You are on page 1of 10

MEÝILNAMA

1. Giriş
2. Häzirkizaman psihologiýasy we onuň ylymlar ulgamyndaky orny
3. Häzirki zaman psihologiýasynyň düzgünleri we gurluşy
4. Netije
5. Peýdalanylan edbeiýatlar
GIRIŞ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly


ösýän jemgyýetiň talaplarynyň işjeň hötdesinden gelýän, dünýä ül
ňülerine laýyk hünärmenleri taýýarlaýan ylym we bilim merkezleriniň
bitewi ulgamyny esaslandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri
amala aşyrmak, saýlan hünärine wepaly, maksadaokgunly mugallymlary
taýýarlamak maksady bilen täze ýokary okuw mekdeplerini aç
mak, olary täze okuw maksatnamalary, okuw kitaplary, gollanmalary
bilen üpjün etmek barada irginsiz alada edýär. Ol özüniň çykyslarynda,
ýazan işlerinde, gol çekýän resminamalarynda okuwterbiýeçilik
işini kämilleşdirmek, ylymbilim ulgamyny dunýä derejesine ýetirmek
meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurt Baştutanynyň adalatly
belleýşi ýaly, «Türkmenistanda bilim ulgamy – munuň özi ýöne bir
ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu – biziň
çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr.
Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly
baglanyşygydyr»*. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tagallalary bilen
ylmy der ňewleriň ösüşine giň ýol açylyp, ony hemmetaraplaýyn
ýaýbaňlandyrmak döwletiň ösüşiniň esasy ýörelgesine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Eşretli hem bagtyýar durmuşyň
gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr.
Türkmenistanyň milli ylym we bilim ulgamy dünýäniň ylym we bilim
ulgamy bilen sazlaşykly ösýän, asyrlaryň dowamynda atababalarymyzyň
paýhasyna ýugrulan aňdüşünje, ruhyahlak, dünýägaraýyş, pelsepe
gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgä eýedir»
Häzirkizaman psihologiýasy we onuň ylymlar ulgamyndaky orny
XX asyrda psihologiýa öz wajyp meselelerini ylmy esasda
çözmekligi işläp düzmäge girişýär. Häzirki döwürde psihologiýanyň
öz aýratyn predmeti, özboluşly wezipeleri we olary ýörite öwreniş usuly bardyr:
oňa ýörite edaralar (institutlar, laboratoriýalar, psiholog
hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleri), žurnallar we
ýöriteleşdirilen neşirýatlar degişlidir. Halkara psihologik maslahatlar
yzygiderli çagyrylýar, psihologlar ylmy assosiasiýalara we
jemgyýetlere birleşýärler. Psihologiýanyň adam hakyndaky
ylymlaryň iň bir möhümleriniň biridigine häzirki döwürde hemme
ýerde düşünilýär.
XX asyrda psihologiýanyň filosofiki dünýägaraýyş jähtiniň aýdyňlaşdyrylmak
prosesi bolup geçýär. Psihologiýa ähli beýleki ylymlardan tapawutlylykda
filosofiýa
bilen has ýakyn arabaglanyşykda bolýan ylymdyr.. Häzirki zaman
ylmy psihologiýanyň esasynda ylmy filosofik düşünjeler, psihika
obýektiw reallygy şöhlelendiriji beýniniň funksiýasy hökmünde
garamaklyk esasy ýörelgeleriň biridir. Filosofiýa we onuň düzüm
bölegi bolan akyl ýetiriş taglymaty - gneseologiýa psihikanyň daşky
dünýä nähili gatnaşykda durýanlygy baradaky meseläni çözmek
bilen, ony daşky dünýäniň şöhlelendirilmesi görnüşinde düşündirýär.
Psihologiýa ylmy psihikanyň adamyň işindäki we ösüşindäki roluny
aýdyňlaşdyrmak bilen, bu maksady amala aşyrmak üçin psihiki
prosesleri häsiýetlendirýän ylmy hadysalary öwrenýär we olara
çuňňur analiz berýär. Häzirki zaman psihologik akymlarynyň, ugurlarynyň
ylmylyk
derejesi olaryň nähili derejede öz predmetini we takyk derňew usullaryny
dialektiki nukdaýdan esaslandyryp bilmekligi bilen
kesgitlenýär. Eýsem, bu babatda häzirkizaman psihologiýasy nähili
ýagdaýdadyr? Häzirkizaman psihologiýasynda, bir tarapdan, pikiriň,
ideýanyň işjeňligine, özgerdiji güýjüne aşa baha berýän idealistik
dünýägaraýyş bilen aýrylmaz ýagdaýda durýan psihologik akymlar,
başga bir tarapdan, akyl ýetiriş prosesinde maddy mazmun tarapa
aýgytlaýjy ähmiýet berýän materialistik häsiýetdäki psihologiýa bardyr.
Psihologiýanyň özbaşdak ylma öwrülmegine onuň tebigaty öwreniş ylmy bilen
dörän berkarabaglanyşygy uly ýardam edýär. Bu arabaglanyşygyň başlangyjy XIX
asyryň ikinji ýarymynda psihologiýa eksperiment usulynyň ornaşdyrylmagy
(G.Fehner) bilen, aýratyn hem 1863- nji ýylda I.M.Seçenowyň “Kelle beýniniň
refleksleri” kitabynyň peýda bolmagy bilen goýulýar. Bu kitapda edil beýleki
tebigy hadysalar we adam organizminiň ähli beýleki funksiýalary ýaly psihiki
hadysalar-da sebäpsiz döremän, nerw ulgamynyň reflektor şöhlelendirmesiniň
netijesidir diýlip düşündirilýär. I.M.Seçenowyň reflektor taglymaty I.P.Pawlowyň
şertli refleksler baradaky işlerinde, Pawlowyň okuwçylary P.K.Anohiniň, şeýle
hem A.A.Uhtomskiniň, N.A.Bernşeteýniň, daşary ýurt fiziologlary, psihologlary
H.Gelmgolsyň M.Şerringtonyň, K.Hallyň we beýlekileriň işlerinde ösdürilip,
psihologiýa ylmynyň tebigy-ylmy esasyny döredýär. Häzirki döwürde psihologiýa
ylmynyň bu tebigy-ylmy esaslandyrylyşy beýniniň işiniň neýro-fiziologik
mehanizmlerini watan we daşary ýurt alymlary tarapyndan çuňňur öwrenmekligiň
hasabyna has-da güýçlenýär. Şeýlelikde, psihiki işiň çylşyrymly fiziologik
mehanizmleriniň ulgamyny öwrenmekdäki üstünlikler psihologiýanyň öňdebaryjy
tebigaty öwreniş bilen arabaglanyşygynyň anyk netijesi bolupdyr. Häzirkizaman
psihologiýasynyň esasy meselelerini işläp düzmeklige beýik tebigaty öwreniji
Ç.Darwiniň ewolýusion ideýalary has uly täsir etdi. Bu ideýalar psihikanyň janly-
jandarlaryň daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerine üýgunlaşmak prosesindäki roluny
aýdyňlaşdyrmak bilen, psihiki işiň ýokary ösen görnüşleriniň onuň pes, has
ýönekeý görnüşlerinden gelip çykýanlygyna düşünmäge mümkinçilik berdi.
Darwine haýwanlaryň ewolýusion ösüş ideýasyny olaryň instinktiw özüni alyp
barşynyň gelip çykyşyny düşündirmeklikde ulanmak başardýar. Ol bedeniň we
onuň aýry-aýry organlarynyň biologik ösüş prosesinde üýtgemegine sebäp bolýan
esasy şertleriň (has takygy tebigy seçginiň) filogenezde psihiki ösüşiň
hereketlendiriji güýji bolup durýanlygyny görkezýär. Darwiniň haýwanlaryň
psihologiýasynyň ewolýusiýasy baradaky ideýalary köp alymlaryň, aýratyn hem
A.N.Sewersowyň we W.A.Wagneriň iş lerinde ösdürilýär. Bu bolsa haýwanlaryň
psihikasynyň dürli
görnüşlerine olaryň gelip çykyşy boýunça seretmeklige mümkinçilik berdi.
A.N.Sewersowyň görkezişi boýunça haýwanlaryň gurluşynyň
üýtgemesizliginde olaryň özüni alyp barşynyň üýtgemekligi bilen
ýüze çykýan ewolýusion uýgunlaşma biri-birinden aýrylýan iki ugur boýunça
gidýär we haýwanat dünýäsiniň iki tipinde özüniň iň ýokary
ösüşini tapýar. Bogunaýaklylarda özüňi alyp barşyň (instinktleriň) nesil bolup
üýtgemekligi progressiw ewolýusion häsiýetde bolup, olaryň iň ýokary wekilleri –
mör-möjeklerde durmuş keşbiniň her bir detalyna deňi-taýy bolmadyk çylşyrymly
we kämil uýgunlaşan instinktiw hereketler döreýär. Ỳöne instinktiw işiň bu
çylşyrymly we kämil apparaty şol bir wagtyň özünde örän durgundyr: çalt
üýtgeşmelere jandar uýgunlaşyp bilmeýär. Hordalylarda ewolýusiýa başga bir ýol
bilen ösüpdir: instinktiw hereket gaty ýokary ösmän, oňa derek özüňi alyp barşy
indiwidual üýtgetmeler arkaly uýgunlaşdyrmak has progressiw ösüp, organizmiň
çeýeligini ýokary derejede artdyrypdyr. Nesle geçijilik boýunça uýgunlaşmaklygyň
üsti özüňi alyp barşy indiwidual üýtgetmek ukyby bilen ýetirilipdir.
Şeýlelikde, ewolýusion taglymat, bir tarapdan, özüňi alyp barşyň nesil boýunça
programmirlenen instinktiw görnüşiniň gelip
çykyşyny, ikinjiden bolsa ýaşaýyş prosesinde gazanylýan,
çylşyrymly şertli refleksleriň döremegi esasynda ýüze çykýan
görnüşini düşündirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman psihologiýasynyň düzgünleri we gurluşy
Ỳokarda görkezilişi ýaly, psihiki hadysalara düşünmeklik we olara çemeleşmek
köp derejede alymlaryň dünýägaraýşyna, filosofiki ugrukmasyna baglydyr.
Häzirkizaman psihologiýasy psihiki durmuşyň mazmunyna we häsiýetine akyl
ýetirmekde watan psihologiýasynyň we daşary ýurt psihologiýasynyň baý
tejribesine daýanýar.
Taryhyň soňky 60-70 ýylky ösüşinde belli bir
üýtgeşmelere sezewar bolan-da bolsa, eýýäm XX asyryň başlarynda häzirkizaman
günbatar psihologiýasynyň mazmunyny kesgitleýän esasy
akymlary döräpdi. Olara ilki bilen bihewiorizm we freýdizm degişlidir.
Bihewiorizm (behavoriour – özüňi alyp baryş diýen sözden)
psihologiýanyň ilki ABŞ-da haýwanlarynyň özüni alyp barşyny
synlamaklygyň (D.Uotson, E.Torndaýk we beýlekiler) netijesinde
dörän ugrudyr. Bihewiorizmiň esasynda psihikany, aňy öwrenmekde
adamyň içki dünýäsini düzýän subýektiw hadysalara ýüzlenmek
hökman däldir; bu maksat üçin adamyň daşky özüni alyp barşyny
synlamak ýeterlikdir diýen garaýyş durýar. Psihologiýanyň predmeti
diňe özüňi alyp baryş hasap edilip, ylym hökmünde özüňi alyp
barşyň we gurşawyyň arabaglanyşyk kanunalaýyklygyny öwrenmek
ilkinji orunda goýulýar. Bihewioristiň pikiriçe psihologiýanyň
wezipesi duýgy organlaryna täsir edýän stimuly (S) ýagny
gyjyndyryjyny bilmekligiň esasynda (söz gatmak, ok atylmagy, surat
we ş.m.) oňa nähili jogap reaksiýa (R) boljakdygyny öňünden
kesgitlemekden ýa-da reaksiýany bilip, ony haýsy stimulyň
döredendigini kesgitlemekden ybaratdyr. Klassyky bihewiorizmiň formulasy: S –
R. Özüniň derňewini esasan daşky özüňi alyp barşy
öwenmekde çugdamlaýan bu taglymatyň esasynda adamyň işini
höweslendirmegiň wagt, stimul şertlerine laýyklyda režimini
esaslandyrmak, dolandyryşyň netijeli usullaryny işläp düzmek
boýunça köp sanly amaly ornaşdyrmalar gazanylandyr.
Freýdizm (Wenaly psihiatr we psiholog Z.Freýdiň ady
boýunça) bihewiorizm bilen bir hatarda XX asyr günbatar
psihologiýasynyň iň bir täsirli ugurlarynyň biridir. Freýdizmiň
nukdaýyndan adam psihodinamiki güýçleriň toplumyndan durýar.
Onuň özüni alyp barşy iki düzgüne tabyndyr: “Eşret düzgünine” (bu
ýerde esasan haýwanlaryň instinkti kimin jyns meýliniň ýüze
çykmagy göz öňünde tutulýar) we “reallyk düzgünine” (jemgyýetiň
talaplary boýunça döreýän jynsy meýilleriň edil müýnli we gadagan
zat hökmünde basylmak zerurlygy). Eşret we reallyk düzgünleriniň
çaknyşmaklary netijesinde kanagatlandyrylmadyk meýiller
aňlanylmaýan ulgama gysylyp çykarylyp, olar şol ýerden adamyň
özüni alyp barşyny dolandyrýarlar. Freýdizmiň adamy göýä
dolandyryp bolmaýan instinktiw meýilleriň oýnawajyna öwürýän we
ony aňlanylmaýan garaňky güýçleriň toplumy hasaplaýan taglymaty
tutuş jemgyýetiň ösüşini hem şol meýilleriň dinamikasyndan
düşündirmeklige synanyşýar. Jahan uruşlarynyň, meselem,
gutulgysyzlygy göýä adamda ilkibaşdan agressiw instiniktleriň
barlygyndan getirilip çykarylýar.
Häzirki wagtda bihewiorizmiň we freýdizmiň “klassyky”
görnüşi dürli “çagalyk” akymlara (“neobihewiorizm”, “neofreýdizm”
we ş.m.) çalyşyp,olaryň adaty häsiýetleri köp derjede özgerdi. Bu
akymlaryň täze ugurlarynda, bir tarapdan adamyň psihikasynyň
öwrenilişinde daşky özüňi alyp baryş bilen bir hatarda içki pshiki hadysalar hem
nazarda tutulsa, başga bir tarapdan psihikanyň döreýşinde we hereketlenişinde
instinktler bilen bir hatarda daky sosial-medeni täsirleriň ähmiýeti hem ykrar
edilýär.
Günbataryň psihologiýasy bilen bir hatarda watan psihologiýasy öz predmetine
esasan dialektiki nukdaýda düşünmeklik ugrukmasynda ösdi we kämilleşdi. Bu
ösüş ýolunda psihologiýa köp ýalňyşlyklary we azaşmalary ýeňip geçmeli boldy.
1923-nji ýylda Birinji Psihonewrologik gurultaýda K.N.Kornilow tarapyndan
psihologiýany marksistik esasda gurmak wezipesi goýulýar. Marksist
psihologlaryň bu ylmy dialektiki-materialistik esasda gurmak ugrundaky göreşiniň
netijesi bolan ideýa-taglymat göreşiň dowamynda psihologiýanyň predmetiniň we
usullarynyň ylmy düşündirilişi, möhüm düzgünleriniň we psihologik
meseleleriniňň esaslandyrylyşy amala aşyrylýar, onuň ugurdaş ylymlara gatnaşygy
anyklanyp, öňki SSSR-de psihologiýa ylmynyň döremeginde ajaýyp rol oýnan
ylmy kadrlar ösýär: Eýýäm 30-njy ýyllaryň ortalaryna marksistik psihologiýa
ylmynyň esasy düzgünleri: determinizm-sebäpli dörediliş düzgüni, aňyň we işiň
birlik düzgüni, psihikanyň işde ösüşi düzgüni esaslandyrylýar.
Determinizm düzgüni psihikanyň ýaşaýyş keşbi bilen kesgitlenip, onuň
ýaşaýyş keşbiniň üýtgemegi bilen üýtgeýänligini aňladýar. Eger haýwanlaryň
psihikasy barada aýdylsa, olaryň psihikasynyň ösüşi biologik kanun hökmünde
tebigy seçgi bilen kesgitlenýär. Adamyň aňy bolsa özüniň gelip çykyşy, görnüşi
we ösüşi boýunça,ahyrky netijede, maddy ýaşaýyş serişdeleriniň öndüriliş
usulynyň ösüş kanunlary bilen kesgitlenýär. Adam aňynyň jemgyýetçilik işi arkaly
döreýänligi baradaky bu umumy düzgünden gelip çykýan möhüm netije – adam
aňynyň jemgyýetçilik-taryhy häsiýetde düşünilmegidir.
Psihikanyň, aňyň işde ösüş düzgüni psihikanyň mazmunyna
dogry düşünmeklik we takyk düşündirmeklik haçan-da psihika işiň
we ösüşiň önümi hökmünde seredilende gazanylýandygyny aňladýar. Bu düzgün
watan psihologlary P.P.Blonskiniň, L.S.Wygotskiniň,
S.L.Rubinşteýniň, W.M.Teplowyň we beýlekileriň işlerinde
yzygiderli özleşdirilýär
Psihiki ösüşe dialektiki düşünmeklik onuň zähmet işine,
okatmaklyga, oýunlara baglylygyny subut edýär. Bu işleriň
prosesinde jemgyýetçilik tejribäniň özleşdiurilmegi psihiki ösüşiň
adama mahsus bolan görnüşini amala aşyrýar. L.S.Wygotskiý
okatmaklyk psihiki ösüşi kemala getirýär diýen pikiri öňe sürmek
bilen bu prosesde täze, aňly işiň aýratyn görnüşleriniň döreýänligini
nygtaýar. P.P.Blonskiý kiçi ýaşly okuwçylarda pikirlenmäniň
oýunlara baglylykda, ýetginjeklik döwründe bolsa okatmaklygyň
täsirinde ösýändigini seljeripdir. S.L.Rubinşteýniň aýtmagyna görä
aň işde ýüze çykyp, işde hem kemala getirilýär. B.M.Teplow
ukyplary öwrenmek bilen adamyň bu möhüm indiowidual psihologik
häsiýetleriniň diňe ösüşde döreýänligini, ösüşiň bolsa diňe iş
prosesinde bolup geçýändigini görkezdi. B.M.Teplowyň belleýşi ýaly
“… ukyplar degişli takyk iş bolmasa döräp bilmezler”.
Netije
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýewi hem
demokratik ugur bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyň
ýoluna düşdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öwredilýän
daşary ýurt dilleri we edebiýaty dünýäniň ösen döwletleri bilen edebi
gatnaşyklary ösdürmekde ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda uly
ähmiýete eýedir.
Talyp ýaşlary Watana wepaly kämil nesil hökümde ösdürip ýetişdirmek,
olary diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň islendik derejede ösen ýurdunda özüni
erkin, bagtyýar, ynamly, ýokary medeniýatli alyp barmagy başarýan
ugurtapyjy, ylymly, bilimli adamlar edip ýetişdirmek derwaýys wezipeleriň
biridir. Bu babatda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan, meşhur
akyldarlaryň edebi mirasyndan peýdalanmak has-da zerur.
EDEBIÝAT
1. Андреева Г.М. Социальная психология. М., 2001.
2. Басаров Б. Вопросы психологии характера. Ашхабад, 1977.
3. Басаров Б. Проблемы психологии устойчивости личности.
Ашхабад,1981.
4. Басов М.Я. Меотдика психологических наблюдений над детьми.
Л., 1925.
5. Балонов Л.Я. Последовательные образы. Л., 1971.
6. Беркинблит М., Петровский А.В. Фантазия и реальность. М.,
1968.
7. Божович Л.И. Личность и ее формирование в детском возрасте.
М., 1968ѐ
8. Блонский П.П. Избр. психол.произв. М., 1964.
9. Брунер Дж. Психология познания. М., 1977.
10. Брушлинский А.В. Психология мышления и кибернетика. М.,
1970.
11. Валлон А. От действия к мысли. М., 1956.
12. Возрастная и педагогическая психология. Под ред.
А.В.Петровского. М.,1972.
13. Выготский Л.С. Собр. соч. в 6 –ти томах. М., 1982-1984.
14. Войтонис Н.Ю. Предыстория интеллекта. М. – Л., 1949.
15. Гальперин П.Я., Кабыльницкая С.Л. Экспериментальное
формирование внимания. МГУ, 1974.
16. Гибш Х., Форверг М. Введение в марксистскую социальную
психологию. М., 1972.
17. Грегори Р.Л. Разумнай глаз. М., 1972.
18. Дарвин Ч. Происхождение видов путем естественного отбора.
М., 1952.
19. Запорожец А.В. и др. Восприятие и действие. М., 1967.

You might also like