You are on page 1of 1

N. G.

Ýagşymyradowyň “Şekillendiriş sungatyň we binagärligiň sintezi”


[] atly okuw kitabynda dürli döwürleriň binagärlik sungatynyň taryhy hem-de
Fransiýanyň XIX asyrda gülläp ösen neoklassisizm sungatynyň ähmiýeti barada
maglumatlar giňden peýdalanyldy.
Şeýle-de N. G. Ýagşymyradowyň “Çeper tankyt sungatynyň amallary” []
atly okuw kitabynda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlary boýunça şeýle hem,
binagärlik sungaty barada ähli umumy ykrar edilen halkara adalgalary
baýlaşdyrylyp dogry we doly sözlere düşündiriş berilýär.
M. T. Kuzminanyň we N. L. Malsewanyň red. bilen ýazylan “История
зарубежного искусства” [] atly kitapda Fransiýanyň XIX asyrdaky sungaty
barada gürrüň berilýär. Bu edebi gollanmada Fransiýanyň şol döwür sungatyna
degişli gyzykly habarlar getirilip, binagärlik sungaty hakynda hem peýdaly
maglumatlar getirlipdir.
N. A. Dmitriýewanyň “Краткая история искусств” [] atly kitabynda XIX
asyryň Fransiýanyň neoklassisizm döwri hakynda beýan edilýär. Has takyk
aýdanymyzda Fransiýanyň sungatynyň ähli çeperçilik meýilleri giňişleýin
teswirlenýär.
Ý. D. Kolpinskiniň we N. W. Ýaworskaýanyň red. bilen ýazylan
“Всеобщая история искусств” [] atly kitabynda XIX asyryň Günbatar
Ýewropa sungatynyň we şol sanda Fransiýanyň şol döwrüň binagärlik sungaty
barada birnäçe maglumatlar ýerleşdirildi.

You might also like