You are on page 1of 20

DÜNÝÄDE ÇÖLLEŞME HADYSASYNYŇ ÖŇÜNI

ALMAK BOÝUNÇA GEÇIRILÝÄN ÇÄRELER


ÇÖLLEŞME HADYSASY WEONUŇ ÖŇÜNI ALMAK

 Soňky ýyllarda klimatyň üýtgemegi gurak


klimatly raýonlaryň topragynyň zaýalanmagyna
we çölleşmegine güýçli täsir edýän gurakçylygyň
wagtal-wagtallygynyň we güýçli depginliliginiň
üýtgemegine alyp barýar. Ýerleriň çölleşme
hadysasy bu günki günüň iň wajyp meseleleriniň
birine öwrüldi.
ÇÖLLEŞME HADYSASY
 Birleşen Milletler guramasynyň Çölleşmäge
garşy göreş Konwensiýasynyň kesgitlemegine
görä, çölleşme - bu gurak we ýarym gurak
sebitlerde dürli faktorlaryň, esasan-da klimatyň
üýtgemegi hem-de adamyň hojalyk işjeňliginiň
täsiri netijesinde dargadylmagy ýa-da
degradasiýa sezewar bolmagydyr.
ÇÖLLERIŇ GÖRNÜŞLERI:
Tebigy akkumlýatiw çöllükler. Tebigy denudasion çöllükler.

Çölleriň bu görnüşine ygalyň mukdary ýyl


boýunça 100-200 mm-den az, bugaryjylyk
Olar daglyk platolaryň, gaýalaryň
bolsa 3000-3500 mm bolan ýerler degişli ýapgytlarynyň, lawa örtükleriniň, gaty
edilýär. Onuň iki görnüşi tapawutlandyrylýar: dag jynslarynyň pytramagy, dargamagy
- Içerki materik akkumlýatiw çöllükler, olara netijesinde emele gelen denudasion
Ölüm jülgesi, Günbatar Hytaýyň çöllük ýerleri, çöllükler bolup, ýerasty suwlaryň has
Merkezi Awstraliýa, Saharanyň Müsür bölegi çuň ýerleşenligi, ösümlik dünýäsine has-
hem-de Aral-Kaspi regiony degişli edilýär. da garyplygy bilen tapawutlanýar.
- Deňiz-kenarýaka akkumlýatiw çöllükler. Çölleriň bu görnüşlerine Eýranyň,
Akkumlýatiw çölleriň bu görnüşine Perunyň,
Ermenistanyň, Günbatar Hytaýyň we
Çiliniň kenarýaka çöllüklerini, Günbatar,
Günorta-Günbatar we günorta Afrikanyň Mongoliýanyň tekiz daglyklarynyň
çöllüklerini, günorta-günbatar Hindistany we ýapgytlaryny goşmak bolar.
Gündogar Hytaýyň territoriýalaryny goşmak
bolýar.
ÇÖLLERIŇ ÝOKARDA GÖRKEZILENLERDEN BAŞGA-DA
IKILENÇ ANTROPOGEN GÖRNÜŞI TAPAWUTLANDYRYLÝAR .

 Çöllükleriň bu görnüşleri ösümlik we toprak örtükleriniň ýok


edilmegi, ýa-da ikilenç şorlaşmanyň intensiwligi sebäpli toprak we suw
gurşawlarynyň şorlaşmasy netijesinde ýüze çykyp bilýär. Olarda ygalyň
ýyllyk mukdary 300-400 mm ( ýyllar boýunça çürt-kesik üýtgäp bilýär),
bugaryjylyk bolsa 1000-2000 mm aralygynda. Ikilenç çöllükler öňki öri
meýdanlarynyň, sähra we sawanna zonalarynda meýdan lanşaftlarynyň
nädogry özleşdirilmegi we peýdalanylmagy netijesinde döräp bilýär.
Ikilenç antropogen çöllükler Awstraliýanyň köp bölegini, Demirgazyk
Amerikanyň beýik düzlüklerini, Kanadanyň günorta-günbataryny,
Ýewropanyň günorta-gündogaryndaky we Merkezi Aziýadaky
sähralyklary, Kiçi Kawkazy, Kalaharini, Keniýany, Tanzaniýa, Efiopiýa
we Sudany öz içine alýar.
ÇÖLLEŞMÄNI DÖREDÝÄN ESASY FAKTORLAR

 Çölleşme prosessine tebigy faktorlar (tebigy we klimatik şertler)


bilen birlikde antropogen faktorlar hem öz täsirini ýetirýär.
Çölleşme hadysasyna şorlaşma bilen birlikde aşakdaky hadysalar öz
täsirlerini ýetirýär: ösümlik örtüginiň ýok edilmegi, toprak örtüginiň
senagat, irrigasion we gurluşyk maksatlary üçin ulanylanda
dargadylmagy, ösümlik örtükleriniň çendenaşa mal bakylmagy
sebäpli dargadylmagy, agaç we gyrymsy ösümlikleriň ýangyç
hökmünde ulanylyp ýok edilmegi, intensiw düme ekerançylygy
sebäpli ýerleriň deflýasiýa we eroziýa sezewar bolmagy, suwarymly
ekerançylykda ikilenç şorlaşma we batgalaşma, daglyk sebitlerde
senagat maksatlary üçin landşaftlaryň dargadylmagy, akar suwlaryň
we drenaj suwlarynyň azalmagy we ş.m.
ÇÖLLEŞMÄNIŇ DEREJELERI:
 Ekologik ýagdaýy boýunça çölleşmäniň 4 derejesi
tapawutlandyrylýar:
 Çölleşmedik ýa-da gowşak çölleşen ekologik kadalara
gabat gelýän zona;
 Aram çölleşen ýa-da ekologik töwekgelçilikli zona;
 Güýçli çölleşen ýa-da ekologik krizis ýagdaýyndaky
zona;
 Örän güýçli çölleşen ýa-da ekologik heläkçilikli zona.
ÇÖLLERIŇ EKIN MEÝDANLARYNY BASMAGY
Häzirki wagtda gury ýeriň üstiniň takmynan 15
% töweregi meýdany ýa-da 2 mlrd ga ýer (ABŞ we
Meksikanyň bilelikdäki meýdanyndan hem uly)
adamyň hojalyk işi netijesinde degradirlenen.
Çölleşme we degradasiýa hadysalary bütin dünýä,
şol sanda GDA döwletleri (esasan-da Merkezi
Aziýa we RF üçin) üçin möhüm ekologik
meseleleriň birine öwrüldi.Topragyň degradasiýa
hadysasy bu sebitde esasan öri meýdanlarynda
mallaryň köp bakylmagy, toprak eroziýasy,
suwarymly ýerleriň şorlaşmasy, çölleşme
netijesinde ýüze çykýar.
GDA girýän
ýurtlaryň çäklerinde
topragyň
degradasiýasynyň
birnäçe görnüşleri
tapawutlanýar.
Olara:
 suw (56%),
 ýel (28%),
 himiki(12%),
 fiziki (4%)
görnüşler.

GDA ÝURTLARYNDA ÇÖLLEŞME HADYSASY


GDA-DA ÇÖLLEŞMÄNIŇ MYSALLARY:
 Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň meýdanynyň 70% -ni çägeli
çöllük meýdanlar tutýar, 32-37% meýdany bolsa şorlaşmadan
ejir çekýär. Özbegistanda bolsa suwarymly ýerleriň 50%
töweregi çölleşen. Gyrgyzystanda çölleşmä we degradasiýa
sezewar edilen ýerleriň paýy 70,6%-e ýetýän bolsa, Täjigistanda
bu görkeziji 97,9%-e ýetýär. Gazagystanyň territoriýasy bolsa
ýel eroziýasyndan has köp ejir çekýär. Russiýa Federasiýasynyň
çäklerinde Kalmykyýanyň meýdanynyň 48%-i, Rostow
oblastynyň käbir etraplarynyň 50 %-e çenli meýdanlary
çölleşmä sezewar bolan ýerlerdir. Ýurtda çölleşmeden zyýan
çekýän ýerleriň umumy meýdany 1,2 mln km 2 gowrak.
Russiýa Federasiýasynda ýerleriň hem degradasiýasy ýeterlik
derejede intensiw ýagdaýda geçýär. Ýurtda 190 mln ga töweregi oba
hojalyk ýerleri dürli degradasiýa prosesslerine, 65 mln ga ýer suw we ýel
eroziýasyna, 23 mln ga ýer çyglylygyň artmagy zerarly batgalaşma, 38
mln ga ýer şorlaşma sezewar bolan ýerlerdir. Batgalaşan ýerler ýurdyň
Ýewropa böleginiň we demirgazyk sebitleriniň 50%-den gowragyny
tutýar.
Çölleşme we ýerleriň degradasiýa hadysalary Ukraina döwleti üçin
hem häsiýetli. Aýratynam ýurdyň Donesk we Lugansk oblastlary ýerleriň
güýçli degradasiýasyndan ejir çekýär.
Belarus döwletinde bolsa erozion howply ýerler 4 mln ga-dan gowrak
(şol sanda sürülýän ýerler-2,6 mln ga). Şonuň 556,5 müň ga-y ýel we
suw eroziýasy netijesinde dargadylan (degradirlenen) ýerlerdir. Şol
sanda sürülýän ýerleriň-479,5 müň gektary tebigy durky bozulan ýerlere
degişli.
ÇÖLLEŞMÄGE GARŞY GÖREŞMEK IŞINIŇ ALNYP BARYLYŞY

 Çölleşmäge garşy göreş meselesine ilkinji


gezek BMG-nyň 1977-nji ýylda Naýrobi
Konferensiýasynda garaldy.
 1994-nji ýylyň 17-nji iýynynda bolsa
Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasy kabul
edildi. Şondan bäri bu sene Çölleşmäge garşy
göreşmegiň Bütindünýä güni diýip yglan
edildi.
KONWENSIÝANYŇ ESASY MAKSADY:
 Adamlaryň döredýän çölleşmek hadysasynyň ýa-
da prosessiniň öňüni almak we togtatmakdan,
zaýalanan ýerleriň biologik önümliligini
dikeltmekden ybaratdyr.
KONWENSIÝANYŇ TARAPDARY HÖKMÜNDE
TÜRKMENISTANYŇ BORÇLARY:
 Çölleşmäge garşy göreşe ilkinji nobatda ähmiýet bermek we öz
ýagdaýyny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen serişdeler
bermek;
 Durnukly ösüş we çölleşmä garşy göreşmek boýunça meýilnamalaryň
çäklerinde baş ugurlary işläp düzmek we ileri tutulýan ugurlary
bellemek;
 Çölleşme hadysasynyň ösüşine ýardam edýän sebäpleri düzetmek
meselelerine we durmuş-ykdysady şertlerine aýratyn ähmiýet
bermek;
 Çölleşmäge garşy göreş boýunça çäreler hökümete degişli bolmadyk
guramalaryň goldawynda ýerli ilatyň habarly bolmaklaryny üpjün
etmäge we gatnaşmagyna ýardam etmek;
 Tebigaty goramagyň kanunlaryny kämilleşdirip amatly atmosferany,
uzak möhletli syýasy herehetleriň maksatnamalaryny döretmek .
DÜNÝÄNIŇ ÇÖLLEŞME KARTASY
1996-njy ýylda Konwensiýa gol çekilenden we
tassyklanylandan soň, Türkmenistanda ÇGGHMM işlenip
düzüldi we Milli konwensiýada garaldy, “Çölleri
özleşdirmegiň problemalary” (2000-nji ýyl, N1)
žurnalynda çäp edildi. 1996-njy ýylyň ahyrynda
ÇGGHMM-ny işläp düzmek boýunça Döwlet
komissiýasy tarapyndan tassyklandy we Türkmenistanyň
Hökümetiniň garamagyna, dürli halkara guramalarynyň
seretmegine berildi. 1999-njy ýylyň Nowruz aýynda
BMG-nyň konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan
gelip çykýan Türkmenistanyň borçlaryny ýerine ýetirmegi
üpjün etmek boýunça Döwlet komissiýasy döredildi.
NETIJE
Bilşimiz ýaly, ýerleriň çölleşme hadysasy bu günki günüň iň wajyp meseleleriniň
birine öwrüldi. Ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, olary şorlaşmakdan, aşa
yzgarlanmakdan, çölleşme we eroziýa hadysalaryndan hem-de zyýanly himiki
maddalaryň täsirinden goramak bu günki günüň wajyp ekologik meseleleriniň
biridir. Bu ugurda bütin dünýäde, şol sanda biziň ýurdymyzda hem dürli öňüni alyş
çäreleri geçirilýär.
Belli bolşy ýaly, Türkmenistan örän ejiz çöller zolagynda ýerleşýär, ýerden
peýdalanmakda ädilen her bir seresapsyz ädim bu ýerde gaýtadan dikeldip bolmajak
netijelere getirip biler. Şoňa görä-de Türkmenistan ekologiýa meseleleriniň
çözgüdine aýratyn ähmiýet berip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öz
üstüne borçlar alyp, 1996-njy ýylda BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça
ylalaşygyny makullady. Şol ýylda hem çölleşmä garşy göreş boýunça hereketleriň
ýörelgeleri we baş ugurlary işlenip düzüldi, şonuň esasynda hem Hereketleriň milli
maksatnamasy (ÇGGHMM) işlenip düzüldi.
ESASY EDEBIÝAT ÇEŞMELERI:

1. http://ru.wikipedia.org/wiki........./
2. www.ecoproblems.org
3. www.ecosystema.ru
4. www.agricultural_dictionary.academic.ru
5. www.un.org/sustaniable/desertification
6. www.ecodelo.org/9257-problemy_degradatsi
7. www.pestisidy.ru
8. https://ru.m.wikipedia.org
9. www.dic.academic.ru

You might also like