You are on page 1of 11

MEÝILNAMA

1. Giriş
2. Psihologiýa dersiniň predmeti
3. Psihologiýanyň ösüş taryhy we öwrenýän meseleleri we gurluşy
4. Netije
5. Peýdalanylan edebiýatlar
GIRIŞ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly


ösýän jemgyýetiň talaplarynyň işjeň hötdesinden gelýän, dünýä ül
ňülerine laýyk hünärmenleri taýýarlaýan ylym we bilim merkezleriniň
bitewi ulgamyny esaslandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri
amala aşyrmak, saýlan hünärine wepaly, maksadaokgunly mugallymlary
taýýarlamak maksady bilen täze ýokary okuw mekdeplerini aç
mak, olary täze okuw maksatnamalary, okuw kitaplary, gollanmalary
bilen üpjün etmek barada irginsiz alada edýär. Ol özüniň çykyslarynda,
ýazan işlerinde, gol çekýän resminamalarynda okuwterbiýeçilik
işini kämilleşdirmek, ylymbilim ulgamyny dunýä derejesine ýetirmek
meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurt Baştutanynyň adalatly
belleýşi ýaly, «Türkmenistanda bilim ulgamy – munuň özi ýöne bir
ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu – biziň
çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr.
Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly
baglanyşygydyr»*. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tagallalary bilen
ylmy der ňewleriň ösüşine giň ýol açylyp, ony hemmetaraplaýyn
ýaýbaňlandyrmak döwletiň ösüşiniň esasy ýörelgesine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Eşretli hem bagtyýar durmuşyň
gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr.
Türkmenistanyň milli ylym we bilim ulgamy dünýäniň ylym we bilim
ulgamy bilen sazlaşykly ösýän, asyrlaryň dowamynda atababalarymyzyň
paýhasyna ýugrulan aňdüşünje, ruhyahlak, dünýägaraýyş, pelsepe
gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgä eýedir»
Psihologiýa dersiniň predmeti
Psihologianyň özbaşdak ylym hökmünde ýüze çykyşynyň gözbaşynda
duranlaryň biri Ebbingauz ylmyň bu ugruny uzak geçmişi we gysga taryhy bolan
hasaplasa, G.Gibş we M.Forwerg bu pikiri sosial psihologiýa degişlilikde “Sosial
psihologiýanyň ylym hökmündäki taryhy “sosial psihologik pikirlenmme”
atlandyrylýan hadysanyň taryhyndan has “ýaşdyr” ( 1972, s. 31) görnüşde özgerdip
aýdýarlar. Bu pikir adamyň öz içki dünýäsine akyl ýetirmeklige bolan isleginiň
edil onuň özi ýaly gadymydygyny aňladýar. Her bir takyk ylym beýleki
ylymlardan özüniň predmetiniň aýratynlygy boýunça tapawutlanýar. Meselem,
predmeti adamy öwrenmek bolup durýan anatomiýa bilen fiziologiýa ylymlarynyň
birinjisi onuň organlarynyň gurluşyny maddy-morfologik tarapdan öwrenýänligi
bilen, ikinjisi bolsa bu organlaryň we tutuş organizmiň funksiýasyny öwrenýänligi
bilen biri-birinden tapawutlanýar.
Psihologiýanyň öwrenýän hadysalarynyň özboluşly aýratynlyklaryny
anyklamak belli kynçylyklar bilen baglanyşykly bolup, olara akyl ýetirmek köp
derejede psihologik ylma akyl ýetirmek zerurlygy bilen iş salyşýan adamlaryň
dünýägaraýşyna bagly bolup durýar. Kynçylyk öňi bilen psihologiýanyň öwrenýän
hadysalarynyň özboluşly aýratynlyklarynyň adamzat pähimi tarapyndan
tapawutlandyrylyp görkezilenliginden hem-de durmuşyň beýleki hadysalaryndan
düýpgöter tapawutlanýan aýratyn hadysalar hökmünde bölünip görkezilenliginden
ybaratdyr. Hakykatdan hem hat ýazýan maşinkany biziň kabul edişimiz bilen onuň
hut özi deňeşdirilende olaryň düýpli tapawudyny duýmak bolýar; ýa-da biziň at
çapmaklyga bolan höwesimiz hakykat ýüzünde at çapmaklygymyz bilen
deňeşdirilende düýpden tapawutly zatdyr; täze ýyly ýada salmaklygymyz
hakykatdaky Täze ýylyň garşylanyşyndan başgabaşga zatlardyr we ş.m. Şol
sebäplere görä-de kem-kemden psihiki diýlip atlandyrylýan (psihiki “funksiýalar”,
“häsiýetler”, “prosesler”, “ýagdaýlar” we beýlekiler) hadysalar barada düşünjeler
döräpdir.
Olaryň aýratyn häsiýetini olaryň adamynyň içki dünýäsine degişliliginde, onuň
daşyny gurşap alýan zatlardan tapawutlylygynda görüpdirler. Olary real faktlara,
wakalara garşy goýulýan ruhy durmuş (“psihika” adalgasy grekçeden “psihe” – jan
diýmek) ulgamyna degişli edipdirler. Bu hadysalar “kabul ediş”, “ýat”,
“pikirlenme”, “erk”, “duýgy” we ş.m. atlar esasynda toparlara bölünipdirler.
Olaryň jemine bolsa adamynyň içki dünýäsi, onuň ruhy durmuşy, psihika diýilýär.
Gündelik aragatnaşyklarynda adamlar biri-birlerini synlap, gösgöni bir-
birleriniň özüni alyp barşy bilen iş salyşýan-da bolsalar (hereketler, häsiýetler,
zähmet operasiýalary we beýlekiler), praktiki arabaglanyşygyň zerurlygy olary
özüňi alyp barşyň göze görünmeýän psihiki proseslerini saýgarmaklyga mejbur
edipdir. Özüňi alyp barşyň içki tarapy hökmünde adamyň göz öňünde tutýan
niýeti, motiwleri, reaksiýanyň degişli tarapy hökmünde bolsa adamyň häsiýet
aýratynlygy göz öňünde tutulypdyr. Şonuň üçin-de psihiki prosesler, häsiýetler,
ýagdaýlar entek ylmy seljemäniň predmetine öwrülmänkä, adamlaryň bir-birleri
barada durmuşy psihologik düşünjeleri toplanypdyr. Olar nesilden-nesle geçirilip
dilde, halk döredijiliginiň ýadygärliklerinde, sungat eserlerinde toplanypdyr.
Olar atalar sözlerine, nakyllara giripdir. Meselem, “Eşiden deň bolmaz, gören
göz bilen” (görüş analizatorlarynyň eşidiş analizatorlaryndan artykmaçlygy);
“Endik – ikinji häsiýet” (endige öwrülen gylyklaryň dogabitdi häsiýet derejesine
ýetmegi) we beýleki nakyllar dürli psihologik bilimleriň, düşünjeleriň biziň
döwrümize gelip ýeten görnüşleridir.
Eýsem psihologiýany ylmy taýdan öwrenmekligiň predmeti nämeden ybarat?
Bu ilki bilen hil we san taýdan häsiýetlendirilýän psihiki durmuşyň anyk
faktlarydyr. Meselem, adamyň daşky predmetleri kabul ediş prosesini öwrenende
psihologiýa şeýle bir möhüm fakty mälim etdi: predmetiň gözden aradaşlygyna we
beýleki şertleriň üýtgemekligine garamazdan, onuň obrazy otnositel hemişeligini
saklaýar. Meselem, şu setirler ýazylan sahypa gündizlikde, alagaraňkyda, elektrik
yşygynyň astynda ak reňkde kabul edilýär, emma kagyzyň goýberýän yşygynyň
fiziki häsiýeti dürli yşyklandyrma ýagdaýynda dürli-dürlüdir. Bu ýagdaýda biz
psihologik faktyň hil häsiýetnamasyny görýäris. Psihologik fakty hil
häsiýetnamasyna mysal hökmünde adamynyň özüne edýän daşky täsire
reaksiýasynyň wagtynyň ululygyny görkezmek bolar. (Eger synag edilýän adama
lampanyň edil ýanan pursatynda haýdanhaý knopkany basmak tabşyrylsa, onda bir
adamda reaksiýanyň tizligi 200 millisekund, beýlekide 150, ýagny örän çalt bolup
biler). Eksperimentde reaksiýanyň tizliginiň ululygynda döreýän indiwidual
tapawutlar ylmy derňewde ýüze çykarylýan, synag edilýän adamlary san taýdan
tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän psihologik faktlardyr. Emma ylmy
psihologiýa, näçe gyzykly bolsa-da, diňe psihologik faktlary beýan etmek bilen
çäklenip bilmez. Ylmy derňew faktlary bellemekden olary düşündirmeklige
geçmegi talap edýär. Beýle diýmek bu hadysalaryň kanunlaryny ýüze çykarmaly
diýildigidir. Şonuň üçin-de psihologiýanyň predmeti psihologik faktlar bilen bir
hatarda psihologik kanunlary öwrenmek bolup durýar. Birnäçe psihologik
faktlaryň döreýşi olara degişli şertler bolan ýagdaýynda yzygiderli, ýagny
kanunalaýyk häsiýetde bolýar. Meselem, kabul edişiň otnositel hemişelikdigi
hakyndaky ýokarda getirilen fakt kanunalaýyk häsiýete eýedir, sebäbi şeýle
hemişelik diňe bir reňk kabul edilende däl, eýsem ululyk, forma kabul edilendede
ýüze çykýar. Ýörite derňewleriň görkezişi boýunça kabul edişiň bu häsiýeti
adamda dogabitdi däldir. Ol ýörite kanunlar boýunça ýuwaş-ýuwaşdan döreýär.
Eger-de kabul edişde şeýle hemişelik bolmadyk bolsa adam daşky gurşawda
oriýentir-ugrukma alyp bilmän, onuň predmetlere ýagdaýy (burç, daşlaşma,
gyşarma) sähelçe üýtgäninde dünýäniň obrazy düýpgöter üýtgäp, predmetler
nätakyk kabul edilerdiler. Ýöne psihologik faktlaryň kanunalaýyk
baglanyşyklaryny bilmek öz-özünden olaryň ýüze çykyş mehanizmlerini
aýdyňlaşdyranok. Şoňa görä psihologiýanyň wezipesine psihologik faktlary,
kanunlary öwrenmek bilen bir hatarda psihiki işiň mehanizmlerini ýüze çykarmak
hem girýär. Meselem, predmetiň adamdan daşlaşmagy üýtgände onuň ululygynyň
kabul edişde otnositel hemişeligini üpjün edýän mehanizmleriň biri gözüň torly
bardasyna edilýän täsir bilen gözüň okuny egreldýän we göneldýän muskullarda
döreýän gyjynmanyň arasyndaky özara täsirinden gelip çykýar: predmet
uzaklaşanda onuň torly bardasynyň duýujy öýjüklerindäki proýeksiýasy kiçelse-de,
göz myşsalarynyň gysylmasynyň netijesinde göz öz okunyň üýtgemegi bilen
predmetiň uzaklaşandygyny, emma kiçelmändigini beýnä habar berýär. Mysaldan
görnüşi ýaly, bu mehanizmler belli bir anatomik we fiziologik apparatlaryň işi
boýunça amala aşyrylýar. Şonuň üçin psihologiýa bu mehanizmleriň hereketini
beýleki ylymlar bilen (fiziologiýa, biofizika, biohimiýa, kibernetika we beýlekiler)
bilelikde öwrenýär. Şeýlelikde psihologiýa psihikanyň faktlaryny,
kanunalaýyklaryny we mehanizmlerini öwrenýän ylymdyr.

Psihologiýanyň ösüş taryhy we öwrenýän meseleleri we gurluşy


Gadym wagtlardan bäri jemgyýetçilik durmuşyň talaby adamlary daş
töweregindäkileriň psihiki häsiýetlerindäki aýratynlyklary tapawutlandyrmaklyga
hem-de öz işinde göz öňünde tutmaklyga mejbur edipdir. Ilki-ilkiler bu
aýratynlyklar teniň goşalaýyn hemrasy hasaplanylýan janyň hereketi bilen
düşündirilipdir. Önümçiligiň we medeniýetiň ösmegi bilen daşky predmetlerde we
hadysalarda jan hereket edýär diýen düşünje (şeýle düşünje animizm atlandyrylyp,
latynçadan anima – jan diýmekdir) jan tebigatyň bir bölejigidir we gös-göni onuň
kanunlaryna tabyndyr diýen taglymat bilen gysylyp çykarylýar. Bu taglymaty
gadymy Gresiýada materialist alymlar, esasan hem Geraklit (b.e. öň VI a.) we
Demokrit (b.e.öň V a.) ösdüripdirler. Olaryň pikiriçe jan öz gurluşy boýunça otly
“uçgun” (Geraklit) ýa-da “oduň atomy” (Demokrit) bolup, ol ähli dünýä mahsus
bolan şol bir tebigy sebäplere görä dowam edýär we üýtgeýär. Şeýlelikde, psihiki
durmuş tebigy prosesleriň umumy kanunalaýyk ugruna goşulýar. Psihikanyň
mazmunyna materialistik nukdaýdan düşünmeklik janly organizmiň gurluşyna we
funksiýasyna akyl ýetirmekdäki ilkinji üstünlikleri has-da berkidýär. Biziň
eramyzdan öň VI asyrda gadymy grek lukmany Alkmeon anatomik we medisina
tejribeden ugur alyp, beýniniň psihikanyň organydygyny açýar. Bu açyşy
hemmeler ykrar etmeýär. Alkmeondan soň ýene-de köp asyrlaryň dowamynda köp
alymlar (şol sanda beýik Aristotel hem) psihikanyň organy ýürekdir diýen pikirden
ugur alýarlar. “Medisinanyň atasy” Gippokrat (b.e.öň V asyr) temperament
baradaky taglymaty öňe sürýär. Bu taglymat adamlaryň arasyndaky indiwidual
aýratynlyklary ylmy taýdan düşündirmekde örän möhüm rol oýnaýar. Bu
aýratynlyklar adamynyň beden gurluşyny düzýän dört sany elementiň
(“suwuklygyň”) garyşdyrylmagyndan getirilip çykarylypdyr. Bu düzümde belli bir
elementiň agdyklyk etmegi degişli temperamenti döredýär diýlip çaklanypdyr.
Şeýlelikde, psihika ylmy taýdan düşünmeklikdäki ilkinji üstünlikler onuň fiziki
dünýäniň kanunlaryna tabynlygy hakdaky pikir we onuň ýüze çykyşynyň
organizmiň anatomik hem-de fiziologik gurluşyna baglylygy baradaky açyşlar
bilen baglanyşykly bolupdyr. Şonuň bilen birlikde degişli taglymatyň wekilleriniň
şol döwürdäki bilim derejesi adama mahsus bolan abstrakt logiki pikirlenmäniň,
şahsyýetiň ahlak häsiýetleriniň, adamynyň netijä gelmeginiň we erkiniň güýjüne
bedeni tabyn etmekliginiň we beýlekileriň nähili döreýändiklerini düşündirmäge
mümkinçilik bermändir. Adamyň özüni alyp barşynyň bu alamatlaryny atomlaryň
hereketinden, “suwuklyklaryň” garyşdyrylmagyndan ýa-da beýniniň göze
görünýän gurluşyndan bölüp aýyrmak mümkin bolmandyr. Bu ýagdaý psihikanyň
gurluşyny düşündirmeklige birtaraplaýyn çemeleşmegiň döremegine esas
bolupdyr. Filosoflaryň arasyndan jany materialaýyn däl we ölmez-ýitmez iň
ýokary derejede ösen güýç diýip jar eden Platon (b.e.öň V a.) has saýlanypdyr. Ol
janyň bölumleri diýen düşünjäni girizmek bilen, jany şeýle böleklere bölüpdir: a)
pähim, b) gaýduwsyzlyk, ç) ten islegleri, Platon olary bedeniň dürli bölumlerinde
ýerleşdiripdir (kellede, gursakda, garyn boşlugynda). Platonyň pikiriçe janyň
bölekleri adamlarda gyradeň bölunen däldir, olaryň haýsy-da bolsa bir böleginiň
agdyklyk etmegi adamyň ol ýa-da beýleki sosial toparlara degişliligini kesgitleýär.
Meselem, ýönekeý zähmetkeş adamlar janyň iň pes bölegi ten islegleriň
agdyklyk etmegi bilen tapawutlanýarmyş. Olaryň ykbaly janyň pähimli bölegi
agdyklyk edýän aristokratlara, filosoflara hyzmat etmekden ybaratmyş. Bu ýerde
Platonyň taglymatynyň synpy häsiýeti ýüze çykýar. Onuň ömürlik we üýtgemeýän
mazmunly, tebigatdan daşda durýan, göze ilmeýän, emma has ýokary dünýäni
emele getirýän “ideýalar” baradaky taglymaty öz döwrüne, jemgyýetine uly täsir
edipdir. Janyň pähim bölegi entek bedene girmänkä bu dünýäniň düzüminde
bolýar. Bedene girenden soň ol dogulmazdan ozalky öz görenlerini ýatlap başlaýar.
Şol ýatlamalar näçe aýdyň boldugyça oňa şonça-da hakyky bilim açylýar.
Platon psihologiýada dualizmiň materiýany we ruhy, bedeni we psihikany iki
özbaşdak gapma-garşylykly başlangyç hökmünde düşündirýän taglymaty
esaslandyrypdyr. Platonyň dualizmini onuň okuwçysy Aristotel (b.e.öň VI a.), köp
derejede üstünlikli ýeňip geçip, psihologiýa pikirini tebigy ylmy esasda, biologiýa
we medisina gaýtaryp getirýär. Aristoteliň “Jan hakynda” diýen işi psihologiýanyň
şol döwre çenli ylmyň özbaşdak ugry hökmünde bölünendigine şaýatlyk edýär.
Psihologiýanyň gazanan üstünlikleri adamlarda we haýwanlarda ýüze çykýan
takyk durmuşy häsiýetleri synlamak, ýazmak we seljermek arkaly gazanylypdyr.
Aristotel psihiki işi öwrenmekligiň tejribe, obýektiw usulyny gorapdyr. Aleksandr
Makedonskiniň ýörişleri döwründe tebigaty öwrenijileriň gözüniň öňünde henize
çenli görülmedik haýwanat dünýäsiniň we tebigy şertleriň dürli görnüşleri açylýar.
Bu ýagdaý Aristotele(Makedonskiniň halypasy) janyň ösüşi janly tebigatyň
ösüşine baglylykda geçýär diýen taglymaty döretmäge itergi bolýar. Aristotele
çenli materialistler-de (jany materiýanyň görnüşi hasaplaýanlar), idealistler-de
(jany tenden üzňe, materiýalaýyn däl hasaplaýanlar), jan bilen bedeni aýry-
aýrylykda ýaşap bilýän zat hasaplapdyrlar. Aristotel adamzat pikiriniň taryhynda
ilkinji bolup jan bilen teniň biri-birinden aýrylmazlygy hakyndaky taglymaty öňe
sürýär. “Jan gaharlanýar diýmeklik kimdir biriniň jan tikin-çatyn bilen ýa-da öý
gurmak bilen meşgullanýar diýmegine barabardyr” diýip Aristotel belläpdir. Jan
böleklere bölünip bilmez, ýöne ol işe bolan dürli ukyplarda ýüze çykýar. Şeýle
ukyplara – iýmitlendiriji, syzyjy, hereketlendiriji, pähimli ukyplar degişlidir.
Birinji ukyp ösümliklere, ikinji we üçünji – haýwanlara, dördünji bolsa adama
mahsusdyr. Ösümlik, haýwan we pähimli jandar baradaky taglymat psihika ösüş
düzgüni esasynda seretmäge mümkinçlik döredip, ýokary ukyplar ýönekeý
ukyplardan, olaryň esasynda döreýär diýen netijä gelmäge esas berýär. Adamda
ýaşaýşyň ozalky derejeleri we psihika bardyr. Ilkinji akyl ýetiriş ukyby duýma: ol
“möhüriň suduryny mumuň demirsiz hem, altynzys hem özünde saklap bilşi ýaly”,
kabul edilýän predmetleriň formasyny materiýanyň gatnaşmaklygynda özünde
saklaýar. Duýma öz netijesini gözöňüne getirme görnüşinde saklaýar. Aristotele
çenli filosoflar diňe duýmany 14 we pikirlenmäni tapawutlandyrýardylar. Ol
gözöňüne getirmäni öň duýgy organlaryna täsir eden predmetleriň obrazy
hökmünde açýar we obrazlaryň üç ugur boýunça: meňzeşligi, giňişlikde golaý
ýerleşenligi we gapma-garşylygy boýunça birleşýänligini görkezýär. Şeýlelik bilen
psihiki hadysalaryň assosiasiýalarynyň (baglanyşyklarynyň) esasy görnüşleri
görkezilýär. Organizmiň tebigatdan alan mümkinçiliklerini diňe öz hususy işjeňligi
esasynda amala aşyrýanlygyndan ugur alyp, Aristotel gylygyň real iş prosesinde
kemala gelýändigi baradaky taglymaty öňe sürýär. Adam özünde adalatlylygy,
parasatlylygy gylyk hökmünde diňe adalatly, parasatly hereketleri dyngysyz ýerine
ýetirmek bilen döredip biler.
Geraklitiň, Demokritiň, Platonyň, Aristoteliň taglymatlary psihologiki
ideýalaryň soňky döwürlerde ösmeginiň esasy çeşmesi boldy. Kem-kemden jan
düşünjesi ýaşaýşyň ähli görnüşine (ösümlikler, biologiki prosesler) däl-de, diňe
biziň häzirki psihika diýip atlandyrýan görnüşimize degişlilikde ulanylyp
başlanypdyr. Psihika kategoriýasynyň içinde aň-düşünjesi döreýär. Adam diňe
kabul edişi, pikiri döretmäge ukyply bolman, eýsem olaryň özüne degişlidigini-de
duýýar, ol diňe bir erkli hereketleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, ol hereketleriň
özünden döreýändigini-de bilýär. Bir wagtda bitewilikde seredilen jan düşünjesiniň
böleklere bölünmesi, bir tarapdan, jemgyýetçilik islegleriniň täsiri boýunça, başga
bir tarapdan bolsa organizmiň gurluşyny, funksiýasyny tejribe arkaly
öwrenmekligiň progresiniň täsiri arkaly bolup geçýär. B.e.öň III a. Aleksandriýaly
lukmanlar Gerofil we Erazistrat myşsalary baglanyşdyryjy syzylardan
(saçuzynlardan) tapawutlylykda nerwleri açýarlar. Olar yzygiderlilikde psihiki
funksiýalaryň (duýmanyň, hereketiň) gyjyndyryjy we beýniniň degişli zolagyna
baglylykda döredýändigini aýan edýärler. Derňewleriň netijesinde psihikanyň tutuş
beden bilen däl-de onuň dürli organlary (beýni, nerw) bilen baglanyşyklylygy
anyklanýar. Şeýlelikde, bir tarapdan, janyň ýaşaýşyň ähli görnüşiniň başlangyjy
bolup durýan formasy we başga bir tarapdan bolsa, duýmanyň hem-de hereketiň
(nerwler bilen baglanyşyklykda) guramaçylyk başlangyjy bolup durýan formasy
esaslandyrylypdyr.
Biziň eramyzdan öň II asyrda Rim lukmany Galen fiziologiýanyň we
medisinanyň gazananlaryny jemläp psihikanyň fiziologik esaslary baradaky
düşünjäni çuňlaşdyrýar we aň baradaky düşünjä golaýlaşýar. Ol üns, ýat, pikir
ýöretme bilen utgaşykly hereketlerden adamyň uky wagtynda edýän hereketlerini
tapawutlandyrýar. Hereketleriň ikisi-de jan tarapyndan edara edilýär, ýöne
birinjide goşmaça faktorlar gatnaşýar. Aň baradaky ýaňy dörän düşünjäni
filosofiýanyň idealistic ugry işjeň ulanýar. Şol wagtlar gullaryň rewolýusiýasy we
raýatlyk urşy Rim imperiýasyny sarsdyran döwri idealistik filosofiýa din we
mistika bilen arabaglanşykda has gülläp ösýär. Ilki Plotin (b.e.öň III asyr), soňra
bolsa Awgustin (b.e.öň IV-V asyrlar) aň-düşünjesine gös-göni idealistik häsiýet
berýärler. Ähli bilimler janda ilkibaşdan berlen hasaplanyp, onuň öz-özüňi aňlap
bilmek ukyby, öz işiniň we onuň göze ilmeýän netijelerine aýdyň göz ýetirip bilşi
nygtalýar. Janyň öz- özüni aňlap bilmekligi daşky duýgy organlarynyň döredýän
tejribesinden düýpgöter tapawutly içki tejribe hasaplanylýar. Soň- soňlar bu
nukdaýnazar introspeksionizm (latynçadan introspectio – iç ýüzüne seretmek)
adyny alýar.
Netije
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýewi hem
demokratik ugur bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyň
ýoluna düşdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öwredilýän
daşary ýurt dilleri we edebiýaty dünýäniň ösen döwletleri bilen edebi
gatnaşyklary ösdürmekde ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda uly
ähmiýete eýedir.
Talyp ýaşlary Watana wepaly kämil nesil hökümde ösdürip ýetişdirmek,
olary diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň islendik derejede ösen ýurdunda özüni
erkin, bagtyýar, ynamly, ýokary medeniýatli alyp barmagy başarýan
ugurtapyjy, ylymly, bilimli adamlar edip ýetişdirmek derwaýys wezipeleriň
biridir. Bu babatda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan, meşhur
akyldarlaryň edebi mirasyndan peýdalanmak has-da zerur.
EDEBIÝAT
1. Андреева Г.М. Социальная психология. М., 2001.
2. Басаров Б. Вопросы психологии характера. Ашхабад, 1977.
3. Басаров Б. Проблемы психологии устойчивости личности.
Ашхабад,1981.
4. Басов М.Я. Меотдика психологических наблюдений над детьми.
Л., 1925.
5. Балонов Л.Я. Последовательные образы. Л., 1971.
6. Беркинблит М., Петровский А.В. Фантазия и реальность. М.,
1968.
7. Божович Л.И. Личность и ее формирование в детском возрасте.
М., 1968ѐ
8. Блонский П.П. Избр. психол.произв. М., 1964.
9. Брунер Дж. Психология познания. М., 1977.
10. Брушлинский А.В. Психология мышления и кибернетика. М.,
1970.
11. Валлон А. От действия к мысли. М., 1956.
12. Возрастная и педагогическая психология. Под ред.
А.В.Петровского. М.,1972.
13. Выготский Л.С. Собр. соч. в 6 –ти томах. М., 1982-1984.
14. Войтонис Н.Ю. Предыстория интеллекта. М. – Л., 1949.
15. Гальперин П.Я., Кабыльницкая С.Л. Экспериментальное
формирование внимания. МГУ, 1974.
16. Гибш Х., Форверг М. Введение в марксистскую социальную
психологию. М., 1972.
17. Грегори Р.Л. Разумнай глаз. М., 1972.
18. Дарвин Ч. Происхождение видов путем естественного отбора.
М., 1952.
19. Запорожец А.В. и др. Восприятие и действие. М., 1967.

You might also like