You are on page 1of 3

Awgust maslahatynyň tezisi

(15-17-nji awgust, 2019-njy ýyl.)


1. Okuw maksatnamalary yzygider kämilleşdirilýär.
2. Okuw kitaplary, okuw gollanmalary 8-nji synplaryň türkmen dili we edebiýat
kitaplary konkurs esasynda geçirildi, täze okuw ýylyna çenli ýetişer. (çapa
hödürlenenler, çapdan çykanlar).
“Diktantlar ýygyndy”, “Ýeke-täk talaplar we baha ölçegleri” kitaplary
taýýarlandy, mekdeplere ýetirildi.
3. Okuwçylary barha ösýän jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmaga
ugrukdyrmak, okuwçylary häzirki zaman tehnologiýalardan baş çykarýan
hünärmenler edip ýetişdirmek, durmuşa taýýarlamak maksady bilen 10-njy
synplarda “Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary” dersi girizildi.
4. 1-4-nji synplaryň okuw meýilnamasyna “Informatikanyň esaslary” dersi
girizildi. 5-nji synpdan soň “Informatika” dersi hökünde dowam etdirilýär.
5. Zähmet dersi 1-4-nji synplarda “Durmuş zähmeti” diýlip atlandyryldy.
6. 5-11-nji synplarda okuw meýilnamasynyň “Saýlama okuwlar” bölüminde
“Ugurly ders okuwlary”, “Taslama we döredijilik işi” dersleri girizildi.
Saýlama okuwlarynyň sagatlary takyk, tebigy, ynsanperwerlik-durmuş bilim
ugurly derslere, aýdym-saz, tans sungatyň dürli ugulary boýunça
okuwçylaryň zehinini ösdürmäge, okuwçylary ders, taslama bäsleşiklerine
taýýarlamaga, ylmy-gözleg işlerini alyp barmaga gökündirilmeli, saýlama
okuwlara gatnaşjak okuwçylaryň sany 7-den az bolmaly däl. Saýlama
okuwlaryna mugallymlar tarapyndan okuwçylaryň başarnyklaryna we
isleglerine laýyklykda sentýabr aýynyň 1-ne çenli saýlanyp alynýar we
mekdep müdiriniň buýrugy bilen resmileşdirilýär. Saýlama okuwlaryň
dowamlylygy 45 minut bolmaly.
7. Okuw meýilnamasynda görkezilen dersleri “Türkmenistanyň medeni
mirasy”, Dünýä medeniýeti” derslerini ene dili we edebiýat, taryh
mugallymlaryna okatmaga rugsat berilýär.
8. Orta hünär mugallymçylyk bilimi baradaky şahadatnamalarynda 4-5nji
synplar we 5-6-njy synplarda aýratyn okuw derslerini okatmaga rugsat
hukugynyň bardygy görkezilen başlangyç synp mugallymlaryna şol okuw
sagatlaryny okatmaga rugsat berilýär.
9. Hormatly Prezidentimiz 14-nji fewralda Türkmenistanyň jemgyýetçilik
guramalarynyň işgärleri we medeniýet işgärleri bilen maslahat geçirdi. Şol
maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen mekdep
mugallymlarynyň, synp ýolbaşçylaryň ýaş nesli terbiýelemek üçin bilelikde
iş alyp barmak tabşyryldy (zenanlar gurama, ýaşlar gurama, kärdeşler
arkalaşygy...).
10.Halky täze maksatlara ruhlandyrmak üçin “Türkmenistan – rowaçlygyň
Watany” ýylynda halkyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady
bilen ýurduň welaýatlarynda täze şäherçeleri döretmek wezipesi kesgitlendi.
Şol sanda, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň – täze şäheriň düýbi
tutuldy, şu ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň
çäginde Altyn asyr türkmen kölüniň sebitlerinde döwrebap önümçilik –
durmuş toplumynyň düýbi tutuldy.
11.Türkmenistan 2012-nji, 2019-njy ýylda GDA (Garaşsyz döwletleriň
arkalaşygy) ýolbaşçylyk edýär. 14-16-njy maýda Aşgabatda GDA girýän
ýurtlaryň medeniýet işgärleriniň, ylym-bilim işgärleriniň intelgensiýasynyň
14-nji forumy geçirildi.
a) Türkmenistan ýolbaşçylyk etdi; her forumda birnäçe wezipeler bellenýär.
b) Medeniýet, ylym-bilim ulgamlary boýunça halkara gatnaşyklary ýola
goýmakda uly ähmiýete eýe boldy. Bu foruma 500-e golaý adam gatnaşdy.
15-nji foruma çenli GDA girýän döwletleriň arasynda çagalar edebiýatyny
ýaýratmak maksady bilen şol döwletleriň ählisiniň çagalar edebiýatyna
degişli eserlerini 11- dile terjime etmek göz öňünde tutulýar. Çagalaryň
arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek üçin bu örän ähmiýetlidir.
12.12-nji iýunda bellenilip geçilýän Ylymlar gününde geçirilen maslahatda
Hormatly Prezidentimiz ylym bilen bilimiň arasyndaky baglanyşygy
güýçlendirmek, zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen Ylymlar
akademiýasyna degişli birnäçe institutlary ýokary okuw mekdeplerine
birikdirdi. Şol sanda, Oba hojalyk uniwersitetine – maldarçylyk, weteraniýe
institutyny, Mary welaýatyndaky Energetika institutyna – Gün energiýasy
institutyny birikdirdi.
13.Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň durmuşa taýýarlygyny üpjün
etmek maksady bilen welaýatlaryň häkimliklerine degişli başlangyç hünär
okuw mekdeplerini Bilim ministrligine bermegi tabşyrdy (öňki UPK).
Ýaşlaryň orta mekdebi tamamlanlarynda iň azyndan iki hünäri ele almagy
üçin 7-nji synplardan başlap hepdede bir güni başlangyç hünär okuw
mekdeplerinde dürli hünärler boýunça okatmak we bilim alan hünärleri
boýunça ýörite işe ýerleşmek üçin diplomlary gowşurmak göz öňünde
tutulýar. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimiň, ylmy açyşlaryň, önümçiligiň
halk hojalygy üçin zerur bolmalydygyny belledi.
14.Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin
öndürýän dünýäde ýeke-täk zawody gurdurdy. Zawod Ýaponiýanyň we
Koreýanyň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmaklarynda gurlup, bir ýylda
1million 800 müň tonna Eko-93 görnüşli benzin öndürmek göz öňünde
tutulýar. Zawodda 1 müň 200-den gowrak iş orunlary açyldy (bu benziniň
daşky gurşawy goramakda ähmiýeti uly).
15.Hazar deňziniň töweregi bilen gatnaşyk etmek mümkinçiligini peýdalanmak,
ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen 11-12-
nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda 1-nji Hazar ykdysady
forumy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni
almak maksady bilen 5 döwletden ybarat bolan topary döretmegi teklip etdi.
(12-nji awgustda geçirilmeginiň manysy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Hazar
deňziniň deňiz gurşawyny goramak barada konwensiýa gol çekildi (Tähran
konwensiýasy). Şol bäş döwletiň arasynda 12-nji awgust “Hazar deňziniň güni”
diýlip yglan edildi).
16.Hormatly Prezidentimiz işleýän raýatlaryň aýlyk haklaryny, talyp haklaryny,
pensiýalary 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-nden 10% galdyrmak barada
karara gol çekdi.
17.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda “Adam maýasyny kemala
getirmek we ösdürmek: ylym we bilim” ulgamlarynda birnäçe işleri amala
aşyrmak göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýyla çenli häzirki hereket edýän 1079
sany çagalar baglarynyň sanyny 1245-e ýetirmek we 1879 sany mekdebi
2094-e ýetirmek meýilleşdirilýär.

You might also like