You are on page 1of 10

HÄZIRKI ZAMAN KOMPÝUTER

TEHNOLOGIÝASY
TAÝÝARLAN
Faýl
Kompýuterde ýerine ýetirilýän ähli amallary umumylaşdyrmak bilen, olary üç sany esasy
wezipelere bölmek mümkin: maglumatlary toplamak (döretmek ýa-da girizmek), maglumatlary
gaýtadan işlemek (ýa-daüýtgetmek) we maglumatlary ibermek. Şu wezipeleri kompýuterde amala
aşyrmak üçin maglumatlar we maksatnamalar onuň ýadynda özboluşly yzygiderlikde emele gelýär we
saklanylýar.
Faýl düşünjesi. Maglumat alyş-çalyş edilmegi üçin maglumat çeşmesiniň, geçiriji kanalyň we kabul
edijiniň bolmagy gerek bolýar. Programma bilen daşky gurluşlaryň arasynda maglumat alyşylanda,
elmydama ,alyş-çalyş kanalynyň bir tarapynda kompýuteriň operatiw huşy ýerleşýär. Şol kanalyň
beýleki tarapy Turbo Paskalda faýl diýilip kesgitlenilýär.
Faýl - bu şol bir tipden bolan komponentleriň toplumydyr. Faýl massiwden tapawutlanyp, onuň
komponentleriniň sany öňünden görkezilmeýär. TURBOPASKAL-da köplenç faýlyň komponenti
hökmünde kombinirlenen tipli bahalar ulanylýar. Faýl FILE kömekçi sözüň kömegi bilen yglan edilýär.
Adatça faýlyň komponentleri magnit disklerinde saklanylýar we gerek wagty ondan operatiw ýa-da
çagyrylýar. Faýl düşünjesi gaty giň düşünjedir. Faýl bolup diskdäki faýl ýa-da kompýuteriň porty, çap
ediji gurluş ýa-da käbir başga zatlar hyzmat edip biler. Faýl
Faýllar we kataloklar barada düşünje
Disklerde informasiýa faýl görnüşinde saklanýar. Informatika we hasaplaýyş
ulgamlaryna degişli dürli çeşmelerde “faýl” adalgasy edil “operasion ulgam”
adalgasy ýaly dürli görnüşlerde gabat gelýär. Has köp duş gelýän kesgitlemä görä
Faýl (iňl. file) – diskiň anyk informasiya girizilip, at berlen
bölegidir. Faýlyň ady simwollaryň setiri bolup, onuň uzynlygyfaýllar ulgamyna
baglydyr. Faýllar ulgamy (rus. Файловая система) – diýip, faýllary we
kataloglary tertipleşdirip, gaty diskde saklamagyň usullaryna aýdylýar. Ol
faýllary döretmek we dolandyrmak düzgünlerini kesgitleýär. Windows 98-de
FAT32, DOS ulgamynda FAT16, Windows NT ulgamynda NTFS faýllar ulgamy
ulanylýar.
Faýl – iňlisçe söz bolup, «resminamalar jilti», «maglumatlar» manysyny aňladýar.
Gündelik durmuşymyzda biz maglumatlary belli bir kadalara we düzgünlere esaslanyp
guraýarys we saklaýarys. Meselem, synpyňyzdaky her bir okuwçy baradaky maglumatlar
aýry jiltde saklanýarý(bir jiltde birnäçe okuwçy baradaky maglumatlar garyşdyrylmaýar).
Edil şunuň ýaly, siziň synpyňyzdaky okuwçylar baradaky maglumatlar toplanan jilt hem
başga synp okuwçylarynyň jiltleri bilen goşulmaýar.
Maglumatlaryň şeýle kada boýunça tertibe salynmagynyň esasy maksady – gerekli
maglumatlary aňsatlyk bilen tapmakdyr. Faýlyň adynda kompýuter gurluşlarynyň atlaryny
we buýruklaryň atlaryny ulanmak bolmaýar. Faýllary kompýuteriň ýadynda saklamak üçin
olary aýry-aýry at dakýarys. Munuň esasy sebäbi, eger-de her bir faýla aýry at berilmese,
çolaşyklyk emele gelýär. Faýllary täzeden tertibe getirmek üçin olaryň mazmunyna garap
papkalara ýerleşdirýäris
Faýlda saklanýan maglumatlar tekst, şekil, film, saz, maksatnama ýada dürli başga
maglumatlar bolmagy mümkin. Olar daşky ýat hasaplanýan disket, magnit lentasy,
gaty disk, CD we DVD diskler, fleş-ýat ýaly serişdelerde faýl görnüşinde saklanýar
(1-nji surat).
Her bir faýlyň ady bolup, ol 2 bölekden ybarat bolýar: faýlyň ady we onuň
giňeltmesi. Faýlyň giňeltmesi – faýlda saklanan maglumatyň nähili görnüşdäki
maglumatdygyny görkezýär. Faýlyň ady 255 belgiden geçmeli däl. Faýlyň ady we
onuň giňeltmesi nokat bilen bölünip ýazylýar. Faýllary açmak ýa-da gaýtadan
işlemek gerek bolsa, oňa şu at arkaly ýüzlenilýär ýa-da gözlenilýär. Kompýuterde
faýllaryň üstünde dürli amallary ýerine ýetirmek bolar:
Papka döretmek
Papka ýa-da katalog – bu faýllar we faýlyň atlary barada maglumat saklanýan diskiň
aýratyn alnan zolagy. Windows operasiýa ulgamynda papka şekili bilen görkezilýär.
Faýllary has çaltrak tapmak we amatly usulda saklamak maksadynda resminamalary, saz,
surat, fotosuratlar we elbetde oýun maksatnamalaryny aýratyn papkalarda saklamak
maslahat berilýär (3-nji surat)
Faýllar ulgamy tarapyndan ulanylýan faýllaryň beýleki atriburlary:
 faýlyň häzirki ölçegi;
 faýlyň maksimal ölçegi;
 ýazgynyň uzynlygy;
 döredilen, iň soňky ýüz tutulan we iň soňky üýtgedilen wagty;
 faýlyň eýesi;
 faýly dörediji;
 faýla girmeklige rugsat barada maglumat;
 faýla girmekden goraýan parol;
“diňe okamak üçin”
 “ulgam faýly”
 “arhiw faýly”
 “ikileýin/simwollaýyn”
 “wagtlaýyn”
 böwetlenen
Katalog (bukja) – disklerdäki faýllary tertipleşdirmek üçin ulanylýar, onda faýllar
haýsy hem bolsa bir alamatlary boýunça birleşdirilýär. Kataloglaryň giňeldilmesi
bolmaýar we bir katalogda meňzeş atly faýllar saklanmaýar. Her katalogyň öz ady bolup,
ol ýönekeý faýllar bilen bilelikde biri-biriniň içinde saklanyp bilner. C: diske kök
katalogy diýilýär. Onda birnäçe kataloglar ýerleşip biler.
SOŇY

You might also like