You are on page 1of 1

Baky bagtymyza buýsanjyň beýany

Gülleýän gül açýan gözel Diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylygyň


mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýynyň uly dabaralar bilen
bellenip geçilýän günlerinde ýene-de bir ýakymly pursady başdan geçirdi.
Baýramçylyk mynasybetli Arkadag Prezidentimiz halkyna “Garaşsyzlyk-
bagtymyz” atly ajaýyp täze kitabyny sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiziň
jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu kitap baky bagtymyza buýsanjyň egsilmez
beýanydyr. Ol 13 bölümden ybarat bolup, türkmen, iňlis we rus dillerinde çap
edildi. Milli Lidermiziň dürdäne eserinde ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap
arzuw eden ýurt Garaşsyzlygy mukaddesligi we onuň halkymyza eçilen mieleri
anyk maglumatlaryň hem-de owadan fotosuratlaryň üsti bilen giňden açylyp
görkezilýär. Beýik alym şahyr Döwletmämmet Azady, akyldar şahyr Magtymguly
Pyragy hem öz eserlerinde türkmen halkynyň özbaşdak döwlet bolmagyny
arzuwlap:
Gurdugym aslynda bilgil bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.....
- diýip öran jaýdar aýdypdyr. “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitap hem ata-
babalarymyzyň keramatly jümlelerini “Budur türkmen binasy” diýmek bilen dünýä
äşgär edýär. Arkadag Prezidentimiziň “ Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly ajaýyp
kitabyny halkyna peşgeş bermegi biz – ýaşlaryň hem-de külli türkmen halkynyň
göwün guşuny al-asmana göterdi. Ýörän ýaly ýörelge, sözlän sözi görelde
Arkadagymyzyň döwlet galamyndan, ýiti zehininden syzylyp çykan şeýle ajaýyp
atalyk kitaplarynyň birnäçesini halkymyza sowgat bermegi biz ýaşlara hem nusga
alarlyk görelde mekdebi bolup, gündelik ýan kitapçamyza öwrülýär. Biz ýaşlara
döwrebap ýokary okuw jaýlarynda bilim alyp, hünär derejämizi has-da
kämilleşdirmäge edýän atalyk aladalary üçin Arkadag Prezidentimize baky
minnetdarlygymyzy bildirýäs. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik,
il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutuş adamzat ämiýetli alyp barýan beýik işleri
mundan bu ýanada rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin.

Myradowa Gülşat FD202

You might also like