You are on page 1of 22

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanyň Milli bilim instituty

Orta mekdepleriň V - XII synplary üçin türkmen dili dersi


boýunça okuw maksatnamasy

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda taýýarlanyldy

Aşgabat – 2013 ý
VI SYNP

Hepdede – 5 sagat, okuw ýylynda jemi – 170 sagat.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dilleri


öwrenmek baradaky sargytlary– 1 sagat.

Gaýtalamak üçin temalar – 10 sagat.


Sözlerde sesleriň dogry aýdylyşyny transkripsiýa arkaly bellemek.
Çekimli sesleriň ýogynlyk-inçelik taýdan sazlaşygy we oňa eýermeýän
sözler hem-de goşulmalar.
Çekimli sesleriň dodak sazlaşygy, oňa eýermeýän sözler hem-de
goşulmalar.
Dar çekimlileriň düşüp-düşmezlik häsiýeti, onuň dogry aýdylyş hem-de
dürs ýazuw düzgünleri.
Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülýän we öwrülmeýän ýagdaýlary bilen
baglanyşykly orfoepik hem orfografik normalar.
Diliň sözlük düzümini baýlaşdyrýan çeşmeler.
Sözüň bir manylylyk hem-de köp manylylyk we göçme manylylyk
häsiýeti.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Tekst.
Tekstiň meýilnamasy.
Sözlükler bilen amaly iş.
Fonetik we leksik derňewler.

MORFOLOGIÝA

Morfologiýa grammatikanyň sözleriň morfema gurluşyny we söz


toparlarynyň aýratynlyklaryny öwredýän bölümi hökmünde – 1 sagat.
Söz we goşulmalar barada düşünje – 10 sagat.
Goşulmalar, olaryň görnüşleri.
Söz ýasaýjy goşulmalar, olaryň täze sözleri ýasamakdaky hyzmaty.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Suratlandyrma häsiýetli tekstiň aýratynlyklary.

Sözleriň goşulmalar arkaly ýasalyşy.


Sözleriň gurluş taýdan görnüşleri: sada sözler; asyl düýp söz; ýasama
düýp söz;
goşma, tirkeş we gysgaldylan düýp söz.
Sada sözler.
Asyl düýp sözler.
Ýasama düýp sözler.
Goşma sözler.
Gysgaldylan sözler, olaryň aýratynlyklary , olara goşulma goşulyşy,
ýazuw düzgüni.
Tirkeş sözler, olaryň ýazuw düzgüni.
Morfologik derňew – 3 sagat.
Morfologik derňewiň doly hem doly däl görnüşi.
Doly däl morfologik derňew. Sözi ýasalyşy taýdan derňemek.
SÖZ TOPARLARY
Özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda umumy maglumat – 2
sagat.
Atlar – 52 sagat.
Atlar, olaryň soraglary, beýleki söz toparlaryndan tapawutlandyrýan
alamatlary.
Atlaryň many aýratynlyklary.
Has atlar. Has atlaryň görnüşleri.
Adam atlary, lakamlar, tahalluslar.
Geografik atlar we astronomik atlar.
Haýwanlara dakylýan atlar.
Edara-kärhana, orden-medal atlary, daýhan birleşikleriniň, gazet-
žurnallaryň,
kitaplaryň hem-de onuň bölümleriniň, makalalaryň atlary, olaryň goşa
dyrnaga alnyp ýa-da alynman ýazylyşy.
Jyns atlar. Jyns atlaryň görnüşleri.
Jyns adyň has ada, has adyň jyns ada geçişi.
Atlaryň gurluş aýratynlyklary.
Atlaryň gurluş taýdan toparlara bölünişi.
Asyl atlar hem-de ýasama atlar.
Ýasama atlaryň görnüşleri.
Atlaryň goşulmalar arkaly ýasalyşy. Adyň atdan, işlikden, sypatdan,
çalyşmadan hem-de sandan ýasalyşy.
Goşma atlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Tirkeş atlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Gysgaldylan atlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Sözlükler bilen amaly iş. Düşündirişli sözlükden goşma hem tirkeş atlary
tapmak.
Atlaryň grammatik aýratynlyklary.
Atlarda söýgüligiň aňladylyşy.
Söýgüligiň goşulmalar arkaly aňladylyşy.
Söýgülik aňladýan “-jyk, -jik, -jagaz” goşulmalary.
Garyndaşlyk aňladýan “ata, ene, kaka, eje, aga, daýy, daýza” hem-de
“guzy, köşek, iner, maýa, keýik, jan” ýaly sözleriň söýgülik aňladyp
gelşi.
Atlarda köplügiň aňladylyşy.
Köplügiň “-lar/, -ler, -lyk,-lik, -çylyk,-çilik” goşulmalary arkaly
aňladylyşy.
Köplügiň sanlar arkaly aňladylyşy, ýazuw düzgüni.
Adyň yzyndan “dagy” sözüni getirmek arkaly köplügiň aňladylyşy,
ýazuw düzgüni.
Atlary tirkeşdirmek arkaly köplügiň aňladylyşy, ýazuw düzgüni.
Söýgülik hem köplük goşulmalaryny kabul eden atlaryň gepleşikde we
ýazuwda ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.
Atlarda degişliligiň aňladylyşy, ýöňkemeler.
Degişlilik düşünjesi. Zadyň bir şahsa ýa-da köpçülige degişlidigini
bildirýän goşulmalar.
Atlaryň degişlilik goşulmalary.
Degişliliň birliginiň hem-de köplüginiň goşulmalary, ýazuw düzgünleri.
Degişlilik goşulmalarynyň ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.
Atlarda düşüm goşulmalary.
Düşümler, olaryň manysy we hyzmaty.
Baş düşüm.
Baş düşümiň soraglary, ýerine ýetirýän hyzmaty.
Eýelik düşüm.
Eýelik düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.
Eýelik düşümdäki atlaryň goşulmaly hem goşulmasyz ulanylyşy.
Eýelik düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.
Ýöneliş düşüm.
Ýöneliş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.
Ýöneliş düşümiň ulanylyş aýratynlygy.
Ýöneliş düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.
Ýeňiş düşüm.
Ýeňiş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy,ýerine ýetirýän hyzmaty.
Ýeňiş düşümiň goşulmaly hem-de goşulmasyz aňladylyşy.
Ýeňiş düşüm goşulmalaryny kabul eden sözleriň ýazuw düzgüni.
Wagt-orun düşüm.
Wagt-orun düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy, ýerine ýetirýän
hyzmaty.
Wagt-orun düşümiň “-nda,-nde” goşulmasy, onuň goşulyş özboluşlylygy.
Wagt-orun düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.
Çykyş düşüm.
Çykyş düşümiň soraglary, goşulmalary, manysy, ýerine ýetirýän hyzmaty.
Çykyş düşümiň “-nda,-nde” goşulmasy, onuň goşulyş özboluşlylygy.
Çykyş düşümde gelen sözleriň ýazuw düzgüni.
Düşüm goşulmalarynyň ulanylyşyna degişli berkidiji ýumuşlar.
Doly däl morfologik derňew.
Atlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Baş düşümdäki atlaryň sözlemiň baş agzalary bolup gelşi.
Eýelik düşümdäki atlaryň eýelik-degişlilik aýyrgyjy bolup gelşi.
Ýöneliş, ýeňiş, wagt-orun we çykyş düşümlerdäki atlaryň degişlilikde
ýöneliş,ýeňiş, orun, wagt, çykyş doldurgyçlary bolup gelşi.
Atlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Çeper tekstiň dil aýratynlygy.
Sypatlar – 26 sagat.
Sypatlar, olaryň soraglary. Sypatlaryň beýleki söz toparlaryndan tapawutly
taraplary.
Sypatlaryň many aýratynlyklary.
Reňk,tagam, göwrüm-möçber, gylyk-häsiýet, hil-ýagdaý, wagt, orun
aňladýan sypatlar.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Iş stili, onuň aýratynlyklary,ulanylýan ýerleri.
Hil sypatlar hem-de otnositel sypatlar, olary biri-birinden
tapawutlandyrmak.
Hil sypatlar we onuň görnüşleri.
Sypatlarda hil derejesiniň aňladylyşy.
Sypatlaryň düýp derejesi.
Sypatlaryň artyklyk derejesi.
Sypatlaryň kemlik derejesi.
Sypatlaryň kiçeltme-söýgülik derejesi.
Sypat derejeleriniň ýazuw düzgünleri.
Otnositel sypatlar, olaryň aňladýan manylary.
Alynma sypatlar. Alynma sözlerden otnositel sypatlaryň ýasalyşy, olaryň
ýazuw düzgüni.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Sözleýşiň publisistik stiliniň aýratynlygy.
Sypatlaryň gurluş aýratynlyklary.
Sada sypatlar, olaryň asyl sypatlar hem-de ýasama sypatlar diýlip bölünişi.
Ýasama sypatlaryň görnüşleri.
Goşulmalar arkaly ýasalan sypatlar: olaryň işlikden, atdan, sandan
ýasalyşy.
Sypat ýasaýjy sözöňi “bet-,bed-,bi-, nä-” goşulmalary, olaryň ýazuw
düzgüni.
Tirkeş sypatlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Goşma sypatlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Sypatlaryň atlary aýyklap, sypat aýyrgyjy bolup gelşi.
Sypatlaryň işlikleri aýyklap, hal hyzmatynda gelşi.
Sypatlaryň atlaşmak häsiýeti, olaryň söýgülik, köplük, degişlilik, düşüm
goşulmalaryny kabul edişi.
Sypatlaryň eýe hem-de habar hyzmatynda ulanylyşy.
Sypatlaryň morfologik derňewi.
Sypatlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.
Sanlar – 22 sagat.
Sanlar, olaryň soraglary. Sanlaryň beýleki söz toparlaryndan
tapawutlanyşy.
Sanlaryň many aýratynlyklary.
Mukdar sanlar hem-de tertip sanlar.
Mukdar sanlar.
Bitin mukdaryň aňladylyşy.
Bölek mukdaryň aňladylyşy.
Çen-takmyn mukdaryň aňladylyşy.
Topar mukdaryň aňladylyşy.
Mukdar sanlaryň ölçeg bildirýän sözler (numeratiwler) bilen ulanylyşy.
Alynma sanlar, olardaky özboluşlyklar.
Mukdar sanlaryň ýazuw düzgüni.
Tertip sanlar, olaryň ýasalyşy hem-de many aýratynlygy.
Tertibiň goşulmalar arkaly, rim sifrleri, arap sifrleri bilen, harplar arkaly
aňladylyşy.
Tertip sanlaryň ýazuw düzgüni.
Sanlaryň many aýratynlyklary boýunça berkidiji ýumuşlar.
Sanlaryň gurluş aýratynlyklary.
Sanlaryň beýleki söz toparlaryndan ýasalyp bilinmeýändigi.
Asyl sanlar, olaryň aýratynlygy.
Goşma sanlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Tirkeş sanlar, olaryň ýazuw düzgüni.
Baglanyşykly sözleýiş – 2 sagat.
Ylmy stil. Onuň aýratynlygy .
Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Sanlaryň atlary aýyklap, san aýyrgyjy bolup gelşi.
Sanlaryň işlikleri aýyklap, doldurgyç bolup gelşi.
Sanlaryň atlaşmak häsiýeti, atlaşan sanlaryň söýgülik, köplük, degişlilik,
düşüm goşulmalaryny kabul edişi.
Sanlaryň sözlemde baş agza hökmünde gelmegi.
Sanlaryň morfologik derňewi.
Sanlaryň ulanylyşy boýunça jemleýji sapak.
Jemleýji sapak – 1 sagat.
Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 6 sagat.

Okuw materiallary – 146 sagat,


sözleýşi ösdürmek – 12 sagat,
diktantlar we ýalňyşlar üstünde iş – 12 sagat.
Jemi -170 sagat.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Milli bilim instituty

ORTA MEKDEPLERIŇ RUS DILINDE OKADYLÝAN V-XII SYNPLARY ÜÇIN


TÜRKMEN DILI DERSI
BOÝUNÇA OKUW MAKSATNAMASY

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda taýýarlanyldy

Aşgabat – 2013 ý.
VI SYNP

Hepdede - 2 sagat, okuw ýylynda jemi - 68 sagat.


Sözleýiş dilini ösdürmek üçin temalar:
1. Güýz tebigaty.
Güýz paslynyň gözelligi. Guşlar günorta uçýarlar. Ekin meýdany. Bag.
Bakja. Hasyl ýygylýar. Hasyl toýy.
2. Biziň mekdep durmuşymyz.
Türkmen dili, edebiýat, matematika, taryh, geografiýa sapaklary. Biz okuwda
bilim alýarys hem-de biri-birimize kömek berýäris. Biziň diwar gazetimiz.
3. Biz dynç alýarys.
Biziň halaýan oýnumyz. Teatrda, mawy ekranyň öňünde. Dostuma hat
ýazýaryn.
4. Türkmenistan - Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet.
Türkmenistanyň Döwlet nyşanlary. Ýurdumyzda bellenilýän
baýramçylyklar.Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni. Türkmenistanyň
Bitaraplyk güni.
Matam güni. Hatyra güni. Türkmenistanyň taryhyndan gürrüňler. Milli
baýlyklarymyz.
Hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky aladalary. Berkarar döwletiň
bagtyýarlyk döwri. Türkmenistanda dürli halklaryň agzybir ýaşaýşy.
Gurbanguly Berdimuhamedow – biziň Prezidentimiz.
5. Şäher durmuşy. Zähmet we dynç alyş.
Adamlar şäherde näme işleyärler?
Fabrikde. Zawodda. Şäher ulaglarynda. Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý
edýäris.
6. Oba durmuşy. Zähmet we dynç alyş.
Adamlar obada näme işleýärler?
Biziň obamyz. Maldarçylyk. Bakjada. Kitaphanada.
7. Tebigaty eý gör we gora.
Biziň ülkämiziň ösümlik we haywanat dünýäsi. Biziň yurdumyzyň gözel
ýerleri. Biz
tebigaty goraýarys.
8. Kitap – bilimler hazynasy .
Kitap biziň durmuşymyzda. Biz okamagy, bilim almagy gowy görýäris. Biziň
kitaphanamyz.
9. Bahar tebigaty.
Gyşyň soňky günleri. Bahar gözellikleri. Enelerimizi we mamalarymyzy,
ejelerimizi
hem uýalarymyzy Milli Bahar baýramy bilen gutlaýarys. Nowruz
bayramy. Meydanda
ekiş işleri. Mekdep bagynda.
10. Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni.
Milli galkynyş hereketi, Türkmenistanyň Konstitutsiýasy, Magtymgulynyň
döwlet,
döwletlilik hem-de agzybirlik hakyndaky paýhaslary.
11. Tomus ýakynlaşýar.
Çagalar tomusky dynç alyşda.

Gaýtalamak üçin temalar:


Çekimlileriň we çekimsizleriň dürs ýazuw düzgünleri – 1 sagat.
Fonetik derňew.
Söz. Asyl söz, düýp söz we goşulma - 1 sagat.
Morfologik derňew.

Söz toparlary (dowamy).


Atlar – 10 sagat.
Atlaryň many aýratynlyklary.
Has we jyns atlar.
Asyl atlar hem-de ýasama atlar, olary tapawutlandyrmak.
Atlaryň gurluş aýratynlyklary: sada, goşma, gysgaldylan goşma atlar.
Atlaryň ýasalyş ýollary.
Atlaryň atlardan ýasalyşy.
Atlaryň işliklerden ýasalyşy.
Atlaryň sypatlardan, çalyşmalardan, ses we şekil aňladýan sözlerden
ýasalyşy.
Has we jyns atlaryň ýazuw düzgüni.
At ýasaýjy goşulmalaryň ýazuw düzgüni.
Atlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Atlary morfologik derňew etmek.
Sypatlar - 8 sagat.
Sypatlaryň many aýratynlyklary.
Asyl we ýasama sypatlar, olary tapawutlandyrmak.
Sypatlaryň gurluşy boýunça görnüşleri: sada, goşma.
Sypatlaryň ýasalyş ýollary.
Sypatlaryň atlardan ýasalyşy.
Sypatlaryň işliklerden ýasalyşy.
Sypatlaryň sanlardan ýasalyşy.
Sypat ýasaýjy sözöňi “bi-, nä-, bet-“ goşulmalary, olaryň dürs ýazuw
düzgüni.
Sypatlaryň aňladýan manylary boýunça toparlara bölünişleri.
Hil sypatlary /reňk, tagam, göwrüm-möçber,gylyk-häsiýet bildirýän
sypatlar/.
Otnositel sypatlar.
Sypatlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Sypatlaryň morfologik derňewi.
Sanlar – 6 sagat.
Sanlaryň many aýratynlyklary.
Mukdar sanlar hem-de tertip sanlar.
Sanlaryň ýasalyş ýollary /sada, goşma/.
Mukdar sanlar, olaryň görnüşleri hem-de many aýratynlygy.
Bitin mukdar sanlar.
Bölek sanlar.
Çen-takmyn sanlar.
Tertip sanlar, olaryň ýasalyşy.
Sanlaryň sözlemdäki hyzmaty.
Sanlaryň morfologik derňewi.
Ç a l y ş m a l a r – 10 sagat.
Çalyşmalaryň many aýratynlyklary hakda umumy düşünje.
Çalyşmalaryň many taýdan toparlara bölünişi.
At çalyşmalary: men, sen, ol, biz, siz, olar.
Sorag çalyşmalary: kim, näme, nire, näçe, haçan…
Nämälim çalyşmalary: neme, pylany, kimse, kimde-kim, biri…
Gaýdym çalyşmasy: öz.“Özüm, özüň, özi, özümiz, özüňiz, özleri”.
Görkezme çalyşmalary: bu, şu, ol, şol...
San çalyşmalary: hemme, ähli, barça, külli, tükel, käbir, birnäçe.
Sypatlyk çalyşmalary: her, her kim, her bir, her hili.
Ýokluk çalyşmalary : hiç, hiç kim, hiç haýsy, hiç ýer.
Çalyşmalaryň gurluş aýratynlyklary /sada, goşma/.
Çalyşmalaryň sözlemdäki hyzmaty.
Çalyşmalaryň morfologik derňewi.

Işlikler – 12 sagat.
Işlikleriň many aýratynlyklary.
Asyl we ýasama işlikler, olary tapawudy.
Işlikleriň ýasalyş ýollary. Sada, goşma we analiktik ( gülüberýär,
ýazyberer, salam bermek, gülen kişi bolmak) işlikler.
Işlikleriň ýasalyş ýollary.
Işlikleriň atlardan ýasalyşy.
Işlikleriň sypatlardan ýasalyşy.
Işlikleriň sanlardan we işliklerden ýasalyşy.
Işlikleriň ses we şekil aňladýan sözlerden ýasalyşy.
Işlik ýasaýjy goşulmalaryň ýazuw düzgüni.
Işlik zamanlary.
Häzirki zaman işligi.
Umumy we anyk häzirki zaman işlikleri.
Geljek zaman işligi.
Mälim we nämälim geljek zaman işlikleri.
Öten zaman işligi.
Anyk, dowamly we daş öten zaman işlikleri.
Olaryň barlyk, ýokluk galyplary we dürs ýazuw düzgünleri.
Işlikleriň sözlemdäki hyzmaty.
Işlikleriň morfologik derňewi.
Okuw ýylynyň ahyrynda geçilenleri gaýtalamak – 2 sagat.

Okuw materiallary – 50 sagat,


beýannama, diktant – 18 sagat.
Jemi - 68 sagat.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Milli bilim instituty

EDEBIÝAT DERSI BOÝUNÇA


OKUW MAKSATNAMASY

Türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň


V – XII synplary üçin

Aşgabat – 2013 ý.
VI SYNP – 102 sagat

Giriş – 1 sagat.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada.

Türkmen halk döredijiligi – 16 sagat.

Aýdymlar -3 sagat.
Aýdymlar barada düşünje. Aýdymlaryň aýdylyşy. Halk aýdymlary bilen häzirki
zaman aýdymlarynyň aýratynlygy, durmuşdaky orny.
«Ýigide». Aýdymda türkmen ýigidine mahsus gylyk-häsiýetler, atly-abraýly
ýaşamak üçin rysgal-döwletiň, dogan-garyndaşyň zerurlygy.
«Iki agaç». Aýdymda durmuş pelsepesiniň şahyrana beýany.
Häzirki zaman aýdymlarynyň belli şahyrlar we saz düzüjiler tarapyndan döredilişi.
Toý aýdymlary (öleňler) – 1 sagat.
Toý aýdymlary (öleňler) barada düşünje we olaryň döreýiş taryhy. Ýerine ýetirilişi,
manysy, ähmiýeti.
Monjugatdylar – 1 sagat.
Monjugatdylaryň gadymylygy, özboluşly aýratynlygy. Monjugatdylaryň manysy,
ähmiýeti.
Küştdepmeler – 1 sagat.
Küştdepme barada düşünje. Küştdepmeleriň döreýşi we ýerine ýetirilişi.
Şorta sözler – 3 sagat.
Şorta söz, onuň özboluşlylygy. Olarda ýiti akyl-paýhas, adalatsyzlygyň, durmuş
nogsanlyklarynyň paş edilişi. Şorta sözlerde çeperçilik.
«Manyly gep», «Içinde özümem bardym», «Özümem ýiterdim», «Kemine
bilen ogry», «Şu taýda söz berseler», «Garraýança duraýynmy?»
Bu şorta sözlerde türkmeniň dil baýlygynyň, çeperçilik güýjüniň, pähim-
paýhasynyň ýüze çykyşy, şahandazlygyň, şadyýanlygyň, degişgenlik ukybynyň
teswirlenişi.
Rowaýatlar – 2 sagat.
Rowaýat, onuň aýratynlygy, durmuş esasy.
«Hatap galada», «Kim hakly?», «Gözel tebigatyň aşygy», “Zehinli okuwçy”,
«Azaşan yzyny tapar».
Bu rowaýatlarda Keýmir kör, Myraly, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly
wakalaryň çeper beýany. Taryhy şahslaryň mertligi, watançylygy, halallygy,
adamkärçilikli keşpleri. Rowaýatlaryň ähmiýeti.
«Görogly» eposy. «Göroglynyň döreýşi» şahasy – 4 sagat.
«Görogly» eposynyň şahalary.
«Göroglynyň döreýşi» şahasy.
Röwşen – Görogly türkmen halkyň söýgüli gahrymany. Jygaly beg, Hüňkar we
Reýhan Arap.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halky eserler barada.
Edebiýat teoriýasy. Epiki eser, epos barada düşünje.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Türkmen nusgawy edebiýaty – 12 sagat.

Magtymguly Pyragy. Goşgular – 3 sagat.


«Ýeli Gürgeniň». Goşguda Watana, tebigata söýgi, buýsanç.
«Baş üstüne!» Goşguda ynsanperwerlik, mertlik hem-de namartlyk. Şahyryň
öwüt-nesihatlary, olaryň durmuşdaky ähmiýeti.
«Bolar». Goşguda gybat etmezlik, sabyrly-kanagatly bolmak barada öwüt-
nesihatlar.
Mämmetweli Kemine. Goşgular – 2 sagat.
«Garyplyk». Goşguda garyplygyň ynsan durmuşyna edýän ýaramaz täsiriniň dürli
meňzetmeler we beýleki çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilişi.
«Içmek». Goşguda «kyrk ýamaly» içmegiň garyplygyň alamaty hökmünde
görkezilmegi; durmuşdaky nogsanlyklaryň gülki astyna alynmagy, ruhubelentlik.
Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 2 sagat.
«Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!» Goşgularda watançylyk duýgusy,
Watany goramaga joşgunly hyjuw, Watan, il-ýurt üçin söweşe çagyryş.
Goşgularyň çeperçiligi, ähmiýeti.
Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 2 sagat.
Gurbandurdy Zeliliniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Watanym, seni!», «Ýagşydyr». Goşgularda başdan geçirme, watançylyk, öwüt-
nesihat, ahlak, dünýewilik.
Mollanepes. Goşgular – 2 sagat.
Mollanepesiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Aňsa», «Ner gezgin!» Goşgularyň durmuşdan alnan mysallara baýlygy, olarda
adam häsiýetleriniň açylyp görkezilişi. Goşgularda synçylyk, durmuş, ahlak,
mertlik, mertebelilik baradaky pikirleriň şahyrana beýany, öwüt-nesihat.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy düzülişiniň görnüşleri hakynda düşünje.
Türkmen klassyky edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

XX asyr türkmen edebiýaty – 19 sagat.

Watançylyk, mertlik temasy

Agahan Durdyýew. «Bagtly ýigit» powestinden bölek – 3 sagat.


Agahan Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bagtly ýigit» powesti barada. Lälik ösen, ejemogly Annagulynyň goşun
gullugynda beden we akyl-paýhas taýdan kämilleşmegi, bagta ýetmegi.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde ýazyjynyň we gahrymanyň dili.
Ata Gowşudow. «Gandym awçynyň maşgalasy» hekaýasy – 2 sagat.
Hekaýada watansöýüjiligiň ýokary ahlak sypaty derejesine göterilmegi. Gandym
awçynyň keşbinde merdanalyk, watançylyk, paýhaslylyk, dogruçyllyk,
ynsanperwerlik, duşmany ýigrenmek häsiýetleri.
Ata Durdyýew. «Keýmir kör» powesti (bölek) – 3 sagat.
Ata Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Keýmir kör» powesti. Eserde türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahsyýet
Keýmir körüň parasatlylygynyň, ugurtapyjylygynyň, halkyna, Watanyna
söýgüsiniň çeper beýany.
Halyl Kulyýew. “1946” goşgusy – 1 sagat.
Goşguda kakasy uruşdan gelmedik oglanjygyň kalbynda gopýan harasat, başyndan
geçirýän oý-pikirleri.
Atajan Tagan. «Uruş haçan gutarýar» hekaýasy – 3 sagat.
Atajan Taganyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
Hekaýada uruş ýyllarynyň kynçylygy, ýeňşe bolan ynam.

Zähmet, durmuş we sowat-bilim temasy

Nurmyrat Saryhanow. «Kitap» hekaýasy – 3 sagat.


Hekaýanyň many-mazmuny. Eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň çeper
keşbiniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine,paýhasyna,
bilim ummanyna hormat, sarpa, söýgi esasynda döredilişi. Ýazyjynyň çeperçilik
ussatlygy.
Edebiýat teoriýasy. Hekaýa we nowella barada düşünje. Nowellada öňe sürülýän
pikiriň eseriň ahyryna çenli syr bolup galmagy.
Italmaz Nuryýew. «Täjikertikler» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda zähmetiň, zähmetsöýerligiň joşgunly waspy.
Körmolla. «Palaw» goşgusy – 1 sagat.
Körmollanyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Palaw» goşgusy. Goşguda türkmen milli tagamynyň biri bolan palawyň
bişirilişiniň şahyrana beýany.
Kakabaý Ylýasow. «Daýhan häsiýeti» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda ajaýyp daýhan häsiýetiniň ene toprak, tebigat bilen baglanyşyklylykda
wasp edilmegi.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 8 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler.


«Älem içre at gezer» romanyndan bölek – 3 sagat.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni babatlarda
ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri, çeper döredijiligi barada gysgaça
maglumat.
«Älem içre at gezer» romany. Romanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň garry atasy Anna aganyň we atasy Berdimuhamet Annaýewiň
keşpleri, olaryň türkmen çagalaryna zamanabap bilim we terbiýe bermekdäki şahsy
edermenlikleri.
Anna aganyň garry atasy Nepesaly baýyň doganoglany Ýazly yzçy we Kuwwat
pälwan baradaky wakalarda paýhaslylyk, ugurtapyjylyk we edermenlik.
Edebiýat teoriýasy. Roman barada düşünje.
«Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» - 2 sagat.
Eserde türkmen behişdi bedewleri barada gyzykly maglumatlar, rowaýatlar.
Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti. “Paýhas çeşmesi” kitabynda at-bedew baradaky
filosofik pikir ýöretmeler we nakyllar.
Gözel Şagulyýewa. «Sen ak atda, Gyratda» goşgusy - 2 sagat.
Goşguda türkmen halkynyň öz parasatly döwlet Baştutanyna – Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan söýgüsiniň çeper söz arkaly
aňladylmagy.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy ölçegleri.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Dünýä edebiýatyndan nusgalar – 21 sagat.


«Müň bir gije». Arap ertekileri. «Deňizde gezen Sindbad hakynda hekaýat»
(2-nji syýahat) – 2 sagat.
Sindbadyň syýahatlary, dünýäniň geň-taň zatlaryny görşi, onuň bilesigelijiligi.
Berdimyrat Berdak, garagalpak şahyry. «Halk üçin» goşgusy – 2 sagat.
Goşguda watançylygyň, ynsanperwerligiň wasp edilişi. Şahyryň bagtly durmuş
baradaky arzuwy.
Magtymguly we Berdak.
Iwan Andreýewiç Krylow, rus şahyry. Basnýalar – 2 sagat.
«Kwartet», «Guw, balyk we leňňeç», «Teneçir bilen garynja».
Bu basnýalarda saz çalmak üçin ony öwrenmegiň ýa-da bir işi başlanyňda, oňa
agzybir ýapyşmagyň zerurlygy, ýalta adamyň elmydama aç galjakdygy baradaky
pikirler.
Eduard Nikolaýewiç Uspenskiý, rus ýazyjysy. «Krokodil Gena we onuň
dostlary». Powestden bölekler – 3 sagat.
Krokodil Gena we onuň dostluk öýüni açyşy. Olaryň birek-birege kömek edilişi.
Žirafyň ýaňralygy. Maýmynjygyň sagady ýuwutjak bolşy. Bezzat we ikilikçi
oglanlar baradaky pikirler.
Alekseý Nikolaýewiç Tolstoý, rus ýazyjysy. «Altyn açarjyk ýa-da Buratinonyň
başyndan geçirenleri» - 2 sagat.
Bir bölek agaçdan ýasalan Buratino atly oglanjygyň mekdebe gidişi, onuň ýolda
aldawçy pişige, mekir tilkä duşup, pullaryny aldyryşy we ahyrsoňy hakyky
dostlarynyň kömegi bilen dogry ýola düşüşi hakdaky täsin wakalaryň beýany.
Gans Hristian Andersen, daniýa ýazyjysy. Ertekiler – 3 sagat.
«Betnyşan ördejik», «Ýabany guwlar». Ertekilerde adamkärçilik meseleleriniň
goýluşy. Doganlaryň biri-birini gowy görşi we olaryň adalat üçin göreşi. Hak işiň,
ýagşylygyň dabaralanmagy.
Erih Raspe, nemes ýzyjysy. «Mýunhauzeniň başyndan geçirenleri» - 2 sagat.
Baron Mýunhauzen – XVIII asyrda ýaşap geçen adam. Ol – pähimli gürrüňçi,
hekaýatçy. Onuň Aýa çykyşy, üç aýakly adamlaryň arasynda bolşy, ägirt balygyň
ony ýuwduşy baradaky gürrüňler. Mýunhauzeniň ruhubelentligi, ugurtapyjylygy.
Wiktor Gýugo, fransuz ýazyjysy. «Kozetta» («Biçäreler» romanyndan bölek)
– 2 sagat.
W. Gýugo – ynsanperwer ýazyjy. «Biçäreler» atly romanyň baş gahrymany Žan
Walžanyň Kozetta atly ýetim galan gyzjagaza howandarlyk edişi.
Mark Twen, amerikan ýazyjysy. «Tom Soýeriň başdan geçirenleri» - 2 sagat.
Romanda Tom atly oglanjygyň durmuşy, onuň dostlary we olaryň oýunlarynyň
beýany. Tom we Geklberri Finniň dostlugy. Çagalygyň ajaýyp, gaýtalanmajak
sahypalarynyň suratlandyrylyşy.
Edebiýat teoriýasy. Edebiýatda durmuş hakykaty we hyýalylyk.
Dünýä edebiýatyndan nusgalar boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin – 77 sagat.


Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 9 sagat.
Beýannama ýazmak üçin (2 sany) – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –
10 sagat.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Milli bilim instituty

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde


okadylýan V – ХII synplary üçin türkmen edebiýaty
desi boýunça
OKUW MAKSATNAMASY

Aşgabat – 2013 ý.
VI SYNP – 68 sagat

Giriş – 1 sagat.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow edebiýat barada.

Türkmen halk döredijiligi – 12 sagat.

Aýdymlar.
Aýdymlar barada düşünje. Aýdymlaryň aýdylyşy. Halk aýdymlary bilen häzirki
zaman aýdymlarynyň aýratynlygy, durmuşdaky orny – 1 sagat.
Halk aýdymlary – 1 sagat.
«Ýigide». Aýdymda türkmen ýigidine mahsus gylyk-häsiýetler, atly-abraýly
ýaşamak üçin rysgal-döwletiň, dogan-garyndaşyň zerurlygy.
Häzirki zaman aýdymlary – 1 sagat.
Häzirki zaman aýdymlarynyň belli şahyrlar we saz düzüjiler tarapyndan döredilişi.
Bu aýdymlarda pikir yzygiderliliginiň we mazmun bitewiliginiň saklanylyşy.
«Ýazlarym bar». Sözleri M. Myşşyýewiňki, sazy O. Gurbannyýazowyňky.
Aýdymda Watana söýgi, eşretli, abadan durmuşa guwanç.
Toý aýdymlary (öleňler) – 1 sagat.
Toý aýdymlary (öleňler) barada düşünje we olaryň döreýiş taryhy. Ýerine ýetirilişi,
manysy, ähmiýeti.
Monjugatdylar – 1 sagat.
Monjugatdylaryň gadymylygy, özboluşly aýratynlygy. Monjugatdylaryň manysy,
ähmiýeti.
Küştdepmeler – 1 sagat.
Küştdepme barada düşünje. Küştdepmeleriň döreýşi we ýerine ýetirilişi.
Şorta sözler – 1 sagat.
Şorta söz, onuň özboluşlylygy. Olarda ýiti akyl-paýhas, adalatsyzlygyň, durmuş
nogsanlyklarynyň paş edilişi. Şorta sözlerde çeperçilik.
«Manyly gep», «Içinde özümem bardym».
Bu şorta sözlerde türkmeniň dil baýlygynyň, çeperçilik güýjüniň, pähim-
paýhasynyň ýüze çykyşy, şahandazlygyň, şadyýanlygyň, degişgenlik ukybynyň
teswirlenişi.
Rowaýatlar – 1 sagat.
Rowaýat, onuň aýratynlygy, durmuş esasy.
«Hatapgalada», «Kim hakly?», «Azaşan yzyny tapar».
Bu rowaýatlarda Keýmir kör, Myraly, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly
wakalaryň çeper beýany. Rowaýatlaryň ähmiýeti.
«Görogly» eposy. «Göroglynyň döreýşi» şahasy – 3 sagat.
«Göroglynyň döreýşi» şahasy.
Röwşen – Görogly türkmen halkyň söýgüli gahrymany. Jygaly beg, Hüňkar we
Reýhan Arap.
Edebiýat teoriýasy. Epiki eser, epos barada düşünje.
Türkmen halk döredijiligi boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Türkmen nusgawy edebiýaty – 11 sagat.

Magtymguly Pyragy. Goşgular – 2 sagat.


« Ýeli Gürgeniň». Goşguda Watana, tebigata söýgi, buýsanç.
«Baş üstüne!» Goşguda ynsanperwerlik, mertlik hem-de namartlyk. Şahyryň
öwüt-nesihatlary, olaryň durmuşdaky ähmiýeti.
Mämmetweli Kemine. Goşgular – 2 sagat.
«Garyplyk». Goşguda garyplygyň ynsan durmuşyna edýän ýaramaz täsiriniň dürli
meňzetmeler we beýleki çeperçilik serişdeleri arkaly beýan edilişi.
«Içmek». Goşguda «kyrk ýamaly» içmegiň garyplygyň alamaty hökmünde
görkezilmegi; durmuşdaky nogsanlyklaryň gülki astyna alynmagy, ruhubelentlik.
Seýitnazar Seýdi. Goşgular – 2 sagat.
«Dönmenem, begler!», «Geliň, ýigitler!» Goşgularda watançylyk duýgusy,
Watany goramaga joşgunly hyjuw, Watan, il-ýurt üçin söweşe çagyryş.
Goşgularyň çeperçiligi, ähmiýeti.
Gurbandurdy Zelili. Goşgular – 2 sagat.
Gurbandurdy Zeliliniň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Watanym, seni!», «Ýagşydyr». Goşgularda başdan geçirme, watançylyk, öwüt-
nesihat, ahlak, dünýewilik.
Mollanepes. Goşgular – 2 sagat.
Mollanepesiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Aňsa», «Ner gezgin!» Goşgularyň durmuşdan alnan mysallara baýlygy, olarda
adam häsiýetleriniň açylyp görkezilişi. Goşgularda synçylyk, durmuş, ahlak,
mertlik, mertebelilik baradaky pikirleriň şahyrana beýany, öwüt-nesihat.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy düzülişiniň görnüşleri hakynda düşünje.
Türkmen klassyky edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

XX asyr türkmen edebiýaty – 19 sagat.

Watançylyk, mertlik temasy

Agahan Durdyýew. «Bagtly ýigit» powestinden bölek – 4 sagat.


Agahan Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Bagtly ýigit» powesti barada. Lälik ösen, ejemogly Annagulynyň goşun
gullugynda beden we akyl-paýhas taýdan kämilleşmegi, bagta ýetmegi.
Edebiýat teoriýasy. Çeper eserde ýazyjynyň we gahrymanyň dili.
Ata Gowşudow. «Gandym awçynyň maşgalasy» hekaýasy – 2 sagat.
Hekaýada watansöýüjiligiň ýokary ahlak sypaty derejesine göterilmegi. Gandym
awçynyň keşbinde merdanalyk, watançylyk, paýhaslylyk, dogruçyllyk,
ynsanperwerlik, duşmany ýigrenmek häsiýetleri.
Ata Durdyýew. «Keýmir kör» powesti (bölek) – 4 sagat.
Ata Durdyýewiň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Keýmir kör» powesti. Eserde türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahsyýet
Keýmir körüň parasatlylygynyň, ugurtapyjylygynyň, halkyna, Watanyna
söýgüsiniň çeper beýany.
Atajan Tagan. «Uruş haçan gutarýar» hekaýasy – 3 sagat.
Atajan Taganyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
Hekaýada uruş ýyllarynyň kynçylygy, ýeňşe bolan ynam.

Zähmet, durmuş we sowat-bilim temasy

Nurmyrat Saryhanow. «Kitap» hekaýasy – 2 sagat.


Hekaýanyň many-mazmuny. Eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň çeper
keşbiniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine,paýhasyna,
bilim ummanyna hormat, sarpa, söýgi esasynda döredilişi. Ýazyjynyň çeperçilik
ussatlygy.
Edebiýat teoriýasy. Hekaýa we nowella barada düşünje. Nowellada öňe sürülýän
pikiriň eseriň ahyryna çenli syr bolup galmagy.
Italmaz Nuryýew. «Täjikertikler» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda zähmetiň, zähmetsöýerligiň joşgunly waspy.
Körmolla. «Palaw» goşgusy – 1 sagat.
Körmollanyň ömri, döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Palaw» goşgusy. Goşguda türkmen milli tagamynyň biri bolan palawyň
bişirilişiniň şahyrana beýany.
Kakabaý Ylýasow. «Daýhan häsiýeti» goşgusy – 1 sagat.
Goşguda ajaýyp daýhan häsiýetiniň ene toprak, tebigat bilen baglanyşyklylykda
wasp edilmegi.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty – 7 sagat.

Gurbanguly Berdimuhamedow. Eserler.


«Älem içre at gezer» romanyndan bölek – 3 sagat.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň, çeper döredijiligi barada gysgaça maglumat.
«Älem içre at gezer» romany. Anna aganyň garry atasy Nepesaly baýyň
doganoglany Ýazly yzçy we Kuwwat pälwan baradaky wakalarda paýhaslylyk,
ugurtapyjylyk we edermenlik.
Edebiýat teoriýasy. Roman barada düşünje.
«Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» - 2 sagat.
Eserde türkmen behişdi bedewleri barada gyzykly maglumatlar, rowaýatlar. Olaryň
terbiýeçilik ähmiýeti. At-bedew baradaky nakyllary okamak. Olaryň mazmunyny
gürrüň bermek, manysyny açmak. Sözlük bilen işlemek.

Gözel Şagulyýewa. «Sen ak atda, Gyratda» goşgusy - 1 sagat.


Goşguda türkmen halkynyň öz parasatly döwlet Baştutanyna – Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan söýgüsiniň çeper söz arkaly
aňladylmagy.
Edebiýat teoriýasy. Goşgy ölçegleri.
Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça öwrenilenleri jemlemek we
umumylaşdyrmak – 1 sagat.

Eserleri öwrenmek üçin – 50 sagat.


Labyzly okuw we sözleýiş dilini ösdürme sapaklary – 6 sagat.
Beýannama ýazmak üçin – 6 sagat.
Okuwçylaryň özbaşdak okan eserleri boýunça gürrüňdeşlik sapaklary –
6 sagat.

You might also like