeýäris. Ikinjiden, ak we gara reňk bilen personažlaryň diňe bir
özleriniň daş sypatyny däl-de, içki dünýäsini-de açýandygyna, şeýle hem ol
jadyly personažlaryň üsti bilen şu sypatdaky we häsiýetdäki keşpler ulgamyna
tutuşlaýyn häsiýetlendirme berýändigine-de şübhelenmeýäris. Şonuň üçin bu
ýerde aklygyň – ýagşylygy, garalygyň hem ýamanlygy simwollaşdyryp
gelýändigine hem aýratyn düşündiriş gerekdir öýtmeýäris.
Aslynda mifologiýada haýwanlaryň kulty bilen bagly sýužetler ýeterlikdir.
Mifik jandar bolan aždarha hem türkmen çeperçilik aňynyň ösüşinde öz kultuny
döredip bilmek derejelere ýetipdir. Onuň kultunyň öçmejek yzyny biz diňe erteki,

356
dessan sýužetlerinde däl, türkmen sungatynyň taryhyna göz aýlasak hem äşgär
görýäris. Meselem, XV asyryň binagärlik sungatynyň özboluşly ýadygärligi bolan
Seýitjemaletdin metjidiniň ýüzünde iki sany aždarhanyň şekiliniň bolmagy
türkmen mimarçylyk sungatyna hem gadymy mifologiýanyň täsiriniň ýetendigini
tassyklaýar.
Aždarha mifologik sýužetlerde güýç-kuwwatyň, keramatyň, jadynyň
simwoly hökmünde bellidir. Onuň simwola öwrülen şu häsiýeti diňe miflerde däl,
eýsem soň romantiki sýužetleriň täsiri ýeten çeperçilik giňişliklerde-de saklanyp
galypdyr. Muny biz dünýäniň ýaradylyşy hakyndaky mife, “Görogly”
şadessanynyň ”Göroglynyň öýlenişi” şahasyna ser salsak hem, Şabendäniň “Gül-
Bilbil” dessanyna göz aýlasak hem, türkmen hyýaly ertekilerini okasak hem
aýdyň görýäris. Bu eserlerde aždarhalar ýa hazyna goraýjylar ýa-da peri-
peýkerileriň köşklerini goraýjylardyr. Diýmek, olaryň eserde üstüne ýüklenen
ideýa-çeperçilik ýükleri örän agyr hem kyn ýükler. Ol agyr ýüki aždarha ýaly
mifik jandar göteräýmese, başga jandarlaryň hiç biri hötdesinden gelip hem
bilmeýär. Şonuň üçin mifik jandar bolan aždarhanyň kulty mifleriň döwründe-de,
ondan soň hem çeperçilik giňişlikde özüne orun alyp gelipdir we somwolik
personaža öwrülip gidipdir.
Mifologiýanyň çeper pikirleniş ýorelgesine laýyklykda şeýle simwollaşan
detallaryň, predmetleriň we personažlaryň giden bir ulgamy döräpdir. Diýmek,
çeper pikirlenişiň ösüş basgançaklarynda şeýle edebi-çeper ýörelgeleriň
ulgamlaýyn (sistemalaýyn) emele getiren çeperçilik däpleriniň kemala gelendigi
anyk netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Netije şundan ybarat: aklyk hem
garalyk, ýagşylyk hem ýamanlyk, güýçlülik we ejizlik ýaly düşünjeler
mifologiýa-da, fantastika-da asmandan inen düşünjeler däl. Olar mifologiýanyň
çeperçilik giňişliklerine real durmuşdan gelip giren düşünjelerdir. Bu bolsa
mifologik çeper pikirleniş basgançaklarynyň ýörelgeleri bilen realizmiň
ýörelgeleriniň arasynda özboluşly bir garynja gatnawynyň bolandygyna we
bardygyna güwä geçýär.
Geň ýeri, mifologiýa bilen realizmiň arasyndaky şol gatnaw häzire çenli
hem kesilenok. Diňe bir antik edebiýatda däl, dünýä edebi prossesiniň taryhy
ösüşiniň bütin dowamynda hem söz sungaty antik mifologiýanyň miras galdyran
meseleleri we ideallary, personažlary we çeper detallary bilen iş salyşmagyny
dowam etdirýär. Täzeden döreýiş döwrüniň, klassissizm döwrüniň poemalarynyň
we tragediýalarynyň aglabasy diýen ýaly mifologik sýužete we gadymy döwrüň
taryhyna esaslanyp ýazylan eserlerdir. Bu ýagdaý romantizm edebiýatynda hem
dowam edendigine türkmen edebiýatynyň hem sungatynyň taryhy ösüşi şaýat.
Romantizm edebiýaty döwründe rgek mifologiýasynyň üstüne skandinaw,
gadymy slawýan halklarynyň mifleri-de, hindi we yslam dünýäsiniň mifleri-de
goşulýar. Şonuň üçin XIX asyr rus şahyry A.S.Puşkiniň “Ýewgeniý Onegin”
romanynda antik mifologiýanyň gahrymanlary bolan Zews, Wenera, Diana,
Flora, Eola, Fortuna, Muza we Fedia duşýandygymyz geň däldir. Elbetde, olar

357
eseriň sýužet ýordumynyň ösüşine däl-de, eseriň stilistik öwüşginleriniň has
baýlaşmagyna çeperçilik serişde hökmünde gatnaşýarlar.
Mifler özüniň döredilen ýerlerinde baslygyp, gatlak baglap galýan we şol
dörän ýeriniň çeperçilik giňişliginden daşyna çykman, doňup galýan edebi
gymmatlyklar däldir. Olar dilden-dile geçip, dünýä halklarynyň arasyna
ýaýrapdyr, düşen ýurtlarynda ýerli şertlere we ýerli halkyň dünýägaraýyşlaryna
laýyklaykda ösüpdirler we özgeripdirler, ýerli mifologiýa gatyşyp-garyşypdyrlar
we özara baýlaşypdyrlar. Olar özleriniň ruhy boýunça hakykatdan näçe alysda
bolsalar-da, öz döwründe hakykata ynanylyşy ýaly, ynanylan ýa-da hakykat
hökmünde kabul edilen we akyl ýetirilen toslamalardyr.
“Mif” sözüniň iki manysy bar. Onuň edebiýaty öwreniş ylmyndaky
özboluşly bir çeperçilik gatlagy aňladýan manysyndan başga, halk köpçüliginiň
arasynda giňden ulanylýan “toslama” manysy hem bar. Mif sözüniň şu göçme
manysy bilen hem edebiýatyň ösüşine täsirini ýetirmegini dowam edýär.
Edebiýatçy alymlar adamzat durmuşynyň baky kanunalaýyklyklaryny
umumylaşdyryjy köptaraply meseleleri gozgaýan eserler babatda “mif” sözüniň
ikinji manysyny adalga hökmünde “çeper toslama” görnüşde ulanýarlar.
Meselem, Tomas Mannyň “Jadyly dag”, “Iosif we onuň doganlary”, A.Belyýnyň
“Peterburg”, M.A.Bulgakowyň “Ussat we Margarita”, G.Garsiýa Markesiň “Ýüz
ýyla çeken ýalňyzlyk” eserlerindäki, şeýle hem Ç.Aýtmatowyň, O.I.Çiladzeniň,
T.I.Pulatowyň, A.A.Kimiň eserlerindäki mifoligik öwüşginler hakda söz
açylanda, bu sözüň ikinji – çeper toslama manysyny ulanýarlar. Sebäbi bu
ýazyjylaryň eserlerinde käte köp halklaryň miflerini umumylaşdyrmak esasynda
döredilen sýužetleriň mifologik äheňlerini duýmak kyn däl.
Eger realizm ýaly kämil çeper usula mifologiýanyň şunuň ýaly gatanjy bar
bolsa, onda beýleki edebi usullar hakda-ha gürrüň hem bolmaly däl. Edil şunuň
tersine, mifologiýada hem realizmiň gatançlarynyň bardygyny çekinmän aýdyp
bolar. Sebäbi realizm mifleriň özünde äşgär görnüp durmaýan hem bolsa, mifleri
döreden halklaryň aňynda öz durmuş hakykatyndan, öz dünýägaraýyş we dünýä
akyl ýetiriş hakykatyndan ugur alandyklaryna şübhelenmese bolar.
Munuň şeýledigini bir ýagdaý has äşgär tassyk edýär. Ol hem real
dünýäniň real adamlarynyň arasynda bolýan gapma-garşylyklaryň miflerde hem
edil şonuň ýaly ýa-da şoňa çalymdaş görnüşde dowam edýändigidir. Dünýäniň
ýaradylyşy ýaly baryp örän gadymyýetiň wakalaryna esaslanýan miflerde hem
keramatly Gara han bilen Adamyň ýa-da Erligiň, şeýle hem Uly Kişi bilen Erligiň
arasyndaky çaknyşyklaryň sosial äheňine diň salsak hem eşideris. Şonuň üçin
hem realizm ähli edebi usullarda döredilen çeper eserlerdäki gapma-garşylyklaryň
astynda ýazylan “düşek” ýaly bir zatdyr. Eserde bolup geçýän gapma-garşylykly
wakalar hem şol “düşegiň” üstünde ýaýbaňlanýar, şol wakalaryň içinde hereket
edýän gahrymanlaryň aýaklarynyň astynda hem şol “düşek” bar. Diýmek, edebi-
çeper usullaryň hemmesinde hem azda-kände realizm gatançlary bardyr.

358
Şu kanunalaýyklyk mifologiýa hem degişlidir. Munuň şeýledigini
mifologik sýužetlere ser salmak bilen tassyklap bolýar. Aýdaly, Adamyň
ýaradylyşy hakyndaky mifik sýužetde Allatagala ilki Adam atany ýaradýar. Ol
özüniň ýaradan mahlugyndan göwnühoş bolup, Adam atany öz perişdeleriniň
öňünden geçirýär. Perişdeler Ýaradanyň bu ýaradan mahlugynyň jübütiniň
ýetmeýändigini ýatladýarlar. Hakykatdan hem bu ýaradylan mahlugyň köpelmegi
üçin onuň jübütiniň gerekdigini nazarda tutup, Allatagala eýläk-beýläk geçip
duran Adam atanyň bir gapdalyna penjäni urýar we çep gapyrganyň ýüzünden bir
bölek et goparyp alýar-da, “Adam atanyň jübüti bol!” diýip, oklap goýberýär.
Şeýdip Adam atanyň jübüti How ene ýaradylýar. Şonda perişdeler How enäniň
Adam atanyň çep gapyrgasyndan alynmagyny halamaýarlar we “Häk, mydam
Adamyň çepinden turup ýörmeli boldy-ow!” diýýärler. Bu sýužetiň Adamyň
ýaradylyşy hakyndaky mifdigine garamazdan, ondan durmuş hakykatynyň
öwüsgini gelip duran ýalydyr. Ol öwüsgin hakykatdan hem hakykatyň öz
öwüsginidir. Bu öwüsgünleriň ýaýradýan ysy mifologik sýužetlere siňip ýatan
realizm gatançlarynyň ysydyr.
Şeýle realistik gatanjy biz Adam ata bilen How enäniň jennetden kowluşy
hakyndaky mifik sýužetde hem, Adam bilen Howanyň perzentleri Habyl bilen
Kabylyň söýgi meselesinde ýüze çykan gapma-garşylyk esasynda Kabylyň öz
dogany Habyly öldürişi bilen bagly döredilen sýužetde-de, Ezraýyl perişdäniň
Allatagalanyň buýrugy boýunça Adam atany ýaratmak üçin Ýerden bir penje
toprak getirmäge gidişi baradaky mifik sýužetde hem çeper mazmunyň toslama
häsiýetdeligine garamazdan, olarda öňe sürlen ideýalarda toslama hakykata
esaslanýan durmuşa ýakynlyk duýulýar. Toslamanyň, onda-da çeper toslamanyň
çeperçilik prossesiň aýrylmaz bir bölegidigini nazarda tutsaň, onda bu mifik
sýužetlerde hakykata ýakynlyk bar ýaly bolup görünýär. Sebäbi mifleriň-de adam
aňynyň önümidigini hasaba almazlyk dogry däldir.
Adam öz ýaşaýan tebigy hem sosial şertlerinden uzaklaşyp bilmeýär. Şol
şertleriň salgy berýän hakykaty hem adam aňynyň çägini kesgitleýär. Şeýle
bolansoň adam öz aňynyň we öz akylynyň, şeýle hem göz öňüne getirmeleriniň
çygryndan kän bir uzaklaşyp bilmeýär. Bu bolsa real dünýäniň hakykatynyň
adam tarapyndan döredilen miflere hem aralaşmagyna alyp barýar. Diýmek,
miflerdäki realizm gatançlarynyň çeşmesi adamyň hut özündedir.
Munuň hakykatdan şeýledigini belli türkmen folklorçysy A.Baýmyradow
hem tassyklaýar. Ol mifler hakda şeýle pikiri öňe sürýär: “Ilkidurmuş
obşinasynyň täsiri bilen ynsan aňynyň kämilleşmek prossesinde döräp, “gudrat”,
“janly zat” hökmünde göz öňüne getiren predmetlerine, tebigat hadysalaryna
dogabitdi garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini hem-de fetişlerini, magiýalaryny,
totemlerini özünde jemleýän fantastik mazmunly, belli bir göwrüme eýe
bolmadyk gadymy garaýyşlara mif diýilýär.”1

1
A.Baýmyradow. Türkmen folklor prozasynyň taryhy ewolýussiýasy. Aşgabat. “Ylym”, 1982, 23 sah.
359
Şu salgylanmada miflere mahsus bolan alamatlar birin-birin sanalýar. Ýöne
bu ýerde esasy zat mifleriň döreýşi hakda söz açyp, olaryň ilkidurmuş gurluşynyň
täsiri bilen dörändiginiň ýaňzydylýanlygydyr. Esasan, haýsy jemgyýetçilik
gurluşy hakda gürrüň gidýändigine garamazdan, bu ýerde miflere jemgyýetçilik
durmuşyň eden täsiri hakda gürrüň barýandygy has ähmiýetlidir. Diýmek, bu
ýerde esasy zat miflere ilkidurmuş gurluşyňmy, ondan soňraky döwürleriň
durmuşymy, garaz, haýsy-da bolsa bir döwrüň real durmuş hakykatynyň täsiriniň
bolandygynyň tassyklanmagydyr. Ol hem biziň bu çeperçilik gatlak barada
ýokarda gelen netijelerimiz bilen bir hörpden gopýan pikirlerdir. Şeýlelikde,
ugurdaş gopýan bu pikirler mifleriň süňňünde realizm gatançlarynyň bardygy
hakyndaky netijede birleşýärler.
Estetikaçy alym Ý.Borew mif bilen realizmiň arasyndaky baglanyşyk
barada söz açyp, şeýle pikiri orta atýar: “Antik döwür dünýäni mifik taýdan
düşündirmäge çalyşdy. Dünýäni şeýle düşündiriş bir wagtyň özünde hem
realistik, hem hyýaly fantastik garaýşy özünde jemleýärdi, onuň özakymlaýyn
dialektikasy bardy.”1
Alymyň mifoligiýada realizmiň alamatlarynyň bardygy hakyndaky pikiri
diňe bir rus mifologiýasyna degişli çykarylan netije däldir. Ol dünýä
mifologiýasyna degişli bolan häsiýetli alamatyň ýüze çykarylmasydyr. Sebäbi
adamzat nesli heniz mifleriň ummanyny boýlap ýörkä, onuň umumy aň-
düşünjesi-de, çeperçilik pähim-paýhasy-da hemme ýerde, hemme halkda
birsydyrgynrakdy, gyradeňräkdi. Jemgyýetçilik aňynyň diňe bir görnüşi dünýä
akyl ýetirişiň hem oňa baha berşiň serişdeleri hökmünde özüni görkezip bilýärdi.
Adamzadyň aň-düşünje hazynasynda diňe dini dünýägaraýyş bardy. Din hem
özüniň ähli taglymatlary bilen dünýäni düşündirmekde idealistik garaýyşlara
esaslanýardy. Dini ynanjynyň dürlüdigine garamazdan, adamzat dünýä idealistik
nukdaý nazar bilen garamakdan başga hili dünýägaraýşy bilmeýärdi. Bu bolsa
adamzat nesli heniz mifleriň döwründe ýaşaýan zamanlary özi üçin umumy
dünýägärýyşlary kemala getirendigini aňladýardy. Adamzat nesli öz aň-
düşünjesiniň şeýle göýdük döwrüni başdan geçirýärkä, ol heniz düýpsüz
dünýäniň gizlin syrlaryna düşünmekden ejizdi. Şonuň üçin oňa bütin älem-
jahanyň ýagtylygyndan haýyr ýokdy. Oňa bütin barlyk syrly tümlük bolup
görünýärdi, düşünip, aňrysyna ýetip bolmaýan däli dünýä bolup çaýkanyp
ýatyrdy. Adam şunuň ýaly aň göýdükliginiň hökmürowanlygynda ýaşaýanlygy
üçin, olara mifologiýa ýüz urmakdan başga alaç ýokdy. Tebigatda bolup geçýän
her bir hadysa olar üçin düşnüksiz syrlaryň ummany ýaly garaňky hem gorkunç
görünýärdi. Şu ýagdaýda adamzada özüniň Hudaýlar we olaryň gudratly işleri
hakyndaky miflere, keramatly mugjyzalar, jadyly gara güýçler, hyýaly gorkunç
hadysalar hakdaky miflere baş goşmakdan başga ýol galmaýar.
Mifler uzak taryhy zamanlaryň dowamynda adamzadyň aýny wagt dadyna
ýetişen ruhy gymmatlyk bolup hyzmat etdi. Adam mifleriň dünýäsinde bolup

1
Ю.Борев. Эстетика. Издание четвёртое, дополненное.М., Изд-во политической литературы, 1988, 362 sah.
360
geçýän hadysalary, wakalary hakykat hökmünde kabul etdi. Sebäbi mifleriň çeper
mazmunyna salnan gudratlar hem, keramatly mugjyzalar hem, jadyly tilsimler
hem, hyýaly wakalar we hadysalar hem onuň özüniň belet bolan real dünýäsiniň
wakalaryna çalymdaş wakalaryň, tanyş predmetleriň, tanyş durmuş detallarynyň
arasynda bolup geçýän ýaly görünýärdi. Bu bolsa öz gezeginde, mifleriň
özboluşly realizmini emele getirdi. Mifologiýanyň realizmi wakalaýyn,
predmetleýin, detallaýyn ýüze çykarylan “hakykat” bolup, ol mifiň tebigatyna
mahsus bolan fantastikanyň içine siňdirilen realizmdir.
Miflerde duş gelýän detallaýyn, predmetleýin, wakalaýyn realizm
alamatlaryny görkezmeli bolsa, şu aşakdakylary bellemeli bolýarys.
Jansyz detallaýyn reallyklar: ok, ýaý, naýza, egri gylyç, tüpeň, okuň därisi,
çekiç, körük, gysaç, sandal, çeňňek, araba, odun, kömür, demir, altyn, kümüş,
jowahyr, mis we başgalar. Olar real durmuşda bar zatlar. Ýöne mifler ol detallara
hereket işjeňligini berýär. Hereket işjeňligi hem fantastik işjeňlikdir. Meselem:
“Rugsat alandan soň Erlik eline çekiç, bir körük hem bir sandal alyp, urmaga
başlapdyr. Her uranda, bir haýwan peýda bolupdyr. Yzly-yzyna gurbaga, ýylan,
aýy, doňuz we beýleki ýaman ruhlar Ýer ýüzüni doldurypdyr. Ahyrda Gara han
gelip çekiji, sandaly, körügi Erligiň elinden alyp, oda atypdyr. Körük bir aýal,
çekiç hem bir erkek adam bolupdyr. Gara han aýaly tutup, ýüzüne tüýküripdir.
Tüýkürip bolup-bolmaka, ol aýal bir guş bolup uçup gidipdir. Bu guş eti
iýilmeýän, tüýli, ýelegi hiç bir zada ýaramaýan Kurdaý diýilýän guş bolmaly.
Gara han erkek adamy tutup, onuň-da ýüzüne tüýküripdir. Ol hem bir guş
bolup uçupdyr. Adyna Ýalban guşy diýlipdir.”1 Görnüşi ýaly, detallaýyn
reallyklar fantastika siňdirilipdir.
Janly predmetleýin reallyklar: ýylan, aždarha, köpek, at, taý, belka, balyk,
öküz, gök böri, doňuz, sygyr, göle, geçi, aýgyr, keýik, aýy, gyrgy we başgalar. Bu
haýwanlaryň käbiriniň hatda oňonlyk derejedäki kulty bar. Mifik sýužet olara has
köp ýüzlenýär.
Wakalaýyn reallyklar: iýmek-içmek, içgi içmek, serhoş bolmak, aw
awlamak, başga biriniň zadyna göz gyzdyrmak ýa-da eýelik etmek, mal-dünýä
ýygmak we bermek, hemaýatkärlik etmek, ýagşylyk etmek, ýamanlyk etmek,
basdaşlyk etmek, duşmançylyk etmek, söweş etmek, basyp almak, al salmak,
aldamak, geňeş gurmak, toý tutmak, baýram etmek, demir gyzdyrmak, ilçi
ibermek, olja almak, oýlap tapmak ýaly wakalar bilen bagly real durmuşda bolup
geçýän hadysalar mifologik mazmunyň çäginde hem özüne orun alyp bilpdir.
Bular adamyň gündelik durmuşynda gaýtalanyp duran ýa-da bolup duran real
hakykatyň mifleriň içinde şöhlelenmesidir. Olar mifologik sýužete giren realizm
gatançlarydyr.
Mifler hakda söz açyp, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Baýmyradow
şeýle diýýär: “Mif bilen baglanyşykly jedelli meseleleriň biri hem olaryň
mazmunynyň fantastik ýa-da real häsiýetlidigi baradaky çaklamalardyr. Mif adam

1
A.Mämmetjumaýew, A.Täjimow. Gadymy türkmen edebiýaty. Aşgabat, TDNG, 2011, 186 sah.
361
aňynyň “çagalyk” döwrüniň önümi. Şoňa görä ol döwürlerdäki adamyň pikiri,
düşünjesi fantastik garaýşa ýugrulypdyr. Bu babatdan seretseň, mifler fantastik
mazmunly. ...Olar dagyň, derýanyň janlydygyna, käbir haýwanlaryň gudratly
güýje eýedigine ynanypdyrlar, olary real, janly zat hökmünde özlerine kabul edip
alypdyrlar. Diýmek, öz döwrüne görä baha berseň, mifleriň mazmuny real eken.
Şoňa görä M.I.Steblin-Kamenskiý, F.H.Kesendi ýaly görnükli alymlar mifleriň
mazmunynyň real hadysa bilen fantastik hadysanyň gatyşmagyndan emele
gelendigini degerli faktlaryň esasynda ykrar edipdir.”1
Şu aýdylanlardan çen tutsaň, türkmen mifleri hem dünýä halklarynyň
mifleriniň geçen ýoluny geçipdir. Türkmen mifleri dünýä halklarynyň miflerinde
kemala gelen realizm gatançlylyk häsiýetine hem eýe bulupdyr. Diňe bu hem däl.
A.Baýmyradow türkmen mifleriniň tematik baýlygy hem-de ýaýrawy hakda
gürrüň açyp, olary şu aşakdaky ýaly görnüşlere bölýär:

1. Arş hakyndaky hyýalyýetler.


2. Ýyl, Aý, Gün hasaby hakyndaky hyýalyýetler.
3. Etnogenetiki hyýalyýetler.
4. Gelip çykyş, ýaradylyş baradaky hyýalyýetler.

5. Haýwanlaryň emele gelşi hakyndaky hyýalyýetler.


6. Adatdan daşary güýçler, gudratlar, tebigy hadysalar hakyndaky
hyýalyýetler.

Şeýle giň tematik ýaýrawly türkmen mifleriniň beýleki halklaryňkydan


tapawutly taraplarynyň az däldigini, hatda olaryň milli häsiýetlere hem eýedigini
nygtap, alym şeýle netijä gelýär:
“Türkmen mifi türkmen halkynyň asyrlar dowamyndaky dünýäniň,
adamyň, tebigatyň we her hili hadysalaryň emele gelşi dogrusyndaky
garaýyşlaryny özünde jemleýär. Ol türkmen folklorlarynyň gadymy nusgasyny
aňladýanlygy, beýleki goňşudaş žanrlar bilen gatnaşygynyň güýçlüligi we soňky
ewolýussiýasy babatda milli aýratynlyga eýedir. Türkmen mifi şu jähetden
beýleki halklaryň miflerinden tapawutlanýar. Meselem: türkmen mifleri beýan
ediliş usuly, wakalaryň geografik, taryhy şertleri boýunça özbek mifinden belli
derejede tapawutlanýar. Bu has hem giň göwrümli epiki eserlere siňip giden
miflerde güýçli duýulýar.”2
Eger söz sungatynda millilik alamatlarynyň diňe durmuş hakykatynyň
dogruçyl we real suratlandyrylýan ýerlerinde ýüze çykyp bilýändigini nazarda
tutsak, onda bu türkmen mifleriniň realizm gatançly eserlerdigini ýene bir gezek
nygtadygymyz bolýar.
Akademik A.Kekilow realizmiň tebigaty hakynda söz açyp, şeýle netijä
gelýär: “Realizm edebi metod hökmünde beýleki birnäçe edebi metodlardan soň
1
A.Baýmyradow. Türkmen folklor prozasynyň taryhy ewolýussiýasy. Aşgabat, “Ylym”, 1982, 23-24 sah.
2
A.Baýmyradow. Türkmen folklor prozasynyň taryhy ewolýussiýasy. Aşgabat, “Ylym”, 1982, 26-28 sah.
362
formullaşdyrylýar. Emma realizm edebi metod hökmünde ulanylman, ol sözüň
giň manysynda (reallyk – Ş.G.) ulanylsa, onda onuň taryhy örän gadymdan
başlanýar, çünki her bir çeper eser, şunuň bilen birlikde halk döredijiliginiň
fantastik eserleri-de hakyky real durmuşyň adamlaryň kellesinde
suratlandyrylmasydyr. Bu jähetden her bir eser realistik eserdir.”1
Akademik hakykatdan-da bu ýerde mamla. Şonuň üçin biziň mifologiýadan
reallyk ýa-da realizmiň alamatlaryny gözläp ýörmegimiz gara çapma ýaly bir zat
däl-de, ony realizmiň öz tebigaty talap edýän eken.
Klassissizm (classikus – nusgawy, nusgalyk) latyn sözünden gelip çykan
edebi-çeper adalgadyr. Ol çeper usul hökmünde sungatda we edebiýatda XVII
asyrdan başlap, XIX asyryň başlaryna çenli dowam eden usuldyr. Bu çeper
usulyň özüne mahsus berk döredijilik kadalary we düzgünleri bolupdyr.
Klassissizm XVII-XIX asyrlaryň dowamynda Ýewropanyň edebi-çeperçilik
durmuşyna giňden täsir edipdir.
Klassissizm edebi usulyna durmuşy ideal keşpleriň üsti bilen
şöhlelendirmek häsiýetlidir. Şonuň üçin bu edebi usulyň wekillerine
umumadamzat gymmatlyklaryna ýüzlenmek kada bolupdyr. Klassissizmiň antik
döwrüň nusgalyk şahsyýetleriniň durmuşyna, hereketlerine, bitiren işlerine bolan
ymtylyşy hem şonuň bilen bagly bolupdyr. Klassissizme antik döwrüň nusgalary
kämilligiň belent derejesi bolup albaý bulaýar. Şonuň üçin klassissizm döwrüniň
ýazyjylary öz eserlerinde mifik keşplere aýratyn sarpa goýupdyrlar we ýygy-
ýygydan şol keşpleriň dünýäsine ýüzlenipdirler.
Klassissizm XVII asyrda Fransiýada özüniň gülläp ösüşiniň ýokary
derejelerine galýar. Ol dramaturgiýa žanrynda P.Korneýliň, J.Rasiniň,
J.B.Molýeriň, şygryýetde (poeziýada) J.Lafonteniň, şekillendiriş sungatynda
H.Pusseniň döredijiliginde, şeýle hem binagärçilikde has ýokary ösüşlere eýe
bolýar. XVII asyryň ahyrlarynda H.Bualo özüniň “Şahyrana sungat” poemasynda
klassissizmiň giňişleýin estetiki taglymatyny berip bilýär. Onuň bu taglymaty
klassissizmiň beýleki ýurtlarda-da kemala gelmegine uly täsir edýär.
XVII asyrda magaryfçylygyň öňde baryjy ideallaryna ýugrulan klassissizm
uly hyjuw bilen feodalizm dünýäsiniň düzgünlerini tankytlaýar, adama mahsus
bolan hukuk düzgünleriniň hemmesini goraýar. Şeýle magaryfçylyk
klassissizminiň uly wekillerinden Fransiýada Wolteriň, Germaniýada bolsa
Gýötäniň, Şilleriň atlaryny agzamak bolar.
Russiýada klassissizm usuly XVIII asyryň ikinji çärýeginde kemala gelýär.
Bu ugurda onuň uly wekillerinden satiriki komediýanyň ussady D.I.Fonwiziniň
(“Brigada”, “Ulalyp-oňalmadyk”), taryhy tragediýalaryň ussady
A.B.Sumarokowyň (“Ýalan atly Dmitriý”), Ý.B.Knýažniniň (“Wadim
Nowgorodskiý”) hyzmatlary uly bolupdyr.
XVIII asyryň ahyrlarynda XIX asyryň başlarynda klassissizm edebi usul
hökmünde öz ömrüni paýawlaýar. Klassissizm özüniň yzysüre döräp gelýän

1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 151 sah.
363
romantizm usulynyň wekilleri tarapyndan berk tankytlanyp başlanýar. Sebäbi ol
özüniň meşhur “üç şerti” bilen durmuşdan barha daşlaşýar.
Eýsem, klassissizmiň “üç birlik” hakyndaky şerti nämeden ybarat?
Hakykatdan hem klassissizmiň edebi usul hökmünde üç şertden ybarat bolan
talaplary bolupdyr. Olar wagt, orun we hereket birligidir. Muny akademik
A.Kekilow şeýle düşündirýär: “Klassissizmiň teoriýaçylary bu metod boýunça
eser ýazmagyň berk “bozulmaz” kadalaryny döredýärler. Mysal üçin, drama
eserini ýazmakda şu aşakdaky düzgünler hökmany suratda saklanmaly: eseriň
esasynda goýulýan waka az wagtyň içinde – köp bolsa bir gije-gündiziň içinde
gutarmaly (muňa “единство времени” - wagt birligi diýilýär), eserdäki hereket
ýeke bir wakanyň töwereginde bolmaly (muňa “единство действия” - hereket
birligi diýilýär), hereket belli bir jaýda ýa-da howluda başlanmaly hem gutarmaly
(muňa “единство места” - ýer birligi diýilýär). Bu kadalar ýazyjyny dar galypa
salýar, oňa durmuşy her taraplaýyn görkezmegiň hökmany şerti bolan döredijilik
giňligini bermeýär. Edil şunuň ýaly, dil meselesinde, sözleri ulanmak meselesinde
hem klassissizmiň kadalary ýazyjyny örän çäklendirýär.”1
Klassissizmiň wagt, orun, hereket birligi bilen bagly bolan bu dar galypy
täze döwrüň şertlerine laýyk gelmän başlaýar. Şonuň üçin klassissizm öz ornuny
täze edebi usul bilen çalşyrmasa, ol edebi ösüşiň öňünde bökdençlik döredýär.
Şeýlelikde, Ýewropada we Russiýada iki asyra çenli dowam eden klassissizm
edebi usuly XIX asyryň başlarynda usul hökmünde ýaşamagyny bes edip, öz
ornuny romantizm usulyna berýär.
Eýsem, çeperçilik ösüşiň taryhynda iki asyr hökmürowanlyk eden
klassissizm usulynyň türkmen edebiýatyna täsiri ýa-da olaryň baglanyşygy
boldumyka? Ýok, bu usul bilen türkmen edebi ösüşiniň arasynda hiç hili täsir
hem, baglanyşyk hem bolmandyr. Sebäbi Gündogar edebiýaty hem, türkmen
edebiýaty hem klassissizm edebi usulynyň täsirine düşmän, oňňut edip bilipdir.
Türkmen edebiýaty çeperçilik ösüşiň taryhynda klassissizmiň yz galdyryp ýören
döwürlerinden (XVII asyr) has ir, eýýäm irki orta asyrlardan başlap, romantizm
usulynyň giňişliklerinde erkana ýaýnap ýördi. Muny başga zatlara tarap
sowulman, diňe bir zat bilen hem düşündirip bolýar. Güdogarda we bütin
dünýäde meşhur bolan Gündogar romantizminiň beýik wekilleri eýýäm hut şu
döwürlerde nusgalyk belentliklere galmagy başarypdylar. Olardan Gündogaryň
beýik läheňleriniň atlaryny tutmazdan, diňe türkmen edebiýatyna dahylly
döredijilik wekilleriniň käbiriniň atlaryny agzap geçmek hem ýeterlikdir. Eýsem
orta asyr şertlerinde ýaşan we döredip öten meşhur sopular Hoja Ahmet Ýasawy,
Mäne baba, Hoja Ýusup Hemedany, Mahmyt Kaşgary, Ýusup hakynda belli
poemany döreden Aly, Mahmyt Pälwan, Seýit Nesimi, Ýusup Balasagunly, Kutb,
Fahry, Horezmi, Nowaýy, Fizuly, Enisi, Berhurdar Türkmen, Ýunus Emre,
Baýram han, Garajaoglan we ýene-de şular ýaly beýik şahsyýetleriň döredijilik

1
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 152-153 sah.
364
dünýäsiniň romantizm usuly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy-da muňa aýdyň
şaýatlyk edýär.
Ýewropada klassissizm edebi usuly döräp ýörkä (XVII), Gündogar
romantizminde eýýäm oguznamaçylyk, ozonçylyk, namaçylyk, sopyçylyk,
nesihatnamaçylyk ýaly akymlar döräp, edebi ösüşiň taryhynda hersi özbaşdak
ýörelgelik belentlige ýetipdir. Şonuň üçin Ýer-Gögüň arasynda erkin pikir öwrüp
bilýän Gündogar edebiýaty üçin hem, türkmen edebiýaty üçin hem klassissizmiň
döredijilik adamsyny dar galypa salýan şertleri ýat bir çeperçilik ülňüliginde
galýar.
Şuňa garamazdan, türkmen edebiýatçylarynyň käbiriniň milli
edebiýatymyzdan hem klassissizmiň alamatlaryny gözlänleri boldy. Professor
Ö.Abdyllaýew şeýle nazaryýetçi alymlaryň biridir. Ol türkmen dessanlarynda
klassissizmiň alty sany alamatynyň bardygyny tassyklamaga synanyşýar, ýöne
onuň bu gözlegleri beýle bir şowly netijeleri bermändir. Sebäbi alymyň alamat
hökmünde öňe çykarýan aýratynlyklarynyň aglabasy diňe klassissizm usulyna
däl, umuman, çeper döredijilige dahylly bolan özboluşlyklardyr. Meselem,
Ö.Abdyllaýewiň tassyklaýşy ýaly “Türkmen dessanlarynda-da gahrymanlaryň
obrazynyň, köplenç, ýa diňe položitel ýa-da diňe otrisatel bolmagy-da” ýa-da
“türkmen dessanlarynda, esasan, waka iň soňunda položitel gahrymanlaryň
otrisatel gahrymanlardan üstün çykmagy bilen tamamlanmagy-da” ýa-da olarda
“tebigaty suratlandyrmaklyga aýratyn üns berilmändigi-de”, “esasy
gahrymanlaryň ýokary gatlagyň wekillerinden bolmagy” ýaly aýratynlyklar-da” 1
diňe bir klassissizm edebiýatyna mahsus alamatlar däl, olar köp edebi usullara,
aýratyn-da romantizm usulynda döredilen eserlere-de mahsus alamatlardyr. Şeýle
bolansoň bu görkezilen alamatlar türkmen edebiýatynda klassissizm usulynyň
bolandygyna güwä geçmeýär.
M.Amansähedow akademik A.Kekilowa salgylanmak bilen edebi usullar
hakda şeýle pikiri öňe sürýär:
“Akademik A.Kekilow “Edebi žanrlar we edebi metod” (Aşgabat, “Ylym”,
1979, 195-nji sah.) atly göwrümli monografiýasynda edebi usullar baradaky
derňewiň gidişinde şeýle çykgyt beripdir. “Edebi usullar hakynda gysgajyk
maglumat bu ýerde rus we ýewropaly halklaryň edebiýatlarynyň mysalynda we
edebiýat teoriýasy boýunça rus dilinde çykan okuw kitaplaryndan peýdalanmak
esasynda berildi. Çünki şindi ýeterlikli öwrenilmedik türkmen edebiýatynyň
mysalynda bu edebi metodlary düşündirjek bolmak synanyşygy meseläni
bulaşdyrmakdan, işe mehaniki ýanaşmaklykdan başga zada alyp barmazdy”.
Görnükli alymyň bu sözleri şu günki günde-de derwaýyslygyny saklaýar.
Her bir usulyň käbir talaplaryny, alamatlaryny islendik döwrüň, islendik
halkyň edebiýatynda bellemek mümkin. Ýöne ol ýa-da beýleki usulyň, ol ýa-da
beýleki ýörelgäniň biri-birine galtaşýanlygyny görüp, şol usula bap getirjek
bolmaklyk oňaýly netijäni bermez. Biz muny Gündogar hem Günbatar

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 301-302 sah.
365
edebiýatynyň mysalyndan bilýäris. XX asyra çenli Günbatarda tehnikanyň, ylmyň
ösmegi, ýene-de gaýry-gaýry sebäpler netijesinde Gündogar bilen Ýewropanyň
gözellik kategoriýalarynyň, ýaşaýyş-durmuş ideallarynyň arasynda düýpli
tapawut döredi. Şol tapawudyň edebiýatyň, sungatyň hakykaty çeper
şöhlelendirmek ýörelgelerine düýpli täsir edýändigi düşnüklidir.
Başga bir tarapdan, bu usullaryň öz häsiýetli aýratynlyklaryna mahsus
bolan ýörelgeleri arkaly çägi, ugry, maksady, wezipesi kesgitlenen. Günbatarda,
Ýewropada emele gelendigi sebäpli, Gündogar edebiýatyna, şol sanda türkmen
edebiýatyna bu usullaryň-ýörelgeleriň tutuşlaýyn laýyk gelmejekdigi düşnükli.”1
Alymlaryň ikisi-de – A.Kekilow hem, M.Amansähedow hem hemme
aýdýan zatlary babatda mamla. Tekstologiýa ylmynda şeýle bir düzgün bar. Eger
ol ýa-da beýleki şygryň (eseriň) haýsy awtora degişlidigi anyk bolmadyk
ýagdaýynda, ony anyk bir ýazyja ýa-da şahyra degişli edip ýalňyşandan, hiç kime
bermän, “ýalňyşanyň” ýagşy diýen ýörelge bar. Bu ylmy netijäň gaty bir ähtibarly
bolmasa, “degene gözüm menden däl” edibermeli däldigine ünsi çekmekdir. Bu
edebi usullaryň milli edebiýatdaky ýagdaýy babatda hem şeýledir.
Dogry, beýle diýildigi her milli edebiýatyň özüne mahsus, özbaşdak edebi
usuly bolmaly diýildigi däldir. Ýöne bu onuň asla bolmaly däldigini-de
aňlatmaýar. Garaz, ylymda islendik netije dialektiki anyklygy hem-de takyklygy
talap edýär. Şeýle-de bu meselede dialektiki umumylyk we bitewilik-de zerurdyr.
Bu ýagdaý edebi usullara hem degişlidir. Heniz ol ýa-da beýleki bir milli
edebiýatda haýsy-da bolsa bir döredijilik usulynyň bolandygy ýa-da bolmandygy
anyk däl ýagdaýynda, Günbataryň edebi usullarynyň baryny Gündogaryň, şol
sanda türkmen edebiýatynyň-da zoraýakdan boýnuna dakjak bolup durmagyň
nämä geregi bar.
Klassissizm edebi usulynyň türkmen edebiýatyna bolan gatnaşygy babatda
hem meselä örän seresap çemeleşmelidir. Galyberse-de, professor
Ö.Abdyllaýewiň özüniň hem adalatly boýun alşy ýaly, türkmen dessanlarynda
klassissizmiň esasy ýörelgesi bolan wagt, orun we hereket birligi baradaky
şertleri saklanmaýar.2 Klassissizm edebi usulynyň bolsa esasy häsiýetli
aýratynlygy we baş ýörelgesi durmuş hakykatyny şöhlelendirmegiň üç birliginiň
– wagt, orun we hereket birliginiň berk saklanmagydyr. Klassissizmi edebi usul
hökmünde beýleki usullardan tapawutlandyrýan aýratynlyk şu “üç birlikdir”.
Eýsem, edebi usulyň baş ýörelgesi saklanmaýan edebiýatdan şol çeper usulyň
alamatlaryny gözläp ýörmegiň zerurlygy barmyka? Elbetde, ýokdur. Sebäbi baş
ýörelgäň ýok ýerinde şoňa esaslanýan usulyň hem bolmajakdygy düşnüklidir.
Galyberse-de, şu pikiri tassyklaýan ýene-de bir delil bar. Ol hem şu: klassissizm
edebi usuly aslynda dörände XVII asyryň başlarynda ýüze çykan çeperçilik
ýörelgedir. Türkmen halk dessanlarynyň döräp ýören döwrini bolsa orta
asyrlardan bärik süýşürip bolmaýar. Giçki orta asyr bolan XVII asyrda diňe
olaryň käbiri dörän bolaýmasa, aglabasy şondan aňryda dörän dessanlardyr.
1
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012, 240 sah.
2
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, «Türkmenistan», 1972, 303 sah.
366
Ýagdaý şeýle bolansoň, bu ýerde wagt babatdaky sowaşyklyk döreýär. Şonuň
üçin klassissizm özüniň aslynda edebi usul hökmünde ýok döwründe dörän
eserlerden, has takygy, türkmen dessanlaryndan bu edebi usulyň alamatlaryny
gözläp ýörmek bihuda çekilen zähmete barabar zat bolýar.
XVIII asyr ýazuwly edebiýatynda dörän türkmen dessanlary-da bar ahyry,
belki, bu edebi usul şol dessanlaryň çeperçilik serişdesi bolandyr diýilmegi-de
mümkin. Dogry, XVIII asyr dessan žanrynyň türkmen ýazuwly edebiýatyna
aralaşan asyry boldy. Ýöne bu asyrda hem, ondan öň hem, hatda XIX asyr
şertlerinde-de halky dessanlar üçin hem, ýazuwly dessanlar üçin hem şol bir edebi
usul – romantizm edebi usuly öz hökmürowanlygyny ýöredýär. Şonuň üçin XVIII
asyryň dessanlaryndan hem klassissizm usulynyň döredijilik alamatlaryny-da,
çeper ýörelgelerini-de gözläp oturasy iş ýok.
R.Rejebow klassissizme özbaşdak bir edebi usul däl-de, edebi akym
hökmünde garaýar.1 Alym ony realizmiň belli bir taryhy şertlerde ýüze çykaran
görnüşi hasaplaýar. Eger durmuş hakykatyny çeper özleşdirmekde özbaşdak
ýörelgesi bolan edebi usullaryň hemmesinde hem realizmiň alamatlarynyň bolup
bilýändigini nazarda tutsaň, ol hakykatdan hem durmuşy realistik özleşdirmegiň
özboluşly bir görnüşidir. Ýöne R.Rejebowyň durmuş hakykatyny çeper
özleşdirmegiň ýörelgelerini işläp düzen klassissizmi edebi usul hasaplamaýşy
geň. Ol munuň sebäbini düşündirmeýär. Belli edebiýat nazaryýetçileriniň hiç biri
hem klassissizme edebi akym hökmünde garamaýar. Tersine, olaryň hemmesi
diýen ýaly biragyzdan klassissizmiň özbaşdak edebi usuldygyny tassyklaýarlar.
Ýewropada döräp, şol ýerleriň edebi prossesine çeperçilik taýdan täsiri bolan
edebi usul barada Ýewropa alymlarynyň gelen netijeleri bilen ylalaşmak ýa-da
türkmen nakylynda örän jaýdar aýdylyşy ýaly, “her ýurduň towşanyny öz tazysy
bilen awlamak” baradaky akyla gulluk etmek we ýewropalylaryň öz
tassyklaýyşlary ýaly, klassissizme edebi usul hökmünde garamak dogry bolsa
gerek. Şonuň üçin klassissizmiň edebi usuldygyny tassyklajak bolup, delil gözläp
oturmagyň zerurlygy ýok hasap edýäris. Ýewropa edebiýatynyň döredijilik usuly
bolan klassissizm barada gürrüň edilýänligi üçin, ýene bir zat hakda ýatlamak
dogry bolardy. Biz ýokarda klassissizmiň edebi usul hökmünde türkmen
edebiýatyna dahylynyň ýokdugyny nygtapdyk. Onda türkmen edebiýaty
klassissizmi haýsy usul bilen çalşyrdyka?
Aslynda, biziň pikirimizçe, türkmen edebiýatynda romantizm usulyna çenli
diňe aýry-aýry däpler, akymlar, stiller bolupdyr. Olaryň haýsysynyň däpdigini ýa-
da akymdygyny, haýsysynyň akymlaýyn stildigini ýa-da çeperçilik ýörelgedigini
kesgitlemek hem aňsat däl. Ýöne biziň häzirlikçe oguznamaçylyk däp, ozonçylyk
däp, sopuçylyk ýa-da hikmetçilik däp diýip ýörenlerimize edebi akym hem diýseň
bolman durjak däl. Bulary, elbetde, aýyl-saýyl etmek gerek, ýöne ol geljegiň işi.
Bir zady weli anyk-aýdyň aýdyp boljak. Olar däp bolsa-da, akym bolsa-da biri-
biri bilen aýrylmaz baglanyşykly çeperçilik hadysalardyr. Oguznamaçylyk hem,

1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, «Türkmenistan», 1966, 255 sah.
367
ozonçylyk hem, nesihatnamaçylyk (didaktizm) hem, sopuçylyk hem edebi
akymlyk derejesinden-ä geçip bilmedik, çeper usul derejesine-de ýetip bilmedik
ýörelgelerdir.
Sentimentalizm (sentiment – duýgy, duýguçyllyk) diýen fransuz sözünden
gelip çykan adalga. Ol XVIII asyryň ikinji ýarymynda edebiýatda we sungatda
ýüze çykan edebi usul. Bu usulyň döremegi Ýewropada möhüm waka bolýar.
Sebäbi adam bu çeperçilik usulyň döreden eserleri arkaly duýgularynyň oýnuny
keseden synlamaga we ondan lezzet almaga mümkinçilik tapýar. Görlüp oturylsa,
adam öz ýakynlarynyň hasratyny deň paýlaşmakdan, olaryň agysyna aglamakdan,
begenjine goşulyp begenmekden, olara eliňden gelen ýagşylygy etmekden hem
ägirt uly lezzet alyp bilýär eken. Adam ahyrsoňy şuňa göz ýetirýär. Bu ýagdaý
adamyň ahlak-etiki dünýäsinde uly öwrülişik döredýär. Adamda ösen ruhy
duýguçyllygyň bolmagyny ondaky ruhy baýlygyň alamaty hökmünde garalmaly
zatdygyna akyl ýetirilýär. Adama diňe bir daşky dünýäsinde bolup geçýän
hadysalara däl, eýsem içki dünýäsinde gopýan harasatlara, haýyr bilen şeriň
arasynda turýan tüpeleňe hem dogry baha bermäge giň mümkinçilik açylýar.
R.Rejebow sentimentalizme hem edebi usul däl-de edebi akym hökmünde
garaýar we ol bu hakda şeýle diýýär: “Duýgyny kult derejesine çenli ýokary
götermek we tebigatyň öňünde sežde etmek sentimentalizmiň aýratynlygydyr. Bu
akym ilki Angliýada döräpdir. Onuň esasyny goýan baş wekili Stern bolupdyr.
Fransiýada bu akymyň iň uly wekili Russo bolýar. Sentimentalizm rus
edebiýatynda XVIII asyryň soňlarynda döreýär. Onuň esasy mazmun aýratynlygy
şol döwür Russiýadaky krepostnoýçylyk düzgünini makullamak we ony
ideallaşdyryp görkezmek bolupdyr. Şunuň bilen birlikde, rus sentimentalizmi
ýokary gatlak wekillerine daýhanlar barada ynsanyýetli bolmagy ündäpdir.
Russiýada bu akymyň esasy wekili Karamzin bolýar. Onuň esasy eseri “Biçäre
Lizadyr”1.
Sentimentalizmiň wekilleriniň garaýşyça, adamda duýguçyllygy oýaryp
bolsa, onda durmuşdaky sosial gapma-garşylyklaryň-da, adamlaryň özara
gatnaşyklarynda ýüze çykýan oňşuksyzlyklaryň-da, her hili adalatsyzlyklaryň-da
soňuna çykmaga giň mümkinçilikler döreýär. Şonuň üçin bu usulyň wekilleri
sungatyň gymmatyny-da onuň adamyň ýüregini ýumşadyp biliş güýji we
ýüreklere gozgalaň salyp biliş derejesi bilen ölçeýärler. Hut şeýle garaýyşlaryň
esasynda hem sentimentalizmiň özüniň çeperçilik ulgamy kemala gelýär.
Özünden öňki çeperçilik usul bolan klassissizm usuly ýaly, sentimentalizm
hem durky bilen didaktizme ýugrulan edebiýaty döredýär. Ýöne bu usulyň
didaktizminiň özboluşly aýratynlyklary bar. Eger klassissizm edebiýatynyň akyla
täsir ediji didaktizmi bolan bolsa, sentimentalizmiň duýga täsir ediji didaktikasy
bolupdyr.
Sentimentalizm edebiýaty tebigat gözelligini uly höwes bilen wasp edýär.
Ol tebigat gözelligini adamda duýguçyllygy terbiýelemegiň güýçli serişdesi

1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, «Türkmenistan», 1966, 182 sah.
368
hökmünde ulanýar. Maşgala durmuşynyň ownuk-uşak tolgundyryjy pursatlaryna
esaslanýan çeper detallar bilen dini ynançlara daýanýan dogruçyllygy
terbiýelemäge çalyşýar.
Sentimentalizm edebiýatynda, hemişe diýen ýaly, beýan edilýän wakalar
oňa gatnaşan adamyň ýa-da şol wakalara şaýat bolan adamyň dilinden beýan
edilýär. Şunda ilkinji nobatda wakany beýan edýän adamyň aňy özüniň aýdyň
şöhlelenmesi bilen öňe çykýar. Sentimentalist ýazyjylar öz okyjylarynda
duýguçyllyk medeniýetini terbiýelemäge çalyşýarlar.
Sentimentalizm usulynda ýazylan kyssa eserlerinde liriki yza çekilmeleriň,
gahrymanlaryň duýgularyndaky owunjak detallara-da aýratyn ähmiýet berilýän
halatlarynyň, ahlak meseleleri hakdaky oýlanmalaryň has köp gabat gelýändigi
hem şonuň üçin bolsa gerek.
Sentimentalizm edebiýatynyň şygyrlarynda bolsa şahyryň şahsyýeti özüniň
bütin köptaraplylygy bilen öňe çykýar we edil şunuň bilen birlikde, klassissizm
usulyna mahsus bolan çäklilige uly zarba urulýar.
Dogruçyllyk bilen dünýäni özgertmegiň mümkindigine bolan ynamyň
gowşamagy bilen sentimentalizm taryhy ewolýussiýany başdan geçirýär. XVIII
asyryň ahyrlarynda sentimentalizm täze döräp gelýän romantik meýillere öz
ornuny bermeli bolýar.
Romantizm çeper usul hökmünde XIX asyryň başlarynda kemala gelýär.
Ol edebi usul tiz wagtda dünýäniň köp ýurtlarynyň – Ýewropanyň, Russiýanyň,
Amerikanyň edebiýatynyň çeperçilik ýörelgesine öwrülýär.
Romantizm edebiýaty her ýurtda özüniň özboluşly aýratynlygy bilen
kemala gelýär. Bu aýratynlyk, elbetde, her halkyň öz milli-taryhy ösüşindäki
tapawutlar bilen baglydyr. Şol bir wagtyň özünde hem romantizm usulynyň
hemme edebiýatlar üçin umumy bolan durnukly alamatlary-da bardyr. Onuň şeýle
umumy taraplaryna bu usulyň döremegine sebäp bolan taryhy esaslar, şeýle hem
romantizmiň hut özüne mahsus bolan ideýa-çeperçilik aýratynlyklar we romantik
gahrymanlaryň häsiýetleriniň ýüze çykarylyş aýratynlyklary girýär.
Aýdaly, Ýewropa romantizminiň döremegine fransuz rewolýussiýasy bilen
bagly öwrülişik döwri taryhy esas bolup hyzmat edýär. Rus romantizmi üçin
bolsa, 1812-nji ýylyň Watançylyk urşy hem-de 1825-nji ýylda bolup geçen
dekabristleriň gozgalaňy taryhy taýdan esas bolýar.
Bularyň hemmesi Ýewropa edebiýat nazaryýetçileri tarapyndan
romantizmiň Günbatar edebiýaty üçin ymykly “resmileşdirilen”
maglumatlarydyr. Onda romantizmiň edebi hadysa hökmünde edebiýatyň ösüşine
täsiriniň kanunalaýyklyklary doly öwrenilmedik ýerlerindäki, meselem, Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň edebiýatlaryndaky ýagdaý nähilikä? Bu mesele entek
gümürtikliginde galyp ýatan özboluşly bir ylmy gatlak.
Eger M.Gorkiniň tassyklaýşy ýaly, çeperçilik dünýäsinde diňe iki sany usul
– romantizm hem realizm usulynyň bolandygyndan ugur alsaň, onda hiç bir

369
halkyň edebiýatynyň şu edebi usullardan çetde galmaly däldigi baradaky
hakykata göz ýumup bolmaýar. Sebäbi ol ýalana çykaryp bolmajak hakykat.
Nazary häsiýetli ähli edebiýatlarda biragyzdan tassyklanylyşy ýaly,
realizmiň usul hökmünde kemala gelmegi üçin syýasy-jemgyýetçilik, edebi-
taryhy şertleriň zerurlygyny, Merkezi Aziýada hem ol şertleriň giç dörändigini
göz öňünde tutsaň, onda bu sebitleriň edebiýatlary üçin diňe bir çeper usul –
romantizm edebi usuly durmuşy çeper özleşdirmegiň ýeke-täk ýörelgesi
boljakdygy bellidir. Galyberse-de, çeper edebiýat edebi usulsyz ýa-da çeperçilik
ýörelgesiz döredijilik gözlegleriniň başyna baryp bilmeýär. Hut şu ýagdaý
döredijilik işinde edebi-çeper usulyň hökmany şertdigini äşgär edýär. Aýratyn bir
edebi usulda ýazmalydygy, resmileşdirilmedik ýagdaýlarynda we ýerlerinde onuň
ornuny edebi däpler, edebi-çeperçilik tejribeler, döredijilik ýörelgeler çalşyrýar.
Şonuň üçin dörediji adamyň haýsy edebi usulda eser ýazýandygyndan bihabar
eser döredýän halatlary-da az bolmaýar. Meselem, Andalyp ýa-da Magrupy haýsy
usulyň çygrynda eser döredendigi hakynda oýlanandyr öýdýärsiňizmi? Elbetde,
oýlanan däldirler. Hatda edebi usullaryň taryhyndan habarly bolan okumyş
ýazyjylar hem bu hakda oýlanmaýarlar. Ony diňe döredilen eseriň ideýa-
çeperçilik aýratynlygy, ýazyjynyň syýasy-jemgyýetçilik dünýägaraýşy
kesgitleýär. Ýazyjynyň dünýägaraýşynyň muňa gatnaşygynyň bolmaýan
halatlary-da, hatda onuň tersine bolýan ýagdaýlary-da seýrek bolmaýar.
Eýsem Merkezi Aziýa sebitleriniň edebiýaty, şol sanda türkmen edebiýaty
realistik çeper ýörelgelerden öň, haýsy edebi usula arka diredikä? Romantizm
usulynamy ýa-da romantiki-realistik çeperçilik ýörelgelerine daýandymyka?
Meseläni düýpli öwrenmän, bu hakda gutarnykly bir netijä gelip bolmaýar.
Birinjiden, mesele çylşyrymly we ozal düýpli öwrenilmedik. Ikinjiden, bu mesele
barada biri-birine çapraz pikirler köp. Bu hakda diňe geçen asyryň altmyşynjy
ýyllarynda türkmen edebiýatynda tankydy realizm usulyndamy ýa-da romantizm
usulynda eser ýazylypmy diýen meseläniň töwereginde ýüze çykan çekişmäni
ýatlamak hem ýeterlik. Üçünjiden, bu çekişmede sübse başy bogulmandygyna
garamazdan, ol mesele hakda soň hem hiç hili netije çykarylmady.
Bu meseläniň edebiýatçy alymlar tarapyndan heniz hem ylmy esasda
çözülmändigine seretmezden, edebi-çeper prossesiň bu döwürlerde hem öz
ösüşini dowam etdirendigi weli belli. Merkezi Aziýa halklarynyň ýazuwly
edebiýaty hem, milli folklor sungaty hem bu döwürlerde özüniň gülläp ösüşini
başdan geçiripdir. Bu sebitleriň edebiýatlarynyň, aýratyn hem türkmen
edebiýatynyň we folklorynyň, XVIII asyrdan bäri döwri hakda-ha gürrüň hem
ýok, şondan soňky edebiýatyň we folkloryň hem özüniň gadymy döwri-de, orta
asyrlar döwri-de özbaşyna bir uly çeperçilik gatlagy emele getirýär. Diýmek,
gülläp ösen çeper döredijilik bar bolsa, onuň edebi-çeper usuly hem bolaýmaly.
Ol edebi usuly hem romantizm diýip atlandyrýarlar.
Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň edebiýatynda, şol sanda türkmen
edebiýatynda romantizmiň döremegine haýsy taryhy öwrülişik sebäp bolduka?

370
Bu hakda entek anyk hem kesgitli bir zat diýmek kyn. Ýöne käbir çaklamalary
aýtmak mümkin.
Megerem, ol araplaryň basybalyjylykly uruşlary netijesinde Aziýanyň
giňişligine musulman dininiň ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Belki-de, oňa
Çingiz hanyň Merkezi Aziýa eden talaňçylykly hem tozgunçylykly ýörişleriniň
netijesinde ýüze çykan taryhy öwrülişik sebäp bolandyr. Muňa anyk jogap
bermek kyn. Ýöne şu ýatlanylan taryhy wakalaryň ikisiniň-de bu sebitleriň
halklarynyň durmuşynda öwrülişik döredip bilen hadysalardygy belli. Bu
uruşlaryň ikisi hem edebi-medeni durmuşa-da özüniň ägirt uly täsirini ýetirendigi
şübhesiz. Ýene bir zada üns bermek gerek.
Eger bu taryhy wakalaryň ikisi-de şu sebitleriň halklarynyň syýasy-
ykdysady, ruhy-medeni durmuşyna we şertlerine düýpli täsir eden bolsa, onda
olaryň edebiýatyň we sungatyň ösüşinde uly öwrülişik döredip biljek taryhy
esaslardygyna hem şübhelenmese bolar.
Sebäbi şu taryhy wakalardan soňky döwürleriň edebi prossesinde
romantizmiň alamatlaryny görüp bolýandygy gyzyklydyr. Galyberse-de, bu
döwürler Merkezi Aziýanyň sähralarynda, daglarynda, düzlerinde, medeni
zolaklarynda, köşki-eýwanlarynda söz sungaty özüniň gülläp ösüşini dowam
etdirýär. Romantizm entek usul hökmünde kemala gelmedik bolsa (belki-de
gelendir), bu edebi usulyň çeperçilik yörelgelerine ýakyn, hatda meňzeş bolan
çeperçilik ýörelgeler durmş hakykatyny çeper özleşdirmegiň ugurlaryny
kesgitleýär. Eysem şol umumylyklar, ýakynlyklar, meňzeşlikler nämelerden
ybaratka?
Adamda özüni gurşap alan dünýäni inkär etmek ýaly umumy meýliň
bolandygyna garamazdan, romantizm sosial-syýasy garaýyşlarda bir bitewiligi
talap etmeýär. Edil şuňa ýakyn ýörelge türkmen edebiýatynda hem dowam
edipdir. Onda irki döwürlerden başlap, şu dünýäni pany hasaplamak, ötegçi
saýmak, oňa wagtlaýyn dünýä hökmünde garamak, baky dünýäniň höwesi bilen
joş urup oturan liriki gahrymany orta çykarmak ýaly döwür üçin ýörgünli ideýa-
-estetiki gözleglere ulaşyp gidýän edebiýat döreýär. Meselem, XII asyryň mistiki
şahyry Hoja Ahmet Ýasawynyň şu dünýä bolan garaýşyna syn edeliň:

Eý-a, dostlar, päk yşky golga aldym,


Bu dünýäni duşman tutup, ýördüm men-ä,
Ýakam tutup, hezretige sygnyp geldim,
Yşk babyda Mansur sypat boldum men-ä!1

Ýasawy şu setirlerinde dünýäni inkär edýär, ony özüne duşman saýýar.


Özüni belli sopy Mansur Hallajyň ýoluny dowan etdiriji hasaplaýar we
diňe absolýut yşky höwes bilen – Allanyň didaryny görmek arzuwyndaky
mistikler ýaly päk yşkyň ýoluna düşen sopudygyny tekrarlaýar.

1
Magtymguly adyndaky Dil-edebiýat we golýazmalar institutynyň hazynasy, bukja 523, 98 sah.
371
Elbetde, şahyryň arzuwy mistiki hyýalbentligiň dumanyna duwlanyp ýatan
romantikadyr. Şonuň üçin ol romantizm hyýalbentligi bilen “dem çekýän
derwüşleriň” piri hökmünde meşhurdyr.
XIV asyr türkmen şahyry Nesimide bolsa dünýä barada şeýle setirler bar:

Ýalançy nebse uýmuş sen, kowar sen dünýäni neçün,


Meger Haky unutmuş sen ki olduň, dünýäýe maýyl.1

Pany dünýäni çyn saýyp, onuň yzynda selpäp (“nebse uýmuş sen”), ony
kowalap ýörmek, şu dünýäniň yşkyna düşüp (“olduň dünýäýe maýyl”), oňa
maýyl bolmaklygy Haky unutmak hasaplaýan Nesiminiň pikirleri diňe onuň
özüniň däl, tutuş edebi döwre galtaşygy bolan beýleki şahyrlaryň-da pikiri we
garaýşydyr.
XVIII asyr türkmen akyldary Magtymgulynyň pikiri hem şu hörpden
gopýar. Onuň dünýä hakdaky pikirlerini seljerseň, şahyryň bu dünýä babatdaky
garaýşy ýazgaryjylykdan hem aňryk geçip, ony inkär edijilik häsiýetli äheňlere
sepleşip gidýär. Magtymguly üçin bu dünýä: ýalançy dünýä, pany dünýä, bäş
günlük dünýä, däli dünýä, loly dünýä, dünýä bir saraý, geleniň ýük ýazdyryp
ötýän kerwen saraýy, dünýä duşman, dünýä ýagy, dünýä messepsiz, dünýä
ygrarsyz. Asla onda gowy zat ýok:

Bir zaman hoş bolup, ganymat ýörüň,


Dünýäniň wepasy bolmaz, ýaranlar.

Dünýä owwal bedel, galpdyr, gallapdyr,


Çarhy-çember bazygäri-kezzapdyr,
Dünýä bir derýadyr, adam hubabdyr,
Hubab suwda baky galmaz, ýaranlar.

Dünýä ýalançydyr, hyrsy-höwesdir,


Ýalançyga bil baglamak hebesdir,
Haramydyr, haramzada näkesdir,
Bir ähdi-peýmanda durmaz, ýaranlar.2

Görnüşi ýaly, şahyryň bu setirlerinde öňki sanalan epitetli dünýäleriň


üstüne ony ýazgaryjy birtopar epitetler goşulýar. Eger olary şygyr setirleriniň
daşyna çykarmaly bolsa, onda biz “dünýä biwepa, dünýä galp, dünýä gallap,
dünýä çarhy-çember, dünýä bazygäri-kezzap, dünýä derýa, dünýä hyrsy-höwes,
dünýä haramy, dünýä haramzada, dünýä näkes, dünýä ähdi-peýmansyz” ýaly
ýazgaryjy epitetler bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Şahyr bir şygryň dowamynda, gör,

1
Seýit Ymadutdin Nesimi. Saýlanan eserler. Üç tomluk, 1-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, RNÇB, 1994, 125 sah.

2
Magtymguly. Saýlanan eserler, iki tomluk, 2-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”,1983, 162-163 sah.
372
näçe sany dünýäni ýazgaryjy äheňe ýugrulan, dünýäni inkär edijilikli, ot-ýalyn
çabrap duran epitetleri ulanypdyr. Bu ýagdaý akyldar şahyryň öz ýaşaýan
dünýäsinden içi ýangynlydygynyň alamaty. Ol alamat romantizm usulyna mahsus
alamatlaryň biri. Ol alamat dünýäniň romantik döredijilik wekilleri üçin umumy
bolan alamat.
Romantizm edebiýatynyň wekilleri hiç wagt öz öňlerinde real durmuş
hakykatyny öz bolşunda takyklygy bilen esere geçirmegi maksat edip
goýmaýarlar. Olar üçin özleriniň hakykata bolan gatnaşygyny aňlatmak we
aýdyňlaşdyrmak ýeterlik. Üstesine-de, olara özleriniň ideallaryna kybapdaş,
toslanyp tapylan ya-da arzuw edýän dünýäsini göz öňüne getirip hem-de
okyjysynyň hyýalynda döredip bilse bolýar. Arzuw edilen ya-da toslanyp tapylan
dünýä bolsa, köplenç, töweregi gurşap alan durmuşa we dünýä gapma-garşy
bolan durmuşdyr we dünýädir. Romantizm edebiýaty arzuwçyllyk bilen toslanyp
tapylan hyýaly kontrastlyk arkaly, dowam edýän durmuş şertlerine garşy bolan
pikir-hyýaly arkaly okyjysyna öz ideýasyny, öz inkär edýän dünýäsine bolan
ýakmaz garaýşyny ýetirýär. XIX asyr şahyry Seýdide şeýle setirler bar:

Ýagy bolsa salyr, sarygu-teke,


Biz münda il bolmak ogşamaz ýeke,
Beýle oturynça pul çeke-çeke
Bir gylyja kuwwat berilsin imdi.1

Şu bentdäki “ýagy bolmak” bilen “il bolmak”, şeýle-de “ beýle oturynça”


bilen “bir gylyja kuwwat bermek” hakyndaky pikirler biri-birine kontrast goýlan,
başgaça aýtsak, durmuş hakykaty (“ýagy bolmak we “beýle otyrynça”) bilen
arzuw-hyýal edilýän ideal (“il bolmak” we bir gylyja kuwwat bermek”) biri-
birine kontrast goýulýar. Has türküläp aýtsak, bu ýerde türkmen tire-taýpalarynyň
agzalalygy hakyndaky durmuş hakykaty bilen olaryň agzybirligi hakyndaky
arzuw-hyýala beslenen ideal biri-birine garşy goýulýar. Şeýlelikde, şahyr çeper
kontrastlygyň üsti bilen öz idealyny okyjysyna ýetirýär. Şahyryň liriki gahrymany
öz idealy bilen – agzybir il bolmak, bir gylyja kuwwat bermek (bir gylyç bu ýerde
birligiň agzybirligiň nyşany) hakyndaky idealy bilen arzuw atyna
atlandyrylypdyr. Bu, elbetde, başga hiç bir zat däl-de, baryp ýatan romantika.
Özem bu XIX asyryň şertlerinde söweşjeň liriki gahrymany orta çykaran watançy
şahyryň romantikasy. Şeýle seretseň, söweşjeňlik bilen romantika bir ýere
sygyşmajak ýaly. Sebäbi olaryň arasynda gylyç bar. Eger üns beren bolsaňyz, bu
ýerde Watanyň ykbaly çitige münen pursatynda, “bir gylyja” – tire-taýpalaryň
agyzlarynyň birligine kuwwat bermek hakyndaky ideal ara düşürilmek bilen
meselä romantiki çözgüt berilýär. Bu setirlerde söweşjeňlik bilen romantikanyň
“aýaklary” Watan topragyna direlip duranlygy üçin, diňe bir ýere sygyşmak däl,
olar biri-birine güýç berýär. Söweşjeňlik, Watan, romantika düşünjeleri bu

1
Seýitnazar Seýdi. Goşgular. Aşgabat, TDNG, 2011, 31 sah.
373
şygyrda “Tagan aýagy üç bolar – biri-birine güýç bolar“ diýen türkmen nakylyny
ýada salýar.
Romantizm edebiýaty hemişe diňe awtoryň hakykata bolan gatnaşygyny
aňladyp bilýän gahrymanlary orta çykardy. Şunda, köplenç, awtoryň idealy bilen
çeper eseriň gahrymanynyň öňe sürýän idealy biri-birine gabat gelýär. Bu bolsa
ýazyjynyň öz idealyny gahrymanynyň häsiýetine, hatda onuň idealyna siňdirip
bilendiginiň alamatydyr. Galyberse-de, bu diňe bir awtoryň ýa-da bir eseriň
idealy bilen onuň gahrymanlarynyň häsiýetiniň bitewiliginiň alamaty däl, ol tutuş
romantizm edebiýatynyň alamatydyr.
Romantizmiň öňe çykaran gahrymany özüniň ýokary duýguçyllygy bilen
tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda duýguçyl gahrymany, köplenç, şygryýet
žanry öňe çykarýar. Şonuň üçin XIX asyryň ahyryna çenli bolan türkmen
şygryýeti özüniň ykbalyny, köplenç, romantizm usuly bilen baglady.
Diýmek, türkmen edebiýatynda, beýleki köp ýurtlaryň edebiýatlarynda
bolşy ýaly, romantizmiň usul hökmünde ýaşamagyny tamamlan döwri XIX
asyryň ahyrlary boldy. Ýöne bu, elbetde, çeperçilik giňişlige özge edebi usullaryň
gelmegi bilen romantizm öz ýaşaýşyny bütinleý bes etdi diýildigi däldir. Onuň
hatda söwet edebiýatynda hem, sosialistik realizm usulynyň gülläp ösen
edebiýatynda hem çeperçilik alamatlar, meýiller, serişdeler hökmünde edebi
prossesiň ösüşinde öz ýüzüni görkezip gidýän halatlary az bolmady.
Görnüşi ýaly, romantizmiň çeper usul hökmünde ýaşamagyny tamamlan
wagty köp ýerde bir döwre gabat gelen hem bolsa, bu çeper usulyň başlangyçlary
weli hemme ýerde bir döwre gabat gelmeýär. Öňde ýatlanyşy ýaly, romantizm
Gübatarda edebi usul hökmünde XIX asyryň başlarynda “resmileşdi” we
çeperçilik prossese täsir etmäge başlady. Ýöne bu başlangyç Günbatara degişli
başlangyçdyr. Gündogaryň romantiki edebiýaty öz başlangyjyny has irki
döwürlerden alyp gaýdýar.
Professor Ö. Abdyllaýew, romantizmde biri-birine gapma-garşy bolan iki
ugruň bardygyny tassyklan beýleki türkmen nazarýetçilerinden (reaksion hem
rewolýusion romantizm – A. Kekilow 1, M. Amnasähedow2, passiw hem aktiw
romantizm – J. Allakow3) tapawutlylykda, bu usula degişli üç ugruň bardygyny
aýdyp, meselä has içgin garaýar. Ö. Abdullaýew bu ugurlary olaryň daşky göze
görünýän taraplary boýunça (reaksion ýa-da rewolýussion, aktiw ýa-da passiw
görnüşinde) däl-de, onuň içki tebigatyna görä bölýär. Ol romantizmde şeýleräk
ugurlaryň bardygyna ünsi çekýär:

1.Dini-mistiki romantizm.
2.Konserwatiw romantizm.
3.Progressiw romantizm.4

1
A.Kekilow. Edebi žanrlar we edebi metod. Aşgabat, “Ylym”, 1979, 266 sah.
2
M.Amansähedow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDNG, 2012, 341-342 sah.
3
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 294 sah.
4
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 305-310 sah.
374
Bu ýerde romantizmiň biri-birine gapma-garşy iki ugrunyň bardygyny
nygtaýan nazaryýetçi alymlaryň öz bölen ugurlaryna berýän häsiýetlendirmeleri
we düşündirişleri hakynda söz açyp, gepi uzaldyp oturmagyň hajaty ýok. Sebäbi
olar Ýewropa romantizmi hakynda ýewropaly nazaryýetçileriň pikirlerini
gaýtalaýarlar. Ýöne professor Ö.Abdyllaýewiň romantizmiň üç ugrunyň bardygy
hakyndaky pikiriniň maňzyňa batýandygy üçin, ol hakda käbir garaýyşlarymyzy
aýtmak isleýäris.
Ilki bilen bellemeli bir zat bar. Ol hem pofessor Ö.Abdyllaýewiň
romantizmde üç sany ugruň bardygy hakyndaky pikiriniň Ýewropa
nazaryýetçileriniňkiden tapawutlanýanlygydyr. Ö.Abdyllaýew bu edebi akymy
Gündogar, şol sanda türkmen romantizminiň tebigatyna mahsus aýratynlyklaryna
esaslanyp bölýär. Has takygy, alym meselä milli edebiýatyň häsiýetli aýratynlygy
nukdaý nazaryndan çemeleşipdir, özem dogry edipdir. Eýsem şeýle
çemeleşmäniň ylym üçin näme bähbitli tarapy bar? Bähbit şunda. Ýewropada
romantizm edebi usul hökmünde XIX asyrda ýüze çykdy. Professor
Ö.Abdyllaýew romantizmiň üç ugrunyň bardygyny, olaryň birirniň hem dini-
-mistiki romantizmdigini nygtaýar. Diýmek, bu eýýäm alym tarapyndan sufizmiň
edebi-çeper giňişlige aralaşyp ýören döwürlerinde hem romantizmiň çeperçilik
ýörelge hökmünde bolandygynyň tassyklanmasydyr.
Eýsem sufizm edebi akym hökmünde haçan ýüze çykdyka?
Bu hakda Magtymgulynyň sopuçylyk garaýyşlary hakynda tutumly iş
ýazan zehinli alym M.Annamuhammedow şeýle pikiri öňe sürýär:
“Sufizm dini we dünýewi jemgyýetçilik pikiriň içinde döräp, kem-kemden
özbaşdak ylmy akym hökmünde kemala gelip (VII asyryň ahyrlaryndan başlap),
tä XIX asyryň ahyrlaryna çenli (türkmen edebiýatynda – M.A.) örän baý ylmy
çeperçilik däpleri toplapdyr. Şeýlelikde, ol beýik akyldarlaryň, alymlaryň,
şahyrlaryň dünýägaraýyşlarynda özboluşly orun tutupdyr.
Sufizmiň ideýa kökleri bütindünýä ylmynyň taryhyna gidýär. Ol mistissizm
ady bilen umumadamzat ähmiýeti bolan dini ygtykatlaryň (buddizm,
hristiançylyk, ýehudylyk) ählisiniň içinde ösüp kemala gelipdir. Hatda Orta Aziýa
we Horasanda dowam eden yslamdan öňki dinleriň (şamanizm, zoroastrizm)
düzüminde hem mistissizm ýaşap gelipdir.”1
Şundan görnüşi ýaly, sufizm özüniň ýüze çykyp başlan döwürlerinden
beýläk romantizm usuly bilen gönüden-göni bagly bolandygyny ýa-da onuň
romantizmden başga bir edebi usulyň çygrynda özüne orun tapyp bilmejekdigini
hemişe nazarda tutmagymyz gerek. Gündogarda romantiki edebiýatyň haçan
dörändigi hakynda anyk bir zar diýmek kyn. Ýöne romantizmiň çäginde ýüze
çykan sufistik edebiýatyň kemala gelmegi, Ý.E.Bertelsiň tassyklaýşy ýaly,
araplaryň zenan şahyry Rabiýa al-Adawiýanyň ady bilen baglanyşyklydyr. 2 Ol
edebi akym Merkezi Aziýa sebitlerine irki orta asyrlarydan başlap (X-XI)
1
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Aşgabat, “Ylym”, 1994, 41 sah.
2
Е.Э.Бертельс. Избранные труды. т.3. М., 1965, 17 sah.
375
aralaşyp ugraýar. Bu sebitlerde sufistik edebiýatyň kemala gelmegi meşhur mistik
şahyr Ýasawynyň – özüne “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet”
diýdirip bilen sopynyň ady bilen baglydyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň edebiýat
meýdanyna gelmegi bilen (XII) dini-mistiki romantizm gülläp ösüp başlaýar.
Ýasawynyň hem-de onuň şägirtleri Hekim atanyň (Gül Süleýman Bakyrganynyň)
we beýlekileriň dini-mistiki hikmetleri sopuçylyk şygryýetini sözüň doly
manysynda ýokary çeperçilik derejelere ýetirýär. Şundan soň bu akymyň,
Nusaýda, Abywerdde, Maryda, Sarahsda, Horezmde medeni ojaklary döreýär.
Onuň Hoja Ýusup Hemedany, Abu Seýit Mähneýi (Mäne baba), Abu Aly
Saýýary, Abu Fazl Sarahsy, Nejmeddin Kubra, Bahawetdin Nagyşbendi ýaly
beýik wekilleri öňe saýlanýar.
Şular bilen bir hatarda, dini-mistiki romantizmiň Mahmyt Pälwan,
Nowaýy, Fizuly, Nesimi, Ýunus Emre, Azady, Magtymguly, Şeýdaýy, Gaýyby
ýaly beýik şahyrlary dünýewi hem dini-mistiki şygyr sungatyny sözüň göni
manysynda-da, göçme manysynda-da Arşa ýetirdiler. Hakykatdan-da dini-mistiki
ideal özüniň kuwwatly ganatlary bilen Arşda – Allanyň dergähinde perwaz urdy.
Romantizm şygyr sungatynyň dini-mistiki ugry ylahy Yşkyň ýoluna düşdi, arzuw
etdi, höwes etdi, hyjuw etdi, “hala” düşdi. Kimler tarykat ýolunda gamkeşlik,
pidagärlik çekdi, heserlendi, kimler orta ýolda galdy, kimler dergähe bardy, Didar
gördi. Şularyň hemmesi romantiki röwüşde dini-mistiki ideala ýugrulyp, şahyrana
“guş dilinde” berk ylmy ulgamly sopuçylyk edebiýatyny döretdi.
Ýewropa edebiýaty bu döwürde entek Don Kihotlar, Sanço Pançolar,
Gargantýua Pantagrýueller, Aleksandr Newskiniň ömri hakyndaky (XIII), Pýotr
we Fawroniýa Miromskiler hakyndaky (XVI), Ýeruslaw Lazarewiç hakyndaky
(XVI) kyssalar, Protopop Awwakumyň “Ömürnamasy” ýaly çeperçilik usulyny-
da, žanryny-da kesgitläp bolmaýan ýazgylar hem beýanlar bilen oňňut edýärdi.
Romantizm ýaly, arzuwdan-höwesden ýasalan ganat-perli edebi usuldan daşdady.
Gündogar bolsa, şol sanda türkmen edebiýaty hem dürli-dümen öwşün atýan
romantizmiň – dini-mistiki romantizmiň, konserwatiw romantizmiň, progressiw
romantizmiň goýnunda meýmiräp, arzuw kölüni gulaçlaýardy. Ol arzuwlar
jemgyýetdäki sossial näsazlyklary düzetmäge, adamlaryň köňlüni päklemeklige
gönükdirilen, ylahylaşdyrylan hyýallara-höweslere beslenen arzuwlardy. Ol
arzuwlar jemgyýeti hem adamy düzetmek, dogry ýola salmak idealyna eýlenen
arzuwlardy.
Dogry, ýene bir gezek gaýtalap aýdýarys, romantizm “resmileşen” edebi
usul hökmünde XIX asyr Ýewropasynyň çeper hadysasy. Eger Gündogarda, şol
sanda türkmen edebiýatynda irki orta asyrlarda hem romantizmiň ýörelgeleri
boýunça eser döredilen bolsa, ol gündogarlylaryň gözellik dünýäsiniň kemala
geliş prossesiniň ir döwürlerden gözbaş alýandygynyň alamatydyr. Belki, ol bu
sebitlerde romantizm diýip atlandyrylmasa, atlandyrylan däldir. Bizem oňa
Gündogara mahsus at goýjak bolup duramzok. Ýöne dünýä siwilizassyýasynyň
Gündogardan başlanýandygyny nazarda tutsaň, onda romantizmiň ýörelgeleriniň

376
hem bu ýerlerde ir döräp başlan bolmagynyň mümkinçiligini hiç kim inkär edip
bilmese gerek. Galyberse-de, Gündogarda, hususan-da Merkezi Aziýada
realizmiň döremegi üçin edebi-taryhy şertler giç emele gelen bolsa, romantizm
çeper hadysasynyň bu sebitlerde döremegi üçin taryhy esaslar az bolmady. Ol
taryhy esaslar hakynda öňde ýatlapdyk. Şunuň üçin öň aýdylan zatlary gaýtalap
durmagyň zerurlygy ýok.
Emma bu meseläniň başga bir möhüm tarapy hakda weli ýörite ýatlansa
gowy: “Sufizm teoriýa tarapdan arap topragyndan üzňe ýurtlarda has hem kämil
häsiýete eýe boldy diýsek ýalňyş bolmaz. Çünki onuň kämilleşmegine sossial
şertler köpdi. Şolaryň iň esasylarynyň biri hem basyp alnan ýurtlarda halk azat
edijilik göreşleriniň örän köp asyrlap dowam etmegidir. Zorluk bilen
yslamlaşdyryş prossesi bu ýurtlaryň halkyny aýaga galdyrypdyr. Ganly uruşlar,
weýrançylyk, sossial sütem halk gozgalaňlarynyň barha möwç urmagyna
getiripdir. Abdyrahman ibn Müslimiň (Abu-Müslim), Sumbadyň, Şarik ibn
Şeýhiň, Haşym ibn Hekimiň (Mukannanyň) gozgalaňlary Beýezidiň we
Mansuryň garaýyşlarynyň bişmegine sossial itergi beripdir. Omeýýat begleriniň,
ylaýta-da olara ýapjalyk eden Horasanyň ikiýüzli welaýat begleriniň
yslamlaşdyryş prossesinde we tabynlyk pikirine halk gaty nadyllyk bilen
garapdyr. Ruhy tabynlyk – öňki dinden, däp-dessurdan, dilden ýüz öwürmek ruhy
jebri döredipdir. Ýadawlyk, irmek, gorky, gam-gussa, durmuşa ýigrenç,
ýekesireme, hossarsyzlyk ruhy bilen ýaşaýan halka bir gaçybaralga tapmak
gerekdi. Ine, şular barada mistikler kanunalaýyklyk gözläpdirler. Sossial pikire
aç-açan mätäçlik döräpdir.”1
Hakykatdan-da, gaçybatalga gözlemek romantizmiň gahrymanlaryna
häsiýetli aýratynlykdyr. Olar öz ýaşaýan jemgyýetinde dowan edýän düzgünler
bilen ylalaşmaýarlar. Şonuň üçin olar öz hyýallarynda, göz öňüne getirmelerinde
arzuw edýän dünýäsine gaçýarlar we mydama özlerini ýeke-ýalňyz duýýarlar.
Romantizm edebiýatynda ýekelik-ýalňyzlyk temasy özbaşyna meseledir. Ol
mesele ähli žanrlara siňip gidipdir. Türkmen edebiýatynda bu mesele şygryýetde,
aýratyn hem mistiki şygryýetde has köp ýüzlenilen meseledir. Beýik Magtymguly
öz döredijiliginde bu meseläni hakyky mistiki şahyra mahsus bolan yhlaslylyk
bilen giňden işläpdir. Onuň şygyrlarynyň arasynda şeýle setirler bar:

Köňül aýdar: halkdan galyp,


Gezsem daglar-daşlar bile.
Ýazygymy ýada salyp,
Ýüzüm ýuwsam, ýaşlar bile.

Her kim, görsem, bir pişede,


Meniň köňlüm endişede,
Köýi-ser içre köşede,

1
M.Annamuhammedow. Magtymguly, gizlin syryň bar içde... Aşgabat, “Ylym”, 1994, 45-46 sah.
377
Otursam, agaçlar bile.2

Bu setirlereden şahyryň liriki gahrymanynyň köňlünde “halkdan galyp”,


jemgyýetden başyny alyp gaçmak pikiri, ýeke-ýalňyz halda daglaryň-daşlaryň
arasynda gezmek, göz ýaş dökmek, endişe çekmek, daglaryň başynda bir çolaja
künçde mesgen tutmak ýaly mistiki hyjuwlaryň joş urýandygy äşgär duýulýar.
Şunuň bilen biz bu ýerde başga kanunalaýyklyga göz ýetirýäris. Romantizmiň
edebi gahrymanlaryna häsiýetli bolan ýekelik-ýalňyzlyk duýgusy, gaçybatalga
gözlegi sufistik şygryýetiň gahrymanlaryna-da özbaşdak häsiýet aýratynlygy
bolup öňe çykýar. Bu kanunalaýyklyk desssan gahrymanlaryna-da degişlidir.
Andalybyň dessanlarynda Mejnunyň ýekeden-ýeke dagda-düzde mesgen tutup
ýörşüni göz öňüne getirsek, romantizmiň dessan gahrymanlarynyň hem özüne
gaçybatalga gözleýändigi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Sebäbi Mejnun romantizm
edebiýatynyň gahrymany. Asla sopuçylyk edebiýaty romantizmiň çäklerinde
özüni örän oňaýly ýagdaýda duýýar. Bu romantizm bilen sufizmiň edebi hadysa
hökmünde tebigatlary taýdan biri-birine örän ýakyndyklarynyň alamatydyr.
Umuman, romantizm edebi-çeper usul hökmünde beýleki edebi usullar, edebi
ugurlar, edebi akymlar we stiller bilen bir döwürde hereket etmäge, özünden
soňky dörän edebi usullar bilen-de bir hörpden gopmaga, olar bilen sazlaşykly
ýaşamaga ukyply edebi hadysadygy bilen tapawutlanýar. Hut şoňa görä-de, ol
edebi usul hökmünde bir wagt ýaşamagyny bes edendigine garamazdan, şu günki
gün hem çeperçilik prossesiň ösüşine işjeň gatnaşýar.
Simwolizm XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda dowam eden
edebi usul. Ol Fransiýada döräp, şol wagtyň dowam edýän buržuaz durmuşyna,
filosofiýasyna we medeniýetine garşy, şeýle-de naturalizmiň hem-de realizmiň
garşysyna närazylyk bildirmek bilen ýüze çykan edebi usuldyr. Simwolistler real
hakykatyň we durmuşyň gönüden-göni suratlandyrylmagy ol diňe durmuşyň
ýüzleýje şöhlelenmesi diýip hasap edýärler. Dünýäniň syryny diňe simwollaryň
we yşaratlaryň, emossiýalaryň we intuissiýalaryň kömegi bilen açyp bolar diýen
düşünjä gulluk edýärler.
Simwolizm idealistik dünýägaraýyşdyr. Ol sungaty durmuş hakykatynyň
zir-zibilleri bilen doldurmakdan gaça durýar we sungaty örän belent derejelerde
göz öňüne getirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Olar “sungat sungat üçindir”
diýen reaksion taglymaty goldanýarlar.
Simwolizm Günbatar Ýewropada giňden ýaýrap, sungatyň ähli
görnüşleriniň içine aralaşypdyr. Ol Russiýada XIX asyryň ahyrlarynda ýüze
çykýar. Bu edebi hadysanyň Russiýada ýüze çykmagynda we kemala gelmeginde
W.Ý.Brýusowyň hyzmaty uludyr. Ol 1894-1895-nji ýyllarda “Rus simwolistleri”
atly ýygyndynyň üç goýberilişini neşir etdirýär.
Bu edebi-çeper hadysanyň wekilleriniň belli bir böleginiň dünýägaraýşynda
töweregi gurşap alan real hakykaty kesgitli suratda inkär etmek, şu dünýäni pany

2
Magtymguly. Eserler ýygyndysy. 1-nji jilt. Aşgabat, “Ylym”, 2013, 252 sah.
378
ýa-da ötegçi dünýä hökmünde-de däl-de, ony aslynda ýok dünýä hasap etmek
meýli höküm sürýär. Bu dünýä olar üçin göýä gaflat ukusy, barlygyň ýok
kölegesi bolup göz öňüne gelýär. Simwolistler real hakykata arzuwlaryň
hökmürowanlyk edýän dünýäsini garşy goýýarlar. Şahsyýet arzuw-hyýallaryň
içinde özüni doly suratda erkin duýup bilýär diýip tassyklaýarlar. Olar şu dünýäni
betnyşan hem betgelşik, öçli hem gaharly, tukat hem bimany dünýä hökmünde
suratlandyrýarlar.
Ýaş simwolistler nesliniň kemala gelmegi bilen rus simwolistleri üçin
simwol sözüniň many öwüşgüni artýar. Bu sözüň many öwüşgüniniň bir tarapy
arşy dünýäniň ruhy bilen, beýleki tarapy zeminiň ruhy dünýäsi bilen
baglanyşdyrylýär. Şunuň bilen birlikde, simwollaryň gurluşlary-da başgaça
ýagdaýa geçýär. Olaryň zemini manylarynyň sossial, syýasy taryhy öwüşginleri
güýçlenýär.
Rewolýussiýa ýyllarynda (1905 ý.) simwolistleriň dünýäni çeperçilikli
özleşdirişlerinde döwür bilen aýakdaşlyk ýörelgesi kemala gelýär. Eger öň
gözellige sazlaşyklaryň netijesi hökmünde garalan bolsa, indi öňa halkyň
özakymly göreşiniň döreden bulam-bujarlygynyň netijesi hökmünde garalyp
başlanýar.
Simwolizm edebi usul hökmünde ýaşamagyny Oktýabr rewolýussiýasynyň
amala aşýan döwürlerinde hem dowam etdi. Olar rewolýussiýa bilen simwolizmi
birleşdirjek bolup jan çekýärler. Bu meselede aýratyn hem A.Blok, A.Belyý,
S.A.Ýesenin we beýlekiler has yhlaslylyk görkezýärler. A.Blogyň “On iki”
poemasy şeýle döredijilik gözlegleriň çür başy hökmünde sowet döwrüniň
şygryýetiniň gözbaşlarynda duran çeper eserdir.
Tankydy realizm XIX asyryň çeperçilik hadysasydyr. Eger romantizm
edebi usuly dowam edýän jemgyýetçilik gurluşynyň kämil däldigini öňünden
aňan bolsa, tankydy realizm onuň tebigatyndaky adamzada garşy bolan
taraplaryny açmak bilen iş salyşýar. Tankydy realizm, romantizmiň hyýallardan
ybarat konsepsiýalaryna derek, durmuş hakykatyna arzuw-hyýallardan bütinleý
saplanan garaýyş bilen seredýär. Tankydy realizm inkär etme arkaly özüniň
estetiki idealyny açýar. Ol jemgyýetiň üstünden tüýs kazyýetiň wekili ýaly
gözegçilik edýär.
Tankydy realizm Ýewropada XIX asyryň 20-nji ýyllaryndan başlap, has
güýçli ösüşe eýe bolýar. Bu edebi usul Fransiýada O.Balzak, Stendal, Angliýada
Ç.Dikkens, Russiýada L.N.Tolstoý, F.M.Dostoýewskiý, A.S.Puşkin, A.P.Çehow
ýaly beýik döredijilik wekillerini edebiýat meýdanyna getirdi. A.S.Puşkin,
M.Ý.Lermontow N.W.Gogol ýaly ýazyjylaryň doredijilik ykballary hem diňe bir
romantizm bilen bagly bolup galmaýar. Olar-da öz döredijilikleriniň belli bir
basgançagynda romantizm usulyndan el çekip, tankydy realizme geçip gidýärler.
Tankydy realizmde durmuş hakykatyny çeper umumylaşdyrmak ýörelgesi
tipleşdirmedir. Bu usula tipik häsiýetleri tipik ýagdaýlaryň içinde ýüze çykarmak
häsiýetli boldy. Şol döwrüň söz sungaty adamzat ösüşiniň ugruny dogry

379
kesgitlemegiň, ynsanperwer ideallaryň we adamy iň ýokary gymmatlyk
hökmünde ykrar etdirmegiň ýollaryny gözleýär.
Bu edebi usulyň nusgawy tükmen edebiýatyndaky ýagdaýy barada XX
asyryň altmyşynjy ýyllarynda örän dartgynly çekişme guralandygyny öňde hem
ýaňzydypdyk. Çekişme örän uzak wagt dowan etdi. Edebiýatçy alymlar dürli
pikirleri orta atdylar. Umuman alanyňda, pikirler ikä bölündi. Alymlaryň bir
topary nusgawy türkmen edebiýatynda tankydy realizm usuly bolupdyr diýen
netijä gelse, beýleki birtopar alymlar XVIII – XIX asyr türkmen edebiýatyna
tankydy realizm usuly däl-de, romantizm usuly häsiýetlidir diýen pikiri öňe
sürdüler. Uzaga çeken çekişmäni ahyr soňunda akademik B.A.Garryýew jemledi.
Ýöne bu çekişmäniň özi-de, onuň jemlemesi-de belli bir netijä gelip bilmedi.
Çekişmäniň netijesiz tamamlanmagynyň sebäbini düşündirmek bilen
professor J.Allakow örän dogry pikiri öňe sürýär we ol şeýle diýýär: “Realizm
hakdaky bu jedeliň esasy ýetmezi onda edebiýatymyzyň öz ösüş aýratynlyklary,
milli özboluşlylygy çuň nazarda tutulmady. Oňa Günbatar we rus edebiýatyndaky
edebi ugurlardan edilýän talap, ülňi bilen çemeleşildi. Has takygy, geçmiş
türkmen edebiýatyndan Günbatar hem rus edebiýatynyň tejribeleri agtaryldy.
Şeýdip hem kelebiň ujy ýitirildi.”1
Hakykatdan-da, edebi-çeper usul ýaly, tebigaty boýunça umumy hem
hususy häsiýetli meselä hemme ýerde bir ölçeg bilen çemeleşmek bolmaýar.
Türkmen edebiýatynyň çeper usullary babatdaky meselä hem örän siňňin
seretmek zerur. Onuň geçen taryhy ýolunyň Günbatar edebiýatynyň ýoly bilen
galtaşýan ýerleri-de bar, asla ilteşmeýän ýerleri-de az däl. Şonuň üçin bu
aratapawut, hökman, nazarda tutulmalydyr.
Eýsem şu nukdaý nazardan seretseň, türkmen edebiýatynyň tankydy
realizm usuly bilen galtaşygy nähilikä? Olaryň galtaşmag-a beýle-de dursun, asla
hiç bir jähetden ilteşikleri-de ýok. Sebäbi nusgawy türkmen edebiýatynda
tankydy realizm ýaly çeper usulyň ýüze çykmagy üçin heniz XVIII – XIX asyr
türkmen jemgyýetinde hiç hili taryhy şertler-de, sosial-jemgyýetçilik esaslar-da,
edebi-çeperçilik ýörelgeler-de kemala gelmändi. Şonuň üçin häzirlikçe çekişmä
gatnaşan alymlaryň türkmen edebiýatynda tankydy realizm usulynyň
döremändigi hakyndaky pikiri öňe sürenleriň aýdanlary bilen ylalaşaýmak galýar.
Üstesine-de, tankydy realizm usulyny ýörite derňemedik hem bolsa, türkmen
edebiýatynda romantizm usulynyň çeper ýörelge hökmünde XX asyra çenli diýen
ýaly dowam edendigini tassyklaýan tutumly işleriň birtopry2 geçen asyryň meşhur
çekişmesinden soň ýazylandygyny-da ýatlamak gerek. Asla hiç hili taryhy-
jemgyýetçilik esasyň ýok ýerinden tankydy realizmi gözlemek garaňky gijede
iňňe gözländen enaýy däldir.

1
J.Allakow. Edebiýat ylmyna giriş. Aşgabat, “Magaryf”, 1992, 391 sah.
2
S.Garryýew. Magtymguly we edebiýatda realistik tendensiýa. Aşgabat, “Ylym”, 1978; M.Annamuhammedow.
Şüküri we XIX asyr türkmen poeziýasynda romantiki stil. Aşgabat, “Ylym”, 1979; R.Rejebow. XVIII-XIX asyrlar
türkmen edebiýatynyň döredijilik stili. Aşgabat, “Ylym”, 1995.
380
Ondan daşgary-da belli alym R.Rejebow tankydy realizm usulyny
realizmiň iň ösen basgançagy hasaplaýar. Ol bu hakda şeýle pikiri öňe sürýär:
“Tankydy realizm buržuaz jemgyýetiň şertlerinde döräp, realizmiň ösüşinde has
ýokary etapy aňladýan, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň has ösen döwrüne
mahsus sosialiatik realizmiň öň ýanyndaky etapy aňladýan pursatydyr.” 1 Görnüşi
ýaly, tankydy realizm usuly ösen buržuaz jemgyýetiniň miwesi hökmünde ýüze
çykan usuldyr. Romantizmiň dumanyna duwlanyp ýören türkmen edebiýatyndan
adaty realizmi hem däl-de, R.Rejebowyň tassyklaýşy ýaly, ösen realizmi –
tankydy realizmiň çeperçilik ýörelgelerini agtarmak, professor J.Allakowyň
aýdyşy ýaly, Günbataryň meselä çemeleşiş ölçegini Gündogaryň, has takygy,
türkmen edebiýatynyň boýnuna zoraýakdan dakjak bolmakdan başga zat däldir.
Realizm (realist-maddy many berýän giçki latyn diline degişli söz). Ol
edebiýatda we sungatda özbaşdak bir çeper usuldyr. Realizmiň dünýä
edebiýatyndaky taryhy ýoly örän uzyndyr. Çeperçilik ösüşiniň dürli
basgançaklarynda onuň manysyna dürli öwüşgün berlipdir (meselem, mifologik
realizm, magaryfçylyk realizm, tankydy realizm, sosialistik realizm we ş.m.)
Aslynda hakykat düşünjesi estetikada iň kyn meseleleriň biridir. Bu mesele
babatda döreýän kynçylyk “her kimiň öz hakykaty bar” diýen düşünje bilen hem
baglydyr. Garaýyşlaryň köpdürlüligi bolsa meseläni has-da çylşyrymlaşdyrýar.
Sebäbi bu ýagdaý şol bir hakykata, şol bir wagtyň özünde, her kimiň öňa özüçe
dürli tarapdan garap, netije çykarýandygy bilen bagly ýüze çykýar. Meselem,
Magtymgulynyň “Bolmak hakdyr” şygrynda “Ölmek hak, dirilmek hakdyr” 2
diýen hakykat bar. Şu setirdäki “ölmek” düşünjesi ýalana çykaryp bolmajak
hakykatdyr. Ýöne bu düşünje barada lukmanyň öz filosofiýasy bar, biologyň öz
hakykaty bar, dindaryň öz garaýşy bar, fiolosofyň öz pelsepesi bar. Ýazyjyda şu
garaýyşlaryň hemmesiniň bolmagy hökman däl, ýöne ol eserinde şolaryň
hemmesini jemläp biler. Okyjyda bolsa bu garaýyşlaryň sany okyjynyň sanyna
barabar bolmagy-da, ondan birneme azrak bolmagy-da mümkin. Şeýle bolansoň
şol bir hakykatyň dürli düşündirişi ýüze çykýar. Görnüşi ýaly, biz bu ýerde
hakykat bir hem bolsa, garaýyşlaryň dürlüligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Çeper
hakykatyň tebigaty weli beýle däldir. Belki-de, çeper hakykatyň tebigatyna
mahsus bolan şu aýratynlygyna esaslanmak bilen fransuz klassissizminiň belli
wekili N.Bualonyň “tebigata öýkünmek” arkaly hakykata akyl ýetirmäge çagyran
bolmagy-da mümkin. Meşhur romantik W.Gýugonyň hem hakykata akyl
ýetirmek üçin tebigat bilen her kimiň ylhamynyň özara maslahatlaşmagynyň
zerurlygyny ündän bolmagy-da mümkin. Her niçik hem bolsa, olaryň ikisi-de
hakykat bilen tebigata bir zat hökmünde garaýarlar. Materialistik taglymata görä
bolsa realizm detallaryň dogruçyllygyndan başga-da, tipiki häsiýetleri tipiki
ýagdaýlarda açyp görkezmekdir.
Dünýä edebiýatynyň taryhy realizmiň ösüşiniň birnäçe tipini bilýär.
Realizmiň başlangyç döwürleri hakynda ylymda häzirlikçe belli bir anyk pikir
1
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1966, 208 sah.
2
Magtymguly. Saýlanan eserler. 3 tomluk. 2-nji tom. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1994, 49 sah.
381
ýok. Sungaty öwrenijileriň bir topary ony örän alysdaky eýýamlara degişli
edýärler. Ilkidurmuş jemgyýeti döwründe gaýalaryň ýüzünde çekilen şekilleriň
realizmi barada, şeýle hem antik döwrüň heýkelleriniň realizmi hakynda söz
açanlarynda, olaryň hakykatdan hem realizmiň başlangyç basgançaklarydygyna
güwä geçýärler. Dünýä edebiýatynyň taryhynda gadymy döwürleriň we irki orta
asyrlaryň eserlerinde realizmiň alamatlary gabat gelýär. Ýöne Ýewropa
edebiýatynda realizmiň çeperçilik ulgam hökmünde kemala gelşini Renessans
(Täzeden döreýiş) döwri bilen baglamak däp bolupdyr. Muňa mysal edip hem
F.Petrarkyň lirikasynda, F.Rableniň, M.Serwantesiň romanlarynda hem-de
W.Şekspiriň tragediýalarynda we komediýalarynda duş gelýän realizmiň
alamatlaryna salgylanýarlar.
Täzeden döreýiş döwri adamy tebigatyň iň ýokary derejede ýaradan zady
hökmünde şöhratlandyrýar. Ol adamyň daşky gözelligini hem-de onuň baý ruhy
dünýäsini we akylyny doly açmaga çalyşýar. Täzeden döreýiş döwrüniň
edebiýatyna adamyň çeper keşbini özüniň bütiň giňliginde we gerimliliginde
açmak häsiýetlidir (meselem, Don Kihot, Gamlet, korol lir).
Realizmiň ösüşiniň ýene bir basgançagy hem magaryfçylyk akymy bilen
baglydyr. Bu akym magaryfçylyk realizmi diýen at bilen edebiýatyň taryhyna
girdi. Ýewropa edebiýatynda ýüze çykan bu akym gönüden-göni buržuaz
demokratik rewolýussiýasyna taýýarlyk işini alyp bardy. Magaryfçylyk akym
hakynda öňde edebi akymlar barada gürrüň edilende, ýörite durlup geçilendigi
üçin, realizmiň bu basgançagy barada uzak gürrüň etmekden saklanýarys.
Tankydy realizm hem realistik usulyň bir tipi ýa-da basgançagydyr. Ol
realizmiň ösüşine uly goşant hökmünde özbaşyna bir çeperçilik gatlagy emele
getirýär. Biz bu çeperçilik gatlagy edebi akymyň däl-de, edebi usulyň – tankydy
realizm usulynyň edebiýaty hökmünde seljerdik. Şonuň üçin bu ýerde realizmiň
bu tipi hakyndaky gürrüňi-de uzaldyp oturmagyň hajaty ýok hasap edýäris.
XX asyryň başlarynda realizmiň ýene-de bir tipi ýüze çykýar. Rus ýazyjysy
M.Gorkiniň asyryň başlarynda ýazan “Meşşanlar”, “Durmuşyň düýbünde”
dramalarynyň we aýratyn hem “Ene” romanynyň, Günbatarda bolsa Andersen-
Neksäniň “Basybalyjy Pelle” romanynyň peýda bolmagy bilen sosialistik realizm
edebi usuly döräp başlaýar. XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda eýýäm sosialistik
realizm usulynyň edebiýaty dünýäniň edebi-çeperçilik ösüşinde möhüm bir
hadysa bolup, çeperçilik giňişlikde özüni äşgär edýär. Şunda täze kemala gelip
başlan sowet edebiýaty özüniň täze edebi usuly bilen XIX asyr edebiýatynyň
çeperçilik tejribesinden ugur alyp, onuň bilen ysnyşykly aragatnaşykda öz ösüşini
dowam edýär.
1945-nji ýylda ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen dünýäde
sosialistik döwletleriň lageri döreýär. Şondan soň bütin dünýäde sosialistik
realizm usulynyň gülläp ösüş döwri başlanýar. Ol çeperçilik usul Türkmenistanda
sowet häkimiýetiniň gurulmagy bilen türkmen sowet edebiýatynyň hem
döredijilik usulyna öwrülýär. Şeýlelikde, XX asyr sosialistik realizmiň asyry

382
hökmünde taryha girýär. Bu çeper usulyň çäginde dürli ýerlerde we dürli
döwürlerde dürli edebi akymlar döreýär. Ýöne olaryň hiç biri sosialistik realizmiň
esasy ýörelgelerini üýtgedip bilmeýär, oňa uly bir täzelik hem goşup bilmeýär.
Sosialistik realizm usuly dünýäde realistik edebiýatyň ösüşinde özbaşdak
tip hökmünde kemala gelýär. Ol turuwbaşdan özüniň anyk çeperçilik
ýörelgelerini işläp düzýär. Şol ýörelgeler ýazyjylara durmuş hakykatyna taryhy
anyklyk bilen hem-de dogruçyllyk bilen çemeleşýän örän giň gerimli we tutumly
epiki eserleri döretmäge belli derejede ýol açýar. M.Gorkiniň “Klim Samginiň
ömri”, M.Şolohowyň “Ýuwaş Don”, “Göterilen tarp”, A.Fadeýewiň “Ýaş
gwardiýa”, M.Awezowyň “Abaý”, B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”, Aýbegiň
“Nowaýy”, S.Aýniniň “Gullar”, M.Ibragimowyň “Ol gün geler’ ýaly romanlary
sosialistik realizmiň irki döwürleri bilen baglanyşykly dörän iri epiki eserleriň
käbiridir.
Halk köpçüligi tarapyndan şu günler hem söýlüp okalýan bu romanlaryň
hemmesi sowet edebiýatynda sosialistik realizmiň kemala gelmegine uly goşant
goşan iri göwrümli epiki eserlerdir. Şolar ýaly ýokary çeperçilikli eser ýazan
ýazyjylaryň döredijilik tejribesi sowet edebiýaty diýip at alan söz sungatynyň
döremeginde nusgalyk hyzmaty boldy. Şol ýazyjylaryň döredijilik tejribesiniň
täsiri bilen dörän edebi-çeper gatlak realizmiň özboluşly bir tipi hökmünde
sosialistik realizmiň ösüş taryhynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Eýsem sosialistik realizm edebi-çeper usulynyň esasy nazaryýet
ýörelgelerine nämeler girýär? Professor Ö.Abdyllaýew onuň şu aşakdaky bäş
sany edebi-çeperçilik we nazary ýörelgelerine ünsi çekýär:

1. Durmuşy öz dialektiki bolşunda dugruçyl suratlandyrmak.


2. Kommunistik partiýalylyk ýörelgesinde eser ýazmak.
3. Durmuş hakykatyny ösüşde, özgerişde görkezmek.
4. Edebiýatyň halkylygy.
5. Edebiýatyň synpylygy.1

Akademik A.Kekilow hem,2 R.Rejebow hem3 sosialistik realizm usulynyň


şu ýokarda sanalan bäş ýörelgesiniň töwereginde söz açýarlar. Elbetde, bu olaryň
hiç biriniň öz döreden ýörelgeleri däl. Olar 1934-nji ýylda SSSR ýazyjylarynyň I
gurultaýynda kabul edilen ýörelgeler. Bu ýörelgeler täze dörän bütinsoýuz
edebiýaty üçin sowet ideologiýasynyň talaplaryna laýyklap düzülen ýörelgelerdir.
Şonuň üçin sowet edebiýaty özüniň bütin ömrüni şu döredijilik usul bilen
baglady. Realizmiň bir asyra barabar dowam eden bu çeperçilik tipi özboluşly bir
edebi giňişligi emele getirdi. Ol köpmilletli sowet edebiýatynyň çeperçilik
ýörelgesi boldy. Durmuş hakykatyny çeper özleşdirmegiň özboluşly usuly bolan

1
Ö.Abdyllaýew. Edebiýat teoriýasynyň esaslary. Aşgabat, “Türkmenistan”, 1972, 324-328 sah.
2
A.Kekilow. Edebiýat teoriýasy. Aşgabat, TDOPN, 1958, 31 sah.
3
R.Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aşgabat. “Türkmenistan’, 1966, 196-200 sah.

383
sosialistik realizm SSSR dargandan soň, her näçe tankyt edilen hem bolsa, bu
usulda döredilen çeper eserler bilen sowet halkynyň ençeme nesilleri tebiýelendi.
Ol hatda dünýä halklaryna ruhy iýmit bolup hyzmat edýän çeper gymmatlygy
döretdi. Sosialistik realizmiň taryhy ýoly edebi-çeperçilik ösüşiň ýoly hökmünde
hem sowet halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem ruhy medeniýetiniň
anyk döwürdäki taryhy ösüşiniň ýoly hökmünde hem ähmiýetlidir.
Sosialistik realizm usulynda eser döreden sowet ýazyjylarynyň bütin
dünýäde meşhurlyk gazananlary hem az däldi, hatda olaryň käbirleriniň Nobel
baýragyna mynasyp bolanlary hem bardy. Şoňa görä realizmiň bu tipi hakynda
gürrüň gozgalsa, onuň döredijilik adamyny hiç bir jähetden çäklendirmändigi
hakda yzygiderli nygtalyp gelindi.
Eger bütin dünýä halklarynyň ykrar etmegine mynasyp bolan sowet
ýazyjylarynyň az bolmandygyndan çen tutsaň, onda bu hakykatdan hem şeýle
ýaly bolup görünýär. Ýöne dünýä meşhur türkmen romany bolan “Aýgytly
ädimiň” başda B.Kerbabaýewiň öz döredijilik tutumyna görä käbir wakalaryň
ýaýbaňlanyşynyň we käbir personažlaryň, aýratyn hem Eziz hanyň keşbiniň
“çekilişiniň” ilkinji warianty bilen şu günki okyjynyň okaýan wariantynyň
arasynda tapawut uly. Şu meseleler babatda “Aýgtly ädim” romanynyň başyndan
geçiren güzaply günlerini ýadyňa salsaň weli, hakykatdan hem sowet
ideologiýasynyň, şeýle hem sosialistik realizm usulynyň syýasatlaşdyrylan
ýörelgeleriniň ýazyja doly döredijilik erkinligini bermändigine göz ýetirýärsiň.
Sosialistik realizmiň çeperçilik ýörelgeleriniň ýazyjyny belli derejede
çäklendirýän, hatda käbir ýagdaýlarda elini-aýagyny baglap goýýan halatlary-da
az däl. Porfessor J.Allakow sosialistik realizmiň nogsanlyklary hakda söz açanda,
bu barada giňişleýin durup geçýär. Şonuň üçin ol hakdaky gürrüňi ýaňadan
gozgamagyň zerurlygy ýok. Elbetde, professor J.Allakowyň sosialistik realizm
usulynyň kem-käslikleri hakynda aýdýan zatlarynyň käbiri bilen jedelleşip boljak
ýerleri hem bar. Şeýle-de bolsa, J.Allakowyň sosialistik realizmiň
syýasatlaşdyrylan çeperçilik ýörelgeleriniň ýazyjyny bökdeýän taraplary hakda,
esasan, dogry pikirleri orta atýandygyny bellemelidir.
Çeper hakykat durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Şeýle-de bolsa ol
durmuş hakykatynyň naturadaky gaýtalanmasy däldir. Ol özgerdilen, ösdürilen,
kämilleşdirilen, hatda käbir halatlarda ideallaşdyrylan hakykatdyr. Şonuň üçin ol
çeper hakykatdyr. Çeper hakykat durmuş hakykatynyň gös-göni gaýtalanmasy
däldir. Çeper hakykat durmuş hakykatynyň aýnasydyr, başgaça aýtsak,
şöhlelenmesidir. Sebäbi çeper hakykat ýazyjynyň dünýägaraýşy, akyl-paýhasy,
arzuwy, maksady, idealy siňdirilen hakykatdyr. Ýazyjynyň eserlerinde näçe
personaž bar bolsa, şonçarak hem hakykata bolan dürli-dürli garaýyşlar bardygy
hem, şonçarak akyl-paýhas, arzuw, maksat, ideal bardygy hem şonuň üçindir.
Eserdäki gahrymanlaryň hakykata bolan garaýyşlary ýazyjynyň öz garaýşy bilen
bap gelibem biler, gelmänem. Ýöne dörediji adam özüniň hakykata bolan
garaýşyna bap gelmeýän gahrymanlary-da, hatda özüniň hakykata garaýşyna ters

384
gelýän garaýyşly personažlary-da, şunuň bilen baglylykda olaryň häsiýet
köpdürlüligini-de döredip bilýär. Bu, elbetde, eserde ýüze çykarylan garaýyşlaryň
we häsiýetleriň hemmesiniň ýazyjyda jemlenendigini aňlatmaýar. Ýazyjy diňe öz
gahrymanlarynyň hereketleriniň we häsiýetleriniň yzyna düşýär. Realizmiň edebi
usul hökmündäki talaby hem şeýledir.
Realizm haýsy taryhy döwürde ýüze çykandygyna ýa-da dowam
edýändigine garamazdan, ol özünden öňki çeperçilik ýörelgeler hem-de usullar
bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar ýa-da olar bilen döredijilik hyzmatdaşlygyna
girip bilýär. Şonuň üçin hem ol söz sungatyny, belki, döredijidir ýa-da barha
ösdüriji, ony öňe alyp baryjy esasy çeperçilik ýörelgelerdir, döredijilik usulydyr.
Realizm hakykatyň çeper şöhlelenmesidir. Ol özüniň tebigaty boýunça,
nähili tipde ýüze çykýandygyna garamazdan, durmuş hakykatyny çeper
özleşdirmegiň esasy usuly hökmünde taryhy anyklyga eýe bolan iň dogruçul
ýörelgedir. Diňe hakykat realizmiň tarapynda däldir, ol hem hakykatyň
tarapyndadyr. Hakykat bolsa döredijidir, özgerdijidir, ösdürijidir we ýeňijidir.

385
Mazmuny
Giriş
I. SÖZ SUNGATY
Çeper edebiýat – jemgyýetçilik aňynyň görnüşi 20
Çeper edebiýat – özboluşly sungat 33
Çeper edebiýatda forma we mazmun bitewiligi 74
Çeper edebiýatyň halkylygy we milliligi 100
Çeper edebiýatyň jemgyýetçilik hyzmaty
II. EDEBI PROSSESIŇ ÖSÜŞI
Edebi prosses
Edebi hyzmatdaşlyk
Edebi täsir
Edebi däp we täzeçillik
Edebi stil
Edebi akym we akymlaýyn stil
Edebi usul

386

You might also like