You are on page 1of 26

JUMA NAMAZY

JUMA NAMAZY
JUMA NAMAZYNYŇ SOGAPLARY
Bismillä: hirrahmä: nirrahy:m.
Eziz musulman doganlar! Şu gün siziň bilen Juma güni we Juma namazy
hakynda söhbet etmekçidiris. Juma güni hepdäniň beýleki günleriniň seýýidi
hasaplanýar. Musulmanlaryň mübärek günleriniň biri hasaplanýar. Juma
gününde edilen sogaplar köpeldilip ýazylýar. Hudaýa şükür, häzir ýurdumyzda
300-den gowrak mesjit işläp dur. Şol mesjitleriň köpüsinde Juma namazy
okalýar. Musulmanlar şol mesjitlere üýşüp namaz okaýarlar, biri-biriniň
halyndan habar alýarlar. Hal-ahwal soraşýarlar. Ýurdumyzyň parahat bolmagy
üçin, mundan beýlägem Watanymyzyň gülläp-ösmegi üçin doga-dileg
edýärler. Şu zatlaryň hemmesi bize Alla Tagalanyň beren uly nygmatydyr. Şol
nygmatlaryň gadryny bileliň! Alla Tagalanyň beren nygmatlaryna şükür etsek,
gadryny bilsek, Alla Tagala nygmatlaryny has-da artdyrar.
Alla Tagala Kurany Kerimiň «Juma» süresiniň 9-njy aýatynda ähli
musulmanlara ýüzlenip şeýle diýýär: «Eý, iman getiren adamlar! (ýagny
Alla Tagala, Alla Tagalanyň perişdelerine, pygamberlerine, kitaplaryna,
ahyrýet gününiň, kyýamat gününiň boljakdygyna, her bir ýagşylygyň we
ýamanlygyň Alla Tagala tarapyndygyna ynanan mömün-musulmanlar!).
Eger Anna güni Juma namazy üçin azan aýdylsa, Alla Tagalanyň zikrine
tarap (ýagny Juma namazyna tarap) hereket ediň! Söwda-satygy (ýagny
dünýewi işleri) terk ediň! Şol söwda-satygy (we dünýewi işleri) terk edip,
Juma namazyna barmaklygyňyz, eger siz bilseňiz, siziň üçin haýyrlydyr».
Şu ýokarda aýdan aýatymyzyň Pygamberimiz Muhammet aleýhis salama
nazyl bolmagynyň, ýagny iberilmeginiň sebäbi ine, şeýledir: Anna günleriň
birinde Juma namazynyň wagtynda Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam
adamlara wagyz-nesihat edip berip durdy. Şol wagt Dihýetul Kelbi diýen adam
söwda kerweni bilen bilelikde Şamdan (Siriýadan) geldi. Özüniň gelendigini
bildirmek üçin deprek kakdyrdy. Mesjitde Pygamberimizden wagyz diňläp
oturan adamlaryň on iki sanysyndan başgasy deprek sesini eşidenden soň
mesjitden çykyp, onuň ýanyna gitdiler. Şol wagt şu aýat nazyl boldy: «Olar
her haçan bir söwda ýa-da oýun görseler, seni dik duran halyňda taşlap,
şoňa (söwda ýa-da oýuna) tarap eňerler» («Juma» süresi, 11-nji aýat). Şonda
Pygamber aleýhis salam: «Allaha kasam edýän, eger-de mesjitde şol on iki
sany adam galmadyk bolsa-dy, onda şu ýerleriň hemmesi otdan dolardy»-
diýdi.

1
JUMA NAMAZY
Ine, hormatly musulman doganlar! Anna güni şeýle mübärek gündir. O
günde okalýan juma namazy örän sogaply namazdyr. Indi Juma namazyny
okanlara nähili sogap berilýändigini aýdalyň. Bu siziň dykkatyňyza ýetirjek
bolýan gürrüňlerimiziň hemmesi «Durretun nasyhyn» atly kitapda beýan
edilendir.
Ebu Hureýre diýen sahaba Pygamberimiz Muhammet aleýhis salamdan
rowaýat edýär. Pygamberimiz aleýhis salam: «Juma namazyny okamaklyk
öýi bilen mesjidiň arasy Juma namazyny okap bolanyndan soň öýüne
ýetip barar ýaly aralykda bolan adama wajypdyr»-diýipdir. Ýene-de
Pygamberimiz aleýhis salam: «Haýsy bir adam hiç bir sebäpsiz Juma
namazyny terk etse, bir dinar sadaka etsin. Haýsy bir adam hiç bir
sebäpsiz yzly-yzyna üç Juma namazyny terk etse, şol adamyň şaýatlygy
(güwäligi) kabul edilmez»-diýipdir.
Hezreti Ebu Bekir razyýallahu anhu Pygamberimiz Muhammet sallallahu
aleýhi wesellemden rowaýat edýär. Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam:
«Haýsy bir adam Anna güni ýuwunsa ýagny gusul alsa, şonuň günäleri
bagyşlanar. Juma namazyny okamak niýeti bilen mesjide tarap ýörese,
Alla Tagala ol adamyň her bir basan ädimine ýigrimi ýyllyk ybadatyň
sogabyny berer. Eger-de Juma namazyny okaýsa, Alla Tagala ol kimsä iki
ýüz ýyllyk ybadatyň sogabyny berer»-diýipdir.
Said bin El-Museýýeb diýen sahaba: «Meniň Juma namazyny okamaklygym
meniň üçin öz ygtyýarym bilen nepil haj edenimden haýyrlydyr»-diýipdir.
Meýsere diýen öwlüýäden rowaýat edilýär. Ol şeýle diýipdir: «Men bir gün
musulmanlaryň gonamçylygynyň ýanyndan geçip barýardym. Men
gonamçylykdaky adamlara ýüzlenip, şeýle diýdim:
-Eý, gonamçylykda ýatan adamlar! Alla Tagalanyň salamy size bolsun! Siz
bizden öň dünýäden geçen adamlardyrsyňyz. Biz hem siziň yzyňyzdan
barjakdyrys. Alla Tagala sizi we bizi rahmet etsin! Siziň we biziň günälerimizi
bagyşlasyn!
Şol wagt gabyrlaryň birinden şeýle bir ses eşitdim:
-Eý, dünýäde gezip ýören adamlar! Siz her aýda azyndan dört gezek haj edip
ýören bagtly ynsanlarsyňyz. Men:
-Her aýda dört gezek nirä we nähili haj edýäris?-diýdim. Ol ses:
-Her hepdäniň Anna gününde Juma namazyna gitmekligiňiz haja
gitmeklikdigini bilmeýärsiňizmi?-diýdi. Ýene-de ol:
-Käşgäm siziň mesjitleriňiziň gapylaryna barsadyk. Siziň edýän
sogaplaryňyza tomaşa etsedik. Siziň Alla Tagalany ýatlap edýän zikirleriňizi
eşitsedik. Eý, dünýäde gezip ýören adamlar! Siz Alla Tagaladan biziň
2
JUMA NAMAZY
hakymyza dileg etseňiz, ýagny «Eý, Allahym! Pylanynyň ogly pylanyny we
pylanynyň gyzy pylanyny rahmet et, günälerini bagyşla! Jaýlaryny Jennet et!»
diýip, doga etseňiz, biz sizden gaty razy bolardyk-diýdi.
Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellemden rowaýat edýärler.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam: «Haýsy bir adam maňa Anna güni
segsen gezek salawat aýtsa, şol adamyň segsen ýyllyk günäleri
bagyşlanar»-diýipdir. Şonuň ýaly-da Ebud Derda diýen sahaba rowaýat edýär.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam: «Anna gününde maňa köp salawat
aýdyň. Sebäbi şol gün Perişdeler siziň eden her bir haýyrly işiňizi maňa
görkezýär. Anna gününde haýsy bir adam maňa salawat aýtsa, şol
salawatyny aýdyp bolmanka, maňa görkeziler we men onuň salawatyna
jogap gaýtararyn»-diýipdir.
«Muşkatul Enwar» atly kitapda şeýle bir hadys beýan edilýär.
Pygamberimizden rowaýat edýärler. Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam
şeýle diýipdir: «Kap dagynyň aňyrsynda ak bir ýer bar. Şol ýerde hiç hili
ösümlik ýok. Şol ýer göýä kümüş ýalydyr. Ol ýeriň giňligi şu dünýäniň ýedi
essesi ýaly. Şol ýer Perişdelerden doly. Eger-de şol ýere bir sany iňňe gaçsa,
Perişdeleriň köplüginden şol iňňe ýere düşmez. Şol Perişdeleriň her biriniň
elinde bir sany baýdak bolar. Ol baýdaklaryň üstüne «Lä ilähä illallahu,
Muhammedur resulullah» diýlip, ýazylgy bolar. Şol Perişdeleriň hemmesi
Anna agşamy Kap dagynyň töweregine üýşerler. Olar Alla Tagala ýalbaryp,
Muhammet aleýhis salamyň ymmatlarynyň sag-salamat gezmekleri üçin dileg
ederler. Anna güni daň atan wagtynda: «Eý, Allahym! Haýsy bir adam Anna
güni ýuwunsa we Juma namazyna barsa, şol adamyň günälerini bagyşla!»-
diýerler. Şondan soň olar gaty ses bilen aglaşarlar. Şonda Alla Tagala:
-Eý, Perişdelerim! Näme islegiňiz bar?-diýer. Perişdeler:
-Muhammet aleýhis salamyň ymmatynyň günälerini bagyşlamagyňy isleýäris-
diýerler. Alla Tagala:
-Men olaryň günälerini bagyşladym-diýip, jogap berer.
HEKAÝAT
Bir adam eşegine bugdaýyny ýükläp, degirmene alyp gidipdir. Degirmeniň
ýanyna baryp, bugdaýlaryny düşüreninden soň, eşegi gaçyp gidipdir. Şol wagt
goňşusy gelip, oňa suw nobatynyň gelendigini aýdypdyr. Goňşusy:
-Git-de, ýeriňi suwar. Suw nobatyňy geçiräýme-diýip sargapdyr. Şol güni
Anna güni ekeni. Ol adam içinden: «Juma namazyny okamaklyk meniň üçin
hemme zatdan haýyrlydyr»-diýip, pikir edipdir-de, ähli işlerini goýup, gidip
Juma namazyny okapdyr. Juma namazyny okap bolup, öýüne gelip görse,
3
JUMA NAMAZY
bugdaýy üwelipdir. Täze bugdaýyň unundan eýýäm aýaly çörek hem bişiripdir.
Ýeri-de suwarylypdyr. Eşegi-de öýünde daňylgy duran ekeni. Ol adam bu
zatlara geň galyp, bu zatlaryň nähili beýle bolandygyny aýalyndan sorapdyr.
Şonda aýaly:
-Goňşymyz hem degirmene gidipdir. Ol baryp, öz bugdaýydyr öýdüp biziň
bugdaýymyzy üwedipdir. Öýüne gelen wagtynda men bir iş bilen baryp
görsem, biziň bugdaýymyzy un etdiripdir. Men tanap, öz unumyzy alyp
gaýtdym. Emma ýerimiz barada aýtsam goňşymyzyň suwarmaly ýeri dolup
aşyp, biziň ýerimiz hem dolupdyr-diýip, jogap beripdir. Ol adam bu zatlary
göreninden soň, dünýewi işleriniň ählisini terk edip, diňe tagat-ybadat bilen
meşgul bolupdyr.
Habarda şeýle gelipdir. Alla Tagala Beýtul Magmuryň (Perişdeleriň haj
edýän ýeri) ýanynda arassa kümüşden bir minara ýaratdy. Şol minaranyň
uzynlygy bäş ýüz ýyllyk ýoldur. Anna güni Juma namazynyň wagty
bolanynda, Jebraýyl aleýhis salam şol minaranyň üstüne çykyp azan aýdar.
Israfil aleýhis salam münberiň üstünde hutba okar. Mikaýyl aleýhis salam
Perişdelere ymam bolar. Namaz okap bolanlaryndan soň, Jebraýyl aleýhis
salam:
-Şu azan aýtmagymdan maňa näçe sogap berlen bolsa, men şol sogaplary
Muhammet aleýhis salamyň ymmatynyň azançylaryna bagyşladym-diýer.
Israfil aleýhis salam:
-Şu okan hutbam sebäpli maňa näçe sogap berlen bolsa, men şol sogaplary
Muhammet aleýhis salamyň ymmatynyň hutba okanlaryna bagyşladym-diýer.
Mikaýyl aleýhis salam:
-Şu ymam bolmaklygym sebäpli maňa näçe sogap berlen bolsa, men şol
sogaplary Ýeriň ýüzünde Muhammet aleýhis salamyň ymmatynyň Juma
namazyna ymam bolanlaryna bagyşladym-diýer. Perişdeleriň barysy:
-Jemagat bolup okan namazymyzdan näçe sogap alan bolsak, şol sogaplaryň
hemmesini ymamyň yzynda durup, Juma namazyny okan adamlara
bagyşladyk-diýerler. Şonda Alla Tagala:
-Eý, Perişdelerim! Siz öz jomartlygyňyzy görkezýäňizmi? Öz beýikligim
bilen kasam edýän. Habybym Muhammet aleýhis salamyň yzyna düşüp, meniň
buýrugyma boýun egip, Juma namazyny okan bendelerimiň hemmesiniň
günälerini bagyşladym-diýer.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi:
-Alla Tagala Arşyň astynda kyrk müň şahy bolan, özi-de dik duran bir Perişde
ýaratdy. Ol Perişdäniň her şahynyň arasy müň ýyllyk ýoldur. Onuň her bir
şahynda kyrk müň sany Perişdäniň hatary bardyr. Onuň ýüzünde Gün,
4
JUMA NAMAZY
ýeňsesinde Aý, kükreklerinde ýyldyzlar bardyr. Her Anna güni şol Perişde Alla
Tagala sežde eder. Seždesinde-de: «Eý, Allahym! Muhammet aleýhis salamyň
ymmatyndan Juma namazyny okanlaryň günälerini bagyşlaweri»-diýip, dileg
eder. Şonda Alla Tagala:
-Eý, Perişdelerim! Siz Juma namazyny okan adamlaryň günälerini
bagyşlaýandygyma şaýat boluň!-diýer» (Kenzul Ahbar atly kitapdan).
Hezreti Ebu Bekir Syddyk razyýallahu anhu Pygamberimiz Muhammet
aleýhis salamdan rowaýat edýär. Pygamberimiz aleýhis salam şeýle diýdi:
-Haýsy bir adam Anna güni gusul alyp ýuwunsa, Alla Tagala şol
adamyň günälerini bagyşlar. Eger-de şol adam Juma namazyny okamak
üçin ýola düşse, Alla Tagala ol kimsäniň her bir basan ädimi üçin ýigrimi
ýyllyk ybadaty onuň sogap depderine ýazar. Eger-de Juma namazyny
okaýsa, iki ýüz ýyllyk ybadatyň sogaby ol kimsä beriler.
HEKAÝAT
Mälik bin Dinar diýen öwlüýäniň döwründe iki sany otparaz dogan bar
ekeni. Olaryň biri ýetmiş üç ýyl oda ybadat edipdir. Beýlekisi otuz bäş ýyl oda
ybadat edipdir. Günlerde bir gün doganlaryň kiçisi öz agasyna şeýle diýipdir:
-Eý, agam! Ikimiz oda şunça ýyllap ybadat etdik. Gel, indi ot ýakyp, synap
göreli. Eger-de ot bizi-de beýleki adamlar ýaly ýaksa, onda oda gulluk
etmämizi bes edeli. Emma bizi ýakmasa, tä ölýänçäk, oda gulluk edibereli.
Inisi şeýle diýeninden soň, agasy onuň bilen ylalaşypdyr. Bular bir ýerde ot
ýakypdyrlar. Şol wagt inisi agasyna:
-Ilki oda eliňi sen goýjakmy ýa-da men goýaýynmy?-diýipdir. Şonda agasy:
-Sen başla! Oduň üstünde ilki sen eliňi goý-diýip, jogap beripdir. Şol wagt
doganlaryň kiçisi elini oduň üstünde goýupdyr. Ot onuň elini bişiripdir. Şonda
ol:
-Eý, wäk-keý! Elim bişdi-le!-diýip, elini çekipdir. Soňam oda seredip:
-Eý, zalym! Men saňa şunça ýyllap, gulluk etdim. Sen näme üçin meniň elimi
ýakdyň?-diýipdir. Soň agasyna ýüzlenip:
-Eý, agam! Gel, oda gulluk etmegimizi bes edeli. Otdan bize hiç hili peýda
ýok-diýipdir. Agasy bolsa, oňa özüniň ody terk etmejekdigini aýdypdyr.
Doganlaryň kiçisi öz maşgalasy bilen bilelikde Mälik bin Dinaryň ýanyna
gelipdir. Mälik bin Dinar adamlara wagyz-nesihat edip oturan ekeni.
Doganlaryň kiçisi şol ýerde adamlaryň öňünde agasy bilen bolan wakany, ot
bilen baglanşykly wakany gürrüň beripdir. Mälik bin Dinar oňa hem-de onuň
maşgalasyna Yslam dinini düşündiripdir. Olaryň ikisi bilelikde,
musulmançylygy kabul edipdirler. Bularyň musulman bolandygyna şol ýerdäki
5
JUMA NAMAZY
adamlar begenşip, gözlerinden begenç gözýaşlaryny döküpdirler. Şol wagt
Mälik bin Dinar oňa ýüzlenip, şeýle diýipdir:
-Gel, biziň ýanymyzda otur. Men saňa dostlarymdan ýygnap, dünýä
malyndan bir zatlar bereýin. Şonda ol:
-Ýok, gerek däl. Men dinimi dünýä satmaryn-diýip, jogap beripdir.
Şondan soň ol ýigit maşgalasyny-da alyp, olaryň ýanyndan gaýdypdyr.
Şäheriň harabalyk ýerlerinden bir köneje jaýy bejerip, şol ýerde ýaşap
başlapdyrlar. Olar arkaýyn Hudaýa gulluk edipdirler. Ertesi güni aýaly
adamsyna garap:
-Bazara git! Bir işler edip, iýer-içer ýaly zat getir-diýipdir. Bazara gidipdir,
emma hiç iş tapmandyr. Soň öz içinden: «Alla üçin işläýin-le» diýip, pikir
edipdir-de, mesjide girip, tä agşama çenli Hudaýa gulluk edipdir. Agşam
namazyndan soň, iki eli boş halynda öýlerine gaýdypdyr. Öýlerine geleninden
soň aýaly:
-Bir zatlar tapdyňmy?-diýip sorapdyr. Şonda ol:
-Şu gün biri üçin işledim. «Hakymy ertir bererin»-diýdi-diýipdir.
Şeýdip, olar bu gije aç ýatypdyrlar. Ertesi güni ol ýene-de bazara barypdyr. Iş
gözläpdir, emma iş tapmandyr. Ýene-de öňküsi ýaly mesjide baryp, agşama
çenli Hudaýa gulluk edipdir. Agşam ýene-de öýüne iki eli boş ýagdaýda
gelipdir. Aýalynyň soragyna bolsa, edil öňküsi ýaly jogap beripdir. Olar ýene-
de aç ýatmaly bolupdyrlar. Ertesi ýene-de bazara iş gözläp gidipdir, emma iş
tapyp bilmändir. Şol güni hem Anna güni ekeni. Ol ýene-de mesjide gidipdir.
Juma namazyny okapdyr. Namazdan soň elini asmana galdyryp, Alla
Tagaladan dileg edip, şeýle diýipdir: «Eý, Allahym! Şu kabul eden dinimiň
hormaty üçin, şu günüň ýagny Anna gününiň hormaty üçin meniň
ýüregimdäki gaýgylarymy aýyr. Maşgalamyň nafakasynyň ýagny
çykdaýjylarynyň (iýer-içer ýaly zatlarynyň) gaýgysyny menden daşlaşdyr. Men
maşgalamdan utanýan. Ol açlygyna çydap bilmän, agamyň galan dini bolan,
otparazlyk dinine täzeden ýene-de dolanarmyka diýip gorkýan. Eý, Allam! Sen
bize kömek et!»
Şol güni öýle wagtynda bir adam onuň öýüne gelip, gapyny kakypdyr. Aýaly
çykyp görse, owadan ýüzli bir ýigit eline üsti ýaglyk bilen (örtülen) ýapylan
gyzyldan bir jam alyp duran ekeni. Ol ýigit onuň aýalyna:
-Şuny al! Adamyňa: «Şu Anna güni Alla üçin eden işleriniň haky diýip aýt.
Çünki azajyk iş şu günde edilse, Alla onuň hakyny köpeldip berer»-diýipdir. Ol
ýigit elindäki tabagy ol aýalyň eline berip, yzyna dolanyp gidipdir. Aýaly şol
tabagy alyp, onuň üstüne ýapylan ýaglygy aýyryp görse, müň dinar pul bar
ekeni. (Dinar-pul birliginiň ady). Ol aýal şol pullardan ýekeje sanysyny alyp,
6
JUMA NAMAZY
gyzyl ýasaýan ussanyň ýanyna gidipdir. Ussa ony ölçäp görüpdir, emma oňa
ölçeg ýetmändir. Ussa onuň nagşyna seredip, onuň bu dünýäniň dinarlaryna
meňzemeýändigini bilipdir. Ussa aýaldan ol puly nireden alanlygyny sorapdyr.
Aýal bolsa oňa bolan wakalary gürrüň beripdir. Bu gürrüňleri eşiden ussanyň
ýüregi Yslama bolan söýgi bilen dolupdyr. Şol wagtyň özünde-de, ol özüniň
musulman bolandygyny aýan edipdir. Ol aýala bolsa, bir puluna derek öz
ulanýan pulundan müň gyzyl beripdir. Indi habary ýigitden eşideliň.
Ol ýigit Juma namazyny okanyndan soň, iki eli boş halynda öýüne tarap ýola
düşüpdir. Ýolda-da el ýaglygyna gum guýupdyr. Sebäbi öýüne baranda aýaly:
«Näme getirdiň?» diýip sorasa, «un getirdim» diýip aýdar ýaly, gum alypdyr.
Ol ýigit utana-utana öýüne golaýlanda, öýünden naharyň ysyny alypdyr. Öýüne
gelip, aýalyna görkezmän, içi gumly ýaglygyny öýüň bir gapdalynda goýupdyr.
Soň öýüne girip, aýalyndan görýän zatlary hakynda sorapdyr. Aýaly-da bolup
geçen wakany gürrüň edip beripdir. Ýigit bu zatlaryň Alla tarapyn
bolandygyny bilip, Alla şükür edip, tagat-ybadatyny has-da güýçlendiripdir.
Aýaly daşary çykyp adamsynyň el ýaglygyny görüp:
-El ýaglygyňda näme getirdiň?-diýip, ondan sorapdyr.
Adamsy bolsa: «Menden zat sorama» diýipdir.
Aýaly baryp el ýaglygy açyp görse, içinde un bar ekeni. Juma namazynyň
hormatyna Alla Tagala ol gumy una öwrüpdir. Ýigit bu zatlary görüp, Alla
Tagala şükür seždesini edipdir.
ROWAÝAT
Musa aleýhis salam bir gün Beýtul-Mukaddesdäki daglaryň birine
gidipdir. Şonda gaty yhlas bilen Alla ybadat edýän adamlary görüpdir. Musa
Pygamber olaryň kimlerdigini sorapdyr. Şonda olar:
-Eý, Musa aleýhis salam! Biz seniň ymmatyňdan. Şu ýerde ýetmiş ýyldan
bäri yhlas bilen Hudaýa ybadat edýäris. Biziň geýýän eşigimiz sabyr eşigi,
iýýän naharymyz Ýeriň gök otlary, içýän suwumyz ýagşyň suwlary-diýip,
jogap beripdirler. Musa aleýhis salam olaryň bu sözlerini eşidip, gaty
begenipdir. Şol wagt Alla Tagala Musa aleýhis salama şeýle wahy edipdir:
-Eý, Musa! Muhammet Pygamberiň ymmatyna Juma (Anna) gününi
berdim. Olar şol günde Juma namazyny okarlar. Olaryň şol okan namazlary
seniň ymmatyňdaky adamlaryň eden ybadatlaryndan has haýyrlydyr.
Bu sözi eşidip, Musa aleýhis salam şol günüň ýagny Anna gününiň öz
ymmatlaryna berilmegini arzuw edipdir. Şonda Alla Tagala oňa şeýle
diýipdir:

7
JUMA NAMAZY
-Eý, Musa! Hepdäniň şenbe güni seniň üçindir. Ýekşenbe güni Isa
Pygamber üçin, duşenbe güni Ybraýym Halylylla üçin, sişenbe güni
Zekeriýa Pygamber üçin, çarşenbe güni Ýahýa Pygamber üçin, penşenbe
güni Adam atamyz üçin, Anna güni Muhammet aleýhis salam üçin we
ymmaty üçindir.
Musa aleýhis salam Muhammet Pygamberiň ymmatynyň derejesiniň
Allanyň ýanynda şeýle beýikdigine geň galypdyr.
«Zubdetul wayzyn» diýen kitapda şeýle bir waka beýan edilýär:
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi: «Günlerde bir gün
Jebraýyl aleýhis salam ýanyma geldi. Onuň elinde bir ak aýna bardy. Ol:
«Şu Anna güni. Şu günde edilen zatlaryň ählisi saňa görkezilýär. Şu gün
saňa we seniň ymmatyňa baýram günidir»-diýdi. Şol aýnanyň ortasynda bir
sany nokatjyk bardy. Men Jebraýyl Perişdeden:
-Bu nokat näme?-diýip soradym. Şonda ol:
-Ol Anna günündäki ýigrimi dört sagatdan bir sagat. Haýsy bir adam şol
sagatda Alla Tagaladan dileg etse, Alla Tagala onuň dilegini kabul eder. Ol
gün günleriň hormatlysydyr-diýip, jogap berdi.
«Rownakyl mejälis» atly kitapda beýan edilişine görä, Pygamberimiz
Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi: «Her Anna gününde Alla Tagala
Perişdelerini Ýer ýüzüne iberer. Ol Perişdeleriň ellerinde gyzyldan galamlar
we kümüşden depderler bolar. Olar mesjidleriň gapylarynda durup, mesjide
giren adamlaryň we Juma namazyny okan adamlaryň atlaryny ýazarlar.
Adamlar namazlaryny okap bolanlaryndan soň, olar Asmana yzlaryna
dolanarlar. Olar:
-Eý, Rebbimiz! Biz mesjitlere giren adamlaryň hem-de Juma namazyny
okan adamlaryň atlaryny ýazdyk-diýerler. Şonda Alla Tagala:
-Eý, Perişdelerim! Şol atlary ýazylan adamlaryň ählisiniň günälerini
bagyşlandygyma öz beýikligimden kasam edýärin-diýer.
Pygamberimiz aleýhis salam: «Haýsy bir adam Juma namazyna ir gidip,
ilki mesjide girse, ol adam göýä düýe sadaka eden ýaly sogaba eýe bolar.
Haýsy bir adam ikinji mesjide girse, ol adam göýä sygyr sadaka eden ýaly
sogaba eýe bolar. Haýsy bir adam üçünji bolup mesjide girse, göýä goýun
sadaka beren adam ýaly sogaba eýe bolar. Haýsy bir adam dördünji bolup
mesjide girse, şol adam göýä towuk sadaka eden adam ýaly sogaba eýe
bolar. Haýsy bir adam bäşinji bolup mesjide girse, ýumurtga sadaka eden
adam ýaly sogaba eýe bolar. Haçan-da ymam hutba okamak üçin münbere
çyksa, ol Perişdeler ýazmalaryny bes edip, depderlerini ýapyp, münberiň
8
JUMA NAMAZY
ýanynda toplanyp, hutba gulak asarlar. Şol wagtdan soň mesjide giren
adamlaryň sogaby şol bir ýumurtga sadaka eden adamyň sogaby ýaly
sogapdan hem mahrum bolup, diňe okan namazynyň sogabyny alarlar»-
diýipdir.
Ýene-de şeýle diýildi:
-Kyýamat gününde Alla Tagala mömün-musulman adamlara Jennetde öz
mübärek jemalyny görkezer. Alla Tagalanyň jemalyny golaýdan görmek ýa-
da uzakdan görmek, Juma namazyna ir gelmek ýa-da giç gelmek bilen
ölçenýär. Haýsy bir adam Juma namazyna ir gelen bolsa, onda şol adam Alla
Tagalanyň mübärek jemalyny golaýdan görer. Haýsy bir adam Juma
namazyna giç gelen bolsa, Alla Tagalanyň mübärek jemalyny uzakdan görer.
Şonuň üçin geçen ulamalar şeýle diýipdirler: «Yslam dininde ýüze çykan
bidgatlaryň (täze dörän işleriň) ilkinjileriniň biri Juma namazyna ir
gelmekligiň terk edilmekligidir».
Habarda şeýle gelipdir: Perişdeler hemişe mesjide gelýän adamlary
gözlärler. Eger şol adamlar mesjide gelmeli wagtlaryndan bir azrak gijä
galsalar, Perişdeler şeýle diýip dileg ederler:
-Eý, Alla! Eger-de şol adam garyplygy sebäpli gijä galýan bolsa, sen ony
fazly-keremiň bilen baý et! Eger ol keselligi sebäpli gijä galýan bolsa, sen
oňa şypa ber! Goý, ol keselinden gutulsyn! Eger-de ol haýsam bolsa, bir iş
bilen başagaý bolsa, sen onuň işleriniň çaltrak bitmegine kömek et! Goý, ol
işlerinden çaltrak boşasyn-da, mesjide gelsin! Eger-de ol bir biderek işler
sebäpli, ýa-da oýun sebäpli Juma namazyny ýatdan çykaran bolsa, sen onuň
ýadyna düşür! Goý, onuň ýadyna düşüp, seniň ybadatyňa gelsin!
Musulmançylygyň ilkinji ýyllarynda adamlar Juma namazyna ir barjak
bolup, Anna güni ertir namazyndan soň ýollara çykardylar.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi:
-Bäş wagt namaz öz aralyklaryndaky we Juma namazy indiki Juma
namazyna çenli aralykdaky bilmän edilen kiçi günäleriň geçilmegine
sebäpdir.
Ýene-de Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem:
-Juma gijesi Alla Tagala Perişdelere Asmanlaryň gapylaryny
açmaklygy buýrar. Şol Perişdeleriň ellerinde nurdan bolan tabaklar
bolar. Şol tabaklarda Alla Tagalanyň rahmeti bardyr. Alla Tagala ol
Perişdelere özüniň rahmetini bendeleriniň üstüne seçmegini buýrar-
diýipdir.
Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
9
JUMA NAMAZY
-Üstüne Gün dogýan günleriň iň haýyrlysy Anna günüdir. Şol günde Adam
atamyz Jennede girizildi. Şol güni Adam atamyz Ýeriň üstüne goýberildi.
Şol günde onuň tobasy kabul edildi. Anna gününde kyýamat bolar. Kyýamat
gününiň boljagyna hiç şek we şübhe ýokdur.
Haýsy bir adam Anna güni gusul alsa, gowy eşiklerini geýse, ysly zatlary
sepinse we irräk Juma namazyny okamak üçin ýola düşse, şol adam meniň
şepagatyma mynasyp bolar. Jennetde meniň bilen bile bolar.
Ebu Hureýre razyýallahu anhu rowaýat edýär:
-Haýsy bir adam Anna güni gowy tähäret kylsa we Juma namazyna gelse,
ymam wagyz edýän wagty geplemän, şoňa gulak asyp otursa, iki Juma
namazynyň arasyndaky günäleri, üstesine ýene-de üç günüň günäsi
bagyşlanar.
Ýene Ebu Hureýre razyýallahu anhu rowaýat edýär:
-Her haçan Anna güni bolanda, ähli mesjitleriň gapylarynda Perişdeler
durarlar. Olar adamlaryň haýsy wagtda mesjide gelenlerini belleýärler.
Haçanda ymam hutba okamak üçin münbere çykanyndan soň gelen
adamlary, olar "Juma namazyna geldi" diýip bellemezler. Şonuň üçin Juma
namazyna irräk barjak bolmaly.
Habarda gelipdir: Alla Tagala Jenneti bolan adamlary Jennete girizen
wagtynda, olaryň her birine ýetmiş sany hüýr-peri berer. Jennet ähilleri olar
bilen ýaşaşyp, dynçlykda bolarlar. Kyýamat güni bolanda, Jebraýyl aleýhis
salam Allanyň buýrugy bilen belent ses bilen:
-Eý, salyh, gowy adamlar! Muhammet aleýhis salamyň köşgüne
ýygnanyň-diýip gygyrar.
Adamlaryň hemmesi şol ýere jemlenişerler. Muhammet aleýhis salama
salam bererler. Muhammet aleýhis salam Byrak atly Jennetiň atyna müner.
Pygamberimiziň ýanynda bir ýüz ýigrimi hatar adam bolar. Şolaryň segsen
hatary Muhammet aleýhis salamyň ymmatyndan bolar. Galanlary beýleki
Pygamberleriň ymmatlaryndan bolar. Muhammet aleýhis salamyň
ymmatynyň alymlary Jennet atlaryna münerler. Olar Pygamberimiziň yz
ýanynda durarlar. Ondan soň şehitler, soň öwlüýäler, soň mömünler, soň
musulmanlar durarlar. Şol wagt bütin milletiň öňüne Dawut aleýhis salam
çykyp, şeýle bir owadan ses bilen Kuran aýatlaryna hiňlener. Onuň sesi ýaly
owadan ses hiç eşidilen däldir. Alla Tagala Perişdelere, Jennetdäki guşlara
we Jennet baglarynyň ýapraklaryna Dawut aleýhis salamyň sesine
goşulmagyny buýrar. Alla Tagala Muhammet Pygamberiň ymmatyna

10
JUMA NAMAZY
jennetde togsan dokuz dereje berer. Beýleki Pygamberleriň ymmmatlaryna
bir dereje berer.
Şol wagt Alla Tagala Muhammet aleýhis salamyň ymmatlaryna ýüzlenip:
-Eý. Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň ymmatlary! Menden näme
islegiňiz bolsa soraň!-diýer. Olar aýdarlar:
-Eý, Älemleriň eýesi bolan Alla! Sen ähli gowulyklary bize berdiň. Indi bu
günki günde biz senden näme soraly?!
Alla Tagala hälki soragyny ikinji we üçünji gezek ýene-de gaýtalar.
Muhammet aleýhis salamyň ymmatlary näme soramalydygyny bilmän, biri-
birine:
-Dünýäde wagtymyz bir zatlar bilmesek, alymlaryň ýanyna barardyk we
bilmeýän zatlarymyzy şolardan sorap bilerdik. Geliň, bu günki günde hem
şolaryň ýanyna gidip, Alla Tagaladan näme soramalydygyny sorap geleliň!-
diýerler. Olar alymlaryň ýanyna bararlar. Alla Tagaladan näme
soramalydygyny alymlardan sorarlar. Şonda alymlar:
-Eý, salyh bendeler! Alla Tagaladan özüniň mübärek jemalyny görkezmegini
soraň!-diýip, jogap bererler. Olar alymlaryň bu sözlerine begenişip, şat bolup
gaýdarlar we Alla Tagala ýüzlenip:
-Eý, Rebbimiz! Seniň mübärek jemalyňy görkezmegiňi dileýäris-diýerler.
Şonda Alla Tagala Jennet ähillerine mübärek jemalyny görkezer. Jennet
ähilleri Alla Tagalanyň mübärek jemalyny arassa asmanda on dördi gijäniň
aýyny görüşleri ýaly görerler. Ýöne Jennetde adamlaryň käbiri Alla Tagalanyň
jemalyny günde bir gezek, käbirleri iki gezek, käbirleri aýda bir gezek,
käbirleri hepde-de bir gezek, käbirleri ýylda bir gezek, käbirleri her Anna
gününde bir gezek görer.
Abdyrahman razyýallahu anhuden: Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam:
-Anna güni günleriň seýýididir (ulusydyr). Allanyň ýanynda Juma güni
Oraza baýramy gününden-de, Gurban baýramy gününden-de artykdyr. Şol
Juma gününiň dowamynda bir sagat bardyr. Şol sagatda adam haram zatdan
başga, näme sorasa, Alla Tagala soran zadyny berjekdir-diýipdir.
Anna gününiň derejesi Alla Tagalanyň ýanynda örän beýikdir. Şonuň üçin
Anna agşamynda we Anna gününde tagat-ybadatlarymyzy köpeltmäge hereket
etmelidiris. Anna agşamlarynda merhumlaryň ruhlary boşadylyp
goýberilýändir. Olar ilki öz öýlerine aýat-töwir tamakin bolup gelýändir. Eger-
de öýlerinde ýatlanmaýan bolsalar, ogul-gyzlarynyň öýlerine bararlar. Ol
ýerde-de özlerini ýatlamasalar, dost-ýarlarynyň, tanyş-bilişleriniň öýlerine
bararlar. Eger-de ol ýerde hem ýatlamaýan bolsalar, mollalaryň, ymamlaryň
öýlerine bararlar. Sebäbi merhumlar başga hiç kim bizi ýatlamasa-da, şular bizi
11
JUMA NAMAZY
ýatlaýandyrlar öýdüp pikir ederler. Eger olar hem ýatlamaýan bolsalar,
gynanan halynda, näumyt bolup yzlaryna dolanarlar. «Siz bizi ýatdan
çykaryşyňyz ýaly, Alla-da sizi ýatdan çykarsyn. Işleriňiz hiç wagt ugruna
bolmasyn. Alla Tagala siziň elleriňizdäki mallaryňyzy alyp, sizi garyp
aýlandyrsyn»-diýip, gargyş ederler. Ýene-de zaryn ses bilen: «Eý, ogullarym
we gyzlarym! Näme diýip bizi haýyr doga-da we bir zatlar sadaka etmek bilen
ýatlamaýarsyňyz? Şol siziň eliňizdäki baýlyk, mal-dünýä bir wagtlar biziň
ellerimizdedi. Biz gaýtdyk we şol zatlary özümiz bilen bile alyp gaýdyp
bilmedik. Siz-de bir gün ölersiňiz. Mal-dünýäňizi sizem özüňiz bilen alyp
gaýdyp bilmersiňiz. Şonuň üçin eliňizde wagtyňyz barka, gaýrat edip,
ahyrýetiňiz üçin alada ediň! Biziň ýagdaýlarymyz şu wagt gaty agyr. Biz
garyp, biz kynçylygyň içinde. Bizi köpräk ýatlaň! Biziň üçin köpräk sadakalar
beriň! Kuranlar okaň! Hatym Kuranlar çykyň! Eger özüňiz edip bilmeseňiz,
bilýänlere pul berip etdiriň weli, hökman biziň ruhumyza Hatym Kuran etdiriň!
Bizi ýatdan çykarmaň! Siziň edýän ähli zadyňyzy biz bilýändiris. Siziň edýän
işleriňiz hem bize görkezilýändir. Bizi hiç wagt unutmaň!»-diýip ýalbararlar.
Eger-de merhumlar öz öýlerinde ýa-da ogul-gyzlarynyň, dost-ýarlarynyň
öýlerinde ýatlanylýan bolsalar, olar şat bolup, yzyndakylardan razy bolan
halynda begenişip gaýdarlar.
Eziz musulman doganlar! Türkmen halkynyň «Öli aýatdan doýmaz, diri
hezzetden», «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan beg» diýişleri ýaly, biz hiç
haçan merhum doganlarymyzy unutmaly däldiris. Biz olary sylamalydyrys,
hormat etmelidiris. Olar üçin biziň sylagymyz, hormatymyz olary ýatdan
çykarmazlykdyr. Olary hemişe haýyr-dogada ýatlap durmagymyzdyr. Olar
ýogalanda ýan-janlylaryny, belli günlerini etmegimizdir. Olaryň ruhlaryna
hatym Kuranlar çykmagymyzdyr. Esasan hem Anna agşamlary we Anna
günleri olary köp ýatlamalydyrys. Anna güni garyplaryň haj günüdir, ýagny
baryp mesjitlerde Juma namazyny okamaklary olar üçin göýä haj eden ýalydyr.
Garyplaryň Juma namazyna baryp, mesjitlerde dileg etmegi, göýä haja baryp,
Käbeýi-hanada dileg edenleri ýalydyr. Beýik Alla Tagala ählimiziň Juma
gününde mesjitlerde etjek doga-dileglerimizi kabul etsin! Mesjitlerde we
öýlerde Anna gününde merhumlaryň ýoluna berilýän aşlar, sadakalar,
hudaýolular Allanyň dergähinde kabul bolsun! Gepiň gysgasy, eziz doganlar,
merhumlarymyzy unutmalyň! Merhumlarymyzy we şehitlerimizi nähili
sylamalydygyny ösüp gelýän ýaş nesillerimize öwredeliň.
Ulamalaryň birinden şeýle sorag edipdirler:
-Ata-ene oglundan ýa-da gyzyndan närazy bolup ölse, ogly ýa-da gyzy näme
etmek bilen şolary razy edip biler? Ýa-da asla olary razy etmek mümkin dälmi?
12
JUMA NAMAZY
Şonda ol alym şeýle jogap beripdir:
-Aslynda musulman adamyň ata-enesini närazy etmegi dogry däldir. Sebäbi
ata-enäniň razylygy, Alla Tagalanyň razylygydyr. Ata-enäniň närazylygy,
Allanyň närazylygy ýalydyr. Musulman adam Alla Tagalany hiç wagt närazy
etmeli däldir. Eger-de Alla Tagala senden we seniň edip ýören işleriňden razy
bolmasa, seniň barjak ýeriň dowzahdyr. Şonuň üçin ata-eneleriňizi närazy
etmejek boluň! Olaryň razy bolaýjak işlerini ediň!
Adamçylykdyr. Ýalňyşman bolmaz. Haýsam bolsa bir sebäbe görä, ata-ene
senden närazy bolsalar we şol ýagdaýda-da dünýäden geçseler, yzynda galan
ogluna ýa-da gyzyna şu aşakda aýdyljak üç işi etmek bilen şolary razy etmek
mümkindir:
1. Oglunyň ýa-da gyzynyň takwa we salyh bolmagy bilen, ýagny Alla Tagala
bizi haýsy işe buýran bolsa, şol işi etmegi we haýsy işden gaýtaran bolsa, şol
işden saklanmagy bilen.
2. Ata-enesiniň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen gowy baryş-geliş edip,
gatnaşmagy bilen.
3. «Eý, Allam! Enem-atamyň günälerini bagyşla!»-diýip, olaryň hakyna haýry
doga etmek bilen, ol ikisi üçin sadaka bermek bilen, Kuran hatym etmek bilen.
Eger özi Kuran okap bilmese, bilýän adama hatym Kuran etdirmek bilen.
Şonuň üçin, eziz doganlar! Merhumlarymyzy hemişe haýry-dogalarymyzda
ýatlamalydyrys. Esasan hem, anna agşamlarynda we Anna günlerinde köpräk
ýatlamalydyrys.
Hezreti Ibni Abbas razyýallahu anhudan gijeleri ýatman namaz okaýan we
gündizleri oraza tutýan, ýöne Juma namazyna we jemagata gelmeýän adam
hakynda näme diýersiňiz?-diýip soraldy. Şonda ol:
-Ol adam dowzahydyr-diýip, jogap berdi. (Ibni Abbas Pygamberimiziň
kakasy Abdyllanyň dogany Abbasyň ogludyr. Onuň ady Abdulladyr.
Ýaşlykdan Pygamberimiziň köp haýry-dogasyny alan adamdyr. Gaty köp
hadyslary rowaýat eden beýik sahabalaryň biridir).
Ine, musulman doganlar! Juma namazy şeýle sogaply bir namazdyr. Alla
Tagala saňa akyl beripdir. Oýlan! Pikirlen! Anna güni Juma namazynyň
wagtynda edilen işlere Alla Tagala hiç haçan bereket berjek däldir. Şonuň üçin
ähli zatdan haýyrly bolan zat-Juma namazyny okamaga gel! Şeýtanyň was-
wasasyna aldanyp ýörme! Tekepbirligiňi (ulumsylygyňy) terk et-de, namaza
gel! «Juma namazynyň şertleri tapylmaýar. Juma namazyny okamak hökman
däl. Biziň kitaplarymyzda: «Juma namazynyň şertleri doly tapylmasa, Juma
namazyny okamak gerek däl» diýlip ýazylypdyr»-diýip, öz-özüňi we nadan
adamlary aldap ýörmäň! «Juma namazyny jemagat bar ýerinde hökman
13
JUMA NAMAZY
okamaly» diýip aýdýan alymlaryň hem siziňkiçe ylmy bardyr ahyry. Olaram
kitapdan okap, soňundan şony aýdýandyrlar ahyry. Eziz doganlar, oýlanyň,
pikirleniň, şeýtana özüňizi aldatmaň! Şeýtan musulmanlaryň iň ganym
duşmanydyr. Şeýtan adamlaryň her birini bir hili edip aldaýar. Şuny berk
belläň. Şonuň üçin eziz musulman doganlar, halkyň agzyny alardyp, köp
adamlaryň mesjitden we Juma namazyndan galmagyna sebäpçi bolmaň! Onuň
günäsi gaty agyrdyr! Öljegiňizi we öleniňizden soň her bir eden işiňizden
hasap soraljakdygyny pikir ediň! Şeýtanyň waswasyna we dünýä işlerine
aldanyp, şeýle sogaply namazdan galmaň!
Beýik Alla Tagala siziň edip ýören tagat-ybadatlaryňyzy, okaýan
namazlaryňyzy, tutýan orazalaryňyzy öz keremli dergähinde kabul etsin! Eden
tagat-ybadatlaryňyz Kyýamat gününde size şepagatçy bolsun! Iki dünýäňiz
abat bolsun! Janlaryňyz sag, işleriňiz rowaç bolsun! Alla Tagala sizi öz
penasynda aman saklasyn! Ýürekleriňizdäki isleg-arzuwlaryňyza ýetirsin!
Pirleriň, şehitleriň, öwlüýäleriň mekany bolan ýurdumyzy Alla Tagala bela-
beterden saklasyn! Halkymyz agzybir bolsun! Watanymyz asuda bolsun!
Dinimiziň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin zähmet çekýän
doganlarymyza Alla kuwwat bersin! Şu ýazgylarymyzy şu sözler bilen tamam
edýäris:
Ata-baba ýoluňyzdan daş düşmäň!
Diniňizden, Hudaýyňyzdan daş düşmäň!
JUMA NAMAZYNYŇ REKEGATLARY
Juma namazy umumy 18 rekegatdyr:
2-rekegat tahyýýatyl mesjit namazy
4-rekegat juma namazynyň owalky sünneti.
2-rekegat juma namazynyň parzy.
4-rekegat juma namazynyň soňky sünneti.
4-rekegat yhtyýatuz zuhr namazy.
2-rekegat häzirki wagtyň sünneti.
Yhtyýatuz zuhr namazynyň niýeti şeýle: «Wagtyny tapyp, heniz okap
bilmedik ahyrky öýle namazymyň 4-rekegatyny okamaklyga niýet etdim.
Halisal lillähi teala allahu ekber».
AHMET BIN ZEÝLI DAHLAN
Eý, ynsan!
Sen ýaradylandygyňy we seniň bir Ýaradyjyň bardygyny anyk bilgin!
Ýaradyjynyň bardygyny inkär etmek nadanlykdyr, görer gözli hakykaty
14
JUMA NAMAZY
görmeýän körlükdir, günäkärlikdir. Sebäbi Asmanda we Ýerde näme zat bar
bolsa, şol zatlaryň ählisi bize Ýaradyjyny ýatlatýandyr.
Gözüňi aç, Asmana seret! Şol ýerde beýiklik äleminden iberilen bir hat
okarsyň. Ýer ýüzüne seret! Toprakdan önýän, ösýän her bir ösümlik: «Ol
birdir, şärigi ýokdur»-diýýändir. Allany inkär edýän gapyllaryň kalbyna gulak
assaň: «Alla birdir»-diýýänini eşidersiň.
Barlyklar älemindäki ähli zatlar Oňa şaýatlyk edýändir. Ol (Allah) bulardan
başga-da ynsanlara öz aralaryndan habarçylar we ilçiler ibermek bilen dogry
ýoly görkezendir.
Bu habarçylaryň we ilçileriň iň soňkusy Muhammet aleýhis salamdyr. Ol
sallallahu aleýhi wesellem Allanyň ýanyndan ynsanlara Yslam dinini
getirendir. Yslam-adamlaryň bagtlylygy we salamatlygy üçin iberilen bir
tertip-düzgündir, kada-kanundyr, ýol-ýörelgedir. Musulman bolan adam iki
dünýäniň hem kynçylygyndan gutulýandyr.
Şol musulmançylykdaky buýruklaryň iň ulusy namazdyr. Namaz Alla
Tagalanyň buýrugydyr. Namazy okanlar beýik derejelere ýeterler,
okamadyklar özlerine uly zyýan ederler. Bu pany dünýä baky ahyrýet älemi
üçin bir synag meýdanydyr. Bu synag meýdanynda namazyňy okasaň, o ýerde
(ahyrýetde) Alla Tagala sogaplaryňy gat-gat edip köpelder. Beýik Alla Tagala
özüne ynananlary, buýruklaryny ýerine ýetirenleri, gadagan eden zatlaryndan
saklananlary, namazlaryny doly okanlary hemişelik bagtlylyk ýurdy bolan
Jennet bilen sylaglajakdyr.
ÄHLI SÜNNET MEZHEBI NÄME DIÝMEK?
Resulallah sallallahu aleýhi wesellem Serwerimiz bir hadysy şerifinde:
«Meniň ummatym 73 topara bölünjekdir. Şolaryň birisinden başga hemmesi
dowzahydyr»-diýipdir. «Şol dowzahy bolman gutuljak bir topar haýsysy?»-
diýip, soralanda: «Meniň we meniň sahabalarymyň ýolundan gidýänler»-diýip,
jogap beripdir. Dürli toparlaryň, ýollaryň döreýän şu döwründe Yslam
dünýäsinde ýeke-täk gutulyş ähli sünnet wel jemagat mezhebinde (ýolunda)
bolmakdyr. Bu mezheb ynanç meselelerinde-de, amal etmäge degişli
hökümlerinde-de we meselelerinde-de hakyky Resulallah sallallahu aleýhi
wesellemiň we onuň sahabalarynyň ýoludyr.
Ähli sünnet wel jemagat mezhebi ygtykatda (ynamda) iki ýola bölünýär:
1. Mäturidiler.
2. Eşarylar.
Amal etmekde-de dört sany dogry ýola bölünýär:
1. Hanapylyk.
15
JUMA NAMAZY
2. Mälikilik
3. Şafygylyk
4. Hanbelilik.
Bu mezhebleriň we ýollaryň esasy birdir. Öz aralarynda käbir meselelerde
tapawudy bardyr. Bu dört mezhebdäki adamlaryň hemmesi Ähli-sünnet wel
jemagat mezhebine degişli bolýandyr. Şu mezhebdäki adamlar biri-biri bilen
dogandyrlar. Şu dört mezhebden başga ýollar, toparlar, mezhepler biderekdir,
bozukdyr, bidgatçylardyr ýa-da azaşanlardyr. Dowzah odundan gutulmak
isleýän adamlar ähli sünnet wel jemagat mezhebi diýlip atlandyrylýan dört
mezhebiň haýsam bolsa birine berk baglanmaly, şol mezhebiň ulama we
alymlarynyň yzyna düşmelidirler.
NAMAZ-DINIŇ SÜTÜNIDIR.
Bismillä hirrahmä nirrahym.
(Bu dünýäde musulmana, käpire, ahyrýetde diňe musulmanlara mähriban
we rehimli bolan Alla Tagalanyň ady bilen başlaýaryn).
Ähli öwgüler on sekiz müň älemiň terbiýeçisi bolan Alla Tagala üçindir. Alla
Tagalanyň rahmeti we salamatlygy Pygamberleriň iň abraýlysy we afzaly
bolan Pygamberimiz Muhammet aleýhis salama bolsun we onuň maşgalasyna,
sahabalaryna bolsun!
Biliň we oýanyň, eý, din doganlarym! Alla Tagala sizi we bizi dini
bilýänlerden we bilip amal edýänlerden eýlesin! Öz dogry ýoluna hidaýat etsin
we şol dogry ýoldan azaşdyrmasyn! Bizi nebsimiziň erbetliklerinden öz
penasynda aman saklasyn! Hakykatdan-da, namaz diniň sütünidir. Haýsy bir
adam namazlaryny okasa, dinini sakladygydyr. Haýsy bir adam namazlaryny
okamasa, dinini ýykdygydyr we ýok etdigidir. Dogrudanam, musybatlaryň iň
ulusy, aýyplaryň we erbetlikleriň iň erbedi namazy ýeňil tutmakdyr, ýagny
okamasyzlykdyr, jemagaty we Juma namazyny geçirmekdir. Ýogsam, Alla
Tagala şol namazlar sebäpli derejelerimizi beýgeldýändir, günälerimizi
bagyşlaýandyr. Ýerdäki we Asmandaky ähli zatlar Allaha namaz bilen gulluk
edýändirler. Namazy hiç bir musulman terk etmez we dünýä işleri ony
namazdan alyp galyp bilmez. Diňe betbagtlygy köp bolan, ahyrýet söwdasynda
utulan, ahyrýet azaby agyr edilen, ökünji we gynanjy köp bolan adamlar
namazy äsgermezler. Namazlaryny okamaýan adamlar Alla Tagalanyň
gazabyna duçar bolan adamlardyr. Olar ölenlerinde-de musulman halynda
ölmezler. Olaryň ahyrky barjak ýerleri dowzahdyr, ýatjak ýerleri gyzgynlygy
aňrybaşa baran Häwiýe atly dowzahdyr. Binamaz Allanyň ýanynda nälet edilen
adamdyr. Ol Allanyň Ýerinden we Asmanyndan kowulan adamdyr.
16
JUMA NAMAZY
Hezreti Aly ibni Ebu Talyp razyýallahu anhu Pygamberimiz aleýhis salamyň
şeýle diýenini eşitdim diýýär, ýagny Pygamber Serwerimiz: «Haýsy bir adam
namazlaryny terk etse, ýagny namazlaryny okamasa, Alla Tagala onuň ýüzüne:
«Şu Adam Alla Tagalanyň rahmetinden daşdaky adamdyr we men ondan
bizardyryn»-diýip, ýazyp goýar. Eger-de bende bir wagt namazy terk etse, Alla
Tagala onuň adyny dowzahyň gapysynyň üstüne ýazyp goýar»-diýdi.
Omar ibn Hattab we Ebu Hureýre razyýallahu anhumäden rowaýat edilen
hadysy şerifleriň biriniň soňunda şeýle diýilýär. Pygamberimiz Muhammet
aleýhis salam şeýle diýdi: «Bir gün meniň ýanyma doganym Jebraýyl aleýhis
salam gelip: «Oka!»-diýdi. Men: «Näme okaýyn?»-diýdim. Şonda Jebraýyl
aleýhis salam şu aýaty okady: «Pygamberlerden we salyh kişilerden soň, şeýle
bir ýaramaz nesil geldi. Olar namazlaryny okamadylar. Islegleriniň yzyna
düşdiler. Şolar dowzahyň «Gaý» atly çukuryna düşjekdirler». («Merýem»
süresi, 59-njy aýat). Men:
-Eý, doganym Jebraýyl! Meniň ummatym menden soň namazlaryny
okamazlarmy?-diýdim. Jebraýyl aleýhis salam:
-Hawa, okamazlar. Ahyrzamanda seniň ummatyňdan bolan adamlar
namazlaryny okamazlar. Okasalar-da wagtyndan geçirip, giç okarlar. Olar
şähwetleriniň (islegleriniň) yzyna düşerler. Olaryň ýanynda bir manat pul (bir
dinar) namazlaryndan haýyrlydyr-diýdi.
Kurany kerimdäki: «Allanyň ýanynda äht edilip aýlandyrylan zatdan başga
zatlar şepagat etmäge eýe bolup bilmezler». («Merýem» süresi, 87-nji aýat)
aýatyň tefsirinde, Pygamber Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem: «Şol
ähtden maksat bäş wagt namazdyr»-diýdi.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi:
-Alla Tagalanyň öz bendelerine towhytdan, ýagny Alla Tagalany bir diýip
bilmekden soň parz eden zatlarynyň iň gowusy bäş wagt namazy okamakdyr.
Eger namazdan gowy bir ybadat bolsady, Alla Tagala Perişdelerine şol ybadaty
etmekligi buýrardy. Perişdeleriň käbiri rukugdadyrlar, käbiri sejdededirler,
käbiri dik durandyrlar (kyýamdadyrlar), käbiri oturandyrlar (kagdadadyrlar).
Asmanda perişdeleriň namaz okaýanlaryna Rahman bolan Allahyň
hyzmatçylary diýilýär. Beýleki perişdeleriň ýanynda olar öz namaz
okaýandyklaryna guwanýarlar.
Hezreti Ebud-Derda (razyýallahu anhu) diýen sahaba şeýle diýdi:
-Allanyň haýyrly bendeleri Güne, Aýa we kölegä Allanyň zikiri üçin ýagny
namaz üçin serederler.
Rowaýat edildi: Kyýamat gününde ilki hasap-hesip ediljek zat namazdyr.
Eger-de namazlary doly okalan bolsa, onda onuň beýleki amallary-da kabul
17
JUMA NAMAZY
ediler. Eger-de namazlary doly okalmadyk bolsa, onda onuň beýleki amallary
hem kabul edilmez.
Pygamber Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem Ebu Hureýre razyýallahu
anhu diýen sahaba ýüzlenip:
-Eý, Ebu Hureýre! Maşgalaňa namaz okamaklygy buýur. Şonda Alla
Tagala seniň pikir etmeýän ýeriňden seniň ryzkyňy ýetirer-diýdi. Onuň
delili şu aýaty kerimedir: «Eý, Resulym! Ummatyňa we maşgalaňa namaz
okamaklygy buýur. Özüň-de sabyr etmek bilen ony dowam et. Biz senden
rysgal soramarys. Biz saňa ryzk berýändiris. Ahyrýetdäki gowulyklar
takwalar üçindir. (Alla Tagala haýsy işi etmekligi buýran bolsa, şony ýerine
ýetirýän adama, haýsy işden gaýtaran bolsa, şondan saklanmagy başarýan
adama takwa diýilýär). («Taha» süresi, 132-nji aýat).
Ata ul-Horasany diýen alym şeýle diýdi:
-Bir adam Alla üçin Ýeriň haýsam bolsa bir ýerinde sežde eden bolsa, şol
ýer Kyýamat güni şol adam üçin şaýat bolar. Şol adamyň aradan çykan güni şol
Ýer oňa gynanyp aglar.
Pygamber Serwerimiz Muhammet sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
«Haýsy bir adam bilip durup, kastdan namazlaryny geçirse, şol adam
Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň goragyndan çykar, şepagatyndan
mahrum bolar».
Ýene-de Pygamber Serwerimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: «Bäş
wagt namazy Alla Tagala öz bendelerine parz edendir. Haýsy bir adam bäş
wagt namazyny öz wagtynda okasa, Kyýamat güni şol okan namazlary onuň
üçin nur we delil (şaýat) bolar. Haýsy bir adam namazlaryny okamasa, Firawn
we Haman atly käpirler bilen bile direldiler».
Uzyn bir hadysda şeýle diýilýär: Jebraýyl aleýhis salam bir gün
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldi we Pygamberimiz
sallallahu aleýhi weselleme şeýle diýdi: «Eý, Muhammet sallallahu aleýhi
wesellem! Alla Tagala binamazyň orazasyny, sadakasyny, hajyny, gowy
işlerini we zekatyny kabul etmez. Binamaz adam Töwratda, Injilde, Zeburda
we Kuranda nälet edilendir. Namaz okamaýan adama bir gije-gündiziň
dowamynda müň nälet edilýändir we müňlerçe Allanyň gahar-gazaby binamaz
adama degişli bolýandyr. Alla Tagalanyň Perişdeleri hem ýedi gat Asmanyň
ýokarsynda binamaz adamy näletlärler.
Eý, Muhammet aleýhis salam! Binamaz adam saňa berlen zatlardan
binesipdir. Ol seniň şepagatyňa hem laýyk däldir. Binamaz adam seniň
ymmatyňdan hem däldir.

18
JUMA NAMAZY
Eý, Muhammet aleýhis salam! Binamaz adam kesellese, soralmaga
barylmaly däldir. Eger ol öläýse, jynazasyna hem barylmaz. Binamaza salam
hem berilmeli däldir. Onuň bilen bile oturyp iýilip-içilmez. Onuň bilen ýoldaş
hem bolunmaz. Binamaz adam bilen oturşyp-turuşmaly däldir. Sebäbi onuň
dini ýokdur. Onuň amanaty ýokdur. Binamazyň Allanyň rahmetinden paýy
ýokdur. Olar dowzahda dowzahyň iň aşaky gatlagynda mynapyklar (iki
ýüzliler) bilen bile bolarlar. Binamaz adama dowzahda berilýän azaplar
köpeldilip beriler. Ol kyýamat gününde iki eli boýnuna asylan halynda magşar
meýdanyna getiriler. Perişdeler ony ýetişip bildiginden urarlar. Binamaz üçin
dowzahyň gapylary açylar. Olar dowzaha atylan ok ýaly bolup girerler.
Binamaz adamlar dowzahyň aşaky gatlagyna, Karun hem-de Haman atly
käpirleriň ýanyna kellesi bilen gütläp düşerler. Binamaz adam bir zatlar
iýmekçi bolup, lukmany agzynyň ýanyna alyp baranda, ol lukma: «Allanyň
näleti bolsun! Eý, Allanyň duşmany! Alla Tagalanyň beren yrsgalyny iýýärsiň-
de, onuň buýruklaryny ýerine ýetirmeýärsiň?!»-diýer. Binamaz adamyň egnine
geýen eşikleri ondan bizar bolup şeýle diýer: «Eger Alla Tagala saňa boýun
egmekligi buýurmadyk bolsady, men senden gaçardym». Haçanda binamaz
adam öýünden çykanda, oňa öýi: «Şu gitdigiň gitdigiň bolsun-da! Sen yzyňa
dolanyp gelmesediň-dä! Men hem seniň garaňy görmesemdim-dä!» diýer.
Binamaz adam diri wagtynda-da, ölenden soňam melgundyr (nälet edilendir).
Ol ölende ýahudy (jöhüt) bolup öler, Kyýamat güni direlende nasrany (hristian)
bolup direldiler.
Ymam Şaarany özüniň «Uhud» atly kitabynda ýazypdyr: «Namaz okamaýan
daýhanlara, a:m (bilimsiz) adamlara we nadan adamlara bäş wagt namazyň
fazyletini (sogabyny) we ony dowamly okamalydygyny düşündirmäge bizden
umumy ähd alyndy. Alla Tagalanyň we Pygamber aleýhis salamyň namaz
meselesini berkidişi ýaly, biz hem şu meseläni gaty berkitmelidiris. Ýöne
gynansakda, häzirki wagtda alymlarymyzyň, işan-mollalarymyzyň,
ymamlarymyzyň, ýaşuly adamlarymyzyň, ata-enelerimiziň we ylymy
talyplarymyzyň köpüsi bu meselede gaty yzda galýarlar. Namazyň wajyp
meseledigini bilseler-de, hiç kime hiç zat aýtman gezip ýörişlerini görüp geň
galýarsyň. Şu adamlaryň köpüsi binamazlar bilen goşulyp-garylyp gezip ýörler.
Kimisiniň ogly, kimisiniň gyzy, kimisiniň işdeşleri, kimisiniň dostlary namaz
okamaýarlar. Emma bular hiç zat bolmadyk ýaly, olar bilen arkaýyn iýip-
içýärler, oturyşýarlar, gürrüňleşip, gülüşip, oýnaşýarlar. Olar bilen alyş-beriş
edişýärler, bir edarada işleşýärler. Şeýle bolsa-da, olar hiç haçan namazy
okamasaň nähili günä boljakdygyny we namazy okasaň nähili sogaplar
aljakdygyňy, namaz okamazlyk bilen diniň ýykyljakdygyny düşündirmeýärler.
19
JUMA NAMAZY
Eziz musulman doganym! Gaýrat et! Özüň sözüň geçäýjek adamlaryňa we
nadan adamlara dinimizde hökman ýerine ýetirmeli işleri düşündir. Eger-de sen
aýtmasaň we düşündirmeseň, kyýamat gününde dowzaha girjekleriň
ilkinjileriniň biri bolarsyň. Sebäbi Pygamberimiz Muhammet aleýhis salamyň
bir sahyh hadysynda gelşi ýaly, hakykatdan-da sen bilip, öz bilen zadyna amal
etmedikleriň toparyna degişli bolarsyň. Çünki sen şerigat hökümlerinden
haýsam bolsa bir zady bilseň we bilibem şony başga adamlara öwretmeseň,
onda sen öz ylmyňa amal etmedik adam bolarsyň».
Eý, musulman doganlar! Biliň we ägä boluň! Alla Tagala size rehim etsin!
Hakykatda, namaz okamak we ony terk etmän dowamly okamak, jemagatlara
gatnaşyp, jemagat bilen namaz okamak gowulyklaryň we bereketleriň
sebäbidir. Çünki namaz okamak ýagşylyklaryň köpelmegine, derejeleriň
beýgelmegine, günäleriň bagyşlanmagyna, bela-beterleriň gelmezligine
sebäpdir. Bäş wagt namazy okamak kämilligiň esasy bolan takwalygyň
aslydyr. Her haçan namaz dowamly okalsa, takwaçylyk we başga haýyr-
hasanatlar hasyl bolar. Hakyky namaz seni günä işlerden saklamalydyr.
Erbetliklerden uzaklaşdyrmalydyr. Alla Tagala Kurany Kerimiň «Agraf»
süresiniň 96-njy aýatynda şeýle diýýär: «Eger-de oba adamlary iman
getirsediler, takwa bolsadylar, (ýagny Alla Tagalanyň buýran işlerini ýerine
ýetirip, gaýtaran işlerinden saklansadylar) Asmandan we ýerden bereketler
indererdik».
Kuranyň başga bir aýatynda, has dogrusy «Mäide» süresiniň 66-njy aýatynda
Alla Tagala şeýle diýýär: «Eger olar Töwraty, Injili we Reblerinden özlerine
nazyl edilen (Kuran hökümlerini) dos-dogry ýerine ýetirsediler, üstlerinden we
aýak astlaryndan (ryzklaryny) iýerdiler» Ýene-de Alla Tagala başga bir aýatda:
«Eger olar (ynsanlar we jynlar) bu ýolda (Yslam ýolunda) dogry dursadylar,
elbetde olara bol suw içirerdik (bol ryzk bererdik)»-diýýär. («Jyn» süresi; 16-
aýat). Adamlarynyň hemmesi bäş wagt namazlaryny geçirmän okaýan
ýerlerden Alla Tagala bela-beterleri göterýändir. Emma namaza ähmiýet
bermeýän kowumlaryň üstüne Alla Tagalanyň bela-beterleri ýagýandyr.
Binamazlaryň köp ýerlerinde Ýer titremeleriň köp bolmagy, Ýer hopmagyň we
başga-da köp bela-beterleriň bolmagy daş däldir. Sen: «Men özüm-ä okaýan,
başgalar bilen meniň näme işim. Näme bolanda maňa näme?!»-diýme. Çünki
Alla Tagalanyň bela-beterleri gelse, umumy gelýändir. Gowyny-erbedi
saýlaýan däldir. Sen namaza buýurmadygyň üçin, adamlary erbetliklerden
saklamadygyň üçin, Allanyň azaplaryny adamlara duýdurmadygyň üçin şol
azaplara laýyksyň. «Alla Tagala hemme zatlara şaýatdyr».

20
JUMA NAMAZY
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salamdan rowaýat edilýär:
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir gün sahabalaryna: «Eý, Allahym!
Bizden hiç kimsäni şaky we mahrum etme!-diýiň»-diýdi. Şondan soň Ol
sallallahu aleýhi wesellem: «Şaky we mahrumyň kimdigini bilýäňizmi?»-diýdi.
Şonda sahabalar:
-Kimdir ol eý, Allanyň Resuly?!-diýdiler. Pygamberimiz aleýhis salam:
-Namaz okamaýan binamazlar-diýip, jogap berdi.
Magraç wakasyny beýan edýän hadyslaryň birinde şeýle gelipdir:
Pygamber aleýhis salam kelleleri daşlar bilen ýenjilip, ýene-de öňki halyna
gaýtarylyp, durmazdan şeýle azaplar berilýän adamlaryň ýanyna gelen
wagtynda:
-Bular kimler?-diýip, Jebraýyl aleýhis salamdan sorady.
Şonda Jebraýyl aleýhis salam:
-Namazlarynda köp ýalňyşlyk goýberýänler-diýip, jogap berdi. Alla
Tagala Kurany Kerimde: «Namazlaryny ýalňyşlyk bilen okaýanlara
(namazlarynda gapyl bolýanlara) gaty azaplar bolsun»-diýýär. («Maun»
süresi; 4-5-aýat).
Käbir Kurany Kerime tefsir (düşündiriş, giňişleýin many) ýazan alymlar şu
aýat hakynda şeýle diýipdirler: «Ýokarky aýatdaky: «Namazlarynda gapyl
bolýanlar» diýlen sözden maksat, şol adamlar namazlaryny okamaýarlar,
okaýsalar-da wagtyndan geçirip, gijikdirip okaýarlar diýdigidir». Ýene-de şol
aýatdaky «weýl» diýen sözi, ýagny şonuň ýaly adamlara weýl bolsun, gaty
azaplar bolsun diýen sözi şeýle düşündirýärler: «Weýl-diýildigi jähennemdäki
çukurlaryň biriniň ady. Eger-de şol çukura şu dünýäniň daglaryny atsalardy,
şonuň gyzgynlygynyň güýçliliginden ýaňa eräp, suw bolup akyp giderdi. Şol
çukur binamazlaryň we ýaltalyk edip, namaz wagtlaryny geçirip, namazlaryny
wagtlaryndan gijikdirip okap, namazlaryna ähmiýet bermeýän adamlaryň
ýeridir. Ýöne adamlar şu wagta çenli namaz okamadyklaryna ökünip, puşman
etseler, Alla günälerini bagyşlar. Namaz okamaklyk musulmanlar bilen
käpirleriň arasyndaky tapawudy hasyl edýär».
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salamdan rowaýat edilýär. Pygamberimiz
aleýhis salam aýtdy: «Haýsy bir adam bäş wagt namazyny doly we dogry,
öz wagtynda okasa, Alla Tagala oňa bäş sany gowulyk berer:
1. Alla Tagala ondan ýaşaýşyň kynçylygyny, garyplygy aýrar.
2. Gabyr azabyny aýrar.
3. Kyýamat gününde hasap kitabyny sag tarapyndan berer.
4. Syrat köprüsinden ýyldyrym ýaly bolup, çalt geçer.
5. Jennete hasapsyz girer».
21
JUMA NAMAZY
Haýsy bir adam bäş wagt namazyny okamasa, Alla Tagala oňa 15 sany
erbetlik berer: Altysy şu dünýäde, üçüsi öljek wagtynda, üçüsi gabra goýlan
wagtynda, üçüsi Rebbine duşan wagtynda, ýagny Kyýamat güni magşar
meýdanynda bolar.
Şu dünýäde beriljek alty sany erbetlik:
1. Ömrüniň bereketi aýrylar, ömri gysga bolar.
2. Ýüzünden gowy adamlaryň ýüzündäki ýaly nur we owadanlyk aýrylar.
3. Ähli eden sogap işlerine Alla Tagala sogap bermez.
4. Eden dogalary kabul bolmaz.
5. Ýagşy adamlaryň dileglerinden paý almaz.
6. Jany çykanda, imansyz gider.
Öljek wagtyndaky azaplar:
1. Ölen wagtynda hor bolup öler.
2. Ölen wagtynda aç bolup öler.
3. Ölen wagtynda suwsap, teşne bolup öler.
Eger-de oňa dünýädäki derýalaryň ählisiniň suwy içirilse-de ganmaz.
Gabyrda duçar boljak erbetlikleri:
1. Gabry ony gysar, gapyrgalary biri-biriniň içinden geçer.
2. Gabrynda gije-gündiz azap berler.
3. Gabrynda oňa «Şujagul akrag» atly zäheri güýçli ýylan azap berer.
Şunuň ýaly azaplar binamaz adama berler. Her günde okalýan bäş wagt
namazyň wagtlarynda, berilýän azaplar has-da artdyrylar.
Rebbine duşan wagtyndaky, ýagny kyýamat günündäki görjek kynçylyklary:
1. Asman ýarylan wagtynda onuň ýanyna bir perişde geler. Ol perişdäniň
elinde uzynlygy ýetmiş metr bolan zynjyr bolar. Şol zynjyry binamazyň
boýnundan asar. Soň ol zynjyry onuň agzyndan girizip, syrtyndan çykarar. Ol
Perişde: «Şu Allanyň parzlaryny ýerine ýetirmedik adamlara beriljek azap»-
diýip gygyrar.
Ibni Abbas razyýallahu anhumä:
-Eger-de şol zynjyryň ýekeje halkasy Ýeriň üstüne düşäýse, Ýeriň üstündäki
ähli zatlary kül eder-diýipdir.
2. Alla Tagala ol adama seretmez.
3. Ol azapdan gutulmaz. Onuň üçin dürli-dürli azaplar bardyr.
Rowaýat edildi: Kyýamat gününde ýüzi gara boljak adamlaryň ilkinjileriniň
biri binamazdyr. Jähennemde «Ýelemlem» atly bir çukur bardyr. Onda uly-uly
ýylanlar bardyr. Olaryň ýogynlygy düýäniň boýny ýalydyr. Uzynlygy bir aýlyk
ýol aralygydyr. Şol ýylanlar binamaz adamlary çakar. Olaryň zäherleri

22
JUMA NAMAZY
binamazyň bedenlerinde ýetmiş ýyl gaýnar. Ondan soň binamazyň bedenindäki
eti döküler.
Başga bir hadysda bolsa, şeýle gelipdir: Haýsy bir adam bäş wagt
namazyny dowamly okasa, Alla Tagala oňa bäş sany gowulyk berer:
1. Alla Tagala ony garyp etmez, ol garyplyk garasyny görmez.
2. Alla Tagala ondan gabyr azabyny aýrar.
3. Namaýy agmalyny, ýagny hasap kitabyny sagyndan berer.
4. Syrat köprüsinden ýyldyrym çaltlygynda geçer.
5. Jennete hasapsyz girer.
Haýsy bir adam bäş wagt namazyny okamasa, jemagatlara gatnamasa, Alla
Tagala onuň kesbinden we yrsgalyndan bereketi göterer. Alla Tagala onuň
beýleki ýagşy amallaryny hem kabul etmez. Ýüzüniň nury döküler. Adamlaryň
ýüreklerinde binamaza bolan ýigrenç bolar. Ölen wagtynda suwsap we aç
bolup, gaty horlanyp öler. Gabrynda Münker we Nekir perişdeleri gatylyk bilen
sorag ederler. Gabry gaty dar we gaty garaňky bolar. Kyýamat gününde hem
sorag jogaby kynçylyk bilen geçer. Alla Tagalanyň oňa gahary geler. Ony
dowzaha salar we dowzahda uly azaplar berer.
Katade razyýallahu anh: «Namazlaryňyzy okaň! Çünki namaz mömünleriň
häsiýetidir, imanyň alamatydyr»-diýipdir.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam: «Alla Tagalanyň merhemet eden
ymmaty şolardyr ki, Alla Tagala olaryň yhlas bilen eden dogalarynyň sebäbi
bilen, yhlas bilen okan namazlarynyň sebäbi bilen, olaryň ejizlikleriniň
hormatyna olardan bela-beteri gaýtarar»-diýipdir.
Namazlaryny terk edip, namaz okamaýan adamlaryň käpir bolýandygyny
bildirýän hadyslar gaty köpdür. Sahabalaryň köpüsi, şolary tutandyr, ýagny
binamazyň käpir bolýandygyny aýdandyrlar. Şolardandyr: Hezreti Omar ibni
Hattab, Abdyrahman ibni Awf, Muaz ibni Jebel, Ebu Hureýre, Ibni Mesud,
Ibni Abbas, Jabyr ibni Abdylla, Ebud Derda razyýallahu anhum. (Alla olardan
razy bolsun!). Soňky alymlardan hem köpüsi şulara goşulýarlar. Olardan:
Ahmet ibni Hanbel, Ishak bin Rahaweýh, Abdylla bin Mübärek, Nahay we
bulardan başga köp alymlar.
Eý, musulman doganlarym! Namazy terk edenleriň käpir bolýandygyny
görkezýän hadyslary aýtmak bilen, din ymamlarynyň we sahabalaryň hem şu
pikirdediklerini bildirmek bilen seni namaz okamaklyga çagyrýaryn. Seniň
namaz okaman ýörşüň, seni ýokdan bar eden, seniň bu dünýä gelmegiňe sebäp
bolan, seni terbiýeläp, saňa rysgal berip, iýdirip-içiren, saňa gutulmagyň
ýoluny salgy beren, duşmanlaryňy tanadan Beýik Alla Tagaladan ýüz
öwürmekdir. Ýaradylanda ejiz, hor hem-de güýçsiz edip ýaradylan bu
23
JUMA NAMAZY
bendelere Allaha günäkär bolup, Allanyň dergähinden kowulan şeýtanyň
diýenini etmek laýyk däldir. Ol şeýtan biziň hemmämiziň atamyz-Adam
aleýhis salamyň Jennetden çykmagyna sebäp boldy. Şeýtan bizi heläk
bolmaklyga, iki dünýäde biabraý bolmaklyga çagyrýandyr. Haýsy bir adam
şeýtanyň diýenini edip; onuň çakylygyny kabul etse, onda ol adam Allaha
günäkär bolar. Onuň eden her bir işi biderek bolar. Gije-gündiz nälete galar.
Onuň iki dünýäde hem bela-beterlerden gutulmaklygy nämälim bolar.
Eziz musulman doganym! Alla Tagalanyň tagat-ybadatyna çagyrýan Azanyň
sesini eşiden wagtyňda, özüňe buýrulan namazy okamaklyga gyssan! Şeýtanyň
aldap ýören, ýaltalyk etdirip, namazlaryny geçirdip ýören, şonuň esasynda-da
iki dünýäde betbagt bolup ýören din doganlaryňy gapyllyk ukusyndan oýar.
Çünki namaz okamasyzlyk uly ökünçdir.
Biliň we ägä boluň, eý, musulman doganlar! Alla Tagala sizi hidaýat etsin!
Öz dogry ýolundan azaşdyrmasyn! Namaz okamaklyk size hökmany bolan
işlerdendir. Aýallaryňyzyň we çagalaryňyzyň namaz okamaklaryna üns beriň.
Olar hiç haçan namazlaryny geçirmesinler. Çünki olar siziň ýanyňyzda goýlan
Alla Tagalanyň amanatlarydyr. Alla Tagala Kurany kerimiň «Enfal» süresiniň
27-nji aýatynda: «Eý, iman getiren adamlar! Allaha we Resulallaha
hyýanat etmäň! Siz bilip duran halyňyzda, özüňizdäki amanatlara-da
hyýanat etmäň!»-diýýär.
Pygamberimiz Muhammet aleýhis salam şeýle diýdi: «Aýallaryňyz
hakynda Alladan gorkuň! Aýallaryňyz hakynda Alladan gorkuň! Çünki
olar Alla Tagalanyň siziň ýanyňyzda goýan amanatlarydyr». Haýsy bir
adam aýalyny namaz okamaklyga buýurmasa we namaz okamaklygy
öwretmese, onda ol adam Allaha we onuň Resulyna hyýanat etdigi bolýar. Alla
tarapyndan gelýän azaplara mynasyp bolýar. Çünki ol Alla Tagalanyň şu
sözüne amal etmedik bolýar: «Eý, resulym! Maşgalaňy we ymmatyňy
namaz okamaklyga buýur. Seniň özüň hem namazyňy dowam et! Biz
senden ryzk (rysgal) soramaýarys. Biz saňa rysgal berýändiris.
Ahyrýetdäki beýik derejeler takwalar (Alla Tagalanyň buýran işlerini
ýerine ýetirip, buýurmadyk işlerinden saklanýan adamlar) üçindir».
(«Taha» süresi; 132-nji aýat).
Betbagtlaryň gürrüňi edilýän hadyslaryň birinde, öz maşgalasyny namaz
okamaklyga buýurmaýan bir adamyň gürrüňi edildi. Dini bolmadyk aýalda
nähili haýyr bolsun?! Öz aýalyny, gyzyny ýa-da aýal doganyny namaz
okamaklyga buýurmaýan erkekde nähili haýyr bolsun?! Çünki namaz
okamaýan aýal lagnat edilen we Allanyň rahmetinden daşlaşdyrylandyr. Eger
namaz meselesinde aýal maşgala adamsyna gulak asmasa, onda ol aýal bilen
24
JUMA NAMAZY
aýrylaşmalydyr. Çünki ol aýal Alla Tagalanyň we onuň Resulynyň
duşmanydyr. Aýalyň garyndaşlarynyň-da onuň adamsyna kömek bermegi
wajypdyr. Eger olar şony etmese, olar hem dowzaha girerler. Alla Tagalanyň
gaty azabyna we gahar-gazabyna duçar bolarlar.
Eý, musulman doganlar! Alla Tagala size rehim etsin! Rebbiňiziň tagat-
ybadatynda biri-biriňize kömek beriň! Şonda siz bagtlylardan we Alla
Tagalanyň azabyndan gutulanlardan bolarsyňyz. Şu işde hiç haçan ýaltalyk
etmäň! Şu işde ýaltaçylyk edýän adamlarda hiç hili haýryň ýokdugyna we
olaryň dininiň hem ýokdugyna hem-de olaryň Alla Tagalanyň azabyna duçar
boljakdygyna Allanyň ady bilen ant içýän! Alla Tagala Kurany Kerimiň
«Fussilät» süresiniň 25-nji aýatynda şeýle diýýär: «Jynlardan we
ynsanlardan özlerinden ozal geçen we (heläk bolan) ymmatlar bilen
bilelikde bulara-da söz (azap wadasy) hak bolandyr. Çünki olaryň
hemmesi ökünje düşenlerdi».
Habyp Abdylla bin Alawi El-Haddad özüniň «Nesaih» atly kitabynda şeýle
diýýär: «Namaz okamaklyk seniň özüňe wajyp hem-de namazy geçirmeklik seniň
özüňe haram bolşy ýaly, dost-ýarlaryňa, dogan-garyndaşlaryňa, çagalaryňa we
maşgalaňa namaz okamak meselesinde berkiräk durmagyň hem wajypdyr. Olary
namazy okamazlyga sebäp tapmaga goýma! Olaryň haýsysy saňa gulak asmasa,
seniň diýenleriň bilen ylalaşyp, saňa boýun egmese, olary ahyrýetdäki uly azaplar
bilen gorkuz! Seniň malyňy ýa-da başga bar zatlaryňy senden birugsat
alanlarynda, olara nähili gaharlanýan bolsaň, şondanam beter olar namazlaryny
okamasalar, olara gaharlan. Eger-de sen şeýle etmeseň, onda namazy peseltdigiň
bolar. Allanyň haklaryny we dinini aýakasty etdigiň bolar. Eger-de sen ahyrýet
azaplaryndan gorkuzanyňda, ol gorkmasa ýa-da gaharlananyňda toba gelip,
namaza başlamasa, sen ondan uzaklaş. Ony özüňe golaýlaşmaz ýaly et. Çünki ol
şeýtandyr. Ondan haýyr ýokdur. Onuň bereketi ýokdur. Onuň bilen dogan bolmak
we dost bolmak haramdyr. Onuň bilen gatnaşygy kesmek hem-de duşman bolmak
wajypdyr. Çünki ol Allaha we onuň Resulyna garşy giden adamdyr. Alla Tebärek
we Tagala Kurany Kerimde: «Allaha we ahyrýet gününe ynanan kowmuň
Allaha we Resulyna garşy gidýän adamlary, eger olar öz kakalary, ogullary
ýa-da doganlary, ýa-da garyndaşlary bolsa-da, dost tutunanyny görmersiň»
(«El-mujadele» süresi; 22-nji aýat)-diýýär.
Şu aýatda Alla Tagala Allaha we onuň Resulyna garşy giden adamlary dost
tutýan adamlaryň, eger-de şolar aga-ini-garyndaşlarynyň golaýlaryndan bolsa-da,
imanynyň kämil däldigini bildirdi.
Eziz adamlar! Alla size rehim etsin! Namaz okamaklyga üns beriň! Mesjitlere
gatnamaklyga gaýrat ediň! Namazlaryňyzy geçirmekden Alladan pena soraň!
Namazy düzgünleri bilen okamaklyga gaýrat ediň! Mesjitlerde köpräk
25
JUMA NAMAZY
oturmaklygy dowam ediň! Mesjitlerde köpräk bolmaklyk we bäş wagt namazy öz
wagtlarynda okamaklyk peýdalaryň iň ulusydyr. Jennet bilen buşlanan takwalaryň
sylagydyr. Salyh, terkidünýä adamlaryň rahatlygydyr. Alla Tagalanyň dogry
ýolundaky bagtlylaryň adatydyr. Aşyklaryň iň gowy teselli berýän çeşmesidir.
Beýik aryflaryň (öwlüýäleriň) oljasydyr. Ylymlaryna amal edýän ulamalaryň
merhemetidir. Bu adamlary hiç bir dünýä işi meşgul edip bilen däldir. Olar hiç
haçan namazlaryny geçiren däldirler. Namaz wagty girende, gelen-giden, giren-
çykan hiç kim olary ýoldan alyp galyp bilmedi. Ýürekleri namaz wagtlarynyň
girmegi bilen şatlanar. Säwlik bilen namaz wagtlary geçäýse, gynanjyndan
ýürekleri sanjar. Olaryň ähli şatlygy, begenji, guwanjy namazdyr. Alla Tagalanyň
tagat-ybadatyny ýerine ýetiren, namazlaryny öz wagtlarynda okan, jemagatlara
gatnaşan adamlary Alla Tagala rahmet etsin! Çünki ol namaz uly oljadyr, aňrybaş
sylagdyr. Eger-de siz eşidip, gulak assaňyz, bagta ýetersiňiz we dowzah odundan
gutularsyňyz. Eger-de gulak asmasaňyz, tekepbirlik etseňiz, Allanyň ybadatyndan
ýüz öwürseňiz, Alla Tagala sizi uly heläkçilige duçar eder. Sebäbi höküm
çykarmak Beýik Allaha degişlidir.
Eý Allam! Bizi bela-beterlerden aman sakla! Bizi haýyrly işlere tarap ugrukdyr!
Biziň sogap işlerimizi köpelt! Günälerimizi geç! Bu dünýäde hem-de o dünýäde
bizi bagtlylardan et! Eý, ähli haýyrlaryň eýesi bolan, derejeleri beýgelden,
Asmanlaryň we Ýerleriň terbiýeçisi bolan Allam! Ähli ýaradylan zatlaryň iň
hormatlysy bolan Muhammet sallallahu aleýhi wesellemiň hormatyna biziň
dileglerimizi kabul et! Seýýidimiz Muhammet aleýhis salamy, onuň maşgalasyny,
sahabalaryny rahmet et! Salamat sakla! Pygamberleriň hemmesine salamlar
bolsun! Ähli hamdu-sena, öwgüli sözler diňe Beýik Alla Tagala üçindir.
Eziz doganlar! Alla Tagala siziň iki dünýäňizi abat etsin! Beladan-beterden,
howpdan-hatardan, şeýtanyň şerinden, gybatkeşiň dilinden, nähak töhmetden,
zalymlaryň zulumyndan, ot belasyndan, suw belasyndan, binamaz bolup
gezmekden, dünýäden imansyz gitmekden aman saklasyn! Edip ýören tagat-
ybadatlarymyzy öz Beýik dergähinde kabul etsin! Janlaryňyz sag, işleriňiz
rowaç bolsun! Ýürekleriňizde besleýän maksat-myratlaryňyza ýetmäge Alla
size kömek etsin! Ähli maşgalaňyz bilen bäş wagt namazy öz wagtynda okap,
Allanyň razylygyny gazananlardan eýlesin! Ärleriň-pirleriň, beýik-öwlüýäleriň
mekany bolan ýurdumyzy Alla Tagala öz penasynda aman saklasyn! Şu zatlary
taýýarlamakda zähmet çeken musulman doganlaryňyz siziň dogalaryňyza
mätäç. Dogada unutmaň! Biziň hakymyza doga ediň! Sebäbi musulmanyň
musulman üçin eden dogasyny Alla Tagala kabul edýändir. «Eý, ýaranlar! Ýat
ediň, haýry-dogada bizni!..»
KITABYŇ SOŇY
26

You might also like