You are on page 1of 9

Sary getirme

Gadymy medisinada hem göwrelilik döwründe sary getirmä saglyk üçin howply
bolan näsazkykdygy baradaky ỳagdaỳy hökmünde seredilip geçilen. Sary
getirme diỳip beden ganyndaky bilirubiniň mukdarynyň ỳokarlanmagy netijesinde
ỳüze çykỳan sindroma aỳdylỳar. Sary getirmede her bir lukman üçin onuň sebäbini
anyklamaklyk we şoňa görä bejergi usulyny ulanmaklyk hökmany bolup durỳar.
Praktiki gözỳetiminde sary getirmeleriň klassifikasiỳasynda aşakdakylary belläp
geçmeklik zerur.
I. Pregepatiki (bagyr üsti).
II. Gepatiki (bagyrdaky).
III. Postgepatiki (bagyr asty).
Bu görnüşler sary getirmäniň klassiki görnüşlerine gabat gelỳärler: gemolitiki,
parenhimatoz we mehaniki (obturasion).
Gemolitiki sary getirmede eritrositleriň bozulmagy netijesinde ganda
gemoglobiniň mukdary artỳar, retikulo-endotelial (REU) ulgamynyň
gatnaşmagynda gemoglobinden öt pigmenti emele gelip olaryň hemmesi ni
bagyr glukagon kislota bilen baglanyşdyryp bilenok, ỳagny göni däl bilirubiniň
mukdary artỳar. Eger-de bagyr göni däl bilirubiniň hemmesini çykaryp bilsedi,
onda sary getirme bolmazdy. Netijede içegä (tärete) düşỳän öt pigmentden
(göni bilirubin) gana urobilinogen sorulỳar, bagyr olary ỳene-de öwrüp bilenik
we peşewde urobilinogeniň mukdary artỳar. Göni däl bilirubin suwda eremeỳär
we peşew bilen bölünip çykmaỳar. Peşewiň reňki üỳtgemeỳär. Göni bilirubiniň
içegä köp düşmegi duodenal şiräni goỳylaşdyrỳar, täret bolsa kadadan has
garamtyl reňkde bolỳar.

I. Pregepatiki (bagyr üsti).


Gemolitiki sary getirmäniň görnüşleri barada aỳdylanda aşakdakylary belläp
geçmeli:
1. Tohum yzarlaỳan sferositoz. Bu ỳagdaỳda eritrositleriň daşky bardalary Na
iolary üçin has geçiriliji, Na öỳjük içinde toplanyp oňa sferosit görnüşini
berỳärbu eritrositleriň ölçegleri kadadan kiçi, otnositel rezistentliligi pes.
Kesel çagalyk döwründe başlanỳar, gan azlyk ỳüze çykỳargemolitiki krizleri
bolỳar. Dogabitdi kemisliklşeri anyklanylỳar – spina bifida, poli-,
sindaktiliỳaakrosefaliỳa. Dalak ulalỳar.
2. Serpowid görnüşli gan azlyk. Tohum yzarlaỳan, eritrositleriň patologik S
gemoglobini saklaỳar.olaryň ỳaşaỳşy gysga. Krizden soň sary getirme ỳüze
çykỳar. Dalak ulalan. Gipoksiỳa ỳagdaỳynda eritrositler serp görnüşine girip
tromb emele gelme ỳagdaỳyny döredỳär.
3. Talassemiỳa. Ganyň syworotkasynda demiriň mukdary artỳar. Fetal Hb
mukdary ỳokary; gemolitiki gan azlyk we sary getirmr görnüşde ỳüze
çykỳar.
4. Autoimmun gemolitiki gan azlyk. Toksoplazmoz, malỳariỳa, sepsis,
limfogranulematoz, limfoleỳkoz ỳaly ỳagdaỳlarda ganyň düzüminmde eritrositleri
lizirleỳän antitelalaryň mukdary ỳokary.
III. Postgepatiki (bagyr asty). Mehaniki sary getirme.

Mehaniki sary getirme. Öt ỳollarynda päsgelçilik ỳüze çykanda, päsgelçilikden


proksimal ỳerde öt basyşy bagyr öỳjüklerindäki basyşdan beỳgelỳär we öt öỳjük
arasyndaky ỳerden gana geçỳär. Ganda öt pigmenti (göni reaksiỳa berỳän)
köpelỳär, peşewde bilünip çykyp oňa goỳy goňur reňk (piwo reňki) berỳär. Öt
içegä düşmeỳär, täret aholiki. Içegide urobilinogeniň emele gelmegi bolmaỳar, şol
sebäpli ol peşewde ỳok. Şeỳlelikde, ganda göni reaksiỳa berỳän öt pigmentleriniň
artmagy, reňksiz duodenal sok, aholiki täret, köp bilirubin saklaỳan peşew, ỳöne
peşewde urobilinogeniň we urobiliniň bolmazlygy – bularyň hemmesi mehaniki
sary getimäniň laborator alamatlary bolup durỳar.
Sary getirme 4-6 hepde dowamlylykdan soň öt bagyr parenhimasyna geçip bagyr
öỳjüklerini zeperleỳär, öỳjükleriň bölekleri bozulỳar, bagyr probalary bu ỳagdaỳda
polozitel bolup durỳar. Mehaniki sary getirmäniň sebäpleri:
1) öt daşlary;
2) öt ỳollarda parazitler (askaridalar, lỳambliỳalar, ankilostom), täretde
parazitler, eozinofiliỳa.
3) Öt akarda del jisimi;
4) Öt ỳollarynyň çişleri (horlanma, işdäsiniň ỳoklygy, eritrositleriň çökme
tizligi (EÇT) ỳokarlanmagy);
5) Faterow emzigiň karsinomasy (iỳmit siňdirilişiň bozulmagy), ganda we
peşewde diastazanyň ỳokarlanmagy, täretde peselmegi (melena) gizlin gan
akma;
6) Bagyr gapysyndaky limfo düwünleriniň ulalmagy;
7) Aşgazan asty mäziň kellejiginiň karsinomasy (Kurwuazỳe alamaty – öt
haltanyň ulalmagy)-spastiki agyry ỳok, aşgazan ỳerinde hemişe artỳan ỳiti
däl agyry; bilinde, arkasynda, çep gapyrga astynda agyry;
8) Dowamly pankreatit;
9) Holesistoektomiỳadan soň sowuklama strikturasy;
10) Oddi sfinkteriniň spazmy;
11) Sklerozirleỳän holangit.
Mehaniki sary getirmäni gepatosellỳular sary getirmeden tapawutlandyrylmagynyň
möhüm bolup durmaklygy indiki aỳdyljakalar bilen düşündirilỳär. Mehaniki sary
getirmede hirurgiki bejergi möhüm bolup durỳan bolsa gepatosellỳular sary
getirmede ol näsagyň ỳaşaỳşy üçin howp döredỳär.
Mehaniki Gepatosellỳular
Belok fraksiỳalary üỳtgemeỳär Belok fraksiỳalarynyň
sanynyň we häsiỳetiniň
üỳtgemegi; a-globulin
ỳokarlanỳar, y-globulinler
keseliň progressirlenmegi
bilen artỳar.
Timol proba otrisatel Polozitel.
Bagyryň agyr
distrofiỳasynda otrisatel
bolıp durỳar.
ASAT, ALAT üỳtgemeỳär ỳokarlanỳar
Aşgar fosfataza ỳokarlanỳar üỳtgemeỳär
Ganyň syworotkasynda peselỳär peselỳär
protrombin. Öt içegä
düşmeỳänligi sebäpli ỳag
we onda ereỳän
witaminler, şeỳle hem
witamin K gana
sorulanok.
Protrombin wagty uzalỳar uzalỳar
Witamin K parenteral Protrombin kadalaşỳar Protrombin üỳtgemeỳär
goỳberilende
Ganda Fe. üỳtgemeỳär ỳokarlanỳar (gemolitiki
100 ml syworotkada Fe we gemohromatoz ỳok
150 mkg-den ỳokary ỳagdaỳynda)
bolmagy.
Holesterin 100 ml syworotkada Ýiti gepatitde peselỳär.
holesteriniň 250 mg-dan Dowamly gepatitde,
ỳokary bolmagy. sirrozda ỳokarlanỳar
( 1000-2000/100ml )
Peşewde bilirubin ỳokarlanỳar ỳokarlanỳar

Gepatosellỳular sary getirme

Gepatosellỳular sary getirme bilirubin bilen konỳugirlenmedik we


konỳugirlenen görnüşlerine bölünỳär.
Bilirubin bilen konỳugirlenmedik sary getirme.
1) Zilber sindromy. maşgalaỳyn gelitikidäl tohum yzarlaỳan. Sosud polỳusynda
bilirubiniň tutulmagy we gepatositleriň endoplazmatiki mikrosomlaryna
transporty bozulỳar (bagyr öỳjükleriniň membranalarynyň geçirijiligi
bozulan). Ýitileşen döwründe asteniki sindrom döreỳär (ỳadawlyk,
gaharjaňlyk). Bagyr we dalak ulalmaỳar. Ilkinji juna ösüş döwründe,
çagalyk döwründe döreỳär, deriniň gijilewigi ỳok.
2) Krigler-Naỳer sindromy. Glỳukagon bilen baglanyşygynyň bozulmagy
netijesinde göni däl bilirubin ỳokarlanỳar. Bagyr öỳjüklerinde
glỳukuroniltransferaza ỳok ỳa-da has pes. Täze doglan çagalarda duş gelỳär.
3) Rotor ỳa-da Dubin-Dzonson sindromy (bagyr asty). Glỳukuronide öwrülen
bilirubiniň bölünip çykmagy bozulan. Siňdiriş prosessleri bozulan, saru
getirmäniň intensiwnosti üỳtgäp durỳar, arzy ỳok hem bolup bilỳär. Kä-
halatlarda bagyr ulalyp agyryly bolup bilỳär. Anyklanylyşy: laparoskopiỳa,
diagnostiki bioptatda bagyryň çuňňur pigmentasiỳasy, gepatositlerde
garamtyl öt pigment (dykyzlyklar) toplumy tapylỳar.
Bilirubin bilen konỳugirlenen sary getirme.
Bulara wirus gepatitleri degişli: A, B, C, D, E.

Gepatit A

Gepatitiň wirusy (fekal-oral) täret-agyz ỳoly bilen geçỳär (iỳmitler we suw).


Wirus bilen zeperlenende bolsa keseliň epidemiỳasy döreỳär.
A gepatitiň prodromal döwründe (sary getirmeden öňki döwürde) birnäçe
wariantlary bolup bilỳär.
1) Dispepsiỳa ỳagdaỳda ỳürek bulanma, gaỳtarma, garnynda agyry ỳaly
alamatlar ỳüze çykỳar.
2) Grip görnüşli warianty. Katar ỳagdaỳlary (bokurdagynda agyry) kän
güỳçli däl, beden gyzgyny 2-3 gün ỳokary galỳar, soňlugy bilen sary getirmäniň
başlanmagy bilen kadalaşỳar.
3) Asteno-wegetatiw görnüşi. Umumy gowşaklyk, bütin bedeninde agyry,
kelle agyry, ukusynyň tutmagy.
4) Artralgiki görnüşde bogunlarynda agyry, obỳektiw barlagda bogunlarynda
çişleri ỳok, onuň gurluşy bozulmadyk.
5) Allergiki görnüşi. Bütin endamynda allergiki örgünleri ỳüze çykỳar.
6) Garyşyk görnüşi.

Iň mahsus wariantlary dispepsiỳa we grip görnüşleri bolup durỳar.


Gepatit A bilen 20 ỳaşly döwründe keselleỳärler, geçişi kän agyr däl.
Keseliň ỳiti döwrinde anti HAV IgM tapylỳar. Kesel hronizasiỳa berenok we doly
sagalma bilen gutarỳar.
Täret-agyz ỳoly bilen geçỳän gepatitleriň ỳene-de bir görnüşi gepatit “E”.

Gepatit “E”.

Inkubasion döwri 3-6 hepde. Bu kesel bilen hem uly ỳaşlylar hem çagalar keselläp
bilỳärler. Bu gepatiti geçirenlerde doly immunitet bolanok, gepatitiň
gaỳtalanmaklyk häsiỳeti bar. Hronizasiỳa berenok.
Kliniki alamatlary: lihoradka ỳygy, ỳürek bulanma, gaỳtarma. Geçiş
aỳratynlyklarynda ỳeňil we orta derejede. Göwreli aỳallarda bu gepatitiň geçiş
aỳratynlyklary bar: a) ganyň lagtalanma häsiỳeti has üỳtgeỳär; b) göwrelilik
döwründe gormonal üỳtgemeler netijesinde bagyryň funksiỳalary has bozulỳar,
göwrelilerde letal soňlugyna getirỳär. Agyr molniỳenos geçişi 1-2% bolup , bagyr
ỳetmezçiligi 10-30% barabar.
Patogenezi. Gepatit “A” dörediji wirus bagyr öỳjuklerine gönüden göni sitopatiki
täsir edỳär, A wirus RNK saklaỳjy.

Gepatit “B”
“B”gepatit autuimmun hadysa. Wirusyň bedeni DNK-dan ybarat, ol bagyryň
DNK-na girip ony özüne tabyn edỳär, bagyryň öz öỳjukleri özüni öldürip
başlaỳarlar. Autoimmun antigen-antitelo kompleksi döreỳär. Limfpsitlerden T
zweno jebir çekỳär, induktorlar, supressorlar, helperler killerlere öwrülip wirus däl
öỳjukleri öldürip başlaỳarlar.
İki gepatitde “A” we “B” öỳjük membranasy bozulỳar,sitoliz bolup geçỳär ( Na
ionlarynyň öỳjük içine girmegi, K ionlarynyň çykmagy netijesinde).
Gepatitlerde bagyryň bar funksiỳalary bozulỳar ( dezaminirowaniỳe, belok emele
getiriji, lagtalanma, fermentatiw, dezintoksikasion, antikoagulỳant ).
Morfologik üỳtgeşmede gepatit A –da bagyryň lokal zeperlenmesi bolsa B
gepatitde zeperlenme massiw.
B gepatit wirusy 3 bölekden durỳar:
1. Organizme olaryň iň daşky Hbs-Ag bölünip çykỳar we öz başyna gezỳär;
2. Hbe-Ag - ỳokançlylygyň alamaty;
3. Hbc-Ag iň içki antigen, “COR” antigen, ol bagyryň öỳjüklerine girip ondan
çykmaỳar we olaryň DNK-nda otyrỳar.

Gepatit “D”

Gepatit “D” dörediji wirus delta wirus. Delta wirus doly däl wirus, haçanda ol “B”
wirusyň 1-nji antigeni bilen birigeninden soň doly bolup gepatit döredip bilỳar.
Delta iki görnüşde geçip bilỳär;
1. Ko - infeksiỳa görnüşinde organizmde hem “B” gepatitiň wirusy hem “D”
gepatitiň wirusy bar, olar bir bada bagyry zeperleỳärler, geçişi tolkun
görnüşinde bolup prodromal döwri 2-3 hepdeden 1 aỳa çenli dowamlylykda
bolup bilỳär.
2. Super infeksiỳa “B” gepatit geçenden soň hronizasiỳa, Hbs-Ag organizmde
galdy we oňa “D” gepatitiň wirusy goşulỳar.

IgM ỳiti prosessi görkezỳär – HDV IgM.


IgG wagtyň geçendigini, sagalandygyny görkezỳär – HDV IgG.

Gepatit “C”

Gepatit “D” ỳiti döwri az sary getirme bilen geçỳär, güỳçli sary berenok; 80%
çenli hronizasiỳa berỳär we sanalan ỳyllarda sirroza getirỳär. Bu gepatitiň wirusy
örän agressiw, baglanyşdyryjy dokumalaryň ösmegine getirỳär. Gepatit ilkilenji
hroniki görnüşde hem bolup bilỳär.

Gepatit “A” we Gepatit “B” tapawutlandyryş alamatlary


Gepatit “A” Gepatit “B”
Inkubasion 2-6 hepde 1-6 aỳa çenli
döwri
Sary getirme Sary getirmäniň ỳüze çykmagy Sary getirmäniň ỳüze çykmagy
döwri bilen näsagyň özüni duỳuşy bilen intoksikasiỳa güỳçlenỳär;
gowylaşỳar; bagyry ulalỳar; bagyry ulalỳar; dowamlylygy 1
sary getirme maksimum 10 aỳa çenli bolmagy mümkin.
güne çenli dowam edỳär.
Timol proba Has ỳokarlanỳar Ýiti döwründe sähelçe
(belkowo- ỳokarlanỳar; soň ỳokarlanyp
osadoçnaỳa) ugraỳar; haçanda keseliň
sagalma döwrüne ỳetende has
ỳokarlanỳar.
Sulemowaỳa Agyrlyk derejesini görkezỳär Agyrlyk derejesini görkezỳär
proba

Anyklanylyşy. Markỳorlaryň ( antigenleriň we antitelalaryň )


anyklanylyşy.

Gepatir “B”

Gepatir “B”-ni 5 sany markỳory bar: 3 antigen, 2 antitela.


“B” gepatitiň ỳiti döwrüniň markỳorlary:
HbsAg+
HbeAg+,
Anti HbcIgM+,
Anti HBs+,
Anti Hbe - .

Anti HbcIgM+ prosessiň esasy ỳiti döwrüni görkezỳär.


Hbe Ag+ eger-de ỳiti döwürden soň nem sakansa onda ol hronizasiỳany görkezỳär;
eger-de ol sary getirmeden soň köp saklansa hronizasiỳany görkezỳär.

“B” gepatitiň sagalma döwrüniň markỳorlary:


HbsAg-,
HbeAg-,
Anti HbcIgG+,?
Anti Hbe + . ?

Gepatir “D”
“D” gepatitiň ỳiti döwrüniň markỳorlary: HDV IgM+
“D” gepatitiň sagalma döwrüniň markỳorlary: HDV IgG*

“KO” infeksiỳada “B” gepatitiň ỳiti döwründäki markỳorlary polozitel ( hemmesi


ỳa-da esasy Hbe IgM+.

Super infeksiỳada Anti HbcIgG+

Gepatir “A”

“A” gepatitde inkubasion döwrinde: täretde wirusyň özi tapylỳar.

“A” gepatitiň sary getirme döwrinde: anti HAV IgM (human A virus).

“A” gepatitiň sagalma döwrinde: anti HAV IgG köpelỳär.

“A” gepatitdehemişelik durnukly immunitet ỳüze çykỳar; 10-12 ỳylfan soň hem
ganda anti HAV IgG tapylỳar.

Gepatir “C”

“C” gepatitiň ỳiti döwrüniň markỳorlary: anti HCV IgM+


“C” gepatitiň sagalma döwrüniň markỳorlary: anti HCV IgG+

Gepatir “E”

“E” gepatitiň ỳiti döwrüniň markỳorlary: anti HEV IgM+


“E” gepatitiň sagalma döwrüniň markỳorlary: anti HEV IgG+

Bejergisi

1. Diỳeta
2. Rezim
3. Bazis terapiỳa: dezintoksikasion, umumy gurplandyryjy.
4. Proteazlaryň ingibitory:
100 000 gordoks glỳukozanyň 5% ergininiň 500 ml mukdarynda damar iöine
damjalaỳyn näsagyň ỳagdaỳyna gözegçilik astynda.
5. Agyr ỳagdaỳlarda glỳukokortikoşdler: prednizolon 150-200 mg günüň
dfowamynda parenteral bagyr ensefalopatiỳahowpynda, nekrozda.
6. Aminokapron kislota
7. Albumin
8. Glỳukoza-nowokain blokada
9. Gepatoprotektorlar
10. Wirusa garşy dermen serişdeleri (a interferon, sikloferon, amiksin).

Wirus gepatitleriň göwrelileriň holestatiki gepatozy bilen tapawutlandyrylyşy

Kliniki aỳratynlyklary we Wirus gepatitleri Göwrelileriň holestatiki


laborator görkezmeleri gepatozy
Keseliň geçişi: Göwreliligiň bütin Göwreliligiň diňe II
a)göwrelilige bolan döwründe ỳarymynda, III trimestrde
gatnaşygy boỳunça ỳygy
b) bagyryň Sikliki, keseliň Sikliki geçişi ỳok,
zeperlenmegine bolan stadiỳasynyň yzygider göwreliligiň geçişi we
gatnaşygy boỳunça çalyşmagy bilen tamamlanmagy bilen
bagly
Keseliň irki ỳüze prodromal döwri gysga sary getirmäniň öň
çykmagy (günler), intoksikasiỳanyň ỳanyndaky döwür uzak
has aỳdyn ỳa-da az ỳüze (hepdeler, aỳlar) intensiw
çykmagy bilen deri gijilewügi bilen,
intoksikasiỳa alamatlary
ỳok
Aỳtatyn alamatlary: Hemişelik däl, gysga, Hökmany alamat, uzak
a)deri gijilewügi gaşama yzlary ỳok dowamlylygy bilen
tapawutlanỳar, gaşama
yzlaryna getirỳär
b)sary getirme Dürli drejeleri, hem Gowşak, seỳrek bolmadyk
intensiw derejesi. halatda geçip gidiji.
w)bagyryň ulalmagy Dürli derejeleri, Ulalmadyk, agyrsyz
palpasiỳada agydyly
g)dalagyň ulalmagy Ulalmagy ỳygy, duỳguly Ulalmaklayk näsiỳetli däl
AGB gipotoniỳa ỳygy Kadaly, kähalatda ỳokary
Laborator görkezmeleri: leỳkopeniỳa, limfositoz, neỳtrofil leỳkositoz ỳygy,
a)gematologiki EÇT haỳallamagy EÇT tizlenmegine
ỳykgynlyk bar
b)peşewiň ỳtgemegi Öt pigmentleriniň we Kähalatda uly bolmadyk
urobiliniň peỳda bolmagy albuminuriỳa, silindruriỳa
w)biohimiki probalar: Yokarlanmanyň dürli Uly bolmadyk üỳtgeşme
bilirubin derejeleri
holesterin Keseliň agyrlyk ỳokarlanỳar
derejesine laỳyklykda
peselỳär
protrombin Keseliň agyrlyk Umerenno ỳokarlanỳar
derejesine laỳyklykda
peselỳär
Sulemow proba Keseliň agyrlyk üỳtgemeỳär
derejesine laỳyklykda
peselỳär
ACAT we ALAT Has ỳokarlanỳar Kadaly ỳa-da sähel
ỳokarlanỳar
aşgar fosfotaza sähel ỳokarlanỳar Has ỳokarlanỳar
Wirusologiki tapylỳar tapylmaỳar ( GB-ni
görkezmeleri: göterijilerden başgasynda)
spesifiki markỳorlary
GA we GB
Keseliň geçişi Göwreliligiň II ỳromynda Göwreliligiň
prognozy erbet tamamlanmagy bilen çalt
sagalma, indiki
göwrelilikde keseliň
gaỳtadan döremegi
mümkin

You might also like