You are on page 1of 5

‘Paýhas çeşmesi’ kitabyndan alnan

nakyllarda dil birlikleriniň çeperçilik


serişdesi
Jemgyýetçilik hyzmaty, maksady hem-de dil birlikleriniň ulanylyşy taýdan häzirki türkmen edebi diliniň çeper,
publisistik, ylmy, resmi iş stilleriniň hersiniň özboluşly aýratynlyklary bar.
Çeper stil edebi dilimiziň çeper edebiýatlar ýazylýan özboluşly bir görnüşidir. Ol dil birlikleriniň kommunikatiw hem
estetik maksatly ulanylýandygy taýdan habar bermek we maglumat beriş maksatly beýleki stillerden düýpli
tapawutlanýar. Göçme manyly, emosional öwüşginli sözleriň, ekspressiwlik bildirýän täsirli dil serişdeleriniň
işjeň ulanylyşy, pikiriň obrazly aňladylyşy çeper stiliň özboluşly aýratynlyklarydyr. Çeper eserlerde dil birlikleri
estetik ýükli ulanylýar. Talyplar bir gezek görnükli edebiýatçy alym professor Ö. Abdyllaýewden: «Eser nähili
bolanda çeper bolýar?» diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
«Eger eseriň baş gahrymany atly barýan bolsa, şol atyň toýnagynyň sesini okyjy eşidýän bolsa, şol toýnagyň
yzyndan gopýan tozan üst-başyňa siňýän bolsa ýa-da eseriň bir gahrymany çygar ojar
ýakýan bolsa, onuňam tüssesi okyjynyň gözüne urýan bolsa, şol eser çeperdir».
Edebi dilimiz çeperçilik serişdelerine örän baý, olar sanardan köp. Biz olardan diňe has işjeň ulanylýanlary
hakda durup geçdik.
Sözleriň göçme manylarda ulanylyşy:
Sonam el bermedi, saldym bazymy,
Laçyn kowdy, garga aldy gazymy,
Şunça pahyrlyga saldym özümi,
Tilkilenip gezdim, adym gurt oldy (Magtymguly)

Gül ömrümde gül gunçasyn guçmadym...


Meniň köňlüm Aýa bakar,
Aý bakar asmana garşy...
Kazy egri, müfti egri,
Elip ornunda dal gezer (Kemine).
Bäş telpegi bir gyňaja daňyp git (K. Gurbannepesow).
Başyň dikkä pişik bolup süýkenen
It bolup topulýar işiň gaýtsa (A. Annadurdy)

Görşümiz ýaly, goşgy setirlerinde sözleriň göçme manylarda


ulanylyşynyň metafora, metonimiýa, sinekdoha görnüşleriniň üçüsi-
-de ussatlarça ulanylypdyr. Sona, baz, laçyn, garga, tilki, gurt, gül,
gunça, Aý, elip, dal, telpek, gyňaç, pişik, it sözleri arkaly ynsan
gylyk-häsiýetleri açylyp görkezilipdir.

Ýazyjy-şahyrlar öz eserleriniň düşnükli hem täsirli bolmagy üçin


dil birliklerinden gereklisini, oňadyny saýlap-seçýärler, şol bir eserini
telim gezek täzeden işläp kämilleşdirýärler, kämil eserleri bilen edebiýatymyzy baýlaşdyrmaga, edebi
normalarymyzy kämilleşdirmäge
uly goşant goşýarlar. Şonuň üçinem olara söz ussatlary diýilýär.
Çeper eserlerde edebi gahrymanlaryň milletini, medeni derejesini görkezmek maksady bilen edebi
dile, onuň hiç bir stiline
häsiýetli bolmadyk dil birlikleriniň: dialektizmleriň, warwarizmleriň,
argotizmleriň, ýönekeý gepleşige häsiýetli gödek sözleriň ulanylýan
halatlaryna-da duş gelinýär. Muňa diňe çeper eserleriň gahrymanlarynyň dilinde ýol berilýär.

Meselem:
Alaşa bir ädim götinjekledi, türkmen atşynasy onuň injigini, dabanyny barlap görenden soň
«maýyp» diýip mälim etdi. Polkownik
elini salgady:
«Brak. Kitdi bar...»
«Sadap baý, gelniň ýogalmyşdy, eşitmişem... Çoh hapa olmuşam,
ogluň sag olsun, daha ýahşy gelin tapajak sen» (B. Kerbabaýew. «Aýgytly
ädim» romanyndan).
Ýefimow: «Hany, ilki seniňki işden gürrüň berdi, onsoň meniňki
gepledi» diýip, oýna salyp, Saparmyradyň böwrüne dürtüp goýberdi
(B. Seýtäkow. «Doganlar» romanyndan).
«Nu, kak, bildiňmi? Problemnyý meseleleri reşat etmeli. Ponimaýeş, Myrat jan!» (A. Kürt.
«Saňa ýalan, maňa çyn» eserinden).

You might also like