You are on page 1of 7

Psihika hakynda düşünje

Psihika hakynda düşünje


Psihika beýniniň funksiýasydyr. Organizmiň psihiki işi köp sanly ýörite beden mehanizmleriniň üsti bilen alnyp barylýar. Olaryň biri täsirleri
kabul edýär, beýlekileri ol täsirleri signallara öwürýär, özüňi alyp barşyň meýilnamasyny düzýär, oňa gözegçilik edýär, üçünjisi özüňi alyp barşa
energiýa we okgunlylyk berýär, dördünjisi myşsalary herekete getirýär. Psihikanyň bu möhüm işleri daşky gurşawda işjeň ugur almagy,
durmuşy meseleleri çözmegi üpjün edýär. Organiki dünýäniň uzak ewolýusiýasynyň dowamynda biröýjükli amýobadan adama çenli özüňi alyp
barşyň fiziologik mehanizmleri üznüksiz çylşyrymlaşmagyň, differensirlenmegiň netijesinde has çeýe, operatiw häsiýete eýe bolupdyr.
Bir öýjükli organizmleriň, meselem, amýobanyň iýmiti kabul etmek, ony agtarmak, özleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen hiç hili organlary
ýokdur. Şol bir öýjük hem duýujy, hem hereket we iýmit bişiriji organdyr. Şonuň üçin-de amýobanyn ýaşaýyş mümkinçilikleri – iýmit tapmak,
howpdan goranmak ukyplary örän çäklidir. Ýokary derejede ösen haýwanlaryň ýöriteleşdirilen organlary olara ýokary çaltlykda we takyklykda
iýmiti saýgarmaga, howply täsirleri aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik signallary kabul etmeklige ýöriteleşdirilen öýjükleriň
döremegi bilen ýüze çykýar. Bu öýjükler reseptorlary (latynçadan “kabul ediji” ýagny, daşky gurşawyň täsirini kabul edýän apparat) emele
getirýär. Beýleki öýjükler myşsalaryň işini, dürli mäzleriň sekresiýalaryny amala aşyrmaklygy öz üstüne alýar. Bular 27 effektorlardyr. Eger
ýöriteleşmek prosesi organ bilen onuň funksiýasyny bölýän bolsa, durmuş öz gezeginde olaryň arasynda üznüksiz baglanyşygy, hereketleriň
daşky predmetlerden we organizmiň özünden gelýän signallaryň akymy bilen sazlaşykly bolmagyny talap edýär. Bu sazlaşyk bitewi bir
ýagdaýda işleýän esasy “dolandyryş pultunyň” – merkezi nerw ulgamynyň hasabyna gazanylýar. Nerw ulgamynyň umumy gurluş nusgasy ähli
oňurgalylarda birmeňzeşdir. Onuň esasy elementleri nerw öýjükleri ýa-da neýronlar bolup, olar oýanmalary geçiriji funksiýany ýerine
ýetirýärler. Neýron öýjügiň beden böleginden, onuň şahalara bölünýän, oýanmany kabul ediji dokumalaryndan – dendritlerden we oýanmany
beýleki neýronlara geçiriji aksondan – dokumadan durýar. Aksonyň dendritler hem-de beýleki neýronlaryň öýjüginiň bedeni bilen galtaşýan
nokadyna sinaps diýilýär. Bu ýerde neýronlaryň arasynda funksional baglanyşyk amala aşyrylýar.
Nerw ulgamynda täze baglanyşyklary döretmekligiň mehanizmini düşündirmekde sinapslara uly ähmiýet
berilýär. Bu baglanyşyklaryň döremeginde sinapslarda bolup geçýän üýtgeşmeler (himiki ýa-da gurluş
boýunça) mynasybetli oýanmalaryň impulslarynyň belli bir ugurlara saýlanylyp geçirilmegi üpjün edilýär.
Sinaps oýanmanyň ýeňip geçmeli barýeri - päsgelçiligi bolup durýar. Barýerleriň käbiri ýeňil, beýlekileri
bolsa ýeňip geçmek üçin has kynçylykly bolup, kähalatlarda olaryň belli birini saýlap almak zerurlygy
döreýär. Neýronlaryň bir bölegi oýanmany reseptorlardan merkezi nerw ulgamyna geçirse, beýlekisi –
ondan effektorlara geçirýär. Olaryň köp bölegi kelle beýnisi bilen oňurga beýnisinden durýan merkezi
nerw ulgamynyň özüniň aýry-aýry punktlarynyň arasynda baglanyşyklary döretmegi amala aşyrýarlar.
Kelle beýnisiniň ýokary bölegini uly ýarym şarlar düzüp, olar alty gatlakly neýronlaryň massasyndan (10
milliarda golaý) durýan beýniniň gabygyny emele getirýär. Gabyk psihiki işiň örän möhüm (ýöne ýeke-täk
däl) organydyr. Ýarym şarlaryň aşagynda, ýeňse bölüminde funksiýasy entek doly anyklanmadyk beýnijik
ýerleşýär. Ol myşsalaryň hereketini koordinirlemekde esasy rol oýnaýar. Uly ýarym şarlarda beýni sütüni
direlip, onuň ýokary bölegini düzýän 28 talamus oňurga beýniden uly ýarym şarlara geçýän nerw
ýollarynyň “aralyk stansiýasy” bolup hyzmat edýär. Onuň aşaky bölegindäki gipotalamus suw
çalyşmasyny, iýmite bolan islegi we organizmiň eýleki funksiýalaryny edara edýän merkezlerden durýar.
Nerw ulgamynyň gurluşy we psihika

Merkezi nerw ulgamynyň agzalan bölümleri örän çylşyrymly gurluşa eýe bolup, ol anatomiýa we gistologiýa tarapyndan
öwrenilýär. Häzirkizaman ylmy düşünjelere görä oňurga beýnisi we beýni sütüni refleksleriň dogabitdi (şertsiz refleksler)
görnüşlerini amala aşyryp, uly ýarym şarlaryň gabygy bolsa özüňi alyp barşyň psihika tarapyndan dolandyrylýan ýaşaýyş
prosesinde döreýän görnüşleriniň organydyr. Her bir duýujy bedenüsti (deri, gözüň torly bardasy we beýlekiler) we her bir
hereket organy beýnide özüniň hususy wekilçiligini döredýär. Funksiýa taýdan ýöriteleşmek diňe bir reseptorlara hem-de
effektorlara mahsus bolman, eýsem özünde organizmiň periferiýasynda – aýakujy bölümlerinde bolup geçýän prosesleriň
proýeksiýasyny döredýän beýni öýjüklerine-de häsiýetlidir. Munuň şeýledigini häzirkizaman hirurgiýa tehnikasy esasynda,
beýni gabygyny oňa inçe elektrodlar ýerleşdirmek arkaly gyjyndyrmak usullary esasynda anyklanandyr. Şeýle tejribeleriň
köpüsi haýwanlarda geçirilendir. Adamlar barasynda aýdylanda bolsa sagdyn, beýnisinde hiç hili şikest bolmadyk ýagdaýynda
olarda hirurgik eksperimentler geçirilmeýär. Diňe käbir operasiýalarda neýrohirurglar beýnini elektrodlar arkaly barlaýarlar.
Beýnide agyry nokatlarynyň ýoklugy sebäpli näsag şeýle derňewlerde hiç hili agyry duýmaýar. Şol bir wagtyň özünde, ol öz
aňynda bolýany üçin, lukmanlara gyjyndyrma netijesinde özüniň duýýan zatlaryny habar berip bilýär. Şeýle usulyň üsti bilen
beýniniň aýry-aýry uçastoklary gyjyndyrylanda olaryň biriniň myşsalaryň düýrülmegini döredýänligi anyklanýar. Bu tejribeler
duýuş we hereket nerwleriň “ahyrky stansiýalarynyň” belli bir tertipde ýerleşýändigini, organizmiň dürli bölümleriniň
beýnide birmeňzeş wekilçiliginiň ýoklugyny anyklady. Uly ýarym şarlaryň gabygynyň köp bölegini, eliň işini, aýratynam onuň
başam barmagyny (bu barmak diňe adamda beýleki barmaklara garşy durýar) dolandyrýan öýjükler hem-de sözleýiş
organlarynyň myşsalarynyň (dil, dodak) funksiýasy bilen baglanyşykly öýjükler tutýar. Şeýlelikde, uly ýarym şarlaryň
gabygynda zähmetde we sözleşmekde esasy funksiýany alyp barýan hereket organlary giň orun tutýar.
Uly ýarym şarlaryň işleýşiniň umumy kanunlary I.P.Pawlow tarapyndan açylandyr. Pawlowyň tejribeleriniň
klassyky nusgasynda itlerde dürli signallara şertli refleksler döredilip, bu signallar itlerde edil gös-göni ähmiýeti
bolan gyjyndyryjylar (meselem, iýmit) täsir edilendäki ýaly fiziologik reaksiýa (meselem, sülekeý bölünmegi) ýüze
çykarýar. I.P.Pawlowyň taglymaty diňe bu nusga bilen çäklenmeýär. Laboratoriýadan daşda, real durmuşda
haýwan haçan agzyna iýmit düşerine garaşyp durman, ony agtarýar, oňa tarap hereket edip, onuň netijeliligini
barlaýar, gurşawda işjeň oriýentirlenýär.
Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynda alnyp barylýan derňewler ýokary nerw ulgamynyň işiniň umumy
kanunlarynyň haýwanlaryň işjeň özüni alyp barşynda ýüze çykýanlygyny subut edýär. Meselem, eger kepderi çala
basanyňda iýmli guty açylýan knopkaly eksperimental ýaşige ýerleşdirilse, ol birnäçe wagtdan bu ýumuşy çözýär.
Knopka oňa şertli gyjyndyryjy bolup, çüňküň bu signala bolan reaksiýasy edil I.P.Pawlowyň tejribesindäki aç itiň
jaň sesine ýa-da yşyga sülekeý mäzleriniň reaksiýasy ýaly zerurlykda amala aşyrylýar.
Psihiki işiň fiziologik mehanizmleri hakyndaky taglymat beýni sütüniniň funksiýalaryny beýniniň nerw
dokumasyna mikroelektrodlary girizmek arkaly gös-göni gyjyndyrmak boýunça gazanylan netijeleriň hasabyna
täze düşündiriş bilen baýlaşdy. Beýni sütüniniň birnäçe bölümleriniň beýniniň ýokarda ýerleşýän bölümlerine
energiýa çeşmesi bolup durýanlygy anyklandy. Beýni sütünini elektrik arkaly gyjyndyrmak bilen bir hatarda onda
öz-özünden, eksperimentatoryň gatnaşmazlygynda ýüze çykýan toklary ýazyp almak usuly-da ulanylýar. Bu
tejribeler beýniniň elektrik işjeňliginiň birmeňzeş däldigini ýüze çykardy. Biotoklaryň ýazgysynyň häsiýeti boýunça
adamynyň psihiki ýagdaýynyň üýtgeýşini bilip bolýar. Beýnide döreýän tolkunlar dürli çaltlykdaky (ugurdaky)
elektromagnit yrgyldylarydyr. Olaryň has asudalary adamynyň dynç alýan pursaty, gözleriniň ýumuk, ünsüniň
gowşan mahalynda ýüze çykýar. Emma şeýle ýagdaýda bolýan adama haýsyda bolsa bir ýumuş (meselem,
arifmetik mysallary işlemek) tabşyrylsa, onuň biotoklaryny görkeziji tolkunlar üýtgeýär, ýazgyda has çalt
tolkunlaryň yzy döreýär.
Beýniniň işinde psihiki we nerw psihologiki
hadysalar. Psihika we informasiýalar
Beýnide döreýän elektrik toklaryny güýçlendirijileriň kömegi arkaly elektroensefalogramma görnüşinde ýazmak
mümkinçiliginiň açylmagy fiziologlar, lukmanlar bilen bir hatarda psihologlar üçin hem uly ähmiýete eýe boldy.
Elektroensefalogramma beýniniň işjeňliginiň üýtgeýşini yzarlamaga, bu üýtgeşmeleri adamynyň psihiki prosesleriniň
üýtgeýşi bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. Biotoklaryň ýazgysy beýniniň işiniň mazmunyny däl-de, diňe onuň
umumy biofizik we biohimik işjeňligini görkezýän-de bolsa, bu derňewler örän möhümdir. Olar geljekde ylma beýni we
psihika barada kän gyzykly faktlar bererler. Şoňa görä-de beýniniň biotoklarynyň adamynyň işiniň dürli görnüşlerinde, şol
sanda kosmos uçuşy ýaly has çylşyrymly şertlerde has ymykly öwrenilmegi tötänden däldir. Kosmonawtyň beýnisiniň
biotoklarynyň ýazgysy onuň merkezi nerw ulgamynda bolup geçýän üýtgeşmeleriň görkezijisi bolup hyzmat edýär.
Biotoklaryň ýazgysynyň häsiýeti boýunça adamynyň oýalygyny, ukudalygyny, onuň aňynyň işjeňlik derejesini bilip bolýar.
Adamynyň psihiki prosesleriniň beýni mehanizmi köp derejede haýwanlaryň psihikasynyň mehanizmi bilen meňzeşdir.
Nerw ulgamynyň umumy gurluşy we işleýşi ähli süýdemdirijilerde bir hilidir. Şonuň üçin-de haýwanlaryň beýnisini
öwrenmek diňe fiziologiýada däl, psihologiýada hem örän ähmiýetlidir. Başga bir tarapdan adamynyň we haýwanyň psihiki
işiniň aratapawudy diňe san taýdan bolman, eýsem hil babatdadyr. Bu tapawut tebigy ýol bilen adamynyň organizminiň
ähli gurluşyny we funksiýasyny üýtgeden kuwwatly maddy faktor – zähmetiň esasynda döräpdir. Şonuň bilen birlikde
psihikanyň organy – beýni-de kämilleşipdir. Onuň haýwanlaryň beýnisinden tapawudy ýokary akyl ýetiriş prosesleri,
esasanam pikirlenme öwrenilende has-da aýdyň ýüze çykýar. Bu prosesler duýma we kabul ediş ýaly beýniniň belli bir
uçastogynda ýerleşmeýärler. Eger adamynyň beýnisiniň gabygynyň ýeňse bölümi zaýalansa, onda görüş duýmalarynyň ýok
boljakdygy ikuçsuzdyr
Beýniniň ýokary akyl ýetiriş prosesleri bilen baglanyşykly uçastoklaryna zeper ýetirilmesi başga häsiýetde
bolýar. Bu ýagdaýda zeper ýetirilen uçastogyň funksiýasyny başga bir bölüm öz üstüne alýar. Akyl we
sözleýiş prosesleriniň işini alyp barýan nerw dokumalaryna ýokary çeýelik, funksiýalaryna özara
çalyşmaklyk mahsusdyr. Adamynyň psihiki durmuşynda uly ýarym şarlaryň gabygynyň üstüniň 30%
meýdanyny tutýan maňlaý bölegine esasy rol degişlidir. Maňlaý bölümleriniň zaýalanmagy (kesel,
ýaralanmak we ş.m.) özüňi alyp barşyň ýönekeý görnüşlerinde däl-de, onuň has ýokary çylşyrymly
görnüşlerinde duýulýar. Beýni gabygynyň maňlaý bölümleri zaýalanan näsaglar görüşe, sözleýşe, ýazuw
işine bolan ukyplary saklasalar-da, arifmetiki mysallary işlänlerinde mysallaryň şertlerini analizlemäge
ukypsyz bolýarlar. Mysal çözmekligiň meýilnamasy düzülende, olar ahyrky maksady göz öňünde tutup
bilmeýärler. Alnan netijäni başlangyç şertler bilen deňeşdirip bilmeýärler, öz ýalňyşlaryny duýmaýarlar we
ş.m. Köp sanly kliniki synaglaryň şaýatlyk etmegine görä, beýniniň maňlaý bölümleriniň zaýalanmagy akyl
ukyplarynyň peselmegi bilen bir hatarda adamynyň şahsyýet ulgamynda, onuň gylygynda düýpli
üýtgeşmelere getirýär. Kesellemezden öň salyhatly adamlar gödeklik, gaharjaňlyk, özüňi saklap bilmezlik
ýaly häsiýetlere eýe bolýarlar. Ýokary derejede ösen haýwanlaryň we adamynyň psihikasy kelle beýniniň
işiniň önümidir. Ýöne psihikanyň mazmunyny beýniniň özi döredenok. Onuň çeşmesi janly-jandarlaryň
özara täsiri amala aşyrylýan daşky dünýädir. Haýwanlardan tapawutlylykda adam beýnisi üçin daşky dünýä
biologiki gurşaw bolman, jemgyýetçilik taryhynyň ösüş ýolunda adamlar tarapyndan döredilen
predmetleriň we hadysalaryň dünýäsidir.
lkinji ädimlerden başlap her bir adamynyň psihikasynyň ösüş çeşmesi taryhyň jümmüşinden gaýdan
medeniýet bolup durýar.

You might also like