You are on page 1of 9

Topar we kollektiw barada düşünje

Topar we kollektiw barada düşünje


Pedagog öz işinde diňe bir aýry-aýry okuwçylar bilen iş salyşman, esasan olaryň dürli toparlary
we kollektiwleri bilen işleýär. Synp kollektiwi, ýaşlar guramasy, okuwçynyň terbiýelenýän
maşgalasy, kähalatlarda okuwçyny özüne çeken gysga wagtlaýyn “köçe topary” ýa-da bolmasa
synpyň içinde haýsydyr bir lideriň töweregine jebisleşen okuwçylar toplumy toparlaryň dürli
görnüşlerini emele getirýärler. Bu synpa jemlenen okuwçylaryň tötänleýin toplumyndan pedagog
gysga wagtyň içinde kollektiw döretmeli bolýar. Bu mesele diňe bir birinji synpda däl, eýsem her
ýyl beýleki synplarda hem ýüze çykýar, çünki tomsuň dowamynda synp kollektiwi düýpli
özgerýär. Şunuň bilen baglanyşykda toparlara we kollektiwlere degişli birnäçe esasy sosial-
psihologik kanunlary bilmek zerurdyr. Bu taglymatyň esasy adamyň tebigatyna jemgyýetçilik
mazmunda düşünmeklikden gelip çykýar. Indiwid jemgyýetçilik mazmunly gurluşdyr. Şonuň üçin
adamyň ýaşaýşynyň ähli ýüze çykmaklary, hat-da eger ol kollektiwleýin, beýlekiler bilen birlikde
amala aşyrylýan gös – göni görnüşde çykyş etmese-de, onuň ýaşaýşynyň ýüze çykmalary –
jemgyýetçilik ýaşaýşynyň ýüze çykmasy we tassyklamasy bolup durýar.
Sosial psihologiýada toparlaryň iki görnüşi bolup, olara şertli we real toparlar degişlidir. Adamlaryň şertli
toparlary derňew edýäniň haýsy-da bolsa bir şertli sypat, alamat esasynda olary degişli topluma goşmaklygy
esasynda döreýär. Bu alamat jyns aýratynlygy, adamyň bir millete, käre degişliligi we beýlekiler bolup biler. Her
ýylyň ahyrynda žurnalistleriň dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbol komandalarynyň saýlama oýunçylaryndan
ýygyndy topar döretmekligi şertli toparyň adaty mysalydyr. Şertli topara goşulýan şahsyýerleriň hiç hili obýektiw
özara gatnaşygy bolman, olar hiç wagtda biri-birleri bilen duşuşman, hatda biri-birleri hakynda hiç bir zat
bilmeýärler. Emma olar öz real toparlarynda beýleki agzalar bilen belli bir gatnaşyklarda bolýar. Olar şonuň üçin-
de şertli toparlara jemlenip, sosial psihologiýanyň öwrenýän obýektine öwrülýärler. Meselem, mekdebe çenli
çagalaryň psihologiýasyny öwrenmek üçin (şertli ýaş aýratynlyklary topary hökmünde) bu ýaşdaky birnäçe
çagany olaryň real toparlarynda öwrenmeli bolýar. R e a l t o p a r – umumy giňişlikde, wagtda we real
gatnaşyklary boýunça birleşdirilen adamlar toparydyr. Bir synpyň okuwçylary, ýetginjekler, ýaşlar guramasy,
mekdebiň pedagogik kollektiwi, işçiler brigadasy, harby topar ýa-da maşgala – bular real toparlardyr. Bu toparlar
sosial psihologiýa üçin uly ähmiýete eýe bolup, olarsyz şertli toparlaryň öwrenilişi birtaraply bolýar. Adamy
zähmet döredenligi üçin taryhy ilkinji adamlar topary – zähmet toparlarydyr. Maşgala tebigy adamzat topary
bolup, ilkidurmuş halklarynda tire möçberine çenli ösýär. Şol bir wagtyň özünde maşgala ilkinji zähmet
toparydyr. K.Marks “Kapitalda” zähmetiň aýratyn görnüşini – birnäçe işçiniň şol bir wagtda şol bir ýerde, şol bir
harydyň öndürilişi bilen meşgullanýan görnüşini öwrenýär. “Zähmetiň haýsy görnüşinde köp adamlar zähmetiň
şol bir prosesine ýa-da zähmetiň dürli-dürli, emma biri-biri bilen baglanyşykly proseslerine kadaly düzgünde we
bilelikde gatnaşýan bolsa, şol görnüşine kooperasiýa diýlip at berilýär”1. Kooperasiýa zähmet toparynyň has
tipiki görnüşi bolsa-da, adamzat toparynyň ýeke-täk görnüşi däldir. Real adamzat toparlary diňe jemgyýetçilik
niýetlenişi boýunça tapawutlanman, eýsem ululygy, daşky we içki guramaçylygy boýunça tapawutlanýarlar.
Möçberi boýunça iň uly topar adamzat bolup, jemgyýetçilik psihologik hadysalaryň birnäçesi
umumy adamzat üçin ähmiýetlidir. Ondan soňky ululygy boýunça topar synplar, hünär toparlary
hasaplanýar. Toparyň berýän bahasynyň şahsyýet üçin roluny we ähmiýetini kesgitlemek
meselesi referent ýa-da etalon topar diýen ýörite düşünjäni döretdi. Her bir adamyň öz referent
topary, ýagny özüniň garaýşyny, ideýalaryny, ynanjyny, gönükdirilmelerini kemala getirýän topary
bolup, ol bu toparyň pikirini makullaýar, onuň berýän bahasyny özüne nusga edinýär. Şahsyýet
kähalatlarda bir däl-de, birnäçe referent toparly bolup, olaryň dürli konfliktli ýagdaýlara getirýän
wagty seýrek bolmaýar. Käwagtlar ene-atalar, mugallymlar ýetginjegiň hiç hili abraýy ykrar
etmeýändigini, ähli zada biperwaý garaýandygyny aýdýarlar. Bu pikir belli bir derejede ýetginjek
üçin täsirli hakyky referent toparyň ýüze çykarylmanlygy, terbiýeçileriň bolsa onuň üçin referent
däldigi bilen düşündirilýär. Bir referent topara degişlilikde şahsyýetiň konform (onuň pikirine
biygtyýar tabyn) özüni alyp barşy beýleki bir topara oňlamazlyk gatnaşygy bilen utgaşyp biler.
Topardaky differensirlemek
Adamyň özüni alyp barşy daşky täsirler, esasan sosial gurşawyň täsiri bilen döredilýär. Adamyň şahsyýet hökmünde daşky
dünýä bilen özara täsiri adamlaryň jemgyýetçilik durmuşynda, ilki bilen önümçilik işinde döreýän obýektiw gatnaşyklar
ulgamynda alnyp barylýar. Jemgyýetiň esasy hökmünde önümçilik gatnaşyklarynyň mazmunyny açyp görkezmek bilen Marks:
“Önümçilikde adamlar diňe tebigata däl, belki biri-birlerine-de täsir edýärler. Olar bilelikde işlemek üçin we özleriniň işini biri-
biri bilen alyş-çalyş etmek üçin belli bir şekilde birikmän öndürip bilmezler. Adamlar öndürmek üçin belli bir baglanyşyklara
we gatnaşyklara girýärler, şunlukda diňe şu jemgyýetçilik baglanyşyklary we gatnaşyklary arkaly olaryň tebigata gatnaşygy
ýaşaýar, önümçilik bolýar”1 diýip ýazýar. Jemgyýetçilik durmuşynyň ýolunda, önümçilikde adamlaryň arasynda obýektiw
döreýän real baglanyşyklar we gatnaşyklar adamlaryň subýektiw gatnaşyklarynda şöhlelenýär. Obýektiw gatnaşyklar we
baglanyşyklar hökmany we kanunalaýyklykda islendik real toparda (biri-birine garaşlylyk gatnaşygy, tabyn bolmak, egindeşlik,
özara kömek we ş.m.) ýüze çykýar. Toparyň agzalarynyň arasyndaky bu obýektiw gatnaşyklaryň şöhlelenmesi subýektiw
şahsyýetara gatnaşyklary bolup, olar sosial psihologiýanyň öwrenýän obýektleriniň biridir. Toparyň içindäki şahsyýetara
gatnaşyklary derňemegiň esasy ýoly dürli sosial faktorlary hem-de bu topara girýän adamlaryň takyk hereketlerini çuňňur
öwrenmekden ybaratdyr. Şahsyýetara gatnaşyklary öwrenmek wezipesi her bir kollektiw bilen işlenende, şol sanda her günde
“sosial faktlar” (ýaryş, özara kömek, dostluk, käýinişmek, ýaraşmak we ş.m.) ýüze çykyp durýan mekdep synpy bilen işlenen-
de ýüze çykýar. Bu hadysalary yzygiderli synlamak pedagoga okuwçylaryň “pikirlerini we duýgularyny”, şonuň üsti bilen
olaryň şahsyýetara gatnaşyklaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu gatnaşyklary synlamak üsti bilen anyklamak uzak wagt
talap edýär. Şol bir wagtyň özünde kähalatlarda uly bolmadyk nätanyş kollektiwde dörän şahsyýetara gatnaşyklary gysga
wagtyň içinde ýüze çykarmak, başgaça aýdanyňda, şol kollektiwiň toparlaýyn differensiýasyny anyklamak zerurlygy döreýär.
Bu meselede sosimetriýa derňew usuly belli bir kömek edip biler. Sosimetriýa usuly kiçi toparlarda şahsyýetara
gatnaşyklary öwrenmegiň we kesgitlemegiň test usuly hakynda ilki amerikan mikrososiology J. Moreno tarapyndan
döredilýär. Onuň tassyklamagyna görä adamlaryň özara gatnaşyklarynyň esasynda her bir adama biygtyýar ýagdaýda
häsiýetli bolan özboluşly “ugurdaşlyk” ýatyp, ol beýleki adamlara gönükdirilen sebäpsiz diýen ýaly sulh
almaklyk(simpatiýa) we sulh (almazlyk) antipatiýa duýgularynda ýüze çykýar. . Morenonyň sosimetriýa usuly dünýäde
sosial psihologiýa boýunça neşir edilýän ahli okuw kitapalryna girizilip, ol toparyň differensiýasyny öwrenmekde
ulanýarlar we beýleki usullar bilen utgaşdyrylyp, dürli ylmy psihologik derňewlere uýgunlaşdyrylýar. Toparlaýyn
differensiýany öwrenmek usuly (sosimetriýa) mekdep synpynyň psihologik gurluşyny öwrenmekde şeýle görnüşde
geçirilýär. Okuwçylardan aşakdaky soraglara jogap bermeklik haýyş edilýär: “Kim bilen turistik ýörişe gitmek
isleýärsiňiz?”, “…synaga taýýarlanmak isleýärsiňiz”, “…goňşulykda ýaşamak isleýärsiňiz?” we ş.m. Şeýle soraglar
sosiometrik kriteriler atlandyrylyp, olar, adatça, ýaýbaň görnüşde bolýar we real durmuş ýagdaýyna ýakynlaşýar.
Meselem: “Dynç alyşdan soňra, biziň täze synpa geçmegimiz mümkin. Men siziň her haýsyňyzyň haýyşyňyzy göz öňüne
tutup, haýsyňyzyň kim bilen bir partada oturmak isleýändigiňizi anyklamak isleýärin”, ýa-da “ biz turistik ýörişde
ýatmaly bolarys. Siziň her biriňiziň kim bilen bir palatkada bolmak isleýändigiňizi anyklasym gelýär” diýen ýaly soraglar
berilýär. Her soraga üç “saýlaw” berilýär. “Ilki kim bilen bile oturasyň gelýän bolsa, şonuň familiýasyny ýaz; soňra ilkinji
görkezen adamyň bile oturmak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda kimi göz öňünde tutýanlygyňy görkez, iň soňunda
şu nukdaý nazardan üçünjiniň familiýasyny ýaz”. Saýlawlaryň jemini wariasion statistikany ulanmak arkaly (eger topar
çendenaşa uly bolsa) matematik hasaplamak bolýar. Sosiometrik ýumuşlaryň netijesini san taýdan aňlatmak
mümkinçiligi bu usulyň esasy artykmaçlygy hasaplanýar. Ýöne ony matrisa we sosiogramma atlandyrylýan biri-biriniň
üstüni ýetirýän iki usuly ulanyp, grafiki aýdyň usul arkaly-da aňlatmak mümkin. Matrisa ýa-da netijeleriň esasy
tablisasy her bir sosiometrik kriteriý üçin aýratynlykda sport ýaryşlarynyň turnir tablisalarynyň nusgasynda düzülýär.
Wertikallaýyn nomerleri boýunça öwrenilýän toparyň ähli agzalarynyň familiýalary ýazylýar (adatça, elipbiý boýunça
ilki gyzlar, soňra oglanlar), gorizontallaýyn – diňe olaryň nomerleri ýazylýar.
Toparlaýyn we kollektiwleýin aň

Jemgyýetçilik aňy köpsanly şahsyýetleriň jemlenen aňydyr. Şeýle jemlenmeklik diňe bir taryhy döwürde amala aşyrylman,
jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň taryhy ösüşinde döreýär. Şonuň üçin-de jemgyýetçilik aňy şol bir wagtyň özünde, belli bir derejede,
toparlaýyn aňdyr. Indiwidual we jemgyýetçilik aňy meselesi psihologiýada we sosiologiýada öňden işlenilen meseledir. Häzirki
wagtda sosial psihologiýanyň ünsi kiçi toparlaryň we kollektiwiň aňy meselesine gönükdirilendir. Bu meselä çemeleşmekde
nusgawy pelsepäni esaslandyryjylaryň käbir pikirleri ugur görkeziji hökmünde ulanylyp bilner: “Atly goşun eskadronynyň çozuş
güýji ýa-da pyýada goşun polkunyň garşylyk görkeziş güýji aýry-aýry atly esgerleriň we pyýada esgerleriň görkezip biljek çozuş we
garşylyk görkeziş güýçleriniň jeminden nähili düýpli tapawutlanýan bolsa, edil şonuň ýaly aýry-aýry işçileriň güýçleriniň mehaniki
jemi-de köp adamlaryň şol bir bölünmez operasiýany ýerine ýetirmeklige, meselem, bir agyr zady götermek, ýük galdyryjy
maşyny aýlamak, ýoldan böwedi aýyrmakda gerek bolan mahalyndaky operasiýany ýerine ýetirmeklige bir wagtyň özünde
gatnaşýan mahalynda ýüze çykýan jemgyýetçilik güýjünden tapawutlanýar. Şu hili halatlaryň hemmesinde utgaşdyrylan zähmetiň
netijesini ýeke-ýekeleýin tagallalar bilen ýa-ha asla gazanyp bolmaz, ýa-da ony diňe has köp dowamly wagtda, ýa bolmasa-da
ujypsyz möçberde amala aşyryp bolar. Bu ýerde döreýän güýç diňe kooperasiýa arkaly indiwidual öndüriji güýjüň
ýokarlandyrylmagyndan ybarat bolman, özüniň hut aslyýeti boýunça köpçülikleýin güýç bolup durýan täze öndüriji güýjüň
döredilmeginden-de ybaratdyr. Emma köp güýçleriň bir umumy güýje birikdirilmeginden gelip çykýan täze güýçden başga-da,
öndürijilikli işleriň köpüsinde jemgyýetçilik baglanyşygynyň hut özi hem ýaryşyň döremegine we ýaşaýyş gujurynyň (animal sprits)
özboluşly ýokarlanmasyna sebäp bolýar, ýaşaýyş gujurynyň bu ýokarlanmasy bolsa aýry-aýry adamlaryň indiwidual işe
ukyplylygyny artdyrýar. Şu sebäpli 12 adamyň 144 sagatdan ybarat bileleşikli bir iş gününiň dowamynda öndüren önümi aýry-
aýrylykda işlemek bilen her biri 12 sagat işleýän on iki işçiniň öndüren önüminden ýa-da bir işçiniň zähmetiniň yzlyyzyna gelýän
on iki günüň dowamynda öndüren önüminden has köp bolar.
Munuň sebäbi adamyň hut öz tebigaty boýunça jandar bolamgyndan ybaratdyr, eger ol
Aristoteliň pikir edişi ýaly syýasy jandar bolmasa-da, her niçik hem bolsa jemgyýetçilik
jandardyr”1. Her bir kollektiw şahsyýetler toparydyr; ýöne islendik şahsyýetler topary kollektiw
däldir. Şunuň üçin-de kollektiwleýin aň hemişe toparlaýyn aňdyr, emma soňky hemişe
kollektiwleýin aň däldir. Kollektiwleýin aň ilkinji nobatda jemgyýetçilik aňynyň görnüşi hökmünde
jemgyýetçilik ideýasy bilen kesgitlenýär we öz gezeginde kollektiwiň aýry-aýry şahsyýetleriniň
işini kesgitleýär. Toparlaýyn, emma kollektiwleýindäl aň işiň maksady boýunça toparyň çäginden
çykmaýar. Olaryň tapawudy şundan ybaratdyr. Toparlaýyn aňyň hadysalary bilen gös-göni
baglanyşykly hadysalaryň biri-de toparlaýyn gabat gelmeklikdir. Empiriki nukdaýdan bu hadysalar
öňden mälimdir. Polýuslary barlaýjylar, alpinistler, uçar ekipažlarynyň we sport komandalarynyň
ýolbaşçylary öz amalyýetinde kiçi toparlarda çylşyrymly we jogapkärli kollektiwleýin işi alyp
barmaga hemme adamlaryň deňderejede ukyply däldigine göz ýetirýärler. Bu aýratyn-da
amalyýetiň gün tertibinde kosmiki psihologiýanyň meselelerini özleşdirmek zerurlygy ýüze
çykanda has örboýuna galdy
Toparlaýyn gabat gelmeklik fiziologik we psihologik jähtden bolup biler. Fiziologik gabat gelmezlige mysal edip, odun
kesilende arynyň degişli taraplaryna güýçli adamyň we keselli ýetginjegiň goýulmagyny görkezmek bolar; bu ýagdaý bir
adamyň zähmet öndürijiligini peseltse, beýlekiniň bijaý ýadamagyna getirýär. Kyn ýodadan daga ýöriş üçin dürli ýaşdaky
okuwçylary bir topara goşmaklyk, fiziologik gabat gelmezlik esasynda erbet netijelere getirýär. Emma fiziki güýji boýunça
birmeňzeş sport topary-da öz agzalarynyň türgenleşik derejesiniň dürli-dürliligi boýunça, endikleriniň kämilliginiň dürli
tapgyrlarda bolýandygy sebäpli özüniň toparlaýyn netijeliligini peseldip biler. Dürli derejedäki çydamlylyk köp derejede
adamyň fiziki häsiýetleri boýunça däl-de, onuň şahsy häsiýetleri boýunça kesgitlenilýär. Sap psihologik gabat gelmeklige
degişli mysaly şeýle iňlis nakylynda görmek bolýar: “Seniň gülküli hasaplaýan anekdotyňa gülmeýän gyza öýlenme”.
Şeýlelikde, toparlaýyn gabat gelmeklik şol bir toparyň birnäçe aýratynlyklaryna bagly bolýar. Bu aýratynlyklar sap fiziki
aýratynlyk (meselem, boý uzynlygy, muskul güýji), kabul edişiň, ünsüň, pikirlenmäniň emosional erk ulgamynyň
aýratynlyklary bolup biler. Ỳöne, adatça, bu ýerde esasan gylyk-häsiýet aýratynlygy rol oýnap, ol toparyň agzalarynda
birmeňzeş bolmasa-da, hökman biri-birlerine gabat gelmelidir. Eger-de toparyň agzalarynyň biri saz diňlemäni halap,
beýlekileri onuň bu höwesini goldamasalar, bu hökman düýpli bozulyşa getirýär. Soňky ýyllarda psihologik gabat
gelmekligi eksperimental usulda öwrenmeklige birnäçe synanyşyklar edildi. Köplenç derňewler gomeostat diýip
atlandyrylýan apparatda alnyp barylýar. Gomeostatyň gurluşynda şkala boýunça süýşýän we dolandyryş ryçaglarynyň
sanyna laýyk strelka göz öňünde tutulyp, bu ryçaglar sähelçe gymyldanynda strelkany gyşardar ýaly, onuň bilen
birleşdirilendir. Toparyň umumy wezipesi ryçaglary hereketlendirip, strelkany belli bir interwalda saklamakdan ybaratdyr.

You might also like