You are on page 1of 10

MEÝILNAMA

1. Giriş
2. Psihika hakynda düşünje
3. Nerw ulgamynyň gurluşy we psihika
4. Beýniniň işinde psihiki we nerw psihologiki hadysalar. Psihika we
informasiýalar
5. Netije
6. Peýdalanylan edbeiýatlar
GIRIŞ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okgunly


ösýän jemgyýetiň talaplarynyň işjeň hötdesinden gelýän, dünýä ül
ňülerine laýyk hünärmenleri taýýarlaýan ylym we bilim merkezleriniň
bitewi ulgamyny esaslandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri
amala aşyrmak, saýlan hünärine wepaly, maksadaokgunly mugallymlary
taýýarlamak maksady bilen täze ýokary okuw mekdeplerini aç
mak, olary täze okuw maksatnamalary, okuw kitaplary, gollanmalary
bilen üpjün etmek barada irginsiz alada edýär. Ol özüniň çykyslarynda,
ýazan işlerinde, gol çekýän resminamalarynda okuwterbiýeçilik
işini kämilleşdirmek, ylymbilim ulgamyny dunýä derejesine ýetirmek
meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurt Baştutanynyň adalatly
belleýşi ýaly, «Türkmenistanda bilim ulgamy – munuň özi ýöne bir
ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu – biziň
çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr.
Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly
baglanyşygydyr»*. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň tagallalary bilen
ylmy der ňewleriň ösüşine giň ýol açylyp, ony hemmetaraplaýyn
ýaýbaňlandyrmak döwletiň ösüşiniň esasy ýörelgesine öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Eşretli hem bagtyýar durmuşyň
gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglydyr.
Türkmenistanyň milli ylym we bilim ulgamy dünýäniň ylym we bilim
ulgamy bilen sazlaşykly ösýän, asyrlaryň dowamynda atababalarymyzyň
paýhasyna ýugrulan aňdüşünje, ruhyahlak, dünýägaraýyş, pelsepe
gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgä eýedir»
Psihika hakynda düşünje
Psihika beýniniň funksiýasydyr. Organizmiň psihiki işi köp sanly ýörite beden
mehanizmleriniň üsti bilen alnyp barylýar. Olaryň biri täsirleri kabul edýär,
beýlekileri ol täsirleri signallara öwürýär, özüňi alyp barşyň meýilnamasyny
düzýär, oňa gözegçilik edýär, üçünjisi özüňi alyp barşa energiýa we okgunlylyk
berýär, dördünjisi myşsalary herekete getirýär. Psihikanyň bu möhüm işleri daşky
gurşawda işjeň ugur almagy, durmuşy meseleleri çözmegi üpjün edýär. Organiki
dünýäniň uzak ewolýusiýasynyň dowamynda biröýjükli amýobadan adama çenli
özüňi alyp barşyň fiziologik mehanizmleri üznüksiz çylşyrymlaşmagyň,
differensirlenmegiň netijesinde has çeýe, operatiw häsiýete eýe bolupdyr.
Bir öýjükli organizmleriň, meselem, amýobanyň iýmiti kabul etmek, ony
agtarmak, özleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen hiç hili organlary ýokdur. Şol bir öýjük
hem duýujy, hem hereket we iýmit bişiriji organdyr. Şonuň üçin-de amýobanyn
ýaşaýyş mümkinçilikleri – iýmit tapmak, howpdan goranmak ukyplary örän
çäklidir. Ýokary derejede ösen haýwanlaryň ýöriteleşdirilen organlary olara ýokary
çaltlykda we takyklykda iýmiti saýgarmaga, howply täsirleri aýdyňlaşdyrmaga
mümkinçilik berýär. Bu mümkinçilik signallary kabul etmeklige ýöriteleşdirilen
öýjükleriň döremegi bilen ýüze çykýar. Bu öýjükler reseptorlary (latynçadan
“kabul ediji” ýagny, daşky gurşawyň täsirini kabul edýän apparat) emele getirýär.
Beýleki öýjükler myşsalaryň işini, dürli mäzleriň sekresiýalaryny amala
aşyrmaklygy öz üstüne alýar. Bular 27 effektorlardyr. Eger ýöriteleşmek prosesi
organ bilen onuň funksiýasyny bölýän bolsa, durmuş öz gezeginde olaryň arasynda
üznüksiz baglanyşygy, hereketleriň daşky predmetlerden we organizmiň özünden
gelýän signallaryň akymy bilen sazlaşykly bolmagyny talap edýär. Bu sazlaşyk
bitewi bir ýagdaýda işleýän esasy “dolandyryş pultunyň” – merkezi nerw
ulgamynyň hasabyna gazanylýar. Nerw ulgamynyň umumy gurluş nusgasy ähli
oňurgalylarda birmeňzeşdir. Onuň esasy elementleri nerw öýjükleri ýa-da
neýronlar bolup, olar oýanmalary geçiriji funksiýany ýerine ýetirýärler. Neýron
öýjügiň beden böleginden, onuň şahalara bölünýän, oýanmany kabul ediji
dokumalaryndan – dendritlerden we oýanmany beýleki neýronlara geçiriji
aksondan – dokumadan durýar. Aksonyň dendritler hem-de beýleki neýronlaryň
öýjüginiň bedeni bilen galtaşýan nokadyna sinaps diýilýär. Bu ýerde neýronlaryň
arasynda funksional baglanyşyk amala aşyrylýar. Nerw ulgamynda täze
baglanyşyklary döretmekligiň mehanizmini düşündirmekde sinapslara uly ähmiýet
berilýär. Bu baglanyşyklaryň döremeginde sinapslarda bolup geçýän üýtgeşmeler
(himiki ýa-da gurluş boýunça) mynasybetli oýanmalaryň impulslarynyň belli bir
ugurlara saýlanylyp geçirilmegi üpjün edilýär. Sinaps oýanmanyň ýeňip geçmeli
barýeri - päsgelçiligi bolup durýar. Barýerleriň käbiri ýeňil, beýlekileri bolsa ýeňip
geçmek üçin has kynçylykly bolup, kähalatlarda olaryň belli birini saýlap almak
zerurlygy döreýär. Neýronlaryň bir bölegi oýanmany reseptorlardan merkezi nerw
ulgamyna geçirse, beýlekisi – ondan effektorlara geçirýär. Olaryň köp bölegi kelle
beýnisi bilen oňurga beýnisinden durýan merkezi nerw ulgamynyň özüniň aýry-
aýry punktlarynyň arasynda baglanyşyklary döretmegi amala aşyrýarlar. Kelle
beýnisiniň ýokary bölegini uly ýarym şarlar düzüp, olar alty gatlakly neýronlaryň
massasyndan (10 milliarda golaý) durýan beýniniň gabygyny emele getirýär.
Gabyk psihiki işiň örän möhüm (ýöne ýeke-täk däl) organydyr. Ýarym şarlaryň
aşagynda, ýeňse bölüminde funksiýasy entek doly anyklanmadyk beýnijik
ýerleşýär. Ol myşsalaryň hereketini koordinirlemekde esasy rol oýnaýar. Uly
ýarym şarlarda beýni sütüni direlip, onuň ýokary bölegini düzýän 28 talamus
oňurga beýniden uly ýarym şarlara geçýän nerw ýollarynyň “aralyk stansiýasy”
bolup hyzmat edýär. Onuň aşaky bölegindäki gipotalamus suw çalyşmasyny,
iýmite bolan islegi we organizmiň eýleki funksiýalaryny edara edýän merkezlerden
durýar.
Nerw ulgamynyň gurluşy we psihika
Merkezi nerw ulgamynyň agzalan bölümleri örän çylşyrymly gurluşa eýe
bolup, ol anatomiýa we gistologiýa tarapyndan öwrenilýär. Häzirkizaman ylmy
düşünjelere görä oňurga beýnisi we beýni sütüni refleksleriň dogabitdi (şertsiz
refleksler) görnüşlerini amala aşyryp, uly ýarym şarlaryň gabygy bolsa özüňi alyp
barşyň psihika tarapyndan dolandyrylýan ýaşaýyş prosesinde döreýän
görnüşleriniň organydyr. Her bir duýujy bedenüsti (deri, gözüň torly bardasy we
beýlekiler) we her bir hereket organy beýnide özüniň hususy wekilçiligini
döredýär. Funksiýa taýdan ýöriteleşmek diňe bir reseptorlara hem-de effektorlara
mahsus bolman, eýsem özünde organizmiň periferiýasynda – aýakujy
bölümlerinde bolup geçýän prosesleriň proýeksiýasyny döredýän beýni
öýjüklerine-de häsiýetlidir. Munuň şeýledigini häzirkizaman hirurgiýa tehnikasy
esasynda, beýni gabygyny oňa inçe elektrodlar ýerleşdirmek arkaly gyjyndyrmak
usullary esasynda anyklanandyr. Şeýle tejribeleriň köpüsi haýwanlarda
geçirilendir. Adamlar barasynda aýdylanda bolsa sagdyn, beýnisinde hiç hili şikest
bolmadyk ýagdaýynda olarda hirurgik eksperimentler geçirilmeýär. Diňe käbir
operasiýalarda neýrohirurglar beýnini elektrodlar arkaly barlaýarlar. Beýnide agyry
nokatlarynyň ýoklugy sebäpli näsag şeýle derňewlerde hiç hili agyry duýmaýar.
Şol bir wagtyň özünde, ol öz aňynda bolýany üçin, lukmanlara gyjyndyrma
netijesinde özüniň duýýan zatlaryny habar berip bilýär. Şeýle usulyň üsti bilen
beýniniň aýry-aýry uçastoklary gyjyndyrylanda olaryň biriniň myşsalaryň
düýrülmegini döredýänligi anyklanýar. Bu tejribeler duýuş we hereket nerwleriň
“ahyrky stansiýalarynyň” belli bir tertipde ýerleşýändigini, organizmiň dürli
bölümleriniň beýnide birmeňzeş wekilçiliginiň ýoklugyny anyklady. Uly ýarym
şarlaryň gabygynyň köp bölegini, eliň işini, aýratynam onuň başam barmagyny (bu
barmak diňe adamda beýleki barmaklara garşy durýar) dolandyrýan öýjükler hem-
de sözleýiş organlarynyň myşsalarynyň (dil, dodak) funksiýasy bilen baglanyşykly
öýjükler tutýar. Şeýlelikde, uly ýarym şarlaryň gabygynda zähmetde we
sözleşmekde esasy funksiýany alyp barýan hereket organlary giň orun tutýar.
Uly ýarym şarlaryň işleýşiniň umumy kanunlary I.P.Pawlow tarapyndan
açylandyr. Pawlowyň tejribeleriniň klassyky nusgasynda itlerde dürli signallara
şertli refleksler döredilip, bu signallar itlerde edil gös-göni ähmiýeti bolan
gyjyndyryjylar (meselem, iýmit) täsir edilendäki ýaly fiziologik reaksiýa
(meselem, sülekeý bölünmegi) ýüze çykarýar. I.P.Pawlowyň taglymaty diňe bu
nusga bilen çäklenmeýär. Laboratoriýadan daşda, real durmuşda haýwan haçan
agzyna iýmit düşerine garaşyp durman, ony agtarýar, oňa tarap hereket edip, onuň
netijeliligini barlaýar, gurşawda işjeň oriýentirlenýär.
Häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynda alnyp barylýan derňewler ýokary
nerw ulgamynyň işiniň umumy kanunlarynyň haýwanlaryň işjeň özüni alyp
barşynda ýüze çykýanlygyny subut edýär. Meselem, eger kepderi çala basanyňda
iýmli guty açylýan knopkaly eksperimental ýaşige ýerleşdirilse, ol birnäçe wagtdan
bu ýumuşy çözýär. Knopka oňa şertli gyjyndyryjy bolup, çüňküň bu signala bolan
reaksiýasy edil I.P.Pawlowyň tejribesindäki aç itiň jaň sesine ýa-da yşyga sülekeý
mäzleriniň reaksiýasy ýaly zerurlykda amala aşyrylýar.
Psihiki işiň fiziologik mehanizmleri hakyndaky taglymat beýni sütüniniň
funksiýalaryny beýniniň nerw dokumasyna mikroelektrodlary girizmek arkaly gös-
göni gyjyndyrmak boýunça gazanylan netijeleriň hasabyna täze düşündiriş bilen
baýlaşdy. Beýni sütüniniň birnäçe bölümleriniň beýniniň ýokarda ýerleşýän
bölümlerine energiýa çeşmesi bolup durýanlygy anyklandy. Beýni sütünini elektrik
arkaly gyjyndyrmak bilen bir hatarda onda öz-özünden, eksperimentatoryň
gatnaşmazlygynda ýüze çykýan toklary ýazyp almak usuly-da ulanylýar. Bu
tejribeler beýniniň elektrik işjeňliginiň birmeňzeş däldigini ýüze çykardy.
Biotoklaryň ýazgysynyň häsiýeti boýunça adamynyň psihiki ýagdaýynyň
üýtgeýşini bilip bolýar. Beýnide döreýän tolkunlar dürli çaltlykdaky (ugurdaky)
elektromagnit yrgyldylarydyr. Olaryň has asudalary adamynyň dynç alýan pursaty,
gözleriniň ýumuk, ünsüniň gowşan mahalynda ýüze çykýar. Emma şeýle ýagdaýda
bolýan adama haýsyda bolsa bir ýumuş (meselem, arifmetik mysallary işlemek)
tabşyrylsa, onuň biotoklaryny görkeziji tolkunlar üýtgeýär, ýazgyda has çalt
tolkunlaryň yzy döreýär.
Beýniniň işinde psihiki we nerw psihologiki hadysalar. Psihika
we informasiýalar
Beýnide döreýän elektrik toklaryny güýçlendirijileriň kömegi arkaly
elektroensefalogramma görnüşinde ýazmak mümkinçiliginiň açylmagy fiziologlar,
lukmanlar bilen bir hatarda psihologlar üçin hem uly ähmiýete eýe boldy.
Elektroensefalogramma beýniniň işjeňliginiň üýtgeýşini yzarlamaga, bu
üýtgeşmeleri adamynyň psihiki prosesleriniň üýtgeýşi bilen deňeşdirmäge
mümkinçilik berýär. Biotoklaryň ýazgysy beýniniň işiniň mazmunyny däl-de, diňe
onuň umumy biofizik we biohimik işjeňligini görkezýän-de bolsa, bu derňewler
örän möhümdir. Olar geljekde ylma beýni we psihika barada kän gyzykly faktlar
bererler. Şoňa görä-de beýniniň biotoklarynyň adamynyň işiniň dürli
görnüşlerinde, şol sanda kosmos uçuşy ýaly has çylşyrymly şertlerde has ymykly
öwrenilmegi tötänden däldir. Kosmonawtyň beýnisiniň biotoklarynyň ýazgysy
onuň merkezi nerw ulgamynda bolup geçýän üýtgeşmeleriň görkezijisi bolup
hyzmat edýär. Biotoklaryň ýazgysynyň häsiýeti boýunça adamynyň oýalygyny,
ukudalygyny, onuň aňynyň işjeňlik derejesini bilip bolýar. Adamynyň psihiki
prosesleriniň beýni mehanizmi köp derejede haýwanlaryň psihikasynyň mehanizmi
bilen meňzeşdir. Nerw ulgamynyň umumy gurluşy we işleýşi ähli
süýdemdirijilerde bir hilidir. Şonuň üçin-de haýwanlaryň beýnisini öwrenmek diňe
fiziologiýada däl, psihologiýada hem örän ähmiýetlidir. Başga bir tarapdan
adamynyň we haýwanyň psihiki işiniň aratapawudy diňe san taýdan bolman,
eýsem hil babatdadyr. Bu tapawut tebigy ýol bilen adamynyň organizminiň ähli
gurluşyny we funksiýasyny üýtgeden kuwwatly maddy faktor – zähmetiň esasynda
döräpdir. Şonuň bilen birlikde psihikanyň organy – beýni-de kämilleşipdir. Onuň
haýwanlaryň beýnisinden tapawudy ýokary akyl ýetiriş prosesleri, esasanam
pikirlenme öwrenilende has-da aýdyň ýüze çykýar. Bu prosesler duýma we kabul
ediş ýaly beýniniň belli bir uçastogynda ýerleşmeýärler. Eger adamynyň beýnisiniň
gabygynyň ýeňse bölümi zaýalansa, onda görüş duýmalarynyň ýok boljakdygy
ikuçsuzdyr. Beýniniň ýokary akyl ýetiriş prosesleri bilen baglanyşykly
uçastoklaryna zeper ýetirilmesi başga häsiýetde bolýar. Bu ýagdaýda zeper
ýetirilen uçastogyň funksiýasyny başga bir bölüm öz üstüne alýar. Akyl we
sözleýiş prosesleriniň işini alyp barýan nerw dokumalaryna ýokary çeýelik,
funksiýalaryna özara çalyşmaklyk mahsusdyr. Adamynyň psihiki durmuşynda uly
ýarym şarlaryň gabygynyň üstüniň 30% meýdanyny tutýan maňlaý bölegine esasy
rol degişlidir. Maňlaý bölümleriniň zaýalanmagy (kesel, ýaralanmak we ş.m.)
özüňi alyp barşyň ýönekeý görnüşlerinde däl-de, onuň has ýokary çylşyrymly
görnüşlerinde duýulýar. Beýni gabygynyň maňlaý bölümleri zaýalanan näsaglar
görüşe, sözleýşe, ýazuw işine bolan ukyplary saklasalar-da, arifmetiki mysallary
işlänlerinde mysallaryň şertlerini analizlemäge ukypsyz bolýarlar. Mysal
çözmekligiň meýilnamasy düzülende, olar ahyrky maksady göz öňünde tutup
bilmeýärler. Alnan netijäni başlangyç şertler bilen deňeşdirip bilmeýärler, öz
ýalňyşlaryny duýmaýarlar we ş.m. Köp sanly kliniki synaglaryň şaýatlyk etmegine
görä, beýniniň maňlaý bölümleriniň zaýalanmagy akyl ukyplarynyň peselmegi
bilen bir hatarda adamynyň şahsyýet ulgamynda, onuň gylygynda düýpli
üýtgeşmelere getirýär. Kesellemezden öň salyhatly adamlar gödeklik, gaharjaňlyk,
özüňi saklap bilmezlik ýaly häsiýetlere eýe bolýarlar. Ýokary derejede ösen
haýwanlaryň we adamynyň psihikasy kelle beýniniň işiniň önümidir. Ýöne
psihikanyň mazmunyny beýniniň özi döredenok. Onuň çeşmesi janly-jandarlaryň
özara täsiri amala aşyrylýan daşky dünýädir. Haýwanlardan tapawutlylykda adam
beýnisi üçin daşky dünýä biologiki gurşaw bolman, jemgyýetçilik taryhynyň ösüş
ýolunda adamlar tarapyndan döredilen predmetleriň we hadysalaryň dünýäsidir.
lkinji ädimlerden başlap her bir adamynyň psihikasynyň ösüş çeşmesi taryhyň
jümmüşinden gaýdan medeniýet bolup durýar.
Netije
Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýewi hem
demokratik ugur bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyň
ýoluna düşdi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara öwredilýän
daşary ýurt dilleri we edebiýaty dünýäniň ösen döwletleri bilen edebi
gatnaşyklary ösdürmekde ýaşlaryň dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda uly
ähmiýete eýedir.
Talyp ýaşlary Watana wepaly kämil nesil hökümde ösdürip ýetişdirmek,
olary diňe Türkmenistanda däl, dünýäniň islendik derejede ösen ýurdunda özüni
erkin, bagtyýar, ynamly, ýokary medeniýatli alyp barmagy başarýan
ugurtapyjy, ylymly, bilimli adamlar edip ýetişdirmek derwaýys wezipeleriň
biridir. Bu babatda dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyndan, meşhur
akyldarlaryň edebi mirasyndan peýdalanmak has-da zerur.
EDEBIÝAT
1. Андреева Г.М. Социальная психология. М., 2001.
2. Басаров Б. Вопросы психологии характера. Ашхабад, 1977.
3. Басаров Б. Проблемы психологии устойчивости личности.
Ашхабад,1981.
4. Басов М.Я. Меотдика психологических наблюдений над детьми.
Л., 1925.
5. Балонов Л.Я. Последовательные образы. Л., 1971.
6. Беркинблит М., Петровский А.В. Фантазия и реальность. М.,
1968.
7. Божович Л.И. Личность и ее формирование в детском возрасте.
М., 1968ѐ
8. Блонский П.П. Избр. психол.произв. М., 1964.
9. Брунер Дж. Психология познания. М., 1977.
10. Брушлинский А.В. Психология мышления и кибернетика. М.,
1970.
11. Валлон А. От действия к мысли. М., 1956.
12. Возрастная и педагогическая психология. Под ред.
А.В.Петровского. М.,1972.
13. Выготский Л.С. Собр. соч. в 6 –ти томах. М., 1982-1984.
14. Войтонис Н.Ю. Предыстория интеллекта. М. – Л., 1949.
15. Гальперин П.Я., Кабыльницкая С.Л. Экспериментальное
формирование внимания. МГУ, 1974.
16. Гибш Х., Форверг М. Введение в марксистскую социальную
психологию. М., 1972.
17. Грегори Р.Л. Разумнай глаз. М., 1972.
18. Дарвин Ч. Происхождение видов путем естественного отбора.
М., 1952.
19. Запорожец А.В. и др. Восприятие и действие. М., 1967.

You might also like